Latin

Atym ganatym meniň - 4

Total number of words is 2342
Total number of unique words is 1220
35.5 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Baýram: Agramyň agyr bolsa, at çapyp bolanok.
Arzygül: Ekzamenleriň netijesi haçan belli bolýar.?
Baýram: Ertir.
Arzugül: Geçensiň inşalla.
Baýram ýylgyryp Arzygüle seredýär. Arzygül Baýramyň özüne sereýdänini görüp
gyzarýar.
Arzygül: Menem täze ýyl Çeperçilik akademisyna synanyşsam diýýän...
Baýram: Çynyňmy?
Arzygül: Girip biläýsem?
Baýram: Halyçylyga bolsa, girersiň. Telewizorda aýlawy görýäňmi?
Arzygül: Seň çapan gezegiň göremok.
Baýram geň galyp, duranyny hem duýman galýar.
Baýram: Näme üçin?
Arzygül: Seretmäge gorkýan. Men gorkag-a...
Baýram näme diýjegini bilmän ýylgyrýar.
Baýram: At çapanyň bilen hiç zat bolanog-a...
Arzygül: Bilýän, onda-da...
Olar Arzygülleriň öýleriniň deňine gelýärler.
Arzygül: Häzir...
Arzygül öýe girip gidýär. Sähel salymdan Arzygül eli paketli dolanyp gelýär.
Baýram: Sag bol.
Arzygül: Dogabagyny görjek dälmi?
Baýram aljyrap, zordan dogabagyny paketden çykarýar.
Baýram: Nazar begener. Taňryýalkasyn.
Arzygül: Bile ýalkasyn.
Baýram: Men onda gitdim...
Arzygül başyny atýar. Baýram tigrini münüp daşlaşýar.
34-nji epizod
Oraz agaň athanasy. Nazar Tumarlyny ýatagyny arassalap dur. Ol özbaşyna
Tumarly bilen gürleşýär:
Nazar: Erttir armanlyja galjakda sen... Şol gün iým bermedik bolsam,
ozardyň. Ýene çapardyň ozardyň. Kiçi Sereden pes at däldigiňi bilerdiler.
Ýunusa çapdyrardylar. Häzir Baýram çekip sasklar welin seni Kiçi Sereden
ozdurmaz. Sen ýene galmaly boljak. Baryna-da men günäkär.
Şol wagt Nazary diňläp duran Oraz aga durup bilenok.
Oraz aga: Sen bu gezegem ýalňyşýan bolaýma?
Nazar tisginip, arkasyna gaňrylýar. Oraz agany görüp, sesini çykarman, aty
arassalamak bilen bolýar.
Oraz aga: Kiçi Sere dördünji gelse, Baýram Tumarlyny bäşinji eder
öýdýäňmi?
Nazar: Kiçi Sere dördünji gelmeýä.
Oraz aga: (ýylgyryp) Altyntaý näme? Garadag näme? Gyrguş näme? Sen
gördüňä olaň çapyşyny? Görkezen wagtlaryna seret. Hiçisem Kiçi Sereden
pes däl.
Nazar: Ýunus çapsa, Kiçi olaryň barynam ozar, ýöne, Tumarlym... Oňa
şöwür gowy ýarady.
Oraz aga: Hmm... Seňä seýis bolaýmagyňam ahmal. Ýöne adamlaram aty
tanaýşyň ýaly tanamany öwren.
Nazar: Men adamlara belet. Her kim öz atyny ozdurjak.
Oraz aga: Edil beýle däldir. Sen nahak ýere Baýrama müňkürlik edýäň.
Müňkür bolsaň, her kim aldawçy ýaly görner. Atyň ýanyna deper, ýykar
diýip baraňoga? Sen ata ynanýaň, olam seni ýykjak bolup duranok. Bir gezek,
ýarym gezek, bir atdan ýykyldym diýip, ähli atlara ýakymsyz diýýän dälsiň.
