Latin

Aziýanyň mawy alyslyklary - 2

Total number of words is 3431
Total number of unique words is 2125
29.4 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
baradaky ençeme kitabyň ýazary, Ashabatda köpden bäri ýaşaýan
K.M.Fýodorowdy. Gazetde resmi buýruklar hem onuň büjetiniň girdejili
bölegini tutýan pully bildirişler çap edilýärdi.
Özara
gürrüňdeşlikleriň
birinde
Fýodorow
talyp
ýyllarynda
N.G.Çernişewskiniň kätibi bolandygyny, şol sebäplem sürgün edilip,
Ashabada düşendigini ýaňzytdy.
Menem gelşimden Orta Aziýany, Türkmenistany hem beýleki araçäkdeş
ýurtlary öwrenmäge, olar hakynda özümde galan täsirleri — oçerkler,
makalalardyr hekaýalar ýazmaga girişdim. Ýazanlarym ýerli gazetleriň
ikisinde-de, şeýle hem Peterburg metbugatynda çap edilýärdi.
«Ashabat» meniň ýazanlarymy göwünjeň çykarýardy. «Zakaspiýskoýe
obozreniýe» başda çap edip ugranam bolsa, soň özara agzalalyk täsir etdiminämemi, meniň bilen arany kesdi. Iň ýamanam, çykarmanynyň üstesine, ol
gazetde men barada gaharly makalalar peýda bolup ugrady.
Men şäher kitaphanasyna, muzeýe barýardym. Zakaspi ülkesini
öwrenijileriň,
gündogarşynaslaryň
hem
arheologlaryň
jemgyýetiniň
agzalarynyň ýygnagyna gatnaşýardym. Aýratynam türkmenler bilen dostluk
açmaga çalyşýardym, türkmen dilini öwrenip, obalarda bolan wagtym ýerli
adamlar bilen gürrüňleşýärdim.
II. ZAKASPINIŇ ÇET-GYRALARY
1. «General — raketa»
Zakaspi oblastynyň başlygy hem Ikinji Türküstan korpusynyň baş
ştabynyň general-leýtenanty Dean Subotiçi onuň bilen bile işleýänler
«general-raketa» diýip atlandyrýardylar. Bu lakam oňa adatdan daşary
gyzmalygy hem islendik işde okgunly hereketleri üçin dakylypdy.
Subotiç duýdansyz ýagdaýda barlag geçirmäge ugrardy, öz buýruklaryny
ýerine ýetirmän, ilaty ezýän ýa-da gulluk borjy pes adamlara zor salyp,
baýlyk toplaýan pristawlaryň üstünden düşäýdigi rehimsiz jezalandyrardy.
General örän çakgan, agajet, orta boýly, saçy çuw ak, sakgaly gara, gözleri
ýanyp duran, elli ýaşly görmegeý adamdy.
Ashabada gelen günümiň ertesi men mundirimi geýip, gylyjymy dakyndymda,
Subotiç
bilen
tanyşmaga
ugradym.
Oblastyň
başlygynyň
diwanhanasynyň ýerleşen bir gatdan ybarat ak jaýy şäheriň beýleki
jaýlaryndan haýbatly gurluşy, göwrümi hem öňündäki aýmançada Gökdepe
galasy alnan wagtynda gurban bolan rus esgerlerine dikeldilen ýadygärligi
bilen tapawutlanýardy.
Girelgäniň agzynda söm duran sakçy kazaklaryň deňinden geçip, generalyň
kabulhanasyna girdim. Ol ýerde öz nobatyna garaşyp oturanlar kändi. Tas
hemmesi diýen ýaly ofiserler hem harby emeldarlardy. Generalyň nirä gitse
ýanyndan goýmaýan şahsy kömekçisi rotmistr Ştapelberg meni özüne
mahsus
mylaýymlyk
bilen
dostlarça
garşylady.
Biziň
ýoldaşlyk
gatnaşyklarymyz soňam köp ýyllap dowam etdi.
Subotiç biraz wagtdan soň iş otagyndan çykdy-da, garaşyp duranlaryň hersi
bilen ýeke-ýekeden elleşdi. Soňam olaryň käbirini ugradyp, beýlekilerini
gezek-gezegine kabul etmäge başlady.
Haçanda nobatym ýetende, general ýiti gözlerini birsalym maňa dikdi-de,
egnime çalaja kakyp, özi bilen alyp gitdi. Onuň iş otagynda meni haýran
galdyran zat — Pekiniň imperatorynyň köşgünden ýa-da Mukdenden harby
olja hökmünde getirilen, gabarasy adam boýundanam ep-esli uly hytaý farfor
güldany boldy.
Subotiç maňa şeýle diýdi: «Meniň daşary ýurt hem gündogar halklarynyň
dillerini örän gowy bilýän dilmaç emeldarym bardy. Häzir ol demini sanap
ýatyrmyş... Men siziň edil şol dilmajym ýaly gündogar dillerini, ilkinji
nobatda bolsa türkmen dilini öwrenmegiňizi hem nirä gitsem, ýanymda
bolmagyňyzy isleýärin. Biz ýakyn günlerde Zakaspi oblastyna aýlanmaga
ugraýarys. Sizem meniň bilen gidersiňiz.
