Latin

Gazawat urşy - 2

Total number of words is 3545
Total number of unique words is 2017
30.6 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şükür etdirdi.
Owadan gara atly bir ýaş türkmen atyny çapdyryp
gelşine biziň elli ýard golaýymyza gelip saklandy.
Ol gylyjyny ussatlyk bilen oýnadyp, bizi başa26
baş söweşe çagyrdy. Kazaklar oňa tarap ok atyp
başladylar. Ol hiç zatdan çekinmän atyny maýdalyna
sürüp, gapdala ýöneldi. Kazaklar gezekli-gezegine ok
atýardylar. Oklaryň çägäni ýalap geçýändigini, käwagt
bolsa, onuň atynyň aýagynyň astyny tozadýandygy
görünýärdi. Emma ol bitiniň burnuny ganatman,
biziň mergenlerimize göwnüýetmezçilik bilen garap,
ýoldaşlarynyň arasyna dolandy. ...Biz ýüz atly bolup,
gylyçlarymyzy ýalaňaçlap hatara düzüldik. Bizden üç
ýüz ýard daşlykda garym-gatym bolup, üç dört ýüz
türkmen toparlanyşyp durdy. Biz edil doly gelen ýaly
bolup, ýaraglarymyzy şakyrdadyp, gylyçlarymyzy güne
ýaldyradyp, olaryň üstüne eňdik. Ýöne türkmenler ýer
ýuwdana döndi. Az salym geçensoň, biz olaryň üç ýüz
ýard öňümizden atlaryny maýdalyna goýberip, arkaýyn
gidip barýandyklaryny gördük. Olar üstümize çozýarlarow diýip, howsala-da düşmändirler. Biz ýene-de olaryň
yzyndan kowduk. Ýene-de öňki ýagdaý gaýtalandy. Biziň
meýdan gazlary ýaly kowalaşyp ýörşümiz kazaklary
kejikdirýärdi. Şol sebäplem kowgyny goýbolsun edip, iki
gapdal üçinem ýitgisiz tamamlanan gysgajyk atyşykdan
soň düşelgä dolandyk. Ýomutlaram bizi gorkaklaryňam
gorkagy hasap edýändiklerini bildirmek üçin, kinaýaly
gülşüp, yzymyza düşdüler. Olar has golaýa gelende ok
27
atan bolýardyk. Türkmenler bizi düşelgäniň ýarym mil
golaýyna çenli ugradyp, ýitirim boldular.
Yzymyza gaýdyp gelýärkäk, mergenleriň atan
okundan wepat bolan iki sany türkmene düşdük.
Olardan başga meýdanda ölen adamyň jesedi ýokdy.
Ruslar bolsa, alty adamsyny ýitirdi. Şeýlelik bilen,
türkmenleriň peýdasyna çözülen tutluşyk tamam boldy.
Howa eredip barýardy. Biz berkitmä gelip,
ýaragymyzy aýyrdyk-da, agaçlaryň kölegesindäki
halyçalaryň üstüne süýndük...
BÖWŞEŇLIK
Geçen günki tutluşyk türkmenleriň uruşmagy
başarýandygynyň subutnamasy boldy. Eger olar
başlaýyşlary ýaly dowam eden bolsalar, onda olaryň uly
üstünlik gazanaýmaklaram mümkindi. Biz türkmenlere
kembaha garaýandygymyza kemsiz düşündik. Olar
göwnüýetmezçilik edilýän duşmanlaryň hilinden
däldi. Biz ertesi günem berkitmede çöp başyny
galdyrman ýatyrkak, türkmenleriň bir topary ýaraşyk
baglaşmak maksady bilen geldiler. Soň men olaryň
teklipleriniň kabul edilmändigini bildim. Olar baryýogy üç hepde mundan ozal bu ýerlerden geçip giden
28
Orenburg otrýadyny parahat kabul edenlerini aýdyp,
ruslara duşmançylyklarynyň ýokdugyna ynandyrmak
isleýärdiler. Olar bize uzak ýoldan getiren köp
mukdardaky gawundyr miwelerini, süýtdür çöreklerini
bahasyny almazdan, açyk göwün bilen hödür edýärdiler.
Soň bir gezek graf Şuwalow maňa biziň ýomutlaryň
ýurdunda ot berip ýören mahalymyz öz adamlary bilen
Köneürgenjiň golaýynda türkmenler bilen dostlukly
ýagdaýda ýaşandyklaryny gürrüň berdi. Birnäçe ýomut
gelip, oňa Golowaçýowyň goşunynyň garşysyna işjeň
goranyş ylalaşygyny baglaşmagy teklip edipdir. Olar
«Biz siziň bilen dostlukly şertnama boýun bolduk.
Indi sizi egindeş hasaplaýarys. Häzir biziň garşymyza
türküstanly ruslaryň bir taýpasy uruş edýär. Bu uruşda
siz biziň arkamyzy almaly. Sebäbi biziň duşmanymyz
siziňem duşmanyňyz» diýip, sadalyk bilen haýyş
edipdirler.
