Latin

Teke gyzy Tatýana (Artykgül) hakynda - 1

Total number of words is 3523
Total number of unique words is 1842
32.7 of words are in the 2000 most common words
46.6 of words are in the 5000 most common words
54.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ÝAZMYRAT ŞADURDYÝEW
TEKE GYZY
TATÝANA
(ARTYKGÜL)
HAKYNDA
(gürrüňdeşlik)
(Annagül eje bilen gürrüňdeşlik)
I
Içi giň jaýyň edil ortarasynda, pessejik hem kiçiräk
stoluň başynda biz Annagül eje bilen ikiçäk otyrys. 80
ýaşy arka atan bu ene saglygynyň gowşak bolmagyna
garamazdan juda janly gürrüň berýär. Hereketlerem,
birtüýsli, janly. Ol edil şu wagt gürlemezçe-de däldi.
Çünki ol taryhymyzda wajyp bir waka barada gürrüň
berýär.
Annagül eje — Tatýana (Artykgül) Tekinskaýanyň
gyzy — Annagül Myradowna Tekinskaýa. Merdana
türkmen zenanynyň ýeketäk diri galan perzendi.
Onuň agyr, dartgynly, emma manyly durmuşynyň
kiçijik şaýady. Biz gürrüň edip oturyşymyza 3-4
ýaşlyja türkmen gyzjagazynyň elde çekilen suratlaryny
synlaýardyk. Suratkeşiň çeken şol suratlaryny Annagül
ejä görkezemizde, ol suratlaryň birini saýlap alyp: «Ine,
şujagaz ejeme çalym edýär.Garagözelek, namysjaňja
gyzjagaz. Gözlerem, gaşlaram edil ejemiňkä çalym
edýär…» diýdi. Şeýdip, 5-6 suratdan ýekejesini saýlap
aldyk. Dogrudanam, şol saýlanan surat üýtgeşikdi.
Ondaky gyzjagazyň gözlerinde üýtgeşik many bardy.
3
Tatýana Tekinskaýanyň çagalygyny ýatlajak bolup, oňa
kän seredip oturdym. Ine, birdenem şol suratdaky teke
gyzjagazy bilen hyýalymda gürleşenimem duýman
galypdyryn. Bu näbelli gyzjagazdan men soraýaryn,
olam jogap berýär:
«Sen kim, gyzjagaz?»
«Bilemok...»
«Seň adyň näme?»
«Bilemok...»
«Adyňam bileňokmy?»
«Ýok...»
«Kimiň gyzy? Ejeň-kakaň kim?»
«Bilemok... Men hiç zat bilemog-a...»
«Nirede ýaşadyň sen?»
«Hanha, ho-o taýda...»
«Kimler diýýärdiler size?»
«Tekeler...»
«Kimler?»
«Tekeler biz… Düşüneňokmy, te-ke-ler...»
«Sen onda teke gyzy-da, şeýle dälmi?»
4
«Hawa, teke gyzy...»
Häli-häzire çenli Tatýana Tekinskaýanyň hakyky
ady, atasynyň ady belli däl. Gaty kiçijik bolansoň ol
adynam bilmändir. Dogrusy, düşündirip bilmändir
hiç kime. Şol teke gyzlygyna-da galypdyr. Elbetde,
ady bolandyr o görgülijigiňem. Atasam bolandyr,
enesem. Doganjyklaram bolandyr, kim bilýär. Günde
onuň adyny tutup gygyrandyr ejesi. «Guzym, balam»
diýendir. Söýendir, hüwdiländir. Ak göwsünden süýt
berendir. Emma, zalym ykbal o görgülijigi hemme
zatdan mahrum etdi oturyberdi. Hatda öz adynam biler
ýaly etmedi. Atsyzja teke gyzy bolup galdy, görgülijik.
Men hyýaly pikirden çykyp bilmän ýene-de teke
gyzjagazynyň çagalygyny göz öňüme getirjek boldum:
beýikli-pesli gum depelerinde 3-4 ýaşlyja gyzjagaz
ylgap ýör. Ol ylgap barşyna hezil edip gülýär. Neneň
gülmesin — asman arassa, zemin arassa. Gün ýyly mähri
bilen çoýup dur. Daş-töwerek ümsümlik. Asudalyk.
Gyzjagaz aýak ýalaňaç ylgap ýörşüne hezil edýär.
Onuň elinden-aýagyndan saklaýan ýok — erkin! Ine,
birdenem dünýäni apy-tupan tutýar. Elhenç gümmürdi
ýeri sarsdyryp, asmany gara buluda örtýär. Gyzjagazyň
şadyýanja gülkisiniň üstüni ahy-nala basýar. Edil
zeminiň teýinden çykýan ýaly adamlaryň, çagalaryň
5
aglap-eňreýän, ýürek sarsdyryjy sesleri eşidilýär. Bu
Gökdepe urşunyň ýaňy. Elhenç gyrgynçylygyň ýaňy.
Adam mertebesiniň düýp teýkary bilen basgylanan
gününiň ýaňy.
