Latin

Düýe maly – dünýe maly - 1

Total number of words is 3573
Total number of unique words is 2204
26.0 of words are in the 2000 most common words
37.0 of words are in the 5000 most common words
43.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
OGULBAYRAM KULYYEWA
DÜÝE MALYDÜNÝE MALY
AŞGABAT
TDKP- niň NEŞIRÝATY
2004
UOK 894.361
K 81
Kulyýewa O.
K 81
Düýe maly-dünýe maly. TDKP-niň neşirýaty, A.:2004.
- 64 s.
Ogulbaýram Kulyýewanyň ylmy-jemgyýetçilik makalalardan
hem edebi-çeper kyssalardan düzülen eliňizdäki kitaby onuň uzak
ýyllaryň dowamynda düýe maly bilen baglanyşykly toplan baý
medeni we edebi maglumatlarynyň esasynda ýazyldy.
Onda halkymyzyň durmuşynda düýäniň eýeleýän möhüm orny
düýeden önýän önümleriň adamyň saglygyna ýetirýän täsiri, düýe
we düýedarçylyga dahylly aňlatmalar, olaryň manysy we ş.m.
barada täsirli gürrüň berilýär. Düýeleriň durmuşy bilen
baglanyşykly geň-enaýy durmuş wakalarynyň edebi-çeper beýany
kitaby has-da gyzykly edýär.
Şeýle hem düýe esbaplaryna degişli halk sungatynyň
nusgalary hakynda,
düýe ýüňünden
taýýarlanylýan
agarçäkmenligiň, saçaklygyň ýüwürdilişi, dokalyş tärleri, ýeňsiz,
baldyrlyk, dyzlyk, başatgyçlyk we olaryň örülişi barada berilýän
maglumatlar kitabyň jemgyýetçilik gammatyny has-da artdyrýar.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ
“TÜRKMENIŇ ALTYN ASYRY”
BÄSLEŞIGINE
TDKP Jvfo 131
2004
KBK 84 Tür 7.
© Kulyýewa O., 2004 ý.
DÜÝÄM-DÜNÝÄM
Gadymy hem müdimi türkmen halky ata-baba özüniň durmuşýaşaýşyny malsyz-garasyz göz öňüne getirmändir. Şonuň üçin “Malymjanym” diýipdir. Maldarçylygy ýedi hazynanyň biri hasaplapdyr.
Maldarçylyk pudagynda düýäniň aýratyn omy bar.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamanyň ikinji kitabynda ýazyşy ýaly:
“Düýe gadymdan türkmeniň öz maly.”
Mukaddes Ruhnamada düýäniň türkmen topragynda gadymdan
bäri bakylyp-idedilip gelýän maldygy ýörite taryhy m aglum atlara
salgylanylyp ykrar edilýär: “N am azgadepeden tapylan düýe
süňklerinden çen tutup, alymlar Tüikmenistanyň çäginde düýäniň baryp
alty müň ýyl öň hem bolandygyny, onuň iş maly, ulag hökm ünde
ulanylandygyny kesgitlediler.
Türkm en Beýik ýüpek ýolunyň agyr menzillerini arwanaly
kerwenleri bilen geçipdir...” (345-346 sah.)
Hawa, ata-babalarymyz “Düýäm - dünýäm”, “Düýe maly - dünýe
maly” diýipdirler. Düýe düşbi, duýgur, akylly, agyr ýükleri göterýän,
uzak ýollary geçýän, sowuga, yssa, suwsuzlyga, döz gelýän güýçli mal.
Düýesi bolan maşgala gurply eklenip bilipdir. Düýesi bolan baý
hasaplanypdyr. Düýeli maşgala ýörite tebibi bar ýalydyr. Çünki, düýe
süýdi, düýe çaly, agarany, süzmesi, doýrany jana ýokumly, derde şypaly.
Düýäniň ýüňi-de gymmatly, peýdaly we şypaly. Düýäniň ýüňünden
edilen ýotgany ýapynyp. adamlar rahat ýatýarlar. Düýäniň ýüňi ýaman
gözlerden goraýar. Şonuň üçin türkmen zenanlary düýe ýüňünden egrip,
her dürli owadan alajalar işip, örüp, öý bezeglerine, öz boýunlaryna,
3
geýimlerine, saçlaryna dakýarlar, dürli reňkli ýüplerden goşup, çagalara
guşak örýärler, sallançak bagyny işýärler. Düýäniň ýüňüni ýa-da örülen
gömüşini hasa gaplap, agyryly ýere daňsaň şypa tapýaň. Düýäniň
ýüňünden ellik etseň, egniňe islendik gömüşde uzynly-gysgaly, ýeňli
we ýeňsiz gursakça örüp geýseň, saglygyňa peýdaly. Düýäniň ýüňünden
türkmen zenany biline bilguşak dokaýar. Ini bir garyş, boýy bile üç
gezek aýlanýan bu bi Fguşak nagyşly we nagyşsyz gömüşde inçe egri 1ip,
syk dokalýar. Bu guşak bile kuwwat, gaýrat, agyryňa şypa berýär.
Zehin eleginden geçirip, çeper elleri bilen dokan mamalarymyz,
ejelerimiz. gelnejelerimiz bilguşagyny, uzak ýollara gidenlerinde, agyr
işler edenlerinde guşanyp, onyň nusgasyny biziň şu günlerimize nesilmenesil geçiripdirler.
