Latin

Aziýanyň mawy alyslyklary - 5

Total number of words is 3554
Total number of unique words is 2218
30.1 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýylyň noýabrynda oňa özümi Eýrana hem Owaganystana sapara ibermegini
sorap, haýyş bilen ýüz tutdum. Maglumatnamamda «öz esasy maksadymyň
Owganystany, onda ýaşaýan halklaryň durmuşyny, syýasy, etnografiýa hem
beýleki ýagdaýlaryny öwrenmekden ybaratdygyny» nygtadym.
«Russiýada hem daşary ýurtlarda Owganystan baradaky edebiýatlar bilen
düýpli tanşanym, teoretiki taýdan jikme-jik öwrenenim üçin, bu döwlet bilen
gös-göni tanşasym gelýär. Owganystanyň häzirki ýagdaýy hakynda ylmy
işler döretmek meýlim bar. Şol bir wagtyň özünde-de hökümete zerur bolan
halatynda Owganystan bilen diplomatik, söwda hem gaýry gatnaşyklarda-da
peýda getirip bilerin...
Owganlar bilen gatnaşykda bolan adamlaryň köpüsinden, şeýle hem oblasta
hemişe gelýän owganlaryň özünden soramak arkaly, men o ýerde ruslara
diýseň ýokary sarpa goýulýandygyna göz ýetirdim. Egerde ruslaryň
goýberilmeýän araçäginden aňryk geçip bolsa, onda rus adamynyň bütin
Owganystanda hiç hili garaw görmejegine kepil geçip bolar.
Şonuň üçinem meniň syýahatymyň meýilnamasy serhetde duran owgan
toparlaryndan gizlin geçip, ondan aňryk ýewropalynyň geýiminde Kabula
çenli gitmek. Eger owgan hökümeti meni tussag edäýende-de, bu ýapyk
döwletiň içine aralaşanym hem onuň häzirki durmuşyny görenim üçin
meýilnamamyň bellibir böleginiň durmuşa geçdigi bolar.
Meniň syýahatym öz çak edişimden, Eýrandan ýa-da Buharanyň günortagündogar böleginden başlanmaly. Mümkin boldugyça, uzak aralygy geçip,
soňunyň şowly gutararyna bil baglamak bilen, ýurduň çuňlugyna
aralaşmakçy...»
General Subotiç maglumatnamamyň göçürmesini özüniň haýyşymy
kanagatlandyrmak baradaky haýyşy bilen Türküstanyň general-gubernatory
Tewýaşewe beripdir.
Daşkentden iberen jogap hatynda general Tewýaşew şeýle ýazýar: «Siziň
Alyhezretleriňiziň guberniýa kätibi Ýançeweskini ýurt bilen tanyşmak üçin
Owganystana ibermek baradaky meýliňiz barada beren habaryňyz maňa
ýarady. Men bu işi Ýançeweskiniň öz boýnuna almagyny isleýän. Ýöne...
men öňürti jenap harby ministriň razylygy bolmasa, bu işe rugsat etmäge
çekinýän. Şonuň netijesinde, men ol emeldaryň haýyşyny özi bilen birlikde
Onuň Alyhezretleriniň ýanyna eltmeli bolaryn...»
1902-nji ýylyň dekabrynda Ashabada Peterburgdaky harby ministrden
şeýle mazmunly telegramma gowuşdy: «Ähli zady öz boýnuna alýan bolsa,
Ýançeweskiniň gitmegine razy...»
Şeýlelikde, entek 1902-nji ýylyň ahyrynda meniň Hindistana gitmek
baradaky meseläm oňyn çözülip, ýüregime düwen zadymy amala aşyrmaga
girişibermek galypdy. Ýöne onuň durmuşa geçmegi üçin pesinden ýene bir
ýyl gerek boldy.
Öz meýillerimi Hentington bilen maslahatlaşyp, şu hili çylşyrymly karara
geldik: Eýrana ylmy syýahatymyzy ýerine ýetirip (bu bize ep-esli ýeňillik
berýärdi), o ýerden ― Seýistanyň golaýyndan Owganystana aralaşyp, soňam
Hindistana geçmeli...
Şonuň üçinem men 1903-nji ýylyň awgustynda bir wagtyň özünde iki
maglumatnama berdim: biri ― Eýrana, beýlekisi bolsa Owganystana hem
Hindistana gitmek hakyndady.
Russiýa bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýoklugy
sebäpli, biziň saparymyzyň maksadyny hem ugruny gizlin saklamak üçin,
meniň saparym baradaky buýrukda hem resminamalarda diňe Eýran
görkezilýärdi. Galanlary ― Owganystan bilen Hindistan bolsa meniň «öz
boýnumda» durdy...
Peterburguň gazetleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýanym belli bolany üçin
Ussakowskiý meni bu syýahata hazynadan hiç hili pul goýbermän, galamgär
hökmünde ugratdy. Pulum az bolany üçin bu sapara ýol şaýymy tutmak
maňa ýeňil düşmedi.
Men ýol harajadym üçin üç ýüz manat, üç aýymyň (saparymyň möhletini
soň ýene bir aý uzaltdylar) aýlygy hökmünde-de şonça aldym. Diňe şu
harjym bilen oňmalydym. Ýola gerekli harajatlary bolsa öz ilinden kän
mukdarda pul alan Hentington bilen des-deň bölüşdik.