Adamlaram edil şoň ýaly. Sen adamlary gowy görseň, ynansaň, olaram seni
gowy görerler, aldamazlar. Heýem, Baýram ata hyýanat edermi? Beýle pikir
etseň aýp bor.
Oraz aga Nazaryň ýanyndan aýrylyp, daşaryk çykýar. Şol wagt Mämmet gelýär.
Mämmet: Salowmaleýkim, Oraz aga.
Oraz aga: Waleýkim, saglykmy?
Mämmet: Şükür. Ertirem iň soňky günmi?
Oraz aga sesini çykarmaýar. Ol aladaly. Elindäki çybyjagy bilen ýer çyzýar.
Mämmet: Meňkinem Kiçi Seräň ýanyna ýazaýypsyň-la, ýa Tumarlydan inçe
tama barmydyr?
Orazž aga: Aý, Kiçä ýoldaş...
Mämmet: Çapyksuwarynam-a näbelli edip goýupsyň?
Oraz aga: Oňam pikirini-hä edýän.
Mämmet Oraz aganyň gürleşesiniň gelmeýänini görüp dursa-da, närazy, gaşlaryny
çytyp pikirini aýdýar.
Mämmet: Oraz aga, elli gepden belli gep. Şu wagta çenli Kiçi Seräni
Baýramdan başga adam çapmady. Bu günem, goý, ol öz atyny çapsyn.
Ýunusy Tumarla mündireli. Ony özüm göwnederin.
Oraz aga: Seýis halky işine goşuluberseň halaýan däldir.
Oraz aga gürrüň gutardy äheňinde ýerinden turýar. Elindäki çybyjagyny arkasyna
tutup, ýene athana tarap ýönelýär. Emma Mämmet ondan galanok.
Mämmet: Kiçi Sereden tamaň uly bolany üçin oňa Ýunusy mündirýäňmi?
Oraz aga durýar. Gaňrylyp Mämmediň ýüzüne göni seredýär. Aňyrda Nazaryň
bulary eşdip durany görünýär.
Oraz aga: Kiçi Sere-de, Tumarlam öz atym. Ýok, meň diýenim bolar diýjek
bolsaň, hon-ha taýyň. Äkit kime seýisletseň, kime çapdyraýyn diýseň
ygtyýaryň...
Mämmet: Ýok, Oraz aga, ygtyýar özüňizde... men ýöne...
Oraz aga elindäki çybyjagy ýere oklap goýberýär.
Oraz aga: Ýönesi ýok, şol işiň.
Mämmet: Bolar, Oraz aga.
Oraz aga: Bolýar.
Oraz aga ýene athana tarap gaýdýar. Mämet maşynyny münüp gidýär.
Aýlaw ýolunyň gyrasy bilen eli paketli, welosipedini sürüp Baýram hem gelýär. Ol
gelişine athana girýär. Şatlyk bilen salamlaşýar.
Şatlyk: Munyň näme?
Baýramyň elinden pakedi alýar. Içinden dogabagyny çykarýar.
Şatlyk: E-eý, muny... Nazar! Nazar, bärik gel.
Nazar çagyrylanyny geň görüp gelýär. Şatlyk pakedi alyp, daşaryk çykýar. Nazar
hem yzynda.
Şatlyk: Gözüňi ýum.
Nazar: Näme üçin?
Şatlyk: Ýum-da, ýum diýildi.
Nazar nälaç gözüni ýumýar.
Şatlyk: Aç indi.
Nazar: Dogabagymy?
Oraz aga-da oglanlaň sesine daşaryk çykýar. Ol Nazaryň elindäki dogabagyny alyp
synlaýar.
Oraz aga: Tüweleme, eli çeper adam dokapdyr. Kiçi Seräňkiçe bar.
Şatlyk: Ikisinem Arzygül dokady, Oraz aga. Dak-da Nazar!
Oraz aga: Şu wagt ata azar bermäň. Çapuw geçsin.
Nazar ýüzüni sallap gidýär. Baýram onuň yzyndan seredip dur.
Baýram: Oraz aga, men Tumarlyny çapjak däl.
