Latin

Teke gyzy Tatýana (Artykgül) hakynda - 2

Total number of words is 2302
Total number of unique words is 1330
38.4 of words are in the 2000 most common words
51.7 of words are in the 5000 most common words
58.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
olaryň ösüp, ähli halkymyza ruhy taýdan ýokary göteriliş
we azatlyk berjegine berk ynanýaryn. Elbet-de, belki
sen ony görüp bilmersiň, emma seniň çagalaryň we
agtyklaryň ol döwürde ýaşarlar!» Ýüzi tozanlap giden, içi
hat-petekli galyň-galyň papkalary açyp, olaryň içindäki
hatlara göz gezdirýäris… Ynha ýüzi «Sekretno» belgili
hatlar. Olaryň biri bilen tanyş bolýarys. Türküstanyň
raýon gorag bölüminiň naçalniginiň Zakaspiý
oblastynyň naçalnigine iberen hatyndan: «Size habar
bermegi özüme borç hasap edýärin. Tatýana Mihaýlowna
Tekinskaýa, Han Ýomudskiý, şonuň bilen birlikde Gasan
Efendiýew, Muhammetguly Atabaýew bilen dostluk
aragatnaşygyny saklaýar. Han Ýomudskiniň täsir
etmegi bilen Tekinskaýa Zakaspiý oblastynda ýaşamak
bilen ruslaryň ony dogduk mekanyndan alyp gidip,
onuň bütin durmuşyny zaýalandygyny aýtmak bilen
häli-şindi zeýrenýär. Graf Paleniň Zakaspiý oblastynda
rewiziýa geçirýän mahalynda bolsa, Tekinskaýa
türkmenleri ýerli häkimiýete garşy öjükdirdi».
27
Türkmen intelligentleriniň batyrgaý hereketleri Patyşa
Russiýasynyň nökerlerine ýaramaýar. Şonuň üçin olar
aýgytly hereket edip başlaýarlar. 1913-nji ýylyň iýun
aýynyň 28-inde M. Atabaýewiň öýi dökülýär. 126 sany
hat, makala tapylýar. Şol hatlaryň içinde Tekinskaýanyň
ýazan hatlary hem bar. H. Ýomudskiý, M. Atabaýew
tussag edilýär. Olar pantürkizmde aýyplanýarlar.
Annagül ejäniň otagynyň bir burçunda duran kiçijik
stoluň üstündäki sagat «jyk-jyklap» işläp dur. Olar her
sekundy, her minudy hasaplaýar. Adam durmuşynyň
wagty şeýdip geçip dur. Sagadyň dili öňe gidýär,
wagt welin hol yzda galýar. Ejesiniň keç ykbalyny her
gezek ýatlamak 80 ýaşy arka atan ýarawsyz aýala ýeňil
düşenokdy.
«Şol ýyllar ejem rus çinownikleriniň gözünden
sypmaýardy. Onuň her bir ädimini yzarlaýardylar.
Ýogsam ejem şol kyn döwürde-de maşgala edinmäge
ýetişdi. Aşgabatda ýaşaýan Annamyrat Gurbanow
diýen mugallym ýigide durmuşa çykdy. Ýaşabermeli
ýaly. Olaryň haý diýmän gyzlary boldy. Gülsoltan diýip
at goýdular. Emma ejem arkaýyn otyranokdy. Ol öz
öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin hemme zatdan
geçýärdi. Ine, ahyrsoňy onuň jezasynam berdiler. Artyk
stansiýasyna sürgün etdiler. Şeýle bolansoň, kim ony
28
maşgala edip saklajak? Dargady ýene-de maşgala»
Häzirki Artyk obasy täze ýerde gurlupdyr. Stansiýaň
edil gapdaljygynda. Tekinskaýanyň sürgün edilen köne
Artyk obasy bolsa serhede ýakyn ekeni.
IV
Häzir şol gadymy oba haraba bolup ýatyr. Şol
ýerlere aýlanyp görýäň welin iniň jümşildäp gidýär.
