Latin

Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2

Total number of words is 3526
Total number of unique words is 1999
29.7 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
özgerdi “. Onuň şeýledigine, ynha, dek täzelikde paýtagtymyzda bolup geçen “Altyn asyryň altyn neşir önümleri” atly
II Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylar – 20-den
gowrak döwletleriň wekilleri magat göz ýetirdiler.
Metbugatda habar berlişi ýaly, diňe 2007-nji ýylyň 9 aýynda ýurdumyzyň çaphanalarynda dürli kitaplaryň 131 görnüşi
3 (üç) million 382 müň nusgalyk tiraž bilen neşir edildi.
Altyn asyryň altyn nesliniň, tutuş halkymyzyň ruhuny
galkyndyrmak maksady bilen Halkara derejesinde geçirilýän
çäreleriň çygry has giňedi, olar san taýdan hem artdy. Täze
Galkynyşyň hem-de özgertmelerdir ösüşleriň aýdyň ýoly bilen
öňe barýan diýarymyzda bäş müň ýyllyk taryhly halkymyzyň
ruhy-medeni gymmatlyklaryny, beýik şahsyýetlerimiziň,
akyldarlarymyzyň bize galdyran ylmy-edebi miraslaryny
öwrenmeklige we olary dünýä ýaýmaklyga aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen geçirilen akyldar şahyr Magtymguly,
Mahmyt Zamahşary, Abusagyt Abulhaýyr – Mäne baba ýaly
taryhy şahslarymyza we başga meselelere bagyşlanan Halkara maslahatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň
özi türkmen ylmynyň, edebiýatynyň ruhy baýlygynyň dünýä
derejesine çykýanlygyndan bir nyşandyr.
Ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan, umuma­
damzat genji-hazynasyna öwrülen baýlyklarymyzy gyzylyň
gyryndysy ýaly edip dünýäniň dürli künjeginden ýygnamak
döwlet derejesindäki wezipä öwrüldi we bu ugurda köp işler
edildi, olar öz nobaty bilen halk köpçüligine ýetirilýär.
31
Köp okan köp biler
3*
Metbugatda çap edilen şeýle bir maglumat meniň ünsümi
özüne çekdi. Saud Arabystany Patyşalygynyň diňe bir kitaphanasynda türkmen awtorlarynyň gadymy golýazmalarynyň 5
müňe golaýy saklanylýar. Şeýle baýlyklar Madridiň, Parižiň,
Çyn-Maçynyň, Berliniň, Londonyň... kitaphanalarynda,
arhiw­lerinde hem bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
bu sogap işleriň, ýagny olary toplamagyň we türkmen oky­
jysyna ýetirmegiň aladasy bilen ýaşaýar, onuň üçin ähli
mümkinçilikler döredýär, hemaýat edýär. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň haýsy birinde saparda bolsa-da,
beýleki ykdysady, syýasy meseleler bilen birlikde, türkmeniň
medeniýetine degişli maglumatlary toplamak, öwrenmek ha­
kyndaky meseläni-de gozgaýar.
Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän kitaplar bal hem-de bol suwly tereň derýa bolup, kitaphanalara – kitaplar
deňzine guýulýarlar.
Ata kesbini dowam etdirýän, atalaryň arzuwyny amala aşyrýan Agtygyň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň juda kitaphon hem okumyş adamdygyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Onuň edýän çuň
manyly çykyşlaryna, daşary ýurt habarçylary bilen geçirýän
söhbetdeşliklerine ser salsaň hem ony aňmak kyn däl. Bu baradaky düýpli, giňişleýin gürrüňi indiki gezege goýup, şu
ýylyň baharynda bolup geçen bir wakany ýatlamakçy.
Hormatly Prezidentimiz 2007-nji ýylyň aprel aýynyň 26-syna “Barren Enerji” britan kompaniýasynyň baştutanlaryny
kabul edipdi. Britaniýaly myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hormat-sarpanyň we minnetdarlygyň nyşany
hökmünde belli Gündogar alymy Zahariýa bin Muhammet
bin Mahmyt al Kaluni al Kazwiniň “Aja ib al–makhlugat
wa Gharaib” atly kitabyny sowgat gowşurdylar. Bu kitap
XVI asyryň başlarynda Yspyhanda çap edilipdir we täsin
suratlaryň 112-si bilen bezelipdir.
“Zer gadyryny zergär biler” diýleni. Gadymy kitaplary
ýygnamak we olary okyjy köpçüligine elýeterli etmek hormatly Prezidentimize ata-babalarymyzdan, galyberse-de, öz
pederlerinden galan mirasdyr.
