Latin

Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1

Total number of words is 3526
Total number of unique words is 1900
31.5 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ATA
ARZUWYNY
AMALA
AŞYRÝAN
AGTYK
Aşgabat
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
2009
UOK 37.0+957.54
J 88
J 88
T.Jürdekow
Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk. — A.: Türkmen döwlet
neşirýat gullugy, 2009.
Bary-ýogy birki ýylyň içinde ady äleme dolan, goja Zeminde
giňden tanalýan hem-de hormatlanylýan Şahsyýete öwrülen milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistany Altyn asyryň ak ýolundan bedew bady bilen öňe alyp
barýar.
Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtygyň - belent mertebeli
Prezidentimiziň Beýik Galkynyş zamanasynda il-ýurt bähbitli alyp
barýan käbir işleri, gündelik gözlegleri eliňizdäki kitapda bellibir
derejede öz beýanyny tapýar.
Bu neşir ýurdumyzyň Baş arhiw müdirliginiň we
Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasynyň maglumatlaryna,
şeýle hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň
beýleki taryhy çeşmelere esaslanyp ýazan makalalaryny özünde jemleýär.
Elbetde, munuň özi hormatly Prezidentimiziň terjimehaly bilen
baglanyşykly ýazylan ilkinji synanyşyklaryň biridir. Onuň geljekde
has giňden öwreniljekdigi we baýlaşdyryljakdygy bolsa jedelsiz hakykatdyr. Çünki Türkmeniň ykbalyny gerdene alan gerçek Ogul baradaky ýazgylar Watan, halk baradaky ýazgylardyr, oňa bolsa gutarma
ýokdur. Sebabi olar bir bitewi jebislikdir, keramatdyr, keremdir.
TDKP № 169,
2009
KBK 74.04(2Tü)+63.3(2)
© T.Jürdekow, 2009.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW
4
Hormatly Prezidentimiziň atasy
Berdimuhamet Annaýew
Hormatly okyjy!
B
elent
mertebeli
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimuhamedowyň adalatly aýdyşy ýaly, “Beýik
Galkynyş eýýamynyň her ýyly, her aýy, her hepdesi,
her güni ýeňişlere, üstünliklere beslenýär”.
Dogrudan hem, bedew bady bilen okgunly öňe barýan
Diýarymyzda, durmuşyň ähli babatlarynda, şu günki
ýetilen sepgitden ertirki ösüşler has ýokarydyr. Şonuň üçin
hem siziň dykgatyňyza hödürlenýän makalalardaky mag­
lumatlara, olaryň öz ýazylan döwri boýunça garalmalydyr.
***
Bu makalalar toplumyny ýazmak meýli mende, dog­
rymy aýtsam, “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal” atly
kitaby okanymdan soň döredi. Ýöne akademik Ata Jykyýewiň
“Yzgant-oguzkent” atly örän täsin hem gyzykly ylmy makalasy şol meýlimiň çaltlaşmagyna, wysal bolmagyna bellibir
derejede itergi berdi.
Men söhbetimi kitaply meselä syrykdyrmakçy.
Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli
kitaphanasynyň hazynasynda 5,5 milliondan hem gowrak
dürli neşir önümleri saklanýar. Şol kitaplary bir hatara düzüp
goýsaň, onda olaryň uzynlygy 40 kilometre çenli uzap gider.
Indi, göz öňüne getirip görüň, gürrüň diňe bir kitaphananyň
hazynasy hakynda barýar. Şeýle kitaphanalaryň sany bolsa
Ýer togalagynda juda kän.
6
Meniň bu deňeşdirmäni ulanýanlygymyň düýp sebäbi,
dünýäde neşir önümleriniň sanynyň köpdügini, olaryň umman ýaly bir zatdygyny nygtamak isleýärin. Elbetde, çap
edil­ýän kitaplaryň baryny okamak, hatda olar bilen ýüzleýje
tanyşmak hem mümkin däl, dogrusy, ol hökman hem däl.
Ýöne bir zat welin hemmä aýan. Näçe köp okap bilseň
okamaly, çünki adamyň başgazany aşgazan ýaly däl, onuň
asla doýdum-doldumy ýok.
Men özüm-ä kitap bilen iş salyşýan hünärmen, galyberse-de, ýazyjy hökmünde belli-belli şahslar hakynda ýazylan
kitaplara aýratyn sarpa goýýaryn, olary mümkinçiligim bolsa, gyzgyny bilen okamagy halaýaryn. Megerem, hut şonuň
üçin bolsa gerek, hormatly Prezidentimiziň gyzgaça terjimehalyny uly höwes bilen gaýtalap-gaýtalap okadym.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow ykbalyň emri bilen, juda gysga wagtyň
içinde dünýä derejesinde tanalýan hem-de hormatlanylýan
uly Şahslaryň birine öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz galkynyşyň täze basgançagyna, ýagny Beýik Galkynyş
eýýamyna gadam basdy, ýurdumyzda täze özgerişlikleriň
döwri başlandy. Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýy has-da belende galdy. Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbir döwletleriň iň ýokary
ordeni bilen sylaglanmagy, onuň ähli adamzat bähbitlerine
laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilikli, progressiw syýasatyň
awtory hökmünde ykrar edilmegi ýokarky aýdanlarymyzyň
subutnamasy bolup durýar.
