Latin

Öten agşamky düýşüm - 2

Total number of words is 3724
Total number of unique words is 2203
29.3 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
zatlaram, gynansagam bar. Şu wagt tutuş ýer togalagy eline jübi telefonlaryny alyp
ber-başagaý bolup ýören ýaly. Her kim her kim bilen gürleşýär. Ne arada menzil
bar, ne wagt. Ýekeje düwmä basýaň sesiň Amerikada eşdilýär. Muny kakam dagyň
döwri başaranokdy. Biz aşyk oýnardyk, indikiler oturan ýerlerinden ekrana
seredip, dünýä söweşlerini gurýarlar, görülmedik, eşdilmedik duşmanlar bilen
urşup oýnaýarlar. Gepi uzaldyp oturmaýyn, sähelçe ýyl yza gitseňem, häzirki
tebigy zada öwrülen hadysalar, geçen nesliň düýşünde-de görmejek, hyýalyna-da
getirmejek zatlary. Emma şonda-da Sahy Jepbar «Dolanawer menzil-mekan
saryýa…» diýip gygyrýar welin, ýetginjegiň biri: «O näme diýdi-gaý?» diýip,
maňa seredip mölerýär. Men ilki onuň nämä düşünmeýändigine düşünmedim. Soň
görüp otursam, ol «saryýa» sözüni bilmeýän eken. Onuň dilinde, türkmen dilinde
«saryýa» diýen söz ýok. Gaçyp galypdyr ýa-da döwrüň akymy bilen akyp barýan
ýetginjek ol sözüň duşundan geçip gidipdir. Ýadyma düşýär gazetde işleýärkäm
«Yza:» (agyry, ejir, dert diýen manyda) diýip bir zat ýazypdym. Ýaş işgärleriň
birem muny «yza», ýagny yza gitmek, götünjeklemek manysynda okapdy. O wagt
muňa kän ünsem bermändim. Mümkin ol oglanyň türkmençesinde-de soňky «a»
harpy uzaldylyp aýdylýan «yza» sözi ýokdur…
Mundan soňky aýtjak bolýan zadym düşnüklidir. Döwür üýtgeýär, dilem
üýtgeýär. Käbir sözlerimiz, gynansagam, geçmişde kän ulanylman ýa-da başga bir
sebäp bilen, ýitip gidýär, ýerini başga bir söz çalyşýar, käte-de hiç bir sözem
çalşyp bilmeýär-de, ol söz bolmadyk ýaly, ne yzy galýar, ne tozy. Hawa, bary
düşnükli.
Birini tanaýardym – oň iň köp gaýtalaýan, mümkin iň gowy görýän sözi
«düşnüklidi». Düşünse_düşünmese düşnükli diýýärdi. Menem şoňa öýkünip
«düşnükli» diýip gezibermeli welin. Ýöne düşünmesem nädeýin. «Saryýa» diýen
söz seniň üçin ýok bolsa, onda Sahy bagşyň «Saryýasam» ýok bolýar. Sahydan
«Saryýany» aýyrsaň nähili bolar? Ýok, Sahydan «Saryýany» aýryp bolmaýar,
senden «Saryýa» aýrylyp galýar. Sende, mende «Saryýa» ýok bolsa, ol meşhur
aýdymyň janyňy alyp barýan «Mukamlar başy» diýen sazam bolmadygy
bolmaýarmy? «Mukamlar başy» saňa ýat bolsa, türkmen tutuş saz sungaty bilen
araňda gorp emele gelenokmy?
Bir gezek ýaşkam «Dutar sazyna tyňňyla diýýänem bar-aý» diýenim ýadyma
düşýär. Şonda agam bolsa-da bilemok: «Sen klassik sazlaryny diňläňok, mysal
üçin Bethoweniň «Aý sonatasyny». Olam şoň ýaly «Göroglyň at oýnadyşyny» ýada «Mukamlar başyny» bilenok» diýip düşündiripdi.
Meseläni özüme öwürmekçi däldim, nähili öwrülenini bilmän galdym. Bir
sözi ýitirmegimiz bilen biziň gaty köp zatlary ýitirýändigimizi aýtjak boldum. Ýada meň derde galyşym, ölüni direltjek bolmak ýaly bir zatmyka? Ýitirilen
sözlerimiziň, edeplerimiziň, dessurlarymyzyň gonamçylygy diýen ýaly bir ýer
bolsady, oňa ähli işimi goýup aýlanmaga giderdim. Ýöne aýlanyp çykanymdan
soň, nähili hala düşjegimi bilemok.
Bir gezek Köşiň gaýrasyndaky «Ors öwülýäsi» diýilýän ýere gitdik. Barsak
Mylly aga-da, Hury Halmämmedem, Sahy Jepbaram, Kerim Gurbannepesem, Şaja
Batyram… türkmeniň men diýen adamlarynyň köpüsi şol ýerde. Soň
gonamçyykdan çykamda töweregim boşan ýaly boldum. Dirileriň arasynda ýaňky
sanan adamlarym ýaly adamlar ýokdy. Gonamçylykdan çykanyma gynandym,
ýöne diri bolsaň o ýerde galyp bolanok, çykaýmaly. Ýitiren sözlerimiziň, däpdessurlarymyzyň «gonamçylgyndanam» nädip çykyp bolar. Olary göz öňüňe
getireniňden iniň tikenekläp gidýär. Sahy agany gonamçylykda goýup gaýtman
bolmaýar. Bu dünýäň gurluşy şeýle – diriler ölmeli. Ýöne onuň «Saryýasyny»
nädip, gömüp gaýtjak. Ony gömüp bolmaýar. Ony biz ýitirp bileris, ýöne ol
ýitmeýär. Gurbannazar «Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy» diýýär. Biz özümiz
«Saryýany» ýitirip bileris, emma «Saryýa» hiç zady ýitirmeýär…
Uzakdan bir ses gelen ýaly boldy: «Arrygyňy gynama, bu Ýer togalagy
elindäki telefonuny goýup, «Saryýany» diňlemez...» Şol bada-da «El telefony bilen
bizi geň galdyran nesil, ýene haýran galdyryp biler, umytda bolaly» diýenimi
duýman galdym.
