Latin

Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7

Total number of words is 3498
Total number of unique words is 1844
28.5 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
çuňňur hormatlanýan uly Şahsyýete öwrüldi. Ol öz ata Watanyny, mähriban halkyny beýgeltdi. Ýurt Baştutanymyzyň
beýik reformatorçylyk hereketini dünýä ykrar etdi.
Ynha, ýaňy-ýakynda — şu ýylyň 6-njy maýynda Diýa­
rymyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasynyň «Awisenna» diýen Altyn medalyna myna­
syp boldy. Ony ÝUNESKO-nyň Baş direktory jenap Koiçiro
Masuuranyň hut özi gelip gowşurdy. Bu şanly waka diňe bir
157
öz ýurdumyzyň içinde däl, eýsem tutuş dünýäde-de uly seslenme döretdi.
Meşhur şahsyýetleriň durmuş ýoly bilen içgin gyzyklanmak, ony öwrenmek maksady bilen, men Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy bilen bilelikde neşir eden «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal»,
«Mugallym, esger, ilhalar ynsan. Berdimuhamet Annaýewiň
gahrymançylykly ömür ýoly» atly kitaplary elime alýaryn.
Ýöne, bir täsin tarapy, şol kitaplary her gezek elime alsam,
ýene-de täze bir tapyndynyň üstünden barýaryn. Bu gezek
hem şeýle boldy.
Ýokarda ady agzalan kitaplaryň soňkusynda şeýle söz­
ler bar: «...Berdimuhamet Annaýewiň başlangyjy bilen obada (Kirow-häzirki Babadaýhan etrabynyň «Gyzyl çarwa»
kolhozynda — T.J.) şol wagtlar üçin uly mekdep salyndy,
mekdebiň 30-40 okuwça niýetlenen giň klaslary bardy. Hatda
şu işde-de mugallymlar kollektiwi we mekdep okuwçylary barada ýadawsyz alada edýän ýolbaşçynyň yhlasy (B.Annaýew
şol obadaky 6-njy doly däl orta mekdebiň direktorydy — T.J.)
ýüze çykdy. Direktoryň maslahaty bilen gyşyna ýyly, tomsuna-da salkyn bolar ýaly, mekdebiň diwarlary bişen iki kerpiçden edi­lip salnypdyr».
Şu jümle meni çuňňur oýa batyrdy. Berdimuhamet
aganyň yhlasy we ýadawsyz aladasy bilen öz döwri üçin giň
otagly, gyşyna ýyly, tomsuna salkyn bolar ýaly, täze mek­
dep salyndy... Ýeri gelende aýtsak, bu mekdep 52 ýyllap oba
okuw­çylaryna hyzmat etdi.
Hawa, ata arzuwyny amala aşyrýan Agtygyň — hormatly
Prezidentimiziň bilim bilen baglanyşykly alyp barýan bu günki
syýasatynda hiç hili tötänlik ýok eken. Ol ata-baba aňyrdan,
öz pederlerinden gözbaş alyp gaýdýan asylly däp-dessur bolarly. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň öz sözleri
bilen aýtsak: «Täze telekommunikasiýalaryň döreýän, ynsan
durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasion tehnologiýalaryň
ornaşdyrylýan XXI asyrynda ýaş nesillerimiz üçin dünýäniň
iň ösen talaplaryna laýyk gelýän milli bilim ulgamyny ke-
158
mala getirmek, okatmagyň täze häzirki zaman usullaryny
ornaşdyrmak maksady bilen, umumybilim berýän orta we
ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary gurulýar».
Hawa, biziň Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda täze
mekdepleriň gurulmagyna, Altyn asyryň altyn nesliniň ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet
berilýär.
Çünki, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly: «...Her bir
döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini,
ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym
syýasaty bilen berk baglydyr».
Diňe bir geçen 2008-nji ýylda Beýik Galkynyşlary başdan
geçirýän Diýarymyzda ýokary halkara ülňülerine laýyk
gelýän, kompýuter, multimedia enjamlary bilen üpjün edilen
mekdepleriň birnäçesi açyldy.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
şu ýylyň başynda (15-nji ýanwar) geçen giňişleýin mejlisinde
çuň manyly söz sözläp, 2009-njy ýylda, ýagny şu ýylda täze
mekdepleriň ulanylmaga beriljekdigini aýtdy. Bu şatlykly
habar ýurdumyzyň tutuş halkynda, aýratyn hem, bilim
işgärlerinde uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Şu ýylyň ýazynda geçirilen «Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy» atly II halkara festiwalyna Daşoguz
welaýatynyň täze döredilen Ruhubelent etrabyndan
gatnaşan Baýramgeldi Kulyýew öz ýürek buýsanjyny
şeýle beýan edýär:
— Men bu etrapdaky 1-nji orta mekdepde müdir bolup işleýärin. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman bu mekdebi geçen ýylyň oktýabr aýynda bize hormatly
Prezidentimiziň hut özi açyp berdi. Begenjimiziň çägi ýok.
