Latin

Şejereýi Teräkime - 1

Total number of words is 3896
Total number of unique words is 1726
36.8 of words are in the 2000 most common words
50.3 of words are in the 5000 most common words
57.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
1
www.ertir.com
1
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
2
www.ertir.com
Abulgazy Bahadur han
Şejereýi Teräkime
(Türkmenleriň nesil daragty)
Elektron görnüşde taýýarlan: Şamuhammet Suwtyýew
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
2
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
3
www.ertir.com
Türkmenleriň nesil daragty: («Şejereýi teräkime»)
Kitap türkmen halkynyň geçmiş taryhy barada gyzykly gürrüň berýär. Bu
taryhy eser taryhçylar, etnograflar, giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenýär.
Kitap ilkinji sapar türkmen elipbiýinde e-kitap (PDF) görnüşinde çap edildi
2015 ý.
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
3
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
4
www.ertir.com
«Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly», «Şasenem-Garyp», «ZöhreTahyr», «Saýatly-Hemra» kimin dürdäne eserlerimiz milletimiziň egsilmez
ruhy gorudyr, ynsan ýüreklerini ysnyşdyrýan, dostlugy, doganlygy wagyz
edýän adamzat pähiminiň örän seýrek duşýan ajaýyp dürdäneleridir».
Türkmenistanyň prezidenti
GURBANGULY BERDIMUHAMMEDOW
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
4
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
5
www.ertir.com
TÜRKMENLERIŇ NESIL DARAGTY (Giriş)
Türkmenleriň Galkynyş hem Bagtyýarlyk zamanasynda peýda bolan bu kitap
gadymy ata-babalarymyz hakynda ýazylan taryhy çaklaňja kitaby giň
okyjylara hödürledik.
Abulgazy Bahadur (1603一1664) hanyň bu naýbaşy eseri türkmen halkynyň
gadymy hem orta asyrlardaky taryhyny öwrenmek üçin az hem bolsa ser
salmak ýeterlikdir. Az hem bolsa diýmegimiń sebäbi bu eserdäki wakalar
hekaýatlar, taryhy rowaýatlar bilen baýlaşdyrylan, şeýle-de hakyky bolup
geçen zatlar hem ýazylypdyr.
Bu eseriň esasy maksady «Oguznama» eserini ýazmaklyga gönükdirilen, ýenede bir synanyşyklaryň biridir. Şol sebäpli türkmenler Abulgazy Bahadur hana
bu eseri ýazyp bermeklerini towakga edýärler, sebäbi ol taryha ökde bolupdyr.
Bu kitaba häzirki wagtlarda Türkmenleriň ünsi juda uly. Sebäbi her türkmen
tire-taýpasy bu kitapdan öz, buýsançly, asyl gelip çykyşyny öwrenesi geldi.
Şoňa görä-de esasy syn bu Oguznamadaky ýazylan şejere ata-babalaryň
atlaryna syn düşdi. Şol synlaryň biri-de Oguz hanyň aslynyň ýagny atasynyň
«Mogol» atly biriniň bolmagydyr. Bu syn döwrümizdäki türkmenleri uly
dowla saldy. Mogol bu 一 Mongol dälmi? Esasy ýüze çykan soraglaryň biri
Türkmenleriň asly Mongolmy?
Meniň şol syna bolan bir düşündiriş teswirleme galdyrasym gelýär.
Abulgazy Bahadur han gönüden göni Oguz hany, biziň taryhda öwrenip ýören
Gunlaryň (Hun) güýçli hökümdary bolan Mete han bilen baglanyşdyrypdyr.
Mete han we Gunlar şol döwürde häzirki Mongoliýanyň sebitlerinde ýueçileriń
(düýeçi一mongollar) goňşusy bolup ýaşapdyrlar. Belkäm Abulgazy Bahadur
han şonuň üçin Oguz hany Mongol asylly diýjek bolandyr, ýa-da syýasat bilen
baglanyşykly bolup, onuň pikiriçe bu şeýle kabul edilipdir.
Muňa diňe döwrümizdäki türkmenler dowla düşmedi, taryh ylmy düýpli garşy
çykdy. Sebäbi Mete han Mongol asylly dälde, Gun (hun) asylly diýip taryh
aýdyp otyr. Onsoň bu kitaby okap şübhelenip oturasy iş ýok. Ondan gerekli
taryhy maglumatlary geregiçe alyp ulanyp bolýar.
Bu kitapda diňe bu däl, başga-da beýan edilen wakalar, hekaýatlar
şübhelendirýär.
Emma dogry maglumatlar hem bardyr. Gysgaça aýdanymyzda dogry bilen
ýalan garylyp biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Bu kitaby ilkinji bolup rus elipbiýinde ýazylan, türkmen dilinde 1991-nji ýylda
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
5
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
6
www.ertir.com
«Metbugat» merkezinde G. Gurbanow we T. Nepesow dagylar tarapyndan çap
edildi.
