Latin

Gazawat urşy - 1

Total number of words is 3546
Total number of unique words is 2030
30.0 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
MAK GAHAN
GAZAWAT URŞY
«Oguzlaryň üstüne ýöriş we
Hywanyň syndyrylmagy»
atly kitapdan bölek
GAZAWAT URŞY
Mak Gahan — «Nýu-Ýork gerald» atly amerikan
gazetiniň habarçysy. Ol ruslaryň 1873-nji ýyldaky Orta
Aziýa eden ýörişine gatnaşypdyr. Ýörişiň dowamynda
gören zatlaryny ol 1874-nji ýylda iňlis dilinde neşir edilen
«Oguzlaryň üstüne ýöriş we Hywanyň syndyrylmagy»
atly kitabynda beýan edipdir. Size hödürlenýän aşakdaky
ýazgylar şol kitapdan bir parça.
TÜRKMENLER
Türkmenler Orta Aziýanyň iň edermen, urşujy
halkydyr. Olar Buhara bilen Hazaryň aralygynda
mekan tutup, gündogarda Owganystana günortada
bolsa Parsystana çenli ýaýrapdyrlar. Kaspi deňziniň
kenarynda ýaşaýan türkmenler balykçylyk, gündogardemirgazyk türkmenleri bolsa dowardarçylykdyr iri
şahly mallary idetmek bilen meşgul.
Hywa hanlygynda türkmenleriň alty taýpasy ýaşaýar.
Ol ýerde ýemrelileriň iki müň bäş ýüz, çowdurlaryň
üç müň bäş ýüz, garadaşlylaryň iki müň, garajalaryň
bir müň bäş ýüz, alilidir gökleňleriň bir müň bäş ýüz,
ýomutlaryň on bir müň öýlüsi — jemi ýigrimi iki müň
öýli türkmen bar. Her öýde bäş jan bar diýip hasap
edeniňde-de, olaryň sany ýüz on müň adama ýetýär.
Boýun egmezek halk bolan türkmenler hiç wagt hem
kadaly dolandyrylýan döwletiň raýaty bolmandyrlar.
Olar hanlara, emirlere boýun egenlerinden ölenlerini
gowy görýärler. Her taýpa maşgala ýa garyndaşlyk
gatnaşyklary esasynda kiçeňräk böleklere bölünýär.
Olara ýaşulular ýa-da serdarlar ýolbaşçylyk edýär. Olarda
halk geňeşinden birugsat halkyň ykbalyny kesgitleýän
ýa-da dawa-jenjelleri çözüp bilýän dolandyryjy
toparlardyr syýasatçy ýok. Dogry, serdarlaryň käbir
jedelleri çözmäge hukugy bar. Ýöne olar mejbur ediji
kanunlary kabul edip bilmeýär. Türkmenleriň arasynda
erbetlik we oňatlyk barada örän aýdyň düşünje bar.
Halk geňeşi bolsa şol düşünjä hemmeleriň eýermegini
gazanýar. Şol sebäplem olaryň arasynda dawa-jenjeller
örän seýrek ýüze çykýar.
Hywa hany hiç wagt türkmenleri öz erkine tabyn edip
bilmändir. Onuň türkmenleri boýun egdirmäge eden
synanyşyklarynyň bary şowsuz tamamlanypdyr. Hanyň
türkmenleriň üstüne ýörişi, adatça, aşakdaky ýaly
görnüşe eýe bolupdyr. Ol goşun ýygnap, türkmenleriň
üstüne gidipdir. Şol gidişine-de türkmenleriň
ýaşaýan ýerleriniň golaýragyndaky howpsyzrak ýerde
goş ýazdyryp, berk goralýan berkitme gurupdyr.
4
Türkmenler bada-bat onuň üstüne çozupdyrlar ýa-da
berkitmäniň daşynda at salyp ýörüşlerine gykylyklap,
myltyklaryndan ot atyp, oňa wehim salypdyrlar, öz
berkitmelerinden çykmaga ýürek eden iki-ýeke han
adamlaryny öldüripdirler. Han jogap edip, olary
top okuna tutupdyr. Ýöne türkmenler ol oklardan
gaty ujypsyz zyýan çekipdir. Han öz berkitmesinden
hiç wagt çykmansoň, oňa edilýän hormatam çäkli
bolupdyr. Onuň türkmenleri boýun egdirjek bolmaga
synanyşygy, tersine, hanyň olara boýun egmegine
getiripdir. Şeýle wakalar birnäçe hepdäniň dowamynda
gaýtalanypdyr. Türkmenler ol wakalardan lezzet alyp,
hanyň gelmegi olar üçin baýramçylyga öwrülipdir.
Hanyň ok-däri, azyk ätiýaçlygy azalanda ol bar niýetini
puja çykarýan ylalaşyk baglaşyp, uly dabara bilen
paýtagtyna dolanypdyr, türkmenler onuň goş basan
ýerlerini aňsatlyk bilen gaýdyp alypdyr.
