Latin

Şejereýi Teräkime - 2

Total number of words is 3987
Total number of unique words is 1683
33.0 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Oguz han Itbarak handan ýeňlenden on ýedi ýyl soň, ýene atlanyp baryp,
Itbarak han bilen uruşdy, basdy Itbarak hany öldürip, ýurduny alyp, musulman
bolanlaryna degmän, taňra iman getirmediklerini öldürip, oglanlaryny ýesir
edip, öýüne geldi.
Oguz hanyň Turan we Hindistana ýörişiniň beýany
Oguz han bütin mogol hem tatar iliniň goşunlaryny jemläp, Talaş we Saýrama
geldi. Daşkent, Samarkant, Buhara patyşalary sap tartyp urşup bilmediler, uly
galalara hem şäherlere gelip, özi gabady, Türküstan bilen Andijany alyp,
atasynyň ýanyna geldiler. Oguz han bu aýdylan welaýatlaryň hemmesine
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
15
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
16
www.ertir.com
häkim belläp, Samarkanda tarap ugrady, onsoň Samarkandy alyp, oňa häkim
belledi. Buhara ugrady. Buharany hem alyp, oňa häkim belledi. Balha ugrady,
Balhy hem alyp, häkim goýup, Gur welaýatynyň üstüne ýöredi.
Gyşdy, günler örän sowukdy. Guruň daglaryna gar örän köp düşüpdi.
Goşunlaryň ýöremegi kynlaşypdy. Han şeýle höküm berdi: «Hiç kim menden
galmasyn». Baryp Gury aldylar. Soň ýyl çalşyp, ýaz çykdy. Goşundakylaryň
sanyny aldy, birnäçe adam kem geldi. Olar barada soranda, hiç kimse bilmedi.
Birnäçe günden soň, olar hanyň hyzmatyna geldiler. Han olardan ahwalyny
sorady. Şonda olar aýtdy: «Birnäçe adam bolup goşunyň yzy bilen gelýärdik,
dag içinde bir agşam galyň gar ýagdy, ondan soň ýöräp bilmän, şol ýerde
ýatdyk. Atlarymyzyň we düýelerimiziň ählisjesi öldi. Ýaz çykandan soň
pyýadalap gaýtdyk» diýdiler. Han şonda «Ol jemagata «garlyk» diýsinler»
diýip, höküm etdi. Barja garlyk ili şolaryň nesli bolar.
Ondan ötüp, Kabul hem Gaznaýyny aldy. Ondan soň Kaşmiriň üstüne ugrady.
Şol wagtlar Kaşmiriň mäkäm daglary, uly derýalary köp. Ýagma oňa arka
berip, Oguz hana boýun egmedi. Bir ýyl uruşdylar, iki tarapdan köp adam öldi.
Ahyrda Oguz han Kaşmiri aldy, Ýagmany öldürdi, goşunyny bolsa
köpçülikleýin gyrdy. Birnäçe wagtlap şol ýerde galdy, soň gaýdyp Badahşanyň
üsti bilen Samarkanda geldi. Ondan Mogolystana baryp, öýüne düşdi.
Oguz hanyň Eýran, Şam we Müsüre ýörişiniň beýany
Bir ýyl ýurdunda durup, ikinji ýyly ile jar çekdirdi: «Eýran tarapa ýörişe gitjek,
köp ýylyň üpjünçiligini görsünler». Ikinji ýyly atlandy we Talaş şäherine ýetdi.
Han goşunyň yzynda adamlary goýardy we olar ýadan hem ajygan, azaşan
hem ýiten adamlary alyp gelerdi. Ol adamlar goşun yzynda galan bir
maşgalaly adamyny hanyň ýanyna alyp geldiler. Han ol kişiden sorady:
«Näme niýet bilen yza galypdyň?». Ol aýtdy: «Iýer-içer ýaly zadymyň azlygy
üçin goşunyň yzy bilen gelýärdim. Aýalym göwrelidi, dogurdy. Açlyk
sebäbinden enesiniň süýdi oglana ýetmeýärdi. Gelýän mahalym suwuň
ýakasynda bir şagalyň bir sülgüni alanyny gördüm. Agaç bilen şagaly urup
goýberdim. Şagal sülgüni taşlap gaçdy. Ony alyp, kebap edip, aýalyma iýdirip
otyrdym. Soňra siziň goýan adamlaryňyz ýolugyp, meni alyp geldiler».
Han ol pakyra at, azyk hem mal berenden soň: «Bu goşuna barma!» diýip, oňa
«Gal aç» diýdi. Barja «Kalaç» ili şu adamyň neslindendir. Bu wagtda «Halaç»
diýýändirler, Mawerannahrda ýaşaýandyrlar, aýmak iline gatyşandyrlar. Balha
degişli Gur diýen şäherde oturýan halaçlarda ady Muhammet, lakamy
Bagtyýar diýen bir pälwan bardy. Hindistanyň Deli diýen şäherinde Kutbetdin
diýen bir musulman patyşa bardy. Muhammet baryp oňa nöker boldy. Birnäçe
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
16
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
17
www.ertir.com
ýyldan soň uly beg boldy. Hindistan diýenleri bölek-bölek köp ýurtlardan
ybarat bolup, onuň Bahar atly bir ýurdy bardy. Ol Kaşmiriň ýanyndady.