Hawa, hormatly Prezidentimiz baradaky her bir maglumat diňe meniň üçin däl, eýsem tutuş türkmen halky, dünýä
jemgyýetçiligi üçin hem örän gymmatlydyr.
Enşalla, gürrüňi edilýän bu kitabyň, ýagny gysgaça
terjimehalyň höwri artar, onuň geljekde gerimi has-da giňär.
Sebäbi döwlet Baştutanymyzyň ykbaly Watanyň, halkyň ykbalydyr. Ol Garaşsyzlyga guwanmagy, Watany, halky söýmegi özüne bagt hasaplaýar. Ol öz halky, Watany bilen bir ten,
bir jan bolup ýaşaýar, olary biri-birinden üzňe, aýra göz öňüne
getirmek asla mümkin däl. Diýmek, Prezidentiň terjimehaly
Watanyň, halkyň terjimehalydyr.
7
Türkmen aga, adatça, kimdir biri hakynda düýpli gürrüň
etjek bolsa, ol hökman onuň aňyrsy bilen gyzyklanýandyr.
Sebäbi daragtyň köki onuň tutuş durkunyň daýanjy bolup
durýar.
Şu nukdaýnazardan çemeleşip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan il-ýurt bähbitli käbir işleri dogrusynda “Ata arzuwyny amala aşyrýan
Agtyk” atly makalalar toplumynyň üstünde işläp başladym.
Olardan käbirini okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi müwessa
bildim.


Awtor
8
1. Peder kesbi
“B
erdimuhamedowlaryň köki uzaklara ýaýrap gid­
ýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň atasy
Berdimuhamet Annaýew 1904-nji ýylda Gökdepe
raýonynyň Yzgant obasynda garyp daýhan maşgalasynda
eneden bolýar” diýlip, gysgaça terjimehalda bellenilýär. Yzgant! Akademik A.Jykyýewiň Yzgant baradaky makalasynyň
name üçin maňa itergi berendigine indi düşünen bolsaňyz
gerek. Alymyň ylmy derňewler esasynda gelen netijesine
görä “Yzgant – munuň özi aslynda Oguzlaryň şäheri diýmegi
aňladýar”.
Yzgandyň, ýagny Oguzlaryň şäheriniň has irki döwürleri barada, onuň geçmiş taryhy dogrusynda agyz dolduryp
gürrüň edip biljek däl, ýöne…
Bu oba bilen baglanyşykly XIX asyryň ahyrlarynda we XX
asyryň başlarynda ýaşap geçip, türkmeniň şöhratly taryhyna
önjeýli goşant goşan käbir şahslar dogrusynda kelam-agyz
aýdylsa kem bolmazdy.
Hawa, Kel bagşy ady bilen tanalýan Allaberdi Aýdogdy
ogly 1850-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda
daýhan maşgalasynda dünýä inipdir. Kel bagşy öz döwrüniň
meşhur sazandalary bolan Gulgeldi ussa, Amangeldi Göni,
Sary bagşy ýaly sazandalar bilen ýygy aragatnaşykda bolupdyr, olar bilen häli-şindi duşuşyp, ukybyny kämilleşdiripdir,
ussatlygyny artdyrypdyr. Elbetde, şol döwürlerde biziň il­lerde
saz ýazgylaryny etmäge mümkinçilik bolmansoň, onuň çalan
sazlarynyň ýazgysy biziň döwrümize gelip ýetmändir. Ýöne
onuň döreden “Hatyja”, “Jerenim”, “Suwa geledir”, “Kep-
9
Prezidentiň atasy
B.Annaýew
deri”, “Ak eşekli” , “Ýusup owgan” ýaly sazlary häli-häzirem
bagşy-sazandalarymyzyň repertuaryndan düşmän gelýär. Bu
döredilen sazlar onuň örän ýiti zehinli, ussat dutarçy bolanlygyndan habar berýär. Kel bagşy Mylly Täçmyradyň (1886—
1960 ý.) ilkinji mugallymy bolupdyr. Mylly aga öz döwründe
şu sözleri köp gaýtalan eken: “Kepderini” Kel bagşy çalanda
hakyky kepderi bolýar, biz çalanymyzda gögerçin bolýar”.
Hawa, 1923-nji ýylda aradan çykan Kel bagşynyň ady
türkmen sazynyň şöhratly taryhyna ebedilik girdi.
