Latin

Aziýanyň mawy alyslyklary - 4

Total number of words is 3530
Total number of unique words is 2226
28.0 of words are in the 2000 most common words
40.5 of words are in the 5000 most common words
46.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sagatlyk ýol. Biz welin, bu aralygy çöle diýseň belet Şanazar bilen iki
hepdedenem gowrak wagtda geçdik. Özem howp-hatardan doly, her ädimi
ejir-azap bilen geçilýän bu ýola öňýeten adam ýürek edip biljek däldi.
IV. HYWA HANLYGYNDA
1. «Onuň alyhezretleriniň» huzurynda
Rus goşunlary Hywa girip, gullary boşadansoň, jezalandyrylan adamlaryň
hanyň köşgüniň öňündäki gazyklara sanjylyp goýlan kellelerini aýyrdansoň,
daýhanlaryň daban azabyny ellerinden zorluk bilen almak, ýolda-yzda
kerwen talamak ýa-da gul satmak bilen meşgullanyp ýören garakçylar
toparynyň eden-etdiliginiň soňuna çykylansoň, Hywa hanlygy parahat ýol
bilen ösüp başlady.
Häkimlik öňki feodallaryň elinde-de bolsa, şäheriň durmuşynda kem-käs
özgerişlikler ýüze çykyp başlaýar. Rus halkynyň wekilleri edaralarda,
söwda-satyk bilen meşgullanýanlaryň arasynda peýda bolup ugraýar. Hatda
ymykly göçüp gelenlerem tapylýar. Hywaly baý ogullaryndan Peterburgda
okaýanlaryň, ýerli milletden rus goşunynda gulluk edýänleriň bolmagyna
garamazdan, şäheriň daşky görnüşinde göze dürtülip duran üýtgeşme
görnenok.
Men gören mahalym Hywanyň köçeleri darajyk, egri-bugrudy. Köçäniň
iki gyrasyndan uzalyp gidýän, diwarlary jaýryk-jaýryk pagsa jaýlaryň
görnüşi tukatdy, içgysgynçdy. Aýlanyp ýörkäň, mähelleli bazarlaryň
şowhuny gonamçylyklaryň tukat ümsümligi bilen häli-şindi ornuny
çalyşýardy. Şäheriň töweregi ýarpy-ýalta düzlenen ganawdyr kä ýerinde
diňleri somalyp duran ýykyk gala bilen gurşalandy. Galanyň çar tarapynda
şähere girilýän derwezeler gapylaryny giňden açyp durdy.
Bulardan başga-da, takmynan, on müňe golaý ilatly bu şäherde onlarça köşk,
elli töweregi metjitdir medrese, birnäçe kerwensaraý hem her ädimde diýen
ýaly kiçijik dükanlar bardy. Bu ýerde mekdepdir hassahananyň, kitapdyr
gazet satylýan dükanyň, teatrdyr klubuň ady-soram ýokdy. Tutuş Hywa
hanlygy käbir babatda ruslaryň täsiri bilen az-kem ýumşadylan şol gadymy
feodal kanunlary, däp-dessurlary boýunça ýaşaýardy. Iň ýokary häkimlik her
hili ýol bilen garamaýak halky talamagy oňarýan köşk emeldarlarynyň
daşyny penalap duran hana degişlidi.
Şäheriň kazy-kelanlary henize çenli öleni bäri alty ýüz ýyldanam gowrak
wagt geçen Çingiz hanyň «Ýasa» atlandyrylýan kanunlar kitaby boýunça
ýazykly hasaplan adamlaryna jeza berýärler. Taýak bilen ýençmek, gulagy,
barmaklary, eli, käbir babatlarda bolsa kelläni kesmek ýaly jezalar tä ruslar
gelýänçä, şol ozalky ýagdaýynda dowam edipdir...
Hywada meni hormat bilen garşyladylar. Gowy dynç almagym üçin hanyň
gadyr edip eçilen işigi howuzly kiçiräk jaýy, dogrudanam, höwes ederçe
bardy. Seýit Muhammet Rahym han meni iki gezek kabul etdi. Soňky sapar
ol sowgat hökmünde daşy kümüş çarçuwaly suraty bilen kümüş küýze berdi.
Ýöne meniň Hywadan alan iň gymmatly zadym at üçin örän rahat, belent
gaşly türkmen eýeri boldy. Alys ýol üçin niýetlenýän ol eýer biziň kazak
eýerlerimize kybapdaşdy.
Ýagdaýa näbelet bolanym üçin men atyma öz öwrenişen iňlis eýerimi
saldym. Ýöne Ashabada çenli geçmeli uzak ýolumyzda ol eýer atymyň
arkasyny ýara etdi. Beýle zatlary kän gören Şanazar birhili em etdi-de, ony
dertden gutardy. Meniň soňky syýahatlarymyň hemmesi söwer atym Italmaz
hem Hywadan alan eýerim bilen bagly.
Hywanyň iň soňkyň öň ýanyndaky hanynyň köşgi kä ýerlerinde diňler
somalyşyp duran galyň diwar bilen gurşalandy. Berk derwezeler, köşgüň
töweregini gurşap duran ötlem-ötlem jaýlaryň ýanynda duran çytyk ýüzli,
elleri köne tüpeňdir gylyçly nökerler Wereşşaginiň «Teýmirleňiň gapysynyň
öňünde» atly meşhur suratynda şekillendirilen adamlara çalym edip durdy.
