Latin

Gönübek - 1

Total number of words is 3672
Total number of unique words is 2098
32.5 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
52.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Seýitmyrat Öwezbaýew
GÖNÜBEK
(Gökdepe söweşine gatnaşan
türkmeniň gürrüňi)
Seniň taryhyň...
Seýitmyrat Öwezbaýew
GÖNÜBEK
(Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi)
Aşgabat - 1991
«Turkmenowedeniýe» žurnalynyň 1927-nji ýyldaky birinji
sanyndan terjime edildi. Terjime eden Nargylyç Hojageldiýew.
1991-nji ýylda «Altyn gushak» Turkmenistan filialynyň Aşgabat
bölümi tarapyndan çap edildi.
Digital görnüşe geçiren: Garabatyr, 2010
PDF-a geçirildi: 3. Iýun 2010
10 10
21
Redaksiýadan1
Şu makalany ýerleşdirmek bilen, bir zady öňünden aýdyp
goýmagy borjumyz hasaplaýarys: 1880 — 1881-nji ýyllaryň gan
döküşikli günlerini ýadyndan çykarmadyk türkmeniň beren gürrüňleriniň, onuň hut özüniň başyndan geçiren duýgularynyň
täsirini ýitirmezligi üçin, daşyndan göräýmäge yzygiderlilik saklanmaýan ýalydygyna, beýan edilýän wakalaryň hronologiýa
doly laýyk gelmeýändigine, tekeleriň çozuşlaryna artygrak orun
berilýändigine garamazdan, bu zatlaryň hemmesi el degrilmän
galdyryldy.
S. Öwezbaýew türkmen halkynyň arasynda aýdylyp ýören rowaýatlaryň, ýatlamalaryň, hekaýatlaryň hem tymsallaryň giden
bir tapgyryny yzygiderli ýazga geçirmeklige girişdi, bu gürrüň
hem şol tapgyrdan kiçijik bir parçadyr. Bu gürrüň patyşa imperializminiň ýowuz güýji bilen mynjyradylan erkana türkmen
durmuşynyň iň soňky hasratly günlerini obrazlaýyn beýan edýär.
Bu ýerde öz häkimligi sebäpli ynjalykdan gaçan britan şiriniň
hem kölegesi görünýär.
***
Aman aga, Amangeldi göni, Gönübek «türkmençilik» zamanasynyň ýeke-täk hem iň gowy nusgasydy. Ol syçmaz tiresiniň
arap urugyndandy. Nurberdi hanyň birinji geňeşdary hem sag
goludy. Onuň pikiri, onuň sözi halkyň, tutuş şo döwür jemgyýetiniň pikiri, sözi hasaplanýardy. Ol gatnaşmasa, ýekeje-de uly
maslahat geçirilmezdi. Ol taýsyz sazandady, türkmen sazynyň
atasydy, onuň ýaly saz çalyp bilýän adam häzirem ýokdur. Ol
1
«Turkmenowedeniýe» žurnalynyň redaksiýasynyň belligi.
4
ölemen çilimkeşdi. Ol Nurberdi hanyň baştutanlygynda birnäçe
atly-abraýly gojalary ýanyna alyp, Ahalyň o çetinden o çetine
aýlanardy, olar her obada diýen ýaly düşlärdiler, obalar arasyndaky oňşuksyzlygyň anygyna ýeterdiler, gan duşmanlary ýaraşdyrardylar, dürli jemgyýetçilik hem syýasy wakalar babatda halk
köpçüliginiň pikirini bilerdiler. Şahsy durmuşynda Gönübek
kiçigöwünli, pukara adamdy. Sypaýylygy, alçaklygy, hemme
kişä deň gözde garaýanlygy üçin ony hemme kişi sylardy, hormatlardy. Onuň öýi hemişe märekeden doludyr. Ýakyn hem
alys obalardan gelen dost-ýarlary onuň öýünde ençeme günläp
ýaşardylar. Onuň öýünde üýtgeşik bir dessur saklanardy. Ilden
ilki uklan ýa-da ajygan adam masgaraçylyga galan hasaplanardy.
Elbetde, onuň öýünde-de uklanardam, iýlibem-içilerdi. Bu ýerde
gep başga zatdady. Hemme kişi bir wagtda ýatmalydy, hemme
kişi bir wagtda iýip-içmelidi. Dürli ýerlerden gelen adamlar ýurt
gürrüňini ederdiler, öz gün-güzeranlary barada derdinişerdiler.
Gönübek ýaşlygynda Eýrana gidip, ogurlyk edendigini gürrüň bererdi. Bir gezek ol ýene-de şol ogurlyk maksady bilen
ilerki daglardan sag-aman aşypdyr welin, kellesine şeýle bir
pikir gelipdir: «Birden ýaralanaýsam, elim maýyp bolaýsa näderin? Birden galan ömrümde bar güýmenjäm, ýalňyz syrdaşym
dutar çalmakdan mahrum bolaýsam näderin?» Ol bu sowallara
jogap tapyp bilmän, ogurlygy taşlamagy ýüregine düwüpdir,
orta ýoldan yzyna dolanypdyr hem bu pişäni ömürlik taşlapdyr.
