Latin

Aýuw - 1

Total number of words is 3738
Total number of unique words is 2184
29.9 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Aýuw
/kinopowest/
Aýuw hakyndaky kä gorkunç, kä diýseň gülkünç gürrüňleriň döremegine sebäp
bolýanlar esasan “Köwli” obasynyň adamlarydy. “Arada Köwli oba Aýuw gelipdir”,
“Hol gün Köwli obadan birini Aýuw alyp gitjek bolupdyr”, “Köwli obadan pylany
Mergene awdaka Aýuw duşupdyr” diýen ýaly gürrüňleriň arasy kesilenokdy.
Esasanam şol obadan ir döwür Aýuw tarapyndan alnyp gidilen adamlar hakdaky
gürrüňler ýörgünlidi. Aýdyjylar hatda şol adamlaryň kim-kimleriň atababalarydygyna çenli, wakanyň haçanlar bolup geçendigine çenli jikme-jik gürrüň
berýärdiler. Özem Aýuw diýlen zat adamzat bilen çörňeşmese biri-birinden önüpösmeýärmişin. Şonuň üçinem olaryň erkegi gyz-gelini, urkaçysy bolsa erkek adamy
alyp gidýärmişin.
Mysal üçin bir gezek Köwli obadan Mamuna hala diýen bir aýaly erkek Aýuw
alyp gidipdir-de, özüne aýal edinipdir. Ýaşaşyp ugransoňam: “Egerde ogul dogrup
berseň öýüňize goýberjek, bolmasada ömürboýy saklajak”, diýipdir. Mamuna hala-da
nätsin, allany çagyrypdyr-da, aýynyň-gününiň dolaryna garaşyberipdir. Wagty ýetip
çaga dogrupdyram welin, görse gyz diýýä. “Wah, gara bagtym!” diýip, Mamuna hala
aýasy bilen maňlaýyna ýelmäpdir. Hern-ä şol wagt Aýuw gowakda ýok ekeni. Ilgüne gowuşmak, maşgalasynyň arasyna barmak höwesi Mamuna halany hilegärlige
ýüz urmaga mejbur edipdir. Ol: “Aý bu bir sada işigaýdandyr, bilibem durasy ýok-la”
diýipdir-de mumyýadan erkek oglanyň jüllügini ýasap gyzyň uýat ýerjagazyna
goýupdyr. Eteginden sähelçe ýyrtyp alypdyr-da, biliner-bilinmez daňypdyr. Aýuw
gelendenem: “Gözüň aýdyň, ogluň boldy, indi meni öýümize goýberäýseňem bor”,
diýipdir. Aýuw diýseň begenipdir. Sözünde durjakdygynam aýdypdyr. Soňundanam:
ýöne çaga birneme özüni tutýança gowuja seret, emdir, onsoň gidiber, diýipdir.
Mamuna hala-da içinden: “Häý, görýän welin sen gaty bir sada-da däl ýaly-la”
diýipdir. Ýöne, onuň aýdanlary bilen ylalaşmaly bolupdyr. Gyzdygyny bildirmejek
bolup telim wagtlap çagany Aýuwyň elinede bermändir. Ahyram çaga ony-muny
garbanmaga, emedeklemäge ýaransoň, Aýuw Mamuna hala hakykatdanam rugsat
beripdir. Aýuw syrymy biler-de yzymdan kowalar diýen gorky bilen Mamuna hala
dynman ýol ýöräpdir. Ölümiň öýünde özüni oba atypdyr. Edil göwnüne getirişi ýaly,
baran gijesi eýýäm obanyň çetinden Aýuwyň sesi eşidilip ugrapdyr. “Aýu-u-uw-w,
Mamuna hal-u-uw-w, oglanyň jüllügi han-u-uw!” Mamuna hala bolsa oba gelşi ýaly
erbet syrkawlapdyr-da, o wagt eýýäm ýanar oduň içinde samrap ýatan ekeni.
Aýuwam bir gün gygyrypdyr, iki gün gygyrypdyr, ahyram özünden-özi bizar bolup
gidipdir. Ol ýuwaşragy ekeni. Umuman olaryň erkegi ýuwaşrak, urkaçysy
şermenderäk bolýarmyşyn.
Ana, şolar ýaly şermende urkaçy Aýuwlar hakdaky gürrüňlerem Köwli
obasynda azlyk edenok. Şol gürrüňleriň biri awçy Ýoldaş Hemra bilen baglanyşykly.
Günlerde bir gün Ýoldaş Hemra awdan gelýärkä öňünden urkaçy Aýuw
çykypdyr-da, sen-men ýok, ony gowagyna tarap alyp gidiberipdir. Ýoldaş Hemrada
oňa aňsat el bererli-hä däl ekeni welin, arman, awda-da bars bilen urşan ekeni-de, bir
eli ýaradar ekeni. Üstesine-de ýadaw, näçe günüň ukysyzlygy. Garasaý bolmandyrda! Ine, onsoň Aýuw Ýoldaş Hemrany gowagyna eltip: “Sen maňa är bol, ýogsam
1
duran ýeriňde öldürin” diýipdir. Bir ýyl geçip-geçmänkä-de ogullary bolupdyr.