Köneje jaýlar, haýatlar, käbir ýerlerde ojaklaryň ýerleri
bildirip dur. Birtüýsli, seni tukatlyk gaplap alýar.
Ozalky serhet zastawasy, gümrükhana, rus we ermeni
täjirleriniň obalary hem haraba bolup ýatyr… Artyk
stansiýasyndaky täze oba aýlanyp ýören mahalymyz
bizi 85 ýaşly Öwlüýaguly aga bilen tanyş etdiler. Obanyň
iň ýaşuly adamsy ekeni. Inçeden uzyn, agajet ýaşuly.
Tekinskaýany öz gözleri bilen gören adam.
« — Biz ol wagtlar 4-5 ýaşlarymyzdaky çagadyk.
Köplenç zastawanyň ýanynda, gümrükhananyň
töwereginde oýnardyk. Ine, şonda biz orta boýly,
horja garaýagyz gyzy häli-şindi görerdik. Ol hemişe
rus eşigindedi. Çagalary okatmak üçin ýörite mekdep
açyldy. Şoňa biziň obamyzdan Orazgeldi Çekiç
hem gatnardy. Ol şol mugallyma aýalyň ýanyndan
29
aýrylmaýardy. Soň Orazgeldi şol aýala öýlendi. Oba
adamlary «Orazgeldi öz mugallymyna öýlenäýipdir»
diýip, geň galypdylar». Artykdaky dünýewi mekdep
häzir Artykgül Tekinskýanyň adyny göterýär. Ol ýerde
Tekinskaýanyň ömrüne bagyşlanan kiçiräk muzeýem
bar. Gapydan giräýen ýeriňde bolsa Tekinskaýanyň uly
portreti dur…
Mekdebiň taryh mugallymy bilen
bolanymyzda ol şeýle gürrüň berdi:
gürrüňdeş
«1968-nji ýylda biz mugallymlar bolup öz
mekdebimize Artykgül Tekinskaýanyň adyny dakmagy
makul bildik. Emma şol wagt bize garşy çykdylar.
Aşgabatdan bize şeýle mazmunly hat geldi: «Artykgül
Tekinskaýa Patyşa Russiýasynda terbiýe alan adam.
Onuň terjimehaly doly öwrenilýänçä onuň adyny
mekdebe dakmaly däl». Biz Artykgül Tekinskaýanyň
adyny diňe 1991-nji ýylda, Garaşsyzlygy alanymyzdan
soň mekdebe dakmaly bolduk. Diňe şonda rugsat
berdiler».
Annagül eje Orazgeldi Çekiç oglunyň suratyny
synlap oturyşyna gürrüň berýär:
«Ejemiň elinde okan Orazgeldi Çekiç meň
kakam bolmaly. Men 1913-nji ýylda Artykda dünýä
30
inipdirin. Orazgeldi ozal demirýol işgäri ekeni. Soň
ol gümrükhana koçegar, hojalykçy bolup işe geçýär.
Ol wagtlar serhede ýakyn uly gümrükhana bar ekeni.
Ejem şol ýerde dilmaç bolup işläpdir. Haçan-da ejem öz
serişdesine mekdep açanda, Orazgeldi onuň ýanyna işe
geçipdir. Mekdebe garawullyk edipdir. Ejemiň elindede okapdyr. Kakamyň ozal bilimi ýok ekeni. Ine, onsoň
25 ýaşda partaň başyna geçmeli bolupdyr. Onuň ejemiň
elinde alan bilimi, soň ol hiç ýerde okamandyr. Kakam
owadan, syratly adam bolupdyr. Ejeme duşanyndan
ol üýtgeşik geýinmäni çykarypdyr. Medeniýetlije,
arassaja geýinipdir. Kakamyňam asly Gökdepeden
ekeni. Ruslar Gökdepä çozanda, bosgunlaryň bir
bölegi Artyk obasynda mekan tutunypdyr. Ejem öz
mekdebinde ýönekeý adamlaryň çagalaryna başlangyç
bilim berýärdi. Rus, türkmen, ähli çagalary okadýardy.