Edil şol wagt meniň bir döwür syn eden suratlarym
ýadyma düşdi. Ine, şol gandöküşikli urşy beýan edýän
fransuz hudožnigi Ef Rubonyň «Gökdepe galasynyň
zabt edilişi» suraty… Partladylan galanyň içine rus
goşunlary süsdürilip girýärler. Olar hiç kimi aýanoklar
— çagamy, garrymy, tapawudy ýok — hemmesini
gyrmaly. Ine, şol ahyrzamany sypatlandyrýan suratyň
içinde bizi aýratyn bir sahna özüne çekýär. Ýaşy bir çene
baran garryja türkmen enesi kiçijik çagany bagryna
basyp, duşmanyň gözünden sypjak bolýar. Bu görgüli
garrynyň edil şu wagt bar aladasy şol çagany halas
etmek. Neslini halas etmek. Nesil daragtyny dowam
etdirmek.
Ine-de, näbelli rus hudožniginiň Gökdepe galasy
zabt edilenden soň çeken suraty. Weýran bolan galanyň
içinden general Skobelew öz atlylary bilen çykyp gelýär.
Edil galanyň düýbünde, Skobelewiň gelýän ugrunda, bir
kiçijik teke gyzy eginjigini gysyp otyr. Ol görgülijik bar
zatdan bizar bolupdyr. Daş-töwerekdäki bolup geçýän
elhençliklere akyl ýetirip bilmän, gözlerini tegeläp otyr...
6
1882-nji ýylda Gökdepe urşuna gatnaşan Maslowyň
Sankt-Peterburgda çapdan çykan, «Ahal-Tekäniň zabt
edilişi» atly kitabyndan:
«Galadan çykyp gelýän Skobelewiň atynyň öňüne
duýdansyz bir ýerden bir gyzjagaz okduryldy.
Skobelew şo bada atyny saklap, gyzjagazy ýygnamagy
soldatlardan haýyş etdi. Ol gyzjagazy öz bolýan
lagerine äkitmeklerini buýurdy. Soň Skobelew tapylan
teke gyzyny grafinýa Milýutina tabşyryp, oňa esewan
bolmagyny haýyş etdi. Bu teke gyzyndan örän üýtgeşik
adam boljakdygyna onuň ynamy bardygyny grafinýa
ýaňzytdy. Dogrudanam, galadan tapylan gyzjagaz gaty
üýtgeşikdi. «Tatýananyň gününde» galadan tapylansoň
ol gyzjagaza «Tanýa» diýip at goýdular. Oňa täze
eşik geýdirenlerinde bolsa ol şeýle bir owadanja we
şadyýanja boldy. Üç aý geçenden soň rus dilinde şeýle
bir oňat geplemegi öwrendi welin, onuň dil bilşi rus
çagalarynyňkydan pes däldi. Ol daşyndan garaýagyz hem
janlyja diýäýmeseň rus çagasyndan tapawutlandyrjak
gümanyň ýokdy... Başga-da galadan kän çaga tapyldy.
Olaryň köpüsi oglanjyklardy. Ofiserlerimiz olary
ýanlarynda saklaýardylar. Garaz, her rotada birlänikilän çaga bardy. Ulular olary oýnadýardylar...».
Annagül ejäniň ýygyrt atan horja ýüzüne seredip
7
oturyşyma onuň gürrüňini diňleýärin:
« — Gökdepe galasy basylyp alnanda meň ejemiň 3
ýaşy dolan ekeni. Şol apy-tupanda bir gudrat bilen diri
galypdyr. Galadan çykyp, harabalykda aýlanyp ýörkäde, general Skobelew atdanlykda onuň üstünden barýar.
Soldatlara bu gyzjagazy ýygnamagy buýrupdyr. Şeýdip
meň ejem ruslaryň eline düşýär. Başda ony meýdan
keselhanasyna eltýärler. Şol ýeriň denşigi, rus soldaty
Rodiony gyzjagaza eneke edip belleýärler…».
1882-nji ýylda Sankt-Peterburgda çapdan çykan
«Rodnik» atly çagalar žurnalynda Ahal-Teke urşuna
gatnaşan harby lukman A.W. Şerbagyň «Teke
gyzjagazynyň hem-de onuň soldat enekesi Rodionyň
taryhy…» atly oçerkinde şeýle täsirli setirler bar:
«...Gyzjagaza eneke bolmak Rodiona diýseň ýarady.
Ol ilki bilen gyzjagazy ýyljak suwda ýuwundyrdy.
Kiçijik çaga suwa düşmek gaty bir ýaramansoň, çirkin
ses edip aglamaga başlady. Diýen etmän elini-aýagyny
ikiýana urdy. Rodion bolsa çagaň gykylygyna bakman,
ony derrew suwa düşürdi. Soňam soldatlaryň eşiginden
tikilen köýnejigi geýdirdi, ony ýaglyga dolady, aýagyna
bolsa köwşüň deregine ýüň jorap geýdirdi. Soňam
gyzjagazy ýaralylary ýatyrylýan galtagyň üstünde
8
ýatyryp, gyzgynja çaý berdi. Şol günüň agyr jebirlerini
başdan geçiren gyzjagaz şol bada süýji uka gitdi... ...Bu
gyz Tanýa Tekinskaýady. Ol diňe Rodion bilen grafinýa
Milýutina öwrenişipdi. Başga hiç kimi gyzjagaz
golaýyna eltenokdy. Ol hemişe Rodionyň yzyna düşüp
ýörendir. Ol kä wagtlar soldata türkmençe-de bir
zatlary diýip goýberýärdi. Ine, şonda Radion hiç zada
düşünip bilmän gyzjagaza gözlerini tegeläp seredýärdi.
