Latin

Hajy Bektaş Weli - 2

Total number of words is 3522
Total number of unique words is 2038
27.6 of words are in the 2000 most common words
38.9 of words are in the 5000 most common words
45.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
özi üçin ulanmaga, şunda özi üçin ulanarlykly pikirleriň
jemgyetçilik pikirine, ösüşine, umumy topluma garşy
bolmazlygyny gazanmak arkaly ulanmaga köp üns
berdi. Ol şeýle ýol bilen zulum ýoluny kesmek,
bentlemek bolar diýen düşünjededi. Zulum ýoluny,
zorluk ýoluny kesjek bolsaň, ozaly bilen özüňde
22
hoşgörme-geçirimlilik
endigini
ösdürip
terbiýelemelisiň. Hoşgörme sözüniň neneňsiräk duýgulara,
pikirlere degişlidigini öňräk ýatlapdyk. Dünýäni,
adamzady, tebigaty hoşgörjek bolsaň, ozaly bilen,
ilkinji şert, sen erkin ynsan bolmalysyň. Ynha, pikiri
ulanmagyň şu basgançaklar sistemasy Hajy Bekdaş
Weliniň beýnisinden mumyýa ýaly gaýnap çykandyr.
Hoşgörme ideýasy Hajy Bekdaş Weliden öňem, Kurany
Kerimde, hadyslarda, Hoja Ahmet Ýasawy we
beýlekilerde, onuň zamanasynda, aýtsak, Möwlana
Jelaleddin Rumyda, Ýunus Emrede, soňky nesillerde
barlygyny hiç-hiç unudyp bolmaz. Ýöne Hajy Bekdaş
Weli hoşgörme ideýasyny hemmetaraplaýyn, çuň işläp,
kämilleşdiripdir. Soňra bu ýoly Hajy Bekdaş Weliçe
baýlaşdyran bolmandyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek.
Şoňa görä-de Hajy Bekdaş Weli diýilse, ol
hoşgörmäniň sinonimi ýaly eşidilýär.
Indi Hajy Bekdaş Weliniň maşgala durmuşy hakda
bar bolan maglumatlardan Sizi habarly edeli. O hakda
örän az faktlar bize gelip ýetipdir. Bir maglumata görä,
Hajy Bekdaş Weli öýlenmän, müjerret geçipdir. Başga
bir maglumatda ol Idris hoja diýlen bir adamyň Patma
diýen gyzyna öýlenipdir (onuň lakamy Hatynjyk ene),
olaryň Ybraýym Seýdi diýen ogullary bolupdyr. Türk
alymlary soňky maglumaty ähtibarly görýärler we köpköp delil getirýärler. Bekdaş Weliniň garyndaş ýoly
häzirem dowam edýär.
23
Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri hakynda
Dogrusy, şu öwütleriň jemi Hajy Bekdaş Weliniň
näzik ýoluny emele getirýär. Hoşgörme ideýasynyň
elementi, hünji düzümi ýaly, şol öwütleriň her birinde
jaýdar aýdylýar. Bir öwüt beýleki öwüt bilen berk
baglanyşykly hem-de bir-biriniň üstüni ýetirýärler.
Bizem, başardygymyzdan, her öwüde aýratyn nazar
öwürip, öz pikirimizi orta atmakçy. Bu pikirler,
hormatly okyjym, Siziň pikirleriňiz bilen hökman laýyk
gelmegi zerur däldir. Pikir gazanyna her kim gurbunyň
ýetdiginden pikir atsyn. Edil ýaglyja omaça atan ýaly.
Gazan lasyr-lasyr gaýnasyn. Ana, şonda dogry, anyk,
dürs, hakyky pikiri ýüze çykarmak aňsat bolar.
Deňizde bir balyk ýüzse, ondan deňiz bolarmy,
ondan balyk bolarmy?!
24
Ynjasaň-da ynjytma
Hawa, bu taýda bir syr, ýa bir çylşyrymlylyk ýok
ýaly. Emma birbada şeýle görünýär. Bu öwüdi gaýtagaýta ýatlaň-da, rahatlykda, pynhanlykda-ýalňyzlykda
çözgütlerini tapyp başlaň, bakaly. Çuňlaşdygyňyzça
täze meseleleriň üstünden bararsyňyz, öňki pikirleri
baýlaşdyrmak, käbir netijeleriňizi inkär etmek, gümana
salmak,
neneňsi
jogap
tapjagyňyzy
bilmän
ikirjiňlenmek we şuňa kybapdaş ahwallar başyňyza
düşse gerek. Owal-başda üç garyşboýlyja nahal ýaly
görnen zat soňra her şahasy öküziň boýny ýaly ýogynýogyn belent agaç derejesine ýeter.
Gündogarda «Ar almaly» diýen düşünje örän irden
bäri bar. Harydyňy aldymy, goşlaryňy aldymy, harydyny
almaly, goşlaryny almaly. Gan çykardymy, senem gan
çykarmaly, eger gan çykaran dünýäden giden bolsa, ýa
başga bir sebäbe görä ondan ar almak mümkinçiligi
bolmasa, o halatda yzynda galan erkek gandüşerlerden
ar alynýar ekeni. («Gandüşer» diýen söz hem şo
zamanlarda dörän bolsa gerek.) Namys meselesine has
gyzmalyk bilen garalypdyr, sähelçe güman edildigi uly
bir betbagtlygyň üstünden barylýan halatlary seýrek
bolmandyr. Ýewropada rowaç alan dueller hakda
taryhdan näçe okapdyk. Beýik şahyr Puşkin şo dueliň
pidasy bolupdy.