34
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
şu ýylyň fewral aýynyň 14-üne, ýagny resmi taýdan bu jo­
gapkärli wezipä işe girişen ilkinji güni, soňra Umumymilli
“Galkynyş” Hereketiniň we Türkmenistanyň Demokratik
partiýasynyň nobatdan daşary V gurultaýynyň bilelikdäki
mejlisinde sözlän sözünde ata-babalarymyzyň egsilmez ruhy
mirasyna ýugrulan wesýetlerini gyşarnyksyz berjaý etjekdi­
gini ýene bir gezek gaýtalap aýdypdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimu­ha­me­dowyň
aýdan sözleriniň işden aýra çykmaýandygyny bolsa biz görüp
ýörüs. Bu kitaply meselede hem şeýle.
Noýabr, 2007-nji ýyl.
35
3. “Kitap okan gullar
manydan dokdur...”
O
kamak, bilmeýän zadyňy öwrenmek hiç wagt hem
giç däl. Bu barada ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten şeýleräk bir rowaýatam bar.
Gadym zamanlarda goja hökümdarlaryň biri öz dana
weziri bilen gürrüňdeşlik wagtynda uludan bir dem alyp,
ökünç bilen şeýle diýenmiş:
— Wah, ýaşlykda akmaklyk edip, hiç zat okamadymam,
öwrenmedimem. Indi bolsa giç, tiz wagtda ýetmişiň onlu­
gyny tegeleýän...
Wezir bolsa:
— Merhemetli patyşahym, ýöne şonda-da şem bolsa kem
däldir — diýende, hökümdar onuň sözlerine geň galypdyr.
— Men ylym-bilim hakynda gürrüň edip otyryn ahyryn.
Şu iki arada şem nireden ýadyňa düşdi?!
Şonda paýhasly wezir patyşa ýüzlenip şeýle diýenmişin:
— Hökümdarym, biziň çagalykda we ýaşlykda alan bili­
mimiz säher dogan çogly kuýaşa — nurly Güne meňzeşdir. Ol
bolsa gijäniň gara tümlügini batyrlyk bilen böwsüp, nuruny bol­
dan eçilip, hemmeleri oýarýar. Orta ýaşda—akyl goýalyşandan
soň alnan bilim günortadan mazaly agan Güne çalym edýär.
Onuň şöhlesi beýle nurly däldir, ýöne ýagty saç­ýandyr. Ýakyp
barýan däldir. Emma ýyladýandyr we çoýýandyr.
Gojalykda alnan bilim bolsa şemiň ýagtysyna çalym
edýändir. Şem nurly Günüň ýanynda hiç zatdyr, ýagtysy
36
öçügsidir. Emma ony öçüräýseň, daş-töweregi tümlük gaplap
alar. Eýsem, tüm garaňkylykda oturanyňdan şem ýakanyň
gowy dälmi näme?!
Diýmek, okamak, öwrenmek hiç wagtam, tä ömrüň ahyryna çenli giç däl bolarly.
Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, türkmen özüniň
köp müňýyllyk taryhynda kitaba aýratyn sarpa goýupdyr.
Geçmişde şäherleriň ýyldyzy hasaplanan gadymy Merwde,
şeýle hem Köneürgençde şöhraty ýedi yklyma ýaň salan baý
hazynaly kitaphanalar bolupdyr. Olaryň hyzmatyndan ýerli
we daşary ýurtly alymlar peýdalanypdyrlar. Merw kitaphanalary barada meşhur arap alymy Ýakudynyň (1179-1229) galdyran örän täsirli ýazgylary bilen tanyşmak şu
günüň okyjysy üçin hem peýdalydyr.
«... Men Merwden çykyp gaýdanymda bu ýerde uly
kitaphana-wakfalaryň on sanysy bardy. Men bütin dünýäni
aýlanyp, şular ýaly baý hem ajaýyp kitaphanalary görme­dim.
...Men ol kitaplardan özüme gerek peýdaly maglumatlary
alyp, heziller edinerdim. Meniň ol kitaplara bolan söýgim
ähli şäherleri ýatdan çykarmaga mejbur edipdi».
Hawa, öňde hem nygtaýşymyz ýaly, bäş müň ýyllyk
taryhly türkmen hata-sowada, bilime, Onuň Alyhezreti
Kitaba hemişe uly sarpa goýupdyr. Sebäbi kitap adamyň
köňül köşgüne nur çaýýan parlak ýyldyz mysaly bir zatdyr.
Ol adam kalbyny päkleýän, tämizleýän we teşne ýürekleri
gandyrýan, hyjuwlandyrýan, joşdurýan, täze ýeňişlere atar­
ýan, başymyzy belende göterýän iň ygtybarly serişdedir,
ruhy iýmitdir.
Kitap bilen dostlaşyp, heniz ondan zyýan çeken ýok.
Kitap adamyň ruhy dünýäsine bezeg berýär. Ony özüne
hemişelik hemra edinen adam durmuşda bagtly bolýar.
