Latin

Adam bolmak kyn eken - 2

Total number of words is 3594
Total number of unique words is 2038
31.6 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gaýdýarlar. Delje olaryň kesek atym yzyndan pysyrdap, harabadan mekdebe çenli, mekdepden haraba
çenli ugradýar. Delje olaryň haýsynyň sapaklaryna
taýýarlyksyz barýanyny, mekdepde haýsynyň nähili
baha alanyny hatasyz kesgitläp bilýär. Özüniň
adybelli «ikilikçi» ülpetleri ýüzlerini sallaşyp,
sumkalaryny süýreşip geçiberdigi, Delje «Gaýgy
etmäň, oglanlar! Biziňem göz görkezjek wagtymyz
geler!» diýip, içinden olara göwünlik bererdi.
Sumkasyny oklap-gapyp, bökjekleşip barýan «5likçileri» görse, gözi giderdi. Öz-özüni köşeşdirmek
üçin, «Bolsaňyz bolupsyňyz-da «5-likçi!» Ony kim
oňarmaýar. Ýöne, hany, serçä öwrüljek bolup görüň!
Başaraýmarsyňyz!» diýerdi.
Serçeleriň durmuşynda-da gowy günler gaty
gysga bolýan eken. Delje heniz özüni doly dürsäp,
gerdenjiklerini oňly ýazmaga ýetişmänkä, serçeleriň
mesgeninde uly harasat gopdy.
Delje bir gün säher bilen uly gyk-baga, yzandaçuwanlyga gözüni açdy. Ol kellejigini höwürtgeden
daşaryk uzatdy-da, bada-bat yzyna çekdi. Harabanyň
içindäki turýan topalaň akyla sygar ýaly däl. Jüýgüldi,
jürküldi diýlen zat gulagyňy gapyp barýar. Ýelek-per
24
diýlen zat asmandan gar ornuna gaýyp düşüp dur.
Nirä seretseň, gara, melemtil reňkli nätanyş guşlar,
haýsy tarapyňa baksaň, ala-basgy bolşup, jyryp
barýan serçeler...
Delje bu zatlar düýşünde bolup durandyr öýdüp,
gözlerini mäkäm ýumdy. Bir salymdan ýene açdy.
Görse, onuň höwürtgesiniň edil öň ýanynda hälki
gara, melemtil guşlaryň biri hekgerip otyr. Özem
Deljäniň göni garagyna seredip, «Çyk-çyk-çyk!»
diýip tekrarlaýar. «Wiý, bu sar ahyryn!» diýip, Delje
içini gepletdi. Birhili ýüki ýeňläp, göwrümi giňän
ýaly boldy. Öňräk, adamka-ha onuň sarlar bilen arasy
erbet däldi. Hatda ýoldaşlaryndan kem galmajak
bolup, sarlar üçin bir-iki sany agaç höwürtge-de
ýasapdy. Şonuň üçinem ol ýaňkynyň ýüzüne bakyp,
dostlukly äheňde: «Eý, salam, sarmy sen?» diýdi. Sar
hem oňa seretdi-seretdi-de, birden: «Çyk-çyk-çykçyk!» diýip, çalt-çalt gaýtalap ugrady. Deljäniňem
gahary geldi. «Çykmaryn!» diýdi. «Kimdirin öýdýäňaý özüňi? Düýn dälmidi meniň inimiň elinden däne
çokup ýöreniň!» diýdi. Onuň bu sözleri azda-kände
täsir etdimi-nämemi, sar aljyrady. Ne öňküsi ýaly
«Çyk!» diýip bildi, ne-de uçup aňyrrak gitdi. Ikijahan
owarrasy bolup, höwürtgäniň agzynda kän oturdy.
Onýança ýene bir sar uçup geldi. Ol bir öz garyndaşynyň, bir-de Deljäniň ýüzüne dikarynlap seretdide: «Nijik-niçik-niçik?» diýdi. Öňden oturan sar
«Juk-juk-juk!» diýip başyny ýaýkady.
25
Onsoň iki sar beýleräk çekilip, nämedir bir zadyň
maslahatyny etdiler. Gaýtadan gelibem, geçdiler
Deljäniň daşyna. Hersi bir ýandan çokup, çekeläp,
ütüp, alarladyp barýarlar. Delje çydaman: «Dat,
ýeteweriň!» diýip gygyrdy. Ýöne serçelerden kömege
geleni bolmady. Hatda Deljäniň öz ýetişdiren
serçelerem gara bermedi.
Halys ejizlän Delje «Eje-e!» diýip, sesiniň
ýetdiginden möňňüre-möňňüre, höwürtgäni taşlap
gitdi.
10-njy bap
Tanyş serçeleriň dört-bäş sanysy bir topbak
çöpüň aşagyna üýşüp, gowur turzuşyp oturan eken.
Delje-de şolaryň ýanyna baryp gondy.
— Bular her ýyl şeýdýärler ahyryn! — diýip, serçeleriň biri jibrinýärdi.
— Heý, bize-de şu biwatanlykdan dynmak barmyka? — diýip, beýleki biri has-da janygyp gürledi.
Öz höwürtgesi bolmadygyň öz watany bolarmy! Iliň
höwürtgesinde gün görjek bolsaň, kysmatyň şudurda!
— Ýeri, ýeri! Ters gürrüň ediberme! Serdara ýetirerin welin, kysmatyňy gözüňe görkezer...