Türkmen zenany namazlyk dokanynda-da, namazlygyň sežde
edilmeli ýerine düýe ýüňünden edilen ýiipden nagyş çitýär, keçe gömüşli
namazlygyň sežde edilmeli ýerine düýe ýüňünden nagyş salýar. Bu
bolsa Muliammet pygamberiň ýelmaýasynyň çöken ýerinde Käbäniň
gurulanlygy we nam aza“A lnym -K äbä” diýip durulýanlygy bilen
baglydyr.
“Muhammet pygamberiň ömür beýany” kitabynda aýdylyşyna
görä, “Ynsan ýaly duýgur Kaswa atly ýelmaýa Kaswa şäheriniň
merkezine, ozalynda metjit salmagy niýetlän ýerine gelip. ýokardan
edilen buýruga göräçöküpdir. Ýelmaýanyň çöken oýy ýaýbaň käliň
ortasyndaky giň meýdança eken. Ýelmaýanyň çöken ýerinde tizden
metjidiň gurluşygynabaşlanýar” (47 sali.).
“Düýäniň üstüne werziş bolan adam üçin şondan gowy ulag ýok.
Diňe düýäniň ädimine goşup, öňe-yza yranyp gitmäni öwrenmeli, şoňa
endiketmeli. Şondahol gözýetimdäki zatlaram aýyl-saýyl gömüp,
alysdaky daglaram, eliň aýasyna gelip barýandyr. Düýäniň üsti ukyňy
tutdyrmaz-da, gaýtam, köňlüňe aramlyk berer, oňat pikirler etdirer,
goşgy okatdyrar, aýdym aýtdyrar” diýlip ýene şol kitapda aýdylýar
(58 sah.).
Düýäniň ýüňünden türkmen agarçäkmen geýinýär.
4
Düýe ýüňi mukaddes saýylýar, ondan saçak dokalýar.
Türkm enler düýäniň ýüňüniňde gudratlydygyny bu janaw ara
hormat goýmak bilen gürrüň berýärler.
Ýaşlygyndan köp görgüler görüp, soňra-da päk zähm etinden
rysgal-döw let tapan sagdyn, salykatly, görmegeý hem mähirli
Ogulnyýaz eje: “Düýäniň özüniň hem, ýüňüniň hem gudratyny gördüm
- diýip, şeýle gürrüň beripdi. - 01 ýyllar gyrgynçyly k ýyllary hökmünde
ýadymdagaldy. Bäş-altyýaşly,gulpaklyjaçagadym. Birdenem tutuş
obamyz top okuna tutuldy. Biziňkileriň hemmesi ölüpdir, diňe ejem
ikimiz diri galypdyrys. Biziňem başymyzy gutarjak bolup azara
galyşymyz teý ýadymdan çykanok. Ejem ýöremäge-de ýaranokdy.
Garaňkylykda nirä barýanymyz hem belli däldi. Töwerege garanjaklap,
daldaisläp,känoturdyk. Birdenemmeniňgözümeöränuzakda ýanýan
oduň ýagtysy göründi. “Ýa, Biribar, özüň kömek et” diýip, bukudyp
hem büküdip oda tarap ýöräp ugradyk. Biz öňe ýöredigimizçe, şol ot
kiçelýärdi. Bizem şol ot sönäýmäkä ýeteli diýip, ädimim izi barha
çaltlandyrýardyk. Golaýlaşdygymyzça, ýaňky ýagtylyk ýitdi-de, uly
bir gara zada öwrülip gitdi. Baryp görsek, bu bir çöküp oturan düýe
eken. Bizdüýäni maňlaýymyzasylyp,ýüzünden,boýnundansypalap,
ýanyndaoturdyk, hamsykdyk. Ata-babalarymyz aýdypdyr: “Hudaý
berse guluna, getirip goýar ýoluna”. Biz düýä mündük welin, düýe
turup gidiberdi. Düýe ýöräp-ýöräp, ahyry şähere baryp, aýak çekdi,
ýöne çökmedi. Biz: “Çök, janaw ar, çök” diýip, düýäni çökerdik.
Adamlardan dag arasyndaky obalary salgy aldyk-da, ýene düýä
atlandyk. D üýebiziPüm üw arobasynaeltdi... Ine, şeýdip şuobada
galyberdik. Işledik, päk zähmetimizden rysgal-döwlet tapdyk...”
Bir gelin düýe maly bilen bagly gören düýşi barada täsin gürrüň
berdi: “Menem il arasynda düýe maly barada peýdaly, şypaly, rysgally,
şirin söhbetlerden ugur alyp, düýe ýüňünden ýorgan edineýin diýip,
ýorganlyk düýe ýüňüni satyn aldym. Ony ýuwup, arassalap, timarlap,
daşyna-da ýukadan näzik ýüpek matadan tikip, syrap, ýorgan edindim.
01 diýseň ýeňil, ýumşak, pöwşülläp duran owadan hem ýakymly
5
ýorganboldy. Yhlasbilenedinenýorganymyýapynypýatdym. Gije
düýşümde ýorganym alowlap duran ot bolup ýandy. Men gorkymdan
ýaňa, düýşümem hiç kime aýtman, soň şol ýorganymy bazara
çykardym...”