Şondan soň Aýuwyň ýüregi ýumşapdyrmy ýa Ýoldaş Hemranyň iňirdisine
çydamandyrmy, garaz, ony öýüne görme-görşe iberipdir. “Ýöne gelgin, gelmeseň
barybir ýene-de baryp alyp gaýdaryn” diýip öwran-öwran sargapdyr. Ýoldaş Hemrada öýüne baransoň obanyň batyrlaryny ýygnapdyr-da: “Gowusy özüňiz öldüriň, ýöne,
meni indi bir şoň eline berip goýbermäň” diýipdir. Özem ömründe etmedigini edip
aglapdyr. Batyrlaram: “Bolşuň nähili Ýoldaş, hiý bizem bir seni Aýuwyň eline berip
goýbärismi, öňem ät galdyk” diýşip öňe-öňe omzaşypdyrlar.
Ýoldaş Hemra barar wagty barmansoň, Aýuw hakykatdanam dagdan inipdir.
Tüm garaňky gijeleriň birinde obanyň çetine gelipdir-de: “Aýuw-u-uw, Ýoldaş-u-uw,
ýör-u-u-uw” diýip tä daňdana çenli gygyrypdyr. Obanyň batyrlary, işekçer jahyllary
ujuna ýanyp duran ýagly letdeler daňylgy taýaklaryny gollarynda galgadyşyp çar
tarapa her näçe ylgaşsalaram Aýuwy ele salyp bilmändirler. Ele salmak däl, asly
garasynam görübilmändirler. Jeňňeliň ep-esli ýerini otlabam görüpdirler. Sesiň
çykýan ýerine bäş-üç mergen bolup bilelikde atypdyrlaram. Bolanok diýýä. Ind-ä
agzy gum garbandyr şuň diýip diňşirgenýäň welin, sesi oslamadyk tarapyňdan
çykaýýar diýýä. Soň bir gije gaýtam Aýuw çagasynam alyp geläýipdir. Özem indi:
“Aýu-u-u-uw, Ýoldaş-u-u-uw, amanadyňy al-u-u-uw” diýip gygyrýarmyşyn. Çaga-da
sesiniň ýetdiginden aglaýarmyşyn. Telim günläp Köwli oba ýatuw bolmandyr.
Ahyram bolmajagyny bilensoň, Aýuw Ýoldaş Hemranyň bosagasynda peýda
bolupdyr-da: “Haý, Ýoldaş, oňarmadyň, ýüregimde dag goýduň, ýöne saňa gerek-gä
bolsa maňa-da gerek-gä, me, paýyňy al ýarysy saňa, ýarysy maňa” diýipdir-de, her eli
bilen bir satanyndan tutup, bir çekende çaganyň çatyny aýrypdyr. Dikligine deň ikä
bölüpdir. Ýarysyny Ýoldaş Hemranyň gapysyna taşlapdyr, ýarysynam egnine
atypdyr-da, dabanlarynyň düňküldisi bilen dünýäni sarsdyryp ötägidipdir. Şondan soň
obada onuň sesi eşidilmändir. O hakda: “Bagyr awusyna döz gelibilmän sowuk ýerde
syryljyrap ölendir”, “Ýoldaş Hemra gahar edip özüni gaýadan oklandyr” diýen ýaly
gürrüňler ýaýrapdyr. “Aýuwyň ähli tohmy tükenen bolaýmasa, diýip çaklanlaram,
“Aý bardyr-la, wagty bolanda bir ýerden gara berer-le” diýenlerem bolupdyr.
Agyzlyrak heleýleriň arasynda: oýunmy-çyn bilen: “Ýoldaş Hemradan soň obada
erkek göbekliniň gutaranyny bilendir olar, şoň üçin gelýän däldirler” diýenlerem
tapylypdyr. O sözi obanyň batyrlary ýokuş görüpdirler. “Onda erkegi geläýmeli
ekeni-dä diýşip dişlerini gyjaşypdyrlar. Aýuwa sataşmak üçin daga, düze, jeňňele
ýörite ýatymlyk gidipdirler. Çünki, Aýuw adamyň ýanyna ýeke bir höwür gözläp däl,
jeň gözläbem gelläýýärmişin. Özüniňem gözlegi mergen, awçy, pälwan, batyr
adamlarmyşyn. Çölde-gyrda şolar ýalynyň birine duşsa dagy: “Bir güýç synanyşalyla, halys bagrym gijäp alyp barýa” diýip, tä oba girýänçä gapdalyndan galanokmyşyn.
Ýöne, olaryňam gorkagraklary bolýarmyşyn. Şolar ýalysy duşsa welin ýanyňa
gelibilmän şo-ol, sesýetim ýerden: “Aýuw-u-uw, pylany-u-uw...” diýip daň atýança
adyny tutup ýürege-bagra düşýärmişin. Asyl olara Aýuw adam şondan galanmyşyn.
Howwa, Köwli obanyň Aýuw hakdaky gürrüňlerini sanap tükederden kän,
ýöne gözüm bilen gördüm diýýän welin ýok. Onuň näsypatdadygynam takyk
aýdybilýän ýok.
Ýogsa-da, Aýuwly gürrüň nämüçin ala-böle Köwli obadan çykýarka?
2
Bu düşnükli zat. Köwli oba köwüň gyrasynda ýerleşýär. Köwüň içi bolsa oý.
Oýuň içi ýylgynlyk, gamyşlyk. Aňryk geçiberseň gür-gümme toraňňylyk. Jeňňel.
Ondan aňyrsy derýa. Derýanyň boýuny syryp jeňňeliň içi bilen ýokarlygyna
ýöräberseňem göni daga barýaň. Dagam näme, Aýuwyň mekany. Ýeri, onsoň şol
Aýuw diýýän belalary aňrujy bar bolsa, özem hökman wagt-wagt adamlaryň arasyna
gelip-gitmeli bolsa, onda onuň üçin şondan amatly oba bolup bilermi? Bolup bilmez!
