Latin

Düýe maly – dünýe maly - 2

Total number of words is 3670
Total number of unique words is 2134
26.1 of words are in the 2000 most common words
37.0 of words are in the 5000 most common words
43.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
mallary suwa ýakylmaly edilipdir. Şol köşekli düýe bir gün suw içip,
beýleki günler suw içmese-de, örän köp mukdarda süýt beripdir. Şol
düýäniň süýdi, çaly ähli ilata ýetipdir. Şol köşekli düýä: “ Salyh
pygamberiň düýesi” diýipdirler...
Bu rowaýaty Azady metjidiniň azançy Baýram hajy gürrüň berdi.
***
Muhammet pygamber Mekgeden Medinä barýarka, çölüň içinde
suwsap, ýadap, ahyry bir çarwanyň öýüni görüp, şolara sowlupdyr.
Öý eýesiniň bolsa bir arryk diiýesi bar eken, hödür-kerem edere-de
başga zady bolmandyr. Muhammet pygamber öý eýesiniň hiç zat hödür
edip bilmän juda utanýanlygyny bilip: “Düýäňizi sagaýsag-a boljak”
diýipdir. Şoi pursat öýüň erkek kişisi utanjyndan ýaňa görünmän
bukulyp durupdyr. Öý bikesi düýesiniň arryklykdan ýaňa süýdüniň
çekilip gidendigini aýdypdyr. Muliainmet pygamber: “Sagmaga mgsat
berseňiz bolýar” diýipdir-de, düýäni sagmaga başlapdyrwelin, düýäniň
özi-de kuwwata gelip ugrapdyr. Düýäniň süýdünden M uhammet
pygainber, öý bikesi-de içip ganypgyrlar, şonda-da süýtden ýene-de
galypdyr. Şol pursat bu waka haýran galyp duran oýüň erkek kişisi
öýe giripdir. Aýaly: “Al. içseň, saňa-da näçe diýseň, süýt galdy” diýip,
adamsyna hödür edipdir.
19
***
Muhammet pygamber oglanjykka, arap zenanlary çagalaryna
eneke tutýanlaryň çagasyna eneke bolmaga obadan şähere geler
ekenler. Çagalaryň ejesi-kakasy çagasyna seredýän enekä hak tölemeli
eken. Enekeleriň biri çagalaryň arasynda Muhammede aýratyn mähri
gidip: “Men şu oglanjyga eneke bolaýyn” diýip, Muhammedi arryk
galan düýesine mündirip ugrapdyr. Muhammet düýä münenden, ýaňky
arryk diiýäniň kuwwatlanyp, ulalyp, agaryp, owadanlanyp barşyna
beýleki enekeler haýran galyşyp seredişipdirler.
***
- Günlerde bir gün Ybraýym pygamber bir işe gümra bolup, agyr
oýa batyp oturan eken. Daş işikden: “Myhman alaňzokmy?” diýen
ses eşidilen ýaly bolupdyr. ”Myhman almaz hem adam bolarmy?” diýip,
başyny galdyryp seretse, myhman ýok eken.
Ybraýym pygamber çalasynlyk bilen daşary çykyp görse,
myhman düýeli gidip barýan eken. Ybraýym pygamber onuň yzyndan
ýetip: “Men seni myhman alja-ga, ýör öýe” diýiprdir. Erkeginiň üstünde
oturan kişi: “Erkegim bilen myhman alsaň gideýin” diýipdir welin,
Ybraýym pygamber myhmany düýesi bilen gujaklap göterip alyp
gaýdypdyr...- diýip, daşoguzly Allaguly çopan il içinden eşiden
rowaýatyny gürrüň berdi.
GANATLY SÖZ DÜZÜMLERI
Düýä münüp, hataba bukmak - oňlanylmaýan bir iş edip,
yzyndanam şol işini ilden ýaşyrjak bolýana: “ Düýä münüp, hataba
bukma”, “Düýä müniip, hataba bukjak bolma”, “ Düýä münüp, hataba
bukjak bolmaň näme?” diýýärler.
Göni m anysynda alanyňda-da, bu dogrudyr, çünki düýä
müneniňde, seni heinme kişi görýär. Düýäniň üstüne müneniňden soňra.
sen özüňi hataba bukup gizlejek bolsaň hem bu emeliň başa barmaýar.
20
Düýüniň üstünde it ýarmak - garaşylm adyk ýagdaýa bir
betbagtçylyga uçran adam barada: “Wah, işi gaýdany düýäniň üstünde
it ýarar diýenleri bolupdyr” diýýärler.
Şeýle gömüşi göz öňüne getirip görüp, adam-a düýäniň üstünde
otyr diýeli, item ýerde, nähili edip, dliýäň üstünde oturan adama itiň
boýy ýetjek? Bu asyl mümkin bolmajak zat. Şonuň üçin hem
oslanmadyk betbagtçylyk barada eşidilende, bu habar şeýle aňlatma
bilen häsiýetlendirilýär.
Düýe çökerip, çemmer işmek - bir işi wagtynda etmän, ony
gyssagarada ýerine ýetirjek bolýana: “ Düýe çökerip, çem m er işjek
bolýarsyň” diýilýär. Çem mer - howudyň gaýym, berk, mäkäm
durmagy üçin, düýäniň gamynyň aşagyndan alnyp daňylýan tanap.