Şeýle mekdep binasy, ýatsak-tursak, düýşümize-de girenokdy...
Täze gurlup ulanylmaga berlen mekdepler barada aýdylanda, Ruhabat etrabynyň Babarap obasyndaky 51-nji
orta mekdep hem ýadyňa düşýär. Arada, şol mekdebiň
ýaşuly mugallymlarynyň biri, öz wagtynda Mälikguly
Berdimuhamedowyň terbiýesini alan, onuň okuwçysy bo-
159
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
çagalaryň şatlygyna şatlyk goşýar
11*
lan Täşli Ryzaýew bilen duşuşdym. Ol tolgunmak bilen şeýle
diýdi:
— Hormatly Prezidentimizi tutuş obamyz alkyşlaýar. Bu
gün Babarap, sözüň doly manysynda, şäher bilen bäsleşýär...
Ýoluň düşse, sowul, biziň täze mekdebimize bir syn kyl, akylyň
haýran galar.Obalarda-da beýle-beýle zatlar edip boljak eken-ow diýersiň...
Megerem, hemmämiziň ýadymyzdadyr. Şu ýylyň aprel
aýynyň ortalarynda hormatly Prezidentimiz, ýerli häkimiýet
edaralaryna öňünden duýdurmazdan, Ahal welaýatynda iş
sapary bilen boldy. Ol şonda Ruhabat etrabynyň «Herrik­gala»
daýhan birleşiginiň Miriş obasyndaky 10-njy orta mekdebine
bardy.
Bu ahwalaty teleýaýlym arkaly synlamak hem-de hormatly Prezidentimize buýsanmak şu setirleriň awtoryna hem
miýesser etdi. Mirişdäki mekdebiň 8-nji synp okuwçylary
juda bagtly çagalar. Döwlet Baştutany kompýuter ota­gynda
okap oturan ýaşlar bilen ýürekdeş gürrüň etdi. Olaryň okuw
şertleri, bilim derejeleri bilen içgin gyzyklandy. Mekdep
okuwçylarynyň birnäçesi bilen hormatly Prezidentimiz ýadygärlik surata düşdi. Elbetde, beýle bagt hemmelere miýesser
edip durmaýar.
Bu ýerdäki söhbetdeşligiň örüsi giňedi. Kompýuter ota­
gyna mekdebiň ähli mugallymlary ýygnanyşdylar, hormatly
Prezidentimize alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdiler, alkyşly sözler ýaňlandy. Milli Liderimiz şeýle ajaýyp
pedagoglaryň işleýän mekdebiniň jaýynyň häzirki döwrüň
talaplaryna laýyk gelmeýändigini nygtap, Ahal welaýatynyň
häkimine bu ýerde täze mekdebiň jaýyny gurmak barada
görkezme berdi.
Ine, şol pursat meniň hakydamda halypa mugallym
Berdimuhamet aganyň röwşen ruhy ör-boýuna galdy. Elbetde, ol döwrüň mümkinçiligi bilen şu günüň mümkinçili­
gini deňäp bolmaz, olaryň arasy ýer bilen gök ýaly. Bu ýerde
esasy zat adam hakdaky alada.
2007-nji ýylyň 11-nji maýynda A.S.Puşkin adyndaky
türkmen-rus mekdebiniň täze binasynyň düýbüni tutmak
dabarasy mahalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
162
Berdimuhamedow çykyş edip, şeýle diýdi: «Ýakyn wagtda şu
ýerde peýda boljak mekdebiň binasy örän owadan bolar. Ol
häzirkizaman mekdep binasynyň nusgasy, özboluşly bilim
ojagy bolar. Bu ýerde türkmenistanlylaryň täze we täze nesilleri bilim alar».
Şolar ýaly örän owadan gurulýan mekdep binalarynyň
ýene-de ençemesiniň gurluşygy Diýarymyzyň dürli künjeklerinde güýçli depginde alnyp barylýar. Şeýle hem gadymy
Gökdepäniň Oguzkent-Yzgant obasynda gurlan täze mekdep
açylmagyň öňüsyrasynda dur.
Yzgant! Bu gadymy oba özüniň manyly ömrüni magaryfa, ýagny ýaşlary terbiýelemek, olara hat-sowat öwretmek
ýaly sogap işe bagyşlan, hormatly Prezidentimiziň atasy
Berdimuhamet Annaýewiň dogduk mekany, göbek ganynyň
daman ýeri.
Täzelikde men ýene-de bu obada myhmançylykda boldum. Obanyň iň sylagly ýaşulularynyň biri bolan, segsene
ser urup ýören Aman aga Muhammetguly ogly bilen çaý
başynda ondan-mundan gürrüň etdik. Söhbetimiz iki obanyň
orruk ortasynda gurulýan täze mekdep binasyna syrykdy.