Hanyň türkmenler bilen ylalaşykda ýaşamagynyň
köp sebäbi bar. Türkmenler hana raýat bolmasalaram,
onuň başga halklary tabynlykda saklamagyna höwes
bilen kömek beripdirler. Olar paç tölemekden boýun
gaçyrsalaram, hany içki we daşky duşmanlardan
goramaga mydama taýyn bolupdyrlar. Ruslar Hywa
hanlygyna howp salanlarynda diňe türkmenler olaryň
5
garşysyna çykyp bildi. Hanyň özi aljyraňňylyga düşüp,
gaçan mahaly diňe türkmenler uruşmaklaryny dowam
etdirdiler. General Werýowkiniň toplarynyň sesinden
zähresi ýarylan han şäheri taşlap gaçanda, golasty
hyzmatkärleri bolsa oňa göwünlik edende, hanyň
tagtyny öz dogany eýelände, ol diňe türkmenleriň
arasynda özüne gaçybatalga tapdy. Ýöne kyn ýagdaýa
düşen mahaly özüne eden hyzmatlaryny, olaryň
wepalylygyny, mertligini unudyp, han türkmenleri
kanuna boýun egmeýän garakçy adamlar hökmünde
ruslaryň öňünde aýyplady. Uruş mahaly ruslara
ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin geçirilen
gepleşikler mahalynda han türkmenleriň hiç mahal
oňa salgyt tölemändigini, indem tölemejekdiklerini,
özüniň höküminiň olara ýöremeýändigini bahanalap,
türkmenleriň paýyny tölemekden boýun gaçyrdy.
Ondan başga-da, öz toplaryny gaýdyp almak üçin
han türkmenleri artilleriýasyz tabynlykda saklap
bilmejegini, tagtynda rahatlyk tapmajagyny aýtdy.
Kaufman şäher boýun egdirilende olja alnan 18 ýa-da 19
topy ulanman, hana gaýtaryp berdi. Bu bolsa ruslaryň
özlerine göwünleriniň ýetýändigini görkezýärdi.
Hanyň gürrüňini diňlän Kaufman türkmenlerden uruş
salgydyny özi ýygnamagy ýüregine düwdi.
6
Ol ýomutlardan iki hepdäniň içinde 300000 manat
ýa-da 41000 fund sterling möçberinde harby töleg talap
etdi. Gysga wagtyň içinde beýle köp mukdardaky salgydy
töläp bilmejekdikleri sebäpli, özlerine berlen möhletiň
uzaldylmagyny sorap, türkmenler Kaufmanyň üstüne
ilçi ýolladylar. Ýöne Kaufman niýetinden dänmedi.
Ol türkmenleriň üstüne ýöriş etmäge taýynlyk görüp
başlady.
Onuň bu gelen karary öz ofiserleriniň birnäçesi
tarapyndan berk tankyt edildi. Olar türkmenleriň
beýle gysga wagtyň içinde onça salgydy töläp
bilmejekdiklerine Kaufmanyň özüniňem akylynyň
çatýandygyny, ýöne onuň hanyň aldawyna düşüp, onuň
türkmenleri boýun egdirmek üçin guran pirimindäki
ýönekeýje ýaraga öwrülendigini aýtdylar. Ofiserleriň
pikirine görä, türkmenler öz beren sözlerini hana
garanda has gowy ýerine ýetirýärler...
Men bu pikirleriň käbiri bilen ylalaşmaýaryn. Meniň
pikirimçe, Kaufman hana özüni aldatman, ýagdaýa görä
hereket edýär. Her näme-de bolsa, ol türkmenleriň salgyt
tölejekdiklerine, şonuň ýaly-da, geljekde ruslar bilen
gowy gatnaşykda boljaklaryna ynam etmeýär. Onuň
pikirine görä, türkmenleri mazaly mynjyradýançaň,
olaryň uruşmajakdygyna bil baglap bolmaz.
7
Türkmenlere ýowuz daramak bilen, ol özbeklere göz
görkezjek bolýar. Kaufmanyň beýle karara gelmeginiň
başga-da bir sebäbi bar. Türkmenleriň garaşsyzlygyny
janyndanam eý görmegi, Russiýa hökümetiniň ýek
ýigrenýän zady. Garaşsyzlyga ymtylýan beýleki halklarada sapak bolar ýaly, türkmenleri bir hökümdara, iň
bolmanda, Hywa hanyna boýun egdirmek hökmandy.
Meniň pikirimçe, Kaufman ýalňyşypdy. Türkmen
halkyny özüne ýakynlaşdyrmak Russiýanyň diňe
bähbidine bolardy. Türkmenler başarjaň gaýduwsyz, şol
bir wagtyň özünde-de ynsanperwer halk. Muhammet
hanyň ters düşünjesinden, ýigrenjinden, kemsitmek
isleginden eýmenmeýän türkmenler Orta Aziýada
eden ähtine ynanyp boljak ýeke-täk halk.
Kaufmanyň türkmenlere bolan gatnaşygynyň
nähilidigine garamazdan, onuň bir hereketini aklap
bolmaz. Onuň bilen gepleşik geçirmäge gelen on
iki türkmeni ol ýesir aldy. Dogry, olar soň yzyna-da
goýberildi. Ýöne ylalaşygyň bolmajagyna türkmenleriň
düşünmegi üçin, olar birnäçe wagt türmede oturmaga
mejbur boldular.