Oraz aga: Näme?
Baýram ýüzüni aşak salyp dur.
Oraz aga: Hmm. Hany ýör jaýa gireli.
Olar iki çäk seýisiň jaýynda
Oraz aga: Kiçi bilen Tumar-ly, ikisem öz seýisleýän atym. Ozanyna begenýän,
galanyna gynanýan. Ikisiniňem. Ýöne başga biriniň seýislän atyna-da ikilik
eden ýerim ýokdur. At behişdi maldyr. Dili ýok, geplänok diýäýmeseň bar
zada düşünip durandyr. Görýäň-ä, ýaryşa çykanlarynda bolaýyşlaryny.
Bizden beter ozaslary gelýändir. Seýisiňki olary myradyna ýetirmek. Ozsun
diýip men Kiçi Serä Ýunusa mün diýip haýyş etdim. Tabynam görýänsiň,
öňki çapuwdakysyndan kän gowy. Tumarla-da näçe azap etdik. Oňam
ozanyny isleýän. Ýunus Kiçi Serä aýagynda baryny etdirer. Senem
Tumarlyda gaýrat et. Belki ikiňizden biriňiz ozsaňyz.
Baýram: Men Kiçi Seräni, Ýunus Tumarlyny münse näme?
Oraz aga: Ýaş bolýaň oglum. Her çapuwda her seýisiň öz syrjagazy
bolýandyr. Çykdym-da ozdum ýokdur. Il näme biz işleýärkäk ýatandyr
öýdýäňmi? Ýunus Tumarla mündügi ol derrew garşydaşlaň gözüne iler. Kiçi
Seränä Kiçi Sere diýip göz astyna alarlar, Tumarlynam Ýunus mündi diýip
sypdyrmazlar. Häzir welin, olaryň bar ünsi Kiçide bolar. Sen öňe sokulma-da,
garaş-da otur. Garadagy ýassa. Gönä çykaňsoň, atlaryň aýagy pytrap ugrar
welin, sen olaň ygyndan çyk-da, gyssaber atyňy. Düşündiňmi?
Baýram: Düşündim, Oraz aga.
Oraz aga: Bar onda, atlaň ýanyna. Ertirki çapuw kimiň seýis, kimiň
çapyksuwardygyny görkezýän çapuwdyr.
Baýram: Oraz aga, neme... Men ertir Şatlyk bilen gijiräk gelsem...
Oraz aga: Hä, näme boldy?
Baýram: Ertir institudyň giriş synaglarynyň netijesi belli bolýar.
Oraz aga: Tüweleme, okuwa girýäňmi?
Baýram Ertir görmeli-dä.
Oraz aga: Bor oglum ertir at münme aladamyz ýok. Çawuňa ýetişseňiz
bolýar. Bärsini Nazar ikimiz bir zat ederis.
35-njy epizod
Politehniki instituň binasy. Binanyň öňi okuwa girmek isleýän oglan-gyzlardan
doly. Gaýda-gaýmalaşyk. Olaryň arasynda Baýram bilen Şatlygam görünýär.
Şatlyk: Alada etme, geçensiň.
Baýram: Soranlaryna jogab-a berdim...
Şatlyk dostundan beter alada edýär. Zol gapa seredýär.
Şatlyk: Çykmadylar-aý...
Şol wagt bir ýigit okuwa kabul edilenleriň sanawy ýazylan kagyzlary alyp çykýar.
Gelişine-de, olary bildirişler tagtasyna berkidip başlaýar. Onuň daşy derrew oglangyzlardan hümer bolýar. Barmaklar familiýalary yzarlaýar. Sanawda „Sapaýew
Baýrammyrat“ diýen ýazgy görnüp gidýär. Şatlyk bilen Baýram dyknyşykdan
zordan çykýarlar. Şatlyk Baýramy gujaklaýar.
Şatlyk: Gutlaýan, dost.
Baýram: Sag bol.
Şatlyk duran ýerinde bökjekleýär. Bir nätanyş adam onuň elini gysýar.
