Latin

Ozyň täsin Jadygöýi - 1

Total number of words is 3801
Total number of unique words is 1613
35.5 of words are in the 2000 most common words
49.3 of words are in the 5000 most common words
57.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Frank Baum
Ozyň täsin Jadygöýi
I bölüm
Harasat
Doroty Genri daýysy we Em daýzasy bilen Kanzasdaky
obanyň merkezinde ýaşaýardy. Olar daýhandylar. Olaryň üçüsi
hem bir otagdan ybarat kiçijik öýde ýaşaýarlar. Otagda dört
oturgyç, stol we iki sany krowat bardy. Otagyň iň bir täsin ýeri
hem diwaryň ortarasynda kiçijik gapynyň barlygydy. Eger-de siz
ony açsaňyz, aşak gidýän başgançak bilen “harasatyň ýerzemini”
diýip atlandyrylýan topragyň çuň ýerine baryp bilersiniz. Maşgala
bu ýere haçan-da harasat gelip olaryň öýüni ýykanda gelýärdi.
Haçanda Doroty kiçijik öýüň gapysynyň agzynda durup daştöweregine sereden-de ol sary meýdandan başga hiç zat
görmeýärdi. Bu Galaýy odun çapyjy töwerekde jaýlaram,
agaçlaram ýokdy, diňe güne ýanan sary otlar bardy. Meýdanyň
güýçli güni we şemal Genri daýysynyň we Em daýzasynyň
ýaňaklarynyň, gözleriniň reňkini öçüripdi we olary hem sary edip
 1 
galdyrypdy. Diňe Toto sary däldi. Ol kiçijik garaja güjükdi. Onuň
kiçijik ýüzündäki kiçijik garaja gözleri Dorota gülüp bakardy.
Toto bilen Doroty iň gowy dostdylar we olar adatça bütin gün bile
oýnardylar. Emma bu gün olar oýnamadylar. Olar gapynyň
agzynda oturyp adatdakysyndan tutuksy görünýän asmana seredip
oturan Genri daýysyna seredýärdiler.
Onuň ýüzi salykdy we haçanda ol demirgazykdan öwüsýän
şemalyň iňňildisiňi eşidende ýerinden turdy we şeýle diýdi:
“Bu harasat. Siz ikiňiz ýerzemine gidiň, men bolsa
haýwanlara seredeýin”.
 2 
Edil şol pursat Toto Dorotynyň elinden böküp ýere
düşdi we krowadyň aşagynda gizlendi. Em daýzasy kiçijik gapyny
açyp, başgançak bilen ýerzemine düşýänça Doroty güjügine tarap
ylgady. Haçanda Doroty ahyry Totony tutanda we daýzasynyň
yzy bilen ýerzemine girenden soň, üýtgeşik bir zat boldy.
Güýçli şemal öýi şeýle bir yrgyldatdy welin Doroty pola
ýykyldy. Soňra bolsa öý hereket edip başlady we edil howa şary
ýaly ýokary galyp başlady. Demirgazykdan we günortadan
öwüsýän şemal öýüň duran ýerinde çaknyşdy we ol ýerini
harasatyň merkezine öwürdi. Harasatyň merkezindäki howa
hereketsizdi emma şemalyň güýçli basyşy kiçijik öýi barha
ýokaryk galdyrýardy. Öý harasatyň dik depesine çenli gitdi we
edil ýelek ýaly birnäçe mil aňryk gaýyp gitdi. Öýüň içi garaňkydy,
daşardaky şemalyň sesi elhençdi, Doroty bolsa öýüň howada
asuda gaýyp barýanlygyna geň galýardy. Toto muny halamady we
kiçijik gyz ony ellerinde saklap oturdy. Birnäçe sagatdan soň
olaryň ikisem şeýle bir ýadadylar welin erbet agyra seretmezden
polda uklap galdylar.
Öý ahyry güýçli sarsgyn bilen ýere düşende olar oýandylar.
Doroty ýerinden turdy we öýüň indi süýüşmeýändigini duýdy.
Öýüň içi indi garanky däldi. Ol aýak üstüne galdy we gapa tarap
ýöredi we ony açdy. Ol daş-töweregine seretdi we onuň gözleri
gitdigiçe ulalyp başlady.
Görüp otursa harasat öýi ajaýyp bir ýurdyň ortarasynda
goýupdyr. Daş-töwerek dürli reňkdäki gülli göm-gök otlukdy.
Owadan guşlar baglarda we gyrymsy agaçlarda aýdym
aýdýardylar.
Soňra Doroty baglaryň aralygy bilen özüne tarap gelýän bir
topar adamlary gördi. Olaryň üçüsi başyndan aýagyna çenli gök
 3 
reňk geýinen erkek adamlardy, biri bolsa aýal bolup ol kümüş
ýyldyzly ak eşikdedi. Haçanda olar Dorotynyň özlerine tarap
seredýändigini bilenlerinde üç sany erkek adam edil gorkan ýaly
bolup durdylar. Emma kiçijik aýal Dorotynyň ýanyna geldi we
hoş owazy bilen: “Munçkinleriň ýurdyna hoş geldiňiz Beýik
Jadygöý. Biz saňa Zalym Jadygöýi öldürip Munçkiniň
adamlaryny azat edeniň üçin minnetdardyrys.” diýdi.