— Külejäniň näme, öz höwürtgesimidi eýsem?
Ony näme üçin çykaryp kowmadylar?!
— Näme, Küleje bilen özüňi deňeşdirýäňmi indi?
Şonuň güni bir başyňa gelmesin...
26
— Aý, hawa-da, ejize, hossarsyza sarlaryňam
rehimi inýändir-le!
Bu ýerde depesi tä beýnisine çenli çokulan hol bir
wagtky garagolja serçe-de bar eken. Onuň höwürtge
bilenem işi ýok, hossarsyz bilenem. Gürrüňiň
arasynda sähelçe böwşenlik tapdygy, sözi şu günki
bolan söweşe syrykdyrmaga çalyşýar:
— Pah, urşup keýpden çykdyg-aý şu gün-ä!
Köpden bäri şeýle hezillige sataşmandym... Ynansaňyz, bir özüm üç-dört sary urup ýykdym-aý!
— Üç-dört sary urup ýykanyň-a göremzok welin,
üç-dördüň öňüne düşüp gaçyp barýanyň-a gördük —
diýip, diňleýji serçeleriň biri ony utandyrmaga synanyşdy.
— Men gaçan däldirin, yza çekilendirin! — diýip,
jalaýja eňek bermedi. — Üç-dördüň arasyna düşüp,
sag-aman yza çekiläýmegem öňýeteniň elinden gelýän däldir.
— Hany, bes etsene paňkyldamaňy! Urdum-ýykdym-sürdüm diýibem aldyň-aý halys! — diýip, ýelekleri hüžžerip duran bir ekabyr serçe onuň ýüzüni
dalady. — A-how, serçeler, görýän welin, işiňizi tükedip ýörsüňiz öýdýän sizem! Gowusy, çynlakaýrak
gürrüň tapsaňyzlaň, bir ýaňranyň agzyna aňkaryp
oturmaň-da.
— Dogry. Gowusy, mundan beýläk nädip gün
görmeli diýlen meseläni çözeli-le.
27
Mesele diýlende, Delje çalarak tisginip gitdi.
Göwnüne bolmasa, özüne tarap biri barmagyny
çommaldaga-da: «Hany, tur ýeriňden, meseläniň
çözgüdini sen aýt!» diýäýjek ýaly boluberdi. Ýöne
aladasy agdyk serçeleriň onuň bilen işi-seri ýokdy.
— Be-e, indi şeýdip köçede galybermeli
bolaýarmyka?!
— Alajyň näme eýsem?!
— Pena sorap, sarlaryň öňünde müzzerib-ä bolmaz.
— Müzzereniň bilen pena bererler öýdýäňmi?
Garagolja ýene ýoknasyzlygyny etdi:
— Ähli güýji jemläp, sarlaryň üstüne gaýtadan
çozuş etmeli, höwürtgelerini basyp almaly!
— Hä-ä, muny bildiň! Indi bar şolaryň ýanyna,
gözüňem akdyryp goýbersinler!
Serçeleriň bu janygyp, kelle döwüp oturyşlaryny
göreniňde «Hä, bular-a bir çykalga tapman goýjak
däl-ow! Iň bolmanda, häzir öräge-de, höwürtge
baryny gurup başlarlar-ow!» diýdirýärdi.
Delje-de dili dek durýanlardan däl, onuňam
gürläsi geldi, mekdepdäki endigi boýunça, sag
ganatyny ýokaryk göterdi:
— Bagyşlaň, ýoldaş serçeler, bir soragym bar!
Serçeler: «Aýt-da-aýt!» boluşdylar.
— Aýtsam, ýaňky höwürtgeler aslynda kimiňki
bolmaly?
28
— Sarlaryňky! Ýeri, bolanda näme? — diýip, serçeleriň biri göwni bir ýaly gürledi.
— O nähili «bolanda näme?»
— Ynha, şu hili-dä! Sarlar-a gurýar, gyş golaýlaýança ýaşaýarlar-da, soň gyşdan gorkusyna göçüp
gidýärler. Bizem alaga-da, olaryň höwürtgelerini eýeleýäris.
— Özgäniň höwürtgesine dawa etmäge kim size
hukuk berýär? — diýip, Delje sesini gataltdy. — Beýdip, ondan-oňa kowlup ýörenden, özüňiz höwürtge
guraýsaňyz bolmaýarmy? Haýasyzlar!
Serçeleriň arasyna dymyşlyk aralaşdy. Olaryň
bary bir salymlyk doňup galana döndi. Delje bu ümsümligi öz peýdasyna ýordy. «Utandyrdym-ow
bihepbeleri!» diýip, içinden begendi.
Şol wagt garagolja serçä jan girdi. Ol göýä agyr
ukudan açylan ýaly, kellejigini silkdi, gözjagazyny
açalak-ýumalak etdirdi-de, kynlyk bilen dillendi:
— Hany, ýaňkyja sözleriňi ýene bir gaýtala...
Deljäniň ýüregi bir ýakymsyzlygyň boljagyny syzan ýaly, çalt-çaltdan urmaga başlady. Şu aralykda
onuň hälki gaharam gaçmaga ýetişdi. Gahar bilen bile
gelen ýaňkyja batyrgaýlygam zym uçupdyr.
Onýança beýleki serçelerem «Gaýtala-dagaýtala!» bolşup, onuň daşyna aýlanmaga başladylar.