GARPYŞYK
Biziň dynç alyp ýatyşymyza gün öýläne sandy. Gün
gijigip ugranda general Golowaçýow türkmenleriň
özlerine gaçybatalga tapan ýerleri baradaky
maglumatlary ýygnap, indiki hüjüme taýýarlyk
29
görüp başlady. Garaňky gatlyşansoň, oduň başyna
ýygnanan esgerleriň arasyna bäş-alty mil aralykdaky
türkmenleriň üstüne daňyň alagaraňkysynda hüjüm
edilip, olary gapyllykda basjakdygymyz barada hyşywyşy gürrüňler ýaýrap ugrady. Ol gürrüňleriň çynlygy
agşam sagat onlaryň töweregi hüjüm etmek baradaky
buýruk yglan edilenden soň belli boldy. Buýrukda goşgolamy goramak üçin birnäçe esgeri goýup, sagat birde
hüjüme geçilmelidigi aýdylýardy. Aýdyşlaryna görä,
türkmenler Ýylanlynyň aňry tarapynda düşlemäge
hyýallanýardylar.
Sagat on birlerde, hemmeler ýatmaga giden mahaly
birnäçe gezek atylan tüpeň sesleri ümsümligi bozdy. Biz
hüjüm başlanandyr öýdüp, ýaraga ýapyşdyk. Ýöne ýene
töwerege ümsümlik aralaşdy. Garawul duran esger bir
garanyň assyrynlyk bilen emedekläp gelýänini görüp
tüpeň atanyny habar berdi. Töwerek imisalalyk bolany
üçin, biz ýene-de özümizi düşege okladyk.
Sagat birleriň töweregi bizi ýene-de tüpeň sesi oýardy.
Tüpeň sesiniň yzyndanam aýylganç adam sesi töwerege
ýaýrady. Biz ýaraga ýapyşyp, az wagtlyk aljyraňňylykdan
soň, ýerli-ýerimizi eýeledik. Bu gezekki goh ýöne ýerden
turmandyr. Garawul garaňka duwlanyp, örän ýakyn
gelen gara tarap tüpeňini boşadypdyr-da, yzyndanam
30
gylyjyny aýlapdyr. Onuň şeýdeni gowam bolupdyr.
Sebäbi onuň töwereginde duşmanlaryň birnäçesi
emedekleşip ýör eken. Bu wakadan soň, Golowaçýow
hüjüminiň wagtyny sagat üçe çenli yza geçirdi. Häzir
hüjüme başlasak, türkmenlere öz üstlerine abanýan
howp baradaky habaryň ýetjegi ikuçsuzdy.
Sagat üçleriň töweregi bizi ukudan oýardylar.
Biz iki ýüz arabadan ybarat goşumyzy ýygnap, boş
meýdançanyň daşyna halka etdik-de olary goramak
üçinem üç ýüz esgeri goýduk.
Goşun öňe süýşüp ugrady. Men ýanymdaky ikiüç sany esger bilen türkmenleri üstümiziň gapyl
basmaklarynyň mümkindigi barada pikir alşyp
barýardym. Birden aýylganç gygyryşýan adamlaryň
gorkuly sesleri, at aýaklarynyň güpürdisi, oklaryň
şuwwuldysy beýnimizi sarsdyrdy. Töweregi wagşy,
ar alyjy sesler gaplap aldy. Düzlük türkmenlerden
doludy. Oklaryň şuwwuldysyndan, ürken atlaryň
güpürdisinden, goh-galmagaldan ýaňa gulagyň
perdesi ýarylsam diýýärdi. Ýalaňaç gylyçlar atylýan
oklaryň ýagtysyna ýalpyldap gidýärdi. Biz esli wagtlap
uruşmakdan-a geçen, gaýta töweregimize aňk bolup,
näme edýänimizem bilemzokdyk. Diňe general
Golowaçýow pyýada goşunadyr artilleriýa hüjüme
31
geçmäge buýruk berenden soň, biz nirä barýanymyzam
aňşyrman, olaryň yzyna düşdük. Biz urşujylaryň
ortasyndadyk. Eýýäm top sesi kesilipdi. Türkmenler
şeýle bir ýakyndadylar welin, atylýan top oklary näçe
pessaýlap atylsa-da, olaryň kelleleriniň üstünden
geçýärdi. Şonuň üçinem türkmenler top oklarynd
an ullakan zyýan çekenokdylar. Tüpeň sesleri öňkä
görä gürelip ugrady. Kämahal garaňkylygyň içinde
gazaply ýüzlerdir gylyçlaryň ýalpyldysy peýda bolup,
yz ýanyndanam ýitip gidýärdi. Goh-galmagal öňküden
on esse dagy artypdy. Kazaklar aljyraňňylyga düşüp,
ýuwaşlyk bilen yza çekilýärdiler. Eýlede-beýlede
ruslaryň hataryny böwsen türkmenler başa-baş
söweşe girýärdiler. Başagaýlygyň içinde men general
Golowaçýowy gözden ýitirdim. Men ony soň gana
boýalan halyna buýruk berip duran pursady gördüm.
Türkmenler ony ýaralapdyrlar. Onuň ýanyndaky ştab
serkerdesiniňem kellesinden gan akýardy. Birden
kazaklar dowla düşdüler-de, meni hem öz hatarlary
bilen südürläp, yza okduryldylar. Bu ýönekeý yza
çekilmä meňzänokdy. Men henize çenli beýle dowla
düşen adamlary görmändim. Diňe ýertitrände şeýle
ýagdaýa düşmek mümkindi. Polkowniklerini ýitiren
kazaklaryň ýüzlerinde gorky alamaty bardy. Munuň
32
ýeňlişdigine gyrgynçylykdygyna men soň düşünip
galdym.
