Latin

Ozyň täsin Jadygöýi - 2

Total number of words is 3009
Total number of unique words is 1432
38.3 of words are in the 2000 most common words
51.1 of words are in the 5000 most common words
57.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tebigatyna haýran galyp, günbatara tarap ýöräberdi. Emma agşam
ýer görksiz we depeli bolup başlady. Olar Winkiýleriň Sary
Ýurduna girendiris diýip güman etdiler. Uzakda, Günbatarda, olar
beýik sary daglary gördi we nädip ondan geçerkak diýip
oýlandylar.
Olary ilki Zalym Jadygöý gördi. Her gün ol özüniň dagdaky
Sary Galasynyň gapysynda oturýardy we öz ýurdunda bolup
geçýän zatlara seredýärdi. Onuň ýeke gözi bardy. Emma ol
teleskop ýaly ýitidi we Winkiý Ýurdunyň islän çüňküni uzakdan
görýärdi. Şol gözi bilen ol Doroty we onuň dostlarynyň gala tarap
gelýänini gördi. Zalym Jadygöý gahardan sandyrady.
Ol öz şkafyndan Altyn Papagyny aldy. Papagyň örän
özboluşly güýji bardy. Ony geýen adam üç gezek Ganatly
Maýmynlary çagyryp, olara islän zadyny, hat-da örän elhenç
zatlary buýrup bilýärdi. Ýöne hiç kim ol jandarlary üç gezekden
artyk çagyryp bilmeýärdi. Zalym Jadygöý ony eýýäm iki gezek
              26              
ulanypdy: Birinjisi, haçan-da Winkiýleri özüne gul edeninde we
ikinjisi, Beýik Oz bilen bolan söweşde. Ol Dorotyny göreninde bir
howpuň abanýanyny aňdy we Ganatly Maýmynlary çagyrmakdan
başga alajynyň ýokdugyny bildi.
Şeýlelikde, ol Altyn Papagy kellesine geýdi we ýuwaşjadan:
“Ep-pe, pep-pe-kak-ke!”
“Hil-lo, hol-lo, hel-lo!”
“Ziz-zy, zuz-zy, zik!” – diýdi. Şol wagt asman garaldy we
Jadygöýiň galasynyň töweregine bir topar Ganatly Maýmynlar
gonmaga başlady. Olaryň serdary Jadygöýiň garşysyna gelip,
gorkunç, çirkin ses bilen, ýarym gepläp, ýarym gülüp: “ Sen bizi
soňky, üçünji gezek çagyrdyň. Sen bizden näme isleýäň?”- diýdi.
“ Meň ýurduma gelen kesekilere tarap git we Ýolbarsdan
galanyny ýok et. Ol maňa at deregine hyzmat eder. Ha! Ha! Ha!”
Ganatly Maýmynlar derrew gije dynç almak üçin
taýýarlanyp oturan Doroty we onuň dostlaryna tarap uçdylar.
özlerine hüjüm edip gelýän Maýmynlary gören dostlar gaçmaga
başlady, emma olar uzaga gitmedi. Maýmynlaryň biri Garantgany
tutdy we onuň geýmindäki we kellesindäki samanlary sogrup,
Winkiýleriň Ýurdundaky iň beýik bagyň depesine zyňdy. Başga
bir maýmyn Odun Çapyjyny tutdy we ony göterip, kert gaýadan
birnäçe gezek taşlap gymyldamaz ýaly ýemşik-ýümşük etdi.
Emma olar Dorotynyň maňlaýynda ýalpyldaýan belligi
görüp, ne onuň özüne, ne-de Tota degip bilmediler. Şeýlelikde
ikisini we Ýolbarsy Zalym Jadygöýiň galasyna alyp geldiler we
Jadygöýiň öňünde oturtdylar.
              27              
“ Biz elimizden geldigiçe saňa gulluk etdik”-diýip, Serdar
maýmyn Dorotyň kellesindäki belligi yşarat etdi. “We indi seniň
bize bolan hökümiň gutardy”
Soňra olar çirkin ses edişip, ýerden göterildiler we derrew
gözden gaýyp boldular.