3. Biziň kerwenimiz
Toparymyz alty adamdan ybaratdy. Suwly meşikleri, ähli ýol azygymyzy,
gurnama çadyrymyzdyr üstünde ýatar ýaly keçelerimizi üç düýä ýükledik.
Elsworsyň ýanynda Amerikadan getiren epleme ýatalgasy, oturgyjy, stoldur
wannasy-da bardy. Şu zatlardan peýdalanar ýaly amatly şertiň juda azdygyna
onuň gahary gelýärdi.
Meniň ýanyma Marganiýanyň iş sapary bilen iki ýigit ― ýaş, şadyýan
türkmen Hywagylyç hem tutuk keşpli, köne gaçgak owgan Merdan
goşulypdy.
Ozal Hyratda ýaşan Merdan öz aýalyny oýnaşy bilen ýatyrka tutup, ikisinem
kerçäpdir. Şonuň üçinem ol Owganystana baraýsa, özüne garaşýan syrtmak
hakynda hemişe içini hümledip, dymma, tutuk adama öwrülipdir. Onuň
tersine, özüni irizen dört aýalyndan gaçyp gaýdan Hywagylyç hemişe
şadyýandy.
Hentington dilmaçlyk eder ýaly, türkmen Gurban bilen rus molokany 1.
Mihaili özüne hakyna tutma kömekçi edip aldy. Mihail pars hem türkmen
dillerini gowy bilýärdi, üstesine-de, örän ýeser awçydy. Ýolboýy guşmy,
haýwanmy awlap, bizi et bilen üpjün edýärdi. Mundan başga-da, ol Elsworsa
rus dilini öwredýärdi.
Biziň toparymyza Mihailiň özi meýletin goşuldy. Ol maňa gizlinlikde öz
aýalynyň obada bogorodisa2 diýlip yglan edilenini, şonuň üçinem
1
Molokanlar — prawoslaw dininden çykan, ruhanylygy hem ybadathanany ret edip, adaty öýlerde
çokunýan sekta girýän adamlar (terjimeçiniň belligi).
2
Hristian dininde Isanyň enesiniň ady. (terjimeçiniň belligi).
«keramatly» hasap edilýän haýsydyr bir molokan kethudasynyň onuň
ýanyna gatnamasyny ýygjamladandygyny gürrüň berdi.
Toparymyzda köp wagtlap meniň öýümde ýaşan Trezorka atly kiçijik akja
güjügem bardy. Ol ligirdäp öňden gidýärdi. Käte bolsa düýäniň üstünde
ýükleriň arasynda ýatyp, dynç alýardy. Gijelerine bütin kerwen uka giden
wagty ol şöwür çekip ýörşüne, nähilidir bir gara gördügi, şaňňy sesi bilen
üýrüp, ählimizi örüzýärdi.
Ýolboýy «gözel Ýelenany» ýatlap, uludan demini alýan Hentington ýörite
depderlerden sahypalaryň arasyna gara kagyz goýup, örän jikme-jiklik bilen
gündelik ýöredýärdi. Ýazgylarynyň göçürmesini bolsa amatly mümkinçilik
ýüze çykdygy, Bostona ― kakasyna iberýärdi. Ýolda birden gündeligine bir
zat bolaýanda-da, bu onuň üçin öwezini dolup bolmajak ýitgi däldi. Amerika
dolanyp baranyndan soň, ol biziň syýahatymyzyň jikme-jik hasabatyny köp
sanly fotosuratlar hem çyzgylar bilen birlikde «Türküstanyň derňewi»1 atly
kitabynda çap etdi.
Köp ýyllar geçeninden soň, sowet döwründe, men Moskwanyň Lenin
kitaphanasynda ol kitaba gabat geldim. Mundan başga-da, onuň «Aziýanyň
pulsy» atlandyrylan ýene bir işini tapdym. Ol kitapda Hentingtonyň ähli
ylmy işleri görkezilipdir. Şolaryň arasynda «Türküstanyň derňewi»
(«Eýranyň şor kölleri») atly işi-de bardy. Onuň Harward uniwersitetiniň
tebigat taryhynyň professorydygy barada-da ýazylypdyr. Hentingtonyň
aýalynyň (Ýelena däl!) hem ýedi çagasynyň atlary-da getirilipdir.
1
Hentington El. Issledowaniýe Turkmenistana. 1903-nji ýylyň ylmy barlag sapary. Waşington, 1905ý.
(iňlis dilinde).
Hentingtonyň kakasy ― belli bostonly ruhany ogluny-da özüne kybapdaş
edip terbiýeläpdir. Elswors ýokary ahlakly hem barypýatan hudaýhon
adamdy. Ol jübä sygar ýaly kiçi göwrümde uşajyk harplar bilen ýyglyp, bir
kitaba ýerleşdirilen Injilini hiç wagt ýanyndan goýmazdy, gün yrman
okaýardy.
Häsiýetine belet bolşuma görä, Hentington ruslara (juda seýrek ýagdaýda
bolaýmasa) ýigrenç bilen garaýardy. Ýöne öz garaýşyny ýasama sypaýylyk
bilen gizlemegi başarýardy. Onuň ynanyşyna görä, ruslaryň ählisi azgyn,
ýüregi gara, hudaýsyz adamlar bolany üçin, olar bilen dostluk
gatnaşyklaryny etmek bolmaýardy.
