Latin

Aýuw - 3

Total number of words is 3692
Total number of unique words is 2096
30.7 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
agaçlara baglady. Hanasyny deriden tutdy. Bag dakdy. Baglaryň hersini bir aýagynyň
başam barmagyna orap, yrap oturşyna daglary ýaňlandyryp hüwdi aýtdy. Hüwdem
elbetde, oba, il-gün, dogan-garyndaş, zalym aýralyk barada boldy. Söýerlerinden
biriniň gelip özüne hossar çykaryny, Aýuwy öldürip, çagalary bilen özüni alyp
giderini diledi. Her hüwdüniň soňundanam: “Uçup baraý diýsem ganatym ýok, ýöräp
baraý diýsem deramatym ýok, bu gara beladan gutularym ýok, bu ikijigini taşlap
gidere dözerim ýok, göterip gollar aşaýyn diýsem, gollarymda ysgyn ýok”, diýip
nalady. Öz ýanyndan oguljyklaryna at goýdy. Birine Ümürduman, beýlekisine
Sopydiger, diýdi. Diş çykansoň çagalaryna guş etini iýdirer ýaly Aýuwa ýaý ýasap
berdi. Tözüni çig deriniň tasmasyndan besläp çygar-çybyklaryň gönülerinden “ok”
ýasady. Ujuna ujy ýiti owunjak daşlardan peýkam oturdyp berk daňdy. Ojakdaky
kömür, aw etleriniň gany bilen diwaryň ýüzüne guşuň, haýwanlaryň suratyny çekip,
nyşana ýasady. Atyp görkezdi. Ok, ýaý, diwardaky suratlar Aýuwa diýseň ýarady.
Şonuň üçinem täze hünärine ol iňňän basym öwrenişdi. Ökdeledi.
Atamgyzyňam öz “hojalygyna” bolan höwesi artyp başlady. Ol telperräk,
tegelek daşlaryň içini köwüp, daşyny ýylmap iki sany okara ýasady. Barybir bizi
günümize goýmaz, diýip birini Aýuwa, beýlekisini çagalary bilen özüne niýetledi. Bir
özi aramyzda “salpysyny” sallap ýörmesin diýip, uýat ýerlerini ýapar ýaly kelteräk
balagam geýdirdi.
Bir günem şu ýere geleli bäri ilkinji gezek gopuzy ýadyna düşdi-de hasyr-husur
elini boýnuna ýetirdi. Alyp içgin-içgin synlady. Şu çaka çenli onuň döwülmänýenjilmän durandygyna geň galdy. Birazajyk dili gyşarypdyr,onam dessine düzetdi.
19
Bagryna basdy. Dodagyna ýetirdi. Dişleriniň arasyna salyp, sag eliniň süýem
barmagy bilen diline kakdy. “Bra-u-u-u-uw, bra-u-u-uw-w, bry-u-u-w...”
Mylaýym owaz tutuş, daglara ýaýrady. Jülgelere doldy. Sil suwy kimin böreňböreň akdy-da, birdenem asmana göterildi. Barybam lemmer ýasap alyslara barýan
ak bulutlaryň tüýjümek tellerinden aslyşdy. Soň ýene-de aşak düşdi. Gyşdan bäri
guzaý ýerde ýanbaşyny ýere berip ýatan ýarymgöwün garlary pagyş-para eretdi. Ol
owazyň humaryna asmandan nur ýagdy, ýer bolsa minewwer eçildi. Jümle-jahan
jümmüş eýläp, gursagynda gyzyl läleler göründi.
Hä diýmänem Ümürduman bilen Sopydiger ikisi dillerini çeýneşip başladylar.
Atamgyzy olary ojagyň başynda oturdyp, barmagy bilen özüni görkezdi.
―Ene-e...
Muny çagalaryň hersi özüçe gaýtalady.
―En-ne-e...
―In-ne-e...
Atamgyzy Ümürdumana elini uzatdy.
―Ümürduman...
Bu gezek Ümürdumanyň bir özi peltekledi.
―Ümmüdümme-e...
Atamgyzy barmagyny Sopydigeriň kükregine degirdi.
―Sopbydiger...
―Sopbydigeriň gaýtalaýşy Ümürdumanyňkydanam ýöntem boldy.
―Sopbydipbe-e...
Aý aýdyň gijeleriň birinde Atamgyzy çagalaryny daşaryk çykardy-da, elini
asmana uzatdy.
―A-aý...
Çagalaryň kümüşsow sesi daglaryň salkyn jülgelerine ýaň saldy.
―A-a-aý-ý...
Ir bilen çagalaryny ýene-de şol ýere eltdi-de, dogup gelýän Güni görkezdi.
―Gün-n...
Çagalarynyň sesi güňleç ýaňlandy.
―Güň-ň...
Atamgyzy çagalaryna näme öwretse Aýuwam şol sözi gaýtalady ýördi.
Ümürduman bilen Sopydugeriň otuz ikisi kemsiz kemala gelenden soň bolsa,
Atamgyzy duzuň gözlegine çykdy. Çünki, onuň düşünşine görä, olara duzsuz tagam
bermeli däldi. Enesi şeý diýip öwredýärdi. Elmaýyş ene hatda ýatakdaky
goýunlaryna-da mahal-mahal duz ýaladýardy. Yns-jyns duzy ýeterlik bolmasa bedeni
bekemez, bedeni bekesede beýnisi bekemez, diýýärdi. Dagda bolsa hökman duz
bolaýmalydy. Jahangir dagy duz diýip, ýöne ýere daga gaýdýan däldirler ahyry.