Yzgant bilen baglanyşykly gürrüň edilende ýene-de bir
adamynyň ady hakydaňda janlanýar. Ol 1889-njy ýylda şol
obada doglan Seýitmyrat Öwezbaýewdir. Onuň ýörgünli ady
Öwezbaý bolupdyr.
Öwezbaýyň öz galdyran ýazgysynda şeýle setirler bar:
“Kakam pars hem arap dillerinde gowy gürleýärdi. Türkmeniň
geçmişine hem edebiýatyna diýseň beletdi, onuň janköýeridi.
Çatmamyz haçan görseň edebiýat üýşmeleňi ýalydyr.
… Ýekeje harp tanamaýan çaga halyma kakam maňa 200den gowrak goşgyny ýat tutdurdy. Men olardan sansyz köp
halk pähimini susup aldym”.
Öwezbaýyň örän akylly adam bolandygyny Gaýgysyz Atabaýewiň sözleri bilen hem delillendirip bileris. Ol:
“Adam­lar, biler bolsaňyz, Öwezbaýyň agramy elli kilogramdan geçmez, onuň 49-sy bolsa akyldyr. Şuňa ynanaýyň” diýer
eken.
Seýitmyrat Öwezbaýew 1920-nji ýyllarda edebi döredijilik bilen hem meşgullanyp başlapdyr. Ýöne, name üçindir,
ol özüniň müň sahypadan hem gowrak ýazan eserlerini otlapdyr, ýakyp-ýandyrypdyr. Onuň 1927-nji ýylda “Turkmenowedeniýe” žurnalynda çapdan çykan “Gönübek” atly
oçerkindäki şu setirleri tolgunman okamak mümkin däl:
“…Watan üçin, bala-çagalarymyz üçin iň soňkymyza
çenli başymyzy goýarys. Boýnumyza syrtmak dakmaklaryna
welin, eger-eger razy bolup bilmeris. Bu toprak mukaddesdir.
Ol diňe goramaga hem onda gubura öwrülmäge mynasypdyr”.
11
Hormatly Prezidentimiziň atasy
Berdimuhamet Annaýew öz
kärdeşleriniň arasynda
Ine, şeýle mukaddes topragyň goragçylarynyň biri-de Yzgantda doglan, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň
adyny arşa göteren hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewdir. Geliň, ýene-de “Gysgaça terjimehala”
dolanalyň. Onda şeýle setirler bar: “Berdimuhamediň çaga­
lyk ýyllary agyr geçýär.
Ol ýaňy üç ýaşyna ýetende, kakasy Anna aga aradan
çykýar we garry enesiniň elinde terbiýelenýär. Berdimuhamet
ýigit çykanyndan soň, öz hojalyklarynda daýhançylyk bilen
meşgullanyp başlaýar. 1926-njy ýylyň başlarynda Aşgabat
şäherindäki mugallymlary taýýarlaýan üç aýlyk kursy
tamam­lap, ol köp ýerlerde, ýagny Gazanjyk (häzirki Bereket
etraby) raýonynyň Parow obasynda, Gökdepe raýonynyň
Yzgant, 1-nji Birleşik obalarynda, şeýle hem Kirow (häzirki
Babadaýhan etraby) raýonynyň “Gyzyl çarwa” kolhozynda
mekdep mugallymy, direktory wezipelerinde işleýär.
Ol soňra Watan ugrundaky söweşlere gatnaşyp, türkme­
niň goç ýigidine mahsus bolan edermenlik görkezýär,
söweşleriň birinde agyr ýaralanýar. Netijede, uruşdan II topar
maýyp bolup öýüne dolanýar. Berdimuhamet ýene-de öz
söýgüli kärine başlaýar, fronta gitmezinden ozal ýolbaşçylyk
eden mekdebine direktor edilip bellenilýär. “…1946-njy ýylyň
güýzünden başlap bolsa Gökdepe raýonynyň 1-nji Birleşik
oba Sowetiniň Kuýbyşew adyndaky kolhozynyň 16-njy orta
mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, türkmen dili we
edebiýaty mugallymy, okuw bölüminiň müdiri bolup işledi,
birneme soňrak bolsa raýon bilim bölüminiň usulyýet kabinetine müdirlik etdi”.
Arman, 1948-nji ýylyň elhenç ýertitremesi başga-da köp
adamlar bilen bir hatarda özüniň tutuş manyly ömrüni magaryf işine bagyşlan, öz işiniň ussady, Türkmenistanyň at gaza­
nan mekdep mygallymy, Beýik Watançylyk urşunyň gowgaly
günlerini başdan geçiren Berdimuhamet Annaýewi hem alyp
gitdi, onuň ömür tanapyny kesdi.
“Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç
Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal” at­ly ki­tap­­da ýer­
leşdirilen 120-nji (2.XI. 1948ý.) buýrugyň surat-nus­­ga­­syny
okanymda tolgunmadan ýaňa damagym doldy.
13
Mälikguly we Ogulabat Berdimuhamedowlar
ogullary Gurbanguly bilen
“1-nji noýabr 48-nji ýyldan başlap Annaýew Berdimuhamedi metod kabinetiniň müdirliginden ýertitremesi zerarly
aradan çykanlygy sebäpli işinden boşatmaly”.
Ýeri gelende aýtsam, şu setirleriň awtory hem şol pajygaly wakany başdan geçirip, aman galan adamlaryň biri. Şonuň
üçin hut şu gün hem, ýagny tas 60 ýyldan soň şol ýitgä meniň
ýüregim sessiz aglaýar. Elbetde, iş bitiren il ogullary biziň
ýurdumyzda hiç wagt unudylmaýar.
Megerem, ömrüni magaryfa bagyşlan Berdimuhamet
Annaýewiň ady onuň öz mekdeplerine dakylsa, biziň merhuma goýýan uly sarpamyzdan, hormatymyzdan bir nyşan
bolardy. Ol şoňa ussat magaryfçy, galyberse-de, urşa gatnaşan
edermen esger hökmünde hem doly mynasypdyr. Meniň bu
teklibim il-günümiz tarapyndan goldanylsa gerek.
Hawa,
hormatly
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly aga hem ata kesbini dowam etdirenleriň biri. Onuň zähmet ýoly mugallym­
çylykdan başlanýar. Gurbanguly Berdimuhamedow he­niz
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minis­
trikä “Garagum” žurnalynyň (1, 1999 ý.) habarçysy bilen eden
söhbetdeşliginde şeýle diýýär: “Hawa… Berdimuhametden
iki ogul bolýar: ulusy Mälikguly meniň kakam, kiçisi Amanguly. Kakam hem mekdepde mugallymçylyk eden. Rýazanyň
harby uçilişşesini tamamlaýar. Soňra Içeri işler ministrliginiň
sistemasyna işe geçýär.
…Içeri işler sistemasynda 28 ýyl zähmet çekip, pensiýa çykdy. Ýöne häzirem “Men pensiýadadyryn” diýip,
gol gowşuryp oturanok… Bir söz bilen aýdylanda, kakam
özüniň ilki zähmet ýoluna başlan kärine ugurdaş käre-pedagog kärdeşleriniň arasyna gaýdyp geldi.
…Diýmek, mende: “Men – pedagoglaryň maşga­la­
syndan!” diýmäge esas bar”.
Hormatly Prezidentimiziň on ýyl töweregi mundan
öň aýdan şol sözlerinde çuňňur many bar, onuň aňyrsynda
durmuş hakykaty ýatyr.
Türkmen aga “Ata kesbi ogla halal” diýip ýöne ýere
aýtmaýan bolarly. Görşümüz ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap
Diýarymyzyň tutuş halky tarapyndan uly goldawa myna­syp
16
Hormatly Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly aga
2*
Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat eje
bolan
hormatly
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimuhamedowyň “Bissimilla” işe başlanyndan ylym, bi­
lim baradaky edýän uly atalyk aladasynda hiç hili tötänlik ýok
eken. Bu wajyp wezipäniň gözbaşynda arkama-arka gelýän
kesbi-kärden daşgary hem döwlet Baştutanymyzyň juda
öňdengörüjilikli syýasaty ýatyr. Ol diňe bir şu günüň ýa-da
ertiriň aladasyny etmän, uzak geljegiň hem aladasyny edýär.
Bu alada Altyn asyryň altyn nesli baradaky, ata Watanyň
gülläp ösmegi hakyndaky aladadyr, Garaşsyz, baky Bitarap
Diýaryň halkara abraýynyň mundan buýana hem artmagy,
ýokarlanmagy ugrundaky aladadyr.
Hawa, öňde bir akyldar kişi diýenmişin: “Eger-de seniň
ýaşaýyş-durmuş aladaň bary-ýogy bir ýyllyk bolsa, onda sen
bugdaý ek. Ýok, ol aladaň bäş-on ýyla niýetlenen bolsa, onda
miweli, ir iýmişli bag ek. Eger-de seniň bu aladaň has uza­
gyndan bolsa, onda sen durmuş, ýaşaýyş dowamat dowam
bolar ýaly, öz nesliňe mynasyp terbiýe ber, ony bilimli-derejeli, hatly-sowatly et”.
Bilim bakylygyň alamaty. Ýyldyzlar asmany bezeýän
bolsa, bilim adamyny bezeýär. Şu ýerde meniň ýene-de bir
tymsala ýüzlenesim gelýär.
Üstümizdäki 2007-nji ýylda doglanyna 800 ýyl dolýan
Gündogaryň meşhur akyldary Jelaleddin Rumynyň ölmez-ýitmez eserleriniň birinde şeýle bir waka teswirlenýär.