Kitap hakyndaky şol basgyda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri Nazar Gullaýew şeýle
diýýär«Bilşimiz ýaly Abulgazynyň bu eserini geçen XIX asyryň ahyrlarynda
A. G. Tumanskiý rus diline geçirip, 1897-njy ýylda Aşgabatda (Ashabat) neşir
etdiripdir. Soňra bolsa, akademik A. N. Kononow bu eser üstünde barlag
işlerini geçirdi we 1958-nji ýylda Moskwa一Leningratda özbaşdak görnüşinde
neşir etdirdi.
Emma nebsimiz agyrsa-da, halkymyzyň gadymy hem orta asyrlardaky geçmişi
baradaky şeýle ajaýyp taryhy eseri türkmen alymlarymyzyň özleri welin, şu
çaka deňeç çap etmäge synanyşmaga däl, bu dogryda oýlanmadylaram.
Ynha, indi «Hiçden giç ýagşy» diýlişi ýaly, bu gymmatly taryhy eseriň
akademik A. N. Kononowyň ylmy göreldesine eýerilip, görnükli alymlarymyz,
filologiýa ylymlarynyň kandidatlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň pars hem arap dili we edebiýaty kafedrasynyň müdiri, dosent
Gandym Gurbanow, Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň uly ylmy işgäri
Tejen Nepesow tarapyndan çapa taýýarlanan türkmençe teksti biziň elimizde.»
Bu kitaba W. W. Bartold (1869一1930) hem aýratyn baha beripdir, ol
«türkmenler hakda ýörite ýazylan bu taryhy eser ýaly eser beýleki türki
halklaryň hiç birinde ýokdur» diýip, gaty dogry belläpdir.
Taryhçy, arheolog, professor alym S. P. Tolstow hem bu eser dogrusynda
şeýle diýýär: «Şejereýi teräkime» türkmenleriń diňe giçki döwürleri däl, has
irki döwür taryhy üçin-de adatdan daşary dokument bolup biler» diýip pikir
edýär.
Türkmen halkynyň taryhyny öwrenip gowy bilen alymlaryň biri SSSR ylymlar
akademiýasynyň habarçy agzasy, professor A. A. Ýakubowsiki (1886一1953)
özüniň ylmy işinde: «Abulgazynyň «Türkileriň nesil daragty» hem
«Türkmenleriň nesil daragty» atly eserleri, ylaýta-da olaryň ikinjisi bu prosesi
(ýagny täze tire-taýpalaryň hem olaryň birikmeleriniň ýüze çykyş prosesi) belli
bir derejede suratlandyran ýeke-täk çeşmedir» diýip baha beripdir. Sözümiziň
soňunda kitapdaky harp ýalňyşlyklary, säwlikler üçin ötünç soraýarys!
(www.ertir.com)
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
6
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
7
www.ertir.com
TÜRKMENLERIŇ NESIL DARAGTY
Ol beýik Alla tagala şükür, onuň şan-şöhraty artsyn! Onuň başy-hem ahyry
ýok; ýurdy ebedilik, atasy-enesi ýok, aýaly, ogly-gyzy ýok. Ol gedaýdan
patyşa çenli, guş-gumursgadan öz ýagdaýyna laýyk, çybyndan Symruga çenli
ählisiniň öz ýagdaýyna laýyk yrsgalyny berýär, hiç biriniň paýyny bir günem
azaltmaýar.
Eger ýer ýüzünde gögeren agaçlaryň hemmesi döwlet galam bolup, deňizler
syýa bolsa, ähli adam perzendi ýazyjy bolup, ýüz müňlerçe ýyllap onuň
waspyny ýazsalar-da, ol deňizden bir damja, dagdan bir daşjagaz alandan hem
azyrak bolar. Meniň diýýänim näme?! Ähli pygamberleriň ýagşysy, Allanyň
dosty, barça perzentlerine iberilen ilçisi bolan ol pygambere sansyz şöhrat hem
salam bolsun! Onuň ýaranlaryna, oglanlaryna köpden-köp taňry rehmeti
bolsun!
Indi, şundan soň, Çingiziň neberelerinden ürgençli Arapmuhammet hanyň ogly
Abulgazy han aýdar:
Köp horluk çekenimizden soň, ýaşymyz otuz dokuza ýetende, 1051-nji ýylda
(1637-1638) ýylan ýylynda, Horezm ýurdunda atamyzyň tagtynda oturyp,
ýurduň işi bilen meşgullandyk. Ol wagtlar türkmenler Maňgyşlak, Abulhan we
Tejen derýasynyň ýakasynda oturardylar. Horezmde oturanlary hem biziň
gelýänimizi eşidip, gaçyp, şu aýdylan üç ýurda bardylar. Şondan soň birnäçesi
göç bilen, birnäçesi ýol bilen Horezm geldiler hem-de ýagşylary一nöker,
ýamanlary raýat boldular.
Şondan soň köp ýyllar geçdi. Türkmeniň mollalary, şyhlary, begleri meniň
taryhy gowy bilýänimi eşidipdir-de, bir gün barjasy gelip, arz etdiler:
一Biziň içimizde «Oguznama» köp. Emma arasynda gowusy ýok. Köpüsi
ýalňyş, bir-birine gabat gelmeýär, hersi bir dürli. Bir dogry, ynanaýar ýaly
taryh bolsa gowy boljak一diýip, haýyş etdiler.