Çemmer işmek örän köp zähmet talap edýär. 01 ýönekeý ýüp işen
ýalydäl.
Nakyla öwrülip giden bu aňlatma her bir işi öz wagtynda ýerine
ýetirmegi ündem ek bilen, how ul-hara edilen işiň talabalaýyk
bolmajakdygyny ýatladýar.
Diiýe öz boýnunyň egrisini bilmez - adam öz kemçiligini bilmez
diýmegi aňladýar. Elbetde, düýäniň boýnunyň egriligi onuň kemçiligi
däl. Bu aňlatma göçme manydabolup, biziň pikirimizçe, sen näçe uly
bolsaňam (bu ýerde düýe uly manysynda gelýär), öz kemçiligiňi özüň
bilmeli diýiljek bolunýar.
Düýeden uly pil bar - uludan ulusy, güýçlüden güýçlüsi bar
diýmegi aňladýar.
Aýaklanmadyk köşekýaly - patdyk-patdyk ädim läp ýöreýän
adam barada aýdylýar.
Täze botlan köşegi aýak üstüne galdyryp, oňa söýget berip, ony
ýöretjek bolunýan ýagdaýy kän görüpdik. Köşejik bir bada entektentek ädip, ýöräbem gidýär, käte, şol barmana, her aýagy bir ýere
gidip, ýykylybam ýatyberýär. Ine, şu ýagdaýy görüp, aýak üstünde
zordan durýan serhoş adamlar barada hem bu aňlatmany ulanýarlar.
21
Kör düýäň köprüden geçmek - öýlenm ek. K ör düýäni
köprüden geçiräýmek örän kyn iş. Gaty duýgur mal bolansoň, düýe
janawar köpriniň üstünden geçirilýänini bilýär. Göterip geçiräýerýaly,
düýe diýilýän ýeňil-ýelpaý malam däl.
Bu aňlatma öýlenmegiň, öýli-işikli bolmagyň ýeňil-ýetpaý zat
däldigi nden habar berýär.
Düýäniň ulusy köprüde taýak iýer - jygba-jygly pursatda
ýolbaşça, baştutana käýeler; iş ýerine ýetirilmedik halatynda ýolbaşçy
tankyt ediler.
Düýäniň köprüden geçmesi kyn bolýar. Diiýäniň agramyna tap
getirmän, köpriniňdöwülýän halatlary hem bolaýýar. Düýäniň iirküp,
köprüden gaçýan pursatlaram duşýar.
Düýe janawar bu zatlary göre-göre gelensoň, köprüden geçmeli
bolanda, köplenç kürtdürip duruberýär. ünsoň düýe çopany süriniň
başyny çekip gelýän düýäniň (düýäniň ulusy) gonuuia taýak bilen nitlaç
bermeli bolýar. Gomuna dartylan düýe janawar, nätsin onsoň,
köprüden geçmän?! Şeýdip, onuň yzy bilen beýleki düýelerem
köprüden geçýärler.
Ýüzi düýäniň dabanyýaly - ýüzüne zat almaýan, ýüzi galyň adam
barada aýdylýar.
NAKYLLARDAN NUSGALAR
Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz.
Düýe garrasa, botasyna (köşgeine) eýerer.
Baý ogly geplemez, geplese “düýe” diýer.
Düýe ýaly altyndan, düwme ýaly akyl ýagşy.
22
Düýäniň dyzyndan, goýnuň gözünden.
Bogazy bogmasaň, bogaz düýäni ýuwdar.
Düýe malym - dünýe malym.
Düýä “ Haýt!” diýmek - medet.
MATALLARDADAN NUSGALAR
Y ol üstünde kökejik.
(Düýäniňyzy).
Otursa depe ýaly,
Tursadagýaly.
(Düýe).
Döil tarp-tarp,
Birşirp-şirp.
(Düýe).
Bir lap-lap,
Kerki saplaw,
Dört tyk-tyk,
Bir bulawaç.
(Düýe).
ErtirgiderLeýlihan,
Agşam geler Leýlihan,
Dürli -düm en düwmäni
Düzüp geler Leýlihan.
(Düýe).
Basany - aýlyk.
Götereni-ýyliyk.
(Düýe).
Aňrysallan,
Bäri sallan,
Totyköýnek,
Ýeňisallan.
(Düýäniň guýrugy).
Bir düýäm bar, arwana,
Sürsem ýetmez kerwene.
(Çaryk).
Garry düýäm çöküp otyr,
Garyn ýagyn döküp otyr.
(Juwaz).
Agramy aşykça,
Kölegesi köşekçe.
(Ýanlyk).
Düýe ýüňünden düşegim.
(Ýer).
Bir iner bile maýa,
Aýlandy girdi çaýa.
(Aý-Gün).
Gaýradan gelýän boz bugra,
“Boz bugra” diýip aýtdylar,
24
Burunlygy çig ýüpek,
'Tutdurmaz” diýip aýtdylar.
(Tüweleý).
Ak iner çökmese,
Boz maýa gaýmaz.
(Gar w eýer). *
LÄLELERDEN NUSGALAR
Ilerde maýa bozlar,
Maýa köşegin yzlar,
Jan boýdaşym, Akmaral,
Gözlerim seni gözlär.
Akmaýa geçip barýar,
Süýdüni seçip barýar...
