Latin

Gönübek - 2

Total number of words is 3575
Total number of unique words is 1845
31.7 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
indi ýetip gelýän rus güýçleriniň öň hatarlary görnüp başlapdy.
Aýgytly çaknyşyk öňdedi. Gorky-ürkimiz ýokdy, sebäbi entek
köpçülik bolup, duşman bilen aýgytly çaknyşyp görmändik, şonuň üçinem hakykaty doly göz öňüne getirip bilmeýärdik.
Biz şondan ozal ruslary diňe iki gezek görüpdik. Birinji gezek Buhara emiri kömege çagyranda, müň atlynyň hatarynda
Ketdegorganyň etegindäki söweşe gatnaşypdyk. Emir Muzaffar ruslar bilen ýaraşyk barada gepleşik geçirip başlandan soň
biz öýümize gaýdypdyk. Ikinji gezek biz rus otrýadlary Uzyn
adanyň ýanynda gury ýere düşjek bolanlarynda olaryň üstüne
çozupdyk. Şonda ruslar bizden gämilerine gaçyp gutulypdylar.
Halk köpçüligi ruslary entek görmändi hem olar hakda bilýän
zady ýokdy. Galadaky köp adamlar: «Gylyjymyz ruslara ötermikä? Olaryň näçe kellesi barka? Her bir orsuň näçe jany barka?»
diýşip, öwünjeňlik bilen gürleýärdiler. Ozal uruş gören, ruslaryň kimdigine belet adamlar öz ýoldaşlarynyň bolşuna seslerini
çykarman syn edýärdiler. Diňe olaryň käbiri «Ony basym özü21
ňiz görersiňiz. Basym görersiňiz» diýen gysgajyk jümleler bilen
jogap berýärdiler.
Nurberdi hanyň uly ogly Berdimyrat han egni ýüpek donly, eli ýalaňaç gylyçly galanyň hemme ýerine, öň hatarlardaky
mergenleriň arasyna aýlanyp çykdy.
— Allanyň dabaraly güni ýetip gelýär — diýip, ol aýdýardy.
— Ol güni garşylamak, öňem telim gezek toý edişimiz ýaly, toý
etmek gerek. Alla bizdendir. Ýeňsek, bize uly şöhrat garaşýar,
ölsek — jennet. Şatlykly ýylgyryp, ýalaw ýaly gylyjymyzy syryp,
duşmanyň üstüne şir kimin topulalyň. Mert boluň. Yza çekilmek
ýok, rehim-şepagatam ýok. Ölmek üçin şu günden, şu günlerden,
öňdäki şol aýgytly günden gowy gün ýokdur!
Aýgytly günler golaýlaşýardy... Açyk howaly günüň ir säheri ýadyma düşýär. Aýmançalaryň birinde Gönübek bir topar
aksakgallary hem dostlaryny daşyna üýşürip otyrdy. Ol öten
agşam düýş görendigini gürrüň berýärdi. Düýşünde Gönübek
ak çus eşejigini çapdyryp, günorta-gündogara tarap barýarmyş.
Öňünde-de bir telär garalyp görünýärmiş. Eşejik ýüzüniň ugruna şol teläriň üstünden uranmyş, ol hiç zat bolmadyk ýaly
ýoluny dowam etdirenmiş, Gönübek bolsa ýykylanmyş...
Kim meniň bu düýşümi ýorup berjek? — diýip, Amangeldi
göni oturanlara ýüzlendi. Hemme kişi sesini çykarman dymyp
otyrdy. Onsoň Gönübek özüniň iň ýakyn dostlarynyň birine
ýüzlendi hem onuň öz düýşüni ýorup bermegini haýyş etdi.
— Isleseň ýoraýaryn — diýip, dosty jogap berdi. — Ýorup
bilerin...
— Gaty çynym bilen haýyş edýän — diýip, Gönübek janlandy.
22
— Bu gezek ruslar bizi ýeňip bilenok — diýip, dosty düýşi
ýorup başlady. — Ýöne, Gönübek, sen ölýänsiň...
— Ylahy omyn! — diýip, Gönübek sakgalyny sypap oturyşyna üç gezek gaýtalady. — Sen bu düýşüň ýorgudyny bölek-bölek
düşündir — diýip, ol soňra dostuna ýüzlendi.
— Ol çusja kiçijik eşeg-ä biz — diýip, dosty jogap berdi. —
Sen halkyň sylagly adamy, onuň aýdymçysy, biziň durmuşymyzyň ruhy daýanjy, şonuň üçinem ol eşegi sen münüp barýarsyň.
Seniň münüp barýan eşegiň üstünden uran teläri bolsa biziň
üstümize gelýän hem ýolumyzda keserip duran ruslar. Eşegiň teläriň üstünden urmagy bolsa öňümizde duran aýgytly çaknyşyk.
Eşegiň hiç zat bolman öz ýoluna gidibermeginden görnüşi ýaly,
biz öňümizde duran päsgelçiligi ýeňip geçýäris. Seniň ýykylyp
galmagyň bolsa, äşgär zat, biz soňky ýolumyzy sensiz dowam
etmeli bolýas — diýip, dosty düýşüň ýorgudyny tamamlady.