Menem olaryň haýyşlaryny kabul etdim. Sebäbi bu kitaby ýazmazymdan on
ýedi ýyl öň, barça türkmenler bize ýagy boldular. Şoňa görä-de, biz olary köp
çapdyk. Bir gezegem olar Horasanda Duruna degişli Börme diýen suwuň
ýakasynda nyzama durup, biziň bilen uruşdylar.
Taňry bize berdi: başdan ahyra çenli biz sebäpli, ýagşy-ýamandan ýigrimi müň
çemesi adamlary öldi. Olaryň içinde günäkärem bardy, bigünälerem.
Pygamber aýdypdyr: «Kal an-nabi, alaýhyssalam: «Edhal us-sorur fi kalb ilmomen haýrun min ynadatihi-s-sakaleýn». Manysy şeýle: «Eger bir adam bir
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
7
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
8
www.ertir.com
musulman kişiniň köňlüni şat etse, onuň sogaby hem adam perzentleriniň,
jynlaryň hudaýa bendelik edeni üçin beriljek sogapdan köpdür».
Gör, näçe müň adamlar meniň bu aýtjak sözlerim arkaly, öň bilmeýän
zatlaryny bilip, köňülleri hoş bolar! Munuň sogaby eger şol köpçülikleýin
gyrlyşykda günä iş edilen bolsa, şondan artyk geler diýip, onsoňam bir gün bir
adam bu kitaby okap, öň bilmeýän zadyny bilse, biziň ruhumyza pata okar
diýip hudaýtagaladan umydym bar.
Şeýdip, şu kitaby ýazmaga başladyk hem-de kitaba «Şejereýe terakeme» diýip
at goýduk. Hemmäňiz biliň: bizden öň türki dilde taryh ýazanlar arap sözlerini
goşupdyrlar, parsçany hem goşupdyrlar, türki sözleri-de kapyýa salypdyrlar.
Olar şeýle etmek bilen, özleriniň hünärlerini hem ussatlyklaryny halka
görkezmek isläpdirler. Bu kitaby okajagyň hem diňlejegiň türki kowumlardan
boljakdygy sebäpli, biz bularyň hiç birini-de etmedik.
Olaryň hemmesi düşüner ýaly, türki kowumlara türki dilde aýtmak gerek
ahyry! Biziň aýdan sözümize düşünseler, ondan ne hasyl?! Eger olaryň içinde
bir ýa iki okuwly, akylly adam bolup, düşünäýende hem, ol düşünmeýän
köpçüligiň haýsy birine aýdyp bersin? Şoňa görä-de, ýagşy-ýaman, ählisi
düşünip, köňüllerine makul bolar ýaly aýtmak gerek.
Indi, Adamdan tä şu wagta 一 1071-nji (1660 一 1661) ýyla çenli türkmenler
hem soň türkmen adyny göterip, türkmene goşulan iller hakda bilýänimizi
birin-birin aýdalyň. Bilmeýänimize alaç ýok.
Adam aleýhissalamyň beýany
Hudaý tagala一Toprakdan adam ýasap, jan berip, ony ýer ýüzünde öz
ornumda oruntutar goýjak一diýip, perişdelere aýtdy.
Onda perişdeler:
一Olar (ýagny ynsanlar) ýokardan berlen jany saklap bilmezdiler. Şol
sebäpden saňa boýun egmezler, ýaradanyň öler durar一diýdiler. Hudaý tagala:
一Meniň bilýänimi siz bilýän dälsiňiz. Siz gidiň-de, toprakdan bir adamyň
suratyny ýasaň!一diýdi.
Ezraýyl aleýhissalam, hudaýyň buýrugy bilen bütin ýer ýüzündäki dürli
toprakdan alyp, Mekgeýe mugazzyma bilen Taýyfyň arasynda şol toprakdan
palçyk edip, Adamyň suratyny ýasap ýatyrdy. Birnäçe ýyl geçensoň, hudaý
tagala oňa jan berdi. Ol müň ýyl bu dünýäde ýaşady. «Adam» diýmeklik arap
sözi bolup, araplar derä «adam» diýýärler. Her bir zadyň daşyna «deri»
diýýärler. Perişdeler topragy alyp, Adam suratyny ýasadylar. Şoňa görä-de oňa
«Adam» diýdiler.
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
8
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
9
www.ertir.com
Adamyň behişde barşy, ondan çykyşy, ýer ýüzünde ýaşaýşy hakda gürrüň il
içinde meşhur bolany üçin ony aýtmaýarys.
Adamyň öler wagty geldi. Ol Şeýs atly ogluna: «Mundan soň sen meniň
ýerimde oturyp, oglanlaryma baş bolgun» diýip, köp nesihatlar etdi. Ol bu
dünýäden o dünýä gitdi. Ondan soň Jebraýyl, alaýhyssalam, hudaý tagaladan
Şeýse bir kitap alyp geldi. Şeýs hem pygamber, hem patyşa bolup, il-güne
adalatly garap, dokuz ýüz on iki ýyl ýaşap, jennet köşgüne gitdi. Şeýsiň
manysy «Hudaýyň haýbaty» diýmekdir.