-------------------------------Daglaryň syry
Käte hemmämizde-de bolýandyr, kelläňe bir aýdymyň heňi ýa-da bir goşgy
setiri girer-de – hiç çykmaz. Şu günler meňem Sahy bagşyň «kararly» sözüni
birhili owazlandyryp «Mydam bir kara-arly daglar» diýişi aňymdan aýrylanok,
gulagyma gelip dur.
«Karar» sözi öwrenşen sözümiz. Biz muňa köplenç döwlediň, hökümediň
bir mesele bilen baglanşykly çykaran karary hökmünde düşünýäris. Emma Sahy
agaň «kararly» diýen manydaky sözi kän bir ýörgünli däl. Setanda-seýranda
bolmasa, «Pylany bir kararly adam» diýmeýäris. Gaýta, dilime «öz diýenli»,
«kesir», «hötjet», «keçjal», «dikdüşdi» diýen ýaly sözler gelýär.
«Karar»,
«kararly» sözüni çalyşýan, manydaş sözleri gözledim.
«Düşündirişli sözlügi» açdym. Onda kararly – sabyrly, çydamly, takatly diýip
düşündirilýär. Hatda «Senden karar tapar jahan, Mydam bir kararly daglar
(«Türkmen halk şahyrana döredijiligi») diýip mysalam getirlipdir.
Magtymgulyda dag «Ýeriň myhyna» deňelýär. Olaryň sarsman, haýbatly
duruşlaryna bendi bolanyňy duýman galýaň. Emma daglary sabyr etjek, çydajak
bolýan görnüşde göz öňüňe getirmek kyn. Daglar sabyryň özüne sabyr etmäni
öwredäýjek ýaly.
Agyp-dönüp, bir eýleden, bir beýleden öwsüp durmak şemala gelşer –
daglara gelişmez. Şahyr «Boýumy boýuňa deňän haladym, Toba edip öňüňde
çökerin, daglar» diýýär.
Meniň welin daglaryň belentliginiň däl, bir
kararlylygynyň öňünde dyza çökesim gelýär.
Adamlaryň arasynda-da az gepli, agras adamlara mydama gözüm giderdi.
Işim şowuna düşsün ýa-da biraz kynçylyk çeksem – şol bir bolşuny saklaýan, ne
eselýän, ne peselýän häsiýetli adamlaryň ýanyna barasym gelerdi. Indi özüm
ýaşululyk ýaşyna ýetdim. Şonda-da käte gyzmalyk edýäň, kelläň göçýär, soň uzak
gije puşman edip ýatansyň. Kakam pahyr oglankamam maňa «Kelläň göçgünli»
diýerdi. Bilmedim ýaradylşymdanmy ýa-da başga sebäplerdenmi, garaz indi maňa
«göçgünlilikden» halas bolmak ýok. Belki şondandyr Sahy agaň «kararly
daglarynyň» gulagyma gelip durany.
Ynha, bir goja gelýändir, agras ädimläp. Her kim ör turup oňa salam berer.
Soňky döwür häli-şindi aýdylýan «aga» sözüne tüýs gelşip durandyr. Ol öýüň
törüne geçip oturar, gabagyny galdyrasy gelmez. Emma boýun alaýyn, käte
göwnüme munda biparhlyk, doňýüreklik bar ýalam görerdim. Meniň ol garryda
janlylyk, hereketlilik göresim gelýärdi. Ýaş ýigide gelişjek joşgunly sözler,
dogumly herketler ak sakgaly döşüni tutup duran adamdan çyksa, geň görüner,
ýasama bolar, hatda halanmazam diýip pikir etmeýärdim. Bu gün bolsa, bir
kararlylyga gözüm gidýär. Ilki bilenem Jelaletdin Rumy göz öňüme gelýär. Onuň
meşhur portreti bardyr. Bütewi, el-aýak diýen ýaly beden agzalaryna bölünmedik
tutuş bir zat ýaly görünýän keşbine seretdigiňçe gözüňi aýryp bilmersiň – hakyky
bir kararlylygyň etalony ýaly görner. Şeýledir öýdýärdim, emma soň bir ýerden
okadym, şony çeken suratkeş onuň başga-da alty sany portretini çekipdir. Olaryň
hersem birhili, biri-birine meňsemeýän keşpler bolup çykypdyr. Hatda alymlaryň
arasynda: «Bularyň haýsysy Jelaletdin Rumyka?» diýenlerem tapylýar. Bir
kararlylk nire, alty-ýedi sypat nire? Ýöne daglar hakynda oýlansaňam, birbada bir
bolşuny üýtgetmän oturan ýalydyrlar welin, iň köp ýer titremeleriň dag eteklerinde,
ýanardaglaryňam daglyk ýurtlarda bolýandygy mälimdir. «Süýde siňe seretjek»
bolamok. Ýöne köplenç manyly gürrüň ýaňra adamdan az çykar, az gürleýäni
welin, diňläsiň geler. Aslynda adamy kän gürletmeýänem şol manylyk bolsa gerek.
