Latin

Öten agşamky düýşüm - 1

Total number of words is 3693
Total number of unique words is 2175
29.3 of words are in the 2000 most common words
41.4 of words are in the 5000 most common words
48.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Hydyr AMANGELDI
Öten agşamky düýşüm
Düýn Tokaryň gürrüňini etdik. Tokar Tugur – suratkeş. Moskwada
Gündogaryň suratkeşleriniň sergisi açylypdyr. Şonda-da Tokaryň işlerem
goýulypdyr diýip eşitdim. Begendim. Belki şondandyr şo gije Tokar düşüme
giripdir. Çal giren saçlary egnine düşüp dur. Özem hemişekisi ýaly, mähirli
ýylgyrýar. Dogrusy, ömrüniň soňky ýyllary bu ýylgyrmasy azalypdy. Ýene-de
birki oglan-a bar. Şamuhammetmi… Şamuhammet Myradow şeýle ýumşak, inçe
medeniýetli oglandy. Otuz ýaş töwereklerinde ganyna rak düşüp gitdi… Ortada
gramplastinka aýtdyrylýan. Onda Woznesenskiý goşgy okaýar. Dogrusy «Ya Goýýa!» diýip bogazyna sygdygyndan gygyrýar. Biz daşynda onuň goşgy okaýşyna
haýran bolup diňläp otyrys. Goşgy gutaransoňam gulagymyza «Ýa Goý-ýa!» gelip
dur. Birdenem Ýesenin «Ýa hoçu wi-idet e-etogo çelo-owe-eka!» diýip başlaýar.
Olam goşgyny näme üçindir gygyryp okaýar.
Şol döwürler «Krugozor» diýip sesli jurnal çykardy. Şonda Ýeseniniň
özüniň «Çýornyý çelowegini» okaýşyny plýonka plastinkasyna ýazyp
ýerleşdiripdirler. Ol ýukajyk, mawy reňkli… Birdenem ortada magnitofon.
Magnitofonyň lentasyndan Gurbannazaryň sesi gelýär.
«Ýeke galdym, deňizdaki ada men,
Per-wana deý, düşdüm gyzyl oda m-men.
Ölmelimi, gülmelimi ýa-da m-men?
B-ber jogabyn, bu sowalyň, bu dünýe.
…Gaýratym namarda, saňa-da ý-ýeter-r.
M-me saňa, m-me saňa, m-me saňa p-peder-r,
Owaýyn dişiňi, biliň bu dünýe…»
Gurbannazaram bu goşgusyny, dişleriniň arasyndan harplary syzdyryp,
janygyp, gaty ses bilen okaýar. Biziň barymyz jadylanan ýaly, Gurbannazaryň
sesini diňleýäs. Birdenem Babpa ýanymyzda otyr. Onuň buýra saçlary çyraň
ýagtysyna altyn çaýylan ýaly öwüsýär. Ol ýeňsesini gütüledip ýaplanyp oturan
diwaryna birnäçe gezek urýar. Soňam goşgusyny okaýar:
«…ýolma guşuň ganatyn!
Ýolsaň guşuň ganatyn
Uçýan bilen uçmaýan
Bolarlar garym-gatym!»
Onuň sesiniň şol erkeksiligi, gaýratlylygy, mertligi… Soňam «Köpegi
ataňda boýnunuň bagyny bir çöz ahyry. Daňylgy bir ölmesin» diýen manydaky
goşgusyny okaýar. Ýanymdakylaryň biri «Türmeden öldürilip gelen agasyna
bagyşlanan goşgy» diýip pyşyrdaýar. Birdenem üşeýän. Bakuwyň kondissioneriniň
güňleç sesi gelýär. Onuň sowgy süňklerime kesip barýar. Ony öçürýänem ýok.
Sowuga dyzym agyrýar. Uruşdan ýaraly gelen, bagty getiren betbagt ýaly, ýeke
özüm ýempäp barýan. Daşary. Howlymyz düp-düz edilipdir. Gara mermermere
meňzedilen, sowuk ýyldyraýan beton plitalar, ýere düşelipdir. Gögerip oturan
ýekeje otam ýok. Horazyň sesem eşdilenok. Dünýe dym-dyrslyk. Penjire ýapyk.
Mümkin şondandyr daşardan ses gelmeýäni. Indiki penjireler howa-da geçirenok,
sesem…
Birden oýanýanymy duýýan. Tokaryňam, Şamuhammediňem… düýşdügine
akylym ýetip başlaýar. Oýanasym gelenok. Oýa ýatyşyma ýene düýşümi gaýtadan
görýän. Ýeseniniň, Gurbannazaryň sesi… Bapbaň saçlary… Onuň ýeňsesini
uranda diwardan çykýan, sessiz tüpeňiň sesi ýaly, güňleç düňküldi… Oýanasym
gelenok. Aýaklarym üşeýär. Sowuk süňklerime ornaýar…
--------------------------------Kino kameranyň gözi
Gumuň jümmüşine gitdik. Dört sagatlyk ýol, maşynyň gowy bolanda. Indi
bäş ýyl bäri sypdyrman gidýän ýerimize bu gezek kino surata düşürmäge gitdik.