Şondan başga oba Aýuw gelipdir diýseň asyl hiç kim ynanmazam. Haku- nähak
Aýuwly gürrüňleriň hut, Köwli obadan çykmagam, ana, şol zatlar bilen bagly
bolmaly.
Aýuw hakdaky gürrüňleri Köwlilileriň içinde iň köp bilýänem, iň köp
aýdýanam Elmaýyş ene. Segsene ser urandygyna, ýaşlykda ýetim galan agtyklary
Atamgyzydyr, Jahangiri ýeke özüniň gol zähmeti bilen ekläp-saklandygyna
garamazdan garry entegem daýaw. Hamyram ýugryberýär, nanam ýapyberýär, içerini
kakyşdyryp, nahar-şoram ediberýär. Agşamlaryna bolsa indi birkemsiz kemala gelen
agtyklaryna, henizem şo-ol, çaga döwürlerindäki ýaly, täsin-täsin hekaýatlaryndan
aýdyp berýär. Her gezegem Atamgyzy ondan, Aýuwyň haýsy keşpdäki
mahlukdygyny soraýar. Olam çalarak eginlerini gysýar-da endigi boýunça “kih-kih”
gülüp: “Näbileýin-dä, gyzym. Öz-ä adamdan azanmyşyn olam-a. Keşbem adamyňky
ýalymyşyn. Asyl oba gelende-de höwür gözläp, adamzady göwni küýsäp gelýämişin
– diýýär. – Ýöne, nätsin-dä, ogurlamasa ýa zor bilen äkitmese, kim oňa eli bilen ogul
ýa gyz berip goýberjek...” Atamgyzy ýene-de Aýuwy göz öňüne getirjek bolup
dyrjaşýar. Ony durşuna tüý edip göz öňüne getirse-hä adama däl-de maýmyna ýa
goňur aýa meňzeýär, tüýsüz, adam sypatynda göz öňüne getirse-de, eşiksiz zatsyz
birhili bisyrat bolup dur. Eşik geýdirseňem onda: eşigi nireden alypdyr diýen sorag
ýüze çykjak. Onsoňam Aýuw geplemäni nireden öwrendikä? Onda-da hut, türkmençe
geplemäni. Ýa her halkyň öz Aýuwy barmyka? Ol äteňenälet ine, birden, köwüň o
gyrasynda ýaşaýan Jelil aga ýa-da onuň aýaly Patma daýza duşaýsa dagy haýsy dilde
gygyrjakka? Parsyça gygyrjakmyka ýa türkmençe? Atamgyzy enesine ine, şu hili
soraglaram berip görýär. Ýöne, belli jogap alyp bilenok.
Görüp otursa asyl enesem öz gezeginde enesiniň enesinden eşidipdirmi, garaz,
o gürrüňler ilki kimden çykandygy, haçan dörändigi belli däl. Şu zatlardan çen tutan
çagy Atamgyzyň Aýuw diýlen zadyň bardygyna-da ynanasy gelenok. Ýöne, nätjek,
gürrüň bir özüne çekiji, süýjüje zat bolýa. Diňläniň bilenem ýitirýän zadyň ýok.
Onda-da her gije öz öýüňde, baýaminnet aýdylyp oturylan bolsa. Şonuň üçinem
Atamgyzyň berýän soraglarynyň yzy üzülenok.
―Enä-ä...
―Hä-ä?
―Aýuw gije gelýämikä, gündiz?
―Aýduwlaryna görä-hä gije gelýän bolmaly.
―Gyş gijesi gelýämikä ýa ýaz gijesi?
―Ýaz ýa tomus gijeleri gelýän bolaýmasa. Sebäbi gyş gijeleri sowuk bor. Ol
gowagyndan çykybilmez.
―Şu günler geläýmegi ahmal-da onda?
―Ahmal. Ýöne soňky döwürler-hä geldi sesi eşidilenik.
―Sen aklyňy bilip gelen gezegi boldumy?
3
―Gelenin-ä göremok, ýöne diýdurlaryn-ä eşidýän.
―Enä-ä...
―Hä?
―Ol adyny gygyrýan adamsynyň adyny nireden bilýäkä?
―Ony bilmese Aýuw bormy ol, gyzym. Onsoňam ol entek gelmänkä bar
zadyň anygyna ýetip onsoň gelýär-ä...
―Oba gelmänkä nädip anygyna ýetýäkä?
Garry “kih-kih” gülýär.
―Onçasyny ine, indiki gezek gelende özünden soraýarys, gyzym...
Atamgyzyň dodajyklary titreýär. Enesiniň jogaplaryndan kanagatlanmadygy
bildirýär. Ýöne, sesini çykaranok.
