Latin

Çyn güller - 2

Total number of words is 3956
Total number of unique words is 1891
35.6 of words are in the 2000 most common words
49.4 of words are in the 5000 most common words
56.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
berdaşlydy. Miwe owadanlanyp, şeýle oňat geýnensoň, Bäşim ony öňküsinden
on esse beter küýsedi. Oňa bolan yşky on esse beter artdy. Bäşime bar işiňi
taşlap, uzyn gün otur-da, göwün ýüwürt, sen nähili gyzy islärdiň diýselerem, ol
Miweden başga owadan, Miweden başga mähriban gyzy göz öňüne getirip biljek
däldi. Şeýdip Miwe Bäşimiň öňki derdiniň üstüne dert goşupdy. Miwe onuň bütin
dünýäsini baglap goýupdy. Bäşim birwagt oňa het edip hat ýazyp bilenligine
haýran galýardy. Ol indi Miwä söýgi hatyny ýazmakdan geçen, onuň bilen adam
şekilli gurleşip bilse-de razydy.
Miwe gün-günden owadanlaşýardy. Miwe gün-günden dogumlanýardy. Indi
onuň gülküsi dag aşýardy. Miwe şeýdip owadanlaşdygyça-da, şeýdip
dogumlaşdygy-ça, Bäşim şonça-da müzzerýärdi. Miwe her güleninde Bäşimiň içi
ot alýardy. Ýürek oduna çydaman möňňürip, aglaberesi gelýärdi. «Men indi
çydamok!» diýip, Miwäniň aýagynyň astynda togalanyberesi gelýärdi.
Hernä okuw bir gowy zat. Okuw Bäşimi gije-gündiz Miwäniň yşkynda ýanyp-bişip
ýörmekden halas edýärdi. Ol okuwyna ýetişjek bolup, jap edip okaýardy. Leksiýa
wagtynda dünýäni unudyp diňleýärdi. Agşamlaryna başyny galdyrman küti-küti
kitaplar okaýardy. Konspekt ýazýardy. Ine, şol pursatlar ol Miwäni unudýardy.
Ýöne sähel okuwdan eli boş wagtlary, ýa-da uklamak üçin ýerine geçip ýatan
wagtlary ýene-de Miwe göz öňüne gelýärdi. Şeýdip Miwe onuň köp gijelerini
ukusyz geçirmegine sebäp bolýardy.
Pagta ýygymy Bäşimi köp aladalardan halas etdi. Miwe ýene öňki Miweligine
öwrüldi. Ol indi müň dürli öwsün atýan köýneginiň deregine içi pagtaly güpbä
meňzeş bir zat geýipdi. Uzyn, ýogyn saçlaryny başynda düýrläp, ýüň ýaglyk bilen
mazaly daňyp goýupdy. Aýagynda ädikdi. Başyny galdyrman iki eli bilen pagta
ýygýardy. Miwe ozal owadanlykda, oňat geýinmekde uniwersitetde özüni
tanadan bolsa, bu ýerde köp pagta ýygmakda özüni tanadypdy. Şeýdip Miwäniň
dabarasy dag aşyp barýardy. Bäşim oňa daşyndan, sessiz guwanýardy. «Heý,
Miweden edenli, Miweden owadan gyz barmyka?» diýip, içini gepletdi. Ine,
şonda Bäşim Miwäniň bir wagtky çagalyk ýyllaryny ýatlady. Ol özi bilen deň-duş
oglanlardan ýaryşda-da, okuwda-da yza galmazdy. Oglanlar bilen uruşmaly
bolanda-da, Miwe olar bilen des-deň gyzyl ýumruga girişerdi. Miwäniň urşup iki
oglany agladyp goýberendigini Bäşim hut öz gözi bilen görüpdi.
Günleriň bir güni Bäşimiň yzyndan iň uly agasy geldi. Ol Bäşime iýer-içer ýaly zat
getirdi. Bäşim şonda agasyndan pul sorady.
— Puly näme etjek? — diýip, agasy sorady.
— Eşik alynjak.
— Näme, üşeýärmiň?
— Üşämok.
— Onuň ýaly bolsa eşik nämä gerek?
— Menden özgeleriň bary oňat geýinýärler.
— Hany seniň eşikleriň? Seniň eşikleriň täze ahyryn.
— Ýoldaşlarymyň hijisem meniň eşiklerim ýaly eşik geýnenoklar. Meniňki ýaly
eşigi modadan galan hasap edýarler. Importnyý eşik geýinýärler. Agasy hezil
edinip güldi.
— Aý, senem-ä, alýaň-aý! Asyl şeý diýsene?!.. Hany onuň ýaly eşikleri men
nireden tapaýyn?
— Özüm alnaryn. — Näçe pul gerek?
— Bir müň.
— Näme!? — diýip, agasy geň galdy — Heý beýle gymmadam eşik bolarmy?
— Dagy nätjek. Iller geýnensoň menem geýinmeli ahyryn
Agasy ep-esli salym pikirlenip durdy. Ol şonda Bäşimiň iň körpeleridigini, onuň
ene-atasyz, gelnejeleriniň elinde ösendigini göz öňüne getirdi. Oňa agasy kömek
etmese kim kömek etsin? Birden agasynyň Bäşime rehimi indi. Ýylgyryp onuň
arkasyndan sypalady.
— Geregiň pul bolsun, jigim. Geýin, Bäşim jan, geýin. Hiç kimden pes oturmagyn.
Biz entek diri ahyryn.