— Ylahy omyn! — diýip, Gönübek ýene üç gezek gaýtalady,
ýene sakgalyny sypady.
Oturanlar düýşüň beýle ýorgudyndan nägile boldular, heý,
şeýle günlerde hem şeýle zatlary aýtmak bolarmy?! Ýöne Gönübegiň özi welin bu ýorgutdan kanagatlandy.
— Şundan gowy, şundan dogry ýorgut ýok, bolubam bilmez,
men başga ýorgudy islämogam — diýip, ol aýtdy.
Şondan soň üç-dört gün geçdi. Hemme zat ruslaryň bu gün-erte galanyň üstüne döküljekliginden habar berýärdi. Olardan
öňürtmek kararyna gelindi. Daň bilen hemmämiz jem bolup
hüjüme geçmegi, birden ruslar gala goragsyz tarapdan hüjüm
edäýende gaýtawul berer ýaly, galada diňe az sanlyja adam galdyrmagy şertleşdik. Ir agşamdan başlap, uzak gijesi bilen taýýarlyk görüldi. Kim gylyjyny çalýardy, kim taýagyň ujuna gyrkylyk
23
berkidip çalýardy, kim pyçagyny çalýardy, kim gyssagarada ok
guýýardy, kim däri taýýarlaýardy. Daňa golaý galanyň diwarynyň daş ýüzündäki käliň içinde ýer-jaý ýokdy, nökerlerden ýaňa
hyryn-dykyndy. Şertli alamata eýerip, hemme kişi «Alla!» diýip,
duşmanyň üstüne topulmalydy. Hemme kişi howsala bilen garaşýardy. Säheriň sergin şemaly öwsüp başlanam bolsa, entek
garaňkydy... Ahyry ýiti sykylyk ýaňlandy. «Al-la-a-a! Al-la!» diýen sesler müňlerçe gursakdan dyňzap çykdy. Gijäniň dartgynly
ümsümligini ýaňlandyryp, sansyz gykylyk-galmagal uzaklara
ýaýrap gitdi. Aýagy ýalaňaç, köýneginiň ýeňi, balagynyň gonjy
çermelgi mähelle gara ergin bolup ruslara tarap eňip ugrady, nämälim garaňkylyga, syrly garaňkylyga siňip gitdi. Yzy üzülmän,
topar-topar bolnup gygyrylýan «Al–la-a-a!» diýen zowwam sesler atyşygyň paýyrdysy bilen goşulyşyp başlady. Uzalyp gidýän
duşman garymlary şol pursatyň özünde tüpeňlerden hem mitralezleriň agzyndan çykýan otdan ýaňa ýagtylyp gitdi. Başagaýlyk,
başly-baratlyk bilen atýardylar. Toplar dymýardy. Nökerler gidip
baryşlaryna ýykylýardylar. Kim sessiz-üýnsüz ýykylýardy, kim
«oh!» diýýärdi, kim «ah!» diýýärdi, kim süýkdürip gygyrýardy,
çirkin gygyryp ýykylýanlaram bardy. Daş-töwerek ýykylýan nökerden doludy. Kimiň ýykylanyny, nädip ýykylanyny, ýaralanyp
ýa-da ölüp ýykylanyny seljerer ýaly däldi.
Aman galanlar öňe ylgaýardylar. Yzdan gelýänler ölenleriň
jesedine, ýaralylara büdräp ýykylýardylar, ýerlerinden turup,
ýene öňe ylgamagyny dowam edýärdiler.
Ýolda ýykylanlar gaty köp boldy. Ýekeje ok hem boş geçenok
diýen ýalydy, sebäbi gaty üýşmek bolnup çozulypdy, märeke
hem inine ýaýrandy, hem öňi-ardy ýokdy. Ylgap barýan adamlaryň ok degip ýykylýany köp bolansoň, olaryň hatarlary barha
24
seýrekleýärdi. Käýerlerde atyşyk kesilipdi, adamlaryň gykylygy,
ýaraglaryň jarkyldysy, sögünç, nagra eşidilýärdi, bu biziňkileriň
duşmanyň üstüne ýetendiginiň hem çapyp başlandygynyň alamatydy. Basym garymyň uzaboýuna atyşyk kesildi, hemme ýerde türkmenleriň sesleri eşidilýärdi, käte olaryň sesine ruslaryň
düşnüksiz gykylygy hem goşulýardy. Garymlardaky mergenleriň birentegi çapyldy, birentegi ýaragyny taşlap gaçyp gitdi. Göze
görnüp gaçýanlaryň yzyndan kowýardylar. Adamlaryň köpüsi
garymlarda güýmenip galdy, olar ýarag, ok gözleýärdiler, ölenleriň aýakgaplaryny çykaryp alýardylar. Daş-töwerek ölülerden,
ýaralylardan leýis bolup ýatyrdy, öli, ýaraly ruslar, türkmenler,
iňňildi, — bu zatlaryň hemmesi jemlenip tamamlanyp barýan
gijäniň alagaraňkysyna duwlanan aýylganç kartinany emele getirýärdi. Käbir adamlaryň sudury bir eýläk, bir beýläk ylgaýardy,
birnäçeler bolsa gala tarap eňipdiler. Rus lagerinde nirelerdedir bir ýerlerde howsalaly gykylyk, düşnüksiz sesler eşidilýärdi.