8
ÝALYN WE GYLYÇ
Kaufmanyň ýok etmek isleýän ýomutlary Hywa
hanlygyndaky türkmenleriň iň güýçli we köp adamly
tiresi. Olar on bir müň öýli bolup, hanlykdaky beýleki
türkmen tireleriniň adam sanyna deňdir. Hywa
syndyrylandan bäş hepde soň, ýagny 19-njy iýulda
general-maýor Golowaçýowyň ýolbaşçylygy astynda
pyýada goşunyň sekiz rotasy, kazaklaryň sekiz ýüz
atlysy, on top, iki mitraleza bilen ýaraglanan raketaçylar
batareýasy Hywadan çykyp, ýomutlaryň ýurdy bolan
Gazawada tarap ýola düşdi.
...Goşun egrem-bugram darajyk ýollar bilen Hywadan
on alty mil uzaklykdaky Gazawat kanalynyň kenaryna
ýetip goş ýazdyrdy. Soň görüp otursak, biz kanalyň
kenarynda däl-de, kanalyň artykmaç suwlaryny bir mil
daşlykdaky çöllüge akdyrmak üçin ulanylýan ýabyň
kenarynda düşläpdiris. Onuň ini otuz ädim, çuňlugy on
ädime golaý ekeni. Kanalyň arassa süýji suwy sagatda
bäş-alty mil tizlik bilen akýardy...
...Bu ýerde goşun türkmenler gelip, tölemeli paçlaryny
tölärler öýdüp, uzakly gün garaşdy. Meniň göwnüme
bolmasa, general Golowaçýow mundan aňryk ýörişi
dowam etmek islänokdy ýa-da türkmenlere harby tölegi
9
tölemegiň urşanyňdan amatlydygyna göz ýetirmäge
puryja bermek isleýärdi.
Ýigrimi birine daň bilen goşun ýene-de ýola düşdi.
Iki sagat töweregi ýörelenden soň, ýomutlaryň mes
toprakly, hemme ýerde çuň ýaplar gazylyp, iki gyrasyna
derek ekilen ýurdy başlandy. Kiçeňräk düzlükler gök
otlara bürenip otyrdy. Özbeklere garanda, ýomutlar
ekerançylyga az üns berýärler. Bu ýerde miweli agaçlar
örän az, däneli ekinlerem ekilmeýär diýen ýaly. Onuň
tersine, olaryň öri meýdanlarynyň aňyrsyna-bärsine
göz ýetenok. Hiç ýerde özbekleriňki ýaly depesi diş-diş
bolup duran galalar, özbek obalarynyň alamaty bolan
owadan güjüm agaçlary duşanok. Olar atýataklaryny
laýdan salnan pessejik jaýlaryna degrip salýarlar. Tomus
aýlary bolsa, jaýyň öňündäki bassyrmanyň aşagynda
oturýarlar. Şu zatlardan çen tutsaň, olar oturymly
ýaşaýşyň artykmaçlyklaryna göz ýetirip ugrapdyrlar. Biz
ahyry bir obanyň çetinden girdik. Oba gum-guklykdy.
Oba adamlary ýap-ýaňy göçüp giden bolarly. Sebäbi
käbir ojaklaryň odam öçmändir. Bu ýerde general
goşunyny tükelledi-de ýoluny dowam etdi. Diňe kazaklar
goşundan bölündiler-de, obanyň içine ýaýradylar.
Soňky bolup geçen zatlar meni doňup galmaga mejbur
etdi. Ýap-ýaňyjy hem seleňläp oturan jaýlaryň sypaldan
10
basyrylan üçekleri, döwlüp ýetişilmedik bugdaý
harmanlary ala şatyrdy bolup ýanmaga başlady. Ýalyn
gatyşykly towlam-towlam tüsseler asmana göterilýärdi.
Men bolup geçýän zatlara has gowy syn etmek üçin,
atymyň başyny golaýdaky depä tarap öwürdim. Meniň
öňümde eýmenç sahna peýda boldy. Göz açyp ýumasy
salymyň içinde ýalyndyr tüsse bar zatlary öz goýnuna
dolap alyp, goşunyň barýan tarapyna haýallyk bilen
ýaýrap ugrady. Bu başagaýlygyň içinde kazaklar elleri
otly kesindili, edil arwahlar ýaly bolup, diwarlaryň,
ýaplaryň üstünden atlaryny bökdürip, alakjap ýördüler.
...Bir ýarym sagat töweregi geçenden soň, asman
garalyp ugrady. Az salymdanam ýagyş ýagmaga
başlady. Tomsuň ortaky aýynda ýagyş ýagmagy öň
görlüp eşidilen hadysa däldi. Şeýdibem, öňki pajygaly
wakanyň üstüne ýene-de bir ýürekgysdyryjy sahna
goşuldy. Ýuwaşja çisňäp ýagýan ýagyş sönüp barýan
otlaryň külüni dörjeläp olary öňküdenem güýçli
tutaşdyrdy. Asmana ýaýran tüsse aşak — agaçlaryň
üstüne çöküp, töweregi içgysgynç tukatlyga gaplady.
Ýuwaş-ýuwaşdan bady gowşaýan ýalnyň gan ýaly gyzyl
zolaklary indi çugdamlanypdy. Men şuňa meňzeş
urşuň ilkinji gezek şaýady boldum. Bu zamanda bular
ýaly uruş örän seýrek duşýar.