Şo zamanlarda ar alynmasa, duele çykylmasa, başga
çykalga ýok ýaly görnüpdir.
Adamzat heniz-de ýaşap ýör, ýöne hany o dueller,
gylyç syrmalar, sapança direşmeler?!
25
Diýmek, her zadyň çykalgasy bar ekeni. Esasy zat:
meseläni çözmäge gahary goşmaly däl. Gahar –
hakykatda ynsany ýakyjy bir ot. Akly-paýhasy bir ýana
kowup, özi häkimlik edesi gelýär. Men wraçlaryň
birinden gahar hakda pikirini soramda, ol: «Gahar
adamy iýiji bir zat, adam gaharlananda bedendäki
witaminler ýanyp ýok bolup başlaýar» diýdi.
Şeýle bolsa, gahara gapy açmazlyk üçin näme
etmeli?
Geçirimli bolmaly we ýene bir gezek geçirimli
bolmaly. Ynsan gatnaşyklarynda bu häsiýete aýratyn uly
sarpa goýulýanyny hemmämiz duýýarys. Hatda uly-uly
baýlygyny ile paýlaýan sahylardan hem geçirimli adam
öňde goýulýar. ―Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir,
ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir‖, ―Daş bilen urany
aş bilen ur‖, ―Zulum zulum döreder‖, ―Ýeňişleriň iň
ulusy özüňi ýeňmekdir‖, ―Özüňi süýt bil, özgäni
gaýmak‖, ―Öz göwnüňi ýykmasaň, kişi göwni
aldyrmaz‖, ―Ýamandan boýnuňy satyn al‖. Möwlana
Jelaleddin Rumy: ―Birkemsiz dost gözlän, dostsuz
galar‖ diýipdir.
Elbetde, geçirimli bolmak üçin özüňde uly gaýrat
bolmaly. ―O saňa şeýtdi, bu saňa beýtdi. Näme üçin sen
olaryň jogabyny berip bileňok. Sen olardan kemmisiň?
Il seniň üstüňden gülýär, saňa namart diýýärler‖ diýip,
içki bir gara güýç, daşky gyjytlara ses goşup, seni
gozgajak bolýarlar. Şonda gozganman, kelläni şol öňki
sowuklygynda saklamakda iş bar.
―Sen bu gezek jogabyny bermediň weli, onuň indiki
gezek edişine bir bak‖ diýip, başga güýç seni wehim
dumanyna baka çekelär. Şeýle ýagdaýda ruhy
26
dartyklyga ýol bermän, ADAM bolup galaýmak ýeňilelpaý işmidir?!
Hajy Bekdaş Weliniň: ―Ynjasaň-da ynjytma‖ diýen
öwüdiniň aňyrsynda ―Dur!‖, ―Saklan!‖, ―Garaş!‖ diýen
ýaly bir owazlaram eşidilýäne çemeli. Sebäbi şuňa
laýyk duýguly bir bendindäki setirlere üns beriň:
Saklangyn! Hiç kimiň köňlüňi ýykma.
Gerçek erenleriň ýolundan çykma.
Eger ynsan bolsaň, ölmersiň, gorkma!
Aşygy gurt iýmez, o çetde däldir.
«Garşylyk görkezmezlik teoriýasy» diýlen bir akym
hem günbatarda ençe asyr ünsi çekipdi. Beýik rus
ýazyjysy Lew Tolstoý bu teoriýa bilen içgin
gyzyklanypdy we şonuň üçin bolşewikleriň tankydyna
sezewar edilipdi. Bu akymyň kökleriniň gaty
gadymydygyny aýtmalydyrys.
Garşylyk görkezmezlik – zulumy gylawlandyrýan
bolaýmasyn, belki, ýamanlyk rowaçlanýandyr?
Meniň pikirimçe, şu taýda iki zady gözden salmaly
däl. Birinji, bu «Ynjasaň-da ynjytma» diýleni adamlaryň
bir-birek bilen gatnaşyklary hakdadyr. Jemgyet başga.
Gitler faşizmi ýurtlaryň üstüne sürnüp başlanda
garşylyk görkezmezlik öz ölümiň bilen tamamlanjak
ahyry. Ikinjiden, içki psihologik momente, ýagny
rahatlygy bozan tarap jogap urgusyny, garşylyk
almadyk halatynda öjükmez, gowşaşar. Üstesine-de
ynsançylykdan çykylmagynyň özi eýýäm o şahs üçin
uly bir betbagtlyga uçramakdyr. Adamdan almadyk
jogabyny Beýik Allanyň örän jaýdar berjekdigine
27
ynanmak hem özgäni ynjytmazlyga elter. Ogrynyň
neneňsi ruhy sütemlere duçar bolýandygyny aklyňyzda
aýlaň, bakaly. Gorky, biliner-bilinmez diýen tükenmez
güman. Her niçik-de bolsa, öz ýanyňdan özüňi
özgeleriň derejesinde goýup bilmezlik we başga-da
müňlerçe ahwallar. ―Ogry syrty gowşak‖ diýip türkmen
aga ýönelige aýtmandyr ahyry. Ýazyjy F.Dostoýewskiý
―Jenaýat we jeza‖ romanynda ynsanyň içden
çüýremesini açyk görkezipdir.
