Latin

Aziýanyň mawy alyslyklary - 1

Total number of words is 3477
Total number of unique words is 2094
26.9 of words are in the 2000 most common words
39.3 of words are in the 5000 most common words
46.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Wasiliý Ýan
I. ALYS GÖZÝETIMLERE TARAP
1.Öňde — täsinlikler bar
900-nji ýylda entek Londonda wagtym men Hytaýdaky agam — Dmitriden1
hat aldym. Ol bir döwürde garamagynda gulluk eden generaly bolan
Subotiçiň2 manžur ýörişi tamamlanandan soň, Zakaspi3 oblastynyň başlygy
bellenendigini, özüniňem jan dyndyraýjak işgärleri gözleýändigini ýazýardy.
Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp, Aziýa gitmegimi maslahat berýärdi,
«Russiýanyň geljeginiň Aziýadadygyna» ünsümi çekýärdi.
Men agamyň maslahatyna eýermegi müwessa bildim. Saýlap alan bu ýolum
meni köp zatlara şaýat edip, bütin ömrümde hem döredijiligimde yz
galdyrdy. Şeýdibem, «pyýadadan» «atla» öwrüldim. Ýöne Orta Aziýa
ugramagym Angliýadan dolanyp gelenimdenem bir ýarym ýyl geçensoň
amala aşdy. Bu Subotiçiň Uzak Gündogarda eglenmegi hem-de soňra daşary
ýurda uzak wagtlyk zähmet rugsadyna gitmegi bilen baglydy.
Russiýa dolanyp gelenimden soňam men ýurtda «sergezdanlygymy»
goýmadym hem öz ilkinji kitapçamy4 çapa taýýarladym.
1
D.G.Ýançeweskiý (1872-1942) — gündogarşynas, şol döwürde Habarowskiniň hem Port-Arturyň rus
gazetlerinde işleýän galamgär.
2
Dean Ýowanowiç Subotiç (1852-1920) — milleti serb. Baş ştabyň Akademiýasyny gutaran, 1877-1878-nji
ýyllaryň rus-türk urşuna gatnaşan, Kawkazda, soň Uzak Gündogardaky Priamur oblastynda hem Kwantun ýarym
adasynda ýolbaşçy bolan; 1899-njy ýylda Port-Arturdan Mukdene ýöriş eden rus goşunlarynyň günorta manžur
toparyna serkerdelik eden rus generaly.
3
Zakaspi oblasty 1886-njy ýylda döredilen Türküstan ülkesine girýär. Mundan başga-da, onuň düzümine
Syrderýa, Semireçýe, Fergana, Samarkant welaýatlary, Hywa hanlygy hem Buhara emirligi girýär. Türküstan
ülkesiniň general-gubernatory Daşkentde oturypdyr.
4
Ýançeweskiý W. «Pyýadanyň ýazgylary», Rewel (Tallin), 1901.
Ahyrsoňy gazetlerden Subotiçiň täze gulluk ýeri bolan Ashabada1
ugramazynyň öň ýanynda Peterburgdadygyny bildim. 1901-nji ýylyň
güýzünde öýümizden — Rewelden ol ýere barsam, general eýýäm giden
eken. Meni generalyň aýaly, daş keşbi edil ady ýaly mahabatly Olimpiýa
Iwanowna2 güler ýüz bilen garşylady. Ol «general bilen Manžuriýanyň
içinden geçýän kyn ýörişe gatnaşan Dmitriý Ýançeweskini özüniňem,
äriniňem gowy görýändiklerini, onuň inisi bolan meni gulluga höwesli kabul
etjekdigini» habar berdi.
Bu gürrüňden soň biz Subotiç bilen telegramma alyşdyk. Ol meniň
Ashabada gelmegime razydygyny tassyklady. Men soňam tä işe bellenenim
barada resmi çakylyk alyp, gulluk ýerime barar ýaly pul iberilýänçä, birnäçe
hepde Rewelde boldum.
Iberilen pula oblastyň başlygynyň diwanhana emeldarynyň lybasyny
tikdirdim. Has haýbatly görnerim ýaly, köne zatlar satylýan dükandan
ýalpyldawuk gynly ajaýyp gylyç satyn aldym. Göwnüme bolmasa, ol
Ýelizaweta Petrownanyň döwründe köşgüň atly esgerleriniň biriniň dakynan
hem ençeme garpyşykda bolan gylyjyna meňzeýärdi.
Bu gezek kakamam, ejemem meniň «sergezdanlyga» däl-de, gulluga
gidýänime hoş boldular. Şeýle-de bolsa bir syýahatçynyň öz meşhur
1
Ashabat — Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň öňki ady. 1881-nji ýylda bu ýerdäki türkmen obasynyň
ornunda harby berkitme hem Zakaspi oblastynyň merkezi hökmünde dikeldilen şäher.
2
O.I. Subotiç — 1853-1854-nji ýyllardaky uruşda Sewastopoly goranlaryň biri bolan inžener-kapitan
Berežnikowyň gyzy. Ol oblastda hassahanalaryň, mekdepleriň, kitaphanalardyr beýleki şuňa meňzeş edaralaryň
gurulmagynyň üstünden gözegçilik edip, türkmen milletiniň saglygyny gowulandyrmakda olaryň arasynda aňbilimi ýaýratmakda köp işler bitiripdir.
kitabynda1 «çägeleriň hem kesilen kelleleriň ýurdy» diýip atlandyran Orta
Aziýasy örän uzak, howp-hatardan doly ýaly görünýärdi.