Nätanyş: Girdiňmi?
Şatlyk: Ýok, dostum girdi.
Baýram elindäki ykjam telefony bilen ejesine jaň edýär.
Baýram: Eje, girdim. Adym çykypdyr. Hawa. Hawa. Özüm gördüm, Şatlyk
bilen. Hawa, ýanymda. Sag bol. Bor, eje. Men aýlawdan soň bararyn.
Maýa: Senem at çapýaňmy?
Baýram: Hawa, uly baýraga çapýan. Bolýar sag bol eje.
Baýram telefony ýapýar.
Şatlyk: Ýör bir doňdurmajyk...
Baýram: Ýör.
Doňdurma satýan kafe. Bir stoluň başynda Baýram bilen Şatlyk otyrlar. Ýakymly
saz eşdilýär.
Baýram: Henizem ýalan ýaly.
Şatlyk: Ýalan bormy? Eý, oňa jaň edeňokmy?
Baýram jogap bermän, özüni ýitirýär. Aşak bakýar.
Şatlyk: Garaşyp oturandyr. Bolýa-da, senden jaň eden bor-maý.
Şatlyk ykjam telefonyň düwmelerini basyşdyrýar.
Şatlyk: Arzygül... Alo, men Şatlyk. Şatlyk. Hawa. Buşlugyma näme berýäň?
Aýtmankam nädip bildiň? Hawa. Girdi. Ýanymda gyzaryp otyr.
Şatlyk gülýär. Baýram turup gidýär.
Şatlyk: Bolýa... buşlugymy alyp goý.
Şatlyk telefony ýapyp Baýramyň yzyndan ýetýär.
Şatlyk: Nirä eňip barýaň-aý?
Baýram: Ýanymda diýmelimi, hökman.
Şatlyk dostunyň egnine elini atyp gülýär.
Şatlyk: Ýanymdadyň-da, dagy ýalan sözläýinmi?
Olar doňdurmalary ellerinde ýuwaşja ýöräp barýarlar.
Şatlyk: Indi, at münmäňi goýaýmasaň? Hem okajak, hem aýlawa gatnajak
bolsaň...
Baýram: Heýem goýarynmy?
Şatlyk: Ýetişmeseň?
Baýram: Ýetişerin...
36-nji epizod
Baýramlaň öýleri. Maýa telefony goýup Sapany gygyrýar.
Maýa: Sapa, Sapa ogluň okuwa giripdir.
Sapa: Näme? Baýrammy?
Maýa: Hawa ýaňy jaň etdi. Polide binagärlik bölümne.
Sapa: Nätdiň-aý? Çynyňmy? Ýalan bolaýmasyn.
Maýa: Näme üçin ýalan bolsun?
Sapa: Oň kellesinde atdan başga zat barmy? Nädip okuwa girsin?
Maýa: Gel, görkezeýin.
Olar kompýuteriň başyna geçýärler. Maýa kompýuterde Baýramyň çyzan
çyzgylaryny görkezýär.
Sapa: Şulary Baýram etdimi?
Maýa: Ogluň welosepedli diňe aýlowa däl, kursa-da gatnady. Men kakama
jaň edemog-a.
Telefony alýar. Kakasyna jaň edýär.
Maýa: Kaka, buşluk. Baýram okuwa giripdir.
Gurban: Aý berekella. Ondan tama-da şeýledir. Buşlugyňa näme äbereýin?
Hany özi. Berdä telefony.
Maýa: Özi aýlawda-da. Bu gün at çapýan diýdi.
Gurban: Onda görmäge gideliň-dä. Gitjek bolsaňyz barýan.
Maýa: Gitsekmikäk?Häzir soraýyn.
Sapa razylyk berip, başyny atýar.
Maýa: Kaka, gidýäs.
37-nji epizod
Baýdaklar pasyrdaýar. Adamlar topar-topar bolup aýlawa gelýärler. Bir topar 9-10
ýaşlaryndaky oglanjyklaryň galmagaly asmana galýar. Hersiniň elinde at
çapyşygynyň tertibi.