Doganyňyzyň aýtmagyna görä, siz edebiýaty söýýärmişiňiz. Diňe bir
gündogar halklarynyň dillerini öwrenmek bilen çäklenmän, olaryň ýüregine
düşünjek boluň. Olar hakda eserler döredip, ýewropalylaryň köpüsine
düşnüksiz bolan «Gündogar dünýäsini» açyp görkezmäge çalşyň...
Wagt diýeniň örän tiz geçýär, ony eşrepi ýaly tutmagy öwreniň. Mesliginden
aýňalman, kalbam, jübüsem boş gidýän ýaşlar az däl!.. Men size ýurtda
syýahat etmäge mümkinçilik dörederin. Näçe diýseň iş tapylar... Aýalym
Olimpiýa Iwanowna sizi biz bilen ertirlik naharyna çagyrýar. Şol ýerde
Angliýa syýahatyňyzdan galan täsirler barada gürrüň berersiňiz...»
Nahar wagtynda Olimpiýa Iwanowna meniň bu ýere nähili gelenim, nirede
ýerleşenim bilen gyzyklandy, bag-bakjaly aýratyn kiçijik jaýa geçmegimi
maslahat berdi. Oblastyň başlygynyň diwanhanasynda işleýän emeldarlar
üçin hökümetiň özi şonuň ýaly jaýjagazlary aňsat hem arzan nyrhdan tapyp
berýärdi. Bahym menem şeýle jaýlaryň birine geçdim.
2. «Ak ajal»
1902-nji ýylyň mart aýynyň başynda general Subotiç öz diwanhanasynyň
işgärleriniň bir topary bilen Hazar deňziniň kenarlaryna barlaga ugranda,
menem onuň ýanyna goşuldym. Biziň ýolumyz ilki Krasnowodskä, ol
ýerdenem Çeleken adasyna, soň bolsa «Nobel doganlarynyň» hem
Katkowyň nebit kärhanalarynyň gurulýan beýleki adalaryna tarapdy.
Biziň ýola düşmegimize deňiz ýakasynda ýaşaýan heýwere keselli
türkmenleriň agyr ýagdaýy sebäp bolupdy. Olar özlerini bejermäge, iýmit
bilen üpjün etmäge wada berlen-de bolsa, häzire çenlem onuň yzynyň
gelmeýändigi, açlykdan hem keselden ölýändikleri barada arz edipdirler.
Nebit kärhanalarynyň eýeleri hem heýwere kesellileriň ykbaly bilen
gyzyklanylmagyny haýyş edýärdiler. Sebäbi kärhanalardaky gara işçilerem,
tehniki işgärlerem golaýda heýwere kesellileriň bardygyny duýan batlaryna
özlerine-de ýokuşyp, aýylganç «ak ajala» sezewar bolmazlyk üçin işi taşlap
gaçýarmyşlar. Işiň togtamagy bilen uly zyýan çekilýäni üçin Nobeller
heýwere kesellileri bejerer ýaly hassahanalaryň gurluşygyna kän pul
goýbermäge söz beripdirler.
Ählimizi Nobellere degişli, ýöne o diýen gabat gelmese-de, nämüçindir
beýik golland akyldary Spinozanyň ady dakylan ullakan ýük hem ýolagçy
daşaýan gämi alyp ugrady. Kenara biziň münen gämimiziň ýany bilen ýüzüp
gelen, bug bilen işleýän «Meridian» kate-ri bilen bardyk.
Eýýäm nebit wyşkalarynyň tokaýy dörän Çelekene baranymyzda,
Subotiçi uly dabara bilen garşyladylar.
Mahal-mahal göwsünden uşajyk ýagyş sepeleýän çal bulutlar kä
ýerlerinde topbak ösümlikler ösen, şor kölçeleri ýaldyraşyp görünýän
birmeňzeş tekiz düzlügiň depesine gerlip durdy.
Eginleri gyrmyzy donly, başlary burmalary seçelenip duran gara silkme
telpekli çakgan türkmen ýigitleri gapdalymyzdan atlaryny ýüzin salyp,
töwerekdäki görnüşe aýratyn röwüş berýärdiler.
Nebit kärhanalaryny aýlanyp gören Subotiç ilki demirgazyk tarapda
ýerleşen Kertýaka, soň bolsa günortadaky Garagöl obalaryna bardy. Bu
obanyň adamlary duz döwmek, balyk tutmak, nebit almak hem dagdan mum
tüpeňlemek ýaly işler bilen meşgullanýan eken. Obanyň söwda edýän ýeri
bolan Eýranda erkin gezişip ýa-da köçelerde el serşip oturan heýwere keselli
adamlaryň köp bolany sebäpli, bu dert kem-kemden olaryň arasyna-da
aralaşypdyr.
Oba barýan ýol ürgün çägeleriň üsti bilen uzalyp gidýärdi. Sag tarapda
nebit wyşkalarynyň hatary görünýärdi. Deňziň kenarynda bolsa türkmenleriň
gara öýleri uzyn syrgyn bolup ýerleşipdir. Bu ýerde-de generaly dabaraly
garşylamaga taýynlyk görlüpdir.