Türkmen aganyň sowatly adama, akyldara goýýan sarpasy, sylag-hormaty örän ýokarydyr. Şindi syn kylsaňyz
okumyş, pähim-paýhasdan ýüki ýetik adamyň orny hemişe
tördedir. Türkmeniň törüne bolsa diňe mynasyplaryň geçmä­
ge haky bardyr, ol her bir öňýetene rowa görülýän däldir.
Şeýle okumyş, sowatly, sylagly, kitaphon adamlaryň
biri-de öňki makalamyzda hem («MG», 28.XI-2007) nyg­
37
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
döwürleýin metbugat
bilen tanyşýar
taýşymyz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew bolup­
dyr. «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç
Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal» atly kitapda
aýdylyşyna görä, ol geçen asyryň 30-njy ýyllarynda ilat
arasynda sowatsyzlyga garşy göreşip, örän sogap iş bilen
meşgullanypdyr. Sowatsyzlyga garşy göreşmek üçin bolsa
«oýnagyň» ýa-da «ýaragyň» kitap bolmaly. Çünki kitapsyz
bilimi, bilimsiz kitaby göz öňüne getirmek kyn, asla ol mümkin hem däl. Elbetde, bu hemmä belli hakykat.
Men şu ýerde şeýle bir çaklamany, öz şahsy pikirimi öňe
sürmekçi bolýan. Berdimuhamet aganyň özi-hä baýaky welin, onuň kakasy Anna aga hem (hormatly Prezidentimiziň
garry atasy) kitap bilen bagryny badaşdyran bolarly. Diýmek,
olaryň özleriniň hem şahsy kitaphanalarynyň bolan bolmagy
gaty ähtimal.
Men şeýle bir zady anyk bilýän. Kitaby jany-teni bilen
söýüp, türkmen edebiýatyna hyzmat eden hem-de oňa saldamly goşant goşan Berdimuhamet aga ýaly adamlaryň
ýene-de biri Gökdepäniň Kelejar obasynda (YzgandyňOguzkendiň taýak atym golaýynda) hem bolupdyr. Oňa Hojanepes Atanyýaz ogly diýýärler. Ol, takmynan, XIX asyryň
başlarynda Gökdepe sebitinde ýaşap geçen türkmen şahyry
Ýusup Hoja bin Baky Hojanyň ýazan «Raý Çini» dessanynyň
ýitip gitmez­ligine sebäp bolan adam. Bu barada 1943-nji
ýylda özbaşyna kitap bolup çapdan çykan şol dessanyň (ol
Milli kitaphananyň seýrek neşirler hazynasynda häzir hem
bar) girişinde, ine, şeýle maglumat bar: «Bu kitabyň häzire
çenli unikal kopiýasy gelip ýetişdi. Ol kopiýany 1927-nji ýylda Gökdepe raýon Kelejar obaly Hojanepes Atanyýaz ogly
Şamyrat Garpyz oglunyň nusgasyndan göçüripdir».
Görşümiz ýaly, tutuş bir dessanyň atsyz-sorsuz ýitip
gitmezligine Hojanepes aga sebäp bolupdyr. Hudaýa şükür,
Hojanepas aganyň häzir aýatda diri gezip ýören ogly, obanyň
sylagly ýaşulusy Pirli aganyň gürrüň bermegine görä, onuň
kakasynyň baý şahsy kitaphanasy bolupdyr. Ýöne şuralar
hökümetiniň yzarlamalaryndan heder eden Hojanepes
bende olary öýünde saklamaga çekinip, jany ýaly eziz görýän
40
kitap­laryny oňa-muňa dargadypdyr. Oslanmajak ýerlere
paýlapdyr. Maglumat üçin aýtsam, üleşikde şol kitaplaryň
biri meniň sowatsyz enem-atama hem ýeten eken. Şol kitap
şu gün hem şol hasratly günleriň şaýady bolup, meniň şahsy
kitaphanamda dur.
Ine, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet
aga hem Hojanepes aga bilen döwürdeş adam, özi hem
halk arasyndan kitaplary toplap, sowatsyzlyga garşy
göreşen adam. Onsoň, şulardan çen tutsag-a Berdimuhamet
Annaýewiň hem hökman şahsy kitaphanasy bolan bolaýmaly. Mümkin, olar hem oňa-muňa dargadylandyr ýa-da
haýsydyr bir gowaklarda gömlüp, häzir hem özleriniň
halasgärine garaşyp ýatandyrlar. Mümkin, 1948-nji ýylyň
aýylganç ýertitremesinde kesegiň aşagynda galyp çüýrändir. Umuman, hakykata ýakyn çaklamalar meni şeýle pikire
itekleýär.
Çopan aga Hanowyň Berdimuhamet aga baradaky aýdan şol sözleri («MG», 28. XI.2007) meniň häzir hem aňymda
aýla­nyp, onuň pessaýja sesi gulagyma eşidilýän ýaly bolup
dur.
«... Magtymgulynyň goşgularyny ýatdan aýdardy. Lap
edip aýtdygym däl, kitap bolsa oňa çöregem gerek däldi...»