Haçan-da Zalym Jadygöý Dorotynyň maňlaýyndaky belligi
we onuň kümüş köwşüni göreninde, oňa zeper ýetirip
bilmejekdigine göz ýetirdi. Soňra jadygöý Dorotynyň gözlerine
seredip, onuň öz güýjini ulanmagy bilmeýändigini bildi. Ol
ýigrenji ýylgyrdy we gorkunç ses bilen:” Seniň işiň meniň
aşhanamy arassalamak. Eger-de işiňi göwnejaý etmeseň, senem
Garanty bilen Odun Çapyjynyň gününe düşürerin!”-diýdi. Doroty
gorkusyndan sandyrady we derrew işe başlady. Zalym Jadygöý
örän arkaýyn seretdi we Ýolbars bilen gürleşmäge bardy. Ýöne bu
beýle bir aňsat bolmady. Ýolbars başardygyndan elhenç arlady we
at edip münmeg-ä beýlede dursun, Jadygöýi golaýyna-da eltmedi.
“Men seni çapyp bilmesemem, aç öldürip başarýan. Meň islänimi
edýänçäň saňa iýere zat ýok!”
Şeýdip, Ýolbars-a aç-suwsyz demir gözenegiň arkasyna
taşlandy, Doroty bolsa gije-gündiz Jadygöýiň aşhanasynda işledi.
Olaryň ýagdaýy örän erbetleşdi. Ýekeje gowy pursat, ol hem
Dorotynynyň gündizine aşhanadan ogurlan iýmitini, Jadygöý
uklan wagty gözenekden geçip, Ýolbarsa bermegidi. Şeýle-de olar
gaçmagyň we dostlaryna nämeleriň bolandygynyň aladasyny
edýärdi. Käwagt bolsa olar bileje aglaýardylar. Jadygöý
Dorotydan kümüş köwşi ogurlamagyň aladasyny edýärdi. Ol
Altyn Papagyň bar güýjini ulanypdy we indi oňa başga bir jady
gerekdi. Emma Doroty kümüş köwşüni gowy görýärdi we ony
              28              
diňe suwa düşen wagty çykarýardy. Jadygöý bolsa suwdan öler
ýaly gorkýardy we barmaga milt edip bilenokdy.
Günbataryň Jadygöýi diňe bir zalym bolman, eýsem ol örän
akylly bolupdyr we ahyr köwşi hilegärlik bilen almak kararyna
gelipdir. Ol Doroty poly ýuwmak bilen başyna gaýka, ol aşhana
gelipdir. Ol ýerde Jadygöý Dorotynyň işleýişine syn edipdir we
seresapsyzrak wagty ony öl polda taýdyryp ýykmak üçin ähli
jadyly dogalaryny ulanypdyr. Doroty ýykylypdyr, ýöne onuň diňe
bir köwşi aýagyndan uçupdyr. Jadygöý ony howadaka alypdyr we
bir aýagyna geýipdir. Bu bolsa Dorotyny örän gaharlandyrypdyr.
“ Sen Jadygöý bolup bilersiň, ýöne seň meniň köwşümi almaga
hakyň yok!”- diýip, Doroty Jadygöýe gygyrdy we pikirlenmezden
pol ýuwlan, hapa suwly bediräni alyp, onuň üstüne serpdi.
Jadygöý boýdan-başa ezilipdi. Jadygöý aýylganç gygyrdy we
eräp, goňur, hapa palçyga öwrülip başlady.
              29              
“Men şunça wagtlap suwdan seresap bolup gezdim. Ýöne
seniň ýaly kiçijek gyzyň meni aňsatjak ezip biljekdigini hiç pikir
etmeýärdim.” Bu Jadygöýiň soňky sözleridi.
Sähel salymdan soň Jadygöýden diňe kümüş köwüş bilen
Ýolbarsyň kapasasynyň açary galdy. Doroty olary aldy we
Ýolbarsa bu gowy habary aýmak üçin ylgady.
VI bölüm
Ozyň tapylyşy. Howp
Bir bada Ýolbars bu şowlulyga ynanmady, ýöne Doroty oňa
kapasanyň açaryny görkezdi we ony azat etdi. Soňra olar ähli
Wikiýleri çagyrdylar we şu günden şeýläk olaryň gul däldigini
aýtdylar. Muny eşiden Winkiýler özlerini dünýäniň iň bagtly
adamsy saýdylar we aýdym aýdyp, tans oýnamaga başladylar.