Durmuş ýoluna ogurlykdan başlan Göni soňra päk ýürekli
ömür sürdi, ömrüni dogry ýolda ahyrlady, Gökdepäni goran köp
adamlaryň hatarynda gahrymanlyk bilen şehit boldy.
Myhmanlar hem gelip-gidýänler üçin ot-iým, un, huruşlyk
goýun gerek bolanda, Gönübek ilkinji gabat gelen adamy islen5
dik barjamly adamlaryň üstüne ibererdi, zerur zatlaryň hemmesi
edil onuň öz ambaryndan ýa-da sürüsinden getirilýän dek, şol
demde taýyn bolardy. Onuň haýyşyny ret etmelidir ýa-da ondan hak-heşdek soramalydyr diýen pikir hiç kimiň kellesine-de
gelmezdi, bu zatlaryň hemmesi nähilidir tebigy hem bütinleý kadaly ýagdaý hasaplanardy, Gönübek üçin zerur zatlaryň baryny
ýüzüniň ugruna berer goýbererdiler. Onuň köp dost -ýarlary, sarpasyny saklaýan adamlary özlerinden bilibem ähli gerek zatlary
getirer durardylar.
Bu adamy hemme kişi sylaýardy, hormatlaýardy, sarpasyny
saklaýardy, ol ähli halk geňeşleriniň, maslahatlarynyň hemmeler
tarapyndan ykrar edilen baştutanydy, halkyň begenen ýerinde
begenýän, gynanan ýerinde gynanýan, il-günüň ruhy daýanjy
bolan bu adam şeýle ýaşapdy, şeýle ömür sürüpdi.
Ine onuň nähili lebzine berk adamdygyny görkezýän käbir
gylyklary hakda gürrüň bereýin. Biz birnäçe ýüz adam bolup,
Kerimberdi işan, Nurberdi han hem şol döwrüň birnäçe atly-abraýly adamlary bilen bile Gäwers obasyna ýygnandyk. Parslar
şol ýere çozmaga taýýarlanýarmyş diýen gürrüň bardy, Näzdepede2 bolan wakanyň gaýtalanmazlygy üçinem şol ýere üýşüpdik.
Bu ýere ýygnanan adamlaryň hemmesi toparlara bölünişip, oba
adamlarynyň öýlerinde ýaşaýardy. Ýörite meýdança arassalanyp, Kerimberdi işan, Nurberdi han dagy köpsanly namaz okaýan adamlar bilen bile şol ýere üýşýärdiler hem namaz okaýardylar. Namaz okaýan märeke namaz wagty gaty ümsüm bolsa-da,
namaz okap bolanlaryndan soň, meýdançany şowhunly goh2
Bamydan 25 kilometrlikdäki oba, 1869-njy ýylda obanyň ähli ilaty Büžnürt
höküydary Haýdarguly han taraipyndan girew hökmünde Eýrana sürlüpdir —
«Turkmenowedeniýe» žurnalynyň çykgydy.
6
-galmagaldan doldurýardy ýa-da edep saklap, ak-sakgallaryň
gürrüňini diňleýärdi. Kerimberdi işanyň Mekgä zyýarata gidendigini, ol ýerden alty aýdan soň dolanyp gelendigini aýtmak
gerek. Işan hökmünde-de, haja gidip gelen adam hökmünde-de,
umuman takwa adam hökmünde-de ony gaty hormatlaýardylar
hem sylaýardylar.
Biz ikindi namazyny okap bolup, ýerli-ýerimizden butnaman, ýazylyp-ýaýrap agşam namazyna garaşyp otyrdyk. Men
öň hatarda Gönüden çepräkde otyrdym. Kerimberdi işan ondan-mundan gürrüň edip oturyşyna, Gönübegiň hemme taraplaýyn
bir kössüz adamdygyny, ýöne onuň ýekeje kemçiliginiň bardygyny — ölemen çilimkeşdigini, eger şojagaz kemçiligi hem bolmasa,
ony perişde hasap edäýmelidigini, ony bu ýaramaz endiginden
el çekmäge yryp bilse, muny özüniň uly iş bitirdigi hasap etjekdigini, bu sogap işi ak pata bilen berkitjekdigini aýtdy. Onuň
bu sözleri oturan adamlaryň barynyň ünsüni çekdi. Şol wagt
Nurberdi han özüniň adaty batly sesi bilen şeýle jogap berdi:
— Tagsyr, siz haýyş etseňiz, Gönübek çilimini goýar. Bizem
siziň haýyşyňyza goşulýarys. Pataňyzy beriberiň, tagsyr! Ilat,
eliňizi göteriň!
Işan bilen hanyň baştutanlygynda, oturanlaryň bary elini
ýüzüne ýetirdi. Diňe Göni ýüzüni ak-tam edip, elini götermän,
sarsman otyrdy.
— Eliňi göter, hajy işanyň patasyny kabul et! — diýşip, dürli
tarapdan seslendiler.
— Eliňi göter! — diýip, han batly gygyrdy. Göni sarsman
otyrdy.
— Razy bolaý! — diýip, işan ýalbaryjy ses bilen aýtdy.
Ýöne hiç zat peýda etmedi. Oturan adamlary bu oňaýsyz
7
ýagdaýdan Muham diýen biri halas etdi. Ol birneme öňräge
süýşdi-de:
— Işan aga, şol pataňyzy maňa beräýiň! Ine men çilimimi
goýýaryn! — diýdi.
