Latin

Adam bolmak kyn eken - 1

Total number of words is 3590
Total number of unique words is 2056
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Kömek Kulyýew
ADAM BOLMAK KYN EKENI...
Erteki-powest
Waleriý Medwedewiň «Barankin, adam bol!» atly
powestiniň äheňinde.
1-nji bap
Olam ilki siziň ýalyrakdy. Kiçijik bir adamdy,
ýöne adamdy. Her gün säher bilen jaňly sagadyň
sesine tisginip turardy, demlengi duran çaýa agzyny
ýakdyryp, bir eline sumkasyny, bir eline-de kökesini
alyp, mekdebe tarap eňerdi.
Ullakan klas žurnalynda, il deňinde onuňam ady
bardy. Ýöne ol öz adyny asla halamazdy. Sebäbi, şol
at zerarly onuň gören görgülerini sanap çykjak
bolsaň, demiň tükenýär. Beýle diýsem, iliňkiden
üýtgeşik, iliňkiden ýaramaz ady bardyram öýtmäň.
Onuňky ýaly ady göterip ýören, özem birkemsiz
göterip ýören oglanlar bir däl, on dal, gaty kän. Ýöne
onuň pikiriçe, şol ady dakynyp ýören oglanlaryň
hemmesem baryp ýatan bagtsyz, keçmaňlaý bolmaly.
Sebäbi şol at ony her gün sazanaklap tagtanyň öňüne
çykmaga çagyrýar. Şol adyň yzynda iki eplenişip
duran «2-likler» ony ene-atasynyň, deň-duşlarynyň
öňünde ýüzügara edýär. Her gezekki ene-atalar
ýygnagynda şol at tutulan badyna, mugallymlar ýerliýerden jibrinişip, käýinişip ugraýarlar.
Ynha, indi alty-ýedi ýylyň içidir, ýagdaý şeýle.
1
«Ýok, mundan at bolmaz, mundan durmuş
bolmaz!» diýip, ol içinden kän gezekler zeýrenerdi.
Klas aýnasynyň öňündäki agajyň o şahasyndan bu
şahasyna böküşip, gaýgy-gamsyz jürküldeşip ýören
serçelere onuň hut gözi giderdi. «Şularyňky hezil!»
diýerdi. «Süýji ukudan kesilip, säher bilen mekdebe
gitme aladalary ýok. Mugallymyň öňünde müzzerip
durma gorkusy ýok. Nirä gitselerem, näme etselerem
– öz ellerinde» diýerdi. «Wah, menem şularyň biri
bolsam bolmaýarmy! Ähli ýoldaşlarymyň içini
ýakyp, aýnanyň öňünde eýläk-beýläk bökjekläp
ýörsem bolmaýarmy!» diýip, ah çekerdi.
Serçelerem ony has öjükdirjek bolýan ýaly,
«jürkde-jürk», «jykyrda-jykyr». Bir köpi gören, garry
serçe bolsa käte edil aýnanyň öňüne gonýar-da, ýaňky
oglana seredip «juk-juk-juk» diýýär, hatda
başjagazynam ýaýkan bolýar. Garry serçäniň bu
hereketini özüne duýgudaşlyk hasap edip, oglanyň
bokurdagy dolardy. Şol garry serçeden başga oňa
nebsi agyrýan ýok. Serçäniňem duýgudaşlygyndan
peýda barmy näme! Ol görgüli «A-how, adamlar, bu
ikilikçi neressä haýpyňyz gelsin. Ony öz gününe
goýuň!» diýip bilmese. Ýa-da onuň ýerine ähli
sapaklary özleşdip, «5-lik» alyp berip bilmese. Iň
bolmanda öý işini işlemäge kömek edip bilsedi. Ýokla, serçe nire – bu düşnüksiz mysallar, meseleler nire.
Wah, serçeleriňki hezil-le!
2
2-nji bap
Bir bar eken, bir ýok eken, bir jadygöý bar eken.
Özüniňem soňky döwürde işi şowuna däl eken. Asyl
nirä barsa, oňa ýüz berip, sözüne ynanýan adam
bolmasa nätjek. Ulularyň-a hemmesi ony samsyk
hasaplap, üstünden gülýän eken. Kimiň ýanyna
baryp:
— Men jadygöýdürün, näme haýyşyň bolsa aýt!
— diýse:
— Göteril-ä, aňkasy aşan! Häzirem bir jadygöý
bormy? Bolaýanda-da, meniň jadygöýe galyp duran
işim ýok. Hemme zadymam bar, ýerbe-ýer! — diýip,
ony kowar eken. Yzyndanam:
— E-heý, sähne, bütinleý akylyňdan azaşaýmankaň, tizräk doktora bar, özüňi bejert! — diýip, gygyryp galýarmyşlar.
Gepiň gysgasy, jadygöý bütinleý işsiz galypdyr,
abraýdan düşüpdir.
Başga alaç galmansoň, jadygöý: «Iň bolmanda,
kiçileriň arasynda bir maňa hyrydar çykan
tapylmazmyka?!» diýip, şäherme-şäher, obama-oba
aýlanmaga başlapdyr. Özem bir gün adam sypatynda
aýlansa, ertesi towşana öwrülýärmiş, soň bir görseň,
guş bolup gaýyp ýör diýýär.
