Latin

Düýe maly – dünýe maly - 3

Total number of words is 2317
Total number of unique words is 1278
24.2 of words are in the 2000 most common words
31.6 of words are in the 5000 most common words
36.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sogurmaly. Şol pursat erşiň arasyna kese demir turbany salyp, täzeden
ýörite kakylan iki gazygyň ýeňsesine geçirmeli. Küjüli demriňi küji
götergije galdyrmaly. Küjüleriň, serent ýüpüniň uçlaryny kuji demire
daňmaly. Dartyny durmaly ýerine itmeli. Dartydanuzagrakdaerşiň
arasyna bir serent taýak salyp, hatar duran erişler bilen bilen tutup, kä
ýerinden daňýan ýaly edip, serent ýüpüni gowşak geçirip, çekdirmän
berkitmeli. Dokadygyňça, serent taýagy şonça uzaklyga itibermeli.
Serent taýak erişleriň bulaşmazlygy üçin hyzmat edýär. Ýüwürdilen
erşe maýa süýdüni çalmaly, ýagny, petlemeli. Ýüwürdilýän wagty sag
tarapky gazyga erişden halka salmagyň sebäbi, erişler şu gazyga hünji
düzülen ýaly endigan bek düzülmeli-de, dokalyp başlanýan baş bolmaly.
Argajyny geçirip, erik agajyndan ýasalan abzal - gylyç bilen kakyp
dokamaly. Bir barmak ýaly dokalandan soň gazygy halkalardan
sogurmaly. Agarçäkmeniň gadymy ýüwürdiliş usulynda indi köp ýyldan
bäri häzirki dik gokma guramalarynda haly ýüwürdilip dokalýar.
Torum arkadan (torum gapdaldan) inçeden sünnälenip. maýa
süýdi çaly n y p , d o k aly p , ý ü z ü k d e n g e ç irile n çäk m e n lig e
ýüzükdençykma agarçäkmenlik diýilýär.
Agarçükmenligi biçmegiň we tikmegiň gadymy usuly
(3-nji çyzga seret)
Ýüzükdençykmaagarçäkmenlikden bir kişilik üçin on iki gulaç
ýeterlik. Agarçäkmenligiň ini bir garyş-dabir barmak (23 sm.) bolýar.
Biçmek üçin agarçäkmenlikden aşyrynyň öňüni- ardyny iki in edip,
kesip almaly. Ýene iki barmak inlilikde ýakalyk kesip almaly.
Ýakalygyň başlanjak ujunaçenli ölçäp. deňäp, bir in kesip alyp. çapylyk
46
gyýmaly. Ý anynyüçgatkesipalm aly. Üç gatyň bir gatyny çapynyň
gyýylyşy ýaly gyýmaly. Gyýylan bölegiň birini sag ýana, beýlekisini
çep ýana gelşirip tikmeli. Ýöne, tikm ezden öň örän üns berip, şol
bölekleri aşyrynyň öň tarapyna düşer ýaly edip gelşirmeli. Onsoň
ýanlary dikligine epläp, synlap, sypap, jübülerini we ýartmaçlaryny
açmaly-da, gyýma begeýik bolar ýaly, ýanlaryň ýokary başyndan
'
.
.
*
gyýmaly. Y anyňbaşy-giňligiikigatlygynabirserebolar. Yanlaryň
aşak başynda süýşgütlik bolsa deňlemeli. Ýeň üçin ölçäp, deňäp, üç
in kesip almaly. Üç ini bir-birine gelşirip ýörmemeli-de, ölçeg belgilerine
görä gyýmaly. Yeňleri ýanlara gowşurm aly - tikmeli. Çapylary,
ýakalygy ýerli-ýerine gelşirip, tikmeli.
3-nji çyzgy
Agarçäkmeniň biçüwi.
Baharlyly Juma Işanyň gadymy agarçäkmeniniň nusgasyndan.