Ynsanyň özgäni ynjytmajagy ýüz-gözünden,
sözünden ýa-da iki tarapyň hem görüp bilmeýän, açyk
duýup bilmeýän biomeýdanynyň täsirinden belli
bolanda, ynjy berjek adam kähalatda niýetinden
dönmegi mümkindir.
Şu taýda hereketdäki, ýagny maddy ýeňiş hakda dälde, eýsem ruhy ýeňiş hakda gürrüň barýanyny hem
aýtmalydyrys.
Hajy Bekdaş Weliniň ―Ynjasaň-da ynjytma‖ diýen
öwüdini beýleki öwütlerinden ilkinji nobatda
getirmegimiziň sebäbi – bu öwüdiň ynsan ýaşaýşynda
baş rol oýnaýanlygydyr. Ynjytman ýaşap bilseň, bu
durmuş ýaşarça bardyr.
28
Geliň, janlar, bir bolalyň,
iri bolalyň, diri bolalyň
Hajy Bekdaş Weliniň bu öwüdiniň syryny hem her
kim özüçe açyp biler, özüçe düşündirer, özüçe ulanar.
Ýöne netije welin bir bolar. Beýik akyldarymyz,
ynsanlar bir-birden dünýä inse-de, toplum bolup,
jemgy?et bolup, jem bolup ýaşamak üçin ýaradylanyny
göz öňünde tutan bolsa gerek. Bu zerurlyk haýwanat,
ösümlik dünýäsinde-de şeýledir. Hatda asman-zemin,
planetalar, ýyldyzlar üçinem şol bir kanundyr.
Adamzadyň ýaşaýşynda maşgala, garyndaşlar,
jemgyet (millet, döwlet) ýaly üçburçluk emele gelýär.
Olaryň hem bir-birege bagly, kökenlidigi, azdan
köplüge, köplükden azlyga täsirlidigi, aýtmasak hem
bellidir.
Normal, adaty maşgalanyň rahat ýaşamagy, dowam
etmegi üçin maşgala agzybirligi zerur. Äriň aýalyna,
aýalyň ärine hormaty, bir-birege geçirimlilik, ikisiniň
bir hörpde gopmagyna ýardam berýär. Är-aýal birleşip
çaga-bala ýetişdirýärler. Şol çagalaryň il deňinde
ulalmagy, jemgyete goşulmagy üçin är-aýalyň
agzybirligi ilkinji şertdir. Mydama çar ýana egilip-galyp
duran agaçda guşlaryň höwürtge gurmaýşy ýaly, agzala
maşgalada-da oňly nesil ýetişmeýär. O nesiliň ilkinji
ýetmezi – durmuşa ynamsyz, geldi-geçer bakyşdyr.
Ata-eneden çaga şeýle bir köp zat miras geçýär weli,
oýlanyp-oýlanyp aklyň haýranlar galýar. Köçe-köçe,
öýme-öý syryp, selpilläp ýören bir ganjyk itiň güjügini
hem-de häsiýetlije, bir öýden ýal iýip, bir eýäniň gözüne
29
bakyp ýören bir ganjyk itiň güjügini alyp, deň şertde
idedip başlapdyrlar.
Näme bolandyr öýdýärsiňiz?
Hälki gezegen itiň güjügi aýak bitenden ygyp
başlapdyr, degmesiz zatlara agyz urup, girmesiz ýerlere
girip başlapdyr.
Dogry, kähalatda şerte görä hem bolýar, emma,
köplenç, her zat aslyna çekýär. Bäý, bäý, çekýär-ä.
Hut şonuň üçin bolsa gerek, beýik Magtymguly:
Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,
Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk.
diýen örän synçy setirleri ýazypdyr.
Asyl yzarlamak, aslyn soramak diýen düşünje
şundan çykandyr.
Agzybir maşgala terbiýeliligiň hem alamatydyr. O
maşgalanyň ulalmak, köpelmek, örüsini giňeltmek,
ýagny jemgy?etde abraýly orunda durmak umydy
güýçlüdir.
Iki ynsanyň, ýagny är-aýalyň agzybirligi üçünji bir
ynsanyň agzybirlik tapmagyna, ahyrda maşgala
agzybirligi, soňra o maşgalanyň beýleki maşgalalar
bilen agzybir ýaşaşmagyna mümkinçilik döredýär.
Sagdyn maşgalalaly jemgyetiň ýokary ösýänligi,
maşgala meselesine jemgyetiň aýratyn bakmagynyň
zerurlygy hakda gürrüňem bolup bilmez.
Agzybirlik elmydama ikitaraplaýyndyr. Agzybirlik
dymmagy, zor bilen dil baglamagy, galplaşdyrmagy we
ýalan şowhuny kabul etmeýär.
Maşgala, sagdyn, pugta hem aýak üstünde gowy
durup bilenliginde, garyndaşlara-da täsiri örän uludyr.