...Hindistanyň bir ýerlerinde bakylyk daragty barmyş,
onuň miwesinden dadan adam hiç wagt garramaýarmyş,
ölmeýärmiş diýip eşiden bir hökümdar öz hyzmatkärle­
rinden birini şol ýurda gönderenmişin. Ýöne onuň bellibir
bogan sübsesi bolmandyr, irginsiz gözlegler hiç hili netije
bermändir. Ahyry paltasy daşa degen hyzmatkär yzyna
dolanmazdan burun, şol ýurtda ýaşaýan ady älem-jahana
dolan dana bir kişi bilen söhbetdeş bolup, geçen ahwalaty
gürrüň beripdir.
Dana şeýle diýen: “Bir zady biliň,
Ol daragtyň ady – bilimdir, bilim.
Onuň şaha-pudaklaryna san ýetmez,
Datly miwesine her ynsan ýetmez.
19
Hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly aga
Yzgandyň mekdep muzeýinde
Öý ýykar diýýärler öteräk eşden,
Salgyma çapypsyň sen ozal başdan.
Diňe şol daragtyň miwesin dadan
Baky ýaşar, bolar bagtyýar adam...”
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň nobatdan daşary V gurultaýynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary V gurultaýynyň bilelikdäki
mejlisinde sözlän çuň manyly taryhy sözünde şeýle diýýär:
“...Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişenimden
soň, meniň ilkinji gol çeken Permanym we beýleki resminamalarym ýurdumyzyň okuw-terbiýeçilik edaralarynyň işini
kämilleşdirmäge gönükdirilipdi. Häzir bu ugurda işler güýçli
depginlerde alnyp barylýar”.
Biz bu hakykatyň janly şaýady. Bilimdir ylym ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler bimöçber, olar göwnüňi
göterýär, täze ýeňişlere ruhlandyrýar, döwlet Baştutanyna
bolan hormatyňy artdyrýar.
Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde
talyplaryň 3715-si sapaklara girişdiler. Munuň özi geçen ýyldakydan 540 talyp köpdür. Şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine türkmenistanly talyplaryň köp sanlysy kabul edildi.
Biziň bu getiren mysalymyz deňizden bir damjadyr. Hudaýa şükür, bitirilýän işleri sanasaň sogaby bar. Elbetde, ýokary hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzda yglan edilen,
ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleriniň esasyny düzýär.
Hormatly Prezidentimiz bu barada söz açyp şeýle diýýär:
“... Men halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşlaryny
ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin. Biziň bu
ýolumyz kämilleşmegiň ýoludyr. Mähriban halkymyzyň,
ata Watanymyzyň durmuşynda ykbal kesgitleýji ýoldur.
Bu ýol biziň ýaşlarymyzy sowatly, bilimli-terbiýeli, giň
dünýägaraýyşly, ruhy-ahlak taýdan sagdyn, ynsanperwer
adamlar edip ýetişdirmegiň ýoludyr”.
Diňe bir bilim ulgamynda däl, durmuşyň ähli babatynda bolup geçýän täze Galkynyşlar, özgertmeler türkmen
22
döwletiniň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň ýokary
dur­muş derejesiniň üpjün edilmegine ýardam edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy arşa
göterilýär...
Bu bolup geçýän ösüşleriň, özgerişleriň gözbaşynda duran, türkmeniň ykbalyny täze galkynyşlara göteren Il Ogly
Gurbanguly Berdimuhamedowyň üýtgeşik ýolbaşçylyk
başarnygynyň, guramaçylyk ukybynyň bardygy jedelsiz
hakykatdyr.
Bu barada söz açyp: “Hakykatdan hem Siziň bagtyňyz
getirdi, döwrebap oýlanmagy başarýan, öňdengörüji ýolbaşçy
edindiňiz. Munuň özi häzir özünde bar bolan üstünliklere
daýanyp, öňe okgunly hereket etmek üçin türkmen halkyna
berlen taryhy mümkinçilkdir” diýip, Gruziýanyň Prezidenti
Mihail Saakaşwili belleýär. Ol, elbetde, müň keren mamla.
...Hawa, 1948-nji ýyldan bäri är ömri geçipdir. Şol ýylyň
pajygaly ýertitremesinde wepat bolan baýry magaryfçy, ussat
mugallym, edermen watançy esger, hormatly Prezidentimiziň
atasy Berdimuhamet Annaýewiň şol wagtky eden ýürek
arzuw­lary wysal bolýar.
Bäş müň ýyllyk taryhly türkmenimde şeýle bir aýdylýan
gep bar: “Dirä gümän, ölä aýan”. Diýmek, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda bolup geçýän bu uly-uly özgerişler olaramerhumlara, şol sanda Berdimuhamet aga-da aýan bolmaly.