Kitaba ykbalyny baglan şeýle adamynyň öz şahsy
kitaphanasy bolman bilmez.
Men ýene-de ady başda agzalan kitaba dolanmak isleýärin.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
pederi Mälikguly aga «... Bir gününi-de ýitirmän, öz bili­mini
artdyrýar, gözýetimini giňeldýär. 1966-njy ýylda ol taryh, jemgyýeti öwreniş mugallymy hünäri boýunça Türkmen döwlet
uniwersitetiniň taryh fakultetini (agşamky bölümini) üstünlikli tamamlaýar».
Şeýle hem ol Orjanikidze şäherindäki harby uçilişşäni,
Aşgabadyň garnizon ofiserler Öýüniň ýanyndaky marksizm-leninizm uniwersitetiniň umumy fakultetiniň agşamky
bölüminiň üç ýyllyk okuwyny tamamlaýar. Görşümiz ýaly,
Mälikguly aga ýetilen sepgit bilen kanagatlanýan adam däl,
ol kitap gatlaryndan arzyly geljegiň ýollaryny agtarýar, öňe,
diňe öňe hereket edýär.
41
Göz öňüňize getirip görüň, diňe şol ýokarda ady agzalan
okuw jaýlaryny tamamlamak üçin hem näçe edebiýatlaryň, ylmy
eserleriň, döwürleýin neşirleriň sahypalaryny waraklamaly bolandyr. Onsoňam adam durmuşy diňe bir okuw kitap­laryny
okamak bilen çäklenmeýär ahwetin! Kitaby özüne hemişelik
hemra edinen kişiniň ruhy iýmitden doýdum-doldumy bolmaýar. Mälikguly aga hem şeýle adamlaryň hilinden.
Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurban­guly
Berdimuhamedowyň önüp-ösen, kemala gelen bu
maşgalasynda, Hudaýyň gudraty bilen, kitaba keramat hökmünde garalýar, aň-paýhasa, okuwa, bilime aýratyn sarpa
goýulýar. Ýurt Baştutanymyzyň mähriban käbesi Ogulabat
eje barada kitapda şeýle sözler bar: «... Ol gündelik çykýan
gazet-žurnallar bilen çäklenmän, orta bilimlidigine garamazdan, çeper edebiýatlary, hatda ýuridiki kitap­lary ürç
edip okapdy. Şonuň üçinem onuň dünýägaraýşy giňdi.
...Ogulabat kanunlary gowy bilensoň , köp adamlar oňa
«Siz ýokary bilimli ýuristmi?» diýip ýüzlenýärdiler. Ogulabat Allatagala tarapyndan berlen zehinli, dogruçyl, mylakatly zenan. Onuň şol häsiýetleri häzirem dowam edip
gelýär».
Maşgala ojagyna ygrarly bu enäniň Gurbanguly
Berdimuhamedow ýaly il derdine ýaraýan perzendi — bu
günki Prezidenti dünýä indirmeginiň, ony ösdürip kemala getirmeginiň özi hem diňe bir durmuş akademiýasyny
geçmek, tamamlamak däl-de, eýsem, ony dikeltmek, döretmek ýaly bir zatdyr. Döredijiler bolsa hemişe öň hatarda
bolýandyr. Bu gün ol külli türkmeniň Käbesine öwrülen
mährem enedir. Şeýle zenanyň öňünde baş egip, oňa tagzym
etmek hem parzdyr.
Şeýle agzybir, bagtyýar, örän sowatly, kitaba aýratyn
sarpa goýýan maşgalada önüp-ösen ynsanyň ol zatlardan
yrakda galmajagy, megerem, öz-özünden hem düşnüklidir.
Şu aşakdaky setirler onuň hakykatdan hem şeýledigine doly
güwä geçýär.
«Gurbanguly çagalykdan başlap, her aýda birnäçe çeper
we ylmy-populýar kitaplary okamagy endik edipdi».
42
Meniň bar aladam
halkym bolar
Elbetde, kitaby keramat derejesine göteren, okamagy
uludan-kiçä özüne pişe edinen şeýle maşgalada önüp-ösen
çaganyň başga hili bolmaga haky hem ýokdy.
Hawa, aslynda ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp­
leri, galyberse-de, maşgaladaky görüm-göreldäni özüne sapak edinen Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilime
bolan höwesi, kitap bilen dostlugy örän ir başlanan, ol gitdigiçe ösüp-örňeýär. Talyplyk ýyllarynda, soňra aspiranturada okan döwürlerinde kitaphana onuň ikinji öýüne öwrülýär.
Men şeýle bir hakykaty anyk aýdyp biljek. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa
lukmançylyk ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesiniň
berilmegi bilen baglanyşykly, şeýle hem onuň doglan gününiň
50 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Milli medeniýet
merkeziniň Milli kitaphanasy «Saglygyň gadyryn bilgil...»
diýen at bilen kitapnama görkezijisini taýýarlady. Görkezijä giriş makalasyny ýazmak hem-de ony redaktirlemek şu
setirleriň awtoryna miýesser etdi.