Ssenarini Ylýas ikimiz ýazamyzsoň, hem o ýerlere belet adamalr bolanymyz üçin
filmiň rejissýoram (Wepa Işangulyýew) biziň gitmegimize garşy bolmady. Belki
has giňişleýin ýazsam has gowy bolsa bolardy ýöne häzir surata düşürilýän
wagtlary kelläme gelen zatlary ýazyp çäklenesim gelýär. Galanyny ýazmakdan
gybatyň ysy gelýändigindenem beter, göwnüme pikre batyran zatlar has esasy, has
wajyp ýaly görünýär. Syomka wagty bir zada haýran galdym, kino kamera artist
sähel ýasama oýnasa, ýasamalyk etse aýyl-saýyl görkezip dur. Şonuň üçin
rejissýoram horlan zat artistlerdäki ýasamalygy aýyrmak boldy. On ýaşlaryndaky
oglanjygam kino gahrymanymyzdy. Oňa gezek gelýär welin, artistligem ýok,
ýasamalygam. Düşündirenjäňi çyny bilen edip dur.
Şonda ýasamalygy kino kameraň görkezişine geň galanam bolsam,
ýasamalygy, adaty durmuşda-da, ýaşyrmagyň kyndygy hakynda pikir etmändirin.
Edebiýatda-da, edil kino sungatyndaky ýaly, ýygşyrmak kyn. Belki şondandyr
ýazýan kän, ýazyjy az. Sebäbi adam çynlakaý bolmakdan ýasama bolmagy has
aňsat görýär. Hatda ýasamalyk, köp zady gulagyň, ýüregiň duşundan geçirmek,
ömrüňi uzaldýan bir häsiýet ýaly görünýär. «Bahym garramazlyk üçin» ýasama
ýaşamagy has makul görýäris. Emma ömrüňem öz «kino kamerasy» bar dälmi
näme? Biz bu barada pikir edýäsmi? Edebiýatda, kino sungatynda-da ýasama
edilen işleriň ömri jyzlanyňky ýaly. Dünýede-de ýasama ýaşanyň ýaşy segsenden,
togsandan geçse-de jyzlanyňkydan üýtgeşikmikä?
Hekaýa, powest ýazsaň, birhili ýarasy ýeňil ýaly. Ony islän okaýar,
islemedik okanok. Kino welin, görülýär. Köplenç, juda ýaramaz bolmasa, adamlar
ony soňuna çenli görýäler. Üstesine-de kino almak üçin uly topar işleýär, pul
çykdajy edilýar. Operatorymyzyň aýdyşy ýaly «Ýer beýleki ujy» bolmasa-da,
Daşoguz bilen Ahalyň araçägine çenli birgiden adam gelipdirler. Şonuň üçin,
birhili ssenariçiniň jogapkärçiligi has uly ýaly. 2000-nji ýylyň başyndanam öňräk
ýazan bir zadymy («Gurruk guýy) şu gün «kitaplar» bölüminde goýdum. Elbetde,
okalanyny isleýän ýöne häzirki kinomyz ýaly, gerşimden basanok. Daş obadan
şähere gelen oglanyň eşigine, adamlaryň özüne seredişine üns berşi ýaly görünsede, menem häzirki kinomyza tomaşaçylaryň halap-halamajakdygyna biparh bolup
bilemok. Ýadyma düşýär, «Gurruk guýyny» ýazamda şeýle duýgy bolanam bolsa,
beýle agyr däldi. Ýok, kino halansyn diýip ýasama zatlar, ýalan ýaşyryk zatlar
ýazmadyk. Bilib-ä ýazmadyk. Emma şonda-da ýeke özüň däl, kino işi köpçülileýin
edilýän iş käbir kem-käslere göz ýummaga mejbur bolýaň. Käbir uly meseleler
üçin, kiçiräk zatlary gurban etmeli bolýar. Ýöne kino kameraň iň kiçijik zatlara
çenli görkezýändigini hiç ýadyňdan çykaryp bolanok. Tomaşaçylardan biraz
geçirimlilik diläýmesem…
---------------------------------------
Döredijiligiň syry
Gurbannazar Ezizowyň şahyrlygynyň syry nämedekä? Näme üçin häzirki
şahyrlar beýlede dursun, Kerim Gurbannesem onuň ýanynda bärden gaýdýan şahyr
bolaýýarka?
Birbada samsyk sowal ýaly göörünýän bu mesele meni köpden bäri horlaýar.
Düşünýän «Gurbannazar Hudaý tarapyn şahyrlyk berlen adam» diýersiňiz. Men
muňa ýok diýemok. Onuň rus dilini juda gowy bilmegi, dünýä edebiýatyny,
aýratynam, Puşkini, Lermontowy şeýle jikme-jik öwrenendigi bilenem muny
düşündirýärler. Bir gezek Tokar Tugur «Näme üçin Gurbannazaryň goşgulary
başga bolaýýar? Ýöne gezip ýörkäňem, öz işiň bilen başagaý wagtyňam oň setirleri
diliňe geläýýärkä?» diýdi. Şonda ol Gurbannazaryň döwürdeş şahyrlarynam mysal
getirip, «Olaň goşgulary beýle akylyňda aýlanyberenok. Ýogsa, okaýarkaň olaryň
goşgularam gowy» diýipdi. Menem bir bada näme jogap berjegimi bilmedim.
Şonuň üçin, ilki akylyma gelenini aýdyp goýberdim. «Gurbannazar şahsyýet»
diýdim. Olam razylaşdy. Jogabymdan kanagatlandy. Ýöne bu jogabam umumy,
has çözülen, konkret jogap däl ýaly görünýär.
