Latin

Adam bolmak kyn eken - 3

Total number of words is 3657
Total number of unique words is 2047
32.8 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
selçeňläp, ýan berip ugrady. Bu tutluşygy adatdakylar
ýaly «lak-luk» oýnudyr öýdüp, keseden balyk üstüne
46
balyk gelip goşulýar, gelenem oljadan galmajak
bolup, söweşiň iň gyzgalaňly ýerine okdurylýar. Ilki
bilenem oglan-balygyň ysgyndan gaçan okuwçylary
olara şam bolýardy.
Şol güpür-tapyryň arasynda biri oglan-balygyň
böwrüne çalaja dürtdi. Seretse, häli mekdebiň
okuwçylaryna buýruk berip ýören dogumlyja balyk.
Bir gözi, bir ýüzgüji harap bolupdyr, böwründe-de
çuňňur ýaranyň yzy hoňkaryp dur.
— Mugallym! Pursat elden gitmänkä, sen gaç-da
başyňy gutar... Bütin mekdepden ikimizden başga dirisi galmady. Häzir bular bir-biri bilen gemrişip ýör.
Gaç, mugallym... — diýip, ol pyşyrdady.
Biziň balygymyz kynlyk bilen dillendi:
— Ýok, men beýdip bilmerin. Mugallym adymy
harlap, gaçyp bilmen. Okuwçylarymyň ýok ýerinde
menem ýok. Gowusy, sen git, özüm seni penalaryn.
Meniň mekdebimden, iň bolmanda, ýekeje okuwçy
diri galsyn... Öz mugallymyňy ýatdan çykarma! Bar,
git basym!
— Ýok, meniň diri galaýjagym gümana, diri galanymda-da, menden haýyr az. Ynha, sen sypyp bilseň
welin, başga gep. Sen ýene müňläp-müňläp okuwçy
ýetişdirersiň. Balyklaryň arasyndan täze durmuşyň
ýeňmegine kömek edersiň...
Bularyň jedelini çözere maý bolmady. Uly balyklaryň biri olaryň kelle direşip duranyny gördi-de:
47
«Hernä, ikisem birden agzyma sygar-da!» diýen pikir
bilen, bärik okdurylyp gaýtdy.
Hälki dogumlyja balygam: «Mugallym, gaç!»
diýdi-de, duşmana garşylyklaýyn topuldy. Iki balyk
goç süsüşen ýaly süsüşdi, uly balyk az salymlyk özüni
ýitirdi, dogumlyja bolsa hereketden galyp, suwuň
düýbüne çökdi.
Oglan-balyk
mundan
artyk
eglenmäniň
peýdasynyň ýokdugyna göz ýetirdi. Bar güýjüni
jemläp, kenara tarap ýüzüp ugrady. «Şulara aw
bolandan, kenarda demigip ölenim gowudyr!» diýip,
barýarka pikir etdi.
14-nji bap
Öz hasaby boýunça, ol bu wagta çenli ýagty jahan
bilen hoşlaşmalydy. Kenara atylyp çykanyna esli
salym-a geçen bolmaly. Ol özüniň henize çenli
diriligine geň galyp, gözlerini çalaja açdy. Görse,
gury ýerde däl-de, ýalpajyk, ýylymsyja suwuň içinde
ýatyr. Ol guýrugyny gymyldadyp gördi, suw şylpşylp ses etdi.
— Tüweleme, ahyrsoň özüňe geldiň-ow! — diýip, ýokardan bir owaz geldi. Oglan-balyk jadygöýüň bu tanyş sesini eşidip, tisginip gitdi.
— Jaý wagtynda ýetişdiň, jadygöý aga! Meni tizden-tiz adama öwür! — diýip, ol pyşyrdady.
Jadygöý başyny ýaýkap, uludan demini aldy:
48
— Gadyrdan, haýwanlykdan adama öwrüp bilmeýänimi men saňa başda aýtdym ahyryn!
— Onda men nätmeli indi? — diýip, oglan-balyk
aglamjyrady. — Meniň ejemi, kakamy, inimi göresim
gelýär. Mekdebimizi, bile okan klasdaşlarymyzy göresim gelýär...
Jadygöý dymyp dur.
Oglan-balyk özi aglap, özi köşeşdi:
— Onda meni gaty güýçli bir haýwana öwür. Meselem, gaplaňa! — diýip, ol öýkeli gepledi.
— Gaplaň-a bolmaz. Bu töwerekde gaplaň gezip
ýören ýeri ýok. Şonuň üçinem, birinjiden-ä, seniň hakyky gaplaňdygyňa hiç kim ynanmaz. Ynandyraýjagam bolsaň, ilki içiňi ajy tüsseden dolduryp, hamyňy sypyrarlar-da, soň ynanarlar. O-da saňa juda
gymmat düşer.
— Hany onda, tap-da bir alajyny! Seniň jadygöý
bolanyň nirede...
— Sen... möjek bolaýsaň nädýär? — diýip, jadygöý birhili çekinjeňlik bilen onuň sözüni böldi.
— Möjek? Hüm-m! Möjek diýdiňmi? Bolýa-da...
Öwür meni möjege! Serçelikden, balyklykdan-a gowudyr...