Uzakdan gatnaýan çagalar üçin ol ýatakhana-da
döredipdir. Ejemi halk üçin edýän aladalary üçin
Artykda gowy görüpdirler. Oňa ýerli halk «Artykgül»
diýip at goýupdyr. Emma, ejemiň halk arasyndaky
abraýy rus çinowniklerini alada goýupdyr. Olar dürli
bahanalar bilen ejeme azar beripdirler».
Tatýana Tekinskaýanyň Artykda işlän döwürleri onuň
üstünden köp arzalar ýazylypdyr. Şolaryň ählisinde-de
31
çinownikler bu batyrgaý zenany isledigiçe garalapdyrlar.
Ine, şeýle hatlaryň biri. Ol Türkmenistanyň merkezi
arhiwinde saklanylýar. Ol 1913-nji ýylda Etek pristawy,
kapitan Grudzinskiniň adyndan Aşgabadyň gözleg
punktunyň müdirine iberilipdir.
Hatyň ýüzünde «Sekretno» diýlen belgi bar:
«Türkmenleriň «Artygyň güli» diýip atlandyrýan
Tekinskaýa mugallymy Artykly türkmen Orazgeldi
Çekiç ogly bilen ýaşaşýar. Ondan Tekinskaýanyň bir
çagasy bar. Ol şu ýyl tomus dünýä indi. Orazgeldi
mekdepde garawul bolýar. Özem juda gödeksi.
Artykly türkmenler Tekinskaýanyň öýüne az barýarlar.
Mugallyma käbir adamlara hat işini düzedip berýär.
Ol hiç kimiň öýüne baranok. Ruslardan onuň ýanyna
hiç kim baranok. Umuman, ýerli halka känbir ýarap
duranok. Senatoryň rewiziýa geçýän mahaly bolsa
Tekinskaýa ýerli häkimiýete garşy halky öjükdirdi…»
Annagül eje pikire batyp oturyşyna gaýgyly bir
pursaty ýatlaýar:
« — Patyşa Russiýasynyň çinownikleri ejemden
dynmagyň aladasyny edip başladylar. Ilki kakamy
tussag etdiler. Soňam ejemi iki çagasy — men hem
Gülsoltan bilen Uzak Ukraina sürgün etdiler. Bu 191432
nji ýylda bolupdy. Ukrainada bolsa ejem tä 1924-nji
ýyla çenli bolup, dowzahdanam beter agyr durmuşy
başdan geçirdi».
Artykgül Tekinskaýanyň Kiýewde gyzlary Annagül
hem Gülsoltan bilen bile düşen suratlary bar. Onda
Tekinskaýa gartaşypdyr. Saçlary çal, hortaň. Ýöne
gözleri welin birjik-de üýtgemändir — namysjaň
gözler. Agyr durmuş ony birjik-de boýun egdirip
bilmändir. Ol gartaşanam bolsa, entek gaýduwsyzdy,
gujurlydy. Suratda ol gyzlary bilen Kiýewiň wokzalynda
dur. Gyzlaram, özem ýewropa eşiginde. Artykgül
Tekinskaýa Ukraina baranyndan ýerli poliseýskileriň
göz astynda işlemeli bolýar. Eýýäm 1915-nji ýylda
Kiýewiň gubernatory Zakaspiý oblastynyň naçalnigine
hat ýollap, ondan Tatýana Tekinskaýanyň geçmişi,
onuň ahlak häsiýetleri, syýasy garaýyşlary barada
maglumatlary ýollamagy haýyş edýär. Zakaspiý
oblastyndan bolsa Tekinskaýany diňe garalap biljek
maglumatlar iberilýär. Onuň erkin pikirlidigini,
hemişe häkimlere garşydygyny, oňşuksyzdygyny
Kiýewiň gubernatoryna habar berýärler. Şeýlelikde,
Tekinskaýa Urainada-da hemişe göz astyna alnyp,
ol jemgyýet üçin howply hasap edilýär. Ukrainadada Artykgül Tekinskaýa mugallymçylyk işini dowam
33
etdirýär. Başda Ositýanýažka diýen obada iki klasly
uçilişede okadypdyr. Soňra Çigrin uýezdiniň iki ýyllyk
Iwangorod uçilişesinde, iň soňundanam Çerkasskiý
okrugynyň Kamenka diýen ýerinde çagalara bilim
beripdir. Baran ýerinde-de özüniň adamkärçiligi bilen
özüni aldyrypdyr. Ýerli adamlar bu garaýagyz, akylly
aýala uly hormat goýupdyrlar. Nähili kynçylygam bolsa,
Artykgül Tekinskaýa mertlerçe çekipdir. Annagül eje
şol agyr günler barada kynlyk bilen ýatlaýar.