Ýomutlaryň ýüwrük atlarynyň deminden birimizem
aman sypyp biljek däldik. Daňyň alagaraňkysynda
berkitmämiziň ýerleşýän tarapyndan at salyp gelýän
türkmenler aýyl-saýyl görünýärdi. Biz gabawa düşüpdik.
General Golowaçýowy gözleýändigi bildirip duran
şazada Ýewgeniý öňümden dazyrdap geçip gitdi.
Onuň elinde tüsseläp duran sapançasy bardy. Soň
eşidip otursam, olam gabawa düşüp ýaralanypdyr.
Türkmenler onuň janpenasyny öldüripdirler. Onuň özi
bolsa, iki adamy atyp öldürip, zordan sypypdyr. Men
kazaklaryň arasyndan saýlanmagy makul bildim. Men
nädip duşmanlar bilen ýüzbe-ýüz bolanymam duýman
galdym. Garaňka gark bolup oturan günbatardan
bitertip hatarly duşman atlylary eňip gelýärdi. Olaryň
gazaply garaýagyz ýüzleri, ýalaňaç gylyçlary atylýan
oklaryň ýalkymyna çala saýgardýardy. Men häzir syn
edip durmagyň wagty däldigini bilip, ilkinji gezek
sapançamy duşmana tarap boşatdym-da atymyň başyny
yza öwürdim. Şol mahalam çep tarapymyzda pyýada
goşunyň bir rotasy peýda boldy. Ofiserleriň birine
gaçyp barýan rotany tanaplap diýen ýaly yza öwürmek
başardypdyr. Men begenjimden uçaýjak bolup, wagt
33
ýitirmän, olaryň arkasyna geçdim. Olar: «Ot aç!» diýlip
buýruk berlenden soň, ýaraglaryny taýynlap, hatara
durdylar. Tüpeňler yzly-yzyna boşady. Ýomutlar şeýle
bir ýakyna gelipdiler welin, edil esgerleriň aýagynyň
aşagyna atlaryndan agyp düşýärdiler. Sag tarapymyzdan
top oklaram ýagyp başlady. Ýöne şol pursat ýagyp
başlan ýagyş töweregi aýdyňlaşdyrdy. Serpilip ugran
garaňkylykdan türkmenleriň ýüwrük bedewlerini
çapdyryp, gözden ýitip barýanlygy saýgardýardy. Men
töweregime göz aýlan mahalym, birnäçe ofiserlerdir
kazagyň
general
Golowaçýowyň
töwereginde
heşerlenişip duranlaryny gördüm. Galan kazaklar
bolsa, her ýerde-her ýerde toplanyşyp durdylar. Pyýada
goşun üç ýüz metr töwerege ýaýrapdyr. Topçular bolsa,
gaçyp barýan duşmanyň yzyndan atjaklaryny ýa-da
atmajaklaryny bilmän ýaýdanyşyp durdylar. Söweş
tamam bolupdy.
SÖWEŞDEN SOŇ
Meniň golaýymda iki-üç sany öli we üç-dört sany
ýaraly rus esgeri ýatyr. Azajyk aňyrrakda döşünden
parran geçen okdan wepat bolan polkownik Ýesipow
Georgiý lentasyny gana boýap, topragy gujaklapdyr.
34
Men onuň bilen söweşiň öň ýanynda, ýagny ýarym
sagat mundan öň salamlaşypdym. Onuň sowan meýdi
inimi düýrükdirdi. Men general Golowaçýowyň
niresinden ýaralananyny bilmek maksady bilen, onuň
baýdagy pasyrdap duran ýere ugradym. Ol gara gana
boýalan ak eşiklidi. Onuň gylyçdan ýara düşen eli
hasa bilen saralandy. Ýöne oňa garamazdan, ol ýeriň
üstünde ynamly otyrdy. Biz meýdana aýlanyp ölüleri
we ýaralylary sanadyk. Türkmenleriň jesedi sergi bolup
ýatyrdy. Olaryň biri uzyn taýagyň ujuna berkidilen egri
oragy henizem berk gysymlap, goýberenokdy. Ol aýak
ýalaň, başy açyk, ýüpekden tikilen agymtyk köýnekbalaklydy. Adaty bolmadyk ýarag bilen rus atyjylarynyň
garşysyna iteklän ruhy, gahar-gazaba ýugrulan ýigrenji
onuň rehimsizden gödek keşbinde doňup galypdyr.
Beýleräkde üç-dört sany türkmeniň jesedi biri-birine
ýaplanyp ýatyr, dört-bäş sany türkmen bolsa öz
ajaýyp atlary bilen ýer bagyrtlapdyrlar. Atlaryň biri ok
degen eýesine kömek etjek bolup synanyşan mahaly
öldürilene meňzeýärdi. Çägelikdäki çugdum-çugdum
bolup ösüp oturan pessejik haşal otlaryň içinde ýarpy
göwresi görünýän adamlaryň sany-sajagy ýokdy. Ýöne
türkmenleriň içinde ýaralysy, iňläp ýa-da kömek sorap
gygyryp ýatany ýokdy. Men muňa haýran galdym.