Belki, dagy sarsdyrman saklaýan onuň içindäki güýçdür? Nijeme wakalara şaýat
bolan garly başydyr? Mümkin, gojany agras ädimledýän, birbada parhsyz ýaly
görkezýänem onuň aňynda aýlanýan pikirlerdir, ajyly-süýjüli ömrüdir?
Kerim Gurbannepes şahyram «Ýaşyň bir çene baransoň, iýesiň gelen zady
iýibermegin, geýesiň gelen zady geýibermegin, aýdasyň gelen zady
aýdybermegin» diýipdir. Bu çäklendirmeler gojalygyň aňyrsyndaky güýçden,
paýhasdan habar berýär. Pygamberimizem «Gany gaýnap joş urýarka-da gojalan
adam ýaly agras, ahyreti hakynda oýlanýan ýaş ýigit Allanyň iň halaýan
adamydyr» diýipdir.
Megerem, «Mydam bir kararly» diýlip waspyň edilmegi üçinem içiňde
harasat gopup, daşyň welin parahatlygyny saklamalydyr. Şol harasady jylawlap,
bir mana salyp, az sözde adamlara ýetirip bilýäni üçin agras ädimläp gelýän, törde
gabagyny galdyrman oturýan goja sylanýan bolarly. Aslynda, tutuş milletleri
sypatlandyrsalar «Millet diýlen köpçülikdir, her hilisi bardyr» diýip böwrüňi
diňleýäňem welin, şonda-da türkmen diýlende agraslyk, azsözlülik, gaýratlylyk,
haýalylyk ýaly sypatlar ýadyňa düşýär. Men muny egin-eşigimize, saz
gurallarymyza esaslanyp aýdýan. Dutar, gyjak beýlede dursun, gargy
tüýdügimizem diňleseň bökdüribermez, gaýta seni hasam agraslandyrar,
oýlandyrar. Magtymguly akyldarymyz «Az iýgil, az ýatgyl, ýene az sözle»
diýende-de daglaryň bir kararlylygyna ýetmegiň ýoluny, daglaryň syryny
düşündirýän ýaly görünýär.
Emma Jelaletdin Rumy «Bolşuň ýaly görün ýa-da görnüşiň ýaly bol!»
diýýär. Bir gyra çekilip, sesiňi çykarman, sülmüräp oturanyň bilen senden islenýän
goja bolarmy? Hany, seniň içiňdäki howruň, derdiň? Dymyp oturanyň bilen dag
bolup bolýan bolsa, onda dag diňe ileriňde däl, gaýraňda-da, ýüzüňi öwüren
tarapyňda-da bolaýmazmy? Onda käbir ägirtleri ýatlap gözüňe ýaş aýlanarmy?
Dertsiz dag dag däldir, dagdan gopan bir bölek sowuk daşdyr. Onuň ne ýylysy
bardyr, ne-de üstüne gök ot biter. Gaýta, ýolda ýatan bolsa, aýryp bilmeseň,
sowulyp geçmeli bolarsyň. Ol dert götermez, özi dertdir.
Mydam bir kararly daglaryň, agras ädimläp gelýän paýhasly türkmen
ýaşulysynyň başyna dönseň. «Senden karar tapar jahan…»
--------------------------------------
Häsiýet gözelligi
Gar eräp, ýere ýyly gidende, meýdan ýuwaşjadan, hiç kime görünmän, ýaşyl
lybasyny geýýär. Soň güle bürenýär. Tebigatyň gözelliginden gözüňi aýyrasyň
gelenok. Şonda özüňde-de şeýdip gözelleşmek ukyby dörän ýaly bolýar. Otagyň
dört diwaryna sygaňok. Ýüregiň meýdan küýseýär. Ýagyş ýagyp gök gürlese terje
kömelekler ýadyňa düşýar. Egin-eşik satýan dükançam «Ýaz çykdy. Indi meniň
söwdam ýörär» diýip, baharyň gelenine başgaça bir nazar bilen seredip begenýär.
Ýazyň ýakymly howasyndan kükregini dolduryp ýylgyrýar. Hakykatdanam agyr
gyş eşiklerini asgyçdan asan adamlar owadan köýnekleri satyn almaga howlugýar.
Gözellik ynsany serhoş edýär. Kim daga çykýar, kim çöle, kim düze. Torgaý guşy
ýaly asmana uçup, ne daşlaşyp, ne gonup bilmän gözelligi wasp edip saýrasyň
gelýär. Biziň her birimiz gözelligiň zary, onuň intizary.