« — Kynçylyklary görmek ejemiň maňlaýyna
ýazylypdyr. Görgüliň gören güni ýok. Emma şondada öz diýeninden çykanok.Ol ähli ýerde-de adalatlylyk
isleýärdi. Adalatlylyk — onuň başynyň täji. Biz Ukraina
baranymyzda I jahan urşy başlandy. Dünýäni apy-tupan
tutdy. Biziň görmedik günümiz bolmaly. Açlygam,
horlugam, zorlugam başdan geçirdik. Ýöne ejem gaýrat
etdi. Hemme kynçylyklara garşy mertlerçe göreşdi.
Kakam Orazgeldem biz bilen ep-esli wagt ýaşady. Ýöne
ony soň gyssagly Türkmenistana çagyrdylar. Bilmedik
näme üçindigini, ýöne kakam gitmeli boldy… Soň
kakamy biz görüp bilmedik. Sebäbi, 1917-nji ýylda
rewolýusiýa başlandy, garaz, dünýäni ahyrzaman alanyna
döndi. Aragatnaşyklar kesildi. Gatnawlar gutardy.
Hemme zat garpyşdy. Şeýdibem kakam yzyna dolanyp
34
bilmedi. Bizem ýangynly Ukrainada bolmagymyzy
dowam etdiriberdik. Şol başagaýlykda-da biziň ogul
jigimiz boldy. Ýarmuhammet diýip oňa at goýduk.
Garaz, keç ykbal bizi kowalaýar, bizem ondan gaçýas.
Ýöne ondan gaçyp sypma ýok ekeni… Daş-töweregimiz
uruş… Köçelerde ölen adamlar ýatyr. Biz bolsa çagada, oýnap ýörüs. Nahili elhençlik. Gyzyllarmy, akgwardiýaçylarmy düşer ýaly däl, şol üstümize dökülip
durlar. Olaryň ählisem hyrsyz, seresap bolmasaň, duran
ýeriňde janyňy jähenneme iberjekler. Adam sypatly
Ezraýyllar-da. Ýadyma düşýär, bir gezek graždan
urşy döwri öýümize denikinçiler döküldiler. Biziň
hemmämiz garaja bolamyzsoň, jöhitdir öýdüp atjak
boldular. Jöhütleri atýardylar şonda. Bizi südürdikledip
goňşularymyzyň jaýyna alyp gitdiler. Ol ýerde Arseniý
daýy bilen Fýokla daýza ýaşaýardy. Bizi diwaryň
öňüne getirip, hatara edip goýdular. Men, Gülsoltan,
ejem, ejemiň gujagynda-da bäbejik Ýarmuhammet.
Soldatlar hatara düzülip bize tüpeň çenäp başladylar.