***
Agasy diýşi ýalam etdi. Soňky bir gezek geleninde Bäşime bir müň manat pul
getirip gitdi.
Pagta ýygymy tamamlanyp, ýene okuw başlandy. Indi gyşam kemsiz düşüpdi.
Ýene ýazyň aladasyny häzirden etmelidigine Bäşimiň akly çatyp durdy. Ol indi
ýazda geýmek üçin eşik edinmäniň kül-külüne düşdi. Ýöne ol şeýle üýtgeşik
eşikleri nireden tapyp boljakdygy hakynda köp pikir etdi. Ahyrynda ol özi bilen
bir kursda okaýan ýoldaşyna maslahat saldy. Ol oglana Aman diýýärdiler.
Bäşimiň pikiriçe Aman uniwersitetde iň oňat geýinýän oglanlaryň biri bolmalydy.
Bäşim Amana:
— Eger gaty görmeseň senden bir zat sorajak — diýdi.
— Sora.
— Sen şu eşikleriňi nireden alýaň?
— Nireden alanymda näme? — diýip, Aman gaharlanjak boldy.
— Gaharyň gelmesin, how! Meniňem şeýle eşikler alasym gelýär. Ýöne nirede
satylýandygyny, kimden almalydygyny bilemok.
— Men-ä eşik satamok — diýip, Aman Bäşimiň ýanyndan turup gitmekçi boldy.
— Hany dursana — diýip, Bäşim ony saklady. — Men çynym bilen diýýän. Pulum
bar-da, nireden almalydygyny bilemok.
— Menem bilemok, how.
— Onda sen egniňdäki eşikleriňi nireden aldyň?
— Nireden alsam şondan alýan. Seniň nä işiň? — diýip, Aman çalt-çalt ýöräp
Bäşimiň ýanyndan gitdi.
Şol günüň ertesi welin, Amanyň özi Bäşimiň ýanyna geldi.
— Ýanyňda puluň barmy?
— Elbetde bar.
— Ýör onda, çaltrak gideli.
Bäşim Amanyň yzyna düşüp ugrady. Olar uniwersitetden çykyp, Oktýabr köçesini
kesip geçdiler. Uruşda wepat bolanlaryň ýadygärligine golaý bir ýerde garaşyp
duran gök maşynyň ýanyna bardylar. Maşynyň rulunyň başynda görmegeý ýigit
çilim çekip otyrdy.
Aman Bäşime:
— Bar salamlaş — diýdi. Bäşim salam berdi.
— Ýeri, student ýigit, näme hyzmat? — diýip, ýylgyranynda onuň altyn dişleri
ýaldyraşyp gitdi.
—Neme-laý... eşik gerek...
— O nämäniň eşigi?
— Hana, Amanyňky ýaly.
— Onuň ähli eşikleri importnyý eşikler ahyry. Hany, magazinlerde onuň ýaly
eşikler barmy name?
Bäşimiň bar höwesi gaçdy. Aman oňa «ýanyňda puluň barmy» diýse, hökman
eşik tapyp berer öýdüpdi.
— Aý, onda bolýa-da — diýip, Bäşim çala gürledi.
— Onsoňam jigim, o hili eşikleri öz bahasyna tapjak gümanyň barmy? Olar biçak
gymmatdyr.
— Gymmat bolsa-da aljak.
— Seniň importnyý eşik geýjegiň çynyň eken — diýip, maşynly ýigit hezil edinip
güldi. Birdenem:
— Näçe puluň bar? — diýip sorady.
— Bir müň — diýip, Bäşim jogap berdi.
— Saňa nämeler gerek
— Balagam, köýnegem, köwşem...
— Balagyň-a jinsiň iň oňat hilinden bolar. Iki ýüz elli manat, knopkaly köýnekler
ýüz ondan welin, sen student bolansoň ýüzden getirip bererin. Çeh köwşem şol
nyrhdan. Ýüz manat.
Bäşim öz ýanyndan «Juda gymmadam däl eken» diýip, pikir etdi. Maşynly ýigit
Bäşimiň geýýän razmerlerini bloknotyna belläp aldy.
— Meniň adym Mele. Seniň adyň näme? — diýip sorady. Bäşim adyny aýtdy
— Ýene iki günden şu wagtlar şu ýere gel, getirip bererin.
Mele aýdyşy ýaly iki günden şol ýere geldi. Bäşimiň ähli diýen zatlaryny getirip
berdi. Bäşim köp sag bol aýdyp, dört ýüz elli manat puluny sanap berdi. Mele
oňa:
— Şu wagt edil seniň razmeriňde fin kostýum bar. Soň-a tapylmaz — diýdi.
Bäşim:
— Bahasy näçe? — diýip sorady.
— Iki ýüz otuz.
— Getiräý.
— Ony getirmeli däl. Ýanymda.
Bäşim onam aldy. Garaz agasyndan alan bir müň manat pulunyň hemmesini
diýen ýaly geýim-eşige sarp etdi.
***
Gyş ýeňse berip, garyň eräni ýaňydy welin, eýýäm baýyrlar gök öwsüp göründi.
