Latin

Şejereýi Teräkime - 4

Total number of words is 3078
Total number of unique words is 1359
33.3 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
beýleki ýurtlarda oturanlary hem şonuň ýaly edip ýaşadylar.
Salyr Ugurjyk alpyň atalarynyň inileriniň hem oglanlarynyň beýany
Şa Mäligiň dargadylan wagty Diňli begiň başlyklygynda Yraga baran Salyr ili
köp ýyllar şonda oturandan soň, olaryň içinde Ugurjyk atly bir dogumly ýigit
peýda boldy. Türkmenleriň içindäki taryhy ýagşy bilýän adamlary Ugurjyk
alpy on alty arkada eltip, Oguz hana ýetirýärler. Olar, ine, ine şanaýarlar:
Ugurjyk alpyň atasy Gara gazy beg, onuň atasy Karaj, onuň atasy Benam gazy,
onuň atasy Burujy gazy, onuň atasy Kylal gazy, onuň atasy Ynal gazy, onuň
atasy Süleýman gazy, onuň atasy Haýdar gazy, onuň atasy Ötkürli, onuň atasy
Gazan alp, onuň atasy Eňeş, onuň atasy Ender, onuň atasy Ata, onuň atasy
Leýmir, onuň atasy Salyr, onuň atasy Dag han, onuň atasy Oguz han.
Bu söz durşy bilen ýalňyşdyr. Onuň sebäbi, Oguzyň zamanyndan tä şu wagta
çenli bäş müň ýyl geçipdir. Ugurjyk zamanyndan zamanyndan tä şu wagta
çenli bäş alty ýüz ýyl bolýar. Oguz bilen Ugurjygyň arasy bolsa dört müň dört
ýüz ýyldyr. On alty arka diýilýän dört ýüz ýylda, her näçe köp bolanda-da, dört
ýüz elli ýylda geçer. Şeýle bolsa, Ugurjygyň dört müň ýylda öten atalarynyň
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
38
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
39
www.ertir.com
ady niredemiş? Bu ýazylan öň alty adamyň Oguzyň oglanlarydygy, bar, dogry
diýeli. Ugurjygyň atalarydygy hem, bar, dogry diýeli. Ýöne il içinde haýsy
adam meşhur bolsa, onuň adyny ýazyp, beýleki, beýleki meşhur däl adamlary
bolsa ýazmaýarlar. Bu ýazylan adamlaryň her haýsysynyň arasynda on bäş ýada ýigrimi adamynyň ady ýazylman galan bolsa, ony Hudaý bilsin. Şonuň üçin
hem men Oguz bilen Ugurjygyň arasynda dört müň dört ýüz ýyl geçipdir diýip
aýdyp otyryn.
Her müň ýylda kyrk arka ötse gerek, diýmek, iki ýüz arka öten bolup çykýar.
Bolmasa, ýalňyş diýilýän zat başga nähili bolup biler? Bu pelegiň gerdişiniň
nemerselerini unutmadyklar üçin, bu hasaplar onuň ýanynda aňsatdyr. Bu
sözleriň ýalňyşlygyna delil beriji ýene bir zat一Salyr Gazany alty arka ötürip,
ýedilenji arkada Oguz hana eltip goýýarlar.
Indi bu sözi okan ýa-da diňlän kişiler, siz ýagşy oýlap görüň: «Oguz han biziň
pygamberimizden dört müň ýyl ozal ötüp gidipdir. Gazan alp biziň
pygamberimizden üç ýüz ýyl soň bolupdy. Garrygan çaglarynda Mekgä baryp,
hajy bolup geldi. Ýogsam, Salyr Gazan alty arkada Oguz hana nädip ýeter?
Galyberse-de, Salyr Gazan kaýyly Gorkut ata bilen bir zamanda ýaşapdy.
