Latin

Aýuw - 2

Total number of words is 3834
Total number of unique words is 2065
29.0 of words are in the 2000 most common words
43.3 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýetişdi. Garagyýçak, äpet-äpet daşlardan-daşlara, kertlerden-kertlere böküp, dar-dar
jülgeleri söküp, ene saýlaryň içi bilen, belent gaýalaryň gerşi bilen ýol aşyp,
Atamgyzyny kä arkasyna hopba edip, kä egnine alyp, käte goltugynda göterip özüniň
arzyly mekanyna aralaşdy. Dagyň buky ýerinde, iňňän belent ýerde ýerleşen ullakan
gowagyň agzyna bardy. Atamgyzyny ýerde goýup, äpet, gara daşy bir gyra süýşürdi.
Içine sümüldi. Gyzy gowagyň ortarasynda ýatyryp, ölüdigini, diridigini anyklamakçy
bolýan ýaly, esli mahal ýüzüne seredip durdy. Soň daş çykdy. Daşy öňküsi ýaly edip
gowagyň agzynda goýdy-da, özem şoňa arkasyny berdi oturyberdi. Hä diýmänem
irkiljiräp başlady. Gözleri ymykly ýumlandanam boýny bir gapdala gyşardy.
Atamgyzy bolsa bu wagt dünýeden bihabar. Ýatyr. Gygyranogam,
yňrananogam. Ýerinden turjak bolup hereketem edenok. Hereket edere rowgatam
10
ýok. Onuň üçin indi bar zat öz manysyny ýitirdi. Çünki, ol ýeke bir il-gününden,
obasyndan, dogan-garyndaşyndan däl, eýsem iň eziz zadyndan – gyzlyk
buýsanjyndanam aýryldy. Indi onuň oňa-muňa görünere, oba baryp Gerçek bilen
gepleşere süýji-süýji arzuwlar edişere ýagdaýy ýok. Şonuň üçinem ol şu wagt
ýerinden turmagyň däl-de, galan ömrüne ukudan oýanmazlygyň, arzuwyny edýär.
Gaflatyň hiç haçan gutarmazlygyny, başyndan sowulmazlygyny isleýär. Ol häzir
özüniň nirede ýatanynam, ýanynda kimiň baryny-ýogunam bilenok. Ol hatda özüniň
diridigini ýa ölüdiginiem bilenok.
...Günüň ýiti şöhlesi Aýuwyň edil, ýazzy maňlaýyndan sanjyldy. Ol hasyrdap
ýerinden turdy. Daşy aýryp gowagyň içine girdi. Oňa gözi düşenden Atamgyzy
düýnküsindenem çirkin gygyrdy. Oturan ýerinde däbşenekläp yza tesdi. Diwara
gysyldy. “Has-has” edip dem alanda ýumryja döşleri eňegine degip-degip gaýtdy.
Üstüne abanyp duran nägehandan goranmak üçin ellerini daldalatdy. Degerli zat
gözläp töweregini garanjaklady.
Oňa çenlem Aýuwyň agyr göwresi üstüne howala boldy. Şondan soň
Atamgyza dişlerini berk gysmakdan, Aýuwyň uly hyruç bilen, dyzap-dyzap urýan
“urgularyna” döz gelmekden başga alaç galmady.
Aýuw bu gezegem ysgyndan gaçan göwresini bir gyra taşlap süýjümtik iňledi.
Ýatan ýerinden gyzyň ap-ak bedenini, buýr-bulaşyk bolan saçlaryny synlady.
Göreçleriniň gyralaryndan syzyp, al-ýaňak üzre syrylyp ýere düşýän, monjuk deý
nepis gözýaşlaryna geň galyp seretdi. Eli bilen göwüslerini, boýnundaky gopuzyny
elläp gördi. Soň ýerinden turdy. Daş çykdy. Daşy ýerinde goýdy-da, aşaklygyna tarap
abşanaklap ugrady.
Atamgyzy bolsa, agyr ruhy ten yzasy astynda ýene-de gaflata giriftar boldy.
Şol ýatyşyna agşamaralar özüne geldi. Gözüni açyşy ýalam töweregini
synlady. Gowagyň agzy ýapyk. Içeri garaňky. Ýöne, näme bar, näme ýok, saýgaryp
bolýar. Asyl-ha ol ýerde saýgarar ýaly zadam ýok. Boş. Dört tarapyň buz ýaly sowuk
daş. Aşagyňam daş, üstüňem daş. Zeý. Içi demiňi tutup barýan dymyljak ys.
Diwarlaryň ýüzi damja-damja der. Megerem Aýuwyň aw “gurallary” bolsa gerek, bir
böwürde bir giden egrili-dogruly agaç, gujak-gujak çygar çybyklar üýşürilgi.
Atamgyzy süýrenjiräp gowagyň agzyna bardy. Daşy süýşürjek boldy. Emma
gozgabam bilmedi. Azajyk demini dürsänsoň ýene-de synanyşyp gördi. Bu gezegem
bolmady. Eli bilen daşyň düýbüni köwjek boldy, ol-a hijem başa barmady. Daşa
arkasyny berip, aýaklarynam kerte berk diräp iküç ýola dyzady. Ondanam netije
bolmady. Şondan soň Atamgyzy gowagyň başga bir ahmalyrak ýerlerini gözledi.
