Latin

Atym ganatym meniň - 3

Total number of words is 3875
Total number of unique words is 1662
30.0 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
48.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
mele... dürli reňkli atlaryň üstünde. Baýramyň gözi ikinji belgili Altyntaýda. Akýal
mele taýyň üstünde gyrmyzy köýnekli çapyksuwar hem Kiçi Serä seredýär. Atlar
ýeke-ýekeden ýerlerine girýärler. Gysynyň öňi açylýar. Atlar öňe okdurylýarlar.
Baýdak ýatýar. Eminleriň oturan ýerindäki jaň hem baýdak bilen birlikde kakylýar.
Eminleriň sekundomerleri işläp başlaýar. Turuwbaşdan bir gara at öňe saýlanýar.
Emma yz ýanyndan barýan Altyntaý derrew onuň bilen deňleşýär. Olayň yzynda
Kiçi Sere. Kiçi Sere öňe dyzaýar. Baýram hyrçyny dişläp, bar güýji bilen ony
çekýär. At toýnaklaryna göz ilenok. Altyntaý gara atyň deňinden geçýär. Indi öňde
Altyntaý. Baýramam gara at bilen deňleşýär. Tiz wagtdan Kiçi Sere-de ikinji orna
geçýär. Gara at daljygan bolarly, ýuwaş-ýuwaş onuň bady peselýär. Beýleki atlar
hem kän yzda däl. Olar topar tutup, ýanaşyp, Altyntaý bilen Kiçi Seräniň yzyny
basyp gelýärler. Altyntaýyň çapyksuwary zol yzyna Kiçi Serä seredýär. Kiçi Sere
onuň daş ýüzünden gapdallaşýar. At Baýrama çekdirmejek bolýar. Ol gaýta-gaýta
Altyntaýa seredýär. At toýnaklaryndan bölek-bölek bolup kiçijik tozan asmana
göterilýär. Tribunadaky tomaşaçy oglanjyklaryň biri ýuwaş ses bilen „Kiçi, Kiçi“
diýip, duran ýerinden bökjekleýär. Onuň gözi uzakdan görünýän atlarda, öz
hereketlerini duýanok. Birden ol bogazynasygdygyndan „Kiçi, Kiçi“ diýip gygyryp
başlaýar. Baýram henizem Kici Seräň jylawyny cekip otyr. Kiçi Sere öňe dyzaýar.
Baýram: Howlukma Kiçim... Howlukma...
Atlar göni ýola düşýärler. Altyntaýyň çapyksuwary öňde bolsa-da, gyssanyp
başlaýar. Ol atynyň jylawyny gowşadypdyr. Baýram hem jylawy gowşadyp
başlaýar. Iki at deňleşýär. Iki çapyksuwar biri-birlerine seredişýärler. Altyntaýyň
çapyksuwary atyny sürmäge başlaýar.
Tomaşaçylaryň gopguny asmana göterilýär. Iki oglanjygyň hersi öz bellän atynyň
adyny tutup gygyrýar. Baýram hem Kiçi Seräni sürüp ugraýar.
Baýram: Gitdik, Kiçim! Haýda! Haýda!..
Kiçi Sere Altyntaýyň deňinden geçýär. Öňde aýlaw ýoly. Giň ýol. Baýramyň
öňünde indi hiç kim ýok.
Pellehana ýakynlaşyp gelýär.
Baýram: Öňde hiç kim ýok. Hiç kim...
Birinji bolandygyna ynanan Baýram biraz badyny gowşadýar. Şol wagt gapdaldan
başga bir al atly öňe dyzaýar. Birden ony gören Baýram, gaýtadan gyssanyp
başlaýar, emma giç. Al atyň bady güýçli. Ol pellehandan bir boýun Kiçi Sereden
öň geçýär. „Kiçi Sere diýip gygyrýän oglanjygyň sesi gyrylypdyr. Ol zordan
gapdalyndaky adama ýüzýenýär.
Oglanjyk: Kiçi Sere ikinjimi?
Nätanyş adam: Sesiňe näme boldy?
Oglanjyk: Aý, gyrylaýdy-laý.
Şatlyk Kiçi Seräň öňünden çykýar, baryp aty tutýar. Oraz aga-da ýanyna gelýär.
Baýramyň haşylap demi-demine ýetenok.
Baýram: Altyntaýy ozdum-a. Näme üçin... näme üçin... pellehana çenli
gowşama... diýmediň?
Baýram atdan böküp düşýär-de, öýkeli, aňrysyna bakýar.
Şatlyk: Gowy çapdyň-a... Şuň ýaljak galdyň...
Baýram ýumrygy düwülgi, lapykeç athana tarap gaýdýar. Şatlyk oň yzyndan
seredip galýar.
Oraz aga: Degme, köşeşsin...
25-nji epizod
Aýlaw. Oraz agalaň athanasynyň agzy. Nazar bilen Baýram oturgyçda otyrlar.
Oraz aga bilen Şatlyk Kiçi Seräni alyp gelýärler.
Şatlyk: Eý, ikinji ýere holodilnik berdiler.
Şatlyk Kiçi Seräni athana salýar. Oraz aga Baýram dagyň oturan ýerine barýar.
Nazar turup Oraz aga ýer berýär.
Oraz aga: Çytylma. Birinji gezek oň ýaly çapsaň. Men dagy birinji gezekde iň
yzy bolupdym...
Baýram sesini çykarman oturýar.
Oraz aga: Galanyňa namys etseň, indikide ozarsyň. Dorgunandan beýle
çapuwa garşamandym. Senem ýene azajyk gaýrat eden bolaň-da. Ozandyryn
öýtdüň-dä. Zyýany ýok. Aýlawdyr bu, bir ozarsyň, bir galarsyň.
