Latin

Hajy Bektaş Weli - 3

Total number of words is 3702
Total number of unique words is 1996
30.0 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
örän ullakan bir meseläniň jogabyny berýär:
Adalat – her bir zady laýyk ornuna goýmakdyr.
44
ýa-da
Ynsany söýmek – Allany söýmekdir.
Hajy Bekdaş Weli bolsa: ―Taňra dostluk etmek –
halka ezýet etmezlikdir‖ diýýär.
Üns beriň, Magtymguly neneňsi belent owaz bilen
söz açýar:
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul.
45
Her näme gözleseň, özüňden gözle
Hajy Bekdaş Weliniň bu öwüdi onuň bir bent
şygrynda bar. Şol bendi öň ulananlygymyza
garamazdan, ýene bir ýola Siziň dykgatyňyza
hödürleýäris:
Yssylyk otdadyr, o sajda däldir,
Keramat başdadyr, o täçde däldir,
Her näme gözleseň, özüňden gözle,
Küdüsde, Mekgede, o Haçda däldir.
Çuňňur ynsanperwer bolan Hajy BekdaşWeli adamy
örän belentde goýýar. Adamyň bitirip biljek işleriniň
köplügini, onuň kuwwatynyň akyldalygyny, şeýle hem
ynsanyň örän näzik bir zatdygyny unutmaýar.
Özüňe daýanmak, öz kuwwatyňy, öz aklyňy
ulanmak bilen jemgyete zyýansyz ýaşamak. Özge
biriniň baýlygyna, akyl-paýhasyna, wezipesine göz
dikmän, özüňi özüň dolandyrjak bolmak – hakyky
durmuş ýörelgesidir.
Näme üçin özgä bahyllyk etmeli?!
Näme üçin özgelerden umydygär bolmaly?!
Hany, şu soraglary ýaňadan başymyzda aýlap,
ýaňadan beýnimizde bişireliň, bakaly.
Asyl, bu jahanda her kimiň öz orny bar ýaly-la.
Onsoň özgäniň ornuna dyzap durmak gelşiksiz
bolmazmy?!
Men öz günüme-öz güzeranyma kanagat etjek.
Elbetde, öňküden gowy ýaşajak bolup hereket etjek,
46
emma özgeleriň hasabyna däl. Öz paýymy aljak, öz
hakymy gazanjak.
Ylmyň kesgitleýşiçe, her bir adam öz akyl-paýhas
rezerwiniň bary-ýogy on-on bäş prosentini peýdalanýar.
Hany onuň beýleki segsen bäş-togsan prosenti?
Ukuda.
Diýmek, men gözleýän zadymy özümden gözlejek
bolsam, ozaly bilen, ukudan oýanmalydyryn.
Döwür-döwran nirä aýlanýar?
Dost-duşman ne küýde?
Jemgyet, maşgala ne ýagdaýda?
Ýene sowalmy? Jogap berjek bolsak, biz ýene-de
dünýäniň depesinden bakyp görmeli bolarys.
Hajy Bekdaş Weliniň paýhaslar kerweniniň syryna
aralaşjak bolsak, ýol-ýoda goýman ýüwürmeli bolarys.
Belki, ol «Her näme gözleseň, özüňden gözle»
diýende, boş şowhuna çapyp ýörme, Allany, hakykaty,
bagty, baýlygy uzakdan, daşky şekillerden gözleme-de
içden, akyl-paýhasdan, Köňülden – Özüňden gözle
diýen manyda aýdandyr. Şu pikir dürs ýaly-la.
Onda özüňi pugta kontroldan – köňül terezisinden
geçirip görmeli: Dünýä garaýşyň neneň? Jemgyete
bakyşyň nähili? Maşgalada aýalyňa ýa-da äriňe,
çagalaryňa gatnaşygyň nä derejede? Bir ýandan, edil
balyk iýeňde gylçygyny aýryşyň ýaly, saýhallap başlaly,
hany.
Başga birini aýplamak, şol bir wagtda-da özüňi akja
guş saýmak örän aňsat. Özüňe zabun daraşmak
hökmany şertdir.
Nirede, haýsy meselede dogry gadam basanyň ýa-da
galplyk, ikiýüzlülik, ýöwsellik edeniň belli bolar barar.
47
Bu durmuşdan näme alypsyň, muňa näme beripsiň?
Haýsy meselede ýagşy niýetlini, ýaman niýetlini
goldadyň, soňunda netije neneň boldy? Ýene müňlerçe
soraglar, jogaplar.
Terezini dogry ulanmakda-da iş bar.
Şeýle gaýnaşmalar netijesinde dünýäniň depesinden
bakmak mümkindir diýen pikirdediris.
Özüni tapan, Allasyny tapar. Alla bilen
aralykdakylary hem tapar.
Şu taýda ―Her näme gözleseň, özüňden gözle‖ diýen
öwüdiň dowamy hökmünde ―Hakyky derwüş hiç
kimden öýkelemez‖ diýen öwüt hakda-da oýlanyşalyň.
Käbir adamlar: ―Men pylana pylan hili ýagşylyk etdim
weli, indi menden habaram alanok‖ diýen ýaly öýkeli
oýlanýarlar. ―Maňa hormat etmedi‖, ―Meni çaýa-nahara
çagyrmady‖, ―Men ony toýumyza çagyrypdym weli, ol
toýuna çagyrmady‖, ―Karz diledim weli bermedi‖ we
şuňa meňzeş öýkeleriň köki nämedekä?