Doroty öz eşidýänlerine ynanyp bilmedi. Bu zatlar nämäni
aňladýar?
 4 
“Siz örän mylaktly, emma bu ýerde bir ýalňyşlyk bar.” diýip
ol aýtdy. “Men Jadygöý däl we men entäk durmuşymda yekeje
zadam öldürip göremok.”
“Nähili bolsa-da muny siziň öýüňiz etdi. Serediň!” diýip
kiçijik aýal güldi we öýüň bir burçuny görkezdi. Doroty şol tarapa
seretdi we öýüň aşagynda galan kümüş boluň iki sany inçejik
aýaklary gördi.
“Eý Hudaý! Eý Hudaý!” diýip Doroty gygyrdy. “Öý onuň
üstüne gaçandyr! Ýöne ol kim?” diýip Doroty sorady.
“Ol Gündogaryň zalym Jadygöýi diýip men aýtdyma” diýip
kiçijik aýal jogap berdi. “Ol hakykatdanam örän elhençdi we
zalymdy. Ol bu ajaýyp ýurtda höküm sürdi, Munçkiniň
adamlaryny gije-gündiz gul edip ulandy. Häzir bolsa olar azat we
saňa örän minnetdardyrlar.”
“Men görýärin.” diýip Doroty aýtdy we bu zatlaryň
hakykatdan hem geňdigi barada oýlandy.
“Emma men Munçkinli däl.” diýip ol aýal aýtdy. “Men
Demirgazygyň Gowy Jadygöýi.”
“Çynyňmy?” Dorotynyň gözleri ulaldy. “Men hemme
Jadygöýler erbetdir öýdýärdim.”
“Ýok, bu uly ýalňyşlyk. Oz Ýurdunda diňe dört sany
Jadygöý bar. Olaryň ikisi – Demirgazykda we Günortada
ýaşaýanlary - gowy Jadygöýler. Gündogarda we Günbatarda bolsa
iki sany zalym Jadygöýler ýaşaýarlar. Edil şu wagt sen olaryň
birini öldürdiň, şeýlelikde Oz Ýurdyňda diňe bir sany zalym
Jadygöý galdy.”
 5 
Şu ýerde Demirgazyk Jadygöýi süzüni böldi we öýüň
burçuňa seretdi – Munçkinlylar hem şol wagt şol ýerini
görkezýärdiler. Ölen Jadygöýiň aýagy gaýyp boldy we ondan bar
galan zat bir jübüt kümüş köwüş boldy. Demirgazyk Jadygöýi
olary galdyrdy we Dorota berdi. “Bular seniňki. Zalym Jadygöý
olara örän guwanardy, sebäbi olaryň jadyly güýji bar. Ýöne welin
onuň nähili güýçdigini men bilemok.”
“Sag boluň!” diýip Doroty köwüşleri aldy. “Ýöne men häzir
çynym bilen Kanzasdaky öýümize dolanmak isleýärin. Bolmasa
meniň Em daýzam alada eder. Maňa öýümize barýan ýoly
tapmaga kömek edersiňizmi?”
“Kanzas” diýip Jadygöý pikirlenip aýtdy. “Men beýle ýeriň
niredeligini bilmeýänligime ynamly. Meniň bar bilýän zadym,
olam Oz Ýurdyňyň çöl bilen gurşalandygy we ony hiç kimiň
geçip bilmeýänligi. Mähribanym, sen biz bilen galmaly
bolaýmasaň.”
Haçanda Doroty bu zatlary eşidende, onuň gözlerine yaş
aýlandy we ol aglap başlady. Munçkinlylar oňa duýgudaşlyk
bildirdiler we özleriniň gök balaklarynyň jübülerinden gök el
ýaglyklaryny çykaryp aglap başladylar. Diňe Demirgazyk
Jadygöýi aglanokdy. Oňa derek ol haýallyk bilen özüniň ak
papagyny çykaryp onuň içine seretdi we okady: “Goý Doroty
Zümerret şäherine gitsin.” “Mähribanym, eger-de seniň adyň
Doroty bolsa sen Zümerret şäherine gitmeli bolarsyň. Belki-de
Oz saňa kömek eder” diýip Jadygöý Dorota usullyk bilen seretdi.
“Ol şäher nirede?” diýip Doroty sorady we göz yaşlaryny
süpürdi.
 6 
“Ol edil ýurduň ortarasynda ýerleşýär we Oz atly Beýik
Jagygöý tarapyndan dolandyrylýar.”
“Men ol ýere nädip giderin?” diýip kiçijik gyz sorady.
“Sen ýöremeli bolarsyň. Zümerret Şäherine barýan ýol sary
kerpiçden edilendir. Şol ýol bilen gitseň azaşmarsyň. Şeýle hem
men saňa öz posamy bererin, ol seni görer. Hiç kim Demirgazyk
Jadygöýiniň ogşan adamsyna zeper ýetirmäge milt edip bilmez.”