Ine, şol gollanmada «Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy eser­
leri, makalalary» diýen ýörite bölüm bar. Görüp otursak,
alymyň döwet galamynyň astyndan çykan monografiýadyr
kitaplarynyň, ylmy makalalarynyň sany ýüzden hem geçýän
eken. Şeýle gymmatlyklary döretmek üçin bolsa ensiklopediki aň-düşünjäniň bolmagy zerur. Diýmek, okamaly, öwrenmeli, döretmeli, kitap bilen bagryňy badaşdyrmaly. Hudaýa
şükür, şeýle erk-isleg, höwes, maksada okgunlylyk, zähmetsöýerlik hormatly Prezidentimize mahsus häsiýetler. Bu
gün ol özüniň döwlet derejesindäki işleriniň şeýle köpdügine
garamazdan, kitapdan arasyny açanok, has dogrusy, gazet-žurnalsyz, kitapsyz güni geçenok. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
gecen ýylyň dekabr aýynyň 5-indäki mejlisinde çykyş edip,
bütin dünýäniň döwürleýin metbugatynyň iň gyzykly,
abraýly ylmy, populýar we beýleki neşirleri Türkmenistana
getirilmelidir hem-de öňdebaryjy ylmy pikiriň gazananlary
bilen tanyşmaga isleg bildirýänler üçin hiç hili bökdençlik
44
bolmaly däldir, olar üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir
diýip aýtdy. «Zer gadyryny zergär biler» diýleni dogry bolarly. Ol bu babatda hem il-gününiň aladasyny edýär.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň kitaphonlugy barada gürrüň gozgalanda, şeýle bir aýratynlyga okyjynyň ünsüni çekesim
gelýär. Ol dünýä çeşmelerinden habarly, bäş müň ýyllyk
taryhly halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny ilik-düwme
öwrenýär, oňa çuňňur aralaşýar. Mysal gerekmi, baş
üstüne!
«... Behişdi bedewler» hakynda gadymy Hytaý «Hanşuni»
ýyl ýazgysynda ýatlanyp geçilýär.
Ýene-de bir gadymy hytaý paýhasyny mysal getirmek­
çi: «Kitapdan çuň zat ýokdur, adam paýhasyndan belent zat
ýokdur». Şunuň bilen baglylykda biziň hytaýly dostlarymyz
alymlar we edebiýatçylar aýratyn minnetdarlyga mynasypdyr... Beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň goşgulary hytaý diline terjime edildi».
Ýokarky setirler ýurt Baştutanymyzyň dünýäniň iri
habarlar agentlikleriniň biri bolan Hytaýyň «Sinhua» habarlar gullugynyň žurnalistleriniň sowallaryna beren jogabyndan alyn­dy.
Onuň Alyhezreti Kitap bilen baglanyşykly bilip goýmaly
söhbet, parasatly paýhas hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň «Turkmenistan» žurnalyna (Moskwa ş.)
beren interwýusynda hem bar.
«Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl.
Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň...
öňünde baş egýärin».
«Öz hünärim bilen baglylykda men gadymyýetiň beýik
alymy ibn Sinanyň (Awisenna) eserlerini köp we gyzyklanmak bilen okadym. Meni bu adamyň gyzyklanmalarynyň
çuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman
hökmünde däl, ol eýsem filosof we akyldar hökmünde hem
beýikdir».
Ýeri gelende aýtsak, lukmançylyk ylmynyň atasy hasaplanýan Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanun-
45
lary» atly köp jiltli eseriniň türkmen dilinde neşir edilmegine
önjeýli goşant goşan we onuň neşir geňeşine gönüden-göni
ýolbaşçylyk eden hem bu günki hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüdir. Her biri tas
müň sahypa golaýlaýan şol kitaplaryň jogapkärçiligini öz
üstüňe almak, elbetde, ýeňil iş däl, oňa köp zähmet siňdirmeli,
gözüň köküni gyryp işlemeli, ol iňňe bilen guýy gazan ýaly
bir zatdyr. Netijede, müň ýyldan hem gowrak mütdeti başdan
geçiren bu gymmatly neşir türkmen okyjysyna öz ene dilinde
gowuşdy.
Hormatly Prezidentimiziň aýratyn gyzyklanma bilen
köp okan eserleriniň awtory Abu Aly ibn Sinanyň ylym-bili­
me, kitaba bolan garaýşynda hem öwrenere, sapak edinere
zat köp. Tas 35 ýyllap ibn Sina bilen duz-emek bolup, syr
alyp, syr berşen ýürekdeş dosty Jürjanynyň öz halypasy ba­
rada ýazan kitabynda şeýle maglumatlar bar: «... Men (gürrüň
ibn Sina barada barýar—T.J) kitaplary özbaşdak öwrenmäge
başladym. Sowal dörän halatynda mugallyma ýüzlendim.