Aradan birneme wagt geçenden soň, ruslar tarapyndan ýene
atyşyk başlandy, ýöne indi ol ullakan zeper ýetirip bilenokdy.
Howa ýagtylyp başlady. Hemme zat aýyl-saýyl boldy. Ruslar
diňe mergenleriň seýrek hataryny galdyryp, garankynyň içinde
gaty yza çekilipdirler. Biziňkileriň köpüsi gala tarap dolandylar.
Kim olja alan ýaragyny getirýärdi, kim öleniň jesedini, kim ýaralyny alyp gelýärdi, käbirleri bolsa hiç sebäp ýok ýerinden yzyna
dolanypdy. Garymlaryň içi öldürilen rus soldatlaryndan doludy.
Kimiň kelle çanagy pytradylypdyr, kimiň garny silkilipdir, kimiň
eli ýok. Özem her hili ýagdaýda ýatyrlar, hemmesiniň diýen
ýalam egin-eşigi sypyrylgydy. Türkmenleriňem jesedi dürli ýagdaýda sergi bolup ýatyrdy: kim ýüzin ýatyrdy, kim ýüplük ýaly
süýnüp ýatyrdy, kim gapdalyna gyşaryp ýatyrdy. Haýsy ýanyňa
25
seretseň, gan yzy bolup durdy.
Biziňkileriň jesetleriniň bir bölegi gije gala äkidilipdi, bir bölegi, has dogrusy, köpüsi henizem ýygnalman ýatyrdy. Ýatanlaryň
birnäçesinde henizem dirilik alamaty bardy. Jesetleri hem ýaralylary ýygnamak dowam etdirildi. Basym söweş meýdany bütinleý
arassalandy. Mergenler garymlara ýeke-ýekeden hem top tutup
gelip başladylar. Olaryň birnäçesiniň elinde berdankasy bardy,
batyr ýigitler olja alan ýaragyny ogluna, doganyna ýa-da başga
bir ýakyn adamyna beripdiler. Olaryň köpüsiniň bolsa hyrlysy
bardy. Galanyň bir ol ýerinden, bir bu ýerinden biziň atlylarymyz çykyp başlady hem dürli tarapdan duşman sapyna tarap
süýşüp ugrady. Uzakdan topar tutuşyp duran atly kazaklar hem
görünýärdi. Toplardan ok atylyp başlandy. Top oklarynyň birnäçesi galanyň içine ýa-da golaýyna düşýärdi, birnäçesi garymlara
düşýärdi.
Daş-töwerek hereketden doludy. Biziň atlylarymyz kazaklaryň yzyndan kowup gitdiler, pyýada mergenleriň oduna sezewar
bolubam yzlaryna gaçdylar. Gunortanlar atly ýigitleriň bir topary dolanyp geldi. Olar atly kazaklaryň yzyndan kowandyklaryny,
kazaklaryň baştutanynyň hem türkmendigini gürrüň berdiler.
Şol türkmeniň gaçyp barýarka zyňan zady diýip, bir bölejik kagyzy berdiler. Ruslaryň häli-şindi diýen ýaly dürli kagyzlary
taşlap durandygyny, ol hatlarda bolsa uruşman boýun egmegiň
teklip edilýändigini aýtmak gerek. Ol hatlar haýbat atmak bilen
tamamlanýardy.
Bir ýerden sowatly adam tapyp getirdiler. Ol hat Musa handan eken. Ol hatynda ruslaryň şu gün aýgytly hüjüme geçmegi
ýüreklerine düwendigini, şonuň üçinem söweşe taýýar bolup
durmagy maslahat berýärdi. Hatyň mazmuny galadaky ähli
26
adamlara, galanyň diwarynyň daş ýüzündäki mergenlere ýetirildi.
Şehit ölenleri ýuwup-artyp oturman, geými bilen jaýlaýmaly
bolansoň, bu iş aňsatlaşýardy, şonuň üçinem aradan kän wagt
geçmänkä, jaýlanmadyk ýekeje jesedem galmady. Gaty köp ýaralylar tümlerde hem öýlerde iňleşip ýatyrdylar. Aýallary hem garyndaşlary olaryň daşynda pelesaň kakýardylar. Ýöne hekimden,
däri-dermandan peýda ýokdy, hemme zat bedeniň düşen ýara
çydam edip biljegine-bilmejegine, ýaranyň agyrlygyna ýa-da ýeňilligine, ok ýarasydygyna ýa-da naýza ýarasydygyna baglydy.
Kysmaty dolan bolsa öler, ýogsa-da diri galar diýip, adamlar öz-özlerini köşeşdirýärdiler, umyt edýärdiler. Adamyň sanalgysy
dolmadyk bolsa, däri-dermanam häki bir sebäpdir, kazasy dolan
bolsa-da däri-dermandanam peýda bolmaz diýýärdiler.
Toplaryň hem tüpeňleriň atylyşy güýçlenip başlady. Uzakdan görünýän gaýda-gaýmalaşyk, öň hatardaky mergenleriň
hatarlarynyň gürelmegi Musa hanyň duýduryşynyň dogrudygyny tassyklaýardy. Dolanyp gelen atly ýigitlerem ruslaryň söweşe
taýýarlyk görýändigini tassykladylar. Ähli mergenleri galadan
daşary çykaryp, amatly ýerlerde ýerleşdirmek, men diýen mergenleri saýlap almak kararyna gelindi.