Gowak – öz boluşly, üç otagly jaýa meňzeýär. Esasy, uly “otag” Atamgyzyň
ýatan ýeri bolup, soňky iki otag bilen ony, ini bir adam sygarlyk, boýy üç-dört metre
barabar bolan uzyn, dilkaw geçelgejik birleşdirýär. Ol iki otagam öz gezeginde uly,
gyýçak daş bilen deň ikä bölünýär. Ýöne, şol daş petige direlmeýär. Üsti açyk galýar.
Şol üst bilenem ondan-oňa dyrmaşyp geçmek bolýar.
Atamgyzy dilkaw öýjükden geçip, gyýçak daşa maňlaýyny diränden, “goşa
otagyň” sag taradakysyndan “şirrildi”, çep tarapdakysyndan bolsa “şaggyldy”
eşidildi. Ol usullyk bilen gyýçak, çyg, ýylçyr daşa dyrmaşdy. Orta biline barandanam
aýagy taýyp ýykyldy. Güpürdäp ýere düşdi. Esli wagt seňseläp ýatdy. Özüni
dürsänsoňam kellesini tutup oturdy. Soň ýene-de ýerinden galdy. Täzeden dyrmaşdy.
11
Bu gezek sag-aman çykdy. Görse, sag tarapdaky “şirrildi” gowaga girýän çeşmejik
ekeni. Onuň hatda ýokardan syzyp gelýän ýerem görnüp dur. Siňe syn etse suw esasy
“otaga” hem geçýär-de, şol ýerde sesisz-üýnsiz ýeriň göwsüne siňip gidýär. Ony
Atamgyzy birbada aňşyrmandyr. Şonuň üçin ol gerişden düşüp uly “otaga” geçdi-de,
suwdan tä ganýança içdi. Gerşe täzeden dyrmaşyp, indi çep tarapky “şaggylda” diň
saldy. Düşüp diwara gulagyny goýdy. Ahyram ol: diwaryň aňyrsyndan güýçli, dag
çeşmesi ýa-da derýa akyp ýatyr, diýen netijä geldi. Diwaram gaty galyň bolmaly däl.
Ýogsam suwuň sesi beýle aýyl-saýyl eşidilmezdi.
Atamgyzy ujy ýiti gyýçagrak daşlar bilen diwary urup ugrady. Derrewem
ýadady. Maňlaýyny sowuk diwara ýaplap demini dürsedi-de, soň ýene-de uly hyruç
bilen haýdap başlady.
Gowagyň agzyndaky daş alaşarykdy bolup ugrandanam, ylgap ortaky otaga
geçdi.
Aýuw içeri girensoň, daşy çygyla-çygyla ýerinde goýdy-da, kellesi çym-pytrak
bolan çal towşany ortara oklap goýberdi. Atamgyzyň oňa tarap nazarynam
aýlamandygyny görübem, edil Ýoldaş Hemranyň äkiden aýal Aýuwynyň edişi ýaly,
her eli bilen bir aýagyndan tutup bir silkende towşany ikä böldi. Bir satanyny silkip
aldy-da, Atamgyza uzatdy. Öz elinde galan satanyň dersini selteräge-de, işdämenlik
bilen agyz urdy. Bol, senem şeýt, diýýän ýaly Atamgyzyň ýüzüne jiňkerildi.
Birdenem bokurdagyndan birhili pişigiň “myrryldysyna” meňzeş ses çykardy.
Arasynda içikýän ýaly “hyk-hyk” etdi. Gözlerini süzdi. Elindäki doly gemrilip
gutarylmadyk süňki bir ýana zyňyp ileri süýşdi. Onuň nähyýala münenini aňan
Atamgyzy böküp ýerinden turdy-da, özüni törki otaga atmak üçin, ötüge tarap
topuldy.
Emma, täzeje, ganly etiň ysyna hyjuwy täzeden joşup, gasygy gaýnap ugran
Aýuw eýýäm onuň öňünde germelip durdy.
Ertesi, Aýuw çykyp gidenden soň, Atamgyzy ýene-de öz “işini” dowam etdirdi.
Açlykdan ýüregi akyberende gan-gabarçak bolan ellerine seredip aglady. Ortaky
“otaga” geçip suw içdi. Sergi bolup ýatan towşan etine bakyp ýuwdundy. Meýil etdi.
Emma batyrynybilmedi. Soň ýene-de törki jaýa dolanyp bardy. Ujy çüňkli daşy eline
alyp ep-esli ýeri oýulyp ugran diwary täze güýç bilen urmaga başlady. Diwar az-kem
ýuwşady. Oýuk çuňaldy. Atamgyzy durup diň saldy. Şaggyldy golaýlaşdy. Kemkemdenem güýçlendi. Bu – diwaryň ýukalandygynyň alamatydy. Azat bolmak, ýagty
howa çykmak umydy gyzyň ýadawlygyny aýryp, göwresine gurp berdi. Ilkibaşda
dörän terkidünýälik howpundan aýňalyp, her niçik hem bolsa oba dolanyp barmaly
diýen düşünjäni kalbyna guýdy. Göz öňüne enesi, agasy, Gerçek geldi. Şonda onuň
eljagazlary daş köwýäne däl-de, dokma ýüwürdip, darak kakýana meňzedi. Gara der
bolup oturşyna oba dolanyp barşyny, dogan-garyndaşlarynyň, obadaşlarynyň özüni
uly şowhun bilen garşy alyşlaryny göz öňüne getirip ýylgyrdy. Şol şowhunly
märekäniň içindäki ýaňy murty taban, her çigninde bir adam aýbogdaşyny gurup
oturybermeli uzynak ýigidiň soragly nazary göz öňüne gelende bolsa aşak bakyp
ýüzüni iki ýana sypjaklatdy. Eginlerini gysyp ýygryldy. Şondan soň ol ýene-de esli
mahal işläp bilmän oturdy. Daşyny ýere taşlap ýüzüni tutdy. Aglady. Henizem göz
öňünde direnip duran Gerçege bir zatlar diýjek boldy. Emma ýigit oňa gulagam
asmady. Gaty-gaýrymam diýmedi-de, nämeüçindir daglara tarap ýumrugyny bulady,
12
bir zatlar diýip haýbat atdy. Elmäýyş ene bolsa “höwürtgesinden” çykdy-da, gyzyna
tarap ganatlaryny gerip gaýtdy. Gelşi ýalam gujaklap bagryna basdy, ýüz-gözünden
ogşady. Begenjinden gözüniň ýaşyny süpürdi. Bir görse Jahangirem at üstünde özüne
seredip otyr. Gözleri ýanyp dur. Aşagyndaky atam şo-ol, bir duran ýerinde pyrlanyp
du-ur, pyrlanyp du-ur...