Belki-de, ol gudrat düýe malynyň örä gidende-de, ýatagyna
gelende-de gündüzine Gün şöhlesinden, gijesine Aý ýagtysyndan bolelin süňňüne siňdirip, güýç-kuwwat alyp, ýüňüne-de altynsow reňki
çaýyp bilýänligindendir. “Düýe- döwlet, ýüňi - gudrat” diýipdirler.
Mukaddes Ruhnamanyň ikinji kitabynda şeýle hekaýat getirilýär:
“Hekaýat:
Lukman ölüm ýassygynda ýatyrka, aksakgallar:
- Hekim, sen halkyň müň derdine derm an tapýan beýik
lukmandyň, hekimdiň. Indi biz sensiznähili ýaşap bileris?-diýipdirler.
LukmanHekim:
- Düýeden uly hekim bolmaz! Düýe saklaň, çalyny, agaranyny
içiň, düýe ýüňünden don, jorap ediniň, kesel ýanyňyza gelm ezdiýenmiş” (345 sah.).
Mukaddes Ruhnamada Lukman Hekimiň düýäniň lukmanlyk omy
baradaky sözleriniň rowaýat däl-de, hakykatdygy, onuň tebipçilik
ylmyndadüýäniň möhüm ähmiýetini ýüze çykarýandygy pelsepewi
esasda düşündiri lýär.
Düýe süýdi. Düýe çaly.
Türkmenistanda giň ýaýran arwana tohumyndan bolan düýe ýylda
o rtaç a2000-4000 litr süýt berýär. Arwananyň ömri ortaça 30-35
ýyl. Inendüýeilkinjigezek5ýaşyndabotlaýar. Soň ol ýylaşa botlap,
her gezekde diňe ýeke köşek berýär. Düýe köşegini bir ýyllap gamynda
göterýär. Botlansoň, düýe 16-18 aý. sagylýar. Beýleki sagylýan
mallardan tapawutlylykda, sagyljak düýe ilki köşegine emdirilýär.
6
Iýdirenden soň, ýagny düýäniň ýelnine süýt inenden soň, düýäni
sagýarlar. Düýäni günde 3-4 gezek sagyp bolýar.
Düýe ç a ly - düýe süýdünden taýýarlanýan önüm, turşum tyk,
teşneligi oňatgandyrýan içgi.
Düýe çalynyň taýýarlanyş usuly şeýleräk: saglan düýe süýdi
ýylylygy bilen süzülip, çigligine gönezlik üçin niýetlenen goruň (düýe
çalyöz-özünegorbolup, hyzinatedýär) üstüne guýulýar. Şondan
20-25 minut çemesi geçensoň (süýdüň we goruň tem peraturasyna
baglylykda), goýy köpüijik goruň üstüne galýar. O ňa“agaran” diýilýär.
Onuň düzüminde ýokumly maddalar (ýag, belok, witaminler we ş.m.)
köp. Düýe çalynda, şeýle hem düýe süýdüniň özünde dürli witaminler
köp bolup, ol ençeme keseliň dermanydyr. Halk arasynda: “ Düýe
ýüz derdiň dermany” diýýärler.
“Bissimilla” diýip, türkmeniň düýe çalyny içip başlarsyň welin,
onuň lezzeti aýrybaşgadyr. Düýe çalynyň täsiri gaňşyrawugyňy
kükeder. Düýe çalynyň ýokumy süňňüňe siňer-de,janyňa şypa berer.
Diiýe çalyny içen adamlar ýüreginden syzdyryp: “Çeşmäňe bereket!”
diýýärler. Töwir galdyryp: “Bagyş etdim düýäniň piri Weýisbaba” diýip
alkyş aýdýarlar. Çünki, düýäniň piri Weýisbaba türkm enleriň
ynamynda, rowaýatlaryndaýaşap ýör.
Aşgabatly, Çyrçyk obasynda ýaşaýan Hommat hajynyň gürrüň
berýän rowaýatyna görä: “Muhammet pygamberimiz öz egindeşlerine
serpaý ýapanda, iň uly serpaýy Weýisbaba beripdir. M uny beýleki
egindeşleri geň görüpdirler. Weýisbaba olara garap: “ H em m äňiz
agzyňyzy açyp görkeziň!” diýipdir. Agyzlaryny açypdyrlar welin,
hemmesiniň dişleri bar eken. Weýisbaba öz agzyny açypdyr, agzynda
ýekeje diş-de ýok diýýär. Weýisbaba munuň sebäbini “Ukat dagynda
bolan söweşde Muhammet pygamberiň döwülen iki dişiniň hatyrasyna
men ähli dişimi sogurtdym, şonuň üçinem pygamberimiz maňa şeýle
serpaý ýapdy” diýip düşündiripdir. Ine, düýäniň piri Weýisbaba şeýle
pespäl, şeýle hamrak adam bolupdyr. Düýäniň pespälligi, hamraklygyda şonuň üçin diýýärler.
7
Düýe atlary
Düýe botlaýar. “Botlamak” sözi “köşeklemek” diýen manyny
aňladýar. Gadymy ata-babalarymyz köşege “bota ” diýipdirler.
“Botlamak” şol sözden galypdyr. “Düýe garrasa botasyna eýerer”
diýen gadymy atalar sözümizde hem “bota” sözi saklanyp galypdyr.
Düýe maiynyň nesli ýaş tapawudy boýunça şeýle atlandyrylýar.