Ýoluň ýüz sajyn1 aralygyna haly düşelip, üstündenem owadan nagyşlar
salnan keçeler ýazylypdyr.
Türkmenleriň bir topary obanyň çetinde myhmanlara garaşyp durdy. Eginleri
gymmatbahaly parçadan tikilen donly, döşleri medally aksakgallaryň elleri
duz-çöreklidi. Gara öýleriň aňyrsyndan goltuklary çagaly, boýunlary kümüş
şaý-sepli, goşarlary bilezikli, uzyn gyzyl köýnekli garaýagyz türkmen
aýallary ýüzlerini ýaglyk bilen ýapyp, ogryn seredişýärdiler.
Türkmenler Subotiçiň daşyny gallap, dilmaç Efendiýewiň üsti bilen öz
arzlaryny düşündirdiler. Heýwere kesellileri başga ýere äkitmek baradaky
teklibe olar kes-kelläm garşydy. «Bu betbagt bendeler häzir nähilem bolsa
öz obalarynda ýaşap, dogan-garyndaşlarynyň sesini eşidip ýörensoňlar,
dertleri ýeňlän ýaly bolýar. Ilen-çalanlaryndan jyda düşürip, alysdaky ada
taşlansa, olar hasratdan öler, bizem bärde arkaýyn ýaşap bilmeris...»
Subotiç heýwere kesellileriň ýaşaýan gara öýlerine tarap ugrady. Obanyň
ýüz metr çemesi çetindäki açyk meýdanda içinde janly-jemende ýaşaýana
meňzemeýän, halys çagşan bir gara öý gyşaryp durdy. Ondan çykan tutuk
keşpli ýaş türkmeniň geýim-gejimi beýleki obadaşlarynyňky ýalam bolsa,
ýüzüne welin sereder ýaly däldi. Onda ne gaş bardy, ne-de kirpik.
1
Sajyn (sažen) ― 2,13 metre barabar rus uzynlyk ölçegi (terjimeçiniň belligi).
Maňlaýynda ullakan çişler dürterilişip durdy, çişen gögümtil burny durşuna
gabarçaklar bilen örtülendi. Ol ýaşaýşyň nury öçen gözlerini bize aýlady-da,
beýlesine öwrüldi.
Soňra öýden garry türkmen aýaly çykdy. Ol ýaňky oglanyň ejesi eken.
General Subotiç ol aýal bilen birsalym gürleşdi. Garry ondan ogluny
heýwere kesellileriň eltilýän adasyna ibermezliklerini haýyş etdi, özem ol
ýere gitmekden ýüz dönderdi. Ogly ýagşydan-ýamandan dil ýarman oňdy.
Soňra Subotiç Çelekenden Zakaspidäki heýwere kesellileriň köpüsiniň
üýşen ýeri bolan Ogurjaly adasyna hem beýleki birnäçe ýerlere baryp gördi.
Ýaşaýjylary bilen tanşyp, özara söhbetdeş boldy.
Onuň ýany bilen ýörite giden lukman N.W.Bogoýawlenskiý generala
lukmançylyga degişli meselelerde maslahatlar berýärdi. Soňra Moskwa
uniwersitetiniň professory bolan ol lukman heýwere keselini öwrenip, bu
derde ýolugan türkmenleriň ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda köp işler
etdi.
Dag inženeri Maýewskiniň hem geolog Iwanowyň gözlegleri netijesinde
heýwere kesellileri beýleki adamlardan üzňelikde bejerer ýaly hassahanalar
gurup boljak adalar gözlenip tapyldy.
Zakaspiniň «Gyzyl Ýarym Aý» jemgyýetiniň başlygy Olimpiýa Iwanowna
bütin oblastda heýwere kesellilere kömek üçin serişde ýygnamagy gurady.
Ashabatda, Maryda hem beýleki birnäçe şäherlerde sahna oýunlary
görkezilip, bazarlar guralyp, olardan düşen girdeji näsaglar üçin
hassahanalar salmaga sarp edildi.
Toplanan puluň bir bölegine agyr derde uçranlara geýim, ýorgan-düşek, gapçanak hem iýmit alyndy. Olary derman-däri bilen üpjün etmek, bejerişi ýola
goýmak işlerini Krasnowodskiniň uýezd lukmany amala aşyrdy. Soňra
ondan birnäçe hassahananyň gurlandygy, «ak ajala» ýoluganlaryň
ýagdaýynyň birneme gowulaşandygy barada habar gowuşdy.
3. Eýran serhedini ýakalap
General Subotiç Ogurjaly adasyndan «Spinoza» gämisine münüp, Eýran
serhedinde ýerleşýän harby oba çalym edýän kiçijik Çekişler şäherjigine
tarap ýola düşdi. Onuň golaýynda millioner Lionozowyň ullakan balyk
kärhanasy ýerleşýärdi.