“Yhlasa-myrat” diýleni. Ahyram bir gün ol durşuna şor-kebir bolup ýatan
ullakan oýuň üstünden bardy. Gyrasynda oturyp ak topraga barmagyny batyrdy.
Diline degirdi. Şor topragyň ajymtyk tagamy ýüzüni=gözüni gamaşdyrdy. Şondan
soň ol toprakdan bir gysym aldy-da, gowaga tarap gaýtdy. Kaksytmak üçin çybyga
düzüp goýan etlerinden bir bölegini alyp “duzlady”. Çişe düzüp oda tutdy.. Bişensoň
dadyp gördi. Tagamy öňkülerine görä has üýtgeşik degdi. Dyzyna münüp,
galkyjaklaşypjyk oturan çagalaryna-da ýolup-ýolup iýdirdi.
20
Şol günüň ertesi ol eline okarasyny alyp düýnki duzly oýa, duz getirmäne gitdi.
Daşdan seredeniňde ak garyň astynda galan meýdana meňzeş bu kölüň içinde
diş synçgara çöp ýok. Dag gerişleriniň arasynda aýratyn bir oýtum bolup ýatyr.
Ýagny, giden bir çöketlik. Üstünden o ýan, bu ýan ötülýän borly, içine girmek üçin
ýörüte edilen ýaly, bir çetde telperje güzerem bar.
Gyzyň “duzy” oýuň ortarasyndan iriräklerinden alasy geldi. Şonuň üçinem ol
güzerden aşak indi-de, oýuň has kebirräk görünýän ýerine tarap ýöneldi. Edil şol
wagtam gulagyna agymy, nämemi, her hili sesler eşidilip başlady. Aýdym-sazyň
owazam salgym atan ýaly boldy. Yzyndanam at kişňedi, sygyr molady, kimdir biri
Atamgyzyň adyny tutuş gygyrdy, garaz, bar zat garym-gatym, buýr-bulaşyk boldy.
Birdenem iki ädim öňünde giden bir obalyk peýda boldy duruberdi. Ýöne, ol oba
onuň ömründe gören obasy däl. Adamlaram nätanyş. Üstesine bir öýüň işiginde-hä
toý bolup dur, edil gabat garşysynda-da ýas. Ýasdakylaryň, toýdakylardan,
toýdakylaryň ýasdakylardan habary ýok. Her kim garabaşynagaý.
Gyz bu hala haýran bolup ep-esli durdy-da, nämeüçindir toýa däl-de, aglaşyp
oturan aýallaryň, gyz-gelinleriň arasyna bardy. Birdenem özüniň ýarym-ýalaňaçdygy
ýadyna düşdi-de, endamyny elleri bilen ýapjak boldy. Barybir özüne hiç kimiň üns
bermeýändigini bilibem goýbolsun etdi. Dogrudanam oňa barmysyňam, geldiňmem,
gitdiňmem diýmediler. Hal-ahwalam soraşmadylar. Salamlaşmadylaram. Salam
bersede almadylar. Gyz bu ýagdaýa diýseň geň galdy. Gaty gördi. Başda beýle eleşan
halda olara görünmäge çekinen bolsa, indi özüniň barlygyny äşgär edibilmän
kösendi. Ýeldirilip barýan ýaşyl kürteli bir gelniň öňünden çykyp ýeňinden çekdi.
Çekine-çekine elindäki okarasyny görkezdi.
―A gy-yz! Azajyk duz berseňizläň, menem ynha, ho ýerde ýaşaýan. Şu
golaýda... Goňşyňyz... Meňňem öz öýüm bar... – diýdi. Emma o gelin ýeňini çekip
aldy-da, göwni bir ýaly eginlerini ýaýkyldadyp geçdi ötägitdi. Horoşaja gara öýüň
gapdalynda donuny çöwre bürenip, hamyr ýugrup oturan garryny Atamgyzy öz
enesidir öýtdi. Bir bökende ýanyna bardy. Öňüne geçip ýüzüne jiňkerildi. Görse
hakykatdanam şol. Atamgyzy okarasynam bir gyra taşlady-da:
―Ene-e! Ene ja-an! ..- diýip garrynyň boýnundan aslyşdy. – Sen nämeüçin
beýdip otyrsyň? Asylha bu ýerde nämişläp ýörsüň? Saglykmy özi? Hany, agam
nirede? Ýa şol, duza diýip gidişimi? ...Wiý gaýdyşymy? ―Atamgyzy eli bilen
töweregini sermeledi. ―Menem-ä duz diýip gelipdim... Hany, okaram bardyla ýaňy
şu ýerde...Ene, meň okaramy görmediňmi? Hä? Daş okara. Ýa sen meni henizem
tanaňokmy? Sen nämeüçin meni tanaňok, ene!...
Garry welin gabagynam galdyrmady. Gaýtam, siltenjiräp ýerinden turdy-da, içi
hamyrly kersenini ýanbaşyna alyp zym-zyýat boldy. Atamgyzy onuň nirä gideninem
aňşyrmady. Şondan soň ol daş-töweregine el serip:
―E-eý, adamlar! Il-gün! Siz nämeüçin meni tanaňzok? Nämeüçin meni
göreňzok? Men sizi görýän ahyry! Menem ine, siziň araňyzda bar ahyry!.. – diýdi.