Han mazaly eýlenen düýe hamyndan dartdyrylyp ýasalan dörtgyraň, ýumşak
kürsüde otyrdy. Bu özboluşly «tagtyň» edil gapdalynda çöke düşüp oturan
hanyň terjimeçisi Kornilowdy. Subotiçiň tabşyryşy ýaly, men olara çölüň içi
bilen geçen ýolumyz, galamgär hökmünde, hanyň huzuryna gelmegimiň
sebäpleri hakynda gürrüň berdim.
Han maňa öz gapdalynda oturmagymy haýyş etdi. «Tagtda» ikinji adama
ýer bolmansoň, menem terjimeçiniň beýle gapdalynda çöke düşdüm.
Gaçakçylyk meselesi borjuma girýäni üçin bu barada gürrüň gozgajak
bolup şunça çemlensem-de, hanyň başga zatlar sorany sebäpli, hiç ebeteýini
tapmadym.
«Onuň alyhezretleri» ähli zatdan beter meniň atym bilen gyzyklanýardy.
Ol Italmazy iki gezek üns bilen synlap, şeýle atyň özüne-de gerekdigni
ýaňzytdy. Bir topar gepiň başyny agyrdyp, ahyrsoňunda ýolda gören-eşiden
zatlarymyz dogrusynda soraşdyrdy. Men ýolda gabat gelen kerwenimiz
hakynda habar berdim. «Soňky wagtlarda gadagan edilenine garamazdan,
serhetden her hili harytlary geçirmek bilen meşgullanýan gaçakçylar
toparynyň sanynyň barha artýandygy barada bizde maglumatlar bar. Duşan
kerweniňem şol bolaýmagy ähtimal. Ýöne biz olary saklajak bolup
durmadyk» diýdim. Gulagyna hoş ýakdy öýdýän, han makullaýjylyk bilen
baş atdy. Soňam «Men öz golastymdaky ýerlerde onuň ýaly bidüzgünçilige
ýol berýän däldirin» diýip, gürrüňi gysgajyk jemledi.
Herimiz öz pikirimize gümra bolup birsalym oturdyk. Dymyşlygy hanyň
özi bozdy:
― Uzak ýoldan saý-sebäp bilen Hywa topragyna düşüpsiň. Hemişe ýatlap
ýörer ýaly, näme sowgat isleýän bolsaň, çekinme-de soraber.
Men:
― Gündogar ýurtlary bilen ýakyndan tanşasym gelýär. Mümkinçilik
bolsa, Aziýanyň beýleki ýerlerinem görmek isleýärin. Maňa diňe Hywa
aýlanyp, dürli kärdäki adamlar bilen gürrüňleşmäge ygtyýar berseň, başga
hiç zat gerek däl ― diýdim.
Han göwünjeň razylaşdy.
Ençeme wagt geçensoň, men Hywada öňräkden bäri ýaşaýan terjimeçi
Kornilow bilen sataşdym. Ol hanyň gaýyşdan ýasalan «tagty» barada şu
zatlary gürrüň berdi:
― Ol, hakykatdanam, tagt. Özem Çingiz han döwründen bäri nesildennesle geçip gelýär. Öz ýurdunda altyn tagty baram bolsa, Çingiz han hakyky
urşujy üçin atyň ýonasyndan ýakymly zat bolmaz diýip, şol düzgüni
girizipdir. Hywa hanam öňden gelýän däbe eýerýäni üçin, hemişe gaýyş
kürsüde oturýar.
Soň maňa Hywa tagtynyň mirasdüşeri Isfendiýar töre bilenem duşuşmak,
gürrüňleşmek miýesser etdi. Bezemen gündogar lybasly, reňki öçük bu ýaş
ýigit Peterburga barşy, özünde galan täsirler barada arassa rus dilinde gürrüň
berdi. Hywanyň iň soňky hany bolmak paýyna düşen Isfendiýar töre:
― Russiýada okap gelenimden soň, öz ýurdumdan göwnüm geçdi. Aň-bilim
ýaýratmak bilen meşgullanaýsam diýen pikirimem bar. Peçli, penjireli rus
tamyny salnasym gelýär ― diýdi.
Soň eşidişime görä, ol rus tamyny salyp, esli wagt ýaşapdyram. Ýöne aňbilim ýaýratmak pikiri welin, amala aşmandyr.
2. Hanyň zyndany
Handan rugsat alyp, Şanazar ikimiz şähere aýlanmaga çykdyk. Hywanyň
darajyk, tozanly köçeleri, şowhunly bazary meniň akylymy haýran etdi.
Şanazar maňa uly bazaryň ýanyndaky misgärlerdir ýarag ýasaýan ussalaryň
hatarynda ýerleşýän, garalyp giden ussahanany görkezip: «Ýetginjek
wagtymda bendilikde bolanymda, şu ýerde gul edip işledipdiler. Meniň ýaly
gaty kän gullar bu tüsseli hütdüklerde küýzegärler üçin palçyk eýläp, agaç
kesip, daş ýonup, baý, işländirler-ä» diýdi.