Çekişlerde Subotiç toplary öz durmaly ýerlerinde däl-de, oýda saklaýany,
töwerekleýin goranyşyň ýaramaz guralany üçin ýerli serhet saklawynyň
otrýad serkerdesiniň üstüne nagarasyny döwdi. General ýeňil meýdan
ýaraglary bolan toplaryň gizlenip goýulman, töweregi oka tutmaga çemli
bolmalydygyny düşündirdi, töwerekleýin goranyşy nähili guramalydygyny
iş ýüzünde görkezdi.
Soňra ol serhet saklawynyň serkerdesiniň ugratmagynda kä paýtunly, kä
atly serhedi ýakalap gidýän, baryp Skobelew döwründe gurlan harby ýola
düşüp ugrady.
Bir ýerde ― Eýran bilen edil serhetde Subotiçi türkmen atlylarynyň kiçijik
topary garşylady. Olar atdan düşüp, rus «Ýarym patyşasyna» salam berdiler.
Ol topar ― serhet ýakasyndaky türkmen taýpasynyň belli baştutany Satlyk
han hem onuň janpenalarydy. Ol hemişe Eýranda ýaşap, rus Zakaspisinde
ýaşaýan türkmenleriň üstüne çapawullyk edýärdi, alan ýesirleriniň elaýaklaryny zynjyrlap, öz taýpasyndan bolan çomry türkmenleriň ýerlerini
suwarar ýaly ýap gazmaga mejbur edýärdi.
Subotiç
Satlyk
han
bilen
hoşamaý
gürleşdi. Ýöne
generalyň
ýanyndakylaryň ählisi: «Mekirlikde ýakasyny tanadan Satlyk handan her hili
duýdansyz çozuşa garaşaýmaly. Onuň goşuny golaýdaky depäniň aňyrsynda
häzir bolup durandyr» diýip howsala düşýärdiler. Generalyň janpenalary
bary-ýogy on-on iki sany atly kazakdan ybaratdy.
Uzyn boýly, inçe, çakgan hereketli Satlyk han özüniň ak patyşa duşman
däldigini, onuň generalyna hormat goýýanyny bildirmek hem eýran
türkmenlerine gol ýapmagyny haýyş etmek üçin ýörite gelendigini
tekrarlaýardy...
Subotiç şol wagt Satlyk hanyň bu haýyşyna seredip görmäge söz berdi.
Biraz wagt geçensoňam Eýrana ýörite topar ugradyp, ol ýerdäki
türkmenleriň şikaýatlaryny derňemegi tabşyrdy.
Bu duşuşykdan soň general ýanynyň saklawy bilen serhedi ýakalap ýola
düşdi. Bizem arabakeş esger bilen olaryň yzyna düşdük. Kiçijik arabaly gidip
barşymyza ep-esli yza galdyk.
Ýol derýajygyň kenary bilen egri-bugry bolup uzalyp gidýärdi. Men ýoluň
bir bölegini gysgaltmak üçin gönüläp gitmegi makul bildim.
Bir ýerde gyrymsy çöp-çalamlar basan kölçejikde ululy-kiçili daşlaryň
arasynda adam boýy bolup dikelen ullakan ýylana gözüm düşdi. Inçejik
haçja dilini tiz-tizden çykaryp owsun atyp duran ol nägehan bilen aramyz on
ädimden kän däldi.
Men butnaman doňup durşuma öz owadan gylyjymyň bu äpet kepjebaş bilen
söweşe ýaramajakdygy barada oýlandym. Beýle ýagdaýda häzirki
bolşumyzyň samsyk batyrlykdan gowudygyna düşünýärdim.
Göwnüme bolmasa, sagada dönen birnäçe minutdan soň, ýaňky ýylan edil
ýüp gaçan ýaly ýuwaşja ses bilen ýere ýazyldy-da, haýdan-haý daşlaşyp
ugrady. Eňip barşyna ol üç gezek ösgün otlardyr daşlaryň arasyndan kellesini
galdyryp, meniň näme edýänimi synlady-da, bahym gözden ýitip gitdi...
Tizden Subotiçiň yzyndan ýetip, otrýada goşuldyk. Biz iki hepdä golaý ýolda
bolup, Gyzylarbadyň üsti bilen yzymyza dolanyp geldik.
Biraz wagt geçensoň general Subotiç maňa şeýle diýdi: «Ýylan bilen
duşuşygyňyz
baradaky
gürrüňiňizi
siziň
şahyrana
toslamaňyzdyr
öýdüpdim... Şu gün siziň bolan ýeriňiziň golaýyndaky serhet galasyndan bir
habar goşuldy... Serhetçiler uzynlygy bir sajyna barabar ägirt uly kepjebaşy
öldüripdirler! Bahym oň hamyny biz Ashabadyň şäher muzeýinde göreris...»
Meniň gezelenjimiziň ugry, ýol ugrunda gabat gelen oba-şäherleriň ilatynyň
köp sanly arza-şikaýatlarydyr haýyşlary, general Subotiçiň olar bilen
baglylykda beren zerur görkezmeleri beýan edilýän «Zakaspi oblastynyň
başlygynyň 1902-nji ýylyň 9-yndan 19-njy marty aralygyndaky gezelenjiniň
ýol ýazgylarymy» Ashabadyň gazetleri çap etdi.
Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistan baradaky habarlarymy Peterburgyň
metbugatyna hem «Rewelskiýe izwetiýa» ― kakama iberýärdim.