Näzik gül ýapragy, ýaňy gögeren gyrtyç, ýepelek... Çagaň galpagyny sypan
ýaly, ýumşajyk otlaryň ýaşyl başyny mähir bilen sypalarsyň. Öz çagalygyň,
oglanlygyň ýadyňa düşüp gider. Birdenem çyn gözellik hakynda oýlananyňy
duýman galarsyň. Belki, bu näzikligiň, ýaz pasylynyňam bary-ýogy iküç aýa
çekjekdigi, tomsuň gyzgyn deminiň olary saraljakdygy seni şeýle oýlara
itekleýändir. Öz-özüme «Güli ysga, suratlandyryp bolmaýan, töwerege bark urýan
täsin howadan beýhuş bol, tomsuň jöwzasy nireden ýadyňa düşýär?» diýip
käýinýän. Emma ýüregimde dörän ünji menden aýrylmaýar. Köňlüme gussa
aralaşýar. Edil ýigitligiň senden sowlup gitjekdigine birden akyl ýetiren günüňdäki
ýaly. Bir zat meni köşeşdirýär – ýaşlygym dolanyp gelmese-de, pasly baharym
ýene geler. Hamy halparyp, ýygyrdy atan ellerim bilen men ýene ýazymyň başyny
sypalaryn, ýeňiljek hasama direnip durşuma gojalykdan kütelen gözlerim bilen
baharyň gözel görküni synlaryn. Hakykatdanam bu hyýalym maňa goltgy berdi,
goltugymdan göterdi. Emma şonda-da, özümi gözleýän zadyny ýitiren ýerinden
gözlemeýän adama meňzetdim. Uzak wagtlap aýnaň öňünde oturyp, ýüzünegözüne timar beren gyzyň gözelligi daş keşbinden gözleýşi mysaly.
«Gözel ýüzden kyrk günde ýadalar, gözel häsiýetden kyrk ýylda-da
ýadalmaz” diýilýär. Ýüregim ýagtylyp gitdi. Häsiýetiň gözelligi hakynda oýlanan
badyma şeýle häsiýetli tanaýan adamlarym ýeke-ýeke göz öňüme geldi. Ilki
bilenem şahyr Gurbannazar Ezizow. Onuň ejesi Gülnabat daýza “Ol meň
göwnüme nemetmedik ýaly-da… Haçan ýatlasam ýanymdajyk dur” diýenini ilki
eşdenimde ýeke ogluny aldyran, onda-da nähili oguly ýitiren enäniň bu sözlerine
haýran galypdym. Ertir Gurbannazar 75 ýaşaýar. Eger aýp bolmasa, Gülnabat
daýzanyň sözlerini gaýtalasym gelýär – ony haçan ýatlasam, ýüzüme bakyp,
owadan ýylgyryp dur. Hasam şadyýan gözlerinde dünýäniň ähli gözelligi
jemlendimkä diýdirýär. Beýle gözellige – häsiýetiň gözelligine nädip ýetilýärkä?
Muny dünýäniň iň owadan matasyndan tikilen, iň nepis nagyşly köýnegem saňa
berip bilmez. Hatda şu gözel tebigatam ynsanyň şol gözelliginden ejiz. Ony
tomsuň jöwzasam, gyşyň gazabam guradyp, soldurmaýar, ajalyň ajy aýralygam.
Emma ýaşlykda ynsan, näme üçindir, içki gözellige däl-de daş gözellige köp üns
berýän eken. Gözelligi häsiýetde däl-de, ýüz keşpden, bezemen egin-eşikden
gözleýän eken.
Bilýänsiňiz, Ybraýym Edhem hökümdarlygyny taşlap, sopuçylyga ýüz
urýar. Sopularyň yzyna düşüp, olaryň iýjek naharyna çenli taýýarlap berýär.
Şonda-da derwüşler telim wagt ony tabakdaş edinmeýärler, oňa “Aýry tabakdan iý,
senden hökümdaryň ysy gelýär” diýýärler. Bu rowaýatda gedemlikden gürrüň
edilýändir öýderdim, emma Ybraýym Edhemden islenýän zat, häsiýet gözelligine
ýetmegi eken. Ýyllar geçýär. Ybraýym Edhem deňziň gyrasynda tolkunlary
synlap, eşigini ýamap otyrka, arkasyndan onuň ýerine hökümdar bolan weziri
gelýär. Sesini çykarman içinden “Ýeten derejäňem şumy?” diýip pikir edýär.
Şonda Ybraýym Edhem elindäki iňňesini deňize oklap goýberýär. Şol bada-da bir
balyk iňňäni agzyna alyp, yzyna, Ybraýyma getirip berýär. Muny gören weziriň
akly haýran bolýar. Ybraýym Edhemem “Gördüňmi ýeten derejämi?” diýip,
weziriň içinden eden pikirine daşyndan jogap berýär-de, turup gidiberýär.
Ýene elimde Gurbannazaryň goşgular ýygyndysy, men olaryň içinden
deňize oklanan iňňe ýaly, görülmesi kyn, tutulmagy çetin setirlerini, sözlerini
gözleýän. Olaryň käsini görsem, köpüsiniň deňimden geçip gidýändigimi duýýan.
Gurbannazaryň goşgularyny oňa deňänimden boldumy, ynsanyň oýlap tapan
gurallaryndan iň gözeli iňňe diýesim gelýär. Ol özüniň ýönekeýligi, kämilligi bilen
haýran edýär. Gurbannazaryň aýdyşy ýaly, ol özüni şeýle bir ýonupdyr,
artykmaçlykdan, ne-de kemterlikden onda nam-nyşan galmandyr. Inçejik sapak
onuň gözünden zordan geçýär. Emma matalaryň içinden, çeper barmaklaryň erki
bilen, ýüzüp barşyna syn etseň, oňa gözüň gidýär. Iňňe bolmasady bu çeper
gaýmalar nädip dörärdi?! Belki, adamyň ilkinji gurallarynyň birem iňňe bolsa
gerek, emma ol milliardlarça ýyl geçse-de, üýtgemeýär. Kämillik derejesine ýeten
gözelligi ylym näçe össe-de üýtgedip bilmeýär. Üns berseňiz, onuňam çyn
gözelligi häsiýetindedir. Onuň özi ýalaňaç, emma ýalaňaçdygynyň aladasyny
etmän, ynsana egin-eşik tikmegiň derdinde.