15-nji bap
Möjege öwrülen oglanjyk jadygöýüň öwredişi
ýaly, garaňky düşüberende tumşugyny dik göge
tutup, deminem içine ýygnap, zorruk ses bilen uzyn49
dan bir uwlady welin, bu gorkunç sesden ýaňa özüniňem endamy jümşülläp gitdi. Onsuzam ümsümlige
çümüp oturan töwerek öňküdenem beter dymdy. Bu
ümsümlik oglan-möjegi has-da eýmendirdi. Ol
gorkudan ýaňa ozalkydanam uzyn uwlady. Oňa ahyrsoň jogap berdiler. Uzakdan bir ýerden çala gulagyna
ilen uwwuldy oglan-möjegi hem-ä biraz köşeşdirdi,
hem-de ýüregine düşnüksiz bir dowul saldy. Ol jogabyň haýsy tarapdan gelenini anyk bilmek üçin,
bokurdagyna ýene bir gezek zor saldy. Jogap uwwuldysy günbatardan ýaňlandy. Onsoň oglan-möjek
şol tarapy nazarlady-da, gidiberdi.
Seňk-seňk edip, şol gidip barýar-gidip barýar.
Hälki sesiň çykan ýerine ýeter ýerde ýetiberenok.
Onsoň oglan-möjek bir kiçijik alaňyň eteginde aýak
çekdi. «Ýaňky uwwuldy meniň gulagyma eşidilen
bolaýmasyn?» diýip, böwrüne diň saldy. Edil şol
halat bir agyr zat onuň ýagyrnysyna hopba boldy. Oglan-möjek ýere ýazylyp gitdi, agzy çägeden doldy.
Ynha, indi ol ne gygyryp bilýär, ne-de arkanlygyna
öwrülip, bogazy bolsa atagzy bilen gysylýan ýaly barha daralýar.
Şeýdip, ol ölüm bilen ýaşaýşyň, çäge bilen agyr
göwräniň aralygynda esli salym demigip, urnup ýatdy.
Soňrak, ýeriň aşagyndanmy ýa-da asmandanmy
(muny seljermäge oglan-möjegiň wagtam ýok — gurbatam) bir hökümli ses geldi:
50
— Goýberiň!
Üstünden agyr ýük aýrylan oglan-möjek kemkemden özüne geldi. Kynlyk bilen aýak üstüne galyp,
töweregine göz gezdirdi. Ine, dört sany möjek onuň
ýanyny alyp, heşerlenişip durlar. Gözlerem ot bolup
ýanýar.
— Niräniň möjegi borsuň? Näme üçin, näme
niýet bilen geldiň? — diýip, ýokardan ýene hälki hökümli ses eşidildi. Oglan-möjek tisginip, ýokaryk
seretse, pessejik alaňyň üstünde, Aý şöhlesiniň
aşagynda ýene bir äpet möjek art aýaklarynyň
üstünde butnaman otyr. Onuň dikgerip duran ýeke
gulagyny görende, oglan-möjek özüniň ýalňyşman
gelendigini aňdy. Ol jadygöýüň öwredişi ýaly, duran
ýerinde garysyna çökdi:
— Eý, çölleriň eýesi, itleriň ýagysy, goýunlaryň
piri, kuwwatly serdar! Men diňe seniň mizemez
erkiňe tabyn bolmak üçin, seniň kuwwatly aýaklaryň
öňünde dyza çökmek üçin, indi näçe gije-gündizdir,
çöl-beýewanda ygyp, ýollar aşyp gelýärin. Bu gün
men öz arzuwyma gowuşdym. Indi meniň janym,
erkim, ykbalym seniň eliňde, ýagny, ygtyýaryňda.
Men biçäräni öz ganatyň aşagyna... ýagny, öz penaňa
al, serdarym!
Möjekleriň serdary onuň sözüni üns bilen diňledi.
Onuň keşbi öňki yzgytsyzlygyny birneme ýitiren ýaly
boldy, äheňem az-kem ýumşady:
51
— Sen köp horluklar görüp, bir ýowuz beladan
gaçyp gelene meňzeýärsiň! Ýeri, aýdyber!
— Seniň paýhasyňa, öňden görüjiligiňe gurban
men, serdarym! Men hakykatdanam kän horluklar
görüp, iň soňky demimde seniň penaňa özümi atdym.
Bizi — seniň babaňyň babasynyň ikidoganoglanyň
agtygynyň çowlugy bolan Gara möjegiň ordasyny
gyrdylar, serdarym! Başdan-aýaga gyrdylar... Biz
sürä çozduk, ýöne biziň çozjagymyzy bilip, çopanlar
öňden duzak gurup goýan eken. Iki sanymyzy itler
alyp galdy, iki-üç sanymyzam çopanlaryň okundan
wepat boldy. Diňe Gara möjek ikimiz tötänlik bilen
gabawdan sypdyk. Ýöne Gara möjege agyr ýara
düşen eken, ol... ol ýolda... — Şu ýerde oglan-möjek
hamsygdy, soň zordan özüni dürsän bolup, uludan
demini aldy. — Hawa, Gara möjegem ýolda ýogaldy.
Ýöne ýogalmazynyň öň ýanynda maňa şeýle sargyt
etdi: «Gum eteginiň günbatarynda, pylan ýerräkde
meniň bir babadaşym bolmaly. Adyna Ýekegulak
serdar diýýändirler. Şony hökman tap, şol saňa hossar
çykar!» diýdi. Men onuň sargydyny berjaý etdim,
seniň ýeňilmezek ordaňa gelip gowuşdym, indi meniň
armanym ýok! — Oglan-möjegiň ýene bogazy doldy.