...Atamgyzy agyr oýlardan aýňaldy-da, ýene-de diwary ýenjip başlady.
Adam sümäýmeli giňişlikdäki deşigiň uzynlygam adamboýuna barabar
boluberende, “şaggyldy” has golaýlaşdy. Şol wagt Aýuw içki “jaýa” kellesini sokup
seredäýende hem Atamgyzyny görjek däldi. Çünki, ol indi deşigiň içine sümülip, hool, aňyrda alahasyrdy bolup ýör. Deşigiň agzyna baryp siňe seredäýmeseň içinde kim
bar, kim ýok, biler ýaly däl. Garaňky.
Şu ýagdaý birnäçe gün dowam etdi.
Bir günem... birdenkä gowagyň içi ýagtylyp gitdi-de, Atamgyzyň ýüzüne arassa
howa urdy. Aşakda “şaglap” ýatan çeşme, gabat garşyda serini duman basan howaly
daglar, ýokarda gök asman göründi.
Atamgyzy deşigi mazaly giňeltdi. Höwürtgesinden ilkiji gezek uçmakçy bolýan
guş ýaly deşikden ýarpy göwresini çykaryp aşak seretdi. Çeşmä çenli bolan ýigrimiotuz gulaç aralygyň uçut gaýadygyny görüp bar umydy puç boldy. Birdenem: “Belki
bu çeşme meni derýa elter, derýa bolsa oba elter. Oba adamlary meniň jesedimi
suwdan çykararlar, tanarlar, başyma nägünleriň düşendigini bilerler. Aýuwyň elinde
diri galandan jesedimiň oba barany gowudyr” diýen oý peýda boldy. Şonuň üçinem
ol kükregini arassa howadan doldurdy-da, jümle-jahanyň göz ýeterdäki ýerini iň
soňky gezek synlady. Oba tarap uçup barýan guşlardan enesine, agasyna, Gerçege
hoşlaşyk salamyny iberdi. Hamala olar aşakdan özüne syn edip duran ýaly: “Ine
onda, hoş galyň!..” diýdi-de, gözjagazlaryny ýumdy. Birki ýola ganatjagazlaryny
galkyjaklatdy-da, özüni dik aşak goýberdi. Kelemenläp gelýän ejizje göwräniň, içi
ownuk daşlardan doly telperje çeşmä gülçüldäp düşmegi üçin göz açyp-ýumasy
pursat galdy. Şol pursat tamam bolmanka, Atamgyzy eýýämhaçan buýr-bulaşyga
öwrülen dünýäni ýene bir gezek synlamaga ýetişdi. Şonda onuň gözüne kert gaýanyň
düýbi bilen iki elinem asmana serip, bir düýrmek tüweleý ýaly ýeldirilip gelýän
Aýuwyň keşbi kaklyşdy. Ýöne, onuň hakykatdanam şoldugy ýa däldigi barada pikir
edere maý ýokdy. Düýbi ýylçyr daşlardan doly çeşme golaýlapdy.
...Emma ol “güžžüldäp” suwa gaçmady. “Jalkyldap” daşlara urulmady.
Howadaka böküp gapdymy ýa ýere düşüp düşmänkä garbap tutdumy ol belli däl,
Atamgyzyň düşen ýeri Aýuwyň ýumşak gujagy bolup çykdy. Ýöne, munuň badyna
Aýuwyň özem tüwdürilip gitdi-de, togalanyp baryp çeşmäniň içine düşdi. Gyzy
gujagyndan sypdyrmajak bolup “pažžyldap” ýörşüne ahyram bir kökden ýapyşyp
saklandy. Alaşapyrdy bolup ýerinden galdy. Içine suw gidip garykdy. Hopukdy.
“Şalp-şalp” edip suwdan çykdy. Abşanaklap gyra çekildi. Atamgyzyny ýerde goýup
özem gapdalyna çökdi. Tüýlerinden suw sarkdyryp “has-has” edip oturşyna nägile
äheň bilen birki ýola kelteräk uwlady.
Atamgyzyň gözi öňi bilen dik ýokardan garalyp görünýän deşige, soň daştöwerekdäki miweli, ýabany agaçlara düşdi. Akar çeşmä bakyp ýuwdundy.
Durnagöz, arassa suwdan ine-gana içmek üçin süýrenjiräp çeşmä girdi. Telperräk
ýerine baryp dik oturdy-da ilki ýanawuçlap, soň goşawuçlap, tä ganýança içdi. Bal
13
ýaly süýji suw ysgynsyz göwrä gurp berdi. Şondan soň ol çeşmeden böküp çykdy-da,
sallanyşyp duran ýabany narlardan, injirdir üzümlerden ýolmaga başlady.