11
Goşun tüssä duwlanan egrem-bugram ýol bilen
haýaljak öňe süýşüp barýardy. Günortana ýakyn esasy
goşunyň öňünden barýan esger gözýetimde bir garanyň
görünýändigini habar berdi. Aňyrdan ýetip gelen
atlylar ýaňky esgeriň deňinde saklanyp, onuň bilen
gürrüňleşmäge başladylar. Olar ruslaryň öz üstlerine
sürnüp gelmekleriniň sebäbine düşünmeýändiklerini
aýtdylar. Esger olary Golowaçýowyň ýanyna alyp
bardy. Türkmenler öz sözleriniň ýer almajakdygyny
bilenlerinden soň bolsa: «Biziň sanymyz müňlerçedir.
Ruslara edenlerini eginleri bilen çekdireris. Biz indi
siziň garşyňyza uruşmagy ýüregimize düwdük. Siziň
islegiňiz uruş bolsa, onda bizlik gürrüň gutardy» diýip
haýbat atyp, öz ýoldaşlaryna birikmek üçin atlaryny
howlukmaçlyk bilen çapdyryp gitdiler.
Rus atlylary söweşe girmäge ýaman höwesekdiler.
Goşunyň öňüni çekip barýan urşujylaryň ofiseri söweşe
girmäge rugsat sorap, generalyň ýanyna birnäçe gezek
çapar ýollady. Ýöne Golowaçýow ikirjiňlenmesini
dowam edýärdi. Göwnüme bolmasa, ol henizem harby
töleg üçin beren möhlet tamamlanýança, türkmenleriň
paç töläp, söweşden gutulmagyna mümkinçilik bermek
isleginden dänmedik ýalydy... Birnäçe wagt geçenden
soň, türkmenleriň başlaryny gutarmak üçin ýüzlerini
12
çöllüge tutdurandyklaryny habar berdiler. Öňde-soňda
söweşe girmeli bolsa, häzir tüýs wagtydy. Ahyrsoňy
kazaklara gaçyp barýanlaryň yzyndan kowmaga rugsat
berildi.
Goşun iki topara bölünip, çölüň edil eteginde aýak
çekdi. Her ýüz atlynyň depesinde baýdak pasyrdaýardy.
Adamlar, hatda atlaram söweşe girmäge höwesek
ýalydy. Iki mil töweregi günortarakda bolsa, ulgamulgam çäge depelerini depeläp barýan türkmenleriň
topary ownukly-irili mallar bilen garyşyp öňe süýşüp
barýardy. Adamlaryň sany iki-üç müňe golaýdy.
Olaryň arasynda çagalaram, aýallaram göze ilýärdi.
Meniň pikirimçe, olar birnäçe mil öňden barýan esasy
topardan yza galan bolmaly. Az salymdan olar ýapynyň
aňyrsynda gözden ýitdiler.
GYRLYŞYK
Duşmanyň yzyndan kowmak üçin kazaklaryň
alty ýüz atlysy saýlanyp alyndy. Men olaryň arasynda
aýlanyp ýörşüme şazada Ýewgeniý bilen ýüzbe-ýüz
boldum. Ol meniň bilen mylaýym salamlaşdy-da,
öňdäki çaknyşygy synlamagym amatly bolar ýaly, öz
atlylarynyň arasyndan ýer berdi. Ýöriş etmäge buýruk
13
berlen badyna tiz atymyzyň başyny çöllüge tarap
öwürdik. Biz on minut çemesi salymdan gaçgaklary
ilki gezek gören depämiziň üstünde häzir bolduk.
Olar biziň bir mil öňümizden başga bir depeden
aşyp barýardylar. Gaçyp barýanlaryň topbagy eýýäm
dagap, olaryň arasyna aljyraňňylyk aralaşypdyr. Bar
zat buýr-bulaşykdy. Düýelerden, arabalardan, agýan
ýükler atlaryň aýagyna çolaşýardy. Gaçgaklaryň
dowla düşen topary duşmanyň eline galýardy. Men
nämeleriň bolýanyna anyk göz ýetirmek üçin atymyň
başyny çekdim. Meniň öň ýanymda agan ýüküň
astynda galan türkmen, aňyrrakda bolsa, ýüzi çapylan
kazak serrelip ýatyrdy. Olaryň beýleräginde iki sany
aýal çagalaryny bagyrtlap, özlerine rehim edilmegini
sorap bozlaşýardy. Men olaryň gapdalyndan geçip
barşyma: «Aman, aman» diýip, aýallary köşeşdirdim.
Olaryň töwereginde döwlen arabalar, halydyr ýorgandüşek salnan haltalar, ullakan horjundyr ýüp bilen
saralan goşlar, okara-çemçelerdir hojalykda ulanylýan
her hili zatlar çaşyp ýatyrdy. Goltugy çagaly bir topar
aýal bolsa, kynlyk bilen öňe süýşüp barýardy. Meniň
enem bilen ýaşytdaş, ýöremäge zordan gurby çatýan
dolmuş aýalyňam elinde çaga bardy... Men ilkinji gezek
hereketsiz ýatan türkmenleriň sanyndan elheder aldym.