Şatlygam gelýär. Baýramyň arkasyna kakýar.
Şatlyk: Indikide daş edip ozarys. Uly baýraga ýazsana Kiçini Oraz aga.
Oraz aga: Inşallah.
Nazar: Oraz aga, Kiçi Seräňem soňuna gelende ysgyny gaçdy öýdýän? Olaň
açlygyndan ysgyny gaçýan ýaly?
Oraz aga: Aý, ýok-la, soň Baýram ikilenç sürüp ugransoň ýöre-dä.
Nazar: Hemme kişem şeý diýýär.
Şatlyk: Kim näme diýýärkä diýip gulagyňy gabardyp ýörmeli däl-ow.
Şatlyk bilen Nazar bir-birine alarylýarlar.
Oraz aga: Indiki çapuw Kümüşliňki dälmi? Diňle, Baýram. Bu gezek
gaçarsyň. Ýöne gatam gyssamagyn. Birden öwrüme çenli ýetip geçseler,
nesibedir. Indiki çapuwlarda gowy çapar. Ýoldaşlary gaty güýçli.
Şatlyk ellerini hereketlendirip janygyp gürlemäge başlaýar.
Şatlyk: Oraz aga bolmasa, gyssanmasa. Yzda otursyn, ýaňky Kiçini ozanyň
edişi ýaly soňundan...
Oraz aga: Hany sen, atyňy çykar, oglum, öňümizde çapuw kän.
Şatlyk Kümüşlini eýerlemäge göwünsiz gidýär.
Oraz aga: Baýram galma senem. Atýatakdan münüp çyk.
Baýram öňküsindenem hyjuwly. Ylgap Şatlygyň yzyndan ýetýär. Şatlyk ellerini
hereketlendirip oňa birzatlar düşündirýär. Oraz aga olar aty münüp çykýançalar
telpegini bir geýip, bir çykaryp iki ýana ýöreýär. Aladaly, ýüzi ýerden galanok.
Nazar gözüniň astyndan ony synlap dur. Olam elinde bede çöpi ony döwümdöwüm edýär. Baýram Kümüşlini münüp at ýatakdan çykýar. Oraz aga ýakyn
gelýär.
Oraz aga: Gysa girmäge howlukma. Tomaşaçylaryň öňündenem aňyrrakdan
aýlanyp geç. Gyrguş bilen Garadag dyzap biraz özüni horlasyn. Şol ikisi birbirini saklap seni gönä çenli kowmasalar gelersiň. Bar, Alla ýaryň.
Galasaňam gynanmagyn. Hemmesi nesibedir.
Baýram Oraz agaň tabşyryşy ýaly Kümüşlini tomaşaçylaryň öňünden howlukman
aýlaýar. Emin jaň kakyp oňa gysa çaltyrak bar diýip duýduryş berýär. Baýram
gysyň agzynda-da oňa girmäge howluganok. Şatlyk atynyň uýanyndan tutup ony
gysa salmaga kömekleşýär. Kümüşli gowy der beripdir.
Şatlyk: Indi gaçaýmasaň bu saňa saklatmaýaram.
Baýram jogap berenok. Gysa girýär. Atlara start berilýär. Baýram turuwbaşdan öňe
düşýär. Şatlyk aýlawyň içi bilen pellehana tarap ylgaýar. Iki gözi atlarda.
Çapuwam görjek bolup büdüräp gidýär.
Şatlyk: Kümüşlim, Kümüşlim. Gaç, gaç.
Baýram aty orta çekiwde saklap barýar. Ony kowýan ýok. Yzdaky atlar topar
bolup gelýärler. Gönä ýakynlaberende iki at Kümüşlini kowup ugraýar. Aýlawyň
diktory olaryň Garadag bilen Gyrguşdygyny aýdýar. Olar barha arany ýygyrýarlar.
Kümüşli dogry ýola düşýär. Ol biraz gowşajak ýaly edýär. Baýram doly jylawy
goýberip ony ýetişibildiginden gyssaýar. Yzdaky atlaryň barha aýak sesleri gaty
eşidilýär. Soňa-baka olaryň burnunyň parryldysy eşidilýär. Baýram yzyna garaman
sürüp otyr. Pellehana görnüp dur. Gyrguşyň gyr boýnuna Baýramyň gözi düşýär.
Has gyssanýar. Beýle gapdalyndan Gardag has zarply gelýär. Baýram hyrçyny
dişläp, ýetişibildiginden atyny gyssaýar. Ol indi hatda pellehananam görenok. Diňe
Kümüşliň inçe gara aýaklary, ýapyrlyp ýatan gulaklary, selçeň ýallaryny görýär.
Birdenem atlar pellehanadan geçende kakylýan jaňyň sesini eşidýär. Iki
gapdalyndan gelen atlaryň ikisem deňinden geçip gidýärler. Baýram ozanynam
bilenok, galanynam. Pellehanadan geçen atlar batlaryny ýatyranda atbakarlary
ylgap gelip olaryň uýanyndan tutýarlar. Şatlygam gelip Kümüşlini tutýar.
Baýram: Ikinjimi, kim ozdy?
Şatlyk: Bilmedim, görüp ýetişip bolmady. Özüň görmediňmi?
Baýram: Ýok, men aty gyssadym, başga zady bilemok.
Şatlyk: Fotofiniş görkezer. Meň gözüm-ä sen ozduň.
Alypbaryjy: Pikir beriň, 6-njy çapyşgyň ýeňijisini fotfiniş kesgitledi. Ol
Kümüşli, Çapysuwary, ýaş çapyksuwar Baýram Sapaýew.