              30              
“Ah, dostlarymyz hem biz bilen bolaýmala”-diýip, Ýolbars
uludan demini alyp, şadyýan Winkiýlere göwnüçökgünlik bilen
seretdi.
“Dogry! Onsaňam, gel biz Winkiýlilerden kömek sorap göreli?”diýip, Doroty aýtdy.
Winkiýler özleriniň halaskärlerine kömekleriniň degjegine has-da
begendiler. Olaryň bir topary Galaýy odun çapyjyny we
Garantgany gözlemäge ugradylar. Üç günden soň olar Ganatly
Maýmynlaryň rehimsiz zeperinden soň iki dostlaryndan galan
zatlar bilen dolandylar. Doroty we Ýolbars gözi ýaşly, zordan
gürlediler. Emma basym Garantga Winkiýleriň tapan iň gowy
samanlary bilen dolduryldy we Winkiýleriň Ýurdunyň iň ökde
demirçisi Galaýy odun çapyjyny öňki şekiline getimek üçin işe
başlady. Birki günüň içinde dostlaryň ikisi-de örän gowy ýagdaýa
getirildi. Olar begenjinden gaýta-gaýta gujaklaşdylar we dabaraly
bellediler. Ertesi Doroty:” Biz Oza dolanmaly we ondan öz beren
sözünde tapylmagyny soramaly”- diyip, dostlaryna aýtdy.
Olar razylaşdylar we ertesi gün öz syýahatlaryna başlamaga
taýyndy. Winkiýler olaryň gaýdýanyna örän gynyndylar. Hatda
olar Odun Çapyjydan galyp, özlerine serdar bolmaklygyny hem
soradylar. Ýöne olaryň hemmesiniň Oza gitmelidigine göz ýetirip,
olar Galaýy odun çapyjydan yzyna dolanyp, özlerine patyşa
boljakdygyna söz bermegini isläpdirler we olara ak ýol arzuw
edipdirler.
Haçan-da Doroty goşuny ýygnap ýörkä, Jadygöýiň
şkafyndan Altyn Papak tapdy. Ol ony geýip gördi. Papak oňa
laýyk eken we köwşi bilen täsin gabat gelýär eken. Ol ony almagy
ýüregine düwdi. Ertesi irden olar Zümerret Şäherine tarap ýola
düşdiler, emma syýahat örän kyn geçdi. Ol ýerde ne ýol, ne-de
              31              
ýoda bardy. Bäş dost günläp-hepdeläp depeden-depä ýörediler we
ahyr özleriniň ugruny ýitirendiklerini bildiler. Olar şeýle bir
ýadadylar, zordan ýöreýärdiler.
“ Geliň biz meýdan syçanlaryny çagyralyň! Belki olar bize
kömek eder”-diýip, Garantga ahyr dillendi.
“ Gör nähili ajaýyp pikir!”-diýip, olar syçanlary çagyrmaga
başlady.Bir salymdan soň, müňlerçe kiçijek aýak sesleri eşidilip
ugrady we olaryň daş-töweregi kiçijek çal syçanlardan doldy.
“ Bizden size näme kömek gerek?”-diýip, Şa aýal ýuwaşja ses
bilen sorady.
“Biz ýolumyzy ýitirdik we indi nädip Zümerret
aşjagymyzy bilemzok”
Şäherine
Syçanlaryň Şa aýaly olara geň galyp seretdi.
“Näme üçin siz Altyn Papagyň jadysyny ulanaňzok?”. “ Men
munyň jadylydygyny bilemokdym”-diýip, Doroty çalaja aljyrajak
boldy. “Hawa bu jadyly. Sen munyň kömegi bilen Ganatly
Maýmynlary çagyryp bilersiň. Olar sizi bir sagada ýetirmän
Zümerret Şäherine äkiderler. Jadyly sözler Papagyň iç ýüzünde
ýazylandyr.”-diyip, Şa aýal jogap berdi we beýleki syçanlaram
yzyna düşürip gözden gaýyp boldy.Doroty Papagyň içine seretdi
we üns bilen dogany okady:
“Ep-pe, pep-pe-kak-ke!”