Umuman, ol ruslar bolan bizi «hili pes» adamlar saýýardy. Amerikalylary,
soňam iňlisleri «birinji derejeli» adamlar hasap edýärdi. Hentington ruslaryň
gowy taraplaryny görmezlige salýardy. Ol «ruslar ― aziýaly bolany üçin,
Aziýa halklaryna mahsus bolan kemçilikleriň ählisini özüne siňdiripdir»
diýen pikirdedi. Menem onuň pikiriçe, hudaýsyz hem ygtybarsyz adamdym.
Onuň «aziýalylara» bolan gatnaşygy aýratynam gahary gelen wagty doly
ýüze çykýardy. Ol dergazap bolup, özüne erk edip bilmän, öz Amerikasyny
mazamlap ugraýardy. «Gündogarlylaryň» ählisini «hembog» (ýalançy)
atlandyrýardy.
Meniň Hentington bilen gatnaşygymy bilmek üçin bolup geçen bir waka
salgylanmagym ýeterlik. Bir gezek orta ýolda ― entek Seýistanda wagtymyz
meniň pulumyň paýawlany, golaý wagtda-da yzymdan hiç hili harjy
gelmejegi belli boldy. Men bu çykgynsyz ýagdaýymy Hentingtona
düşündirdim. Şol wagta çenli ähli harajady deň bölüşýänimiz üçin indi
nätmeli boljagymyzy maslahatlaşdym.
Elswors maňa: «Size Ashabada aşar ýaly az-owlak pul berip bilerin. Ýöne
mundan beýläk meniň ýeke özüm gitjek...» diýdi.
Men öz ýanymdan: «Munuň deregine rus adamy bolan bolsa, şunuň ýaly
kyn ýagdaýda goldardy. Barja zadyny deň paýlaşyp, syýahaty bilelikde
dowam etdirerdiler» diýip oýlandym.
Bu syýahatymyzda biz biri-birimiz bilen ýoldaşlarça gatnaşyk edenem
bolsak, ýolumyz soň aýrylyşdy. Eýrana syýahatymyzdan on ýyl soň,
Stambulda SPTA-nyň (Sankt-Peterburg telegraf gullugy) habarçysy bolup
işleýän döwrümde men Amerika ― Hentingtona hat ýazdym. Ol hatyma
sypaýy äheňli sowuk jogap berdi. Şonluk bilenem biziň aramyzda gatnaşyk
kesildi.
4. «Alla bizden ýüz öwürmändir!..»
Biziň kerwenimiz 1903-nji ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda Sarahsdan ýola
düşdi. Biz syýahatymyz üçin Orta Aziýanyň ähli zady ýakyp-ýandyrýan
tomsundan soň gijelerine çigrek düşüp, gündizlerine salkyn araýan güýz-gyş
döwrüni peýdalanmagy makul bildik. Çöl bilen syýahata gidilende, bu döwür
adamlar üçinem, haýwanlar üçinem ýakymly hem amatly.
Sarahsdan ugramagymyzyň öňüsyrasynda men Ashabada ýollan hatymda:
«Alys ýol meni aňrybaş ätiýaçly bolmaga mejbur edýär» diýip ýazdym.
Syýahatymyzyň ilkinji günleri käbir meýillerimizi ýele sowrup, bu
howpurgamanyň ýerliksiz däldigini subut etdi.
Eýran topragyndaky ýolumyz üç döwletiň ― Russiýanyň, Eýranyň hem
Owganystanyň serhetleriniň çatlyşýan ýeri bolan Zülfagar jülgesinden
başlandy. Kerwenimiz şol ýerden pars-owgan serhedini ýakalap, günorta
tarapa ýola düşdi. Bu ýolda-da biz çöldekäk saklaýan düzgünlerimizi
üýtgetmän, seýrek duş gelýän pars obalarynda düşläp, menzil aşýardyk.
Hentington ikimiz (men-ä Moro lakamly gara atymda, olam mele
ýorgasynda) gitmeli ugry dogry nazarlap barýan kerwenimizden tiz-tizden
bir gyra sowlup, daş-töwerege esewan edýärdik.
Bir gezek azaşyp, ep-esli kilometr Owganystanyň çägine giripdiris. Ýap
gyrçap ýören owgan daýhanlary daşymyza egrelip, bizi sakladylar. Biziň
ýanymyzda öz ýigitlerimizden ikisi bardy. Kerwenimiz Eýran topragy bilen
agşam düşlenjek ýere bakan ýoluny dowam etdirýärdi.
Owganlaryň bizi sypdyrmak meýliniň ýokdugy belli bolansoň, Hentington
atyşyp, ata gamça basmak kararyna geldi. Merdan meniň gulagyma
pyşyrdap: «Alla bizden ýüz öwrüpdir! Her bir ele salnan rus üçin iňlisler müň
rupiýa töleýär! Iňlisleň ähli ýerde jansyzy bar. Söweşmeli bolarys. Ýogsam
tagtabitli zyndana taşlarlar. Soňam Kabuldaky iňlis wekiliniň köşgüniň
öňündäki gazygyň üstünde oturdarlar!..» diýdi.