Şatlyk: Dostjan, ozduk. Düş atdan men seni bir gujaklaýyn-la.
26-nji epizod
Athanada Nazaryň ýeke özi ogurlyk edýän ýaly, töweregine garanjaklap, Tumarlyň
ýatagynyň gapysyny açyp, daşyndan iýim berip dur. Baýram birbada nämäňnämedigine düşünmän kürtdürip durýar. Soň ylgap baryp, Nazaryň eline ýapyşýar.
Baýram: Eý, at çişer... çapmaz...
Emma çepiksije Baýramyň Nazara güýji ýetenok. Baýram bir sagyndan, bir
çepinden baryp, iýmli gaba elini ýetirjek bolýar. Nazar arkasyny tutup, Baýramy
iýmli gaba eltenok. Itenek-çomanakda 5-6 däne süle Tumarlyň gapysynyň agzyna
dökülýär.
Nazar: Aýryl...
Baýram: O häzir çapmal-a...
Nazar: Özüm gowy bilýän.
Baýram: Berme, atyň çapmaz.
Nazar jogap berenok. Oňa çenli Tumarly gapdaky iými iýip bolýar. Nazar boşan
gaby iým goýulýan ýere oklap goýberýär.
Nazar: Aýdaýsaň, soň meň adymy tutaýmagyn. Kümüşlem soňunda tas
galypdy.
Baýram: Men-ä çapmaryn.
Nazar: Çapmasaň hasam gowy. Atlammyzda ysgyn ýok, göreňokmy?
Oraz aga gelýär.
Oraz aga: Nazar, Tumarlyny eýerle.
Nazar: Eýýämmi?
Oraz aga: Irräk çykaryp, biraz gezdireli.
Nazar: Çapuw eýer salaýynmy?
Oraz aga Baýramyň arkasyna kakýar.
Oraz aga: Ozana meňzeş dälle sen? (Nazara) Ýok, öz eýeriňi sal, özüňem
mün, Baýram dynjyny alsyn. Içki aýlawa gir-de ýörediber.
Baýram Kümüşlini idip aýlap ýören Şatlygyň ýanyna barýar. Ýerde bir zady
depýän ýaly gaharly aýagyny galgadýar.
Şatlyk: Saňa näme boldy-eý? Nämä gaharlanýaň?
Baýram: Nazar Tumarla iým berdi.
Şatlyk: Nätdiň-aý. Oraz aga bilýämi?
Baýram başyny ýaýkaýr.
Şatlyk: Näme üçin aýdaňok? Al şuny.
Baýram Kümüşliň jylawyny alman, Şatlygy saklaýar.
Baýram: Dur. Aýtsaň, Oraz aga Nazary kowar.
Şatlyk nätjegini bilmän durýar.
Şatlyk: Ata bir zat bolaýsa näme?
Baýram: Belki, zat bolmaz.
Şatlygyň gahary gelýär, janygýar.
Şatlyk: Bolmazmy?!
Baýramam gaharlanýar.
Baýram: Näme adam satjakmy?
Baýram Oraz aganyň athanadan çykanyny görüp, Şatlygyň ýanyndan aýrylyp, oňa
tarap gaýdýar.
Baýram: Tumarlyny men çapmaýyn-la...
Oraz aga: Hä? Ýadadyňmy?
Baýram: Aý... Öz atlarymyzy çapdym bolýa-da...
Oraz aga: Tumarly näme öz atymyz dälmi?
Baýram: Aý...
Oraz aga: Nazar bir zat diýdimi?
Baýram: Ýok...
Oraz aga: Onda näme näziňi artdyrýaň.
Oraz aga Baýrama gaharly seredýär. Soň Nazara gygyrýar.
Oraz aga: Nazar, aty getir. (Baýrama) Bar senem öz eýeriňi sal.
Baýram sesini çykarman athana girýär. Şol wagt Oraz agaň ýanyna Mämmet
gelýär.
Mämmet: Tumarlyň taby nähili, Oraz aga?
Oraz aga göwünli-göwünsiz jogap berýär.
Oraz aga: Agyrrak.
Mämmet: Kümüşlini çapan oglana mündirjek dälmi? Tüweleme dogumlyja
eken.
Oraz aga bilen Mämmet ikisem tirkeşip athana girýärler. Nazar bilen Baýram
Tumarlyny eýerläp dur.
Oraz aga: Bul-a men çapmaýyn diýip dur.
Mämmet: Hä?
Oraz aga: Galsa, bir zat diýiler öýdýändir-dä.
Mämmet: Aý, ozmak-galmak nesibe işi. Ýa Nazar bir zat diýýämi? Aýt,
gulagyny towlaýyn...
Baýram: Ýok-laý...
Mämmet: Nazar! Akyllyja bolgun... Baýram jan, Kümüşlini çapyşyň ýaly
çapsaň bolar. Gaýrat et, hany...
Baýram bilen Nazar aty eýerläp çykýarlar.
Oraz aga: Beh, at-a üýtgäpdir. Hälki Tumarly däl.
Mämmet: Belki gowulygadyr?
Oraz aga: Haý... haý näbileýin...
Baýrama iň soňky tabşyrygy berýär.
Oraz aga: Turuwdan gaty gyssanmagyn. Atyň tabyny halamok. Bir kem-ä
bar.
Baýram: Oraz aga...
Oraz aga: Özelenip durma. Bar, Alla ýaryň. Nazar, aty ugrat.
Nazar ylgap gelip Tumarlynyň uýanyndan tutýar. Tumarlynyň üstünde Baýram
gaharly otyr. Olar aýlaw ýodasyna çenli gelýärler.