Şaglap akýan suwuň kenarynda ösüp oturan mähnet çynaryňam gözelligine
bendi bolup serederdim. Emma görüp otursam, onuňam gözel görki gujaga
sygmaýan ýogyn daragytynda, berdaşly şahalarynda däl-de, kim aşagyna gelse
gelsin, hiç kime “Sen kim?” diýmän, deň saýa salyp oturşynda eken.
Agalarymyň gyzjagazlarynyň biriniň gelnejeme «Eje, näme üçin meň adyma Gözel
dakmadyňyz?» diýýäni ýadyma düşende, häzirem ýylgyrýan. Gelnejem oňa näme
jogap berjegini bilmän ahyry «Onda saňa Oguldursungözel diýäýmeli bor-da»
diýdi. Biz muňa hezil edip gülüşdik, oňa «Oguldursungözel» diýişdik. Gözelligiň
nämediginem bilmeýän 6-7 ýaşly jigimiň muňa begenip ýyljyraklaýşy häzirem göz
öňümde. Ýene-de agalarymyň biriniň garaýagyz gyzjagazy bardy (Hudaýa şükür ol
häzirem bar.) Gurbannazar oňa «Sen gara kündükdenem akmy?» diýerdi. Olam
«Hawa» diýip hezil ederdi hem ylgardy ejesiniň ýanyna özüniň gara kündükdenem
akdygyny buşlamaga. O wagtlar özümiňem oglanlykdan ýaňy saýlanan ýyllarym,
özümem aýna ogryn serdip, aýnadan görmegeý oglany göresim gelýärdi...
--------------------------------
Dünýaniň diregi
Dünýäň diregi ýagşylykdyr öýdýärdim. Adamlary biri-birine baglaýanyň,
gatnaşdyrýanyň, uly bir jemgyýeti döredýäniň ýagşylykdygyna ynanýardym.
Ynsanda şu täsin duýgy – birek-birege ýagşylyk etmek, kömek goluny uzatmak,
büdräni galdyrmak, aglaýanyň başyny sypamak, ýylgyrýanyň ýüzüne ýylgyryp
bakmak bolmasady adamzat dünýäsi pytrap gider diýýärdim. Bir günem…
Gowsy bu pikirimiň üýtgemegine sebäp bolan wakany, belki-de wakalary
gürrüň bermäýin. Şeýle-de özümi tamakinçilik zynjyryna bagly ýaly duýýaryn.
Emma käte birinden jany ýanan biriniň «Men saňa şunça ýagşylyk etdim.
Bu-da taňryýalkasynyňmy?» diýenine duş gelensiňiz. Ýa-da dostuň saňa bir
ýagşylyk eder. Sen ondan müň kerem razy bolarsyň. Soňam ol seň ýanyňa
gelmesini seýrekleder. Geläýse-de birhili ulumsylygyň ysy gelýän ýaly bolar.
Ýuwaş-ýuwaş düşünersiň – muny oňa etdirýän özünden hoşallyk duýgusy. Ol
dostuna ýagşylyk etdi ahyryn. Onuň öz eden ýagşylygyndan lezzet almaga haky
bar. Saňa biraz ýokardan seretse-de, gelişmän durmaz. Şonda onuň eden ýagşylygy
bogazyňa tegek bolar – sen ony ne ýuwudyp bilersiň, ne-de yzyna gaýtaryp.
Şeýder-de dostuňdan araň açylyberer. Ara daşlaşdygyça az görüşersiň, az
görüşdigiňçe-de az ýatlarsyň. «Häk, şol ýagşylygy etmedik bolsa bolmaýarmy?»
diýersiň. Dünýäň diregi bolup duran ýagşylyk, seni dostuňdan jyda eden ýaly
bolar durberer.
Käte ýaranjaňrak adamlara-da duş gelýänsiňiz. Göwnüme bolmasa,
munuňam sebäpkäri ýagşylyk tamasy. Ol senden ýagşylyga hantama.
Käbir akyldar adamlaryň hiç kimden hiç haçan sowgat almandygyny ilki
gezek eşdenimde haýran galypdym. Kän wagtlap sebäbine düşünmänem gezipdim.
Häzirem doly düşünýändirin öýdemok. Özi sowgat berýär, emma sowgat almaýar.
Alaýsa-da ugruny tapyp, onuň bahasyny töleýär. Göz öňüňize getiriň – adamlar
birek-birekden sowgat almasalar, sowgat bermeseler nähili bolar? Hatda
Pygamberimiziň salgyt ýygnaýanlara sowgat almagy gadagan eden ýerem
bolupdyr. Onuň sebäbinem salgyt ýygnaýan bolmasadyň, sowgat berilmezdi diýen
manyda düşündiripdir.