Olar gitdigiçe gazaba münýärdi:
— Saňa hukuk gerekmi? Kimiň hukuk berenini
bilesiň gelýärmi? Biziň ýeňilmezek serdarymyz ber29
ýär şol hukugy! Ýa-da onuň berýän hukugyna göwnüň ýetmejek bolýarmy, hä?
Deljä agzyny açmaga maý bermediler.
— Sen biziň şöhratly neberämiziň üstünden
güljek bolýaňmy? Gel-gel, indi biz – dabarasy daglardan aşan Lokga serçäniň nebereleri palçyga bulaşyp,
çöpe çolaşyp, höwürtge gurarysmy? Sen bizi hol Çotdy serçe ýaly garamaýaklara deňäp, kemsitjek bolýaňmy?
— Ýeňiýoluk Çotdynyň jansyzydyr şu diýip arada men kän jibrindim welin, gulak asan bolmady-da.
Delje «Wah, işim gaýtdy. Asyl bularda henizem
baý-garyply zamana dowam edýär oguşýa!» diýip
oýlandy. Ýere has beter ýapyrylyp, gözlerini ýumdy.
— A-haw, merhemetli perdeşler, bu bir gelmişek
ahyryn! Munuň bilen deň bolup durmak bize gelişmeýär. — Delje gözüni açsa, arada özünden «Klasdaşyň näme?» diýip soran serçe gürläp dur. — Hawa,
doganlar! Munuň üçin janymyzy ýakyp, jöwenden
gymmat wagtymyzy ýitirip durmalyň. Bu samsyk
gelmişek neberäni, derejäni, abraýy nireden bilsin!
— Jöwen-ä oňat ýada saldyň-aý! Bişendir...
— Bişendir, bişendir! — diýip, serçeler tekrarladylar.
— Çozdukmy?!
— Çozduk, çozduk!
Deljäniň ýokary göterilmäge kuwwaty ýetmän,
ýer bagyrtlap kän ýatdy. Howpy üstünden sowan häl30
ki serçä içinden alkyş baryny okady.
11-nji bap
«E-e-eý, samsyk başym! — diýip, Delje ahmyr
bilen oýlandy. — Adamlaryň arasynda günüňi görüp
bilmän ýören halyňa, serçeleriň sürüsinde näme körüň bardy diýsene!»
Onuň indi çydam käsesi püre-pür bolupdyr. Alajyny tapsa, serçeleriň arasyndan edil şu pille sogrulyp
gitmäge taýyn. Bir arzuwy: araky jadygöýe sataşmak,
sataşaýsa, onuň hut aýagyna ýykylmakdanam gaýtjak
däl. «Menden näme ýasasaň ýasa, hala gurçuga öwür,
hala-da tomzajyga, diňe serçe bol diýmeseň bolýar!»
diýip özelendi.
Ýöne bar kinesini içine salyp, ümsüm gidibermegem Deljä ýakanok. Bu gören görgüleri, «gelmişek»
diýlip kemsidileni üçin nädibem bolsa ar alyp gidesi
gelýär. Wah, şu wagt, şu ýerde-de mekdepdäki ýaly
diwar gazeti bolan bolsady, Delje bulary, baý,
ýepbeklärd-ä! Bir wagt özüni uly ile gülki edişleri
ýaly, gülki ederdi. Serdardan başlap, tä jalaýja serçä
çenli ýeke-ýekeden suratlaryny çekip, hersiniň
aşagyna-da goşgy ýazardy.
Goşguly pikir Deljäni begendirdi. Goşgy üçin
gazetem hökman däl. Düz-de, gabady gelen ýerde üçdört serçäni daşyňa üýşürip, ýatdan okaber.
Meselem... meselem, ynha...
31
«Men serçejik, serçejik» diýen setir Deljäniň
kellesine aňsatja geldi. Yzam düzüldi gidiberdi:
Men serçejik, serçejik,
Gopgunçy hem gorkajyk.
Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok,
Açlykdan başga derdim ýok.
Men serçejik, serçejik,
Arpa-jöwen berdejik,
Aýdym diňle! Jik-jik-jik,
Jürk-jürk-jürk!
Goşgy Deljäniň göwnüne ýarady. Geň ýeri, goşgyny serçelerem gowy gördüler. Özlerine bagyşlap,
ýörite goşgy düzülmegi olaryň başyny göge ýetirdi.
Beýle hadysanyň serçeleriň durmuşynda ilkinji gezek
bolşudy. Manysyna ünsem berip durman, olar goşgyny alyp göterdiler. Ýokary galýança bäş gezek gaýtalasalar, ýere düşýänçäler on öwran tekrarladylar.
Goşgy serdaryň gulagyna-da ýetdi. Ol hem Deljä
«berekella» aýtdy we ony özi bilen nahar edinmäge
çagyrdy. Deljäni sap ak çöregiň owuntyklary bilen
hezzetledi. Nahar başynda serdar özüne bagyşlabam
aýratyn bir goşgy düzüläýse kem bolmajakdygyny
ýaňzytdy. Delje şondan soň «Men serdarjyk,
serdarjyk» diýen täze goşgynyň ugruna çykdy.