Onuň daşyny gallap duranlar çalaja uwlaşdylar.
Serdaram duýgudaşlyk alamaty hökmünde oturan
ýerinden olara goşulyp, ses etdi. Oglan-möjek özüniň
nyşanany jaýdar uranlygyny bildi. Ol hem uwlady,
ýöne begenjinden uwlady.
52
Bu uwlaşykdan soň möjekleriň serdary az salym
oýa batyp oturdy. Serdar özüniň Gara möjek atly
nähili babadaşynyň bardygyny ýada saljak bolup jan
edýändir diýip, oglan-möjek içinden çak urdy, dogry
bolubam çykdy.
— Nämesiniň nämesi diýdiň häli? — diýip, serdar oglan-möjekden sorady.
— Seniň babaňyň babasynyň ikidoganoglanynyň
agtygynyň çowlugy! — diýip, oglan-möjek ýat beklän jümlesini gaýtalady. Ýöne şeýle jümle boýunça öz
garyndaşlaryň, babadaşlaryň hasabyny çykarjak
bolup gör-dä! Başyň aýlanyp, gözüň garaňkyrabermezmikä!
Bu jümle serdaram halys bulaşdyrdy. Ýöne ol
sepini bildirmejek bolup:
— Hä-hä, ýadyma düşdi. Pahyr gaty akylly, algyr
möjekdi! — diýen boldy. — Sen, garyndaş, hapa
bolma — diýip, soň ol oglan-möjege göwünlik berdi.
— Biz Gara möjegiň, onuň ordasynyň aryny ýerine
salarys. Biz ordadan wepat bolanlaryň her biri üçin
bir sürini çaparys!
Serdaryň soňky sözleri oglan-möjegiň keýpini
bozdy. «Wah, gereginden artygrak jan çekip, bulary
öjükdiräýdim öýdýän. Indi meniň günäm bilen, bir
topar owlak-guzy, goýun-geçi heläk bolmaly
bormuka?» diýip, ol gaýga gitdi. Her niçigem bolsa,
özüni paş etmezlik üçin, daşyndan serdara çuňňur
53
minnetdarlyk bildiren boldy.
16-njy bap
Şeýdip, oglan-möjek bularyň süreninde ýaşaberdi. Ýöne garylyp-gatyşyp, öz-özleri ýaly bolup
gidibermek welin oňa aňsat düşmedi. Möjekler hernäçe garyndaşsyran bolsalar-da, olaryň sap-sary göreçleriniň bir çetinde ynamsyzlygyň uçgunlary ýylpyldaşyp durdy.
Birinjiden-ä, täze gelen garyndaşyň aw diýlen
zada düýpgöter ukypsyzlygy möjekleri geňirgendirdi.
Bir agsak towşany tutjak bolubam, ol ýarym günläp
ejir baryny gördi: dili sallanyp dyzyna ýetiberende,
towşany zordan ele saldy. Ele salansoňam, beýleki
möjekler ýaly hasyr-husur öz ýesiriniň bogazyny
kertmän, gaýtam ony emaý bilen dişläp, goýara has
ýumşagrak ýer gözleýän ýaly, ondan-oňa aýlandy
ýördi. Ahyrsoňunda-da towşany alyp, bir buky ýere
gitdi. Soňrak dili bilen tumşugyny ýalaşdyran bolup,
göwnühoş halda gaýdyp geldi. Ýöne onuň agzynyň
töwereginde gana bulaşan ýekeje-de tüý ýokdy. Bu
bolsa möjekleriň ýiti nazaryndan sypmady.
Täze geleniň ýene bir geň gylygy bar eken.
Ýokardan güsürdeşip-pysyrdaşyp bir topbajyk serçe
geçiberdigi, ol sakga durýar-da, ýaňky serçelere seredýär, olar tä gözden ýitýänçä, şeýdip aňalyp durýar.
Gidip barýan ýolunda kak suwuna-zada gabat
geläýse-de şeýdýär, birden durýar-da, hamana, bir
54
ýitigini gözleýän ýaly, suwuň düýbüne ýiti-ýiti seredýär. Suwuň beýle ýüzüne geçibem şeýdýär...
Garyndaşynyň bu täsin boluşlary aýratynam
serdaryň gözüne dürtülýärdi. Ol ordanyň täze çleniniň
(agzasynyň) şeýle gylyklaryna nähili düşünjegini
bilmän, görgä galýardy. Çagalykdan galan bolgusyz
endiklermikä?! Ýa-da munda serdaryň akyly ýeterden ulurak bir syr barmyka?!
Bir gün tutuş orda bir ýere üýşüp, dynç alyp
otyrka, möjekleriň biri hyňrandy-da:
— Adamyň ysy gelýär... — diýdi. Möjekler hüşerilişdiler. Ysyrganyşyp:
— Hawa-da, hawa! — boluşdylar.
Serdar haýal etmän, möjekleriň birini razwedka
iberdi. «Razwedkaçy» ep-esli wagtdan soň: «Bu jelegaýlarda adam tohumyndan hiç zat ýok!» diýip geldi.
