Latin

Atym ganatym meniň - 2

Total number of words is 3791
Total number of unique words is 1795
30.9 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
alyp ýörsüň. Zehiniň bolmasady, tigir sür, at çap meň işim ýok. Iliň seň ýaly
çagasy bilim olimpiadasyna gatnaşýar.
Maýa: Gatnaşsa gatnaşypdyr-da. Babasy tigir äberdi diýip, gaharyňy
çagadan çykarma.
Sapa gaharly iki elini ýumruklaýar.
Sapa: Men bir zat diýýän, sen başga tarapa çekýäň.
Maýa: Hiç tarapa-da çekemok, bilip durun näme gaharyň gelýänini.
Sapa: Hawa, şoňa gaharym gelýär. Şuň çaga arabasyna çenli kakaň daşap
dur.
Maýa: Babasy-da, getirse yzyna äkit diýjekmi?
Sapa: Meň adymy şu obada Maýaň adamsy diýip tutýalar.
Baýram bir ejesine bir kakasyna howsalaly seredýär.
Maýa: Özüň günäkär, irden gidýäň, agşam gelýäň. Toýa-ýasa-da çykaňok.
Men okadýan çagalarymyň öýüne barýan, obaň hemmesi meni tanýar.
Sapa: Üstesine-de Gurban Pälwanyň gyzy.
Maýa: Hawa, Gurban Pälwanyň gyzy. Kakam saňa näme etdi?
Sapa: Hawa, kakaň bize howly äberdi, garnitur äberdi, araba äberdi,
welosiped äberdi... Men şu içeriň erkek kişisimi bir? Çagamy okuwly etjek
bolýan, şoňa-da ygtyýarym ýok...
Sapa başyny tutup oturýar. Aňyrda Baýram gözlerini balkyldadyp kakasyna
seredýär. Sapa turup gapa tarap ýönelýär.
Baýram: Kaka, kaka...
Sapa gaňrylyp ogluna seredýär. Baýram kakasynyň gözüne göni seredip bilmän
aşak bakýar. Sesi çala çykýar.
Baýram: Men aty gowy görýän. Okuwu-da girerin
Sapa: Senmi okuwa girjek? Babaň dogry aýtdy, kompýuter alyp saňa.
Sapa öz otagyna girip gapyny şarkyldadyp ýapýar.
12-njy epizod
Dagyň etegi. Ýaňy dogan Gün şöhlesi dagyň depesini altyn çaýylan ýaly edipdir.
Baýram, Şatlyk, Oraz aga hersi bir atyň üstünde dagyň etegini syryp aýlawyň uly
derwezesiniň deňine gelýärler. Atýataklaryna girilýän ýerde olary aýlawyň işgäri
garşylaýar.
Aýlawyň işgäri: Gelýäňizmi, Oraz aga.
Oraz aga: Gelýändiris. Täze aýlawam gutly bolsun.
Aýlawyň işgäri: Size gutly bolsun, aýlaw siziňki, Oraz aga. Altynjy athana
baryberiň. Menem ýetdim yzyňyzdan.
Täze aýlawyň territoriýasy, çapuw ýodasy, athanalar, manežiň binasy, tribuna we
ş.m. görünýär. Atlylar “6” nomer ýazylan athanaň deňinde saklanýar. Oraz aga,
Baýram, Şatlyk dagy atlaryny ýataga salýarlar.
Şatlyk: Atýataklaň gowydygyny...
Aňyrdan aýlawyň işgäri gelýär.
Aýlawyň işgäri: Ýörüň indi, size ýaşajak ýeriňizem görkezeýin.
Atbakarlaryň ýaşamaly otagy. Iki sany krowat, tumboçka we ş.m. görünýär. Şatlyk
özüni ýumşak krowada oklaýar.
Şatlyk: Eý, Baýram senem bärde galaý.
Baýram sesini çykarman ýüzüni sallaýar. Aýlawyň işgäri gapydan girýär.
Aýlawyň işgäri: Oglanlar, şu otag indi gaýdaýançaňyz siziň öýňüzdir. Täze
ýylam ýene şu otaga gelersiňiz. Otagyňyzy arassa saklamalysyňyz.
Oraz aga-da gelýär.
Oraz aga: Öz öýlerindenem arassa saklarlar, sen arkaýyn bol.
Aýlawyň işgäri: Oraz aga indi siziň ýeriňizem görkezeýin.
Seýisiň otagy her kimi haýran galdyrýar.
Oraz aga: Taňryýalkasyn. Üýtgeşik bolupdyr.
Aýlawyň işgäri: Hormatly Prezidentimize sag bol aýtmaly. Bu zatlar şonuň
aladasy bilen guruldy.
Oraz aga: Hawa-la, Prezidentimiziň başy dik bolsun.
Aýlawyň içi. Baýram bilen Şatlyk aýlawy synlaýarlar.
Baýram: Bäh, muny edäýişlerini.
Olar agaçdan örülip ýasalan at çapyp barýan oglanyň şekiliniň ýanyna barýarlar.
Baýram oňa öýkünýär.
Baýram: Oraz aga Kiçi Seräni maňa çapdyrjak diýdi...
Şatlyk: Çynyňmy?! Eý gowy bor-aý, sen çapsaň.
Şol wagt iki sany eli çyzgyly arhitektor kä ýerde durup çyzgylaryna serdip, geçip
barýarlar. Baýram dagy olara salam berýärler.
Arhitektor: Nähili, oglanlar, aýlawy haladyňyzmy?
Baýram dagy baş atyp ýylgyryşýarlar. Olar geçip gidýärler.