Adamlar gyş eşiklerini çykaryp ýeňil-ýelpaý geýnip başladylar. Indi uniwersitetde
biri oňat geýinýän bolsa Bäşimem biridi. Ol indi saçynam ösdürip, oňat edip
bejerdipdi. Ol indi öňki Bäşime däl, düýbunden başga adama meňzeýärdi. Hany,
Miwe ony indem bir oňat görmesin-dä welin!... Dogrudanam Miwe ony görüp,
geň galdy. Hatda sägindem. Miwe Bäşime syn edip ýylgyrdy. Bäşimiň
begenjinden demi tutuldy. Hem begendi, hem utandy. Ýöne welin Miwe soň oňa
gaýdyp seretmedi. Her niçigem bolsa, Miwäniň oňa ýekeje gezek ýylgyryp
bakmasy Bäşimiň ýüreginde umyt uçgunjygyny ýakyp gitdi. Bäşim şu çaka çenli
Miwäniň oňa şeýdip ýylgyryp bakan gezegini görmändi.
Ýöne bu-da uzaga çekmedi. Bäşim höwes edip satyn alan eşiklerini kem-kemden
ýigrenip başlady. Eşikler oňa dar gelýärdi. Ol eşiklerde Bäşim özüni düýbünden
oňaýsyz ýagdaýda duýýardy. Göwnüne bolmasa tenlerine batyp, gowrup-gysyp
barýan ýalydy. Iň erbedem şeýle eşikleri geýmegi ýeňillik, çylkasyzlyk hasap etdi.
Ol bol-telki tikilen eşikleri geýmegi ram edinipdi. Onsoň ýene-de öňki eşiklerini
geýmäge başlady. Şondan soň dogrudanam, ol özüni erkin, arkaýyn duýdy.
Şol günleriň birinde Aman Bäşime:
— Ertir Atamyradowanyň doglan günüm-aý? — diýip sorady.
— Miwäniňmi? — diýip, Bäşim ony has anyklamak isledi.
— Howa-laý, öz kursdaşymyz.
— Walla, men-ä bilmedim. Sen kimden eşitdiň?
— Bibijemal şeý diýdi.
— Bibijemal diýen bolsa dogrudyr. Bibijemal Miwe bilen bir jaýda ýaşaýar.
— Biz näme etmeli-aý? — diýip, Aman sorady.
— Çagyrmasa näme?..
— Bibijemal-a doglan gününe çagyrylýan däldir. Her kim özünden bilip
barmalydyr diýdi.
Bäşim ep-esli salym sesini çykarman oturdy. Dogrusy, uly alada galdy. Ony nähili
gutlajagyny göz öňüne getirip bilmedi. Ýöne hökman gutlamaly bolar diýip
oýlandy.
— Ertir diýdiňmi? — diýip, Bäşim gaýtalap sorady.
— Hawa, ertir. Özem dynç güni.
— Aýdanyň üçin sag bol. Öz-ä gutlaýmal-aý...
Şondan soň Amanam, Bäşimem öz ugruna gitdiler. Bäşim welin Miwäni doglan
güni bilen nähili gutlamalydygy barada köp pikir etdi. Miwäni gutlamasa bolmaz
ahyry. Onuň Miwä illerden üýtgeşik sylag edesi gelýärdi. Gurbaty çatsa göwher
gaşly tylla ýüzük alyp berjekdi. Güýji ýetse dagy ýerinden süýşürip getirmäge-de
taýyndy. Arman, eli ýukalyk gursun! Ol özüniň agasyndan diläp alan ählije puluna
eşik alnypdy. «Bilen bolsam alynmazdym» diýip, içini gepletdi. «Ählije puluma
Miwä oňat zat alyp bererdim...» Bäşim her näçe oýlansa-da, Miwä sylag ederlik
zat tapmady. Diňe bir ýol bardy. Bäşim şonam etdi.
Ol irden turdy-da, çaý-çöreginem iýmän daga tarap tutdurdy. Dag eteklerini
syrdy, düzleri sökdi. Dag-düzleriň gülünden iň owadanyny saýlap, bir desse gül
bogdy. Şeýdibem Miwäniň ýaş toýuna eli gülli bardy.
Bu wagt Miweleriň jaýy ala-şowhundy. Kimsi tans edýärdi, kimsi aýdym
aýdýardy.
Bäşime hiç kim gel diýmedi. Ol jaýa utana-utana girdi. Töre geçip bilmän
gapynyň agzynda ep-esli ýaýdanyp durdy. Ol göz astyndan Miwäni gözleýärdi.
Şol wagt ähli seslerden saýlanyp, Miwäniň gülküsi eşidildi. Bäşimiň ýüregi böküp
gitdi. Miwe toý stolunyň başynda gyzlara gabat bolup oturansoň Bäşim ony inegana görübem bilmedi. Birdenem Miwe çar-tarapa nur saçyp, ýerinden turdy.
Miwe şeýle bir beslenipdir welin, Bäşim agzyny açyp galdy. Bäşimiň göwnüne
bolmasa Miwe başdan-aýak altyna ýugrulan ýalydy. Gara gözler bagtlylykdan
ýaňa şöhle saçýardy. Gara gaşlar ýaňyja dogan Aý ýaly gyýlyp ýatyrdy. Her
güleninde hünji ýaly dişler akjaryp görünýärdi. Eli altyn ýüzükli, gulagy altyn
teneçirlidi. Megerem aýagyna geýen köwşem altyndan bolsa gerek? Miwe
Bäşimiň bilgeşleýin içini ýakmak isleýän ýaly, Bäşim tarapa seretmän gürledi.
— Ýoldaşlar, joralar, biziň gadyrly professorymyz Gaýly Myradowiç, men siziň
ýaş toýumy gutlamaga geleniňize şeýle bir şat, şeýle bir şat, dogrusy,
begenjimden nätjegimem bilemok.
Miwe ýene bir zatlar aýtmakçy boldy welin, Bibijemal onuň sözüni kesdi.