Käte biriniň ýanyna bir işi bitirmegini haýyş etmek üçin barýansyň. Içiňden
müň pikir gelip geçer, «bitirermikä?», «bitirmezmikä?» diýersiň. Ýok ol kanuny
bozup ýa-da jenaýat edip, ýumuşyňňy bitirmeli däldir. Ýöne nähilem bolsa, seniň
ýumuşňy bitirmek üçin, biraz kynçylygy ýeňmelidir. Içiňden edýän pikirleriň üçin
özüňi utandyrarsyň. Ol adam «Bolýar» diýip boýun alar welin, sen hasam özüňi
müýnli duýarsyň. Soň ýene beýniň bir jümmüşinden «Bolýar-a diýdi welin,
aldaýan bolmasa ýagşydyr, sözüniň yzynda durarmyka?» diýen pikir geler. Sen
ýene şol dünýäň diregi hasaplan ýagşylyk etmek duýgusyny günäkärläsiň geler.
Emma hakyna seretseň, bu pikirleri eden sen, ýagşylyk diňe seni synagdan
geçirýär. Bir tarapdan seretseň, ýagşylyklarymyz biziň hakyky ýüzümizi, keşbimizi
görkezýän aýna mysaly. Otursaň, pikirlenseň, «Eden ýagşylygyňy eden badyňa
unut» diýilýändirem welin, şonda-da olara biraz çuňrak nazar bilen seretseň özüň,
asyl durkuň görnäýjek ýaly. Bu pikirimi dostum bilen paýlaşdym welin, ol
ýylgyrdy-da «Sen näme ýagşylyk edýärmiň?» diýdi. Men ýüzüme urulan ýaly
boldum. «Hawa» diýmäge-de dilim barmady. Dogrusy, ýer ýarylmady, men
girmedim. Ol: «Ýagşylyk edýän, ýagşylygy Ýaradan, biz adamlar diňe sebäpkär
dälmi näme?» diýdi. «Biz Onuň edýän ýagşylyklarynyň ýekejesini edip bilsegem,
begenjimize ýüregimiz gursagymyza sygman ýarylar. Oňa sebäpkär bolanymyzda
käte guş bolup uçaýjak bolýas.»
Hakykatdanam ýagşylyk Ýaradanyň işi, ynsan diňe sebäpkär. Onsoň
sebäpkärden ýagşylyga garaşmak Hakyň öňünde seni günäkär edýär. Gurbannazar
Ezizow muny juda düşnükli düşündirýär, ol: «Ýagşylyk goňşyokara däldir» diýýär.
Sen ýagşylyk ediber, ýene şahyryň dili bilen aýtsam «Rowaýaty saçak kimin açyl.»
Höwesiň ýagşylyga sebäpkär bolmakda bolsun.
Ýüregim giňäp gitdi. Dostumam meň ýaly kofäni gowy görensoň,
gürrüňimiz alyşyp gitdi. Ol şonda maňa ýene bir gowy pikir aýtdy. Sözme-söz
ýadyma düşünek welin, manysy şeýleräk: Meň göwnüme ýagşylkdan ýokarda
ygtybarlylyk bar. Ýagşylyk etmek aňsat, ýagdaýyň gowy bolsa, ujundan karz diläp
gelene bermek kynam däl. Emma birine berdiň, yzyndan ýene biri karz sorap geldi,
sende oňa berere-de ýagdaý bardyr welin, ýöne indi beresiň gelmän biler. «Karz
ber-de, yzyndan dilegçi bol-da ýör» diýip pikir etmegiň mümkin. Ygtybarlylyk
welin, beýle däldir. Kä adamyň ýanyna barmaňkaň, elinden gelse, ýumuşyňy
bitirjekdigine ynanarsyň. Olam seni ýalançy etmez – bitirer. Men-ä dost,
ygtybarlylygy ýagşylykdan gowy görýän. Onsoňam Alla-da az bolsun, emma
yzygiderli, dowamly edilýän amaly gowy görermiş. Bu-da ygtybarlylygyň alamaty
dälmi?
Bir alym hakynda şeýleräk rowaýat aýdýarlar: Ol ilki ylym öwrenjek
bolanda kyn görüpdir. «Bu meniň başarjak işim däl» diýipdir. Şeýdibem gaýdyp
gelýärkä, ýolda gaýadan damýan damja gözi düşýär. Gelip seretse, damja daşy
deşipdir. Ol elini damjaň aşagyna tutanda, damja eline ýüpekden ýumşak degýär.
Şonda ol «Şu damjanyň daşy deşmäge güýji ýetýän bolsa…» diýipdir-de, yzyna
dolanypdyr. Şeýdibem gaýtadan ylym öwrenmäge başlapdyr. Az-azdan artýan
ylymy ony dünýä meşhur, il-güne haýyrly uly alym edipdir. Ygtybarlylykdan
habar berýän yzygiderliligiň şeýle güýji bar.
«Çyn dost» diýilýändir, bu diýildigi «Ygtybarly dost» diýildigi dälmi
eýsem? Ygtybarlylyk adamyň tebigatyna siňip, häsiýetiniň aýrylmaz bölegine
öwrülende onda söýgem, mertligem, lebizliligem, gaýratlylygam, tutanýerliligem,
bir gepliligem, dogruçyllygam… başga-da birnäçe gyzyldan gymmatly taraplar
jemlenýäne meňzeýär. Ýagşylyga sebäpkär bolup, onuň gaýtargysyna
«goňşyokara» garaşan ýaly garaşýan adamda welin, beýle häsiýetler tapdyrmaz.
«Arkasynda odun goýup bolmaz» diýilýän adamyň ýagşygyna ynanmagam şol
dereje kyn. Käte adam özüne gowy diýdirjek bolubam ýagşylyk edip bilýär.