Baýram: Eý, arhitektorlygam-a gowy kär.
Şatlyk: Okuwy kyn bolaýmasa.
Baýram: Kyn bolanda näme?
Şatlyk: Saňa-da düşüp bolanog-aý. Indem arhitektor bolasyň gelýämi?
Baýram: Aý, ýöne... Ýör indi o taýynam göreli.
Baýram bilen Şatlyk täze aýlawyň owadan fonarly sütünler dikilen ýodasy bilen
barýarlar
13-epizod
Baýram deňizde suwa düşüp ýör . Suwuň gyrasynda Kiçi Sere. Birden Baýram
gark alyp ugraýar. Ellerini kelemenledip bir aşak gidýär, bir ýokaryk çykýar. At
özüni suwa urýar. Oglana tarap ýüzýär. At deňine gelende Baýram oňa ýapyşyp
halas bolýar. Şol wagtam ukudan hopugyp oýanýar. Sagat daňdan dört. Ol turup
geýinýär-de welesipedine münjek bolanda kakasy oýanyp gelýär.
Sapa: Nirä?
Baýram: Aýlawa.
Sapa: Nämäň aýlowy? Seň kelläň nirede? Sen okuwa girmeli. Haçana çenli
atyň yzyna düşjek ýörjek? Saňa gepem düşündirip bilemok. Ýa indi seni
daňyp saklamalymy.
Baýram sesini çykarman başyny aşak salyp dur. Oňa çenli ejesem çykýar.
Sapa gaharly: Goý, tigriňi-de, gir öýe.
Baýram butnaman dur.
Maýa: Bor-la, senem. Gündizem bar-a. Gijäň içinde gygyrşyp durmaň.
Baýram ejesine arkalanyp gidip ugraýar. Sapa elini salgap, öýe girýär.
Obaň alagaraňky köçesi. Baýram welosiped sürüp barýar. Onuň ýüzi aladaly.
Welosipediň aýlanýan tigiriň üstüne Baýramyň çagalyk ýatlamasy görnüp ugraýar.
14-nji epizod.
Şäher. Hatar dükanlar. Adamlar gaýda-gaýmalaşyk. 4-5 ýaşlaryndaky Baýrama
ejesi köýnejik deňäp dur. Satyjy oglan harydyny öwýär.
Satyjy: Laýyjak, gelneje. Reňkem solanok, gowy köýnek.
Maýa: Halaýaňmy oglum?
Baýram baş atýar.
Maýa: Bolýa, alaýyn.
Ejesi gapjygyndan pul çykaryp, satyjy bilen hasaplaşyp durka, Baýramyň gözi
ýitelip gidýär. Ol harytlaryň arasynda çüýşeden ýasalan, bir aýagyny galdyryp, ýer
peşäp duran aty görýär. Baýram aty görenden duran ýerinde bökmäge başlaýar.
Elini uzadyp ejesine ony görkezýär.
Baýram: Eje, at. Eje...
Maýa: Nämäň aty?
Baýram: Äberäý-dä...
Maýa: Öýde-de atyň bar-a.
Maýanyň aty alasy gelmeýär. Ol oglunyň elinden tutup, dükandan daşlaşanyny
kem görmeýär. Eneli-ogul biraz ýöreýärler, oglanjyk gaňrylyp-gaňrylyp, atjagaza
seredýär. Şol wagt ejesiniň jübi telefony jyňňyrdaýar. Ol oglunyň elini goýberip,
telefona jogap berýär. Baýram eli goýberlenden durýar.
Baýramyň ýeke özi. Ol bir yzyna seredýär, soň ejesine.
Maýa telefon bilen başagaý ýöräp barýar. Baýram yzyna, dükana tarap gaýdýar.
Maýa ep-esli ýöräp, gürleşip bolandan soň, ýanynda oglunyň ýokdugyny bilip
galýar. Eýläk-beýläk ylgaýar.
Maýa: Baýram! Baýram jan!
Baýram görnenok. Maýa geçip barýanlardan soraýar. Her kim alňasak başyny
ýaýkap geçip gidýär. Ene yzyna tarap ylgaýar.
Baýram atjagaza seredip dur. Maýa aňyrdan ylgap gelýär.
Maýa: Ýüregim-ä ýardyň. Ýör, gijä galýas.
Baýram elini silkip alýar. Aşak seredip pyşyrdaýar.
Baýram: Aty äber...
Maýa: Bu çüýşeden-ä, derrewem döwüler.
Baýram: Döwülmez.
Ejesi näderini bilmän, ony satyn alýar. Dükançy atjagazy ýörite guta salyp
uzadýar. Baýram begenjine ejesini gujaklaýar.
Dükançy: Ogluňyzyň aty gowy görýän-ä çyny eken.
Maýa: Gije-gündiz at-da şuňky... Indi bir ýör.
Baýramlaryň öýleri. Baýram gutyny açyp, aty çykarýar, eýläk-beýläk öwürip
synlaýar. Baýram ony stoluň gyrasynda goýýar. Maýa oglunyň begenşine
ýylgyryp, onuň başyny sypalaýar.
Baýram: Owadan gerek? Meň atym... Oraz aga ata mündürjek diý-dä.
Maýa: Sen atdan gorkaňokmy? Ýykylaýsaň nätjek?
Baýram: Ýykylmaýan...
Şol wagt gapy açylyp, Sapa girýär. Onuň keýpi ýok. Baýram atyny alyp, ylgap,
kakasynyň öňünden çykýar.
Baýram: Kakam geldi, kakam. Kaka at aldyk. Gör. Ejem äberdi.