Şeýdip, işanyň hem bu ýere üýşen mähelläniň patasy Muhama berildi, şunuň bilenem bu gelşiksiz ahwalat tamam boldy.
Işan bilen hanyň at-abraýy-da, bu ýere üýşen uly mähelle-de
Gönini ýan bermäge mejbur edip bilmedi. Ertesi ol öz bolşunyň
sebäbini düşündirip şeýle diýdi:
— Men çilim çekmämi goýup biljek däl... Eger goýup bilsedim, onda ilki bilen özüm üçin goýardym. Çilimi goýmaga
razylyk berip, pata alyp, aradan sähel wagt geçmänkä hem ähdimi bozmak meniň başarjak zadym däl. Ýagdaý nähili agyr
hem ýakymsyz bolsa-da, men etmejek zadyma dil ujundan söz
bermekden ýüz dönderdim. Nurberdi hanyň bolşy degnama
mazaly degenem bolsa, men oňa gahar edip biljek däl.
Gurbanmyrat işan bilen arasyna jetlik düşenden soňam ol
öz diýeninde gaty berk durdy. Gurbanmyrat işan Nurberdi han
Mara gidende, onuň ýerine Ahala han bolmaga synandy. Ol
hakykatdanam han diýlip yglan edildi, oňa Soltan Sanjar mazy3 diýlip at berildi. Bu işiň soňy Tilki hem Ganjyk obalarynyň
arasynda gan dökülmegi bilen gutardy. Gurbanmyrat işan han
bolmak synanyşygy şowsuz gutarandan soň, il gözünden düşendigini bildi hem şol Kerimberdi işandan özüni Gönübek bilen
ýaraşdyrmagy haýyş etdi.
Gönübek tutuş märekäniň arasynda, Gurbanmyrat işanyň
özi hem barka:
3
Mazy - geçen, öten.
8
— Men Gurbanmyrat işana elimi bermen, bu dünýede-de, o
dünýede-de onuň ýüzünem göresim gelenok. Bar töwellaňyz
biderek — diýip, aç-açan aýtdy.
Gurbanmyrat işanyň uzadan eli uzadyşyna galdy.
— Haýyş edýän, meniň hatyrama, şu märekäniň hatyrasyna
eliňi uzat! — diýip, Kerimberdi işan ýalbardy.
— Men dünýede hiç bir adamyň hatyrasyna musulmanlar
arasynda bigünä gan dökülmegine sebäp bolan ýaramaz adam
bilen ýaraşmaryn. Işanlyg-a beýlede dursun, ol adamam däl.
Mundan soňky töwellalaram hiç peýda bermedi. Aýal-erkek
tutuş ilat ruslara garşy göreşe galanda, Gönübek galany goraýjylary hemişe uly edermenlige ruhlandyrdy.
Biziň goňşy ýurtlar bilen nesilme-nesil alyp baran göreşlerimiziň arasynda ruslara garşy göreşimiz iň agyr, iň gan döküşikli,
iň gaýduwsyz göreş boldy. Galanyň diwarlarynyň eteginde, içinde, guma tarap gaçylyp gidilen ýolda, gala goralanda, ýykylanda,
ol alnandan soňky üç günüň dowamynda 15 müňdenem köp
adam öldi. Biziň ähli emlägimiz dargady. Ýesir düşen çagaly aýallarymyzyň, ýöne çagalarymyzyň özleriniň her haýsy bir
ýurtdan çykdy, ýeňijileriň, biziň başymyza düşen bet-bagtlykdan
peýdalanan goňşy duşmanlarymyzyň elinden-eline geçdi. Güýçler deňär ýaly däldi. Ýeňilen adamlaryň başyna nähili günleriň
düşjegi hemme kişä-de, her bir adama-da äşgärdi. 12-nji ýanwar,
sowuk gyş güni biziň erkana ýaşaýşymyzyň iň soňky güni hem
türkmençiligiň mazara dykylan güni boldy. Şol elhenç günden
biziň tutuş köne durmuşymyzyň harabalygynda ösüp ugran täze
durmuş başlandy.
«Täze», halk üçin agyzdyryk bolan durmuşyň nähili betbagt9
çylykdygyna göz ýetirilmegi, ýeňilmekden nähili ejir, sütem,
maddy hem moral ýitgiler çekiljekdigine göz ýetirilmegi galany
goraýjylara güýç-kuwwat berýärdi, olary uly gahrymançylyga,
janaýamazlyga, «öz-özüni heläklemäge» ruhlandyrýardy. Elbetde, ol günleriň «öz-özüni heläklemegi» biziň günlerimizdäki
«öz-özüňi heläklemek» däldi. Güýçleriň deň däldiginiň, biziň
ahyr soňy hökman bagtymyzyň ýatjakdygynyň şol betbagtçylykly günden has ozal aýdyň bolandygyny aýtmak gerek. Şeýle-de
bolsa galany gaýduwsyzlyk bilen goramagymyzy dowam etdirýärdik.