Gorkut atanyň Salyr Gazan Alpy taryplap aýdan tartymy一şygry, ine, şudur:
Kazygurt dagdan önker, daşny ýugarlatdy,
Salyr Gazan ötri baryp garbap tutdy,
It-beçene görüp any, essi gitdi,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Bir gazanga kyrk bir atyň etin saldy,
Ol gazanny sol eliki bilen aldy,
Sag eliki birlen ilge üleşdirdi,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Gök asmandan inip geldi tinli ýylan,
Her adamny ýutar erdi görgen zaman,
Salyr Gazan başyn kesdi bermeý aman,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Otuz kyrk müň leşger birlen Gazan baryp,
It-Beçene illerini geldi gyryp,
Bir niçesi gutuldylar köp ýalbaryp,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
39
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
40
www.ertir.com
Türk-u türkmen, arap, ajam一raýatlar,
Gazan kyldy musulmanlyga terbiýetler,
Kapyrlarny gyrdy oşol köp pursatlar,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Andan hünär göterdiler barça uly,
Bagzylarga orun berdi sagly-solly,
Bize boldy kamug ilniň orny diýdi,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Saýýah Gorkut öler bolduň imdi, bilgil,
Ol Gazanyň döwletine doga kylgyl,
Kerwen gitdi, köp giç galdyň, ýolga girgil,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Indi, Ugurjygyň gürrüňini edeliň. Şol wagtlar Yragyň güýçli halky baýyndyr
ilidi. Ugurjyk alp baýyndyr beginiň hökümini tutmady. Şol sebäpli Baýyndyr
beginiň Ugurjyk alp bilen arasy bozuldy. Ýöne Ugurjygyň baýyndyr ili bilen
uruşmaga güýç-kuwwaty ýokdy. Şoňa görä-de ol müň öýli ili bilen bilen
Yrakdan gaçyp, Şemaha geldi. Dokuz ýüz öýlüsi salyr, ýüz öýlüsi hem
garkyndy. Ol ýerde oturjak boldy, ýöne ýene baýyndyr ilinden gorkup, Kryma
geldi. Ondan hem göçüp, Itil suwundan geçdi we Ýaýyk derýasynyň boýuna
geldi.
Ol wagtda Alageň we Garagaş diýen ýerde kangly halky oturardy. Olaryň
hanlaryň adyna Gök donly diýerdiler. Onuň ýanyna gelip, birnäçe ýyllap
oturdy. Ahyrsoňunda, onuň bilen hem arasy bozulyp göçdi. Gök donly olaryň
yzyndan ýetip, ýedi ýüz öýlüsini alyp galdy. Ol üç ýüz öýlüsi bilen gaçyp,
Maňgyşlaga berdy we Garahan diýen ýerde üç ýyl oturdy. Gök donly
Ugurjygyň nirä gidenini bilenokdy. Üç ýyldan soň eşidip, oňa tarap atlandy.
Onuň atlananyny eşidip, Ugurjyk ili bilen gaçyp, Abulhan (häzirki Balkan)
dagyna bardy. Şol wagt Ugurjyk şu tartymy aýtdy:
Döndüm gaçyp kangly handan kybla sürdüm,
Kyr, ýol aşyp, gelgen är öňünden döndüm,
Kar(çy)larga, ýerçi(ler)ge ýol başlatdym,
Gaýly, garly iki gola ýol ýumşatdym.
Arkyt-arkyt kyrlarga turjem saldym,
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
40
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
41
www.ertir.com
Art öňümge bizge salyp, göçüm tartdym,
Gyr atymda (dag) ýolundan aşyp bardym,
Gabaklydan Altja ýurt ýurtlatdym.
Gürrüldeşip ardymdan ýagy ýetdi(se),
Gaýky başly gaty ýaýga iş buýurdym,
Ganly, iriňli gaýyň oka gan ýürgütdim,
Çapsa keser gurç poladga tug baglatdym.