Olaryň biri: Kiçi Sere meňki.
Ýene biri: Eý, Kiç Seräni Ýunus çapýar.
Beýlekisi: (tertibi okap) Çapyksuwary ussat çapysuwar Ýunus Babaýew. Eý,
dagydar-eý.
Başga biri: Özem iki ýaşarda iň uly baýrak.
Başdaky oglan: Maşyn berlermikä?
Beýlekisi: Bererler.
Başdaky oglan: Kiçi Sere meňkidir-eý...
Gurban aga, Sapa, Maýa dagam maşyndan düşüp, aýlawa girýän tomaşaçylaryň
arasynda. Owadan, kerpiç-kerpiç gülli çapyksuwar köýnekli Ýunus Kiçi Seräň
üstünde. Ýaşyl köýnekli Baýramam Tumarlyny münüpdir. Olar Oraz aganyň
daşyndan aýlanyp durlar. Oraz aga olara iň soňky tabşyrygy berýär.
Oraz aga: Ýunus, turuwbaşdan öňe düşjek bol. Şol gidişiňe-de git. Garmagürmelige girme. Deňiňden geçiberjek bolsalar, badyňy gatalt, ýogsa gaty
gyssanma-da. Men saňa öwretmeli däl Ýunus, gönä düşensoň gaýgyrmagyn.
Soňuna baranda ýuwaşaýmasy bardyr, gyssamaňy goýmagyn.
Baýram jan, senem göwniçökgünlik etmegin. Üçünji ýeri sypdyrma. Öňüňden
şemal urdurmajak bol. Saňa kän üns beren bolmaz. Şonda-da gysaja
düşäýmegin. Kim Kiçi Seräni kowalasa, sen şoň ygynda otur. Gözüň
Garadagda bolsun, çapuwyň badyny ýatyr. Öňe geçen daşyňdan aýlanyp
geçsin. Pellehana iki ýüz metr galýança aty goýberme. Alňasamagyn. Hany,
Alla abraý bersin. Sag-aman gidip geliň! Nazar! Aty toýhana äkit. Ähli atlar
gysa girer, onsoň, sen salgyn. Baryň Alla ýaryňyz.
Ýunus Kiçi Sere bilen märekäň öňünden geçmäge gidýär. Tumarlyň uýanyndan
tutup Nazar toýhana tarap alyp ugraýar. Baýram atyň üstünde üzeňňisini
düzedişdirýär.
Nazar: Diýenimi etseň, Kiçi Seräni sypdyrma. Aýagy agsamasa Tumarly ozar.
Baýram: Sen alada etme, Oraz aga nähili çapmalydygyny tabşyrdy.
Nazar: Wah, şol iými bermeli däldim. Özümden boldy.
Baýram: Sen alada etme. At gowy gutuldy.
Nazar: Ozarsyň gerek?
Baýram: Nesip işi. Belki. Men elimden gelenini ederin, arkaýyn bol, Nazar.
Olar demir gysynyň deňine gelýärler. Beýleki atlar hem ýygnanypdyr. On iki at,
bir-birinden beter dyzmaç. Nazar gyrada Tumarlyny saklap dur. Atlar ýerli-ýerine
girýärler. Nazar Tumarlyny hem belligine görä ýerine salýar.
Nazar: Alla ýaryň, Baýram!
Baýram „Sag bol“ diýen manyda baş atýar. Gysynyň gapylary açylýar. Kiçi Sere
turuwbaşdan öňe saýlanýar. Baýram hem Oraz agaň tabşyryşy ýaly, ikinji
barýanyň ygynda oturýar. Tiz wagtdan Altyntaý Kiçi Seräni kowmaga başlaýar. Ol
ikinji barýan Gyrguşyň deňinden geçeni bilen Baýram onuň ygyna düşýär. Gyrguş
ýene Altyntaýyň öňüne düşýär. Ýunus öňden baryşyna gaýta-gaýta yzyna seredýär.