Häzir bu ýerde gullar ýokdy. Ýöne ussahanada ulanylýan gurallar, edilýän
işler welin, sähelçe-de üýtgemändir. Maňňallarda köreýän ody, eýlenen
palçygy, gara der bolan ýarym-ýalaňaç göwreleri alagaraňkyda zordan
saýgaryp bolýardy. Igeleriň jygyldysy, çekiçleriň şaňkyldysydyr suwuň sesi
aýyl-saýyl eşidilýärdi. Ussahananyň işiginde duran arassa geýimli, dilewar
hojaýyn geçip barýanlara ol-bi gerek zatlaryny ýasadyp gitmeklerini gadyr
bilen teklip edýärdi.
Aýlanyp ýörkäk, biz geň tomaşa gabat geldik. Han öz paýtagtynyň içinden
geçip barýardy. Bu görnüş Iwan Groznynyň köne Moskwanyň içinden geçip
barşyny şekillendirýän suraty ýadyma saldy.
Bu dabaraly ýörişiň öňünden elleri naýzaly hem ýalaňaç gylyçly atlylar
barýardy. Hanyň atlarynyň bir toparyny idip barýan atbakarlaram olaryň
yzyndady. Toparyň öňünde hanyň orenburgly bir ruhanydan satyn alan iki
sany daýaw gara aty, soňam biri-birinden owadan, dürli reňkli beýleki atlar
oýnaklaşyp barýardy. Han gara gözleri uçganaklap duran ak atyň üstündedi.
Atlaryny gorgunyna sürüp barýan elleri tüpeňdir naýzaly ýüz sany nökerem
ondan galanokdy.
Iki tarapa serpilip, ýol beren mähelläniň ählisi ellerini döşüne goýup, tagzym
edýärdi. Iki bükülişip duran ol adamlaryň hiç biri başyny göterip, hana
seretmäge milt edip bilenokdy.
Han geçip gidensoň, men Şanazardan zyndany görkezmegini haýyş etdim.
Biz tirkeşip, ullakan diňiň ýanyna bardyk. Ol ýerde pessejik demir gapynyň
öňündäki halyçanyň üstünde zyndanyň sakçysy somalyp otyrdy. Onuň
gapdalynda-da gelip-gidýän adamlaryň göwnünden çykaran sadakasyny
oklaýan jamy durdy.
Şanazar donunyň o ýerini-bu ýerini çekişdirdi-de, sesini gataldyp: «Han
hezretleriniň ygtyýar bermegi bilen, tanymal rus baýary zyndana geldi. Aç
bahymrak!..» diýip, sakça azm urdy.
Bu sözlerden zähresi ýarylara gelen sakçy poslap giden gapyny
jygyldadyp açdy. Biz içine depesindäki darajyk deşikden ujypsyzja ýagty
düşýän kiçiräk, alagaraňky jaýa girdik. Içerde nal şekilli daş sekiniň üstünde
ählisi ujy diwara berkidilen bir zynjyra kökerilen, saç-sakgallary bulaşyk
bendiler dymşyp otyrdylar. Sekiniň ortasynda olaryň hajaty üçin ýasalan
deşik bardy. Diwaryň birinde oturdylan agzy giň, pessejik pejiň turbasy diňiň
içi bilen uzalyp, ýokaryk ep-esli saýlanýardy.
Bendileriň seredişi parhsyz hem tutuksydy. Diňe çakgan hem
gaharjaňdygy keşbinden bildirip duran hywaly bendi bizi görüp, çalt-çalt
geplemäge, soňam gygyrmaga başlady. Şanazaryň düşündirişine görä, ol indi
on üç ýyl bäri bu ýerde otyrmyş. Özem hiç bir günäsiz halyna ejir çekýärmiş.
Ony boşatmak üçin başga kişiniň däl-de, diňe rus baýarynyň nepi
degjekmiş... Onuň gykylygyna beýleki bendilerem hüşerilişdiler. Birdenem
olaryň hemmesi zöwwe ördi-de, zynjyrlaryny şakyrdadyp: «Biziň günämiz
ýok, nähak otyrys» diýip, ýerli-ýerden gygyryşyp başladylar. Gykylyga
türme sakçysynyň elleri dürre gamçyly iki sany daýaw kömekçisi ylgaşyp
geldiler. Näderini bilmän, elewräp duran sakçy bizi derrew daşaryk alyp
ugrady. Çykyp-çykmankak, yzda dürre gamçylaryň şarpyldysy, adamlaryň
kalbyňy paralaýjy iňňildisi eşidilip başlady...
Hywada gören-eşiden zatlarymyzyň galdyran ýaramaz täsirinden
ýüzümizi sallap, öz bolýan bezemen jaýymyza dolanyp geldik. Öýde biz üçin
taýýarlanyp goýlan zatlaryň hetdi-hasaby ýokdy. Gündogaryň nazynygmatlaryndan adyny tutanyň bar. Şol wagtam hanyň ýakyn adamlarynyň
biri gelip, meniň hormatyma baýramçylyk agşamynyň boljakdygyny uly
şatlyk bilen habar berdi. Hatda meniň göwnümi açmak üçin sazandalardyr
tansçylaram geljekmiş.