Tizden kalbym ýakymly arzuw-umytlardan doly, ýeňil ýük bilen ýanym
fotoapparatly hem bir guty reňkli, tiz ýöreýän «Peterburg — Baku» otlusy
bilen Aziýa tarap ýola düşdüm.
Kawkaz
daglaryna
golaýlanymyzda
men
hyýalymda
özümi
Peçorinmikäm öýdüp göz öňüne getirdim, adatdan daşary wakalaryň hem
başdangeçirmeleriň ýüze çykaryna garaşdym. Alysdaky gök jülgeleri,
eginleri çerkes lybasly hem ýapynjaly daglylary synlap, ilkinji tolgundyryjy
minutlary başdan geçirdim.
Peterburgdan ugran wagtym — 1901-nji ýylyň dekabrynyň ahyrlary howa
biçak sowukdy. Umuman, şol ýylyň gyşy garly hem gaty sowuk boldy.
Bakuwyň howasy haýran galaýmaly maýyldy. Gün ýalbyrap durdy, güýçli
şemal gerşi ak köpürjik äpet tolkunlary çägesöw kenara sürýärdi. Ol ýerde
ýolagçylara garaşyp tüsseläp duran gämi görünýärdi.
Baku — Krasnowodsk gämi ýolunyň gatnawy diýseň kändi. Ol ýoldan
«Gündogar gämiçiliginiň», «Kawkaz hem Merkuriý» jemgyýetiniň, beýleki
ençeme gämi eýeleriniň Orta Aziýadan Kawkaza, Russiýa, ol ýerdenem
yzyna dürli ýüklerdir ýolagçylar daşaýan gämileri iki ýana aldygyna
gatnaýardy.
Men Bakuwda eglenmän, gämä mündüm. Ertesi ir bilen ilkinji gezek Orta
Aziýanyň barha golaýlaşýan kenarlaryna gözüm düşdi.
1
Gertewald W.N. «Ürgün çägeleriň hem kesilen kelleleriň arasynda. Türküstanyň ýol oçerkleri». M.,
1914.
Biri-birine sepleşip gidýän gum depeleriniň endigan çylgymlary, gülgün
reňke boýalan deňiz hem ýapgyt kenar meniň akylymy haýran etdi. Bir
çeträkde deňziň üstüne abanyp duran gaýanyň golaýynda balykçylar uzyn,
gara, ujy çiş ýelkenli gaýyklarynda ýüzüşip ýördi...
Gämimiz şol wagtlar kiçiräk oba çalym edýän Krasnowodskiniň1 deňiz
duralgasyna baryp togtady. Ol ýerdäki az sanly kiçijik jaýlarda harby
ruslardyr emeldarlardan başga-da söwdagär parslar hem ermeniler ýaşardy.
Dükanlaryň ýanynda uzyn boýly, gyrmyzy donly, buýralary zire-zire bolup
seçelenip duran silkme telpekli türkmenler atlarynyň jylawyndan tutup
durdular. Bu ýerde Maňgyşlak ýarym adasyndan haryt almak üçin şähere
düýeli gelen çarwa gyrgyzlaram bardy.
Gaty gyzmaz ýaly wagonlary agardylan otly meni Ashabada bakan alyp
ugrady. Insiz demir ýol Uly Balkan diýlip atlandyrylýan peseňräk dagyň
etegi bilen uzalyp gidýärdi.
Men kä dag gerişleriniň melewşe öwüsýän görnüşinden, käte bolsa beýle
tarapda ýaýylyp ýatan Garagum çölüniň aňňat-aňňat depelerinden gözümi
aýryp bilmän, jadylanan ýaly bolup durdum.
Demir ýol Daşkente çenli çekilipdi, ol Çärjewde Amyderýanyň üstünde
gurlan agaç köprüniň üstünden geçip gidýärdi, ol köpri wagtlaýyn gurlupdy
we agaç sütünleriň üstünde saklanýardy2.
1
1869-njy ýylda general Stoletowyň kawkaz goşunlary tarapyndan harby berkitme hökmünde
esaslandyrylan Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) soňra şähere öwrüldi. Şol ýerdenem 1880-nji ýylda
Zakaspi demir ýolunyň gurluşygy başlandy.
2
Bu köpri 14 ýyllap, tä 1901-nji ýyla çenli abat durdy, soň ony Russiýada iň kuwwatly demir köpri bilen
çalyşdylar, bu köpri barada «bir ýarym wýorstlyk köpri» diýip gürrüň edýärdiler.
2. Gitar hanymyň myhmanhanasy
Meni Ashabadyň demir ýol menzilinde garşylan egni çerkes lybasly şol
adam: «Şäheriň iň gowy myhmanhanalarynyň haýsynda ýaşaryn diýseň,
gözel göwnüň» diýdi-de, olaryň atlaryny sanady: «London», «Merkezi»,
«Peterburg», «Moskwa», «Puşkin»... «Bular ýaly mahabatly däl-de,
adatyrak myhmanhana tapylmazmyka?» diýen sowalyma ol: «Elbetde, bar!