Düýe geldi ýataga,
Boýny doly otaga,
Çyk sagmaga, gelneje,
Didäm saňa sadaga.
Bu derýa baýlyklydyr,
Düýeler halyklydyr...
*lnen düýe höwiir erkek bilen goşulanda, "Inen diiýe gaýypdyr diýilýär.
Gaýandan soň botlamak pursatyna çenli on iki aý geçýär. Diiýeler
ynsan ýaly duýgur bolansoň, gaýan diiýe botlamak pursatynda gyssanýar,
gabanýar we öziine päsgel berilmez ýaly botlamaga iimsiim giňişlige gidýär.
Şoňa "bojulamak (bo:julamak)” diýilýär.

25
Maýagözel haýbatly,
Kejebesi köýmetli,
Kejebesi gökde oýnar,
Kölegesi ýerde oýnar.
Ýaglyk ujy gyýkyndyk,
Şeker düwdüm ujuna.
Maýagözel boýdaşym,
Çyksyn obaň ujuna.
HÜWDÜLERDEN NUSGALAR
Meniň balam ýekedir,
Rysgy düýe ýüküdir,
Ogşuk, torum götermez,
Iner, maýa ýiiküdir.
Mergen oglum guş ursun,
Dagdan keýik düşürsin,
Düýä ýiikläp getirsin,
Goňşulara süýşürsin.
Meniň gyzym Maýadyr,
Öz öýmüziň aýydyr.
Çyksa düýe sagmaga,
Bulut oňa saýadyr.
Akmaýa läle kakar,
O wazyjana ýokar,
Kejebesin bezejek
Düýebaşlyklar dokar.
26
Allan-allan, hemişe,
Kerwen gitdi argyşa,
Kerwen gelsin oljaly,
Bezeneliň kümüşe.
Äpet kersen gaýmagy,
Boz goýunyň böwregi,
Arwananyň ogşugy,
Akmaýanyň köşegi.
Ýeňňesine ýelmaýa,
Heniz azdyr gyzyma,
Agasyna akmaýa,
Heniz azdyr gyzyma,
Daýysyna dal bedew
Heniz azdyr gyzyma
Hüwwä-hüw!..
YRYMLARDAN NUSGALAR
Diiýe malym elimden gitmesin, diiýäme, gömme çöregime göz
degmesin diýen ýagşy niýet bilen düýe ýüňünden nepis egrilip, dokalan
çäkmenlikden kesilen kesindi (ýagny seçekli ujy) bilen gömme çöregiň
ýüzi süpüiilýär.
***
Gözden, dilden goraýar diýen ýagşy niýet bilen türkmen gelingyzlary müň dürli alajalar işenlerinde-de, örenlerinde-de, düýe
ýüňünden we ondan egrilen ýüpden goşup ulanýarlar.
27
***
Zenan hamyla bolanda, çaga dogmaly wagtyndan geçiberse,
çaganyň wagtyndadogmagy iiçin zenany düýäniň aşagyndan üç gezek
geçirýärler ýa-da düýe ýüňünden tanap işip, tanapyň aşagyndan üç
gezek geçirýärler.
***
Maýa ýaly çydamly, dogumly, mylaýym bolsun diýen ýagşy niýet
bilen türkmenler gyz bäbegi dünýä inende, oňa “Maýa”, “Maýagözel”,
“Akmaýa” ýaly atlar dakýarlar.
***
Ogul bäbegi dünýä inende, onuň adyna Köşek, Torum, Bugra,
Iner, Keşer, D üýegurban, H eşdek, K erw en ýaly atlar dakyp,
kuwwatly, gaýratly, mert bolmagy arzuw edýärler.
***
Düýşünde düýe gören kişiniň düýşüni “Düýe - dünýä” diýip,
saglyga, rysgal-baýlyga ýorýarlar.
“EREK MAÝA MÜNJEKMI?”
Türkmen halkynyň arasynda “Erek maýa münjekmi?” atly
çaga oýny örän gadym zamanlardan bäri dowam edip gelýär. Oňa
käbir ýerlerde “Herek maýa m ünjekm i?”, ýa-da “Hörek maýa
münjekmi?” hem diýýärler. Emmahakykysy“Erek maýa münjekmi?”
bolmaly. Çünki, “erek” sözi, başga-da aýdyşymyz ýaly, “goşa örküç”
manysyny berýär.
Bu oýnuň oýnalyş düzgüni şeýle:
lki eliň süýem, orta, ogulhajat, külembike barmaklarynyň uçlary
goşýumrugyň iç ýüzünde gizlener ýaly, barmaklaryňy biri-biriniň
aralygyndan geçirmeli. Goşýumrugyňy güberdip, orta barmaklaryňy
düýäniň örküji ýaly tüňňertmeli. Başam barmaklaryňy düýäniň kellesi
28
(gulaklary) ýaly dikgertnieli-de, goşýumrugyňy düýä meňzedip, gaýtagaýta özliňe, çaga tarap yralap, garşyňda öztiňe bakyp oturan çaga
ýüžiemneli:
'*
; VV
*• , .
v -V f
Alyp baryjy: »
n-. t
f.. t- Erek maýa ‘m ünjekmi? '
■ - Münjek!
Alypbaryjy:
- Çopana çörek eltjekmi?