...Elmaýyş ene ine, bu gije-de “döw çykan” agtyklaryna erteki otaryp berip
otyr. Ortarada ullakan ojak gübürdäp dur. Oduň gyrasynda mis kündük, “lykyr-lykyr”
gaýnap dur. Ojaga golaý ýazylan ojakbaşynyň üstünde Jahangir çaý içip otyr. Ol käte
bir ojaga odunjagaz oklap goýberýär. Gapdalynda tikilip gutarylmadyk ak telpek
ýatyr. Çaýdan boldugy ol şony eline almaly. Şu gije tikip gutarmaly. Çünki, ertir ol
şony geýip daga, duz getirmäne gitmeli. Umuman ol hünärli, edenli ýigit. Çokaý,
ädik, telpek tikmekden başga atşynaslykdanam başy çykýar. Pälwançylygam
ediberýär. Sypyndygam deň-duşlary bilen daga gidip duz getirýär. Küren obany duz
bilen üpjün edýär. Häsiýeti boýunça ýagşy ýigit hökmünde tanalýar. Hut şonuň
üçinem Elmaýyş ene söz aýdyp baran ilkinji gapysyndan “gurt” bolup gaýtdy. Toýuň
sähedinem belledi. Ondan soň gezek Atamgyza ýetýär. O-da indi obanyň göze görnen
gyzlarynyň biri. Ýaňy on alty ýaşynyň dolandygyna, göwresiniň çepiksijedigine
garamazdan, dokan halylarynyň, matalarynyň, ýaka salan nagyşlarynyň dabarasy dag
aşdy. Ýüň boýap keçe güllemekde-de, bilegini çyzgap basmakda-da gelin-gyzlaryň
hiç birinden pes oturanok. Hut şu wagtam enesiniň birsydyrgan çykýan güňleç
“gümürdisine” gulak asyp oturşyna tahýa biçip otyr. Biçip bolansoň ony oduň
ýagtysyna köklär-de, gündizlikde-de keşdelär. Onam...Ýeri, bolýa-da, - dile geldi,
bile geldi – diýipdirler, onam Jahangiriň dosty, gurban baýram günleri hiňňillik
uçulanda, gadyr gijeleri gyzlar bilen toplum bolup gezilende, özünden gözüni aýryp
bilmeýän Gerçek atly ýigide berer. Ol ikisiniň arasyndaky pynhan syry Gerçegiň
jigisi Hasperiden başga bilýän ýok. Asyl, Gerçekden ilki “salam” getirenem şol.
Hasperi. Hasperiniň birden-kä Atamgyzy bilen jora bolup oturyberşinden Elmaýyş
eneniň bir zatlar aňan bolmagy mümkin, ýöne syr bildirenok. Sesini çykaranok.
Ýogsa-da nämüçin çykarsyn? Haýsy ene öz oglunyň ýa gyzynyň bagtly bolmagyny
islemeýär? Gerçeklerem gowy ýer. Atasy, enesem ili-güni agyzlaryna bakdyrybilýän
abraýly adamlar. Jahangir üçin baran ýerem şolar ýaly. Gyzyň atasyna Atakişi
diýerdiler. Ony Elmaýyş ene gowy tanaýardy. Diýseň dogumly adamdy. Elmaýyş
enäniň adamsy Zamanyň iň ýakyn dostudy. Hut şonuň üçinem onuň ruhy şat bolan
bolsa gerek, guda bolup gelen gününiň agşamsy Elmaýyş enäniň düýşüne girip:
“Şun-a oňardyň, Elmaýyş. Garyndaşlygy täzelediň. Zaman ikimiziň ýürek bagymyzy
üzmediň. Gaýtam öňküdenem berkitdiň. Bizem ine, bu ýerde bolan işe begenip
otyrys, oň bol-a...” diýdi. Elmaýyş ene siňe seretse onuň gapdalynda Zamanam
barmyşyn. Ikisiniňem egninde ak don. Şemalyň ugruna galgap duran donlaryň syýy
birdenem ganata öwrülýärmişin-de olaryň ikisem edil, ak kepderiler kimin asmana
4
göterilip gidiberýärlermişin. Şondan soň Elmaýyş enäniň öz eden işinden göwni hoş
boldy.
Elmaýyş enäniň öýjagazy edil köwüň gyrasynda seleňläp otyr. Garaňky gijeler
daş çykaga-da gapdalyndan syn etseň öý kert gaýanyň ýüzünde ýerleşen höwürtgä
meňzeýär. Şonuň üçin oba adamlary oňa: Elmaýyş enäniň höwürtgesi, diýýärler. Ol
öý bir seretseň dagyň depesine gonup, indem sähelçe gondalaw tapsa uçjak bolup
oturan bürgüde-de meňzäp dur.
... Jahangir tikip oturan telpegini boldum edip gap böwre geçdi. Gyşardy.
―Ene, ertir meni irräk turuz, biz ir gitmeli edişdik – diýip, eşidiler-eşidilmez
hüňürdedi. Derrewwem uka gitdi.
Atamgyzyň ondan: nirä gidýäňiz , diýip sorasy geldi. Birdenem öten agşam
Gerçegiň: Birigün agaň bilen daga, duz getirmäge gidýäs, diýeni ýadyna düşdi-de,
“...wiý..hä şeýledirow”, diýip, içini gepletdi. Dodagyny dişläp süýjümtik ýylgyrdy.
Jahangiriň ýatmazdan öň ojaga oklan odunlary henizem ýanyp dur.
Ondan-mundan itleriň sesi eşidilýär.
Ahyrsoňy Atamgyzyňam ukusy tutup başlady. Muny duýan garry edip oturan
gürrüňini goýdy-da, gyzynyň süzgekläp duran gözlerine seredip:
―Uky gelýä hatar-hatar, nirde bigaýraty tapar, - diýdi. Özem agzyny giňden
açyp pallady. – Dogrudanam ýataly, gyzym. Gije bir çene barandyr.
Enesi düşek ýazýança Atangyzy daş çykdy. Çykyşy ýalam köw tarapdan iniňi
düýrükdiriji edrenç bir gorkunç ses eşidildi.
―Aýu-u-u-uw-w!!!..
Atamgyzy: “wä-ä-ä!!!” diýdi-de, kürsäp öýe girdi. Bir bökende özüni enesiniň
gujagyna oklady. Elmaýyş ene gyzyny bagryna basyp durşuna daşaryk diň saldy.
―Näm boldy, gyzym? Nämeden gorkduň?
Atangyzyň dişleri şakyrdady.
―Aý...Aý...Aýuw gygyrdy...