—Ýegen, sen bir gezende adam, köp-köp ýurtlary
görensiň. Heý, şular ýaly gurulýan gadymy köşgi-eýwanlara
gaýra dur diýýän mekdep jaýlaryna gabat geldiňmi?! Bolsa-da,
juda seýrekdir. Men saňa ýene-de bir täzelik, seň bilmeýän
zadyňy aýdaýyn...
Men tutuş durkum bilen gulaga öwrüldim. Allajanlarym,
Aman aga näme aýdarka diýip oýlandym. Ol howlukmady.
Elindäki çaýly käsesini gülli keçäniň üstünde goýdy-da, maňa
sorag berdi:
—Sen täze mekdebimiziň gurulýan ýerini gördüň dälmi?
—Diňe bir görmek däl, maşynymdan düşüp, ony nebsewürlik bilen synladym. Tüweleme, bahym ulanylmaga
beriljege meňzeýär.
Aman aga sözümi böldi-de, öz matlabyny aýtdy.
— Biler bolsaň, mekdebiň häzirki salnan ýeri Berdimuhamet agalaň gadymy ýurt ýeri. Gaty jüpüne düşen zat boldy.
Bendäň ruhy şatlanan bolsa gerek. Obamyzyň adamlarynyň
163
Yzgantdaky gurlan täze mekdep
bir ýürek küýsegi bar. Şol mekdebe Berdimuhamet Annaýewiň
ady dakylaýsa...
Hak söz. Bu arzuw diňe bir adamyň ýa-da iki adamyň
däl, eýsem tutuş oba adamlarynyň ýürek küýsegi...
Men ýene-de başda gürrüňini eden terjimehal bilen
baglanyşykly kitaplaryma bil baglap, olara «arkamy diräp»
söhbedimi dowam etdirmekçi.
Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür
ýoly barada ýazylan kitabyň 13-nji sahypasynda şeýle setirler bar: « Okatmagyň usulyýetini birsyhly kämilleşdirmäge,
mugallymçylyk işindäki öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge we
işde ulanmaga Berdimuhamet Annaýewe çap edilýän kitaplar, gazetler, aýratyn hem, 1936-njy ýyldan başlap neşir edi­
lip ugran «Mugallyma kömek» žurnalynyň we «Sowatlylyk
ugrunda göreş» gazetiniň makalalary bilen tanşyp durmak
uly kömek edipdir».
Bu gymmatly ýazgylar meni gözleglere atardy. Milli kitaphananyň hazynasyndan şol ýyllarda neşir edilen
«Mugallyma kömek» žurnalynyň birnäçe sanlaryny alyp,
olar bilen tanyşdym. Şol žurnalyň 1938-nji ýylda çykan
sanlarynyň birinde ministrligiň görkezmesi şeýle setirlerde
beýan edil­ýär: «Oňat mugallymlaryň — 100 prosentçileriň
tejribe alyşmaklaryny guramaly we bu tejribeleri jemläp, res­
publikamyzdaky mugallymlaryň hemmesine ýaýratmaly».
Diýmek, baýry magaryfçy, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň hem iş tejribesi respublikamyza ýaýradylan bolmaly. Sebäbi Gökdepe raýon halk magaryf bölüminiň
şol wagtky müdiri Çopan Hanow tarapyndan B. Annaýewe
berlen häsiýetnamada onuň 100 göterim ýetişik we gatnaşyk
gazanandygy aýdylýar. Taryhy maglumatlar hiç kimden hiç
zady ýüz görenok. Umuman, taryh hakykaty halaýar.
Eýsem, Berdimuhamet Annaýewiň (merhum) SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazy bilen «Hormat nyşany»
ordenine mynasyp bolmagy onuň il arasyndaky at-abraýyndan nyşan dälmi?!
Hawa, Yzgant obasynda doglup-döräp, şol ýerdäki mek­
depde ençeme ýyllap mugallymçylyk eden, obadaşlarynyň
uly söýgüsini gazanan ýokary hökümet sylagyna mynasyp
166
Bal çaga, gül çaga
bolan, ýurdumyzyň çäginde iş tejribesi giňden öwrenilen
Berdimuhamet aga Annaýewiň ady şol täze salynýan mek­
debe dakylsa, uly bir döwletli işiň edildigi bolardy, Onuň
ruhy şatlanardy.
Belent mertebeli Prezidentimiziň pederi Mälikguly aga
Berdimuhamedow öz kakasyny ýatlap, «Ýagşy adamyň ady
ýerde ýatmaýar. Belki, şonuň üçinem biziň familiýamyzyň
gözbaşynyň Berdimuhamet mugallymdan gaýdýanlygy ýöne
ýerden bolmasa gerek» diýýär.