Tutuş garyndaşlaryň uly bir toparyny öz ganatynyň
30
astynda saklap, olary dogry ýola ugrukdyryp, agsanyny
eýerdirip duran maşgalalary obalardan, şäherlerden
synlap bilersiň. Şeýle maşgalalar bilen garyndaşlyk
açmak meýilleri hem artyberýändir.
Agzybire – Taňry biýr,
Agzalany gaňrybiýr.
Agzybirlik – ähli işiň seresidir.
Agzybirlik ähli zatdan güýçlüdir diýen nakyllar,
durnukly söz düzümleri bilen birlikde Magtymgulynyň:
Agzy ala bolan iliň
Döwleti gaçan ýalydyr
ýa-da
Agzy ala kowumlara baş bolmaň
ýaly sözlerini hem ýatlatsak kem bolmaz.
Ynha, ýokarky mysallar Hajy Bekdaş Weliniň
ýalbaryplar,
özelenipler
aýdan
sözleriniň
tassyklanmasydyr.
―Geliň, janlar, bir bolalyň, iri bolalyň, diri bolalyň‖
diýleninde birleşmek, bir bolmak – iriligiň, ululygyň
ýoludyr. Irilik bolsa – diriligiň, ýaşaýşa, şu dünýäniň
keşigini çekmäge taýýarlygyň başlangyjydyr.
Hajy Bekdaş Weliniň öwütleriniň gowy taraplarynyň biri – ol öwütleriň uniwersallygydyr, köp
meseleleri öz içine alybilýänligidir. Şoňa görä, ýokarky
öwüdi din, jyns, dil, milletara gatnaşyklar meselesinede degişli ulanyp bileris.
Hiç bir ynsanyň, milletiň haýsy dini ynanjyna
garamazdan, olaryň ak beden, gara beden, ýa gyzyl
derilidigine
parh
goýmazdan,
haýsy
dilde
sözleýändigini tapawutlandyrmazdan agzybir ýaşaşmak,
bir-birege hemaýat etmek we şeýlelikde diri galmak,
31
aýakda durmak, ýaşaýyş ukybyňy ýitirmezlik zerurdyr.
Tebigat adamzat jemgyetiniň bu duýgularyny wagtalwagtal synag terezisine mündürip görýär. Ýer
titremeler, suw joşgunlary, dürli epidemiki keseller we
şuňa meňzeş beýleki howplar älem möçberinde
alanyňda toz-tozanja hem bolmadyk bu kiçijik Ýer
planetasynda uly aladalara, gowgalara uçrap ýören
adamlary synamagyň gazaply usulydyr.
Ýol ugruna aýdyp geçsek, Adamzat Ýer şarynda
köpeldigiçe tebigata zyýany has artýar. Onsoň ekologik
problemalary çözmek mümkinçiligi azalýar. Eger
Adamzat häzirki ýaşaýyş usulynda ýaşamagyny dowam
etdirse, onda has beter ekologiki betbagtlyklaryň tiz
geljekdigini dünýäniň ekolog alymlary howsala bilen
ýazýarlar. Şeýle ýagdaýda Ýer şarynda ýaşaýan her
bir ynsan dünýäniň depesinden garamagy
başarmalydyr.
Şol ýyllarda, on üçünji asyryň şo tümlüginde ―Geliň,
janlar, bir bolalyň, iri bolalyň, diri bolalyň‖ diýip
bilmek dünýäniň depesinden garamakdyr, örän uly açyş
derejesindedir. Muny Hajy Bekdaş Weli aýdyp bildi.
Şeýle pikiri şol ýyllarda Möwlana Jelaleddin Rumy
hem şygyr bilen aýtmaga kuwwat tapypdy:
Gel, gel! Ne olsaň ol, ýene gel!
Kapyr, butparaz, otparaz bolsaň-da ýene gel!
Biziň dergähimiz umytsyzlyk dergähi däldir,
Tobaňy ýüz gezek bozan bolsaň-da gel!
Diýmek, şo zamanalarda şeýle ruhy böküşlerösüşler üçin toprak taýýarlanan ekeni. Hajy Bekdaş
32
Weli hem, Jelaleddin Rumy hem birden-bire beýle
beýik pikiri aýdyp goýberen däldir. Şol pikire ýetmekbarmak üçin jemgyetçilik pikiriniň aňyrdan akyp gelşi
batly bolandyr. Aňyrdan gelýän pikir-akyl, many-ruh
silleri hakda ýazmaga bu kitabyň sahypalary ýetmez,
aýratyn kitap ýazmak zeruryeti direnip dur.
On üçünji asyryň ikinji ýarymynda Möwlana
Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre we bu kitapda
tanatdygymyz Hajy Bekdaş Weli ýaly beýik şahslaryň
özge türk ülkelerinde ýoklugyny hem ähli pikir-many
ojagynyň Rumustana göçenligi bilen düşündirse bolar.
Möwlana Jelaleddin Rumy – pikir ojagy boldy.
Hajy Bekdaş Weli – pikiri ulanmagyň usuly ojagy
ýa-da mähremlik ojagy boldy.
Ýunus Emre – şahyrlyk ojagy bolup, pikirmanylary, olary ulanmagyň usullaryny dünýä ýaýdy, her
köňüle gapy açdy.
Bu köki bir üç çynaryň bir-biregi neneňsi
bezeýändigini, neneňsi goldaýandygyny we neneňsi
beýgeldýändigini synlamanyň öz lezzeti bar.