Men biraz salym pikirlenip, Odisseýiň mekirligini ulanyp görmek kararyna
geldim-de, Merdana şeýle diýdim: «Tagapyl et! Alla bizi däl-de, biz Allany
gözden salypdyrys!..», soň hem oňa: «Meni owganlara uly polkownik diýip
tanat. Bu ýere ýörite ilçi hökmünde geldi. Şonuň üçinem çem gelen adam
bilen gürleşesi gelenok. Kethudalaryňyzyň iň ulusyny çagyrmagyňyzy talap
edýär» diýip düşündirmegini haýyş etdim.
Merdan bolşy ýaly düşündirensoň, olar iň golaýdaky owgan agasynyň
(kethuda) bu ýerden birnäçe kilometrlikde ýerleşýän harby galadadygyny
aýtdylar.
«Meni oň ýanyna äkidiň! ― diýip, men sesime bat berdim. ― Öňünden
çaý-nahar taýynlap goýarlary ýaly, iki çapar ýollaň!..»
Owganlaryň birnäçesi atlaryna towsup mündüler-de, gamça basdylar. Iki
sany owgan meniň atymyň uýanyndan tutjak bolanlarynda, at kellesini
silkeläp, agyz urup, olary gyran-jyran etdi. Soň gyssanman ýolumyzy
dowam etdik.
Bir topar aýakýalaňaç owganyň daşymyzy gallamagynda, biz palçykdan
salnan, kiçijik, ýarym haraba çalym edýän gala geldik. Ol ýerde eýýäm
halylar düşelen, palaw atarylypdyr, bürünç tüňçeler oda goýlupdyr.
Galanyň hem serhediň bu ýerdäki bölegini saklaýanlaryň serkerdesine
Abdylhamyt diýýär ekenler. Köne owgan ofiseri, uzyn boýly, sakgalynyň
ýarysy hynalanan ol adam gürrüň edende aýyl-saýyl bildirýän gazabyny
sypaýyçylyk bilen ýuwmarlamaga çalyşýardy. Ol aýasyny gyzyl sakgalynyň
üstünden ýöredip, bize ýüzlendi: «Siz owgan topragyna rugsatsyz girmäge
neneň het etdiňiz? Ruslara Owganystana girmegiň gadagandygyny siz
bilmeli ahyryn! Aslynda näme üçin geldiňiz?»
Dilmaç Merdanyň üsti bilen tiz özümiziň ylmy iş saparyndadygymyzy,
birimiziň rus, beýlekimiziň amerikalydygymyzy, bu çöllükde serhedi
aňladýan hiç hili bellik bolmansoň, azaşyp düşenimizi oňa düşündirdik.
«Şonuň üçinem biz haýsy ýol bilen gitsek, Seýistana, ol ýerdenem
Bulujystana dogry baryp biljegimizi sizden soraly diýip geldik». Soňam
sözümiň üstüni ýetirdim: «Owganlar edermen hem hoşniýetli esgerler
bolmaly! Hiç kime azarsyz, özlerine kömek sorap ýüz tutan parahat
ýolagçylary saklamak olara gelişmez. Owganlar diňe iňlisleriň buýrugyna
boýun synýarlarmy? Eýsem, olaryň özlerinde ygtyýar ýokmy? Olar isleseler,
biz ýaly ötegçilerde özleri barada gowy ýatlama galdyryp bilmezlermi?
Eýsem, edermen Abdylhamydyň öz ilinde, öz soraýan galasynda hiç zada
ygtyýary ýokmy?..»
Merdan meniň sözlerimi bolşy ýaly terjime etdi. Abdylhamydyň ýowuz
keşbine az-kem ýumşaklyk çaýyldy. Ol nahar çekmäge buýruk berdi-de,
biziň ýaraglarymyzy synlasynyň gelýänini duýdurdy.
Men oňa kelteldilen görnüşli köne esger tüpeňimi uzadyp, özüniňkinem
görkezmegini soradym. Onuň tüpeňiniň gundagynda iňlis tagmasy möhür
bolup durdy.
Saçak başyna geçip, özara gürrüňçilik başlananda, Abdylmahyt menden
Russiýa hem onuň Orta Aziýa mülkleri barada kän zatlar soraşdyrdy. Ol
meniň özi bilen söhbetdeş bolan ilkinji rus adamydygymy, hut özüniň
Russiýa hem ruslara garşy hiç hili ýaman niýetiniň ýokdugyny duýdurdy.
Ýöne özüniňem beýlekiler ýaly, Kabuldan ― düýnki duşmanlary bolan
iňlislerden
gowuşýan
buýruklary
ýerine
ýetirmeli
bolýanlygyny
düşündirdi...
Biz dostlarça hoşlaşdyk. Men öz sagadymy Abdylhamyda sowgat berdim.
Gaty ajyganymyz üçin palawyň hemmesini iýdik-de, ýol salgy berenleri üçin
minnetdarlyk bildirip atlandyk.
Biz gürrüňleşýän wagtymyz Hentington sesini çykarman oturyşyna,
Abdylhamyda şübheli nazaryny aýlaýardy. Käte-de ýüň penjeginiň içki
jübüsinden Injilini çykaryp, göz gezdirýärdi.