Kutbetdin Muhammet Bagtyýary goşunbaşy edip oňa iberdi. Muhammet
Bagtyýar baryp Bahar ýurdyny aldy. Baharyň gündogarynda ýene-de bir ýurt
bardy, onuň uly şäherleriniň biriniň ady Lekmirdi. Onuň togsan ýaşly bir
patyşasy bardy, ata-babadan ol ýurduň patyşasydy. Baryp ol ýurdy aldy, näçe
ýyllardan bäri toplan hazynasyny-da ele düşürdi.
Lekmiriň demirgazyk tarapynda ýene bir uly şäher bardy, ady Lektunydy.
Baryp ony-da aldy we hutbany öz adyna okadyp, zikge pula hem öz adyny
urdurdy. Lektuny şäherini paýtagt edinip oturdy. Kalaç ilinden on müň adam
onuň ýanyna ýygnandy. Köp ýyllar şonda boldy.
Lektuny bile. Tibetiň arasy atly kişi (uzaklygy) bir ýatsa barýan ýerdi. Emma
bir belent dag bolup, onda bir ýol bardy, bir atly ýöräp bilýär, iki atly ýanaşyp
ýöräp bilmeýär. Muhammet Bagtyýar on müň atly we otuz müň pyýada goşun
bilen şol ýoldan baryp Tibeti çapyp geldi, birnäçe günden soň wepat boldy.
Barja kalaç halky üýşüp, Şiran diýen adamy patyşa göterdiler. Ol ölenden soň
Merdan diýen kişini patyşa göterdiler. Merdan ýyndam hem mergen ýigitdi.
Emma akylly weli ýokdy. Şeýle ýagdaýda, bir gün kabul edişlikde oturan
mahaly öz beglerine bakyp: «Yspyhany, pylany, saňa berdim. Kazmini saňa
berdim...» diýdi. Şu hili gepläp, Horasan, Yrak, Rumuň, adyny bilýän ençeme
şäherleriň bir-bir atlaryny tutup nökerlerine paýlady, «Taňrym berse sizlere
bereýin diýmedi» diýmedi. Şeýle diýen bolsa aýyp boljak däldi. «Meniň
welaýatlarymdyr, sizlere berýärin» diýip, tagzym etdirdi. Bir gün bir adam
haraý isläp, zeýrenip: «Men bir söwdegar, gije pylança müň teňňämi ogry
alypdyr» diýdi. Ondan: «Sen özüň niräniň adamy bolarsyň?» diýip sorady.
Söwdegär: «Yspyhanly bolaryn» diýdi. Oňa: «Teňňäň üçin saňa Yspyhanyň
häkimligini berdim!» diýdi-de, diwan mürzesine: «Hökümi ýaz» diýdi. Ol
Yspyhanyň häkimligini söwdagäriň adyna ýazyp, möhür urup, goluna berdi.
Söwdagär gorkusyndan bir söz aýdyp bilmän, hökümi alyp başyna sançdy.
Kabul edişlikde oturan jemagat hem gorkularyndan hiç zat edip bilmediler. Bir
akylly begi bardy, ol aýtdy: «Patyşahym, muňa Yspahynyň häkimligini
berdiňiz. Bu adam eger mundan Yspyhana ýeke barsa, siziň abraýyňyza ýaman
bolar. Bu adama ýeterlik zatlar berseňiz, ol goşly we nökerli bolup barsyn»
diýdi. Ol betbagtyň şol sözi köplüge makul gelip, oňa ýüz teňňe sylag berdi.
Emma bu wakanyň bir ýaman ýeri boldy: ol şondan soň kalaç halkynyň ýagşy
adamlaryny bigünä ýerden öldürip, Öwez diýen adamyny Lektuny tagtyna
oturtdylar.
Ol hem on iki ýyldan soň öldi.
Ondan soň ol ýurt kalaçlaryň golundan çykdy, özge kişiniň eline düşdi. Ondan
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
17
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
18
www.ertir.com
soň kalaçlar nöker boldular. Kalaçlaryň patyşalygy başdan ahyra elli dört ýyl
dowam etdi. Indi kalaçlar baradaky sözümizi goýalyň, munça aýtdyk, besdir.
Oguz han Talaşdan ötüp, Samarkant we Buhara gelip, Amy suwundan geçip,
Horasana ýetdi. Şol çaklarda Eýran ýurdunda gowy patyşalar ýokdy.
Keýumers ölüpdi. Hüwşeňi heniz patyşa götermändiler. Şol hili wagtlara
araplar «muluk ut-tawaýyf» diýýärler. Onuň manysy «her bir bölek ilde bir
häkim» diýmek bolar.
Türki kowumlar ol hili wagta: «öý başyna gara han» diýerler. Manysy: «Her
öýde gara kişi bir han bolup oturýar, her öýe bir han» diýmek bolar. Şol
wagtlar Eýran ýurdy şunuň ýalydy.