Saklanyp bilmänem aglady. Ýer dyrmap, başyndan gum sowrup, saçyny ýolup,
ýüzüni ýyrtyp aglady. Şol wagt Atamgyzyň gulagyna enesiniň: “Atamgyzy!
Atamgyzy! Näm bolýa gyzym? Ýa aglaýaňmy?” diýen sesi gelen ýalam boldy.
Emma barybir gözüne görnen zat bolmady.
21
Birdenem gulagyna Ümürduman bilen Sopydigeriň aglaşýan sesi geldi-de,
göwsünden süýt akyp başlady. Ol ýerinden turdy. Gapdalda ýatan okarasyny garbap
aldy. “Ine, bar eken-ä...” diýip, ysgynsyz seslendi. Hamala şeýtmese biri yzyndan
ýetip saklaýjak ýaly, güýjünde baryny edip, ses çykan tarapa ylgady. Gözüne
görünmesede, aýaklary ony göni öňki inen gözeriniň üstünden eltdi. Ädimleriniň agyr
göçümlerinden çen tutup, güzerden ýokary çykyp barýanyny aňdy. Kem-kemdenem
bar zat dumana duwlanyp gözden ýitmek bilen boldy. Gaýmalaşyp ýören adamlar
salgyma öwrüldiler. Hemme zat howada eredi. Sesler daşlaşdy. Raýyşa çykdam
welin, oýuň içi edil öňküsi ýaly kebir şor meýdana öwrüldi duruberdi. Hatda, ak
gaýmagyň ýüzünde özüniňkiden başga aýak yzam görünmedi.
Atamgyzy erbet gorkdy. Bolan wakany akylyna sygdyrybilmän galpyldap
durşuna usullyk bilen aşak çökdi. Bar zady täzeden synap görmek isledi. Şonuň
üçinem, usullyk bilen ýerinden turdy-da, howlukman güzerden indi. Aşakladygysaýy
ýene-de gulagyna öňki sesler eşidilip, oýuň içindäki nämälim oba salgym atyp
ugrady. Ädimsaýam salgymlar aýdyňlaşdy. Yza çekildigem bar zat ýitmek bilen
boldy. Ol hatda syrly dünýä bilen öz duran dünýäsiniň aralygyndaky serhedem tapdy.
Şol ýerde durup bir aýagyny öňe ätse-hä oýuň sudury atyp, şowhuny köpelip başlady,
yza çekdigem tapba kesildi. Aralygy saklasa-da, birhili, güňleç, “hüňňüldi” eşidildi
durdy.
Göwsünden akýan süýdüň has güýjerlänini duýubam, Atamgyzy güýjünde
baryny edip gowaga tarap ylgady. Ep-esli ýere baransoň ýene-de saklandy. Elindäki
okara seretdi. Şu ýere nämüçin gelendigi ýaňy ýadyna düşen ýaly, “hyrra” yzyna
öwrüldi. Güzerden ylgap indi-de gulagyna üýtgeşik sesler gelip-gelmänkä, bir
goşawuç gum gatyşykly duzy okarasyna gapgardy we hasyr-husur yzyna dolandy. Bir
durmanam içinde ot ýanyp duran ojagynyň gapysyndan ätledi. Omadaklaşyp öňünden
çykan çagalaryny garbap alyp bagryna basdy.
Olar indi dört baş: Atamgyzy, Aýuw, Ümürduman, Sopygider. Tutuş bir
maşgala.
Atamgyzy olara duzlanan etden şara, kebap, çişlik bişirip berýär. Aýuw gijegündiz çagalary bilen başagaý. Tutda-bas. Olaram onuň üstünden düşenoklar.
Gykylyklary asmana göterilýär. Ýüp egrip oturan Atamgyzy olara tarap käte bir
nazaryny aýlap oturşyna, çagajyklarynyň kemsiz kemala gelip, özüni öz elleri bilen
öýüne eltip gaýtjak günlerini göz öňüne getirjek bolup dyrjaşýar. Ol ýyllary alys
görüp uludan demini alýar. Şulardan jydalykda geçjek günlerini ýatlap bolsa
gamlanýar. Bu, keremli daglaryň bilinde önüp-ösen erkana çagalaryň gohgalmagally, gybat-gürrüňli, günüň-gününe bir çetinde toý, bir çetinde “waý” bolup
duran dar oba sygmajakdyklaryna berk ynanýar. Şolar ýalyda nämüçindir onuň
ýadyna enesiniň Aýuw hakda aýdyp beren başga bir hekaýaty düşýär.
Ir döwürler Köwli obadan bir gyzy Aýuw alyp gaýdypdyr. Getiribem edil,
şunuňky ýaly berk gowakda saklapdyr. Aýdyşlaryna görä, onuňam islegi çaga ekeni.
Çagasy bolansoň goýberjek ekenimi ýa ýok, onçasy belli däl, ýöne, bir gün aw awlap
ýörkä gaýadan uçupdyr-da, Aýuwyň endamyna agyr ýaralar düşüpdir. Süňkleri
döwlüpdir. Süýrenip özüni zordan gowaga atypdyr. Men indi bu ýaralardan
gutulman, sen obaňyza gaýdyber”, diýip gyza rugsat beripdir. Öň maý tapsa gaçara
pursat peýläp ýören gyzyň welin ony bu agyr halda taşlap gidere ynsaby çatmandyr.