Kakasy oglunyň uzadan atyny alyp gören bolýar. Göwünsiz stoluň gyrasynda
goýýar. Maýa adamsyndan gözüni aýyrman onuň hereketlerini synlaýar.
Kakasy: Ýene atmy? Ýeke oglum, senem ýaby çopan boljag-ow. Atyň näme,
men saňa kompýuter äberjek. Bolmanda küşdüňi öwren.
Baýram: Öwrenýänä. Atyň nähili göçýänini görkezeýinmi?
Küşdüň tagtasy. Baýram atlary küşt tagtasynyň üstüne dikýär.
Sapa: Hany çöpleň galany? Saňa at bolsa bolýar.
Kakasy öz otagyna geçmekçi bolýar. Oglunyň döken küşt çöplerine basmajak
bolup çala büdüreýär. Şol wagt stoluň üstündüki ata eli degip, ony gaçyrýar,
atjagaz döwülýär. Baýram tisginip gidýär. Döwülen atyny görýär.
Baýram: Döwdüň kaka. Atymy döwdüň. Nämüçin döwdüň?
Ejesi: Özi gaçdy oglum, kakaň döwmedi.
Baýram: Aldama döwdi.
Kakasy: Goý, galmagalyňy. Döwülende näme şol?
Ýatlamaň soňunda ýene welosipediň tigirlerine dolanyp gelýäris. Baýram
welosipedli aýlawa girip gidýär.
15-nji epizod.
At toýnaklarynyň yzlaryndan ýaňa nagyş çekilen ýaly bolup görünýän aýlaw
ýodasy. Seýislenýän atyň toýnagynyň sesi eşidilýär. Az salymdan atyň aýaklary
hem görünýär. At çala öňürdükläp geçip gidýär. Atyň ýuwaş çapmaga takady ýok,
emma onuň üstündäki atbakar jylawy berk çekip, ony maýdalyna çapdyryp barýar.
Aýlawyň daşyndan, ol atyň deňi bilen ýeňil daşary ýurt maşyny barýar. Maşynda
oturan, boýny galstukly, geýnüwli ýigit zol-zol işledilýän aty synlaýar. Maşyn
biraz şeýdip, ol at bilen ýanaşyp gidenden soň, athanalaryň birine tarap sowulýar.
Athanaň öňünde Oraz aga ortada, onuň daşynda atlaryny ýöredip Baýram bilen
Şatlyk aýlanyp durlar. Ýeňil maşyn olaryň deňinde saklanýar. Geýnüwli ýigit Oraz
agaň ýanyna gelýär. Olar elleşýärler. Oraz agaň ýüzi aladaly. Kiçi Serede Baýram,
Kümüşlide Şatlyk kiçiräjik aýlaw edip Oraz aganyň hem ýene-de bir 30-35
ýaşlaryndaky geýnüwli ýigidiň daşyndan aýlanyp durlar. Kiçi Seräň boýnunda
Arzygülüň dokan dogabagysy. Olardan on-onki metr gapdalda-da bir ýaş oglan
maňlaýy owadan sakarly, dor atynyň başyndan tutup, Baýramdyr Şatlygy, olaryň
atlaryny synlaýar. Onuň gaşlary çytyk, nämedendir bir zatdan nägile ýaly
görünýär.
Oraz aga: Şatlyk, aýyr eliňi eýeriň gaşyndan.
Şatlyk duýdansyz, azymly sese derrew elini eýeriň gaşyndan aýyrýar.
Oraz aga: Ýabyň üstünde däl-ä sen. Berkiräk... Hä...
Şatlyk jylawy iki eli bilen tutup, aty çala debsiläp, çuslanýar. At hem ýöreýşini
çaltlandyrýar. Oraz aga gapdalynda duran ýigide ýüzlenýär.
Oraz aga: Men eýgermen, Mämmet jan. Şu iki sany oglan bilen bäş-alty ata
seredýäs. Bulaňam biri hem okaýar, hem diňe irden at münüşmäge gelýär.
Indi garrapdyryn.
Mämmediň pullujadygy bildirýär. Bir eli jübsünde, kiçelip, ýalbaryp durmak oňa
kyn düşýär. Onuň arkasyndan atynyň başyny tutup duran, çytyk oglan görünýär.
Mämmet gaýta-gaýta oňa seredýär. Oglanyň hem iki gözi Mämmetde.
Mämmet: Atbakarym bar. Siziňkilere-de seredişer. Özüňize-de şuwagt näçe
aýlyk alýan bolsaňyz, şonça bereýin. Taýymyň baýragam siziňki. Maňa
abraýy gerek. Ozsaňyz, özümem baýragyňyzy ýetirin. Bolmanda atymy bir
görüp ber Oraz aga.
Oraz aga ikirjinlenýär. Gaňrylyp gapdalda duran ata-da seredýär.
Mämmet: Nazar, getir-eý, aty bärik.
Nazar çakylyga mähetdel derrew aty idip gelýär. Baýramdyr Şatlygam täze taýa
hem Nazara seredişýärler. Birahatlanan at Nazara saklatmajak bolýar. Oraz aga
taýy synlaýar hem köşeşdirmäge çalyşýar.
Oraz aga: Ho-op... hop-ba, dur, janawer.
Mämmet: „Ýeke taý bolsa, getir-äý“ diýip duranlaram bar, ýöne siz
seýisläýseňiz. Oraz aga gaýrat ediň.
Oraz aga aty söýünç bilen synlaýar. Aýaklaryny elleşdirip görýär.
Oraz aga: Öz-ä Teleguşyň ugry bolsa gerek?!