Çaga:
- Eltjek!
Alyp baiyjy:
- Öňüňden şagal çyksa, gorkjakmy, gorkjak deilmi?
Çaga:
- Gorkjak däl!
Alyp baryjy:
- Gorkjak dälmi?
Çaga:
- Gorkjak däl!..
Soňky gepleşik iki-iiç ýola gaýtalanandan soň, alyp baryjy
erek maýa (düýä) meňzeden ellerini açyp: “Al, gorkm asaň!” diýip,
ellerini çarpyp goýberýär. Şonda-da çaga gözlerini gyrpman dursa:
“Hä, sen batyr ekeniň,” “Senden çopana çörek ibersek boljak”diýip,
ony begendirip, gülüşip, gujaklaşmaly. Eger-de çaga gözlerini gyrpgyrp etse, oňa gorkmazlygy öwredip, batyr bolmagy öw üt-ündew
etmeli.
29
“DÜÝEDEN” AT ALANLAR
Düýeguş - guş ady.
Düýedaban - ösümlik ady.
D üýeji- taýpa-tire ady.
Ogşuk - tire ady.
Bulardan başga-da ýurdumuzda aşakdakylar ýaly ýer-ýurt atlary
gabat gelýär:
Bugralar - Çeleken ýarym adasynda gum depeleri.
Düýeji - Gurbansoltan eje, Sakar etraplarynda oba; Baýramaly
etrabynda ýap, guýy.
Düýejiburun - Çeleken ýarym adasynda gum, uly burun.
Düýejigum - Garagumda gum.
Düýejidag - Serdar etrabynda dag.
Düýeajy - Garagumda guýy ady.
Düýeberki - Murgap etrabynda belent gum depesi.
Düýebil - Tagtabazar etrabynda gyr ady.
Düýeboýnak - Magdanly etrabynda dag ady.
Düýeboýun - Birata etrabynda oba, dag; Görogly etrabynda
oba, Baharly etrabynda dagyň egri köteli, çeşme; Amyderýanyň
egrelýän we daralýan ýeri.
Düýegiden - G örogly etrabynda köl orny; K öneürgenç
etrabynda gadymy gaçynyň böwsülen ýeri.
Düýegörünmez - Esenguly etrabynda çuň jar.
Düýegyr - Derwezede bir gyr.
D üýegyrlan - D a şh o w u z w e la ý a ty n y ň S a p a rm y ra t
Türkmenbaşy etrabynda giň meýdany.
Düýedaş - Serdar etrabynda dag depesi, çeşme, dere.
Düýeýykyldy - Köýtendagda daga çykylýan ýol ady.
Düýesamaran - Balkan we 1aýaty T ürkmenbaşy etrabynda
köl.
30
Diiýetam - Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy
etrabynda oba.
Düýeuçurum - Baharly etrabynda dik gaýanyň üstünden geçýän
ýol ady.
Düýeçöken - Baýramaly etrabynda belent depe, gala.
Düýeýatak - Etrek etrabynda bir dere.
Düýeýatyryjy - Köýtendagda dag depesi.
Inergyzyl —Balkan dagynyň bir bölegi.
Inerdepe - Bereket etrabynda dag, Etrek etrabynda depe.
Inerýüzdüren - Baharly etrabynda guýy; oý ýer; Serdar,
Türkmenbaşy, Esenguly etraplarynda oý ýerler.
Inerçöken - Görogly etrabynda depe.
Inerçäge- Merkezi Garagumda uly gum depesi; oba; Esenguly
etrabynda gyr.
Inerýuwdan - Görogly etrabynda ýap.
Köşeguçan - Magtymguly etrabynda dagyň belent gaýasy.
Köşekgyzyl - Bereket etrabynda dag ady.
Köşekgyr - Derwezede gyr.
Köşekli - Esenguly etrabynda ýer ady.
Maýabatan - Görogly etrabynda köl; oba.
Maýabozlan - Merkezi we Günbatar G aragum da guýy; kak;
Birata etrabynda guýy.
Maýaölen - Garagumda şorluk ýer; Hazarda ýer ady.
Nerbeýik - Murgap etrabynda uly depe.
Ogşuk - Garagumda öri meýdany.
Torum göbek- Balkan welaýatynyň Türkm enbaşy etrabynda,
Gasyn guýusynyň töwereginde depe.
Professor Soltanşa Atanyýazowyň ýer-ýurt atlary baradaky
sözlüklerine salgylanyp mysal getirilen ýokardaky ýer-ýurt, dag, dere,
depe, ýap atlarynyň ýerleşýän ýerlerine üns beriň. Olar haýsy etraplarda
köp duş gelýär? Ine, şol ýerlerde düýedarçylyga-da aýratyn üns
berlendigini çaklamak mümkin. Yöne Türkmenistanyň ähli ýerinde31
de maldarçylygyň bu pudagyna degerli üns berliýändigini inkär etmek
bolmaz. Ylaýta-da ýurt Garaşsyzlygymyzdan soň düýe inaly hakyky
manysynda dünýe malyna deňelip, oňa aýratyn ähmiýet berlip ugraldy.
ŞYGYRLARYŇ ZYNATY,
AÝDYMLARYŇ GANATY...
Dag han ogullary çykýär göreşe,
Baýragy ner-maýa,
Sylagy ökiiz.