Her zada garaşybermeli pursat geldi. Mergenleriň ýerleşen
ýerine suw, azyk eltip gelen adamlar ruslaryň adatdan daşary
güýçli ot sowurýandygyny, mergenleriň köp ýitgi çekýändigini habar berdiler. Goşmaça güýç gerekdigini, sebäbi ruslaryň
güýçlerini jemläp, barha öňe omzaýandyklaryny aýtdylar. Biziň
mergenlerimiziň oky olara ýetmänsoň, olar arkaýyn hereket edýärmişler. Diňe olaryň käbiri biziň berdankalarymyzyň okundan
heläk bolýarmyş, ýöne berdanka bizde juda azdy.
27
Mergenler hem söweşe döwtalap beýleki adamlar topar-topar
bolup ýa-da ýekelikde öz saýlap alan ýerlerine gidýärdiler. Galada diňe sowuk ýaragly adamlar galdylar. Olara biziň mergenlerimize kömek gerek bolaýan halatynda galanyň diwarlarynyň
daş ýüzündäki käliň içinde häzir bolmak tabşyryldy.
Biz dessine özümiziň ýeke-täk topumyzy Dinlidepäniň üstüne çykarmak bilen bolduk. Birnäçe top okuny guýan Abdylla
ussa topy atmaga taýynlanyp başlady. Biz gaty käp adam bolup,
bilesigelijilik bilen topuň atylyşyna syn etmek üçin depäniň üstüne çykdyk. Mazaly taýýarlanandan soň, nyşana alyp, Abdylla
ussa topy güwledip goýberdi. Dürli tarapdan «Ja-an! Ja-an!»
diýen sesler ýaňlandy. Topuň nilinden çykýan goýy tüsse daş-töweregi gabsap aldy. Tüsse dargaşansoň, Abdylla ussa ony ikinji
gezek atmaga taýýarlanyp başlady. Ýene-de şol öňki gümmürdi,
ýene-de şol öňki tüsse, ýene-de şol öňki begençli sesler.
Ruslar agyr märekäniň depäniň üstünde üýşmek bolup duranyny görüp, bize tarap birnäçe top okuny gönderdi. Top oklary
biziň golaýjagymyzda ýaryldy, onsoň biz dargamaga mejbur bolduk. Diňe Abdyllanyň ýeke özi atmagyny dowam etdirmäge
synandy. Ýöne mergenleriň ýatan ýerinden bir adam Abdylla
ussa top atmasyn diýen haýyş bilen geldi, sebäbi onuň oklary
zordan mergenleriň üstaşyr geçýärmiş, olar özümiziňkiler üçin
howplumyş, ruslara edip bilýän zady ýokmuş. Dogrudanam,
top okunyň atylyp barşyny-da synlap durmalydy, onuň öňünden
sowlubam ýetişmek mümkindi! Biz topumyzdan köp zada garaşýardyk, ýöne ony ulanyşymyz şunuň bilen tamamlandy. Ol top
soň-soňlaram depäniň üstünde idi-yssywatsyz uzak wagtlap ýatdy. Öň hatarlardaky mergenler biri-birinden eýmenç habarlar getirýärdiler. Uly ýitgiler çekýändigimizi, ruslaryň uly güýçleriniň
28
barha golaýlaşýandygyny, ýagdaýyň bütinleý üýtgäýmeginiň
äşgär bolup ugrandygyny aýdýardylar.
Günortana golaý tüpeňlerden hem toplardan ok atylyşy ýetjek derejesine ýetdi. Mergenler bilen galanyň aralygynda biziň
mergenleriň ýatan ýerine gelýärkä ýa-da ol ýerden barýarka ok
degen adamlarymyzyň jesetleri görünýärdi. Aýallar, çagalar
hem gojalar: «Yslama kuwwat ber!» «Ýa hudaý!» diýşip, allaha ýalbarýardylar. Käbir aýallar arkalaryna suwly meşik ýa-da
çörekli torba alyp, galadan garymlara tarap ylgaýardylar. Ok
olary hem aýap durmaýardy. Birnäçeleri bolsa sag-aman yzyna
dolanyp gelýärdi.
Günortandan soň top atylyşy has güýçlenip, tüpeň atylyşy
birneme kiparlady. Birdenem garaşylman durka «Ura-a-a! Ura-a-a!» diýen sesler howany ýaňlandyryp gitdi. Ruslar naýzalaryny
gezäp topuldylar. Biziňkilerem «Al-la-a-a!» diýip, källerden hem
çöketlerden çykyp öňe eňdiler. «Ura!» hem «Alla!» diýen sesler
goşulyşyp, güwläp durdy, ýarylýan granatlaryň sesi hem şol
güwwüldä goşulyp gidýärdi. Biziňkiler ylgap ýetýänçäler, ruslar biziň mergenlerimiziň ep-esli bölegini paýhynladylar hem
garymlary eýelediler. Mergenleriň bir bölegi gala tarap gaçyp
gaýtdy. Ruslar ýakyn aralykdan biziň topar tutup barýan adamlarymyzyň üstüne ajal oduny ýagdyrdylar. Şol «alla!» hem «ura!»
diýen sesler henizem howany dolduryp durdy. Biziň hatarlarymyz seýrekleýärdi. Biziň hüjüme geçen adamlarymyz bilen
mergenleriň pozisiýalaryndan gaçyp gelýän adamlar garyşanda,
aljyraňlylyk başlandy. Biziňkileriň bir bölegi ruslaryň üstüne
ylgamagyny dowam etdirdi, bir bölegi ýaýdanyp aýak çeken
ýaly boldy.