Gyzjagaz bolsa enekesiniň bu gülkünç halyna heziller
edip gülýärdi».
Annagül eje suratlara göz gezdirip gürrüň berýär:
«Gökdepe urşuna gatnaşanlaryň käbirleri kitapdyr
žurnallarda ejem barada-da agzap geçipdirler. Ýöne,
bize ejem öz ýaşlygyny özi gürrüň berýärdi. Oňa at
dakylyşam gaty geň bolupdyr. Şol wagt näsaglara
esewan bolýan grafinýa Ýelena Dmitriýewna
Şahowskaýa-Milýutina ejeme eýe çykypdyr. Ol şol
wagtky Russiýanyň harby ministri Milýutiniň gyzy
ekeni. Grafinýa ejemiň adyny bilip bilmänsoň özüçe
at goýypdyr. Gökdepe galasy ýanwar aýynyň 12-sinde
basylyp alnypdyr. Ol gün ruslaryň «Tatýananyň güni»
atly dini baýramçylygy ekeni. Şonuň üçin ejeme
«Tatýana» diýip, at goýupdyrlar. Tatýana ähli «Tatýana»
atly gyzlaryň perişdesi ekeni. Soň «Mihaýlowna» diýip
9
at goýupdyrlar. Ejemi ilki bilen ýygnan Mihail Skobelew
bolansoň ony ejemiň atalygy hasaplapdyrlar. Ejem teke
gyzy bolansoňam oňa «Tekinskaýa» diýip familiýa
goýupdyrlar. Şeýdibem ejem Tatýana Mihaýlowna
Tekinskaýa bolaýypdyr...»
Teke gyzy barada gürrüň berýän «Rodnik» çagalar
žurnalyndaky oçerke ýene bir gezek göz gezdirýäris.
Teke gyzjagazy baradaky setirlerden gözüňi aýyrmak
mümkin däl:
«...Gami ýuwaş-ýuwaşdan açyk deňze girip başlady.
Kenar hol yzda galdy. Adamlaryň gowry ýatyşdy.
Tanýa-da gürlemesini bes etdi. Oturgyçda gysylyp
oturyşyna tolkun atýan deňze, hol uzakda galan kenara
gaýgyly gözjagazlaryny aýlady. Soňam ýuwaşjadan
uka gitdi… Gämiň bir çetinde bolsa rus soldaty egnini
gysyp otyrdy. Ol gaýgylydy. Olam uzakda galan kenara
seredip, gözlerine ýaş aýlady. Ol — Rodiondy... Tanýany
onuň elinden aldylar. Gyzjagazy Moskwa äkidip okuwa
ýerleşdirmegi makul bildiler. Tanýa özüniň täze
durmuşyna begenjeginem-gynanjagynam bilmedi.
Rodion bolsa aglaýardy. Çünki ol Tanýa bilen ömürlik
aýralykda galmaly bolupdy... Bir aý geçenden soň
Tanýany Moskwada hristian dinine kabul etdiler. Soňam
ojagaz gyzjagazy döwletiň hasabyna «Nikolaýewskiý»
10
ýetimler öýüne tabşyrdylar...»
Ine, şeýle... Çaklaňja oçerkde gör, näçe maglumat
ýatyr. Teke gyzjagazy özüniň üýtgeşik häsiýetleri
bilen köpleriň ünsini çekipdir. Emma özi baradaky
ýazgylardan bolsa onuň habary bolmandyr. Diňe ulalyp
ýetişensoň, ol şol ýazgylar bilen tanyş bolupdyr. Ine,
şonda oňa köp zat aýan bolupdyr. Taryhda gör, nähili
wakalar, ykballar ýatyr... Eýýamlar diýseň çalt üýtgäpdir.
Adamzadyň taryhynda dürli öwrülişikler bolup geçipdir.
Patyşa Russiýasynda XIX asyryň ahyrynda iň bir wajyp
wakalaryň biri, olam ruslaryň Gökdepe urşundaky
ýeňşi bolupdyr. Bu ýeňiş Russiýanyň basybalyjylykly
syýasatynda uly öňegidişlige ýardam edipdir. Şol
döwrüň harby ministri Dmitriý Alekseýewiç Milýutin öz
«Gündeliginde» şeýle bellik edýär: «Skobelewiň ajaýyp
ýeňşi bütin Ýewropada uly täsir galdyrdy. Onsaňam ol
ýeňiş iňlisleriň başda Owganystanda, soňam Günorta
Afrikadaky şowsuzlyklary bilen gabat geldi. Bu bolsa
biziň üçin gaty bähbitli boldy». Gökdepe urşy barada
şol ýyllar Sankt-Peterburgda, Moskwada tom-tom
kitaplar ýazyldy. Olaryň awtorlary bolsa Gökdepe
urşuna gatnaşyp, ähli zatlary öz gözleri bilen gören
adamlardy — Grodekow, Maslow, Şerbak, Terentýew,
Kuropatkin… Wereşagin ýaly hudožnikler Gökdepe
11
hakykatyny görkezýän ençeme iniňi tikenekledýän
eserleri döretdi. Hatda «Gökdepe» atly harby marş hem
düzülipdir...