— A gyz, Miwe! Sen-ä ýöne şatlygyňdan näme işläp, näme goýanyňam bileňok
öýdýän. Käte gapydan gelenlere-de göz aýla ahyryn. Iller sen diýip gelýär, men
diýip gelenok.
— Sözümi bölmesene, Bibijemal, Hany, kim gelipdir?
— Seret ahyryn! — diýip, Bibijemal gapa tarap elini uzatdy. Miwe:
— Wiý, Bäşim, gel-gel! — diýdi.
Bäşim gapyda gülli duran ýerinden zordan gürledi.
— Toýuň gutly bolsun! Uzak ýaşa, Miwe!
Bäşim gapyda duran ýerinden elindäki güli uzatdy. Miwe adamlaryň üstaşyry
elini uzadyp, zordan güle elini ýetirdi. Bäşimiň ýüzüne-de seretmän «Sag bol!»
diýdi. Güli ýanyndaky oturan gyza uzatdy-da:
— Bar, şol gülleriň arasyna goşup goýbersene! — diýdi.
— Dur! Dur! — diýip, Bibijemal ýerinden turdy-da, Bäşimiň getiren güllerini
Miwäniň ýanynda duran gyzyň elinden garbap aldy. — Miwe seniň bolşuň nähili?
Heýem bu gülleri ol gülleriň arasyna goşup bolarmy? Bular, çyn güller ahyryn.
Bibijemal Bäşimiň ýüzüne näzli-näzli seretdi.
— Bäşim jan, sen boljak ýok-la. Bu gülleri nireden tapyp ýörsüň? Heniz
meýdanda gül çykardan ir ahyryn.
— Şu gün irden daga gitdim. Uzyn günläp bar tapanym şular boldy.
Bibijemal eli gülli dik duran ýerinden gürledi.
— Ine, meniň dünýäde iň gowy görýän güllerim. Seretseňizläň! Heý, şu güllere
taý geljek güller barmy? Seret? Bu çigildem güllerine! Her haýsysy bir owadan
gyzy ýatladyp dur. Men şu gülleri görenimde ata-babam ýadyma düşýär. Olaryň
der saçyp işlän ýerleri, at münüp söken meýdanlary göz öňüme gelýär. Dogry,
biziň ýazymyzyň ömri gysga bolýar. Ýöne şeýle owadan, şeýle datly gülleri welin,
ýeriň ýüzünden tapmarsyňyz. Eger bilen bolsam, Bäşim jan, menem seniň bilen
giderdim. Menem dag deräni, sähralary söküp, saňa gül çöpleşerdim. Arman,
maňa aýtman gidipsiň. Bu sylagyň bahasyna ýetme ýokdur, Miwe jan!
— Dogry aýdýaň, Bibijemal. Biziň topragymyzda bitýän güllere taý geljek gülleri
tapaýmak kyndyr — diýip, Gaýly Myradowiçem Bibijemalyň sözüni tassyklady.
— Biziň pagtamyzam şeýle-dä, näme, eýsem biziň ýüpek pagtamyza taý geljek
pagta barmy? — diýip oturan gyzlardan biri söze goşuldy.
— Biziň halymyzam, atymyzam şeýle-dä.
— Goýnumyzam, düýämizem...
— Itimizem diýsene!
— Wah, siz ony aýdýarsyňyz, biziň gyzlarymy taý geljek gyzlaram ýok-da — diýip,
Bibijemal gülüp elini uzadyp, Miwäni görkezdi. Gaýly Myradowiç şol bada
suňşuryp goýberdi. Gapyda duran Bäşimi görkezdi-de:
— Biziň ýigitlerimize taý geljek ýigitlerem ýok-da — diýdi. Oturanlaryň bary
gulşüp, hezil edinip el çarpyşdylar. Bir Miwe gülmedi. Näme üçindir, birhili keýpi
bolmady. Utanjyndanam bolsa ahmal, ýuzi gyzardy. Çala agzyny gymyldadyp:
— Wiý, ýogsa-da, Bäşim, stoluň başyna geç — diýdi. Bäşim bolsa eýýäm gapydan
çykyp barýardy.
**
Şol günden geçse iki gün geçendir-dä, Bäşim bilen Aman uniwersitetiň öňünde
güneşläp, gürleşip otyrdylar. Olaryň ikisem ýaşytdaş, biri-birine çalymdaş
bolansoňlar olara dogan diýseňem ynanjakdylar. Bu wagt olaryň ähli gürrüňleri
okuw hakynda, ekzamenlere taýýarlyk görmek hakyndady.
— Men seni zor görýän, how! Leksiýa wagtynda konspekt ýazmaga neneň
ýetişýäň? Men-ä köp zadyna ýetişmän galaýýan.
Bäşim hezil edinip güldi.
— Mydama konspektiňi menden göçürip ýöreniň şonuň üçin eken-ow? Elbetde,
konspekt gerek, hökman gerek. Konspektiňe bir göz gezdirseň bar zat ýadyňa
düşüp dur. Ýöne esasy zat leksiýa wagtynda bar ünsüňi berip diňlemekmikä
diýýän. Leksiýany gowy diňläp, gowy düşünip bilseň, konspekti soň ýazsaňam
bolýar.
— Seniň şonyň biçeme däl. Sen dogry aýdýaň, Bäşim. Dogrudanam men
şeýdeýin-le. Leksiýany gowy diňläp, soň konspekt ýazaýyn. Ýogsam: «ýelekliň iki
aşdan galyşy ýaly», ne oňat leksiýa diňläp bilýän, ne-de gowy konspekt ýazyp
bilýän. Dogrymy aýtsam, öňümizdäki ekzamenden gorkmanam duramok. Bileje
taýýarlanaýsag-a sen maňa bilmeýän zatlarymy öwrederdiň. Näme diýsene,
Bäşim, asla, ähli ekzamenlere-de bileje taýýarlanaly, bolýarmy?