Ýetişibildiginden hem agzyna dykdy, hem etegine ýygnady. Agzy açyk pisselerden
çakdy. Her biri ýumruk ýaly hozlary döwüp, maňzyny iýdi. Häliden bäri höküdikläp,
yzyndan galman ýören Aýuwam onuň ähli hereketlerini birin-birin gaýtalady. Onuň
bu “oýna” birkemsiz gyzandygyny duýan Atamgyzy eteginiň ujyny dişledi-de, haýsy
tarapadygyny özem bilmezden “ýa Alla” diýip ökjäni göterdi.
Aýuw iki bökende onuň yzyndan ýetdi. Edil başdakysy ýaly iki bykynyndan
tutup egnine atdy we ýokarlygyna tarap ýegdekläp ugrady. Emgenmänem çykdy.
Gyzy gowagyň içine salyp daşyndan ýapdy. Yzyna gelip onuň ýygnan ir-iýmişleriniň
hemmesini ýeke-ýeke çöpledi.
Şondan soň ol gowaga et getirmesini goýdy. Ýetişibildiginden ir-iýmiş daşady.
Indi ony islän wagtyň açyp boljakdygyna garamazdan Atamgyzyň deşen deşigini
ululy-kiçili daşlar bilen doldurdy. Bärsinden agaç üýşürdi. Şol tarapa geçilýän dilkaw
ötügem bekledi. Birazajyk arkaýynlaşdymy ýa säwlik etdimi, bir gün Aýuw gowagyň
agzyny gowşagrak ýapyp gitdi. Muny Atamgyzam duýdy. Aýuw ep-esli ara açansoň,
ýuwaşlyk bilen gowagyň agzyna bardy. Yşyndan daşaryk seretdi. Daşa çignini diräp
dyzady. Emma daş gozganmady. Şondan soň ol ulurak egdileriň birini alyp geldi-de,
daş bilen diwar aralykdaky yşa sokdy. Bar güýji bilen ony iki ýana yralady. Daş
sähelçe süýşdi. Atamgyzy ýaňky hereketini ýene bir gezek gaýtalady. Yş ulaldy.
Atamgyzy ol egdini ýerinde galdyryp başga bir agajy getirdi-de ony diwar bilen
egdigiň aralygyna sokdy. Daş ýene-de azajyk süýşdi. Atamgyzy agajy egdiniň üstüne
mündürip yralady. Yş has ulaldy. Soň agaçlaryň ikisinem bilelikde gaňyrdy. Şondan
soň daş ýeňlän ýaly boldy-da, birdenem öz agramyna bir tarapa agyp gaýtdy.
Atangyzy suwulyp daş çykdy. Bir pursatlykça dünýe älemi synlap durdy-da, awuny
gören bürgüt çagasy ýaly şaglap aşak iýndi. Şonda onuň abat ýeri az galan eşikleri,
çile agaçlaryna gysdyrylan, esgi bölejikleri ýaly şemalyň ugruna howsalaly
pasyrdaşdylar. Şar-gara saçlary bolsa höwürtgesini ýitiren garlawajyň ganatlary
kimin howanyň ýüzünde çar tarapa galgaşdylar.
Ol aşak düşüşi ýaly, çeşmeden ýüzugra ýanawuçlap suw içdi-de, özüni gür biten
böwürslenligiň arasyna urdy. Haýsy tarapa gitjegini bilmän ýaýdandy.
Tolgunmakdan ýaňa öýkenine howa ýetmän haşlady. Daljykdy. Birdenem
böwürslenlikden dazlap çykdy-da, çen bilen demirgazyk günbatar tarapa tutdurdy.
Onuň çaky boýunça, oba şol tarapda bolmalydy. Onsoňam bu wagt onuň üçin esasy
zat şu ýerden daşlaşmak, Aýuwyň mähnem penjesinden arany açmak.
Şonuň üçinem ol uzynly gün ýol ýöredi. Ýöredi däl-de ylgady. Agşam
düşüberende dagyň iň belent ýerine çykyp daş-töweregine ser saldy. Uzakda, bir
ýerde, gök balygyň gerşi ýaly bolup birgiden baýyrlyklar göründi. Atamgyzy ony
Köwli obasynyň adamlarynyň “oba görner” diýip atlandyrýan baýyrlygydyr hasap
etdi. Çünki, dag tarapdan barýan adam şol baýra ýetende oba görünýärdi.
Atamgyzy ylgap pese indi-de, birazajyk dynç almak üçin, oýtagrak ýerdäki
gyrymsy agaçlaryň arasyna sümüldi. Pudaklaryny eýläk-beýläk egişdirip ýatar ýaly
ýer edindi. Çöp-çalam, döwük ýenjik şahalar bilen daşyny gabsady. Elini ýaňagyna
goýubam gyşardy. Şol ýatyşyna-da uka gitdi. Düýşünde oba bardy. Ençeme wagt bäri
kalbynda besläp ýören arzuwlary düýşünde oraşan göründi. Wysalyň süýji
14
lezzetlerinden ýaňa uzynly gijäni ýylgyrjaklap geçirdi. Gün dogup-dogmanka-da
oýandy. Bir enaýyja saýraşýan guşlaryň sesi oňa bu ýagty jahany hasam owadan,
mähriban edip görkezdi.
Ol usullyk bilen ýerinden galdy-da, assyrynlyk bilen daş-töweregini synlady.