Botlandan birýaşaýança köşek, soň torum diýilýär. Iki ýaşynyň içinde
ogşuk bolýar. Iki ýaşyny dolduran inen düýä duluç diýilýär. Yaşlaryna
görä, düýeler inendigine, erkekdigine garamazdan, ikiýaşar, üçýaşar,
dörtýaşar, bäşýaşar ýaly hem atlandyrylýar. Jyns aýratynlygyna görä
maýa, iner, bugra, kärderi, göhert, arwana düýeler bolýar. Arwana
ýeke örküçli adaty türkmen düýeleridir. Iner-maýa - bular goşa örküçli
düýeler. Kärderi - inerden gaýan, arwanadan bolan inen düýe...
Köplenç iş maly hökmünde ulanylýan, inen bolmadyk düýä
“erkek” diýilýär. Höwre goýmak üçin ulanylýan erkege “höwür
erkek”, çopanyňm al bakmak üçin, ýörite ulag hökmünde ulanýan
erkegine “goşerkek" diýilýär.
G oşaörküçlidüýätürkm enler “erek” diýipdirler. Erkeksözi
“erek maýa” sözünde saklanyp galypdyr.
Hommat hajy goşa örküçli düýe barada şeýle rowaýat aýdýar:
“Gadym bir uruşda howul-hara, zenanlaiy ýalaňaç düýelere mündürip,
gaçybatalgalara ugradypdyrlar. Muňa gözi düşen bir ýagşyzada:
“Düýeler goşa örküçli bolsun, zenanlaryň öňi-ardy ýapyk, goragly
bolsun” diýipdir. Şo pursat zenanlaryň münen düýeleri iki örküçli
bolupdyr diýip gürrüň berýärler”.
Ir döwürlerde toýlarda düýe çapyşygy-da geçirilipdir. Şeýle
çapyşyklarda ýelmaýa tohumly düýeler ýyndamlygy bilen özüni
tanadypdyr. Ýelmaýanyň ýyndamlygy gadymy ertekilerde-de beýan
edilýär.
8
Düýe esbaplary
Howut - rriünmek, ýük urmak üçin düýäniň arkasyna salynýan
hataply enjam. Ýük urlanda düýäniň endamyna zyýan ýetmez ýaly
ýörite taýýarlanýan esbap. Ata eýer salnyşy ýaly, düýä howut salnyp
münülende, onuii üstünde adamjaýlaşykly oturýar. Howut agmaz ýaly,
ýüňden işilen çember ýüp bilen çekdiriplip daňylýar.
Hatap - m üm kin boldugyça dagdan agaçdan ýasalyp, ol
howudyň öň tarapynyň üstünden goýlup berkidilýär. Özi hem toýnuk
şekilli dört bölek agaçdan ybarat bolýar.
Halyk - ýörite taýýarlanan keçeden we ş.m. zatlardan ýasalyp,
düýäniň arkasyna atylýan ortasy dilik esbap. Halyk, gyşda düýe
üşemez ýaly onuň üstüne ýapylýar. Köplenç howudyň aşagyndan hem
halyk salynýar.
Büýli- düýäniň bumundan geçirilýän, bir ujy toýnuk şekilli, uçly
ujy epenekli agaçdan ýörite ýasalan agaç enjam.
Çetnik - büýliniň ujuna berkidilýän, takmynan, bir sere ýa-da
bir garyş uzynlygyndaky esbap. 01, köplenç, düýe gäwüşände kertilmez
ýaly, teletinden edilýär.
Burunlyk- köplenç, düýäniň büýlüsiniň ujuna, ýa-da çetnigiň
ujunadaňylyp, düýäni iýtmek üçin ulanylýan ýüp.
Nogta - köplenç köşegiň, torumyň kellesine salynýan, baglanýan,
düwünli ýüp. Nogta başyna salnan malyň bedenine zeper ýetmez ýaly
ýumşak ýüňden işilip edilýär.
Owsar - düýäniň kellesine salynýan demir dişli nogta.
Delilbag -düýäniň burunlygynyň uj una dakylýan inçej ik ýüpj agaz,
tirkeg bagy. Tirkelýän düýeleriň her biriniň burunlygynyň, nogtasynyň
ýa-da owsarynyň arasyny kesip, inçejik delilbag bilen birikdirýärler.
Çolaşanda düýä agram düşmez ýaly, şol inçejik ýüp üzülýär welin,
ýene delilbag daňylýar.
9
Duşak - düýäniň iki öň aýagyny çatmak. daňmak üçin ýörite
işilipedilýänýüp. Duşak, köplenç,ýüňden pugta işilip, birujy halkaly.
beýleki ujy düwiinli edilýär.
Düýe bezegleri
Düýebaşlyk - dürli-dürli dörtburç mata parçalaryndan küşt
tagtasynyň öýjikleriniň gömüşinde tikilýän alajaly, gotazly, seçekli,
düwmejikli, bäbekgalpakly bezeg. Düýebaşlyk halygömüşinde-de
dokalýar. Düýebaşlyk düýpli gyňaçlaryň nagyşly parçalaryndan hem
taýýarlanylýar. Düýebaşlyk kürteler, çyrpylar ýaly keşdelenip hem
taýýarlanylýar we düýaniň kellesinden başlap tutuş üstüne atylýar.
Köplenç, gelin edinmäge toýa gidilende ulanylypdyr.