Daşdan görseň, göz edýän deý görene,
Dünýäň depesinde toý tutýar oguz!
Beýik Saparmyrat Tiirkmenbaşy,
"Oguz to ýy”.
Gelýär alys ýerden
Agyr bir kerwen,
Haja barýar aksakallar, gojalar.
Gije-gündiz Allaň adyn zikr edip,
Biribaryň berenine şükür edip,
Tagat tartýar gelejekki hajylar...
Beýik Saparmyrat Türkmenhaşy,
' Hajygowşan rowaýaty
Tozdurdym men sende çaryk-çokaýym,
Paý-pyýada gezip ojar tokaýyn.
Owsaryň ber, kerweniňi çekeýin,
Özgermişdir köne zaman, Garagum...
Çöküp otyr süri-süri düýeler,
Her birisi çölde gurlan öý olar.
32
Çapar deý alakjap gelýän tüweleý,
Bir pursatdadünýä ýaýrar, Garagum...
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy,
"Garagum ”.
Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.
Magtymguly,
“Türkmeniň”.
Arwananyň kuwwaty
Ner ýanynda bellidir.
Magtymguly,
"Ar ýanynda bellidir”.
Akmaýa aldyrsa elden köşegin.
Bagryn bozup bozlamaýan bolarmy?”
Magtymguly
"Yzlamaýan bolarm y”.
Syrdaş bolsa syrym aýdardym merde,
Kerwen ýata bilmez gorkuly ýerde.
Magtymguly,
"Ýar eýlär”.
Çöle çykyp maýa bozlar,
Torum göze ilmeginçe.
Magtymguly,
“Söz manysyn bilmeginçe ”.
33
Ý atsa kerwen ýaman ýerde,
Serdar mugtaberlik eýlär.
Magtymguly,
“Tekepbirlik eýlär
Uzak ýola agyr ýükli,
Inergidişdebellidir.
Zelili,
“Başda bellidir
Köşekden aýrylan, maýa dek bozlan,
Käbäm enem, bagry birýan, gal indi.
Seydi,
“G alindi
Biri bardyr, misli maýa,
Bir görmeseň, ömriiň zaýa.
Kemine,
“Emire meňzär ”.
Aýjemalym Akmaýanyň iistiinde,
Bir keniz başyny çekdi-de gitdi.
Kemine,
“Çykdy-da gitdi ”.
Gulaş şahyr garry watan ýatlasa,
Arwanalar, ner-maýalar botlasa...
Gulaş şahyr
“Amanmy? ”
Çetnigi gyzyldan, simu-zer bolsun,
Kejebäňi çekmäge akmaýa gerek.
(Halk aýdymyndan).
Bakyşy maýa bakyşly,
Çöküşi inerçöküşli,
Maýalary goşörküçli,
Bugralary jaňly gelin.
Dulda goşa gorküýzesi,
Derde derman her küýzesi,
Gelinleriňpäkizesi,
Çep ýaňagy meňli gelin.
Kerim Gurbannepesow,
‘‘Gumly gelin
01 nadan kişidir düýeden geçen,
Aýrylar döwletden arany açan,
Kesele ýolukmaz süýdünden içen,
Şeýle şepagaty hakdyr düýäniň.
Kerim Garaja,
"Düýäniň ”,
Düýe keşbi edebi mirasyň - çeper eseriň, halk döredijilik
nusgalarynyň “gahrymany” hökmünde hem getirilýär.
Mysal üçin “Akpamyk” halk ertekisinde düýe maly bilen
baglanyşykly pursatlar az däl. Akpamak doganlaryny gaýtadan
direltmek üçin olaryň süňklerini ýerbe-ýer goýuşdyryp, Akmaýanyň
süýdüni sagyp, sepip üstüni deri bilen ýapýar. Ertekidäki bu
tolgundyryjy pursat ömürlik ýadyňda galýar. Bu pursatda maýa
süýdüniň bejeriş güýji, janlandyryş gudraty beýan edilýär.
35
Ertekiniň dowamynda Akpamygyň ýedi ýeňňesi Akmaýanyň
üstüne kejebe gurap, Akpamygy mündürip: “Bagtly bol” diýip
ugradýarlar. Bu-da düýe malyny döwletliligiň nyşany hökmünde göz
öňüne getirmäge ýardam edýär.
* **
Belli türkmen kyssaçysy Nurmyrat Saryhanowyň “K itap”
hekaýasynda Magtymgylynyň goşgular diwanyna Welmyrat aganyň
guba düýesini çalyşmagynda uly many bar: Kitap - hazyna, düýe-de
hazyna. Ý öne,kitap-ruhybaýlyk,düýebolsam addybaýlyk. Eseriň
mazmunyndan maddy baýlygyň, ol näçe köp bolsa-da (diiýe bu ýerde
özüniň gabarasy jähtden, köp manysynda), ruhy baýlykdan ýokary
däldigi baradaky pelsepewi netije çykarmak mümkin.
Ý azyjynyň bu ýerde ruhy baýlygy edinm ekde, kalbyňy
arassalamakda düýäni birinji hatarda goýmagynda halkymyzyň düýe
malyna halallygyň nyşanasy hökmünde garandygy bilen baglanyşykly
çuňňur pelsepe bar. Biz bu ýerde düýe keşbini ýazyjynyň howaýy
ýerden däl, eýsem halallygyň nyşany hökmünde öňe çykarandygyna
ynanýarys.