Mämmet: Haý, Oraz aga siz aty adamdan gowy tanýaňyz-a. Teleguşyň
agtygy, Täzäň taýy. Tumarly.
Oraz aga: Hmm... Kelle tutuşy, gulaklary agyn Teleguş. Hany, mün-dä, oglum
Tumarlyňy. Nazar diýdiňmi, ýigidekçä?
Mämmet: Hä, Nazar. (Nazara) Bahymjak mün.
Nazar göwresi tokgarak bolsa-da, çakganlyk bilen Tumarlyny münýär. Entegem
Oraz agaň daşynda aýlanyp duran Baýram bilen Şatlygyň arasyna goşulýar. Oraz
aga ýene gözüni aýyrman Tumarlyny synlamagyny dowam edýär. Taý
synlanýanyny bilýan ýaly, agyzdyrygyny çeýnäp, oýnaýar.
Oraz aga: Bor-da, bolmasa...
Mämmet Oraz agaň göwnänine begenip, ýylgyrýar.
Mämmet: Eşidýäňmi-eý, Nazar, diňe Tumarla däl, Oraz agaň beýleki
atlaryna-da seredişersiň. Oglanlar bilen oňuşyp işlegin. Öz-ä gyňyrrakdyr,
Oraz aga.
Mämmet özünden hoşal eşiginiň gumuny kakyşdyran bolýar. Hojaýyn sypatyna
girýär. Boýnundaky galstugyny düzedişdirýär, birneme gaýşarýar.
Mämmet: Ýaňky diýenimdir, şu taýyň baýragy maňa gerek däldir. Otiýimdenem hor etmen. Ýumurtgan-a getirdim, süle, käşirem ýetip gelýändir.
Taýa göwnüňiz ýetdi öýdýän, Oraz aga?
Mämmet Oraz aga tarap seredýär. Mämmediň bolşuny halamadyk Oraz aganyň
ýüzi çytyk.
Oraz aga: Taýyň entek ýarylmadyk garpyz, oň ýyndamlygyny ýol görkezer.
(oglanlara) Salaýyň. Tumarlyny iň aňyrbaşky ýataga sal. Şatlyk, görkez.
Mämmet: Bor-da, Oraz aga, men aýlanyp duraryn.
Mämmet beýleräkde duran daşary ýurt maşynyna tarap gidýär. Oraz aga-da atlaryň
yzy bilen athana tarap ýöräp ugraýar. Atlar üç tirkeş bolup athana girýärler. Ýeňil
maşyn gelen ýoly bilen yzyna çykyp gidýär. Atlar athana girýärler. Öňde Şatlyk,
yzyndan Nazar, soň Baýram. Beýleki atlaryň hokranmasy, kişňemesi, betona
urulýan at toýnaklarynyň sesi eşidilýär. Şatlyk Nazara ümläp, eli bilen iň aňyrky
boş ýatagy görkezýär-de, açyk gapylaryň birinden girip, atyny ýatagyna salýar.
Şatlyk: Hoňa...
Onuň yzyndan gelýän Nazar görkezilen ýataga Tumarly bilen girip gidýär. Baýram
hem bäri başdaky boş ýere Kiçi Seräni salýar. Olaryň üçüsi hem atdan düşüp,
eýerlerini aýyrmaga durýarlar. Şatlygam, Nazaram, Baýramam goltugy eýerli,
uýanly çykýar. Eýerleri, uýanlary eýer-esbaplaryň goýulýan jaýynda goýýarlar
Şatlyk: Nazar diýdilermi?! Menem Şatlyk. O-da Baýram.
Elleşip görüşýärler. Baýram eýerini goýýar-da, gaşawdyr şşotka alyp daşyna
çykýar. Şatlyk bilen Nazar Tumarlyny koridordan synlap durlar. Baýram olaryň
ýanyna barýar.
Baýram: Oraz agaň atyňa göwni ýetdi.
Atýatakdan oglanlara gulaklaryny keýerdip Tumarly seredip dur. Ol çala
hokranýar.
Şatlyk: Haýsy atyň nähilidigini ýol görkezer diýdi Oraz aga.
Nazar: Ýolsuzam belli. Teleguşyň ugry...
Şatlyk: Bolanda näme Teleguşyň ugry? Kiçi Sere-de Seräň ugry, Kümüşli
Garaderiň ugry. Haýsy biri pes olaň?
Nazar: Aý, hawa hemmesiniň aňyrsy güýçli atlar. Ýöne, Tumarlym atdan
galmaz, men şony bilýän. Ol-a kiçi eken, uly Seräňem getir-äý.
Şatlyk hyrra Nazara tarap öwrülýär.
Şatlyk: Şu atyň Kiçini ozarmy? Gel, jedel.
Baýram olaryň arasyna düşýär.
Baýram: Derrew başlaýaňyz-aý. Bir-birimizden başga-da, deňeşmäge
aýlowda at kän.
Oglanlar arkalaryndan Oraz agaň geleninem duýmaýarlar.
Oraz aga: Berekella, Baýram. Nähili atyň bolsa getiriber, aýlawda seňkiçe at
tapylar.
Oglanlar müýnli ýaly yzlaryna garaýarlar. Seslerini çykarman hersi öz atyny
arassalamaga girýär.
16-nji epizod.
Baýramyň öýleri. Baýram kompýuteriň başynda. Kompýuterde Kiçi Seräň suraty.
Baýram fotoşopda atyň uýanyndan tutup duran Şatlygy bozup aýyrjak bolup,
güýmenip otyr. Kakasy arkasyndan gelýär.