47
Çäkmen biçilýärkä, oňa işlik hem biçmeli. Taýyn ýeňleriňýanlaryň göni gyrasyny aşyrynyň arka gyrasynagelşirip tiknieli.
Çäkmen biçilende, gyýylan gyralary çyprylmaz (sökülip gitmez)
ýaly, çigme sanjym bilen tikmeli, gyraly ýerlerini ýörmäp tikmeli.
Tikinleri iňňe bilen, agarçäkmenligiň özüne meňzeş edilip egrilip
taýýarlanan uşlyplar bilen tikmeli.
Gynnyzy donluk keteniden agarçäkmeniň gyrasyna gelşirip, gyýy
aýlamalytikmeli.
Tikin işlerini doly soňJap, agarçäkinenejäliek çalmaly. Ýakasyny,
jübülerini,ýartmaçlarynypugtamaly. Bir hataralaja basmaly. Ýakasyny
has-da görkiine getirmek üçin, ýüpekden örme nagşy - galamkäri
gelşirip tikmeli. Soň ýüpekden barmaklar bilen kakylan, nagyşly
aldymgaj y j ähegiň gyrasynaýönnäp, işi tamamlamaly.
Agarçäkmeniň bir kişiligi on üç gulaç bolsa, ýanyny çylşyrymsyz,
umatsyz biçip bolýar. Ýagny, her ýan üçin iki in ölçäp almaly - da
gyralaryny ýömiemeli. Onsoň ýanyň ýokary we aşak başyny islendik
giňlikde epläp gyýmaly. Ýan şu usulda biçilende, jübi ýerini,
ýartmaçlaryny açmak hem aňsat bolýar. Ýanlar gyýylanda, artan
bölekleri duztorbatikmek üçin ulanmak mümkin.
***
Ilki dony geýip, guşanyp, üstünden geýilen agarçäkm en
sowukdan, şemaldan goraýar, suw geçirmeýär.
Agarçäkmen toý dony hökmünde geýilende-de onuň adama
gelşik, ýaraşyk berişini söz bilen doly beýan etmek mümkin däl.
Gadymy şalaryň, hanlaryň iň uly serpaýy agarçäkmen bolupxlyr diýip,
ýaşuly Baýram hajy buýsançly gürrüň berýär.
Eli çeper dili çeper aýal-gyzlarymyz agarçäkmeni elleriniň senedine
öwiirişleri ýaly, ony dilleriniň senasynsa hem öwrüp:
Agarçakmen etegi,
Etegi guşlar ýatagy...
48
diýip, onuň adyny, şöhradyny monjugatdy bentleriniň üsti bilen
biziň şu günlerimize ýetiripdirler.
Agarçäkmen dünýäde diňe Beýik Türkmenbaşyly rürkmenistanda
- ttirkmenlerde bar. Eýsem, m uňa neneň guwanmajak, neneň
buýsanmajak!
On barmagyň hünäri.
Ogulbaýram Kulyýewa öz el
işleri bilen.
49
SAÇAK
Düýeýüňden saçakýüwürtmegiň, dokamagyň gadymy usuly
Türkmen mähri siňen düýe malyny dünýä deňäpdir, “Düýämdünýäm” diýipdir. Türkmen düýe malyny içgin synlap, onuň ynsana
bolan garaýşyny, yhlasyny, duýgurlygyny we egsilm ez güýçkuwwatyny, çydamlylygyny, şypalylygyny, halallygyny bil ipdir.
Türkmen öz düýesiniň tebigatyň ot-çöplerinden saýlap iýýänligi
üçin onuň süýdüniň derde dermanlygyny bilipdir.
Türkmen öz düýesiniň gündizlerine Gün çogundan, agşamlaryna
Aý nurundan doýgun reňk alan kümüşsow, altynsow ýüňüni sähranyň
täm iz şemalynyň daraýanlygyny, asmandan iýnýän aby-zemzem
nurunyň - ýagyş suwunyň mahal-mahal yhlas bilen ýuwýanlygyny
synlapdyr we düýäniň ýüňünde päklik, gudrat, keramat görüpdir.