Oguz Horasany aldy, ondan ötü, Yrag-e ajamy, Yrag-e araby, Azerbeýjany,
Ermeni, Şam we Müsüre çenli aldy. Bu aýdylýan ülkeleriň birnäçesini urşup
we barjasyny boýun egdirip, özüne degişli etdi. Oguz han Şam welaýatynda
duran mahaly, ýaşyrynlyk bilen bir nökeriniň golunda bir altyn ýaý hem üç
oky berdi-de: «Ýaýy gündogarda bir çölde kişi aýagy ýetmejek bir ýerde
topraga gömüp, bir ujuny çykaryp goýgul. Oklary günbatar tarapa eltip, ýaýy
nähili goýan bolsaň, ony hem şol hili goýgun» diýdi.
Ol kişi buýruga amal edip, dolanyp geldi.
Bu wakadan bir ýyl ötenden soň, üç uly ogly Gün, Aý we Ýyldyz hany
çagyryp aýtdy: «Ýat ýurda gelip, işimiň köplüginden meniň aw awlamaga elim
degmeýär. Gündogar tarapda pylan çölüň awy köpmüşin diýip eşitdim. Öz
nökerleriňiz bilen ol ýere gidip, aw tutup geliň!» diýdi. Ondan soň üç kiçi ogly
Gök, Dag we Deňiz üçüsini çagyryp, olaryň agalaryna aýdan sözlerini aýdyp,
günbatar tarapa iberdi.
Birnäçe günden soň üç uly ogly bir altyn ýaý bilen köp awy Oguz hanyň öňüne
getirdiler. Ol awlaryň etlerine ýene köp etleri we dürli naharlary goşup, halky
çagyryp, ýaýyň we okuň tapylanyny yrym edip, özlerine gaýtaryp berdi. Üç
uly ogly ýaýy döwüp, paýlaşdylar, üç kişi ogly her haýsy bir oky aldy.
Alan ülkelerinde köp ýyllar ýaşap, duşmanlary ýok edip, dostlaryny saýlap,
başy Saýram, aýagy Müsüre çenli alan welaýatynyň barjasyna häkimler goýup,
gaýdyp gelip, öz ýurtlaryna düşdüler.
Oguz hanyň öz ýurduna gelip toý tutuşynyň beýany
«Oglanlarym, halkym bilen esen-aman baryp geldim» diýip, uly toý ýaragyny
tutup, bir çadyr gurdurdy. Barja agaçlaryň daşyna altyn gaplatdy, lagl we
ýakut, zümerret we firuza, dür bilen bezetdirdi. Bu beýdi şol öýüň tarypy üçin
aýdypdyrlar:
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
18
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
19
www.ertir.com
Beýt
Bir öý dikdi altyndan ol şähriýar,
Kim ol öýden pelek öý(i) kyldy aar.
Dokuz müň goýun we dokuz ýüz ýylky öldürtdi. Gönden togsan dokuz howuz
etdirdi, dokuzysyna arak, togsanysyna gymyz doldurtdy. Barça nökerlerini
çagyryp getirtdi. Ol öz alty ogluna köp nesihatlar berip we beglerine öwredip,
ýurtlar, şäherler hem sylaglar berdi. Bu beýtleri onuň tarypy üçin aýdypdyrlar:
Şygyr
Oguz kyldy ol toýda çyrgamyş,
Bu alty ogluny söýürgemiş,
Bular görkezip erdi merdanalyk,
Ata birle köp dürli ferzanalyk.
Ataga (anlar), bes, kyldylar ýarlyk,
Uruş gün(ler)inde barjasy barlyk.
Ondan soň barja nökerleriniň atan, çapan, eden hyzmatlaryna laýyk şäherler,
serhetler, obalar we sylaglar berdi. Ýene oglanlaryna aýtdy: «Siziň üç ulyňyz
altyn ýaýy tapyp getirdiňiz, ýene ony bozup paýlaşdyňyz. Siziň adyňyz
«Bozuk» bolsun. Sizden önenler oglanlara hem tä kyýamata çenli «bozuk»
diýsinler. Tapyp getiren ok we ýaýyňyz一ol kişiden bolmady, taňrydan boldy.
Bizden öň öten halklar ýaýy patyşa ornunda bilip, oky ilçi hasap edipdirler.
Sebäbi ýaý oky haýsy tarapa atsa, ok şol tarapa-da gider. Indi, men ölenimden
soň, Gün han meniň tagtyma çykyp otursyn. Ondan soň «bozuk» neslinden her
kim ukyply bolsa, halk ony patyşa götersin. Dünýä ahyr bolynça «bozugyň»
bir ýagşy kişisi patyşa bolsun, özgeleri öňde otursynlar. «Üç oklar» çepde
bolsunlar, öýüň çep tarapynda otursynlar hem-de dünýä ahyr bolynça
nökerligine razy bolsunlar» diýip aýtdy we ýüz ýene on alty ýyl patyşalyk
edip, hakyň rehmetine gitdi.
Oguz hanyň ogly Gün hanyň patyşalygynyň beýany
Oguz hanyň «Uýgur» diýip at goýan jemagatynyň ýaşulusynyň hem
aksakalynyň bir goly bardy, ady Arkyl (!) hojady. Oguz han atasynyň tagtynda
oturandan tä ölinçä weziri, wekili şoldy. Akylly hem bilimli, örän ylymly
kişidi. Gün han ýene ony wezir edip, tä özi ölinçä weziri, wekili şoldy. Akylly
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
19
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
20
www.ertir.com
hem bilimli, örän ylymly kişidi. Gün han ýene ony wezir edip, tä özi ölinçä
onyň sözüne amal etdi. Arkyl hoja uzak ýaşady.