4. Ashabat durmuşynyň sahnalary
General Subotiçiň ýany bilen ilkinji gezek gidenimden sähel wagt soň, entek
Gitar hanymyň myhmanhanasynda ýaşaýan wagtymda meniň durmuşymda
Ashabadyň şol mahalky jemgyýetçiliginiň ahlagy üçin häsiýetli bolan
wakalaryň birnäçesi bolup geçdi.
Bir gezek gijäniň bimahal çagy gapynyň batly kakylmasyna oýandym. Yz
ýanyndanam üç sany ýaş ermeni içerik kürsäp girdi. Olaryň biriniň ― eli
ullakan rewolwerlisiniň ýarag dükanynyň eýesi Awanesowdygyny tanadym.
Beýleki iki nätanyş otagymyň burçlaryny barlamaga, krowatyň aşagyny
sermemäge başlady. Ahyram: «Hiç kim ýok!..» diýip, Awanesowyň
gulagyna gussaly pyşyrdadylar.
Görüp otursam, Awanesow bütin şäheri aýlanyp, özünden gaçyp giden
fransuz zenany Marini gözleýän eken. «Gelmişek, ýaş sallahyňkyda
bolaýmasyn» diýen şübhe bilen meniň otagyma gelipdirler.
Ötünç soramagyň hem ýaraşmagyň alamaty hökmünde Awanesow öz
«Smit-i-wessen» kysymly rewolwerini maňa sowgat berdi. Indiki hepdede
Italmaz atly türkmen atyny satyn aljak bolanymda ýaňky rewolwer
garaşylmadyk ýagdaýda derdime ýarady duruberdi. Atyň eýesi türkmene
ullakan «altataram» üste beremsoň, çökder nyrh kesip duran atynyň
bahasyndan ep-esli kemäýdi!
Başga bir gezek agşamara biz Mergen aga bilen harbylaryň meýlisine
girdik. Ol ýerden (näbelli) serhet saklawynyň ştabs-kapitany çem gelen
ofiserlerdir beýleki tanyşlaryny ýygnap, keýp çekýär eken. Şatlyk-şagalaň
näçe diýseň gyzypdyr!
«Etregiň aşak başlarynda ol Hywa hany üçin gadagan harytlary alyp
barýan uçursyz baý kerweniň yzyndan kowup ýetip, esli mahal atyşandan
soň ony ele salypdyr... Bu işi üçin ştabs-kapitan elli müň manat dagy alar.
Häzirem şol geljekki baýlygynyň hasabyna tarhandökerlik edip oturyşy!..»
diýip, ofiserler gürrüň edýärdiler.
Ştabs-kapitan Mergen agany öz gapdalynda oturdyp, maňa-da stoluň o
çetinde üýşüp oturan ýaş ofiserleriň arasynda orun görkezdi.
Onuň bu bolşuny halamanym üçin men tamada her gezek bada teklip etsede, hiç zat içmän, diňe dodagymy degirmek bilen çäklendim.
Mazaly serhoş bolan ştabs-kapitan meniň bolşumy gördi-de, gödek ýaňsy
bilen çetime degäýjek her hili sözler aýtdy. Ornumyň bu ýeri däl-de,
«Tigirçileriň jemgyýetidigini» ýaňzytdy.
Onuň sözlerini eşiden serkerdeler maňa tarap seredişip gülüşdiler. Men
howlukman ýerimden turdum-da, ýigrimi bäş manady stoluň üstüne
taşladym. Yzyndanam ştabs-kapitana dilini sala goýbereni üçin bir oka
tabşyrjagymy aýdyp, hoşlaşman çykyp gitdim.
Bu çaknyşygyň soňy tas ýekme-ýek tutluşyk bilen gutarypdy.
Harbylaryň meýlisinde Mergen aga işi ula ýazdyrman, üstüni basyranam
bolsa şol günüň ertesi general Subotiç suwumyza degmek üçin ştabs-kapitan
ikimizi ýanyna çagyrdy.
Şol gezek ol maňa şeýle diýdi:
― Men siziň her hili bolgusyz üýşmeleňlere baryp, gerekmez, samsyk
sene-menelere baş goşup ýörmän, edebiýat hem ylmy derňewler bilen
meşgullanmagyňyzy isleýän. Mundan beýläk size tejribesiz, hiç zat
başarmaýan adam hökmünde barmak çommaltmazlary ýaly, jogapkärli
tabşyryk bermekçi...
Siz kerwen ýoly bilen Ashabatdan Hywa çenli gidip, soňam yzyňyza
gaýdarsyňyz. Gören zatlaryňyz, goýunlaryň ýagdaýy, geçen ýoluňyzdan
kerweniň gatnaýşy barada hasabat ýazarsyňyz. Hywada özüňizi hüşgär alyp
baryň, han bilen duşuşjak boluň. Gepiň gerdişine görä, soňky wagtda artan
talaňçylyk hakynda-da ýaňzydyň. Geň zat: köne talaňçy bu barada näme
diýerkä?..