Jadygöý bir gezek penjiräniň öňünden geçip
barýarka, penjireden içerik seretse, birtopar oglanmygyzmy, kitap okap, hat ýazyp, garabaşynagaý. Olaryň
arasynda bir oglanyň welin ne hat bilen işi bar, ne-de
3
kitap bilen. Iki elini dulugyna diräp, çuň oýa batyp
otyr, özem käte-käte daşardaky serçelere seredip,
uludan demini alýar. Jadygöý onuň öňünde açylgy
duran gündelige seredip görse, gündeligiň gatlary
küýküje-küýküje garynjadan doly. Geň galan jadygöý
gündelige has içginräk seretse, ýaňky küýküjeler
garynja däl-de, «2-lik» eken. «Ä-hä, duruber bakaly!
Görýän welin, gardaş, seniňem işleriň ugruna däl
bolara çemeli. Sen-ä meniň kömegimden ýüz öwrüp
durmasaň gerek!» diýip, jadygöý içini gepletdi.
Şondan soň, ol her gün garry serçäniň sypatyna girip
gelip, ýaňky oglanyň edýän pikirlerini okamaga,
arzuw-hyýallaryny öwrenmäge başlady.
3-nji bap
Günlerde bir gün ýaňky oglan mekdepden çykyp,
gamgyn halda öýlerine gaýdyp barýardy.
Gündeliginde bolsa täzeje bir «2-lik», «2-ligiň»
gapdalynda hem oglanjygyň kakasyny mekdebe
çagyrýan hat ýatyr. Birden oglanyň gulagyna «jirkjirk, juk-juk» diýen tanyş ses eşidildi. Ol başyny
göterse, iki ädim öň ýanyndaky topbajyk çöpüň
üstünde şol garry serçe otyr.
Jany ýanyp duran oglan serçäni gorkuzjak bolup,
aýaklaryny tapyrdatdy, serçe sarsmady. Oglan aşak
eglip, ýerden kesek gözläp başlady. Serçe welin
äwenogam gözüniň gyýtagy bilen oglany synlap,
gozganman otyr. Oglan ahyrsoň daşmy, kesekmi, bir
4
zat tapyp, dikeldem welin, ýaňky serçe çöpüň
üstünden böküp düşdi-de... adama öwrüldi duruberdi.
Hälki ýumruk ýalyjak serçe, ynha, indi görseň
oglanyň üstüne abanyp:
— Salam, eý, ikilikçi oglan! Men jadygöý! Näme
haýyşyň bolsa, aýdyber! — diýip dur.
«Ikilikçi» lakamyny oglan juda ýokuş görýärdi.
Häzir bolsa ol şeýle bir aljyrady welin, hatda ýokuş
görmegem ýadyndan çykardy. Diňe biraz salymdan
soň, kynlyk bilen özüne geldi. Şol bada-da
sumkasyna ýapyşdy. Depderini çykardy. Ellerini
sandyradyp, gerekli sahypany açdy!
— Jadygöý aga, ş-şu meseläni işläp berermiň?
Ynha... «5 sany kökäniň hiç birini-de 6 bölege
bölmän, olary 6 sany çaga deň paýlamaly».
— Aý, munyň-a, iň emelsiz, siziň diliňizde aýtsam, «ikilikçi» jadygöýem çözer. Sen ýa-ha meni
oýnajak bolýarsyň, ýa-da synap görýärsiň!
— Ýok, meniň çypbakaý-çynym, jadygöý aga!
— Çynyň bolsa, diňle onda! 5 kökäniň 3-siniň her
birini iki deň bölege bölüp, 6 sany deň bölegiň her
birini bir çaga bereris. Soňra galan 2 kökäniň her
birini 3 bölege bölüp, 6 sany deň bölek alarys we her
birini bir çaga bereris. Ine, şeýtseň, kökäni 6 bölege
bölmegiň geregem bolmaz — diýip, jadygöý meseläni çöp döwen ýaly etdi.
— Bäý-bä-ä...
5
Okuwçy üçin şundan artyk jady gerek däl. Ondada ikilikçi üçin. Şeýle kyn meseläni bir demde çözüp
bilýän adam ýa jadygöý bolmaly, ýa-da mugallym.
— Başga nähili haýyşyň bar, oglan?
— Ertir meniň kakamy mekdebe çagyrýarlar.
Men zerarly, onuň ýene ýüzüni gyzardarlar. Olam
gelip, meniň eýimi ýetirer. Sen ertir mekdepde
mugallymlaryň hemmesi biragyzdan meni öwer ýaly
et! Goý, olar beýlekileriň kakalaryna diýişleri ýaly,
meniň kakama-da «Ýoldaş pylanyýew! Şeýle ukyply,
akylly ogul ösdürip ýetişdirýänligiňiz üçin, köp sag
boluň!» diýsinler.
Jadygöý bir salym oýurganyp durdy-da, başyny
ýaýkady:
— Aý, ýok, oglanjyk, munyňy men oňarman.
Mugallymlara meniň jadym ýöremez. Olar menden
bilimli, menden akylly. Näme diýseň diý welin,
mugallym diýme...
Oglan jadygöýüň bu diýenleri bilen bada-bat
ylalaşdy. Başga näme haýyş etjegini bilmän, dymdy.
Jadygöý uludan bir pallady:
— Bar dilegiň şularmydy, oglan? Men-ä gidiberjek onda!
Oglan alňasady:
— Dur entek, jadygöý aga...