Türkmen zenany bu haýyrly-döwletli düýe malynyň ýüňünden
saçak gokapdyr. Bu ajaýyp el senedini enelerimiz, mamalarymyz,
ejelerimiz asyrlar boýy bir kemsiz dowain etdiripdi r. Öz Jahan mamamda, ejem hem haly, palas, çuwal, dolak, ganar, çäkmenlik, saçaklyk
dokamagy gadymy usulda örän sünnälik bilen ýerine ýetirýärdiler.
Düýäniň ýüňi dürli öwüşginli bolýar. Şoňa görä saçaklyk
dokamak üçin düýäniň ýüňünden islendik bir meňzeş öwüşgünlisini
saýlamaly. Saýlanan ýüňleriň gataňsy gyllaryny barmaklaryň bilen
soguryşdyryp, uzyn gyllaryny gyllamaly. Çöp-çalamlaryny, bürmeklerini
aýyrmaly. Yüňi sabynsyz suwda gaýta-gaýta, çyrpyp-çyrpyp, gerilen
ýüpe ýa-da syryg ýazgyn sermeli. Gurandan soň daramaly, uç
ýüňlerini-erişlik, aralyk ýüňlerini argaçlyk we uşlyplyk üçin seljerişdinp,
50
pişge edip, örän nepis inçelik bilen egirmeli. Egirlenleri iki gatlap
ýumaklamaly-da, bükdürmeli. Erişligine pugta tow, argaçlygyna
ýumşak tow bermeli. Bükdürilenleri ýene ýumak etmeli. Erişlik
ýumaklary, suw ýumaklaryň iň içki gatynda gaýnar ýaly edip, duzly
suwda iki sagatlap diýen ýaly gaýnatmaly. Şeýle usulda erşiň towy
özüne endigan siňip, eriş ýalpyldaýar we pugta bolýar.
Saçaklygyň inini bir garyş-da dört barmak (28 sm) ölçäp, belläp,
suwy saiygan ýumaklary çyglygyna ýüwürtmeli. Goýnuň ýaz ýüňünden
taýýarlanyp gaýnadylan erişlik gyzyl, gök, narynç reňkli ýumaklardan
bolsa düýe malyň ömür ýoluny aňladýan zolaklar ýüwürtmel i. Umuman,
düýe ýüň we dürli zolaklaryň her biriniň ininiň ölçegi iki santimetr
bolmaly.
Saçaklyk hem çäkmenligiň gadymy usulda ýüwürdilip dokalyşy
ýaly ýüw ürdilip dokalýar, ýagny m unda-da erşi bäş gazykda
ýüwürtmeli. Y üw ürdipotyrkaňküjülem eli. Üç adam bolup, biriň
ýüwürtmeli, biriň küjülemeli, biriň ýumagy aýlamaly.
Bir gazygy garşyňda, erşi ýüwürtjek uzaklygyňy belläp kakmaly.
Soňra dokmanyň başlanmaly ýerinde, iki gazygyň aralygyny ýarym
gulaç ýaly belläp, gazyklary kakmaly.
Beýleki iki gazygyň aralygyny agsak sere belläp, öňki kakylan
iki gazygyň orta aralygynda goşmak alamaty gömüşinde kakmaly. Erşiň
ujuny bolsa, öňki kakylan iki gazygyň sag tarapkysynyň düýbüne
daňmaly.
Onsoň ýüwürdiji erşi her gezek sag tarapky gazygyň sag
tarapyndan owürip, gazyga halka salyp, ortaky daşky gazygyň
daşyndan, çep tarapky gazygyň daşyndan, garşydaky şol ýeke gazygyň
hem daşyndan aýlarpgetirüneli,ýüwürtmeli. Şol pursatküjüleýji, küjü
ýüpüň ujuny we serent ýüpüň ujuny ortaky iki gazygyň daşkysynyň
düýbüne daňmaly-da, kuji ýüpüni iki gazygyň daşyndan aýlap. ýaňky
ýüwürdilen erşi daşky gazyk bilen bile küjüläp, küjünem serent ýüpi
bilen oňurgalap berkitmeli. Yüwürdiji erşi ikinji gezek aýladanda, erşi
gyradaky iki gazygyň daşyndan, ortaky iki gazygyň arasyndan geçirip
51
ýüwürtmeli - şu ikinji gezek ýüwürdilen eriş “dartyly” bolýar.