... Şol döwürde ýekeje gije-de doly ýatmadym, gündizleri­
ne-de ylymdan başga zada güýmenmedim. ... Agşamlaryna
öýe gelip, çyranyň ýagtysyna ýene okaýardym, ýazýardym».
Beýik alym Abu Aly ibn Sinanyň «Ilki söz, soň — ösümlik, olaryň başarmadyk halatynda tyg» diýip, sözüň gudraty
barada aýdan ajaýyp pähiminden, megerem, bütin dünýä
habarlydyr.
Sözüň gudratyna aýratyn sarpa goýýan, dünýä dere­
jesinde giňden tanalýan şahsyýetleriň biri hormatly Pre­
zidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow heniz ministr
bolup işleýärkä «Garagum» žurnalynyň (№1, 1999 ý.) sahypasynda çykyş edip, şeýle diýýär: «Medisina hoş sözüň ynsan saglygyna oňaýly täsirini hiç wagt iňkär etmeýär. Şonuň
üçin biz hemişe däri-dermanlar bilen bir hatarda lukmanyň
hoş sözüniň hem nähoş üçin zerurdygyny unutmaýarys!
Onsoň hem edebiýat diýmek söz sungatyny ýa-da başgaça
aýdanyňda, adamyň kalbyna täsir edýän, ornaýan hoş sözleri
aňladýan bolsa gerek!»
Soňra ol öz pikirini has çuňlaşdyryp, edebiýat baradaky
paýhasyny şeýle teswirleýär:
46
«... Diňe aýry-aýry adamlaryň saglygy barada däl,
eýsem, tutuş jemgyýetiň sagdyn ösmeginde-de çeper
edebiýatyň, çeper sözüň bitirýän hyzmaty az dälmikä diýip
pikir edýärin».
Edebiýat, kitap, tutuş jemgyýetiň sagdynlygy! Gör,
nähili ajaýyp sazlaşyk, bütewilik. Diýmek, kitaba goýulýan
sarpanyň, oňa bagyşlanýan ömrüň aňyrsynda, gözbaşynda
uly many-mazmun ýatan eken.
Özüniň ajaýyp eserlerini halkyna peşgeş beren akyldar
Magtymgulynyň öňünde baş egýän hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow şahyryň «Kitap okan gullar manydan dokdur» diýen paýhasyny, pähimini ösdürüp,
gör, nähili belent derejä ýetirýär. Megerem, şonuň üçin bolsa
gerek, ol kitap neşiri bilen meşgullanýanlary sogap iş edýän
adam­lara deňeýär.
Biz özümiziň kitap baradaky kelamymyzy atalar kesbini özüne ýol-ýörelge edinýän, ata arzuwyny amala
aşyrýan Agtygyň—hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň şu aşakdaky dogaýy sözleri bilen jemlemek isleýäris:
«... Umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna, sungatyna saldamly goşant goşan halkymyzyň ruhy baýlygynyň
gönezligi bolan kitaplaryň, gazet-žurnallaryň ata-baba ýörelgelerimize esaslanan döwrebap many-mazmunly, çeper bezegli, ilhalar neşir edilmeginde, şeýle hem döwletimiziň alyp
barýan içeri we daşary syýasatyny äleme ýaýmakda amala
aşyrýan möhüm ähmiýetli işleriňizde Size hemişe rowaçlyk
we ruhubelentlik arzuw edýärin!»
Fewral, 2008-nji ýyl.
47
4.Goý, parlasyn,
parahatlyk Baýdagy!
G
oja Zeminde giňden tanalýan hem-de uly meşhurlyga
eýe bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Buhareste ugramazynyň bäş-üç gün öň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde: «NATO-nyň sammiti barada aýdylanda bolsa, bu
babatda Türkmenistan halkara bileleşiginiň ynanan Bitarap­
lyk derejesini gyşarnyksyz durmuşa geçirýän döwlet hökmünde özüniň ylalaşdyryjylyk potensialyny parahatçylygyň,
durnuklylygyň we ählumumy howpsuzlygyň hyzmatyna
goýmaga taýýardygyny tassyklamak isleýär» diýip, aýdan
çuň manyly, parasatly pikirleri meni oýlanmalar derýasyna
atyp, uzaklara alyp gitdi.
...Talyp ýigidiň öýden ak daňdanky çykyşy hem bolsa,
ol özünde üýtgeşik bir ýadawlyk duýanokdy. Ýogsam, ol
institutyň tejribeli mugallymlarynyň tutuş sekiz sagatlap
öwredýän sapaklaryny ünsli diňläpdi, has zerur ýerle­rini
sünnäläp ýazypdy. Has dogrusy, ol bu ýerde aýdylýan, öwredilýän ylmy pelsepeleri öz akyl süzgüjinden geçirip, olary
mazaly seljerip, ýüregine tagma edýärdi.