Düýedyzlyk hem düýebaşlyk ýaly, dürli gömüşde taýýarlanyp,
düýäniň dyzlaryna bezeg hökmünde dakylýar.
Yiirek - içinde oturar ýaly, palasdan, keçeden, ýorgandan we
ş.m. düýäniň howudynyň üstünde tegelenip ýörite bejerilýän höwürtge
gömüşli orun.
Kejebe - gelin alynanda, gelni düýä mündürip alyp gitmek üçin
ýörite agaçdan ýasalyp, ýüregiň üstünde gumlýan üsti dört tarapyna
ýapgyt enjam. Ata-babalarymyz, ine, şeýdip, düýebaşlyk, düýedyzlyk
bilen bezelen ajaýyp kejebeli düýede gelin getiripdirler. Kerweniň
hatarynda iň yzky düýäjaň dakylýar. Dtiýäniň aýak basyşyna görä
seslenýän jaňyň owazy kerweniň üzülmän sag-aman gelýänligini habar
berýär.
* **
Türkmen halky düýe malyna bolan yhlasyny, söýgüsini medeni
mirasymyzyň dürli ugurlarynyň - e l senediniň. halk döredijiliginiň dürli
gömüşleriniň üsti bilen beýan edipdir.
Türkmen zenany edil öýüni, özüni bezeýşi ýaly, özüne rakyply
bolan düýe malyny bezemegi-de başarypdyr. Muny biziň günlerimize
çenli gelip ýeten halk sungatynyň nusgalary-da aýdyň tassyklaýar.
10
Şeýle täsin el senetleriniň biri-de XVIII asyrda Etrek-G ürgen
sebitlerinde ýerine ýetirilen düýehalykdyr. Bu düýehalykda türkmen
sährasynyň ösüm lik we haýwanat dünýäsi dürli reňkler bilen
şekillendirilýär. Iň esasy şekil hem düýehalygyň orta gyrasyna nagyş
hökmünde salnan üsti kejebeli düýe kerweniniňjanly keşbidir. Onda
halkyň toý baradaky süýji arzuwlary beýan edilipdir.
B eýleki bir düýehalyk XIX asyryň ah y rlary n d a Pendi
töwereklerinde esasan pagta, ýüň, ýüpek gatyşdyrylyp gaýalyp ýerine
ýetirilipdir. Onuň ýüzünde-de Pendi sährasyna mahsus bolan ösümlik
dünýäsi öz aýdyň beýanyny tapýar.
XX asyryň başlarynda Hazar deňziniň kenar sebitlerinde çitilip
ýerine ýetirilen düýehalyklara gadymdan gelýän haly nagyşlary
salnypdyr.
Düýehalyk atlandyrylan bu el senetleriniň düýä halyk hökmiinde
salynman, eýsem, gelin alnanda, düýäniň üstünde gurulýan kejebäniň
bezegi üçin düýäniň iki ýan gapdalyndan gerilýändigini, ýeri gelende,
ýatladasymyz gelýär.
Bulardan başga-da, XIX asyryň ahyrlaryna, XX asyryň başlaryna
degişli bolan çitilip dokalan düýebaşlyklardyr düýedyzlyklar aýalgyzlarymyzyň biziň günlerimize çenli gelip ýeten ajaýyp el hünärleriniň
bir bölegidir. Haly önümlerine adam keşbiniň sanyşy kimin, “Kejebe”,
“Kerwen”, “ Ýolmaýa” ýaly çekilen suratlar esasynda ajaýyp nusgalar
döredilip iner, maýalaryň keşbi-de halyçalara salnyp, göllere derek
uly orny tutýar. Şeýle halyçalar öý bezegi bolm ak bilen birlikde iň
gymmatly sowgatdyr, serpaýdyr. “Kejebegöl” atly göl nagşy hem
owadanlygy, üýtgeşikligi bilen göllerden saýlanýar. Bularyň hemmesi
halkymyzyň öz janyna - dünýäsine deňeýän malyna, onda-da düýe
malyna nähili derejede gadyr goýandygyny aýdyň ýüze çykarýar.
11
“KERWEN GITDl ARGYŞA...”
(Durmuşy kyssalar)
Arjaň mal
Düýe maly akylly, ýatkeş, duýgur mal, düşbi mal, düýe maly
eýesiniň gapysyna gelende-de, töweregine garanjaklap gelýär. Egerde gapynyň öňüne taýak ýa-da ýüpden germew etseň, şol germewi
aýyrýançaň garaşýar. Aýranyňdan soň girip, öz ýatagyna sowulýar.
“Çök” diýseň çöker, “çüw” diýseňem turubererdüýe janawar. Eýesiniň
hereketlerinden öwrenip, ugramaly ugruny, ýöremeli ýoluny, barmaly
ýerini, aýlanmaly öriisini, gaýtmaly wagtyny anyk bilýän bu keramatly
malyňdüşbüliginehaýran galaýmaly!
K ärderi düýäni, il arasy n d a “ ý u rd a g a ý d a r” d iýibem
atlandyiýarlar. Sebäbi kärderini satsaňam, birine berseňem, ony alan
adam diýseň başamykly bolaýmasa, ol hökman yzyna dolanyp, ýurduna
gaýdyp gelýär.
Düýe maly hamraklygy bilen bir hatarda özboluşly aijaň malydyr.