II
Uruşda gyrlan adamlaryň, alnan oljalaryň ýörite
hasaby ýöredilipdir. Egsilmez rus goşunynyň, general
Skobelewiň ady arşa göterilip şöhratlandyrylýar.
Gökdepe urşunda gazanan ýeňşi üçin general
Skobelew «Swýatoý Georgiý» Hajy bilen sylaglanylýar.
Generallykdan general-adýutantlyga çekilýär. Ol
hakyky halk gahrymanyna öwrülýär. Ýöne esasy ýeňiş
ruslar üçin başga zatdy. XVIII asyrda Pýotr I-iň amala
aşyrmaga hyýallanan maksady XIX asyryň ahyrynda
ýol alyp ugraýar. Ol maksat — basybalyjylyk maksady.
Özge ýurtlary basyp alyp, özüne tabyn etmek, boýun
egdirmek syýasaty. Pýotr I öz döwründe Orta Aziýanyň
üsti bilen Hindistana ýetmek, ony boýun etmek
maksady bar ekeni. Emma, onuň ilkinji synanyşygy
şowsuz gutarýar. Hywa iberen Bekowiç-Çerkasskiniň
ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýasy derbi-dagyn edilýär.
XIX asyryň ikinji ýarymynda bu wajyp işiň täzeden
ugruna çykylýar. «Slawýan doganlarymyz howp
12
astynda» bahanasy bilen ruslar Bolgariýany «azat»
etmek maksady bilen Türkiýä uruş yglan edýärler.
Çünki Bosfor hem Dardanelli aýlaglarynyň üsti bilen
Owganystana, soňam Hindistana aşyp bolýardy. Emma
rus-türk urşy gaty agyr bolansoň, Russiýanyň goşuny
sandan çykýar. Ummasyz köp serişde harç edilýär.
Bosfor aýlagynyň üsti bilen Hindistana geçmek plany
başa barmaýar. Şonuň üçin ruslar ýeňilräk hem ýakyn
ýol agtarýarlar. Ýeke-täk ýol — olam Orta Aziýanyň
üsti bilen aşmak bolýar. Ine, şonuň üçin 1878-nji
ýylda general Lomakiniň ýolbaşçylygyndaky rus
goşunlary Orta Aziýa hüjüm edýärler. Bu ýörüş hem
ruslar üçin şowsuz gutarýar… 1880-nji ýylda general
Skobelewiň ýolbaşçylygyndaky goşun Kaspi deňziniň
kenarynda, Çekişlerde düşleýär. Harby-tehniki
enjamlary, ýaraglary üpjün bolan ägirt uly goşun ýenede Orta Aziýa dökülýär. «Ak general» ady bilen belli
Skobelew ozal Kawkazda, Hywada, Kokantda, rus-türk
uruşlarynda özüniň ganhorlygy bilen tapawutlanan
adam. Russiýanyň bähbidi üçin ol hiç zatdanam
gaýdanokdy. Başga halklara garşy onuň öz syýasaty
bardy. Ol şeýle ýazýar: «Aziýanyň diňe bir emlägini
däl, onuň aňyny hem almak gerek». Onuň ildeşi we
kärdeşi general Maslow bolsa Skobelewiň aýdanlarynyň
13
üstüni ýetirýär: «Bary-ýogy on aýyň içinde Skobelew
Ahal-Teke ekspedisiýasyny üstünlikli tamamlap, Orta
Aziýada rus agalygyny berkitdi…». Gökdepe urşuna
gatnaşyp, tekeleriň gahrymançylyklaryny, olaryň
ýanbermezliklerini öz gözleri bilen gören general
Grodekow bolsa: «Türkmenler — Ýer şarynyň ýüzünde
dörän tegmil. Olar adamzady masgara edýär. Şonuň
üçin olardan dynmaly» diýip, haýbat atýar…
Gökdepe urşundan has soň, ömrüni Patyşa
Russiýasynyň harby bölümlerinde gulluk eden, rustürk, Kawkaz uruşlaryna gatnaşan harby ýurist,
polkownik, Çekişlerde doglan Nikolaý han Ýomudskiý
öz ýatlamalarynda şeýle ýazýar:
«Türkmenler müň ýyllyklaryň dowamynda Aziýanyň
sähralyklarynda erkin ýaşap ýören halk. Olar öz
üstlerinden agalyk edýän häkimligi, erkinligini elinden
alýan kanunlary görmedik halk. Türkmenleriň bütin
ömri erkinlikde geçen, olaryň bütin daş-töweregini
erkinlik gurşap alan, şonuň üçin olara agalyk ediji
güýç täsir etmeýär». Ol öz ýatlamasynda başga bir
pikiri hem orta atýar: «Baryp has irki döwürlerden
rus patyşalarynda özge halklaryň ýerini, ýurtlaryny
basyp almak endikleri bardy. Olar günbatarda-da,
gündogarda-da häli şindi basybalyjylykly ýörüşleri
14
guraýardylar. Halkary gulçulyga öwürýärdiler.
Özleriniň basybalyjylykly hereketlerini bolsa olar
ynsansöýüjilik pikirleri bilen ýumarlaýardylar...».
Hawa, 1881-nji ýyl Rus patyşasy üçin bähbitli ýyl boldy.