Şeýs öler wagtynda ogly Anuşy ýerinde otyrdyp gitdi. Anuş hem kakasynyň
we atasynyň aýdanlaryna amal edip, kakasy ýaly dokuz ýüz on iki ýyl bu
menzilde oturyp, ol menzile gitdi. Anuşyň manysy «Sadyk, dogruçyl,
çynlakaý» diýmekdir.
Anuş hem öleri ýakyn gelende ogly Kynany ýerinde oturdyp, köp nesihat hem
wesýet etdi. Ol hem sekiz ýüz kyrk ýyl atasynyň ýörän ýolundan ýöräp, ogly
Mehlaýyly öz ýerinde oturyp, taňrynyň ýanyna gitdi. Mehlaýyl zamanynda
adam perzendi köp boldy, oturan ýerine sygyşmadylar. Şol sebäpden Mehlaýyl
Babyl ýurdyna baryp, bir şäher saldy. Adyna Sus goýdy. Tam, öý saldy, obalar
gurdurdy. Ondan öň şäher, oba, öý ýokdy. Daglaryň gowagynda ýa jeňňelde
oturar ekenler.
Mehlaýyl: «Ýer ýüzüne pytraň» diýip, höküm etdi. Adamyň ähli perzentleri
Mehlaýylyň buýrugy bilen baryp nirede mynasyp ýer bolsa obalar gurdular.
Mehlaýyl dokuz ýüz ýigrimi ýyl şol aýdylan şäherde ýaşap, ogly Beredi
ýerinde oturdyp dem alynmaýan şähere gitdi. Bered hem dokuz ýüz altmyş ýyl
ýurtda ýaşap, Ahnuhy ýurdunda goýup, göçmez-gonmaz ýurduna gitdi.
Oglunyň ady Ahnuhdy, lakamy一Idris. Hudaý tagala ony pygamber etdi.
Segsen iki ýyl pygamberlik etdi. Segsen iki ýyl pygamberlik etdi, halky dogry
ýola ündedi. Ondan soň taňrynyň buýrugy bilen Ezraýyl gelip, Idris
alaýhyssalamy ganatynyň üstünden tä şu wagta çenli jennetde.
Idris jennete barandan soň, ogly Müteweşleh atasynyň ornunda oturdy.
Adalatly höküm sürdi. Näçe ýaşany belli däl. Ol atasynyň baran ýerine bardy.
Ondan soň Müteweşlehiň ogly Leýmek atasynyň ýerinde oturyp, köp ýyllar
adyllyk bilen häkimlik etdi hem-de atasynyň giden ýoluna düşüp gitdi. Onuň
hem näçe ýyl ömür süreni belli däl. Ondan soň ogly Nuh ýüz elli ýaşa ýetende
hudaý tagala oňa pygamber berdi. Ýedi ýüz ýyllap halky dogry ýola ündedi.
Erkek hem aýal adamdan segsen kişi oňa ynandylar一iman getirdiler. Ýedi
ýüz ýylyň içinde segsen adamdan başga kişiniň özüniň pygamberligine
ynanmandygyna gaharlanyp, halka ýaramaz doga etdi, gargady. Jebraýyl gelip:
«Hudaý tagala seniň dogaňy kabul etdi. Pylan wagtda halky suwa gark
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
9
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
10
www.ertir.com
etmekçi. Sen gämi ýasan» diýip oňa gäminiň nähili ýasalýandygyny görkezdi.
Ýerden suw çykdy, asmandan ýagyş ýagdy. Ýer ýüzündäki janly zadyň ählisi
gark boldy. Nuh pygamber üç ogly hem özüniň pygamberligine ynanan segsen
kişi bilen gämä mündi. Birnäçe aýdan soň, ýer hudaý tagalanyň buýrugy bilen
suwy özüne çekdi. Gämi Mosul şäheriniň ýanyndaky Judy diýen dagdan
çykdy.
Gämiden düşen adamlaryň barysy keselledi. Nuh pygamber üç ogly hem üç
gelni bilen ýagşy boldy. Ondan başga kişileriň barysy öldi. Şondan soň Nuh
pygamber üç oglunyň her haýsyny bir ýere iberdi. Sam atly ogluny Eýran
ýerine iberdi. Ýafes atly ogluny demirgazyk polýusa tarap iberdi. Üçüsine-de:
«Adam perzentlerinden siziň üçiňizden başga adam galmady. Indi üçüňiz üç
ýurtda ýaşaň. Her haçan oglan-uşagyňyz köp bolsa, ol ýerleri ýurt edinip
oturyň» diýdi. Ýafesi käbirleri pygamber hasap edýärler, käbirleri bolsa «ol
pygamber däl» diýýärler.