Onda men sizi «Pariž otaglaryna» äkideýin!..» diýip jogap berdi.
Paýtun bizi Günüň nury bolluk bilen düşýän ümsüm köçä alyp bardy. Ol
ýerden haýal ädim urup kerwen geçip barýardy. Agardylan pessejik jaýyň
gapdalyndan üsti ýapyk eýwan uzalyp gidýärdi. Onuň aňyrsyndan boý
dereklerdir garagaçlaryň depesi görünýärdi.
Çyr-çytyr ýaş görünjek bolýany bildirip duran fransuz zenany — «Gitar
hanym» lakamly Rewilon hanym meni güler ýüz bilen garşylady. Çakdanaşa
semiz, gyryljyk, basyk sesli, rus dilinde çalgyrt gürleýän bu aýalyň erninde
hemişe papiros tüsseläp durdy. Gülküsi gaty zoňtardy.
Gitar hanym bir döwürde Skobelewiň goşunynda satygçy bolup, general
bilen Krasnowodskiden Gökdepä çenli ýörişde bile bolupdyr. Şol sebäplem
goşun baştutanlarynyň aýratyn hormatyndan peýdalanypdyr.
Bu ýerde Gitar hanymyň özbaşyna myhmanhanasy bolup, ýaşaýanlara
wagtly-wagtynda nahar hem berilýän eken. Aýratyn otagda goýlan uzyn
stoluň başynda men ilkinji gezek ashabatly sallahlaryň köpüsi bilen
tanyşdym. Öz öýleri bolmany üçin bu ýerde ýaşaýan ol sallahlar göreneşiden täzelikleri barada pikir alyşýardylar. Gitar hanym nahar bişirmäge,
aýratynam, «ak generalyň» sarpa goýan tagamlaryny taýýarlamaga diýseň
ussatdy. Ol üýtgeşik çakyrlar ýasap satardy. Skobelewiň halaýan içgisi —
bulguryň ýaryna çenli şampan çakyry guýlup garyşdyrylan porter içgisi onda
hemişe tapylýardy.
Ashabatda Gitar hanymdan başga ýene-de üç sany fransuz zenany
ýaşaýardy.
Olaryň biri — ozal Skobelewiň goşunynda söwda-satygçylyk eden Reno
hanym häzir «Fransuz otaglarynyň» eýesidi. Çepiksi, arryk, örän ykjam
Reno hanym şöhratda hem söwdada öz bäsdeşi bolan Gitar hanymy
ýigrenýärdi. Onuň ösdürip-ýetişdirýän ajaýyp güllerini garnizonyň ofiserleri
öz serkerdeleriniň aýallary hem göwün beren zenanlary üçin hemişe satyn
alýardylar.
Beýleki iki fransuz zenanynyň — ýaş Lýusi bilen Mariniň şäheriň esasy
köçesinde «Fransuz süýji näz-nygmatlary» satylýan dükany bardy.
Daýaw, pajarly, saryýagyz Lýusi döwlet emlägi müdirliginiň başlygy,
garry ştat generaly bilen hamçamdy.
Naşyja, gülek Mari demir enjamlary satylýan dükanyň eýesi, biçak gabanjaň
ýaş ermeni Awanesow bilen arasyny sazlapdy. Fransuz zenanlarynyň hemde Awanesowyň dükanlary bir jaýda ýanaşyk ýerleşýärdi. Käte garaşylman
durka Awanesow ullakan köne sapançasyny demir syh bilen haýbat atýan
keşpde arassalap, Mariniň näz-nygmat satýan dükanynda peýda bolardy.
Awanesow muny Mariniň diwaryň aňyrsyndan eşidilýän haýsydyr bir ýaş
esger ýa-da murtlak kazak serkerdesi bilen gürrüňi uzaga çekdi hasaplasa,
gabanjaňlykdan edýärdi.
Men «Pariž otaglarynda» iki gapyly kiçijik otagy eýeledim. Gapylaryň biri
köçä, beýlekisem bag-bakjaly içki howla tarap açylýany üçin örän amatlydy.
Şeýle-de bolsa tizara Gitar hanymyň myhmanhanasyny terk etmeli boldum.
Her neneň tagamly fransuz naharlary bilen hezzetleýänem bolsa, tölemeli
puluň mukdary meň çakymdan çökderdi.
Harby hem emeldar ruslaryň maşgalalarynyň köpüsinde ilkibada meni gowy
garşyladylar. Seýregem bolsa harbylaryň meýlislerine, tigirçiler jemgyýetine
gatnaşýardym. Diňe harby däl adamlaryň ýygnanýan tigirçiler jemgyýetinde
tanslar, şadyýan agşamlar bolýardy, her hili mekirlikler, garaşylmadyk
tanyşlyklar ýüze çykýardy.
Nähili hem bolsa men köp halatda özümi duýman durkam näzli zenanlaryň
çoçgaryna çolaşaýmaýyn, ýetişen gyzlaryny durmuşa çykarmagyň gamyny
iýýän şelaýyn eneleriň pirimine aldanaýmaýyn diýip, özümi garasöýmez
hem ägä alyp barýardym.