Ine, birdenem serhoş ofiser buýruk berjek bolup durka,
onuň ýokarda, açyk üçekde somalyp duran bir zada
gözi düşäýýär. Ýokardaky zat grammofon ekeni. Ynha
ýaňkylar ony alyp aşak düşürýärler. Grammofonda
plastinka goýup, aýtdyryp başlaýarlar. Aýdyma-saza
35
gyzygyp, olar şobada bizi ýatdan çykardylar… Fýokla
daýza bolsa ýagdaýdan peýdalanyp, bizi bildirtmän
alyp gidip öz jaýyna eltdi. Soňam penjireden çykaryp,
howludaky köneje sandyga salyp gizledi. Şeýdip biz
halas bolduk… Ertesi gün obanyň ruhanysy Wasiliý
gelip ejeme käýeýär: «Tatýana Mihaýlowna, beýle-de
bir yrym etmek bormy? Hristianlaryň hajyny hökman
asgyn. Şeýtseňiz hiç kim size zat diýmez… Ejem
şondan soň hajy asyp goýdy. Şondan soň bize azar
beren bolmady. Öýdäki hajy görüp: «Äh-ä, bular-a
öz hristianlarymyz ekeni» diýip, yzyna dolanýardylar.
Ejem her niçigem bolsa özüni hakyky musulman hasap
edýärdi. Öýde hiç haçan hajy asmandy. Ýogsam, ol
hristian dinini kabul edipdi ahyryn. Soňky gezek biziň
üstümize howp abanandan soň, ejem ikonany asmaga
mejbur boldy...»
Annagül eje Tatýana Tekinskaýanyň gartaşan
döwründäki suratyna syn edip oturyşyna gürrüňini
dowam etdirdi.
« — Ejem ömrüni öz dodguk mekanyny küýsäp
geçdi. «Wah, ölmänkäk bir Watanymyza dolanyp
baraýsak» diýip, ejir çekýärdi. 1924-nji ýylda ejem
Türkmenistanyň respublika bolanyny eşidip, öýe
gaýdarman boldy. Şol ýyl biz — men, doganym
36
Gülsoltan, ejem dagymyz Kiýewe gelip, Türkmenistana
dolanyp barmak üçin rugsat berýän haty aldyk. Haty
elimize alybam eglenmän Türkmenistana ugradyk…
Ejem, men, Gülsoltan, Ýarmuhammet — hemmämiz
ýola düşdük. Ejem 1924-nji ýylyň dekabr aýynda
Aşgabatda geçiriljek mugallymlaryň I gurultaýyna hem
howlugýardy. Türkmenistana ýetmek üçin bolsa biziň
münmedik ulagymyz galmady. Mal daşalýan wagonlara
çenli mündük. Bir ýerde durman ýöresek bolýar diýdik.
Ahyrsoňy Watana ýetsek bolýar diýdik… Ýolda ejem
erbet ýarawsyzlyk tapdy. Ýolboýy içinden bir zat tutup,
azar ýamanyny berip geldi. Bakuda ejemi otludan
düşürip, lukmanlara seretdirjek hem boldular. Emma
ejemiň özi garşy çykdy. «Çaltrak Watanyma ýeteýin…»
diýip, şol özelendi durdy. Agyr halda ýene-de ýoluny
dowam etdirdi. Aşgabada gelenimizde ejemiň ýagdaýy
has hem erbetleşdi. Ýöremäge ýagdaýy bolmady.
Wokzaldan göni demirýol keselhanasyna alyp gitdiler.
Bizi bolsa ejem ýoldaşlaryndan internada tabşyrmagy
haýyş etdi…
V
Bizi bolsa ejem ýoldaşlaryndan internada tabşyrmagy
37
haýyş etdi… «Sag-aman keselhanadan çyksam,
çagalary soň özüm ýygnaryn» diýip aýdypdyr. Bizi —
meni, Gülsoltany, Ýarmuhammedi wokzaldan alyp, Ene
Kulyýewa adyndaky internada eltip tabşyrdylar. Üç gün
geçenden soň bize ejemiň ölendigini habar berdiler.
Ejem biz bilen hoşlaşybam bilmän bu dünýäden ötdi…
Ejir çekip öldi görgüli… Ol garahassalyk keseli bilen
kesellän ekeni.»
Annagül eje ep-esli wagt geplemän dymyp oturdy.