Hiç-hili howpuň ýokdugyna göz ýetirenden soň bukudan çykdy. Peslikde ylgaýyp,
beýikde ýortup gelşine ak öýlänler boluberende “oba görneriň” gök gerşine mündi.
Şonuň bilenem dag gutardy. Baýyrlyk başlandy. Baýyrlykdan soň gyzyň ýoluny gum
kesdi. Gün gyzar ikindi boluberende öňünden şyr-takyr çykdy. Şondan soň ol özüniň
dogry barýandygyna, oba golaýlandygyna göz ýetirdi. Kimdir biri tamdyra ot
goýberen bolsa gerek, allaowarralardan bir ýerde inçejik, gök tüsse göründi.
Atamgyzy şol tarapa elini serdi-de, eliň aýasy ýaly tekiz meýdan bilen,
aýakaldygyna ylgap başlady. Şol barşynada bir aglady, bir güldi. Birdenem gözüne
bir wagtlar eti çüýräp, tüýleri düýt-müýt bolan hamyndan sähelçe sudur galan
Akbaýyň jesedi kaklyşdy. Saklanjak boldam welin, sag aýagynyň başam barmagy
gaty düwüre degdide tüwderilip gitdi. Iki elinem öňe ýazyp ýüzün ýykyldy. Maňlaýy
gaty çöňüre degip ganjardy. Burny sypjyryldy. Aýagynyň ujunda ýüregiňe batyp
barýan ýiti agyry peýda boldy. Şeýle-de bolsa Akbaýyň başujunda oturyp
sähelçejigem bolsa jesedine mähir siňdirmegi, soňam bir gün Jahangir bilen gelägede, jaýlapjyk gitmegi ýüregine düwdi. Şol oý bilenem hasanaklap ýerinden galdy.
Görse...
Görse Aýuw üstüne abanyp dur.
Atamgyzy bu gezek gygyrymadam, garşylygam görkezmedi. Hiç kimi kömegede çagyrmady. Şo-ol Aýuwyň ýüzüne seredip mölerildi durdy. Agzy suwy ýapýaňyja ýatan ýapdan tutulan balygyňky ýaly, çalaja açylyp ýumulýar, dodaklary
gymyldaýar, endamy titir-titir edýär, oba tarap elini uzadyp bir zatlar diýjek bolýar,
emma bolanok. Sesi içinden çykanok. Aýuw bolsa durşy bilen gahar. Gazap. Gözleri
ýanyp dur. Dişlerini “şakgyldadyp” biri-birine uranda arasyndan ot çykýar. Iki
erninden uçgun syçraýar. Hemişe sallanyşyp ýatan tüýleri häzir edil kirpiniň tikeni
ýaly syh-syh. Dem alanda kükregi “gyjyr-gyjyr” edýär...
Atamgyzy gözüni ýumdy-da, iki eli bilenem ýüzüni tutdy. Aran ýaly penjäniň
bykynyndan ilenini, aýaklarynyň ýerden üzülenini, howada galgap ugranyny çalaja
aňşyrdy. Şondan soň näme bolanyny, näme goýanyny bilenok. Bir görse gowagyň
içinde ýatyr.
Atamgyzy indi özüniň bu beladan gaçybam, ölübem gutulyp bilmejekdigine
düşündi. Çünki, bu “gara tüweleý” ajaldanam çakgan. Çalasyn. Çalt. Gözleri ýiti.
Aýaklary ýüwrek. Güýç kuwwaty ummasyz. Eger-de öljek bolsaňam öňürti şuny
öldürip ölmeli, gaçjak bolsaňam, öňürti şuny öldürip onsoň gaçmaly.
...Ol daňdanaralar gowagyň agzyny alyp ýatan Aýuwyň ýanyna süýrenjiräp
bardy. Onuň süýji ukyda ýatandygyna gözi ýetensoň pişik basyşyny edip, gitdi-de,
gowagyň içindäki daşlaryň gyýçagragyny jaýdarragyny alyp geldi. Başujuna geçdi.
Daşy dik depesine göterdi-de, Aýuwyň ýazzy maňlaýyndan inderdi. Aýuw arlap
beýlesine öwrüldi. Daş düňküldäp ýere degdi. Gowagyň içi sarsyp gitdi. Atamgyzy
ikinji gezek urdy. Aýuw bu gezegem agdaryldy. Näçe gezek ursa olam şonça gezek
togalandy ýatdy.
15
Bu – onuň ukydaka hem bar zady edil oýalykdaky ýaly duýýandygynyň
alamatydy.
Şeýlelik-de Atamgyzyň o niýetem başa barmady. Ýöne, umytdanam düşmedi.
Başga bir amatly ýagdaýyň ýüze çykjakdygyna arzuwynyň hasyl boljakdygyna
ynandy.
...Wagt geçdi. Tomus sowuldy. Güýz düşdi. Agaçlaryň ýapraklary saraldy.
Demirgazykdan öwüsýän sörtük şemal gowagyň içini sowatdy. Hä diýmänem daştöwerek ak gara bürendi. Gowagyň diwarlary gyrawlady. Içinde buz doňdy. Iriýmişler sowuldy. Aýuw ýene-de et getirip ugrady. Emma Atamgyzy çig et iýmedi.