Biz galadan keremara çykdyk-da, atlarymyzy ilki gezerine goýberip,
garaňky düşüberen uçurlarynda-da gamça basdyk.
Birnäçe owgan atlysy biziň yzymyzdan gözegçilik edip gelýärdi.
Kerwenimiziň gije düşlän ýerine ýetenimizde, olar çadyrlary gurnaşdyryp
ýören ekenler. Olar biziň şunça wagtlap nirä ýitirim bolanymyzy
soraşdyrdylar. Golaýlaberenimizde güjügimiziň tanyş jöw-jöwüni eşidip,
özümizden «ýüz öwürmedik Alla» şükür etdik.
Birnäçe wagt geçip, Seýistana baranymyzdan soň, biz Horasandaky rus
konsulhanasynda kapitan Abdylhamydyň Kabula çagyrylyp, bizi Kabula
eltmän, goýbereni üçin gamçy bilen saýgylananyny eşitdik.
5. Täze ýyl düýşi
Baran ýerimiziň geografiýasyny hem geologiýasyny ýörite öwrenýän
Hentington ýolda barýarkak, gündeligine zerur zatlary belleşdirýärdi, daştöweregiň suratyny alýardy, maňa ýer gabygynda bolup geçýän geologik
özgerişlikler, içinden geçip gaýdan çöllerimiziň emele gelşi, olarda näme
üçin ýaşaýşyň ýokdugy barada gürrüň berýärdi.
Ol Eýrandaky birçakky belent daglaryň gaty kän müňýyllyklaryň
dowamynda kem-kemden peselip, ýapgyt depeleridir giň jülgeleri emele
getirendigini, diňe käbir ýerlerde şol mahalky howaly gaýalaryň
galyndylarynyň galandygyny düşündirýärdi.
Gadymy döwürlerde gündogar Eýran gür ilatly, ýokary medeniýetli ýurt
bolupdyr. Şol gadymy şäherleriň, galalardyr ýaplaryň galyndylary bize hälişindi duş gelýärdi. Hentingtonyň pikiriçe, Eýranyň gündogar böleginde
geçiriljek gazuw-agtaryş işleri adatdan daşary üýtgeşik açyşlaryň üstünden
eltip, biziň häzire çenli hiç zat bilmeýän medeniýetimiziň yzlaryny ýüze
çykarmalydy.
Bize kowçum bolup oturan çarwalardyr kiçeňräk obalar seýrek duş
gelýärdi.
Ýolumyz, esasan, Günüň astynda köýüp ýatan suwsuz, ýalaňaç çölüň
göwsi bilen uzalýardy. Diňe käýarym gözýetimde ýüzin salyp barýan
gulandyr saýgak sürüsi, juda belentde gaýmalaşýan bürgütler gözüme
kaklyşýardy.
Çala saýgardýan yzlary galan ol obalar, meýdanlar, baglardyr ýaplar näme
üçin bu hala düşdülerkä? Hentingtonyň gürrüň beren geologik özgerişlikleri
ençeme müň ýyl ozal bolup geçmek bilen, ýaşaýşyň ösmegine amatly şertler
döredendir. Bellibir döwürde bu ýerlerde durmuş gaýnap-joşandyr-da,
soňam ýok bolup gidendir...
Biziň dynç almaga düşlän ýerimiz açyk sähra meýdandy. Gije şagallaryň
uwlaýan sesleri dumly-duşdan eşidilýärdi. Atlary duşaklap suwuny, iýmini
berip, düýeleri çökerenimizden soň, özümiz köräp duran oduň ýanynda ýada çadyrda uzak günüň ýadawlygyndan ýaňa bada-bat uka gidýärdik.
Daşymyzy gurşap ýatan düňle çöli synlap, men biygtyýar oýa batýardym:
«Belki, birçaklar bu ýerleriň howa ýagdaýam başgaça bolandyr.
Makedonly Aleksandryň, Çingiz hanyň, Teýmirleňiň hem beýleki
basybalyjylaryň san-sajaksyz leşgerleri şu ýerlerden geçipdirler ahyryn.
Olaryň özleri, atlarydyr düýeleri näme iýip oňdularka? Olar näme getirip,
özlerinden soňa näme galdyrdylarka!..
Ýykan-ýumranlyk,
ölüm,
haraba
dönderilen
şäherlerdir
obalar,
asyrlarboýy döredilen medeniýetiň ýoguna ýanmak, üstünden müňlerçe ýyl
öten ýitigsi kerwen ýollary... Ine, şulary galdyrypdyrlar. Galan zatlaryň
baryny çäge düýnäpdir... «Älemi sarsdyryjy» ganojaklar nämäniň hatyrasyna
uruş etdikäler?..»
Täze, 1904-nji ýyly biz çölde garşyladyk. Bu senäni tüpeňlerimizden ok
atyp, «barymyz bilen bazar eýläp» belledik.
Russiýa üçin haýhatly bolan, mende-de ýatdan çykmajak ýatlama
galdyran şol ýylyň başlanan çigrekli asuda gijesinde daňdanlar täsin düýş
gördüm.
Men bezemen çadyryň golaýynda otyrmyşym. Onuň içindäki äpet
göwreli, pişigiňki ýaly gyýyk gözleri içiňden geçip gelýän, inçejik edilip
örülen saçy gulaklarynyň ýeňsesinden sallanyp duran adamyň Çingiz
handygyny tanadym.