Meniň pikirimçe, özge adamdan ýagşylyga, ýa şoňa
kybapdaş bir zada garaşyp ýaşaýan adam öýkelek
bolýan bolaýmasa. Durmuş welin başga zady öwredýär:
Ýagşylyga-da, ýamanlyga-da garaşma.
Özüňe, özüňe, diňe özüňe daýan.
Şu ýagdaýda-da Hajy Bekdaşyň pikiri ulanarlykdyr.
Elbetde, başarsaň ýagşylyk etmelidir. Hajy Bekdaş
Weli: ―Elden gelen her ýagşylygy herkese ediň‖
diýipdir. Onuň ýagşylyk hakda gyzykly söhbeti hem
bar: ―Meniň üç sany dostum bar. Ölemde biri öýde
galar, biri ýolda galar, soňky bolsa bile gider. Öýde
galjak – mal-mülkümdir, ýolda galjak–ýakynlarymdyr.
Bile gitjek – ýagşylyklarymdyr‖.
48
Folklorda, taryhy çeşmelerde ýagşylygyň ähli ýapyk
gapylary açýanlygy hakda ýüz müňlerçe delilleri
ýatlaberiň.
Syrly, pelsepeli sözlemek adaty bolan Hajy
BekdaşWeli ―Her näme gözleseň, özüňden gözle‖
diýende, ―eger özgeden bir zat almak derkarlygy
çykanda-da, şonuň ýoluny tapmak hem özüňe bagly‖
diýen manyny-da şuňa goşan bolsa gerek.
Bu öwüdiň içindäki özge syrlara aralaşmak bagty
özüňize bagly.
49
Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme
Biz Hajy Bekdaş Weliniň örän çuň logikaly,
dialektikanyň örän çeýe sapajyklary bilen örülen bir
öwüdiniň üstünden geldik.
Ilki okanyňyzda: ―Bu nähili beýle bolýar?‖ diýen
bolmagyňyz mümkin. Göreniňi örtmeli, görmedigiňi
hem sözlemeli däl. Onda dymaýmak galýar-da.
Dymmak, umuman, altyna barabar hasaplanýar, emma
öz ýerinde, öz wagtynda dymmagy başarmaly. Mydama
dymmak bilen işbitirip bolmaz. Aýagyň ýöremek üçin
berlişi ýaly, dil hem sözlemek üçin niýetlenipdir. Hajy
Bekdaşyň zamanasyna garanyňda ýigrimi birinji asyrda
has köp geplenýär. Umuman hem, adamzat
jemgyetçiligi ösdügiçe barha köp söz ulanylýar. Bu
adaty bir zat.
―Gördügiňi ört...‖ diýlenine neneňsi manyda
düşünsekkäk?
―Ynsanyň aýyplary köpdür, şonuň üçin onda görer
ýaly zat ýokdur. Gowusy örtmekdir‖ diýen manydamy?
―Ynsanyň aýbyny örtmeli, ýagşylygyň-gözelligiň özi
çykar, özi ýaýrar‖ diýen manydamy?
―Ynsan hakda hiç zat aýtmaly däl‖ diýen manyda
düşünmelimi?
Belki, biziň pikir meýdanymyzdan daşarda pikirler
köpdür, şolar esasynda düşünmelidir?
Häzirlikçe, bu öwüdiň açaryny başga öwüdiň üsti
bilen tapmaga synanyşalyň.
Hajy Bekdaş Weliniň «Özgäniň aýbyny görmeýän
jana yşk bolsun» diýen bir sözi bize tutalga bolup biler.
50
Gürrüň, biziň pikirimizçe, özgäniň aýbyny görmezlik,
eger göräýeňde-de örtmek hakda barýar.
Möwlana Jelaleddin Rumynyň: ―Dostuň hatasyny
örtmekde kölege kimin bol‖ diýenini hem ýatlalyň.
Türk awtory Sady Baýram özüniň bir makalasynda
şeýle bir hekaýaty getiripdir:
Bir mewlewi (Möwlana Jelaleddin Rumynyň
mewlewiýa tarykatyna eýeriji adam – O.Ýa.) bir
bekdaşy bilen ýola çykypdyrlar.
Bekdaşy mewlewiniň ýeňleriniň gaty giňligini geň
görüp:
– Ussat, Siziň goluňyzyň ýeňi näme üçin giňiş? –
diýip sorapdyr.
– Biz bir hatany gördügimiz, başga hiç kim
görmezligi üçin ýeňimiz bilen ýapýarys – diýip,
mewlewi jogap beripdir. Bekdaşynyň ýeňini görüp olam
sorag beripdir:
– Eý, ýaranlar, Siziň ýeňiňiz näme üçin dar?
– Biz hiç bir hata görmeýäris ahyry.
Näme üçin özgäniň hatasyny görmeli däl ýa-da
ýapmaly, örtmeli diýildikä? Jelaleddin Rumy hem Hajy
Bekdaş hem: ―Adam adam bolansoň ony üýtgetmek
mümkin däl, üýtgetjegem bolmaly däl, şoňa görä onuň
hatasyny görüp, aýbyny aýdyp oturasy iş ýok. Ogrymy –
ogry, ýalançymy –ýalançy, gödekmi – gödek
görnüşinde kabul etmeli‖ diýen pikirde bolsalar gerek.