Sapa: Bäh, kompýuteriň başyna-da geçipsiň-ow.
Ol gelip oglunyň edip oturan işine seredýär. Ekrandan aty görüp, gahary gelýär.
Sapa: Ýene atmy? Men saňa atyň suratyny çek diýip äbermedim muny. Aý,
bolmajak bolsa bolmaz-laý.
Elini salgap gidýär. Oňa çenli Baýramyň ejesi gelýär.
Maýa: Beýleki edýän işleňňem görkezseň bolmaýarmy? Hany aç.
Baýram awtokadda gurluşyk çyzgylaryny eden ýerini açýar.
Maýa: Sapa, gel, görd-e ogluň öwrenen zatlaryny.
Sapaň sesi: Gördüm.
Maýa: Ýok, at däl...
Sapaň sesi: Bolýa-laý. Maňa azar bermäň, näme etse şony etsin...
Maýa oglunyň başyny sypalaýar.
17-nji epizod
Daň atyp gelýär. Aýlawda at toýnaklarynyň sesi asmana galýar. Her athanaň
öňünde aýlanyp duran atlylary ýa-da ýol gyrasynda duran seýisi, türgenleşikden
dolanyp gelýänleri, barýanlary görmek bolýar. Aýlawda işiň iň gyzgalaňly wagty.
Uzakdan haýsydyr bir atyň kişňeýän sesi, niredendir bir ýerden horazyň sesi hem
eşdilýär. Oraz aganyň athanasynyň agzy welin, çolalyk. Oraz aga bir girýär, bir
çykýar. Ol elindäki gadym agzy gapakly sagadyna gaýta-gaýta seredýär. Şatlyk
bilen Nazar onuň tabşyrygyna garaşyp, dik durlar. Oraz aga olara üns berenok.
Özbaşyna gürleýär.
Oraz aga: Be, beýle häsiýeti ýokdy-la. Nazar, bolmasa, oň atyny sen eýerläý.
Şol wagt welosipedli Baýram görünýär.
Şatlyk: Hana, gelýär.
Baýram welospedi gaty sürüp gelen bolarly, maňlaýy derläpdir, haşylap dem alýar.
Oraz aga: Eýgilikmi, oglum?
Baýram welosipedini diwara söýeýär.
Baýram: Giç ýatdym okuwyma taýýarlanyp... uklap galaýypdyryn.
Baýram ilki Oraz aga bilen, soň oglanlar bilen ýeke-ýeke elleşip görüşýär. Soň
eýerini almaga ylgap gidýär.
Baýram Kiçi Seräni eýerläp dur. Şatlyk oňa kömekleşýär.
Şatlyk: Men-ä gelmersiň öýtdüm. Oraz aga tas Kiçini Nazara mündüripdi.
Baýram bar güýji bilen atynyň çekisini çekýär. At biraz gozganjak bolýar.
Baýram: Dur, dur. Aý... Bar, atyňy çykaryber.
Baýram, Şatlyk, Nazar üçüsi atlary bilen athanadan çykýar. Hemişeki aýlanýan
ýerlerinde atlaryny aýlamaga başlaýarlar. Daňyň howasyna atlar oýnajak bolýar.
Olary parahat saklamak oglanlara iş bolýar. Oraz aga olaryň aýlawynyň arasyna
girip, bir salym atlary synlap durýar.
Oraz aga: Hemişekiňiz ýaly bile, bir aýlaw gorgun sürüň. Göni ýola düşýän
ýerden öň atdyryp gaýdarsyňyz. Şatlyk sen doly iki aýlaw, Nazar sen aýlaw
ýarym, Rejebiň athanasyna çenli. Gaty gyssama, maýdalyňa sür. Baýram sen
Aşyr agalaň athanasyna çenli gelersiň. Ýöne berkirak sür. Üçüňizem
badyňyzy bir gataldyp, bir ýuwaşadyp gelmäň. Soňam bir aýlaw ýörüş
öňküleriňiz ýaly. Baryň!
Alagaraňkyda aýlaw ýodasynda seýislenýän atlaryň burunlarynyň parryldysy,
toýnaklarynyň sesi eşidilýär. Kimi atyny gorgun sürse, kim öňürdükledip ýör.
Biziň gahrymanlarymyz hem olaryň arasynda.
Baýram atynyň başyny çekip saklaýar. Indi ýörüş üçin içki ýoda geçýär. Nazaram
aňyrdan atyny ýöredip gelýär. Atlar gowja derläpdir. Emma seýislenmek olara
ýaraýan bolarly, şonda-da oýnajak bolup durlar. Olar atlaryny işledip bolýançalar
jahan hem gowy ýagtylýar. Daşky ýodadan kä wagt bir seýislenýän at çapyp geçip
gidýär. Baýramdyr Nazar her at deňlerinden geçende ony üns bilen synlaýarlar.
Aýlawyň ortasyna ekilen ýorunjalar ygşyldap otyr. Otuň ýaşyl reňki, at
toýnaklaryndan galýan tozanyň süýt reňki, gara, mele, dor, gyr, al atlaryň reňkleri
Gün dogmazynyň öňýany täsin görünýär. Bu täsinlige göwni göterilýän ýaly, Kiçi
Seräniň parahat ýöräsi gelenok. Ol agyzdyrgyny çeýneýär, başyny silkýär. Içindäki
hyjuwyny daşyna çykaryp, Baýramyň hem diýenini etmän çapjak bolýar.
Baýram: Kiçim, ýuwaş. Dur.