33
Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny
unutmaň
Umuman, hoşgörme ideýasy duşmanlygy aradan
aýyrmagyň alajyny gözleýän bir ideýadyr. Emma
durmuşda müň bir sebäpler arkaly, özüňize bagly
bolmadyk ýagdaýlarda, duşmanlydygyňyz belli bolsa, o
duşmana duşman bolup daraşmak gaharyň alamatydyr.
Ony bir ýollar bilen ýumşatmak, oňa duşmanlygyňyzyň
ýoklugyny anyk görkezmek, duşmanlykda ýaşaşmagyň
iki tarap üçinem pesligi aňladýandygyny ýüze
çykarmak, eger bu bir-birege duşmanlyk uzak dowam
etse, onda ýaş össürimleriňem bu duşmanlyga
gatyljakdygyny bir ýollar bilen beýleki tarapa ýetirmek
zerurdyr.
Hajy Bekdaş Weli ―Duşmanyňyzyň hem
ynsandygyny unutmaň‖ diýende duşmanyňy özüňden
pes adamdyr öýtme diýen pikiri hem göz öňünde
tutandyr. Sendäki bar zat, seniň ýetmeziňartykmaçlygyň onda-da bardyr. Özüňi adam hasaplaýan
bolsaň, duşmanyň hem edil şoň ýalydygyny unutmaly
däldigini aňladýar. ―Duşmanym eken-ow‖ diýip çäkden
çykybermek bolmaz. Ony haýwan derejesinde görmek
hiç bolmaz. Sebäbi bu gün duşmanam bolsaň, erte
bolmasa-da, günleriň birinde ýaraşmaly boljagyňy, şo
sebäpli çökder gitmegiň ummasyz uly gödeklikdigini
ýatdan çykarmaly däl. Köplenç, bu düzedilmez, öwezini
dolup bolmajak çäklere baryp ýetýär.
―Pylana ýamanlygymy görkezeýin, menden eýmener
ýaly‖ diýen pikiriň düýpden ýalňyşdygyny durmuş her
ädimde görkezip dur. Bu hereketler duşmanlygy
34
oýarýar, öjükdirýär. Beýleki tarap özünde duşman
barlygyna wehim edýär, özüni tijeýär, gaty birahatlyk
tapynýar. Ýok, bu ýoluň soňy gorp, uçut gaýalar. Her
ýollar gözlemeli, emma duşman edinmejek bolmaly.
Duşmanly ýaşamak ruhy ejirlerden başga, uly maddy
çykdajylara baryp ýetmegi hem mümkin. Duýman
durkaň, degirmen ters tarapa aýlanyp başlapdyr diýeli.
Şony dogry aýlanar ýaly etmek üçin sen, eýýäm,
duşmanyňdan haýyş edip bilmeýäň. Duşmanyň
garyndaşlary, ýakyn goňşy-golamlary, dost-ýarlary we
oňa ýakyn adamlar hem duşmançylykda ýaşaşýanyňy
bilseler, kömek edeninden etmänini gowy görerler.
Diýmek, gör, biri bilen duşmanlyk gapylaryň näçesini
ýapýan ekeni?!
Beýik psiholog Hajy Bekdaş Weli adam
gatnaşyklarynyň inçe syrlaryny örän ýakyndan
bilýänligi üçin, ynsan ruhundaky garaşylmaýan,
duýdansyz hem örän tiz geçýän öwrülişikleri
syzýandygy üçin ―Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny
unutmaň‖ diýendir.
Duşmanlygy aradan aýyrmak üçin edilýän her tüýsli
hereketler şol adamyň beýikliginiň, terbiýeliliginiň,
uzakdan görüjiliginiň, medeniýetliliginiň nyşanydyr. O
hereketleri ejizlik, ýallaklamak diýip düşünýänler
ýalňyşýarlar hem-de öz terbiýesizligini ýüze
çykarýarlar.
Bu meselä degişli taryhdan köp mysallar getirip
boljak. Beýik Alp-Arslan Wizantiýa imperatory Roman
Diogen IV-niň boýnuna syrtmak atyp getirenlerinde,
oňa uly hezzet-hormat edipdir hem-de mylakatly
söhbetdeşlik gurapdyr. Öz döwrüniň iň beýik şäher35
galasynyň biri bolan Ystambyly 21 ýaşynda boýun
egdiren Fatih Soltan Mehmet şäheri alanda ýerli ilata
azar bermezligi we olaryň öňki dinlerini tutmaga
erkinligini höküm edipdir.
Bir adamyň durmuşda neneňsi orun tutup biljegini
onuň duşmanynyň barlygy-ýoklugy, azlygy-köplügi
bilen ýa-da onuň häsiýetinde konfliktlilige neneňsi
garaýşyň barlygy bilen doly ýa-da takmyn kesgitläp
bolsa gerek. Häsiýeti konfliktli ynsany türkmenler
gödek, dikdüşdi, üşüksiz, mylakatsyz, duýgusyz, öz
peýdasyny bilmeýän we şuňa meňzeş manylarda sypatlandyrýar. Ynsan häsiýetindäki çeýelik, maýyşgaklyk,
ýumşaklyk, geçirimlilik, ýagşy niýet we ýagşy umyt
duşmanlygy ýok ediji dermanlaryň güýçlüsidir. Daş öz
gatylygyna hernäçe öwünibersin, ýumşak suw ony
ýuwa-ýuwa un edýär ýa-da damja-damja dama-dama
galyň daşlary deşýär.