22
Şunça wagtlap bir gowakdan girip çykdym, bir lukma çig eti bile çekeleşdim,
gitsemem amanadyny tabşyranyny gözüm bilen görüp onsoň gideýin, bar zady
Hudaýddan görýän, nesibämden görýän, görjegim görgi bolsa Aýuwdan beterinede
sataşardym, diýipdir. Aýuw: “Gutulsam-a goýbermen, gowusy agzymdan söz sypan
wagty gaýt”, diýse-de, etmändir. Gaýtam her hili ot-çöplerden döwüp-ýenjip, däridermanlar ýasapdyr. Em edipdir. Emma birnäçe gün dert çekip ýatandan soň Aýuw
barybir jan beripdir.
Öň mähri gidipmi, soň mähri gidipmi, ýa onuň soňky merdana sözleri ýüregini
gobsundyrypmy, ýa olaryň hiç birem däl-de, adamkärçilik orta düşüpdirmi, garaz,
gyz muňa erbet gynanypdyr. Demsiz – düýtsiz ýatan Aýuwyň mähnet kellesini
dyzynyň üstüne goýupdyr-da:
―Kese-küse kelläňe,
Keşdeli tahýa tikjekdim,
Egri-bugry aýagyňa,
Keşdeli balak tikjekdim,
―diýip, aglapdyr. Obanyň çetinden girende-de, adamsy ölüp dul galan gelin
ýaly ulili bilen aglap giripdir. Bosagasyna maňlaýyny goýup, bagryny paralapdyr,
ýüzüni ýyrtyp, saçlaryny ýaýypdyr. Telim ýyllap obanyň men diýen ýigitlerini ret
edipdir.
Her gezek şu hekaýaty eşidende, Atamgyzy adam çagasynyň Aýuw durmuşyna
nädip öwrenşip bilşi, barada oýlanýardy. Geň galýardy. Ony mümkin däl zat hasap
edýärdi. Her gezegem gaşjagazlaryny çytyp garaçyny bilen: “Ene, şo zatlar çynmyka
ýa berbesmikä?...” diýip soraýardy. Elmeýyş ene bolsa endigine görä “kih-kih”
gülüp: “Näbileýindä gyzym, menem eşidýänjämi aýdýan...” diýýärdi.
Adam çagasynyň Aýuw durmuşyna öwrenişip biljekdigine Atangyzy henizem
ynananok. Bir ýyl bäri bir gowakdan girip-çykýanam bolsa, onuň bilen önüp-ösüp,
iki esse köpelenem bolsa, ol durmuşa kaýyl bolanok. Ýöne, näalaç. Çünki, şu döwrüň
içinde ol bu beladan gaçybam gutulyp bilmedi, ölübem. Öldürip gutulaýyn diýse o-da
bolmady. Indem ol çagalaryny ösdürip ýetişdirmeli, kemala getirmeli, soňam olaryň
hut öz elleri bilen oba eltip gaýdaryna bil baglamaly. Başga ýol ýok.
Gowagyň o çetinden okdurylyp gelip üstüne zyňan çagalarynyň “wagyrdysy”
käte Atamgyzyny agyr oýlardan açýar. Ol çagalaryna bakyp uludan dem alýar-da,
pişgesini süýüp, ikjagazyny pyrlap goýberýär. Sopygider bilen Ümürduman ikijigi
bolsa, şondan soň ylgap daş çykýarlar-da, darajyk düşelge bilen aşaklygyna tarap
şakyrdaşyp gaýdýarlar. Atamgyzam igini bir gyra taşlap, gowagyň agzyna gelýär.
Elini agzyna penalap çagalarynyň yzyndan gygyrýar:
―Aýu-uw-w...
Ümürdumanjanu-u-uw-w!!!
Sopygiderjanu-u-uw-ww!!!..
häzirjek boluňu-u-uw-w!!!... Ýykylaýmaňu-u-uw!!!...
Şol wagt onuň aňyrsyndan Aýuwňam göwresi görnüp gidýär. O-da elini
agzyna eltip öz ýanyndan çagalaryna bir zatlar diýýär-de, yzyndanam edil
Atamgyzyň edişi ýaly:
U-uw-w... u-u-uw...Aýu-u-uw!.. – diýip gygyrýar.
Ümürduman bilen Sopygider bolsa gowaga tarap käte bir göz aýlaýarlar-da,
ýene-de aňyrlygyna tarap bökjekleşip gidýärler. Olar diňe sag-aman aşak düşüp,
jülgedäki ir-iýmişli agaçlaryň arasyna sümenlerinden soň Atamgyzy gowagyň
23
agzyndan aýrylýar. Aýuwam aýrylýar. Gowakda Aýuw bilen ikiçäk galandan soň
Atamgyzyny ýene-de gam-gussa gaplap alýar. Enesiniň başga bir hekaýatyndaky
Käbil atly adamyň Aýuwa “ýesir” düşüşini, onuň Aýuwa aýak-aldygyna ýüň, çöpür
daşadyp ummasyz uzynlykda ýüp işişini we: Me, şuň bir ujyny meni alyp gaýdan
öýüň gapysyna daňyp gel, diýip, Aýuwy oba iberişini, obadaşlarynyňam şol ýüpi
yzarlap gowaga gelişlerini we Käbili halas edişlerini ýatlaýar. Ýok, ol bolup biljek
zat däl, oba nire, dag nire, onça ýüp nire, zat nire, ―diýip, içini gepledýär. ―O-ol,
haly dokap, ýüzüne öz bolýan ýeriniň salgysyny salyp, onam Aýuwdan oba iberip
gutulýan gyzyňkam ertekiden başga hiç zat däl. O zatlaryň hemmesi hyýal. Berbes.