Iňlis wekili, olaryň adyndan gürlän adam4 ýarag kömegini
berjekdiklerini wada etdi. Emma ahyryna çenli şol kömek diýilýän gelmedi. Ýowuz günler golaýlaşýardy... «Ölenler ozdurdy,
olar öz işlerini bitirdiler, şonuň üçinem olar rahat, bagtyýar, basymrak ölseňdiň... Bu elhençligi... masgaraçylygy... depelenmegi
görmeli bolmasady» diýen pikir beýniňe barha pugta ornaşýardy. Haýwana mahsus gorky duýgusy ýatdan çykypdy, ýigitler
ýaýdanman çozuşa gidýärdiler, özem hiç zatdan heder etmän, öz
wepat bolan ýoldaşlarynyň jesediniň üstünden geçip gidýärdiler. «Ýaşanyňdan öleniň ibaly» diýen pikir uludan-kiçä hemme
kişiniň aňyna ornapdy.
Käbir pursatlar, käbir ýagdaýlar edil şu günki ýaly bolup
hakydamda janlanýar. Ýadyma düşýär, bulutsyz, güneşli gündi.
Meniň ýaram ýagşylaşýardy, ýöne entek bütinleý bitip gitmändi.
Galanyň içine tüpeň oklary düşüp durdy, käte bolsa granat ýarylýardy. Çagalar ylgaşyp, ok çöpleýärdiler, olaryň atalary bolsa,
elleriniň boş wagty ol oklary eredip, öz hyrlylary üçin togalak
seçme guýýardylar. Bu işiň soňy käbir çagalar üçin ölüm bilen
4
O’Donovan. "Türkmenowedeniýe" žurnalynyň çykgydy.
10
gutarýardy, şeýle-de bolsa, ok çöplemek zerurdy, çagalaryň güýji
ýetýän bu iş dowam edýärdi. Ruslar galanyň diwarlaryna golaý
gelipdiler. Adamlaryň bolşundan, gürrüňlerinden duşmanyň
alkymlap gelmeginiň nähili howpludygy bildirip durdy. Men
tümden daşaryk çykdym. Kim eli gylyçly, kim pyçakly, kim taýagyň ujuna daňlan gyrkylykly, galanyň diwaryna tarap barýardy,
kimler ylgaýardy. Tüpeňi, pistoleti bar adamlaryň bary eýýäm
şol ýerdedi hem duşmana ok ýagdyrýardy. Men duşumdan
geçýän adamlaryň her birini oňat dilegler bilen ugradýardym,
olaryň tutuk ýüzlerine syn edýärdim.
Segsen ädim takmyn öň ýanymdan bir garry aýal maňa tarap
gelýärdi. Ol ýaňy tamdyrdan çykan çörekli kerseni ýanbaşyna göterip gelýärdi. Ol töwerekde bolup geçýän wakalara-da,
oklaryň juwwuldysyna-da başynam galdyranokdy. Men gapdalymdan ylgaşyp barýan adamlary ýagşy dileg bilen ugradyp
durşuma bar zady unudypdym. Men ýene eli çörekli gelýän
garry aýala tarap seredemde, onuň ölüp ýatandygyny gördüm.
Ol gyzgyn gan daman üýşmek çöregi göwresi bilen ýarym ýapyp ýatyrdy. Onuň duşundan ylgaşyp geçip barýan adamlar
ýatan jesediň ýanynda saklanýardylar. Çommalyp oturýardylar-da, gana boýalan çörekden bir bölejik döwüp alýardylar, ony
agyzlaryna atyp:
— Hudaý jan, bize-de şunuň ýaly aňsat ölüm ber-dä! — diýşip, öz ýollaryna gidýärdiler.
Başy dik gaýdyp gelenler gaty az boldy, köpüsi ýaralanypdy,
maýyp bolupdy. Gidenleriň bir bölegi bolsa baky rahatlyk tapdy,
näme bolarka, nähili masgaraçylygyň üstünden barlarka diýen
ejirli garaşmadan dyndy. Kä o ýerde, kä bu ýerde mergenleriň
yzyndan suw eltip berýän ýa-da getirilen maslyklaryň arasyndan
11
öz hossarlarynyň jesedini gözläp ýören aýallar görünýärdi.
Şol günlerde Gara batyr — haýsy tiredendigini, haýsy urugdandygyny bilemok, — duşman okundan heläk boldy. Onuň
nähili heläk bolanyny özüm görmedim, ýöne gözi bilen gören
adamlardan eşitdim.
Uzakdan ruslaryň garymlary hatara uzalyp gidýärmiş. Olardan sag gapdalrakda atly kazaklar topar tutup durmuş. Käte-käte atyşyk sesi eşidilýärmiş. Duşmanyň okuna juda seýrek
jogap berýän galany goraýjylar öz aralarynda ruslaryň nähili
hereket etjekdigi barada pikir alşypdyrlar. Geçen gijeki çozuşyň
şowly bolandygy hakda, alnan olja hakda gürrüň edipdirler. Gije
çuw ýalaňaç bolup duşmanyň arasyna aralaşan, garawulyň ýanyna duýdansyz baryp, gylyç bilen ony çapan hem berdankasyny
olja alyp, sag-aman dolanyp gelen birini ýatlapdyrlar. Başga-da şonuň ýaly üç sany adamyň gije duşmanyň garymlarynyň
daşyndan aýlanyp, olaryň ýeňsesinden gelip, uklap ýatan iki
sany ofiseri hem üç sany soldaty öldürendikleri hakda gürrüň
edipdirler. Olar iki sany rewolwer, üç sany tüpeň we öldürilen
adamlaryň ädiklerini olja alyp, sag-aman dolanyp gelipdirler.