Ol çep aýagynyň daraklygyna galyp, sag aýagynyň dyzyny gujaklap otyr. Ol
maňa öz gapdaljygynda, keçe içirginiň üstünde oturmagy mürehet edýär.
Golaýragynda oturanymdan, ol meni güýçli gollary bilen gujaklap, şeýle
diýdi:
«Sen meniň ömür beýanymy ýazjak bolýarmyň? Eger ýazaýsaň, meni boýun
egdiren
halklaryma
rehimdar,
adamzada
bagt
getiriji
hökmünde
suratlandyrmalysyň! Şeýtjegiňe söz ber!..»
Men oňa diňe hakykaty ýazmak isleýänimi aýtdym.
«Sen mekirlik etjek bolýaň!.. Dogry jogapdan gaça durýaň. Meniň abraýyma
şek ýetiresiň gelýärmi? Oňa nädip het edersiň! Men senden güýçli ahyryn.
Gel, göreşseň!..»
Ýerinden turman, ol meni güýçli gollary bilen barha berk gysyp ugrady.
Mongol däbi boýunça, onuň biloňurgamy ýazdyrmakçy bolýanyny aňýan.
Nädip halas bolmaly? Heý, sypyp bolmazmyka? Nädip muňa tabyn bolmaz
ýaly, özüňdenem güýçli bolup bolarka?.. Birdenem, men «Bulaň bary
düýşüm ahyryn! Häziriň özünde oýandygym, halas bolýan!..» diýip
oýlandym.
Ahyry gözümi açdym. Depämde san-sajaksyz ýyldyzlar lowurdaşýardy. Çöl
dym-dyrslykdy. Atlarymyz birsydyrgyn gütürdedip arpa çeýneýärdi.
Çadyram, Çingiz hanam, onuň içinden geçip gelýän nazaram... hiç zat
ýokdy...
Şundan soň mende ilkinji gezek bu basybalyjynyň ömrüni beýan etmek islegi
döredi. Özem hakyky bolşy ýaly ― öz yzynda töweregimizde ýaýylyp ýatan
çölüstany galdyran ýumrujy, halklary gyrgyna beren ganojak hökmünde
suratlandyrmagy ýüregime düwdüm...
Bu arzuwym hasyl bolýança men kän ýerlere syýahat edip, köp zatlary
gördüm, başymdan geçirdim. Şol düýş gören günümden otuz ýyl geçeninden
soň, şol arzuwlaýan eserim dünýä indi!..
6. Ýowuz çöl
Biziň ýüzüni günorta tarap tutup barýan kiçijik kerwenimiz Deşti-lut («Deşt»
― çöl, «lut» ― ýowuz) diýlip, adyny daş ýany bilen ödeýän suwsuz çöli
kesip geçdi. Eýranyň gündogar böleginiň ýüzlerçe kilometrini tutup ýatan bu
çölüň köp ýeri şor bilen örtülen. Onda ýaşaýyş nyşany bolmadyk köllerem
gabat gelýär. Kä ýerlerini pesräk dag gaýalary kesip geçýär.
Nemeksar atlandyrylýan şor kölüň kenarynda biziň üsti ýükli
düýelerimiziň biri durşy bilen jaýryga gitdi. Sähel ägä bolmasaň, başyňa
ýetjek bu duzakdan özümiz zordan aman sypdyk. Janhowluna urunýan
janawary, onuň üstündäki ýükümizi halas etjek bolup, näçe jan çeksek-de,
başa barmady. Gözgyny halda beýdip ýatmasyn diýip, oňa bir oky berdik.
Şeýdibem, bu ýowuz çölüň öňki san-sajaksyz pidalarynyň üstüne ýene biri
goşuldy.
Iňlär siňeksiz ýaýylyp ýatan bu jelegaýda nähilidir bir ýaşaýyş alamatyna
duşaryn diýip, oýuňa-da getirer ýaly däldi.
Düýämizi halas etjek bolup, halys tapdan düşüp, tutuk ýalaňaç dagyň
eteginde gijämizi geçirmek üçin düşledik. Gara gaýanyň jaýrygyndan süýji
suw akýardy. Birden alawymyzyň ýagtysyna garaňkylykdan çykyp, özümize
tarap gelýän egni oýlukly, eli çopan taýakly arryk goja gözümiz düşdi. Onuň
yzyndan sekiz ýaşlaryndaky oglanjyk bilen bir tüýlek köpek gelýärdi.
Çopan iýip-içip bolansoň, uzyn çilimini burugsadyp, bize çöl hakynda
gaty kän gyzykly zatlar gürrüň berdi. Goja çölüň jansyz däldigini, diňe biz
ýaly gelmişeklere şeýle görünýändigini, bu ýerlerde doglup, ýaşap ýörenler
üçin hiç hili kem zadyň ýokdugyny düşündirdi.
«Bu çölde erkinlik söýüji, Hindistan bilen Gyzyl deňziň aralygynda
göçüp-gonup ýören çarwa lýuti taýpasy ýaşaýar. Bu taýpanyň adamlary öz
ýerlerine belet. Haçan, ýylyň haýsy wagtynda guýularda suw bolýanyny,
otuň gögerýänini gowy bilýänleri üçin, şoňa görä hemişe düşleg ýerlerini
üýtgedip ýörler.