29
Gönübek hem hüjüme barýanlaryň arasyndady. Ruslar biziňkileriň aljyraňa düşenini görüp, garymlardan ylgap çykdylar-da, olaryň üstüne eňdiler. Alla!.. Ura!.. Alla!-. Ura!.. Günüň
günortany ruslar bilen türkmenler döwüş gurup başladylar. Biri
çapýardy, biri sançýardy, biri atýardy. Şakyrdy, düňküldi, goh,
gümmürdi, çirkin sesler, iňňildi dynman ýaňlanýardy, niräňe
baksaň, gan akýardy, ruslaryň hem türkmenleriň jesetleri çaşyp
ýatyrdy, türkmenleriňki köpdi... Ruslaryň sany barha artýardy,
yzdan çaltlyk bilen täze güýçler gelip ýetişýärdi. Top hem tüpeň
atylyşy ýetjek derejesine ýetipdi, bütin dünýä elhenç gümmürdä gaplanyp duran ýalydy. Biziň hatarlarymyza aljyraňlylyk
aralaşypdy, ruslaryň bolsa ruhy göterilen ýaly bolupdy. Biziň
käbir adamlarymyz yzlaryna gaçyp başladylar. Ruslaryň gykylygy has güýçlendi. Gala tarap gaçýanlaryň sany barha artýardy.
Ruslaryň yzyndan kömege gelenler öň hatardakylar bilen goşulyşdylar. Sähel salymdan soň hemme kişiniň ýüzi gala tarap
öwrüldi. Öňden kä onda, kä munda ýykylanlaryny taşlap, türkmenler gaçyp barýardylar, yzlaryndan bolsa üstünlikden gylaw
alan ruslar arany ýygryp gelýärdiler. Indi diňe «Ura!» diýen
sesler eşidilýärdi... Ruslaryň hemmesi duran-duran ýerinden,
dürli aralykdan gala tarap eňipdiler. Biziň heläk boljagymyz iki
uçsuzdy. Aýry-aýry adamlar, aksakgallar näçe gygyrsalaram,
gaçyp gelýän mähelläni yzyna dolap biler ýaly däldi. Ruslaryň
ýeňşi äşgär boldy.
Giden meýdan dürli ýagdaýda ýatan maslykdan doludy,
aňyrrakda rus hem türkmen maslyklary garym-gatym ýatyrdy,
galanyň diwarlaryna golaýlaşdygyça, diňe türkmenleriň maslyklary ýatyrdy. Gala gaty golaý galypdy. Ruslar biziňkiler bilen
bile gala kürsäp uraýjak ýalydy. Galanyň içindäki başagaýlyk
30
gaty uludy. «Näme üçin siz bizi bu ýere ýygnadyňyz?», «Näme
üçin kelläňize telpek geýip, sakgalyňyzy ösdürip ýörsüňiz?»,
«Namartlar!» diýip, üýtgeşik howsala düşen aýallar gygyryşýardylar. Käbirleri bolsa başlaryndan sypyryp alan gyňaçlaryny
galgadyp, «Biziň arkamyzda gizleniň!» diýip gygyrýardy. Köp
aýallar gaçyp gelýänleriň öňünden çykmak üçin ylgadylar.
Ahyrky pursat golaýlap gelýärdi. Galada gaçyp gelýänleriň
öň hatary öň bu ýerde duran adamlar bilen gatyşdy. Adamlar
uly basga düşüpdiler. Gykylyk, agy-nala, aljyraňly urunma, çagalaryň agysy... «Ýör, ýör! Alla, haýda, durma... Alla-a-a» diýen
sesler eşidilýärdi. Gykylyk-galmagal artdy, birdenem garaşylman durka märeke özleriniňkiniň hem ruslaryň öňünden ylgady.
Öňe hem-yza ylgaýanlaryň tolkuny sepleşdi, türkmenleriň mähellesi artdy. Sähel pursat ýaýdanyp aýak çekdiler... Aýallar
ýaglyklaryny galgadyp gygyryşýardylar... «Al-la-a!.. Ura–a-a!
Al-la-a!»... Ýene-de bar märeke ruslaryň üstüne eňdi. Zor salnyşy şeýle bir güýçlüdi, öňe eňenleriň sany şeýle bir köpdi, ruslar
agyr märekäniň arasyna çümüp gitdi. Olaryň köpüsi çapylyp
taşlandy, sähel bölegi yzyna gaçdy. Indi ters ugra ylgaýardylar,
ylgaýanlaryň tertibem öňkiniň tersinedi, — öňden ruslar, yzdan
türkmenler barýardylar. Gaçyp barýan ruslaryň sany artýardy,
sebäbi olara kömege gelýän täze güýçlerem goşulyşyp yzyna
gaçýardy. «Alla!» diýen sesler güýçli ýaňlanýardy, «Ura!» sesleri
ysgynsyz eşidilýärdi. Sähel salymdan soň bolsa «Ura!» sesleriniň eşidilişi düýbünden kesildi. Türkmenleriň maslygynyň,
ruslaryň hem türkmenleriň maslygynyň, diňe ruslaryň maslygynyň üstünden geçip, agyr mähelle öňe süýşüp barýardy, birileri
kowýardylar, beýlekileri janyny halas etmek üçin gaçýardylar.