Başga bir gün bolsa, guş-towuk ýok ýerden
möjekleriň burnuna guş ysy geldi. Ýene bir günem,
çöl-beýewanyň ortasynda, olaryň burnuna balygyň
ysy haplap urdy. Bu geňlik kän gezek gaýtalandy. Ine,
şol gezekleriň birinde, serdar bilgeşleýin täze möjegi
razwedka ýollady. Ol aňyrrak giden badyna del ysam
ýitdi. Serdar bu usuly soňrak ýene gaýtalady. Täze
möjegiň garasy ýitenden, ys ýene ýitirim boldy. Del
ysyň kimden gelýänligi indi serdara aç-açan aýan
boldy. Ol täze garyndaşynyň yzyndan gözegçiligi
has-da güýçlendirmek kararyna geldi.
55
...Oglan-möjek bir gün kak suwunyň düýbüne
seredip, adatdakysy ýaly, bir wagtky okuwçylaryny
ýatlap durka, kimdir biriniň özüne dykgat bilen
seredýändigini syzdy-da, başyny galdyrdy. Şonda,
hol beýleräkdäki çöplügiň aňyrsynda serdaryň ýeke
gulakly äpet kellesiniň çalaja garalyp gidenini gördi.
Onsoň ol: «Serdar meniň bu bolup durşumy geň
göräýmesin» diýen pikir bilen, serdaryň gözüne çöp
atmagy ýüregine düwdi. Suwa seredip durdy-durdyda, birdenem tumşugyny suwa urdy. Hamana, bir
zatlar tutan şekilli, hezil edip çeýneşdiren boldy.
Başga bir gün bolsa ol golaýragyna gelip gonan
serçäniň üstüne oýundan topuldy. Serçe pysyrdap
göge göterilensoňam, ep-esli aralyga kowalaşyp
gitdi. Soň serçäniň yzyndan garap durşuna: «Kim
bilýär, ýaňky meniň bir wagt ýetişdirip, kemala
getiren serçejiklerimiň biri bolsa-da ahmal!» diýip
pikir etdi.
Täze gelen möjegiň hiç zatdan habarsyz bolan
bolup, eden bu hereketleri ony ullakan şübheden biraz
halas etdi. Serdar ol barada şeýle netijä geldi:
— Lälik ösüp, guş-puşuň, balyk-palygyň etini
iýip ulalan möjek diýerler muňa! Üstünden dürli ysyň
aňkap durmasam şondandyr...
— Onda mundan adam ysy nädip gelýärkä? —
diýip, serdar birden täze pikir tapyndy. — Ýa-da
adam etinem dadyp göräýdimikä? Aý, ýok-la, adama
erjeşerden-ä gaty gowşak bu! Onda näme?!
56
17-nji bap
Sürende iki sany möjek çagasam bar eken. Beýlekiler awa giden mahaly, oglan-möjek şol iki sany
kiçijik garakça eneke bolup galýar. Çig eti çeýnäp,
olara iýdirýär. Soň yzyna düşürip, golaýdaky kaka
suw içmäge äkidýär.
Etden doýup, suwdan ganan möjekler soňra birbiri bilen basalaşyp, oýnaşyp başlaýarlar. Süreniň
içini, töweregini ala-tozan edýärler. Käwagtam ikisi
birden oglan-möjegiň daşyna geçýär. Biri dyrmaşyp,
onuň üstüne münýär, beýlekisi onuň guýrugyndan
çeken bolýar. Oglan-möjegem aslynda çaga
bolansoň, bu oýny heziller edip alyp göterýär. Ilki
ýerinden silkinip turýar-da, möjekleriň hersini bir
tarapa pyzyp taşlaýar. Ýaňkylar gelip täzeden
ýapyşýarlar, biri oglan-möjegiň boýnundan asylýar,
beýle kisem guýrugyndan. Oglan-möjek, hamana,
bularyň garşysyna durup bilmedik bolan bolup,
gapdallygyna gürpüldäp ýykylýar...
Ol bu iki sany bitakat, garagol jandar bilen gitdigiçe ysnyşyp barýardy. Özüni, hamana, bularyň agasy
ýaly duýýardy. Ownuk-uşak garagolluklaryny görmedik bolan bolýardy. Wagtal-wagtal bolsa olaryň
hersini bir gapdalynda oturdyp: «Bir tanyş möjek
gürrüň beripdi...» diýen bolup, adamlar hakda, olaryň
durmuşy barada, mekdep hakynda her dürli hekaýalar
57
aýdyp bererdi. Çaga möjekleriň agyzlaryň açyp diňleýişlerini bir görsediňiz...
Ynha, bir gezek, adam hakyndaky gürrüňlerden
soň, çaga möjekleriň biri oturdy-oturdy-da:
— Men ulalamsoň, adam boljak! — diýdi. Beýleki möjejigem doganyndan kem galyp barýan ýaly:
— Menem... menem... menem... — diýip, çyňsap
ugrady.
Başga biri ýaňky sözlere pyňkyrardy, ýöne oglanmöjegiň pyňkyrmak ýadyna düşmedi, ol hälki çaga
möjegiň ýüzüne seretdi-de, uludan demini aldy.
Başga bir gün bolsa oglan-möjek öz «inileriniň»
ikisinem golaýyna çekdi-de:
— Hiç kimiň ýanynda dil ýarmazlyga söz berseňiz men size bir zat aýdaýyn! — diýdi. Möjejikler:
«Aýtmarys-da, aýtmarys! Aýdyp ber-de, aýdyp ber!»
bolşup, onuň goltugynyň aşagyna dykyldylar.