Adamyň hatasyny, aýbyny ýüze çykarmak bilen iş
gaýta çylşyrymlaşýar. Hatasy, aýby aýdylan adam
duşmana öwrülmegi mümkin. Köplenç, şeýle hem
bolýar. Onsoňam ―Gördügiňi ört‖ ýa-da ―Özgäniň
aýbyny görmeýän jana yşk bolsun‖ diýlen jümlelerde
51
―göreniňi aýtma, özgäniň aýbyny aýtma‖ diýen many
hem barmyka diýip oýlanýaryn. Ýagny, esasy gürrüň
hatany, aýby aýtmazlyk hakda barýan bolsa gerek.
Onda, näme, adamy terbiýelemek gerek dälmikä?
Wah, şeýle gerek! Ýöne ol heniz ýaşajykka, has
irräk ele geçirilmelidir, adam formirlenýän zamanynda
oňa näme terbiýe beriljek bolsa berilmelidir. Sowet
alymlary-pedagoglary çagany ene göwresindekä
terbiýeläp başlamaly diýýärdiler. Indi gözümiz açyldy
welin, çaga hakda ondanam has öňräkden
oýlanmalydygyna gözümiz ýetdi. Ýigit heniz
öýlenmänkä, gyz heniz durmuşa çykmanka pylany bilen
goşluşanda takmyny neneňsi zürýat dogjakdygyny
özleri üçin kesgitlemelidirler. Bu taýda ölçeg terezisi
asyldyr. (Asyl yzarlamak hakda öňdäki söhbetimizi
ýatlaň). Onuň haýsy milletdenligi, haýsy ýerdenligi,
haýsy dindenligi, haýsy dilde sözleýänligi, reňki we
ş.m. asyl däl-de, onuň terbiýe, bilim, adamkärçilik
derejesi – asyldyr. ―Är daýa çeker, it eýä‖ diýilýäniniň
aňyrsynda uly gürrüňler barlygyny duýýansyňyz.
Geçmişdäki pelsepeçilerimiz çaga döredilende
asylly gandan dörese, özge işleriň ýeňil çözüljegine
aňryýany bilen akyl ýetiripdirler diýip hasaplaýan.
Gep gönezlikde.
Hajy Bekdaş Weliniň öwüdiniň ikinji ýarymynda
―...görmedigiňi söýleme‖ diýende, ol ähli babatda
hakykatdan ugur alýar. Gadymy hekaýatlaryň birinde
göz çynyň, gulak ýalanyň simwoly edilip görkezilýär.
Onsoň ýalan bilen çynyň arasy näçe diýlende, gözgulagyň arasy ölçelýär.
52
Adamlarda bir sözi, bir wakany çişirip
görkezmekden lezzet almak bar. Onsoň kähalatlarda
hakykatda bolan waka, aýdylan söz agyzdan-agyza
geçip, çişe-çişe siňekden pil ýasalýar. Şeýle
aldawlardan özüňi sap saklamagyň ýeke-täk dogry
usuly – görmedigiňi sözlemezlikdir.
Ynha, bu öwüt hakda, häzirlikçe, şeýleräk pikirleri
orta okladyk. Akyldaryň ―Gördügiňi ört, görmedigiňi
söýleme‖ diýen öwüdini düýbünden başgaça ýorumlap
boljakdygyny hem aradan aýyrmaýanymy bileweriň.
53
Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy
tümlükdir
Hajy BekdaşWeli hem, edil beýleki türki
klassyklary ýaly, halypasy Lokman Perendäniň
öwredişi, talap edişi ýaly, ylyma we edebe aýratyn uly
üns beripdir. Ylym – adamzadyň geçmiş tejribesini
häzirki döwrüň islegleri bilen birleşdirip, gelejek göz
öňünde tutulyp edilen işdir. Şeýle zerurlyga Hajy
Bekdaş Weli heniz ýaş oglanka akyl ýetiren bolsa
gerek. Dogrudanam, durmuşyň haýsy tarapynyň ösüşi
ylmy esaslara daýanmaýan bolsa, şo tarap yza galmaga
başlaýar. Eger wagtynda degerli täsir bolmasa, onda
onuň soňy tümlüge baryp urýar. Bu ýörelge ynsan
üçinem aýnydyr. Kurany Kerimde: ―Bilenler bilen
bilmeýänler bir bolarmy?‖ diýlipdir. Muhammet
pygamberimiz: ―Ylym Çynmaçynda bolsa-da baryp
alyň‖ diýip wesýet edipdir. Ol: ―Alymyň ölümi –
älemiň ölümi‖ diýipdir. Hezreti Aly bolsa: ―Maňa bir
harp öwredeniň kyrk ýyl hyzmatynda duraryn‖ diýipdir.
Hajy Bekdaş Weli ylymy edep bilen bagry badaşan
hasaplaýar. Olary aýry göz öňüne getirmeýär. Ylym
almak üçin ilkinji derkar zadyň edepligini nygtaýar.
Şoňa görä-de: ―Ylym ähliniň ilkinji basgançagy
edepdir‖ ýa-da ―Bilim terbiýe bilen alynar‖ diýýär.
Durmuşda synlasaňyz, şeýle çuň, esasly ylym alan
käbir adamlaryň, edep edinmänligi üçin, ýoluny
urdurýanyny, töwerege wepasyzlyk görkezýänini, arakneşä gol berip, zyna işlere gatyşyp, ahyrda-da sahnadan
düşüp gidýänligini görýärsiňiz. Olara edep ýetmeýär.