36
Aýal-gyzlary okadyň
Beýik akyldaryň aýratyn nygtap: ―Aýal-gyzlary
okadyň‖ diýmesinde näme syr gizlenýärkä? Ol muňa
ýörite üns çekmek isläpdir. Yogsa Kurany Kerim,
hadyslar aýal-gyzlaryň ylym almalydygyny gadagan
etmän, eýsem olaryň okadylmalydygyny aýdýarlar
ahyry.
Şeýle-de bolsa, köp-köp ýerlerde, ençeme asyrlarda
dini ýoýluşlar zerarly, aýal-gyzlara erkekler bilen deň
derejede bakylmandyr, olar diňe çaga öndüriji, öý
hyzmatyny bitiriji hökmünde görlüpdir. Onsoň bu
çäklendirmeler diňe bir aýal-gyzlaryň durmuşyna,
gelejekki ösüşine agyr zyýanlar ýetirmek bilen durman,
eýsem tutuşjemgyetiň ilerlemegini asyrlarça bökdäpdir.
Bütin türk dünýäsiniň yslamlaşmagynda kesgitli rol
oýnan we Kubrawiýa, Bekdaşiýa, Nagyşbendiýa ýaly
uly tarykatlaryň köklerine öwrülen Hoja Ahmet Ýasawy
hem-de Ýasawiýa tarykaty aýal-gyzlary çetleşdirmändi,
olary elmydama bile zikir çekmäge, bile nalyşlar,
hikmetler aýtmaga, söhbetler diňlemäge çagyrýardy.
Meýdan diýlip atlandyrylýan dini ybadat tanslarynyň
ýerine ýetirilýän ýerine bile çykýardylar. Umuman, türk
halklarynyň öňe çykan, aýratyn saýlanan aýalgyzlarynyň uly taryhy heniz doly ýazylman ýatyr. Biziň
taryhymyzda olaryň orny, ähmiýeti hiç zat bilen deňäp
bolmajak derejede beýikdir. Ýol ugra aýdyp geçsek,
baryp on üçünji asyrda Ahi Ewren (Hajy Bekdaşyň
pikirleri hakda aýdanymyzda Ahi Ewreni ýakyndan
tanadarys.) diýen bir şeýhiň aýaly Patma hanym
«Bajyýany Rum», ýagny Rumustan bajylary atly uly bir
37
jemgyet gurupdyrlar hem-de öz döwrüne uly täsir
edipdirler.
Maşgala ojagynyň öçmän, yssy saklanmagynda,
nesliň dowam etdirilmesinde, ozaly bilen, aýal uly rol
oýnaýar. Öý-içeri bilen bagly, çaga terbiýelemek bilen
bagly, maşgalanyň beýleki maşgalalar we umumy
jemgyet bilen gatnaşyklaryna bagly meseleleriň köpüsi
aýalyň başyna düşýär. Şoňa görä aýalyň ylymlyterbiýeliligi, ne derejede medeniýetliligi, hojalygy
dolandyrmakda tejribesiniň barlygy-ýoklugy we ýene
ýüz müň meseleler netijesinde maşgalanyň ahlak-moral,
medeni we ylmy durky emele gelýär. Şoňa görä ýola
düşüp, ugrugyp başlaýar.
Gelejekki nesli, çaga heniz ene göwresindekä, ene
terbiýeläp başlaýar. Ilkinji zehin ene gany bilen geçýär.
Ata garanda çaga enä köp yhlas edýär. Enäniň aýdanydiýeni köp diňlenýär. Çaga bilen, esasan, ene
meşgullanýar, sebäbi erkek kişi öýüň eklenji, gazanç
bilen has ýakyn gyzyklanýar. Adaty maşgala däpleri
şeýle ösýär.
Diýmek, aýal öýüň, maşgalanyň baş sütünidir
diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Şeýle bolsa ýene bir hakykaty oýlanyşmagymyz
gerek: jemgyetde aýal neneňsi derejede, orunda goýlan
bolsa, jemgyetiň ösüşi hem şoňa görädir. Ýowropada,
beýleki
faktorlar
bilen
bilelikde,
aýallaryň
siwilizasiýasy güýçlenen halatynda tutuş jemgyet ösdi.
Ösüşiň dowamynda aýallaryň tebigy zerurlykdan aşa
siwilizlenmegi netijesinde maşgalalar öňki durkuny
saklap bilmediler we dargamak bilen boldular. Munuň
ilkinji alamaty nika bozýan är-aýalyň artmagydyr.
38
Maşgala ýumrulyşygy jemgyetiň umumy ösüşine öz
ýaramaz täsirini uzaga çekmän ýetirip başlar. Bu
ýagdaý ösen Ýewropa ýurtlaryna, Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryna degişlidir.
Ýaponiýanyň, Hytaýyň we günorta-gündogar
Aziýanyň ösen ýurtlarynyň häzirki ýagdaýynda hem
aýal faktory uly rol oýnaýar diýip pikir edýärin. Olaryň
ösüşiniň neneňsi boljagyny gelejek görkezer.