Birden bir çalarak tanşymyň: «Ol ýerde has bilesigeliji syýahatçylaryň
gowy hezzet-hormatdan soň dereksiz ýitmesi ýa-da erbet derde uçrap,
tizden ýagty jahan bilen hoşlaşmasy seýrek bolýan zat däl. Senem häzir
bolgun» diýen dostlukly maslahaty güpbe ýadyma düşdi. Bu aýdylanlardan
howatyr etmänimde-de, häzir şady-horramlyga o diýen döwtalap däldim.
Üstesine-de, Şanazaryň «Ol ýere barsaň, adat boýunça her sazandadyr
tansçynyň agzyna altyn pul sokmaly borsuň» diýmegi, gitmeli däl diýen
belli-külli karara getirdi. Men zoraýakdan üsgürip durşuma:
«Baýramçylygy
goýbolsun
edäýseňizläň.
Görüp
dursuň-a,
ýarawlygymyňam ugry ýok» diýdim. Gelen adam: «Buýrugy ýerine
ýetirilmese, han halaýan-a däldir. Görüň-dä...» diýip, närazy äheňde
hüňürdäp çykyp gitdi.
Hanyň «merhemetine» garaşman, Şanazar ikimiz daň atmanka, Hywany terk
etdik. Öňde uzak ýol ýatyrdy. Pulumyzdyr azygymyzam paýawlap barýardy.
Gije Şanazar kerwensaraýyň tanyş hojaýynyndan aýaklary inçe, çakgan dor
türkmen atyny aldy. Onuň deregine bolsa meniň arkasy ýara bolan
Italmazymy goýduk.
Ýolda
ilki
düşlänimiz
Hywadan
elli
kilometr
çemesi
daşlykda,
Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşen Petro-Aleksandrowsk1 şäherjigi
boldy. Çärjewden2 bu ýere gämi gatnawy bolany üçin, bize derýadan gaýykly
geçmäge-de mümkinçilik bardy...
***
Ashabada gelenimden soň, Zakaspi oblastynyň başlygy general Ussakowskä
beren maglumatnamamda men Hywada hanyň zyndanyndaky ýagdaý
barada-da ýatlap geçdim. Biraz wagt geçensoň, öz bölümimiziň başlygyndan
meniň şol aýdanlarymyň Ussakowskä ýaramandygyny eşitdim. Ol maňa:
«Indiden beýläk gönüden-göni öz borjuna girmeýän zatlara gatyşmasyn»
diýip, berk duýduryş beripdir...
3. Kämilleşdirilen tüpeň
1
Petro-Aleksandrowsk ― Dörtgülüň ozalky ady.
2
Çärjew — Türkmenabat şäheriniň öňki ady.
Petro-Aleksandrowskä barýan ýoluň bir bölegi Amyderýanyň kenaryny
syryp gidýärdi.
Biz, takmynan, ýol ýarpy boluberende, dynç almak üçin düşledik.
Atlarymyzy derýanyň suwuna ýakdyk-da, alaňdan pese inip, çaýlymdaky
gür biten ýylgyn, oblepiha, söwüt hem ösgün gamyşdan ýaňa geçmesi kyn
jeňňelligiň içi bilen ýola düşdük.
Garagumuň howur alyp ýatan çägeliginiň içinden geçen öňki ýolumyz bilen
deňeşdireniňde, häzirkimiz duranja jennetdi. Göze ilýän, gulaga eşidilýän
ähli zat ýaşaýyşdan habar berýärdi.
Jeňňelliklerden käte sülgünler gyzyl çog bolup güsürdäp uçýardy. Ýabany
ördeklerdir guwlaryň sürüsi ganatlary bilen howany endiredip, asmana
göterilýärdi. Biz keýikleriň, şagallardyr ýekegapanlaryň suw içmäge
gatnaýan ýodalaryna häli-şindi gabat gelýärdik. Depeleriň üstünde birçakky
berkitmelerdir mazarlaryň galyndylary göze kaklyşýardy. Golaýdaky
gamyşlardan ýa-da gyzgylt güle bürenip oturan kendir jeňňelliginden
kämahal horkuldy, batgalykda şalpyldaşyp, çekeleşýän haýwanlaryň sesleri
eşidilýärdi.
Hywalylaryň gürrüň bermegine görä, bu ýerlerde gaplaňyňam gabat
geläýmegi geň däldi. Agyr göwreli bir jandaryň guran gamyşlary şatyrdadyp
ýöräp barşyny iki gezek aýyl-saýyl eşitdik. Şol sesiň bu jeňňeliň hojaýyny
ýekegapanlaryň
şygyrdysydygyny
soraman
biläýmelidi.
Hywada
musulmanlar doňzuň eti harammyşyn diýen düşünjä eýerip, olara azar
bermeýärdiler.
Ýabany haýwanlaryň şeýle bollugy meniň awçylyk derdimi gozgady.
Ýöne ol tas başyma-da ýetipdi.
Men derýanyň kenaryndaky owadan hem giňiş ýerde ýatyp, keýigi
garawullamak, şol bir wagtyň özünde-de, gaýtmazymyň öňinçäsi
Awanesowyň dükanyndan satyn alan köp ok atýan, ýarym awtomatik
amerikan tüpeňimi barlap görmek kararyna geldim.