Bir gezegem, telewideniýede işleýärkäm hudojnikler hakynda gepleşige
alypbaryjy boldum. Şonda gepleşigiň repetisiýasynda Şyh diýip bir gowy
hudojnigi «Nydam gözlegde ýaşaýan suratkeş» diýip tanyşdyrdym. Repetisiýadan
soň, ýazgy etmeli bolamyzda, Şyh ýanyma gelip, «Gözlegde» diýmesene» diýdi.
Men bolýa diýsemem, onuň aýdyşy ýaly edenem bolsam, näme üçin beý diýenine
düşünmändim. Soňam düşünmän gezdim. Sebäbi sungat adamsy elmydam
gözlegde bolýar, bir zatlar döretjek bolýar, gözlegde ýaşaýar diýip düşünýärdim.
Şyhyň aýdanlaryna özümçe «Men näme etjegini bilmän gözleg bilen meşgullanyp
ýören öwrenje, ýaňy başlan hudojnik däl» diýen manyda düşündim. Hakykatdanam
Şyh gowy hudojnikdi.
Häzir Tarkowskiniň interwyularyndan düzülen bir kitapçany okap otyryn
welin, olam «Döretmek üçin, ýazjak zadyň kömelek gözlän ýaly gözlenmeýär.
Döretmek çyn ýürekden, çynyň bilen aýdasyň gelýän zadyňy aýtmak» diýen
manyny aýdýar. Bapba neressede «iskrennost» («çyn ýürekden») diýen sözi gowy
görýärdi. Köpem gaýtalardy. «Okyjy näme diýer?», «Nähili etsem okyjy gowy
kabul eder?» «Nädip okyjyny güldürmeli?» diýen ýaly «aladalaryň» bolman, diňe
çynýürekden aýdasyň gelýän zadyňy çynyň bilen aýtmak, hiç kime öýkünjek,
meňzejek bolmazlyk Gurbannazaryňam syry bolsa gerek. Onuň özem «ýalan
ýazmadym» diýende, megerem, şony göz öňünde tutandyr. Biz Gurbannazaryňky
ýaly ýazjak bolduk, oňa öýkündik, netijede özümizden derek galmady,
Gurbannazara meňzemegem başartmady. Tarkowskiý «Döredýän adam wyjdanyny
diňläp döretmeli» diýýär. Wyjdanyň näçe talapkär bolsa, duýgur, gaýratly bolsa,
seňem ýazýanyň diňe çynýüregiňden çykar, ýalan ýazmarsyň. Elbet, munuň
üçinem geçirimsiz wyjdan, ullakan ýürek gerek. «Şeýle etsem özüme gowy bolar,
beýle etsem hiç kimem kabul etmez, çapam etmezler» diýen ýaly düşünjeleriňi
ýeňip bilmeýän bolsaň, onda bir zatlar döretjek bolup arrygyňam gynap oturmaly
däl. Ondan Gurbannazaryň aýdyşy ýaly «Bir çynar dänesin okla ýere sen…»
----------------------------------
Armanyň agramy
Käteler bir zat eşitseň ýa-da kelläňe bir pikir gelse, derrew ýazasyň gelýär.
Indi garrylykdanmy bilmedim, eşden täsin gürrüňlerimem, kä wagt oýanan ýaly
bolýan pikire meňzeş zatlarymam özümde göterip gezýän. Gysgançlyk edýän
diýsem ýalançy, ýöne näme üçindir ýazmasamam ullakan gynanyp gezemok.
Okyja göwnieýetmezçilik edemok, ýöne, meger ýaltalykdyr.
Başga bir wagt bolsa her birini aýratyn, giňişleýin ýazardym diýen
zatlarymyň käbirini agzap bir geçeýin diýýän. Şonam etmesem aýp bolaýjak ýaly.
Ýazmak menden öýkelemese, maňa ýazmakdan öýkelemek, elbetde, aýp.
Andreý Tarkowskiden ýaşlara, ýaňy kino almaga başlanlara näme maslahat
beresiň gelýär diýilip soralanda «Özüňiz birhili ýaşap, başga bir zat hakynda-da
kino aljak bolmaň» diýýär. Megerem bu tutuş adamzadyň diýen ýaly tragediýasy
bolsa gerek. Dünýede gör näçe kişi özi, durky birhili, emma başga hili ýaşap ýör.