***
Kerwene goşulan düýäniň boýnuna jaň dakylmagy belli bir
maksatlar bilen edilipdir. Kerwenbaşy bir sydyrgynjaň sesinden çen
tutup, keiweniň sag-salamat gelýändigini aňlap bilýär eken. Jaň, eýsem,
diňe şu maksat bilen düýeleriň boýnuna dakylýarmyka? Mundan
başga-da bir ruhy ahwalat bar bolaýmasyn?! Eýsem-de bolsa, uzak
ýoly agyr ýükli geçýän düýe janawarlar sazlaşykly çykýan jaň sesi
bilen özleriniň argynlygyny egisýän bolaýmasynlar?
Düýe nire, saznire diýmäň! Düýejanawaryň sazdan-da “başynyň
çykýanlygy” barada il içinde rowaýat şekilli täsin-täsin gürrüňler
aýdýarlar.
Magtymguly G arly-Ç uw al bagşy diýilse, külli türkmen tanaýar.
Halk arasynda onuň şirin labyzly aýdymlary bilen diňe adamlary däl,
36
eýsem haýwanlary-da “jadylamagy” başaran ussat bagşy bolandygy
hakyndaky gürrüňler dilden-dile geçip geiýär.
Magtymguly Garly, heniz on bäş ýaşly ýetginjekkä halypasyndan
ak pata almagy başaran bagşy. “M uňa bir guba düýe sebäp boldy”
diýip, Çuwal bagşynyň özi gürrüň berer eken.
Bir ýola Çary çepbe diýen meşhur sazandanyň düýesi botlapdyrda, şol günem onuň köşejigi öläýipdir. D üýejanaw ar ýelni dyňzap
ýarylara gelse-de, golaýyna adam eltmän, asla sagdyrmaýamyş.
Üstesine-de ýürek-bagryny paralap, üznüksiz bozlap duranmyş
janawar. Şol wagt Çary çepbelerde Magtymguly Garly-da barmyş.
Çary çepbe onuň halypasy eken.
Magtymguly Garly şonda aýallaryň düýe saganda “hörele, düýäm,
hörele...” diýip başlaýan heňini saza salyp, dutaryny düzüp, hiňlenip
ugraýar.
Bu sazy, aýdymy eşiden düýe janaw ar bozlamasyny goýup,
sagdyrmak üein tesini berýär-de duruberýär. Şol wagt öý bikesine
düýäni sagmaga synanyşyp gör diýýärler.
01 eli bedreli düýäniň ýanyna gelýär, düýe janawar saza imrinip,
gözünden ýaş döküp duranmyş. Gelin onuň dyňzap duran ýelnine
elini ýetirip, çekinibräge-de sypalaşdytýar. Onýança-dadüýe iýdirýär.
Şeýdip, aýdym-sazyň jadylaýjy güýji bilen düýäniň ýelnini boşatmagy
başarýarlar.
Şular ýaly ýene bir wakany XIX asyryň ahyrlarynda, XX asyryň
başlarynda Etrek - Gürgen sebitlerinde ýaşap geçen Mämmetnepes
bagşynyň ady bilen hem baglanyşdyiyp gürrüň berýärler. Şol gürrüňde
Mämmetnepes bagşynyň hem saz bilen köşegini almaýan maýa köşegini
aldyryşy örän täsirli beýan edilýär. Bagşy saz çalyp düýä köşegini
aldyranda-da, sazyny bes etmeýär. Köşegiň sokjap-sokjap emişine
görä, sazynyň kakuwyny üýtgedip çalýar. Köşek hem saza görä enesini
sokjaýar. Bagşy-daköşegiňsokjaýşynagöräsazçalýar. Ýagşygamy
doýan köşek enesiniň aşagyndan çykyp, saza görä böküp başlaýar.
37
Sazanda-da, şoňa görä saz çalýar. Muňa durup bilmän, maýa-da
köşeginiň yzyndan saza görä sepjäp ugraýar.
Maýa bilen köşegiň böküşine görä-de bagşy saz çalmasyny
dowam etdirýär. Mämmetnepes bagşynyň şonda düzen täze sazyna
iller “Maýa, sepje!” diýip at goýupdyrlar.
***
Hawa, düýe malynyň içki dünýäsiniň ynsanyň ruhy ahwalaty bilen,
gör, nähili inçe baglanyşygy bar! Ony duýmak gerek. “Mal eýesine
çekmese - şumluk” diýenleri-de, belki, şu inçe baglanyşyk, şu içgin
sazlaşyk bilen bagly bolsa gerek.
Süýdi-derm an,
Ç aly-derm an.
Agarany,
A gy-derm an.
Sagsam sü ý d ü n Gözli çeşme.
Näçe içsem,
Yene teşne.
“Maýam!” diýip,
Hüwdüleýän.
“Janym!” diýip!
Söýgüleýän.
Hamrak düýäm,
Ezizdiiýäm Syr alyşýan
Ezizuýam!
38
Maňlaýyna
Ak un sepýän.
Boýnunajaň,
Gotaz dakýan.
Rysgalym hem
Bagtym - düýe.
Kejebeli
Tagtym -düýe.
Örküjine
Yetmçzgujak.