Oglan ýeňsesini gaşady, jadygöýüň ýüzüne
seredip, ýuwdundy. Onuň ýaýdanyp durşuny görüp,
jadygöý ýylgyrdy:
6
— Hany, sen «Serçe bolsam!» diýip ýördüň-le?!
— Wiý, haw-wa!!! Sen ony nireden bilýäň?
Jadygöý onuň sowalyna sowal bilen jogap gaýtardy:
— Serçe bolasyň gelýäni çynyňmy?
— Çypbakaýja-çynym!
— Edil häzirmi?
Oglan ikirjiňlendi. Ikirjiňlemez ýalymy! Şunça
wagtlap adam bolup gezip, birdenem serçe ýa-da
başga bir zada öwrüläýmek oýun zatmy?! Onsoňam
şu wagt serçä öwrülip oturyberse, onuň sumkasyny,
kitap-depderlerini kim öýe eltsin.
Sumkasy, sumkanyň içindäki gündelik, gündeligiň içindäki «2-lik» bilen kakasyna ýazylan hat
ýadyna düşende, oglan tisginip gitdi, ony gaýtadan
der basdy. Neresse:
— Hawa, häzir! Edil häzir! Duran ýerimde... —
diýiberdi.
— Onda men tä gözden ýitýänçäm, sen «jürkjürk-jürk» diýip, iki eliňem ganat ýaly galgat-da
duruber. Men gözden ýiten badyma, sen serçä
öwrülersiň — diýip, jadygöý ugraberjek boldy.
— Dur entek, jadygöý aga! Serçä öwreniňe görä
meni serçe dilinde gürlär ýalam et-dä!
— Bolýa, seniň diýeniň bolsun! Ýöne onuň deregine sen indi adam diline düşünseňem, gürläp bilmersiň.
7
— Aý, adam dilinde gürlemegiň maňa geregem
ýok! — diýip, oglanjyk elini salgady. — Serçelerde
mekdep, okuw, sapak diýlen zatlar ýokdur-a?
— Ol zatlar-a ýok. Ýöne sen ýene bir zady bilip
goý, men gaýdyp adama öwürmegiň tärini bilýän
däldirin!
— O-da hiç!
Jadygöý yzyna öwrüldi. Onuň tä garasy ýitýänçä,
oglan göýä uçjak bolýan ýaly ellerini galgadyp,
«jürk-jürk» diýip, gaýtalady durdy. Birdenkä ol özüni
guşuň peri ýaly ýeňiljek duýdy.
Gulaklarynda ýel şuwwuldap, gözleri ýaşaryp
ugrady. Ol gözüni açalak-ýumalak edip, aşak seretse,
jaýlar ýumurtga ýaly, adamlar hem garynja ýalyjak
görünýär. Asyl ol eýýäm uçup barýan bolsa nätjek!
Onuň «E-heý, adamjyklar, maňa serediň, maňa!»
diýip gygyryberesi geldi.
4-nji bap
Ol tä ganatlary ýadap, ysgyndan gaçaýýança
uçdy. Heziller edindi. Mekdebiň üstünden on-on bäş
öwrüm edip, soň öňki öýlerine tarap tutdurdy. Işikde
ösüp oturan garry tuduň şahasyna baryp gondy-da,
aşakdaky, ýeriň üstündäki durmuşy ýokardan
synlamaga başlady.
Gapydan ilki bilen ýaňy mekdebe gatnap ugran
inisi çykdy. «Anha, indi öýüňem, mekdebiňem bar
jebrini özüň çekiber!» diýip, serçä öwrülen oglan
8
içini güldürdi. Onuň şu wagt hakyky serçe bolup,
tuduň şahasynda oturanlygyny biläýse, inisi
näderdikä?! Geň galmakdan hem görübilmezlikden
ýaňa gözi hanasyndan çykardy. «Eje-e-e, menem
serçe boljak!» diýip, zörledip ugrardy. Oglan-serçe
durup bilmedi. Şuwlap aşak gaýtdy-da, inisiniň edil
burnunyň öň ýanyndan okkesdirme geçdi. Inisi
gorkudan ýaňa tas arkan ýykylypdy. Ol gözüni elekçelek edip, esli wagt durdy. Onýança içerden:
— Gyýw, Batyr, seret hany, gelmeýärmi? — diýip, ejesiniň sesi çykdy. Inisi burnuny çekip
goýberdi-de, duran ýerinden töweregine garanjaklan
bolup:
— Ä-ä, gelenok! — diýdi.
«Samsyk, agaň depäňde otyr ahyryn!» diýip,
oglan-serçe içini gepletdi. Soňrak ejesiniň özi çykyp
seretdi. Elini gözüniň üstüne kölegeledip, kän durdy.
— Wah, şundan ýaňa göwnüm ynjalman, gulagym dynman gitdi-dä! — diýip, hüňürdeý-hüňürdeý
içeri girdi.
Bäş-on minut geçmänkä, ejesi ýene çykdy.
— Batyr, bar, görüp gel hany, Gurban dagy gelipmi?!
Oglunyň klasdaşlary Gurban dagynyň bireýýäm
gelenini eşidenden son, ejesi hasam howsala düşdi:
— Allajanlarym, näme bolduka muňa? Maşynpaşynyň aşagyna düşmedik bolsa ýagşydyr hernä!