Baýram Nazar bilen deňleşýär. Baýram deňleşende Tumarly Kiçi Seräniň bolşuna
göçüp oýnajak bolýar. Nazar onuň jylawyndan dözümli çekip, ýuwaşadýar. Atlar
ýanaşyp parahat ýöräp ugraýarlar.
Nazar: Dogabagyny kime dokatdyň?
Baýram: Aý, obada...
Nazar: Tumarla-da dokadaly-la. Näçä dokaýarlar?
Baýram: Bilmedim... Şu wagt Kümüşlä dokaýar öýdýän. Şatlyk gowy
bilýändir.
Nazar atyň başyny çekip saklaýar. Baýram azajyk öňe düşýär.
Nazar: Özüň gürleşäý-dä, puluny bereýin.
Baýram: Aý...
Nazar: Gysganýaňmy? Diňe öz atymda bolsun diýýäňmi? Halanyňy et, başgada dokaýan bardyr.
Nazar atyny sürüp öňe gidýär. Baýram derrew onuň yzyndan ýetýär.
Baýram: Men o gyza diýmäge utanýan.
Nazar: Näme utanyp? Puluny bermediňmi?
Baýram: Ýok, mugut dokady.
Nazar: Men puluny berjek diýdim-ä.
Baýram: Hany, Şatlyga diýeýin...
Nazar: Şatlykdan bitýän bolsa, gerek däl.
Nazar ýene atyny öňe sürýär. Baýramyň ýeke özi, gaşlary çytyk. Baýram Nazaryň
yzyndan gygyrýar.
Baýram: Nähak öýkeleýäň.
Nazaram gaňrylyp oňa gaharly jogap berýär.
Nazar: Ak guşsyramasana senem.
Baýram nätjegini bilmän galýar. Yzdan Şatlygyň gelýäni görünýär. Baýram atyny
aýlap Şatlyga garaşýar. Oňa çenli Şatlygam yzyndan ýetýär.
Şatlyk: O näme diýýä?
Baýram: Dogabagy diýýär.
Şatlyk: Ýene näme? Şol-a şoňa dokalanok.
Baýram derläpdir. Ýalbarjy äheňde haýyş edýär.
Baýram: Bahasyny berjek diýdi. Siziň Bibi ejeňiz-ä, ejesine aýt-da gaýdyber.
Şatlyk: Hawa-la Bibi ejemiz diýip dökülip durmalymy? Onsoňam ýaňky üçin,
meň-ä adama zat haýyş edesim gelenok.
Baýram: Oraz aga, dogan ýaly boluň diýenokmy bize?
Şatlyk: Şolmy dogan boljak, bahana tapsa öýkelýär.
Baýram Şatlyga näme diýjegini bilmän, ilki aşak bakýar.
Baýram: Ilki özüň başlaýaň-a...
Şatlyk dostundan beýle söze garaşmansoň, atyň üstünde dikeleninem duýman
galýar.
Şatlyk: Menmi?! Ýene dost diýjeksiň...
Baýram ýüzüni sallap barşyna sesini çykaranok.
Şatlyk: Men-ä Arzygülden haýyş etmen.
Şatlygam atyny gorduryp, Baýramy ýeke taşlap gidýär. Baýramyň ýene ýeke özi.
Baýram onuň yzyndan garap galýar.
Baýram: Kiçim, kiçijik jigim, men näme edeýin?..
18-njy epizod
Baýramyň öýleri. Baýram diwanda kitap okap otyr. Gapydan Baýramyň ejesi
Maýa gelýär.
Maýa: Naharyňam, oňly iýmänsiň.
Baýram başyny galdyryp kitabyny ýapýar. Kitabyň Magtymgulydygy görünýär.
Maýa gelip oglunyň ýanynda oturýar.
Maýa: Mekdep bilen aýlaw iki arada sütüniň sünýä. Bolmasa, aýlawa gitmäňi
azaldaý?
Baýram: Ýok, ýadamok.
Maýa: Hany gürrüň ber-dä, Oraz agaň näme diýýär? Şatlyk nädýär?
Baýram göwünsiz elindäki kitabyny stoluň üstünde goýýar.
Baýram: Aý...
Maýa: Ýaňy Bibilere bardym. Gyzy Arzygül bilen bir halyny dynypdyrlar.
Kesjek bolup duran ekenler. Arzygül janam uly gyz bolaýypdyr.
Baýram utanýanyny bildirmejek bolup, stoluň başyna geçýär. Ol ýene
Magtymgulyny eline alýar. Ikinji planda görünýän Maýa oglunyň ýüreginde turýan
harasatdan habarsyz gürrüňini dowam edýär.
Maýa: Men-ä Arzygül jany ýüzüme sylyp gaýtdym.
Baýram kitaby ýapýar.
Baýram: Aý... eje, senem...
Maýa: Arzygül gowy gyz-a?
Baýram sesini çykarman ýene kitaby eline alýar.
Maýa: Näme bolýa saňa? Näme ýüzüň salyk?
Baýram gürrüňi üýtgetmek üçinmi ýa-da setirler ýüregine jüňk bolandanmy
Magtymgulynyň dört setirini daşyndan okaýar:
Baýram: Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym,
Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,
Gulagyma beren pendiň alaýym,
Kişige gaty söz aýdyjy bolma.
Baýram okamasyny goýýar. Baýram başyny galdyrýar-da ejesine türkana, arassa
gözleri bilen seredýär.
Baýram: Eje, Magtymguly ýaly adam guluň bolaýyn diýýärem welin, adamlar
oňuşyp, hezil edip, ýaşap ýörmelikä...