Belki, biziň ejemizi aýratyn gowy görýändigimiziň sebäbi ondan bize hiç
haçan ýamanlygyň gelmejekdigine ynamymyzdandyr. Ejeden ygtybarly adam
barmy dünýede? Ol ber diýseň, saňa janyny ýaýdanman berer, emma berdim
diýmez. Şonuň üçindir mümkin, jennetiň enelerimiziň dabanynyň aşagynda
diýilýäni? Bu-da ygtybarlylygyň güýji dälmi näme? Ygtybarly adamlar azalyberse,
dünýäniň direginiň gowşadygy bolmazmy? Alla muny görkezmesin.
--------------------------------------
Nirä?
Ekzýuperi «Çagalygymyň dünýesinden gelýän» diýýär. Çagalygyň
dünýäsinden ululygyň dünýäsine. Ynsan «Ömür» diýilýän ýoluň bir duralgasyndan
başga duralga, bir dünýesinden başga bir dünýä – ýetginjeklige gelýär.
Mekdep tamamlandy, indi nirä? Okuwamy? Gullugamy? Bu sowalyň saňa
berlen güni çagalygyň bilen hoşlaşanyňy syzarsyň. Edil düýnem beýle sowal
akylyňa-da gelip bilmejek ýalydy. Bu gün welin, näme jogap berjegiňi bilmän
dursuň. Onuň garaşman durkaň, duýdansyz gelendigini, näme jogap berjegiňi
bilmän durşuňam aýdyp dur. Ýogsa, ol sen dünýä inen günüňden, akja arlyga
dolap, diňe seň üçin azan aýdylan günüňden bäri saňa tarap gelýär ahyryn.
«Ejem näme diýerkä?», «Kakam näme maslahat bererkä?» diýen pikir ilki
kelläňe geler. «Okuwa girjek bolsaň, haýsy käri saýlamaly?» «Kim bolasyň
gelýär?» Sowal yzyna-sowal. Olaň birini özüňden uly agaň berse, beýlekisini
ýaňam sowal ýadyna düşmän, seň bilen bileje top depişip ýören dostlaryň berer.
Senem olary gaýtalarsyň, baryny jemläbem ýene öz-özüňden sorarsyň: «Nirä?» Bu
sowalyň öňüňden çykan ilkinji sowaldygy üçin bolmagam mümkin – ol saňa gaty
möhüm görüner. Hamala şoňa dürs jogap berip bilseň, galan zatlaryň hemmesi
dogry bolup gidäýjek mysaly görüner. Mümkin bu hakykatdanam şeýledir. Emma
sen bialaç: «Bilmedim» diýersiň, egniňi ýygyrarsyň. Aklyňa dürli kärler, telim
hünär gelip geçer. Ataňam içiňi ýakaýyn diýen ýaly, birini saýlap bilmän durkaň
«Ýigide müň hünärem azdyr» diýer. Käte näbellilikler şeýlebir ýaş başyňa agram
salar welin, edil mekdepde düşünmedik sapagyň deňinden geçip gidiberişiň ýaly,
onam äsgermezçilik edesiň geler. «Aý, görübereris» diýersiň. Hawa, bu-da bir
ýol. Onda-da anyk ýol. Görjegiň belli. Gurbannazar Ezizde barmy «Aýaklaryň
ätjek ädimin äder, / Göreçleriň görer görjek zadyny.» Emma geljegiňi aýaklaryňa
ynanaýasyň gelmez. Onda kelle diýip göterýäniňi kädä deňeseňem gelşer durberer.
Näme üçindir bu sowal düşünmedik sapagyň ýaly ýadyňdan çykyp gidenok.
«Ýalňyşsam mugallymym ýa-da synpdaş ýoldaşlarymyň biri düzeder» diýjek
gümanyňam ýok. Ýeser ýerem bu sowalyň jogabyny diňe sen bermeli.
Ýalňyşaýsaň…
Bu sowalda ýalňyşýanlaram bardyr-a. Bardyr, ýöne oalryň biri bolasyň
gelermi? Ýeke ýalňyş sebäpli bütin ömrüňe ökünip ýörmelem bolmagyň mümkin.
«Durmuş garalama däl, ony täzeden ýazyp bolmaýar» diýen akylam depderçeleriň
birine ýazypdyň.
Ýalňyş ýol çarkandaklydyr, ýöne dürs ýoluňam kynçylygynyň, öwrüminiň
ýetikdigini entek sen nireden biljek?! Emma bu ýagdaý olaryň ikisinem şol bir zat
etmeýär. Ýalňyş – ýalňyş, dürsem – dürs bolýar. «Şu gün ýalňyş diýeniň, ertir dürs
bolubam duruberýär» diýenlerem bolar. Aslynda, soň ýalňyş bolup çykýan dürs,
öňem ýalňyşdyr, emma ol ýalňyşa wagtynda akyl ýetirmedik bolsak – bu başga
gep dälmi näme?
Bu nähili ýaş bolýar – howlugylyp ýetilen 17 ýaş, bu nähili sowal bolýar –
jogapsyz sowal? Ýekeje teselliň bardyr, o-da on ýedi ýaşyň uzak dowam etmejegi,
ýekeje ýyldygy. Onsoň-a bu başyma agram salyp horlaýan «Nirä?» diýen sowaldan
dynaryn öýdersiň. Emma ýene-de seniň hyýal edişiň ýaly bolmaz.
