Latin

Aýuw - 4

Total number of words is 809
Total number of unique words is 639
38.7 of words are in the 2000 most common words
53.8 of words are in the 5000 most common words
61.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Atamgyzy maý tapyp, ýykyla-sürşe olara tarap gaňryldy.
―Ümürdumanjan-a-aý, Sopydigerjan-a-aý!!!..
Giň ýerde garaw görmän ösen tosun çagalaryň ýürek paralaýjy sesleri,
dözmezini iň soňky ýoluna ugradýan märekäniň “jaggyldysyndanam” çasly çykdy.
―Enä-ä-ä!!!..
―Enä-ä-ä!!!..
Atamgyzy ahyram bir tärini tapyp ýigitleriň elinden sypdy-da, togarlanypjyk
gelýän çagalaryna tarap ylgady. Jahangir göz açyp-ýumasy salymyň içinde atlandyda, entäk ýapa dyrmaşyp ýetişmedik uýasynyň yzyndan ýetdi. Garbap alyp öňüne
kese basdy. At üstünde hallan atyp barşyna Atamgyzy ýene-de agasyna ýalbardy.
―Goýber dogan, galaýyn! Ojagyma otlar salaýyn! Içim-bagrym üzüldi,
öýkenim çişe düzüldi! Ümürdumanjandan aýryldym, dad-äý! Sopydigerjandan
aýryldym boý-eý! Guzyjyklarym-a-aý, köşejiklerim-aý! Aýuw-a-aý, öýüm-aý!
Emma bu ahy-nalalaryň hiç birem sarç at münen ýigitleriň ýüregini eretmedi.
Olary bütin oba bolup garşy aldylar.
Oglunyň syrtynda ýüzüni sallap oturan gyzyň perişan halyna gözi düşenden,
Elmaýyş ene “güt-güt” etdirip kükregine urdy-da, özünden gitdi.
Atamgyzy atdan syrylyp düşdi. Özüni enesiniň üstüne oklady. Ol agladymy,
güldümi düşer ýaly bolmady. Gözlerinden welin dynman ýaş akdy. Eneli gyzyň agyr
halyna dözübilmän, gözaýdyňa gelen beýleki aýallaram aglaşdylar. Soň ikisinem
götergiläp öýe saldylar. Atamgyzyny ýuwdundyryp, geýindirip töre geçirdiler.
Aşagyna tämiz düşek , gapdalyna per ýassyk taşladylar.
Jahangir bolsa obanyň ähli adamlaryny ýygnap uýasynyň şanyna toý tutdy.
Toý güni tärimiň aňyrsyndan Gerçegiň berdaşly göwresi göründi. Ol gözeneklerden
garap Atamgyzyny synlady. Emma Atamgyzy onuň nazaryna nazaryny çenäp
bilmedi. Şo-ol, aşak bakyp içini hümletdi oturdy. Ýeke bir Gerçek bilen däl, kowumhyşlary bilenem, joralary bilenem ibaly gürleşmedi, hal-ahwal soraşmady. Enesi bir
zat sorasa-da jogap bermän, kükregine ýaplanyp aglady oturdy. Çaga sesi eşidildigem
böküp ýerinden turdy. Düňküldäp daş çykdy. Keserjekläp töweregine diň saldy.
Käkilleri gerdenlerine dökülip duran çagajyklaryň arasyndan Ümürdumany,
Sopydigeri gözledi. Gelip ýene-de düşege geçdi. Gussalar içinde saraldy, soldy. Iýgiiçgi bilenem hoşy bolmady. Gijelerine ýatyp bilmedi. Ukusy gelmän öwran-öwran
daş çykdy. Daglara tarap diň saldy. Çagajyklarynyň “gulgulasyny” eşitjek boldy.
Aýuwyň obanyň çetinden giräge-de: “Atamgyzy-u-uw, çagalaryňy alu-uw!..” diýip,
gygyraryna garaşdy. “Ody ýanyp durmyka ýa öçdümikä? – diýip, ojagyny ýatlady.
29
―Wah, özüň bolmasaň öçerl-e” , diýip, pyşyrdady. Gam-gussa welin gitdigiçe artdy.
Süňňi agraýdy. Süýekleri lagşady. Garry adam ýaly “hyk-çok” edip aýak ýoluna-da
zordan gidip geldi. Ýüreginde yza, bagrynda awy köpeldi. Soň-soňlar, her gije il
ýatyp, it uklansoň ýorganyndan sogrulyp bir ýana sumat bolmany, daň atandan soň
dolanyp gelmäni çykardy.
Bir gezegem muny agasy duýdy-da, garaba-gara yzyna düşdi.
Atamgyzy çürrüjek gara öýleriniň, pagça jaýjagazlarynyň küňreli
howlylarynyň arasy bilen aýlanyp-öwrülip, obanyň çetindäki ak inişe tarap ýöneldi.
Baryp üstüne dyrmaşdy. Öň gyzlar bilen üýşüp läle kakýan ýerlerine bardy. “Tar-tar”
bolup dökülýän Aý şöhlesine tarap iki elinem birden uzatdy-da, barmaklary bilen
kakyp goýberdi. Şöhleden kümüşsöw, şabram owaz çykdy. Atamgyzy gözlerini on
dördi gijäniň şuglaly Aýyna tarap dikdi-de, kümşsöw owazyň sesine ses goşup,
ýüregiňi dilip barýan pessaý, zaryn bir äheň bilen aýdyma başlady.