Subotiçiň döwründe-de, soňam her ýyl Peterburga gidýän hem tomsuň
yssysyny Krymda geçirýän Buhara emiriniň ýoly birnäçe gezek Ashabadyň
üstünden düşdi.
Subotiç onuň şanyna dabaraly kabul edişlik guramaga buýruk berdi.
Oblastyň başlygynyň jaýynyň iki zalynda üsti güllerden, dürli-dümen
naharlardan hem del içgilerden doly iki sany uzyn stol goýuldy.
Uzyn boýly, diýseň äpet görnüşli, egni altyn sapaklar bilen nagyşlanan parça
donly, general-adýutant nyşanly, almaz aksklbantly1 döşüne köp sanly rus
ordenleridir ýyldyzlaryny dakylan emir ýanyndaky bir topar köşk
emeldarlary bilen ýuwaşja ýöräp, stollara syn edip geçdi-de, ähli tagamlaryň
içinden diňe bir salkym üzüme elini uzatdy.
Özüne edilen bu hormatdan diýseň hoş bolan emir soňra general Subotiçiň
hödürlemegi bilen, oblastyň başlygynyň käbir işgärlerini Buhara ordenleri
bilen sylaglady.
Şol
wagtky
ýagdaýynda
alanyňda
emiriň
ordenleriniň
gymmaty
ruslaryňkydan pesdi. Ýöne görnüşi welin, juda haýbatlydy.
Paýtagt şäher Buharanyň şeýle ordenleriniň biri biraz soňrak maňa-da
gowuşdy. Köp sanly tylla şöhleli ullakan ýyldyz görnüşindäki ol ordeniň
ortasyndaky gök syrçanyň ýüzüne altyn harplar bilan arapça hat ýazylandy.
Art etegi uzyn gara baýdagyň ep-esli ýerini tutup, lowurdap duran bu orden
heniz görmedik adamlarda üýtgeşik bir täsir galdyrýardy.
5. Subotiçiň wezipesiniň soňy
1
Aksklbant ― daşary ýurtlarda käbir harby derejeleriň mundiriniň üstünden dakylýan bag, gotazly ýüp
(terjimeçiniň belligi).
General Subotiç Zakaspi oblastynyň başlygy wezipesinde bary-ýogy bir
ýarym ýyl oturdy.
1902-nji ýylyň awgustynda ol oblast muzeýiniň hem kitaphananyň täze
jaýlarynyň gurluşygynyň ilkinji kerpijini goýdy. Yzýanyndanam ol
Peterburga çagyrylyp, Priamurskiniň general-gubernatory wezipesine
bellenmegi bilen, Habarowskä ugrady. Ol özüne has golaý hasaplaýan
ofiserleridir emeldarlarynyň birnäçesini ýanyna aldy.
Men Ashabatda öňki gullugymda galdym. Ýöne general Subotiç bilen soňam
dürli ýagdaýlarda birnäçe gezek duşuşmak miýesser etdi: bir gezek rusýapon urşy ýyllarynda Uzak Gündogarda, ýene bir gezegem uruş
gutaranyndan soň, Daşkentde ilaty täze ýere göçürmek müdirliginde işläp
ýörkäm gabat geldim.
Subotiçiň ýerine haýal etmän Baş ştabyň general-leýtenanty Ýewgeniý
Ýewgenýewiç Ussakowskini ýolladylar. Şol wagta çenli Baş ştabyň
başlygynyň kömekçisi wezipesinde işläp Ussakowskiniň ýany bilen köp
sanly ofiserlerdir emeldarlaram geldi.
Täze başlyk bada-bat ähli ýere öz ynamdar adamlaryny belleşdirip, Subotiçe
golaý hasap edýänlerini bolsa gysyp çykarmaga başlady.
Oblastyň başlygynyň diwanhanasynyň öňki harby gullukçylaryny hem
emeldarlary ýygnan Ussakowskiý meni üns bereniňe degmeýän kiçijik
işgär hasap edip, juda sowuk-sala kabul etdi. Tiz wagtdan meniň alýan
aýlygymyň 150 manat bolandygyndan 100 manada gelmeginde gös-göni
şonuň eliniň bardygy görnüp durdy.
Indi men ýagdaýa görä diş gysyp, çydam edäýmesem, özüme geljekde hiç
hili gowulygyň garaşmaýanyny duýdum. Şeýle-de bolsa syýahat etmek, Orta
Aziýa bilen has ýakyndan tanyşmak barada kalbymda besläp ýören
arzuwlarymy amala aşyrmak üçin ozalky gullugymda galmagy ýüregime
düwdüm.
Tiz wagtdan Marganiýanyň kömegi arkaly Subotiçiň salgy beren,
özümiňem diýseň höwes edýän iş saparyma ― Garagum çölüniň içi bilen
Hywa gitmegime rugsat aldym.
General Subotiçiň wezipesiniň soňy hem döwlet işi bu ajaýyp adamyň
hakyky keşbini açyp görkezýändigi bilen gyzyklydyr.
Subotiç 1906-njy ýylda az wagtlyk Türkmenistanyň general-gubernatory
bolýar. Bu wezipä bellenip, Daşkende ugrajak bolup durka ol peterburgly
žurnalistlere şeýle diýipdir: «...Şu wagta çenli meni liberal hasapladylar.