Ý üňi-ýorgan,
Ý üň i-saçak .
Egnim e-don,
Başa - serpaý.
Aýyrmasyn
Ondan Hudaý.
Ata-baba
Hany-manym.
Düýe malym Dünýemalym!
Türkmeniň düýe malyna bolan yhlasy, söýgüsi çäksiz, bimöçber.
Türkmenler öz düýe malyna örän uly gadyr goýýar. Düýe şol gadyra
mynasyp mal. Çünki, düýe maly tutuş m aşgalany ekläp bilýär.
Türkmen düýe berip, öý alyp bilýär, düýe berip, ýeňil ulag edinip bilýär.
Gyssanan çagyň satsaň hem düýe maly eliňi uzadan ýeriňe ýetmäge
kömek edýär.
39
“Örküjine el ýetmez, bahasyna pul ýetmez” diýip, ýöne ýere
aýtmandyr ahyry könelerimiz.
Diýseň peýdaly, haýyrly düýe malynyň köpeldilm elidigine
M ä h rib a n S e rd a ry m y z B eýik S a p a rm y ra t T ü rk m e n b a ş y
Garaşsyzlygymyzy alyp berenden soň giň ýol açdy. Şeýlelikde
gadymdan bäri maldarçylygy ünsünden düşürmän gelýän türkmen
ilimizde düýedarçylyga has-da üns berlip başlandy. Hydyr gören
çöllerimizde, sähralarymyzda köşekli düýe mallar süri-süri bolup, dürlidümen otlary, çöpleri, gülleri saýlap iýip, ýene agşam ýatagyna dolanyp
gelip, obalara görk berýärler. Öz eýesiniň gapysynda gäwüşini gaýtaryp
çöküp oturan düýe mallary göreniň gözüni dokundyrýar. Bu bolsa
G araşsy zly g a eýe bo lan d an soň tü rk m en halkynyň asly n a
dolanmagydyr. Şeýle bagta ýetireni üçin türkm en halky milli
mirasymyzyň hak Howandary, milletiň Ruhy Atasy, Gahryman hem
Mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa ömürbaky
minnetdardyr!
40
AGARÇÄKMEN
Gadym y agarçäkm enligi taýýarlam ak, ýüw ürtm ek,
dokamak, çäkmeni biçmek, tikmek üçin gerek bolan zatlar,
gurallar,enjamlar
Düyeýüň - çäkmenlik üçin saýlanyp alynýan ýüň.
Suw - çäkmenlik üçin saýlanan ýüňi suwda ýuwýarlar.
Syrykýa-daýüp - ýuwulan ýiiňi sermek üçin ulanylýar.
Yüň darak - guran ýüňi daramak üçin hojalyk esbaby.
Ik - daralan ýüňi egrip. bükdürmek üçin esbap.
Ikbaş - igiň başyna ötürilýän, geýdirilýän esbap.
O klaw-taýak- bükdürilen erşi çyglap, towlap, çekdirip goýmak
üçin ulanylýar.
Eriş - çäkmeni ýüwürtmek üçin gerek bolan ýüplük.
Argaç - erşiň arasyndan geçirip dokamak üçin ulanylýan ýüplük.
Bäş gazyk - çäkmenl ik erşi ýüwürtmek üçin ulanylýar.
Demir turba - erşi ýüwürtmek üçin gazyga söýemäge gerek.
Küji demir turba - erşi küjülemäge gerek.
Küjiýüpi - erşi küjülemäge gerek.
Küji götergiç - küji dem ir turbanyň aşagyna goýmak üçin
ulanylýar.
Serentýüpi - küj ini serentlemäge-oňurgalamaga gerek.
Darty - küjüli-dartyly erşiň arasynda durýan agaç turba.
Maýa süýdi - ýüwürdilen erşi petlemekde ulanylýar.
Serent taýak - dartydan has aňyrda, erşiň arasynda durýan taýak.
Tagta - dokalýan dokmanyň aşagyna salmaga gerek.
41
Tagta götergiç - tagtanyň aşagy na salmaga gerek.
Abzal-gylyç - argaç geçirip, kakyp dokamakda ulanylýar.
Gaýçy - dokalan çäkmenligi biçmekde ulanylýar.
Uşlyp - biçilen çäkmeni ýömräp, tikmekde ulanylýan ýüp, sapak.
Im e - uşlyp ötürilip tikmek üçin ulanylýan gural.
Oýmak - tikilende barmaga ötürilýän esbap.
Mata - çäkmene işlik biçmek iiçin gerek.
Gyýylyk - çäkmeniň gyrasyna gyýy tikmäge gerek.
Jaheklik- gatlanyp, ýumşak tow berilen ýüpek.
Nah sapak - jähegi ýörmemäge niýetlenilen ýüp.
Dürliýiipek - çäkmene nagyşlar pugtamaga gerek.
A lajalyk - ýogynrak gatlanyp, pugta tow berilen ýüpek.
Galamkar - örme nagyş - çäkmeniň ýakasyny bezemek üçin
ulanylýar.
Aldymgaç - barmaklar bilen kakma nagyşly ýüpek, jähegiň
gyrasyna tikmäge gerek.