Ýafes atasynyň buýrugy bilen Judy dagyndan gidip, Itil hem Ýaýyk
derýasynyň ýakasyna bardy. Iki ýüz ýyllap şol ýerde ýaşady hem aradan
çykdy. Sekiz ogly bardy. Çagalary örän köpdi. Oglanlarynyň ady şular: Türk,
Hazar, Saklap, Orus, Miň, Çyn, Kemary, Taryh
Ýafes öler wagty gelende, uly ogly Türki ýerinde oturdyp, beýleki
oglanlaryna: «Türki özüňize patyşa hasaplap, onuň sözünden çykmaň» diýdi.
Türke «Ýafes oglany» diýip lakam goýdular. Örän edepli hem akylly kişidi.
Atasyndan soň ýerlerini aýlanyp gördi. Bir ýeri halap, şol ýerde oturdy. Bir
gün ol ýere «Yssyk köl» diýýärler. Çadyr一öýi şol oýlap tapdy. Türkleriň
arasyndaky käbir düzgünlerem şondan galdy.
Türküň dört ogly bardy. Birinjisi一Tütek, ikinjisi一Jekel, üçünjisi一Bersejer,
dördünjisi一Emlak. Türk öler wagty gelende, Tütegi öz ýerine patyşa belläp,
uzak sapara gitdi.
Tütek akylly hem döwletli, ýagşy patyşady. Türkleriň içindäki köp resmidüzgünleri şol tapdy. Eýran payşalarynyň ilkinji Keýumers bilen döwürdeşdi.
Günlerde bir gün ol awa çykyp keýik öldürip, kebap iýip oturdy. Elinden bir
dogramça et ýere gaçdy. Ony alyp iýdi. Görse, agzyna örän tagamly geldi.
Sebäbi şol ýer duzluk ýerdi. Nahara duz atmagy şol çykardy. Häzirki
duzlamak düzgüni şondan galypdyr. Iki ýüz kyrk ýyl ýaşandan soň, ogly
Emelje hany öz ýerinde oturdyp, ol «Barsa-gelmez» diýen şähere gitdi.
Emelje han hem köp ýyllap patyşalyk edip, aşlaryny iýip, ýaşlaryny ýaşap,
atasynyň yzyndan gitdi. Öler wagty gelende, ogly Bakuý Düýp hany öz
ýerinde oturtdy. «Düýp» sözüniň manysy «tagtyň ýeri» diýmekdir. «Bakuý»
sözüniň manysy bolsa «il ýaşulysy» diýmek bolýar. Ol hem köp ýyllar
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
10
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
11
www.ertir.com
patyşalyk edip, dostlarynyň gülenini, duşmanlarynyň aglanyny görüp,
guwanyp, ondan soň öler wagty gelende, ogly Gök hany tagtynda oturdyp öldi.
Ol hem köp ýyllar patyşalyk etdi. Atasynyň ýolundan çykmady. Keselledi.
Ogly Alynja hany öz ýerinde oturdyp, uzak sapara gitdi.
Ol (Alynja) hem köp ýyllar patyşalyk etdi. Welaýatlary, il-uluslary
atalarynyňkydan köp boldy. Onuň ekiz ogly boldy. Biriniň ady Tatar,
beýlekisiniň ady Mogol. Atasy garrandan soň, ýurdy iki bölüp, ogullaryna
berip, dünýäden ötdi. Alynja han ölenden soň, Tatar hem Mogol her haýsysy
öz ýerlerinde patyşalyk etdiler. Mogol hanyň dört ogly bardy. Ulusynyň ady
Gara han, ikinjisi Kör han, üçünjisi Gyr han, dördünjisi Ur han.
Mogol han uly ogly Gara hana ýurduny berip, ähli kişiniň barýan ýurduna
gitdi. Gara han ýaz paslyny Ur dag hem Kör dag diýen daglarda geçirerdi.
Häzir oňa Uly dag we Kiçi dag diýýärler. Gyşyny bolsa Syr derýasynyň
aýaklarynda, Garagumda hem Bursukda geçirerdi.
Oguz hanyň dünýä inmeginiň beýany
Gara hanyň uly aýalyndan bir ogly boldy, görki aý-günden artyk. Üç gijegündiz enesini emmedi. Ol oglan her gije enesiniň düýşüne girip: «Eý, eje,
musulman bolgun, eger bolmasaň, ölsem ölerin, ýöne seni emmerin» diýer
eken. Ejesi ogluna dözmän, Taňrynyň birligine iman getirdi. Şondan soň ol
oglan ejesini emdi. Ejesi gören düýşüni hem musulman bolanyny hiç kime
aýtmady, gizledi. Çünki türk halky Ýafesden tä Alynja hanyň zamanyna çenli
musulmandylar. Ýöne Alynja hanyň zamanyna çenli musulmandylar. Ýöne
Alynja han patyşa bolandan soň, halkyň başy hen maly köp boldy. Döwlete
ýetip men-menlik etdiler hem-de taňryny unutdylar. Barça il kapyr boldy. Gara
han zamanynda kapyrlyk şeýle bir pugtalandy welin, hatda eger atasynyň
musulman bolanyny eşitse, ogly ony öldürerdi.
Şol wagtlar Mogolyň şeýle bir däp-düzgüni bardy: oglan tä bir ýaşaýança oňa
at dakmazdylar.