35
Türkmenler mydama-da öz ýaralylaryny taşlamazlyga
çalyşýardylar. Ýöne ýap-ýaňy bolan söweşde ýaralanan
ýoldaşlarynyň baryny alyp gitmäge türkmenleriň
mümkinçiligi bolmandy. Biz wepat bolan türkmenleriň
sanyny üç ýüze ýetirdik. Soňra mälim bolşuna görä,
wepat bolanlaryň jemi sany bäş ýüze golaýlan eken.
Ýomutlaryň diňe gylyçdyr orak bilen ýaralanandyklary
sebäpli, ölen we ýaraly bolan ruslaryň sany kyrkdan
geçenokdy.
Bu ýerde başga edere iş bolmansoň, yzymyza dolandyk.
Az salymdanam baglygyň içinden geçýän Ýylanly ýoly
bilen atymyzy çapdyryp barýardyk. Ýylanlynyň diş-diş
bolup duran gazaply galasy görnende, biz heniz ýarym
sagadam ýöremändik. Ýol şäheriň daşyna aýlanýardy.
YZ ÇALYŞ
Ýylanlyda özbekler ýaşaýar. Olar bilen bolsa biziň
hiç hili duşmançylygymyz ýok. Ýöne şeýle-de bolsa
özbekler gaharly ýüzümize, Golowaçýowyň gana
boýalan eşigine, boýnundan asylan ýaraly eline gorky
bilen seredýärdiler. Biz şähere girmän, onuň diwarlaryny
syryp, demirgazyk günbatara tarap ýörişimizi dowam
etdirdik. Ýarym sagat geçip-geçmänkä-de çöllügiň
36
gyrasyndan girdik. Biz çöllügiň etegindäki kä çägelige,
kä düz ýere düşýän egrem-bugram ýol bilen gidip
barşymyza, çak edişimize görä, Ýylanlydan bäş-alty
mil uzaklykda goş ýazdyran türkmenleriň üstüni
gapyllykda basmagyň maslahatyny edýärdik. Söweş
tamam bolan badyna, gözden uçan türkmenleri üçdört sagatlap gözlesegem tapyp bilmedik. Sagat dokuz
töwerekleri çep gapdalymyzda, göz ýeter-ýetmezde
alňasap, arany açyp barýan ýomutlara gözümiz
düşdi. Ýarym sagat geçip-geçmänkä-de, öňümizdäki
düzlügiň ýüzi türkmenlerden ýaňa mygyldy boldy. Eger
soňky bolýan wakalary söweş atlandyrmak mümkin
bolsa, kiçeňräk söweşem boldy. Türkmenleriň köp
sanlysy daş-töweregimizi gurşap alansoňlar, biz çar
tarapymyzdanam esewan bolup, hüjüme taýynlanmaly
bolduk. Biziň pyýada goşunymyzyň esgerleridir
mergenlerimiz penalanmaga amatly bolan ýaplaryň
kenaryna özlerini oklady. Ýomutlar irdenki ýeňlişlerine
garamazdan, biziň goşun hatarlarymyzyň arasyna
batyrgaýlyk bilen at çapdyryp gelýärdiler. Biz olaryň
düşlän ýerine ýakynlap ugranymyzdan, her edip, hesip
edip uruşmaga ýaramsyz adamlaryna gaçyp ýetişmäge
mümkinçilik bermek üçin ýolumyzy kesjek bolýardylar.
Bu olara başardýardam. Çep gapdalyny mergenler, sag
37
gapdalyny atlylar penalaýan pyýada goşun öňe hereket
etse-de, böwsülen hatarlaryny doldurmak ýa-da
ýörişiň ugruny üýtgetmek üçin, her ädimde diýen ýaly
saklanmaga mejbur bolýardy. Ýomutlar irki söweşden
soň, pyýada goşundan çekinselerem, kazaklaryň olardan
döwleriniň pesdigini aňypdyrlar. Olaryň kazaklaryň
üstüne eden batyrgaý hüjümlerini diňe pyýada goşun
ara düşensoň saklamak başartdy. Ýomutlar iki-üç
sagatlap biziň daş-töweregimize ýaýrap, gykylyklaşyp,
öz pelteli tüpeňlerinden ok atyp, hüjüm edip durdular.
Olaryň biziň üstümize aýgytly çozuş etmek niýetleri
ýokdy. Olaryň esasy maksady biziň hereketlerimizi
togtatmakdy.
Bir gezek ýoldan üç ýüz ýard daşlykda ýykylan jaýyň
gapdalynda ýomutlaryň bäş -alty sany atlysyna gözümiz
düşdi. Biz olara tarap tüpeňlerimizden her näçe ok
atsagam, bitleriniň burnunam ganatman atlaryny
çapdyryp gitdiler.
General Golowaçow biziň bir ýarym mil çepimizde
olaryň birnäçe toparyny görüp, Orenburg otrýadyna
duýdurmak üçin, on-on iki sapar top atmagy buýrdy.
Çak edilişine görä, bu otrýad duşmanyň sekiz-on mil
aňry tarapyndan olary gabawa salmak üçin ýakynlaşyp
gelýän bolmaly. Soň görüp otursak, biziň duýduryş üçin
38
atan top oklarymyz ýomutlara gaty uly zyýan ýetiripdir.