Toplardan ok atylmasy kesildi. Onda-munda ruslary kowup
31
barýan atly toparlarymyz görnüp başlady. Kazaklaryň olaryň
öňünde durjak bolmak synanyşygy netijesiz boldy. Ruslaryň
hatarlary çagşap başlady. Biziň ýeňşimiz äşgär görnüp durdy.
Ruslaryň maslyklarynyň sany barha artýardy. Gaçyp barýanlaryň söbügini sydyrdyp, baryny gyryp gutarmagam mümkindi.
Alysdaky artilleriýa pozisiýasyny taşlap gitmek bilendi. Ruslar
galanja güýçlerinden mergenleriň hataryny düzüp, daýanç edinmekçi boldular. Biziňkileriň bir topary ruslaryň taşlap giden
ýaraglaryny, okly peşeňlerini ýygnap, yza galdy.
Gün ýaşara golaýlap barýardy. Adamlar halys tapdan düşüpdiler. Kowup barýanlaryň sany ilki birnäçe ýüze, soňra birnäçe
onluga çenli azaldy. Garaňky düşüp başlady. Kowgy bes edildi.
Atyşyk sesi düýbünden eşidilmeýärdi. Alagaraňkyda üýşüşip
oturan adamlar, yzyna ýöreşip gelýänler, meýdanda alakjap,
rus maslyklaryny sermeşdirip ýörenler görünýärdi. Kä ondan,
kä mundan ýaralylaryň iňňildisi eşidilýärdi. Meýdanda ýakyn
adamlarynyň jesedini gözläp ýören aýallaram peýda boldy, olar
diri galanlara gözüň aýdyň diýýärdiler. Adamlar biri-birleriniň
atlaryny tutup gygyryşýardylar, diri galanlary tükelleýärdiler.
Ölenleriň jesedini, ýaralylary göterip, topar tutup gala tarap barýan adamlaryň sudury garalyp görünýärdi. Meýdanyň içindäki
hereket uzakly gije hem kesilmedi. Söweşe gatnaşanlar gala dolanyp gelýärdiler, aýallardyr jesetleri hem ýaralylary ýygnamak
üçin bellenen adamlar bolsa galadan çykyşyp barýardylar. Ertire
çenli çukura zada gaçyp ýa-da ruslaryň jesetleriniň astyna düşüp galan birlän-ikilän adam bolaýmasa, meýdanda biziňkileriň
ýygnalmadyk jesedi galmandy. Öldürilen soldatlar bolsa bütin
töwerekde serlişip ýatyrdy.
Gijäni garaşyp geçirdik. Diňe ertir ir bilen ruslaryň galanja
32
güýçlerini alyp gidendikleri hakdaky habary eşidenimizden soň
ýeňendigimize çynymyz bilen begendik. Birek-biregi gutlamak,
çäksiz begenç, çekilen köp pidalaryň yzasy — hemme zat garym-gatymdy, galany goraýjylar şeýle alasarmyk hem çapraz
duýgulary başdan geçirýärdiler. Atlylar ir bilen topar tutup, yza
çekilýän ruslaryň yzyndan olja üçin ugradylar. Hut şol günüň
özünde ýene-de şol Musa handan täze habar alyndy. Ruslar
bütinleý gitmegi ýüreklerine düwüpdirler. Bu habary eşidenlerinden soň, atlylaryň täze toparlary gaýdyp barýan ruslaryň
yzyndan gitdiler. Ygtyýar olaryň özündedi, näme etseler edibermelidiler, ýöne ruslara zeper ýetirseler bolýardy.
Soň diri galanlaryň gürrüňlerinden mälim bolşuna görä, Gönübek ýaragsyz eken, özem mergenlere kömek bermäge topulan
ilkinji toparyň arasynda eken. Şol wagt hem ýagdaý bütinleý
özgerýär. Ruslaryň güýjüniň agdyklygy äşgär bolýar. Türkmenler yza gaçyp başlanlarynda Gönübek olary mertlige, gaýduwsyzlyga çagyrypdyr. Ýöne onuň töwellasy, ýalbar-ýakary netije
bermändir. Gönübek:
— Duşmanyň gala girenini hem haram eli bilen biziň maşgalalarymyza batyranyny bir görmäýin! — diýipdir-de, aýak
çekipdir, teýim edipdir, dyzyna çöküp, kyblasyny garap oturyşyna kelemesini öwrüpdir. Biz derbi-dagyn edilen ruslary kowup
barýarkak, onuň jesedi şol oturan ýerinde, şol maňlaýyny ýere degrip ýatyşyna ýatan eken. Görgüli gürrüňsiz biziň işimiz
gaýtdy hasap edipdir, şonuň üçinem iň soňky aýylganç çözgüdi,
ruslaryň gala girenini görmek islemändir. Ony şol ýatan ýerinde
jaýlamak kararyna gelindi, şeýle-de edildi. Şeýdip, onuň gören
düýşi, onuň ýorgudy oraşan bolup çykdy.