Ýaşlar ýoly garawullap, kerwen talamagy gowy görýärler. Garrylar bolsa
goýun bakýarlar, dary ekýärler, dagdan ýabany pissedir badam ýygýarlar...
Taýpanyň çölüň jümmüşinde ötlem-ötlem dag bilen gurşalan Ataşkerde
atlandyrylýan paýtagty bar. Ol ýerde hiç wagt hiç kim ýaşanok. Diňe üç
ýylda bir gezek ol ýerde «Keramatly daşlar» bolýar. Paýtagta barýan ýol
«belediň» bir özüne mälim.
Lýuti halkyna ýanyndaky ýaşulular bilen maslahatlylykda bir zenan
maşgala hökümdarlyk edýär. Olaryň özlerem paýtagtda ýaşaman, hemişe
göçüp-gonup ýörler...
Goja, oglanjyk hem köpek edil gelişleri ýaly, gijäniň goýnuna siňip
gitdiler. Biz irden ýene-de şol kalbyňa gussa salýan, yns-jynssyz çölüň içi
bilen ýola düşdük.
Günorta taýa gidip barşymyza, henize çenli adam aýagy sekmedik, ýolsuzyzsyz, çuň jaýryklardyr köp sanly dilkaw gaýalar bilen kesilen ýere ýetdik.
Olaryň
arasynda
terslin-oňlyn
aýlanyp,
barýan
ugrumyzy
ýitirip,
azaşanymyzy duýduk.
Birnäçe gün mundan ozal iň soňky duşan pars obasyndan hakyna tutan
ýolbeledimiz tirýekkeş bolup çykdy. Ozalam şübhelenip ýören halymyza,
onuň: «Öňümizdäki üç ýoluň üçüsem erbet. Suw ýok. Ýöne garakçy kän...»
diýmesi öňkiň üstüne urna boldy.
Ol öňki hakynyň üstüne ýene on gyran pul bilen birneme tirýek goşmasaňyz,
gitjek däl diýip, nadaralyk edip ugrady. Talaby berjaý edilensoň, ýolbelet
pullary çalmasyna orap, şänik ýaly goňras tirýegem ýuwutdy-da, yza
dolanmagy maslahat berdi...
Kerwen howply ýagdaýda galdy.
Iki meşik suwumyz hem birgiden azyk alapamyz heläk bolan düýe bilen
birlikde jaýryga gidipdi.
Galyberse-de, mundan öňki geçen menzilimizde dert tapynan Mihaili ysytma
tutup heläk edýärdi. Ol eýeriň üstünde atynyň boýnundan gujaklap, huşsuz
diýen ýaly ýatyrdy. Eýerden agaýmasyn diýen ätiýaç bilen Gurban hemişe
onuň gapdalyndan ýöreýärdi.
Biz uzak gitdigimizçe, azaşanymyza şonça-da çuň göz ýetirdik. Eýýäm
garaňky gatlyşyp ugranam bolsa, ne ýola, ne-de çeşmedir guýa gözümiz
düşýärdi. Şor ýerde düşläsimiz gelenokdy. Ne biz, ne-de haýwanlar dynç
alyp biljekdi.
Hentington dergazap bolup, ýolbelede «kezzap» diýýärdi, karta sögünýärdi.
«Süpük tirýekkeşden ap-aňsat aldananymyz birnäçe günüň içinde
Zülfagardan Bulujystana çenli hemmelere äşgär bolar. Ähli aziýalylar bizi
masgaralap, üstümizden gülerler!..» diýip gykylyklaýardy.
Elswors ýolbelet bizi bu yns-jynssyz ýere garakçylaryň eline bermek üçin
getirendir öýdüp howatyrlanýardy. Kompasdan ugur alyp, günorta tarapa
gyşarman gitmegi talap edýärdi.
Men içinden ýalyn geçen Merdanyň gündogara ― owgan serhedine tarap
gitmek baradaky teklibine gulak gabardýardym. Onuň aýdyşyna görä, şol
ýerdäki dag eteklerinde obalaram, içere suwam bolmalydy. «Günorta tarapa
gitseň, şu görýän suwsuz çölüňden başga zada duşmarsyň» diýýärdi.
Pikirimiz çapraz düşüp, herimiz bir ýoldan gitmegi müwessa bildik.
Duşuşmaly ýerimiz, takmynan, ýüz kilometr günortarakdady. Ol ýere ýene
üç-dört günden ýeteris diýip çaklaýardyk. Eger-de belleşilen ýerde
duşuşmasak, onda birek-biregiň gözlegine çykmak barada şertleşdik.
Ýanyna ýolbeledi, näsag Mihaili hem Gurbany alan Hentington günorta
tarapa ugrady.
Haçanda alysda olaryň kerweniniň jaňynyň sesi kesilende, Merdan,
Hywagylyç hem men atlarymyzyň başyny gündogar taýa burduk.
7. Lýuti halkynyň hökümdary
Ýolda geçiren ilkinji günlerimiz hiç hili ýeňillik getirmedi. Ýöne Merdanyň
suwa ýetjegine ynamy güýçli bolmaga çemeli: bizi çyny bilen gündogara
alyp barýardy.