Baram kitaby stoluň üstünde goýýar-da, kellesini kitaba ýassap uzaga diňkesini
dikýär. Maýa kellesini kitaba ýassan oglunyň aladaly başyny sypalaýar. Baýram
başyny galdyrýar. Maýa ogluny gujaklaýar. Onuň gözünden ýaş syrygýar.
Maýa: Oglum kakaňdan öýkeläp ýörme. Ol seň okuwa gireniňi isleýär.
19-njy epizod.
Arzygül täze dokap bolan halylarynyň erşinden maňlaýyna daňypdyr, jaýda ýeke
özi gopuz çalyp otyr. Daşarda Baýramyň ardynjyranyny eşidenok. Baýram
ýuwaşlyk bilen gapyny açýar-da içerik girýär. Arzgülüň gopuz çalyşyny görüp
gapyň agzynda doňup galýar. Birdenem özüne gelip, ýene yzyna çykyp gitjek
bolanda, Arzygülüň gözi oňa düşýär. Arzygül tisginip, gopuzyny goýup, ýakasyny
tutýar, içini çekýär.
Arzygül: Hih!
Baýram nalaç durmaly bolýar. Eli bilen maňlaýynyň derini sylýar. Arzygül geleniň
Baýramdygyny tanandan özüne gelýär.
Arzygül: Baýram... Senmi?..
Baýram ýuwdunýar. Ýene maňlaýynyň derini eliniň aýasy bilen sylýar.
Baýram: Gorkuzdymmy?
Arzygül: Gopuza başagaý, görmändirinem...
Baýram: Neme... Dogabagy dokapsyň-a...
Arzygül: Şatlygyňkynymy, gutaryp barýan.
Arzygül biraz ýygralyk bilen ýere seredip gürleýär.
Arzygül: Geçäý...
Baýram sähelçe öňe süýşse-de, gapydan daşlaşmaýar. Näme diýjegini bilmän aşak
bakýar. Arzygül öýüň ortasyndaky ýygnaşdyrylmadyk çäýnek-käselere ýapyşýar.
Arzygül: Men häzir... Ejemem gelmeli.
Arzygül eli çäýnek-käseli aşhana geçýär. Baýram Arzygül çykansoň, bir uludan
dem alýar. Täze dokalan hala gözi düşýär. Haly bir gyrada, ýarsy eplengi. Onuň
nagyşlary lowurdap dur. Ejesi, Arzygül içeri girýärler. Baýramyň halyny
synlaýanyny görüp ejesi ýylgyrýar.
Bibi: Baýram jan, senmidiň?
Baýram: Salawmaleýkim Bibi daýza.
Bibi: Aleýiksalam. Ejeň dagam gurgunmy, oglum?
Baýram: Şükür. Neme-laý Bibi daýza, athanamyzda bir dostum bar. Olam
taýyna dogabagy diýýä... Kyn görmeseňiz... O... bahasynam aýdaýsyn diýdi.
Bibi: Aý, oglum, baha diýer ýaly oňa üýtgeşik ýüp çykyp duranok. Galangaçandan, Arzygül dokan bolaýýar.
Baýram: Oň atynyň ady Tumarly...
Arzygül bir kagyzjyga ýazyp alýar.
Baýram: Onda men gideýin.
Bibi: Çaý içmejekmi?
Baýram: Ýok-ýok.
Baýram çykyp gidýär. Arzygüllerden biraz saýlanyp, uly köçä çykanda
begenjinden towsaklaýar. Öz köçelerine tarap sowulýar. Şol wagt Şatlyk gelýär,
Arzygüllere girýär. Içerde Bibi daýza çaý içip otyr, Arzygül Şatlyga dokaýan
dogabagysynyň başynda.
Şatlyk: Salowmaleýkim Bibi eje.
Bibi: Şatlyk jan, gel.
Şatlyk: Ýene bolan däldir. Bibi eje gyzyňa diýsene. Öňküsinä derrew dokady.
Bibi: Öňküni özüm ulyny başlamankak çaltyrak aýyr diýdim. Uly halyň
gapdalyndan soňka Arzyň eli degmedi-dä. Indi derrew bolar.
Şatlyk: Arzygül, görseň bolýarmy?
Arzygül ýylgyryp, bir gapdala süýşýär. Şatlyk „Kümüşli“ diýlip bitip barýan
ýazgyny okaýar.
Şatlyk: Baýrama bereniňde başga nagyş eken.
Arzygül utanyp, gyzaryp gidýär. Ejesine seredýär. Ejesi olara üns bermän
käsesine çaý guýup otyr.
Arzygül: Bu näme owadan dälmi?
Şatlyk: O has owadandy-da. Aý, etjek alajyň ýok, her kim özüne nesip edeni
bilen oňmaly-da.
Bibi: O nämäň nesip edeni?
Şatlyk: Baýrama dokany has owadandy.
Bibi: Entek, boldum edilmedik zat-da. Eliňe alaňda görersiň owadanmy
dälmi.
Şatlyk: Degişýän, Bibi eje. Bile işleýän bir ýoldaşymyzam diýdi.
Arzygül: Tumarlamy?
Şatlyk geň galyp Arzygüle bakýar.
Şatlyk: Tumarlyny sen nireden bilýäň?
Arzygül: Bilýändä.
Arzygül gülýär.
Bibi: Ýaňy Baýramam gelip gitdi. Kim gyz, ol beýle, ikiňiz iki ýerden.
Şatlyk: Baýram geldimi?! Şony gynandyrmajak bolup gelendir. Menem
Baýram gynanar diýip, aýlowdan ýörite gaýtdym.