Ýazmak, kino almak, döretmek beýlede dursun, durmuşam aslyndan başga. Aslyna
dolanybam gelip bilenok. Ýitirenini ýitiren ýerinden däl, düýbünden başaga ýerden
gözleýär. Dili diýesi gelenini däl, aýagy ädesi gelen tarapyna däl, ýüregi urasy
gelen, telwas eden zadyna däl – kim bilýär nirelerde… Ýogsa, Alla ähli kişä
gözleýän zadyny ölmänkä berýär, ony maksadyna ýetirýär. Baý bolasy gelýän,
baýlygy durmuşynyň maksady edinenler baý bolýar. Şöhratyň höwesindäkiler
şöhrata ýetýärler, häkimlik islän, şoň aşygy bolanlar häkimlige-de gowuşýar. Näçe
«Armanly öldüm» diýse-de, Alla ony armanda goýanok. Hakyky armanlylar belki,
ölýändiklerine gynanmazdylar. Armany galmadyklaram ölýändiklerine
gynanmaýan bolsalar gerek. Ölýändigine gynanýanlar asly, durky bir zat isaläp,
özleri başgaça ýaşanlar bolaýmasa…
Ýene bir pikire haýran galdym. Bizde «musulman» diýen adyň gadyry
galmady. Ýadyma düşýär, o wagtlar namaz okaýan azdy. Şonda biriniň ýaramaz iş
edenini eşdip «Ol namaz okaýar-a?!» diýenimi bilmän galypdym. Şonda
ýanymdaky meň sada pikirime ýylgyryp «Okanda näme? Namaz okany bilen
adam gowy bolup gidýän bolsa, onda hezil bolardy, adamlary awtomatyň öňüne
salaga-da mesjide salyp, namaz okatdyryp çykaryp goýberersiň – wessalam»
diýipdi. Menem hakykatdanam özümiň sada düşünşimden utanypdym. Indi bir
kişi: «Musulman bolamda näme?» diýip ýaramaz iş etse, «Men musulman ahyry,
edýänim näme?» diýmese geňem däl ýaly. Bir wagtlar biz çagakak bir kino
meşhurdy, entek kän düşünýän zadym bolmasa-da hakyky kommunist bolup
oýnaýan artistiň näçe atsalaram, oňa näçe ok degse-de ýykylman ýöräp gelşi,
garadan gaýtmaz, hyjuwly ýüzi aňyma berk ornapdyr. Şu wagtam aýyl-saýyl göz
öňüme gelýär. Hawa, şeýle kommunistleriň arzuwyny edip geçip gitdiler
bolşewikler. Olaryň serdary Lenin ölüp-ölmänkä ýerine geçen Stalin tutuş özüne
kommunist diýenleri gyrgyna berdi. Ol «kommunistler» gynalmaga çydaman biribiriniň ýüzüne geldiler. Soň Nikita diýdi, Leonid diýdi ol höwes edilen
kommunistleriň üstünden gülüp gurultaýlar geçirdiler. Azgynçylyk ýetjek
derejesine ýetdi. Hiç kimde kommunist bolmak höwesi galmady. Şol kino-da
gülkünç, ýasama bir zada öwrüldi. «Musulman» diýen adyň nehili atdygyny
duýmaýanlaryň köpelmegi maňa kommunistleriň başyndan geçen hadysany
ýatladýar. Musulmançylygyň daş sypatyny berjaý edip bilseň armanyň bolmasa,
onuň içki dünýäsi, derdi barada pikir etmek kelläňe-de gelmeýän bolsa…
Ýok, özümi pessimist duýamok. Beýle pikirleri etmezligi optimistlikdirem
öýdemok. Ussat sazanda Çary suwçyny jaýlap geldik. Pahyr segsenden geçdi.
Pahyryň şeýle eli süýjüdi. «Dagarmany» çalardy…
-----------------------------------
Üme düşmek
Belki, geregem däldir, şonda-da ýatladaýyn «üm» diýilende, bir zady doly
aýtman, hereket, yşarat bilen ýa-da kakdyryp, gümürtügräk edip aýtmaga
düşünilýär. «Gümürtigräk» diýenimde-de ýalňyşan bolmagym mümkin. Munda
aýby ýaşyrjak ýa-da dogryňy aýtmajak bolup gümürtik gürlemegi göz öňünde
tutlmadym. Beýlekiniň göwnüne degäýmeäýin, ýalňyş düşünäýmesin,
ynjydaýmaýyn diýen niýet bilen, çekinilip gürlemegi aýtmak isledim.
Käte beýle etmegi halamaýarys, «Anyk aýtsana» diýiberýäris. Göräýmäge
aç-açan, aýdyň, äşgär gürlemäge degjek zadam ýok ýaly. «Dogrusyny aýdan
uýalmaz» diýen ýaly nakylam bar öýdýän. Emma üm bilen gürlemegi
gadymkylarymyz halan ýaly görünýär. Kakam pahyram ýaýdanjaň adam däldi,
aýtjagyny aýdar goýbererdi welin, käte jany ýanyp «Üme düşmez ekeniň»
diýýänem ýadymda. Ata-babalarymyzyň ýene bir häsiýeti hakynda eşdenimde
haýran galypdym. Öňler iki kişi ýöräp barýan bolsa, biri (ulusy) öňden, beýlekisi
sähel yzyndan ýörär eken. Şeýdibem, biri-biriniň ýüzüne, gözüne göni seretmän
gürleşip gider ekenler. Institutda okaýarkak, Gara Baýmyradow diýip dekanymyz
boldy. Şol adamam hiç wagt ýüzüňe göni seredip gürlemezdi, käýýese dagy, edil
özüne käýýelýän ýaly, ýüzüni ýerden galdyrman utandyrardy. Bilmedim,
ýalňyşýan bolsam bagyşlaň, ýöne häzirki biri-birimiziň gargymyza bakyp
gürleşmek, beýleki göwnüne alaýmasyn diýmegi asla kellämize-de getirmän
«şapladyp» aýtmak häsiýeti bize has soň, bir ýerlerden gelene meňzeýär. Belki,
aýallarymyz başyndaky börügini, ortada ot ýakyp, şoňa oklanlarynda, erkeklerimiz
«ýewropa biçüwli eşigi» geýip başlanda, «türkmeniň medeniýetleşmek döwri»
başlananda bize bu häsiýetem ornaşan bolup biler.