Oglan-möjek ikirjeňlenýän ýaly bolup, esli wagt
sesini çykarman oturdy. Birdenem başyny galdyrdyda:
— Biler bolsaňyz, men öň adamdym! — diýdi.
Çaga möjekleriň gözleri mölerip gitdi. Ekabyrragy,
öňräk «Men ulalamsoň, adam boljak!» diýýäni birhili
galpyldap ugrady. Beýlekis-ä tas turup ökjäni göteripdi.
Ara düşen dymyşlygy ekabyr möjejik bozdy.
— A... a... soň näme üçin möjek bolduň?!
58
Oglan-möjek
ýylgyrdy.
eginlerini
gysdy-da,
gussaly
18-nji bap
Serdaryň buýrugy bilen oglan-möjege-de aw
tilsimlerini öwredip başladylar. Serdar bir gün bir
jansyz guzyny getirip, oglan-möjegiň öňüne okladyda:
— Alyp gaç! — diýdi.
Oglan-möjek tisginip, gaýra çekildi. Bir seretse,
möjekleriň ählisi oňa tiňkesini dikip, gözleri bilen
iýäýjek bolşup durlar. Oglan-möjek bu guzynyň hem
türgenleşik, hem synag üçin getirilendigine düşündi.
Şonuň üçinem, ömre barabar gymmatly wagty ýitirip
durman, guzynyň bir aýagyndan dişledi-de,
aýagaldygyna ylgap ugrady. Ýöne kyrk-elli ädim
ätmänkä, agzyndaky guzynyň aýaklaryna çolaşyp,
tüwdürilip gitdi. Möjekler syrtaryşdylar. Serdar olaryň birine ümledi. Ol möjek okdurylyp bardy-da, oglan-möjegiň agzyndaky guzyny ýüzugruna kakyp aldy. Bir silkende, guzynyň läşi möjegiň ýagyrnysyna
baryp düşdi, kellejigi bolsa möjegiň agzynda.
Ýaňky möjek şeýdip, arkasyndaky guzyny bir
barmak beýläk gyşartman, ylgawyna serdaryň ýanyna
getirdi.
— Muňa, garyndaş, hopba etmeli usuly diýilýär!
— diýip, serdar oglan-möjege düşündirdi.
59
Soň «ýanbaşa almak» diýlen usuly öwretdiler. Ol
emel şundan ybarat eken: öz oljaň (goýnuň ýa-da geçiniň) ýanyna gapdallap barmaly-da, bokurdagyndan
gowşagrak dişläp tutmaly, soň onuň kellesini özüňe
tarap biraz öwräge-de, gapdalyň bilen ylgadyp alyp
gaýdybermeli.
Eger aw wagtynda itleriň çemine düşäýseň, ilki
bilen-ä uruşsyz sypjak bolmaly. Bolmadymy, it kowup yzyňdan ýetiberdimi — ýykylmaly-da, arkan düşüp, dört aýagyňam garnyň üstünde düýrüp ýatybermeli. Tejribesizräk it bolsa, gelip, özüni göni üstüňe
zyňýar. Ine, şonda, dyrnaklaryňy syh-syh edäge-de
aýaklaryňy birden ýazyp goýbermeli. Şeýtseň, üstüňe
zyňan itiň garny dört ýerinden böwsüp, içegeleri
çogup çykýar.
Bu öwredilýän emeller, usullar bir-birinden çylşyrymly, bir-birinden aýylganç. Her emeli göreniňde,
hut başyňy alyp gaçaýasyň gelýär. Şu emeller öňdesoňda derdime ýarar, diňe öz başymy däl, eýsem, bir
topar goýnuň hem janyny halas etmäge kömegi deger
diýip, oglan-möjegiň kellesine-de gelenokdy. Häzir
onuň bar küýi, bar pikiri bu elhenç ýerden tizräk
gaçmak, nirä-de bolsa bir ýere başyny alyp gitmek.
Möjekleriň iniňi düýrükdiriji täze plany bilen
tanyşmadyk bolsa, ol gaçsa-da gaçardy...
19-njy bap
60
Serdar täze plany birkemsiz bişirdim edensoň, ordanyň umumy ýygnagyny çagyrdy. Ol öz nökerlerine
ýüzlenip, şeýle diýdi:
— A-how, möjekler, alakadyr towşan kowalap
ýörmekden, haram ölen goýun-geçiniň maslygyny
gözläp selpemekden ireňzokmy-aý? Dişler täzeje et
isleýär, göwün söweş küýseýär. Äňlerimiz gowşap,
damarlarymyz gatap barýar. Hany, aýdyň, nätmeli?!
— Alamana gitmeli!
— Sary çopanyň sürüsini çapmaly!
— Ýok, Çörli çopanyňky golaýrak, şoňa daramaly!
— Aman çopanyňky ondanam golaý...
Möjekbaşy haýbat bilen başyny göterdi:
— Bes ediň-aý bazar gurmaňyzy! Akylyňyz goýnuňkyça-da ýok siziň! Hany, garyndaş bir zatlar
aýtjak bolýan ýaly-la...
Oglan-möjek maslahatyň soňuna galyp barýan
ýaly, hopugyp-hopugyp gürle-di:
— Bolanok... bolanok... ol sürüleriň birine-de
çozmaly däl!