Baýram: Atyňa bir zat bolsa menden görmegin.
Nazar: Hiç zat bolmaz. Gaýta ozar.
Oraz aga athanaň öňünde özbaşyna gürleýär.
Oraz aga: Gözüm kütelipmi, zeinim kütelipmi...
Çapuw başlanýar. Ýedi at ýola düşýär. Tumarly orta gürpde barýar. Birden onuň
bady gowşaýar. Beýleki atlar Tumarlyň deňinden geçip gidýärler. Baýram
pellehanadan iň soňky bolup geçýär. Athanaň öňünde Oraz aga bilen Nazar
öňünden çykýar. Baýram atyň uýanyny Nazara berýär. Ýüzi salyk.
Oraz aga: Nädip beýle boldy?
Baýram Oraz aga jogap berenok. Tumarlydan eýerini aýyrýar. Baýram bir bede
kipiniň üstünde oturýar. Oraz aga ýumurtgalary sanap görýär. Baýram eýeri
ýerinde goýýar.
Oraz aga: Nazar gije atyň iýmine ýumurtga goşaýdymyka diýdim. Olaňam
sany dogry. Bizdenem bir seýis bormy. Sygyr bakdyrmaly bize... Ýa, Baýram,
ökdesirän bolup bir zat etdiňmi?
Baýram Oraz aga jogap bermän yzyna, athanadan çykmakçy bolýar. Şol wagt
Mämmet gelýär.
Mämmet: Oraz aga, at nädäýdi?
Oraz aga Mämmede geldiňmi hem diýenok. Birden Oraz aganyň gözi Tumarlynyň
ýatagynyň agzyna dökülen süle dänelerine düşýär.
Oraz aga: Baýram!
Baýram Oraz agadan eşitmedik azymly sesine sakga durýar. Mämmet aňka-taňka
bolýar.
Oraz aga: Men saňa diýýän, Baýram, bärik gel.
Baýram gorkuly, ýuwaşja ädimläp gelýär. Oraz aga oňa Tumarlyň ýatagynyň
agzyndaky süle dänelerini görkezýär.
Oraz aga: Bular näme?
Baýram: Bilmedim.
Oraz aga aňyrdan gelen Şatlyga soragly seredýär.
Şatlyk: Men-ä irden gül ýaly edip, ähli ýeri süpürdim.
Oraz aga: Bar sen aty gezdir, Nazar gelsin.
Şatlyk Tumarlyny ýatagyna alyp gelýän Nazar bilen pete-pet garşylaşýar.
Nazar: Aýtdyňmy?
Şatlyk: Barsanaý. Bärik ber Tumarlyny. Seni Oraz aga çagyrýar.
Nazar: Aýtdyňyz dälmi?
Şatlyk gözüni alardyp, onuň elinden Tumarlyň uýanyny alýar. Yzyna dolaýar.
Nazar Oraz agaň ýanyna gelýär. Oraz aga Nazardan süle dänelerini görkezip,
azymly soraýar.
Oraz aga: Bu näme?
Nazar: Süle.
Mämmet: Bizem bilýäs şoň hyýar däldigini? Nirden düşdi bular?
Nazar: Iým berdim.
Oraz aga: Haçan?
Nazar: Çapuwyň öň ýany.
Baýram: Ol gowsuny etjek boldy, Oraz aga.
Mämmet: Seň kelläň nirde?
Baýram: Oraz aga, Mämmet aga, Nazar bilmän etdi...
Oraz aga: Ýa sen öwreden bolduňmy?
Baýram jogap bermän başyny aşak sallaýar.
Nazar: Ýok, o soň geldi.
Oraz aga: Näme üçin maňa aýtmadyň, saňa diýýän Baýram?
Baýram: Taý gowlanar, Oraz aga...
Oraz aga: Gözüme görünmäň ikiňem, seýissumaklar. Gowlanjakmyş...
Çapmajak bolşuňdanam aňaýmandyryn.
Baýram sesini çykarman olaryň arasyndan gidip ugraýar.
Nazar: Oraz aga, ony kowmaň. Men etdim, men gideýin.
Mämmet: Saňa gözüme görünme diýmedimi seýis?
Nazar kimden haraý görjegini bilmän Baýramyň yzyndan ylgaýar. Şatlyk
Tumarlyny idip athana girýar. Nazaryň gözünde ýaş bar.
Nazar: Şatlyk, aýtsana, Oraz aga Baýramam kowýar. Oň günäsi ýoga.
Şatlyk onuň aýdanlaryna nähili düşünjegini bilenok. Baýramyň çapyksuwar
köýnegini aýryp, zatlaryny ýygnap ýörenini görýär. Tumarlyň ýatagynyň agzynda
Oraz aga bilen Mämmet dur.
Mämmet: Bir belasy bolmasa Tumarly beýle galmaly at däl-ä.
Şatlyk: Oraz aga Baýramy kowmaňda, oň günäsi ýoga.
Oraz aga: Maňa näme üçin aýtmandyr?
Şatlyk: Adam satmajak boldy.
Mämmet: Hana indi özi kowuldy-da.
Şatlyk: Oraz aga...
Ol Oraz aga seredýär.
Oraz aga: Bar ikisinem çagyr.
Şatlyk olary alyp gelýär.
Oraz aga: Gaýdyp menden bidin atlara birzat edäýseňiz... Baryň işiňiz bilen
boluň.
Oglanlar gidýär.
Mämmet: Ata zat bolmaz-da, hernä.
Oraz aga: Görmeli-dä. Baýram jan kän gyssamady, öz-ä. Açylar-la inşallah...