Emma «Üm bilen gürlejek bolup derde galyp oturman, mylaýym, süýji dil
bilen aýtjagyňy aýdaňda bolanokmy?» diýibem bolar. Bolýandyr, bolar, näme üçin
bolmasyn, ýöne mylaýymlylyk, süýji dillilik bir başga, üm bir başga bolaýmasa.
Adam üm bilen gürlände, aýdýan zatlarynyň aňyrsynda-da manylar goýup,
«galanyna özüň düşün» diýýän ýaly. Her bir zady diliňe alyp bolmaýar ahyryn.
Käte dünýeden ötüp barýan adama «Razy bolaweri» diýmegem, özüňe aýyp
görýäň. O pahyr ýurduny başgaladan soň, sen yzyndan «Razy bolaweri» diýip
galýaň. Giçmidir, giç dälmidir – muny Alla biler, ýöne biz üm bilen razylaşmak
isleýäris. Näme üçindir, muny ýalňyşam däl ýaly görýän. Bu hereketde «Dünýeden
ötüp barýanyň garagyna bakyp, razylaşjak bolup dyrjaşýançaň, jany sag gezip
ýörkä göwnüne degmeseň has gowy bolmazmydy?» diýen manyny berýän, üm
bilen edilen hereketi görýärin.
Häzirem ýazmany goýasym, öz-özüme «Üme-de ýer goý» diýesim gelýär.
Ýöne bir zat böwrüme sanjy bolup dur. Kimdir biri «Bu wagt adamlar gönüläp
aýdanyňa düşünýärmi, ümüňe düşüner ýaly?» diýýär. Başymy aşak sallaýan. Edil
doly goşulmasamam, häzir üme düşünýäne duş gelmegiň gitdigiçe kynlaşyp
barýandygyny boýun alýan. Şunça ýaşanam bolsam, gözüňe göni seretmän
gürleşýän adamlara-da az gabat gelenimi, özümde-de beýle häsiýetiň ýokdugyny
ýaşyryp biljek däl. Göwnüme bu häsiýet welilere, ylymy ýeten, atlary uly hormat
bilen tutulýan işanlara mahsus ýaly. Aslynda özi şu dünýede, ruhy başga dünýede
ýaly ýaşap ýören, «eteginde namaz okabermeli» diýilýän adamlaryň azdygy geňem
däl. Emma olaryň sanynyň azdygy bize beýle bolmakdan, dagy bolmasa, şeýle
bolmaga höwes etmekden sypalga-da däl. Üme düşýänem az däldir, her kime özüň
ýalydyr öýdüp baha berme! Adamyň asyl häsiýeti, durky, oda oklanan börük ýaly,
aňsat ýanyp ýok bolýanam däl bolsa gerek. Ýa-da eşigini üýtgedeniň bilen
häsiýetiniňem üýtgäp ötägitjekdigine ynanmak kyn. Ýöne käbir häsiýetlerimize
üns bermän, käbir häsiýetlerimizi unudyp bileris. Megerem, mundan artygy artyk,
galanyny «üme goýaýyn».
-------------------------------------
Datsadyk, çal başymyzy ugrunda pida etsedik…
Arada gürrüň agzybirlik hakynda boldy. Her kim agzybirligiň tarapdary,
her kim agzybir bolunanyny isleýär. Birden iňkise gitdim. Agzybirligiň nämesi
gowy? Agzybir boljak bolup diýjegiiňi diýip bolanok, isläniňi edip bolanok, alasyň
gelenini alyp bileňok. Ulyny sylamaly, ula gulak asmaly. Uly diýýäniň seň üçin
jany agyrsa-da agyrýandyr welin, ilki bilen öz bähbidine agyrýandygy, onsoň saňa
gezek gelýänem belli. Şeýle bolmasa kim ulusyny diňlejek däl?! Hezil, özüňden
ulyň diýenini edip ýörmeli. Ýöne uly adalatsyzlyk etse, alagöz bilen seretse,
özüniň bähbidini göz-görtele öňe tutsa – şonda-da agzybirlik diýip boýnuňy sallap
oturmalymy? Belki, oglan ýaşda bolsaň, şarpykdan gorkyňa otursaňam oturarsyň,
emma senem çagaly-çugaly bolaňsoň, jogabyny beresiň geliberýär. Jogabyny
berýäňem – agzalalyk başlanýar. Iliň gürrüňem üstünedir.
Onda agzybirlik diýilýän zat – hyýaly bir zatmy? Dogan-dogan bilen, daýyýegen, garyndaşlar, ogullar, gyzlar… bilen agzybir, bir çukura tüýkürip ýaşamak
hyýaly zatmy? Hiç kim bilen işiň bolmasa, «edeniňi et, han ogul» diýseň – o-da
bolýar. Şonda-da agzybirlik daşyndan-a agzybirlige meňzeýär. Aslynda, köp duş
gelinýänem şu daşyndan agzybir görünýän, aslynda welin, agzala ýaşaýyşmyka?
Uruş döwürleri, açlyk ýyllary adamlar agzybir ýaşapdyrlar diýýäler. Onda
agzybirlige diňe başymyza bela inende ýetip bolýarmyka? Beýdip ýetiljek
agzybirlige-de höwes eder ýaly däl. Biz agzybirlik diýilýän zadyň nämedigini,
onuň gymmatyny, lezzetini, abraýyny, netijesini bilmeýän bolaýmalyň, käte
agzalalygyň nähili masgaraçylykdygyny bilmeýşimiz ýaly?!