Gyljym syryp, bil ekşemde kuýy gazdym,
Awa gyşlap, gyr(da) ýaýlap, Balkan aşdym,
Egse ýasyn Gara daga ugrap geldim,
Kanky goruh toý tutmady anda boldum,
Altyn gözli towuşganyn getirdi diýip,
Gaz aýagy一üç aýry tamga berdim.
Gara gazy begiň dört ogly bardy: ilkinjisi Ugurjyk alp, ikinjisi Söwerjik,
Üçünjisi Doduk, dördünjisi Gubajyk. Bu dördüsiniň oglanlarynyda hudaý ýol
berse, ýeke-ýeke aýdalyň.
Ugurjygyň alty ogly bardy. Her ikisi bir ekizdi, üç gezek bir-biriniň yzyndan
ekiz bolupdy. Atlary şular:
Berdi, Buka一bir ekiz; Owsar we Köwser一bir ekiz; Ýaýçy we Diňli一bir
ekiz.
Berdiniň iki ogly bardy. Biriniň ady Gulmy we beýlekisiniň ady Gulhajy.
Gulmynyň oglanlary Ýomut we Gultak ilidir.
Ýomudyň iki ogly bardy: biriniň ady Özli Teýmir, beýlekisiniň ady Gutly
Teýmirdi. Özli Teýmiriň üç ogly bardy. Atlary şular: Isa, Musa, Bahramşa.
Gutly Teýmiriň üç ogly bardy. Atlary şular: Juny, Şiran, Gojuk.
Gulhajynyň ogly Ärsary baý. Onuň üç ogly bardy: Ynal gazy, Zeýnal gazy,
Mustapa gazy. Ynal gazynyň iki ogly bardy: biriniň ady Töre, beýlekisiniň ady
Sokman. Laýna we Çarşangy一bu ikisiniň oglanlary bolmady. Zeýnal gazynyň
oglanlary一Gara we Bekewül. Mustapa gazynyň oglanlary一Uly tüpe we
Güneş.
Buka oglanlary içki salyrlardyr.
Başga bir kitapda şeýle ýazylypdyr: Salyr ilinde Eňeş atly bir adam bardy.
Aýalynyň ady Jäjekli, oglynyň ady Gazandy. Salyr Gazan alp diýilýän şol
adam bolmaly.
Şol döwürde beçene iliniň Doýmadyk atly bir patyşasy bardy. Ol gelip, Eňeşiň
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
41
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
42
www.ertir.com
öýüni talap Jäjeklini ýesir edip, alyp gitdi.
Üç ýyldan soň Eňeş mal berip, ony yzyna aldy. Jäjekli öýüne gelenden alty aý
soň yzyna aldy. Jäjekli öýüne gelenden alty aý soň ogul tapdy. Gazan alp: «Bu
oglany nireden aldyň?» diýip, enesini agaç bilen urup, başyny ýardy. Jäjekli
aýtdy:
«Ýagy geldi garalyp,
Gaçyp gitdiň bozaryp,
Düýä münüp, yzyňdan barýardym,
Gabaryp It-beçene yzymdan ýetdi.
Dünýäniň başyn tutdy.
Içi gaýnady, daşy ýaýnady,
Üstüme münüp oýnady,
Ygtyýarymy aldy,
Bu oglany içime saldy,»
Ol oglan «It beçene ilinden boldy» diýip adyna Irek goýdular. Türkleriň
arasynda itiň adyna «irek, sirek» goýmak däbi bar.
Iregiň Arykly diýen ogly bardy. Içki salyrlar Aryklynyň oglanlary diýýärler.
Ol wagtlar biz ýokduk, çyndygyny ýa ýalandygyny hudaýyň özi gowy bilýär.
Eger ýalan bolsa, günäsi öňki aýdanlaryň boýnuna.
Owsaryň bir ogly bardy ady Gullydy.
Owsaryň oglanlary teräkeme salyrlardyr. Diňliniň oglanlary jaby halkydyr.