Meni mawy alyslyklar, syrly pars daglary, Aziýa syýahat etmek arzuwy
özüne çekýärdi. Men öz ýanymdan «Maşgala-da, çaga-da dura-bara bolar.
Şu wagt öýlenäýsem, syýahat etmek barada kalbymda besleýän
arzuwlarymdan el ýuwup, stolunyň üstüne gyssagly kagyzlardyr arhiw
işlerini üýşürip oturan emeldara öwrülerin... Ýok, ýok! Nähili ýol bilenem
bolsa men Eýrana, syrly Owganystana, ertekilerde beýan edilýän ýurda
çalymdaş Hindistana syýahat etmek baradaky niýetimi amala aşyrmaly!..»
diýip oýlanýardym.
3. Şäherjik — gala
Meniň Orta Aziýa gelen wagtym Eýran serhedine golaý ýerleşen Ashabat
entegem «harby berkitme» diýlip hasap edilýärdi. Bu ýerde general
Skobelewiň goşunynyň duran wagtyndan bäri ýigrimi ýyl geçenem bolsa,
şäherde harby dolandyryş edarasy bardy.
Ashabat töweregi miweli agaçlar bilen gurşalan köp sanly palçyk
jaýjagazlardan ybarat kiçijik, arassaşäherdi. Onuň harby inženeriň eli bilen
meýilleşdirilen göni köçeleriniň gyralarynda boý derekler, kaştan hem ak
akasiýa agaçlary hellewleşip otyrdy.
Häzirki zaman düşünjesindäki ýanýodalar ýokdy. Uly köçeleriň iki
gyrasyndaky pyýada ýol bilen aralykdan golaýdaky howalanyp görünýän
daglardan gelýän dury suw şildiräp akýardy.
Şäherjigiň beýle tarapynda uç-gyraksyz çöl ýaýylyp ýatyrdy.
Jaýlar bir gatdy. Ençeme gezek bolan ýertitremeden soň ýeňiljek hem bir
gatly jaýlardan başga hili ymarat salmak gadagan edilýärdi. Ýekeje ikigat jaý
bolup, olam — şäher muzeýidi.
Şäherjik galadan ýaňlanýan duýduryjy sesleriň owazyna oýanyp, şoň
bilenem uka gidýärdi. Daňdanlar hem Gün ýaşyberen uçurlary asuda howada
surnaýlaryň sesi ýaňlanardy. Ertirki hem agşamky dogany ýerine ýetirýän
esgerleriň sogup çykýan sesleri eşidilýärdi.
Şäherjikde ýaşaýan ilatyň sany köp däldi1. Onuň ruslardan ybarat bölegini,
esasan, harby gullukçylar, emeldarlar hem olaryň maşgalalary düzýärdi.
Adatça, her bir rus maşgalasy töweregi kiçeňräk bagly bir gat jaýjagazy satyn
alyp, köp halatda bolsa özleri gurup ýaşaýardy.
Uzak wagtlyk mekan tutunasy gelýänler özlerine ýaşamak üçin ýer bölüp
berilmegini haýyş edip ýüz tutýardylar. Olar şäheriň Köşi obasyna uzalýan
1
Şol döwürde Ashabatda 36 müň 486 adam ýaşaýardy. Olaryň 10 müň 700-si ruslar, 11müň 200-si
parslar, 14 müň 586-sy bolsa ermeniler, kawkaz tatarlary hem beýleki milletlerdi. («Ashabat gazeti»,
1903-nji ýyl, № 98)
ugrundan ýer bilen bilelikde jaý salar ýaly kömegem alýardylar. Menem
özüme ýer berilmegini haýyş etdim. Ýöne başga-başga ýagdaýlar ýüze
çykyp, bu niýetim amala aşman galdy.
Şäherde ýaşaýan ermeniler, kawkaz tatarlary hem azerbaýjanlar ruslar
bilen garylyp-gatylman, aýratyn topary düzýärdiler. Parslar hiç kime
goşulman, büs-bütin üzňelikde ýaşaýardylar. Kämahal köçede gara köýnekbalaklary giň tikilen, ýüzleri ak mata bilen örtülen pars aýallary peýda
bolýardy.
Türkmenler şäherde däl-de, öz çarwa obalarynda ýaşaýardylar. Olaryň
kiçiräk topardan ybarat gara öýleri käte şäheriň golaýynda peýda bolýardy.
Şol döwürde rus jemgyýetçiliginiň agramly bölegi türkmenleri çarwa, wagşy
halk hasap edýärdi. Olar iki tarapdan — öz ýerli handyr baýlaryndan hem
patyşa Russiýasynyň dikmelerinden ejir çekýärdiler.
Bularyň birinjisiniň ezişi köp asyrlardan bäri dowam edip gelýän taýpatire gatnaşyklaryna, ikinjisiniňki bolsa bütin kanunlara hem dolandyryjy
häkimiýete daýanýardy.
Rus emeldarlary üçin Ashabatda ýaşamak ýeňildi. Olaryň ählisi serhet
ýakasyndaky harby şäherde ýaşaýandyklaryna hem gulluk edýändiklerine
salgylanyp, bir ýarym esse aýlyk alýardylar. Bu ýeňil durmuşda pullaryny
nämä harç etjeklerini-de bilenokdylar.