―Aýuw?
―H..How...Howwa...
―Goýsana , gyz!...
―Çynym, ene. Hut öz gulagym bilen eşitdim.
―Men-ä hiç zat eşidemok.
―Sen eşitmeseňem men eşitdim. Hakyt gygyrdy.
―Näme diýip gygyrdy?
―Aýuw, diýip gygyrdy.
―Adyňam tutdumy?
―Ýok, adym-a tutmady. Ýöne, “Aýuw” diýip gygyrdy.
Elmaýyş ene ýakasyna tüýkürdi.
―Estagpuralla, estagpuralla... Oýun-oýun bilen çyna ýazyp barýar-ow büý-ä...
Oňa çenli Jahnagirem oýandy. Tirsegine galdy. Töweregine garanjaklady.
―Näm boldy-aý?..
Henizem enesiniň goltugyna gysylyp oturan Atangyzy gözlerini tegeläp elini
daşaryk uzatdy.
―Aýuw gygyrdy.
5
―Ýak, sizem-ä! – diýdi-de, Jahangir silkinip ýerinden galdy. Donuny ýelbegeý
atynyp gapa tarap ýöneldi. Çykjak wagty gaňrylyp enesine seretdi. – Şo gürrüňiňi
goý, gorkuzarsyň sen şuny diýip men saňa näçe gezek aýtdym.
Şondan soň ol öýden çykdy, gerinjiredi. Gara mahmal deý ýumşak asmanyň
ýüzündäki lowurdaşýan ýyldyzlary synlady. Çukur-çukur dem alyp öýkenini
arassalady. Soň ýapyrylyp, köwüň üstiaşyry alysdaky jeňňele ser saldy. Derýanyň
“güwwüldisini” diňledi. Bir ýerden topar-topar bolup uruşýan itleriň sesi geldi.
Sesleriň kä daşlaşyp, kä golaýlaşýandygyndan çen tutup, Jahangir olaryň özara gaça
uruş edýändiklerini çaklady. Soň ýene-de aňry ýöredi. Özüne tarap “horguryp” duran
atynyň ýanyna bardy. Arkasyny sypalady. Boýnuna kakdy. Otuny täzeledi. Ýalyna
çolaşan çöp-çalamlary aýryşdyrybam köwden aşak indi. Uçguryny çözläp barşyna bir
küde ýandagyň aňyrsyna duwlandy. Uzak eglenmänem çykdy. Ýyrmaşyp gelşine
uçguryny daňdy. Gapynyň agzynda garalyp duran ommuk kündükden suw akydyp
elini ýuwdy. Ýene-de itleriň sesine diň saldy. Öz iti Akbaýy gözledi. Adyny tutubam
gygyrdy. Emma Akbaý görünmedi.
Şondan soň ol öýe girdi. Aýagyna gowallaň sokan çokaýyny çykaryp durşuna
öz-özi hüňňürdedi.
―Hiç zat ýok ýerden başga düşüp oturmaňda ýatyň indi sizem. – Ol telpegini
başyndan aýryp, tärime berkidilgi şahadan asdy. Ýerine geçdi. Ýatdy. Donuny üstüne
atyp, syýnyny ýüzüne ýapdy. Aňyrsyna öwrüldi. – Aýuw, Aýuw diýselerem henize
çenli gören-ä ýok şony. Sizem zordan görjek bolup oturmaň...
―Waý-e-eý, çagadyr-da, jan oglum, itiň sesinden dagy gorkandyr-da... – diýip,
Elmaýyş ene ogluna nägilelik bildirdi. – Itiňem päliazany uwlaýar-a käte, şolar ýaly.
Kim bilýä, ýa köwüň içindäki şagallaryň sesimi ol...
Gorkany çyn bolsa gerek, ýorgana girensoňlar Atangyzy enesine hasam
gysmyljyrady. Onuň ýumşak göwüslerine maňlaýyny goýup gözlerini ýumdy.
Elmaýyş ene welin ömür boýy werziş eden endiginden şu iki arada hem el çekip
bilmedi. Eýýäm haçan hor çekip ugran ogluna degişli edip:
―Aýuw hakda gürlemese Köwliniň güni geçýämi, - diýdi. Yzyndanam
ýuwaşja güldi. Kükregine gysylyp “hys-ys” edip ýatan gyzynyň entek
uklamandygyny bilibem: - Çynam bolsa, ýalanam bolsa şo gürrüňleriň içinde şu
gezip ýören adamlara sapak borlygam ýok däl, - diýdi-de, Aýuw hakdaky başga bir
hekaýata başlady...
Ýap-ýaňyja erbet gorkandygyna, öňem telim gezek eşidendigine garamazdan
Atamgyzy enesiniň ol hekaýatynam üns berip diňledi. Bar zat edil gündizlikdäki ýaly
göz öňünde janlandy. Hatda Aýuwyň aýak sesem eşidilen ýaly boldy. Şonuň üçinem
ol ýorganyny ýokarrak çekip iki gözünden galan ýerini örtdi. Hamala Aýuw şol
ýerden böküp giräýjek ýaly tüýnüge, birem şemalyň badyna zülpesi “şykyrt-şykyrt”
edip duran gapa gyýa-gyýa seretdi. Enesiniň birsydyrgyn çykýan güňleç sesiniň arasy
bilen gijäniň ümsümligine diň saldy. Soňabaka uky basmarlap ugrady. Bir
ymyzgandy, bir oýandy, wakalaryň arasy bir üzüldi, bir sepleşdi. Birdenem uzakly
gijäniň şirin ukusy goýazy, süýjümtik humara öwrüldi-de, bir bölek duman dek
sozulyp tüýnükden girdi, tärimiň ýüzüni sypalap öýüň içinde iküç ýola öwrüm etdi.