―Jan diýlen bostany ylym suwy bilen bakyň‖.
54
―Taňrynyň nygmatlaryny öwreniň‖.
―Aryf bolubam bermeýän – nadandyr‖.
―Aryflar hem arydyr, hem arytyjy‖.
―Düşünje tümlügine yşyk tutanlar örän bagtlydyr‖.
―Köne – terki, nadan – ölüm, aryf – dogluşdyr‖.
Ynha, beýik ylymsöýeriň ylym hakda bize galdyran
sargytlary. Ol ylym adamsynyň diňe erkana, açyk
durmuşda hakyky ylym edip biljegini göz öňünde
tutandyr. Alym öz bilýänini diňe özi bilip oňmaly
däldir, şägirtler ýetişdirmelidir, öz ylmy goruny ile
ýaýmalydyr. «Gizläp goýsaň ýiter gider, özgä berseň
özüňkidir» diýlen gadymy pikiri ýatlalyň.
Ylym ynsany taraşlaýar, gözelleşdirýär, oňa aýratyn
bir ruh berýär. Ylym adamyň nebsine çäk goýmany
öwredýär. Hajy BekdaşWeli: ―Nebsiniň tussagy
bolanlardan ýardama garaşmaň‖ diýipdir. Ylym ähli
zada bir göz bilen bakmany öwredýär, patyşa hem, geda
hem hakyky alymyň gözüne ýönekeý adam bolup
görünýär.
Ýunus Emre aýtmyşlaýyn:
Ähli ýaradylmyşa bir göz bile bakmaýan
Halka müderris olsa, hakykatda asydyr.
Şu taýda bir rowaýaty Size gürrüň beresim gelýär.
Bir gedaý egin-eşikleri eleme deşik, aýak ýalaň
gapyma-gapy aýlanyp ýörkä, bir patyşa sataşýar.
Elbetde, patyşa zer lybaslar içindemiş. Ýaňky gedaý
patyşany görüp ýylgyranmyş, patyşa-da gedaýyň
ýylgyranyny geň görüp sorapdyr:
– Eý, gedaý kişi! Sen nämä şatlanýaň!
55
– Men seniň halyňa nebsim agyryp ýylgyrdym.
– Men patyşa, bütin ýurt elimde. Meniň halyma dälde, öz halyňa nebsiň agyrsyn.
– Wah, patyşahym! Alla nazar salsa, meniň bagtly
günlerim öňde. Patyşalyk ýetse-de, nesibedir. Ýöne
seniň halyň kyn: patyşalykdan aňyrda zat ýok.
Tagtyňdan taýmak howpuda bardyr. Wessalam, ömür
tamam.
Patyşa gedaýyň bu sözi üçin oňa köp-köp sowgatlar
beripdir, olam o sowgatlary illere paýlap, deleme-deşik
torbasyny ýene arkasyna atyp gidiberipdir.
Görşüňiz ýaly, ylym ýaňky agzan gedaýymyz
ýalylara sabyr-kanagat hem berýär.
Biziň Magtymgulymyz hem öz halypalarynyň
ýoluny dowam etdirip, ylym, alym hakda örän jaýdar
sözler aýdyp geçipdir.
Alymlar kemelse, edep tapmas sen
ýa-da:
Alymlara uýsaň açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen
diýen setirlerini ýatlalyň.
Hajy Bekdaş ýöne ýere: ―Ylymly köňül-erenler
köňlüdir. O Hak Tagallanyň uly hazynasydyr we
nazargähidir‖ diýmändir.
Hajy Bekdaş Weliniň özüne-de alymlar: ―Hünkär‖
diýip ýüzlenýärler. Hünkär sözi osmanlylarda patyşa ýada beýikleriň beýigi manysyndadyr. Näme üçin bu sözi
Hajy Bekdaşa ulanýarlar? Onuň, ozaly bilen, ylmynyň
şeýle beýik derejededigi üçin ulanýarlar.
56
Geçmiş alymlar, akyldarlar, şol sanda Hajy Bekdaş
Weli, zamanamyzyň beýik alymlary hem alymlygyň bir
däbini örän pugta saklaýarlar. Olar öz bitaraplygyny
hiç-hiç elden bermeýärler. Bütin adamzada hyzmat
edeniň has ýokarylygyny unutmaýarlar.
Ylym hakynda gürrüň edenimizde hökman kitap
okalyp ýa-da tejribeler edip alynýan ylym hakda däl-de,
eýsem adaty-durmuşy ylym, intuisiýa-üşük, gan, ruh
bilen geçýän ylym hakda hem aýdylýanlygyny
ýatlabereliň.
57
Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol!
Bir ýuwdumda aýdylýan şujagaz sözlemiň
manysyny doly açmak üçin bir kitap ýazyp bolardy.
Ynsan tebigatyna çuň beletlik bilen aýdylan o sözler
Bekdaşa täze ruhy ýeňişler getiripdir.
Adam bolmak üçin ilkinji şert-eliňe eýelik etmekdir.
Eliň häsiýeti – ol egilende mydama özüňe baka egilýär.
Şonuň üçin diňe öz zadyňy almak gerek. Özgäniň ýa
döwletiň zadyna el ursaň, muny hiç kim bilmese-de,
eliň muňa öwrenişýär. Onsoň ýene, ýene alasy gelýär.
Eger-de eli egrilik häsiýetiň ýüze çykjak bolsa, şobada
eliňe kakmalysyň, eliňi çekmäni öwrenmelisiň.