33
Şehit bolanlaryňam, ýaralananlaryňam sany biçak kändi. Ýeňiş bize juda gymmat düşdi. Ölenleriň arasynda Berdimyrat
han (Dislidepäniň ýapgydynda jaýlandy), Dykma serdaryň ogly
Hanberdi serdar bardy. Şehit bolanlaryň hemmesiniň adyny ýekeme-ýeke sanap çykmak mümkin däl, olaryň hemmesi watany,
dini hem maşgalasyny gorap wepat boldy.
Gönübegiň ölümi onuň nähili adamlygynyň, türkmençilige
nähili ynanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Onuň ölümi
hem gazanan ýeňşimiz bilen biz täze ýola gadam basdyk, şol gün
biziň erkana hem öz-özümizden göwnümiz hoş durmuşymyzyň
iň soňky güni boldy. Ondan soň tragiki täze durmuş başlandy.
Şondan soň ikinji, üçünji gün duşmany ahyryna çenli mynjyratmak üçin agyr atly goşun ibermek kararyna gelindi. Kiçijik
atly toparlar ruslaryň transportundan käbir zatlary basyp almagy başarypdylar, kazaklar bilen ownuk çaknyşyklara giripdiler,
ýitgi çekselerem, ruslara ujypsyzja zeper ýetirip bilipdiler. Ruslar
galan güýçlerini tertibe salypdylar, şeýle ýagdaýda hem iňňän
seresaplylyk bilen yza çekilmeklerini dowam etdirýärdiler.
Müň ýaryma golaý atly ruslaryň yzyndan kowgy gitdi. Bu
güýçlere hem ruslara ullakan zarba urmak başartmandy, diňe
kerwenleri talamak, üzülip galan kiçijik kazak toparlaryny ýok
etmek bilen çäklenipdiler. Ruslary gözünden ýitirmän, olara uly
wehim salyp, bu atly otrýad olary Gyzylarbada çenli «ugratdy».
Ruslar ondan aňyrlygyna gitdiler. Mundan aňryk olaryň yzyna
düşmek bes edildi. Käbir batyr ýigitler kiçijik toparlar bolup,
ondanam aňryk gitdiler.
Gyzylarbadyň golaýynda kazaklar bilen bolan bir çaknyşykda birnäçe kazak bilen birlikde olaryň ýolbeledi türkmen Molladüňder hem ýesir düşüpdir. Kazaklary şol ýeriň özünde öl34
düripdirler, Düňderi bolsa Gyzylarbada alyp gelipdirler. Onuň
kimdigini tananlaryndan soň, onuň üçin «dowzahy şu dünýede ýasamaly» edipdirler. Ullakan tamdyrda ot ýakypdyrlar-da,
Molladüňderi baş-aşaklygyna oduň içine taşlapdyrlar. Şeýdip
diňe dönüklik eden, ruslara satylan hem özüniňkileri ruslara
satan haýyny oda ýakypdyrlar.
Otrýadlar gala dolanyp geldiler. Galanyň diwarlarynyň beýikligini hem galyňlygyny doly gurup gutarmaklyk karar edildi.
Gum içinden täze maşgalalar göçüp gelip başlady. Ýaralylaryň
gutulany gutuldy, öleni öldi.
Marydan Nurberdi han gaýdyp geldi. Ol biziň urşumyzyň
bütin dowamynda syrkaw ýatypdy. Nurberdi han Berdimyrat
hanyň wepat bolanlygyna gaty begenýänligini mälim etdi.
— Ähli adamlar üçin şeýle agyr günde men pida çekmedik
bolsam, bu meniň üçin ullakan masgaraçylyk bolardy — diýdi.
— Gönübegiň ölümi maňa has agyr degdi. Bu biziň üçin orny
dolmajak ýitgidir. Başga Gönübek dünýä inmez.
Diňe gazanylan ýeňşiň iňňän möhümligine akyl ýetirilmegi
çekilen uly ýitgileriň yzasyny az-kem gowşadýardy. Han tutuş
gala aýlanyp çykdy, galany goraýjylaryň hemmesiniň ýanyna
bardy, diri galanlary ýeňiş bilen gutlady, ölenleriň jaýynyň jennet
bolmagyny arzuw etdi.
Nurberdi han az sanly aksakgallaryň gizlin maslahatynda
mundan beýläk näme etmelidigi hakdaky meseläni gozgady.
Garşylyk görkezmegiň kynlygy, çekilen ýitgileriň möçberiniň
ummasyzdygy aýan boldy. Orazmämmet han bilen Atalyk parahatçylykly gepleşiklere girişmek hakdaky öňki pikirlerini gaýtaladylar. Göreşi dowam etdirmegiň tarapdarlary hem boldy.