Deljäniň sarpasy günsaýyn däl-de, sagatsaýyn
beýgelip ugrady. Indi ony tanamaýan az-azdy. Özi
hakda goşgy düzülmegini haýyş edip gelýäniň hetdi
32
bar – hasaby ýok. Hatda garagol serçe-de özüniň
edermenliklerini goşgynyň üsti bilen taryplamagyny
sorap, telim geldi. Deljäniň kellesine häzirlikçe
ýekeje-de täze setir gelmese-de, ol gelenleriň hemmesinem hoş söz bilen gaýtarýardy. Özüniň tizden
örän uzyn bir goşgy düzjekdigini, şol goşguda bolsa
serçeleriň ählisiniň adyny ýekän-ýekän tutup
geçjekdigini aýdyp, olary köşeşdirýärdi.
Şahyrçylyk etmek baradaky pikiriň öňräjik
Deljäniň kellesine gelmeýşini diýsene! Ýeri, şeýdip,
serçeleriň ýeke-täk şahyry bolda ýör-dä! Han özüňsoltan özüň. Goşgyň kapyýasyna at dakjak ýok,
bogun sany deň gelenok diýjek ýok. Näme düzseň,
geçjek durjak. Üstesine-de beýle şöhrat, bu hezzethormatlar. Kim bilýär, belki, serçelerem bir wagt aň
taýdan ýokary derejä ýetip oturyberseler! Onda dagy
serçeler edebiýatynyň düýbüni tutujy hökmünde
Deljä ýadygärlik dikäýmeklerem mümkin.
Abraý-şöhrat diýeniňem balyk ýaly sypjyk bir
zat-da. Ahmal bolsaň, eliňden sypýar ötägidýär. Delje
süýji-süýji hyýallara gark bolup ýörkä, onuň ähli işini
pyrryk etjek başga wakalar başlanypdy. Serdaryň bir
geňeşçisi bardy. Adyna Dana serçe diýerdiler. Ynha,
şol Dana serçe özüniň äpet şänik ýaly kellesine zor
sala-sala, ahyrsoň Deljäniň düzen goşgusynyň
manysyna düşündi oturyberdi. Onam bada-bat serdaryň dykgatyna ýetirdi.
33
...Delje «Men serdarjyk, serdarjyk» diýen
goşgynyň üstünde kelle döwüp otyrka, iki sany serçe
gelip, ony alyp gitdiler. Delje barsa, serdar gahardan
ýaňa, özüniň oturan şahasy bilen bile sandyraýar.
— Ä-hä, şahyr, gel bakaly! — diýip, ol çüňküniň
arasyndan syzdyryp gürledi. Deljäniň bütin göwrejigi
bilen galpyldap duranyny görüp, ajy ýylgyrdy. —
Näme, şahyrlaryň hemmesem seniň ýaly gorkakmy?
Gel-dä golaýrak!
Iki-üç sany serçe Deljäni göter-göter edip,
serdaryň aşak ýanyndaky şaha iki gezek mündürdiler.
Ikisinde-de Delje patlap ýere gaçdy. Ahyrsoň ony şahanyň üstünde söýgetläp tutup durdular.
— Sen öz bolgusyz goşgularyň bilen Lokga serçäniň şöhratly nesillerine myjabat atýarmyşyň, olary
gorkaklykda aýyplaýarmyşyň diýip eşitdik-le!
Çynmy şol? Nä dymýaň, gürle! Gürle, ýogsa häzir iki
gözüňem özüm urup akdyraryn.
Delje seretse, iş gaýdyp barýar. Ol janhowluna bir
zatlar diýip pyşyrdady. Deljäni söýgetläp duran serçeler onuň sözlerini sesli gaýtaladylar.
— Serdarymyz! Bu şeý diýýär: «Men gorkajyk
diýen sözi eýjejik diýip düzedäýsem bolmazmy?»
diýýär.
Serdar gapdalynda oturan geňeşçisiniň ýüzüne
seretdi. Geňeşçi özüniň dana başyny ýaýkap
goýberdi. Serdar hökümli sesi bilen:
34
— Bolanok! — diýdi. — Hany, sen serçeleriň höwürtgesi ýogam-a diýjek bolýarmyşyň?
Delje ýene çüňküni ysgynsyzja gymyldatdy.
Gapdalyndaky serçeler onuň bu gezekki pyşyrdysynam serdara sesli aýdyp berdiler:
— Goşgynyň «Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok»
diýen setirini «Höwürtgäm bar, ýurdum bar» diýip
üýtgedeýin diýýä!
Delje görgüliniň bu teklibem kabul bolmady.
Garaz, oňa delalat etmek serçeleriň niýetinde ýok
eken. Ýüp syrylyp, toýnukdan geçen eken. Deljäni bir
jaýryga dykyp, dört tarapynam petiklediler. Şu
tümlükde demigip oturyşyna, Delje kän ýatlary
ýatlady. Garryja enesinden we ejesinden başlap, alamula pişiklerine çenli onuň göz öňünden hatar-hatar
geçdiler. Şu wagt garry enesi ýanynda bolan bolsa,
Delje oňa özüniň ähli başdan geçirenlerini gürrüň
bererdi, sansyz ertekini ýatdan bilýän enesi bolsa bar
ertekisini ýatdan çykaryp, agzyny açardy. Şu mahal
olaryň alaja pişigi mawlap gelsedi, bu zalym
serçeleriň baryny kowalap, allaowarra eltip gelerdi.
Häzir ýanynda klasdaşlary bolan bolsady... Wah,
bolsady ekeniň bilen gögerjek zat barmy? Indi Deljä
ol adamlary, ol ýoldaşlary görmek ýok. Her säher
turup, uly şowhun bilen mekdebe tarap eňmek ýok...