M ekgä zyýarata gidip, haj parzyny berjaý eden hajybibi
Ogulsoltan Tagandurdyýewa düýäniň aijaňlygy hakynda şeýle täsin
gürrüň berdi: “Kakam o döwiirde kolhozyň düýelerini bakýardy hemde düýeler bilen arpa, bugdaý we gaýry zatlary ýükläp, eltmeli ýerlerine
alyp gidýärdi. Bir gezek ýolda düýeler garpyşyp başlapdyr. Kakam
düýe taýagy aýlap salyp, düýeleri aralaşdyranda, taýak degen düýe
hatardan çykyp, öýkelän ýaly bolup, hol beýleden aýry ýöräp
gidiberipdir. Düýeleriň häsiýetine diýseň belet kakam şol gün agşam
daşarda öz ýatýan düşegini özi ýatan ýaly güberdip goýoipdyr-da, özi
başga ýerde assyrynlyk bilen garawullap oturypdyr. Taýak iýen düýe
gijäniň bir mahaly gelipdir-de, töweregine garanjaklap, kakamyň
ýorgan- düşeginiň üstüne çöküp, hälki iýen taýagy üçin “aryny” alaýsa
nädersiň?!”
12
Ýatkeşlik
Serdar etrabynda Enegyz daýzany tanamaýan az-azdyr. Onuň
ömrüniň köp pursaty düýe janawar bilen baglanyşyldy bolup, ol ulaga,
süýde, çala. agarana. süzmä. ýaga, nana hiçhaçan mätäç bolmandyr.
Üstesine, goňşy-golamlaryny-da çaldan, agarandan kem etmändir.
Enegyz daýzanyň öz gürrüňine görä, ol günleriň bir güni ýüwüij isi bi len
gyssagly ýagdaýda gijeýary düýeli obadan şähere ugrapdyr. Garaňky
gijede şol gidip baryşlarynda, ýetmeli ýerlerine wagtynda ýetmändirler.
Olar azaşandyklaryny duýupdyrlar. Şonda-da ýolbelet düýeleriniň öz
ugruny tapjakdygyna ynamlaryny ýitirmändirler. Şol gidip baryşlaryna,
düýe birden çöküp oturyberipdir. Olar şol ýerde gijelerini geçirmeli
bolupdyrlar. Daňatyp.jahanýagtylypdyr. Görseler, şol öňki göçen
ýurtlary diýýär. Düýejanawar şol öňki botlan, otlan ýerini unutman
eken. Görsene:
Düýe aýdar: “Otlar men,
Otlan ýerim ýatlar men,
Elmydama botlar men,
Selin, sazak içinde”
- diýip, Magtymguly atamyz bilmän aýtmandyr.
Düýeli göç
Düýe maly barada gürrüii gozgalsa, ýa-da düýe malyna gözüm
düşäýse, ýa bolmasa düýe barada ýazylan bir ýazgyny okaýsam, şol
bada durmuşda düýeli ýaşan pursatlarymyz göz öňüme gelýär.
Serdar etrabyny arkalap oturan dag ulgamyna Düýejidag diýýärler.
Serdar etrabyna baryp, ýüzüňi Düýejidaga tarap öwrüp, ýapysyny,
depesini, dagyň çür başyny synlap ugrarsyň! Daglaryň öwrümli
13
ýollaryndan aýlanyp, oýlanyp barýarkaň, şypaly dag howasyny
işdämenlik bilen öýkeniňe sorup, dem alarsyň. Garagysy diýen ýerden
geçeniňden soň, ýol ikä bölüner.
Gündogar tarapa, Pümüwar obasyna tarap uzalýan ýoluň sag
duşundaky daglaryň arasynda Jahan mamamlaryň küren obasy
oturýardy. Şol obada biziňem çatmamyz bardy. Her ýazda tutuş oba
ýazlaga göçerdi. Gelin-gyzlar, ejelerimiz, erkek adamlar şeýle bir
çalasyn hereket ederdiler welin, haýranlar galarsyň. Aýyň ýagtysyna
öýleri, çatmalary. ähli öý goşlaryny hatar çöküp oturan düýelere
ýüklärdiler. Göçülen ýurtda diňe tamdyr, ojak, öýüň tegelenip galan
yzy surat ýaly bolup hemişelik galardy. Palaslardan, keçelerden, içi
goşly çuwallardan, halylardan düýeleriň üstüne ýürek çalardylar.
Yürekleriň üstüne zenanlary, çagalary mündürerdiler. Şeýle ajaýyp
göçlerde ejemiň ýanynda iki çaga bolup ýatardyk. Hatar gurap barýan
düýeler bizi sallançakdaky ýaly yralaýardy. Men täze ýurda ýetilýänçä
uklaman, asman giňişligindäki sanýetmez ýyldyzlary, Aýyň mylaýym,
mähirli bakyşly hereketini synlap doýmazdym. Düýeler Pümüwar
obasyndan geçip, aňyrdaky daglaryň arasyna siňip giderdi. Käýerlerde
daglaryň gap bilinden aýlanyp geçýän pyýada ýollaryndan düýeleriň
adamlar ýaly howatyrly, usully ýöräp baryşlaryna hemmämiz haýran
galyp seredişerdik, Allany çagyryp, ýagşy dileglerederdik. Gün dogup,
Jahan mamamyň tamdyr çöregi ýaly tegelenip, dünýäni ýagtyldanda,
düýeler kyn ýollardan sag-aman geçip, jennet saýylýan, müň dürli gülligülälekli, lälezarlykly täsin giňişlige ýeterdiler. Şu pursat çagalary ýöräp
barýan düýeleriň üstünden ellerini uzadyp, göterip düşürerdiler.