Bibi: Kimi gynandyrmajak bolýaňyz?
Şatlyk: Aý, hiç-laý Bibi eje. Arzygül onda Tumarla-da birini. Ýöne bu gezek
mugt däl.
20-nji epizod.
Baýdaklar pasyrdaýar. Her kim aýlawa gelýär. Tomaşaçylaryň oturýan
tribunasynda ýer-jaý ýok. Her kimiň elinde at çapyşygynyň tertibi. Ahal-teke
atlarynyň iň owadanlary märekäň öňünden geçýär. Alypbaryjynyň sesi ýaňlanýar.
Alypbaryjynyň sesi: Eziz adamlar! Häzir siziň öňüňizde iki ýaşar atlar
owdanlykda ýylyň çempiony diýen ady almak üçin ýaryşýarlar. Gunanlardan
altysy finala çykdy. Häzir men olar bilen sizi tanyşdyraýyn.
Birinji belgide...
21-nji epizod.
Arzygülleriň öýleri. Telewizoryň başynda Arzygül ejesi bilen aýlawy görýärler.
Arzygül: Hana, Kiçi Sere. Tanadyňmy eje?
Ejesi: Dogabagyly dälmi?
Arzygül: On ball. Kiçi Serä on ball berdiler.
Alypbaryjynyň sesi: On ball. Eminler bir agyzdan Meşhur Seräniň taýy, Kiçi
Serä on ball berýärler. Netijede, eziz adamlar, Kiçi Sere gunanlaryň arasynda
çempion bolýar.
Ejesi: Dogabagy gelşipdir, gyz. Şatlykmy ony aýlap ýören. Ak telpek, gyrmyzy
donly anjaýyn. Ýaňy ýalydy-da gyz, gulpagyňdan çekip agladyp ýöreni.
Allanäme ýigit çykaýypdyr. Hany Baýram näme görnenok?
22-njy epizod.
Baýram ýaşyl reňkli çapyksuwar eşiginde. Ak jalbarly, gara ädikli, bir elinde ýaşyl
reňkli gaşly papagy athananyň gapysynyň agzynda otyr. Beýleki elinde at
çapyşygynyň tertibi.
Baýram içini gepledýär.
Baýram: Şu gezejik bir ozaýsam...
Baýramyň göz öňüne ejesi gelýär. Ol tikin maşynynda Baýramyň çapyksuwar
köýnegini tikýär. Ejesi köýnegi tikip bolup Baýrama geýdirýär. Baýram
çapyksuwar köneginde ýylgyrýar, ýeňlerini sypalaşdyrýar. Şol wagt kakasy ol
otagdan beýleki otaga gaharly, sesini çykarman geçip gidýär. Maýa ogluny
gujaklaýar.
Baýram: Şu gezejik...
Arzygülüň gopuz çalyp oturany, ony görüp gorkuşy Baýramyň göz öňünde. Oraz
aganyň sesi ony özüne getirýär.
Oraz aga: Aty eýerle oglum.
Baýram Kiçi Seräniň üstünde. Oraz aga atyň uýanyndan tutup, bile ýöräp barşyna
Baýrama iň soňky tabşyryklary berýär. Baýramyň gözleri hyjuwly.
Oraz aga: Ikinji belgidäki Altyntaýy sypdyrmagyn. Öňe gitse, senem
gapdalyndan galma. Ýöne gönä gelýänçäň öňüne düşme. Şony ozsaň, birinji
bolarsyň. Tolgunmajak bol. Sen tolgunsaň atyňam tolgunar. Bar, Alla ýaryň!
Oraz aga tabşyrygyny gutaransoň, Şatlyk ylgap Baýramyň ýany bilen ep-esli
gidýär.
Şatlyk: Dagytgyn, eý...
Baýram oňa-da, hyrçyny dişläp baş atýar. Baýramyň ýüzi hyrsyz, gözleri ýanyp
dur. Atlar tomaşaçylaryň öňünden geçip barýarlar. Iki sany nätanyş 10-12
ýaşlaryndaky oglanjyk tomaşaçylaryň arasynda. Olaryň biri „Kiçi Sere! Kiçi“
diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrýar. Beýlekisi „Altyntaý!, Altyntaý!“ diýip
zowladýar. Atlar tomaşaçylaryň öňünden öňatdyryp geçip toýhana tarap gidýärler.
23-nji epizod.
Arzygülleriň öýi.
Alypbaryjynyň sesi: Häzir siziň ekranyňyzda şu ýyl owadanlykda çempion
diýlip yglan edilen Kiçi Sere barýar. Onuň çapyksuwary, ýaş çapyksuwar
Baýram Sapaýew.
Arzygül çäýnege ýapyşyp, aşhana tarap gidýär. Ejesi yzyndan gygyrýar.
Ejesi: Gör-dä indi.
Arzygül: Çaýym gaýnady.
Arzygül aşhanada. Çäýnegi iki eli bilen berk gysyp dur.
Arzygül: Sag-aman gelsin, sag-aman gelsin...
24-nji epizod.
Aýlaw. Atlar gysynyň arka ýüzünde. Gyzyl, sary, gök, ala... dürli reňkli köýnekler
geýen çapyksuwarlar jylawyny çeýnäp öňe dyzaýan dor, gara, mele, gyr, akýal
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Atym ganatym meniň - 3
  • Parts
  • Atym ganatym meniň - 1
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1762
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atym ganatym meniň - 2
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atym ganatym meniň - 3
    Total number of words is 3875
    Total number of unique words is 1662
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atym ganatym meniň - 4
    Total number of words is 2342
    Total number of unique words is 1220
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.