Bütin Orta Aziýa eýelendi. Indi beýleki maksatlaryňam
amala aşyrybermeli. Hindistan, Owganystan, beýleki
gündogar ýurtlaram indi uzakda däl. Olara tarap
ymykly ýol açyldy. Emma, 1882-nji ýylyň awgust
aýynyň 25-inde garaşylmadyk bir waka boldy. General
Skobelew Moskwanyň kaşaň myhmanhanalarynyň
birinde keýp çekýän mahaly ölýär. Gökdepe urşunda
rehimsiz gyrgynçylyga ýol beren, öwezini dolduryp
bolmajak ýitgileriň döremegine sebäp bolan «gözi
ganly» general amanadyny tabşyrýar… Skobelewiň
ölümini bütin Russiýa gynanç bilen kabul edýär. Ähli
gazetdir-žurnallar generalyň ölümine matam tutmak
bilen gynanç bildirýärler. «Nowoýe wremýa» žurnaly
bolsa şeýle ýazýar: «Şugla saçýan ägirt meteor daşy
ýaly ol — Skobelew, dünýäniň üstünden aýlanyp,
ömürlik gözden ýitdi…». Patyşa Russiýasynda bolup
geçýän bu galagoply wakalardan dört ýaşynda Russiýa
äkidilen, Gökdepe urşunda ene-atasyndan jyda düşen
teke gyzjagazynyň, general Skobelewiň gyzlygy hasap
edilýän mährem gyzjagazyň habary ýokdy. Ol bu wagt
15
düýbinden üýtgeşik ýurtdaky, Russiýadaky durmuşyna
ymykly öwrenişipdi... Käbir derejede teke gyzynyň
ykbaly bilen baglanyşykly taryhyň sahypalaryna
ser salyp, ýene-de Annagül ejäniň otagyna dolanyp
gelenimizi duýman galdyk. Ol görgüli bolsa şol gürrüň
berip otyr. Ejesi hakynda onuň gursagynda juda-juda
gürrüň köpdi...
« — Ejemiň Russiýada 5-6 ýaşyndaky aldyran
suraty bardy. Rus dworýan çagalarynyň eşiginde.
Başynda owadanja şlýapajygy bar, egninde üýtgeşik
köýnejigi. Şeýle bir gowuja, akylyňy haýran eder.
Ejemiň çagalygyndan galan ýeke-täk şol suratdy.
Emma, ýadyma düşenok, kimdir biri alyp, soň gaýtaryp
getirmedi. Şonda ol ýetimler öýünde terbiýelenýär ekeni.
Ejem akyllyja hem dogumlyja bolansoň derrew özüni
aldyrypdyr. Oňa hemmeleriň göwni ýetipdir. Ejemiň
çagalygyna degişli hiç bir zat galmandyr. Moskwanyň
arhiwlerinde käbir maglumatlar bolmagy ahmal. Ýöne
kim ony barlajak, öwrenjek. Soň ejem ýetişensoň
Ýelizawetanyň adyny göterýän zenanlar institutyna
kabul edýärler. Ol institutda diňe dworýanlaryň, ýokary
çinli harby adamlaryň, täjirleriň garaz ýokary gatlagyň
çagalary okaýardylar. Ejem instituty 1894-nji ýylda
tapawutlanan bahalar bilen gutarýar...»
16
Türkmenistanyň merkezi döwlet arhiwinde Tatýana
Tekinskaýanyň terjimehalyna degişli ýörite bukja
bar. Ine, şonuň içinde bolsa Tekinskaýanyň durmuşy
hakynda gymmatly maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Ynha meniň elimde Tatýana Tekinskaýanyň instituty
tamamlanlygy baradaky «Şahadatnamasy». Saralyp
giden galyň kagyzyň ýüzünde şeýle ýazgylar bar: «…
Moskwanyň Ýelizaweta institutynda terbiýe alan,
general-adýutant M. D. Skobelewiň hem-de knýaginýa
E. D. Şahowskaýanyň gyzlygy hasap edilýän Tatýana
Mihaýlowna Tekinskaýa şu okuw jaýynda okaýan
döwründe ahlakdan «bäşlik», Allatagala kanunlaryndan
«bäşlik», rus dilinden we sözleýşinden «gaty oňat»,
fransuz dilinden hem sözleýşinden «gaty oňat», nemes
dilinden we sözleýşinden «oňat», matematikadan
«bäşlik», geografiýadan «gaty oňat», taryhdan «has
oňat», pedagogikadan «bäşlik» bahalara mynasyp
boldy. Bulardan başga-da Tekinskaýa okuw döwründe
surat çekmek, ýazmak, saz we tans, el işleri, hojalyk
işleri boýunça tälim alyp, instituty tamamlandan soň
«Ýazgyly kitaba» mynasyp boldy. Moskwa, 1894-nji
ýylyň maý aýynyň 21-i…» «Şahadatnamanyň» gapdaly
bilen birnäçe suratlara-da göz gezdirýärin. Tatýana
Tekinskaýanyň Ýelizaweta zenanlar institutynda okan
17
döwründe aldyran suratlary… Onuň ýeke özüniň
düşen suraty täsirli. Ine, gözleri ýanyp duran 17-18
ýaşlaryndaky gara gözelek teke gyzy. Onuň gözlerinde
nähili hem bolsa gaýgy bar. Ine, beýleki suratda bolsa
Tatýana Tekinskaýa öz bile okaýan joralary bilen surata
düşüpdir. Özüniň owadanlygy bilen ol beýlekilerden
saýlanyp dur…