Meni diňe çagajyklarym halas eder...”
Atamgyzy şonda, sag-salamat ýigit çykyp, özüni oba eltip gaýdansoňlar,
Ümürduman bilen Sopydigeriň neneňsi güzeranda ýaşajaklary barada hem oýlanýar.
Üç sallahyň bir ojagyň başynda başlaryny sallap oturşy göz öňüne gelende hasam
gyýylýar. Çagalarynyň nädip öýlenjekdikleri baradaky pikir ony hasam
ynjalyksyzlandyrýar. “...Men-ä o ýerde bolsam, bularam bu ýerde galsalar... Kim
bularyň ugruna çykyp... Ýa bularam atalary ýaly... Hm-m...Howwa, howwa, hut şeýle
bolar. Onsoň oba adamlary bulara-da Aýuw diýerler. Aslynda şu Aýuwam biziň obaň
adamlarynyň ýa aýallarynyň neslinden bolaýmnasyn. Bularyň aýlap-öwrüp Köwli
obasyna baryp durmaklaram ganlarynda garyndaşlyk gatnaşygynyň bardygy sebäpli
bolaýmasyn? Eger şeýle bolsa, onda bular bilen aňrymyz bir bolýa-da...”
Hemmämizem bir obadan, ýöne, ykballarymyz aýry bolýa-da... Dogry ... Ýöne, men
Ümürduman janam, Sopydiger janam ogryn öýlendirmen, Aýuw äkitdem diýdirmen,
saýlap-seçip, dogryn öýlendirerin. Hemmämiziň aslymyzyň birdigini oba adamlaryna
düşündirerin...garyndaşlygy täzeläliň diýerin. Ýog-a diýmezler. Hudaýa şükür
çagalarym dil bilýäler, gepe düşünýärler... Görk-görmeklerem hiç kimiň
çagasynyňkydan kem däl.
...Bir gün Ümürduman bilen Sopydiger ikisi oýnamaga gitdiler-de, wagty bilen
dolanyp gelmediler. Atamgyzy olaryň gözlegine çykdy. Emma bolup biläýjek
ýerlerinden tapmady. Miweli agaçlaryň arasyndanam, çeşmäniň boýundanam
tapmady. Dagyň çür başyna çykyp:
―Aýu-u-w, Ümürdumanjanu-u-uw-w!!! Sopygiderjanu-u-uw-ww!!!.. – diýip,
gygyrybam gördi. Daglara ýaň düşdi, jülgeler sarsdy, gaýalar Atamgyzyň sözlerini
telim ýola gaýtalady, emma ne Ümürdumandan, ne Sopydigerden hiç hili jogap
bolmady.
Atamgyzy ýene-de gygyrdy. Bu gezegem onuň sesine ýylçyr gaýalardan başga
jogap gaýtaran bolmady.
Şeýdip barşyna ol “duzly oýa” golaýlaşdy. Şol tarapdan çagalarynyň sesem
gelen ýaly boldy. Durup diň saldy. Dogrudanam şeýle. Şolar. Biri bir zatlar diýip
“wüjürdeýär”, beýlekisem “jykyr-jykyr” gülýär. Ugursyz-utgasyz ötegçi şemal olaryň
sesini bir golaýlaşdyrýar, bir daşlaşdyrýar. Atamgyzy “Hi-iýh” edip içini çekdi-de,
ylgap pese indi. Aýlaw-aýlaw jülgeleriň içi bilen ses çykýan tarapa tutdurdy. Sesiň
albaýy ony hakykatdanam “duzly oýuň” dik-depesinden eltdi. Görse çagalary oýuň
ortarasynda depelerinden gum sowruşyp otyrlar. Özlerem dünýeden bihabar.
Atamgyzy: “Wah, gara bagtym!” diýip, kükregine urdy-da, “şaglap” güzerden
indi. Inişi ýalam çagajyklaryny gözden ýitirdi. Gulagyna ýene-de öňki sesler eşidilip
24
başlady. Ýene-de şol öňki nätanyş oba, geň-taň adamlar, toý, şowhun, şagalaň, ýas,
agy. Giden bir erewde-berewlik. Zir-zöwrançylyk. Atamgyzy ýene-de olaryň
arasynda elewräp başlady.
―Adamlar! Iki sany çagajygy görmediňizmi? Aýuw, doganlar, meň
çagajyklarymy görmediňizmi? Olar ýap-ýaňyja-da ynha şujagaz ýerde oýnaşyp
otyrdylar...
Ýene-de şol sowuklyk. Şol öňki biparhlyk. Hiç kim onuň sözünem diňlänok.
Ýüzüne-de seredenok. Hatda henizem aýak-aldygyna hamyr ýugrup oturan
enesiniňeň şol bir bolşy. Gaýtam kimdir biri: “Wiý, bu gyz “aýuw” diýip gepleýä
welin ýa Aýuw dagymyka?” diýip, ýakymsyz güldi. Atamgyzy ony juda ýokuş gördi.
Jogabyny bermek üçin töweregine göz aýlady welin, gözüne adam ilmedi. Eli bilen
howany sermeledi, emma elinede ilen zat bolmady. Gulagyna-da düňle dünýäniň
“hüňňüldisinden” başga hiç zat eşidilmedi. “Men Aýuw däl, kim maňa Aýuw diýýän
bolsa şoň özi Aýuwdyr... – diýip, pyşyrdanda dodaklary kemiş-kemiş etdi.