Ýyllar geçip dur, gapydaky garry tut, gör, näçe gezek tudanalap, näçe
miweländir. On ýedi ýaş, «Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer» diýilýän
ýaşam alyslarda galdy. Emma şol sowal senden aýrylyp gitmeýän eken. Isle
ýigrimi, isle ýigrimi bäş, isle kyrk ýaşa, isle altmyş bu sowal hemişe seň beýniň bir
ýerinde. Çünki sen ýurduňa, milletiňe näçe ýaşyňda bolsaňam gerek. Watanyň
seni hiç wagt hasabyndan aýyrmaýar. Ol saňa «Bu-la puç!» diýmeýär, eger özüňözüňi puçlamasaň. Özüni puçlajak adamam okuwa girse-de puçlar, gulluga gitsede, maňlaýy gasyn atyp, saçy agarsa-da. «Nirä?» diýen sowala ikilik edäýseň,
ondan ýüzüňi öwüräýdigiň ýa-da gelýänje gapysyny gulplaýsaň, sen altmyşdan
geçen garry bol – puçsuň.
Nämesinden bilmersiň, «Nirä?» diýen sowal islendik ýaşda bolsaňam,
hemişe ýüregiň jümmüşinde birhili gizlin gorkyny oýarýar. Daşyňy gurşaýan
näbellilikler onuň haýbatyny hasam artdyrýar. Ýöne gorky kän halanmasa-da,
käbir zatlara batyrlyk etmegem akyllylyk däl ýaly. Ýönekeýje mysal, gözsüz
batyrlyk edip näbelet zadyňa ýapyşyberenden, biraz seresaplylyk etmek dogry
dälmi? Eger «seresaplylyk», «eserdeňlik», «hatyrjemlik», «ätiýaçlylyk» ýaly
duýgulary sende döredýän bolsa, gorky duýgusam edil halanylman dözşünden
itiljek duýgy däle meňzeýär.
Garynjadan «Nirä?» diýip sorasalar: «Käbä» diýip jogap beripdir. Şonda
«Garynja ädimleriň bilen Käbä ýetermiň? Käbe nirde, sen nirde?» diýip ol görgüliň
üstünden gülüpdirler. Garynja-da: «Bilýän Käbä ýetip bilmejegimi, ýöne, dagy
bolmanda ýolunda ölerin» diýipdir. Diýipdirem, şobada-da Pygamberimiziň aýak
basan topraklaryna olam aýak basmak bagtyna gowşupdyr. Bu sowalyň jogabynyň
şeýle uly güýjüniň bolaýýan ýerem bolýar eken.
Haram keýpe, neşekeşlige ýüz uran, ýoluny urduran adamdanam «Nirä?»
diýip soranyňy duýman galan ýeriň bolýar. Onuň jogaby garynjanyňky ýaly pespäl
bolmaýar. Ol derrew gaharlanar. Onuň özüne gahary gelýärmi ýa-da bu gutulgusyz
soraga jany ýanýarmy düşünmersiň. Ol diňe bir ugruny däl, umydynam ýitirendir.
Onuň gaşlary çytyk, ýüregi howsalaly. Ol saman tapsa ýapyşjak, delil tapsa
bukuljak bolar. Emma «Nirä?», «Nirä barýaň?» «Ugruň nirä?» diýen sowal,
sagyndan geler, çepinden geler, giýje düýşüňe girer welin – sypdyrmaz. Ol bolsa,
gaçjak bolar, ýalan sözlär, öz özüni aldar, bahana gözlär. Ýogsa ondan gaçmagam,
edil ölümden gaçyp gutuljak bolmak ýaly akylsyzlyk dälmi? Ondan gowsy dursaň,
otursaň, onuň bilen çaýlaşsaň, düşünişjek bolsaň näder?! Belki, onuň ýamanlygam
ýokdur? Belki, onda hakyky dostuň häsiýetleri bardyr? Belki, ol seň elmydam
göwnüň küýseýän çyn dostuňdyr? Seň dünýe lezzetleri, gara nebsiň bilen başagaý
bolup, bilmeýän, görmeýän zatlaryňy bilýän, görýän bolmagam mümkin. Kim
bilýär, pikiriň durlanar, gözüň ýiteler, maksadyň aýdyňlaşar. Manysyzdyr öýdüp
ýören zatlaryň ýekeje soraga jogap berjek bolup, aklyňa agram salmagyň, ýüregiňe
ünji edinmegiň bilen many gazanar. Akylsyz baýlyk gözlär, akylly many. Şeýle
dälmi, eýsem? Bir zadyň manysyna düşünmekden uly baýlyk barmy? Aleksandr
Makedonskä «Näme dilegiň bolsa dile» diýende «Üstüme kölege berme» diýip
bilen akyldar many diýlen zada eýe bolany üçin şeýle jogap bermeýärmi näme?
Manyda şeýle uly güýç, hakyky batyrlyk bar. «Nirä?» diýlen sowalam seni şol
mana eltmeýärmi näme?
Gyzaryp dogan Güne «Nirä?» diýilmeýär. Sebäbi ol bilýär nirä barýanyny –
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Öten agşamky düýşüm - 3
  • Parts
  • Öten agşamky düýşüm - 1
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2175
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Öten agşamky düýşüm - 2
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2203
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Öten agşamky düýşüm - 3
    Total number of words is 3164
    Total number of unique words is 1986
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.