Dokmaçynyň dilinde küjülenen erşe “kiijüli”, aralykdan goýberilen erşe
“dartyly” diýilýär. Şugöm üşdeerşisoňunaçenliýüw ürtm eli. Soňra
örän usullyk bilen küjiniň çep tarapyndan dartyny salmaly, kiijiniň içinden
küji demri geçirmeli-de, küjüläp oturan iki gazygyňy we daşky
gazyklary sogurmaly. Şol pursat erşiň arasyna kese dem ir turbany
salyp, täzeden ýörite kakylan iki gazygyň ýeňsesine geçirmeli. Küjüli
demriňi küji götergije galdyrmaly. Küjüleriň, serent ýüpüniň uçlaryny
küji demre daňmaly. Dartyny durmaly ýerine itmeli. Dartydan
uzagrakda, erşiň arasyna bir serent taýak salyp, hatar duran erişler
bilen bile tutup, käýerinden daňýan ýaly edip, serent ýüpüni gowşak
geçirip, çekdirmän berkitmeli. Dokadygyňça, serent taýagy şonça
uzaklyga itibemieli. Serent taýak erişleriň bulaşmazlygy üçin hyzmat
edýär. Yüwürdilen erşe maýa süýdiini çalmaly, ýagny petlemeli.
Yüwürdilýän wagty sag tarapky gazyga erişden halka salmagyň sebäbi,
erişler şu gazyga hünji düziilen ýaly endigan bek düzülmeli-de, dokalyp
başlanýan baş bolmaly. Argajyny geçirip, erik agajyndan ýasalan abzal
- gylyç bilen kakyp dokamaly. Bir barmak ýaly dokalandan soň,
gazygy halklardan sogurmaly.
Saçak biçmek üçin dokalan saçaklykdan inedördül dört gyraň
bolar ýaly, dört in kesip almaly. Dört iniň aragyralaryny bir-birine
gelşirip, düýeýüňden uşlyby iňňä sapyp, sünnäläp ýörmemeli.
Saçaklygyň kesilen iki gyrasyny çyprylmaz (sökülip gitmez) ýaly,
saçaklyk dokalan ýüplerden ilme sanjymda 2-3 gezek gaýap berkitmeli.
Saçagyň gyrasyna düýeýüň ýüpden alaja bassaň, “Tärim goçak” nagşy
gaýasaň, daş gyrasyna “Älem” nagyşly alaja işip ýörmeseň, has owadan
gelişýär.
Dokalan saçaklykdan boýuny iki metr, inini dört in kesip, biçip,
tikilýän saçaga“iki gat saçak” diýilýär. Dograma nahar taýýarlananda,
petir çöregi dogramak üçin ulanylýany sebäpli, “ iki gat saçaga”
“dograma saçak” hem diýilýär.
52
Dokalan saçaklygyň artanyndan kiçeňräk saçak tikseň hem, ol
içi çörekii göterip-goýup, geleniň öňüne süýşürip durmaga-da çemli
bolýar. Galan kiçi böleklerini hem bisarpa tutman, ony-da duztorba
tikmek üçin ulanmak bolýar.
***
Türkmen düýe ýüňünden dokalan saçagyna rysgal-döwletliligiň
medetkäri, diregi hökmünde ynanýär. Şonuň üçin her bir türkm en
maşgalasynyň höwesi düýe ýüňden saçak edinmek.