Şäherde ilatyň bellibir böleginiň yhlas bilen gatnaýan piwohanalarydyr
restoran-barlarynyň birnäçesi bardy. O ýerlerde açyk ýa-da gizlin
gahbahanalar, giýahanalar bolup, her hili uruş-gygyryşlar, gijelerine
söwdagärleriň dükanlaryny talamak, kast etmek ýaly ýagdaýlaram häli-şindi
ýüze çykýardy.
Çet-gyrada
ýaşaýandyklary
geçirjeklerini
bilmeýän
bu
üçin
içleri
adamlaryň
gysyp,
wagtlaryny
göwünleri
galkynar
nädip
ýaly,
maksatnamasyna gaplaňlary boýun egdirýän gyzlar goşulan göçme sirk
görkezýärdiler, «Paýtunlardyr köp orunly karetalaryň dabaraly ýörişini»
guraýardylar. Olar mumdan ýasalan şekiller görkezilýän, paýtagtdan gelen
muzeýe, «gepleýän adam-awtomatlara» hem beýleki şuňa meňzeş zatlara
tomaşa edýärdiler.
Olar maý aýyndan tä sentýabra çenli öldürip gelýän yssydan gaçyp, salkyn
Pöwrize
jülgesine
siňýärdiler.
Bu
döwürde
oblastyň
başlygynyň
diwanhanasam wagtlaýynça şol ýere göçýärdi.
Ýylyň beýleki aýlaryny tigirçiler jemgyýetindäki sazly-tansly agşamlara,
harbylaryň meýlisindäki bolýan bezemen ballara, halk öýündäki haýyryhsan agşamlaryna, aýlawda geçirilýän at çapyşyklaryna hem golaýda peýda
bolan Lýumeriň kinematografiýasynyň filmlerine höwes bilen tomaşa edip
geçirýärdiler.
Agşam düşüp, howa biraz salkyn aralaşansoň, ashabatlylaryň söýgüli
güýmenjesi Eýrana tarap gidýän ýolda şäheriň daşyna gezelenç etmekdi.
Dyzmaç goşa at goşulan, ýel berlen rezin tigirleriniň simleri ýaldyraşyp
duran (bu aňrybaş kaşaňlykdy!) hakyna tutulan paýtunlarda ofiserlerdir
emeldarlaryň bezemen aýallary ornaşýardylar. Giň ak balakly paýtunçy
azerbaýjanlaryň gykuwlaşyp, biri-birinden ozup geçmekden üýtgeşik lezzet
alýardylar.
Has özüne çekiji zenanlar bu tomaşa hususy paýtunlary bilen gatnaşýardylar.
Olaryň arasynda topçular brigadasynyň serkerdesi bolan generalyň aýaly
Dudarýewa hem ajaýyp pianinoçy, bankyň müdiriniň aýaly Uspenskaýa ikisi
aýratyn saýlanýardy.
Özlerini dogumly görkezjek bolýan ýaş serkerdelerdir ak kitelli, papakly
emeldarlaram ýekelikde ýa-da toparlanyşyp, olaryň gapdaly bilen at
salýardylar.
4. «Köne zakaspililer»
Ashabatda dürli pişeler, güýmenjeler bilen wagtyny geçirýän adamlara
garamazdan, düýpgöter başga zatlara gyzyklanan rus jemgyýeti-de bardy.
«Arheologiýany söýüjileriň Zakaspi gurnagyny», «Zakaspini öwrenijileriň
jemgyýetini», «Gündogarşynaslaryň jemgyýetini», şäher kitaphanasyny,
muzeýi esaslandyranlaram harby gullukçylardan hem emeldarlardan bolan
şol adamlardy. Olar türkmen halkynyň öz gözbaşyny asyrlaryň çuňundan
alyp gaýdýan gadymy taryhyny, dilini, halk döredijiligini, edebiýatyny,
sungatyny, binagärçiligini öwrenýärdiler, adamlara sowat öwretmek,
näsaglary bejermek boýunça işler alyp barýardylar. Gündogar ýurtlaryna
edilen syýahatlar, türkmen ýurdunyň geçmişi, Çeleken adasynyň nebit
baýlygynyň gelejekki ösüşi hem gaýry mowzuklardan «Halk
okaýyşlaryny» guramagam şol işleriň bir bölegidi. Öňdebaryjy ol adamlar
«Gogol» hem «Puşkin günlerini» belleýärdiler, Çehowyň, Gorkiniň täze
kyssalary barada çekişmeler
guraýardylar, Lew Tolstoýyň, şonuň ýaly-da, türkmen nusgawy şahyrlary
Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň döredijiliklerine bagyşlanylan
maslahatlar geçirýärdiler. Zakaspide ýaňy döräp gelýän rewolýusion
herekete gatnaşanlaram şolardy.
Daşkendiň, Samarkandyň hem rus Orta Aziýasynyň gündogar bölegindäki
beýleki şäherlerde ýaşaýan «Köne türkmenistanlylardan» tapawutlylykda,
türkmen topragynda köpden bäri mekan tutan ruslar özlerini «Köne
zakaspililer» diýip atlandyrýardylar.