Altyntaý ýene öňe dyzaýar. Kiçi Serä ýakynlaşýar. Onuň ygynda Garadag otyr.
Baýram ol ikisiniň arasyny bölmäge çalyşýar. Garadagyň çapyksuwary çala
jyalwyny gowşadany bilen Tumarlyň alkymyna barýar. Badyna Altyntaýyňam
daşyndan aýlanyp Gyrguşyň yzyndan ýetýär. Tumarlam ondan galman Altyntaýy
ozýar. Garadag Gyrguşam geçýär. Tumarly onuň yzynda, olam Gyrguşdan geçýär.
Garadag Kiçi Seränem ýetmegiň pikirinde öňe okdurylýar. Ýunus Kiçi Seräniň
uýanyny gowşadýar. Ýene Kiçi Sere arany çala açýar. Baýram bar güýji bilen
Tumarlyny çekip otyr. Tomaşaçylaryň oturan ýerinde gykylyk asmana galýar. Oraz
aga dünýäni unudyp, aýlawyň içi bilen gönüläp pellehana tarap haýdap gelýär.
Onuň elinde telpegi, tahýasy gyşarypdyr. Ol samraýan ýaly, özbaşyna gürläp
gelýär.
Maýa, Sapa, Gurban aga dagam tomaşaçylaryň arasynda.
Oraz aga: Howlukma Baýram jan. Howlukma... Ýunus gaç, garanjaklama
gaç.
Gurban aga: Baýram jan, gaýrat et, gaýrat et....
Atlaryň toýnagyndan topbak gum kiçijik bulut ýaly görünýär. Eminleriň bir giden
sekundomerleri işleýär. Alypbaryjy mikrofony elinde çapyşygyň gidişini habar
berýär. Galmagal asmana göterilýär. Baýram hyrçyny dişläp, ata ýelmeşen ýaly
bolup otyr. Tumarly öňe dyzaýar. Garadag Kiçi Seräni ýetdim-ýetdim edip barýar.
Olar ýanaşyp esli gidýärler. Baýramam jylawy goýberýär. Üç atyň üçüsem
deňleşýär. Märekäň şowhuny al asmana galýar. Tumarly iň öňde barýan Kiçi
Sereden bir boýun öňe düşýär. Ýunus Kiçi Seräni doly güýjüne sürmäge başlaýar.
Garadagyň çapyksuwary hem jan edip sürýär. Oraz aga-da, pellehana golaýlapdyr.
Indi Oraz aganyň näme diýýänine düşünip bolanok. Pellehana gitdigiçe
ýakynlaşýar. Baýram hem Tumarlyny aýak aldygyna sürýär. Esasy çekeleşik Kiçi
Sere bilen Tumarlynyň arasynda gidýär. Ýunus Tumarlynyň deňinden geçip
barýanyny görüp, gyssanýar. Baýram hem hyrçyny dişläp, elinde baryny edip,
Tumarlyny sürýär. Tomaşa edip duran oglanlar bogazyna sygdygyndan gygyryp,
duran ýerlerinde bökýärler. Pellehanadan Tumarly Kiçi Sereden bir boýun öň
geçýär. Aňyrdan Nazar hem bökýär, hem ylgaýar, hem gygyrýär. Oraz aga-da
elinde telpegi ylgap ýola çykýar. Nazar onuň elinden telpegini alyp, asmana zyňyp
gapýar. Oraz aga Nazary gujaklaýar. Şatlygam gelip, Nazary gujaklaýar. Sapa,
babasy, Maýa begençlerine biri-birini gutlaýarlar. Pellehanadan geçen atlar badyny
ýuwaşadyp, olaryň ýanyna golaýlaşýarlar. Nazar Tumarlynyň öňünden çykýar,
Şatlyk Kiçi Seräniň. Kiçi Seräni Şatlyga beren Ýunus gelip, Baýramyň elini
gysýar.
Nazar: Men diýdimä size Tumarlym ozar diýip.