Oglan bir ýaşady. Gara han ile jar çekdirdi hem uly toý etdi. Gara han toý güni
oglany märekäniň içine getirip, beglerine ýüzlendi: «Biziň bu oglumyz bir
ýaşyna ýetdi. Indi muňa nähili at goýarsyňyz?» Begler jogap bermezden oglan:
«Meniň adym Oguz» diýdi.
Beýt
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
11
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
12
www.ertir.com
Şol bir ýaşan oglan şol ýerde rowan,
Dile gelip diýdi: «Biliňler aýan!
Meniň adym一Oguz一hysrow-y namwer,
Biliňler anyk barça ähl-e hünär.
Toýa gelen uly-kiçiniň hemmesi bu söze geň galdylar hem-de «Bu oglanyň özi
öz adyny aýdyp dur, mundan ýagşy at bolarmy?!» diýip, adyna Oguz goýdular.
«Bir ýaşan oglanyň beýdip geplänini hiç kim görenem däldir, eşidenem däldir
一diýip, ony yrym etdiler.一Bu oglan uzak ýaşar, uly döwletiň, uç-gyraksyz
ýurduň eýesi bolar».
Oguza dil bitende: «Alla! Alla!» diýer ýörerdi. Ony kim eşitse-de: «Çagadyrda, dil bitmänsoň näme diýýänini bilýän däldir» diýerdi. Çünki «alla» sözi
arapça. Mogollaryň atalarynyň hiç biri arap dilini eşitmändi. Hudaý tagala
Oguzy eneden dogma weli ýaradypdy. Şoňa görä-de, onuň kalbyna hem diline
öz adyny salardy.
Oguz ýigit awa çykdy. Gara han oňa inisi Kör hanyň gyzyny alyp berdi. Oguz
hiç kim ýok wagty gyza ýüzlendi: Älemi, seni, bizi ýaradan bar, onuň ady
«Alla». Ony bar hasapla, özünem bir hasapla, onuň buýranyndan başga işi
etme». Emma gyz ony kabul etmedi. Şol wagt ýerinden turup, gyzdan başga
ýerde ýatdy. Gijeler aýra ýatyp, gündiz gepleşmedi. Birnäçe wagtdan soň soň
Gara hana: «Ogluňyz gelnini halamaýar, halamaýandygy sebäpli-de, alan
gününden bäri bir ýerde ýatmaýar» diýdiler.
Gara han bu sözi eşidip, beýleki inisi Gyr hanyň gyzyny alyp berdi. Oguz oňa
hem: «Hudaýa iman getir» diýdi. Ol gyz kabul etmedi. Onuň bilen hem bir
ýerde ýatmady.
Bu wakadan birnäçe ýyl geçenden soň, Oguz han awa çykyp, gaýdyp gelýärdi.
Görse, suwuň ýakasynda birnäçe gelin-gyz gaýdyp gelýärdi. Görse, suwuň
ýakasynda birnäçe gelin-gyz kir ýuwup dur. Kakasynyň inisi Ur hanyň gyzy
hem olaryň arasynda-dy. Gürleşmek üçin gyzyň ýanyna adam iberdi. Syrynyň
äşgär bolaryndan gorkup, gyzy bir çete çagyrdy. Ant içip şeýle diýdi: «Atam
maňa iki gyz alyp berdi. Olary söýmedigimiň sebäbi, men一musulman, olar一
kapyr. Her näçe: «Musulman boluň» diýsem, kabul etmediler. Eger sen
musulman bolsadyň, seni alardym» diýdi. Onda gyz: «Seň haýsy ýolda bolsaň,
menem şol ýolda bolaýyn» diýdi.
Şondan soň Oguz han atasyna aýtdy. Atasy Ur hanyň gyzyny uly toý edip,
Oguza alyp berdi. Ol gyz musulman boldy. Oguz ony örän söýdi.
Bu wakadan köp ýyllar geçdi. Bir gün Oguz uzak ýere awa gitdi. Gara han ähli
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
12
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
13
www.ertir.com
aýallaryny hem gelinlerini çagyryp, nahar berdi. Gürrüňleşip oturan wagtlary
aýalyndan: «Näme sebäpden Oguz soňky alan aýalyny söýýär, öňki alan iki
aýalynyň bolsa ýanyna-da baranok?» diýip sorady. Aýaly: «Men bilmeýän.
Gelinler gowy bilýändirler» diýdi.
Gara han gelinlerinden sorady. Onda uly gelin: «Ogluňyz musulman bolupdyr.
Biz ikimize «musulman bölme» diýdi, kabul etmedik. Kiçi gelniňiz musulman
bolupdyr. Şonuň üçinem ogluňyz ony örän gowy görýär» diýdi. Gara han bu
sözi eşidenden soň, begleri çagyryp geňeşdi. «Oguzy awda ýörkä tutup
öldüreliň» diýen karara geldiler.