Ol birden dilini dişledi, kellesiniň gyzgynyna
özüni paş edenligini ýaňy aňşyryp galdy. Gana suwsan möjekleriň serdar başlyklaýyn ýerli-ýerden hyňranyşyp, öz üstüne topularyna garaşdy. Ýöne serdar
düýpden başga perdeden gopdy:
— Berekella, garyndaş, akylly gürrüňi senden
eşitdim. Ýaňky sanalan sürülere möjegiň diňe
61
akmagy çozar. Gözüňizi çerreldip oturmaň. Geň
galasy zat ýok bär-de. Men size näçe gezekler
aýtdym: «Akyly bolan möjek öz süreniniň golaýyndaky sürä degmez!» diýip. Bar aýdanym, bar öwredenim haram size, nadanlar diýsänim! «Çozalyň,
çapalyň!» diýşen bolup... Baryň, çozuň, çapyň! Ertesi
gelip siziňem süriňize tüsse berip gitsinler. Näme, siz
adamlary özüňizden samsyk saýýaňyzmy?!
Şol wagt gapdaldan çaga möjekleriň biriniň kiçijik, naýynjar uwwuldysy eşidildi. Serdaryň ýüzi çytylyp gitdi. Özi gürleýärkä, onda-da ýygnakda gürläp
durka, gapdalda bir çybyn jiňňildese-de ol halanok.
— Baryň-aý, ýeňsesine bir penje uruň peläketiň!
— diýip, serdar buýurdy. Çaga möjegiň enesi hasyrdap galdy-da, uwwuldynyň çykan tarapyna seňkildäp
gitdi.
— Onda şeýle, garny aç garyndaşlar! — diýip,
serdar kinaýaly ýylgyryp, sözi dowam etdirdi. — Bilmeseňiz, bilýäne gulak asyň! Bu golaý-goltumdaky
sürülere çozmak gürrüňini aradan aýyrýarys. Mundan
birnäçe menzil gaýrada Hudaýguly diýen bir çopanyň
sürüsi bar. Özem, nemede, kol... kol... adamlar näme
diýýär şoňa?
— Kolhoz! — diýip, möjekleriň biri ýatlatdy.
— Hä, kolhozda iň gowy, iň semiz sürüleriň biri
şol. Anha, hüjümi şol sürä gönükdirmeli. Meniň çakym, meniň hasabym boýunça, ertir däl birigün agşam gaý turmaly. Ine, şol gün agşamam biziň ag62
şamymyz bolar. Şol agşam, şol hüjüm biziň ordamyzyň adyny arşyň deňine göterer we külli Garagumyň taryhynda hemişelik galar...
Serdaryň hyjuwly, arzuw-hyýala beslenen sözüni
naýynjar uwwuldy böldi.
— Indi şol ýetimegiňi ümsüm etmeseň, özüm hasabyny taparyn! — diýip, serdar ene möjege azm urdy.
Ene möjek görgüli ýene hasyrdap turdy. Ýöne
çaga möjege şol gije bir döw-ä çalan eken. Daň atýança zaryn-zaryn uwlap, asyl uky bermedi.
Ertesi säher bilen oglan-möjegi has aýylganç,
endamyňy jümşüldediji bir uwwuldy oýardy. Ol sürenden beýleräk saýlanyp seretse, uwlaýan ene möjek. Öňünde dem-düýtsüz süýnüp ýatan çagasynyň
daşynda pyr-pyr aýlanýar. Birdenem durýar-da, çaga
möjegi ysgaşdyrýar, tumşugy bilen çalaja itip görýär,
soňam onuň gapdalynda çommalyp oturýar-da, uzynuzyn uwlaýar.
Oglan-möjegiň oňa juda ýüregi awady, ýanyna
baryp, göwünlik beresi, derdini deň paýlaşasy geldi.
Ol baryp ene möjegiň böwrüne tumşugyny degirdi,
başga näme aýtjagyny bilmän, bir wagt goňşularynyňka ýasa gelen adamlaryň diýşi ýaly: «Yzy ýarasyn, bolmandyr-ow!» diýdi.
Ene möjek ol sözleriň manysyna düşünmese-de,
täze garyndaşyň şeýdip gelmegi onuň göwnüni boz63
dy. Ol «Balam-uw... bogdular, öldürdiler balamy-yy...» diýip, öňküdenem beter uwlap başlady.
Hakykatdanam, çaga möjegiň boýunjagazynda
tüýler bulaşyp, gan bilen bile gatapdyr. Bu öňräk
oglan-möjekden «Soň näme üçin möjek bolduň?»
diýip soran möjejikdi. Onuň «Men ulalamsoň, adam
boljak!» diýşi ýadyna düşende, oglan-möjegiňem
bokurdagy doldy.
Serdaryň buýrugy bilen daňdana golaý öldürilen
çaga möjek bolsa, gözlerini giň açyp, sessiz-üýnsiz
ýatyr. Serdar ony «uwlap-uwlap, aýgytly çozuşyň ýanynda ordanyň üstüni açaýmasyn» diýen gorky bilen
öldürdipdi.
Öz neberesinden bolan körpeje möjegi şeýle zalymlyk bilen öldürmäge dözen rehimsiz möjek dişleri, ertir Hudaýguly çopanyň sürüsini näder?!
