Latin

Gazawat urşy - 3

Total number of words is 779
Total number of unique words is 542
42.9 of words are in the 2000 most common words
53.8 of words are in the 5000 most common words
59.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Kaufman maňa olaryň Hazaryň kenarynda Etrekde
ýaşaýan teke türkmenlerine özlerini tekeleriň ýurduna
kabul edilmegini sorap, öz ilçilerini ýollandyklaryny
gürrüň berdi. Tekeler eger ýomutlar olara raýat
50
bolmaga bo ýun bolsalar, olar üçin Hazaryň kenarynyň
we Etregiň gapysynyň açykdygyny aýdypdyrlar...
Kaufmanyň maňa aýdan zatlary çyn bolanlygynda,
ýomutlaryň iň bolmanda az sanlysynyň ol ýerik göçüp
gidendigine ynanýaryn.
Kaufman goş ýazdyrandan soň, Hywa türkmenleriniň
beýleki tireleriniň hem bir hepdäniň içinde harby töleg
tölemeklerini talap etdi. Eger olar aýdylany etmeseler,
ýomutlaryň gününe duçar boljakdyklaryny duýdurdy.
Olar Kaufmanyň üstüne öz serdarlaryny iberip harby
töleg tölejekdiklerini, ýöne berlen möhleti uzaltmagy
soradylar. Kaufman tölegiň möhletini on dört güne
çenli uzaltdy.
Türkmenler her öýden on bäş tylla ýa-da 4 funt
sterling we 1 şilling ýygnamalydylar. Garajalar bolsa, her
öýden ýigrimi tylla ýa-da 5 funt sterling bilen 7 şilling
tölemäge borçly edildi. Türkmen tireleriniň tölemeli
salgytlary jemi 42,500 funt sterlinge barabardy. Bu
san nemesleriň fransuzlardan ýygnan salgydyndanam
köpdi. Onuňam üstesine, türkmenler fransuzlardan has
garyp ýaşaýardylar.
Birki günden türkmenler bahasy birnäçe müň
manada barabar bolan kümüş pullary, bilezikleri we
51
başga şaý-sepleri iberipdirler.
Birnäçe günden soň berkitmämizde geň galdyran
waka boldy. Türkmenler pullary bolmansoň, atlaryny,
düýelerini, halylaryny ýetmezlerini dolmak üçin
äkeldiler. Getiren zatlaryny olar biziň ofiserlerimize
gymmat bahadan satyp başladylar. Ruslaryň köpüsi
ajaýyp türkmen atlarynyň ölemen aşygydy. Ol atlar geçen
söweşlerde özlerini görkezip bilipdirler. Onuň üstesinede, olaryň ýekejesinem ele salmak başartmandy.
Türkmenler bu gezegem satmak üçin ýa-ha ýaramaz
atlaryny getiripdirler, ýa-da olaryň aty ýomutlaryňkyça
ýokdy. Olaryň getiren atlarynyň insiz döşi, edil
towşanlaryňky ýaly ýerleşen aýagy, ullakan kelleleridir
gulaklary, inçeden uzyn guýruklary bardy. Ýallary bolsa
ýok diýen ýalydy. Leýtenent Stam Hywa ýörişinde ele
salnan ata seredip, türkmenleriň atynyň tohumynyň
zaýalanandygyny, hatda olaryň gyrgyzlaryňkyça-da
ýokdugyny aýtdy. Men onuň hakyky türkmen atyny
görmändigine kepilem geçip biljek. Türkmenler öz
atlaryny aňsat-aňsat satmaýarlar...
Türkmenler getiren atlaryny ruslara örän gowy
bahadan, ýagny 20 funt sterlingden 50 funt sterlinge
çenli bahadan satdylar. Olaryň getiren halylarynam
höwes bilen satyn alýardylar. Ýogsam olja alnan haly
52
öňem az däldi. Iň ýaman ýerem türkmenler halylaryny
örän gymmat bahalaýardylar. 4 ýard uzynlygy, iki
ýard ini bolan halylaryň bahasy 4 funt sterlingden 5
funt sterlinge çenlidi. Iň gyzykly ýerem türkmenler
aýdýan bahalaryndan bir köpügem aşak düşmeýärdiler.
Isleseň-ä aýdylan baha satyn al, islemeseňem öz ýoluň
bilen gidiber.
Bu halylary türkmen aýallary dokaýar. Munuň
ýaly nepis halylara başga ýerde aňsat duşmaýarsyňyz.