Ol Dorotynyň ýanyna geldi we gyzyn maňlaýyndan ogşady.
Posa gyzyn maňlaýynda ýalpyldap duran yz galdyrdy.
“Işiň şowly bolsun, meniň Mähribanym” diýip Jadygöý aýtdy
we gözden gaýyp boldy.
II bölüm
Garantga we Galaýy odun çapyjy
 7 
Doroty wagty yitirmezligi we mümkin boldugyça basymrak
Zümerret şäherine ýola düşmäge çalyşdy. Soňra ol aşak, öz
aýaklaryna seredeninde köwşüniň könedigini gördi. Bagtyna ol
Demirgazyk Jadygöýiniň özüne beren owadanja kümüş
köwüşlerini ýadyna saldy. Ol köwüşleri geýmäge çalyşdy we olar
oňa laýyk boldy. Şuňa görä-de ol ýerinden turdy we aýtdy:
“Ýanyma gel Toto. Biz Beýik Ozy görmäge gidýäris we ol bizi
Kanzasa öýümize iberer.”
Olar sary kerpiçden edilen ýoly derrew tapdylar we basym
Zümerret şäherine tarap ýöräp ugradylar. Olar ýöräp barýarkalar
daş-töwereklerine seretdiler we Munçkinlylaryň ýurdynyň
ajaýyplygyna göz ýetirdiler. Hemme ýerde kiçijik gök öýli we
gowuja gök haýatly ýaşyl meýdanlar bardy. Munçkinlylar gowy
daýhanlar ýaly bolup görünýärdi. Gök reňk bolsa olaryň söýgüli
reňkidi.
Haçanda Doroty dynç almak üçin durmaly bolar diýip pikir
edende olar eýýäm birnäçe mil geçipdiler. Olar ýoluň ýanyndaky
gök haýada çykdylar we oturdylar. Haýadyň beýleki tarapynda uly
däne meýdany bardy. Daş bolmadyk ýerde ol dänäni guşlardan
goramak üçin beýik sütünde goýlan Garantgany gördi. Doroty öz
görenleriniň içinde bu iň gowy Garantga diýip pikir etdi. Onuň
samandan doldurylyp dykylan sumkadan edilen kellesi, gözleri,
gulaklary, agzy we owadan burny bardy. Onuň kellesinde gök
papagy bardy, göwresiniň galan bölegi bolsa gök köýnekden we
balakdan edilendi, olar hem samandan doldurylandy.
Birden Dorotyny haýran galdyran zat boldy. Garantganyň
ýüzündäki gözleri hereket etdi we: “Gündiziň haýyrly bolsun!
Ýagdaýlaryň nähili?” diýdi.
 8 
“Örän gowy, sag boluň” diýip Doroty mylaýymlyk bilen
jogap berdi we şol bir wagtyň özünde-de hiç haçan gürleýän
Garantgany görmänligi barada pikir etdi. “Oz ýagdaýlaryň
nähili?”
“Meniň ýagdaýlaryma öwerlikli däl” diýip Garantga
ýylgyryp jogap berdi. “Men bu sütünde bütin günläp durmagy
islämok”.
Doroty: “Sen aşak düşüp bilýänmi?” diýip soranynda,
Garantga: “Eger-de sen kömek etmeseň başaramok” diýip jogap
berdi.
 9 
Doroty haýatdan böküp geçdi, Garantganyň ýanyna bardy,
ony sütünden aýyrdy we ýerde goýdy.
“Köp-köp sag bol” diýip Garantga aýtdy hem-de samandan
doldurylan ellerini we aýaklaryny süýndirdi. Doroty onuň diňe bir
gepläp däl eýsem ýöräp bilýänligini hem gördi. Ol gyzjagaz bilen
haýada tarap ýöredi we soňra sorady:
“Sen kim? Sen nirä barýarsyň?”
Doroty oňa başyndan geçiren hemme zatlaryny gürrüň berdi,
özüniň Zümerret
şäherine syýahatyny we Ozdan özüni
Kanzasdaky öýlerine ibermegini haýyş etjekligi barada aýdyp
berdi.
“Oz kim?” diýip Garantga sorady.
“Sen bileňokmy?” diýip Doroty geň galyjylyk bilen sorady.
“Ýok. Men bilemok. Men hiç zat bilemok. Sen görýäňa, men
samandan doldurylan we meniň beýnim ýok” diýip ol gaýgyly
jogap berdi. “Sen nähili pikir edýärsiň” diýip ol biraz
dymyşlykdan soň goşdy, “eger-de men seniň bilen Zümerret
şäherine gitsem Oz maňa biraz akyl bermezmika?”
“Men-ä bilmedim” diýip Doroty jogap berdi. “Meniň bilen
git. Hat-da Oz saňa akyl bermäýende-de sen şu wagtky
ýagdaýyňdan erbet bolmarsyn. Munuň hemmesi edeniňe degýär”.
“Seniňki dogry” diýip Garantga goldady.
“Geliň gideliň” diýip Doroty aýtdy we olaryň üçüsem sary
kerpiçli ýoluň boýy bilen ýöräp ugradylar.