— Janyň sag bolsun! Elimden gelen kömeg-ä gaýgyrmaryn.
— Sag bol, Bäşim jan. Dogrusyny aýtsam, ýoldaşlarymyň içinde senden gowy
görýänim ýok.
— Ýeri, ýeri! Goltugyma garpyz gysdyrmasana.
— Çynymy aýdýan, how! Dogrudanam sen gowy oglan. Sen birhili beýleki
oglanlara meňzäňok.
— Bäh! O näme üçin? Näme üçin meňzämok? — diýip, Bäşim haýran galdy.
— Neme-dä. Sen birhili ýuwaş. Ýok, ýok, ýuwaşam däl. Men saňa näme
diýsemkäm?.. Gepiň tümmek ýeri, tüýs türkmen adamy. Salyhatly. Mahlasy,
mydama bir bolşuňy alyp baryp bilýäňdä-raý. Mysal üçin, meniň on müň manat
pulum bolan bolsa, baryny saňa ynanardym. Seniň şonun ýekeje köpüjeginem
ellemejegiňi bilip durun. Bir näçesi bar, how, edil aldajy gurt ýaly, alyp-ýolup
barýarlar. Gürleşeniňde içiňe-bagryňa giräýjek bolýarlar. Ýüregine seredip görseň
welin beýle däl. Aldabilse aldajak, ýonup bilse ýonjak. Garaz gynanan ýeriňde
gynanyp, begenen ýeriňde begenjek adamlar däldär-aý
— Göwnüňedir. Hemmesi beýle däldir.
— Wiý, ýogsa näme? Menem hemmesi şeýle diýemok! Hany, sen şeýle däl-ä.
Mydama bir bolşuň. Asyl üýtgäýin diýeňog-a. Mugallymy görseňem bir bolşuň,
studenti görsenem bir bolşuň. Ýöne seniň bir aladajygyň-a bar. Özüň
aýtmadyksyran bolsaňam gözüň aýdyp dur.
— Nätdiň-aý, Aman? Näme aladam bolsun?
— Wah, bilsem bolaýmajakmy?
— Ony nämeden diýdiň?
— Eýleki oglanlar ýaly pason ataýyn ýa-da gyzlara görünjek bolaýyn diýeňok. Kän
bir gülüp-bälçiräbem ýöreňok. Onsoňam saňa düşünemok. Iller-ä ekzamenlerden
gorkuşyp, titir-de, titir. Şol ýaplanşyp okap ýatyrlar. Seň bolsa azaryňa-da däl.
Gaýtam, tumboçkaň üsti her hili žurnallardan doly. Ýeri, şol žurnallaryň okuwa
näme kömegi bardyr öýdýäň
— Men şol žurnallary seniň ähli okuwyňdan gowy görýän.
— Ol näme üçin?
— Men saňa dogrusyny aýdaýynmy?
— Wah, aýtsana!
— Meniň taryhçam bolasym gelenok, ykdysatçam bolasym gelenok. Meniň
mugallymam, dilçem bolasym gelenok.
— Wiý, onda näme boljak?
— Hiç zadam boljak däl. Kakam ýaly traktor sürjek.
— Traktorçy bolmak üçnn ýokary bilim nämä gerek? Üç-dört aý okasaň traktorçy
bolarsyň-da näme?
— Üç-dört aý okanyň bilen hiç zadam bilmersiň. Meniň şol žurnallarymy bir okap
gör. Onuň kyn zatdygyny şonda bilersiň. Ýöne üstüne münüp, otlap sürübermek
elbetde aňsat. Ine saňa bir traktoryň ähli goşlary. Şondan gül ýaly, tarlap duran
traktor ýasap ber diýseler şonda bilersiň. Näme, şu gomparyp «Wolga», «Jiguli»
münüp ýörenleriň maşyn ugrundan bilýän zatlary bardyr öýdýärmiň? Ýekeje
zadam bilýän däldirler. Sür, kä mahalam tigrini, ýagyny çalşyr diýseň bar
bilýänleri şodur. Her maşynyň million tilsimi, million öwrümi bar. Onuň ýekeje
detalyny ýasamak üçin bir topar çyzgy çyzmaly. Bir topar sehden, bir topar
stanokdan geçmeli. Tehnika diýen zat kyn zatdyr, dogan. Onuň aňyrsyna ýetip
bilmersiň. Bu gün bir zady bildim diýseň, ertesi täze zat oýlap tapýarlar. Bu wagt
gardaş, tehnika şeýle bir ösdi, onuň yzyndan sesiň çaltlygy bilenem ýetip
bolanok. Men ine, şol zatlary bilesim gelýär.
— A beýle bolsa, uniwersitetde nä körüň bar? Oba hojalyk institutyna girseň
bolmaýarmy?
— Institutyň gaçyp barýan ýeri ýok-la. Ölmän sag-aman gezip ýörsek oňa-da
giräýmegim mümkin. Meniň häzir gaýrak, meýdana gezmäge gidesim gelýär.
Meýdana çyksam, işläp ýören adamlary görsem, kakam ýadyma düşýär.