Her maşgalanyň hiç hili üýtgeşiklere sezewar bolman
nesilden nesle geçip gelýän öz nusgasy bar. Halylar
gyzyldyr ak reňkli ýüňden dokalyp, olaryň käbir
ýerinden inçejik ýaşyl we goňur zolaklar geçýär. Olaryň
ömürem ýyrtyljak gümany ýok. Näçe geň görseňem,
harby tölegiň agramlysyny aýallar töledi. Her bir
türkmen aýalynyň kümüşden ýasalan bilezigi, monjugy,
ildirgiçleri, gupbasy bolýar. Türkmenleriň atlaryndan
başga esasy baýlygy şol şaý -seplerden ybaratdyr.
Kaufman şaý-sepleriň her funtyny ýigrimi bäş
manatdan satyn aldy. Olar durşuna kümüşden bolup,
ussat zergäriň elinden çykan zatlardy. Olaryň agramyda ep-esli bardy. Iki bilezik bir funtdanam agyrdy. Olar
ýukadan inli bolup, «S» harpyny ýada salýardy. Özlerem
köplenç gyzyl çaýylan we maşat gaşlydy.
53
Ruslaryň doýmaz-dolmaz nebsini kanagatlandyrmak
üçin türkmen aýallarynyň ýüregi gyýlandyr...
Ofiserler tarapyndan düzülen komissiýa on günläp
kümüşleriň agramyny çekip, olara baha kesmek bilen
meşgul boldy. Olar her gün ertirden agşama galman
işlediler.
Kaufmanyň bellän möhletine çenli ýygnalmaly
salgydyň diňe ýarysyna golaýy, ýagny 20 müň funt
sterling kabul edilip alyndy. Türkmenleriň beýle
uly mukdardaky salgydy näçe jan çekselerem gysga
wagtyň içinde ýygnap bilmejekdiklerine gözi ýeten
Kaufman galan 22 müň bäş ýüz funt sterlingi indiki ýyl
ýygnamagy makul bildi.
Türkmenler beýle uly mukdardaky salgydy
göwünjeňlik bilen beräýenlerinde hem bimäçe
hepdäniň içinde ýygnap bilmejekdikleri göze görnüp
durdy. Goşuna bolsa birinji sentýabra çenli, heniz sowuk
düşmänkä çöllügiň içi bilen Buharanyň üstünden geçip,
Daşkende tarap ýola düşmek hökmandy.
Dogrudanam türkmenlere uly möçberdäki salgydy
ýygnamak kyndy. Pul ýetmezçiliginden başga-da,
her öýden näçeräk salgyt ýygnamalydygyny hem
anyklamalydy. Öň aýdyp geçişim ýaly, türkmenleriň
54
öz döwleti ýokdy. Olarda her öý üçin salgydy kesgitläp,
tölemäge mejbur eder ýaly hiç kim ýa-da häkimiýet
ýokdy. Olar ömür salgyt diýlen zady töläp görmänsoňlar,
her hojalygyň näçeräk salgyt tölemelidigini, ony
kesgitlemek üçin näme etmelidigini bilmeýärdiler.
Salgydyň möçberi uly bolansoň, ýerli salgyt ýygnaýjylar
guramasyny döretmek hökmandy. Kaufman olaryň
ýaşulularyna kömek bermek maksady bilen, şular
ýaly ýagdaýlarda näme etmelidigi barada görkezme
berişdirýärdi. Kaufman olara salgydy her öýde näçe
sygryň, goýnuň, atyň, düýäniň bardygyny hasaplap,
şoňa görä ýygnamagy maslahat berdi. Emma ony
türkmenlere düşündirmek kyndy. Olar kimiň maly köp
bolsa, şonuň pulunyň azdygyny, şoňa görä-de, olaryň köp
mukdarda pul töläp bilmejekdiklerini, pully adamlaryň
bolsa pullaryny ýygnap goýup, umumy bähbitleriniň
pul tölemekden boýun towlaýandyklaryny aýdýardylar.
Kaufman olara pulsuz adamlaryň pullularyndan karz
alyp, indiki ýyl onuň ýerine sygyr ýa-da goýun berseler
boljakdygyny düşündirjek bolýardy. Ol ýaşululara puly
hemmeleriň gatnaşmagynda karz almagy maslahat
berdi. Gepiň gysgasy, ol türkmenlere milli bergini
tölemek üçin öz guramalaryny döretmelidiklerini
düşündirjek bolup, elinden gelenini etdi. Emma bu
55
zatlar türkmenlere geňdi. Şonuň üçinem Kaufman
olaryň öz aladalaryny özleriniň çözmelidigini aýdyp,
ara goşulmagyny bes etdi...
Iňlis dilinden terjime eden
Ýazgylyç Çaryýew
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Gazawat urşy - 1
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2030
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gazawat urşy - 2
    Total number of words is 3545
    Total number of unique words is 2017
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gazawat urşy - 3
    Total number of words is 779
    Total number of unique words is 542
    42.9 of words are in the 2000 most common words
    53.8 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.