Arly tomus ýygnan şänikleriniň maňyzyny, guradan kişdelerini, pisselerini iýip oňňut
etdi, çöp-çalamlary bir ýere üýşürip özüne ýatar ýaly ýer edindi. Üstündenem
Aýuwyň awlap gelen haýwanlaryndan sypyryp alan ululy-kiçili deri böleklerini
ýazdy. Emma “düşege” onuň özündenem öňürti Aýuw geçdi. Şonuň üçinem ol özi
üçin ýene bir ýerjagaz edinmeli boldy. Şeýdibem bu ejizje, naçar gyz üçin, ynsjynssyz dagyň içinde, il-günden alysda, tükeniksiz öý hysypdylary başlandy.
Dogry, Atamgyzyň öz hasabyna görä ýygnanja hurşy gyşdan çykara arkaýyn
ýetmelidi. Emma gapdalyndaky öýkünjeň bela Atamgyzy birini iýse onusyny iýdi, bir
gysym iýse on gysym iýdi, şeýdibem onuň ýalagyna suw çaýkady oturyberdi. Telim
günläp hiç ýana gitmän, gowagyň ortarasynda çiň arkan düşüp şänik çakyp ýatan
gezeklerem boldy.
Atamgyzy ahyram bir gün halys alaç tapman, Aýuwyň getiren çig etine agyz
urdy. Emma çeýnäp bilmedi. Gyla bulanan çig etiň üýtgäp ugran ýakymsyz ysy göni
baryp beýnä ornaşdy. Agzyndakyny çykaryp, agzyndan zyňandan soň esli wagtlap
“ö-ö-ö, ö-ö-ö...” diýip gygyrdy oturdy. Ö gutarandan soň gowagyň göwsünden syzyp
duran suwdan agzyny çaýkady. Içdi. Soň ýene ögedi. Gaýtardy. Şeýdip, gaýtam
öňküje deramatyndanam aýryldy. O zatlaryň üstesine ol indi turşy-şoram küýsäp
ugrapdy. Şonuň üçinem bir gün halys uwnup-çydaman, şorlap duran diwarlary ýalap
başlady. Ýöne ol barybir bu ýagdaýda özüniň uzak ýaşap bilmejegine, il-güne
gowuşmak arzuwynyň ardurja köýüp gitjekdigine ymykly göz ýetirdi. Şonuň üçinem
ol her zat etmeli welin, ot ýakmaly, ojak edinmeli diýen netijä geldi. Ot ony
sowukdanam, açlykdanam, ölümdenem, ýetip gelýän gara gyşdanam, bu “gara
beladanam” halas etmelidi.
Atamgyzy gowagyň içindäki ululy-kiçili daşlardan iki sanysyny saýlap aldy.
Ortarada ykjamja ornaşyp daşlary güýç bilen biri-birine urup ugrady. Emma ot
çykmady. Elindäki daşlar owranyp kül-maýda bolansoň başgasyny aldy. Soň olaram
täzelemeli boldy. Şeýdip otyrka-da üstüne Aýuw geldi. Gelşi ýalam her eline bir daş
alyp biri-birine urmaga başlady. Birdenem daşlaryň birini öz daraklygyndan saldy-da
ulyili bilen gygyryp ýerinden galdy. Mähnet göwresini bir asmana zyňdy, bir
palçyldadyp ýere urdy. Uwlady. Gowagyň içinde ters aýlandy. Bökdi. Ellerini silkdi.
Durup-durubam Atamgyza çiňerildi. Onuň henizem daş ýenjip oturşyny görüp, zyňan
daşlaryny täzeden eline aldy.
Üçünji gün diýlende Atamgyzyň çakmagy ot berdi. Ol çaga ýaly begendi.
Begenjine ör turdy. El çarpdy. Oduň ysy gowagyň içine ýaýradygysaýam göwrümi
giňedi. Ýaňy bir tutaşyp ugran ody söndüräýmezlik üçin ilki gury ot-çöplerden, soň
kiçeňräk şahalardan, ondan soň agaçly odunlardan atyşdyrdy. Hasyr-husur daşyna daş
16
aýlap ojak edindi. Dikejegine oturyp ömründe ilkinji gezek, hut öz eli bilen ýasan
ojagynyň oduna çoýundy. Oduň üstüne germeldi. Etegini galdyryp, göwsüni,
kükregini, ýagyrnysyny çoýdy. Kalbynda öz ýakan odunyň ýalkymy düşüp duran
sowuk, ýöne, ýaňy bir ýylap ugran gowagyň büdür-südür diwarlaryna bolan mähir
duýgusy döräp başlady.
Atamgyzy haýdan-haý oduň her çetine bir haçja dikdi-de, bir bölek eti taýakdan
geçirip, ot üzre her ujuny bir haçja ildirdi. Mahal-mahal taýagy aýlady, öwürdi.
Bişere howlugyp ýuwdundy. Jyzyrdap başlandanam işdä bilen agyz urdy. Dişläp
aldy. Çeýnedi. Hamala gapdalynda biri oturan ýaly: “Duzam bolaýsady”, diýip
pyşyrdady. Güzeranynyň azajygam bolsa ýeňländigi üçin begendi. Hudaýa şükür
etdi.
Şeýdip otyrkada daşardan Aýuwyň “düňküldisi” eşidildi. Gowagyň agzyndaky
daş gymyldady. Atamgyzy oduň başyndan aýrylyp bir burça gysyldy.
Ortarada gübürdäp duran oda gözi düşenden Aýuw gygyryp gaýrak zyňdy.