“Hil-lo, hol-lo, hel-lo!”
“Ziz-zy, zuz-zy, zik!”
Bir salymdan, Ganatly Maýmynlaryň topary olaryň öňüne
gondy. Olaryň serdary Dorotyň öňünde baş egdi we : “ Siz bizden
näme isleýäňiz?”-diýip, sorady.
              32              
“ Bizi Zümerret Şäherine äkidip bilersiňizmi?”-diýip, gyzjagaz
sorady.
“Elbetde”-diýip, serdar jogap berdi we olar derrew asmana
galyp, Zümerret Şäherine tarap ýola rowana boldy. Garantga we
Galaýy odun çapyjy henizem gorkýardy we mümkin boldugyça
Dorotynyň ýakynynda uçmak isledi. Doroty bolsa özüni örän
rahat duýdy. Edil syçanlaryň Şa Aýalynyň aýdyşy ýaly, bir
sagada ýeter-ýetmez, olar Zümerret Şäheriniň Derwezesine
bardylar.
              33              
Bäş syýahatçylary şol öňki derweze Garawuly, edil öňküsi
ýaly edip, olara ýaşyl äýnek dakyp, şähere goýberdi. Haçanda
olar oňa Günbataryň Ýowuz Jadygöýini eredip ýegsan
edenliklerini aýdanlarynda, ol olaryň öňünde pessaý egilip Oz
köşgüne tarap alyp gitdi.
Olar ol ýerden özlerine meňzeş ýaşyl egin başly täzelik
diňläp otyran, gözlerini örän giň açyp Oza ol barada aýtmaga
howlugyp ylgap barýan harby gullukça duşdy. Az salymdan,
harby gullykçy ”Jadygöýi daň bilen görmek baradaky”çakylygy
bilen yzyna dolanyp geldi. Olar harby gullukçynyň yzy bilen
häzirki wagtda Jadygöýiň nähili görnüşe girjekdigine garaşyp,
Labirintiň (Gadymy Gresiýada we Müsürde: ullakan gat-gat jaý)
bulam-bujar, Zümerret
otaglaryndan, geçelgelerinden ýöräp
gelýärdiler. Emma olar Tagt Otagyna girenlerinde ajaýyp
oturgyçda hiç kimi görmediler. Olar diňe şol tarapdan gelýän
aýylganç sesi eşitdiler:
“Men Elhenç we Äpet Oz. Siz meni näme üçin görmek
isleýärsiňiz?”
“Biz seniň beren sözüňde tapylmagyňy soramaga geldik.”
Aýylganç ses: “ Ýowuz Jadygöýiň ýegsan bolanlygy
hakykatmy?” diýip sorady.
Doroty buýsanç bilen “hawa, men ony bedireli suw bilen
eretdim ” diýip jodap berdi.
” Örän oňat! Beýle bolsa siz ertir geliň sebäbi maňa
pikirlenmäge biraz wagt gerek boljak” diýip ses geldi.
Garantga “Siziň wagtyňyz köp bolupdy” diýdi.
              34              
Ýolbars häzirki wagtda Jadygöýi biraz gorkyzmak barada
pikirlendi we başardygyndan ayylganç sesi bilen erbet arlady.
Duýdansyz dörän arlama, heniz Ýolbarsyň arlamasyna
öwrenişmedik Totony howsala saldy, we biçäre kiçi güjüjek
burça böküp gitdi we kellesini baryp tagta urdy. Tagta aşaklygyna
gaýtdy we onuň aňyrsynda ýüzi gasyn-gasyn, gözleri gorkuly
kiçijik garryja adam durdy.Ol pessaý sesi bilen :” Men Elhenç we
Äpet Oz. Ýöne maňa degmäň” diýdi.
Bäş dost kiçijik adama örän geň galyp seretdip:” Biz saňa
Äpet kelleli ýa-da Äpet mahluh diýip çak etdik” diýdi.
Kiçijik adam:”Oh,ýok,ýok. Men sizi diňe aldadym.” diýip
gamgyn seslendi.