Ýaýçynyň oglanlary şu wagtlar Amyderýanyň ýakasynda Garagulyň
ýakynynda oturýarlar. Şu günler hem olara Ýaýçy diýýärler. Ögürjigiň bäş
oglunyň neslini beýan etdik. Emma Kowsar atly oglundan nesil galany (bize)
belli däl.
Indi, Ugurjygyň inileriniň neslini beýan edeliň. Söwerjigiň Hurşyt diýen bir
ogly bardy. Hurşydyň oglanlary olam ürgençli ilidir. Azlar urugy一Dodugyň
nesli, sakar ili bolsa, Gubajygyň neslidir. Ugurjygyň inileriniň hem
oglanlarynyň neslini aýtdyk.Indi, beýleki iller hakda aýdalyň. Agar we
aýmakly ili Oguz hanyň ogly Gün hanyň weziri bolan uýgur Arkyl hojanyň
oglanlarydyr.
Ýemreli halkynyň asly şeýle: Maňgyşlakda içki salyrdan bir adam içki salyry
öldürip, gaçyp Durunda oturan salyr iliniň arasyna gelipdir. Şolardan bir gyz
alyp, şol ýerde hem galypdyr. Ähli ýemreli halky şol adamyň oglanlarydyr.
Burkaz halkynyň asly şeýle: Salyr ilinde Teýmir Tokly han diýen biri bardy.
Ýene-de salyrlardan Ysyk Ysmaýyl diýen hem biri bardy. Ol bir gün bir
ýerden gelýärdi. Teýmir Tokly hanyň öýüniň göçüp barýanyny gördi. Atdan
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
42
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
43
www.ertir.com
düşüp oturdy. Göç geçip gidenden soň: «Belkem, bir zat galandyr» diýip göç
giden ýere bardy. Görse, ojagyň içinde bir oglanjyk ýatyr. Ol adamyň ogly
ýokdy. Ony özüne ogullyk aldy hem adyna Burkaz goýdy. Ähli Burkaz ili
onuň neslindenir.
Salyr ilinde Toýtutmaz diýen bir adam bardy. Teke hem Saryk şonuň
oglanlarydyr.
Soň türkmen bolup, türkmene goşulan illeriň beýany
Ürgenç, Abulhan hem Maňgyşlak Özbek hanynyň adalatly ogly Janybeg hana
degişli bolan wagtlary, Janybeg han türkmenleriň aýyplaşmalarynyň we
günälileriniň işine seretmek üçin, uýgur Sanykly-Sin diýen birini olaryň
arasyna iberdi. Ol gelip, bir ýyllap türkmenleriň arasynda oturdy. Nirede
günäkär hem aýyply bar bolsa, olaryň işine seretdi. Nökeri hem gullary köpdi.
Onuň Aýaz atly bir guly bardy, beýleki gullardan has tapawutlydy. Türkmeniň
«başymdan ýa malymdan» diýip pikir eden günäkärleriniň hemmesi bir ýere
jemlenip, Aýaza köp para berip: «Eger sen begiňi öldürseň, onuň bir ilden alan
mallarynyň we öýden getiren goşlarynyň barjasyny saňa bereliň. Her haçan
Janybeg han kişi iberip, seni dilese, biz halk bolup, barymyz, seniň üçin
gyrylaly, ýogalaly. Seni tutup bermäli» diýdiler.
Aýaz köp mala hem bularyň şirin sözüne köňlüni berip, bir gije gapyl ýatanda
Sanykly-Sini öldürdi. Emma hojaýynyň malyndan Aýaza bir owlak hem
ýetmedi. Şol mallara kim ýakyn bolsa, şolar hem taladylar.
Sanykly-Siniň nökerleri Janybeg hanyň ýanyna gitdiler. Aýaz gorkusyndan
gidip bilmedi. Ol Abulhan dagynda oturan türkmenleriň arasynda galdy. Şol
ýyl Janybeg han Itil derýasynyň ýakynynda Saraý şäherinde hak rehmetine
gitdi. Ähli eski halky şol Aýazyň oglanlarydyr.