Türkmenistana ilki göçüp gelenler nepagadaky harby adamlar, emeldarlar
hem olaryň maşgalalarydy. Olardan soň söwda, senagat işgärleri, ülkäni
öwrenijiler bolan tebigat, geografiýa, taryh ylymlarynyň wekilleri,
inženerler, lukmanlar hem mugallymlar gelipdirler. Orta Aziýa demir
ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanyň şäherlerinde
köp sanly işçiler hem zawod-fabrik işgärleri ýurt tutunýar, kä ýerlerde göçüp
gelen rus daýhanlary peýda bolup ugraýar.
Zakaspiniň ýerli ilaty — türkmenler bilen aragatnaşyk saklan bu adamlar
ozaldan ýaşap gelýänlerden tapawutlylykda öňdebaryjy rus medeniýetini
ýaýradyjylar bolupdyrlar. Türkmenistany, Orta Aziýany tüýs ýürekden
söýen, olarda ýaşaýan halklar bilen doganlaşan ol adamlar Russiýanyň
ozalky «Orta Aziýa mülkünde» ýaşaýan ähli milletleriň rus hem beýleki
halklar bilen ýakynlaşmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrdylar.
Şu hili «köne zakaspilileriň hem türküstanlylaryň» wekilleriniň biri
Aleksandr Aleksandrowiç Semýonowdy1. Onuň ykbaly öz ömürlerini ilki
«rus», soň bolsa «sowet» Orta Aziýasyna bagyşlan döwürdeşleriniň köpüsi
üçin häsiýetlidi.
1
Semýonow A.A. (1873-1958) — Orta Aziýany öwreniji alym, sowet taryhçysy, filolog, etnograf,
Täjigistan YA-nyň akademigi. Özbegistan YA-nyň taryh, arheologiýa, etnografiýa institutynyň direktory
bolup işläpdir. Aradan çykan hem jaýlanan ýeri Duşenbe şäheri.
Men A.A.Semýonow bilen Ashabada gelen badyma tanşyp, tiz wagtda-da
dostlaşdym. Ol Zakaspi oblastynyň diwanhanasynyň statistika bölüminde
kätip bolup işleýärdi.
Bu ýere gelmeziniň sähel öňinçäsi Lazarýew institutynyň Gündogar dilleri
bölüminiň talyby bolany üçin ol Moskwa uniwersitetiniň ýanyndaky
«Tebigat ylymlaryny, antropologiýany hem etnografiýany söýüjileriň
Moskwa jemgyýetiniň» agzasy hökmünde graf A.A.Bobrinskiniň ylmy-iş
sapary bilen Gündogar Buharada bolupdyr.
Semýonow bu ylmy-iş saparynda bolan döwründe etnografiýa, folklora
hem lingwistika degişli gaty kän maglumatlar toplapdyr, olary işlänsoň, üç
jilde jemläp neşir etdiripdir. Şüwlümli dilde ýazylyp, dagly täjikleriň atalar
sözlerini, ertekilerini hem halk döredijiliginiň beýleki ençeme žanrlaryny
özünde jemleýän bu saldamly eseri üçin ol jemgyýetiň «Altyn medalyna»
mynasyp bolýar.
Men A.A.Semýonow barada Zakaspi oblastynyň başlygy general Subotiçe
gürrüň berdim. Ol beýle adamy özüniň tanamaýandygyna gaty geň galdy.
Soňam oňa gulluk wezipesinde ösmäge kömek etdi.
A.A.Semýonow sowet döwründe Orta Aziýa akademiýalarynyň ikisiniň
agzasy, şeýle uniwersitetleriň ikisiniň professory, iki ylmy institutyň bolsa
ýolbaşçysy boldy.
Soňra biz A.A.Semýonow bilen kyrk ýyldan soň — 1942-1944-nji ýyllarda
Daşkentde duşuşdyk. Ol wagta çenli sowet Orta Aziýasy tanalmaz ýaly
derejede özgeripdi. Biziň öz durmuşymyzda bolup geçen özgerişliklerem azküş däldi. Ýöne Aleksandr Aleksandrowiçde möwç urýan ýaşlyk hyjuwy,
täze açyşlara teşnelik şol öňküligine galypdyr. Bu ajaýyp rus adamy hem
alymy öz bütin ömrüni ýaşlyk ýyllaryndan başlap jan-dilden söýen Orta
Aziýasynda ylmy ösdürmäge, aň-bilimi ýaýratmaga sarp etdi.
Şol döwürlerde men «köne zakaspilileriň» ýene biri — diplomatik emeldar
Andreý Dmitriýewiç Kalmykow bilen tanyşdym. Bizi ýakynlaşdyran esasy
zat — Gündogara bolan söýgimizdi.
Bilimi boýunça gündogarşynas bolan Kalmykow Orta Aziýa barada ýörite
derňew işleriniň ençemesini ýazdy. Öz alyp barýan ugry boýunça iş ýerini
kän üýtgetmeli bolýandygyna garamazdan, ol soňam ylmy iş bilen
meşgullanmasyny taşlamady.
On ýyl gowrak wagt geçensoň, men Kalmykow bilen Türkiýede ýene-de
gabatlaşdym. Şol wagtlar ol Beýrutda rus konsuly bolup işleýärdi.