Hawa, şeýle ajaýyp adamyň ady edebileşdirilse, onda
biziň merhumlaryň hem-de dirileriň öňünde sogap iş etdigimiz bolar. Ol şoňa doly mynasyp adam.
Iýun, 2009-njy ýyl.
170
14. Gökdepäniň taryhy
– türkmeniň taryhy
T
uruwbaşdan şeýle taryhy hakykaty okyjy köpçüliginiň
dykgatyna ýetiresim gelýär. Mundan baryp-ha bir asyr
gowrak öň, has takygy, 1901-nji ýylyň 23-nji aprelinde,
sarizm Gökdepe söweşine bagyşlap, ol ýerde muzeý açypdyr.
Ýöne oňa baran bolmandyr diýen ýaly, ýerli ilat-a aýagyny hem
sekmändir, has dogrusy şol tarapa ýüzüni hem öwürmändir.
«Ahal-tekinskaýa ekspedisiýa «Geok-Tepinskiý boý»
(1902) atly kitapda şeýle setirler bar: «...W obşem nelzýa ne
požalet, çto etot interesnyý muzeý nahoditsýa ne w Ashabade,
a na stansii Geok-Tepe. Passažirskiýe poýezda na etoý stansii,
wo wsýakom sluçaýe ne budet stoýat boleýe 20 minut, a w eto
korotkoýe wremýa reşitelno net nikakoý wozmožnosti skolko
nibud wnimatelno osmotret muzeý».
Welilik bilen şeýle bir hakykaty aýdyp bolar. Şol gürrüňi
edilýän muzeý Gökdepe duralgasynda däl-de, Aşgabadyň
orruk ortasynda açylan hem bolsa, oňa känbir pitiwa eden
bolmazdy, baran tapylmazdy, türkmenlerden-ä bir adam hem
aýagyny sekmezdi. Sebäbi...
Taryh hakykaty halaýar, ony il gözünden gizläp bolanok,
ol ir-u-giç aýan bolýar, hakykat ýüze çykýar. Ýogsam ony ýoýjak bolanlar hem ýok däl.
Ýekeje bir mysal. Halk hasratyna öwrülen Gökdepe
söweşine taryhçylar dürli döwürde dürlüçe çemeleşdiler,
halkyň edermenligini, gahrymançylygyny, gaýduwsyzlygy­
171
Gökdepe metjidi
ny peseltjek boldular. Elbetde, munuň özi taryha nädogry
çemeleşmekdi. Ýogsam, bu ýowuz wakanyň aňyrsynda tutuş
türkmeniň, Watanyň, halkyň ykbaly ýatyrdy ahbetin.
Ýöne bu ýerde başga-da bir boýun almaly zat bar. Okyjy
bilen kitabyň arasynda demir germew ýatyrdy. Men ömrüni
kitaba bagyşlan hünärmen hökmünde şeýle bir hakykaty
aý­dyp biljek. Şuralar hökümeti döwründe Gökdepe söweşi
bilen baglanyşykly taryhy kitaplary okamaga, olary çuňňur
öwrenmäge okyjy köpçüliginiň haky ýokdy. Ýagdaý şeýle
bolansoň, nädip hakykaty ýazjak?! Hakykat nädip dabaralansyn?!
Atalarymyzyň asyrlar boýy ýüreginde göterip gezen arzuwlaryny amala aşyrýan, olary wysal edýän Agtyk, gerçek
Ogul—hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
özüniň parasatly pähimleriniň birinde şeýle diýýär: «Gökdepe
söweşi gaýduwsyzlygyň, hakyky watanperwerligiň we Watana çäksiz söýginiň simwoly, dogduk topragyň erkinliginiň
we garaşsyzlygynyň hatyrasyna belent harby we ynsan
edermenliginiň nusgasy hökmünde türkmen halkynyň taryhynda baky galar». Bu aýdylan aýdyňdan ajaýyp sözler bu gün
tutuş türkmen halkynyň kalbynyň owazy bolup ýaňlanýar.
Şahyr aýtmyşlaýyn, kişi minnetini çekmegi ölümden-de beter
saýýan türkmen ata Watan üçin, mähriban toprak üçin şirin
janyny orta goýýar.
Yzgantly Seýitmyrat Öwezbaýewiň (onuň ýörgünli
ady Öwezbaý bolupdyr — T.J.) Gökdepe söweşine gatnaşan
türkmeniň gürrüňi esasynda ýazan «Gönübek» atly oçerkinde
(«Türkmenowedeniýe» 1927) iniňi tikenekledýän şeýle setirler bar: «...Watan üçin, bala-çagalarymyz üçin iň soňkymyza
çenli başymyzy goýarys. Boýnumyza syrtmak dakmaklaryna
welin, eger-eger razy bolup bilmeris. Bu toprak mukaddesdir.