Gara han: «Tiz geliň, men awa çykýan» diýip, il-güne adam iberdi. Bu sözi
Oguz hanyň kiçi aýaly eşidip, Gara hanyň eden geňeşleriniň baryny aýdyp,
Oguz hana adam iberdi. Oguz han hem bu habara eşidenden soň: «Atam goşun
çekip, meni öldürmäge gelýär. Men diýeniň ýanyma geliň, atamy diýeniňiz
atamyň ýanyna baryň» diýip, il-güne adam iberdi. Halkyň köpüsi Gara hanyň
ýanyna geldi.
Gara hanyň inileriniň köp oglanlary bardy. Olar Gara handan aýrylar diýip, hiç
kimiň göwnüne gelmeýärdi. Olaryň hemmesi Oguz hanyň ýanyna geldiler.
Oguz hem olara «uýgur» diýip at goýdy.
«Uýgur» türk sözi bolup, manysy hemme kişä bellidir: «ýapyşak» diýmekdir.
«Süýt uýady» diýýärler. Süýt suwukka, bir-birinden aýrylýar. Gatyk bolandan
soň bolsa bir-birine ýapyşýar. Şeýle hem: «Ymama uýdum» diýýärler. Ymam
otursa oturar, dursa-durar. Eýsem şu ýapyşak boldugy dälmi?
Olar gelip, Oguz hanyň etegine iki eli bilen pugta ýapyşdylar. Onda han olara
«Uýgur» diýdi. Bu «ýapyşak» diýmekdir. Gara han bilen Oguz han ikisi
nyzama durup uruşdylar. Hudaý tagala Oguz hany ýeňiji etdi. Gara han gaçdy.
Uruşda Gara hanyň kellesine ok degdi, kimiň atanyny bilmediler. Gara han şol
ýaradan öldi. Oguz han atasynyň tagtynda oturdy.
Oguz hanyň han bolanynyň beýany
Oguz han il-günüň barjasyny musulmançylyga çagyrdy. Musulman
bolanlaryny sylady, bolmadyklaryny çapdy, özlerini öldürdi, oglanlaryny ýesir
etdi. Ol wagtlar Gara hana degişli ilden başga illerem köpdi. Her uly iliň bir
patyşasy bardy. Kiçi iller bolsa olara goşulardy. Gara hanyň musulman bolan
illeri Oguz hana goşuldy. Oguz han her ýyl Mogol ýurdunda oturan iller bilen
urşardy-da ýeňerdi. Netije-de, barjasyny aldy, gaçyp gutulanlary Tatar hanyna
baryp gutuldylar.
Tatar halky ol wagtda Jürjüte ýakyn oturardy. Jürjüt diýilýän bir ýurt, şäherleri
hem obalary köp. Hytaýyň demirgazyk tarapyndadyr. Hindiler we täjikler oňa
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
13
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
14
www.ertir.com
«Çynmaçyn» diýýärler. Oguz han baryp tatar ilini çapdy. Tatar hany uly goşun
bilen gelip uruşdy. Oguz han üstün geldi, onuň leşgerini gyrdy. Oguz hanyň
leşgeriniň goluna örän köp zat olja düşdi. Hatda ýüklemäge mal azlyk etdi. Bir
ýagşy, paýhasly adam bardy. Ol pikirlenip, araba ýasady. Ondan görüp, bar
kişi oljalaryny araba ýükläp gaýtdylar. Araba «kanyk» diýip at goýdular. Şoňa
çenli ady-da ýokdy, özi-de. Ýörände «kanyk» edip, ses çykarýandygy üçin,
oňa «kanyk» diýdiler. Ony ýasan adama «kanykly» diýdiler. Ähli kanykly ili
şol adamyň oglanlarydyr.
Oguz han mogol hem tatar bilen süňk garyndaş bolsa-da, ýetmiş iki ýyllap,
olar bilen uruşdy. Ýetmiş üç ýyl bolanda olaryň barysyny agzyna bakdyryp,
musulman etdi. Ondan soň ýöriş edip, Hytaýy aldy, Jürjüti eýeledi hem-de
Tanguty aldy. Tanguta täjikler «Tibet» diýýärler. Ondan soň baryp, Gara
hytaýy aldy. Ol hem uly ýurt. Adamlarynyň sypaty hindi ýaly gara. Hindistan
bilen Hytaýyň arasynda Tangutdan gündogara, ýaz bolanda一guşlukda bolýar.
Hytaýyň aňry ýüzünde, deňziň ýakasynda berk daglaryň içinde köp il bardy.
Onuň patyşasynyň adyna Itbarak han diýýärdiler. Onuň üstüne atlanyp bardy,
uruşdylar. Itbarak han üstün çykdy. Oguz han gaçdy. Urşan ýeriniň bäri
ýüzünde akyp duran iki sany uly derýa bardy. Şol iki derýanyň arasynda
birnäçe gün saklanyp, gaçan leşgeriniň öňüni-yzyny ýygnady.