Gürläp bilmän bogazy doldy. Soňam ýerinden galyp,
penjiräniň öňüne bardy. Daşaryny synlap durdy. Men
bolsa öňümde ýatan Tatýana Tekinskaýanyň suratyny
elime alyp, synlap oturdym. Gaýduwsyz türkmen
zenanynyň gaýratly ýüzlerine, gözlerine seredip, pikire
batdym. Onuň geçen pajygaly günlerini ýadyma salyp,
ep-esli wagt oturdym. Gör, nähili gaýduwsyzlyk! Bu
bir hakyky halk gahrymany ahyryn! Milli gahryman!
Türkmen halkynyň bagtly güni ugrunda dyngysyz
göreşen türkmen zenany. Watanyny, halkyny tüýs
ýürekden söýen şahsyýet. Hawa, hawa, şahsyýet…
Onda-da Beýik şahsyýet!
Annangül ejäniň ýuwaşjadan çykan sesi meni özüme
getirdi. Ol ulydan demini aldy-da gürrüňini dowam
etdirdi.
38
« — Ejem ölensoň biz — onuň çagalary, internatda
galyberdik. Internat diňe gyzlaryňkydy. Oglanlar
bolanokdy ol ýerde. Ýöne biziň Ýarmuhammedimiz
gaty kiçijek bolansoň, ony internatda galmaly etdiler…
Biz tä 1930-njy ýyla çenli internatda terbiýelendik.
Soň herimiz öz durmuş ýolumyza gidiberdik. Men
Baýramalydaky oba hojalyk institutynda okadym.
Gülsoltan uniwersitetiň biologiýa fakultetine okuwa
girdi. Ol soň uly alym bolup ýetişdi. Saglyk ýagdaýlary
zerarly Gülsoltan Kryma göçüp gidip, ömrüniň ahyryna
çenli şol ýerde ýaşady. Onuň ogul-gyzlary häzir Krymda
ýaşaýarlar. Ýeke-täk oglan jigimiz Ýarmuhammet bolsa
demirýol tehnikumynda okaýardy. Uruş başlandy-da,
ony 18 ýaşynda alyp gitdiler. Ol uruşdan gaýdyp gelmän
wepat boldy… Meniň kakam, Orazgeldi Çekiç bolsa
soň bizi düýbünden ýatdan çykardy. Ýaşynyň soňuna
çenli ol biçäre birnäçe gezek öýlenipdir. Iň soňunda-da,
1971-nji ýylda Sankt-Peterburga rus aýalyndan bolan
gyzynyňka gezelenje baranda, daçada tarpa-taýyn
ölüpdir… Onuň jesedini Türkmenistana getirmäge
mümkinçilik bolmansoň, Orazgeldi Çekiç SanktPterburgyň gonamçylyklarynyň birinde jaýlanypdyr.
Onuň mazary häzir şol ýerde… Şeýdip biz dargadyk…
Diri galan diňe men. Men, Annagül Myradowna
39
Tekinskaýa. Tatýana — Artykgül Tekinskaýanyň
körpe gyzy… Meni häzire çenli bir zat biynjalyk
edýär. Şu wagta çenli ejemiň jaýlanan ýeri belli däl.