Ýol şaýymy tutup ýören mahalym Awanesowyň diňe bir ownuk demir
önümleri däl, eýsem tüpeňem satylýan dükanyna giripdim. Onda ýekenil
hem goşa tüpeňleriň her dürlüsi bardy. Awanesow aýratynam, şu elimdäki
tüpeňi öwüp, arşa çykardy. Öz harydynyň aýratynlygyny görkezmek üçin ok
sürlüşini hem çykarylyşyny kän gezek gaýtalady. Öňe itilip, gulagy yza
çekilende-de zyňlyp gidýän okdan ýaňa dükanyň içi pytrap ýatan peşeňden
doldy.
«Şunuň ýaly täze, kämilleşdirilen tüpeňiňiz bolsa, siz üstüňize çozan alty
adamy okdan geçirip bilersiňiz ýa-da peýkam ýaly eňip barýan ýabany
geçileriň birnäçesini tükgertmäge hötde gelersiňiz» diýip, Awanesow meni
ynandyrypdy.
Ýanyna nili inçeden uzyn, kümüş bilen nagyşlanan, togalajyk seçme bilen
agzyndan oklanýan köne tüpeňini alan Şanazaryň meniň tüpeňime göwni
ýetmedi. Öz köneje ýaragyny munuň ýaly «kämilleşdirilen tüpeňe»
çalyşmajagyny nygtady.
Ýola düşmezimiň öňýanynda men Köşä tarap atlandym-da, atyp-atyp, bir
düýp garry çynaryň ýogyn ýerini eleme-deşik etdim. Tüpeň şeýle gowy atany
üçin, Şanazaryň şübhelenmesine gülkim tutdy.
...Men düşleg ýerimiziň golaýyndaky ýabany geçilerdir ýekegapanlaryň
yzlaryny kän gören ýerime gitmegi ýüregime düwdüm. Şanazar atlara sakçy
bolup galdy. Awa ugran mahalym daň atmazynyň öňüsyrasydy. Gamyşlary
usullyk bilen iki ýana serpip barşyma asuda ýatan derýanyň kenaryna
çykdym-da, haýwanlaryň suw içmäge gelýän ýodasynyň golaýyndaky
çugdam ösen derekleriň arasynda gizlendim.
Derekleriň birnäçe ädim gapdalyndaky tümmejikde ornaşyp awyň peýda
bolaryna garaşmaga başladym. Bu ýerden çaýlymdaky garalyp duran gür
gamyşlyk aýyl-saýyl görünýärdi.
Men uzak wagtlap ümsümlige diň salyp, gymyldaman garaşdym. Ýodada hiç
zat görnenokdy. Gije tamam bolup, daňyň öňýanyndaky alagaraňkylyk
mahaly şemal öwsüp, suwuň ýüzi uşajyk tolkunlar bilen örtülende, asmanda
ilkinji guşlar görnüp ugrady.
Asman gümmeziniň bir çeti elwan öwsüp, derýanyň beýleki kenaryny
ýagtyltdy. Edil çölde bolşy ýaly, ähli zat diýseň ýagtylanan säheriň goýnuna
doldy.
Daňdanyň iniňi düýrükdirýän çigregi Günüň ilkinji şöhleleriniň äleme
çaýylmagy bilen, ornuny ýylylyga berdi. Aw etmek pikirimiň puja çykanyna
keýpim bozulyp, düşleg ýerimize gaýtmagy ýüregime düwen mahalym yz
tarapymdan şygyrdy eşidildi...
Nämekä diýip, yzyma gaňrylanymda, birnäçe ene ýekegapanyň seýrek
gamyşlary basgylap, özüme tarap gelýänini gördüm. Olar kellelerini iki ýana
bulap ysyrganýardylar. Yzlaryndanam bir topar kiçijik garaja çagalary
seňkildeşip gelýärdi. Töwerek-daşa esewan etmän, güňleç horkuldaşyp
gelýän süri maňa barha golaýlaşýardy.
Ýekegapan etinden ediljek tagamly nahar barada oýlananymda, meniň
agzym suwardy. Ýöne ondan Şanazaryň datmajagy barada-da pikir
öwürmäge ýetişdim.
Men iň öňden gelýän ýekegapanyň pilçesiniň aşak ýanyny nazarlap, mäşäni
gysdym. Tüpeňiň güňleç sesi asudalygyň goýnunda meýmiräp ýatan
töwerege ýaň salyp, gamyşlykdaky guşlary örüzdi. Nyşana alan
ýekegapanym temegini çägä süssürdi-de, aýaklaryny kakyp, naýynjar ses
etdi. Süri bada-bat ugruny üýtgedip, bir ýana sowuldy.
Ýerimden turup, awuma tarap ugrajak bolanymam şoldy welin, gamyşlary
döwüp, özüme tarap okdurylyp gelýän äpet garamtyl-goňur ýekegapana
gözüm düşdi. «Erkek ýekegapan!» diýip, içimden howsalaly pikir öwürdimde, haýdan-haý tüpeňe ok sürmäge alňasadym. Howlukmaçlyk bilen ikinji...
üçünji... gezek synanyşdym. Bolmady... birinji gezek atan okumyň peşeňi
zyňlyp çykdy-da, tüpeňiň daragynda duran oklary oň ýerine sürmek
başartmady...
Janyňy gutarmak barada oýlanmaga sähelçe pursat galypdy. Edil gyssaga
düşen şol mahalym şadyýan Jakolino Roşeden1 alan sapaklarym dadyma
ýetişdi...