14
Şol ýatanlaryň hemmesi öli bolýanlygynda, kazaklaryň
mergenligine telpek goýaýmalydy. Az salymdan bar zat
ap-aýdyň boldy. Men gymyldysyz ýatan türkmenleriň
biriniň elini ýerden göterip, şol bada hem aşak
goýberenini aňşyrdym. Olaryň köpüsi kazaklaryň
gözüne çöp atmak üçin ölen kişi bolup ýatyrdylar.
Men birnäçe wagtlap bu sahnany synlanymdan soň
beýlekilerden yza galanymy bilip, olaryň yzyndan
ýetmäge howlukdym. Pessejik alaňdan aşanymdan soň
kazaklaryň batgalygy ikä bölýän gury gerşiň üsti bilen
süýşüp barýan türkmenleriň yzyndan ok atyp, kowup
barýanlaryny gördüm. Men ýaňky synlan ýerime
golaý gelenimde üç-dört adamynyň dem-düýtsüz
ýatanyny saýgardym. Ýigrimi-otuz sany aýaldyr çagaçuga bokurdaklaryna çenli suwa çümüp, kölüň içinde
ösüp oturan gamyşdyr otlaryň arasynda gizlenmäge
biderek synanyşyk edýärdiler. Olaryň käbiri şol ýerden
özlerine rehim edilmegini sorap, gygyryşýardylar.
Kazaklar olara ünsem bermän öňe geçip gidipdiler.
Ýöne bir ýigrentgi ýoldaşlaryndan yza galyp, atyň
üstünde oturan ýerinden gygyryşýanlary nyşana alyp
oturan ekeni. Men onuň ýanyna baryp ýetişmänkäm, ol
mäşäni gysdy. Hernä onuň atan oky sowa geçdi. Ol ikinji
gezek atyp ýetişmänkä, atymy çapdyryp bardym-da,
15
gamçym bilen ýüzkessir urup, ýoldaşlarynyň yzyndan
ýetmegi buýrdum. Men suwuň içinde zähresi ýarylan
görgülilere: «Aman» diýip gygyrdymda, onuň yzyna
düşdüm. Birdenem öň ýanymda dört sany kazagyň
bir türkmeniň daşyna egrilişip duranlaryny gördüm.
Ony eýýäm atdan agdaryp, ýaragsyzlandyrypdyrlar. Ol
dört atlynyň gylyjyndan diňe elleri bilen goranýardy.
Ýöne şonda-da rehim etmeklerini sorap, olara ýüz
tutjaga meňzänokdy. Daşyndan seretseň, bu örän
aýylgançdy. Kazaklaryň yzly-yzyna inderýän gylyçlary
türkmene galtaşanokdam. «Kazaklar ony hijem
öldürip bilmezlermikä? Näme olaryň elleriniň ysgyny
ýokmuka?» diýen sowallar kellämde at çapýardy. Az
salymdan (meniň üçin ýyl aşan ýalydy) ýaňky türkmen
boýnuna salnan çuň ýara zerarly gapdala — suwuň içine
agyp gitdi. Ýene biraz ýöräp, wepat bolan äriniň üstüne
abanyp, sessiz aglap oturan aýalyň üstünden bardym.
Birdenem gulagyňy gapyp barýan gümmürdiden ýaňa
tasdan atdan agypdym. Top oklary gaçyp barýanlaryň
yzky hatarlarynda ýarylýardy. Onuň sesi çagalardyr
aýallaryň çirkin sesleri, atlaryň kişňemesi, takyrlaryň
içinden eýläk-beýläk ýüwürýän goýun-geçileriň
sygyrlaryň sesi bilen garyşyp, töweregi hakyky dowzaha
öwrüpdi.
16
Birnäçe minut geçenden soň top sesi ýatdy.
Türkmenler hersi bir ýana dagap, depäniň aňyrsynda
gözden ýitip gitdiler. Şol pursadam goşuny toplanmaga
çagyrýan deprek sesi ýaňlandy. Yzyma dolanyp
gelýärkäm, mende kölüň içinde galan çagadyr aýallary
görmek islegi döredi. Ýöne ol ýerde olaryň birem
gözüme ilmedi. Olaryň top sesinden gorkup, suwa gark
bolan bolmaklaram mümkindi. Men olary kazaklar
öldürendir diýip biljek däl. Sebäbi men ýaş kazak
ofiseri baron Krudneriň aýallary öldürmäge synanyşan
esgerleri jezalandyranyny öz gözüm bilen gördüm.
Deprekler henizem toplanmaga çagyrýardy, ýaralylar
gözlenip, lukman olara tizden tiz kömek berýärdi.
On üç-on dört ýaşly oglanyň kellesi gylyç bilen agyr
ýaralanypdyr. Onuň ýanynda gaýgyly, wagşy, teşne
gözleri bilen lukmanyň oglunyň ýarasyny daňyşyna
seredip duran ejesi bardy. Sada pikirli aýal öz ogluny
öldürjek bolan adamlaryň indem ony bejerjekdiklerine
gaty bir ynanyp baranokdy. Lukman oglanyň ýarasyny
usullyk bilen daňyp, ejesine oglunyň ölmejekdigini
aýdan mahaly ol aýal gözlerinden minnetdarlyk ýaşyny
döküp, lukmanyň elinden ogşady.
Atlara az salym dynç berleninden soň, kazaklaryň
17
birnäçesini olja alnan iki müňe golaý goýundyr geçileri,
sygyrlary sürmäge ýollap, berkitmä tarap ýola düşdük...