27-nji epizod
Aýlawyň weterinar gullugynyň jaýy. Ak ýektaýly weterinar ýigit Tumarla
seredýär. Atyň başyny Nazar tutýar, Oraz aga-da ýanynda.
Weterinar: Hä, hmm. Ine, ine... Ine, boldy.
Oraz aga: Şol çapuwdan bäri gyzgyny gidenok. Keçeläp derledibem gördüm.
Özem sus. Iýminem gowy alanok.
Weterinar atyň ýüreginiň urşuny diňleýär.
Weterinar: Gorkuly zat ýok, Oraz aga. Ýöne ata biraz agram düşüpdir.
Oraz aga: Adamam dok garnyna ylgatsaň agram görer.
Weterinar ýigit ýylgyrýar.
Weterinar: Bu Nazar, seň oýlap tapan seýisçiligiňmi? Aýby ýok, men häzir.
Ol öz otagyna girýär. Eli dermanly çykýar.
Nazar: Bahym, gutular gerek?
Weterinar: Gutular, inşalla. Ýöne bir hepdläp işletmek bolmaýar, diňe ýöriş.
Oraz agaň diýeninden çykmagam gadagan. Şundan dört sanysyny owradyp,
her gezek atyň iýmine gararsyňyz. Oraz aga, men size öwretmeli däl, özüňiz
gowy bilýänsiňiz, gyzgynyň dermany suw. Suwa düşüriň, aýaklaryny suw
bilen massaž ediň.
Aýlawyň ýörite howzunda Nazar Tumarlyny suwa düşürýär. Batly akýan suw bilen
aýaklaryny massaž edýär.
28- nji epizod
Gije. Çyraň ýagtysyna Oraz aga atlary synlap ýör. Ol Tumarlyň ýatagynyň öňünde
köp durýar. Soň ýataga girip, atyň alkymyny elläp görýär. Tumarly parahat dur.
Nazar gelýär.
Nazar: Oraz aga atym gutulypdyr gerek?
Oraz aga gaňrylyp, seredýär. Görse, Nazar atýatagyň agzynda dur.
Şeýis aga: Şeýle ýaly. Ýataňokmy?
Nazar: Ukym tutanok.
Oraz aga Tumarlyň ýatagyndan çykýar.
Oraz aga: Ukyň tutmaýan bolsa, gel, ikimiz bir zat edeli. Tumarla uzyn
tanaply kellekini sal-da daşaryk çykar.
Nazar: Şu wagtmy?
Oraz aga: Hawa, häzir.
Nazar aty alyp çykýança Oraz aga goş-golamlaryň arasyndan, şyhmütürli tebläni
gözläp tapýar, bir eline-de çekiç alýar. Aý aýdyň gije. Aý asmandan asylan mähnet
çyra meňzeýär. Ýyldyzlar patrak ýaly. Töwerek ümsümlik. Tumarly biwagt çagt
daşaryk çykarylmagyny geň görýän ýaly, daş-töwerege keýerilýär. Durup diň
salýar. Garalyp görünýän aýlaw ýodasyna seredýär, owadan kişňeýär. Oraz aga bir
giňişlige gelýär-de, Nazary çagyrýar.
Oraz aga: Nazar aty bärik getir. Me, şuny kak şu ýere. Aty maňa ber.
Nazar derrew Oraz agaň diýenini edýär. Oraz aga tebläň berkligini barlaýar-da, oňa
Tumarlyny daňýar.
Oraz aga: Ýör, indi meň düşegimem çykaraly.
Oraz aga bilen Nazar bir krowady daşaryk alyp çykýarlar. Tumarly olara seredip,
kişňejek ýaly edýär-de, gazygynyň daşyndan gorgun aýlanmaga başlaýar. Oraz
aganyň muny görüp ýüzi ýagtylýar.
Oraz aga: Berekella!
Nazaram atyň özbaşyna aýlanyp durmasyna geň galyp seredýär.
Olar krowady Tumarlyň aýlanyp duran ýeriniň 4-5 ädim golaýynda goýýarlar.
Nazar: Atyň ýanynda ýatmaly bolsa, men ýataýaýyn. Boşasa, serederin.
Oraz aga loh-loh gülýär. Nazaryň başyny sypalaýar. Tumarly bolsa, kä gorgun, kä
öňatyp, uzyn tanapyň daşynda aýlanýar.
Oraz aga: Ýok, oglum. At boşamaz. Ata şöwür çekdirmeli bolaýmasak.
Nazar: Şöwür näme, Oraz aga?
Oraz aga: Gije münmeli.
Nazar: Men münerin, Oraz aga.
Oraz aga indi gowy öňürdükläp çapýan atyň ýanyna golaý gelýär. Tumarly
öwredilen ýaly, bir sydyrgyn, gazygynyň daşyndan aýlanyp dur.
Oraz aga: Sen agyrrak-da oglum. Baýram laýyk... O-da gije at münüp ertesi
okuwyna ýaraýsa?
Nazar: Kanikula çykýasam diýýärdi.
Oraz aga: Olar ýaly bolsa Baýrama bärde ýat diýeris. Bolmasa, sen münmeli
borsuň. Indi git ýat. Ertir turup bilmersiň.
Nazar: Menem daşarda ýataýayn?
Oraz aga: Men-ä aty garawullajak, senem meninimi?
Nazar: Ýataýayn-la, Oraz aga.
Oraz aga: Seňem atyňy gowy görüşiň çynyň-ow. Bor-da.