Eliň saplygy uly baýlykdyr.
Eliňe eýe bolmak – eliňi dek duruzmazlyk, eliňi
işsiz goýmazlyk diýmegi hem aňladýandyr. ―Göz
gorkak, el – batyr‖ diýen sözem bardyr. Adamyň gahary
eline geçse, garşysyndaka el salyberýär. Güýç orta
çyksa, adalatsyzlyga garaşyber. Özge adama ýaman
niýet bilen uzan gol, irde-giçde almytyny alman
dynmazmyş.
Ikinji şert – diliňe eýe bolmakdyr. Bu aňsat däldir.
―Dagy-daşy ýel bozar, il arasyn dil bozar‖ diýlipdir.
Diliňe mydama hoş, mylaýym sözlemäni öwretmeli.
Sygyr janawere haýwan diýjeksiňiz, emma uzyn
guýrugyna eýelik edäýşini görüň.
Şeýle bolsa, adam dagy dilini gaty pugta saklap
bilmelidir. Adamyň dili mydama geplejek bolup, gijär
durarmyş, şo sebäpli diş gysmany hiç-hiç unutmaly
däldir.
58
Bir işi bitirmek üçin diliň güýjüni ulanyp bolar.
Şonda-da ýaman sözläňden ýagşy sözleseň has bähbitli
bolýar. ―Ynsanyň iň güýçli zady – dilidir‖ diýlenini
ýatlalyň. Adam ähli synasyna erk etmelidir weli, diline
has berk erk etmelidir. Bent ýykylsa böwetläp bolar,
emma dil säwligi ummasyz uly ýumrulyşyklara eltýär.
Hajy Bekdaş Weli dil hakynda ―Ynsanyň jemaly –
sözüniň gözelligindedir‖ diýipdir. Özüňi jemgyete
gowy görkezjek bolsaň, gözel sözleri saýlap
sözlemelidir. Bu hem diliňe eýelik etmegiň bir
görnüşidir.
Üçünji şert – biliňe eýelik etmekdir. Bil – güýjüň
jemlenen ýeri, jynsy hyýallary ýerine ýetiriji. Biliňe
görä hereket etmeli. Biliň göterjek ýüküni çekmeli.
Biliňi her ýetene ynanyp bolmaz. Bil bir äre, bir aýala
mynasypdyr, o san köpelse biliň omuryldy hasap edäý.
Biliňi her ýetene egibem ýörmeli däldir. Merde egilseň,
olam egiler, eselmez, emma namarda egilseň,
yeňsäňden basar, maňlaýyňy ýere degiräýjek bolar.
59
Özüňe agyr geleni özgä ýükleme
Tokaýyň örän gazaply kanunlary bar: ösüşde özge
agaçlardan yza galdymy, onda gutardy hasap edäý,
güneş alyp bilmän, barha iglär, mör-möjeklerem
daşyndadyr. Adamzadam şeýle kanunlar boýunça
ösýärmikä? Juda oňa meňzeş dälmikä öýdýän. Her
niçigem bolsa, öz aladaňy, öz ýüküňi özüň çekjek
bolmaly. Hajy Bekdaş Weli tamakinligi utançsyzlyk
bilen bir hasaplaýar. Özgelerden haýyş edip, ýalbaryp
bitirilmeli işiňi, aňrujy ýagdaýy bolsa, öz güýjüň ýetjek
wagtyna çenli goýmaly ýa-da başga bir ýollar
gözlemeli. Käbir adamlar, sähelçe zat bolsa-da,
özgelerden haýyş etmäge çekinmeýärler. Şol adamlaryň
jemgyetdäki ornuny synlasaňyz, olaryň abraýdan
gaçýanlygyna göz ýetirersiňiz. ―Ýene bir haýyş
edäýmesin‖ diýip, özüni çeke tutýanlar köpeliberer.
Bu näme ýeksürünlikmi? Ýok. Adam adama
elmydama zerurlykdadyr. Oňa söz ýok. ―Altyn
gapylynyň agaç gapyla dilegi düşermiş‖ diýilmänmi,
näme?!
Emma haýyşyňy saklamaly, soňa goýmaly,
gijikdirmeli, iň gowusy, başga çykalga gözlemeli. Bu
bir durmuş-da. Ýagşy günlerem, ýaman günlerem
adamyň başyna düşüp dur. Şonuň üçin şu gezekki
haýyşyňy başga bir gezege goýup bilseň, öz utuşyňdyr.
Sebäbi bir haýyşeden adamyňa ikinji gezek ýene
haýyşetmäge aýaklaryň ädilmese gerek. ―Her zadyň
çaky ýagşy‖ diýip içki duýgularyň seslener.
Özgä haýyş etmän ýaşajak bolsaň, özüňde uly
hazyna bolmaly. O hazynanyň ady – Kanagatdyr.
60
Kanagatly ynsana sataşanyňyzda ýüregiňiz rahatlanyp,
deriňiz giňäberýändir. Alaýyn, sataýyn, ýeteýin,
gaçaýyn diýilýän ýagdaýyň ynsany neneňsi külpetlere
salýandygyna göz ýetirip başlarsyňyz. Eger baýlyk
deregne kanagat alsaňyz – bu dünýäniň syry düşnükli
bolar. Kanagat edinmedikleriň güni kyndyr. Olar
ömriboýy aldym-gaç durmuşda kösenerler ýörerler.