– Onsoňam... Onsoňam... Aýuwam adam... Olam adamdan azan... Aňrymyz bir...
Aýuw diýip, beýleki diýip... Men ...Men...” oňa çenli onuň daşy ýene-de aýal-erkek,
uly-kiçi, birgiden adamdan doldy. Özlerem birsellem Atamgyza seretdilerseretdilerde, birdenem gülüp goýberdiler. Yzyndanam aglaşdylar. Sopydiger bilen
Ümürdumanyň agysam olaryň agysyna goşuldy. Haýsy tarapdan gelýäni welin
bildirmedi. Beýläk owsunsa eýlesinden, eýläk owsunsa beýlesinden gelýän ýaly
boldy durdy. Ahyram oýdan ylgap çykdy-da, dik duran ýerinde diň-gögüne garady,
iki elinem agzyna eltdi.
―Aýu-u-uw,Ümürdumanjanu-u-uw!!! Sopygiderjanu-u-uw-!!!.
Çagalar bir diňşirgenen ýalam etdiler-de, ýene-de öz oýunlary bilen
boluberdiler.
Atamgyzy ýene-de özüni duzly oýa urdy. Girişi ýalam ýitirim boldy. Diňe sesi
eşidildi.
―Ümürdumanja-an!. Sopygiderjan-an!..
Her gezek atlary tutulanda çagalar diňşirgenişdiler, töwerek-daşlaryna
garanjaklaşdylar, emma ejelerini görmediler.
Atamgyzy tasap güzerden çykdy. “Has-has” edip durşuna çagalaryna tarap
elini serip aglady. Ýüreginden syzdyryp:
―Ümürdumanja-an, Sopygiderjan-an!... – diýdi-de, halys rowgatdan düşen
göwresini aşak goýberdi. Iki elini öňe uzadyp sessiz-üýnsiz süýndi. Ýer bagyrtlady.
Ýüzi gyrpaklap ýatan ak topragyň esli ýeri gözýaşa ezilip, gara reňke boýaldy.
Gözýaş bilen birlikde göwsünden süýdem akyp başlady. Süýdüň ýylymsy, ýumşak
ysy burunlaryna urdumy, nämemi diňe şondan soň çagalar ejelerini gördüler we oňa
tarap “omalak-da-çomalak” bolşup gaýtdylar. Biri-birinden öň ýetjek bolup
howlukdylar. “Jykyrdaşdylar, wüjürdeşdiler”. Atamgyzy başyny galdyrdy. Oturan
ýerinden olara tarap elini serdi. Ýerinden turup gujagyny gerdi. Güzerden çykyşlary
ýaly garbap alyp bagryna basdy. Ogşady. Şorlap duran elleri bilen başlaryny
sypalady, barmaklary bilen buýr-bulaşyk bolup duran saçjagazlaryny darady. Hasyrhusur ýerinden turubam edil, yzyndan biri kowalap gelýän ýaly, aýagaldygyna
gowaga tarap ylgady. Bu syrly, durşuna ak-kebir bolup duran duzly oýdan basymrak
daşlaşasy geldi. Oýuň içindäki obany, adamlary, geň dünýäni, bir özüniň görüp,
25
çagalarynyň görmeýşini, şol dünýäniň hemişe ber-başagaýlykda, alasarmyk gezip
ýören adamlarynyň özüne bolan düşnüksiz garaýyşlary onuň üçin gizlin syr bolup
galdy. Birdenem enesiniň Jahangire “şor köl” barada eden sargydy ýadyna düşdi.
“Hä-ä... dogry, dogry...şol...Şor köl. Içindäkilerem jynlar. Berkeli bagşyny oýnanam
şulardyr. Bular menem oýnajak bolýandyrlar... Bu ýere gelmeli däl...gelmelem däl,
çagajyklarymam ibermeli däl... Jahangir dagam enemiň aýdanyny edäge-de, şundan
sowa geçäýen bolsadylar...”
Jülgäniň içi bilen özara hümürdeşip gelýän üç atly, belent dagyň çür
depesinden eşidilýän çaga seslerine geň galyp at başyny çekdiler. Diňşirgenişdiler.
Soň assa-ýuwaş şol tarapa ýöneldiler. Garalyşyp oturan gaba agaçlaryň, gyrymsy
ösümlikleriň arasyndan geçdiler. Çeşmeden ötdüler. Gaýanyň düýbüne baryp atdan
düşdüler. Telpeklerini elleri bilen tutup, dik depedäki garalyp duran deşige
gaýşarylyşyp seredişdiler. Iki sany çyp-ýalaňaçja çagalaryň özara “wüjürdeşip”,
gowagyň içine arkaýyn girip-çykyp ýörüşlerini görüp ynanmajak boldular. Biribirleriniň ýüzüne soragly bakyşdylar. Syrtyna içi duzly, ala çuwal bökderilgi ýadaw
ýabylarynyň jylawuny gögeleräk görünýän üçünji birleriniň eline tutdurdylar-da,
beýleki ikisi ýokarlygyna tarap dyrmaşyp ugradylar. Kem-kemdenem gowagyň
agzyna golaýlaşdylar. Bulara gözi düşenden çagalaryň ikisem ulyilleri bilen aýylganç
gygyrdylar-da, kürsäp gowaga urdular. Ýigitlerem olaryň yzysüre girdiler.