Atamgyzy bu ýagdaýa geň galdy. Içinden: “Bu asyl otdan gorkýan ýaly-la”, diýdi-de,
ylgap baryp otly, kesindileriň birini eline aldy. Aýuwa topuldy. Aýuw dazanaklap daş
çykdy. Girelgäni ýapmakdan ellibizar, esli ýere çenli omadaklap gitdi. Kesindisini
bulaýlap gowakdan çykan gyzam onuň yzyna düşdi. Aýuw aňyrlygyna gaçdy.
Şeýdip, aşak düşdüler. Şondan soň Atamgyzy beletje ýoly bilen oba tarap tutdurdy.
Aýuw golaýlaberjek bolsa kesindisini bulady. Ýöne, kesindi bir eýýäm öçüpdi. Diňe
ujy tüsseläp durdy. Tüsselemesem galansoň Aýuw ylgap geldi. Tutmak üçin
gollaryny giňden gerendenem Atamgyzy entek doly sowap ýetişmedik kesindiniň
ujuny bazyrdadyp böwrüne basdy. Aýuw aýylganç gygyryp çiň-arkan gaýtdy. Düýe
ýaly daşlaryň arasyna gülgüldäp düşdi-de, esli ýere çenli togalanyp gitdi. Emedekläp
ýerinden galdy. Mähnet penjesi bilen garagana boýalan maňlaýyny tutdy.
Atamgyzam kesindisini somlap öňe süründi. Aýuw yza tesdi.
Şondan soň Atamgyzy ýoluny dowam etdirdi. Aýuwam gapdaly bilen
“haltyldap” ugrady. Atamgyzy dursa-durdy, ýörese – ýöredi.
Ýöne, Atamgyzy barybir uzak gidibilmedi. Içinden geçip barýan aňzak sowugyň
yzasy dabanlaryndan ötüp depesine ornady. Aýagy, eli hiç zat duýmady. Göwresi
saňňyldap, gözleri garaňkyrady. Dişleri şakyrdady. Buzdanam sowuk garagyýçak
daşlar injiklerini persala etdi. Kä ýerde dyzyndan, kä ýerde gasygyndan geçýän, doň
gar, her gezek ädim ädende endamyny gyýym-gyýym etdi. Kert gaýalaryň ýüzüni
ýalap geçýän gury aňzak damagyny çalaýarly göründi. Her gezek “şuwwuldap”
şemal öwsende ak garlaryň ýüzünden örňeýän ak tüweleý Atamgyzyň kiçijek
göwresini Aýuwyň ýiti gözlerinden gizledi. Ahyram ol ysgyndan gaçyp ýykyldy.
Ýykylyşy ýalam iki eli bilen garnyny tutdy. Şol ýatyşynada, “golt-golt” edip ýanyna
gelen Aýuwa tarap kesindisini bulady.
Aýuw ýene-de yza tesdi. Ýöne gaty gaçmady. Atamgyzy kiçijek eljagazlaryna
daýanyp ýerinden galdy. Yraň-daraň edip durşuna töweregine garanjaklady. Ýüzüne,
gözüne, üst-başyna ýelmeşen garlary kakyşdyrdy. Bir oba tarap, birem agzyndan
zogdurylyp çal tüsse çykýan gowaga garap delmurdy. Şonda, şol çal tüsse onuň
gözüne bar zatdan eziz, mähriban göründi. Çünki, şol çal tüsse onuň öz eli bilen
ýasan ojagyndan çykýardy.
17
Ol bireýýäm buzgarakesege dönen kesindisini bir gapdala taşlady-da,
ýuwaşjadan yzyna öwrüldi. Içi garaňkam bolsa, otly-ojakly, gadymy gowagy
nazarlap, ak gar üzre ýüzüp başlady. Ýöne, uzak gidibilmedi. Guşaklygyna ýetir
duran galyň garyň içi bilen bäş-üç ädim ätledi-de, ýüregini tutup bir gapdala ýykyldy.
Aýuw bir bökende gelip onuň üstüne howala boldy.
...Ol uzyn gije ýanar oduň içinde iki ýana urundy. Gyzdyrdy. Üşütdi. Dişlerini
şakyrdadyp “hababaýlady”. Käte kiçijik ýumrujyklaryny düwüp, gözlerini depesine
dikdi, yňrandy. “Enä-ä-ä, ojagyma odun ataýsana-a...” diýip, samrady. “Zöwläpzöwläp” ýerinden galdy. Iç işikde hüýt-gara bolup oturan Aýuwyň ýüzüne çiňerilip:
“Sen kim? Saňa näme gerek?” diýip sorady. Derrewem aşak çökdi-de, başyny daşa
goýdy. Aýuw bolsa oda golaý gelibilmän, uzynly gijäni gowagyň agzynda oturyp
geçirdi.
Şol günüň ertesi öýlänaralar Atamgyzy çalarak özüne geldi. Gözüni açyşy ýalam
başyny galdyryp ojaga seretdi. Çöp bilen külüni gorjady. Külüň aşagyndan
gülbüreşip çykan gyzgyn közleri görüp uludan demini aldy. Süýrenjiräp ýerinden
turdy. Ojaga odun atdy. Tüsseläp başlan soň üfledi. Tutaşdyrdy.
Ot ulaldygysaýy henizem agşamky ýerinden butnaman oturan Aýuw
ynjalyksyzlanyp başlady. Gowagyň agzyna tarap soguşyp barýan goýras, gök tüssä,
Atamgyzyň diwara düşýän gabaraly kölegesine howatyrly seretdi. Kalbyna wehim
aralaşdy. Öz kölegesine gözi düşendenem gygyryp gaýra zyňdy. Zymdyrylyp daş
çykdy. Ol diňe ojakdaky oduň ýalny peselip köze öwrülenden soň gaýdyp geldi.