Ol diňe goramaga hem onda gubura öwrülmäge mynasypdyr».
Elbetde, Öwezbaý özüniň bu oçerkini ýazmak üçin anyk
kim bilen gürrüňdeş bolupdyr, ol bize belli däl. Belki-de,
bu oçerk awtoryň, ýagny Öwezbaýyň öz obadaşy, Gökdepe
söweşine gatnaşan biriniň dilinden eşidilen gürrüňdir.
174
Ýöne şeýle bir hakykat bize aýan. Bu barada milli Liderimiz şeýle diýýär: «Gökdepe urşuna bagyşlanan taryhy ýazgylara ser salanyňda, oňa daşary ýurtly synçylaryň, şeýle hem
şol gyrgynçylyga gönüden-göni gatnaşan harby serkerdeleriň
onlarçasynyň ýatlamalarynda türkmenleriň arasynda ýekeje
dönügiň bolmandygy nygtalýar».
Hawa, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Gökdepe metjidiniň
ýanynda gurlan «Gökdepe» milli muzeýi halk edermenliginiň
ebedileşdirilmegidir.
Galanyň gahryman goragçylarynyň ruhuna goýlan sarpadyr, şu günki we geljekki nesiller üçin mukaddeslik mekdebidir.
Bu muzeýde galanyň territoriýasyndan tapylan dürli eksponatlara giň orun berlipdir. Gökdepe söweşiniň
gahrymanlarynyň ussat suratkeşlerimiz tarapyndan çekilen
suratlary ünsüňi özüne çekýär. Olaryň ýagty ruhunyň öňünde
baş egýärsiň hem-de olary alkyşlaýarsyň.
Muzeýiň esasy eksponatlarynyň biri hem şöhratly
Gökdepe galasynyň diwarlarynyň öňünde bolan söweşiň
şekillendirilen dioramasydyr.
Aslynda, tutuş Gökdepe galasynyň özi hem açyk
asmanyň astynda ýerleşýän özboluşly bir muzeýdir. Muzeýler
halkyň ruhy durmuşynyň gymmatly hazynasy hasaplanýar.
Muzeýleriň üsti bilen jemgyýet özüniň taryhy-medeni mirasa
bolan gatnaşygyny kesgitleýär.
Beýik Galkynyş eýýamyny yglan eden çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
muzeýler meselesine aýratyn üns berýär. Häzir ýurdumyzyň
welaýatlarynda we şäherlerinde muzeýleriň otuza golaýy
işleýär. Milletiň baý taryhy-medeni mirasyny geljekki nesiller
üçin aýawly saklamak we olary giňden wagyz etmek häzirki
döwrüň baş wezipesi bolup durýar.
Täzelikde, paýtagtymyzda Etnografiýa we ülkäni
öwreniş muzeýi açyldy. Bu ýurdumyzyň durky täzelenen baş milli muzeýiniň bir şahamçasy bolup, onuň giň
göwrümli zallarynda türkmen halkynyň ýaşaýşyna we
durmuşyna degişli, şeýle hem Türkmenistanyň tebigaty
175
Gökdepe galasynyň goragçylary
12*
barada köp sanly eksponatlar gelenleriň ünsüni özüne
çekýär.
Hudaýa şükür, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy
bilen Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda dünýä ülňülerine ga­
bat gelýän täze muzeýler yzly-yzyna açylyp dur. Häzirki döwürde
paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň Balkanabat, Mary,
Türkmenabat, Köneürgenç ýaly şäherlerinde muzeýe niýetlenen
binalaryň gurluşygy güýçli depginde al­nyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
2009-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenabat şäherinde geçen
Ýaşulularyň maslahatynda çuň manyly çykyş edip şeýle diýdi: «Her bir obanyň öz hakyda hem-de ýazuw taryhy bolmalydyr, adamlar öz meşhur obadaşlaryny, olaryň zähmet
we durmuş edermenligini, eziz obasynyň ösmegine goşan
goşandyny bilmelidir. Olaryň atlary obanyň Hormat kitabyna
ebedi ýazylmalydyr. Mekdebiň ýanynda obanyň taryhy bilen
bagly muzeýi döretmek, oba hakynda we onuň ýaşaýjylary
barada maglumatlary ýygnamak ... zerurdyr».
Ine, wezipäniň şeýle aýdyň hem-de kesgitli goýulýan
ýerinde bitmän galýan iş ýok. Şu geçen gysga wagtyň içinde
ýurdumyzyň orta mekdeplerinde ençeme muzeýler döredildi we
öňki işläp ýörenleriň üsti täze eksponatlar bilen baýlaşdyrylýar.