“Aldadym?! Sen asyl Beýik Jagygöý dälmiň?” diýip Doroty
gygyrdy.
Kiçijik adam:” Asla ol däl meniň mähribanym” diýdi. Ol
tagtaň aňyrsyndaky äpet kelleli, mylakatly hanymyň egineşiklerini geýinen äpet mahlugyň ýarsy ýanan pagtaly burçy
görkezdi.
“Gel gowsy men size düşündireýin. Men Omahada
doguldym.” diýeninde Doroty:” Omaha Kansasdan uzakda däl”
diýip gürrüňi böldi.
Oz:“ Ýok, emma bu ýerden uzakda” diýip gamgyn seslendi.
“Men sirkde ulaldym we wantrilok (dodaklaryny gymyldatman
gepleýän adam) bolup ýetişdim.”
“Kim?” diýip Ýolbars sorady.
“Ýagny men öz sesim bu otagyň islendik ýerinden çykar ýaly
edip bilýändigimi aňladýar. Edil sizi aldaýyşym ýaly.”
Olaryň ählisi geň galdylar.
“Ýöne soňra men aeronawt (howada uçyjy) boldym.” diýip
Oz sözüni dowam etdi. “ Meniň kärim howa şarynda aýlanyp
              35              
çykyp sirkdäki täze çykyşlary öwüp arşa çykarmak. Ýöne bir gün,
howa şaryny saklaýan ýüp bozuldy we men howada galdym. Men
köp wagtlap yzyma düşüp bilmedim şeýlelikde, ertesi gün
ýuwaşlyk bilen bu ajaýyp ýurda düşdüm. Meniň howadan ýere
düşüp barýanymy gören adamlar maňa Beýik Jagygöý diýip pikir
etdiler we men näme ýumuş buýursam ýerine ýetirmäge
razylaşdylar. Bu meniň göwnimden turdy we men adamlardan şu
şäheri we maňa köşk gurmaklaryny soradym. Ýurdyň daştöweregi ýaşyldy şonuň üçin men şäheri Zümerret Şäheri diýip
atlandyrdym. Öz adyna has-da mynasyp bolar ýaly, Men her bir
adamyň ýaşyl äýnek dakynmagyny buýurdym şeýlelik bilen
adamlar ähli zady ýaşyl görnüşde görjekdi.”
Doroty:” Soňra şäherde ähli zat ýaşyl bolýarmy?” diýip
sorady. Beýik Jagygöý:” Başga şäherler ýaly däl, ýöne bu ýeriň
baýlygy hem-de ilatynyň bagtlydygy welin hakykatdyr. Men
şäheri adalatly dolandyrdym, adamlar hem meniň ýaly adalatly
şonuň üçin hiç kime meniň sypatymyň nähilidigini bilmezler ýaly
olara näçe ýyllap özümi görkezmedim. Emma olar heniz hem
meniň Jadygöýdigime ynanýarlar. Bagtyma siziň ýok eden ýowuz
Jadygöýleriň ikisi hem şeýdipdir. Ýogsam olar bir eýýäm meniň
bellimi ederdiler. Emma şu wagt olar ýok edildi we indi men
çynym bilen size beren sözümde durmajagymy aýdyp biljek.”
Garantga lapykeçlik bilen:” Onda maňa akyl berip bilermiň?”
diýip sorady.
“Onuň saňa geregi ýok. Sen her gün bir zat öwrenýäň we
ömrümde sen ýaly akylly Garantga barada öň eşitmändim.”
Garantga:” Şeýle bolsa hem hakyky beýnim bolmasa men
bagtly bolup bilmerin” diýip gamgyn seslendi.
              36              
Bir pursat pikirlenenden soňra:” öran gowy” diýip Oz jogap
berdi. “Sen meniň ýanyma gel, men seniň kelläňi beýniden
dolduraýyn.”
Ýolbars:” Meniň bagtyrlygym näme?” diýip sorady.
Oz bolsa:” Hakyky edermenlik gorkýan çagyn howpa garşy
durmakdyr. Beýle edermenlik bolsa sende örän köp diýdi.
