Latin

Derdeser - 8

Süzlärneñ gomumi sanı 3835
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2144
31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
gussa çaýylan ýakymly oýa çümdi. Şonda ol dymdyrslyk bilen ötüp duran pursatlaryň birinde uklap
ýatan Hekimiň çala ýylgyrandygyny-da gördi. Gördide, Näzik gelniň özem biygtyýar ýylgyryp goýberdi.
Aýalynyň şu wagtjyk arzuw edip, göz öňüne getiren
garypja tünegini Hekim düýşünde görendir.
Bosagasyndan ätläp, içeri girendir. Nähilidir bir gudrat
bilen ahyry aýratyn, öz adyna jaýly bolandygyna
begenendir. Begenjine-de ýylgyrandyr. Şu çaklamanyň
dogrulygyna Näzik gelin şübhe etmedi. Galamasynam
164
ertir ir bilen Hekim ukudan oýanan wagty “Öten agşam
düýşüňde näme gördüň?” diýip sorap göräýmeli.
Gijelikde Hekimiň ýylgyrandygyny Näzik gelniň
nädip görenligi dogruda goşmaça sowal ýüze çykmaz
ýaly ýene bir zady aýdaýyn. Daşarda on bir günüň gary
baslygyp ýatyrdy. Ol garaňky öýe ýiti ýagtylyk
berýärdi. Ähli zat ap-aýdyň saýgartmaýan-da bolsa,
garaz, ýatan adamyň ýylgyrşyny onuň ýüzüne seredip
oturan kişiniň görmegi üçin ýagtylyk ýeterlikdi.
Şujagaz ýagtylyk Näzik gelniň ukusyna päsgel berip
bilermi?
Oktýabr, 1994. Aşgabat.
SENDLIŇ AÝDYMY
Hekaýa
Adamyň iň beýik islegi ölmezlik! Ýaşamaga, her
niçik-de bolsa, garaz, ýaşamaga ymtylşynyň
näderejedeligi onuň ömrüniň manysyny kesgitleýär.
Sendl şu hili akylly sözleri halamaýar. Diňlemegem
islänok. Elbetde, şu gün irden boýnuny sallap, köçä
çykanynda-da ol adamyň iň beýik islegi ýa-da ömrüň
manysyny nämäniň kesgitleýändigi barada birjik-de
pikir etmändi. Emma Gün batýança hammalçylyk
diýen ýaly bir iş tapyp, öýde mugt akyl satyp oturan
maýyp kakasyna hem özüne, zakgunam bolsa, ölmezödülik gazanmalydygyny welin bu oglan oňat bilýär.
165
Şuny bilip durka ömür hakyndaky pelsepeleri diňlemek
oňa derkarmy?
*
*
*
Sendliň kakasyna Dik Morgan diýýärler. Birwagtlar
ol gününi ganymat tigirläp bilýän adamdy. Temmäki
kompanýalaryň birinde sortlaýjy bolup işleýärdi.
Temmäkiniň başyňy aýlap, aňryňy bäriňe getirýän ysy
bardy. Işem agyrdy. Emma Dik armaýardy. Bir
gamgyn aýdyma hiňlenip, ses-üýnsiz işlär ýörerdi.
Şeýle günleriň birinde ýurtda çilimkeşlige garşy göreş
yglan edildi. Temmäki kompaniýalarynyň işleri
çäklendirildi. Iş haklary peseldi. Barybir oňşuk etmezçe
däldi. Dik Morgan welin, meger, isleginiň öňünde ejiz
adamyň hemişe betbagtlyga golaý durýandygyna akyly
kesmän, işden çykdy. Şeýlelikde. Mundan on üç ýyl
ozal (şol wagtlar Sendl alty ýaşyndady) ol hakyna
tutma goşunda gulluk etmegi ýüregine düwdi. “Samsyk
bolma, Dik! Geçmän duran günüň ýok. Şu günüňi
özüňe köp görmeýän bolsaň, päliňden el çek. Hudaý
saklasyn welin, o ýerde her hili zat bolýamyş” diýip,
howpdan-hatardan öler ýaly gorkýan adamlar oňa kän
aýtdylar. Etmedi. “Soňun saýan batyr bolmaz” diýdi.
Diýeninem gögertdi. Şu-da onuň bagtyny ýatyrdy.
Goşunda ýörenine iki aýam dolmanka partladyjy
madda ýarylyp, Diki iki aýagyndanam dyndardy.