Men okdurylyp gelýän ýekegapana tarap ylgadym-da, indi hiç zada derkary
bolmadyk tüpeňimi
tutduryp, özüm onuň aňkap duran syh-syh arkasyndan böküp geçişime,
ýeke duran derege tarap eňdim.
Bagtyma, aşaky şahadan ýapyşyp, bada-bat towsup çykanymam şoldy
welin, agaç ýekegapanyň dişleriniň batly urgusyndan sarsyp gitdi. Men
ýokarda edil bile biten ýaly, agajy berk gujaklap otyrdym...
1
Jakolino Roşe ― belli akrobat hem masgarabaz. Ýaşlyk ýyllarynda W. Ýançeweskiý ondan gimnastika
hem akrobatika boýunça sapak alypdyr.
Ýekegapan agajyň daşynda aýlanyp, ýer peşeýärdi. Ýalaw ýaly dişleri
bilen deregiň gabygyny soýuk-soýuk edip, basyk ses bilen harryldaýardy.
Art aýaklaryna galyp, agaja dyrmaşjak bolýan ýekegapanyň kiçijik gyzyl
gözlerinden endamyňy jümşüldedýän gazap uçgunlary syçraýardy. Käte hol
beýlede ýatan tüpeňimiň ýanyna seňkildäp barýardy-da, agzyna alyp, ikibaka
silkeleýärdi. Şonda onuň ýalaw ýaly dişleriniň zarbyna çydaman, tüpeňiň
gundagy şatyrdap jaýrylýardy.
Gün eýýäm al-asmana galypdy. Ýöne ýekegapan meni taşlap giderli däldi.
Ol haýallyk bilen agajyň daşynda aýlanýardy. Käte-de meniň öldüren
ýekegapanymy ysgaşdyryp, temegi bilen yralap görýärdi. Soňam menden
gözüni aýyrman ýörşüne, sähel gymyldadygym, ylgap gelýärdi-de, tüpeňimi
depgilemäge, çeýnemäge başlaýardy...
Eger-de Şanazar ýetişäýmedik bolsa, bu ýagdaýyň näme bilen gutarjagy
belli däldi. Ol ýekegapana ok atmady-da, bogazyna sygdygyndan gygyryp,
sygyryp ýörşüne, gamyşlyga ot berdi. Ilki tüsse, soňam çabraýan ýalyn maňa
golaýlaşyp ugrady.
Diňe şondan soň kastyma çykan ýekegapan daşymda aýlanmasyny goýup,
howany ysgady-da, haýallyk bilen derýanyň kenaryndaky gamyşlyga sümüp
gitdi. Onuň palçyga basýan aýaklarynyň şalpyldysy eşidilýärdi. Gamyşlaryň
garalyp duran başlarynyň yranyşyna syn edip, onuň nireden barýanyny bilip
oturmalydy. Soňam bütin töweregi asudalyk gurşady...
Satyn alan mahalym näçe diýseň öwgüsi ýetirilen tüpeňime seredip duran
Şanazar sypaýy gülümsiräp, meniň çeken ýitgime gynanç bildiren bolýardy.
Ýöne öz köne tüpeňine ýaplanyp durşuna, içiniň gülýän bolmagy-da
ähtimaldy.
Şondan soňky syýahatlarymda men öz ýanymda hemişe Berdanyň ýeke
ok sürülýän iň ýönekeý ýasalan tüpeňini göterdim. Çölde beýleki
«kämilleşdirilen tüpeňleri» derde geçmez edýän çäge-de oňa kär edip
bilenokdy.
Syýahatymyzyň galan bölegi şowuna boldy.
Petro-Aleksandrowskini hem Amyderýanyň geçidini gözden geçirenimizden
soň, biz Hywa dolanyp geldik. Ol ýerde men mazaly dynjymy alyp,
ýaralaryndan saplanan Italmazyma atlandym. Onuň alyhezretleri hanyň
huzuryna barman, biz yza dolandyk.
Günorta tarapa ýola düşüp, Garagum çölüni ikinji gezek kesip geçdik. Ýöne
bu saparky ýolumyz günbatarrakdan ― Gökdepäniň golaýyndan çykýardy.
Ashabatda maňa ajy habar garaşýan eken. 1903- nji ýylyň 1-nji aprelinde
Peterburgyň hassahanasynda meniň kakam, «gomerçi» Grigoriý
Andreýewiç1 dünýäden ötüpdir. Nobatdan daşary zähmet rugsadyny aldymda, Peterburga ugradym. Soňam biraz wagt ejem Warwara
Pompeýewnanyň ýanynda Rewelde ýaşadym.
V. BU ÝERLERIŇ BAZARY SOWLUPDYR
1. Amerikan ekspedisiýasy
Biz dolanyp gelýänçäk, Ashabatda köpüň diline düşen iki sany waka bolup
geçipdir. General Ussakowskiniň maşgalasy — onuň Orenburguň kadet
korpusyny esaslandyryjy Neplýuýewiň gyzy bolan çepiksije aýaly hem üç
1
G. A. Ýançeweskiý (1846-1903) ― grek nusgawy şahyrlarynyň terjimeçisi (şonuň üçinem, «gomerçi»
diýilýärdi), mugallym, «Gimnaziýa», «Pedagogiçeskiý ýeženedelnik» žurnallarynyň, «Rewelskiýe izwestiýa»
gazetiniň, pedagogika hem Gadymy Gresiýanyň şygryýeti boýunça köp işleriň neşir edijisi, redaktory.
gyzy Ashabada gelipdir. Gazetleriň berýän habarlaryndan çen tutsaň, onuň
iki uly gyzy Peterburgda at münmekde özlerini tanadypdyr.