Ýene-de gije düşüp, atlarymyz daşly depeden kä ýokary galyp, kä pese
inip barýarka, birden gözedürtme garaňkylykda bir otjagaz ýylpyldap
göründi-de söndi. Ot bolan ýerde adamlaram, suwdur iýmitem bolmaly diýen
ynam biziň bedenimize güýç berdi.
Golaý baranymyzda ullakan alawa, onuň daşynda aýlanýan, uzyn
köýnekleriniň etegi hallan atýan aýallaryň şekiline gözümiz düşdi. Alawyň
ýalny ýarganatyň ganatlary ýaly ýaýraw dikilen birnäçe gara çadyry
ýagtyldýardy.
Okdurylyp gelen ullakan, tüýlek itler biziň çarpaýa galan atlarymyzyň edil
alkymyna gelip, boguk seslerine bat berip üýrýärdiler. Aýallar gozgalaň
tapyp, iki ýana galgaşdylar, çirkin gygyryşdylar, soňam ýerden daş alyp, bize
tarap ýagdyryp başladylar.
Biz alawyň ýanyna baranymyzda, garaňkylykdan başy çalmaly, ak
sakgally goja çykdy-da, «Garaňyzy saýlaň!» diýýän ýaly, ellerini gaharly
galgadyp ugrady. Merdan oňa owgança bir zatlar diýip gygyrdy. Hywagylyç
parsça hem türkmençe düşünişjek boldy. Ýöne hijisiniňem beren peýdasy
bolmady.
Elleri bilen ýüzleriniň aşaky ýarysyny ýapan aýallaryň gykylygy
köşeşenokdy. Zarp bilen zyňlan daşlaryň biri meniň gulagymyň duşundan
şuwlap geçdi, beýlekisi Merdanyň atyna gütläp degdi.
Näderimizi bilmän, yza tesip ugranymyzda çadyrlaryň aňyrsyndan gyzyl
köýnegine dakylan kümüş apbasylaryny şaňňyrdadyp ylgap gelen kiçijik,
garaýagyz gyzjagaz aýallara bir zatlar diýip gygyranda, olaryň sesine suw
sepilen ýaly boldy. Goja-da gaharly hüňürdäp, garasyny saýlady. Gyzjagaz
ýanymyza geldi-de, parsça golaý bir dilde çalt-çalt geplemäge başlady.
Hywagylyç onuň bilen düşünişip, bize ýagdaýy mälim etdi: görüp otursak,
biz lýuti halkynyň maşujylar taýpasynyň mekanynyň üstünden gelipdiris. Bu
ýerde diňe aýallar ýaşap, erkeklere, has beterem, kapyrlara ýol bekli eken.
Bularyň hökümdary ― Bibigunduz atly aýal bize öz çadyryna gelmegi haýyş
edipdir.
Aýallar itleri kowdular-da, atlarymyzyň uýanyndan tutup, alyp gitdiler.
Aziýanyň ähli halklarynda gündogar myhmansöýerliginiň kanunlary
mukaddes zat hökmünde berjaý edilýär. Şonuň üçinem biz hatyralanyp
myhman
alyndykmy

özümizdenem,
atlarymyzdanam
arkaýyn
bolaýmalydyk.
Apbasylaryny şaňňyrdadyp, öňümize düşüp barýan gyzjagaz eňsini
galdyrdy-da, bizi alagaraňky çadyra saldy. Köräp duran oduň öňünde
ýazylan halynyň üstünde oturtdy.
Gözümiz garaňkylyga öwrenişensoň, ojagyň beýle tarapynda ― gabat
garşymyzda edil hindileriň Budda hudaýy ýaly gabaklaryny börtüp oturan
aýala gözümiz düşdi. Ol şu taýpanyň hökümdary Bibigunduz diýilýäni ekeni.
Onuň egninde altyn teňňelerdir şaý-sepler bilen bezelen gyzyl ýüpek lybasy
bardy. Kellesine oralan şalyň üstünden geýen ujy çüri täjinden zynjyra
berkidilen şelpeler sallanyşyp durdy. Oduň ýagtysyna onuň ozalky
gözelliginiň alamatlary açyk-aýdyň bildirýän goňras ýüzüni, sürmelenen
göni gaşlarynyň ýokarsyndaky gökje nokady saýgaryp bolýardy. Boýnunda
hem döşünde ullakan zümerret hem pöwrize daşyndan ýasalan bir düzüm
monjuk sallanyp durdy.
Hywagylyç gündogar sypaýylygy bilen Bibigunduzdan goýunlarynyň, atdyr
düýeleriniň ýagdaýy, özüniň hem onuň taýpasyndaky ähli aýallaryň saglygy
hakynda soraşdyrdy. Soňam şor çöli söküp, Hindistanyň serhedine tarap
barşymyz barada gürrüň berdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aziýanyň mawy alyslyklary - 6
  • Parts
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 1
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2094
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 2
    Total number of words is 3431
    Total number of unique words is 2125
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 3
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2265
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 4
    Total number of words is 3530
    Total number of unique words is 2226
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 5
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2218
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aziýanyň mawy alyslyklary - 6
    Total number of words is 3028
    Total number of unique words is 1926
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.