Türkm en ogul öýerip, ak öý dikip, oglunyň-gelniniň öýiini
aýranda-da: “Rysgalyňyzy hem aýyrýaryn, rysgalymdan rysgal ýoksun”
diýip, ilki bilen oglunyň ak öýüne içi çörekli düýeýüň saçak, içi urbaly
kendirik, içi duzly duztorba eltýär. “Örüp-örňäp, gülüp-oýnap, abraý
bilen agzybir ýaşaň” diýip dileg edýär.
Bu ajaýyp sungaty dowam etdirip, saçaklyk düýeýüňi jöw her
synyndan geçirip, zehin eleginde eläp, ezber elleri bilen inçeden siinnä
egrip, dokaýşyny gözüm bilen göremsoň, şu pursat mamalarymyzdan
Abadan eje biygtyýar ýadyma düşýär. Abadan eje öz gyzy Ogulboldy
bilen “Sag-aman gaýdyp gel” diýip, urşa iberen ýanýoldaşynyň yzyny
saklap, “Buşlyk, hol-ha, gelýär!” diýiläýjek ýaly, gözleri mydama ýoldady.
Ogulboldy henizem tamasyny üzenok, kakasyny ýatlap, aram-aram ýola
garaýar. Abadan ejäniň çeper ellerinden çykan ýeke gat, iki gat düýeýüň
saçaklar gyzy Ogulboldynyň öz öýüniň, şeýle hem üç gyzynyň, ýedi oglunyň
hem-de garyndaşlarynyň agzybir rysgal- döwletli öýüniň gap böwrüniň
hödür-kereminiň maýasy, bezegi, medetkäri hem keramaty!
Türkm eniň toýa baranda-da içi possuk-pişm eli, süýji-kökeli
düýeýüň saçagy bilen barmagy dereje bilýänliginiň sebäbi-de, düýeýüň
saçagyň eýesini rysgally, gurply, paýhasly we parasatly göm üşde
tanadýanlygy sebäpli bolsa gerek. Şeýle hem Beýik Türkmenbaşy
53
zamanamyzda-da ýaşlaryň toýuna, ýaş çatynjalaryň ak öýüne düýeýüň
saçak iň ajaýyp sowgatdyr.
Türkmen zenanynyň zehini siňen
Ajaýyp sowgatdyr tiirkmen saçagy.
Çeper ellerinden gözellik alan
Gadymy sungatdyr türkmen saçagy.
Düýe ýüňden ýuwup, tüýdüp daralan,
Egirip, bükdiirip towy berilen,
Aklyk, päklik hein halallyk garylan
Kasamdyr, zynatdyr türkmen saçagy.
Erşi inçe, kiriş kimin çekilen,
Argaç abzal - gylyç bilen kakylan,
Yhlasly, höwesli sünnä dokalan
Nepisdir, gymmatdyr türkmen saçagy.
Myhman gelse, garşy alar gadyrly,
Gül kokaýan tamdyr nandan hödürli,
Göwün açar göýä sähra - Hydyrly,
Göýäki jennetdir türkmen saçagy.
Desterhandyr supra diýen ady bar,
Garamyk gözlerden siňen jady bar,
Adam ata, How eneden ýadygär,
Gudrat keramatdyr türkmen saçagy.
Desterhana togap etmek endigiBu Beýik Serdaryň pygamberligi!
Saçak tiirkmenleriň agzybirligiTüýs ruhy hormatdyr tiirkmen saçagy!
54
Beýik Saparmyrat Türkm enbaşy saçak keramatyny pähim
eleginde eläp, mukaddes Ruhnamada şeýle ýazýar: “Türkmen milleti
saçagyny keramat bilip, ony mukaddeslik derejesine göteripdir. Saçak
- türkmeniň agzybirliginiň nyşany, ol daşyndatürkmenlerijem eýleýär.
Saçak - türkm eniň kasamy. T ürkm enden hanyň kim diýip
soranlarynda, ol “Desterhan” diýip jogap beripdir” (152-153 sah.)