Arada “Mugallymlar gazeti” gazetiniň şu ýylyň 25-nji
maýynda çykan sanynda şeýle bir maglumata gözüm düşdi:
«...Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabyndaky 41-nji orta mekdepde gysga wagtyň dowamynda muzeý döredi­lip,
onda dürli eksponatlaryň 550-den hem gowragy jemlenildi...»
Görşümiz ýaly, yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş
çykýan eken. Şeýle mekdep muzeýleriniň höwri köp bolsun!
Umuman, milletiň baý taryhy-medeni mirasyny ýaş nesle ýetirmek iň bir derwaýys wezipeleriň biridir.
Mekdep muzeýleriniň işini kämilleşdirmäge Ahal
welaýatynda hem aýratyn üns berilýär. Welaýat häkimligi
tarapyndan yglan edilen «Täze Galkynyşlar zamanasynyň oba
muzeýleri» atly bäsleşik bu ugurda öňe ädilen uly ädimdir.
Hormatly
Prezidentimiziň
atasy
Berdimuhamet
Annaýewiň köp wagtlap müdir bolup işlän Babadaýhan
etrabynyň «Täze ýol» obasynda ýerleşýän 6-njy orta mek­
178
debindäki muzeýde edermen esgeriň gahrymançylykly
söweş ýoluna, şeýle hem onuň zähmetsöýerligine bagyşlanan
eksponatlar diňe bir mekdep okuwçylarynda däl, eýsem, oba
adamlarynda-da uly gyzyklanma döredýär.
Ýurdumyzda şeýle muzeýleriň hatarynyň barha artmagy hormatly Prezidentimiziň ady bilen gönüden-göni
baglanyşyklydyr. Sebäbi onuň aňyrsynda milli Liderimiziň
atalyk aladasy dur.
Hawa, men özümiň muzeýler baradaky şu makalamyň soňu­
ny ýene-de «Gökdepe» milli muzeýine syrykdyrmakçy bolýaryn.
...Aýlar aýlanar, ýyllar dolanar. Wagtyň ümzügi öňe, ol
suw ýaly akyp dur, asyrlar geçer. Heňňam garramaz. Gökdepeli gerçekleriň gahrymançylygy hiç wagt unudylmaz, ol
halkymyzyň kalbynda baky ýaşar, geljekki nesiller ata-babalaryna tagzym edip, olary ýagşylykda ýatlarlar.
Bu muzeýiň açylmagy aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup, ol jemgyýetçilik seslenmesini döretdi. Bu gün Gökdepäniň
taryhy tutuş türkmeniň taryhy bolup ýaňlanýar.
Milli medeniýetimiziň ösmegine, özgermegine, galkynmagyna itergi berýän, saldamly goşant goşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatdaky
alyp barýan işleri hemmeleriň gözüne ilýär. Halk arasynda
aýdylyşy ýaly, Aý dogsa älem görýär.
Dek täzelikde, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko biziň ýurdumyzda resmi saparda bolup, ol
Türkmenistanda milletiň ruhy galkynyşy barada şeýle hem
milli medeni mirasy gorap saklamakdaky alnyp barylýan
işlere — amala aşyrylýan syýasata özüniň, çyn ýürekden guwanýandygyny aýtdy.
Enşalla, şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň
Baş milli muzeýiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň
muzeýiniň açylyş dabarasy bolýar. Onuň ählihalk baýramçylygyna öwrüljekdigi ikuçsuzdyr. Çünki hormatly Prezidentimiz halkyň ykbalyny gerdeninde göterýän Gerçekdir, ol
eziz halkyny özüniň iň ygtybarly daýanjy, Garaşsyzlyga guwanmagy, Watany, halky söýmegi bagt hasaplaýar.
Iýun, 2009-njy ýyl.
179
15. Garagum çölünde
suw tolkun atdy
T
utuş goja Zemine ýaň salýan, dünýä jemgyýetçiliginde
uly gyzyklanma we seslenme döredýän şanly wakalar,
elbetde, durmuşda şeýle bir köp bolup baranok.
Ine, diňe bir türkmeniň däl, eýsem, bütin dünýä taryhynyň
sahypasyna altyn harplar bilen ýazyljak, hiç wagt, hiç bir zamanda ömürbaky ýatdan çykmajak şeýle wakalaryň ýene-de
biri biziň Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň durmuşynda
bolup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda bolup geçen
giňişleýin mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda «Beýik
Galkynyş eýýamynyň her ýyly, her aýy, her hepdesi, her güni
ýeňişlere, üstünliklere beslenýär» diýip aýtdy we Zeminiň iň
uly we gadymy çölleriniň biri bolan uç-gyraksyz Garagumuň
jümmüşinde gurulýan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ilkinji
nobatdakysynyň işe giriziljekdigini buýsanç bilen buşlady.