Onuň mazarynyň nirededigi belli däl. Biz — onuň
çagalary köp gyzyklandyk bu mesele boýunça, ýöne hiç
ýerdenem belli bir jogap almadyk. Meniň bolsa bilesim
gelýär onuň mazarynyň nirededigini. Ölmänkäm
görsem diýýän…»
Türkmenistanyň merkezi döwlet arhiwinde işläp
ýören wagtym bir kiçiräjik maglumatyň üstünden
bardym. Maşinkada çap edilip goýlan bir sahypa kagyzyň
ýüzünde şeýle ýazgylar bardy: «Ilkinji pedagoglaryň biri,
Merýem Ezizowna Kerbabaýewnanyň ýatlamasyndan:
«1924-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabadyň Magaryf
öýünde Türkmenistanyň mugallymlarynyň I gurultaýy
işläp durdy. Birinji çykyşdan soň münbere Muhammet
Geldiýew çykdy. Ol zalda oturan mugallymlara
ýüzlenip şeýle diýdi: «Öz dogduk mekanyna dolanyp
gelýärkä, ýolda ilkinji türkmen mugallymy Tatýana
Tekinskaýa agyr derde uçrady. Ol öz Watanynyň gülläp
ösýänini görüp bilmän demirýol keselhanasynda
ýogaldy. Tekinskaýa bütin ömrüni öz halkynyň bagtly
durmuşy üçin göreşip gelipdi. Artykgül Tekinskaýanyň
ýagty ýadygärligine baş egip, bir minut ýeriňizden
40
turmagyňyzy haýyş edýärin». Biz ähli mugallymlar
bolup demirýol keselhanasyna bardyk. Tatýana
Tekinskaýa bilen ömürlik hoşlaşdyk… Ony musulman
gonamçylygyna äkidip jaýladylar…»
Bu haty okanymdan soň wajyp bir pikir meni
biynjalyk etdi. Tatýana — Artykgül Tekinskaýanyň
nirede jaýlanandygy anyk belli däl. Mümkin, bilýän
adamlar bardyr. Ýöne, biziň ýüz tutan adamlarymyzyň-a
habarlary ýok ekeni. Hatda onuň gyzy Annagül
Tekinskaýanyň özem bilenok. Mümkin bilýänler
bardyr... Eger şeýle bolsa, onda sesleniň, adamlar,
sesleniň! Türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran
gaýduwsyz zenanyň hatyrasy üçin sesleniň! Tatýana
Tekinskaýanyň meşhur portretini ýene bir gezek elime
alýaryn. Ol merdana gyzyň gara gözleri bize seredip
dur. Ine, onuň şol gözlerindenem men Tekinskaýanyň
bir wagt aýdan ajaýyp sözlerini okadym:
«Şu gün meniň otuz ýaşymyň dolýan güni. Biziň
ülkämiziň eýelenmegine-de 27 ýyl bolýar… Men öz
ýaşlarymyza olaryň ösüp, ähli halkymyza ruhy taýdan
ýokary göteriliş we azatlyk berjegine berk ynanýaryn.
Elbetde, belki sen ony görüp bilmersiň. Emma, seniň
çagalaryň, agtyklaryň ol döwürde ýaşarlar!»
41
***
Häzir Tekinskaýalardan aýatda diri galany ýok.
85 ýaşan Annagül eje-de pahyr boldy. Emma, olar
baradaky ýatlama welin ömürlik galdy...
Türkmen halkynyň merdana gyzy, halkymyzyň bagtly
günleri ugrunda janyny gaýgyrmadyk gaýduwsyz zenan
Tatýana Tekinskaýanyň tüýs ýüreginden beslän arzuwy
1991-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-sinde hasyl boldy.
Türkmenistan özüniň Garaşsyz döwlet bolandygyny
bütin äleme jar etdi. Türkmen halkynyň ömürbaky
arzuw edip gelen maksady amala aşdy. Halkymyzyň
Garaşsyzlyga gözi düşdi… Türkmenistanyň ilkinji
Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň
ýolbaşçylygy astynda türkmen halky döwletimiziň
Garaşsyz binýadynyň düýbüni tutdy. Ol edil ýaşajyk
nahal dek ünse-idege, tükeniksiz alada mätäç… Ony
ösdürip ýetişdirmek ählimiziň mukaddes borjumyz…
Garaşsyzlyk her bir halk üçin bagt... Türkmen halky
üçinem Garaşsyzlyk uly bagt… Ony goramaly, eý
görmeli, ýüzüňe sylmaly!
Ýazmyrat Şadurdyýew
42
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Teke gyzy Tatýana (Artykgül) hakynda - 1
    Total number of words is 3523
    Total number of unique words is 1842
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Teke gyzy Tatýana (Artykgül) hakynda - 2
    Total number of words is 2302
    Total number of unique words is 1330
    38.4 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.