Atamgyzy ojaga golaý süýşdi. Dişlerini şakyrdadyp ýatyşyna o ýan, bu ýan
agdarylyp, tutuş göwresini gyzdyrdy. Mazaly ýylynanyndan soň ymyzgandy. Käte bir
turup ojaga iki şaha odun atdy-da, soň ýene ýatdy. Arasynda basyrgandy. Üsgürdi.
Üç gün diýlende-de çalarak derledi. Şondan soň aýak üstüne galdy. Gowagyň
çüňkünde ýatan etden bölüp aldy-da, çybyga ötürdi. Oda tutdy. Tenenden soň
sähelçesini bölüp alyp agzyna atdy. Muny görüp Aýuwam şeýtjek boldy. Emma eli
bişdi-de eti ýere taşlady. Barmaklaryny agzyna sokup aýaklaryny tapyrdatdy. Güňleç
ses etdi. Atamgyzy ikinji gezegem bölüp agzyna salansoň ýene-de durubilmän ýerde
ýatan ete elini uzatdy. Atamgyzyň üfläp oturanyny görüp üfledi. Diňe şondan soň
örän seresaplylyk bilen agzyna saldy. Kem-kemden ol ot bilenem öwrenişdi. Hatda,
Atamgyza öýkünip ojaga birki şaha odunam atdy.
Odun azalyberensoň Atamgyzy Aýuwa ojagyň başyndaky galan-gaçan
döwnüşgeleri görkezip daşaryk ümledi. Aýuw düşündi. Düňküldäp gitdi-de, gowagyň
agzyna golaýrak ýerlerde ösüp oturan çöp-çalamlardan çöpleşdirip getirdi. Atamgyzy
oňa has ulurak, agaçlyrak odunlaryň gerekdigini düşündirdi.
Şondan soň birmeýdan Aýuwyň işi odun daşamak boldy. Ol getirip ýetişse
Atamgyzam gowagyň bir çetinden rejeläp ördi. “Baýlygy” köpeltdigisaýam Aýuwyň
nebsi artdy. Beýgelip barýanyny görüp begendi.
Gyşyň soňuna çenli Atamgyzyň aýagy mazaly agraldy. Oturyp-turmasy
kynaldy. Ýaz çykyp, daglardan akgynly silleriň gelmegi, agaçlaryň gülläp, şahalarda
guşlaryň “çah-çah” urmagy bilenem gowagyň içinden goşa “jägildi” eşidildi.
Atamgyzy sal-sal bolan ýalňyz, elwan köýnegi, bir pursatda dünýä inen iki çaganyň
hersiniň daşyny ýekeje gezek çolamaga zordan ýetdi.
18
Gowagyň daşyndan daş bekläp, uzynly gününi ylgap geçirýän Aýuw, indi gyzyl
tapan gul ýaly çagalarynyň daşyndan aýrylmady. Haçan görseň bulanjyrap
gapdallaryny aldy ýatdy. Gidäýsede gaty daşa gitmedi. Şonuň üçinmi ýa Atamgyzy
çagalaryny taşlap gaçybilmez öýtdümi soňabaka gowagyň agzyny ýapmasynam
goýdy.
Bu ýagdaý Atamgyza-da kem ýaramady. Ol indi her gün, islän wagty daş çykyp
ýuwa, ýelmik, kömelek çöpleýär. Gowakdan welin daşlaşybilenok. Sähelçe
daşalşdygy göwsünden süýt akyp başlaýar. Çagalaryň sesi gowakdan çykyp dik
asmana göterilýär. Ine, onsoň ol bialaç yzyna dolanmaly bolýar. Gelip çagalaryny
gezek-gezegine emdirýär. Her gezek sokjap-sokajp emenlerinde olara bolan söýgüsi
artýar, mährine-mähir goşulýar. Bar sen gidiber, diýiläýende-de indi özüniň bulary
taşlap hiç ýana gidip bilmejegine-de düşünýär. Hamala kimdir biri olary elinden alyp
barýan ýaly çagalaryny ýeke-ýeke bagryna basýar. Gaýta-gaýta ogşaýar. Aýuw kimin
betgelşik zatdan şeýle eýjejik çagalaryň önäýşine geň galýar. Gijelerine Aýuwyň
ýanyna baryp oňa siňe-siňe syn edýär. Onuň hakykatdanam adamzat neslidigine
ynanasy gelýär. Onuň keşbinden hakyky adamlara mahsus bolan meňzeşlikleri
gözleýär. Ýene-de çagalarynyň ýanyna gelip olaryň üstüne göwüslerini gerýärde:
“Ýok, bular meniňki! Meň çagajyklarym! Aýuwyň bulara dahyly ýok! Bular maňa
meňzäpdirler!” diýip pyşyrdaýar. Aýuwyň awlap gelýän haýwanlarynyň derisini,
ýüňüni ýygnaýar. Tüýtýär, saýýar, öz ýasan ýöntemje daragy bilen daraýar, igi bilen
egirýär. Egiren ýüplerinden örüp, dokap özüne, çagalaryna eşik tikinse, gaty derileri
düşek edinýär.
Ol gowagyň içinde iki sany sallançagam ýasady. Agaç dikip ýüňden ýüp işip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aýuw - 3
  • Parts
  • Aýuw - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2184
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2065
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 3
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 4
    Total number of words is 809
    Total number of unique words is 639
    38.7 of words are in the 2000 most common words
    53.8 of words are in the 5000 most common words
    61.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.