Ýolbars:“ Mümkin” diýdi. “Ýöne howpdan çalaja hem
gorkmazym ýaly has batyr bolsam juda gowy bolardy.”
Oz:“Örän gowy” diýip demini goýberdi. “Ertir geläý ol sende
bolar.”
Galaýy odun çapyjy:” A meniň ýüregim näme?” diýip sorady.
“Sen hem ertir geläý” diýip Jadygöý ret etmän jogap berdi.
“Men näme?” diýip Doroty seslendi.
Jadygöý: “Meniň pikirimçe diňe ýeke ýol bar” diýip çynlakaý
jogap berdi. “Biz meniň köne howa şarymy bejermeli. Ýöne
gaýrat edip meniň syrym hakynda hiç kimiň ýanynda dil
ýarmajagyňyza söz beriň.”
VII bölüm
Öýe dolanmak
              37              
Ertesi gün, Garantga ilkinji bolup Tagt Otagyna girdi.
Garantgany gören Jadygöý: “Oho bolaýdy” diýdi.
Soňra ol Garantganyň kellesini açydy we ähli samanlary onuň
içinden çykardy. Soňra Jadygöý kellesini samanyň,düwmäniň we
temençäniň garyndysy bilen doldyryp Garantganyň bedenine
guýdy.
Garantga dessine özüni örän parasatly duýdy. Ol Oza
minnetdarlyk bildirip Galaýy odun çapyjy gireninde otagdan
çykyp gitdi. Ony görüp Oz:”Hawa, men ilki bilen seniň döşüňden
deşik ýasamaly boljak,men çekinýärin” diýdi.
Odun çapyjy :“Örän oňat,ol maňa agyry bermez” diýdi.
Şeýlelikde Oz Odun çapyjynyň döşünde kiçi deşik ýasady we
pagtadan we ýüpekden doldurylyp ýasalan gyzyl, ajaýyp ýürek
çykardy. Ol ýüregi Odun çapyjynyň döşüne goýdy we deşigi
bekledi.
Ondan soň, Galaýy odun çapyjy özüni dünýäde iň rehimli ynsan
ýaly duýdy. Ol Oza minnetdarlyk bildirip hoşlaşdy. Şol pursat
hem Ýolbars girdi. Oz :”Hawa, seniň edermenligiň, ine ol.” diýdi.
Ol kiçi çüýçe çykaryp, ondaky ýaşyl suwuklykdan jama guýdy.
Jadygöý Odun çapyja ony içmelidigini aýtdy. Ýolbars
ikirjiňlenmän şol pursat jamy boşatdy. Onuň döşi dessine
gyrmyzy boldy we ol özüni dünýäde iň batyr haýwan ýaly duýdy.
Ol otagdan çykyp öz şatlygyny beýlekiler bilen paýlaşdy. Otaga
Doroty girdi.
Oz :”Häzir mähribanym” diýip sözüni dowam etdi.”Biz howa
şaryny döretmeli. Men ýüpek matadan käbir uzyn bölekleri
keseýin, sen bolsa olary tikişdir. Soňra, halta göwrümi göwnejaý
bolýança, biz onuň içine gök ýelim geýdiris we oňa uly sebedi
daňarys. Soňra bolsa, ot ýakarys, haltanyň içini yssy howadan
doldyryp uzaklara gideris.”
              38              
“Kansas tarapa!”
Oz :”Men şeýle umyt etýärin” diýdi. “Ýöne ilki bilen biz çöli
kesip geçmeli. Soňra ýeňilleşer” Olaryň hem şeýle edeni anyk.
Olar howa şaryny ýasamak üçin bütin bir hepde işlediler haçanda
şar taýyn bolanda Oz Bulutlardaky Jadygöý doganyny howa
şarynda görmäge barýandygy baradaky habary öz adamlarynyň
arasyna ýaýrtmagy her birine tabşyrdy we Jadygöýiň ýok
mahalynda Zümerret
şäheri parasatly Garantga tarapyndan
dolandyrylmalydy.
Ertesi gün, daň säher, Oz ähli ýüpleri barlaşdyrdy we sebede
münip, şaryň yssy howadan dolup ýokary galmagyna garaşdy.