Günlerde bir gün han ýeke oturan mahalynda Arkyl hoja aýtdy: «Ataň ýüz on
alty ýyllap, tomsuň yssysynda saýada oturman, gyşyň sowugynda öýde
bolman, gylyç urup, köp ýurtlary alyp, siziň altyňyza goýup gitdi. Eger siz
altyňyzyň, sizden bolan barçalaryňyzyň agzyňyz bir bolsa, uzak ýyllar we köp
günler bu ýurtlar siziň goluňyzdan çykmaz. Eger agzyňyz bir bolmasa, olja
alan ýurduňyz-da gider we baýry ýurduňyz-da gider, malyňyz, janyňyz-da
gider». Onda Gün han:«Atama siz geňeş berýädiňiz, atamyň ornuna, indi,
meniň atam一siz. Siz nähili işi makul görseňiz, men şony edeýin» diýdi.
Onsoň Arkyl hoja aýtdy: «Oguz handan köp ýurtlar, şäherler, iller, öli mallar
we diri mallar galypdyr. Siz alty ogluň her biriňizde dört ogul bar. Siz
altyňyzdan başga ýene ýigrimi dört patyşazada bolýar, ine, men şundan gorkup
ýörýärin, dünýälik üçin agyzlaryňyz ala bolar diýip howatyrlanýaryn». Gün
han Arkyl hojanyň sözüni kabul etdi hem uly gurultaý çagyrdy.
Ýagşy, ýaman一halkyň hemmesi gelenden soň, ol Oguz handan galan
welaýatlar hem iller, öli mallaryň we diri mallaryň ählisini şu aýdylan oguz
patyşazadalarynyň ulusyna uly, kiçisine kiçi edip bölüp berdi. Bu ýigrimi dört
ogul öz aýallaryndan dogupdy. Mundan başga gyrnaklardan bolan oglanlar
hem köplükdi. Olaryň hem ýagdaýlaryna laýyk zatlar berdiler. Ondan soň
Oguz hanyň ýasadan altyn öýüni dikdirdi. Sag ýanda alty ak çadyr we çep
ýanda alty ak çadyr dikdirdi. Ýene sag ýanda bolsa başyna altyn horaz
berkidilen kyrk gulaç agajy dikdirdi. Soňra han buýrugy boýunça «bozugyň»
oglanlary nökerleri bilen altyn horazy, «üç okuň» oglanlary nökerleri bilen
kümüş horazy atly çapyp atdylar. Ol horazlary uran kişilere sowgatlar berdi.
Gün han atasynyň edenlerine amal edip, dokuz ýüz ýylky we dokuz müň
goýun öldürtdi, gönden dokuz howza arak doldurtdy we togsan gönden howza
gymyz guýdurdy. Kyrk gije-gündiz aýş-u-eşretde boldylar.
Oguz hanyň oglanlarynyň hem nebereleriniň atlarynyň beýany
Indi, olar iýip-içip otursynlar.
Biz Oguz hanyň eteginden ýaýran oglanlarynyň atlaryny aýdalyň. Ozal hem
aýdypdyk, şeýle-de bolsa oglanlaryny hem neberelerini一barysyny bir ýerde
aýtmagy mynasyp gördük.
Oguz hanyň oglynyň ady Gün han we ondan kiçisiniň ady Aý han, ondan
kiçisiniň ady Ýyldyz han, ondan kiçisiniň ady Gök han, ondan kiçisiniň ady
Dag han, ondan kiçisiniň ady Deňiz han. Bu altysynyň her haýsysynyň
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
20
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
21
www.ertir.com
aýallaryndan bolan dört ogly bardy.
Gün hanyň uly oglunyň ady Kaýy, ikinjisi一Baýat, üçünjisi一Alkaöýli,
dördünjisi一Gara öýli.
Aý hanyň uly oglunyň ady Ýazyr, ikinjisi一 Ýasyr, üçünjisi一Dodurga,
dördünjisi Düker.
Ýyldyz hanyň uly oglunyň ady Awşar, ikinjisi一Gyzyk(?), üçünjisi一Begdili
we dördünjisi一Garkyn.
Gök hanyň uly oglunyň ady Baýyndyr, ikinjisi一Bejene, üçünjisi一Jawuldyr
we dördünjisi一Jebni.
Dag hanyň uly oglunyň ady Salyr, ikinjisi一Eýmir, üçünjisi一Alaýuntly we
dördünjisi一Üregir.
Deňiz hanyň uly oglunyň ady Igdir, ikinjisi一Bükdüz, üçünjisi一Uwa we
dördünjisi一Kynyk.
Oguz hanyň uly alty oglunyň gyrnakdan bolan çagalarynyň atlaryny aýdalyň.