Ol oklar kiçeňräk oýtumda goş ýazdyran ýomutlaryň
göni üstünden düşüpdir; ähli zatlaryny taşlap, gaçyp
gitmäge olary mejbur edipdir. Biz bolsa olaryň goş
ýazdyran ýerlerini gözläp ýördük! Biz bu zatlary ertesi
gün Orenburg otrýadynyň adamlaryndan eşitdik.
Olar şol oýa ýeten mahallary taşlanyp gidilen birnäçe
ýüz arabanyň, ýomutlaryň jesetleriniň, köp sanly goşgolamlaryň üstünden barypdyr. Görgüliler atylýan
oklardan ýaňa ölülerini-de ýygnamaga ýetişmän, bar
zatlaryny owarram edip, gaçyp gidipdirler. Tapylan
goşlaryň arasynda 1840-njy ýyldaky Perowskiniň
betbagtlyga uçran ekspedisiýasy bilen Angliýanyň
adyndan Hywa giden leýtenant Şekspiriň alyşan köp
sanly hatlary tapyldy. Leýtenant Şekspir ruslar bilen
hywalylaryň arasyndaky dawaly jedelleri parahatçylykly
çözmäge ýardam bermek üçin Hywa gidipdi.
Tapylan hatlaryň arasynda iňlis ilçisi lord
Palmerstonyň rus häkimiýetini habardar etmek
üçin alan görkezmesiniň göçürmesi hem bar eken.
Ol hatda eger Russiýa Hywany özüne birikdirse,
Angliýanyň Russiýa garşy urşy başlajakdygy hakynda
aýdylýardy. Ol hatlaryň tapylan ýeriniň üstünden
baran biziň toparymyz däldi. Irdenki bolan wakalardan
39
elheder alan ýola beletler gaçyp gidipdirler. Biz bolsa
türkmenleriň düşelgeleriniň nirede ýerleşendigini
takyk bilemzokdyk. Şonuň üçinem biz olaryň iki mil
çepinden geçip gidipdiris.
Günortanaralar biz suwy çöllüge siňip gidýän
Annamyrat ýabynyň boýuna ýetdik. Ol ýerde Hywa
hanynyň ýomutlaryň üstüne ýöriş eden mahallary
gurduran galasynyň üstünden bardyk. Ol galanyň
meýdany on akra golaýdy. Käbir ýerinde beýikligi on
ädime ýetýän gala hiç zat kär etmändir diýen ýalydy...
Biz galanyň içinde goş ýazdyrdyk. Galanyň abatlygy
üçin general Golowaçýow ol ýerini amatly hasaplap,
günüň galan bölegini şol ýerde geçirmegi ýüregine
düwdi.
Bu pursatdan peýdalanyp, ýomutlar gaçmaklaryny
dowam etdiripdirler. Biz olaryň gapdalyndan geçip
giden mahalymyz ýomutlar yzlaryny towşanlaryňky
ýaly bulaşdyryp, biziň geçip giden ýolumyz bilen yza —
günorta-gündogara tarap tutdurypdyrlar. Gije-gündiz
ýol ýöränsoňlar, ýomutlara bizden ep-esli ara açmak
başardypdyr.
Ertesi daň atandan, biz olaryň söbügine düşdük. Biz
az öldürilen ýatan rus esgerleriniň üstünden bardyk.
40
Ol esgerler garawul goýlupdy. Ähtimal, gije ýomutlar
olaryň üstüni gapyl basandyrlar. Biz ýolda diňe ertirlik
edinmek üçin azajyk wagt düşläp, uzakly gün gaçyp
barýanlaryň yzyndan kowduk. Goş-golamymyz az
bolany üçin biz çalt hereket edýärdik. Biz ýene-de
Ýylanlynyň çep tarapyndan geçip, kiçijik oazisden
soň, açyk düzlüge düşdük. Düzlük gazylan ýaplardan
doludy. Olaryň şu asyryň başyndan ekerançylyk
meýdanlaryny suwarmak üçin ulanylan bolmagy
ahmaldy. Gözýetimde tozan turzup, gaçyp barýanlaryň
galasyny gören mahalymyz, gün ýanyny ýere beripdi.
Şonuň üçinem kowgyny goýbolsun etdik.
Bol suwly ýabyň kenarynda goş ýazdyranymyzdan
soň, kazaklar atlaryna iým gözläp, düzlügiň içine pytrap
gitdiler. Olar berkitmeden bir mile golaý uzaklykda
ýomutlaryň ýaňyja orup goýan at harmanynyň üstünden
barypdyrlar. Kazaklaryň düzlükde dagynyk ýagdaýda
gezip ýörmekleri aýylganç waka bilen gutardy. Ýerli
milletden bolan ýolabelet hemmelerden arany açan
kazaklaryň birini ýomutmyka diýip atypdyr. Ol agyr
ýaralanansoň, hirurgyň elinden gelenini edendigine
garamazdan, iki sagat geçip-geçmänkä jan berdi.
41
KOWGY
Biz ertesi ir bilen ýörişi dowam etdik. Tiz wagtdanam
gaçyp barýanlaryň galdyryp giden zatlary duşup başlady.