Göz açyp ýumasy salym Atamgyzyň üstünde pel-pelläp durdy-da, maňlaýynyň
üstündäki buldurapjyk duran derlere siňdi. Şol derleriň çykan deşijekleriniň arasy
6
bilenem kelleçanagyň içine girdi we heniz doly bekäp ýetişmedik ýaş beýniniň
daşyna çal perde bolup çolandy.
...Ertesi Atangyzy giç oýandy. Gün guşluk boluberende gözüni açalak-ýumalak
edip daş çykdy. Ýüzüni gamaşdyryp güne seretdi. Günüň ýylymsy şöhlesi tenine hoş
ýakdy. Dünýe gözüne öňkülerindenem has owadan göründi. Ol assa ýöräp işikdäki
ýylgyn öwürtmegiň içinde hamyr ýugrup oturan enesiniň ýanyna bardy. Çommaldy.
Elmaýyş ene gyzynyň ýüzüne çiňňerildi.
―Turduňmy, gyzym?
―Hm-m..Jahangir gitdimi?
―Ýok. Enteg-ä gidenok. Ýatakda atyny eýerläp dur.
Atamgyzy gapdalda duran ommuk kündügi alyp gitdi-de, aňyrrak baryp eliniýüzüni ýuwdy. Agzyny çaýkady. Aýajyklaryna suw akytdy. Tä, guraýança ýüzüni
şemala tutup oturdy. Soň kündügi getirip öňki ýerinde goýdy. Elmaýyş ene
öwütrmegiň kölegesinde basyrylgy duran çäýnege, saçaga tarap ümledi. Atamgyzy
içerden köneräk kilim alyp çykdy-da, enesiniň görkezen ýerine ýazdy. Ornaşdy.
Çäýnegi özüne çekip käsesine çaý guýdy. Içine saryýag atdy. Nan dogrady. Işdä bilen
iýdi. Oňa çenli enesem hamyryny ýugrup boldy. Kersene gapgardy. Dolady. Üstüni
basyrdy. Boldum edibem gyzyndan bir käse çaý diledi. Hemişe ýumuş buýurjak
wagty edişi ýaly:
―Mähek gyzym, mähejik gyzym, işe ýaran gyzym... – diýip söýündi. Elini
uzadyp, usullyk bilen arkasyna kakdy. Başyny sypalady. – Çaýyňy içip bolansoň
tamdyr towulyk çöplemejik çöpläp gel, gyzym.
Atamgyzy:
―Hoş, - diýdi-de, häliden bäri özüne seredip ýatan Akbaýa bakyp ýylgyrdy.
Akabaý ýerinden turup gerindi. Atamgyzyň gapdalyna gelip temegi bilen ýüzüni
ysgady. Süýkendi. Guýrugyny bulaýlady. Gyz itiň arka boýnuny sypalady.
Şol wagt Jahangir atýatakdan atyny idip çykdy. Çykyşy ýalam atlandy. Bakyda
duran mes at dogumyna bäs gelibilmän, duran ýerinde telim gezek aýlandy. Çarpaýa
galdy. Kişňedi. Aýaklary bilen ýer gazady. Burnuny parryldatdy.
Jahangir atyny debsiläp gapynyň agzyna geldi.
―Bolýa onda sag oturyň!
Elmaýyş ene allaniçiksi boldy.
―Hä! Näme nan bişere durjak dälmi? Çaý –suw içjek dälmi?
―Ýok ene, men eglenmäýin. Onsuzam gijä galypdyryn. Oglanlar garaşyp
durandyrlar.
Horjunyňa iýer-içer ýaly zatlara salyşdyrdym.
―Bilýän.
―Onda daşragam bolsa geçen gezekki getiren duzuňyzdan getirjek boluň.
Öňküleriňizden şol gowy ekeni. Iri. Arassa.
―Bor, Ene...
Elmaýyş ene ellerini ýere diräp ýerinden galdy.
―Sag aman bar onda, oglum!
―Sag bol, ene...
Atangyzyň gözleri çygjardy. Bokurdagy doldy.
―Sag bol, dogan!
7
―Sag bol, jigim!
Her gezek aýdyp-aýdyp endik eden sargydyny aýtmaklygy Elmaýyş ene bu
gezegem ýadyndan çykarmady.
―Gidişin-u-gaýdyşyn “şor kölüň” üstünden geçäýmäň! Bomy?
Jahangir ýene bir gezek:
―Bor ene! – diýdi-de, atynyň başyny daga tarap öwürdi.
Atamgyzy agasy gözden ýitýänçä yzyndan seredip oturdy. Obadan
çykyberende Jahangiriň ýanyna ýene-de iki atly goşuldy. Olaryň biriniň Gerçekdigini
Atamgyzy atyndan tanady. Üçünjini tanap bilmedi. Şondan soň uludan demini aldyda, enesine ýüzlendi.
―”Şor kölde” nähili bela bar-a ene?
―”Şor köl” eýelimişin gyzym. Duşundan geçseňem kakaýýamyşyn.
―Aky dälinem şol kakypmy?
―Howwa.
―Haçanrak kakypdyr?
―Ir döwür.
―Daşmy ol?
―Şor kölmi?
―Howwa.
―Diýdurlaryna görä iki ýatymlyk dagy bamyşyn.
―Jahangir dagyň ýoly näçe ýatymlyk?
―Bulaňkam şonçarak bardyr.