Içi çog-gyzyl közden doly daş ojagyň başynda agaç iňňe bilen gaty derini
ýamap oturan Atamgyzy duýdansyz giren myhmanlary görüp “zöwwe” ýerinden
galdy. Çyr-çykylyk bolşup gelýän çagalaryny garbap alyp gujagyna gysdy. Gowagyň
agzynda garalyp duran daýanykly ýigide gözi düşendenem bir pursatlykça doňan ýaly
bolup durdy-da:
―Waý, dogan!.. – diýip, özüni onuň üstüne zyňdy. – bi senmidiň asyl? Sen
nirelerden çykdyň? Bu ýerlere nädip düşdüň? – Atamgyzy eli bilen o ýerini, bu ýerini
ýapjak boldy. Emma bir ýerini ýapsa başga bir ýeri açyk galdy. Ahyram ýerde ýatan
gaty derileriň birini alyp döşüne tutdy-da, doganynyň daşynda öňküsindenem beter
hozanaklap başlady. – Hany, dogan, geçsene, törden otursana, ojagyň başyndajyk
jaýlaşsana, ýoldaşyňa-da geç diýsene, törden otursana, ojagyň başynda döwür gurap
otursaňyzla, bir hezil edip hyzmat edeýinle...Özüňem derhal enemden habar ber. Halýagdaýlaryny birin-birin beýan et! Men ony...Men ony her gije ... düýşümde...
Höwünem duzly oýda... Wiý-ý.. men nämeleri samrap durun-a... men.. men ýogsa-da,
seň öňüňde nämejik goýsamkam-a...
Beýleki ýigit gözüni süpürip daş çykdy. Içerde iki dogan ikiçäk galdy. Jahangir
uýasynyň bolup durşuna dözmän gurak-gurak ýuwdundy.
―Hemmeler sag-gurgun, jigim... Enemizem gurat... Bir kemimiz sendiň. Ine,
indi senem tapyldyň... ―Ol egnindäki gyrmyzy dony çykaryp uýasynyň egnine atdy.
―Hany, senem özüň hakda gürrüň ber. Başyňa nämeler düşdi, nebelalarga sataşdyň?
Bu dar gowagyň içine nädip düşdüň? Bol, aýt, geple, halyňy beýan et, ahwallaryňdan
sözle!
Atamgyzy iki eli bilen ýüzüni tutdy.
―Sen sorama, jan dogan...
Jahangir bir çünkde biri-birine gysmyljyraşyp oturan çagalara tarap soragly
bakdy. Atamgyzy düşündi. Emma sesini çykarmady. Çagalarynyň ýanyna bardy.
26
Eglip ikisinem gujagyna aldy. Çagalar bir eneleriniň, birem myhman ýigidiň ýüzüne
howsalaly seredişdiler. Başy ak silkme telpekli, egni ezýaka ak köýnekli, aýagy
mawutdan tikilen gyýma balakly, burny jaýtaryp duran gyrmyzy ädikli daýaw ýigit
ojagazlaryň gözüne öz atalary ýaly görmegeý däl-de, gorkunç göründi. Eneleriniň
egnine atylan gyrmyzy donam diýseň betgelşik, gerekmejek zat bolup duýuldy.
Atamgyzy olary eltip düşekde oturtdy. Dolanyp doganynyň ýanyna geldi. Aşak
bakyp dodagyny dişläp durşyna:
―Bular meniň çagalarym... – diýdi. Birdenem möňňürip goýberdi.
Jahangiriň ýüzi üýtgäp gitdi.
―Çagalarym?
―Howwa, dogan, çagalarym.
―O nähili çagalaryň?
Atamgyzy içini tutup aşak oturdy.
―Sorama-a, sorama-a... Menden hiç zat sorama, jan dogan! Derdimi gozgama,
ýarama duz sepme...
Jahangirem janyndan syzdyryp özelendi.
―Soramasam bolmaz-a...Aýtmasaň bolmaz-a...Men seň agaň-a...Hossaryň-a...
Saňa nämeleriň bolanyny men bilmesem bolmaz-a... Ile-güne görünmel-ä menem...
Aýt, kimden horluk gördüň? Kim seniň namysyňa degdi? Kim seni bu ýerlere
getirdi? Bu çagalaryň atasy kim? Bol, jogap ber! Ynsmy, jynsmy, ýa başga bir
mahlukmy?
Atamgyzyň gözlerinden çykan ýaş damjalary Jahangiriň aýagynyň astyna
paýrap döküldi. Ol agasynyň ýüzüne naýynjar garady.
―Meň çagalarymyň atasy, jan dogan, Aýuw.
―Aýuw?
―Howwa, dogan, Aýuw.
―Hany, ol nirede? – diýende, Jahangiriň sesi sandyrady.göwresi titir-titir etdi.
Atamgyzy birinji gezek gowagy “öýüm” diýip atlandyrdy.
―Ol bu wagt öýde ýok.
―Onda gelýänçä garaşaly. Men öňürti oň, kellesini kül maýda edip läşini
dagdan togalaýyn, onsoň seni alyp gideýin.
―Ýok dogan! Beýtme! Beýtseň çagajyklaryň ýüregini ýararsyň. Ýetim
goýarsyň.
Jahangir öwhüldäp dem alanda ojagyň agzyna üýşen küller tozap gitdi.
―Ýör onda seň özüňi bir alyp gideýin.
Atamgyzy az-kem böwrüni diňläp durdy-da, hamala agasy aýtmasyz bir zady
aýdan ýaly allaniçiksi bolup ýüzüne çiňerildi.
―Nirä?