Bu ösüşlere, özgerişlere, olaryň ruhy, gör, nähili şatlanandyr.
Atanyň şol pajygaly gijede ak guwlara öwrülip uçup
giden ak arzuwlaryny onuň agtygy – hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirýär. Şeýle
sogap işleriň hemaýatkäri hem-de howandary, ata kesbinden kemal tapan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň edeni oňuna, işleri rowaç bolsun !
Oktýabr, 2007-nji ýyl.
23
2. Ruhy baýlyk –
baş baýlyk
Ş
ol ugurda işläp ýören hünärmen bolanym sebäpli, kitap
hakda gürrüň etmek meniň üçin örän ýakymly hem-de
lezzetli. Bäş müň ýyllyk taryhly türkmeniň kitaphonlygy
hemmä belli hakykat, ol indi bütin dünýä aýan boldy.
Hawa, 16 ýyl öň oturdylan Garaşsyzlyk daragtynyň bu
günki Baş bagbany, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow onuň aly hezreti kitap barada söhbet açyp
şeýle diýýär: “Biziň bilime, ylma aýratyn hormat goýýan
halkymyz bar. Türkmenler Oguz han döwründen bäri kitaby
iň ýokary ruhy gymmatlyk, mukaddeslik saýypdyr”.
Juda jaýdar aýdylan hem-de maňzyňa batýan pähim.
Gysgadan, çun manyly bu sözleriň aňyrsynda durmuş
hakykaty ýatyr. Aslynda, Oguz han atamyz özi Müsür
şalary ýaly turbetlere girip, özüni edebileşdirjek bolmandyr, ol halkyň aňynda, ruhunda ýaşamagy halapdyr, lazym
bilipdir.
Türkmeniň kitaphonlygy barada henize – bu güne çenli
halkymyzyň arasynda dürli rowaýatlar ýaşap gelýär.
Elbetde, türkmeniň zehinli ýazyjysy N.Saryhanowyň
“Kitap” hekaýasynda beýan edilýän bu wakany, ýagny hez­
reti Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny gola salmak üçin
özüniň guba düýesini beren Welmyrat aga barada eşitmedik
az-azdyr, belki, ýokduram.
24
Kitap bilen baglanyşykly, ynha, şu hekaýaty hem bilmek­
lik hiç kime artykmaçlyk etmese gerek.
... Mundan alty-ýedi ýüz ýyl owal Salyr Gazan atly türkmen ýaşap geçirdir. Onuň üç ogly bolup, biriniň ady Saryhan
eken. Agyr söweşlerde är işini bitireni üçin Saryhana Ärsary
lakamy dakylypdyr. Ärsary baba musulmançylygy aýaga
galdyrmak üçin ýörite Ürgenje gidipdir. Ol bu ýere baryp,
şyhlardan dine degişli käbir arap kitaplaryny türki dile terjime edip bermeklerini sorapdyr. Oňa Şerif hojany salgy beripdirler. Şerif hoja başda bu işi kyn we agyr görüpdir. Ärsary
baba bu iş üçin, ýagny hyzmaty üçin kyrk düýe berjekdigini
aýdandan soň, Şerif öňa razy bolupdyr.
Wah, 40 düýe näme, türkmen aga kitap üçin öz şirin
janyny orta goýupdyr. Munça bolanyna görä, ynha, şu rowa­
ýaty hem bilip goý, hormatly okyjy.
... Bütin jümle-jahana gan çaýkap, dünýäni lerzana getiren mongol basybalyjylarynyň gadymy Merwe aralaşan
döwri eken. Şäheriň şan-şöhraty dag aşyp, ýedi yklyma
ýaň salan baý-baý kitaphanalarynda gije-gündiz okap,
özi eser döredip ýören bir goja alym kişi özüniň gymmatly eserlerini, golýazma kitaplaryny horjuna salyşdyryp,
daşarda jylawyny çeýnäp, çarpaýa galyp duran ak ata
ýükläpdir-de, oňa bir gamçyny çalypdyr. Dünýä baýlygy­
ny arkasyna atan ýaňky at janawar ganat gerip asmana
göterilenmiş.
Bu ahwalaty synlap duran duşman gojanyň bogazyna
ýarag diräp, ondan sorapdyr:
— Dogryňy aýt, sen ýaňky ata näme ýüklediň. Gyzylmy,
kümüşmi, ýakutmy, merjenmi?..
Gojanyň göwnübir ýaly, myssa ýylgyrypdyr-da, başyny
ýaýkapdyr.
— Ýok, ol seniň ýaňky sanan zatlaryň ählisinden hem
zyýat, has gymmatly. Ony hiç bir baýlyk bilen satyn alyp bolmaýar. Ol adam aňynyň önümi, biziň ilde oňa kitap diýýärler
– diýip, alym duşmanyň göni görejine garapdyr.