Kiçijikkäm kakam meni işe öz ýany bilen alyp giderdi. Körpesi bolanym üçin, alaböle meni oňat görerdi. Menem onuň traktoryndan düşmezdim. Ol maňa
«Sürlen ýeriň ysyny alýarmyň» diýip sorardy. Menem «hawa» diýerdim. «Bilseň,
ýeriň ysyna taý geljek ys bolmaz, oglum» diýerdi. Pahyr, dogry aýdýar eken.
Mydama şol ysy küýsäp ýörün. Ýer, toprak mydama meni öz ýanyna çagyryp dur.
Bu şäher, bu jaýlar, uniwersitet maňa dar görünýär.
Birden Bäşimiň gözi Miwä düşdi. Bäşimiň ýüregi böküp gitdi. Miwe olaryň edil
gapdaljygyndan geçip gitdi. Miwe bulary görmedi ýa-da görmediksirän boldy.
— Heý, seret, Miwe geçip barýar — diýip, Amap Bäşimiň böwrüne kakdy.
— Görýän how, görýän.
— Biçak owadan-aý! Baý, özem geýinýär-aý! Uniwersitetde şondan owadan gyz
ýok öýdýän.
— Bilemok — diýip, Bäşim gürrüňi başga ýana sowjak boldy. Emma indi Amany
gyzlar temasyndan başga ýere sowaýmak aňsat däldi.
— Hany, ony seniň obadaşyň diýýärler-le. Çynmy şol?
— Çyn.
— Enesi-atasy nirede işleýän adam-aý? Gaty gurply bolaýmasaň-a beýle oňat
geýinäýmek aňsat däldir.
— Ejesi bar, kakasy ýok. Kakasy bäş-on ýyllykda ýarasyndan öldi.
— O nämäň ýarasy?
— Uruş bolar-da, dagy näme bolsun?
— Bä... — diýip, Aman kellesini ýaýkady. — Şeý diýsene? Onda-da şol-a kakasy
ölene meňzänok, gülküsi dag aşýar. Asla, men şu gyzlara düşünip bilemok.
— Nämesine düşüneňok?
— Şular näme üçin owadan boljak bolşup ölşüp ýatyrlar-aý? Her kimiň öz
ýasalyşy bolar-da, owadan bolaýyn diýeniň bilen owadan bolup bolaýýarmy
näme? Oňat eşik geýenleri bilen owadan bolaýandyrys öýdýärler. Onsoň olara
gymmatdan gymmat eşik gerek. Eşik janyny almyşlaryň halys eşik janlaryny
alypdyr. Ýa-da gymmat eşik geýseler özleriniňem gymmaty artaýar
öýdýärlermikä? Adamyny adam edýän zadyň esik däldigine düşünmeýärlermikä?
Kelläňde akyl bolmasa, owadanlykdan, eşikden näme peýda bolsun diýsene!
Şonda-da olar owadan boljak bolup ölşüp ýatyrlar.
— Sen baryp ýatan görip, Aman.
— O näme üçin?
— Aýal-gyzlar oňat geýinseler, oňa ýetesi name bar. Dünýäde aýal-gyzlar
bolmasa, bu dünýä kime gerek? Görýän welin, sen entek ýekeje gyzam çyn
ýürekden söýüp görmänsiň. Eger birini söýen bolsaň düýbünden başgaça
gürlärdiň. Bu dünýäniň ähli hezilligi söýüşmekde ahyryn. Owadan geýinýär diýip
sen gyzlary geň görýäň. Ynha, sen erkek kişem-dä. Hany, birini söýüp gör, şoňa
oňat görünjek bolup, onuň öňünde maýmynlar bolardyň. Aýnanyň öňüne baryp,
günde özüňe on gezek timar bererdiň. Söýgüliň ýüz bermedik güni ýüzin düşüp
aglardyň. Olar owadan, olar şeýle mähriban, şeýle eziz bolansoň her kim olara
tagzym edýär, her kimiň şolara ýetip bilse armany ýok. Aman jan, olaryň öňünde
baş egmedik gerçek entäk bu dünýä inen däldir. Owadanlygyň öňunde hanlarbegler baş egipdir. Owadanlygyň öňünde bütin dünýä baş egýär.
— Bezensinler, geýinsinler, men oňa garşy däl. Ýöne her zadyň çaky bar ahyryn.
Gereginden artykmaç geýinmek nämä gerek? Olar indi köýnegi zerden
tikinýärler, how! Gyzyl dakynmagy kemlik bilip, gulak halkalaryny, ýüzüklerini
göwhere öwrüpdirler. Bir wagt goňşymyzyň Anna diýen bir gyzy bardy. Dogrusy
o wagtlar menem kiçijikdim, olam kiçijikdi. Ol birinin ýeke gyzydy. Onsoň ony
gurjak ýaly geýindirerdiler. Gurjak ýaly geýindirerdiler diýsem, köýnegi
zerdendir, ýüzügi göwherdendir öýtme. Egninde gyzylja setin köýnegi bolardy.