Üç uýanyň iň ulusy, gaty kän ýigitleriň erkini elinden alan Ýelena iňlis
tohumyndan bolan atyna münüp, şäheriň golaýyndaky tekiz meýdanda ýeke
özi gezelenç etmegi halaýardy. Ol kyn päsgelçiliklerdenem batyrgaýlyk
bilen atyny bökdürip geçmegi başarýardy.
«Ýyldyzjyk» atlandyrylýan ikinji uýa fransuz ofiserine durmuşa çykany üçin
Fransiýada ýaşaýardy. Ol bu ýere kakasynyň ýanyna görme-görşe
gaýdypdyr. Iň kiçileri Muma pianinoçy hökmünde tanalypdyr. Mundan
başga-da, ol nirä barsa, fotoapparatyny ýanyndan goýmaýardy.
Ýene-de Ussakowskiniň täze ştab başlygy general Neýelew öz spirit1 bilen
meşgullanýan aýalyny alyp, Ashabada gelipdir. Onuň aýaly bada-bat spiritik
seanslary guramaga girişip, şol wagtnysak bolan bu tomaşa şäher
«jemgyýetçiligini-de» gyzyklandyrdy.
Beýleki bir, has çynlakaý häsiýetli waka ― 1903- nji ýylyň maýynda
Ashabada milliarder-filantrop Karneginiň ylmy institutynyň geologiýaarheologiýa boýunça amerikan ylmy-barlag toparynyň gelmegi boldy.
«Ashabat» gazeti şol wagtda «...topar ýer işleri hem döwlet emlägi
ministrliginiň gönükdirmesi bilen Köpetdagy, Howdany, Haýdarabady,
Garşyny hem Termezi... ylmy taýdan derňemek üçin geldi. ABŞ-nyň
ilçisiniň haýyşy boýunça, Baş dolandyryş merkezi gazuw-agtaryş işlerini
geçirmegi hem arheologik gymmatlyklary alyp gitmegi gadagan etmek bilen,
topara gaýry zerur goldawyň berilmegini towakga edýär» diýip ýazdy.
1
Spirit ― ölenleriň ruhy bilen habarlaşyp bolýar diýen ýalan dini ynam (terjimeçiniň belligi).
Ylmy topara ýany bilen ýetişen oglunam alyp gelen Rafail Pompelli
baştutanlyk edýärdi. Toparyň gelmeginiň hakyky maksadynyň nebitiň ýa-da
başga bir gazylyp alynýan peýdaly magdanyň gözlegi bilen bagly bolaýmagy
gaty mümkindi.
General Ussakowskiý amerikalylary diýseň hoşniýetli kabul edip, islendik
zerur kömegi bermäge boýun boldy. Maňa bolsa, iňlis dilini bilýänim üçin,
toparyň ýanynda bolmagy tabşyrdy.
Pompelli ýaş wagtynda bir ylmy topar bilen Sibirde bolandygyny, onuň
özünde «ýakymly ýatlamalar» galdyrandygyny, şonuň üçinem, «ýene-de
Russiýa gaýtmak meýliniň dörändigini» gürrüň berdi.
Toparyň ylmy ýolbaşçysy hem Pompelliniň sag goly professor Dewisdi.
Belli amerikan alymy Dewisiň geologiýa boýunça ýazan düýpli gollanmasy
şol wagtBirleşen Ştatlaryň ähli uniwersitetlerinde okadylýardy. Ol
Köpetdagda aýlanyp, soňra öz synlan zatlary baradaky nutugyny, dag
jynslarynyň kartasyny, dagyň kesik şekilini hem Köpetdagyň geologik
gurluşyny beýan edýän materiallary Ussakowskä görkezdi.
Ýaş geolog Elswors Hentington1 Dewisiň kömekçisidi. Ol soňTibete,
Palmiranyň harabalyklaryna, Kiçi Aziýa syýahat edip, weýran bolan hem
çäge basan birnäçe şäheri açdy. Bular hem beýleki ençeme syýahatlary, ylmy
derňewleri oňa şöhrat getirdi.
1
Elswors Hentington (1876-1947) ― geografiýaçy, taryhçy hem syýahatçy. Klimatyň siwilizasiýa
bilen baglanyşygy baradaky nazaryýetiň, Ýakyn Gündogar, Orta hem Orta Aziýa, Merkezi
Amerika boýunça köpsanly ylmy işleriň ýazary. ABŞ-nyň Ýel şäherindäki hem beýleki
uniwersitetleriniň professory.
Ol agasynyň Stambulda gulluk edenini gürrüň berdi. Elswors onuň
ýanynda ýaşap, başlangyç bilimi Türkiýedäki missionerleri taýýarlaýan
amerikan hünärmentçilik mekdebinde, Wan kölüniň golaýynda ýerleşýän
ermeni
kilisesinde
alypdyr. Agasy şol
wagttürkleriň has
gurply
maşgalalarynyň çagalaryny terbiýeleýän amerikan «Robert-Kolležiniň»
müdiri eken.