Emma haýsynyň haýsy oglundan bolany belli däl: Köne, Kune, Turbatly,
Gireýli, Soltanly, Okly, Gökli, Suçly, Horasanly, Ýurtçy, Jamçy, Turumçy,
Gumy, Surky. Häzirki wagtda oňa Surhy diýýärler. Gurjyk, Sorajyk, Garajyk,
Kazygurt, Tiken, Lala, Murdaşuý, Saýyr.
Häzir birnäçe iller, ýagny Oguz han olara at goýdy diýip aýdanlarymyz, Oguz
hanyň neslinden däldir. Şeýle-de bolsa olar şol toýda bar ekenler. Şol sebäpli
olaryň atlaryny-da kitapda ýazmak zerur. Olaryň atlary şular: Kanykly,
Gypjak, Garlyk, Kalaç.
Gün hanyň öz inilerine hem oglanlaryna orun berişiniň beýany
Indi, on iki çadyrda oturyp, ülüş, ýagny paý alanlar kimler we ol ülüşleri
dogranlar kimler, daşarda atlaryny tutup oturanlar kimler, şolary beýan edeliň.
Altyn çadyryň töründe Gün han oturdy. Iliň barça ýagşylary agzybirlik edip,
goýnuň kellesini we arkasyny, guýrukly ujasyny hem bagryny ujanyň üstünde
goýup, Gün hanyň öňünde goýdular hem-de:«Kim han bolsa, paýy şu hili
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
21
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
22
www.ertir.com
bolsun» diýdiler. Sag gol tarapda birinji çadyrda Gün ilki ülüş berdiler. Baýat
ony dogrady, Surky atlaryny tutdy, häzirki wagtda ony Surhy diýip aýdýarlar.
Ikinji çadyrda Alka öýlini oturtdylar. Sag gyra ýiligi ülüş berdiler. Gara öýli
ony dogrady, Lala atlaryny tutdy. Üçünji çadyrda Aý hanyň uly ogly Ýazyry
oturtdylar, sag ýanbaşy ülüş berdiler. Ýasar ony dogrady, Gumy bolsa atlaryny
tutdy. Dördünji çadyrda Dodurgany oturtdylar, sag omaçany ülüş berdiler.
Düker ony dogrady, Murdaşuý atlaryny tutdy. Bäşinji çadyrda Ýyldyz hanyň
uly ogly Awşary oturtdylar, sag uýlugy ülüş berdiler. Kazyk ony dogrady.
Turumçy atlaryny tutdy. Altynjy çadyrda Begdilini oturtdylar, sag ýagyrnyny
ülüş berdiler. Garkyn ony dogrady, Garajyk atlaryny tutdy.
Çep tarapdaky birinji çadyrda Gök hanyň uly ogly Baýyndyrny oturtdylar, çep
uýlugy ülüş berdiler. Bejene ony dogrady, Kazygurt atlaryny tutdy. Ikinji
çadyrda Jawuldyrny oturtdylar çep ýanbaşyny ülüş berdiler, Jebni ony
dogrady, Kanykly atlaryny tutdy. Üçünji çadyrda Dag hanyň uly ogly Salyry
oturtdylar, çep aşykly ýiligi ülüş berdiler. Eýmir ony dogrady, Kalaç atlaryny
tutdy. Dördünji çadyrda Alaýuntlyny oturtdylar, çep omaçany ülüş berdiler.
Üregir ony dogrady, Tiken atlaryny tutdy. Bäşinji çadyrda Deňiz hanyň uly
ogly Igdiri oturtdylar, çep gyra ýiligi ülüş berdiler. Bükdüz ony dogrady,
Garlyk atlaryny tutdy. Altynjy çadyrda Uwany oturtdylar, çep ýagyrnyny ülüş
berdiler. Kynyk ony dogrady, Gypjak atlaryny tutdy.
On iki «ýüzlük» hem ýigrimi dört aýmagyň manysynyň beýany
Eý diňleýji garrylar hem aňlaýjy ýigitler!
Bu sözleriň manysyna düşünmek üçin köňülleriňizi saplap, gulaklaryňyzy bäri
tutuň! Türkmenleriň ötüp geçen bagşylary hem ömrüni märekede ötüren
ýagşylary şeýle diýipdirler:
Oguz hanyň alty oglunyň esasy aýallaryndan dogan nebereleri ýigrimi dört
sany bolupdyr. Gün han olary iki-ikiden on iki öýde ýerleşdiripdir. Şeýdip,
olar on iki bölek bolupdyr. Şol on iki bölekden bolanlara «ýüzlük» diýipdirler.
Çünki her bir zadyň ýeňsesinden ýüzi ýagşy bolýandyr.
Oguz hanyň at dakan birnäçe kişileri hem günülerinden dogan nebereleri-de
ýigrimi dört sany eken. Olaryň atlaryny ýokarda agzap geçipdik. Olar öýüň
daşynda ýerleşipdirler. Olaryň on ikisi at tutup, beýleki on ikisi bolsa işikde
oturupdyr. Şu ýigrimi dörtden doganlara «aýmak» diýipdirler. Bu söz aslynda
«omak» bolmaly.