Öldürilenleriň ikisiniň ofiserdigini rewolwerlerden hem olary
öldüren ýerlerindäki çadyrdan bilipdirler. Munuň ýaly şowlulyk
bagtyň getirdigi hasap edilýärdi, ozaly bilenem edermen ýigitleriň batyrlygynyň netijesi hasap edilýärdi. Şonda Diňlidepäniň
edil alkymynda bir tümüň üstüne granat düşüp, dört adamy
öldürendigini hem ýatlapdyrlar.
— Ajal kastyňa çyksa, nirede bolsaňam tapar. Ajalyň ýetmese,
her ýerde bolsaňam, her hili ýagdaýa düşseňem aman galarsyň
— diýip, goja mergenleriň biri aýdypdyr.
— Hudaý öz amanadyny diňe gerek wagty alar, bu diňe onuň
12
islegine baglydyr — diýip, ol sözüniň ahyrynda aýdypdyr.
— Eger men onuň amanadyny eltip öňünde goýsam, ol almazmy? — diýip, Gara batyr sorapdyr.
— Beýdip bilmersiň — diýip, mergen jogap beripdir.
— Bu adamyň elindäki zat däldir.
— Ine şu gün, hut häziriň özünde men oňa amanadyny gowşuraryn. Ol islese-de bererin, islemese-de.
Gara batyr şeýle diýipdir-de, gala tarap gidipdir, sähel salymdanam atyna atlanyp gelipdir. Elindäki naýzasyny hem ýapyrybrak tutupdyr. Ol galanyň günorta derwezesinden geçip,
onuň diwarynyň etegini syryp, oturan hem gyşaryp ýatan ýoldaşlarynyň ýanyna barypdyr. Olara:
— Görüň, men häzir hudaýa amanadyny tabşyrmaga gidýärin. Islese-de bererin, islemese-de — diýipdir.
Onuň aýagynyň astynda ajaýyp dor aty bar eken. Ol eýere
tarap ýapyrylypdyr-da, atly kazaklara tarap ok ýaly atylypdyr.
Yzynda galanlar oňa bilesigelijilik bilen syn edipdirler. Ruslaryň
garymlaryndan ok atylmasy artypdyr. Kazaklar şol öňküsi ýaly
topar tutup durmuşlar. Gara batyr olaryň ýanyna ýuzin salyp
barypdyr-da, şobada ikisini atdan agdarypdyr. Uzakdan Gara
batyryň hemme hereketini aç-açan synlamak mümkin bolmandyr, ýöne duşmanyň başyna düşen başagaýlyk gaty uly bolupdyr.
Birnäçe kazak atdan agypdyr, birnäçesi bolsa atyny ýüzin saldyryp gaçyp sypypdyr.
Gara batyr gala tarap yzyna dolanypdyr. Ona tarap ok ýagdyrypdyrlar. Ol atyny peýwagtyna öňürdigine goýberip, galanyň
diwaryna, gürrüňleşip bolar ýaly aralyga gelipdir. Şol ýerde hem
ol atyndan agyp gaýdypdyr. Duşman oky degen pursatynda
onuň ömür tanapyny şarta ýolupdyr.
13
Gara batyryň edermenligine haýran galyp duran ýoldaşlarynyň bar keýpi gaçypdyr, olar Gara batyryň jesedini ýygnamagyň
ugruna çykypdyrlar.
Ol öz sözünde durdy, şehit boldy — diýip, ony göterip gelýänleriň biri aýdypdyr.
Ajal onuň yzyndan ýetdi — diýip, Gara batyryň jesedini
getirmäge kömekleşip, onuň atyny iýdip gelýän goja mergen
aýdypdyr.
Hasrat uzaga çekmändir, şo demde gamgynlyk adamlaryň
ýüzünden syrylypdyr. Sebäbi Gara batyr ençeme agyr günleriň
hem gijeleriň azabyndan dyndy ahyry! Şunuň ýaly, şuňa meňzeş
edermenlikler — öz-özüňi heläklemek gaty köp bolupdy.
Kepeläniň köri ady bilen meşhur iki gözi hem kör bagşy galanyň ýykylan güni gykylyk-galmagalyň gelýän tarapyna ylgapdyr.
Ýöne ol betbagt görgüli özüniň gaçjak bolşundan peýda ýokdugyna derrew göz ýetiripdir. Ol ölenleriň jesedine, ýaralylaryň
göwresine, çukurdyr tümmege büdräp, iki ädiminiň birinde ýykylypdyr.
— Il-gün, ýurt hakdaky iň soňky aýdymymy aýdaýyn — diýipdir-de, ol oturyp, dutaryny gabyndan çykarypdyr, sesiniň
ýetdiginden aýdyma gygyrypdyr. Emma ajal oky onuň aýdymyny ortarasyndan ýolupdyr. Gulagyňy gapyp gelýän top-tüpeň
sesiniň, dumly-duşy gaplap alan ýangynyň, elhenç zenzeläniň,
aýallaryň hem çagalaryň agy-nalasynyň, güpür-tapyryň arasynda Kör bagşynyň aýdymy erkana, kakabaş türkmençiligiň soňunyň gelendigi hakdaky endamyňy tikeneklediji pygan bolup
ýaňlanypdyr.