Ýaňy öýlenäýen ýyllarym iki sany garryja adamlara myhman bolupdym.
Şonda olaryň biri-birine hormat goýuşlaryna, biri-biriniň göwnünden turjak
boluşlaryna, biri-birlerine şeýle üýtgeşik nazar bilen seredişlerine haýran
galypdym. Olara gözüm gidipdi. «Menem ömürboýy şeýle agzybir ýaşaşsadym»
diýip içimden göwünýüwürdipdim. Men diňe iki sany adamyň – är-aýalyň
agzybirliginiň gürrüňini etdim. Doganlarda biri-birine şeýle duýgy bolsa, gaýyngelinde-de şeýle bolsa, garyndaşlarda-da şeýle bolsa… Bolsa-bolsa diýdigiňçe,
bolsada, ertekä, hyýala meňzäberýär. Näme üçin? Näme üçin biz agzalalygy
saýlaýarys, agzybirligem gowy görýäris?
Göwnüme bolmasa, uly firmalar, holdingler agzybirligiň arkasyndan
ösýärler, berkeýärler. Olaryň arasyna agzalyk düşdümi, näçe uly, baý firmalar
pytrap gidýärler. Nähili uly maksatlar, öňde duran netijeler ýetilmän galýar.
Är-aýalyň arasyndaky agzalalyk uly holdingleriň ýanynda hiç zat ýaly
görnübem biler. Ýöne maşgaladaky agzalalyk sebäpli nebir öýleriň
ýumrulýandygyny, çagalaryň iki oduň arasynda galyp, ene-ataly ýetime
öwrülýändigini, iýileniň zäher, içileniň awy bolýandygyny ýatlasak, bu
agzalalyklaryň haýsysyny uly, haýsysyny kiçi etjegiňi biler ýaly däl.
Inim şol gürrüňde: «Agzibirlik kyn iş. Ony her kim başarmaýar. Pylany
başarmandyr diýibem ony ýazgarmaň» diýdi. Mundan çen tutsaň, agzalalyk atylan
ok ýaly bir zat, onuň öňünden sowulyp bolmaýar.
Heý, agzybirligi berk saklaýan diregler ýokmuka? Ýekeje biri bolsa-da
bolýar. Ilki bilen aklyňa düşünjelilik gelýär welin, ýöne düşünjeli adamlaryňam
oňuşyksyz ýaşap ýöreni kän. Elbetde, nadanlygyň agzybirligiň oduny hasam
tutuşadyrýan körükdigini boýun almaly, ýöne diňe düşünjeliligem ejiz ýaly. Ýa-da
meniň «düşünjelilik» sözüne sygdyrýan manym dar?
Onda maksadyň birligimi? Edil açlyk ýyllaryndaky ýaly, her kimiň aladasy
garnyny doýurmak bolsa, agzalalyk ýadyňa düşýän däldir, belki? Maksat bir –
her kim her edip-hesip edip baý boljak bolýar, emma agzybirlik beýle
maksatlylardan menzil-menzil uzakda.
Ýa-da maşgaladakylaryň hemmesi şahyr, suratkeş diýen ýaly, gyzyklanýan
zatlary meňzeş bolsa? Bu-da ygtybarly, direg diýer ýaly bir zat däl. Ýeser ýerem
agzybir ýaşajak diýip, baryň suratkeş bolmalymy? Suratkeşligi Alla her kime deň
berenog-a. Oňa bolan höwesem her kimde birhili.
Onda agzybirligiň diregi ýokmy?
Ýene şol garrylar göz öňüme gelip gitdi. Olarda başga adamlarda kän duş
gelmeýän bir häsiýet, bir düşünje, ýörelge bar ýalydy. Ony düşündirjek
boldugymça «Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak» diýen nakylymyz akylymda
aýlanýar. Meniň aklyma sygdyryp bilmeýän, çykalgasyny tapmýan agzybirligimiň
esasy diregi ýekeje sözleme sygypdyr. Ýöne ol ýekeje sözlemi ýüregiňde elmydam
göterip gezmekde iş bar. Şeýle bolmasady agzybirlik diýlen, şeýle gymmatly zat
bolmazdy. Gynanýan ýerim, aramyzda onuň tagamyny dadyp görmedigimizem bar
ýaly. Başymyz çalarsa-da, ýaşymyz ýetmişden agsa-da… Eger dadyp gören
bolsadyk, bu çal başy onuň ugrunda pida etmäge taýýar bolardyk.
---------------------------------------
Ömür howuzy
Ömri «çagalyk», «oglanlyk», «ýigitlik», «garrylyk» diýip böleklere bölýäler.
«Dünýä inmek» hem «dünýeden gitmek» diýibem ýene iki sany bölegi bar. Soňky
ikiniň her biri, ýokarky dördüň dördüsinem birden öz içine ýerleşdirip bilýän
giňlige-de, çuňluga-da eýe ýaly…
Men ýaňam kakamy beýle gowy göremokdym – ýanymda otur diýýädi, men
bildirmesemem (heýem kakaň bilmezmi?!) oturmagy kyn görýädim. Käteler
käýýär diýip görünmejek bolardym. Elmydam kakamyň meni, meniň kakamy
gowy görşünden has kän gowy görýändigini duýýardym. Bu maňa gaty agyr
degýärdi. Munuň tersine bolmagy üçin näme etjegimi bilmeýärdim. Näme
etsemem kakamyň meni, meniň kakamy görşümden has gowy görjekdigine
akylym ýetip durdy. Edil ýaryşa çykmankaň garşydaşyň özüňden ýyndamdygyny
boýun alan ýaly. Ýogsa ýaryşmak nire, men nire, kakam nire? Ömri dünýe bilen
ýaryş gurmaga-da deňeýärler. Belki, mende-de bir döwürler dünýe bilen ýaryş
gurjak bolmak bolsa bolandyr. Aslynda dünýe menden bu ýaryşda öň gaçmady.