Kesdiler. Iki aýagynyňam dyzyndan aşagyny kesip
taşladylar. Üstesine elinde-de şikes ýetdi. Betbagtçylyk
onuň hazyna kimin goraglan mertebesiniň gymmatyny
gaçyrdy. “Sen indi meni taşlarsyň, Lotti! Men bilýän.
166
Sen indi meni taşlap, gidersiň. Sebäbi indi men hiç
kime gerek däl. Men-maýyp. Men indi gutaran adam.
Saňa sagdyn, baý är gerekdir. Şoň üçinem taşlarsyň.
Men bilýän. Taşlarsyň, Lotti!” diýip, ol aýaksyz halda
öýüne dolanyp gelen güni terse bakyp, geplemän
oturan aýalynyň öňünde gözýaş dökdi. A Lotti nätdi?
Şol gün agşam “Ýaňam-a bardy” diýdirip, gaýyp
boldy. Gitdi. Nirä gidende nä? Gitdimi? Gitdi. Sopbaş
gitdi. Dik üçin ikinji ýetimlik başlandy. Ilki bilen ol
öýde bar bolan goşlary satyşdyrdy. Dagy alajy ýokdy.
Bokurdakdan bir zat ötürjek bolsaň şeýtmelidi.
Soňabaka diňe gara bokurdak üçin edilen bergiler Dik
Morganyň başyny çaşyryp ugrady. Ol gerek deregi
ýykar etdi. Jaýyny satyp, Sendl bilen kireýine ýaşap
başlady. Soňam näme, Sendl aga-gara düşünip ugrady.
Köçä çykyp, märekeli ýerlerde gazet satdy,
hammalçylyk etdi.
Käte-käte ýoňsyz bergi edilýärdi. Algydarlar gelip,
herrelerdiler, Dikiň üstüne gygyryp-gygyryp giderdiler,
namysyna degerdiler, gaýdyp dagy-duwara karz pul
bermejekdiklerine ant içerdiler. Dik dymardy. Hapa
bolardy. Agşamlyk bolsa “Bu günem zat ýog-aý, kaka”
diýip, Sendl gelerdi. Bu bolsa Dikiň gulagyna perýat
bolup eşdilerdi. Şonda ol ýene bir gezek gözüniň
ýaşyny sylardy. Açlyk, mätäçlik onuň gününi gök esgä
düwmeýärdi. Adamy açlygyň öldürmeýändigini ol
göre-göre gelýär ahyryn. Diki agladýan zat başgady. Ol
çaganyň öz kakasyny Hudaý hökmünde görýändigine,
keseki kemsitmeleriniň bolsa şol Hudaýy isledigiçe
pese gaçyrýandygyna düşünýärdi. Her niçik, “Eger
167
Sendl bolmadyk bolsa näderdim?!” diýip, Dik Morgan
käteler şükür ederdi.
Mahal-mahal Sendlem kakasyna ajysyny pürkerdi:
“Meň gul bolup dogulmagyma sen günäkär. Sen gul
bolmadyk bolsaň, menem gul bolmazdym. Sen
nämüçin özüň gul bolup, çaga dogurtdyň? Ýa senden
dörän çaga ýurt sorar öýtdüňmi? Guldan gul
döreýänine düşünmediňmi? Näme dymýaň? Ýalanmy?
Gul! Barypýatan gul, menem gul. Menden döränem gul
bolar. Guldan gul döremeli-dä. Hm-m, geple!”
Dik Morganyň jogap hökmünde “Geljege umyt
etdim” diýmesine Sendl: “Guluň hiç wagt geljegi
bolmaz” diýerdi.
*
*
*
Sendle bu gün iş tapdyrmady. Soňky umydy porta
baryp görmekdi. Ol ýerde köplenç iş bolýardy.
Üstesine, hak-heşdegi-de oňatja töleýärdiler. Iş welin
ýeňil däldi. Emma hammalçy işiň agyryna, ýeňiline
bakmaýar.
Sendl porta baryp gördi. Özi ýaly oglanlar uly
gämiden bir zatlar düşürýärdiler. Gäminiň eýesi
Sendliň çeýe göwresine hem boldumlyja çiginlerine
seredip, çalgyrt ispan dilinde:
- Biraz garaşyp gör – diýdi. – Şu oglanlaň haýsysy
işe çydaman nemetse, ýerine sen sokularsyň.