Garamaýak halk bu sözi bolşy ýaly, doly aýdyp bilmän, onuň ýaryny
aýdypdyrlar. Bir adam başga birinden «Seniň iliň omagy näme?» diýip, sorar
eken. «Omak» mongol sözüdir. Biziň güblerimizde galmyklar hem omak
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
22
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
23
www.ertir.com
diýýärler. Aslynda bu sözüň manysy «urug» eken. Türkmenleriň on iki ýüzlük
hem ýigrimi dört aýmak diýmekleriniň sebäbi, ine, şu aýdylanlar bolmaly.
Oguz hanyň nebereleriniň atlarynyň manysy hem-de tagmalary bilen
guşlarynyň beýany
Türkmeniň taryh bilýän ylymly garrylarynyň barysy Oguz hanyň on iki öýde
oturan ýigrimi dört neberesiniň atlarynyň manylaryny hem-de tagmalarynyň
nähili bolandygyny, guşlarynyň atlaryny şeýle aýdypdyrlar:
Bir uly kagyza ähtnama ýazyp, Gün hanyň baştutanlygynda inileri, ogullary,
ogullary, begleri we halk içindäki garrylaryň ýagşylary, ýigitleriniň ýagşylary
一bularyň barysy şol hatda öz atlaryny ýazyp: «Biz dirikäk şu aýdylan
sözlerden çykmarys. Eger bizden bolan oglanlar halalzada bolsalar, dünýä ahyr
bolynça bu ähtnamany okap, amal etsinler. Eger haramzada bolup, «ýurdy
bozaly» diýseler amal etmesinler» diýdiler. Atlaryny ýazyp, möhürlerini basyp
ähtnamany Gün hanyň hazynasynda goýdular. Oguz han ölende, Gün han
ýetmiş ýaşynda-dy, ýene-de ýetmiş ýyl atasynyň ýerinde oturyp, adalatlylyk
bilen hanlyk etdi hem-de şondan soň hak rehmetine gitdi.
Oguz iliniň äht etmeginiň beýany
Hanyň baştutanlygynda ähli halk aýtdy: «Bir goýun, on ýa-da ýüz goýun
öldürseňizem omaçasyny şu aýdylşy ýaly paýlasynlar. Her haýsysy öz
oglanlary bilen, nökerleri bilen iýsinler». Ýene-de: «Bir kişi günäkär bolsa, ol
adam patyşa oturan ýere ýakyn bolsa-da, daş bolsa-da, ol günä eden kişi patyşa
urugyndan bolsa-da, hanyň bir adamy baryp, oňa temmi berse, «meni penalap
gelipdir» diýip oňa hanyň inisi, ogly, begleri一hiç kim gol ýapmasyn. Eger
kim oňa arka çyksa, şol arka duran adamy patyşanyň huzuryna getirip,
arkasyna gylyç bilen urup, iki bölek etmek gerek. Goý, görene göz, eşidene
gulak bolsun» diýdiler.
Şeýle hem aýtdylar: «Oguz neslinden we «bozuk» oglanlaryndan bir kişini
patyşa etsinler, iki adamy patyşa götermesinler. Çünki han bir bolsa il düzeler,
iki bolsa一il bozular. Öň ýaşap geçen alymlar: «Bir gyna iki gylyç sygmaz»
diýipdirler. Bir aýaly iki är alyp bilmez. Bir ýurda iki töre sygmaz».
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
23
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
24
www.ertir.com
Gün hanyň uly ogly Kaýynyň han bolmagynyň beýany
Gün han öleninden soň, Oguz hanyň ähli nebereleri we il ýagşylary ýygnanyp,
Kaýyny han göterdiler. Ol hem atasy ýaly ile adalatly bolup, ýigrimi üç ýyllyk
patyşalyk etdi. Hak rehmetine gitdi.
Bakuýyň han bolmagynyň beýany
Kaýy hanyň oglanlary köpdi. Bir ogluna uly ogly Düýp Bakuýyň adyny
dakypdy. Uly-kiçi hemmeler bir bolup, Düýp Bakuýy han göterdiler.
Günlerde bir gün Düýp Bakuý han halkdan sorady: «Oguz hany gören
adamlardan şu wagta (çenli) galan barmy?» «Bir kişi galypdyr, salyr ilinden
ulaş atly» diýdiler.
Han adam iberdi. Ulaşy getirdip, Oguz hanyň ýurtda duranda näme iş
edendigini, dostlaryna niçik rehim-şepagat edip, duşmanlary bilen nähili
mydar edendigini birin-birin soraşdyrdy. Ulaş hem bilenlerini aýtdy. Ondan
soň köp serpaýlar ýapyp, öýüne iberdi.
Düýp Bakuý hanyň uly begleri ýazyr ilinden Alan we Arlan, düker ilinden
Çeges we Başy beg, Beýgu beg hem-de baýyndyr ilinden Kabyl hoja
dagylardy.
Han bir gün aw-awlap ýörkä, atdan ýykylyp, ýanbaş süňki syndy, şondan hem
öldi. Guzy ýawy diýen bir ogly bardy, ony patyşa göterdiler. Otuz ýyl
patyşalyk edip, o dünýä gitdi. Şol Guzy ýawy han bolanda onuň geňeş edýän
begleri eýmir ilinden Körünjik, salyr ilinden Tabakdy. Ýene salyrdan Eňeşiň
ogly Ötgen we onuň ogly Gülsary üç arka wezir boldular. Ol (Düýp Bakuý)
ýüz ýigrimi ýyl hanlyk etdi hem dünýäden ötdi.