35
Halk köpçüliginiň arasynda hiç hili gürrüň geçirmän, bir howa
garaşmak kararyna gelindi. Ruslar gidip, dolanyp gelmeseler,
onda ýagdaý öňküligine galýar, eger ruslar täze güýç toplap gaýdyp geläýselerem, «halkyň arkasyndan» olar bilen gepleşiklere
başlamaly, göreş ýagdaýynda iň gowy şertleri goýmagy gazanjak
bolmaly diýdiler. Hiç hili birtaraplaýyn gepleşikleri geçirmeli
däl edildi. Halkyň söweş ruhuny goldamaly, gepleşikleri Nurberdi han alyp barmaly edildi. Kabul edilen bu karary pugta
gizlin saklamaly diýen netijä gelindi.
Bu pikire hötjetlik bilen garşy çykan, hiç bir zada garamazdan
göreşi dowam etdirmegi talap eden käbir aksakgallaram boldy.
Nurberdi han olara:
— Görübereris — diýip jogap berdi, şunuň bilenem maslahat
tamamlandy.
Urşuň tarapdarlary hem, uruşmaga garşy bolýanlaram hany
öz tarapdary hasaplaýardy, iki tarap hem oňa uly umyt baglaýardy, onuň at-abraýyna bil baglaýardy, onuň at-abraýy dürli pikir
edýän adamlary hanyň zerur hasap eden bir kararyna getirmeli
diýip hasap edýärdi.
Gündizlerine-de, gijelerine-de adamlar galanyň bir o ýerine,
bir bu ýerine ýygnanýardylar, hemme kişi gürrüň berýärdi, hemme kişi diň salýardy. Bolup geçen wakalar entek juda täzedi hem
özüniň garaşylmadyk netijesi babatda beýik mana eýedi. Bütin
sähra, ähli goňşy ýurtlara biziň ruslar bilen uruşda gazanan ýeňşimiz hakdaky habar ýaýrapdy, biziň ýeňşimiz bolşundanam
has ulaldylyp görkezilýärdi. Bu zatlaryň hemmesi entek uruşda
bolup görmedik adamlary, bagty getirip aman galan adamlary, şeýle hem tä Mara çenli biziň ähli garyndaşlarymyzy göreşe
galkyndyrýardy.
36
Basym Nurberdi han öldi, ony ruslaryň iberen adamlary awy
berip öldürdiler. Umuman, ruslar şowsuzlyga uçranlaryndan
soň, parslardan, özbeklerden, tatarlardan hem başgalardan biziň
aramyza öz jansyzlaryny iberip durýardylar. Nurberdi hanyň
ölmegi bilen Ahaly goramakda hem il-gün hakda alada etmekde uly at-abraý gazanan adamdan mahrum bolundy. Tähran
bilen Buhara ony Ahalyň hakyky hany diýip ykrar edipdi. Ony
köpçülik birnäçe gezek han saýlapdy, birnäçe gezek hanlykdan
kowupdy, ýöne şonda-da ony hemişe hormatlaýardylar hem ykrar edýärdiler. Bizi soňky başymyza düşen keç ykbaldan diňe ol
gorap saklap biljekdi, onuň diýenine däl diýip biljek adam ýokdy. Orazmämmet han bilen Atalyk ruslar bilen parahatçylykly
gatnaşyklary ýola goýmaga ýene synanyşyk edende welin, öňki
garşylyklar ýene gaýtalanypdy. Gala gutarnykly ýumrulanda,
ol uzak wagtlap gabalanda hem hüjüme geçilmezinden ozal galanyň diwarynyň esli bölegi partladylanda Orazmämmet han,
Kerimberdi işan, Hanmämmet atalyk wepat boldy.
***
Aradan köp ýyllar geçensoň, 1900-nji ýyllar töwereginde Zakaspi oblastynyň naçalnigi hem goşun komanduýuşisi general
Kuropatkin adatyna görä obalara aýlanyp ýörkä, bir goja bilen
gürrüňdeş bolup, ondan:
— Gökdepäniň diwarlarynyň eteginde näçe türkmen gyryldy? — diýip sorapdyr.
— Üç — diýip, goja jogap beripdir. General gaýtalap soranda,
goja ýene öňküsi ýaly:
— Üç — diýip jogap beripdir.
Kuropatkin goja öz soragyna düşünýän däldir öýdüpdir, di37
ňe ruslaryň özüniň bäş müňden gowrak wepat bolan türkmeni
jaýlandygyny, özüniň gala alnanda öldürilen türkmenleriň takmynan sanyny bilmek isleýändigini aýdypdyr. Goja edil öňküsi
ýaly:
— Üç — diýip gaýtalapdyr. Gürrüňdeşiniň alasarmyk ýagdaýda galandygyny duýan goja soňra dilmaja ýüzlenip şeýle
diýipdir. — Sen ýanarala aýt, men onuň soragyna düşünýärin,
ol ýere duwlanan ähli adamlaryň umumy sany hakda aýdýar.
Wepat bolan gaty köp adamyň jaýlanandygy hak, ýöne heleýlerimiz olary hut şol günüň ertesi dogurdylar. Meniň gürrüňini
edýän üç adamym bolsa ýok, hiç wagt bolmazam.
— Ol üç adam kim?
— Amangeldi göni, N. bilen N.
38
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Gönübek - 1
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2098
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gönübek - 2
    Total number of words is 3575
    Total number of unique words is 1845
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.