Ýoluň ugrunda howlukmaç taşlanyp gidilen üsti ýükli
arabalar durdy. Eýeleriniň yzyna eýgermedik sygyrdyr
göleler molaşýardy. Çatmanyň içinde öldüriljek
pursadyna gorky bilen garaşyp oturan, diňe süňk bilen
ham bolup galan kempir — hasasyna söýenip durşuna
bürgüdiňki ýaly gözleri bilen bizi synlaýan sandan
galan garry görünýärdi.
Golowaçýow türkmenleriň yzyndan ýetmäge,
başartsa, olary söweşmäge mejbur etmäge buýruk berdi.
Atly goşun yzynda tozan bulutlaryny galdyryp,
gözden ýitdi. Pyýada goşun bolsa, ýuwaşlyk bilen öňe
süýşüp ugrady. Ýarym sagat töweregi ýöränimizden
soň, öňümizi suwly ýap kesdi. Bu ýerde biz iniňi
jümşüldedýän sahnany synlamaga mejbur bolduk.
Ýomutlaryň öý-goşlary ýüklenen ýüzlerçe araba daştöwerekde pytrap ýatyrdy. Gaçyp barýanlar ýabyň
darajyk köprüsinden goşlaryny geçirip bilmän bar
zatlaryny taşlap gidipdirler. Olaryň käbiri ýa-ha
atlarynyň ýoklugy sebäpli, ýa-da ruslar özlerine rehim
eder öýdüp, bu ýerde saklanypdyrlar. Ýöne kazaklar
42
olary ele salyp çapym-çapym edipdirler.
Generalyň we onuň ştabynyň bu ýerde az salym
saklanjagyna garamazdan, men atymy öňe sürüp gitdim.
Çar-tarapda mas ýüklenen arabalar, dagap ýatyrdy.
Kysmatyna kaýyldygy görnüp duran goltugy çagaly
segsen ýaşlaryndaky kempir ýoluň ortasynda ýygrylyp
otyrdy. Onuň gözlerini ýumup oturyşy depesinden injek
gylyjy görmäge gurbaty çatmaýanyňka meňzeýär. Ol
agtygyny elinden sypdyrjaga çalym etmeýärdi. Azajyk
aňyrrakda ýyrtyk-ýyrtyk giň köýnekli owadan ýaş gelin
arabanyň aşagynda ýüzüni gara-gan edip otyrdy. Men
erbet zady göwnüme getirmän oňa pul uzatdym. Ol
pulumy yzyna zybyrdadyp zyňdy-da sojamaga başlady...
Azajyk aňyrrakda, ýoluň ýakasynda ýüzüni gylyç
japan garry aýal ýatyrdy. Onuň başynda topbusy
bolmansoň, erkek adamdyr öýdülen bolmagam
ahmal. Erkek göbeklä garşylyk görkezýänine ýa-da
görkezmeýänine garamazdan, rehim etmezlik barada
ýörite buýruk bardy. Bu meniň gören ýaralylarymyň
arasyndaky ýeke-täk aýaldy. Men iki mile golaý şunuň
ýaly elhençlikleri synlamaly boldum. Ýöne öňde onbäş ýigrimi sany ýomuda gözüm düşüp, aňry gitmäni
goýbolsun etdim. Men bu ýerde goşunyň gelerine
garaşyp durkam, şol töwerekde aýlanyp ýören atly
43
türkmen peýda boldy-da maňa garşy gaýtdy. Elinde
taýakdan başga zat bolmasa-da onuň bolup gelşi
örän hyrsyzdy. Men sapançama ýapyşdym. Emma ol
menden birjigem çekinmän, iki sapançalydygyma,
tüpeňlidigime garamazdan, üstüme hüjüm etmäge
hyýallanýan ýaly, öz gorkunç gara gözleri bilen gazaply
seredip, on ädim öň ýanymdan geçip gitdi. Men ilkibada
ruslaryň edişi ýaly, oňa taýagyny taşlatdyryp, özüme
boýun etmek isledim. Ýöne onuň gaýduwsyzlygy, hiç
zatdan çekinmezligi meni aňk etdi. Onsoňam, ýaragsyz
adamyň üstüne sürünmek namartlyk boljakdy. Ol maňa
barmysyňam diýmän gözden ýitip gitdi.
Onýança goşunam yzymdan ýetdi. Biz, şeýdip,
ýene dört-bäş mil öňe ýöredik. Biziň öňümizden
köp sanly goýun sürüleri, sygyrlar, düýeler çykýardy.
Ýöne ýörişiň dowamynda ýekeje atyňam ele
salynmazlygy geň galmazça däldi. Bu türkmenleriň
atlaryny janlaryndanam eý görýändigini aňladýardy.
Ýesir alnan ýa -da öldürilen türkmenleriňem atlary
bolmansoň, şeýle güne düşen bolmaklary mümkin.