Şol wagtky ýagdaýyň çykgynsyzlygy, muňa hemme kişiniňem gözüniň ýetikligi hakda Guba şahyr diýen biri hem aýdyp14
dyr.
Amangeldi göni hemme wagt, hemme ýerde häzirdi.
Ruslar ilkinji gezek çozanlarynda, gala entek gurlup gutarylmandy. Ähli maşgalalar öýlerde, çatmalarda, tümlerde galanyň
içinde ýaşaýardylar. Ruslaryň hüjümleri galanyň diwarynyň daş
ýüzünde yzyna serpikdirilýärdi. Gijelerine duşmanyň üstüne
nobatma-nobat hüjüm edilişi ýaly, gijelerine galanyň daşyna hem
nobatma-nobat güýçli garawul goýulýardy. Galada aksakgallar bir onuňka, bir munuňka ýygnanyşyp, bilelikde nähili zerur
çäreleri geçirmelidigi barada maslahat edýärdiler. Başga çäreler bilen bir hatarda, biziň Garrygalanyň ýanynda parslardan
basyp alan ýalňyz topumyzy Änewden Gökdepä geçirmeli edildi. Änew hemişe biziň gowşak ýerimiz hasap edilýärdi. Biz
golaýda parslary ol ýerden kowup çykarypdyk. Ol ýerden kowlan ilat öz hanlaryndan jeza beriji ekspedisiýa döretmegi hem
Änewi ýene-de basyp almagy köp gezek haýyş edipdi. Biz ýekeje topumyzy howp abananda, golaýdaky obalary habardar
etmek üçin şol ýerde goýupdyk. Top sesi çykan badyna, her kim
hiç zada garaşman, ýarag şaýyny tutup, Änewe kömege ýetişmelidi, golaýdaky beýleki obalara hem çapar ibermelidi. Biz
Änewi alanymyzdan soň, ikinji ýyl bir gezek şunuň ýaly duýduryş berenimizde, ol ýere sekiz müňe golaý atly ýygnanypdy.
Ine şol topy hem Gökdepä getirmeli edildi. Mundan başga-da
däriniň bahasyny gymmatlatmagy, artykmaç ýarag saklamagy
gadagan etmek karar edildi. Abdylla ussa topa ok guýar ýaly,
döwük kündükleri hem gazanlary hökmany suratda oňa tabşyrmaly edildi. Ýene-de watana wepalylyk barada, ony «kapyr»
ruslardan gaýduwsyz goramak barada ählihalk kasamyny kabul
15
etmeklik karar edildi. Buharadan, Hywadan biziň bolşumyzy
makullaýan habarlar gelýärdi.
Uruş hereketlerine başlanmazynyň öň ýanynda geçirilen ullakan maslahatda Hanmämmet atalyk (syçmaz) bilen Orazmämmet han (beg) uruşmaga garşy gürlediler, öz pikirlerini güýçleriň
deň däldigi bilen, türkmenleriň ýaragynyň ýokdugy bilen, güýçleriň hem serişdeleriň gatnaşygy şeýlekä hökman agyr netijeleriň
üstünden baryljakdygy bilen esaslandyrdylar. Olar özlerine gepleşik geçirmäge ygtyýar berilmegini teklip etdiler, ilata bolsa,
maşgalalaryny guma göçürip, şol ýerde gepleşikleriň netijesine
garaşmagy maslahat berdiler. Gepleşikler başa barmasa, urşy
kiçijik toparlara bölünip alyp barmaly diýdiler. Olaryň pikiriçe,
gala salyp oturmagyňam geregi ýok eken. Olar galanyň salynmagy hem ilatyň bir ýere ýygnalmagy basybalyjylaryň işini aňsatlaşdyrar diýdiler. Özlerine ygtyýarly kyrk adamyň berilmegini
haýyş etdiler.
Maslahata ýygnananlaryň aglaba köpüsi olaryň pikirine garşy boldy. Olar ruslar yslamyň müdimilik duşmany, olar bilen bile
ýaşaşmak mümkin däl, ýurdumyzy tükeniksiz gandöküşiklik
bilen juda gymmat satyn aldyk, biziň daş-töweregimiz aç-açan
hem gizlin duşmanlardan doly, bu ýerden gidere başga ýer ýok
diýdiler. Biz öz ýurdumyzda otyrys, ruslara azar beremzok, olar
bilen şärik zadymyz ýok, olara bizden näme gerekmiş? Onsoňam
dünýäde Russiýadan başga Angliýa, Türkiýe, Fransiýa, Hytaý
ýaly döwletlerem bar ahyry, olar ruslara edenini edip ýörmäge ýol bermezler. Biz gala gurup, ähli garyndaşlarymyza hem
goňşularymyza kömek sorap ýüz tutmaly. Biz galanyň içinde
öz ýurdumyzy gorap, öz maşgalamyzy gorap, tä iň soňkymyza
çenli ölmeli, ýöne özümize agyzdyryk saldyrmaly däl. Biziň
16
topragymyz goralmagyna hem pida çekilmegine haklydyr. Ähli
gorkaklar, ikirjiňlenýän nalajedeýinler, ylalaşyjylar, urşa, goranmaga garşy çykýanlar halka, ýurda hem musulmançylyk işine
dönüklik edýän adamlardyr. Iň soňunda hem biz türkmenler
duşmandan gaçyp gidiberer ýaly Buharanyň, Hywanyň gorkak
nökerleri däl ahyry.