Yslam ýurtlarynyň köpüsiniň ylmy-tehniki ösüşde
yza
galmaklygynyň
bir
sebäbi–aýal-gyzlaryň
jemgyetdäki rolunyň pesligidir. Aýal-gyzlar ösen
medeniýetli, çylşyrymly tehnologiýaly durmuşdan
daşda galýandyklary üçin olaryň öz nesline geçirýän,
berip bilýän zatlary hem ýokary däldir. Elbetde, çaga
ulalandan soňra ýokary medeniýeti, çylşyrymly ylmy
alyp biler diýilmegi mümkin. Dogry, emma her bir
medeniýetiň, terbiýäniň fundamenti çagalykda beýnä
siňse ol başgaça bolýar. ―Zehin eneden, gayrat atadan‖
diyen nakılı hem yatladayın. Bu taýda gürrüň aýratyn
bir şertler döredilendäki ýagdaýlar hakda däl-de, tutuş
jemgyetçilik medeniýeti, jemgyetçilik aňy hakda barýar.
Är-aýallyk ýaşaýşynda ylymly, okuwly aýal ärine
başgaça, has içgin bakyp biler, ony özüne
imrindirmäge, erkegiň başga aýallara köňül bermeginiň
öňüni almaga ýol tapar. Sebäbi ylymly-okuwly aýal
seksologiýa ylmyndan hem habarly bolýar. Olar öý
durmuşyny alyp gitmegiň inçe syrlaryny açýarlar, dürli
naharlary, tagamlary taýýarlamaga ökde bolýarlar.
Bilşiňiz ýaly, erkekleriň köpüsi ilki garny bilen
oýlanýar.
39
Ylymly-bilimli aýal-gyz öz hukugyny, öz hakyny
talap etmäge kuwwat tapýar, bu hem onuň öz
mertebesini belentde saklamaga sebäp bolýar.
Ynha, aýal-gyzlaryň ynsan durmuşyndaky şeýle
kesgitleýji roluna aňry ýany bilen göz ýetiren Hajy
Bekdaş Weli ―Aýal-gyzlary okadyň‖ diýip, ýörite öwüt
edipdir.
40
Hiç bir milleti we ynsany aýplamaň
Hajy Bekdaş Weliniň bu öwüdi öwütleriniň
naýbaşydyr.
Näme üçin?
Birinjiden, şeýle gadymy asyrda şeýle täze pikiri
aýdyp bilmek ynanylmaz derejede geňdir.
Ikinjiden, bu öwüt hut şu gün ýazylan ýalydyr we
biziň döwrümiz hem-de gelejek üçinem ähtibarlygyny
hiç ýitirmejek öwütdir.
Baýezid II-nji zamanynda Osman imperatorlygy
daşary ýurtlarda zulum görüp, oturymly ýerini terk eden
her milleti öz saýasyna alar ekeni. Onuň ganatly sözi
taryha giripdir: «Dünýäniň niresinde zulum gören
ynsanlar bar bolsa, meniň ülkämiň gapylary olar üçin
açykdyr». Taryhyň habar berişi ýaly, dürli ýurtlarda
zorluk gören jöhitler we beýleki milletler Osman
imperatorlygyna sygynypdyrlar.
Diňe bir jöhitleriň däl, köp-köp ýerlerde başgabaşga milletleriň hem ýekirilen, gysylan, zorluga duçar
edilen halatlary seýrek bolmandyr. Munuň aslynda
milleti ýigrenmek ýaly adamzada gelişmeýän bir gylyk
ýatyr. Öz milletiňi özgelerden artyk görmek
(şowinizm), öz milletiňi aşa öwmek – ahyrda özge
milletleri ýigrenmeklige alyp barýar.
Öz milletiňi iň arassa millet, iň gadymy millet edip
görkezmäge ýykgyn etmegiň soňy nämeler bilen
tamamlanandygyny taryh ýatladyp dur. Gitler nemes
milletini şeýle aldawa salypdy we ýigriminji asyryň iň
gan döküşikli urşuna sebäp bolupdy.
41
Aýdaly, bir millet gaty gadymymyş. Adam atadan
hem öňräkden bäri ýer ýüzünde garzynyp ýörenmiş
diýeli.Häzirki ýaşaýşynda bolsa gaty yzdamyş. Şu
günüň derwaýys meselelerini çözmäge gadymy
şöhradyň, hi, nepi degjekmi?
Şuňa göz ýetirmän, şowhuna goşulyp gidibermek
aýp bolmazmy?
Millete, gadymylygy üçin däl-de, hut şu günlerde
neneňsi gudratlar döredip bilýänligi bilen baha berýärler
ahyry.
Gadymylyk keseliniň ýanynda arassalyk keseli hem
bardyr. Arassa milletdiris diýip aldawa düşmek mesemälim betbagtlykdyr. Ýer şary milletleri bir gazanda
gaýnadýar ahyry.
Ylmy dolanyşykda: ―Normal syýasat ýöredip
bilmeýänler milletçilige ýüz urýarlar‖ diýen bir pikir
bar.
Sebäbi
milletçilik
öz
syýasatyňdaky
nogsanlyklardan halkyň ünsüni sowmagyň örän arzan
we pes ýoludyr.