Ynha, Hajy Bekdaş Weliniň ―Özüňe agyr geleni
özgä ýükleme‖ diýmesiniň bir syry şeýlemikä diýip
pikir edýäris.
61
Gözle, tap
Hajy Bekdaş Weliniň bu öwüdi-de gyzykly.
Durmuş bir soňsuz okuw, sınagdadır her bir gul.
Alla yşgy bile, dost, hakykaty gözle, tap!
Bu öwüdi seljerip geçeliň. ―Gözle, tap‖. Elbetde,
ynsan gözüni açandan bir zatlar gözläp başlaýar.
Kämillige ýetende we ýaşy galňadygyça onuň gözleýän
zady köpelýär. Umuman hem, zamana, döwürler
üýtgedigiçe ynsan barha köp zat talap edýär. Emma
biziň her birimiz:
Gözleýän zadyň näme?
Näme üçin gözlemeli?
Haçana çenli gözlemeli?
Tapan zadymyz biziň gözleýän zadymyzmyka beri?
diýen ýaly soraglary garşymyzda keserdip goýup, dogry
jogabyny berip bilýärmikäk?
Hajy Bekdaş Weli: ―Gözle, tap‖ diýende, özüňe
zerur zady gözle, tap diýen manyda sözledimikä
diýýärin. Ömrüňi neneňsi geçirjegiň – seniň näme
gözlejekdigiňe baglydyr. Şol gymmatlygy, şol
mukaddesligi dogry kesgitlemekde-de iş bar. Ýalňyş
oriýentirler sebäpli bir ynsan, maşgala, jemgyet uly
tragediýalaryň üstünden barýar. Biz muny öz gözlerimiz
bilen gördük. Kommunizm gözleýjilik ahyrda ençeme
halklary umytsyzlyk gorpuna taşlapdy.
Haýsy kenara çykjagyny bilmän, ikiýana urunýan
halklaryň baş ýetmezi–gözleýän zadyny tapyp
bilmeýändikleridir.
62
Maddy, material gözleglerini ikinji derejeli gözleg
hasaplasa-da bolar, hakyky gözleg – dini, ahlaky-ruhy
gözleglerdir.
Hajy Bekdaş Weliniň bu öwüdini ―Gözle, tap‖
görnüşinde alsak, ol ynsany tijenmäge, aktiwlige,
maksada okgunlylyga çagyrýar.
Eger bu öwüdi: ―Ylalaşyk tap‖ manysynda okasak
hem ýalňış bolmasa gerek Bu ýagdaýda-da köp
meseleleriň üsti açylýar. Ozaly bilen bu öwüt
ylalaşyklylyga, ýagny kompromise çagyrýar. Sen
geçirimlilik edäý, sen çekiläý, sen jogap bermän goýaý,
sen aýtman geziber, öýkeli bolsaňyz, sen ilki öýkänikinäni ýok etmäge dyrjaşaý. Eger iki adamyň, ýa goňşygoňşynyň arasynda sowuklyk, agzalalyk, düşünişmezlik
bar bolsa, sen araçy bolaý, sen olaryň öýkesini ýazaý.
Ana, şonda sen öz sogap eden işiňden özüň göwnühoş
bolarsyň. Iki adamy salamlaşdyryp bolsa, uly iş
bitirdigiň ahyry. Ýagşylyk etmekden göwün şeýle bir
lezzet alýandyr weli, ony beýle işlerde synap görmek
gerek.
―Garşydaşa ýamanlyk edip göwnüm ynjaldy‖ diýip
pikir edýänler özüni aldaýarlar. Garşydaşa ýagşylyk
edeniňizde
göwnüňiziň,
hakykatda-da
heziller
edýändigini bilýänsiňiz. Ynsan köňli ýagşylyk
etmekden, ýagşylyk görmekden kuwwat alýan bolsa
gerek. Ömriboýy adam köňlüni öwrenip geçen inçe
psiholog Hajy Bekdaş Weli ―Ylalaşyk tap‖ diýende
şeýle ahwallary göz öňünde tutandyr.
Hormatly okyjy! Beýik akyldar hem ynsanperwer
Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri hakda pikir alyşdyk.
Elbetde, durmuş her bir ýazgydan baýdyr,
63
çylşyrymlydyr. Durmuşyň öz kanunlary bar, şolary bilip
hereket etmek elmydama zerur. Hajy Bekdaş Weliniň
bu öwütleri on üçünji asyrda we ondan soňraky
asyrlarda täsirli, güýçli bolupdyr. XXI asyr has
çylşyrymly, has çuň gatnaşyklaryň asyry. Şunda hem şol
öwütleri ýerini, pursatyny bilip ulanmagy öwrenmek
zerur bolsa gerek. Umuman hem her bir hakykat öz
ýerinde we aýny wagtynda aýdylanda ýaşaýşa hukuk
gazanýar ahyry.
64
Hajy Bekdaş Weliniň Hoja Ahmet
Ýasawy, Möwlana Jelaleddin Rumy,
Ýunus Emre bilen baglanyşygy hakda
Elbetde, Hajy Bekdaş Weli bilen Hoja Ahmet
Ýasawy arasynda uzak ýyllar ýatyr. Ýasawyny 1166-njy
ýylda ýogalypdyr hasap etsek, Hajy Bekdaş 1210-njy
ýylda dogulýança-da ýarym asyr ýatyr. Diýmek, bu iki
beýik ynsanyň diňe ruhy, pikir, ideýa baglanyşyklary
hakda gürrüň edip bolar. Hajy Bekdaşyň mugallymy
Lokman Perende Ýasawynyň okuwçysy bolupdyr diýip
gadymdan gelýän maglumata-da alymlar güman
edýärler.