Baýram gaňyrlyp ikinji ýer alan Kiçi Serä seredýär. Gözüne wagt haýallan ýaly,
Kiçi Seräň herketleri haýalladylyp görkezilýär. Oňa münüş öwredýärkäler
aşagynda galyşy Baýramyň göz öňüne gelip gidýär. Oraz aga Baýramy gujaklaýar.
Oraz aga: Berekella, oglum. Gözüň aýdyň, Nazar jan! Gördüňmi, Baýram
janyň ediberişini?!
Nazar: Hakykatdanam, adamlary tanamany öwrenmeli ekenim...
Şatlyk Kiçi Seräni idip gelşine Baýramy gutlaýar. Baýram Kiçi Seräniň boýnundan
gujaklaýar. Onuň gözünde ýaş.
Baýram: Kiçim, meni bagyşla... Gaýdyp seniň garşyňa at çapmajagyma söz
berýän.
Şatlyk Nazara gygyrýar.
Şatlyk: Dogabagyny dak-da, Nazar!
Nazar kellesine kakýar. Ol elinde dogabagynyň bardygyny hem unudypdyr.
Elindäki dogabagyny Tumarla dakýar. Tumarlyny idip märekäň öňüne alyp barýar.
Tumarly ozanyny bilýän ýaly, oýnaýar. Onuň yzynda Oraz aga bilen Baýram. Oraz
aga Baýramyň egnine elini atypdyr, zol ony özüne gysyp, „Berekella, Baýram jan“
diýip gaýtalaýar. Tomaşaçylar çapak çarpýarlar, gygyrýarlar.
Gurban aga: Baýram! Baýram jan!
Baýramyň babasyna, ejesine, kakasyna gözi düşýär. Elini galdyrýar.
Alypbaryjynyň sesi: On ikinji çapyşykda, iki ýaşarlar üçin, hormatly
Prezidentiň adyna goýlan iň uly baýragy Tumarly diýen at eýeledi. Onuň
çapyksuwary Baýram Sapaýew. Ol Prezidentiň baýragyna – ýeňil awtomobile
mynasyp bolýar.
Tumarlynyň arkasyna Mämmet teke halysyny atýar. Ýeňil maşynyň açaryny
Baýrama gowşurýarlar. Oraz aga Baýramyň maşyn açarly elini ýokaryk galdyrýar.
Aňyrda täzeje daşary ýurt maşyny görünýär. Mämmet, Şatlyk, Nazar dagy
Baýramy oklap-gapýarlar.
EPILOG
Bedä ýaplanyp 5 ýaşlaryndaky çagajyk taýly baýtallary synlaýar. Taýjagazlar giň
agylda aýlanyp ýörler. Baýtallar bede bilen, taýlaryny emdirmek bilen. Oglanjygyň
gözi süzülip uklap galýar. Maýa bilen Sapa ogullaryny gözleýärler. Olar
howsalaly. Köçäň ugrunda oýnaşyp ýören çagalardan, tamdyryň başyndaky
aýaldan, kölegede çaý içýän ýaşuludan, öňlerinden çykandan ogullaryny
soraýarlar. Hiç kim Baýranjygy görmändir. Ahyry bir daýza athowla tarap elini
uzadýar. Garaňky gatlyşyp barýar. Sapa bilen Maýa howlukmaç athowla tarap
gidýärler. Oglanjyk süýji ukuda ýatyr. Ony ilki kakasy görýär. Bir salym ýüzüne
seredip durýar. Oňa çenli ejesem gelýär. Sapa Baýramy oýatman gujagyna alýar.
Oglanjyk ukyň arasynda kakasynyň boýnundan gujaklaýar. Olar şeýdip oba tarap
gaýdýarlar...
SOŇY
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Atym ganatym meniň - 1
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1762
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atym ganatym meniň - 2
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atym ganatym meniň - 3
    Total number of words is 3875
    Total number of unique words is 1662
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atym ganatym meniň - 4
    Total number of words is 2342
    Total number of unique words is 1220
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.