Gijäň eslisi geçipdir. Oraz aga jübüsinden sagadyny çykaryp Aýyň ýagtysyna
tutýar. Sagat bir bolup barýar. Nazar süýji ukuda ýatyr. Oraz aga onuň ýorganyny
düzedýär. Tumarly çägesew ýerde kän bir tozanam turuzman, kä wagt bir burnuny
parryldadyp aýlanyp dur. Oraz aga ýene sagadyny çykaryp seredýär. Sagat üç
bolup barýar. Tumarly entegem maýdalyna gazygyň daşynda çapyp, aýlanyp dur.
Oraz aga: Berekella! Berekella...
Oraz aga turup gezmeleýär, soň ýene ýerine geçýär. Ýassyga kellesini goýup
irkilýär. Aýyň ýagtysyna hatar-hatar athanalar, ýeke özi özbaşyna aýlanyp çapyp
duran at, içmegine dolanyp ýatan Oraz aga, ýene ýorganyny serpip, üstüni açan
Nazar täsin görünýär. Tumarly gowy derläpdir. Ol indi gorgunyna aýlanýar. Oraz
aga atyň burnunyň parryldysyna ýalpa gözüni açýar. Sagadyna seredýär. Bäşiň
ýary. Turup Nazary turuzýar. Soň atahana gidýär. Atlar Oraz agaň aýak sesine
hokranyşýarlar.
Oraz aga: Turaweriň oglanlar, bäşiň ýary. Baýramam geler. Şatlyk....
Şatlyk: Turdum... turdum...
Oraz aga oglanlar turuşýança ýene atlary ýeke-ýeke synlaýar. Oňa çenli Baýramam
gelýär.
Baýram: Salowmaleýkim. Tumarly daşarda-la?
Oraz aga Baýramyň aladaçyllygyna ýylgyrýar.
Oraz aga: Waleýkim. Geldiňmi? Tumarl-a uzak gije özüni seýisledi.
Kanikulyň haçan?
Baýram elleşip Oraz aga bilen salamlaşýar.
Baýram: Kanikula çykdym.
Oraz aga: Onda bärde ýatsaň, men Mämmede aýlyk ýazdyraryn. Tumarlyny
gije münmeli boljak. Şöwür çekdirmeli.
Baýram: Aýlyk hökman däl, Oraz aga. Şeýle-de bärde ýatjak.
Oraz aga: Nämäň hökmandygyny özüm gowy bilýän. Meniň diýenim bilenjik
bol.
29-nji epizod
Gün ikindä ýakynlapdyr. Tumarlyda Baýram, Oraz aga-da Şatlygyň atynda çölüň
alaňlarynyň arasyndan barýarlar. Oraz aga Baýrama gije at işletjek ýoluny
görkezýär. Olar ýol aýyrda gelýärler. Oraz aga ýanyndaky torbadan bir bölek ak
mata çykarýar.
Oraz aga: Şo sazagyň şahasyna daň. Gije şu tarapa gidersiň.
Baýram atyny sazaga ýakynlaşdyryp, atdan düşmän matany sazagyň ýokarky
şahalarynyň birine daňýar.
Oraz aga: Ýör indi. Esasy ünsüň sagadyňda bolsun. Guma gireniňden bir
sagat gowy gorgun sür. Soň iki sagat öňňerekledersiň. Gaty ýuwaş gitgin.
Dyzasa-da goýbermegin. Soň ýarym sagat ýöredersiň.
30-njy epizod
Aý-aýdyň gije. Baýramyň ýeke özi Tumarlyny öňatdyryp barýar. Ol öýlänki mata
daňan sazagynyň deňinden, Oraz agaň görkezen ugruna tarap geçip gidýär. Ol zol
sagadyna seredýär. Ahyry atyň uýanyny çekip ýöretmäge başlaýar. Gije çöl täsin
görünýär. Tumarly garader bolupdyr. Şonda-da keýpi kök. Arasynda durup,
töweregine gulagyny keýerdip, seredýär. Uzakdan tilkimi, şagalmy görnüp gidýär.
Kä ýerde alaňyň depesinde alaka ony geň görýän ýaly synlap durýar, soňam ýitirim
bolup gidýär. Baýram atyň boýnuny, ýalyny sypalaýar. Baýramyň bu hereketleri
ata hoş ýakýar.
Baýram: Kiçimiň-ä mensiz ýüregi gysýandyr. Nazaryňam seni göresi
gelýändir. Dogabagyňam taýýar bolup barýandyr.
Baýram aýdyma hiňlenýär. Daň atýar. Oraz aga onuň öňünden çykýar.
Oraz aga: Gelýäňmi, oglum? Atyň taby nähili?
Baýram: Ýol boýy çapjak bolup, dyzap gelýär.
Oraz aga: Tüweleme... Tüweleme... Nazar, atkeçänem üstüne at, deri birden
gaýtmasyn.
Şatlygam gelýär. Olar Tumarlyny synlaýarlar.
Oraz aga: Baýram, Tumarlyny sen çaparsyň.
Baýram: Haçan?
Oraz aga: Kiçi ikisini uly baýraga ýazjak.
Şatlyk: Kiçini kim çapar?
Oraz aga: Ýunus.
Baýram: Ýunus Tumarlyny çapaýsyn.
Nazar: Hawa-hawa, Ýunus çapsa ozaram. Atym gowy.
Oraz: Sen aty näbilýäň? Baryň işiňiz bilen boluň.
Baýram Kiçiseräni gaşawlap dur. Aty bilen gürleşýär.
Baýram: Eşitdiňmi, Kiçim, jigim? Seýis aga seni Ýunusa çapdyrjak diýýär.
Gynanma gaýta ozarsyň.Ýunus ussat çapyksuwar.
Şol wagt Nazar gelýär.