5. Kapitan Ýomudskiý hem «Mergen aga»
Türkmen ülkesine bäş barmagy ýaly belet kapitan N.Ýomudskiý meniň şol
döwürde tanşan adamlarymyň iň täsinleriniň biridi. Öz ata-babalary,
birçakky serkerdeler hem hanlar barada gürrüň bermegi halaýan
N.Ýomudskiý türkmen halkynyň geçmişine bagyşlanan, dürli ýyllarda rus
dilinde neşir edilen ençeme kitaplaryň ýazarydy. Öz hak-hukugy aýak astyna
salnan halkynyň gözgyny ýagdaýyna onuň ýüregi awaýardy, türkmen
ülkesiniň azatlyga çykyp, gül açjak döwri barada arzuw edýärdi.
Onuň, birhili, geň arzuw-hyýallary bardy. Bir gezek atly gidip barýarkak,
N.Ýomudskiý meni çölüň eteginde seleňläp duran ullakan gaýanyň gyrasyna
eltdi. Ol ýerden çölüň gözýetime çenli ýaýylyp ýatan uzak aralygy açykaýdyň görünýärdi. Şonda N.Ýomudskiý pikire batyp durşuna şeýle diýdi:
«Şu gaýadan müsür sfinksine çalymdaş ýatan, ýöne turmaga hyýallanýan
göwräni çapyp ýasamak gerek. Ol köp mahallap gozganman, indi Günbatara
nazar dikip oýanyp ugran Türkmenistanyň simwoly bolar...»
Elbetde, Türkmenistanyň azatlygyny özüne tanyş bolan patriarhal
jemgyýetçilik gurluşlarynda göz öňüne getirýän kapitan han Ýomudskiý öz
watanynyň ýene ýigrimi-otuz ýyldan nähili derejä ýetjegini hatda göz öňünede getirip bilmeýärdi.
Ashabada baranymyzdan soň köp wagt geçmänkä, meni ýene bir «köne
zakaspili»
podpolkownik
Malahaý
Klawdiýewiç
Marganiýa
bilen
tanyşdyrdylar. Çakym çak bolsa — milleti abhaz, doglan ýeri Kawkaz,
ýagny Suhumynyň golaýy bolan bu adamyň türkmen halkyna söýgüsi
çäksizdi. Türkmenler onuň adyny «Mergen aga» diýip tutýardylar.
Ýaş mahaly Skobelewiň otrýadynda esger bolup gulluk edýärkä, ol
meşhur «Guşgynyň ýanyndaky söweşde»1 tapawutlanyp, ofiser harby
derejesine hem Georgiý haçyna mynasyp bolupdyr. Men tanşan mahalym
onuň döşünde ilki esgerlikde, soň ofiser wagtynda alan Georgiý haçlarynyň
hemmesi bardy.
Mergen aga türkmen atly goşun diwiziýalarynyň birine serkerdelik
edýärdi. Ol öz ýigitleriniň atlarynyň tohumy, owadanlygy, reňkleriniň
meňzeşligi barada aladalanýardy. Onuň ähli ofiserleri türkmenlerden bolan
diwiziýasy dabaraly ýöriş wagtynda aýratyn çakganlygy hem özlerine
serenjam berişleri bilen tapawutlanýardy.
1
Guşgynyň ýanyndaky söweş. Iňlis ofiserleri tarapyndan ýolbaşçylyk edilen hem küşgürilen owgan
goşunynyň otrýadlary 1885-nji ýylyň 18-nji martynda Merwden (Marydan) daş bolmadyk «Pendi oazisine»
çozup girýär. General Komarowyň baştutanlygyndaky rus otrýady tarapyndan çym-pytrak edilen ol goşun
baýdagyny, ýaraglarydyr beýleki ähli zatlaryny taşlap gaçmaga mejbur bolupdyr.
Marganiýadan öň bu diwiziýa kawkazly knýaz Alyhanow-Awarskiý
serkerdelik edipdir. Ol ýönekeý esgerlikden ofiserlige ýetip, soň ýekme-ýek
tutluşykda bir ofiseri öldüreni üçin ýene-de başky derejesine düşürilipdir.
Gündogar urşunda1 görkezen gözsüz batyrlygy üçin oňa ýene-de ofiserlik
derejesi berlipdir.
Guşgynyň ýanyndaky söweşde Alyhanow-Awarskiý sähelçe wagt ondan
ozal Gökdepe galasynyň eteginde Skobelewe garşy göreşen edermen
türkmen ýigitlerinden düzülen atly diwiziýa serkerdelik edipdir. Belli bolşy
ýaly, Gökdepe urşunda ýeňiş gazananyndan soň, Skobelew batyr türkmen
esgerleriniň ählisine Russiýa gulluk etmegi teklip edipdir. Şeýdibem,
türkmen diwiziýalarynyň döremeginiň esasyny goýupdyr.
Hatda Guşgy awantýurasynda owganlaryň arkasynda duran iňlislerem şol
söweşde türkmen atlylarynyň san taýdan özlerinden on essedenem artyk
duşmanyň üstüne yňdarylyp gelýän sil ýaly hüjüm edip, adatdan daşary
edermenlik görkezendiklerini belleýärler2.