Birnäçe ýyl şondan öň Kerimberdi işan bilen bile Mekgeden
gelen araplardyr türklerem öz-özüňi saklamak hem yslamyň
umumy işini goramak üçin ruslar bilen gaýduwsyz göreşmegiň
zerurdygyny aýdypdylar. Ruslar öňlerem bu ýerlere aralaşjak
bolup telim gezek synanyşyp görüpdiler. Ýöne otrýadlary paýhynlanansoň, olar yzlaryna gaýdypdylar. Bu gezegem, eger biz
gaýduwsyzlyk bilen pugta dursak, ruslar giderler. Eger biz olar
bilen gepleşiklere başlasak, gowşaklyk etsek, ýaýdansak, onda
ruslar hemişelik galarlar, özleriniňkileri getirerler hem bizi bar
zatdan mahrum ederler. Biz şonda näderis? Iňlisler ýarag kömegini etmegi wada berýärler. Eger ähli maşgalasyny bir ýere
ýygnamasak, türkmenler uruşmazlar. Iň ahyrynda hem goý maşgalalarymyz biziň bilen bile heläk bolsunlar, bary bir olar bizden
soň olja bolarlar. Raýat bolmagyň nämedigini biz bu gün görmeli
däl. Hatda dinibir halkdan hem onuň hökümdaryndan (Horezm)
sütemden, paç-hyraçdyr kemsidilmekden başga gören zadymyz
ýok. Ruslar näme ondan gowudyr öýdýäňizmi? Olar ymamynyň
baştutanlygynda Kawkazyň ýaryny parçalapdyr diýýärler. Musulmanlar Ruma (Türkiýä) gaçyp gitmäge mejbur bolanmyşlar.
Iňlis patyşasy ruslary halanokmyş diýýärler.
Urşuň tarapdarlarynyň, halkyň aglaba köpçüliginiň aýdan
zatlary şunuň ýalydy.
— Men ruslary halamok — diýip, Atalyk aýtdy. — Men ola17
ryň kimdigini Hywada görendirin. Men hywalylar bilen ruslaryň
urşuna gatnaşdym ahyry. Meniň watana-da, dini ygtykada-da
garşylygym ýok. Meniň öz ykbalymyza, maşgalamyzyň ykbalyna nebsim agyrýar. Men başga zat aýtjak däl. Eger gerek bolsa,
men siz bilen bile ölerin.
Märekäniň allajy nazary hem goh-galmagaly Atalyga uzak
gürlemäge maý bermedi. Onuň yzyndan Orazmämmet han
gürledi.
— Ýurtlar hem halklar kasam bilen däl-de, top bilen, tüpeň
bilen goranýarlar — diýip, ol gürläp başlady. — Kasam, ant,
soňam lebziňden dänmek, ýurdy saklaman, gaýta weýran edýär. Men özümizi, ýurdumyzy, çagalarymyzy hem aýallarymyzy
şeýle aýylganç ejire sezewar etmäge hiç hili zerurlyk ýokmuka
diýýärin. Ruslar biziň öňki sanyna bakman gyran parslarymyzam däl, tatlarymyzam däl. Eger siz bu gün öz guran toprak
galaňyz bilen ruslara garşy durmak isleýän bolsaňyz, bu siziň ýer
ýüzünde galdyran iň soňky keşdäňiz bolar. Ejiz towşan tüýräk
bolsa ýagşy. Doňzuň arkasyny tüýüniň tersine däl-de, ugruna
sypanyň ýagşy. Eger bu aňkasy aşan mähelläniň, aklyny aldyran adamlaryň gepine gitsek, biz ähli emlägimizem, özümizem
heläk ederis. Maňa gepleşik geçirmäge ygtyýar edilmegini soraýaryn. Men bu kasamyňyzy kabul etmeýärin, ähliňizi hem beýle
etmekden saklanmaga çagyrýaryn.
Märekäniň arasyndan gazaply sesler ýaňlanyp başlady:
— Ruslardan näçe hak aldyň? — Hemşerileriň kim? — Haçan
dinden dändiň? — Dönük! — Haýyn! — Ruslary gyrmagy
Atalyk bilen Orazmämmetden başlamaly!
Adamlaryň sesinden olaryň ýetjek derejesine ýetendigi, çäkden geçip, Atalyk bilen Orazmämmet hanyň bokurdagyna ýapy18
şaýmagynyňam daş däldigi görnüp durdy.
Şolardan soň geplän aksakgallar märekäni köşeşdirmek bilen
boldular, Atalyk bilen Orazmämmet hanyň berýän maslahatynyň ak ýürekdendigine, olaryň watany goramaga taýýardygyna
ynandyrdylar. Ätiýaçlylyk hem seresaplylyk etmek gowy zat
diýdiler. Hemme kişini parahatlyga, pähim-paýhasa çagyrdylar,
her bir adama, onda-da Orazmämmet han bilen Atalyk ýaly atly-abraýly adamlara öz pikirini, pähim-paýhasyny erkana aýtmaga
mümkinçilik bermegiň zerurdygyny nygtadylar. Eger şeýle edilmejek bolsa, ondanam bir maslahat bolarmy diýdiler.