Ýaňky möjek çagasy ýaly gözjagazlaryny açyp,
dem-düýtsüz süýnüp ýatjak owlak-guzular, bokurdagy palaç ýaly çeýneljek goýundyr geçiler göz öňüne
gelende, oglan-möjek hopukdy. Töweregine garanjaklaberdi.
Eýtmeli-beýtmeli, Hudaýguly çopany habardar
etmeli. Gapyl galmasyn, goý, näçe iti bar bolsa, baryny aýak üstünde saklasyn, näçe tüpeňi bar bolsa, baryny oklap goýsun. Ahmal galmasyn...
Ýöne oňa nädip habaryňy ýetirjek? Göni goşuna
baryb-a bolmaz. Bar-da gör, garnyňy ajy tüsse dolduryp goýbersin! Bar, birden rehimi inip, atmadam
64
diýeli-dä. Nädip diliňi düşündirjek? Uwlajakmy, çyňsajakmy? «Bu möjek janawar näme üçin uwlaýarka?»
diýip, kelläňi sypar durar öýdýäňmi? Her biri gaplaň
ýaly, algyr itleri bardyr. «Bas!» diýmänkä, her tikäňi
bir ýerden çöplemeli ederler. Eý-how, çopan itlerimi,
olar... Dur! It diýdiňmi? Hudaýguly çopanyň itleriniň
biri bilen düşünişip bolmazmyka?
Bu pikirden soňra oglan-möjegiň ýüzi birazajyk
ýagtylan ýaly boldy. Hawa-da, her niçigem bolsa,
item haýwandyr. Adam adamyň diline düşünende,
haýwan haýwanyň diline düşünmezmi?
Elbetde, çem gelen itiň ýanyna barybam bolmaz.
Hondanbärsiräp ýören, bir girrik itiň üstünden düşseň, habaryňy almakdan-a geçen, gaýtam eýesiniň
ýanynda «Möjek awlady» diýen ada galjak bolup, üstüňe topular, ondanam erbedi, uly ili örüzer. Köpi gören, parasatly bir it gerek munuň ýaly işlere.
Oglan-möjek ýaýdana-ýaýdana, belli karara geldi. Şol günüň agşamlygam, möjek ordasy uka gidensoň, niredesiň Hudaýguly çopanyň goşy diýip, ýola
düşdi.
20-nji bap
Hudaýguly çopan köp çarşenbäni başyndan geçiren, paýhasly bir adamdy. Onuň goşuna mes bolup
baranlar pikire batyp gaýdardy, gaýga çümüp baranlaram şat bolardy.
65
Onuň Boýnak atly bir iti bardy, beýleki itlere mydama baş bolardy. Özem her gün agşam goş bilen
süriniň arasynda garysyny ýassanyp, Hudaýguly
çopanyň gürrüňlerini diňläp ýatmagy juda gowy
görerdi. Şonuň üçin bolsa-da ahmal, Boýnagyň akyly
akyllary haýran ederdi.
Ýöne bu gün agşam goşdaky gürrüňiň mazasy
bolmady. Hudaýguly çopanyň öňki bolşy ýok, birhili
aladaly, ünjüli görünýär. Ýygy-ýygydan daş çykyp,
asmana seredýär, sürä aýlanýar, itlerini barlap görýär.
Gürlemek gezegini bu gün onuň kömekçisi Japar
alypdyr. Neressäniň içi gep-gürrüňden dolup giden
eken. Çöl hakdamy, oba hakdamy, goýundyr geçi,
möjekler hakdamy, geň-enaýy ýurtlar hakdamy...
gürläp gidip otyr. Käte-käte Hudaýguly çopan onuň
gürrüňini bölüp, daş çykyberse, oňa ýakanok.
— Ýa-k, Hudaýguly aga, şu wagta çenli hiç döw
çalmadyk sürä indi näme bolar öýdýäň? Otur-da
arkaýyn gürrüň diňläp... — diýip hüňňürdeýär.
— Gürrüňem-ä gürrüňdir welin, inim, şü şemalyň
häzirki öwsüşi hiç maňzyma batanok. Şu gün bolmasa-da, erte dagy howa bulaşaýmasa diýýän! — diýip,
Hudaýguly aga-da daş çykýar.
Japaryň bir möjek çagasy barada beren gürrüňini
welin, Hudaýguly çopanam, Boýnagam, bu söhbeti
ogrynça diňläp duran üçünji bir jandaram
oňlamadylar.
66
— Bir gün gelýärkäm, möjek çagasyna gabat geldim, eşekden bökägede, düşdüm ýaňkynyň ökjesine!
— diýip, Japar söze başlady. — Aý, ýaman gaty gaçýan eken peläket. Şonda-da tutdum-ow... Tutmasyna tutdum welin, soň nätjegimi bilmedim. Öldürseň-ä,
bir boljak däl, men möjekleriň edähedine belet, çagasyny öldürseň, soň süriňi gyrgyna bermän goýanoklar. Goýberseň, ýene bir duşmanyň köpeljek...
— Ýeri, nätdiň onsoň?
— Nädendir öýdýäň? Ýanymda iňňe-sapagym
bardy, alagada, ýaňky möjek çagasynyň otyrýerini tikip goýberdim.
— Ony näme üçin beýtdiň?!