Totonyň hiç ýerde ýoklugyny görende Doroty sebede münjek
bolup durdy. Ol dessine Totony gözläp başlady. Doroty gidende
oz sebedi ýere daňyp oňa garaşy. Doroty şaryň dolup sebedi
ýerden galdyrýança gelmedi. Şar ýüpi güýç bilen çekip başlady.
Oz ellerinde Totony göterip ylgap gelýän Dorotyny gören badyna:
“Gyssan eýjejigim”diýip gygyrdy. Ýöne, edil şol pursat hem şary
saklaýan ýüp üzüldi we sebet bilen Ozy uçuryp alyp gitdi.
              39              
Doroty: “Yzyňa dolan” diýip gygyrdy.
Uzak aralykda gözden gaýýyp bolup barýan Oz:
“Başaramok! Hoş gal!” diýip gygyrdy. Öýe dolanmaga hiç hili
çykalgasy bolman soň Doroty uzakly gün we gijäniň köp bölegini
aglap geçirdi. Muňa garamazdan, ertesi irden dostlary meseläni
maslahatlaşmak üçin tagt otagyna çagyrdylar. Garantga bütin
gijäniň dowamynda şeýle köp pikir etdi welin düwmeler we
temençeler kellesinden daşyna çykyp başlady. Dostlary otaga
giren badyna ol: “bir ganatly maýmynlary çagyryp olardan seni
çölüň üsti bilen öýüňize eltmegi sorasak bolmazmy?”
Doroty: “Örän ajaýyp pikir ”diýip tolgunyp gygyrndy. Ol
altyn papagyny çykardy we jadyl sözlerini gaýtalady. Şol pursat
ganatly maýmynlaryň topary aýnadan uçup girdiler. Maýmynlaryň
baştutany: “Näme islegiňiz bar?” diýip sorady.
Men : “Konzasa öýe gitmek isleýärin.”.
Emma baştutan başyny ýaýkady. “Bu bolup bilmez. Biz diňe
şu ýurda degişli. ”
Doroty: “Eýsem muňa hiç kim kömek edip bilmezmi?” diýip
gamgyn sorady.
Baştutan: “Glinda kömek eedip bilerdi”diýip jogap berdi. “Ol
günortanyň Kwardliň ýurdyny dolandyrýan mähirli jadygöý.”
Şuny aýdyp ganatly maýmynlar uçup gitdiler. Ýolbars: “Gaty
dogry. Biz günorta haçan ugraýas?” diýdi.
Doroty: “Siz meniň bilen gidersiňizmi?”
“Elbetde!”diýip Garantga bilen Odun çapyjydeňine jogap
berdiler. “biz hemişe seniň bize kömek edişiň ýaly saňa kömek
ederis.”
              40              
Ertesi gün olar eýýäm Kwardliň ýurdyna ýola düşdiler.
Syýahat başdan geçirmelere baý boldy. Olaryň köpüsi howpludy.
Emma bäş dost hemişe bir-birlerine kömege gelýärdiler. Ahyry
soňunda iki-üç hepdeden soň olarKwardliňleriň gyzyl ýurdyna
ýetdiler. Ol ýer hem edil Munçkinleriň ýurdy ýa-da Ozyň
Zümerret ýurdy ýaly owadandyr. Emma ähli zat Kwardliňleriň
söýgüli reňki bolan ýakut ýaly gyzyl reňklidi. Örän oňat geçen iki
günden soň olar günortanyň mähirli jadygöýi Glindanyň köşgüne
ýetdiler. Glinda bir eýýäm olara garaşyp otyrdy. Olar ajaýyp
bezegli gyzyl otaga çagyryldylar. Orta ýaşlaryndaky owadan aýal
ýakutdan ýasalan tagtda garaşyp otyrdy. Mähirli gök gözli,
doýgun gyzyl saçly jadygöý aýal owşun atýan ak owadan köýnek
geýipdi.
“Hawa balam, men seniň üçin näme edip bilerin?”
“Men Konzasa öýümize gaýtmaga şeýle bir isleýärin.”