―Onda bular bir şol ýerden geçmäbilse ýagşydyr.
―Geçesleri ýok. ―Elmaýyş ene azajyk böwrüni diňläp oturdy. Birdenem
kesgitli gürledi. – Aý, ýok, geçmezler! Geçme diýlensoň geçibilmezler.
Atamgyzy çaýyny içip bolandan soň ýeňillik bilen ýerinden turdy. Içeri girip
gopuzyny alyp çykdy. Boýnundan asdy. Öwürtmek ýylgynyň üstüne serilgi şal
çuwaly egnine atdy-da, aýagyna köwüşem geýmän, obanyň gündogaryna tarap
tutdurdy. Obadan çykyberende güzeri çakyrtikenden doly köneje salma gabat geldi.
Haýsy aýagyny bassa ýiti tikeniň awusy ýüregine batdy durdy. Şonuň üçinem ol
güzere çuwalyny ýazdy-da, üstünden basyp geçdi. Aňyrsyna ötübem çekip aldy. Edil
şol wagtam “has-has” edip Akbaý ýetip geldi. Atamgyzy ony güzerden geçirmän
yzyna kowdy.
―Gal, ýogsam ýene-de höwünki ýaly obaň itleri dalar!
It galdy. Ýöne nadyl bolup galdy. Her ädimden soň aýak çekip, eýesiniň
yzyndan garady durdy.
Öňünden çykýan çöp-çöňürleri, kökjagazlary, töňňejikleri çuwalynyň düýbüne
oklap barşyna, Atamgyzy obadan mazaly daşlaşanynam duýmady.
Ýarty boluberende çuwalyny bir ýerde goýdy-da, etegine çöpläp başlady. Her
gezek etegi dolandan soň eltip çuwala gapgardy. Kem-kemdenem örüsi giňedi. Soňky
gezek etegi dolanda şyr-ak takyr meýdanyň o çetinde duran şal çuwal garalyp çalaja
göründi.
Birdenem bir ýerden torgaý peýda boldy-da, Atamgyzyyň dik depesinde saýrap
başlady. “Jüýpüldik-jüýpül, jüýpüldik-jüýpül”. Atamgyzy boýnundan asylgy
gopuzyny garbap aldy. Sülgüniň jüýjesi ýaly şyr-ak takyr ýere pasyrdap çökende,
8
etegindäki çöplemeler dyr-pytrak bolup ýere döküldi. Daş-töweregine pytrady.
Gopuz sesine maýyl bolup, kem-kemden pessaýlap gelýän mollatargaý ahyrsoňy
emaý bilen gyzyň çat maňlaýynda gondy. Ýalt-ýult edip ýüzüne seretdi. Men-ä
ýadadym, diýýän ýaly, çürnüjigini açyp diljagazyny görkezdi. Atamgyzy çalmasyny
goýdy. Mollatorgaýa bakyp ýylgyrdy. Birdenem ýeňse tarapdan “hassyldy” eşidildi.
Ýaňagyna biriniň ýyly demem uran ýaly boldy. Ol tisginip beýlesine bakdy.
―Akbaý?...
Akbaý çalaja çyňsap kellesini gyzyň goltugyna sokdy. Gyz itiň boýnundan
gujaklady. Torgaý bir düýrükdi-de, pasyrdap asmana göterildi.
Birdenem ýoňsuzja şemal öwüsdi. Gyzyň örülgi saçlaryny boýnuna orady.
Zülplerini derläp duran ýaňaklaryna, maňlaýyna ýelmeşdirdi. Ýerinden turanda
etegini galdyrdy. Töwerekde Akbaýdan başga erkek göbekliniň ýokdugyna
garamazdan Atamgyzy hasyr-husur çökdi-de etegini aşak çekdi. Gözýetimden
garalyp gelýän apy-tupana gözi düşendenem, pytraşyp ýatan çöplemelerini çöpläp
etegine atdy. Akbaýa bakyp bir zat diýjek boldy. Akbaý gulagyny ýapyryp çuwala
tarap ýöneldi. Gyzam onuň gapdaly bilen ylgady. Çuwala ýetýänçäler ýel mazaly
güýjedi. Etegindäkileri howul-hara içine atdy-da, Atamgyzy çuwaly arkasyna aldy.
Emma ýel çat maňlaýyndan bolansoň, ýöremek gitdigiçe kynlaşdy. Ýeliň
güýjerlemegi bilen gyz bütünleý ysgyndan gaçdy. Üstesine ugur-utga-da
saýgartmady. Sag tarapda henize çenli görlüp-eşidilmedik bäş-üç sany harabanyň
sudury salgym atdy. Gyz şol tarapa sowuldy. Azaşyp başga ýerlere gelendirin öýtdi.
Şonuň üçinem, ýel köşeşýänçä şol harabanyň içinde garaşmagy ýüregine döwdi.
Süýrene-süýrene içine girdi. Çuwaly burça söýäp özüni ýere goýberdi. Ýaplandy.
Gözüni ýumdy. Eli bilen ýüzüni ýapdy. Düýrükdi. Şeýdibem uka gitdi. Akbaýam
kellesini diwar bilen çuwalyň arasyna sokup eýesiniň gapdalynda süýndi.
Ýel birazajyk pesendelän ýaly etdi-de, soň ýene-de güýjerledi. Zaryn-zaryn
iňledi. Köne harabanyň içinde terslin-oňlyn kowsarlady. Ýatanlaryň üstüni tot-tozan
basdy. Gün gijikdi.
Atamgyzy Akbaýyň howsalaly sesine oýandy.