Agarçäkmenligi taýýarlamagyň gadymy usuly
“Türkmen diliniň sözlüginde” (1962) düýäniň gapdal ýüňünden
gyllap egrilip dokalýan nepis çäkmene agarçäkmen (a:ga:rçä:kmen)
diýilýändigini düşündirilýär (16 sah.), ýöne islendik düýäniň gapdal
ýüňünden agarçäkmen dokalybermeýär. Onuň üçin ýörite ýüň torumyň ilkinji ýüňi gerek.
Torumyň ilkinji ýiiňi öz-özünden onuň arkasyndan (gapdalyndan)
emaý bilen sypyrylyp agyp aýrylýar. Şol ýüňe “torum arka” ýa-da
“torum gapdal” diýilýär. Torumyň gapdalyndan agyp gaýdan ýüňden
çäkmenlik dokalyp, biçilip, tikilýäni üçin çäkmene agarçäkmen
diýilýändigini könelerimiz gürrüň berýär. Torum arkanyň arasynda
gataňsy uzyn gyllar bar bolsa, ilki bilen, şolaryň birinem goýman,
bannaklaryňbilen,çekipaýynnaly. O ň a“gyllamak” diýilýär. Ýenede çöp-çalamy, bürmekleri bar bolsa-da arassalamaly. Arassalanan
42
torum arkany sabynsyz suwda üç gezek çyrpyp, soň ony syryga ýada gerilen ýüpe sermeli. Gurandan soň, daramaly. U çý ü ň lerin ierişlik. düýp ýüňlerini - argaçlyk hem uşlypiyk üçin pişge edip, örän
nepislik bilen inçe egirmeli. Egrilenleri iki gatlap, ýumak sarap,
bükdürmeli. Bükdürilenlerikelepläpöllemeli hem-de kelepleriň towy
siňer ýaly, kelepleriň iki tarapyna oklaw salyp, towlap, çekdirip
goýmaly. Gurandan soň, kelepleri ýumak edip, ony ýüwürtmäge
taýýarlamaly.
Agarçäkmenligi ýüwürtmegiň, dokamagyň gadymy usuly
(1 -nji we 2-nji çyzga seret)
Erşibäşgazykdaýüwürtmeli. Ýüwürdipotyrkaňküjülemeli. Üç
adam bolup, biriň ýüwürtmeli, biriň küjülemeli, biriň ýumagy aýlamaly.
Bir gazygy garşyňda, erşi ýüwürtjek uzaklygyňy belläp kakmaly.
Soňra, dokmanyň başlanmaly ýerinde, iki gazygyň aralygyny
ýarym gulaç ýaly belläp, gazyklary kakmaly.
Beýleki iki gazygyň aralygyny agsak sere belläp, öňki kakylan
iki gazygyň orta aralygynda goşmak alamaty gömüşinde kakmaly. Erşiň
ujuny bolsa, öňki kakylan iki gazygyň sag tarapkysynyň düýbüne
daňmaly.
O nsoň ýüwürdiji erşi her gezek sag tarapky gazygyň sag
tarapyndan owürip, gazyga halka salyp, ortaky daşky gazygyň
daşyndan, çep tarapky gazygyň daşyndan, garşydaky şol ýeke gazygyň
hem daşyndanaýlapgetirtmeli, ýüwürtmeli. Şol pursat küjüleýji, küjü
ýüpüň ujuny we serent ýüpüň ujuny ortaky iki gazygyň daşkysynyň
düýbüne daňmaly-da, kujü ýüpini iki gazygyň daşyndan aýlap, ýaňky
ýüwürdilen erşi gazyk daşky bilen bile kujuläp, kujinem serent ýüpi
bilenoňurgalapberkitmeli. Ýüwürdiji erşi ikinjigezekaýladanda,erşi
gyradaky iki gazygyň daşyndan, ortaky iki gazygyň arasyndan geçirip
ýüw ürtm eli - şu ikinji gezek ýüwürdilen eriş “dartyly” bolýar.
43
3
1-nji çyzgy
44
Agarçäkmenligi
ýüwürtmegiň,
dokamagyň gadymy
usuly:
1. Eriş (ýumak).
2. Küjü ýüpi
(ýumajyk).
3. Gazyk (5
gazyk).
4. Küji.
5. Serentýüpi.
6. Küjiniň çep
tarapy.
7. Küjiniň içi.
8. Erşiň arasy.
Ýüwürdilenden soň
dokamaga amatly
bolar ýaly ýerli-ýerine
goýulmaly abzallar:
1. Darty.
2. Küji demir.
3. Kese demir
turba.
4. Serent taýak,
serentýüp.
5. Küji götergiç.
2-nji çyzgy
45
Dokmaçynyň dilinde küjülenen erşe “küj ili”, araiykdan goýberilen erşe
“dartyly” diýilýär. Şu göm üşde erşi soňuna çenli ýüwürtmeli.
Y üwürdilenden soňra, dokamaga amatly bolar ýaly, örän usullyk bilen
küjiniň çep tarapyndan daityny salmaly, küjiniň içinden küji demri
geçirmeli-de, küjüläp oturan iki gazygyňy we daşky gazyklary
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Düýe maly – dünýe maly - 3
  • Parts
  • Düýe maly – dünýe maly - 1
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2204
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Düýe maly – dünýe maly - 2
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2134
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Düýe maly – dünýe maly - 3
    Total number of words is 2317
    Total number of unique words is 1278
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.