Deljäniň bir wagtky şahyrlara öýkünip: «Hoş
indi» ýa-da «Gal indi» diýen ýaly gaýgyly bir goşgy
düzesi geldi. Ýöne bu tümlükde özünden başga
35
diňlejek barmy? Häzir kagyz-galam bolsa, Delje-de
bir wagtkysy ýaly adam dilinde gürläp we ýazyp
bilýän bolsady, onda başga gep. Onda Delje öz gören
görgülerini goşga geçirip, kagyza ýazyp giderdi.
Klasdaşlaram ony bir wagt bolmasa-bir wagt
tapardylar, okap, gözlerine ýaş aýlardylar. «Şeýle
oňat, şeýle ukyply klasdaşyň gadyryny bilmändiris,
ikilikçi diýip göwnüne degipdiris!» diýip ökünerdiler.
...Gijäniň ýaryndamy ýa-da gündiziň bir çagymy,
belli däl welin, daşarda bir şytyrdy peýda boldy.
Şytyrdynyň yz ýanyndan kiçijik yş, yşyň agzynda-da
bir serçäniň çüňki göründi. Bu şol «Klasdaşyň
näme?» diýip, Deljä sowal beren serçe bolup çykdy.
— Eý, eý! Çyk, çyk! — diýip, ýaňky serçe pyşyrdady. Delje süýrenip çykdy.
— Sen, Delje, git! Häziriň özünde! Basymrak öz
klasdaşlaryň arasyna bar. Bu ýerde saňa indi gün
garasyny görmek ýok. Ýaňyja serdarymyz seniň iki
gözüňem oýup, özüňem pişikleriň öňüne oklap
gaýtmak barada buýruk berdi. Ugra! Ýene sähel salym eglenseň, işiň görülýär. Anha, gelýärlerem...
Ol serçe bir tarapa, Delje-de bir tarapa
pysyrdaşyp uçup gitdiler. Bir salym uçandan soň,
Deljäniň gulagyna yzdan bir şuwwuldy eşidilen ýaly
boldy. Seretse, bir topbak serçe ýokary-aşak bolşup,
ýetdim-ýetdim edip gelýärler. Delje bar güýjüni
jemläp, ganatlaryny ýetişibildiginden galgatmaga
36
başlady. Serçe bol, adam bol — jan her kime süýjüdä!
Deljäniň garaçynyny edip gaçýanlygyna garamazdan, kowgy barha golaýlaýardy. Ynha, kowgularyň biri: «Ä-hä, şahyrjyk, jyryp barşyňmy şu» diýip
gygyrdy. Delje bu şaňňy sesi yzyna seretmezden
tanady: Garagoluň sesi. Anha, onuň sesi eýýäm ýokarrakdan bir ýerden eşidilip ugrady.
Ýagyrnysyndan inen urgudan ýaňa Delje tas
deňagramlylygyny ýitirip, aşak kelemenläp gaýdypdy. Ýöne kynlyk bilen özüni dürsäp, ýene gaçyp
ugrady. Indi urgular çar tarapdan ýagyp başlady.
Delje ahyrsoň çydaman, özüni aşak goýberdi. Geldide, ýer bagyrtlap ýatyberdi.
Kowguçylar ony ýerde has-da gazap bilen
ütmäge durdular. Deljäniňem indi gaýtawul bermäge
gurbaty ýok. Ol diňe gözüni, kellesini penalamaga
çalyşýar. Adam wagtyndan galan endigiň etdirýänidä, ýogsam, gaýdyp kelledir gözüň hyzmatyndan
peýdalanmanyň miýesser etjegini ýa-da etmejegini
kim bilýär.
Birden serçeleriň biri: «Gaçyň, gaçyň! Gyrgy,
gyrgy!» diýip, galagoply gygyrdy. Deljäniň kellesi
abat galan borly, ol özünden gitmänkä, diňe «Gutardy!» diýip pikir etmeg-ä däl, eýsem, özüniň ýene
az salymdan gyrgynyň garnynda peýda boljakdygyny
göz öňüne getirmäge-de ýetişdi.
37
12-nji bap
Ol bir mahallar gözüni açsa, töweregi çaýkanyp
ýatan suw, astam suw, üstem suw, gapdallaram suw.
«Be-e, ýaňky meni ýuwdan gyrgynyň içi durşyna suw
eken-ow!» diýip, Delje oýlandy. Seretse, daşynda
ululy-kiçili bir topar balygam ýüzüşip ýör. Hakyky,
janly balyklar. «Asyl gyrgy meni awlamazdan öň,
balykdanam geregini edinen eken. Ýöne bularyň
heniz diri gezişip ýörüşleri täsin!» Ony ýene bir geň
galdyran zat: şu ummasyz suwuň içinde ýatsa-da,
özüniň hopukmaýşy boldy. Bir wagtlar-a ol suwa
bolanokdy, çümen badyna, öwhüldäp, zompa ýokary
çykardy. «A-how, meniň özüm bir dirimikäm?!»
diýip, ol ýene böwrüni diňledi. Ganatlaryny gymyldadyp görse näderkä? Wiý, hany, onuň ganatlary?!