Ine, ýaňky goja şeýdip, duşmanyň ganly penjesinde
galsa-da, öz şirin janyna haýpy gelmän, hiç bir gymmatlyga
çalşylmaýan kitaby ölümden ömürlik halas edipmiş.
25
Gadymy golýazma kitaplar
Hawa, ölümiň nämedigini bilmeýän ýeke-täk zat — ol
kitapdyr.
Gadymy hem müdimi türkmen halkyna mahsus bolan
okumyşlyk, kitaphonlyk, sowatlylyk G.Berdimuhamedowlaryň
maşgalasynyň hem deňinden göni geçmändir.
Geliň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky
Baş arhiw müdirligi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasynyň bilelikde taýýarlan “Türkmenistanyň Pre­
zidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow.
Gysgaça terjimehal” (A., TDNG, 2007) atly kitabyna ýene bir
gezek ser salalyň. Onuň 10-11-nji sahypalarynda hormatly
Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet aga Annaýew barada
şeýle maglumat bar.
“... Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda ol ilat arasynda sowatsyzlyga garşy işjeň göreşiji, milli mugallymçylyk mekdebiniň
görnükli wekili bolupdy. B.Annaýew gadymy kitaplary, halk
dessanlaryny, rowaýatlary we ertekileri yhlas bilen ýygnap,
halka ýaýradandygy bilen il arasynda abraý gazanypdy. Ol
mekdep kitaphanasynyň üstüni türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleri bilen doldurmaga jan edýärdi,
olaryň köpçülikleýin okalyşyny gurnaýardy, okuwçylarda
okamaklyga bolan höwesi döredýärdi (Kakasy Anna aganyň
işini dowam etdirip), munuň üçin çagalar we olaryň ene-atalary oňa çuňňur hormat goýup, minnetdarlyk bildirýärdiler”.
Ine, görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň atasy
Berdimuhamet aga, şeýle hem onuň garry atasy Anna aga-da
kitaba uly sarpa goýýan adamlar bolupdyrlar.
Men şu ýerde mundan 40 ýyl töweregi öň bolup
geçen şeýle bir wakany, has dogrusy, gulagymda galan bir
söhbetdeşligi ýatlamak isleýärin.
Moskwanyň döwlet Medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk bölümini tamamlap (1964 ý.), häzirki Milli kitaphanada
(öňki ady – Türkmenistanyň K.Marks adyndaky döwlet kitaphanasy – T.J.) birki ýyl işlänimden soň, meni Gökdepäniň
raýon medeniýet bölümine müdir edip işe geçirdiler. Şol ýerde
ykbal meni baýry magaryfçy, hut M.Kalininiň öz elinden
orden alan, pensioner Çopan aga Hanow bilen sataşdyrdy.
28
Bu hormatly ýaşuly bilen köp gezek çaý başynda söhbetdeş
bolmaklyk maňa miýesser edipdi. Ol juda köp zat bilýän
ýakymly, sypaýy adamdy.
Ine, şol duşuşyklaryň birinde, ol meniň Moskwada ýörite
kitaphanaçylyk ugurdan okuw gutaryp gelendigimi eşidip,
şeýle bir zady gürrüň berdi.
“Hawa, kitaba aýratyn sarpa goýýan, ony jany-teni bilen
söýýän adamlar bar. Men irki döwürde Gökdepe raýonynyň
halk magaryf müdirliginiň başlygy bolup ep-esli ýyl işledim.
Biziň usulyýet kabinetimizde müdir bolup Yzgantly (özüm
şol obanyň ýegeni bolanym üçin, ol at berk ýadymda galypdyr
– T.J.) bir ýigit işläpdi. Ol şol wagtlar kyrkdan geçen adam­dy,
özem urşa gatnaşandy. Bendäň ömri gysga eken. Çabga ýaly
ýagýan okdan aman galsa-da, 48-iň ýertitremesiniň pidasy
boldy. Ýatan ýeri ýagty bolsun!
Ynha, şonuň kitaphonlygyna, walla, telpek goýaýmalydy,
gözüm giderdi. Onuň bilmeýän zady, okamadyk kitaby ýokdy,
Magtymgulynyň goşgularyny ýatdan aýdar durardy. Lap edip
aýtdygym däl, kitap tapsa, oňa çöregem gerek däldi...”
Be, görseňizläň, bu bolýan zatlary. Akylym haýran
galýar. Indi seredip otursam, şol kitaphon adam hormatly
Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet aga bolup çykdy. Sebäbi öňki makalamda (“MG”, 12.X.2007 ý.) nygtaýşym ýaly,
gysgaça terjimehalyň 108-nji sahypasynda B.Annaýew bilen
baglanyşykly 120-nji buýrugyň surat-nusgasy bolup, onuň
aşagynda Çopan aga Hanowyň goly bar. Diýmek, şonda ol
maňa Berdimuhamet aga hakynda gürrüň beren eken.