Onda Glinda: “Men muny ederin diýip ýylgyrdy.” “Emma
sen maňa öz altyn papagyňy bemeli bolarsyň”
Doroty: “Höwes bilen” diýip çaltlyk bilen jogap berdi. “Ol
maňa indi gerek bolmaz”
Glinda: “Maňa bolsa gerek bolar” diýdi.
“Men ganatly maýmynlardan parasatly Garantgany Zümerret
şäherine äkitmegi soraryn. Halk özüniň täze ýolbaşçysyny eýýäm
küýsändir.”
Garantga sadalyk bilen ýylgyryp baş egdi.
“Soňra bolsa”diýip Glinda öz sözüni dowam etdi. ”Men
olaryň ak ýürekli Galaýy odun çapyjyny şu ýere günbatardaky
Winkileriň Sary köşgüne äkitmeklerini sorajak. Ol ýerde halk öz
täze baştutanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.” Galaýy odun çapyjy
              41              
Winkileriň mähirli hoşlaşýan ýüzlerini ýatlap bagtdan ýaňa
ýylgyry.
“Ganatly maýmynlardan sorajak üçünji islegim – batyr
Ýolbarsy haýwanlaryň onuň şa edip bellän tokaýyna
äktmekleridir. Ýolbars gaty geň galyp seretdide birden öýüni örän
küýsändigini duýdy.
Doroty: “A men näme?” diýip sorady.
“Altyn köwüşleriň seni çölüň aňyrsyndak islän ýeriňe ýetirer.
Sen diňe onuň ökjelerini üç gezek biri-birine kakda öz islegiňi aýt.
Bar bolany. Eger sen olaryň güýjini öň bilen bolsaň bu ýere gelen
ilkinji günüň sen yzyňa öýüňe giderdiň.”
“Emma onda meniň hiç haçan beýnim bolmazdy”diýip
Garantga dillendi.
“Meniň bolsa ýüregim” diýip odunçapyjy seslendi.
Ýolbars hem özüniň heniz hem gorkaklygyna galjaklygyna
aýtdy.
Doroty: “Meniň bolsa hiç haçan beýle dostlarym bolmazdy”
diýip dostlaryny gujaklady.
Soňra ol Totony eline aldyda köwşüniň ökjelerine üç gezek
kakdy we ýuwaşlyk bilen: “Meni daýzam Emiň öýüne alyp git ”
diýdi.
Şol pursat ony bu ýere getiren harasatdan hem çalt uçup
barýndygyny duýdy, muňa garamazdan ol örän ýakymlydy. Az
salymdan Dorotyt daýzasy Genriniň onuň ýok wagtyýasan
öýleriniň daşyndaky sary küdelenen otyň üstünde otyrdy. Doroty
ýerinde turdy we aýagynda köwüşleriniň ýoklygyny gördi. Kümüş
köwüşler oluçup gelýän wagty çölde gaçyp hemişelik ýok bolup
gidipdir.
Em daýza ýaňy öýden çykjak bolup durka Dorotynyň özüne
tarap ylgap gelýänini gördi.
              42              
Ol: “Meň eýjejik balam!”
ýaňaklarynda taýly gezek ogşady.
diýip
aglap
Dorotynyň
Doroty: “Men ýene öýde bolýanlygyma diýseň şat!” diýdi.
              43              
MAZMUNY
I bölüm
II bölüm
III bölüm
IV bölüm
V bölüm
VI bölüm
VII bölüm
Harasat .......................................................... 1
Garantga we Galaýy odun çapyjy.................. 7
Gorkak Ýolbars we syçanlaryň şa zenany.... 14
Beýik Oz....................................................... 19
Günbataryň Zalym Jadygöýi......................... 25
Ozyň tapylyşy. Howp................................... 30
Öýe dolanmak.............................................. 37
Terjime edenler: Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň Roman -german dilleri we edebiýaty
fakultetiniň 304-nji toparynyň talyplary:
1. Öwezberdiýew Begenç.
2. Gökleňow Abdylla.
3. Allekowa Güljahan.
4. Pirmuhammedowa Jahan.
Aşgabat 2011
              44              
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Ozyň täsin Jadygöýi - 1
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1613
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ozyň täsin Jadygöýi - 2
    Total number of words is 3009
    Total number of unique words is 1432
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.