Ganat ýerine, her gapdalynda beýleki balyklaryňky
ýaly ýüzgüç gymyldap dur. Endam-janam sowut
geýdirilen ýaly, ýaldyrawuk teňňeden örtülen. Ol bu
ahwalatdan baş çykaryp bilmän, deňinden geçip
barýan balyklaryň birini saklady:
— Dost jan, aýtsana, men kim? Serçemi ýa balyk?
Ötegçi balygyň çüýşeden ýasalan ýaly göm-gök
hem-de tegelek gözleri öňküsindenem tegelenen ýaly
boldy. Agzy öweldi. Ol şeýdip durdy-durdy-da,
«lykyr-lykyr» edip, agzyndan bir süri düwme goýberdi. «Üstümden gülýär-ow, peläket!» diýip, biziň
balygymyz (öňki Delje) içini gepletdi.
38
Ol ep-esli wagty şeýle gümürtik ýagdaýda
geçirdi. Özüni ilkibaşda serçä öwrüp goýberen jadygöý onuň hakydasyna geldi. «Bu şondan başganyň
işi däl — diýip, biziň balygymyz belli karara geldi. —
Hawa-da, adamdan serçe ýasap bilýän jadygöý üçin
serçeden balyk ýasamanyň näme kynlygy bar!».
Oglan-balyk uzak oýlanyp durmady, içinden:
«Aý, muňa-da sag bol, jadygöý aga!» diýip, beýleki
balyklaryň arasynda goşuldy gidiberdi. Balyklar
serçeler ýaly «Kim sen, nireden geldiň, kimiň
jansyzy?» diýip, ýürege düşüp durmadylar. Asla täze
gelen balyga ünsem bermediler. Bularyň aladaly
görnüşleri, garabaşynagaý bolşup, eýläk-beýläk hars
urup ýörüşleri oglan-balygy geň galdyrdy. Bularyň
ýekejesini bir salym saklap, iç döküşjek gümanyň
ýok. Göräýmäge seni diňläp duran ýalydyr welin,
birdenem öwrüler-de, nirädir bir ýere peýkam kimin
süýnüp gider. Görseň, ýa-ha ol bir balygy kowup
barýandyr ýa-da başga bir balyk onuň mekgesine
münüp gelýändir. Biziň balygymyz: «Bular bir
möhüm zadyň ugrunda-ha çapyşyp ýörler welin...»
diýen netijä geldi.
Diňe käte-käte dört-bäş sany balyk bir ýere
üýşýärler-de, ýaltalyk bilen pallaşyp, özara pikir alyşmaga durýarlar. Bir gezek şeýle özara pikir alyşma
gatnaşmak oglan-balyga miýesser etdi. «Şu gün pylan
bekre üç sany çapagy lak-luk agzyna atdy» diýip, şonda üýşen balyklaryň biri gürrüňe başlady. «Ýaňyrak
39
ol bekränem bir uly lakga lak-luk agzyna atdy» diýip,
ikinji biri söze goşuldy. Üçünji, dördünji balygyňam
gürrüňi kimiň-kimi «lak-luk atanlygy» barada boldy.
— Tiz suwam-a sowap başlar — diýip, biziň balygymyz gürrüňiň ugruny üýtgetmäge çalyşdy.
Balyklar onuň ýüzüne parhsyz seredişdiler. Ýaňky
söze başlan balyk pallady-da:
— Dogry aýdýaň! Suw sowar welin, onsoň hemmeler söwenleri lak-luk atyp başlarlar, söwenler sowuk suwda gaty gaçyp bilenoklar — diýdi.
Garaz, näme hakda söz açylsa-açylsyn, gepgürrüň syrygyp, «lak-luka» geldi durdy. Soňra bujagaz söhbetiňem soňuna çykyldy. Balyklar ýene
kimiň kimi lak-luk atanlygyny ýada saljak bolýan
ýaly, çuňňur oýa batdylar. Şol pursat bulardan has
kiçiräk bir balyk haýaljak ýüzüp, gapdaldan geçiberdi
welin, gürrüňdeşleriň biri çaltlyk bilen öwrüläge-de,
ony ýuwdup goýberdi.
— Bu ýaňkyny lak-luk agzyna ataýdy! — diýşip,
beýleki balyklar hälkiniň öwgüsini ýetirdiler. Ol bolsa kiçigöwünlilik bilen: «Aý, sizem-ä... üýtgeşik bir
atan zadym ýok-laý» diýip utanjyrady.
Şundan soň ýene öňki-öňkülik başlandy. Kowha-kow, ur-ha-tut. Anha, biri özünden kiçijik başga
birini ýuwdup goýberdi-de, gözlerini süzüp, biraz
durdy. Şol wagt has ulurak balyklaryň bir gelip, onam
agzyna atdy. Bu-da gözüni süzüp durka...
40
Bilesigelijilikden
oglan-balygam
adamyň
külembikesi ýalyjak bir balygy «lak-luk atyp» gördi.
Balyjak ýüzgüçleri bilen onuň tas bokurdagyny ýyrtypdy. Oglan-balyk ony aňyrsyna geçirýänçä, azap
baryny gördi. Şunda ol balyk ýuwdan balyklaryň
keýpine gözlerini süzmeýändiklerine, ejirden ýaňa
şeýdýändiklerine akyl ýetirdi.
Ýuwdulan balyjak aňryk geçensoňam, oýun
baryny turuzdy. Oglan-balygyň içinde eýläk bir,
beýläk bir ýüzdi ýördi. «Wah, iç-goşlarymyň-a işini
görendir!» diýip, oglan-balyk howsala düşdi.