Sendl: “Belki, Hudaý!” diýip, dileg etdi. Soň
töwerekde dähedem-dessemläp ýörşüne:
168
Meni munda ýalňyz goýup,
Gitmäge neneň het etdiň? –
diýip, günorta amerikaly hindileriň halk aýdymlarynyň
birine hiňlendi. Birazdan gäminiň ýüküni düşürip
gutardylar. Sendl gara işe çydamly ol oglanlaryň
ählisine degişli edip, içinden paýyş sögündi.
Gäminiň eýesi ähmiýetini artdyryp, esli dymansoň,
Sendle göwünlik beriji äheňde:
- Sen ýene bir hepdeden geläý. Ýöne irräk gel –
diýdi.
Gyzar ikindinler ol stadionyň gapdalyndan geçip
gelýärkä ýoluň ýakasynda iňläp ýatan bir erkek kişini
gördi. Adamlar, maşynlar onuň deňinden böwür berip
geçýärdiler. Sendl onuň golaýyna gelip, seretdi. “Kyrka ýaşandyr” diýip çak urdy. Bu erkek kişiniň egin-başy
sal-saldy. Kellesinden, gulagynyň düýbünden, eňeginiň
aşagyndan akan gan doňupdyr. Eliniň bir ýerlerinden
bolsa henizem ýyly gan akýardy. Ony geçip barýan
maşynlaryň biriniň kakanlygy görnetindi. Sendl “Entek
ölüb-ä ýetişmändir” diýip, oýlandy. Onuň jübülerini
barlaşdyrdy. Boş çykdy. Sendl ony göterip egnine aldy.
Onuň burnuna süýjümtik çakyryň ýiti ysy urdy.
“Içipdir. Şeýdibem betbagtlyga uçrapdyr” diýip, Sendl
içini gepletdi.
Öýde Dik Morgan açlykdan buruljyrap, ogluna
garaşýardy.
- Bu günem bitiren goşuň ýokmy? – diýip, ol Sendli
görenden öňe-öňe omzady.
169
Sendl baram diýmedi, ýogam. Egninden durşy bilen
iňňildi bolup duran adamy usully düşürip, sypalyň
üstünde ýatyrdy. Haşlap, demini aldy.
- Ýeri, bi näme indi? – diýip, Dik Morgan sypalyň
üstünde ýatyrylanyň ýüzüne ýiti-ýiti seretdi.
- Biýem sen ýaly Hudaý uranyň biri – diýip, Sendl
jogap berdi. Dik Morgan:
- Görüp durun – diýdi. – Nämüçin getirdiň? – Soň
ýaňsa aldy. - Garnyň-a dok. Iýere zadyňam köp. Birine
iýdirmeseň harama çykjak. Şoň üçin getirensiň.
Şeýlemi? – Dik Morgan ýowuzlandy. – Äkit. Ýok et
gözümiň öňünden. Tiz bol!
- Äkitjekgäl-eý – diýip, Sendl tarsa ýerinden galdy.
– Sen nä meň üstüme gygyran bolýaň-eý? Buýruk
berip... Senem öz iýjek nanyňy özüň gazan indiden
beýläk. Eliňi gowşuryp oturma. Köwüş ýama. Nä
eliňden gelenokmy?
- Ine, aýdaly – diýip, Dik Morgan biraz ýumşady. –
Sen şu ýatany dikeldip, adam etdiňem-dä, şundan saňa
bir döwüm nan boljakmy?
- Birinjiden-ä, ol indi adam bolmaýa. Ikinjidenem,
men eýýäm ony barladym, betbagtlygyndan başga hiç
zady ýok – diýip, Sendl aýtdy.
- Onda nämetjeg-eý, sen muny, adam çagasy? –
diýip, Dik Morgan janyýangynly gygyrdy.
- Gygyrma, how, gygyrma!
Sendl töwerekde köwejeklemäge başlady.
Garaňky gatlyşansoň, getiren adamsyny egnine alyp,
gitdi.
Dik Morgan ony nazary bilen ugradyp, dymdy.
170
Şu golaýda asly amerikaly lukman, üstesine-de
sallah mister Jek Çarlz ýaşaýardy. Sendl onuňka geldi.
Mister Çarlz, ähtimal, ýene karz pul sorar öýdüp
gorkan bolsa gerek, ony sowuk garşylady. Her niçik,
syr bildirmedi, Sendl öýe goýberdi.