Oýlanmalar meni şeýle bir pikire iterýär. Öňki makalamda nygtaýşym ýaly, Yzgantly Seýitmyrat Öwezbaýewiň ýa-da
il arasynda aýdylyşy ýaly Öwezbaýyň ýazgylarynyň birinde
şeýle maglumat berilýär: “Kakam pars hem arap dillerinde
gowy gürleýärdi. Türkmeniň geçmişine hem edebiýatyna
diýseň beletdi, onuň janköýeridi. Çatmamyz haçan görseň
edebiýat üýşmeleňi ýalydyr”.
Bir zada üns beriň, “Çatmamyz haçan görseň edebiýat üýşmeleňi ýalydyr”. Diýmek, şol döwürlerde Yzgant
obasynda edebiýat bilen gyzyklanýanlar, onuň janköýer­leri
29
az bolmandyr. Kim bilýär, belki, ýaş Berdimuhamet hem şol
ýa-da ondan soňrak döwürdäki edebiýat üýşmeleňlerine
ýa-da Yzgantly meşhur Kel bagşynyň (1850-1923) dutar sapaklaryna gatnandyr. Özüniň döredijilik bilen meşgul bolan
bolmagy-da gaty ähtimal. Adatça, çeper edebiýaty ürç edip
okaýan adamlaryň özleri-de döredijilik işine baş goşýarlar, iň
bolmanda özleri üçin ýazyp goýýarlar...
Elbetde, bu zatlaryň hemmesi meniň öz çaklamalarym,
ýöne onuň şeýle bolan bolmagy-da mümkin.
Ata arzuwy, atalaryň arzuwy! Olar nesilden-nesle geçip,
taryhyň aýry-aýry pursatlarynda kä ösdürilip, käte tesdiri­
lip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Enşalla, olar geljege hem
uzap gider, dowamat dowam bolar.
Hudaýa şükür, bu gün atalaryň arzuwyny amala aşyr­
ýan Agtyk ýurdumyza Baş bolup ýör, onuň öňünde müşgil
zat ýok.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu jogapkärli wezipä girişeninden, özüniň ilkinji ädimini, onda-da aýgytly ädimini bilim, ylym ulgamyndan
başlady. Elbetde, bu ýerde hiç hili tötänlik ýok. Sebäbi halk
parasadynda nygtalyşy ýaly, “Bilimli nesil – kuwwatly
Watandyr”. Hawa, ylymdyr bilimi kitapsyz, kitaby bolsa bi­
limsiz, ylymsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Şonuň üçin hem
bilim hakdaky alada, şol bir wagtyň özünde kitap hakdaky
aladadyr.
Ol ylym-bilim babatdaky özüniň yglan eden syýasatyny
Mary topragynda bolup geçen taryhy XX Halk Maslahatynda
has-da ösdürdi. Bu möhüm wezipe birjik-de onuň ünsünden
aýrylanok. Ýurtbaştutanymyz ummanyň aňyrsyndaky uzak
Amerikada bolanynda hem bu meseläni örboýuna galdyrdy.
Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň iň
gadymy we iri uniwersitetleriniň biri bolan Kolumbiýa uniwersitetinde çuň manyly çykyş edip (Nýu-Ýork, 2007-nji ýylyň
Sentýabr aýynyň 24-i), şeýle diýdi: “Türkmenistanda bilim ulgamy – munuň özi ýöne bir ykdysadyýetiň möhüm pudagy
bolmak bilen çäklenmeýär. Bu – biziň çagalarymyzdyr, biziň
ýaşlarymyzdyr, biziň mugallymlarymyzdyr. Dürli nesilleriň
30
we ykballaryň iňňän çylşyrymly baglanyşygydyr. Meniň
üçin bu mesele öňden gelýän maşgala däbidir – meniň kakam
uruşdan soňky ýyllarda ýönekeý oba mugallymy bolup
işledi”.
Bu gün neşirýatlarymyzdyr çaphanalarymyz ösen döw­
letleriň enjamlary bilen doly abzallaşdyryldy, olaryň goý­
berýän önümleri bolsa, hil taýdan dünýä derejesine ýetirildi.
Ýurt Baştutanymyzyň öz sözleri bilen aýtsak:
“... Umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna,
sungatyna saldamly goşant goşan halkymyzyň ruhy
baýlygynyň gönezligi bolan kitaplaryň neşir edilişi düýpgöter
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
  • Parts
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 1900
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 1999
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 1971
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2053
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1966
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
    Total number of words is 3516
    Total number of unique words is 1933
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1844
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1848
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
    Total number of words is 3399
    Total number of unique words is 1837
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10
    Total number of words is 3060
    Total number of unique words is 1718
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.