Aýagynda-da akja köwşi bolardy. Mydama-da goly çermelgidi. Maňa galsa şol
gyzy şu gyzlaryň müňüsine-de çalyşjak däl. Mana şeýle sypaýy, ýönekeý,
mydama goly çermelgi, işjeň gyz gerek. Olar ýaly gyz bolsa, derrew öwrenişse-de
bolar, düşünişse-de bolar. Hany, şu gyzlaryň bir golaýyna bar-da. Baý-bow! Olar
özlerini elýetmez şahadyryn öýdýärler. Ellerinden welin gelýän iş ýok. Olaryň
iýjek naharlarynam başga biri bişirip bermeli. Ine, onsoň şeýle gyzlar kime gül
eker öýdýäň? Gyz diýeniň sada, göwni açyk bolsa ýagşy. Sadalyk bilen owadanlyk
süýtdeş doganmyka diýýän. Sadalygy owadanlykdan aýran ýeriňde owadanlyk
hiç zat bolup galýar. Diýmek ähli owadanlyk ýürekde, adamkärçilikde. Meniň şol
Aýna diýýän gyzymam sadady. Juda göwni açykdy. Şonuň üçinem ol şeýle
mährnban, şeýle ýakyn görünýärdi. Gel biz uzaga gidip oturmaly. Ine, Miwäni alda göräý. Özüni han däldirin öýdenok. Ol sadalygy, göwni açyklygy samsyklyk
diýip hasap edýär. Ol gardaş, biziň ýalyny adamdyram öýdenok. Onuň göwni
baryp-ha, Kap dagynda gezip ýör. Ol şeýle owadan, şeýle oňat geýinýärem-dä.
Men-ä şony ýekeje köpüge-de almazdym.
— Ol näme üçin? — diýip, Bäşim geň galyp sorady.
— Ol Mele bilen gezýär.
— Näme?!.! — diýip, Bäşim ýerinden turanyny duýman galdy.
— Haýsy Mele?
— Bize egin-eşik satýan, maşynly Meläni tanaňokmaý?
Bäşim Amanyň ýakasyndan tutup, ör turuzdy.
— Sen agzyňdan çykýan zady bilýärmiň? Heýem Miwe beýle zat edermi? Heýem
o-da gezermi? Sen ýalan sözleýäň. Men onuň bilen on ýyl bileje okadym. Men
oňa belet.
— Ýakamy goýber, how. Senden gorkýan adam ýok. Nädýänem bolsaň şol-a
gezýär.
Bäşim bu gezek jogabam tapyp bilmedi. Gaýtam ysgyndan gaçdy. Onsoň
ýalbarýan görnüşde naýynjar gürledi.
— Sen ýalňyşýan bolaýma?
— Duz kessin, how, hut öz gözüm bilen gördüm.
— Hany aýt, nirede gördüň?
— Seniň ondan eşik satyn alanja ýeriňde gördüm.
— Ýeri, görüpsiňem-dä, onsoň Mele bilen gezdigi bolýarmy?
— Mele oňa ýöne ýerden pulsuz ýaglyk, pulsuz aýakgap bermez.
— Ol nämäň ýaglygy? Ol nämäň aýakgaby?
— O şeýle boldy, how! — diýip, Aman ähli bilýän zadyny gürrüň bermäge
başlady. — Men Melä birinji parkda tötänden duş geldim. Meniň kinodan çykyp
durşumdy. Ol başda üç oglan bolup gezip ýördi. Meniň ýanyma welin onuň ýeke
özi geldi. Ol maňa «Näme işläp ýörsüň?» diýdi. «Sagat ýedidäki kinodan
çykdym» diýdim. Onýança bir gyz «Waý, ýaglygymy alyp gaçdy, meýdi yranan!»
diýip gygyrdy. Görsem Miwe eken. Kellesini eli bilen tutup, näderini bilmän
milletiň arasynda iki ýana elewräp ýör. Ömründe kellesini ýalaňaçlap köçä
çykmadyk gyz bolansoň, utanjyndan öläýjek bolýardy. Ol meni görüp: «Waý,
masgara boldum, Aman jan!» diýdi. Men ondan kimiň alyp gaçandygyny
soradym. «Tanamasam näme? Iki sany ýerçeken» diýip, jogap berdi. «Suw içjek
bolup eglenäýdim-dä. Ýogsam joralarym bilen eýýäm kinonyň içine girerdim-le»
diýdi. Şol gün oňat hindi kinosy görkezilýärdi. Miwe «Knnosam gursun,
beýlekisem. Men-ä gaýtjak» diýip, öýe-de hyýallandy. Edil şol mahalam bir
ýerden Mele peýda boldy. Biçak owadan ýaglyk çykardy-da Miwä uzatdy. Miwe
aňk-taňk boldy. «Bu ýaglyk meniňki däl» diýdi. Mele «Beýdip iliň ortarasynda
kelleýalaňaç gezip ýörüp bolmaz-a. Sen bir asylly maşgala meňzeýäň. Me, daňyn.
Ýogsam aýyp bolar» diýdi. Onsoň maňa garap «Aman, ertir öňki duşýan ýerimize
geliň, şonda gürleşeris» diýdi.
— Ýeri, onsoň? Ertesi bardyňmy? Miwe-de bardymy?
— Wiý, elbetde. Ilki men bardym. Soň Miwe geldi. Miwe oňa «Düýnki eden
ýagşylygyňyz üçin köp boluň. Ine, ýaglygyňyz. Isleseňizem puluny alyň — diýdi.
— Dogry aýdypdyr. Bu ýerde Miwäniň näme günäsi bar?
— Dursana, yzyny diňlesene, how! — diýip Aman gürrüňini dowam etdi. — Mele
ýaglygam almady, pulam. Gaýtam, maşynda oturan ýerinden Miwä lowurdap
duran, owadanja köwüş uzatdy. «Geýip görüň, aýagyňyza bolmazmyka?» diýdi.
— Miwe geýdimi? — diýip, Bäşim durup bilmän sorady.
