Latin

Hajy Bektaş Weli - 5

Total number of words is 545
Total number of unique words is 374
33.8 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Men geldigim, ylym gider...
...Yerde agajy dik tutýan kökdür.
...Döwlet – edep, akyl we gözel ahlakdyr.
...Şu sebäpden akyl beden içinde soltan, köňül
içinde rahatlykdyr. Allanyň ynsana beren munça
94
beýikligi, munça nury, munça keramaty, munça halady
– akyl bereketindendir...
...Kimiň köňlünde akyl nury bar bolsa hoşdur.
Kimde ýok bolsa, özüne haýry ýokdur, Hudaýyň
ýanynda-da ýeri ýokdur.
...Ylmyň aýna meňzeşdigini aýdypdyk. Aýna bakan
öz ýüzüni görer. Ýagny, kişi öz ýaman taraplaryny-da
görer. Öz aýplaryny gören kişi hiç kimiň aýbyny dile
getirmeli däldir.
...Her kime kapyrdan-da has ýaman üç duşman
bardyr: birinjisi –nebsewürlikdir, ikinjisi – ulumsylyk
we egrilik, üçünjisi – ýalançylyk we hilegärlik.
------------
95
Soňlama
Hajy Bekdaş Weli Rumustana barmak bilen o
taýdaky milletiň agzybirligini, ruhubelentligini we
gelejege umydyny artdyrmaga, başgaça aýtsak,
türkmenleriň täzeden doguşyny amala aşyrmaga uly
goşant goşupdyr. Alym Edhem Ruhy Fyglaly bu
ýagdaýy synçylyk bilen suratlandyrypdyr: ―Biziň
düşünişimizçe, Hajy Bekdaşyň häkimlikleriň çalyşmasy
we soltanlaryň täji bilen işi ýokdur. Ol bir
gahrymandyr, emma eli gylyçly topalaňdan topalaňa
ýüwürenlerden däldir. Eli kätmenli, eliniň azaby we
alyn deri bilen dag başlarynda ýer açyp ýerleşen, bag we
bakja ýetişdiren, şonuň bilen çarwa ruhuny
şäherleşdirip, medenileşdiren, olardan imanly, üşükli,
özüni bilen, täp-täze bir türkmen toplum döreden
gahrymandyr‖.
Hajy Bekdaş Weliniň ynsan beýnisine eken
tohumlary gelejekki Osman imperiýasynyň ideýalary
bolup gögeripdi. Bu beýik ynsanyň baş maksady –
adamyň ruhundaky wagşy janaweri ýok etmekden
ybaratdyr, ýagny adam özüni berk kontrolda
saklamalydyr. Adamyň iň uly söweşi – özündäki
nebsewürlik, ýaman niýetleri we gahary bilendir, iň uly
ýeňşi hem – özüni ýeňmesidir. Özüni ýeňen adamyň
hökman hoşgörüşli boljakdygyna Hajy Bekdaş Weli
ynanypdyr. Bekdaşy tarykatyna eýerijileriň
dürli
milletlidiginiň bir sebäbi hem şol hoşgörme bolsa
gerek.
Aýratyn bir nygtamaly zat: Hajy Bekdaş Weli beýle
pikirleri adamzada hödürlemek bilen özi çetde galan
96
adam däl. Öz aýdanyny durmuşda özi berjaý edenligine
hiç şübhe ýokdur.
Hajy Bekdaş Welini yslamdan daşarky bir adam
edip görkezjek bolmak meýilleriniň hem barlygyny
aýtmaly, emma alymlaryň aglabasy onuň sünni
mezhebine eýeren beýik ynsandygyny tassyklaýarlar.
―XIII asyrdaky pikirleriň XXI asyr üçin neneňsi
täsiri bolup biler?!‖ diýip güman etjeklerem bardyr.
ADAM haýsy asyrda ýaşasa-da ADAM bolup
ýaşamalydyr.
Soňy
97
Bibliografiýa
Aşyk paşa ogly taryhy. Ystambyl. 1970 ý.
A.Eflaki ―Menakib-ul-Arifin‖. Ankara, 1954 ý.
Ismet Zeki Eýýubogly ―Bekdaşylygyň her taraplary‖.
Ystambyl, 1980 ý.
Mehmet Eröz ―Türkiýede alewilik we bekdaşylyk‖.
Ankara, 1990 ý.
―Erdem‖ almanahy, 1995 ý., 1996 ý.
Edhem Ruhy Fyglaly ―Türkiýede alewilik, bekdaşylyk‖.
Ystambyl, 1990 ý.
Hasan Gülşan ―Köňülleri we ülkeleri topsuz-tüpeňsiz
ýeňen Hajy Bekdaş Weliniň her taraplary we alewibekdaşylygyň esaslary. Ystambyl. 1975 ý.
Esad Joşan―Hajy Bekdaş Weli.Makalat‖.Ankara, 1990
ý.
Fuad
Köprüli.
―Türk
edebiýatynda
ilkinji
mutasawwyflar‖. Ankara, 1991 ý.
B.Noýan.―Bekdaşylyk-alewilik nämedir?‖.Ankara,1987
ý.
Ýaşar Nury Öztürk. ―Bekdaşylygyň taryhy‖. Yst, 1992
ý.
Orhan Türkdogan. «Alewi-bekdaşy kimligi‖. Yst, 1995
ý.
Türk medeniýeti we Hajy Bekdaş Weli. Ankara, 1988 ý.
―Welaýatnama...‖ A.Gölpinarly tarapyndan neşir edildi.
Ystambyl, 1958 ý.
98
Mazmuny
Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri. ....................................... 3
Hajy Bekdaş, XIII asyr, döwrüň keşbi... ......................... 5
Hajy Bekdaşyň ömri hakda. .......................................... 12
Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri hakynda………………24
Ynjasaň-da ynjytma....................................................... 25
Geliň, janlar, bir bolalyň, iri bolalyň, diri bolaly……...29
Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny unutmaň....................34
Aýal-gyzlary okadyň.........................................................37
Hiç bir milleti we ynsany aýyplamaň…………………41
Her näme gözleseň, özüňden gözle…………………...46
Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme ……………… 50
Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir ………….54
Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol!............................................58
Özüňe agyr geleni özgä ýükleme……………………...60
Gözle, tap……………………………………………..62
Hajy Bekdaş Weliniň Hoja Ahmet Ýasawy,
Möwlana Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre bilen
baglanyşygy hakda……………………………………..65
Hajy Bekdaş Weli we Ahi Ewren ……………………..71
Hajy Bekdaş Weli we Osman imperiýasy……………..74
Bekdaşiýa we beýleki tarykat silsilesi…………………79
Hajy Bekdaş Weliniň Magtymgula täsiri………………82
―Makalatdan»‖parçalar…………………………………86
99
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Hajy Bektaş Weli - 1
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2053
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 2
    Total number of words is 3522
    Total number of unique words is 2038
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 3
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 1996
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 4
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2029
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 5
    Total number of words is 545
    Total number of unique words is 374
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.