Şoňa görä haýsy döwletde milletçilik meçewlendirilýän bolsa, o döwletiň içerki we daşarky
syýasatynda ýalňyşlyklara, ykdysady kynçylyklary
basyrmaga ýol berilýänliginiň alamatydyr.
Bir millet akýagyz, garaýagyz, gyzyl derili bolup
biler, her tüýsli dini ynançly, dürli dilli bolup biler,
emma onuň üçin milletde näme günä bar?!
Hajy Bekdaş Weli Horasanda ýaşanda-da, Mekgä,
Medinä zyýarata baranda-da, ahyrda Suwluja
Garahöýükde ömrüni ötürende-de köpmilletli märekäni
köp
görüpdir,
diliňem,
milletiňem,
beýleki
aýratynlyklaryňam ösüp, ulalyp, kiçelip, dargap,
42
birleşip, üýtgäp durandygyna, diňe adamzadyň ynsanlyk
gymmatlyklaryny saklap bilýändigine ylmy tejribesi
hem-de taryhy çeşmeler arkaly göz ýetirip, şu pikiri
aýtmaga kuwwat tapypdyr. Ol adamlaryň mahal-mahal
millet aýyrmaklyga, millet kemsitmeklige ýol
berýändigini gamly synlan bolsa gerek.
Dogrudanam, hiç bir millet hiç bir zaman günäkär
däldir. Milletiň adyndan hereket edýän dürli-dürli, ulykiçi toparlar başga mesele. Şeýle toparlar, adamzadyň
ösmegi bilen, has uly, has kuwwatly güýje eýe bolýarlar
hem-de diňe bir milletiň däl, eýsem milletleriň
ykballaryna täsir etmäge, olaryň gelejekki ýollaryny zor
bilen kesgitlemäge çenli baryp ýetýärler.
Millet hakynda ýokarda aýdanlarymyz milleti
düzýän ynsanlara-da degişlidir. Her bir ynsan öz dinini,
ynanjyny saýlap seçmäge, pikir-garaýyşlaryny hiç bir
päsgelçiliksiz aýtmaga hukukly bolmalydyr. Ynsanyň
ruhy
erkinligi,
onuň
maddy
baýlygynyň
eldegrilmesizligi birleşip, ynsan hukuklary diýlen belent
bir düşünjäni emele getirýärler.
Ynsan hukuklary örän näzik bir zatdyr, örän ünsli
garalmagyny talap edýän bir duýgudyr.
Hajy Bekdaş Weliniň pikir-duýgularyna Näzik ýol
diýilmeginiň bir sebäbi hem onuň bu meselelere örän
seresaply, töwerekleýin we çuň bakýanlygydyr.
Türkiýäniň belli adamlarynyň biri Ysmaýyl Hakky
Baltaçy ogly özüniň ―Hajy Bekdaşa salam‖ diýen
makalasynda: ―Ynsan erkinligini, tebigata söýgini
özüňe köňül ýoly hökmünde seçen sen dälmisiň?!‖
diýip, Hajy Bekdaşyň özboluşly ýoly hakda söz açýar.
43
Hajy Bekdaş Weliniň ―Hiç bir milleti we ynsany
aýplamaň‖ diýen öwüdi şol zamanlarda neneňsi
garşylandyka? Bu sowala anyk jogap bermäge mende
maglumat ýoklugyna garamazdan, näçe asyrlar öňinçä
aýdylan bu pikiri goldamandyklaryny, açyk garşylyk
hem bolmandygyny, ünsden düşürilendigini çaklasa
bolar. Sebäbi adamzat jemgyetçiligi gürrüňini edýän
meselämize ýakyndan üns bermäge diňe ýigriminji
asyryň ikinji ýarymynda bişip ýetişdi.
1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda ynsan
hukuklarynyň ählumumy beýannamasy Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul
edildi. Bu Deklarasiýa şahsyetiň hukuklaryny, raýatlyk
we syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny (kanun
öňünde hemmeleriň deňligi, her kimiň erkinlige we
şahsy eldegrilmesizlige hukugy, wyždan azatlygy, şahsy
emlägiň eldegrilmesizligi we beýleki köp-köp
hukuklar) yglan etdi. Kanunlaryň öňünde patyşa-da,
gedaýam, pukara-da des-deň jogap bermelidir.
Kanunlar şeýle kämillikde bolmalydyr.
Ynsan hukuklary hakynda gürrüň edýärkäk, beýik
Magtymgulyny ýatlamazlyk mümkin däl. Onuň
döredijiliginiň
esasy ugurlarynyň
biri
ynsan
hukuklarynyň iň ýokary derejede goýulmalydygy
hakdadyr. Ol Hajy Bekdaş Weliniň, Möwlana
Jelaleddin Rumynyň we beýleki halypalarynyň ynsan
mertebesi barada ýazanlaryny örän çuň öwrenendir
hem-de beýnisinde gaýnada-gaýnada, öz pikirleri bilen
täzeden ýugurandyr. Görüň, bakyň, Rumy bir setirde
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hajy Bektaş Weli - 3
  • Parts
  • Hajy Bektaş Weli - 1
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2053
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 2
    Total number of words is 3522
    Total number of unique words is 2038
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 3
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 1996
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 4
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2029
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hajy Bektaş Weli - 5
    Total number of words is 545
    Total number of unique words is 374
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.