Görse, ýel mazaly köşeşipdir. Harabanyň agzynda bolsa, adam diýseň adam
däl, haýwan diýseň haýwan däl, çuw-ýalaňaç, mähnet bir bela germelip dur. Tenem
durşuna tüý. Ullakan gözleri içiňden geçip barýar. Burny maşşyk. Gulaklary gaba.
Egri aýaklarynyň üstünde duruşy tagaşyksyz. Elleri uzyn. Penjeleri uly. Dyrnaklary
aýpalta ýaly. Syrtarylanda gülýämi ýa gahar edýämi, biler ýaly däl.
Atamgyzy eli bilen başyny penjeläp çirkin gygyrdy. Mähnet gara zadam onuň
bilen deňine gygyrdy.
―Aýu-u-u-uw-w!!!..
Bu ses Atamgyzyň galanja deramatynam aldy. Ol bir düýrmek boldy-da,
gözüni berk ýumdy. Agşamky sesiň gulagyna eşidilmendigine şu duranyň şoldugyna,
Aýuwdygyna ynandy. Akbaýyň bolsa şol, ýabjynyň durşy. Çalarak götinjekleýär-de
ýene-de topulýar. Emma batyrnyp bilenok.
Aýuw içerik ätledi-de, Akbaýy aýagy bilen kakyp goýberdi. Egilip gyzyň iki
bykynyndan tutdy. Emgenmän egnine atdy. Harabadan ýegdekläp çykdy we agşamyň
ümüş-tamyşlygynda alyslardan garalyp görünýän, gatbar-gatbar gaýaly, gojaman
daglara tarap rowana boldy.
9
Adam-gara duşman, sag-salamat daga aşmak üçin, ol özüni jeňňele urmalydy.
Jeňňel bolsa obanyň gaýra tarapynda. Oňa barmak üçin obanyň üstünden geçmeli.
Şonuň üçinem ol esli ýere barýança garaňka duwlanyp gyr bilen gitdi-de, obanyň
deňinden geçensoň jeňňele tarap sowuldy.
Käte bir Atamgyzyň “gyk-bagyna” ses goşup, gapdaldan galman gelýän
Akbaýam iň soňky pursadyň golaýlanyny aňan ýaly, böküp baryp Aýuwyň budundan
agyz urdy. Aýuw silkinibräge-de bir öwrüm etdi, welin, Akbaý togalanyp beýläk
düşdi. Jabjynyp ýerinden turdy-da, ýaňadan baryp ýagynyň injiginden aslyşdy.
Silkindi. Yza dartdy. Onuň bilenem kär edibilmänsoň öňüne geçip üstüne bökdi. Öň
aýaklaryny egnine goýup çigninden agyz urdy. Birdenem bokurdagyndan ýapyşdy.
Aýuw gyzy ýanbaşyna aldy-da, penjesi bilen itiň art aýagyndan tutdy. Aýlapaýlabam takyr ýeriň ýüzüne ras, ýelmedi. It janawer “wa-a-aňk-wa-aňk...” etdi-de,
gözüni agdardy ýatyberdi. Kakyndy.Esli mahaldan soň buruljyrap galjak boldy.
Emma bolmady. Şonda-da özünden barha arany açyp barýan Aýuwa tarap temegini
uzadyp ysgynsyz çyňsady. Şeýdibem ýanyny ýere berdi. Kellesini topraga goýdy.
Aýuw şol haýdap barşyna özüni köwe urdy. Soň gür gamyşlyklardan,
ýlgynlykdan geçdi. Derýa boýuna golaýlandanam toraňňylaryň arasy bilen daga tarap
gönüledi.
Atamgyzy urundy, gygyrdy, Aýuwyň çem gelen ýerinden dişledi,
dyrnaçaklady, ýyrtdy, tüýlerinden penje-penje gopardy, ahyram özi ýadap özi goýdy.
Süňňi gyzyp barýan Aýuw o zatlary çybyn çakança-da görmedi.
Ol diňe daglaryň eteginden aslyşyp ýatan baýyrlyklara maňlaýyny diränden
soň aýak çekdi. Gyzy egninden düşürdi. Birmeýdan dilini sallap, “has-has” edip
oturdy-da, birdenem özüni mejalsyz ýatan gyzyň üstüne oklady. Birnäçe wagt bäri
özüni erkine goýman ýören ýabany hyjuwyny köşeşdirmek üçin tagaşyksyz
hereketler etdi. Gyzyň eşiklerini ýyrtdy. Sermendi. Gözleýän zadynyň üstünden
barandanam, ilk-ä bir küýkerildi , soňam gözlerini petreýdip diň-gögüne garady-da,
bat bilen öňe omzady. Gyz gözlerini petretdi-de: “Hi-ýh!” edip içini çekdi. Birdenem:
“Waý!” diýip, çirkin gygyrdy. Aýuwam gygyrdy. Ýöne onuň gykylygyň soňy
süýjümtik iňňildä ýazdy.
...Aýuw howry öçüşen mähnet göwresini bir tarapa taşlady, gyzyň kiçijik
döşlerine kellesini goýup çalaja ymyzganan ýaly etdi-de, birdenem böküp ýerinden
turdy. Gymyldamaga rowgaty ýetmän ýatan gyzy egnine aldy-da, şol bir başky bady
bilen höküdikläp ugrady. Şol gidişine ýene-de bir gije-gündiz ýol ýöräp, daglara
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aýuw - 2
  • Parts
  • Aýuw - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2184
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2065
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 3
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 4
    Total number of words is 809
    Total number of unique words is 639
    38.7 of words are in the 2000 most common words
    53.8 of words are in the 5000 most common words
    61.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.