9
— Aý, näme bolandyr öýdýäň şo bihepbäňe!
Sapakdan soň mekdepde alyp galandyrlar ýa-da
oglanlar bilen pökgi kowalap ýörendir — diýip, kakasam içerden dillendi.
— Wah, balajygym nirede bolanda-da, şu wagta
gelmel-ä! Gün ýaşyp barýar ahyryn!
Ejesiniň jibrinip, iki ýana zowzuldap ýörşüni
görende, oglan-serçäniň bogazjygy doldy. Ejesi özüni
beýle gowy görýändir öýdüp, onuň şu wagta çenli
kellesine-de gelenokdy. Ol saklanyp bilmän, tas «Eje,
men bärde!» diýip gygyrypdy. Özüniň indi adam
dilinde gürlemäge hakynyň ýoklugy ýadyna düşüp,
hyrçyny dişläýdi.
Onýança ýokardan şuwwuldap bir topar serçe
geçiberdi. Oglan-serçe petekesini dolduryp, uludan
demini aldy-da, kynlyk bilen ýokary göterildi.
Serçeleriň yzyndan uçdy gitdi.
5-nji bap
Ilki-ilkiler ol barada serçeleriň arasynda uly
gürrüň boldy. Gürrüňiň başyny bir gözi çaşyrak,
uruşganlygyndan bolsa gerek — kellesi tä beýnisine
ýetiberýänçä çokulan, şol bolşuna-da juda
garagolsyraýan serçe başlady:
— A-haw, serçeler, täzeden bäri aramyzda biri
görünýär welin, asyl öň göze ilýän zat däldi-le?!
Özem hondan bärisiräp, ile goşulanog-aý!
— Haww-aý, gökden düşen ýaly öz-ä!
10
— Dilem çalgyrdrakmy-nämemi?..
— Dilini özi bilsin welin, asyl oňarýan zady ýok
onuň! Ne gurçuk çöplemegi oňarýar, ne-de çekirtge
tutmagy.
— A-haw, birhili syrlyja görünýär welin, Çotdy
serçe dagynyň iberen jansyzy bolaýmasyn şu?!
— Aý, senem onarýaň-ow! Onun ýaly nalajedeýindenem bir jansyz bolarmy! Hol Çalyň ýa-da Körüň
toparyndan azaşyp galan aňkaw diýerler oňa!
— Azaşanam däldir şol. Kowlup gelendir.
Iň ýokardaky şahada sesini çykarman oturan
gartaşan serçe bir ganatyny galdyrdy. Jedel tapba
ýatdy. Gartaşan serçe serçelere mahsus bolmadyk
agraslyk bilen söze başlady:
— Jemagat! Hemmäňiz pikiriňizi aýdyp bolan
bolsaňyz, indi maňa gulak asyň! Çalgyrt bolsa-da,
aňkaw bolsa-da, başga topardan bolsa-da, azaşyp ýada kowlup gelen bolsa-da, ol serçe. Ser-çe! Diýmek,
özümiziňki. Kesip taşlara ýerimiz ýok. Şonuň
üçinem, ony gyrakladyp, gybatyny edip ýörmän,
gaýtam, özümize çekjek bolalyň! Belki, öwrenişip
bilýän däldir, belki, başga bir derdi bardyr. Meniň
pikirimçe, oňa haýsy-da bolsa bir möhüm ýumuş
tabşyrmaly we şeýdip ony zähmet arkaly terbiýelemeli!
«Zähmet arkaly terbiýelemek» diýmeklik
serçeleriň dilinde sütüniň süýnýänçä işletmekligi
11
aňladýardy. Şonuň üçinem serçeler ýaňky gartaşan
serçäniň pikirini bada-bat alyp göterdiler:
— Eý, biziň parasatly, ýeňilmezek serdarymyz!
Seniň sözleriňde diňe hakykat bar. Biz seniň akylyňa,
adalatly hökümiňe öňem boýundyk, häzirem boýun!
— Hawa, ojagaz deljäni serdaryň aýdyşy ýaly
edip terbiýelemeli!
— Goý, özüni görkezsin!
— Ynamy ödemese-de, görübiris!..
— Duruň-how entek! Hany, oňa näme ýumuş
tabşyrarys?
Serçeleriň arasyna dym-dyrslyk aralaşdy. Olaryň
pikirini bilmek üçin, toparyň serdary — gartaşan serçe-de sesini çykarmady. Umuman, ol beýlekileriň
sözlerini diňläp-diňläp, iň soňundan hemmesinem
ýalana çykaryp goýbermegi gowy görýärdi.
Birhaýukdan soň, perleri sal-sal, bir serçe naýynjar halda dillendi:
— Eger garşy bolmasaňyz, serdarymyzam makulla-sa, şol täze gelen serçäni maňa berseňiz! Meniň
maşgalam agyr, eklejegem özüm. Kakalarynyňam...
— diýdi-de, gözlerini ýaşartdy.
— Ejizleme, Küleje, ejizleme! — diýip, bir ekabyr serçe onuň sözüni böldi. — Seňkiden agyr
maşgalany ekläp gördük, ýeke özümiz ekledik.
Şonda-da zeýrenmäň, ejizlemäň nämedigini bilen
däldiris. Merdräk bolarlar...
Maslahaty serdar jemledi:
12
— Onda mende şeýle bir teklip bar! Agsak janawaryň nä güne düşenin-ä hemmäňizem bilýäňiz.
Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň, pişige ýesir düşüp,
serçelerçe gurban boldy. Onuň ýanýoldaşam bir
bezzadyň kemanyndan heläk boldy. Höwürtgelerinde
bir topar ýumurtga eýesiz galdy. Ine, şol höwürtgäni,
şol ýumurtgalary täze geleniň — Deljäniň boýnuna
ýükläýsek diýýärin. Goý, sakçylyk etsin, çülpeler
ýumurtgadan çykansoňam ekläp-saklap, ile goşsun!
Serçeler mähellesi serdaryň bu teklibinem
biragyzdan alyp göterdi. Iki sany serçe ýör-hä-ýör
bilen Deljäni (oglan-serçä bizem indi Delje
diýibereliň!) öňlerine salyp geldi. Serçeleriň düzümdüzüm bolup oturanyny gören Deljäniň huşy
başyndan uçdy. «Hiýh, ene-atalar ýygnagy oguşýan...
Işim gaýtdy!» diýip, ol pikir etdi.
— Serdaryň ýanyna, serdaryň! — diýip, ony alyp
gelen serçeleriň biri çüňki bilen onuň ýeňsesini
çalarak gyzdyryp goýberdi. — «Wah, öňräjik, men
entek adamkam, şeýtjegiňizi bilen bolsadym,
serdaryňyz-perdaryňyz bilen birlikde dyr-pytrak
ederdim welin...» diýip, Delje içini hümledehümlede, serdaryň gaşyna bardy.
Serdar oňa tarap gözüniň gyýtagyny çalaja
aýlady-da, serdar gedemligi bilen sowal berdi:
— Sen, bi, Agsaklaryň höwürtgesini bilýäňmi?
Delje görgüli Agsagy nireden bilsin — towsagy
nireden bilsin. Ol eginjigini gysdy.
13
— Bilmeseň, görkezerler. Şol höwürtge üçin, höwürtgedäki ýumurtgalar üçin başyň bilen jogap
bermelisiň! Bu gün-erte ol ýumurtgalardan bir topar
eýjejik serçe çykar. Olary eklemegem seniň boýnuňa.
Ýatdan çykarma, eger şolara bir zat bolaýsa... —
Serdar haýbat bilen pysyrdady. — Onda men seni öz
çüňküm bilenjik üterin!
6-njy bap
Agsaklaryň höwürtgesi obanyň garagörnüm
çetindäki harabanyň jaýrygynda ýerleşýän eken.
Delje bu harabanyň her bir kesegine, deşiginejaýrygyna bäş barmagy ýaly beletdi. Öň özi ýaly
işýakmaz oglanjyklaryň bir topary bilen höwürtge
bozmaga telim sapar gelipdi.
Delje köne höwürtgä, onuň içinde akjaryp ýatan
ýumurtgalara seňrigini ýygryp seretdi. Aýajygy bilen
olaryň birini çalarak depibem goýberdi. Birdenem,
serdaryň haýbatly sözleri ýadyna düşüp, töweregine
ýaltaklady. Uludan demini alyp, emaý bilen
ýumurtgalaryň üstüne çökdi. Bir salymdan soň,
beýdip oturmaga-da karary ýetmän, böküp daşary
çykdy, Gum-kesege öwrülip barýan harabany
täzeden, serçe nazary bilen synlady. Höwürtgeden
ýere çenli aralygy gözi bilen ölçäp gördi.
— Äý, nadanlar diýsänim! Ýerden ýigrimi bäş
gulaç ýokarda diýip öwýän höwürtgäňizem şumy? —
diýip, hälki özüni getirip giden serçeleriň yzyndan
14
käýinjiredi. — Munyňyz ýerden iki gulajam ýog-a!
Bir oglanjyk beýlekiniň egnine münse, bujagaz
höwürtgäni kellesine geýibem giderler... Aý, geýsegeýip geçsinler, tozdursa-tozdursynlar, maňa näme!
Uçar-da giderin.
Şol wagt serdaryň «Öz çüňküm bilenjik üterin!»
diýen sözleri gaýtadan gulagyna gelen ýaly boldy,
göýä serdaryň polat çüňki depesinden inip gelýän
ýaly, boýnuny içine ýygryp, kellejigini eginleriniň
arasynda gizledi. «Üter, hökman üter! Perimi
tozdurar, gözümi akdyrar!» diýip, galagop halda
oýlandy. «Ýeri, onda nätmeli? Ýokarrakdan başga
höwürtge gurmalymy? Aý, täzesini gurýançaň,
sütüniň süýner-le... Ýokarda boş duran höwürtge
ýokmuka?»
Delje pysyr-pysyr edip, o diwardan bu diwara, o
jaýrykdan bu jaýryga gatnap başlady. Uzak wagtlap
sermenenden soň, harabanyň belent ýerinde gurlan
bir bolgusyzja höwürtgäniň üstünden bardy. Onsoň
bir ýerden adamyň aýasy ýaly letde tapdy.
Ýumurtgalaryň birini şol letdäniň üstüne togalap,
letdäniň dört burçunam bir ýere jemledi-de, çüňküne
gysdyryp, täze tapylan höwürtgä eltip geldi.