Türkmen hem pars dillerinde gowy gürläp bilýäni üçin Marganiýany
oblastyň başlygynyň tabşyrygy bilen serhede dahylly meselelerde ýa-da
daşary ýurtly pars hem türkmen hanlary bilen diplomatik gepleşikler alyp
barmaga ýollaýardylar.
Ol töweregi bag bilen gurşalan köp otagly kaşaň jaýda ýaşaýardy.
«Gündogarça» gurnalan otaglarda halynyň üstünde aýbogdaşyňy gurap
oturmaga-da, ýassygy tirsekläp halynyň üstünde gyşarmaga-da şert bardy.
1
Gündogar urşy — Russiýanyň 1853-1856-njy ýyllarda günbatar Ýewropa döwletleriniň hem
Türkiýäniň birleşigi bilen alyp baran «Krym urşy».
2
Bu edermenlik hakynda iňlis kapitany Ýett özüniň «Russiýa hem Angliýa ýüzbe-ýüz» atly kitabynda
ýazýar.
Iýip-içer ýaly tagamlaram Gündogar halklarynda nähili bolsa, şol görnüşde
äberilýärdi. Ýewropalylaryň enjamlarynyň hiç haýsyny görjek gümanyň
ýokdy. Ashabada öz iş-aladasy bilen gelen türkmenler hemişe bu öýde
düşläp geçýärdiler.
Marganiýa hakynda «Ol musulmançylygy gizlin kabul edipdir» diýip gürrüň
edýärdiler.
Mergen aga ruslaryň üýşýän ýerlerine asla barmaýar diýen ýalydy.
Aýdyşlaryna görä, ol hiç wagt rus näzeninlerine gabak galdyrmandyr.
Dogrudanam, ol aýallara gezek gelende gaty sowuk-salady. Hatda
Ashabadyň diýseň özüne çekiji, ot ýaly gözelleri-de ony özlerine imrindirip
bilenokdy...
Gyrçuw gara sakgally, etli-ganlylygy syrdam uzyn boýuna gelşip duran,
çeýe, gyşda gara, tomusda ak reňkli, bili gysby uzyn kawkaz lybasyny
geýýän Marganiýa hemmeleriň, şol sanda başlyklaryň ýanynda-da özüni
buýsançly hem sypaýy alyp barmagy başarýardy. Öz az sanly dostlarynyň
arasynda oturan wagty sada hem açyk göwünlidi.
Ol atlardan, aýratynam, uly şöhrata eýe bolan dürli reňkdäki tohum türkmen
bedewlerinden diýseň gowy baş çykarýardy. Kämahal ol üstündäkiniň ýedi
putluk agramyny duýman, ýeňil basyp barýan dor atyny münüp, şähere
gezelenje çykardy. Altynsow sary hem gara atyň jylawyndan tutup barýan
seýisler bolsa onuň yzyndan ýöreýärdi.
Orta Aziýany söýýändigime, gowy türkmen atyny edinmek arzuwymyň
bardygyna mazaly göz ýetireninden soň ol meniň bilen dostlaşdy.
Çöldür dagyň aralygynda ýerleşen bu şäherjikde men özümi uzak wagtlap
Fenimor Kuperiň hem Maýn Ridiň romanlaryndaka meňzeş ertekiler
dünýäsinde ýaly duýdum. Kalbymda dömen ilkinji uly arzuwym — gowy at
edinip, çöle hem daga uzak wagtlyk syýahata gitmek bilen baglydy.
Mergen aga maňa şeýle maslahat berdi: «Gowy at edinmek höwesinde
bolsaň, gyssanma. At diýeniň süýtdeş dogan ýaly, hatda ondanam zyýatdyr.
Men saňa şeýlebir gözüňe söweýin at tapyp bereýin. Arassa tohumdan bolan
ýomut ýa-da göwüslek ahal-teke atyny ele salyp biläýseg-ä, bagtyň getirdigi.
Bahym çöl içinden çarwa türkmenlerden bolan dostlarym gelmeli. Şolara
geňeş salyp göreýin».
Ol beren sözünde tapyldy. Ilki altynsow-mele ahal-teke atyny tapyp berdi.
Soň bolsa arassa tohumdan bolan «Moro» atly gara ýomut atyny edindim.
Mergen aga maňa soňam kän gezek howandarlyk edip, kyn ýagdaýlarda
galanymda hemişe degerli kömegini gaýgyrmady.
Şol döwürde Ashabatda rus dilinde biri-biri bilen bäsdeşlik edýän iki sany
gazet çykardy. Nepaga çykan artilleriýa kapitany Z.D.Jawrowyň
baştutanlygynda çykýan «Ashabat» atly liberal gazet barada: «Munuň çap
edilmeginde daşary ýurtlardaky emigrant sosialist-rewolýusionerleriň eli
bar» diýip gürrüň edýärdiler.
«Zakaspiýskoýe obozreniýe» atly beýleki gazetiň redaktory Orta Aziýa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aziýanyň mawy alyslyklary - 2
  • Parts
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 1
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2094
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 2
    Total number of words is 3431
    Total number of unique words is 2125
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 3
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2265
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 4
    Total number of words is 3530
    Total number of unique words is 2226
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 5
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2218
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 6
    Total number of words is 3028
    Total number of unique words is 1926
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.