Agşam golaýlaşyp gelýärdi, birnäçe sagat ýöränlerinden soň
olar uly bir tokaýa ýetdiler. Olar ahyry gije ýatmak üçin durmaly
diýen karara gelenlerinde garaňky doly düşüpdi. Gije hem edil
              10              
gündizdäki ýaly gowy görýän Garantga ýoluň bir gyrasynda
kiçijik jaýy gördi. Doroty bu ýerde ýatyp bolar diýip pikir etdi.
Jaýda hiç kim ýokdy, şol sebäpli hem olar özlerini öýlerinde ýaly
duýdylar. Basym Dorotynyň ukysy geldi, Garantga bolsa
ýatmaklyk zerur bolmanlygy üçin nobatçylyk edip başlady.
Ertesi gün irden Doroty oýananda, ol jaýyň burçunda onuň
oýanaryna garaşyp duran Garantgany görýär.
“Diňle!” diýip ol aýtdy.
Soňra agaçlaryň arasyndan geň bir ses eşidildi, edil kimdir
biri bir zat aýtjak bolýan ýaly. “Bu näme?” diýip Doroty sorady.
“Ýör, gidip göreli!”
Olar sesiň gelýän tarapyna gitdiler we basym agaçlaryň
arasynda ýalpyldaýan bir zady gördüler.Olar şol tarapa ýörediler
we ikä bölünen agajy hem-de bir adamy gördüler. Muňa
seretmezden ol hakyky adam däl-di. Onuň tutuş göwresi, elleri we
aýaklary misden edilendi. Ol bu ýerde hiç hili gymyldaman, iki eli
bilen palta ýapyşyp durdy.
“Sen bir zat aýtmak isleýärmiň?” diýip Doroty sorady,
“Hawa” diýip Galaýy odun çapyjy kynlyk bilen jogap berdi.
“Biz seniň üçin näme edip bileris?” diýip gyz sorady.
“Öýden içi ýagly gaby getiriň we meniň boýnumy, ellerimi
hem-de aýaklarymy ýaglaň” diýip Galaýy odun çapyjy aýtdy.
“Olar şeýle bir poslapdyrlar welin men olary gymyldadyp
bilemok”.
Doroty öýe gitdi we basym içi ýagly gap bilen dolanyp geldi.
Garantganyň kömegi bilen ol ýagy onuň aýaklaryna we boýnuna
çaldy. Basym ol özüni edil täzeje ýaly gowy duýdy we öňkä
              11              
garanyňda ýeňillik bilen gürledi we gezmeledi. Şonuň bilen bir
wagtda olar oňa öz başdan geçirenlerini, Beýik Ozy görmäge
barýandyklaryny gürrüň berdiler. Ondan Dorota öýüne
dolanmaga, Garantga bolsa akyl bermegini sorajakdyklaryny hem
aýtdylar.
“Men görýärin” diýip Galaýy odun çapyjy olar
gutaranlaryndan soň aýtdy. “Emma akyl dünýäde iň gowy zat
däldir. Bir wagtlar meniňem akylym bilen ýüregim bardy. Ýöne
olaryň ikisine-de derek ýüregimiň bolmagyny isleýärin”.
              12              
“Näme üçin beýle?” diýip gyzyklanan Garantga sorady.
“Wah” diýip Galaýy odun çapyjy gamgynlyk bilen demini
aldy. “Men hemişe misden däldim. Men adam bolup dogulypdym.
Men ýaş wagtym ajaýyp Munçkinli bir gyza aşyk boldum. Biz
durmuş gurmakçydyk.
Emma Gündogaryň Zalym Jadygöýi muny halamady. Ol
meniň paltamy jadylady we bir gün men agaç çapyp ýörkam palta
elimden sypdy we sag aýagymy çapdy. Men bir aýagym bilen
odunçy bolup biljek däldim, şonuň üçin men demirçiniň ýanyna
gitdim we maňa misden täze aýak ýasap bermegini soradym. Ol
muny etdi we meniň täze aýagym örän gowy işleýärdi. Ýöne
ertesi gün meniň paltam yene-de elimden sypdy we men çep
aýagymy hem ýitirdim. Şeýlelikde men ýene-de demirçiniň
ýanyna gitdim we ol maňa täze aýakdan başga tutuş göwre ýasap
berdi. Emma ol ýüregimi ýasap bilmedi. Meniň göwräm gowy
işleýärdi, emma meň ýüregimi ýitirenligim sebäpli Munçkinli
gyza bolan söýgimi hem ýitirdim. Men ony bir sapar ýadymdan
çykaryp,çagba galdym. Men şeýle bir poslapdyryn, tä siz halas
edýänçäňiz hatda ýerimdenem bytnap bilmedim. Tutuş bir ýyllap
şol ýagdaýda tokaýda galmak gaty elhenç. Şeýlelikde meň
pikirlenmäge köp wagtym boldy. Şondan soň men ýüreksiz
bolanyňdan ýürekli bolmagyň uly bagtdygyna düşündim. Belki
men siz bilen Zümerret şäherine gitmelidirin men sizden birje zat
soraýan. Soňky iki güniň içinde men ikiden gowrak zeper
çekenim sebäpli demirçi ussa meň üçin täzeje jübüt el bilen aýak
ýasap berdi. Ertesi gün şol palta meň kellämi çapanda welin men
indi gaýdyp ýaşaryn öýtmedim,edil şol wagt meň bagtyma
öýmiziň ýanyndan demirçi ussa geçip barýady. Ol maňa
başardygyndan tizden tiz täze kelle ýasap berdi. Soňky gün
              13              
demirçi ussa maňa iň soňky kömegini etdi. Şol palta meň
gursagymy ikä böldi. Demirçi ussa maňa ony hem ýasady.