Gaýta men öň gaçan ýaly. Dogulamda başlygyň ekiz körpeleriniň biri bolup
doguldym. Daşymda ejem, gelnejelerim, aýal doganlarym kebelek bolup
aýlanypdyrlar. Juda ir ýaşdakam hat okamagy öwredipdirler, mümkin,
aristokratlaryň çagalaryna berilýän edebi bermäge çalşypdyrlar. Bir klasdaşymyň
kakasynyň özüni guşak bilen ýençýändigini gürrüň berende agzymy açyp
galypdym. Guşak bilen ýenjilmek däl, gaty ses bilen üstüme gygyrylanynam kän
bilemok. Ýekeje gezek etmedik işimi etdiň diýip nähak käýýänlerinde beýleki jaýa
geçip erbet aglanymy ýadyma düşýär. Soň, onam hynçygawygymy aýyrmak üçin,
bilgeşleýin edenlerini bildim. Şonda-da kän wagtlap köşeşip bilmändim. Okan
kitaplarymyň diňe atlaryny ýazyp çykjak bolsamam, eslije wagtym gider.
Köpüsem dünýä edebiýaty, iň meşhur, saýlama ýazyjylaryň, şahyrlarynyň
ýazanlary. Olar hakynda ýazylanlar. Olaryň hatlary, gündelikleri… Soňam diniman meselesi. Pygamberleriň ömri. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem)
hadyslary, sahabalar baradaky kitaplar… Bulary dünýe bilen ýaryş gurmak diýip
hasaplasaň – men juda ir gaçdym. Emma ýeser ýeri, başda ýaryş ýaly başlanan
ömür, soň başga many alýar eken. «Ýaryş» diýlen düşünje şeýle bir ýöntem, şeýle
bir yzda galýan eken. «Ömür» diýleni ilki birhili, soň başga hili okaýan ekeniň.
Geň ýeri, ömrüňe soňky düşünşiňem ilki düşünşiňden gaty daş bolmaýar. Ýöne
olar başga-başga zatlar. Dar ýerde biri-biriňi ozjak bolup barýarkaň, birden
giňişlige çykyp, ýoluň giňdigine, hemme kişä-de ýeterlikdigine düşünip,
pellehananyňam ýitip gitmese-de, asla başga bir mana eýe bolup galyşyna düşünşiň
ýaly. Hereket, öňe tarap ymtylyş dowam edýär, ýaryşam ýok däl, pellehana-da
görnüp dur, emma düýbünden başga duýgy seni gurşap alýar. Ýöne bu duýgy
birden bolup geçenok. «Şu gün ýatdym, ertir düýbünden başga duýgy bilen
oýandym» diýmek däl. Belki bu, dünýeden öten, ýanyňdan giden kakaňy öňküňden
has gowy görüp başlamagyň bilen başlanýandyr. Ýa-da indi özüň ogullaryňy
ýanyňda oturtmaga çalyşmaga başlamgayňda başlanýandyr…
Ömür – dürli çuňluklary bolan ullakan, bütewi bir howuza meňzeýän, oňa-da
her kim, ýeke-ýeke çümüp çykyp barýana meňzeýär. Kakamyň çümen howuzynda
bu gün men, ertir ogullarym, soň agtyklarym… yzly-yzyna, nobatma-nobat çümüp
çykyp barýarys…
-----------------------------------
Dert
Awgustam geldi. Kim üçin adaty aýlaryň biri, kim üçin… Biziňkileriň
köpüsiniň toýy sentýabra gabat gelýär. Ýakynda-da biri öýlenmeli. Oňa degşip
«Arada «awgust» diýip bir bolgusyz aý bar. Ýogsa bu wagt eýýäm toý etmeli»
diýip degişýäs. Onda-da otuz bire çekýän awgust. Meň üçin welin, bu aý ýylyň
ömrüniň dowamynda iň gaýnap joşýan iň soňky aýy. Soň güýz düşer, aňyrsam
«gazaply gyş…»
Hemişe öýde oturanymdanmy, okaýan zadymam az. Az diýsemem ýaş
ýigitden başlap, orta ýaşan, ýaşy bir çene baran adamlaryňam ýazan, ýazýan
zatlaryny okamaly bolýan. Ýok, kyn göremok. Bir dostumyz bardy – owadan,
seçelenip duran, şar gara saçlary bardy, ýöne elmydam papakly gezerdi. Ana, şol
papagyny käte aýyranda höwes bilen onuň saçlaryna serederdim. Öz saçym gaty
bolandanmy, ýumşak saçlary gowy görerdim. Hekaýa, goşgy, powest, ssenariý…
diýen ýaly zatlaram şol dostumyň saçlaryny ýatladýar. Adam kän ýüregini açyp
ýörýärmi, hekaýa, goşgy bahana bolmasa…
Okaýan zatlarym barada gürrüň beresim gelenok, ýöne soňundan edýän
käbir pikirlerimi paýlaşaýyn. Soňky döwür hiç zat ýazamok diýen ýaly. Kän
ýazmamsoň, aýda-ýylda bir otursam, näme-de bolsa okar ýaly bir zat ýazjagymy
bilýän. Öwünip diýdigim bolmasyn, niçigem bolsa ömrümiň köpüsi ýa-poz bilen
geçdi. Kelle diýilýän gutyň içinde bir zat bar bolsa, kagyza geçirmegiň garaz
hötdesinden geljek bolýan. Ýöne duralga-da awtobusa garaşyp duransyň. Olam
garaşdyrar. Ýöne şonda-da alyp bir iş bilen meşgullanybermersiň – başlaýsaň
ýaňky garaşdyran awtobus geläýjek ýalydyr. Menem şolar ýalyrak bir duýguda
ýaşaýan. än bir elim işe baranok. Ýok, göwnüm çökgün ýa-da hiç zada höwessiz
däl. Ýöne elim baranok. Hernä kino diýip bir gyzykly zat bar, şoňa gyzygan
bolýan. Ýöne mesele duralgada-da, garaşdyrýan awtobusda-da däl bolaýmasa.