Bu pähim saçak barada aýdylan müň-de bir parasatly sözleriň
içinde özüniň paýhas öwüşginleri bilen ýalkym saçýar.
O. Kulyýewa Amaly-haşam
sungatynyň birinji sergisinde (1993 ý.)
öz inçe senetleri barada
giirriiň berýär.
55
ÝEŇSIZ
Düýäniň ýüňünden ýeňsiz örmek iiçin düýäniň ýüňüniň owadan
öwüşginlisini saýlamaly, gataňsy gyllaryny sogurmaly. Bürmeklerini,
çöp-çalamlaryny aýyrmaly. Onsoň ýüňi sabynsyz suwda çyrpyp çyrpyp, ýuwmaly we syryga ýa-da gerilen ýüpe sermeli. Gurandan
soň tüýdüp daramaly we pişge etmeli. Sünnäläp egirmeli,jygyr-jygyr
tow bermeli däl. Bükdüreňde-de ýumşak tow bermeli, soňra kelep
etmeli. Kelebi çala çyglap, gaty sarap, ýumak edip, bir näçe gün
goýsaň, towlary endigan siňen ýüp diýseň düz we owadan bolýar.
Şeýle zehin siňdirilip örülýän ýeňsiz görenlerde isleg döredip, bu nähili
egrildikä, bu nähili örüldikä diýdirýär. Düýäniň ýüňünden örülen ýeňsiz
adamyň görküne görk goşýar we saglygy üçin peýdaly bolup,
ýagymysyna, biline, gursagyna penakärdurup, sowuklamadan goraýar.
Düýeýüňden dyzyňy ýapyp duran uzynlykda, topugyňa ýetip
duran uzynlykda hem ýeňsiz örmek bolýar. Eger ýeňli bolmagyny
isleseň, ýeň örüp hem gelşirip tikäýmeli. Şeýle ýeňsizler adamyň ýüzüne
gelüwliligi bilen adamy hoşroý, owadan, salykatlygörkezýär. Düýäniň
ýüňünden egrilip, sünnälenip, dürli nagyşlar salynyp, ýeňli örülen uzyn
don owadanlykda agarçäkmen bilen hem bäsleşip bilýär.
Ýeňsiz örmegiň düzgünleri
(4-nji we 5-nji çyzga seret)
Çyzgyda görkezilen ýeňsizi örmek üçin iki uzyn çişi ýanaşdyryp,
sag eliňde jebis tutup, ýüpüň ujundan iki gulaç uzynlykda iki epläp,
syrtmak salyp çişe geýdirmeli, ýüpleri çekişdirmeli.
56
JEMI. 65 halka
4-nji çyzgy
5-nji çyzgy
Onsoň ýüpüň gysga tarapyny çep eliň başam barmagynyň
iç ýüzünden daşyndan öwrüp eliň aýasyna almaly. Ýüpüň ýumakly
tarapyny bolsa, süýem barmagyň daşyndan öwrüp, orta barmak
tarapdan aralykdan geçirip, iki ýüpi-de eliň aýasynda üç barmagyň
bilen saklamaly. Soň çişiň ujuny başam barmagyňdaky halkaň içinden
geçirip, süýem barmagyňdaky ýüpi çekip halkaalybermeli. Ýeňsiziň
öňüniň bir tarapy üçin 65 halkany almaly-da, çişleriň birini çekip
çykarmaly. Onsoň bir halkany duzuw, bir halkany tersine rezin
gömüşde örüp başlamaly. Ýeňsiziň etegi gyrasy şeýdip 12 aýlanmaly.
Soň ýeňsiziň ýaka gyrasy üçin 9 halkany etekki gyraň örülişi ýaly
dowam edip örübermeli. Beýleki haikalara islän nagyşlaryňy ýagny
bugdaý örüm, saç örüm, pökgüje gyýaklary salyp örseň, owadan
gömer. Iň bolmanda halkalary bir düzüw, bir çöwre örseňem owadan
görünýär. Her aýlawda 9 halkanyň ýüplerini çekdiribräk örmeli, gyrasy
telki bolmaz ýaly, 95-nj i aýlawdan soň goltugy owadanlap başlamaly.