— Ýa-k, Hudaýguly aga, şunça ýylyň çopany bolup, şonuň näme üçin şeýdilýäninem bileňokmy! Şeýdip goýberseň, ýaňky möjek çagasy iýenini daşyna
çykaryp bilmän, uzak gije uwlap çykýar, onsoň
möjekler «Ordanyň üstüni açaýmasyn!» diýip, ony
özleri bogup öldürýärler. Düşündiňmi indi?!
— Sen, Japar, kän zady bilýäň, köp zady oňarýaň,
ýöne... — Hudaýguly çopan gaşlaryny çytdy. — Ýöne, sen doňýürek adam, sende rehim-şepagat ýok.
— Bolaýd-ow bü-ýä! Näme, men öz duşmanyma
rehim ederinmi eýsem? «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýipdirler.
— Adam çagasy bolsun, gurt-gaplaň çagasy bolsun, çaga çagadyr. Çagada näme günä bolsun!
67
— Bu gün çaga bolsa-da, ertir görseň, dişlerini
çarhlap oturan möjekdir.
Daşarda garysyny ýassanyp ýatan Boýnak her
gezek «möjek» sözüni eşidende, başyny galdyryp,
hüşerilýärdi.
Şol barmaşa, hol aňyrda bir zat gymyldan ýaly
boldy. Boýnak heniz ýitiligini ýitirmedik gözlerine
şunça zor salsa-da, garaňkyda oňly zat saýgaryp
bilmedi. Ysyrgandy, del ysam ýok. Sürem asuda ýatyr. «Beh, ätiýaçdan üýräýsemmikäm-aý?» diýip,
Boýnak ikirjiňläp durdy. Soňam «Aý, biderek zat
üçin üýrüp, uly ili bimaza etmäýin-le!» diýen karara
geldi-de, turup, töweregi barlamaga gitdi. Töwerek
ümsümlik. Boýnak biraz ynjalyp, yza dönen mahaly,
ýeňsesinden «Eý, köpek dost!» diýen pessaýja ses
eşidildi.
Öwrülip, üç-dört ädim ätse, öňünde bir möjek
dur. «Wah, görmäýşimi... garrapdyryn-ow!» diýip,
Boýnak ahmyrly oýlandy-da, beýleki itlere habar
bermek üçin agzyny açdy.
— Dur, köpek dost! Entek meniň habarymy bir
al! — diýip, ýaňky möjek dillendi.
— Möjegiň habary belli-le! — diýip, Boýnak ýene üýrmäge häzirlendi.
— Men möjek däl. Ýok, möjekligime möjek-de,
ýöne oglan-möjek...
Boýnak geňirgendi. «Bu meni oýnajak bolýarmyka ýa-da gepe güýmäp, ahmal goýaryn öýdýärmikä?
68
— diýip, ol pikir etdi. — Şu wagta çenli bir-ä şeýdip
göni gelen möjegi görmändim, birem oglan-möjek,
gyz-möjek diýip eşitmändim. Näme bolsa-da, bu ýerde bir üýtgeşiklig-ä bar...»
— Hany, habaryňy aýt-da, basym ýeňsäňi el ýaly
et! — diýip, Boýnak möjege azm urdy.
— Ýuwaşrak, köpek dost, ýuwaşrak! Men adyňam bilemok seniň...
— Adamlar-a maňa Boýnak diýýärler. Senem näme diýseň şony diý! Ýöne gepiňi gysgalt!
— Wah, Boýnak dost, menem adam ahyryn... Aý,
onuň gürrüňini soň ederis... Siz, hemmäňiz, ertir agşam aýak üstünde boluň. Eýäňe-de nädip düşündirseň
düşündir. Ertir agşam siziň süriňize tutuş bir möjek
ordasy çozýar. Ýekegulak möjegiň ordasy...
— Bo-how, Ýekegulak entegem dirimi? Onuň bir
gulagyny goparan-a özümdirin. Bu gezek gelsin bakaly, kellesini sogrup, öňüne taşlaýyn.
— Onçasyny özüň bil! Meniňki bir aýtmak. Onsoňam diňle, Ýekegulagyň plany şeýle: men itleri
örüzmeli-de, aýagaldygyma gaçmaly, olaryň ünsüni
özüme sowmaly. Şol wagt beýleki möjekler süriniň
yk tarapyndan gelip, çozmaly. Olar etjegini edip, yzlaryna gaçansoňam, Ýekegulagyň özi süriniň
ortasynda bukulyp galjakdyr. «Şu gezekde öňkisoňky arymy ýerine salaryn!» diýýär. Şonuň üçinem
biriňiz süriniň ortasynda boluň... Anha, hojaýynyňam
69
daş çykdy öýdýän. Men gitdim! Ýoldaşlaryňa aýt,
ertir meni gaty çyny bilen dalamasynlar, haýyş!
Oglan-möjek şeýle diýip, garaňka siňip gitdi.
21-nji bap
Serdar möjegiň «bütin Garagumuň taryhynda
galar» diýýän taryhy hüjümi başlandy. Diňe ene
möjek sürä çozmakdan boýun towlady diýmeseň, ähli
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Adam bolmak kyn eken - 4
  • Parts
  • Adam bolmak kyn eken - 1
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2056
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn eken - 2
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2038
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn eken - 3
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2047
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn eken - 4
    Total number of words is 790
    Total number of unique words is 561
    47.5 of words are in the 2000 most common words
    58.6 of words are in the 5000 most common words
    64.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.