Ýazmak diýilen işiň bir ýeser tarapy bar – ol dostumyň papagyny wagtal-wagtal
aýyryşy ýaly, köpüň öňünde ýüregiňi açmak. Ussatlyk bilen, gep oýnadyp, açan
ýaly etseňem açmanam bolýar. Onam okyjy şo bada bilýär. Bilmände-de bu käriňe
ikilik etdigiň bolýar. Emma boýun almaly, ýazmagy kär edindiňmi, näçe kyn
düşse-de, ýüregiňi açmaga boýun bolmaly. Onuň ejirini çekmeli. Bu meseläni
ýeňdiň diýeli (hatda ýaş wagtyň bu mesele-de bolup duranok). Näme ýazmaly?
Nädip ýazmaly? Şu iki soraga jogap bermän kelläňe gelenini ýazýan wagtyň
ýaşlygyň, höwesjeňligiň (çeper höwesjeňligiň diýseňem bolýar) bilen geçip gidýär.
Belki, meseläni başgaça aýtmalydyr – näme ýazmaly däl?
Arada, Moskwaň kinomatografiýa institutynyň ssenariçilikden okadýan
bölümine giriş ekzamenleriiniň şertleri bilen tanyş boldum. Oňa girmek üçin ýörite
bellenilen wagtda, mugallymyň öňünde oturyp, berilen temadan bäş-alty kagyzlyk
gysga etýid ýazmaly eken. Ýöne şol etýudda ýazmak bolmaýan zatlary öňünden
aýdýarlar. Ine olar: arakhorlar, narkomanlar, däliler hakynda ýazmaly däl. Düýş,
fantastika, gan-da-pyçak, ölüm, öldürmek diýen ýaly zatlaram bolmaly däl. Ilki
«Näme üçinkä?» diýip geň galdym. Mysal üçin, eli pistoletli gahrymanyň gelýär
diýip başlasam, meseläniň esasy bölegini şol pistolet çözýär. Kimi atar? Özüni
atjak bolýarlarmy? Ýa-da özi özüni atjak bolýarmy? Bir topar gyzykdyrjy soraglar
aňsatlyk bilen döreýär. Senden talap edilýän bolsa, aňsat ýol bilen gyzykdyrmak
däl, ökdelik, geň wakalary gurmak arkaly okyjyny gyzykdyryp bilmek. Şonda
şertlerden zeýrenýänlerimiz ýadyma düşüp gitdi.
Ýazmak meselesinde ýene bir meni oýlandyrýan zat bar – ýazasyň gelmesede ýazmalymy? Ýa-da diňe ýazasyň gelende ýazmalymy? Özüň üçin ýazmalymy?
Ýa-da okyjy üçin ýazmalymy? Magtymgulam «Sözüm diňlän ýok diýip, ümsüm
oturma» diýýär. Birdenem «Näme joşa düşüp sen?» diýip özüne jany ýanýar.
Bolýar, öz başymy agyrdýan zatlarym bilen siziňem başyňyzy agyrtdym,
ýüregiňizi gysdyrdym.
Ine bahym bu sowallaryň baryna jogap tapan ýaly, ýazmaga başlaryn.
Birdenem ýene öwrenje oglan ýaly, soraglarym bilen urşup başlaryn, ýaz-poza
elim barmaz. Bu-da bir dert-dä…
--------------------------------
Saryýa
Näme üçin derde galyp ýörün?! Meň bilýän zatlarymy kakam bilenokdy.
Menem ogullarymyň bilýänini bilemok. Agtyklarymyň başarýan zatlaram
ogullarymy geň galdyrar. Dünýäň akyşy şeýle. Akýan zat bir ýerlere barýar, ýöne
köp zatlaryňam deňinden geçýär. Gidip barşyňa ýanyň bilen alyp gidip bolmaýan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Öten agşamky düýşüm - 2
  • Parts
  • Öten agşamky düýşüm - 1
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2175
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Öten agşamky düýşüm - 2
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2203
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Öten agşamky düýşüm - 3
    Total number of words is 3164
    Total number of unique words is 1986
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.