Biz öý guruljak täze ýurda şadyýanlyk, şagalaňlyk bilen
çapadaklaşyp, ýaýrap giderdik. Diýseň ösgün, dürli otlar, güller biziň
boýumyzy boýlardy. Bu ýere arçasy beýik, baýlygy keýik, çabgasy
sazly, käkilik owazly, Iriz dagynyň guzaýy, çeşmäniň boýy - giň jahan
diýerdiler. Düýelerem by ýerde islän ugruna dynç almaga, otlary saýlap
iýmäge ýaýrardylar...
14
Şeýle düýeli göçde, dagyň başynda, düýäniň üstünde, özümizi
göýä jennetde ýaly duýardyk. Beýle pursatlar ömürboýy ýatdan
çykmajak lezzeti jadylaýjy güýji bilen şu günlerem seni özüne dartýar.
Kejebe
Bahar aýynyň bir güni sepi ýeten gelin ýaly bezemendi. Baglar
ýaşyl begres geýnip, topragam dürli güllerden keşdelenen ýaldy. Tylla
kirpikli Günem nuruny döküp. bu gözelligi gözi gidip synlaýardy.
01 gün men Pümüwar obasynda uýam Ogulgeregiň öýündedim.
01 gün düýäni bezäp, ýürek çalyp, kejebe guradylar. Düýäniň başyna
düýebaşlyk, dyzyna düýedyzlyk dakdylar. Kejebäniň gapdallaryna
içi sepli çuwallary, halyçalary, düýehalyklary berkitdiler. Maňa-da:
"Bar, senem mamaň ýanyna gitseň” diýip, gelniň ýanyna mündürdiler.
Şeýlelikde, Jahan mamamlaryň obasyna geldik. Oba adamlary
gelni garşylamaga düýäniň töweregine ýygnandylar. Şu pursat düýe
birden çökdi welin, men düýäniň boýnunyň üsti bilen togalanyp ýere
düşdüm. Ýapyşmandyryn, duýgur düýe diýseň usully eken. Agyran,
ynjan ýerim bolmady. Ýylgyiypotyrdym. Türkmenilindeaýdylyşyna
görä, üstünden ýykylan adamy düýäniň öz dabanyndan hem ýumşak
ýere düşürýäni hakykat eken.
Kerwen gelen güni
Kerwenbaşy daýymyň haýsy gün kerwen gurap argyşa ugranyny
biz-çagalar bilmesek hem, Jahan mamam welin, geçen günleri barmak
basyp sanaýardy. Mamamyň kerweniň gelerine garaşýandygyny bizem
aňýardyk. Onuň gaýgy-alada edip, Allany çagyryp, sag-aman
gelerlerini dilegedýändigini bilýärdik. Oýnasagam, kerweniň geljek
ýoluna garap oýnaýardyk.
01 gün howa diýseň ýakymlydy, Gün kümüş nuruny jom artlyk
bilen dünýä çaýýardy. Mamam kerweniň gelýänini hemmelerden öňürti
15
gördi. Üsti agyr ýükli düýeler iki ýana yranyşyp, oba gelip ýük
ýazdyrdylar. Ýüklerdüşürildi. Obadaşlaryňbegenji,göýä,toýşagalaňy
ýalydy. Obadaşlar eden sargytlarynyň bitirileninden diýseň hoşaldyiar.
Bize - çagalara-da sowgat paýlardylar. Barmak başy ýaly gyrmyzy
gyzyl igdelerden, eriklerden seçgi edip seçerdiler. Oba toýa owrülerdi.
Hemmeler şatlanatdy, begenişerdi. Üstlerinden agyr ýük aýrylan
düýeleriň begenjini bolsa biz olaryň çöküşip oturan ýerlerinden hiç
zatdan gypynç etmän, gäwüş gaýtaryşyp seredýän akylly gözlerinden
aňlaýardyk.
“Hörele, maýam, hörele”
Inen düýäniň ýa-da maýanyň eýesi düýesini sagmak üçin ony
hüwdüläp, oňaýakynlaşanda, köşegini emdirdende, maýany iýdirdip
sagar ýaly, ony hüwdüläp, gazallar aýdyp, söýgüleýär. 01 öz ýanyndan
sagýan düýesine gözi gidýän aýallary göz öňüne getirip, söýgüleýän
sözleri, ýakymly owazy bilen: “Meniň maýama päsgel bermäň” diýýär.
Düýe janaw er eýesiniň söýgüleýän owazyna diň salyp, köşegini
sokjudyp, iýdirip, ýelnine süýt inderýär.
Jahan mamam çagalygyndan mal bakyp, ömrüniň ahyryna çenli
mal bilen eklenip, güzeran dolandyryp, goýun, geçi, sygyr, düýe
mallarynyň haýsy bolsa-da, ony tüýs ýürekden söýgülärdi, söýgüläp
sagardy. Jahan mamam maýasyny şeýle söýgülärdi:
-H örele, maýam, hörele,*
Hörelemeseň köşele.
Takyr ýerden tagtyň bar,
Ala ýüpden nogtaň bar.