Onuň uçin bir aýlawda 6 halkany kemeltmeli. Onsoň her gezek öňe
tarap öreňde 1 halkany kemeltmek bilen ýene 6 halkany kemeldip,
dogra durmaly, 6 halkany birden kemeldeňden soň, 4 aýlananyňdan
57
soň, ýaka tarapyny hem her gezek öňe tarap öreňde 1 halka kemeldip,
33-34 halka bolup galanda dogra durmaly. Goltukdan gerdene çenli
48 aýlawdan soň hemme halkalary ýapmaly, gutarmaly, diňe 9 halkany
ýeňsiziň ýeňsesine ýeter ýaly örüp ýapmaly. Yeňsiziň öňüniň beýleki
tarapyny hem şu gömüşde örmeli.
Yeňsiziň arka tarapyny örmek üçin çişlere 115 halka düzmeli.
Soň ýeňsiziň etekki gyrasyny 12 aýlawörmeli-de, nagyşlaryny sapmaly.
95 aýlawdan soň goltuklaryny owadanlap gyýalap başlamaly. Onuň
üçin biraýlaw da 3 halkany birden kemeltmeli. Soň hergezek öňe
tarap öreňde 1 halkadan 3 gezek kemeltmeli-de, dogra durmaly.
Onsoň iň soňky iki aýlaw galanda her gerden tarapda 33 - 34 halka
goýup, galan halkalary ýapmaiy, gutarmaly. Iki gerdenini 2 aýlaw örüp
dowam edip, goltukdan gerdene çenli 48 aýlaw bolanda gerdendäki
halkalary liem ýapmaly, gutannaly. Ýeňsiziň gerderderini, gapdallaryny
tikmeli. 9 halkada örülen gyranyýeňsä aýlap, geişirip tikmeli. Onsoň
bütin omzy çişlere düzüp, 2 gezek aýlanyp halkalary ýapsaň, omuzlar
telkerip ýa-da güberip durmaz. Omuzlary ujy ildirgiçii çiş bilen hem
aýlanyp gowy ýapmak bolýar. Bu ýeňsiz 48-nj i ölçegde geýinýänlere
niýetlenildi.
BALDYRI.YK
Düýäniň ýüňünden ýörite taýýarlanan ýüpden derde şypaly, jana
ýakymly baldyrlyk hem örmek bolýar. Baldyrlygy topukdan dyza çenli
30 sm. örmeli. Baldyrlyk örmek üçin ýeňsiz orülişi ýaly, iki çişi jüp
tutup, çişe 80 halkadüzmeli. Onsoň çişleriň birini çekip çykarmalyda, bir halkany ters, üç halkany düzüw örüp. halkalary dikligine şu
usulda dowam etmeli. Bir sydyrgyn gowşak örseň has gowy bolýar.
Gowşak örmek üçin isledigiňçe ýogynrak çiş saýlamaly.
Baldyrlygy jorabyň gonjy ýaly tegelek örüp çyksaň hem bolýar.
Ýöne, arasy ýörite ýylmanak emeii ýüp bilen birikdirilen iki çişde ýazgyn
Düýeýüň ýüpden ýapynja örmek hem boiar.
Ý apa-ýapa ýaz ýagşy
Ýagar boldy, ýeňňe j an.
Ýapynjasyz ýaş oglan
Buýar boldy, ýeňňe jan diýilip, aýal - gyzlaiyň halk döredijiliginde beýan edilişi ýaly, ýapynja, ondada düýeýüňden edilen ýapynja ýagyş - ýagmyrdan, gardan, çygly howadan
goraýar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Düýe maly – dünýe maly - 1
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2204
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Düýe maly – dünýe maly - 2
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2134
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Düýe maly – dünýe maly - 3
    Total number of words is 2317
    Total number of unique words is 1278
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.