Oguz iliniň ýurtlary, onda näçe ýyl nähili oturandyklary hem näme üçin
«türkmen» diýip at goýlandygynyň beýany
Oguz handan tä Guzy hana çenli aýtdyk. Ol şonuň ýaly. Indi, Ynal han hakda
aýdalyň, taňrym buýursa. Ynal hanyň zamanyndan tä biz bu kitaby aýdan
wagtymyza çenli bir-bir aýdanlarymyzyň hemmesi dogrudyr, hiç ýalňyşy
ýokdur. Ýöne Guzy ýawy han bilen Ynal hanyň arasynda näçe ýyl geçenini
kesgitläp bilmedik. Şeýle-de bolsa, biraz aýdaly, köp aýtsak, belkem, nädogry
bolmagy mümkin一dört müň ýyl dagy geçendir. Oguz hanyň Keýumers
zamanynda ýaşandygyny bilýäris. Ynal Ýawy hanyň wezir-wekili kaýy
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
24
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
25
www.ertir.com
halkyndan Gorkut atady. Biziň pygamberimiziň eneleriniň kiçi dogany
Apbasyň oglanlary Bagdat şäherinde bäş ýüz ýyl Patyşalyk etdiler. Gorkut ata
şolaryň zamanynda ýaşady. Keýumers bilen Apbas oglanlarynyň arasy bäş
müň ýyldyr. Guzy ýawy han Oguz hanyň bäşilenji ogly. Özüňiz hasap edip
görüň: Guzy ýawy han bilen Gorkut atanyň hany Ynalyň arasy näçe ýyl
bolýar?! Indi, biz bu aýdýan dört müň ýylymyzda kimiň bolanyny ýekemeýeke we atma-at bilemzok. Şeýle derejede bilmesek hem başdan-aýak, umumy
ýagdaýyny bilýäs, şuny bir aýdalyň.
Oguz iliniň ýurtlarynyň gündogary Yssyk köl we Almalyk; günortasy一
Saýram we Kazygurt hem Garajyk dagy: demirgazygy一mis çykýan Uly dag
we Kiçi dag; günbatary一Syrderýanyň aýagy Ýaňykent we Garagum. Şu
aýdylýan ýerlerde dört-bäş müň ýyl oturdylar hem-de haýsy urug köplük
bolsa, şondan patyşa göterdiler.
Haçanda Kaýydan bir adamy patyşa göterenlerinde kaýy urugy bilen baýat
urugy, ýene-de bäş-alty kiçiräk urug oňa goşulardy. Salyrdan bir kişini patyşa
göterseler, salyr urugy eýmir urugy, ýene-de sany azlyk bolan uruglar oňa
goşulardy. Ýazyrdan birini patyşa göterseler, ýazyr urugy bilen san taýdan az
birnäçe urug oňa goşulardy.
Şundan netije çykaryň: köplük bolan urugdan patyşa göterip, azlyk uruglar oňa
goşulyp, kä alty-ýedi topar bolardylar, kä üç-dört topar bolardylar. Bir-biri
bilen ýagy bolup, çapyşardylar, ýesir alardylar. Bir-biri bilen ýagy bolup,
çapyşardylar, ýesir alardylar. Özlerinden artan ýesirleri Mawerannahr
söwdagärlerine satardylar. Ol wagtlar Yrak, Horasan, Mawerannahr
patyşalarynyň, nökerleriniň, raýatlarynyň一hemmesi tatdy. Tatdan başga adam
ýokdy. Soltan Mahmyt Gaznawynyň atasy Sebüktegin kaýy halkyndandy. Ony
türkmenler ýesir edip, söwdagäre satdylar. Beçene urugy hem özünden töre
göterip, salyr ili bilen ýagy bolup, çapyşardy. Bäş-alty arka çenli bu iki iliň
arasynda duşmançylyk bardy. Beçene ili salyr ilinden üstün gelerdi. Şoňa göräde salyr ili beçene halkyna «it beçene» diýerdiler.
Beçene iliniň Doýmadyk atly bir patyşasy bardy. Ol goşun sürüp, salyr ilini
çapyp, salyr Gazan alpyň enesi Jäjeklini oljalap, alyp gitdi. Üç ýyldan soň
kethudasy Eňeş köp zat berip, Jäjeklini gaýtaryp aldy.
Şu aýdylanlardan şeýle netije çykýar: talaňçylar öz ýurtlarynda Mawerannahra
gaçyp giderdiler. Şeýdip, dura-bara Türkmeniň köpüsi şol welaýata düşüp, azy
galdy.
Ol wagtlar türkmenden aňry tarapda oturan iller hem köpdi. Onuň haýsy birini
aýdaýyn. Ähli illerden türkmene ýakynlary Hytaý, Kanykly, Naýman illeridi.
Ol illerem türkmeniň galanyny çapyp başladylar. Türkmenler Yssyk köl,
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
25
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
26
www.ertir.com
Almalyk, Saýram, Uly Daglar, Kiçi daglar一bu ýurtlaryň hemmesini taşlap,
Syr deýanyň aýagyna gelip, patyşlaryny Ýaňykentde oturtdylar. Özleri bolsa
Syrderýanyň iki tarapynda ýazlap hem gyşlap, on arka geçýänçäler oturdylar.