Uly patyşalaryň şeýle bir adaty bar: uzak sapara gidenlerinde aýallaryny ýany
bilen äkidýärler. Nöker halkynyň hem käbiri ýany bilen äkidýär. Oguz hanyň
bir begi hem öz aýalyny ýany bilen alyp barypdy. Özi uruşda öldi. Aýaly
gaçyp gutulyp, iki suwyň arasynda hanyň yzyndan ýetdi. Aýagy agyrdy,
burgusy tutdy. Howa sowukdy. Girmäge öý ýokdy. Bir çüýrük agajyň
köweginde oglan dogurdy. Muny hana mälim etdiler. Onda han: «Munuň atasy
biziň gözümiziň öňünde öldi, hossary ýok» diýip ogullyk aldy. Adyna
«Gypjak» goýdy. Gadymy türk dilinde içi boş agaja «Gypjak» diýer ekenler.
Ol oglanyň agajyň içinde dogany sebäpli, adyna Gypjak goýdular. Häzirem içi
boş agaja «jypjak» diýýärler. Gara hana degişli halkyň dili öwrülmänsoň, «k»
sesini «j» diýip aýdýar. Şoňa görä-de «gypjaga» «jypjak» diýýärler.
Ol oglany han öz golunda saklady. Ýigit çykanyndan soň, Orus, Ulak, Majar
we Başgyrt illeri Oguz hana ýagy boldy. Gypjaga köp il nöker berip, ol tarapa
一Tin we Itil derýasynyň ýakasyna iberdi. Gypjak ol ýerlerde üç ýüz ýyl
patyşalyk etdi. Ähli gypjak ili onuň neslindendir. Oguz hanyň zamanyndan
Çingiz hanyň hanyň zamanyna çenli Tin, Itil we Ýaýyk一bu üç derýanyň
ýakasynda gypjakdan başga il ýokdy. Dört müň ýyllap ol ýerlerde oturdylar.
Şonuň üçin ol ýerlere «Deşt-i Gypjak»一«Gypjak sährasy» diýerler.
Çingiz han Eýranyň hem Turanyň üstüne gelende bu ýurtlaryň patyşasy Soltan
ELEKTRON GÖRNÜŞDE TAÝÝARLAN: ŞAMUHAMMET
SUWTYÝEW
14
“Şejereýi Teräkime” – Abulgazy Bahadur han
15
www.ertir.com
Muhammet Horezmşady. Onuň paýtagty Ürgençdi. Ol Çingiz han bilen urşup
bilmän, gaçyp Mazenderana gitdi. Çingiz han Buharany, Samarkandy,
Daşkendi alyp, Jebe noýon, Subudaý batyr diýen iki begini baş edip, otuz müň
adam bilen Yraga, Gilana, Mazenderana, Azerbeýjana we Gruziýa iberdi. Kiçi
ogly Tuly hany elli müň adam bilen Horasana iberdi. Soltan Muhammet
Horezmşanyň paýtagty, nökeriniň hem hazynasynyň duran ýeri diýip, uly ogly
Juçi hany, ikinji ogly Jagataý hany, üçünji ogly Ugedeý hany 一 bu üçüsi
segsen müň adam bilen Ürgenje iberdi. Ürgençde patyşa ýokdy. Soltanlar
dünýä maly hem din üçin sekiz aý şäheri bermän uruşdylar. Dokuzunjy aýda
Çingiz hanyň ogullary şäheri aldylar hem halkyny gyrdylar. Jagataý bilen
Ugedeý gaýdyp Termeze, atasynyň ýanyna bardylar.
Juçi özüniň nökeri bilen Ürgençden Deşt-i Gypjaga bardy. Gypjak halky
ýygnanyp uruşdylar. Juçi han üstün çykdy. Gypjak iliniň gola düşenini
öldürdiler, gaçyp gutulany iştýaga bardy. Häzirki wagtda iştiýagyň köpüsi şol
gypjagyň neslindendir. Itil bilen Tin suwunyň arasynda oturan gypjaklar dört
tarapa gaçyp gitdiler. Köpüsi Çerkes we Tuman ýurduna bardylar. Juçi han
gypjaklaryň oglan-uşagyny olja edip, Gypjak ýurdunda oturdy. Öz öýüni we
atasynyň beren illeriniň baryny Mogoldan getirdi. Özbegiň her urugyndan
Gypjak ýurduna göçüp geldiler. Ondan soň Juçi han öldi we ýurt Söýün hana
galdy. Juçi hanyň oglanlaryndan ýigrimi dört kişi ol ýurtda patyşalyk etdiler.
Onuň zamanynda ol ýurda «Söýün han ýurdy» diýerdiler.
Ondan soň ol ýurt mangytlaryň eline geçdi. Olaryň birinjisi ak mangytly Gutly
Gyýalynyň ogly Edigi begdi. Şondan soň oňa Mangyt ýurdy diýdiler. 1040-njy
(1660一1661) ýylda, syçan ýylynda, indi ol ýurda Galmyk ýurdy diýýärler.
Hawa, bu dünýä bir gala meňzär, adam nesilleri kerwene meňzär, biri göçer,
biri gonar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şejereýi Teräkime - 2
  • Parts
  • Şejereýi Teräkime - 1
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1726
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    50.3 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şejereýi Teräkime - 2
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 1683
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şejereýi Teräkime - 3
    Total number of words is 4078
    Total number of unique words is 1606
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şejereýi Teräkime - 4
    Total number of words is 3078
    Total number of unique words is 1359
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.