Elswors hünärmentçilik mekdebini tamamlasa-da, missionerlik işinden
ýüz öwürýär. Amerika dolanyp baranyndan soň, garyplykda güzeran geçirip,
demir ýol gurmak bilen meşgullanýan bir firmada gulluk edýär. Uniwersitete
girmäge taýynlanyp başlaýar. Okuwa gireninden soň, ylymlaryň ýörite
sapaklaryny tapawutlanmak bilen geçip, öz başarnygy hem geologiýa
boýunça täsin işleri arkaly öňe saýlanýar.
Mekdepde okan wagtynda ermeni dilini gowy öwrenmegi oňa geljekki
syýahatlarynda kän kömek edýär. Dünýäniň ähli ýerinde gabat gelýän
ermeniler kyn pursatlarda onuň dadyna ýetişipdirler.
Ýelena Ussakowskaýa bilen ilkinji duşuşykdan soň, Elswors ony jan-dilden
söýüpdir. Ol maňa Ýelenada öz geljekki aýalynyň keşbini görendigini, oňa
öýlenip biläýse, özüni bagtyýar saýjakdygyny, ýöne entek bu hakda dil
ýarmaga çekinýändigini gürrüň berdi. Galyberse-de, özüniň «entek
garypdygyndan» zeýrendi.
Pompelliniň toparynda ýene tanymal professor, italýan arheology bardy. Ol
ýarym haraba bolup duran Änew metjidiniň beýikligi on-on bäş metrlik
depesini görkezip, ol ýerden gaty täsin gadymy zatlary tapyp boljakdygyny
aýtdy.
Topar tizden gidip, 1904-nji ýylyň başynda ýene geldi-de, Änewiň ýanynda
gazuw-agtaryş işlerine başlady.
Bu barada «Zakaspiýskoýe obozreniýe» gazeti şeýle ýazdy:
«Demirgazyk amerikaly Pompellä 1904-nji ýylyň dowamynda Zakaspi
oblastynda gazuw-agtaryş işlerini geçirmäge ygtyýar berildi... Gözegçilik
etmek, tapylan zatlaryň sanawyny düzmek, gorag astyna almak üçin
professor W. W. Bartold hem onuň ýoldaşlary topara berkidildi... Tapylan
zatlaryň ählisi Russiýada galdyrylmaly. Pompellä olary beýan etmäge, ýazga
geçirmäge hem Änewdäki gazuw-agtaryşlary baradaky işini neşir etdirmäge
rugsat edilýär».
Depeleriň birnäçesiniň ortasyndan çuň sekiler geçirilip, arheologlaryň ähli
ünsi şolary jikme-jik öwrenmäge gönükdi. Olar dürli eýýamlaryň birnäçe
gatlagyny hem adamzadyň juda gadymy döwrüne degişli mazary tapdylar.
«Amerikan geology R. Pompelli Änew galasynyň harabalaryndan tapan,
öýde ulanylýan gap-gaçlaryň, iň gadymy gurallaryň baý toplumyny oblast
muzeýine sowgat berdi» diýip, «Ashabat» gazeti ýazdy.
Pompelliniň bu gazuw-agtaryşlary Orta Aziýanyň taryhyny öwrenmäge
täze goşant boldy. Karnegi instituty toparyň hasabatyny diýseň owadan
kitap görnüşinde neşir etdi. Ýöne men şol wagt şu açyşy (soňra akademik
bolan W. W. Bartoldyň gatnaşmagynda) biz, ruslaryň däl-de,
amerikalylaryň edenine öz ýanymdan kemsindim.
2. «Ähli zat öz boýnuma»
Elswors Hentington ikimiz ýaşyt diýen ýalydyk. Alan bilimimiziň
derejesem, ugram meňzeşdi. Ikimizem sallahdyk. Durmuşda öz ornumyzy
tapmaga ýaňy girişipdik. Ikimizi tiz ýakynlaşdyran zat ― syýahat etmäge
teşneligimiz bilen baglanyşyklydy. Biz bilelikde Eýranyň merkezindäki ägirt
uly duzly çöli kesip geçip, Eýrany hem Owganystany aýlanyp, pars-owgan
serhedini ýakalap, Hindistana ýetmek kararyna geldik.
Men Orta Aziýa gelip, syýahata başlan ilkinji günlerimden ýüregime
düwen bu matlabymy durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp ugradym.
Londonda mahalym, soň Peterburgda hem Ashabatda men syýahat edesim
gelýän ýurtlarymy öwrenmäge başladym. Ýygnan materiallarym esasynda
men şol wagtlar Owganystan hakynda birnäçe makala ýazdym. Olar
«Ashabad» hem Peterburgdaky «Nowoýe wremýa» gazetlerinde çap edildi.
General Subotiçiň Uzak Gündogara ugramazynyň öň ýanynda, 1902-nji
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aziýanyň mawy alyslyklary - 5
  • Parts
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 1
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2094
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 2
    Total number of words is 3431
    Total number of unique words is 2125
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 3
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2265
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 4
    Total number of words is 3530
    Total number of unique words is 2226
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 5
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2218
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 6
    Total number of words is 3028
    Total number of unique words is 1926
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.