Dogrusyny aýtsak, şol dabaraly pursada biziň hemmämiz sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. Türkmen suwuň ga­
dyryny bilýän halk, onuň her bir damjasyny altyn dänesine,
zere meňzedýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuha­me­dowyň
parasatly pähimleriniň birinde şeýle dogaýy sözler bar:
180
«Geçmişde biziň ata-babalarymyz suwuň her damjasyny
altyna deňeýär, oňa Allatagalanyň beren iň gymmatly baýlygy hökmünde togap edip, keramat hökmünde garapdyrlar.
Şöhratly taryhymyzda merdanalygy, pähim-paýhasy, para­
satlylygy we edermenligi bilen özüni tanadan pederlerimiz
yssy howa şertlerinde suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin howdanlary, kärizleri, topragyň gan damarlary
ýaly bolup görünýän köp sanly suw ulgamlaryny gurupdyrlar, şerbet suwuň her damjasyny isrip etmän peýdalanmagy
başarypdyrlar».
Mysaly daşdan gözläp ýörmeli däl. Hormatly
Prezidentimiziň öz pederleriniň hem gadymy Oguzkendiň-Yzgandyň gaýrasyndaky gum içinde guýulary bolupdyr.
Atak guýusy diýen at bilen tanalýan bu guýynyň jana şypa
beriji suwundan häli-häzirem peýdalanylýar. Bu guýynyň
başynda düşläp geçýän ýolagçylaryň, mallaryny suwa
ýakýan çarwalaryň ýürekden çykýan alkyşlaryny diňlemek
şu setirleriň awtoryna hem köp gezek miýesser edipdi.
Ýeri gelende aýtsak, aslynda Yzgant obasynyň özi Altyýap derýajygynyň (Çüli çeşmesiniň) aýagujynda ýerleşýär.
Taryhy maglumatlarda habar berlişine görä, «Yzgandyň suwarymly meýdany XIX asyryň aýaklarynda 140 desýatine
barabar bolupdyr (1 desýatine 1.09 ga deňdir), suwarymsyz
ýerleriň meýdany 400 desýatin, ot ýatyrylýan ýerleriň meýdany bolsa 100 desýatine barabar bolupdyr».
Hawa, bular we beýlekiler barada «Mugallym, esger,
ilhalar ynsan. Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly» (A.,2008) atly ylmy-resminamalaýyn neşirde
giňişleýin gürrüň berilýär.
Men bu gün bu taryhy maglumatlary ýatlamak
bilen, çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň pederleriniň hem suwa keramat hökmünde garap, il alkyşyna mynasyp bolandygyny ýene bir
gezek nygtamak isleýärin.
Atalaryň arzuwyny wysal edýän, amala aşyrýan Agtyk durmuşyň ähli babatlarynda il-gününiň bähbidini
araýar, aslynda ol Garaşsyzlyga guwanmaklygy Watany,
halky söýmegi, olara hyzmat etmegi özüne bagt saýýar. Öz
181
mähriban halkynyň ykbalyny gerdenine alan Prezidentimiz
bu gün dünýä derejesinde tanalýan hem-de hormatlanylýan
Şahsyýete öwrüldi, Watanymyzyň at-abraýyny artdyrdy.
Ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurulýan bu
köl täze—üçünji müňýyllygyň gudratly desgasy bolup, ol
Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraýyna abraý goşar.
Elbetde, Beýik Galkynyş eýýamynyň ýyl ýazgysyna ebe­
dilik girjek «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýa-da başgaça
aýtsak, Garagumuň uç-gyraksyz giňişliklerinde adam eli
bilen döredilen emeli deňziň gurluşygy ýeňil-ýelpaý iş däl.
Ýurt Baştutanymyzyň adalatly aýdyşy ýaly, bu ägirt uly
taslamanyň aňyrsynda, düýp-teýkarynda uly erjellik hem
hyjuwly, joşgunly zähmet ýatyr. Has dogrusy, il Oglunyň —
hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy,
ýokary guramaçylyk ukyby, tutanýerliligi, berk talabedijiligi
bar.
Bu bitirilen işiň nähili ummasyzdygyny, çäksiz uludy­
gyny göz öňüne getirmek üçin hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz sözlerine salgylanalyň:
«Bu taslamany amala aşyrmak üçin Garagum çölüniň
içinden uzynlygy 2600 kilometr bolan akaba gazyldy. Bu ägirt
uly işdir. Ol edil ikinji Garagum derýasyny çekeniň bilen
deňdir».
Uly nesliň ýadyndadyr. Öňki döwürde Garagum
derýasyny çekmek üçin ençeme onýyllyklar gerek bolupdy.
Häzirki gürrüňi edilýän desga bolsa bary-ýogy dokuz ýylyň
içinde bina edildi. Eýsem, muňa Garaşsyzlygyň gudraty
diýmän, başga näme diýjek?!