Rowaýatlar welin ýeterlik. Bir rowaýatda Hajy
Bekdaşdan halypasynyň kimligini soranmyşlar. Ol
şonda şeýle jogap berenmiş: «Men Horasan
erenlerinden. Türküstandan gelýän. Mürşidim togsan
dokuz müň Türküstan pirleriniň ulusy Soltan Hajy
Ahmet Ýasawydyr». Bu rowaýatdaky Hoja däl-de Hajy
sözüne üns berdiňizmi?
Hajy Bekdaş Weli Anadolyda Ýasawynyň
pikirlerini yhlasly ýaýradan beýikleriň biridir. Ol özüniň
«Kitab-ul fewäid» (―Haýyrlylyk hakda kitap‖) diýen
işinde Hoja Ahmet Ýasawynyň adyny bäşýerde hormat
bilen agzaýar diýip alymlar ýazýar.
Ýene bir rowaýatda şeýle waka gürrüň berilýär:
«Hoja Ahmet Ýasawy özünde bir täç, hyrka, saçak we
namazlyk saklap ýör. Müridler bize ber-de bize ber
boluşýarlar. Emma Ýasawy ony hiç kime bermän uzak
saklaýar. Ahyry, bir gün müridleri Ahmet Ýasawydan
65
bu zatlary kim üçin saklaýandygyny soraýarlar. Ol hem
eýesiniň geljegini aýdýar. Az wagtdan dürli keramatlar
görkezip Hajy Bekdaş Weli gelýär. Hoja Ahmet
Ýasawy o mukaddes zatlary berip: ―Eý, Hajy Bekdaş
Weli, nesibäňdäkini aldyň. Indi Kutb-ul aktaplyk
mertebesi seniňkidir, kyrk ýyl hökmüň ýörär. Şu güne
çenli biziňkidi, mundan beýläk seniňki bolsun. Hany,
ýöre, ýola düş, seni Ruma saldym we Rum abdallaryna
baş kylyp, serçeşme eýledim‖.
Başga bir rowaýatda müridler Ýasawydan şol täji,
hyrkany, saçagy we namazlygy dileýärler. Olam: ―Eýesi
bar‖ diýýär. Müridler şonda-da aljak bolşup
synanyşýarlar. Ýasawy muny duýýar. Onsoň
müridlerine: ―Kim dary gülüniň üstüne namazlyk ýazyp
namaz okasa, zatlar şonuňky‖ diýýär. Şo mahal Hajy
Bekdaş Weli görünýär. Ýasawy ―Eý, Bekdaş!‖ diýip,
bir yşarat edýär. Hajy Bekdaş dary gülüniň üstüne
namazlyk ýazyp, iki rekat namaz okaýar. Şonda
darynyň bir dänesi hem gymyldamanmyş. Soňra
Ýasawynyň mukaddes zatlary Bekdaşa berilýär hem-de
oňa doga okalýar.
Ýene bir rowaýat şeýledir: Soltan Hoja Ahmet
Ýasawynyň bir agaç gylyjy bar eken. Ol ony alyp Hajy
Bekdaş Weliniň biline dakypdyr. Ojakda ýanyp ýatan
bir tut kesewiniň hem bir ujuna esgi daňyp uçuryp
goýberipdir. Ol esgi Konýa barýar. O taýda bir är bardy,
oňa Soltan Hoja Fakih diýerdiler. Ol hälki otly
kesindini gapyp alyp, hüjresiniň öňüne dikýär, Allanyň
gudraty bilen tut gögerip, miwe berýär. Hajy Bekdaş
hem ýanynyň ýoldaşlary bilen namazlygyň üstünde
ýatypdyrlar, bir gudratly owaz eşidilipdir: ―Eglenmäň,
66
Ruma baryň‖ diýlipdir. Olar rugsat diläpdir. Şonda
Hoja Ahmet Ýasawy, Aly Murtyza we togsan dokuz
müň mürid haýyr doga edipdirler hem-de Käbä rowana
bolupdyrlar‖.
Rowaýatlaryň başga birinde bolsa şeýle waka beýan
edilýär: ―Ähli ülkeler musulmançylyk däbindemiş-de
Badahşan halky kapyrmyş. Olar wagtal-wagtal
çapawulçylyk edip azar berýärmiş. Onsoň halk Hoja
Ahmet Ýasawa arza gelipdirler. Ýasawy hem on iki
ýaşly ogly Haýdaryň biline gylyç dakýar, tug we älem
berip, 5000 esger bilen söweşe ugradýar. Emma o
goşun dargaýar we ogly Haýdar ýesir düşýär, goşunyň
esgerlerini hem gyrýarlar. Haýdar ýedi ýyl ýesir bolýar.
Halk görgi görýär we ýene Ýasawa ýalbarýar. Olam
Alla mynajat edýär. Şo pursat Hajy Bekdaş Weli peýda
bolýar. Ýasawy begenip, ähli ýagdaýy habar berýär.
Onsoň Hajy Bekdaşbürgüt sypatyna girýär, Haýdary
ýesirlikden boşadýar, başga-da köp-köp keramatlar
görkezip, soňunda-da Badahşan halkyny musulman
edýär‖.