Men gyrak-bujaksyz çölüň ortasynda galan adamlara
garaba-garaba barýardym. Meniň gözüm gyzydyr
ýaralanan ogluna jansyz nazaryny dikip oturan aýala
düşdi. Onuň töwereginde ýoga çykarylan ähli baýlygy
çaşyp ýatyrdy. Onuň ölen äriniň meýdiniň hem şu
töwerekde serlip ýatan bolmagy ahmal.
URUŞ SAHNASY
Ertesi günem öňümizden çykan ähli zady ýykyp,
ýakyp-ýandyryp ýörmegimizi dowam etdirdik. Biziň
yzymyzda ýomutlaryň üç mile golaý giňişlikdäki
ýerleriniň köräp duran külünden başga zat galanokdy.
Men ýakyş hereketine has ýakyndan syn etmek maksady
bilen, ýoluň sag tarapyndaky zatlaryň ýakmaga buýruk
alan şazada Ýewgeniniň ýanyndan atymy sürüp
barýardym. Onuň bu işe höwes bilen topulmaýandygy
görnüp duranam bolsa, berlen buýrugy birkemsiz
ýerine ýetirýärdi. Buýruk ýakymsyzdy, ýöne bu syrly
ýurduň (Russiýanyň) parahatlyk söýüji we düşünjeli
adamlarynyň arasynda, megerem, bikanunçylykdan
doly ýumşy ýerine ýetirmäge bolan wagşy höwes
18
oýanypdy. Biz haýatlary böwsüp geçip, öýleriň
gapylaryny döwüşdirip, ondan-oňa at çapdyryp
ýörşümize her ädimini burum-burum tüssedir ýalna
öwürýärdik. Öýleriň içinde galdyrylan zatlar örän
seýrek duşýardy. Käwagt ownuk-uşak gap-çanaklar,
gaçyp, tozan jüýjeler, lagşan atlar, göçüp gidenleriň
yzyna eýgermedik göleler, diwarlaryň ýa-da üçekleriň
üstünde tä üstüne ot çabyraýança daş-töwerekde
bolup geçýän zatlara göwnüýetmezçilik bilen syn
edip oturan pişikler gabat gelýärdi. Taşlanyp, gidilen
ýa-da ýaşan öýlerini terk etmäge dözmedik itler örän
seýrek duşýardy. Olar biz ýakynlaşyp ugranymyzdan
gaharly üýrüşip, gaçyp gidýärdiler. Bir gezek men
rehimsiz oduň içinde galyp, gözgyny çyňsaşýan güjük
çagalarynyň üstünden bardym. Sagat ikilerde biz on
iki mil yzymyzda galan berkitmä tarap gaýtdyk. Ertesi
edil düýnki ýaly otly kesindiler bilen ýanaýjak zatlaryň
baryny ýakyp-ýandyrmak bilen meşgullandyk. Şeýdip,
ýörşümize biz günortana ýakyn Gyzyl-takyr düzlügine
gelip ýetdik. Bu giden bir çägeli ýalazy meýdan eken.
Birnäçe milden birki sany ýaşaýyş jaýyna duşaýmasaň bu
ýerde başga yns-jynsa gözüň düşenok. Töwerek gazylan
ýaplardan doly. Olaryň käbirinde henizem suwuň
barlygyny nazara alsaň, bir wagtlar bu ýerleriňem bol
19
hasylly, ekerançylyk üçin amatly bolandygyny çaklamak
mümkin. Biziň alyp barýan urşumyz ýaly gazaply
uruşlaryň birnäçesi bu ýerleriň bag-bakjalaryny ýele
sowrupdyr. Markozow ilkinji gezek türkmen çöüügini
kesip geçende şu ýerde düşläpdir.
Biz günortana golaý taşlanyp gidilenine köp wagt
geçen bag-bakjaly öýüň golaýynda düşledik. Günorta
yssysy beýniňi iýip barýardy. Günüň galan bölegini hem
şu ýerde geçirmegi karar etdik. Köp wagt geçmänkä,
men bir türkmen oglanjygynyň tutulandygyny eşitdim.
Töweregindäki goh-galmagaly piňine-de alman, bagyň
saýasynda uklap ýatyrka, onuň üstünden barypdyrlar.
Onuň ýaşy on ikiden kän bolmasa-da, ýüzi uly adamyňky
ýalydy. Ol goçak kelleli, ýasy çekgeli gür gaşly, jaýty
burun, saryýagyz, akylly gözleri ýanyp duran oglandy.
Ol ejesiniňem, kakasynyňam ýokdugyny, özi barada
alada edýän daýysynyň bolsa, uklap ýatyrka, ony taşlap
gidendigini aýtdy. Soň görüp otursak, ony bilgeşlin
taşlamandyrlar. Oglanjygyň ruslaryň arasyndadygyny
bilen badyna daýysy ony idäp gelip, gele-gelmäne-de
bagryna basdy. Ol juda garagol bolansoň, rus esgerleriniň
çäksiz hormatyndan peýdalanýardy. Esgerler oňa täze
eşik geýdirip, rus dilini öwredip başladylar. Dynç almaly
wagtymyzyň ep-esli bardygyndan peýdalanyp, men
20
ýykylan Yzmykşir galasyna aýlanmaga gitdim. Onuň
meýdany dört akra (2 ga) golaýdy, kä ýerlerde belentligi
30 ädime ýetýän diwarlaryna hiç zat kär etmändir. Gala
çig kerpiçden däl-de, gowy edip bişirilen agymtyl-gyzyl
kerpiçden salnandy. Kerpiçleriň uzynlygy 6 dýuma,
galyňlygy bolsa 1,5 dýuma golaýdy. Hywalylar galany
beýdip salmaýarlar. Megerem, bu gala hytaýlylaryň ýada parslaryň höküm süren zamanynda salnan bolsa
gerek.