Salyr ilinden Abulhanda Ärsary baý diýen biri bardy. Uzak ýaşan, döwletli
hem musulmançylygyň kada-kanunlaryny saklamaga çalyşýan adamdy. Bu
sözümize şeýle delil bar: Şol wagtlar Ürgençde Şerep atly bir hormatlanýan
adam bardy. Ol şol ýeriň şyhy hem mollasydy.
Ärsary baý baryp, şol şyha kyrk düýe aýdanyny berdi hem-de toba edip,
ýalbardy: «Bize一türki halka arapça kitaplary okap, manysyna düşünip, türki
dile terjime edip, ýagşylyk etseňiz, sowap gazanardyňyz». Şondan soň şyh
Şerep hoja ençeme dini meseleleri terjime edip, bir kitap görnüşinde ýygnady
hem oňa: «Moin ul Murid» diýen at goýup, Ärsary baýa berdi. Şol wagtdan
häzirki döwre çenli türkmenler şol kitabyň meseleleri boýunça amal edýärler.
Şol döwürde Eýran patyşasy Horasany Koma beg diýen birine beripdi. Ol
Horasana gelenden soň: «Abulhanda Ärsary baýyň Mama atly görmegeý,
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
43
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
44
www.ertir.com
gowy gyzy bar» diýip eşitdi. Sawçy iberip: «Köp mal bereýin» diýip söz
aýtdyrdy. Baý bermedi. Bermejegini bilenden soň, Koma beg uly goşun bilen
atlanyp, Abulhanda Düker diýen guýuda Ärsary baýy öldürip şehit etdi. Onuň
ilini talap, Mama bikäni äkidip, nikalap, köp ýyllar saklady. Emma Mama
bikeden çaga bolmady. Şol sebäpden Ärsary baýyň oglanlaryna:
«Garyndaşlaryny äkitsinler!» diýip adam iberdi.
Bular Gutlak Garaja mergen diýen birini iberdiler. Koma beg Mama bikä köp
mal berip, ony Garaja Mergene tabşyryp ýola saldy.
Bir öýli-işikli gul hem berdi. Ol guluň dört ogly bilen iki gyzy bardy. Uly
oglynyň ady Aly, üçünji oglynyň ady Igbeg we dördünji oglunyň ady
Kaşgady. Mama bike garrandan soň, mallarynyň barysyny hudaý ýoluna
berdi.
Koma begiň oňa beren gulunyň özi hem aýaly ýogalypdy. Mama bike ol guluň
dört ogluny we iki gyzyny azat etdi. Olaryň dördüsi-de öýli-işikli hem köp
mally kethudalar bolup, hersi bir ýerde oturdylar. Hydyr çory Amyderýanyň
ýakasynda Kurtyş diýen ýerde ekin ekip, mal bakyp, uly baý boldy.
Ol wagtlar özbege mogol diýerdiler. Dört mogol gelip, Hydyr çora batrak
bolup, mallaryny bakdy. Ondan soň alty salyr gelip, batrak boldy. Olaryň
hemmesi döwletli boldular. Töwerek-daşdan aç, hor, tozan, talanan adamlar
gelip, bulara goşulyp oturdylar. Şeýdip, olar köp il boldylar.
Olaryň ýurtlarynyň ýokarysy Ton gyry we aýagy Garry geçitdi. Kim olardan:
«Siz nä halk?» diýip sorasa, olar: «Hydyr baýyň adamlary biz» diýerdiler.
Hydyr iliniň kütler diýen bir urugy bar. Olar Hydyr çorynyň neslindendir.
Indi, Hydyryň inisi Aly hakda aýdalyň. Aly çory hem agasy ýaly
Amyderýanyň ýakasynda ýurt tutup oturdy, döwletli boldy. Özbegiň we
türkmeniň pahyry hem misgini onuň ýanynda oturdylar. Olaryň hemmesine
«Aly ili» diýdiler. Aliliniň mogoljyklar diýen urugy bar, şolar Aly çorynyň
neslinden bolmaly. Olaryň ýurdy Amyderýanyň iki tarapynda, ýokarsy Garry
geçit, aýagy Aktam.