Nazar: Sen bigaýrat. Saňa at çapsaň bolýar. Sende dostuňa wepa-da ýok,
gaýradam ýok. Jigim diýenem bolýaň.
Baýram: Näme men seýis aga çapjak däl diýeýinmi? Diýeniňi etjek däl
diýeýinmi?
Nazar: Seýis agaň başyna atma. Şu wagt ýok diýseň Tumarla Ýunusy
mündürjegi bellä?
Baýram: Sen näme diýseň diýiber-how. Men atam ýaly adam etjek däl
diýmen.
Dinnikden çykyp gidýär.
31-njy epizod
Ýene ala daňdan. Çapyşyga iki gün galanda atlar daruw – özara, has gysga
aralykdan doly güýjüne golaý çapydyrylyp, synagdan geçirilýär. Oraz aganyň
elinde sekundomer. Olgarşydaş atlaryň çapyşyna syn edýär, sekundomer bilen
olaryň tizligini belleýär. Aýlaw çapuw gününi ýatladýar. Şol wagt Baýram bilen
Nazar hem atlaryny gorduryp, Oraz agaň duran ýerine gelýärler.
Oraz aga: Häzir Ýunusam gelsin. Baýram sen Tumarla geç. Bu gün
daruwdyr, çapuw däldir. Aty gyssamagyn.
Oňa çenli ussat çapyksuwar Ýunus öz atyny gorduryp gelýär.
Oraz aga: Geldiňmi, Ýunus. Nazar, sen Ýunusyň atyny al.
Ýunus: (Nazara) Bir aýlaw gorgun sür, oňa çenli bizem darydyp bolarys.
Nazar sesini çykarman Ýunusyň atyny münýär-de gorduryp gidýär. Oraz aga
Tumarla münen Baýramy ýanyna çagyrýar. Aňyrrakda Kiçi Serä münüp duran
Ýunusa eşitdirmän pyşyrdap gürleýär.
Oraz aga: Gyssamagyn. Goý, Kiçi gowy ozsun. Çekýäniňi Ýunusa-da
bildirme.
Baýram baş atýar. Oraz aga indi töwerege eşitdirip gürleýär.
Oraz aga: Baýram jan, Tumarlyň aýagy bildirjek bolsa, çekip saklaýgyn.
Ýoldaş bolsaň bor. Ýunus, baryň onda. Müň metrden gaýdaýyň.
Ýunus bilen Baýram daňyň ümüş-tamyşyna siňip gidýärler. Oraz aga bir ýerde
durup bilenok. Özbaşyna gürleýär.
Oraz aga: Alla, özüň abraý ber...
Çala öň atdyryp, deňje gelýän iki atly – Ýunus bilen Baýram „1000“ diýen bellikli
ýere ýetýärler.
Ýunus: Gitdik.
Iki at ýüzin salyp gaýdýar. Oraz aga sekundomerini işledýär. Kiçi Sere öňe düşýär.
Baýram hyrçyny dişläp, aýagyny üzeňňä diräp, Tumarlyny çekýär. Tumarly
dyzaýar. Olar içki aýlawdan barýan Nazaryň deňinden geçip gidýärler. Kiçi Sere
ep-esli arany açyp pellehanadan geçýär. Soňra ýuwaşja öň atdyryp Oraz agaň
deňine gelýärler.
Oraz aga: Aty neneň gördüň, Ýunus jan?
Ýunus: Uly Seräňem çeni däl, tüweleme. Aýlaw günem şeýle ýöräýse...
Oraz aga: Inşalla-inşalla.
Nazar Ýunusyň atyny gorduryp gelýär. Ýunus Kiçi Sereden düşüp, ony Nazara
berýär. Nazar oňa münenok.
Ýunus: Bu taýy ozjak at, şu aýlawda-ra ýokmuka diýýän. Seýisligem ýetipdir.
Oraz aga: Bor, Ýunus jan, çapuw günem gaýrat edersiň-dä...
Ýunus: Bolar, Oraz aga.
Baýramam Kiçi Seräni münjek bolup Tumarlydan düşýär.
Oraz aga: Baýram düşme. Nazar, Kiçä sen mün. Baýram, hany
ýakynyragyma gel, taýyň aýagyny göreýin. Nazar, Kiçini saklama ýöret.
Baýram yzyňdan ýeter.
Nazar nälaç Kiçi Serä münýär-de, ýöredip uzaklaşýar. Oraz aga Tumarlyň başyny
tutup, pyşyrdaýar.
Oraz aga: Nähili?
Baýramam egilip, pyşyrdap jogap berýär.
Baýram: Dyzap, tas golumy goparypdy. Goýbersem, Kiçi bilen gidişjegi
bildirýär...
Oraz aga: Çüş! Diliňe berk bol. Inşalla oýun görkezeris. Nazaryň ýanynda-da,
Şatlyga-da: „Agsaman geçse razy“ diýäýgin.
Baýram: Oraz aga, siz nädýäňiz? Bar işiňiz Tumarly. Onda Kiçi Sere
galmaly-da, şeýlemi?
Oraz aga: Bu näme diýdigiň boldy? Maňa ikilik edýändir öýdýäňmi? Bar aty
saklama, soň gürleşeris.
Baýram jogap berenok, gaşlary çytyk.
Tumarlyny çala gorduryp derrew Nazaryň yzyndan ýetýär. Ýaňy dogup gelýän
Günüň nuruna atlaryň reňkine gyzyl çaýylan ýaly görünýär.
Nazar: Näme gaşyň çytyk?
Baýram: Näme gülmelimi?
Nazar: Özüm-ä öz atymy çapdyrmasalar aglardym.