Mawerennahra düşen türkmenlere täjikler ilki «türk» diýerdiler. Bäş-alty arka
geçenden soň ýer-suwuň, howanyň täsiri bilen çekgeleri gysylyp, gözleri
ulaldy, ýüzleri kiçelip, burunlary ulalyp başaldy. Türkmen ýurduna gelip
oturan illerden ýesir we söwdagär Mawerannahra gelip başlady. Olary
gördüler, täjikler «türk» diýdiler. Öňki türklere bolsa «türk manend» diýip at
goýdular. Onuň manysy türke meňzeş diýmekdir. Sada halk «türk manend»
diýip aýdyp bilmedi, şoňa görä «türkmen» diýdiler.
Ynal ýawynyň han bolmagynyň beýany
Kaýy Gara hojanyň ogly Gorkut atanyň salyr Eňeş hojanyň we Awaşban
hojanyň baştutanlygynda ähli oguz ili ýygnanyp, kaýy halkyndan Ynal ýawyny
patyşa göterdiler. Weziri Gorkut atady... Gorkut ata näme diýse, Ynal ýawy
onuň sözünden çykmazdy. Gorkut atanyň keramatlary köpdi. Iki ýüz togsan
bäş ýyl ömür sürdi. Üç patyşanyň weziri boldy. Ynal ýawy ýedi ýyl patyşalyk
etdi. Iki ogly bardy. Uly oglunyň ady Al, kiçisiniň ady Doýly kaýydy. Ynal
ýawy han öler wagty golaýlanda, Doýly kaýyny öz ornunda oturdyp gitdi.
Doýly kaýy hem Gorkut atanyň sözüne amal ederdi. Doýly kaýynyň Gorkut
atadan başga iki ynamdar begi bardy. Biri baýyndyr ilinden Kübdüz atly,
beýlekisi igdirlerden Dükene atly. Doýly kaýy köp ýyllap patyşalyk etdi. Ogly
ýokdy. Iýmeli aşyny iýip, ýaşamaly ýaşyny ýaşap, dünýäden ötdi.
Doýly kaýynyň inisi Erkiniň patyşa bolmagy we onuň ogly Dumanyň
dünýä inmeginiň beýany
Doýly kaýynyň Erki atly bir ýakyn garyndaşy bardy. Ol Doýly kaýynyň düşek
aşyny berdi. Ähli oguz ili ýasa geldi. Gorkut ata baştutanlygynda ähli begler
soradylar: «Hanyň aýallarynyň göwrelisi barmy?» Bir eneke gelip aýtdy:
Hanyň bir aýalynyň aýagy agyr. Tiz bolar diýip umyt edýäris».
Hanyň düşek aşyny berip ýörkäler, birnäçe günden soň, «Hanyň ogly boldy»
diýip buşlukçy geldiler. Erkiniň baştutanlygynda begleriň hemmesi söýünji
berdiler. Erki halky toýa çagyrdy. Her kim öz ýagdaýyna görä sowgat getirdi.
Dört ýüz ýylky bilen dört müň goýun öldürdiler. Gönden üç howuz tikdirdi.
Birisini arak bilen, ýene birini gymyz bilen, beýlekisini gatyk bilen doldurtdy.
Bir aýlap gije gündiz dowam eden toýda ähli kişi一ýagşy-da ýaman-da
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
26
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
27
www.ertir.com
一aýşy eşrete meşgullanyp, garrylar ýaşyny unutdy, garyplar ýoksullugyny,
baýlar ölümini yatdan çykardylar.
Oguz ili Gorkuda aýtdy: «Bu oglana bir ýagşy at goý!» Gorkut ata: «Munuň
ady Duman han bolsun!» diýdi. Onda halk: «Mundan ýagşyrak at goý!» diýdi.
Gorkut ata: «Mundan ýagşy at bolmaz!» diýdi.一Doýly kaýy hanyň ölen güni
biziň ýurdumyzy duman tutup garaňky boldy. Bu ogul dumanda dogdy. Şonuň
üçin adyna Duman goýduk. Galyberse-de, öz ýanymdan ýagşy yrym hem niýet
edip, adyna Duman goýýaryn. Duman uzak durmaz, ol çalt sowulýan zat.
Dymanly gün güneş bolýar. Dumanyň soňundan howa açylýar. Biraz duran
dumany bu oglanyň ýaşlygyna meňzetdim. Soňky güneşi bolsa bu oglanyň
ýigit bolup, atasynyň tagtynda oturdyp, döwletli hem uzak ömürli bolanyny
meňzetdim».
Halk muny eşidip Gorkuda: «Berekella! Berkella! » diýdi we hoş bolup,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şejereýi Teräkime - 3
  • Parts
  • Şejereýi Teräkime - 1
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1726
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    50.3 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şejereýi Teräkime - 2
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 1683
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şejereýi Teräkime - 3
    Total number of words is 4078
    Total number of unique words is 1606
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şejereýi Teräkime - 4
    Total number of words is 3078
    Total number of unique words is 1359
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.