Tatýana Tekinskaýanyň okan Ýelizaweta institutynyň
jaýy häzirem Moskwada bar. Jaýyň içinde köp
özgerişlikler bolanam bolsa, onuň daşky keşbi känbir
üýtgemändir. Üýtgeşik arhitekturasy bolan bu okuw
jaýynyň kiçiräjik howlusy bar. Ortada uly fontan. Howlyň
haýatam şol öňki salnylyşy ýaly dur. Ýelizawetanyň adyny
göterýän zenanlar instituty öz döwründe juda meşhur
bolupdyr. Bu ýerde hat-da meşhur şahyr A. S. Puşkiniň
aýaly Natalýa Gonçarowa-da okapdyr. Ol barada bize
bu ýeriniň taryh muzeýiniň işgäri, gartaşan zenan
gürrüň berdi. Ol bize jaýyň içindäki demir basgançagy
görkezip: «Ine, şu ýerde, bu basgançakda A.S. Puşkin
Natalýa Gonçarowa bilen duşuşypdyram» diýýär. Bu
mährem aýal Tekinskaýa barada-da, onuň şu ýerde
okanlygy barada hem bilýän ekeni. Onuň uzak Orta
Aziýadan getirilenliginden hem habary bar ekeni…
Moskwada bolamda şol demir basgançaklara uzak
18
wagtlap seredip durdum. Teke gyzynyň ýöräp barşyny
göz öňüme getirdim. Şol ýöräp barşynda-da, görgüli,
kim bilýär, pikir edendir: «Kim men? Nirde meniň
Watanym? Görermikäm heý dogduk mekany?…» Ol
mümkin ynha şu penjireden seredendir, synlandyr
rus şäheriniň adamlaryny. Birdenem öz watandaşlary
ýadyna düşendir... Gamgynlanandyr... Şu döwre çenli
Tatýana Tekinskaýanyň okan okuw jaýy ençeme gezek
üýtgäpdir. Ýelizawetanyň adyny göterýän institutdan
soň, sowet döwri, ol Krupskaýa adyndaky pedagogik
institut bolupdyr. Beýik Watançylyk urşy ýyllary bu jaý
harby gospital bolupdyr. Soň «Kommunistik Pedagogik
uniwersiteti» bolupdyr. Häzir bolsa bu jaýda Orsýediň
Pedagogik instituty ýerleşýär… Men Annagül eje
bilen ikiçäk oturyşyma oňa gyzyklanýan soraglarymy
berýärin. Olam howlukman, her bir sözi ölçerip jogap
berýär. Meni Tatýana Tekinskaýanyň institutdan soňky
ykbaly gyzyklandyrýardy.
« — Instituty tamamlandan soň ejemiň kyn güni
başlanýar. Okuwy gutaryp, Moskwada öz okan
institutynda işe galypdyr diýlen maglumatlar hem bar.
Ýöne ol görgüli birbada özüni nirä urjagyny bilmändir.
Özüniň türkmenlerdendigini, teke gyzydygyny oňa
ozal köp ýatladypdyrlar. Özüniň keç ykbalyndan onuň
19
habary bar ekeni. Ýöne, Türkmenistana nädip aşmaly?
Ony ol ýerde nähili kabul ederler? Kim garaşýarka oňa
Türkmenistanda? Ol hakyky öz adynam, atasynyňejesiniň atlarynam bilenok ahyryn. Ol ýekeje zady bilýär
— Gökdepeden, özem teke gyzy, başga hiç zat. Onsoň
o görgülini şu ýagdaýda kim tanar? Onsoňam ol bütin
tebugaty bilen rus durmuşyna, rus terbiýesine, däpdessuryna uýgunlaşan. Özem bütinleý rusça geýinýär.
Öz türkmen dilini bilenok. Onuň türkmendigine beri
ynanarlarmyka? Ine, şu çykgynsyz agyr ýagdaýlar ejemi
kyn güne goýýar. Ýöne nähili kynam bolsa, özüniň
esasy watany, türkmen topragy onuň kellesinden
çykmaýar…»
III
Men arhiwde maglumat toplan wagtlarym ýene bir
üýtgeşik maglumatyň üstünden bardym. Ol Tatýana
Tekinskaýa bilen Pýotr Skworsowyň nikalary barada
güwä geçýän «Şahadatnama». Bir bölejik saralyp giden
kagyzyň ýüzünde şeýle ýazgylar bardy: «Generaladýutant M. D. Skobelewiň we E. D. Şahowskaýanyň
gyzlygy Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa bilen inženermehanik Pýotr Sergeýewiç Skworsew Moskwanyň
20
Ýelizaweta
institutynyň
ýanyndaky
Troiskiý
buthanasynda 1898-nji ýylyň awgust aýynyň 23-ine
nikalaşdylar. Ruhany Dmitriý…» Bir bölek kagyzyň
ýüzünde ynsan ykbaly ýatyr. Maşgala durmuşynda
bolan ilkinji ädim ýatyr. Okuwy tamamlandan soň
dört ýyl geçenden soň Tatýana Tekinskaýa durmuşa
çykmagy makul bilýär. Ýekelik görgülini irizendirdä. Pýotr Skworsew diýen ýigide durmuşa çykýar. Ol
ýigit Kuznetsow diýilýän täjiriň farfor zawodynda
inžener bolup işleýän ekeni. Ýaşlar biri-birini halaşyp
barypdyrlarmy ýa-da tötänlikde nikalaşypdyrlarmy —
ol barada hiç hili maglumat ýok. Troiskiý buthanasyndada bolup gördüm. Ol Moskwanyň çeträginde ekeni.