Biz dynç alyp otyrkak, Kaufmanyň başda türmä salan
ýomut ilçileri gapdalymyzdan geçip gitdi. Olaryň ugry
gaçyp giden ildeşlerine talapdy. Olaryň ikisi gaçmaga
synanyşan mahaly öldürilipdir. Galanlaryny bolsa,
ildeşlerini paç tölemäge yrmak şerti bilen boşadypdyrlar.
Ýöne bolup geçen wakalardan soň, olaryň sözüniň ýer
tutmajagy görnüp durdy.
Ýigrimi dördüne ir bilen biz ýolumyzy dowam
etdik. Biziň kesip geçmeli çölümiziň içinde ýakmaga
ýaramly hiç zadyň ýokdygy sebäpli, ýakyş operasiýasy
bes edildi. Şeýdip, ýomutlaryň ýurdunyň ýüz millik
çägindäki bar zady küle öwrüp, özbekleriň ýurduna
ýetdik. Biz ýolda ýomutlar tarapyndan ýara salnan
pürsiýanyň üstünden bardyk. Onuň tenine azyndan
ýigrimi gezek gylyç degipdir. Lukman onuň ýaralaryny
21
daňyp, meýdan gospitalyna ýerleşdirdi. Ýöne indi ol
adam boljaga meňzänokdy. Sagat onlaryň töwereginde
uzakda baglaryň garasy gözümize ildi. Ýene bir
sagat töweregi ýol ýöräp, Ýylanly şäheriniň iki mil
golaýyndaky gür baglygyň saýasynda goş ýazdyrdyk.
Biz öz çadyrlarymyzy gurup ýörkäk, «Bazar» diýip,
gygyryşyp, ýanymyza ýetip gelýän özbekleri gördük.
Birdenkä deprekleriň howsalaly gümmürdisi eşidildi.
Çöl tarapdan türkmenleriň ýakynlaşyp gelýänini
habar berdiler. Biz şol bada ýerimizden böküp turup,
eşiklerimizi geýip, sapançalarymyzy bilimize gysdyrdyk.
Her kim ýakynlaşyp gelýän duşmany görmek üçin
arabalaryň, beýgiräk depeleriň üstüne dyrmaşýardy.
TUTLUŞYK
Türkmenleriň bulam-bujar hatarlar bilen atlaryny
maýdalyna goýberip gelişleri söweşmäge däl-de,
aňtawa gelýän ýalydy. Olaryň bizi görmeýän bolmagam
mümkindi. Sebäbi biziň öňümizi tä Ýylanly şäherine
çenli uzalyp gidýän baglyk gabalap durdy. Türkmenler
bolsa, çöl tarapdan gelýärdiler.
Olary garşy almak üçin atly goşuna taýýar bolmaga
buýruk berlip, onuň ýanyna pyýada goşunyň iki
22
rotasy berkidildi. General Golowaçýow öz adamlary
bilen kiçeňräk depäniň üstüne çykyp, wakalaryň
ýaýbaňlanyşyna syn edip durdy. Men ata atlanyp,
berkitmeden iki mil uzaklykdaky alynky söweş
hataryna tarap ugradym. Ol ýerdäki suwsuz ýabyň sag
tarapyndaky alaňyň üstünde polkownik Dresçerniň
goşun bölümi, ýabyň çep tarapynda bolsa, polkownik
Nowamlinskiniň goşun bölümi durdy. Olardan ýarym
mil daşlykda bolsa, söweşe girmekden gaça durýan
köp sanly türkmen atlylary eýläk-beýläk at çapdyryşyp
ýördüler. Rus mergenleriniň seýrek atýan oklary,
toplaryň ot sowurmasy türkmenlere göräýmäge uly
bir zyýan ýetirip bilmeýärdi. Men yzyma sereden
mahalym Ýylanly tarapdaky ýol bilen at çapdyryp
gelýän adamlaryň çaltlyk bilen ýakynlaşýanyny
gördüm. Bu berkitmäniň yz tarapyndan edilen örän
uly şowly hüjümdi. Sebäbi esgerleriň we ofiserleriň
bary berkitmäniň bäri tarapynda — biziň alynky söweş
hatarymyzda bolýan wakalara aňkarylyşyp durdy.
Yzdan gelýänler olara görünmeýärdi. Olar ýönekeýlik
we başarjaňlyk bilen gurlan söweş duzagyna düşüpdi.