«Içimdäkiden bir dynsam bolýar. Soň etjegimi bilýän.
Özüm-ä bir ýuwutmaryn, beýlekileriňem bir-birini
ýuwutmaklaryna ýol bermerin» diýip, ol öz-özüne
söz berdi.
Soň ol agzyny giňden açyp, çygylyberdiçygylyberdi. Onuň gözleriniň öňi garaňkyrap, başy
aýlanyberende, hälki ýuwdan balygy agzyndan atylyp
çykdy. Çykdy-da, aňyrrak ýüzüp baryp, oglan-balygyň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. Soň dodajygyny çömmeltdi-de, öz ugruna ýüzüp gitdi.
Oglan-balyk bolsa häzir möhüm bir meseläniň
daşyna geçipdi. «Bularyň bu bolşunyň telekdigini özlerine nädip düşündirmeli?! — diýip, ol oýlanýardy.
Ýöne düşündireniň bilen-ä düşünmezler. Düşünmedig-e «2-lik» goýjak diýseň näderkä? Wiý, mekdep
bolmadyk ýerde «2-lik» näme işlesin diýsene! Onda
mekdep açaýmaly bolar-da... Mekdep açmaly we
41
«Ähli balyklar dostdur hem dogandyr» diýen temadan günde azyndan bir sagat okuw geçmeli. Gulak
asmadygyňam «2-likden» ýüküni ýetirmeli. Ynha,
şeýtseň, bulary akylyna aýlandyryp bolar. Ýogsam,
bir birini ýuwdup tüketjeg-ä bular!»
13-nji bap
Şeýlelik bilen, biziň balygymyz balyklaryň arasyndaky ilkinji mekdebiň düýbüni tutdy. Mekdebiň
okuwçylygyna ol dürli ýaşdaky, dürli kysymdaky
balyklary seçip aldy. Onuň plany boýunça, dürli
ýaşdaky, dürli kysymdaky balyklaryň arasyndaky
agzybir ýaşaýşyň nusgasy hut şu mekdepden başlanmaly. Onsoň mekdebiň okuwçylarynyň äbede-jüýjeligini görüp, beýlekilerem öz boluşlaryndan utanmaly, ökünmeli we şuňa meňzeşler.
Biziň balygymyz ätiýaçlylygam elden bererli däl,
ol mekdebe özünden iriräk balyklaryň birinem almady. Bilip bolmaz, birden bularyň «lak-luk» keseli
tutaýsa...
Günleriň bir günem «Hernä, 1-nji sentýabr bolaýsaň gerek!» diýip, oglan-balyk okuwa başlap goýberdi. Suwuň düýbünde ýerleşen iki sany tümmegiň
aralygyndaky uly boşlukda balyklaryň taryhyndaky
ilkinji okuw sapagy gyzyşdy.
Oglan-balygyň janygyp berýän gürrüňlerini
balyklar agyzlaryny öweldişip diňlediler. Gürrüňi
bolsa ol has aňyrrakdan — balyklaryň ýaňy döräp ug42
ran döwründen başlady. Ondan öňürtem, özüne mundan beýläk diňe «Mugallym!» diýip ýüzlenmelidigini
ýatlatdy.
— Hawa, görşüňiz ýaly, hiç bir jandaram, şol
sanda balyklaram aňsatlyk bilen emele gelmändir —
diýip, ol sözüniň soňunda öz mugallymlarynyň biriniň sözlerini gaýtalady.
— Siz ýöne-möne balyk däl-de, eýsem, ýigriminji asyryň balyklarysyňyz! — diýibem, başga bir
mugallymyň sözlerini üýtgedibräk ulandy. Onuň
niýeti — şunuň bilen bir günlük sapagy geçip gutarmakdy. Ýöne şol wagt balaja balyklaryň biri ýoknasyzlygyny edip, onuň bar keýpini uçurdy. Ýaňky
balyjak özünden öňde duranyň guýrugyndan saldy
agzyna. Öňdäki görgülini onuň agzyndan zordan
aldylar.
Bu okuwçysynyň göz-görtele bihaýalygyna oglan-balygyň ýaman gahary geldi.
— Men seniň temmiňi bererin! — diýip, ol hälki
bezzadyň üstüne dergazap bolup gygyrdy. Şol pursat
«mugallymyň» edil alkymynda duran daýawrak biri
haýallyk bilen gozgandy-da:
— Mugallym, rugsat etseň, şonuň temmisini
özüm bereýin-le! Ol zaňňar düýn meniňem guýrugymdan dişledi... — diýdi. «Mugallym» agzyny açmaga ýetişmänkä-de, bu daýaw ýaňky garagollyk
edeniň ýanyna ýüzüp bardy-da, sen-men ýok ony ýuwutdy oturyberdi. Soňam hiç zat bolmadyk ýaly,
43
ýerine geçdi. «Berekella!» hantamaçylygy bilen
«mugallymyň» ýüzüne seretdi. Oglan-balyk diňe:
— Bar, mekdepden gümüňi çek... — diýip bildi.
Bokurdagyna gelen gahar başga zat diýmäge oňa
mümkinçilik bermedi. Temmi berlen ýeňsäni el ýaly
etdi. Ýöne «mugallym» wagty bilen köşeşip bilmedi.