Üçünji inisi Igbeg azat bolandan soň, Ärsary begiň oglanlarynyň ýanyndan
aýrylyp, başga ýere gitmedi. Onuň oglanlaryna «gullar» diýdiler. Olar hem iki
bölek boldular: birine ýöne «gullar», beýlekisine bolsa «jagataý gullary»
diýýärler. Jagataý diýilmeginiň sebäbi şeýle: «Horasan Teýmirleňiň
nesilleriniň golundaky uly tüpe halky Abulhanda, Amyderýanyň ýakasynda
oturar ekenler. Bir gün Amyderýanyň kybla tarapyndan bir bölek atly adam
gelip: «Meni derýadan geçiriň!» diýip gygyrypdyr. Uly tüpeler gämi
iberip, ony suwdan geçirip: «Sen kim bolarsyň, özüň nireden gelýärsiň?!»
diýip sorapdyrlar. Ol ýigit şeýle diýipdir: «Jagataýyň arlat diýen urugyndan
bolar men. Bir gün Horasanyň Durun diýen welaýatynda birnäçe ýigitler bilen
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
44
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
45
www.ertir.com
şerap içişip otyrdyk. Aramyzda bir ýagşy adam bardy, ol meniň bilen uruşdy.
Men ony pyçakladym. Ol adam şol pursat öldi. Gije mahalydy. Ölen bendäniň
garyndaşlary habardar bolmazyndan öň gaçyp, siziň halkyňyzyň içine gelip
duruşym». Ol ýene köp ýyllar uly tüpe halkynyň içinde ýaşady. Hiç kişi oňa
gyz bermedi. Ahyrda Igbeg çorynyň oglanlarynyň birisi oňa gyzyny berdi.
Şondan doganlara «jagataý gullar» diýdiler.
Dördünji一Kaşga çory. Ol hem Amyderýanyň ýakasynda, Ajy deňziň
ýakynynda ýurt tutup oturdy. Onuň oglanlaryna «Gara öýlüler» diýdiler. Uly
agalary ýaly döwletli bolup, munuň ýanyna hiç kişi gelip goşulmady. Sebäbi
onuň oturan ýeri ýaman bir ýurtdy, ekin eker ýaly ýeri ýokdy, mal otlar ýaly
oty hem azdy.
Saýyn han öwladynyň içinde Özbekhan, aleýhirrahma, ilki musulman adamdy.
Ol itil derýasynyň ýakasynda, Saraý şäherinde wepat bolupdy. Ol Janybeg han
atasynyň tagtyna çykyp oturdy. Ürgençde we bir başy一Gargaly ilinde we
aýagy一Astrabada çenli aralykda oturýan türkmen Janybeg hana degişli boldy.
Hana: «Abulhan daglary düýe köpeltmek üçin ajaýyp bir ýagşy ýerdir»
diýdiler. Şu sebäpden Janybeg han otuz öýli düýe çopanyny göçürip, Abulhan
dagyna iberdi. Onuň içinde her urugdan adam bardy. Barçalara mälim bolşy
ýaly, patyşalaryň hyzmatynda her taýpadan adamlar saklanýardy. Ol gidenler
hem şular ýaly adamlardandy.