Men hemişe jemgyýetçilik başlangyçlarynyň ählisine hoşniýetlilik bilen
garadym. Jemgyýetçilik işeňňirliginiň güýçlenmegine hatda goldawam
berdim. Özümiň metbugata garaýşym barada-da şeýle zatlary aýdyp biljek.
Şu zatlar üçin maňa «Gyzyllaryň adamy» diýibem gördüler...
Men ülkäni öz wyždanym boýunça, jemgyýetçilige açyk göwünden,
hoşniýetlilik hem çäkden çykmalara garşy durmak bilen edara ederin...»1
Şu aýdanlarynyň tassyklamasy hökmünde general Subotiç özüniň Orta
Aziýa gelmezinden ozal, entek 1905-nji ýylda bolan rewolýusion çykyşlar
üçin öç almakdan gaça durup, rewolýusion hereketiň esasy wekilleri bilen
gepleşik geçiripdir, polisiýa düzgünini ýumşatmaga girişipdir, tussag
edilenleri türmelerden çykaryp başlapdyr, rewolýusionerleriň garşysyna
goşun ulanmakdan ýüz dönderipdir, iş taşlan işçileriň wekilleri bilen hut özi
gürleşip, olaryň talaplaryny kanagatlandyrmaga synanyşypdyr.
1
«Torgowa-promyşlennaýa palata» gazeti, 14.01.1906, № 11.
Subotiç Samarkantda iş taşlan mugallymlary, Guşgudaky gozgalaňa
gatnaşan ofiserleri bendilikden boşadypdyr. Andijan gozgalaňy üçin iş
kesilenlere garaşýan özbekleriň bir topary, «Sredneaziatskýa žizn»,
«Russkiý Turkmenistan» hem beýleki ýerli gazetleriň redaktorlary babatdada şeýle çäreleri ulanypdyr. Öz generalynyň janyna kast eden esgere berlen
ölüm jezasyny ýatyrypdyr. Daşkendiň demir ýol ussahanalarynyň iş
taşlaýjylarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçiripdir. Ol Daşkent
türmesiniň başlyklaryny çalyşmak, olarda ýatan bendileriň ýagdaýlarynyň
ganymatlaşmagyna hemaýat etmek ýaly birnäçe çäreleri durmuşa
geçiripdir.
Ýöne ýerli ýokary harby hem raýat dolandyryş edarasy, feodal han-begler,
täjirler, Türkmenistanyň reaksion garaýyşly ofiserleri barha güýjeýän
rewolýusion
hereketlerden
gorkularyna
işçileriň
öz
hak-hukuklary
ugrundaky çykyşlaryna öz liberallygy bilen rehim etmän, goşunyň güýjüni
ulanyp, dessine basyp ýatyrmagyny talap edipdirler. Täze generalgubernatoryň aýrylmagyny talap edip, Peterburga arz-şikaýat ýollapdyrlar.
«...General Subotiç ― Russiýanyň abraýy üçin jeň meýdanyna çykan
söweşjeň general. Ýöne general-gubernator hökmünde ýekeje-de dar
agajyny dikmedik rewolýusioner!..
General Subotiçiň egnine geýýäni däriniň tüssesine garalan mundir ― diýip,
«Russkiý Turkmenistan» atly liberal gazet ýazýar ― Ýöne ýigrenji
töhmetçilere bu az görünýär! Olar general Subotiçiň öz mundirini halkyň
ganyna boýamagyny isleýärler...
Eger eneleriň hiç biri onuň adyna nälet okamaýan bolsa, eger ýekeje-de dar
agajyny dikmedik bolsa, o nähili general-gubernator bolýarmyşyn!..»1
Döwlet dumasynyň goýberilip, Stolipiniň häkimiýet başyna geçmegi bilen,
Peterburgdan
telegraf
boýunça
gowşan
buýruk esasynda
Subotiç
wezipesinden boşadyldy. «Liberallyk edeni hem çepçiler bilen gürrüň
geçireni» üçin generaly nepaga çykmaga mejbur etdiler. Ol Peterburga
çagyrylyp, formal görnüşde «Harby geňeşiň agzalygyna ― ätiýaçlyga»
bellendi.
Daşkent garnizonynyň ofiserleriniň biri Subotiçiň işden aýrylanyny eşidip,
onuň diwardan asylgy duran portretini depgiläp durşuna: «Ahyry hakyňdan
çykdylar, rewolýusioner!..» diýip gygyrypdyr.
Daşkendiň reaksion gazeti ol hakda şeýle ýazypdyr: «Türküstanyň ýap-ýaňy
yzyna çagyrylan öňki general-gubernatory Subotiçiň iş taşlaýjylaryň
tarapyny çalşy Ussakowskidenem beterdi. Ýygy-ýygydan gös-göni olaryň
tarapynda durýardy... Goşuny ussakowskilerden, subotiçlerden hem şolara
meňzeş generallardan arassalamagyň wagty ýetdi!..»2
Subotiçiň nepaga çykmagy bilen barypýatan sagçylaryň güni geldi: olar
Türküstanda harby ýagdaýy girizdiler — general-gubernatorlyga Polşadaky,
Daşkentdäki gozgalaňlary, Manžur goşunyndaky rewolýusion hereketi
basyp ýatyrmakda tejribe toplan pyýada goşunyň generaly Grodekowy
bellediler.