Men kazaklaryň üýşüp duran arabalary talaýandygyny
görüp, olaryň edýän işini synlamak üçin, şol tarapa
ugradym. Tiz wagtdanam iki sany ýomudyň jesediniň
üstünden bardym. Üç ýaşlaryndaky gyzjagaz jesetleriň
44
arasynda duran ýerinden çaga mahsus ýygralyk bilen
talaňçylyga seredip, sojap durdy. Onuň bu ýerde
galsa, suwsuzlykdan öljegi ikuçsuz bolansoň, men ony
öňümden çykan ilkinji aýala gowşurmak maksady
bilen atymyň öňüne aldym. Az salymdan ýene bir
gyzjagaza gözüm düşdi. Men öňümdäki gyzjagazy
ýoldaşym Çertkowa tabşyrdym-da ýaňky gyzjagaza
tarap ugradym. Ol görgüli bilmezlikde aýagyny gylyja
gyýdyrypdyr. Ýarasyna çäge bary siňensoň onuň aýagy
gaty agyrýan borly. Ýöne gyzjagazyň gözünde nem
ýokdy. Ol kakasynyňky ýaly gara, hyrsyz, bilesigeliji
gözleri bilen kazaklaryň arabalary talaýyşlaryny
synlaýardy. Men ony ata mündürmekçi bolamda ol
gaçdy. Onsoň men atdan düşüp, ony kowalap tutmaly
boldum. Men tä tatarça bilýän sözlerimiň baryny aýdyp,
ony köşeşdirýänçäm ol dyrnaçaklap, däbşenekläp,
meniň bilen gitmekden boýun gaçyrdy. Menden
zyýan görmejegine gözi ýetensoň welin, boýumdan
gujaklady-da süýji uka gitdi. Görgülijigiň üst-başy edil
şu wagt hapa suwly kölçä girip çykanyňka meňzeýärdi.
Men ony gujaklap, gülkünç ýagdaýda esgerleriň
hatarlarynyň arasyna aýlanyp ýördüm. Köp wagt
geçmänkä, edil gymmat bahaly daş tapan ýaly kiçijik
bir gyzy goltuklap ýören ştab ofiserine duşdum. Biz
45
sagat on birlerde atlara dynç bermek, ertirlik edinmek
üçin goş ýazdyrdyk. Türkmenler çar-tarapa pytrap
gidipdirler. Diňe birnäçe mil öňde atly türkmenleriň
birnäçesi üýşüp durdy. Olaryň üstüne çozuş edeniň
peýdasy boljak däldi. General Golowaçýow ýomutlaryň
ýaşaýyş üçin ýaramly zatlarynyň köp mukdaryny basyp
alansoň, ýörişi tamamlap, yza — Ýylanla dolanmagy
makul bildi...
Ýolda duşan bäş-alty sany aýala howandarlyk eden
gyzjagazymy ýanlaryna almagy haýyş edip ýüzlenenimde
olar öz çagalaryňam nätjeklerini bilmeýändiklerini
aýdyp, garşylyk görkezdiler. Olaryň hersiniň ýanynda
dört-bäş çaga bardy. Men olaryň ýagdaýyna düşünip,
gyzjagazy özüm bilen berkitmä alyp gitdim. Elbetde,
ony çem gelen ýerde taşlap gitsemem, edenime däl
diýjek ýokdy. Ýöne şeýtjek bolsam, ony çöüügiň
içinde şagallara şam boljak bolup duran pursady alyp
gaýtmazdym. Men gyzjagazy kime berjegimi pikirlenip,
onuň üçin ýomutlaryň goşlarynyň arasynda dagap
ýatan pagtadan arabanyň aşagynda düşek ýasadym.
Lukmanyň kömegi bilen onuň ýaraly aýagyny ýuwup,
daňyşdyrdym. Ýarasyny daňan mahalymyz, gyzjagazyň
çydamlylygyna haýranlar galdyk. Çäge siňen, azyp
iriňlän ýarasyny arassalap, daňan mahalymyz agyry
46
ýüregine ornap gidýän bolsa-da, ol aglamady. Ony
gowuja synlamak maksady bilen, ýüzüni gazaşdyryp,
ýuwamda onuň eýjejik bir gyzjagazdygyny gördüm.
Men oňa suw hödürlämde suwa açgözlük bilen topuldy.
Bu onuň günüň dowamynda ýeke-täk iýip-içen zady
bolsa gerek. Olja alnan sygyrlardan saglyp alnan süýdüň
satylýanyny görüp, gyzjagaz doýar ýaly süýt satyn aldym.
Süýtden ganan çagajyk süýji uka gitdi. Men bu edermen
gyzjagaza şeýle bir öwrenişdim welin, onuň ejesini tapan
mahalymam, ony öz ýanymdan goýberesim gelmedi.
Ejesi çagajygy bagryna basyp oturan ýerinden maňa
minnetdarlyk bildirmek üçin, ýekeje gezegem öwrülip
seretmedi. Eger meniň birden gerek bolaýmasyn diýip,
talap alan çaga eşiklerimi oňa geýdirenimi, ýene-de onon iki ýyldan ol gyzjagaz durmuşa çykanda haladyna
goşant bolup biljek gyzyldan edilen şap-sepi berenimi
göz öňüne tutsaň, gyzjagazyň ejesiniň maňa beren
«taňryýalkasyny» göwne jaý däldi. Henäme-de bolsa,
gyzjagaza hossar çykan kapyra onuň öz ýüreginiň
töründen minnetdarlyk bildirenine ynanasym gelýär.