Şeýlelikde, bu meseläniň düýp manysy babatda biri-birine
çapraz pikirler orta atyldy hem aksakgallar belli bir karara gelip bilmediler, meseläni halkyň ygtyýaryna hödürlemeli, özem
köpçüligiň erki azlyk üçin hökmany bolmaly diýen netijä geldiler. Köp müň adam gatnaşan maslahat biragyzdan diýen ýaly
uruşmaly diýen netijä geldi. Hut şol ýeriň özünde öz obalaryny
hem tirelerini bulaýan aýry-aýry aksakgallary hem olaryň obasyny talaňa salmaly, rus häkimiýetleri bilen aragatnaşyk saklaýan
Dykma serdaryň o6asy Börmäni talap ondaky maşgalalary Gökdepä göçürip getirmeli etdiler. Çulba baýyň öýüni ýumurmak,
Köşi obasyny weýran etmek bellendi. Şübheliräk görülýän köp
adamlaryň atlary agzaldy.
Ýöne öýleri ýumurmaly, obalary weýran etmeli bolmady.
Müň atlydan ybarat ýörite otrýad bilen Börme obasy talanandan soň, ikirjiňlenýän adamlaryň hemmesi köpçülige goşulyp,
Gökdepe galasyna jemlenip başlady.
Şu wakalardan soň ähli halk bolup kasam etmek baradaky
mesele öz-özünden çözüldi duruberdi. Märeke ilki bolup Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyň ant içmegini talap etdi.
19
Kasam şeýle ýagdaýda kabul edildi. Birnäçe işanlaryň, mollalaryň, aksakgallaryň arasynda duran Kerimberdi işanyň öňünde
elde göçürilen äpet gurhany goýdular. Kasam edýänler işan bilen gurhanyň aralygyndan ýöne geçip gitse-de bolýardy, iki elini
gurhana degrip, ýüzüne sylsa-da bolýardy. Agyr märeke:
— Orazmämmet! Atalyk! — diýip, gygyryp başlady. Halkyň
talabyna boýun bolup, olar ilki kasam etmeli boldular.
— Sen bir akmak halk ekeniň! — diýip, Orazmämmet han
aýtdy. — Özümiň akmak bolanym üçin däl-de, seniň akmak
bolanyň üçin men şu kasamy kabul edýärin, şu ýerde-de ölerin.
Özüňe abatlyk islemeýän bolsaň, senem ölmegi başar!
Ol şeýle diýdi-de, gurhanyň gapdalyndan geçdi. — Men size
Atalygyň namart däldigini subut ederin — diýip, Atalyk görgüli
aýtdy. — Dinden çykan biz däldiris, dinden çykan akmak halky
nähak ýola iterýän adamlardyr. Ine menem geçýärin!
Müňläp-müňläp märeke başyny dik tutup, uly tertiplilik bilen şondan soňky aýylganç wakalar bilen biziň aramyzda keserip
ýatan heläkçilik çäginden aňry ätledi.
Bu gürrüňi edilen wakalardan has soň, Dykma serdar öz ýoldaşlary bilen ruslardan biziň tarapymyza gaçyp geçenmiş diýen
habar ýaýrady. Dykma serdar özüniň ruslaryň arasyna gitmeginiň sebäbini olaryň planlaryny, güýjüni biljek boldum diýip
düşündirdi. Ol indi bu işi gutaran hasap edýändigini, şonuň
üçinem özüniň hem börmelileriň maşgalalarynyň ýesir alynmagynyň düşünişmezlikden bolan zatdygyny aýtdy. Öz sözüne
gulak asan ähli adamlar bilen bilelikde ähli halkyň duran ýerinde durjakdygyna ynandyrdy. Onuň bu sözleri esasly diýlip
bilindi hem ony saýry tutmak bes edildi. Dykma serdaryň sözlerine görä, rus otrýadlaryna iki sany ýomut — Musa han bilen
20
Molladüňder ýolbeletçilik edýärmiş. Dykma serdar Musa han
bilen dilleşenmiş, ol rus otrýadlarynyň planlary hakynda habar
berip durjakmyş. «Kim Musa hana gabat gelse, ony atsyn, ýöne
urmasyn. Molladüňder bolsa «kapyrlaryň donuna» giren adam,
ol ruslara çyn ýürek bilen gulluk edýär. Her zat etmeli welin,
onuň ýoguna ýanmaly» diýdi. Dykma serdaryň sözleri maglumat üçin kabul edildi. Özüniň soňky hereketleri bilen Serdar öz
wadasyny pugta berjaý etdi.
Ruslar barha golaýlaşyp gelýärdi. Biziň bölek-büçek kiçijik
atly toparlarymyz kem-käs iş bitirmän duranokdy, ýöne onuň
duşmana ýetirip bilýän ullakan zyýany hem ýokdy. Galadan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gönübek - 2
  • Parts
  • Gönübek - 1
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2098
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gönübek - 2
    Total number of words is 3575
    Total number of unique words is 1845
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.