―Şu Aýyň ýagtysyny
Ümürdumanjanam görýändir,
Şu Aýyň ýagtysyny
Sopydigerjanam görýändir,
Aýuw idi – ärim idi,
Ýykyk idi, ýumruk idi – öýüm idi,
Aýuw-uw-w, Aýuw-uw-w,
Öýüm-uw-w, öýüm-uw-w!!!..
Jahangir edil içegesi ýolnan ýaly içini tutup aşak oturdy. Gelip, bolan işi
enesine beýan etdi.
Elmaýyş ene tukat ses bilen:
―Bilýän oglum, bilýän, barsyny bilýän, - diýdi. ―Sen onuň ýürek bagyny
üzüpsiň. Köki bolsa daglarda galypdyr... Şol, “süýjüje duşmanlaryna”, ojagyna
gowuşmasa ol indi bu ýerlerde oňup bilmez.Köňli karar tapmaz. “Zyýanyň
ýarysyndan gaýtmagam bir peýda” diýipdirler. Hälem bolsa haýyr işi gaýra goýma...
Nireden alan bolsaň şo ýere-de eltip gaýt.
Şol günüň ertesi, jahangir uýasyny syrtyna mündürip yzyna äkitdi. Obadaşlary
Atamgyzyny gelendäkisine görä suslyk bilen, ýöne, gadyr-gymmat bilen yzyna
ugratdylar. Garry aýallar, gyz-gelinler gözýaş etdiler. Ýigitler aşak bakyşyp
ýuwdundylar. Uludan demlerini aldylar. Gerçek bolsa bir çete çykyp aglady. “Şol
bolmasa menem munda durman” diýibem obadan çykyp gitdi.
Jahamgir gowagyň gapdalyndan geçýän çeşmäniň boýunda uýasyny atdan
düşürdi. Atamgyzy aýagy ýere degenden, hoşlaşmanam unudyp, ýokarlygyna tarap
ylgady. Enesiniň beren düwünçegini elinde galgadyp barşyna bir demde ýokary
çykdy. Kürsäp gowaga girdi. Görse, Aýuw gowagyň töründe, iki çagasynam
goltugyna gysyp, süýji ukuda ýatan ekeni. Hiç haýsyndan ses-üýn ýok. Ojak sowuk,
içeri sus. Olar hatda ojak eýesiniň geleninem duýmadylar.
Atamgyzy aşak çökdi-de, çagalaryna tarap ganatlaryny gerdi.
―Ümürduman jan! Sopydiger jan!
Çagalar ýalpa gözlerini açdylar. Hasanaklaşyp ýerlerinden turdylar.
―Enä-ä-ä!!!.. – diýşip gygyryşdylar-da, togalanyp gelip Atamgyzyň gujagyna
doldular.
30
Aýuwam “zöwwe” ýerinden galdy-da, çagalarynyň yzy bilen Atamgyza tarap
ylgady. Gelşi ýalam uzyn hem tagaşyksyz gollary bilen üçüsinem birden gujaklady.
Ýap-ýaňyja, daşdan ýasalan äpet mazar ýaly sop-sowuk görünýän gowagyň
içinden göterilýän şowhun Jahangiriňem gulagyna ýetdi.
Hä diýmänem gowagyň agzyndan gök tüsse çykyp ugrady.
Ýigit atynyň başyny ýuwaşlyk bilen yza öwürdi. Gaty daşlaşmanka-da, dikdepeden uýasynyň naýynjar sesi eşidildi.
―Gaýdyberdiňm-u-u, dogan!..
Jahangiriň dodaklary çalaja gymyldady.
―Gidäýin,, jigim...
Atamgyzy ýaýdan sypan ok kimin atylyp agasynyň ýanyna geldi. Atyny
jylawlady. Dodaklaryny kemiş-kemiş etdirip durşuna bir zatlar diýjek boldy. Emma
hernäçe owsunsa-da, bir agyzam sözläbilmedi.
Jahangir gyrmyzy ädiginiň ökjesi bilen, dor atyň böwrüne çalarak debsiledi.
―Sag, bol, jigim...
Atamgyzyň oňa: “Hoş”, diýmägede rowgaty çatmady. Hossary iki gerişden
aşyp, ymykly gözden ýitendenem, etegini dişläp ýokarlygyna tarap ylgady. Kürsäp
“öýüne” girdi. Enesiniň berip goýberen täzeje kilimini gübürdäp duran ojagyň başyna
ýazdy. Bir gyrasynda özi oturdy. Beýleki gyrasyndan Aýuwa ýer görkezdi.
Çagalarynyňam hersi bir dyzynyň üstünde oturtdy-da, gapdalynda gaýkyjaklap oturan
Aýuwyň ýüzüne seretdi. Şonda Aýuw hakykatdanam adama meňzedi.
31
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Aýuw - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2184
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2065
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 3
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 4
    Total number of words is 809
    Total number of unique words is 639
    38.7 of words are in the 2000 most common words
    53.8 of words are in the 5000 most common words
    61.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.