Içi üýtgeşik bezelen bu buthana häzirem öz görküni
ýitirmändir. Ähli ýerden Isa pygamberiň suraty
saňa seredip dur. Ine, şu ýerde, şu buthanada 100 ýyl
töweregi mundan ozal teke gyzy ömründe ilkinji gezek
nikalaşypdyr. Nähili duýgyny başdan geçirdikä şonda
Tatýana Tekinskaýa? Elbetde, tolgunandyr…
Annagül ejäniň gürrüňi meni uzak ýatlamalardan
häzirki hakyky durmuşymyza alyp gelýär:
«Ejem durmuşa çykandan soň, birnäçe ýyl
Moskwada ýaşaýarlar. Soň Pýotr Skworsowy Harkowa
işe geçirýärler. Harkowda farfor zawodynyň filialy
21
bar ekeni. Olar ol ýerde 1905-nji ýyla çenli ýaşaýarlar.
Tatýananyň üç sany gyzy bolýar. Harkowda Tatýana
Tekinskaýa ýerli gimnaziýada daşary ýurt dilleri
boýunça okadýar. Durmuş öz ugruna gidip dur. Emma
maşgalada oňşuksyzlyk başlanýar. Bar bela Pýotrdan
gaýdýar. Ol içegen bolup, häli-şindi Tatýana azar berip
başlaýar. Onuň üstesine-de Russiýada rewolýusion
hereketler başlaýar. Uruş-sögüşler köpelýär. Kyn
ýagdaýa düşen Tatýana öz Watanyna, Türkmenistana
gaýdarman bolýar. Emma Pýotr Skoworsow garşy çykýar.
Tekinskaýa uzak, näbelli Türkmenistana çagalaryny
hem alyp gider öýdüp, ony öz çagalaryndanam mahrum
edýärler. Üç sany garagözelek gyz Pýotr Skworsowda
galynmaly edilýär. Şeýdibem ejem öz dogduk mekanyna
ýeke özi gaýtmaly bolýar…»
Tatýana Tekinskaýanyň özdiýenliligini subut
edýän üýtgeşik maglumat bar. Onda Tekinskaýanyň
Onuň Alyhezretleri imperatoryň kanselýariýa işleri
boýunça Uprawlýaýuşisiniň adyna ýazan haýyşnamasy
beýan edilipdir. Tatýana Tekinskaýa «Skworsowa»
familiýasyny üýtgedip, öz «Tekinskaýa» familiýasyny
gaýtaryp bermeklerini haýyş edýär. Onuň haýyşy
kanagatlandyrylýar — «Tekinskaýa» familiýasy
gaýtarylyp berilýär… Ol haýal etmän Türkmenistana
22
ugraýar. 25 ýyldan soň Tatýana Tekinskaýa dogduk
mekanyna dolanyp gelýär. Türkmen topragy XX asyryň
başynda… Men şol döwre degişli arhiw suratlaryna
göz gezdirýärin. Ähli ýerde harby eşikli adamlar.
Patyşa Russiýasynyň generallary, ofiserleri, soldatlary.
Türkmen topragy ýetişibildiginden özgerdilýär.
Demirýol gurulýar. Amyderýanyň üstünden köpri
gurulýar. Jaýlar, ýollar, meýdançalar gurulýar.
Buthanalar gurulýar.
«Türkmenowedeniýe» žurnalynyň XX asyryň 20nji ýyllarynda çykan sanlarynyň birinde Nikolaý Han
Ýomudskiý şeýle ýazýar:
«40 ýyllap patyşa Russiýasynyň harby häkimligi
Zakaspi oblastynda öz syýasatyny ýöretmek bilen
türkmenleriň durmuşyna bitmejek ýara saldy: ýaşy
könelişen garry-gurtylar-a öňki erkin durmuşy ýada
salyp, öz içki dünýäleri bilen boluberdiler, soňky — täze
nesil bolsa täze döwrüň ýagdaýyna görä boluberdiler.
Daşyndan seretseň hemme zady boýun alyk, özgäň
agalygyna tabyn halk, içinden şol agalyga närazylyk
bildirýärdi. Olar özleriniň öňki erkin durmuşynyň
täze tertip-düzgünler, kanunlar bilen boglup ýörenine
gyýylýardylar, şeýdibem seslerini çykarman, ähli
ahwalatlary öz içlerinde saklap, «Ak patyşanyň»
23
güýjüne bialaç boýun bolmaly bolýardylar…»
Rus patyşasy Orta Aziýany basyp alanyndan soň bu
toprakda diňe öz hökmüni ýöredýärdi. Diňe şolaryň
döreden kanuny, düzgün-tertibi, däp-dessury, syýasaty
amala aşyrylýardy. Şol kanunlara boýun bolunmadyk
halynda kim bolsaň şol bol, derrew ugruňa çykylyp
duşman hökmünde ýok edilýärdi. Tersine, Rus
patyşasyna wepaly hyzmat etseň, başlaryna täç edip,
sylag-serpaý berýärdiler. Tekinskaýa bu pajygaly
ahwalata öz Watanyna gelen gününden göz ýetirýär.