Baýram: Onda näme gaşyň çytyk diýýäň?
Nazar: Näme etse-de, Tumarly ozar. Ýöne sen Kiçiden ozmajak bolup,
bilgeşleýin çekmeseň...
Baýram: Müňkürlik gowy däl-ä.
Nazar: Seň Kiçini nähili gowy görýäniňi bilýän. Ýaňam Tumarlyny öldür ýaly
çekip otyrsyň.
Baýram: Haçan ýaňy?
Nazar: Gör, bilmedik bolşuny, pikir büren.
Baýram: Oraz aga aýagy agyraýmasyn, goýberme diýdi.
Nazar Kiçi Seräniň jylawyndan çekip, Tumarlyň ýanjagazyndan ýöreýär.
Nazar: Eý, çynym bilen senden bir zat haýyş etjek...
Baýram: Dogabagymy? Ol-a...
Nazar: Dogabagy hiç. Sen, Kiçim-piçim diýmän çynyňy edip çapsaň, şu
sagadymy bereýin. Isleseň, şu wagt al.
Baýramyň has gahary gelýär.
Baýram: Eý sen nähili adam?
Nazar: Görýäňmi, almaýşyňdanam belli...
Baýram: Näme belli? Näçe gije ýatman Tumarlyny mündüm,
taňryýalkasynyňmy şu?
Baýram gaharly, atyny sürüp gidýär. Nazar yzyndan gygyrýar.
Nazar: Oraz aga bilen özüm gepleşerin. Ýunus müner Tumarla.
Baýram Tumarlyň başyny çekip, Nazaryň deňleşerine garaşýar.
Olar athana girýärler. Nazar Kiçi Seräň ýatagynda atdan düşüp, gözünden ýaş
döküp aglaýar. Baýramyň mundan habary ýok. Ol Tumarlynyň eýerini aýyryp
koridora çykýar. Görse, Kiçi Seräniň eýeri aýrylmandyr.
Baýram: Aýyr-da-reý, oň eýerini, men seňkini aýyrdym-a.
Baýram Kiçi Seräň ýatagyna seredýär. Nazar aglap dur.
Baýram: Eý, saňa näme boldy?
Nazar: Men saňa ynanamok... Ýekeje gepiňe-de ynanamok...
Nazar athanadan gözüni süpürip çykyp gidýär.
Baýram başyny ýaýkap, nätjegini bilmän durýar-da, atynyň eýerini aýyrýar. Şol
wagt Şatlyk hem atyny işledip gelýär. Şatlyk atyndan düşmän Baýrama ýüzlenýär.
Şatlyk: Nazara näme bolýar-aý?
Baýramyň ýüzi salyk. Eýeri ýerinde goýýar.
Baýram: Maňa ynananok.
Şatlyk: Näme üçin?
Baýram: Tumarlyny çekip galdyrar öýdýär.
Şatlyk: Çapmasan-aý, şo jynlyň atyny.
Şatlygam eýerini alyp gelýär.
Şatlyk: Çapyksuwaryňkam hezillik däl eken-laý.
Baýram Kiçi Seräň ýatagynyň öňüne gelýär. Atynyň ýüzüne seredip durýar. At
hem eýesine düşünýän ýaly hokranýar. Baýram onuň maňlaýyny sypaýar.
Baýram: Kiçim, jigim aýtsana men nädeýin?
33-nji epizod
Obaň asfalt düşelen köçesi. Arzygül bilen jorasy barýarlar. Baýram welosipedli
olaryň öňünden çykýar. Ol gyzlara utana-utana „gurgunmysyňyz?“ diýip,
geçiberjek bolýar.
Arzygül: Baýram...
Baýram sakga durup, yzyna gaňrylýar. Olaryň gözleri biri-birine düşýär. Arzygül
utanyp aşak bakýar.
Arzygül: Aýlawamy?
Baýram: Hawa.
Arzygül: Dogabagyny boldum... Äkidäý, howlugmasaň...
Baýram yzyna dolanýar. Ol welosipedini idip, gyzlaryň ýanyndan ýöräp barýar.
Olaryň hiçisinden ses çykanok. Biraz ýöränlerinden soň, Arzygülüň jorasy
öýleriniň deňine ýeten bolarly.
Jorasy: Bolýa, gyz. Öýleden soň öýňüze bararyn. Baýram, sag bol.
Baýram: Sag bol.
Arzygül: Haly dokamany öwrenjek diýýä.
Baýram: Hmm.
Ýene olaryň gürrüňi gutarýar. Biraz ýöränlerinden soň Baýram dymyp barmazlyk
üçin akylyna gelenini aýdýar.
Baýram: Bahym aýlawam gutarýar. Bir-iki günden oba dolanyp geleris.
Arzygül: Menem garaşdyraýdym. Nädip, gowşurjagymy bilmedim. Şatlygam
görýnmedi.
Baýram: Hä. Ol aýlawda-da...
Şol wagt öňlerinden bir ýaşuly çykýar. Baýram onuň bilen elleşip salamlaşýar. Şol
iki arada Arzygül 6-7 ädim öňe gidýär. Baýram çalt-çalt ädimler bilen onuň
yzyndan ýetýär. Olaryň ýene gözleri bir-birinde eglenýär.
Arzygül: Horlanypsyň...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Atym ganatym meniň - 4
  • Parts
  • Atym ganatym meniň - 1
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1762
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atym ganatym meniň - 2
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atym ganatym meniň - 3
    Total number of words is 3875
    Total number of unique words is 1662
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atym ganatym meniň - 4
    Total number of words is 2342
    Total number of unique words is 1220
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.