III bölüm
Gorkak Ýolbars we syçanlaryň şa zenany
Dört dost barmaly ýerlerine başardyklaryndan çalt barmakçydylar
emma tokaýyň mele ýodasy boýy gitmeklik barha ýüregiňe
düşýärdi.Howa garaňkydy hemem gorkunçdy, her wagtan olar
baglaryň arasyndan haýwanyň arryllysyny eşdýädiler.
Bir sagatdagy garaňkyda ýöränlerinden soň “Heý bu tokaýyň
aňyrsy görünjek dälmikä?” diýip Doroty aglady.Edil şolbada-da
baglaryň içinden hakyky arlaýan ses geldi. Birden bir äpet
Ýolbars bökdi-de olaryň oňünde durdy. Kiçijik Toto üýrüp oňa
tarap topuldy. Eger Doroty Ýolbarsy burnuna urup saklamadyk
bolsa onda ol haýwan güjüjegi dişlejekdi.
“Sen öz özüňden utan”diýip gyzjagaz gygyrdy.”sen
haýwan, güjüjegi dişlejek bolýaň!Sen hakyky gorkak!”
äpet
              14              
Ýolbars hassylap: “Men bilýän,men ony hemişede bilýädim”
diýip aýtdy . Onuň gözlerinden ýaş göründi-de burnundan ýere
damdy. ”Seň güjüjegiň kiçijegem bolsa menden has batyr”diýip
guýrugy bilen Totony görkezdi.
“Ýöne bu bolup biljek zat däl, haýwanlaryň şasy gorkak bolmaga
haky ýok”diýip Garantga aýtdy. ”Men bilýän ,ýöne şu meň uly
keselim” diýip Ýolbars gynanç bilen boýun aldy. Haçanda bir
howp abansa meň ýüregim öňkidenem çalt urup başlaýar.”
“ Sende iň bolmanda ýürek bar”diýip Galaýy odun çapyjy gürrüňi
böldi.
“Mende olaryň hiç biri ýok şonuň üçin men betbagt.”
Ýolbars: “Belkide mende ýürek bolmadyk bolsa men batyr
bolardym” diýär.
Garantga: “seň beýniň bir barmy?”diýip sorady.
Ýolbars “Barmykara diýýän.” jogap berýär.
“Mende weli häzir hiçisi ýok. Ýöne biz Zümerret şäherine
Beýik Ozy görmäge barýas,men ondan käbir zat soramakçy”
“Men bolsa ondan ýürek soramakçy”diýip Galaýy odun çapyjy
goşuldy.
Doroty: “Men weli ondan Toto bilen meni yzymyza Kanzasa
ibermegi sorajak” diýdi .
Olar Ýolbarsa öz başdan geçirmelerini birin birin gürrüň berdiler.
Ýolbars biraz pikirlenenden soň :”Siz nähili pikir edýäňiz Beýik
Oz maňa batyrlyk berip bikermikä?”diýip sorady.
“Aňsatlyk bilen eger maňa beýni berse” Garantga diýdi.
              15              
Galaýy odun çapyjy: “Ýa-da maňa ýürek” goşdy.
“Eger siz garşy bolmasaňyz menem siz bilen gidip batyrlyk
soramakçy”diýip gorkak Ýolbars aýtdy.
“Baş üstüne “diýip köşeşen Doroty razylyk berdi.
Begensekde aýylganç tokaý tamamlandy. Dört dost ýene güllere
bürenip oturan ýaşyl meýdany görüpdiler. Olar iki tarapy gülläp
oturan sary ýol bilen barýadylar. Ähli güller gyzyl gülälekdi olar
şeýle güýçliden süýji yslydylar. Bir salymdan gülleriň ysyna
Dorotyň kellesi agyryp ukysy tutup ugrady. Şol ýagdaý Toto
bilen Ýolbarsada täsir edip başlady. Soňa baka olar kynlyk bilen
ýöreýädiler.
              16              
“Sizi ukladýan şu güller’diýip Garantga dostlaryny synlap
aýtdy.”Näme üçin maňa ýa Galaýy odun çapyjy täsir
edenok,sebäbi biz adam däl biz başardygymyzdan bärden ökçäni
götermeli,ýogsam biziň hemmämiz baky uka gideris gaýdybam
oýanmarys. ”Diýenem şoldy welin Doroty ýere ýykyldy-da çalt
uka gitdi. Olar ony oýarmaga synanşdylar emma başarmadylar.