Ýumurtgalary şeýdip ýeke-ýekeden daşady. Öler ýaly
ýadady. Ajykdy. Ýöne nätsin, näme iýsin? Beýleki
serçeler ýaly gurçuk-purçuk, mör-möjejik tutup
garbanaýyn diýse, işdäsi alanok. Gaýtam, beýlekiler:
15
«Şu gün pylança gurçugy bir özüm lak-luk atdym»
diýip, öwnüşip ugrasalar, onuň aňyrsy bärsine gelýär.
Bugdaý-jöwen bişerden bolsa entek ir. Çörek
owuntygynyňam çaşyp ýatan ýeri ýok. Bar ýerinden
çöpläýjegem bolsaň, ullakan töwekgelçilik gerek.
Başyňy etegiňe salyp gitmeli. Çörek owuntygynyň
pytrap ýatan ýerinde dyrnaklary syh-syh pişikleriň,
eli kemanly bezzatlaryň köwejekleşip ýörýändigini
kim bilmeýär?!
Öňküler ýaly, «Gel, balam, naharyň sowady»
diýere ejesi ýok. Oýnap ýörkäň ajygaňda, «Bar,
öýden çörek getir! Üstüne-de mesge çalyp getir!»
diýip iberer ýaly inisi ýok. Aldap, elinden kökesini
alyp iýerin diýse, agzyny açyp ýören aňkaw Aman
ýok. E-e-eý, o döwürler... o günler... Gadyry bilinmändir-dä ol günleriň!
Deljäniň bir oňarýan zady uludan-uludan dem almak, şony berjaý edensoň, höwürtgä geçdi-de, ajöze,
ýadaw halda uklamakçy boldy. Ýöne ýumurtganyň
üstünde ýatmaga endik etmänsoň, aşagy ýumakly
ýaly, eýläk-beýläk togalanyp, uzak gijäni ukusyz
diýen ýaly geçirdi.
7-nji bap
Delje bir gün gelse, höwürtge öňküsindenem
daralan ýaly. Ozal arkaýyn girip-çykaýmasy bardy
welin, indi kellesini soksa, guýrugy daşarda galýar,
götinjekläp girse-de, kellesi daşarda somalyp dur.
16
«Bu nähili bolýar-aý? — diýip, Delje kiçijik kellesine
agram salmaga başlady. — Ýumurtgalar köpelipdagy edäýdimikä? Hany, sanap göreýin: bir, iki, üç,
...Üstünde oturanymy sanadymmaý?! Hany, bir,
iki, üç, dört... Beh, öň bir sanamda, jüp däl-de, täk
çykan ýaly-la! Köpeläýen-ä däldir-dä... Öz-özünden
nädip köpelsin! Tersine, azalan bolaýmasyn?! Azalan
bolsa, onda höwürtge daralman, gaýtam giňelmezmaý? Hany, mugallym näme diýip öwredýärdi entek?!
Mukdaryň möçbere bolan gatnaşygy... Ýok,
möçberiň mukdara bolan...» Deljäniň kellesiniň içi
bulam-bujar boldy. Özüniň hasapdan asgynlygyna ol
ilkinji gezek ýaman ahmyr etdi. Hasap diýlen zat
serçe bolsaňam, gerek eken. Wagt bolsa geçip dur,
geçip dur. Delje eýlesine-beýlesine garanmaga
ýetişmänkä, höwürtgedäki ýumurtgalar gyzgylt
öwsüp, gezekli-gezegine çyzyk açyp başlady. Ine, bir
günem olardan sary çüňklüje, gyzyletene,
birmeňzeşje jandarlar jüýgüldeşip çykdy. Çykan
batlaryna-da, «Iýjek-de-iýjek!» bolşup, Deljäniň
gulagyny guk etdiler.
Delje görgüli her gün iýmit gözleginde menzilmenzil ýol geçýärdi. Diňe garaňky gatlyşyberende,
ganatlaryny zordan galgadyp, höwürtgä özüni
atýardy. Daň ataram welin, ýene şol öňki güzeran, şol
öňki güzap.
Iýmit tapmak diýeniňem dilde aňsat ekeni.
Ýokaryk galsaň-a, depäňden gyrgy garawullap dur,
17
ýere gonsaňam, pişik ýapyrylyp gelýär. Getiren
iýmitiňi bu gyzyletenelere sag-aman iýdiräýjek
bolsaň, ondanam kyn. Ala-basgy bolşup, bir-birinden
öň iýjekler. Sähel göz-gulak bolmasaňam, iýmite
düwnüp, gök-dalak bolýarlar. Şonuň üçinem olaryň
hersi öz paýyny sag-aman bokurdakdan ötüräýýänçä, Delje höwürtgäniň agzyny saklap oturardy.
Özem olaryň gurçuklary, mör-möjekleri açgözlük
bilen ýuwudyşlaryny görmejek bolup, gözüni
ýumardy.
Ýumurtgalaryň biri juda haýal, hemmesinden soň
çyzyldy. Ýöne ondan çykan guş çagasy welin öňkisoňkynyň çaky bolmady. Asyl onuň garnynyň dok,
gözüniň doýgun wagtyna gabat gelip bolmasa nätjek!
Haçan görseň agzy açyk, haçan görseň iýermen.
Özem
kän
symyşlaýanlygyndanmy-nämemi,
günsaýyn däl-de, sagatsaýyn ýognap, ulalyp barýar.