Ýörişiň dowamynda ýesir alnan elli-altmyş sany
aýala islän ýerlerine gitmäge rugsat berdiler. Esgerlere
bolsa, derde ýarajak zatlary alyp, galanlaryny otlamaga
buýruk berildi. Buýrugy kazaklar höwes bilen ýerine
47
ýetirdiler. Olar, esasanam, halylary, ýüpek daňylaryny,
geýim-gejimleri, kümüşden ýasalan şaý-sepleri
talaýardylar. Ýoluň üstünde esgerleriň gerekmejek
hasaplap zyňan zatlary — egrilmedik ýüpekler, köne
halylar, çägä garylan bugdaý, mesge, öý goşlary çaşyp
ýatyrdy. Olardan ýaňa aýak basara ýer ýokdy. Sada
türkmenleriň uzak ýyllaryň dowamynda peýdalanyp,
hemralaryna öwrülip giden köp sanly ýakymly
ýatlamalara ýugrulan, ata-babalaryndan ýadygärlik
galan zatlarynyň guma bulaşyp ýatanyny göreňde
ýüregiň gyýlyp gidýärdi. Aýallaryň ýykan-ýumran
bolan zatlaryň içinden öýlerine ýaramlylaryny saýlap,
gözden ýaş döküp oturyşlaryny göz öňüne getirseň,
hasam erbet bolýarsyň. Ýöne mundan erbedine-de
duşýarsyň. Ine, üç sany ýomudyň jesedi ýatyr. Dört
ýaşdan sekiz ýaşa çenli bolan çag alar olaryň daşyna
egrilişip otyrlar. Olaryň ekabyry — kiçijik gaýduwsyz
oglanjyk başardygyndan beýlekileriň aladasyny edýär.
Ol öýlerinden galanja pagta, ýüpek böleklerinden,
elem-tas keçelerden, halylardan arabanyň aşagynda
ýatar ýaly ýer edinmek bilen gümra. Men onuň ýanyna
atymy sürüp baran mahalym onuň çaga ýüreginiň
ýigrençden dolandygyna birjikde şübhelenmedim. Ýene
ýigrimi ýyldan çagajygyň özlerini nähili ýigrenendigine
48
«kapyrlaryň» gözi ýetmegi gaty ahmal. Men olara tapan
gaýmaklarymy getirip berip, esgerleriň çagajyklaryň
gaçybatalga tapan arabasyny otlamazlygy barada
aladalanyp, olary öz mähribanlary bilen gyrak-byjaksyz
çöllükde galdyryp, goşunyň yzyna düşdüm.
Biz yza dolanyp barýarkak, duş gelen bar zady ýakyp
ýandyrýardyk. Meniň başda agzan suwsuz ýabymyň
boýuna ýetenimizde, bu ýerdäki dagap ýatan arabalaryň
talanandygyny gördük. Bu ýerde galan aýaldyr çagalar
bolsa ýitirim bolupdyrlar. Soň görüp otursak, olaryň
az sanlysy henizem şu ýerde ekeni. Meni bir zat örän
haýran galdyrdy. Kazaklar käte talaňçylyklarynyň
arasyny kesip, çagajyklara çörek hödürläp, suw içirip,
ýene-de öz işlerini dowam edýärdiler.
Men Golowaçýowyň baýdagyny görüp, jykyr-jykyr
gülen gyzjagaza şol öňküje oturan arabasynyň üstünde
otyrka gabat geldim. Bu wagt iňrik garalyp gelýärdi.
Ol görgülijik bolsa uzakly gün jokrama yssyda hiç zat
iýip-içmän, özüniň äkidilmegine garaşyp geçiren borly.
Men pytrap ýatan zatlaryň arasyndan peýnir bölegini
tapyp, oňa getirip berdim. Iň kynam oňa suw berer ýaly,
gap tapmak boldy. Ol ýerde bäş-alty ýüze golaý araba
münderlenip durdy. Olara ot berlensoň, töwerekdäki
arabalara-da ot düşüp başlady. Görsem gyzjagazyň
49
oturan arabasyna-da ot düşüpdir. Men ony howpsuzrak
ýere geçirip, gyzjagazy kime tabşyrjagym barada
oýlanyp ugradym. Dogry, golaýda üç-dört sany aýalam
bardy. Ýöne olar gyzjagazy uzakly gün idemänsoňlar,
indem olara bil baglap boljak däldi. Iňrik bolsa kemkem garalýardy. Ýomutlaryň bu ýerde ertirden bäri
gara bermejegi bolsa köre hasady. Töwerekde köp sanly
şagallaryň uwwuldysy eşidilýärdi...
HARBY TÖLEG
Ýomutlar düýbünden derbi-dagyn edilip, olaryň
köp sanly mallary olja alyndy. Gyşa niýetläp basyp
goýan bugdaýlary, azyk önümleri ýok edildi. Ýaşaýan
obalarynyň ýerinde bolsa diňe kül üýşmekleri galdy.
Ýörişiň dowamynda obalaryna dolanmagy we boýun
egmegi hyýallaryna-da getirmezlikleri olaryň tekepbir
ruhunyň mizemändigini görkezýärdi. Olar tä Kaufman
Buharanyň üsti bilen Daşkende tarap ýola düşýänçä
birnäçe hepde çölüň içinde entäp, itiň gününi gördüler.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gazawat urşy - 3
  • Parts
  • Gazawat urşy - 1
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2030
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gazawat urşy - 2
    Total number of words is 3545
    Total number of unique words is 2017
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gazawat urşy - 3
    Total number of words is 779
    Total number of unique words is 542
    42.9 of words are in the 2000 most common words
    53.8 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.