Kitap okamak, öwrenmek onuň iň söýgüli pişeleriniň
biri­di. Okuwdan çykyp, ruhy baýlyklary özünde jemleýän kitaphana barmasa, ol özüni oňaýsyz, bir zady ýetmeýän ýaly
duýýardy. Akyl gämisini kitaplar deňzinde agaýana ýüzdürip,
olardan lezzet alýardy, bilmeýän zatlaryny öwrenýärdi. Ol
48
asyl, kitapsyz durmuşy göz öňüne hem getirip bilmeýärdi.
Onuň üçin kitap elýetmez baýlykdy, ýaşaýyşdy, durmuşdy.
Institut... Kitaphana... Juwan ýüregi hyjuwdan, arzuw­
dan doly ýaş ýigit içini gepledip barşyna, öýüniň deňesine
nädip ýetenini hem bilmedi. Goňşy çagajyklaryň «uruş-uruş»
oýnaşyp, biri-birlerini çyna berimsiz edip «atyşlary» ýaňky ta­
lyp ýigide ýaramady, göwnünden turmady, onuň böwründe
üýtgeşik bir ünji döretdi. Birsellem özüniň owadan, akyldan doly nurana gözleri bilen çagalary synlady-da, başyny
ýaýkady hem-de oýnap ýören oglanjyklaryň ekabyrragyny
ýanyna çagyrdy.
—Jigim jan, uruş gowy zat däl, oň ýüzüne ot degsin.
Näme, başgarak bir oýun tapmadyňyzmy?! —diýip, ol eli
«awtomatly» oglanjygyň başyny sypady.
—Daýy, biz ýalanjykdan oýnaýas-a — diýip, onuň deregi­
ne başga biri jedirdäp jogap berdi.
Eli «awtomatly esgeriň» boýnuny sallap durşuna dözmedik talyp:
—Eýsem-de bolsa, başgarak bir zat oýnaýyň. Bolýamy,
jigim! — diýip, öz ýoluna rowana boldy.
Lukmançylyk
institutynyň
talyby
Gurbanguly
Berdimuhamedow haçandyr bir wagtlar eşiden rowaýatyny
ýatlady.
...Gadymy indeýler tiredir taýpalaryň arasynda
uruşdyr, dawa-jenjeliň bolmazlygy üçin, öz çagalaryny birek-biregiňkä myhmançylyga ugradyp, olary şol maşgalada
ençeme günläp ýaşadar ekenler. Onsoň öz çagasynyň ýaşan
ýa-da ýaşaýan ýerine, ýagny öýüne hiç kimiň ýarag çekmejekdigi, elbetde, düşnükli zat. Ine, şeýle sogap işi bitirýän
çagalara bolsa «Parahatçylygyň çagalary» diýip at berer
ekenler.
Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýanyndan dünýäniň
ähli çagalarynyň şeýle missiýany, asylly işi ýerine ýetirmek­
lerini beýik Biribardan dileg etdi. Onuň ýürek arzuwlaryna,
ynsanperwer dileglerine perişdeler «omyn» diýen bolarly.
Elbetde, ol wagtlar özüniň ýene-de pylança ýyldan ýurt
başyna geçip, bu babatdaky bitirjek umumadamzat bähbitli
işleri hakynda hiç zat bilenokdy.
4*
49
Beýik Taňrynyň emri bilen ykbal ony ýurt başyna getirdi. Allanyň öňde-soňda ýalkan, nazary düşen bäş müň ýyllyk
taryhly türkmen halky bir ýyl gowrak mundan öň Gurbanguly
Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentligine saýlap,
örän sogap iş etdi.
Älem giňişliginde aýlanyp ýören Ýer togalagynyň bir
künjeginde mesgen tutan gadymy hem müdimi Türkmenis­
tan bu gün goja Zeminde parahatçylygy we agzybirligi, asudalygy, rahatlygy goraýjy hem-de wagyz ediji döwlet hökmünde giňden meşhurdyr.
Hawa, bu sogap işiň başynda bolsa, taryhy gysga wagtyň
içinde halkara derejesinde ykrar edilen, uly at-abraýa, şan-şöhrata eýe bolan türkmeniň gerçek Ogly, Hakdan halatly
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dur.
Asudalygyň, agzybirligiň, parahatçylygyň höküm sürýän ýurdunda rysgal-berekedem, ösüşlerdir özgerişlerem köp bolýar.
Ol hemmä belli hakykat. Diýmek, döwletiň, tutuş jemgyýetiň
ilerlemegi, öňe gitmegi üçin ilkinji zerurlyklaryň biri öz içiňde,
şeýle hem dünýäde parahatçylygy üpjün etmek bolup durýar.