Öňde bolsa türkmen atlylary manysyz eýläk-beýläk
at çapdyryp ýördüler. Men yzdan hüjüm edilýänini
duýdurmak üçin atymy yza öwren mahalym polkownik
23
Nowamlinskiniňem olary aňşyryp, öz esgerlerine yza
dolanmaga buýruk berýändigini gördüm. Onuň goşun
bölüminiň bir bölegi bolsa eýýäm Ýylanly ýoluna tarap
at çapdyryp barýardy. Şol pursat berkitmeden iki ýüz
ýard uzaklykda türkmenleriň ýarpy göwresi ýaprakly
agaç çybyklary bilen saralgy tot-tozan basyp giden
garaýagyz keşpleri göründi. Olar ýalaňaç gylyçlaryny
galgadyp, batyrgaýlyk bilen at çapdyryp gelýärdi.
Türkmenler üstlerine abanýan howpdan bihabar rus
esgerlerini ýüzleriniň ugruna kerçäp biljekdiler. Emma
olar ruslaryň gapyllykda üstlerini basmagyň ýerine
düşelgäniň töwereginde otlaşyp ýören düýedir atlary
sürüp başladylar. Bu ýagdaý bolsa ruslara ýeňseden
abanýan howpy aňşyrmaga mümkinçilik berdi. Esgerler
duran-duran ýerlerinden ýaraga ýapyşyp, ofiserleriň
buýrugyna garaşman söweşe girdiler.
Edil şol wagtam iki ýüz ýard gapdaldan
Nowamlinskiniň otrýady hüjüme başlady... Gowy
nyşana alnyp atylýan oklaryň gürlügi sebäpli, türkmenler
atlaryny yza öwrüp, gürüm-jürüm boldular. Men
olaryň birnäçesiniň eýerden aganyny, ýoldaşlarynyňam
saklanyp, olary ýanlary bilen alyp gidenini gördüm. Biz
gaharymyza ajal güllelerini olaryň yzyndan ýollaýardyk.
Olar berkitmäniň içinden geçip (bu olara aňsatlyk bilen
24
başartdy) gapdaldan atylýan oklardan aman sypdylar.
Soň bolsa berkitmäniň günorta tarapynda söweşip
ýören ýoldaşlaryna goşuldylar.
Berkitmeden iki ýüz ýard daşlykda bäş sany esger
garawulçylyk çekýärdi. Türkmenleriň nädip olaryň
üstüni basandyklary bilinmän galdy. Ýaş ofiser
Kamenskiý berkitmäniň beýle tarapynda söweş gidip
durka, olary barlap gidipdir. Şonda olaryň baram
diri ekeni. Ähtimal, olar söweşiň gidişine aňkaryp
durkalar güpbasdy edilendir. Söweş tamam bolandan
soň, olary kelleleri kesilen we çuw-ýalaňaç halda
tapdylar. Berkitmäniň iki ýüz ýard golaýyndaky bu
wakany hiç kimiň görmezligi türkmenler batyrlygyny
we başarjaňlygyny görkezýärdi. Kazaklaryň dört-bäş
ýüz atlysy türkmenleriň ilkinji peýda bolan ýerine
bakan atlaryny sürdüler. Olar entek duşman gitmedik
bolsa, söweşmek isleýärdiler. Men mümkin boldugyça,
bu söweşe syn etmek maksady bilen, olaryň yzyna
düşdüm. Bolup geçýän wakalar nakgaşyň eseri ýaly
özüne çekijidi.
Bu ýerde türkmenleriň örän köp sanlysy gaýmalaşyp
ýördi. Gykylyklap, at çapdyryşyp ýörüşleri olaryň
ruhdan düşmändigini görkezýärdi. Türkmenler atyma
gelmeýärdiler. Ajaýyp atlary olara biz bilen islendik
25
aralygy saklamaga mümkinçilik berýärdi. Biz wagtalwagtal ok atyp, gygyryp olary söweşe çagyrýardyk.
Emma olaryň piňine-de däldi.
Bu zatlaryň bary biz üçin lezzet açarlyk tomaşady.
Biz türkmenleriň at çapmaga bolan ussatlygyna telpek
goýýardyk. Biz bu ýerde türkmenleriň edermenliginiň
gözli şaýady bolduk. Olar öz tertip-düzgünleri bilen
ajaýyp atly goşuny düzüp biljekdi.
Türkmenleriň söweş tärleri gadymydy. Olar ýekelikde
ýa-da iki-üç bolup, biziň elli ýard golaýmyza gelip,
egri gylyçlaryny galgatmak bilen bizi başa-baş söweşe
çagyrýardylar. Barmajakdygymyza gözleri ýetende
bolsa, öz dillerinde bir zatlar diýip gygyryşýardylar.
Megerem, olar sögünýän bolsalar gerek. Biziň
hatarymyzdaky çerkesleriň birnäçesi olaryň garşysyna
çykjak bolup dyzmaçlyk edýärdi. Emma ätiýaç üçin
polkownik alajyny tapsa, başa-baş söweşe girmäge
rugsat berenokdy. Ýöne meniň soňky gören zatlarym
çerkesleriň başa-baş söweşe çykmanlygyna ýüzde-müň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gazawat urşy - 2
  • Parts
  • Gazawat urşy - 1
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2030
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gazawat urşy - 2
    Total number of words is 3545
    Total number of unique words is 2017
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gazawat urşy - 3
    Total number of words is 779
    Total number of unique words is 542
    42.9 of words are in the 2000 most common words
    53.8 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.