Garantga Ýolbarsa tarap gygyrdy: ”başardygyňdan çalt şu
meýdandan daşyna ylga. Biz Doroty bilen Totony göterip bileris,
emma sen uka gidäýseň biz seni hemişelik goýup gitmeli
bolarys.Sebäbi sen biz üçin gaty agyr.”
Ýolbars kellesini ýaýkady-da başardygyndan tiz ylgamaga çalşdy
ahyry meýdanyň daşyna ýetdi.
Galaýy odun çapyjy bilen Garantga Doroty,Toto ikisini göter-de
ýollaryny dowam etdiler.Bir näçe sagatdan soň ,olar gülälekli
meýdandan daşyna ýetdiler,Dorotyny salkyn şemal oýarar ýaly
edip otluguň üsünde ýatyrdylar.Olaryň duran ýerlerinden
gülälekleriň içinde ýatan Ýolbars göründi.Olar ony meýdandan
çykarmaga synanşdylar emma ol äpet haýwan gaty agyrdy.Bir
sagada gowyrak kösençden soň olar ony gülleriň içide galdyrmaly
boldylar. Soň olar bialaç ukudaky Dorotynyň ýanynda ümsüm
oturdylar. Olaryň hiçisem öz dostlaryny taşlap gitmek
islemeýärdiler. Birden Galaýy odun çapyjy otlaryň arasynda
ýaban pişigiň ejizje haýwanjygy kowalaýandygyny görýär.Onda
ýürek bolmasa-da ol bu görnüşi halamaýar,onda-da kömege mätäç
jandara dözmeýär.Ol kän pikirlenmezden eline paltany alýa-da
ýabany pişigiň kellesini kesýä.Görse bir çalja syçanjyk seredip
dur.
“Sag bol,sen şu wagt meýdan syçanlarynyň şasyny halas etdi.
Seniň bu ýagşylygyňy nädip gaýtaryp bilerin”
              17              
“Siz diýseň mylakatly siziň Alyhezretleriňiz, ýöne siziň edip
biläýjek zadyňyz bardyr öýdemok”diýip Galaýy odun çapyjy
aýtdy. ”Wiý, ýogsada bir iş bar eger dogrydanam kömek edip
bilseňizeň. Bize dostumyz Ýolbarsy meýdandan çykarmaga
kömek etseňiz gaty minetdar bolardyk.
“Ýolbars?!”diýip syçanlaryň şasynyň ýüregi ýaryldy. ”Ol bizi
iýäýse näme?”
Galaýy odun çapyjy: ”ýok ol sizem biziň dostlarymyzyň hijiňizi
hem iýmez”.
“Gaty gowy men size kömek etjegime söz berýän , men nämeden
başlasamkam?” Ýolbarsy nädip halas etmelidigiň pikirini eden
Garantga syçana ýüzlenip:
“Siz öz syçanlaryňyzy şu ýerik hersi bir bölek ýüpli geler ýaly
edip bilersiňmi”diýdi. Şolbada otuň üsti herekete geldi-de ähli
ýerden müňlerçe syçanlar peýda body.Garantga Galaýy odun
çapyjy baglardan berk tekerli araba ýasamagy tabşyrdy.Tabşyrlan
iş tamamlanandan soň Garantga syçanlara bölek ýüpleri araba
daňmagy tabşyrdy, bir az soň ol syçanlara ukudaky Ýolbarsly
arabanyň öňe çykmagy buýurdy. Haçanda olar öz dostlaryny
tapanlarynda Garantga bilen syçanlar uly güýç bilen ony araba
ýüklediler syçanlara bolsa çekmegi buýurdy. Iki dostuň bagtyna
araba ýuwaşadan meýdandan daşyna süýşüp ugrady. Bir sagatdan
gorkak Ýolbars meýdanyň daşynda howasyz ýerde Dorotynyň
ýanynda ýatyrdy. Meýdan syçanlary ýadap öýlerine sümdüler.Iň
soňky gaýdyp barýan syçanlaryň Şasy gitmezinden öň:”Eger
ýenede kömegimiz gerek bolsa bizi çagyrmak ýeterlik biz derrew
dadyňyza ýetişeris”diýdi-de hoşlaşdy.
              18              
IV bölüm
Beýik Oz
Doroty bilen Ýolbars gözlerini açan batlaryna olar wagt
ýitirmezden asmanyň ýaşyl öwüsýän ýerine tarap ýola düşdiler.
Zümerret şäheri görnüp ugrady. Ýol boýy Garantga bilen Galaýy
odun çapyjy olara zäherli gülälekler hem-de syçanjyklaryň
kömege ýetişişleri barada gürrüň berdiler. Doroty hem-de Ýolbars
dagy syçanjyklara minnetdarlyklaryny bildirdiler we özleriniň
syýahatlarynyň ahyrlap barýandygyna begendiler.Olara Zümerret
şäherine ýetmek onçakly köp wagt almady. Olar beýik derwezä
ýetip saklandylar we jaňa basdylar. Olary depesindäki ýaşyl
papakdan başlap aýagyna çenli ýaşyl geýinen adam içine
goýberdi.