―Nirä bor öýdäň? Öýe! Oba! Enemiziň ýanyna!
Şu çaka çenli mähriban obasyny, hossarlaryny höwesläp ýören Atamgyzy
agasynyň ýüzüne seredip durdy-durdy-da, bir ädim yza tesdi. Başyny ýaýkady.
―Ýok, dogan! Sen indi meni ýerimden gozgama. ―Ol aşak çökdi-de,
ýumalanypjyk ýanyna gelen çagajyklaryny bagryna basdy. Ogşady. Näbelli nokada
seredip oturşyna öz-özi bilen gürleşýän ýaly dodaklaryny çalaja gymyldatdy.
―Başda gelen bolsaň giderdim, dogan. Başda gaýtjak bolup özümem kän dyrjaşdym.
27
Telim gezek gaçdymam. Emma bolmady. Nesibe dartmady. Indi giç. Indi daş ýerden
gopdy. Ýürek damarlarym bu garaňky gowaga baglandy...
Jahangir çagalara tarap elini uzatdy.
―Şulara diýýäňmi?
―Howwa dogan, şulara diýýän.
―Onda bularam äkideli?
―Ýok, dogan... ―Atamgyzy ortarada köräp duran ojaga tarap eňegini ülňedi.
―Bulary äkitdim-dä, bu ojagy kime taşlaýyn? Muny ýasanam, içinde ot ýakanam
özüm. Şuň ody öçse men günäkär borun. Şoň üçinem sen indi maňa degme, dogan.
Ýör diýme. Ýyly ýerimden gozgama...Ol ýere baransoň atasyny küýsäp aglaşsalar
bujagazlara men näme jogap bereýin?..
―Aýuwdanam bir ata bolarmy?
―Beý diýme, dogan.
Jahangir ellerini serdi.
―Beý, ol ýerde saňa eneň garaşýar-a, jigim. Ol näçe wagt bäri ýoluňa göz
dikip otyr, ahyr bir ýerden çykar diýip. Gördüm, gürleşdim, ýöne alyp
gaýdybilmedim diýsem o maňa näme diýer?
Atamgyzy uludan demini aldy.
―Enemem – enedir, dogan. Şeýle-şeýle diýip aýtsaň ýagdaýyma düşüner,
meni günäkärläp durmaz.
Jahangir erbet ynjady. Ol bir bökende gowakdan çykdy. Bolan işe haýran
galyp, başyny ýaýkap, çommalyp oturan ýoldaşynyň ýanyna bardy-da, ýüzüni iki
ýana sypajaklatdy.
―Ol-a birhili aklyndan azaşan ýaly, gitjekgä diýip ýer depip dur.
Ýigidem ýerinden turdy.
―Be-e. Onda nätsekkäk?
―Zor bilen äkidäýmesek...
―Çagalary nätjek?
―Çagalary galsyn. Olaryň öz hossarlary bar ýaly. Özüňem oba baransoň şolar
barada diliňi ýaraýma, düşdüňmi?
―Düşdüm.
Ýigitler ýaňadandan gowaga girdiler. Jahangir sen-men ýok, uýasynyň
golundan tutup, idirdedip ugrady. Atamgyzy garşylyk görkezdi. Sypjak bolup
dyzady. Bir wagtky gaçmak üçin açjak bolup agyr derde galan daşyndan indi
gitmejek bolup aslyşdy. Birwagtlarky girmejek bolup aýak dirän bosagasyna indi
çykmajak bolup aýlaryny diredi.
―Gara dogan goýber! Gala dogan goýber! Ojagymdan aýyrma!
Çagajyklarymdan jyda düşürme! Barybir bazarym sowuldy, pudaklarym döwüldi ter
güllerim süllerdi, miwelerim kişde boldy. Indi meni oba eltip üstüme köşk
gurdursaňam gözüme şu gowakça görünmez! Bal berseňem zäher bolar, ýüpek
geýdirseňem tenime tiken bolup dürtüler, gije-gündiz çagajyklarym gözümiň
öňünden gitmez! ―Atamgyzy çagajyklaryna tarap elini serdi. ―Aýuwa däl,
şujagazlaryma dözübilemok, gowaga däl, ojagyma dözübilemok...
28
Başlaryndan bir üýtgeşik apatyň inenini aňan çagajyklaram gyrmyldaşyp
geldiler-de, ejelerinden aslyşdylar. Ýigitleriň aýaklaryna çolaşdylar. Ellerinden
ýapyşdylar. “Enä-ä, enä-ä-ä!..” diýşip çirkin-çirkin gygyryşdylar.
Emma ýigitler olaryň “gyk-bagyna-da”, Atamgyzyň nalalaryna-da gulak
asmadylar. Gowakdan süýräp çykardylar-da, hersi bir golundan tutup aşak indiler.
Atamgyzy gyssanjyna agzyny dik ýokary tutdy-da:
―Aýu-u-u-uw-w!!! – diýip gygyrdy.
Nirelerdendir bir ýerlerden Aýuwyň sesi gelen ýaly boldy. Emma ony
Atamgyzyň özünden başga aňşyran bolmady. Hatda ejeleriniň yzy bilen çyr-çykylyk
bolşup gelýän çagalaram aňşyrmadylar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aýuw - 4
  • Parts
  • Aýuw - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2184
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2065
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 3
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aýuw - 4
    Total number of words is 809
    Total number of unique words is 639
    38.7 of words are in the 2000 most common words
    53.8 of words are in the 5000 most common words
    61.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.