Janybeg hanyň bir adamy Abulhan türkmenleriniň içine gelip, her ýylda
almaly mallaryny alyp, köp düýeleri ýaňky aýdylan otuz öýli düýe
çopanlaryna tabşyrdy we gaýtdy. Tä Janybeg han ölýänçä, olar Abulhanda
oturdylar. Şolara «Düýeçiler» diýdiler. Janybeg han hem soňra hak rehmetine
gitdi we ogly Berdi beg onuň ornuna han boldy. Onuň zamanynda-da düýeçiler
şu hanlyk düýeleri bakyp ýördiler. Berdi beg han ölenden soň özbegiň içi
bozulyp başlady. Bu ýagdaýy Abulhandaky türkmenler eşidip, hanlyk düÿeleri
talap aldylar, düýeçileriň özlerini bolsa çapdylar. Ondan soň düýeçiler açlyk
sebäbinden: «Balyk awlarys» diýip, Kaşga çorynyň oglanlary bolan Gara
öýlüleriň ýanyna baryp oturdylar
Birnäçe ýyldan soň düýeçiler artyp, köp halk boldular. Olaryň ýurtlarynyň
ýokarysy Aktam, aýagy Ugurça boldy. Gara öýlüler düýeçileriň içinde köp
arka oturdylar. Olardan Halyl atly bir dogumly ýigit peýda boldy. Ol wagtda
Gara öýlüler garyp bolup galypdylar. Ol sebäpden Halylyň baştutanlygynda
hemmesi Ärsary halkynyň onbegi we ýagşylarynyň ýanyna gelip, şeýle
diýdiler: «Özüňiziň hyzmatkärleriňiz bolupdyk, indi köp aç we hor düşüp
galdyk. Sizden haýyşymyz şudur: Uly Abulhan we Kiçi Abulhan dagynyň
guşlaryny, ekin ekilýän meýdanlaryny hem çeşmelerini bize berseňiz. Siz
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
45
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
46
www.ertir.com
näme talap etseňiz, ony biz size bereliň». Ärsarynyň ýagşylary ýygnanyşyp
oturyp aýtdylar: «Uly atamyz Ärsary baýyň satyn alan Uly Abulhanda alty
sany akar çeşme, on höwürtde laçyn we öň sekiz höwürtge ütelgi hem-de Kiçi
Abulhanda dört höwürtge laçyn we alty höwürtge ütegli bardyr. Çeşmelerden
hem näçeräk azyklyk galla gurmak üçin iki müň gamyş beriň! On uly laçyn we
dört çory laçyn hem-de on sekiz uly ütegli we alty saryja her ýylda getirip
beriň!» diýdiler.
Gara öýli Halyl kabul etdi hem ýene aýtdy: «Biziň guşlary tutar ýaly, urar ýaly
hiç zadymyz ýok, azygymyz hem ýok». Onbegi we onuň ýagşy adamlary
illeren ýygnap, ýüp işdirip, olara ýüz gulaç ýüp, alty owlakly geçi, iki tulum
gatyk we bir eşek berdiler.
Olar köp ýyllap bu aýdylan zatlary berip durdular. Bu wagtda olara «Dag
saklary» (Dagly Sakarlar) diýýärler. Çünki olar Kaşga çorynyň oglanlary
bolup durýarlar. Kaşga bilen sakaryň manysy bir bolar.
Oguz iline beglik eden gyzlaryň beýany
Türkmeniň taryhyny bilýän ýagşylary hem bagşylary aýdýarlar: ýedi gyz ähli
oguz illerini öz agzyna garadyp, köp ýyllap beglik etdiler. Olaryň birisi Altyn
Gözgürdir. Ol Sundun baýyň gyzy bolup, Salyr Gazan alpyň aýaly. Boýy uzyn
bolupdyr.
Ikinjisi Karmyş baýyň gyzy we Mamyş begiň aýaly Barçyn Salyr. Onuň gabry
Syrderýasynyň ýakasynda bolar we halk içinde meşhur. Özbekler oňa
«Barçanyň Gök kaşanasy» diýýärler. Nagyşlanan syrçaly örän owadan
gümmezdir.
Üçünjisi Kaýy baýyň gyzy hem Çawuldyr Bala alpyň aýaly Şabaty hanymdyr.
Dördünjisi Kondy baýyň gyzy Byýaken alpyň aýaly Günin görkli diýen gyzdy.