              19              
“Men derwezäň garawuly” diýip ol aýatdy “Siz Zümerret
şäherinde näme etmegi arzuw edýäňiz”
“Biz Beýik Ozy görmäge geldik” diýip Doroty mylakayly jogap
berýär.” Siz bize ýol görkezip bilmersiňizmi?”
Derwezäň garawuly: “Elbetde” diýip jogap berdi” ýöne ilki siz şu
äýnekleri dakynmaly bolarsyňyz” diýdi-de içi dürli ölçegdäki
äýnekli gutyny açdy”
              20              
Doroty: “Ýöne näme üçin” diýip sorady.
“Sebäbi eger siz äýnekleri geýmeseňiz Zümerret şäheriň haýran
galdyryjy şöhlesi gözleriňizi kör eder. Iň bärki şäheriň ýaşaýjylary
hem äýnek dakynýarlar.”
Ol biziň üçin gutudan bäş sanysyny çykardy: ”Häzir men bulary
kelläňize geýdirip guplaryň şäherden çykmakçy bolaňyzda bolsa
açyp bererin” diýdi.
Şeýlelikde ol bir jübüdi Dorotyň gözlerine geýdirip kiçijik açar
bilen guplady. Biziň herimize gabat gelýänini dakyndyk hat-da
Totoda özüne laýygyny geýdi. Soň bulary garawul Zümerret
şäherine barýan ýoly görkezdi. Ol olara tä şäheriň iň uly Zümerret
daşy bilen örtülen haýatly äpet bina eltýän ýaşyl dükanly hem-de
ýaşyl öýli ýaşyl ýoly görkezdi ol Beýik Oz köşgüdi onuň
gapysyny ýaşyl formaly we ösgün sakally esger ony görüp durdy.
“ Bu nä tanyş adamlar Beýik Ozy görmek isleýärler” diýip
derweze garaguly esgere habar berdi. Esger kellesini ýaýkady we
olara biraz garaşmagy tabşyrdy we Beýik Ozyň ýanyna gitdi.
Olar esger yzyna gelýänçä köp garaşmaly boldylar.
“ Beýik Oz siziň ähliňizi kabul eder, ýöne ol günde biriňizi kabul
eder” diýip esger aýdýar. Bäş dost mylakatlylyk bilen kellelerini
ýaýkaýalar. “Şeýlelikde siz köşkde bir näçe gün galmaly
bolarsyňyz. Geliň men size otagyňyzy görkezeýin. Olar esgeriň
yzy bilen özleriniň owadan otaglaryna bardylar. Otagdaky
mebelleriň ählisi dürli Zümerret daşyndan ýasalandy. Doroty ,
Toto we Ýolbars gaty ýadawdylar şolbada uka batdylar. Diňe
Garantga bilen Galaýy odun çapyjy uklap bilmän bütin gije beýik
Oz hakda pikir etdiler. Ertesi irden ertirlikden soň Doroty ilkinji
Beýik Ozuň kabulhanasyna çagaryldy. Onuň dostlary makullamak
              21              
bilen ýylgyrdylar we oňa üstünlük arzuw etdiler. Esger ony
Zümerretli otagyň içi giň karidor bilen tä hökümler otagyna
ýetýänçäler alyp gitdi. Bu gapa Doroty ýeke özi girmelidi.
Haçanda gapyň içine girende ol iň uly we ýap-ýaşyl otaga düşdi,
beýle otagy ol ömründe-de gürmändi. Otagyň ortasynda uly tagt
durdy onuň merkezinde äpet kelle durdy.
              22              
Ol hiç zada berkidilmedikdi we onda bir saçam ýokdy. Ol äpet
burunly, gözli we agyzly ýumurtga meňzeýärdi we ol ýuwaş
gürleýärdi:
“ Men Elhenç we Äpet Oz! Näme sebäpli meni görmek
islediňiz?”
“Meniň adym Doroty , men sizden kömek soramak üçin geldim.”
Kelle gaşlaryny galdyrdy-da Dorota üns bilen seretdi-de:” sen bu
kümüş köwüşleri nireden aldyň?” diýip sorady.
“ Gündogaryň erbet arwahyndan, haçanda öýümiz onuň üstüne
gaçyp ony öldürende.”
“Hä, onda maňlaýyňdaky belgi nireden düşdi?”
“ Ony gowy Jadygöý aýal maňlaýymy ogşanda galdy.”
“Hä, beýle bolsa sen meň näme etmegimi isleýäň?”
“ Meni yzyma Kanzasa Daýzam Em we Daýym Henriň ýanyna
iber. Olar men hakda alada edýändirler.”
Soň oňa Doroty howa barada we özüniň Oz ýurdunda başdan
geçirmelerini gürrüň berdi.
Haçan ol gürrüňini tamamlanda äpet kelle “ Bolýa diňe bir şert
bilen men seni yzyna Kanzasa ibererin.”
Äpet Kelle biraz sägindi-de düşündirmäge başlady.
“ Günbataryň Jadygöýüni öldür.”