— Wah, içimi ýakmasana! Heýem geýmezmi? Biçak gowy köwüş, how. Şonda
gardaş, Miwäniň aýagyna syn etdim. Dogrudanam, onuň şol eýjejik aýajyklaryna
şondan başga köwüş gelişjegem däl. Tüýs «Kepderi topuk» diýilýäni-dä. Onuň
aýagynyň aklygyndan gözüm gamaşyp gitdi. Şol wagtlar aňk bolup, agzymdan
hyllygym akyp duran bolsa-da ahmal.
— Ýeri, bes etsene! Ol köwşi aldymy ýa-da almadymy, şony aýt.
— Heý, onuň ýaly owadan köwşi görer-de almazmy? Ýyrş-ýyrş etdi. Näz edip
Melä seretdi. «Edil şapylaşyp dur» diýdi. «Beýle bolsa, nesip etsin. Toýuňda geý!
Men ertir ýene gelerin» diýdi-de, Mele maşynyny sürüp ötägitdi.
— Bar şol köwşi alanam eken-dä! Näme, birinden bir zat satyn alsaň onuň bilen
gezdigiň bolmaz ahyry. Gezmek diýen zadyň nämedigini sen bilýärmiň?
— Sen, how, bir zada düşün! Men onuň zat satyn alanyna-da garşy däl, onuň
bilen gezeni bilenem işim ýo. Ýöne men Meläni gowy tanaýan. Ol baryp ýagan
žulik, barypýatan spekulýant. Men Miwä dözemok. Miwe bir üzümiň suwy ýaly
owadan, sada, heniz durmuşa çykmadyk gyz ahyryn. Mele bolsa bir wagt «kör
düýesi köpriden geçen» adam. Onuň iki ýaşly gyzy bar. Ho-ol dag etegindäki
obada ýaşaýarlar. Menem şol obadan. Ol Miwäni hökman bir zadyň üstünden
elter. Onuň şu wagtdan öňüni alaýmasaň soň giç bolar. Men muny Miwä
dözmänim üçin, seni oňat görenim üçin aýdýan. Sen onuň obadaşy ahyryn.
Eýýäm ol Mele bilen kino gidip ýör.
— Sen, how, bir zada düşün! Men onuň zat satyn alanyna-da garşy däl, onuň
bilen gezeni bilenem işim ýok. Ýöne men Meläni gowy tanaýan. Ol baryp ýagan
žulik, barypýatan spekulýant. Men Miwä dözemok. Miwe bir üzümiň suwy ýaly
owadan, sada, heniz durmuşa çykmadyk gyz ahyryn. Mele bolsa bir wagt «kör
düýesi köpriden geçen» adam. Onuň iki ýaşly gyzy bar. Ho-ol dag etegindäki
obada ýaşaýarlar. Menem şol obadan. Ol Miwäni hökman bir zadyň üstünden
elter. Onuň şu wagtdan öňüni alaýmasaň soň giç bolar. Men muny Miwä
dözmänim üçin, seni oňat görenim üçin aýdýan. Sen onuň obadaşy ahyryn.
Eýýäm ol Mele bilen kino gidip ýör.
***
Bäşimiň gulaklary şaňlap, gözi garaňkyrap gitdi. Ol zordan özüni ýatakhana atdyda, egin-eşiginem aýyrman, özüni krowadyň üstüne taşlady
Bäşim şol ýatyşyna garaňkyny düşürdi. Iýmedem-içmedem-de, howul alyp daş
çykdy. Çyralar bireýýäm ýanypdy. Ýazyň şeýle gözel, şeýle hoştap howasynda
şäheriň ähli ilaty gezelenje çykan ýalydy. Gyz-oglan, garry-ýaş, bary köçededi.
Alleýalarda, gezelenç baglarynda oturmaga boş ýer tapaýmak aňsat däldi.
Bäşimiň göwnüne onuň öňünden Miwe bilen Mele gol tutuşyp çykaýjak ýalydy.
Bile ýöräp barýan ýaş ýigit bilen ýaş gyz görse ony Miwe bilen Meledir öýtdi.
Han-ha, onuň öňünden Miwä meňzeş bir gyz bir ýigit bilen gol tutuşyp diýen ýaly
gidip barýar. Bäşim olary tanajak bolup, çalt-çalt ýöräp yzlaryndan ýetdi.
Birdenem doňup galdy! Miwe ýaly-la!.. Aý, ýog-a, bolup bilmez. Ýok, ýok, şol!
Edil özi-dä. Ýanyndakam Mele...
Ine, indi bar zat aýdyň boldy. Amanyň ähli aýdanlary çyn bolup çykdy. Onuň
«Miwe Mele bilen gezýär» diýeni dogry eken. Bäşimiň aýaklary ädilmejek boldy.
Lüt pýan adam ýaly iki ýana yranyp, yranyp gitdi. Olar bolsa, han-ha bileje
ýöreşip gidip barýardylar. Ana, köçeden çepe öwrüldiler. Şu ýerde welin Bäşim
durup bilmedi. Ýüregi ýarylan ýaly bolup olaryň yzyndan ylgady. Olaryň öwrülen
ýerinden çepe öwrüldi. Olar bolsa şol baryşlaryna gidip barýardylar. Mele oňa iki
ellerini hereketlendirip, nämedir bir zatlary gürrüň berýärdi. Miwe ýüzüni aşak
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çyn güller - 3
  • Parts
  • Çyn güller - 1
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1942
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 2
    Total number of words is 3956
    Total number of unique words is 1891
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    49.4 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 3
    Total number of words is 3934
    Total number of unique words is 1889
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 4
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1216
    41.4 of words are in the 2000 most common words
    54.5 of words are in the 5000 most common words
    60.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.