Erkinligini aldyran halkynyň çykgynsyz ýagdaýyna
gynanýar. Ýogsam ol — Tatýana Tekinskaýa, erkinligi
küýsäp öz dogduk mekanyna gelipdi ahyryn. Emma,
hemme zat tersine bolup çykdy. Onuň 3-4 ýaşyndaky
keç ykbaly ony ýetişip, 25-26 ýaşyndaky akylly-başly
adam halynda-da öz penjesinden sypdyrmady…
Annagül eje könelişen surat albomyna seredip
oturyşyna suratlara göz gezdirýär. Tatýana
Tekinskaýanyň suratlaryna…
« — Ejem 1906-njy ýylda Aşgabada gelýär.
Derrewem Daşkende ugraýar. Sebäbi, Aşgabatda
işlemek üçin Daşkentden rugsat almalydy. Ejeme
rugsat berensoňlar ol Aşgabada gelip, Zakaspiý oblast
24
kanselýariýasynda dilmaç bolup işleýär. Daşyndanam
zenanlar gimnaziýasynda nemes, fransuz dilleri
boýunça sapak berýär. Şol gimnaziýanyň jaýy häzir hem
bar. Ol Mekan köşgüniň ýanyndaky öňki Medeni aňbilim tehnikumynyň ýeri. By gimnaziýada diňe ýokary
gatlagyň çagalary okadylypdyr. Ejem bu gimnaziýa
türkmen gyzlarynam çekjek bolýar, emma rugsat
berilmeýär. Ejemiň erkin hereketleri şobada patyşa
çinownikleriniň gözüne kaklyşýar. Bu akylly-başly,
düşünjeli aýaldan az gorkmaýardylar…»
Öz Watanyna sag-aman gelen Tatýana Tekinskaýa
biraz wagtyň içinde esasy bir zada anyk göz ýetiripdi.
Herhal erki elinden alnan, hiç bir zada hukugy ýok
halkynyň agyr gününi nähili hem bolsa ýeňletmelidi.
Ýöne ol döwürde bu ýeňil bolmadyk wajyp işi nähili
amala aşyrmaly? Diňe bilim bermeli! Hawa-hawa,
halky aňly-düşünjeli etmeli! Olaryň gözlerini açmaly!
Uly diýmän, kiçi diýmän okatmaly. Mekdepleri açmaly,
olarda türkmen çagalaryny türkmen dilinde okatmaly.
Bu wajyp pikir — halka bilim bermek — şol döwrüň
ilkinji türkmen intelligentlerinde-de bardy. Ýogsa-da
Tekinskaýany ýekelikden, ýalňyzlykdan halas edenem şol
intelligentler boldy. Ine, olar: Nikolaý Han Ýomudskiý,
Muhammetguly Atabaýew, Gasan Efendiýew…
25
Tekinskaýa olar bilen hemişe aragatnaşykda bolýar.
Tekinskaýa-da beýleki intelligentler ýaly bir esasy pikire
gulluk edýär — olam agyr ýagdaýa düşen halkyny halas
etmek.
Ilkinji türkmen intelligentleriniň biri-birine ýazan
hatlaryna üns bereliň. Nikolaý Han Ýomudskiniň
Muhammetguly Atabaýewe ýasan haty:
«Sen okamadyk bolsam bagtly bolardym diýip
ýazýarsyň. Gyýylma, çünki aňly-düşünjeli bolup öz
halkyň betbagtlygyny görmäge mümkinçilik gazanýaň.
Saňa bu zatlar agyr degýändir. Ýöne beýlekilere haýyr
etmäge howluk. Meniň gadyrdanym Muhammetguly!
Ruhdan düşme! Biz soňuna çenli gidişmelidiris.
Mert bol, gaýrat et-de seminariýaňy gutar. Soň näme
etmelidigini maslahatlaşarys. Adam diýeniň haýwan
ýaly ýaşaman, onuň ruhy belent bolmaly. Ine, sen häzir
şeýle wajyp durmuşa gadam basýaň. Seniň pikirleriň,
gaýgy-aladalaryň iň ýokary durmuş, ol ruhy baýlyk!»
Gasan Efendiýewiň Muhametguly Atabaýewe ýazan
hatyndan: «agyr dürmuşy ruhyçökgünlik bilen dälde, iş bilen, boş gürrüňler bilen däl-de, aýgytly hereket
bilen düzedip bolar. Onuň üçin tizräk kursy tamamlap,
ölüp barýan halkyň içine barmaly. Olary direldýän öz
balzamyň bilen halas etmeli».
26
Tatýana Tekinskaýanyň Muhammetguly Atabaýewe
ýazan hatyndan:
«Meniň mähribanym, eziz dostum Muhammetguly!
Şu gün meniň 30 ýaşymyň dolýan güni. Biziň ülkämiziň
eýelenmegine-de 27 ýyl bolýar. Men öz ýaşlarymyza
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Teke gyzy Tatýana (Artykgül) hakynda - 2
  • Parts
  • Teke gyzy Tatýana (Artykgül) hakynda - 1
    Total number of words is 3523
    Total number of unique words is 1842
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Teke gyzy Tatýana (Artykgül) hakynda - 2
    Total number of words is 2302
    Total number of unique words is 1330
    38.4 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.