Bäş müň ýyllyk taryhly türkmen hiç wagt, hiç bir zamanda hem urşuň tarapdary bolmandyr, ol her bir ara düşýän
towy, dawa-jenjeli, goh-galmagaly çözmek üçin, halys paltasy
daşa degäýmese, ýaraga ýapyşmandyr.
Ýöne...Hakykatyň hatyrasy üçin aýtsak, Watanyň bir daban ýerine gezek gelende welin, ol ser bermän, ýer bermändir.
Ol öz ata Watanyny, ene topragyny janyndan ileri tutupdyr.
Hawa, türkmeniň asyrlar boýy dowam edip gelýän beýik
ynsanperwerligi, watansöýüjiligi, parahat, asuda durmuşa
goýýan belent sarpasy rowaýatlara, çeper edebiýata siňip gidipdir, olar halkymyzyň aňynda, ýüreklerinde baky ýaşaýar.
Özi ganym urşuň pidasy bolan, uzak Moldowada aram tapan, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, zehinli
ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» ese­ri dünýä
halklaryny parahatçylyga çagyrýan, uruş diýilýän nägehany
düýbünden ret edýän, ýazgarýan Jarnama bolup ýaňlanýar.
Şükür bagşy üýşüp duran mähellä ýüzlenip:
—Jemagat, at-ýaragyň başaranyny dutar başarmazmy­
ka?! — diýýär.
50
Sebäbi ol gül ýüzli çagajyklaryň erkana oýnap-gülmeklerini, ene-atalardan aýra düşmezliklerini, gül ýüzli
gelinlerimiziň öz söwer ýarlaryndan aýrylmazlyklaryny
isleýär. Uruş bolsa, onuň pidasy uly, gyrgynçylyk getirýär,
ýykan-ýumranlyk döredýär.
Elbetde, Şükür öz diýenini edýär, gepini gögerdýär.
Dutary bilen gidip, agasyny bendilikden boşadýar, sag-aman
öýüne alyp gelýär. Şeýlelik bilen, dutaryň gudratly güýji gylyjy azala öwürýär. Ine, türkmen kim bolan!
Ata-babalarymyzyň arzuwyny amala aşyrýan Agtyk — çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň dünýäde parahatçylygy, dostluk-doganlygy, agzybirligi berkitmek baradaky alyp barýan il-ýurt bähbitli
işleri, gör, özüniň gözbaşyny nirelerden alyp gaýdýan eken!
Hawa, geçmiş taryhymyzy bäş barmagy ýaly bilýän, ony
ilik-düwme öwrenýän, olardan tälim alýan, olary döredijilikli
ösdürýän, baýlaşdyrýan ýurt Baştutanymyz parahatçylygyň
gadyr-gymmatyna aýratyn sarpa goýýan beýik Ynsandyr.
Elbetde,
çuňňur
hormatlanylýan
Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň gady­ryny bilmeginiň başga-da sebäpleri ýok däl. Onuň atasy
Berdimuhamet aga eline ýarag alyp, ganym duşmana garşy
mertlerçe söweşen, Watan goragyna çykan adam. Geliň, «Gysgaça terjimehala» ýüzleneliň. Onuň 10-njy sahypasynda şeýle
tolgundyryjy setirler bar: «Watan ugrundaky söweşlerde
2-nji Ukrain frontunyň 748-nji atyjylyk polkunyň ýefreýtory
B.Annaýew kellesine ok gyýçagy degip, agyr ýaralandy we
bäş aýdan gowrak wagtlap Kuýbyşew şäheriniň ewakogospitalynda (häzirki Russiýa Federasiýasynyň Samara şäheri)
ýarasyny bejertdi».
Kitapda ýazylyşy ýaly, ol uruşdan II topar maýyp bolup
gaýdyp gelýär. Elbetde, türkmen esgeriniň — Berdimuhamet
aganyň söweş ýoly indi öwrenilmeli. Ýöne şeýle bir hakykat
welin bize aýan. Magtymguly atamyzyň tas ähli goşgularyny
ýatdan aýtmak bilen türkmen esgeri Berdimuhamet öz
söweşdeş ýoldaşlaryny, ýowuz duşmana şir bolup topulan
esgerlerimizi-ildeşlerimizi şahyryň ýüreklere ýazylan aja­
ýyp şygyrlary bilen täze ýeňişlere ruhlandyrandyr. Sebäbi şol
51
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62nji sessiýasynda çykyş edýär
agyr söweşlerde hem Magtymguly atamyz biziň bilendi, ol
türkmeniň kalbynda ebedi ýaşaýar.
...Gaplaň kimin arlap girse meýdana,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
  • Parts
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 1900
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 1999
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 1971
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2053
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1966
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
    Total number of words is 3516
    Total number of unique words is 1933
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1844
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1848
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
    Total number of words is 3399
    Total number of unique words is 1837
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10
    Total number of words is 3060
    Total number of unique words is 1718
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.