“ Ýöne men ony başarmaryn” Doroty geň galyp ýüzlendi.
“ Näme üçin başarmarsyň” diýip Äpet Kelle erbet ýylgyrdy. Sen
olaryň birinä öldürdiň, häzir saňa ýene birini öldüräýmek galdy.
Diňe şondan soň men seni yzyňa Kanzasa ibererin.” Doroty aglap
              23              
otagdan çykdy. Ol öz otagyna geldi ol ýerde dostlary oňa
sabyrsyzlyk bilen garaşyp durdylar. Olar Ozyň islegini eşdip
gynandylar. Olar Ozyň olardan näme sorarka diýip
gyzyklandylar. Ertesi irden, Garantga kabulhana çagyryldy. Ol
gitmäge taýyndy. Haçanda ol Äpet Kelläň otagyna girende
owadan zenan ony garşy aldy.
Haçan-da ol öz hekaýasyny gürrüň berip, öz beýik arzuwynyň
beýnili bolmakdygyny aýdanynda, Hanym: “ Örän oňat. Eger sen
Dorota Günbataryň Zalym Jadygöýini öldürmäge kömek etseň,
men saňa örän gowy beýni bererin we sen Oz ýurdunyň iň
paýhasly adamsy bolarsyň.”-diýip jogap berdi.
Garantga Tagt otagyny taşlady we öz dostlaryna goşuldy.
“ Bu Oz beýik bolmagy mümkin, ýöne oňa edil Galaýy odun
çapyjynyňky ýaly ýürek zerur”- diýip, ol ilki belledi.
Ertesi irden Galaýy odun çapyjy Tagt otagyna çagyryldy. Ol
tagtda adam ýa-da Hanymy görerin öýdýärdi, emma oňa derek ol
sözlere derek arlaýan, äpet ýyrtyjynyň tagtda oturanyny görüp
haýran galdy. Näme-de bolsa, Galaýy odun çapyjy ýyrtyjynyň
seredişine öwrenişendi. Ol öz hekaýasyny gürrüň berdi we öz
isleginiň söýýän ýürekli bolmakdygyny aýtdy.
“Bolýa! Eger sen Dorota Günbataryň Zalym Jadygöýini
öldürmäge kömek etseň, men saňa ýürek bererin”-diýip, Ýyrtyjy
arlady.
Haçan-da Galaýy odun çapyjy Tagt Otagynda bolan zatlary
dostlaryna gürrüň berende, olaryň hiç haýsy Gorkak Ýolbarsyň
hem ertir şondan başga jogap eşitmejekdine şübhelenmediler. Olar
mamla çykdylar. Ertesi irden Ýolbars Tagt otagyna äpet Alaw
Topuny görmäge girdi. Onuň saçy hüžžerip, ýüregi çalt urup
              24              
başlady. Ýuwaşja sandyraýan ses bilen ol öz hekaýasyny gürrüň
berdi we Beýik Ozdan mertlik sorady. “Eger sen Dorota
Günbataryň Zalym Jadygöýini öldürmäge kömek etseň, islegiňi
berjaý ederin”-diýip, topdan pes, hyşşyldyly ses geldi.
V bölüm
Günbataryň Zalym Jadygöýi
Ertesi gün bäş dost köşkde özleriniň soňky ertirligini
edindiler. Olaryň keýpi kök däldi. “ Biziň ýekeje çykalgamyz bar.
Ol hem Winkiýleriň Sary Ýurduna gitmek we Günbataryň Zalym
Jadygöýini öldürmek.”- diýip, Garantga aýtdy.
Olar gamgyn halda razylaşdylar we derrew öz syýahatlaryna
başladylar.
Esger olara derwezäň ýoluny görkezdi we ol ýerde olar
Garawula duşdy. Ol olaryň äýnegini aýyrdy we seresaplylyk bilen
öz gutusyna saldy.
              25              
“ Köp-köp sag boluň. Indi bize haýsy ýoluň Günbataryň Zalym
Jadygöýine eltýänini aýdyp bilmersiňizmi?”-diýip, Doroty sorady.
“ Ol ýere ýol ýok. Hiç kim ol ýere gitmek islemeýär”-diýip,
Garawul geň galyp jogap berdi.
“ Wah, biz onda nädip ony taparys?”-diýip, Doroty sorady.
“ Ondan aňsat zat ýok. Haçan-da ol siziň onuň öz
ýurdundadygyňyzy bilse, onuň özi sizi tapar we öz guluna öwrer.
Häzir bolsa diňe günüň batýan tarapyna ýöräberiň”-diýip Garawul
aýtdy.
Şeýdip Garawul Derwezäni açdy we olary Şäheriň daşyna
çykardy. Biziň dostlarymyz aňsat boýun gaçyrmadylar. Olar
Beýik Ozyň hökmürowanlyk edýän Zümerret
Ýurdunyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ozyň täsin Jadygöýi - 2
  • Parts
  • Ozyň täsin Jadygöýi - 1
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1613
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ozyň täsin Jadygöýi - 2
    Total number of words is 3009
    Total number of unique words is 1432
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.