Türk alymlarynyň belleýşi ýaly, rowaýatlar Hajy
Bekdaş Welini Hoja Ahmet Ýasawa has ýakyn bir
ynsan edip görkezmäge çalyşýarlar.
Hoja Ahmet Ýasawynyň Ýasawiýa tarykaty bilen
Hajy Bekdaş Weliniň Bekdaşiýa tarykatynyň
baglanyşyklary, tapawutlary hakda aýratyn ýazmak
zerurlygy üçin bu taýda sözi uzaldyp durmaýarys.
Bilşiňiz ýaly, Möwlana Jelaleddin Rumy bilen Hajy
Bekdaş Weliniň doglan ýerleri – Balh, Nyşapur birbirinden uzak däl, doglan ýyllary hem (Möwlana 1207nji ýylda, Hajy Bekdaş1210-njy ýylda doglan) örän
67
ýakyn, soňra olaryň Rumustana baryp, biriniň Konýada,
biriniň Suwluja Garahöýükde (bu ýerler hem birbirinden uzak däl) ýerleşmesi, ahyrda Rumynyň 1273de, Bekdaşyň 1271-de dünýäden gitmesi ünsi
çekerlikdir.
Bu iki beýik ynsanyň bir-biregi gaýybana
bilendigine söz ýok, emma ikisiniň ýüzbe-ýüz oturyp
söhbetdeşbolandyklary hakda heniz hiç bir çeşmede
okamadym. Bir milletden bolup, bir döwürde ýaşap, bir
maksada gulluk edip, bir-biregi görmändiklerine
ynanyp bilmeýärin. Olar hakynda bir rowaýat bar:
―Namazyň öň ýany täret kylmak üçin suw getireýinmi?‖
diýip hyzmatçy Hajy Bekdaşdan sorapdyr. Hajy
Bekdaşhem suw getirip eglenmän, derrew Möwlana
Jelaleddin Rumynyň ýanyna – Konýa gidip gelmegi
tabşyrýar. Baranda Rumy oňa garaşyp duran ekeni.
Şonda ol hyzmatça şeýle diýýär: ―Hünkär Hajy Bekdaşa
baka her gün ýedi deňiz, sekiz derýa akýar. Şo sebäpli
oňa täret suwy zerur däl‖.
Bu rowaýatda näme üçin ýedi deňiz, sekiz derýa
diýleni syrlygyna galýar.
Möwlana Jelaleddin Rumy bilen Hajy Bekdaş
Weliniň duşuşanlygyny Ýunus Emre bilen bagly
rowaýatlardan hem duýup bolar. Sebäbi Ýunus Emre
Hajy Bekdaş bilenem, Jelaleddin Rumy bilenem ýakyn
gatnaşykda bolupdyr.
Gadymy ýazgylardan belli bolşy ýaly, Ýunus
Emräniň halypasynyň ady Emre ekeni. Olam döwrüniň
ylymly, tanymal we abraýly adamlarynyň biri ekeni.
Onsoň bir gün erenler üýşüp Hajy Bekdaşyňka
gidýärler, emma Emre gitmeýär. Muny bilen Hajy
68
Bekdaş adam iberip, gelmegini haýyş edýär. Gelende
näme sebäpli gelmändigini bilesi gelýär. Şonda Emre:
Dost diwanynda perdäniň aňyrsyndan çykan bir elden
öz nesibesini alanyny, emma o mejlisde Hajy Bekdaş
atly hiç kimi görmänligini aýdypdyr. Hajy Bekdaşşol
perdäniň aňyrsyndan uzan eliň bir belliginiň barlygynyýoklugyny sorapdyr. Emre: ―Aýasynda ýaşyl meň
bardy‖ diýip-diýmänkä, Hajy Bekdaş oňa aýasyny açýar
weli, şo meňi tanan Emre ―Tapdyk Hünkärim‖ diýip
baş egipdir, ýagny «tapmak» sözüniň gadymy türkçede
«baş egmek, gullugyna häzir bolmak» manysy hem
bardyr. Şondan soň Emrä Tapdyk Emre diýlip
başlanýar. Ýunus Emräniň:
Tapdygyň tapysynda,
Gul oldum gapysynda
diýen setirlerini ýatlalyň.
Indi Ýunus Emräniň özi bilen bagly bir rowaýaty
beýan edeýin:
Ýunus Emre atly bir pukara daýhan kişi barmyş. Bir
ýyl gaty gytlyk bolup, ýaňky Ýunus Emre halys garyp
düşüpdir. Onsoň ol Suwluja Garahöýüge – Hajy Bekdaş
Weliniňkä ugraýar. Ulagyna-da miwe ýükleýär. Hajy
Bekdaş Weli ony birnäçe gün myhman edinýär. Ahyry,
Ýunus habarynyň alynmasyny isleýär. ―Men bir ýoksul
adam, ekinimden bir däne alyp bilmedim. Şu iýmişi
alyň-da bugdaý beriň« diýýär. Hajy Bekdaşbir
derwüşine: Baryň, o myhmana aýdyň: oňa bugdaý
berelimi ýa-da nepes (erenler hümmeti)? Ýunus bolsa:
men nepesi näme edeýin?! Maňa bugdaý gerek» diýýär.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hajy Bektaş Weli - 4
  • Parts
  • Hajy Bektaş Weli - 1
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2053
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 2
    Total number of words is 3522
    Total number of unique words is 2038
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 3
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 1996
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 4
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2029
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 5
    Total number of words is 545
    Total number of unique words is 374
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.