Süýdüň agaran bolar,
*
16
“Hörele, diiýäm, hörele... " diýip hem aýdylýar.
Ýüňleriň ýorgan bolar.
Örküjüne el ýetmez.
Bahasyna pul ýetmez.
Weýisbaba piridir.
Göýäbakydiridir.
Aýryl. boýdaş. bu taýdan,
Özüm sagjak düýämi.
Hörele, maýam, hörele,
Hörele, düýäm. hörele...
Eger-de bir sebäbe görä, düýäniň köşegi ýogalsa, köşegiň hamyna
saman dykyp, onuň gäbini şol köşege meňzedip, düýäniň göräýjek
ýerinde goýýarlar. Düýe köşegini ysgar ýaly, süýdüni ýandyrmaz ýaly
şeýderdiler. Bu işi mamam, daýym ikisi örän ussatlyk bilen ýerine
ýetirerdiler.
Türkmenler mallaryna diýseň ynsan duýgusy bilen üns berýärler,
guwanýarlar. Ölen köşek bolsun diýip, ony taşlap goýbemieýär, yzynda
enesiniň bagryny paralamasyna dözmeýär.
AKMAÝANYŇ ÝOLY
(Diiýe hakyndaky rowaýatlardan)
Halkymyz düýe barada ençeme rowaýatlar döredipdir. Bu-da
ýöne ýerden däl. bu halkymyzyň bütin barlygynyň düýe bilen aýrylmaz
baglanyşyklydygyny äşgär edýär. 01 rowaýatlarda düýe, hatda asman
derejesine hem çykarylýar.
Asm anda uzap ýatan tutuş ýyldyzlar toplum yna halkymyz
“Akmaýanyň ýoly" diýýär. Rowaýatda aýdylşyna görä, Akmaýanyň
köşegi azaşypdyr. Akmaýa köşegini gözläp, bozlap-bozlap barşyna
onuň süýdi ýolboýy seçelenip gidenmiş, asmandaky şol ýyldyzlar
17
toplumy Akmaýanyň siiýdümiş. Bu rowaýatda diiýe süýdiiniň
mukaddesligi-de öz beýan>my tapýar.
“Salyh pygamber döwründe düýe ikinji gezek Alla tarapyn
iberilýär. Şonda düýäni syçan iýdip gelýär eken” diýip il arasynda
aýdylýar.
Bu rowaýatda düýe maly şunça uly bolsa-da, näçe güýçli,
gaýratly bolsa-da, onuň päliniň pesli nygtalýar. Eýsem, burunlygynyň
ýa-da nogtasynyň ujyny oglanjyga berseňem, düýe malynyň onuň yzyna
düşüp gidip barşyny göreniňde, ol janawaryň pespälligine neneň gol
ýapmajak?!
“Gadym döwürde Türkmenistandan Hytaýa, Hindistana tarap
uzan Beýik ýüpek ýoly goňşy ýurtlaryň üsti bilen geçipdir. Elbetde, bu
uzak menzil kerwenler bilen geçilipdir. Kerwen her ýurda barlanda
durup, düşläp, ýük ýazdyryp geçipdir. Şol gadymy döwürlerde-de
biziň ülkämizden baran kerwenler aýratyn gadyrly garşylanypdyr. Onuň
hem özüne ýetesi üýtgeşik syry bar eken. Çünki, Türkmenistan
müňlerçe dennanlyk ösümlikleriň ösýän ýurdy. Türkmen düýeleriniň
dabanyna şol dermanlyk ösümlikleriň nemi, çygy, ýakymly ysy çomujyň
toşaby ýaly siňipdir. Onsoň, goňşy we gaýry ýurtlular düýeleriň
dabanyny ýuwup, soň hem şol ýuwundyny süzüp, ony derman
hökmünde içipdirler” diýip, ata-babalarymyz gürrüň berermişler.
***
Bir rowaýata görä, Salyh pygam ber özüniň A lla tarapyn
iberilienligini habar berip, kowumdaslaryny ýeke-täk Alla uýmaklyga
çagyryp başlapdyr. Onda kowumdaşlary: “Alla tarapyn iberilen
pygamber bolýan bolsaň, bize şeýle gudrat görkez, ýagny, daşdan
düýe bolsun, şol düýe-de gözümiziň alnynda botlasyn” diýipdirler.
18
Ähli kowumdaşlary daga baiyp, Salyh pygambere bir uly daşy
görkezipdirler. Şol pursatda hem Salyh pygambere Jebraýyl perişdäniň
kömege ýetişmegi bilen Alla tarapyn daş ýarylyp, bozlap duran düýe
çykypdyr-da, botlapdyr. Soňra Salyh pygamberiň kowumdaşlary oba
dolanypdyrlar.
Şol obada bir uly guýy bar eken. O lar düýäni köşegi bilen şol
guýynyň suwuna suwaýakypdyrlar. Düýe köşegi bilen guýynyň hemme
suwuny içipdir. Obaadamlary, mal-garalarsuwsuzgalypdyr. Şondan
soň ýaňky guýudan, bir gün-ä şol köşekli düýe, beýleki günem oba
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Düýe maly – dünýe maly - 2
  • Parts
  • Düýe maly – dünýe maly - 1
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2204
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Düýe maly – dünýe maly - 2
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2134
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Düýe maly – dünýe maly - 3
    Total number of words is 2317
    Total number of unique words is 1278
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.