«Altyn asyr» Türkmen köli, sözüň doly manysynda Beýik Galkynyş eýýamynyň gudratyna öwrüldi. Garagumy gülzarlyga öwürjek akylyňy haýrana goýýan bu köl
ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze
mümkinçilikleri döreder, hasylyň enesi hasaplanýan suw
serişdelerini gorap saklamaga, ony rejeli peýdalanmaga
Diýarymyzyň çäklerinde, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýada
daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmaga ýakyndan
ýardam eder.
182
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow “Altyn asyr“
Türkmen kölüne ak pata berýär
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy giň gerim alýar
“Altyn asyr“ Türkmen köli
Hawa, sanlyja ýylda, ýagny bary-ýogy 10-15 ýylyň içinde
«Altyn asyr» Türkmen köli suwdan doldurylar. Maglumat
üçin aýtsak, her ýylda bu köle minerallaşan ýerasty suwlaryň
10 milliard kub metri akdyrylar, tebigy Garaşor çöketligi
bolsa onuň hanasyna öwrüler. Kölüň umumy göwrümi 132
milliard kub metre, suw örtüginiň meýdany bolsa iki müň
inedördül kilometre golaýlar. Garaşor çöketligindäki emele
geljek köli göz öňüne getirmek üçin onuň uzynlygynyň 103
kilometre, ininiň bolsa 18,6 kilometre, ortaça çuňlugynyň hem
tas 70 metre golaýdygyny aýtmak gerek.
Ýurdumyzyň çäklerinde emele gelýän şor suwlary bu
çöketlige — «Altyn asyr» Türkmen kölüne iki sany baş akaba
boýunça getiriler. Olaryň biri Baş şor suw akabasy bolup, ol
özüniň başlangyjyny Lebap welaýatynyň çäklerinden alyp
gaýdýar hem-de ýolugra Mary, Ahal we Balkan welaýatynyň
çäklerindäki şor suwlary özüne birleşdirýär. Onuň uzynlygy 720 kilometre deňdir. Beýleki akaba bolsa Daşoguz akabasydyr, onuň uzynlygy hem 381 kilometrdir. Welaýatlaryň
çägindäki şor suw akabalarynyň umumy uzynlygy bolsa
1553 kilometre barabardyr.
Beýik Galkynyş we täze özgertmeler zamanasynda altyn
aşygy alçy gopan, ykbaly göterilen türkmeniň durmuşynda,
ýaşaýşynda bu kölüň tutjak orny, ähmiýeti diýseň uludyr.
Altyn asyryň Altyn kölüniň birinji nobatdakysynyň
gurluşygynyň tamamlanmagy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň halk hojalygy üçin, ilkinji nobatda hem
maldarçylyk üçin ýetirjek oňaýly täsiri örän bimöçberdir.
Dowarlaryň, şeýle hem düýeleriň baş sany yzygiderli artar,
olaryň ot-iým üpjünçiligi düýpli gowulanar.
Ýurdumyzyň alymlarynyň we hünärmenleriniň
tassyklamaklaryna görä, dünýä ýaň salýan «Altyn asyr»
Türkmen kölüniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy netijesinde Diýarymyzyň dürli pudaklarynda düýpli özgerişler
bolar. Mysal üçin, häzirki wagtda zeý suw zyňyndylarynyň
aşagynda galan 406 müň gektar öri meýdanlar dikeldiler,
olar oba hojalyk dolanyşygyna giriziler. Döwletimiziň öri
meýdanlarynyň 1,5 million gektarynyň suw üpjünçiligi
188
gowulanyp, olaryň önümliligi has ýokarlanar. Garaşor we
Zeňňi baba çöketlikleri ýurdumyzda balykçylyk pudagyny
ösdürmäge hem-de balyk tutmagyň möçberini ýylda 32 müň
tonna ýetirmäge mümkinçilik döreder...
Görşümiz ýaly bu kölüň halk hojalygyna ýetirjek peýdasy ýokary, olaryň hemmesini sanap oturmagyň, belki, hajaty hem ýokdur. Ýöne ýene-de bir has möhüm meseläni agzamasak, onda bu baradaky söhbetimiz gaty guraksy bolar,
has dogrusy, bärden gaýdar.
Adam her bir jemgyýetde hem baş baýlyk hasaplanýar.
Diýmek, onuň sagdynlygy hakyndaky alada döwlet derejesine göterilýär. Ine, bu babatda «Altyn asyr» Türkmen
kölüniň bitirjek hyzmaty hem kiçi-girim däl. Ýurdumyzda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
  • Parts
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 1900
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 1999
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 1971
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2053
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1966
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
    Total number of words is 3516
    Total number of unique words is 1933
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1844
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1848
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
    Total number of words is 3399
    Total number of unique words is 1837
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10
    Total number of words is 3060
    Total number of unique words is 1718
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.