Sanly günüň içinde ol Delje bilen deňeçer boldy, soň
ondanam ozdurdy. Indi ol Deljäniň getirýän iýmitini
diläp däl-de, basyp alyp iýýärdi. Bu bedähediň syry
basym äşgär boldy.
Käte-käte bir ýerlerden ikatýoguň «Iki-at-ýok!
Iki-at-ýok!» diýip zarynlaýan sesi gelýär welin,
ýaňky mähnet guş çagasam symyşlamasyny goýup,
diňşirgenýär. Soň o-da öňe-öňe omzap, bogazyndan
«Kat-ýo-ok» diýen ýalyrak ses çykarýar.
Delje bir gezek bu hadysanyň edil üstüne geldi.
«Ikatýok köplenç öz çagasyny özi eklemeýär. Heniz
18
ýumurtgadan çykmanka, ony başga guşlaryň
höwürtgesine taşlap gidýär» diýip, mekdepde eşiden
gürrüňi güpbe ýadyna düşdi.
Nämäniň-nämedigine göz ýetiren Deljäniň
gahary bokurdagyna geldi. «Men seniň atyňy bir
gözüňe görkezeýin-le!» diýip, ol ikatýokjygyň üstüne
topuldy. Öňdenem darajyk, çagşan höwürtgäniň
içinde gopdy bir topalaň. Boldy bir güpür-tapyr.
Deljäniň «Mugthor! Ýatyber! Bihaýa!» diýen
janyýangynly jibrinmesi, ikatýoguň naýynjar
jüýgüldisi, zähresi ýarylara gelen çülpe serçeleriň
galagoply pysyrdylary...
Delje mugthor ikatýoguň eýini mazaly ýetirenden
soň, höwürtgeden çykyp, hol beýlede gondy. Jany
agzyna gelen ikatýoguň iňlemä meňzeş jüýgüldisi
içerden soňam geldi durdy. Gahary ýatyşyp, birneme
köşeşenden soň, Deljäniň ikatýokjyga nebsi agyryp
ugrady.
«Ýowuzrak daraýdym öýdýän! — diýip, ol içini
gepletdi. — Hakyna seretseň, munda günä-de ýok
ýaly. Günä muny şeýdip taşlap giden ata-enesinde».
Delje biraz oturyp, dem-dynjyny alansoň, awuň
gözlegine çykdy. Bir çalajan ýagyş gurçugyny
çüňküne gysdyryp gaýdyp geldi. Onuň garasyny
görenden, ikatýokjyk gorkup, höwürtgäniň bir
böwrüne gysyldy.
— Näme sandyran bolýaň? Iýesim ýok! Al, düwnüp geçen...
19
Delje getiren iýmitini onuň agzyna atdy-da,
hüňür-hüňür edip, çykyp gitdi.
Ertesi goňşy serçe oňa sowal berdi:
— Ýeri, Delje, düýn höwürtgäňde näme gopgun
turdy? Gykylygyňyz-a ýaman belentden çykýardy.
— Aý... — Delje ganatyny salgap goýberdi. —
Ýumurtgalaryň birinden ikatýok çykdy.
— Senem ony ekläp ýörmüň? Kow ony, derrew
kow! Gümüni çekip goýber!
— Kowaňda, ol nirä gitsin? Enesi bolmasa, atasy
bolmasa, agasy ýa inisi bolmasa. Guş diýeniňde iň
bolmanda klasdaş-zadam-a ýok, bir gije öýünde
ýataýaryn diýer ýaly.
— Klasdaşyň näm-aý? — diýip, goňşy serçe
onuň ýüzüne jiňkerildi.
— Dost, ýoldaş diýen ýalyrak-da!
— Dost-ýoldaşyň näme?
— Saňa nähili düşündirsemkäm... Höwürtgedeş
diýen söze golaýrak-da!
— Hä-ä! Şeý diýsene!
8-nji bap
«Bir goýundan ak hem dogar, gara-da» diýenleri
çyn ekeni. Serçe çagajyklarynyň hemmesi birmeňzeş
ýumurtgadan çyksa-da, hersi özbaşyna häsiýet bolup
döredi. Biri agrasja, hatda tekepbirrägem, beýlekisi
onuň tersine, baryp ýatan gykylykçy, uruşgan,
üçünjisi gorkak hem gysganç, bir zat iýende-de,
20
aňyrsyna bakman, gizlemän iýip bilenok. Ikatýokjyga öňdenem serçe iline goşulýan zat däl. Onuň diňe
agzy boş durmasa bolýar. Tekepbirligiň bilenem işi
ýok, gykylygyň, gysgananyň bilenem.
Delje bu ganatly ýetimjikler bilen uly görgä
galdy. Sähel haý-küş etmeseň, biri ters öwrülip,
dommarylyp otyr, nämemiş, iýmiti agzyna
tutdurmanmyşynlar, şonuň üçinem öýkelänmiş. Ýöne
onuň bilen oňuşsa boljak-la. Derdiň ýamany
beýlekide — gykylykçyda. Özüne getirilen zady iýmän, hamana, gysganjyň iýmitiniň baly bar ýaly, şoňa
ýapyşýar. Gysganç diýeniňem özüňe belli, ýekeje
owuntyk hakyny giderenden, şol owuntyga düwnüp
ölenini gowy görýär.