1
2
«Russkiý Turkmenistan» gazeti, 23.08.1906, № 172
«Sredneaziatskaýa žizn» gazeti, 04.10.1906, № 215: Zakaspi oblastynyň başlygy bolup galan general
Ussakowskiý 1905-nji ýylyň rewolýusion wakalary döwründe bellibir möhletde liberal syýasat alyp
barypdyr. Ýöne tiz wagtdan liberallygy üçin nepaga çykyp, Ashabatdan gitmäge mejbur bolupdyr.
Ýene-de şol gazet general Subotiçiň Daşkentden ugraýşy barada içigaralyk
bilen şeýle ýazýar:
«Türkmenistanyň öňki general-gubernatory general-leýtenant Subotiç
penşenbe güni Daşkentden ugrady. Onuň Alyjenaplary üçin gurnalan otly
Bagçylyk Kärhanasynyň ýanyndaky geçitde 5-nji wýorstlykda duruzyldy...
General Subotiç ol ýere aýaly bilen paýtunly baryp, wagona mündi...
Daşkent ülkäniň iň ýokary wezipeli başlygynyň şunuň ýaly ýagdaýda
ugranyny birinji gezek görýär. Şu wagta çenli ähli general-gubernatorlar
başgaçarak ýagdaýda ugraýardylar...»1
Men generaly ugratmaga gelen az sanly adamlaryň biridim. Sürgün etmä
çalymdaş bu ugradyşda bir ýyldanam azrak wagt mundan ozal Daşkentde
dabara bilen garşylanyp, indem ýekirilen ýaly gizlinlikde ugrap barýan harby
hem döwlet işgäriniň iň ýakyn adamlarynyň birnäçesi nähilem bolsa onuň
hatyrasyny saklap, uzak ýola atarmaga gelipdiler...
Şondan esli mahal soň men general Subotiç bilen Peterburgda duşuşdym.
Oňa hiç hili işi ynanmandyrlar. Biz geçenleri ýatlaşdyk. Soňam gaýdyp
görüşmedik.
Aýdyşlaryna görä, Subotiç daşary ýurda ― ýagny öz watanyna gidip, şol
ýerde-de ömrüni soňlapdyr.
6. General Kowalýowyň «degişmesi»
1
«Sredneaziatskaýa žizn» gazeti, 23.09.1906, № 207. Geň zat, ýugoslaw ensiklopediýalary hem
Subotiçiň nepaga çykmagynyň sebäbini onuň li-berallygy diýip tassyklaýar: «1905-1906-njy ýyllaryň rus
rewolýusiýasy wagtynda özüniň liberal taglymlary hem hereketleri üçin goşundan boşadyldy» («Halk
ensiklopediýasy», IV j, 494 s. Zagreb, 1929), «1905-nji ýylyň rus rewolýusiýasy döwründe liberal
taglymlary goranlygy hem alyp baranlygy üçin goşundan boşadyldy» («Harby ensiklopediýa», 2-nji
neşir, IX j. 225 s. Belgrad, 1975).
1902-nji ýylyň ahyrynda general Subotiç Uzak Gündogara işe bellenilip,
gyssagly Peterburga çagyrylan mahalynda general Kowalýow wagtlaýynça
oblastyň başlygy boldy. Tiz wagtdan onuň ryswa ady bütin Russiýa dolmak
bilen, Zakaspi ýaly çet-gyralarda gulluk edýän ofiserleriň käbiriniň hakyky
ýüzüni ile äşgär etdi...
Oblastdaky kazak goşunlarynyň başlygy hem kazak brigadasynyň
serkerdesi bolan general Kowalýow ýalňyz ýaşaýardy. Onuň her ýekşenbede
öz sulhy alyşýan ýaş ofiserlerini «sallah naharyna» ýygnamak edähedi bardy.
Ol barada: «Gepe çeperligi hem ummasyz kän mukdarda degişme bilýäni
üçin, Kowalýowy patyşanyň köşgünde aýratyn gowy görýärler» diýip gürrüň
edýärdiler.
Orta boýly, jaýtaryp duran ýeserje murtly, gara çerkes lybasly Kowalýow
harby adamlaryň arasynda meşhurdy. Ýerli rus zenanlaram şol diýip ölüpöçüp barýardy.
Ashabada gelmezinden ozal ol biraz wagtlap patyşany goraýan kazak
atlylarynyň serkerdesi bolany üçin 1-nji Taman kazak polkunyň lybasyny
geýýärdi. Haýsydyr bir beýik knýaz aýalynyň goldawyna daýanýanlygy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aziýanyň mawy alyslyklary - 3
  • Parts
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 1
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2094
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 2
    Total number of words is 3431
    Total number of unique words is 2125
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 3
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2265
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 4
    Total number of words is 3530
    Total number of unique words is 2226
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 5
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2218
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 6
    Total number of words is 3028
    Total number of unique words is 1926
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.