Bäşinjisi ýumak baýyň gyzy, Karkyn Gonak alpyň aýaly, ýene-de bir Günin
görklidi. Altynjysy Alp Arslanyň gyzy, Kestan Gara Alpyň aýaly Gerçe bolady
hanymdy.
Ýedinjisi bolsa Kynyk baýyň gyzy Dodal baýyň ogly Kymajyň aýaly Kugadly
hanymdy.
Taryh müň ýene ýetmiş birde (1071 ý. hijri-kamary 一 1661 ý. milady)
Horezm ülkesinde ýazylyp gutaryldy.
Soňy, kitap gutardy.
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
46
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
47
www.ertir.com
Mazmuny
Türkmenleriň nesil daragty
Adam aleýhissalamyň beýany
Oguz hanyň dünýä inmeginiň beýan
Oguz hanyň han bolanynyň beýany
Oguz hanyň Turan we Hindistana ýörişiniň beýany
Oguz hanyň Eýran, Şam we Müsüre ýörişiniň beýany
Oguz hanyň öz ýurduna gelip, toý tutuşynyň beýany
Oguz hanyň ogly Gün hanyň patyşalygynň beýany
Oguz hanyň oglanlarynyň hem nebereleriniň atlarynyň beýany
On iki ýüzlük hem ýigrimi dört aýmagyň manysynyň beýany
Oguz hanyň nebereleriniň atlarynyň manysy hem-de tagmalary bilen
guşlarynyň beýany
Oguz iliniň äht etmeginiň beýany
Gün hanyň uly ogly Kaýynyň han bolmagynyň beýany
Bakuýyň han bolmagynyň beýany
Oguz iliniň ýurtlary, onda näçe ýyl nähili oturandyklaryny hem näme üçin
«türkmen» diýip at goýlandygynyň beýany
Ynal ýawynyň han bolmagynyň beýany
Doýly kaýynyň inisi Erkiniň patyşa bolmagy we onuň ogly Dumanyň dünýä
inmeginiň beýany
Dumanyň oglynyň bolmagy, oňa Mur «ýawly» diýip at dakmaklary we ýigit
çykandan soň, oňa «Ganly ýawly» diýip at goýmaklarynyň beýany
Dumanyň han bolmagynyň beýany
Ganly Ýawlynyň han bolmagynyň beýany
Mur ýawynyň han bolmagynyň beýany
Mur ýawynyň ogly Gara hanyň han bolmagynyň beýany
Bugranyň han bolmagynyň beýany
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
47
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
48
www.ertir.com
Bugra hanyň ogly Guzy teginiň han bolmagynyň beýany
Guzy teginiň ogly Arslanyň han bolmagynyň beýany
Bugra hanyň ogly Il tegin we onuň ogly Osmanyň han bolmagynyň beýany
Il teginiň ogly Esliniň han bolmagynyň beýany
Esliniň ogly Şabanyň han bolmagynyň beýany
Şabanyň ogly Boranyň han bolmagynyň beýany
Alynyň han bolmagynyň beýany
Oguz iliniň Aly hana ýagy bolup, Şa Mäligi öldürişiniň hem-de öý başyna
Gara han bolup, dört tarapa gidişiniň beýany
Togurmyşyň ogly Togrulyň han bolmagynyň beýany
Ondan soň Togurmyşyň kiçi ogly Arslany han göterdiler
Arslany han göterdiler
Gögüm Bakuýy patyşa etdiler
Arslanyň ogly Sereňiň han bolmagynyň beýany
Salyr Ugurjyk alpyň atalarynyň inileriniň hem oglanlarynyň beýany
Soň türkmen bolup, türkmene goşulan illeriň beýany
Oguz iline beglik eden gyzlaryň beýany
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
48
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Şejereýi Teräkime - 1
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1726
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    50.3 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şejereýi Teräkime - 2
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 1683
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şejereýi Teräkime - 3
    Total number of words is 4078
    Total number of unique words is 1606
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şejereýi Teräkime - 4
    Total number of words is 3078
    Total number of unique words is 1359
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.