Ine, onsoň, iki doganyň arasynda turýar bir dawa,
turýar bir topalaň. Ol aňryk çeker, bu bärik, ol urar
çüňki, bu-da ondan kem galmaz. Şeýdip, iýmitem
ýatdan çykar, beýlekem. Şol aralykda, bularyň
agzyna seredip, ýuwdunjyrap oturan ikatýokjyk
assyrynlyk bilen geläge-de, ikisiniňem paýyny lakluk atýar.
Soňurrak, aç galan gysganç «Nätdiň, nätdiň?!»
diýip, aglamjyrap ugrar. Uruşgan bolsa çüňki bilen o
ýerini-bu ýerini barlaşdyran bolup oturyşyna
«Hakyňdan, deňje paýlaşan bolsaň, ikimize-de
ýeterdi!» diýip, ony barha öjükdirýär. Agras serçejik
bolsa doganlarynyň ikisiniňem üstüne gygyrýar-da,
soň ikisindenem öýkeläp, dymýar.
21
Delje bulary ýaraşdyrjak, oňuşdyrjak bolup,
ganat-perden, güýç-kuwwatdan aýrylyp barýardy.
Halys degnasyna degensoň, onuň käte-käte
«Sizdenem bir dogan bormy, bihepbeler! Ynha, biz
öz doganymyz bilen...» diýip gygyryberesi gelýärdi.
Ýöne özüniňem inisi bilen oňşugynyň şundan öwerlik
bolmanlygy ýada düşüp, sesini çykarmazdy.
Deljäniň bagtyna, serçejikler tizarada uçmagy
öwrendiler. Ilki bilen uruşgan uçdy. Uzakly gün
höwürtgede iýmit getirilerine garaşyp oturmaga onuň
karary ýetmedi. Ine, onsoň, bir gün höwürtgeden
kellejigini çykaryp, aşak seredip otyrka, ýerde
gyrmyldap barýan jandarjygy gördi-de: «Jik-jik,
möjejik! Jirk-jirk, möjejik!» diýip, göni aşaklygyna
gaýdyberdi. Onuň gapdalynda oturan gysganç
ýerdäki möjejigi görmese-de, doganynyň bir zat
tapanyny aňdy. Onsoň doganyndan öňürtjek bolup, oda aşak eňdi. Ikisem daş gaçan ýaly bolup, patlap ýere
düşdüler.
Soň-soň ýere patlap däl-de, gaýyp düşmegi
öwrendiler. Soň aňyrrakdan öwrüm berip gaýtmany
çykardylar. Garaz, şeýdip, uçmak işi oňuna boldy-da
gidiberdi.
Indi höwürtgede köplenç agrasja serçe bilen
ikatýok ikisi galýardy. Galanlary gazanç bilen
mübtela.
Agrasja-da näler uçjak welin, arman, agras-agras
pikirleri oňa päsgel berýär. «Hany, entek pikirlenip
22
göreýin! Uçmak diýlen zat oýunjak iş däl ahyryn!»
diýip, ol oýlanýardy. Höwürtgeden ýere çenli aralygy
gözi bilen ölçäp, uzakly gün kelle döwýärdi.
Ahyrsoň, açlyk-mätäçlik ähli hasaby bulaşdyryp
başlansoň, ol ýüregine daş baglap, gözjagazlaryny
ýumup, höwürtgeden üzüldi... Bir gün özüni aldap,
deşige sümüp giden gurçukdan gaty gördi, ertesi
ernini dyrnaçaklan tomzajykdan öýkeledi. Ýöne
herniçigem bolsa, eýdip-beýdip gün-güzeran görmegi
öwrendi.
Iň soňunda ikatýokjyk galdy. Iýmitlenmek üçin,
agzyňy açyp, gözüňi petredip oturmakdan başga-da
ýollaryň bardygyna düşünensoň, o-da uçmak bilen
boldy. Bir günden bir gün bolsa, ol awa gitdi-de,
gaýdyp gelmedi. Delje oňa kän garaşdy, geler ýerde
gelmänsoň: «Aý, bir kebelegiň ýa-da teneçiriň yzyna
düşüp, kowalaşyp gidendir-dä!» diýen netijä geldi.
9-njy bap
Serçejikleri aman-sag kemala getirip, guş
hataryna goşansoň, Deljäniň birazajyk dünýäsi giňäp,
reňki durlanyp başlady. Çüňkleri bilen ganat-perini
arassalaşdyrmaga-da, daş-töweregi, aşak-ýokaryny
synlamaga-da az-kem wagt tapyp ugrady. Daştöwerek bolsa şeýle bir gözel eken, şeýle bir hezil
eken. Hol garagörnümde saýa salyp, şaglap oturan
baglar diýermiň, ýaýylyp ýatan ekinzarlyklar
diýermiň, dürli dilde, dürli heňde saýraşýan guşlar
23
diýermiň. Gözüni ýumaga-da, aýdyma gygyryberesiň gelýär.
Her günem säher bilen harabaçylygyň gaýrasyndaky gumak ýoldan çagalar mekdebe geçýär.
Öýlänem şol ýol bilen mekdepden yzlaryna
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Adam bolmak kyn eken - 2
  • Parts
  • Adam bolmak kyn eken - 1
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2056
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn eken - 2
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2038
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn eken - 3
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2047
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn eken - 4
    Total number of words is 790
    Total number of unique words is 561
    47.5 of words are in the 2000 most common words
    58.6 of words are in the 5000 most common words
    64.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.