— Bir-biriňizi symyşlap ýörenden, aç gyrlaýsaňyz bolmaýarmy?! — diýip, ol okuwçylarynyň üstüne gygyrdy. — Anha, ak amurlar ömrüni ot iýip geçirýärler, açlykdan öläýenog-a şolar...
Balyklar özleriniň juda utanýandyklaryny aňlatmak üçin, gabaklaryny aşak goýberip, guýruklaryny
haýaljak gymyldatdylar.
...Bu peýdaly sapaklar entegem kän-kän dowam
etmelidi. Oglan-balygyň mekdebiniň şöhraty gitdigiçe uzaklara ýaýraýardy. Okuwçam kem-kemden
köpelip barýardy. Ýöne...
Bir gezek pälwansypat balyklaryň biri bularyň
mekdebini görmäge geldi. Sapagyň ýaňy gyzan wagtydy. Biziň balygymyz bolsa gözlerini ýumup, ýüzgüçlerini kelemenledip gürleýärdi.
Pälwansypat balyk çeträkde duran kiçileriň birinden «Bu kim?» diýip sorady.
— Bu biziň mugallymymyz! — diýip, körpe balyk buýsanç bilen jogap gaýtardy.
— Bä-ä-äý! Henize çenli mugallym diýlen balygyň etini iýip görmändim-äý! Süýjüdir öz-ä! — diýip,
pälwan gözlerini süzgetletdi. Haýallyk bilen oglan44
balyga tarap ugrady. Körpe balygam onuň yz ýany
bilen öňe okduryldy. — Miltem edäýmegin! — diýip
gygyryp, pälwan sypatlynyň öňüne böwet boldy.
Henize çenli balygyň balygy gorajak bolup topulanyny görmedik pälwan agzyny açaýdy. Ýöne bu
geň galyjylyk körpe balyk üçin heläkçilik bilen gutardy, ol badyny saklap bilmän, göni gelip, pälwansypatlynyň aňalyp duran agzyna girdi.
Onýança beýlekilerem özüni dürsemäge ýetişdiler, hüwwe örüp, «mugallymyň» daşyna agyl bolup
aýlandylar. Özüne göwni ýetýänleriň dört-bäş sanysy
bolsa pälwan balyk bilen gidişip başlady. Eýleden bir
süsüp, beýleden bir çekip, onuň eňter-pelegini
öwürdiler. Pälwan balyk ahyrsoň çydamady,
höküdikläp gaçmaga ýüz urdy.
Oglan-balygyň begenäýşini bir görsediňiz!
«Okuwçylarym meni ölümden gutardy» diýip begenenok-da, «Okuwçylarym maňa düşünip ugrapdyrlar» diýip begenýär. Adam wagtyndakysy ýaly
gerlip duran elleri bolan bolsa, ol häzir okuwçylarynyň baryny ýeke-ýekeden gujaklap çykardy.
...Birden balyklaryň arasyndan «Gelýärler! Ýene
gelýärler!» diýen howsalaly ses çykdy. Seretseler,
ynha, bir topar men diýen balyk, suwuň astyny
tolkundyryp, süýşüp gelýärler. Iň öňde-de hälki ýeňse
berip gaçan balyk.
Biziň balygymyzy bu ahwalat aljyratdy. Ol näderini bilmän, dört ýanyna garanyberdi. Dogry-da,
45
suwasty söweş boýunça onuň entek çigit ýalyjagam
tejribesi ýok ahyryn. Kesek atyşmaly ýa-da ýaka
tutuşmaly bolsa, ol hem agzyny açyp durmazdy. Iň
bolmanda, serçe bilen uruşdyrsalaram, bir gününi
görerdi. Bu ýerde welin...
Onuň bu çykgynsyz ýagdaýyny aňdymy-nätdimi,
okuwçylaryndan özüne göwni ýetip ýören dogumlyja
biri öňe çykdy. «Pylanym pylany! Siz mugallymy
goraň!» diýip, ýoldaşlarynyň dört-bäş sanysyna
buýruk berdi. Galanlarynam ýerli-ýerinde goýuşdyryp, goranyş meýdanyny berkitmäge başlady.
Onýança başky zarbanyň ilkinji tolkuny gelip ýetdi.
Balyklaryň arasynda adaty bolmadyk söweş başlady.
Söweşýänleriň bir tarap-a gara bokurdagyň ýesirleri,
beýlekisem täze, düşünjeli ýaşaýşyň tarapdarlary.
Oglan-balygyň okuwçylary özleriniň kiçijikligine, ejizligine seretmezden, uly ýürek, çensiz batyrlyk bilen garpyşýardylar. Diňe seňseläp ýa-da
ölüm ýarasy düşenden soň, söweş meýdanyny terk
edip, haýallyk bilen ýokary göterilip gidýärdiler.
Elbetde, oglan-balygam bu döwüşi keseden synlap, uzak ýatyp bilmedi. Goragçylaryny ýanyna alyp,
agzyny hatap ýaly açyp, uruş meýdanynyň çetinden
girdi.
Ýöne hernäçe gidişseler-de, güýç deň gelmedi.
Oglan-balygyň okuwçylarynyň hatary gitdigiçe
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Adam bolmak kyn eken - 3
  • Parts
  • Adam bolmak kyn eken - 1
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2056
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn eken - 2
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2038
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn eken - 3
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2047
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn eken - 4
    Total number of words is 790
    Total number of unique words is 561
    47.5 of words are in the 2000 most common words
    58.6 of words are in the 5000 most common words
    64.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.