- Adam gerekmi? – diýip, Sendl ur-tut esasy meselä
geçdi.
- Nähili adam?
- Adam-da. Saňa kesip, öwrener ýaly.
- Gerek. Dirimi?
- Dirisi gerekmi?
- Öli bolsa has gowusy. Porsamadyk bolsa...
- Sen onda garaş biraz.
- Onsoň nememi, sen ony mugt berjekmi?
- Mugt bermen.
- Nyrhyny aýt.
- Biz bilen algyňy üzlüşip, iýer ýalam bir zatlar
berseň...
- Kim ol seň adam diýýäniň?
- Tanamok. Ýaňy ýoldan tapdym. Kim bolanda nä
saňa?
- Hiç kim bilenok dämi?
- Ýok.
- Garrymy ol? Näçe ýaşlarynda?
- Onçakly garry däl. Kyrk töwerek ýaşan..
- Getir onda. Menem oňa çenli ýerjagaz taýynlaýyn.
Sendl daş çykdy-da, ýatan kişiniň böwrüne depip:
- Hany, onda dünýe bilen hoşlaş – diýdi...
Mister Çarlz jesedi ýörite koýkanyň üstünde
ýatyransoň:
171
- Kellesiniň bu ýerlerin-ä nas edipdirler welin... Häý,
al kakmyş – diýip, çermegini çekdi.
- O bolşy bilen onuň ýaşanyndan ýaşamany gowy.
Ýaşasa, bir-ä ezýet çeker, onsoňam kakam ýaly
ýanyndaka iş bolar ýörer – diýip, Sendl ýolda gelýärkä
öz ýanyndan özüni aklamaga çalyşdy.
Ýanymda seň ýok mahalyň
Dünýäni terk etse bolar –
diýip, tanyş aýdymlarynyň birine hiňlendi, şohlandy.
Ýanwar, 1995. Aşgabat.
ÝITIGIŇ TAPYLYŞY
Hekaýa
1.
Enebaý hassa ýatan goňşusy Mähriniň ýanynda kän
eglenmedi. Garrynyň saglygyny sorap, esasy gürrüňe
geçdi.
- Neme-le, Sahydyň enesi, Gökjäň gyzy bolaňsoň,
senden bir zat soraýjakdym... Nagym jan üçin
gudaçylyga çykdyk. Gökjede bir ýeri salgy berdiler...
Meretgeldi Goturlar diýdiler. Tanasaň, tanaýansyň.
172
- Ýok, ýok gelin, tanamok, bilemok. Seň o diýýäniň
soňky ösdürimlerdir. Men olary nirden tanaýyn? Bi
çaklarda atam öýüme gitýänmi men?
Enebaý kineli halda turup gaýtdy.
Ikindinara ol syrgynyň o çetine, dört-bäş ýyllykda
Gökjeden şu oba gelin bolup düşen Ogultäjiň ýanyna
gitdi.
- Meretgeldi goturlar-a men ýaman oňat tanaýan –
diýip, Ogultäç onuň göwnünden turaýjak jogaby berdi.
– Uly gyzy meň bilen ýaşyt. Bileje okadyk. Oba
arasyna çykardylar.
Şundan soň Enebaý dyzyny epdi, ornaşdy.
- Sen olaň ortanjy gyzynam tanaýaňmy?
- Waý, hawa tanaýan. Altyndyr-da.
- Hä, hawa, şo Altyn... Ärinden aýyrlyp gelipdir
diýip eşitdim.
- Öňräk ejemlere baramda menem eşitdim şony.
Aýrylyşypdyr diýdiler. Hä, näme Nagym üçin Altyny
sorap bardyňyzmy?
- Sorab-a baran zadymyz ýok entek. Ýone oňatja
ýer bolsa... Öňki gelnimizem beýle bolansoň, Nagym
janam müjerret ötmesin diýýän. Entek ýaş başy bar.
Çaga-çugasy ýök. Ähli görjegem öňünde. Maňa galsaha, asyllyja boý gyz gözlejek. Ýöne kakasy göwnänokda. “Oýunçy utulanyny bilse ýagşy” diýip otyr...
Ärinden aýyrlyp gelen agyzdan galan nahar ýaly bir zat
bolýa. Gül ýaly çagama agyzdan galan zady beresim
gelenok welin, nädeýin. Ady telpegagan-da. Olam,
näme, ozalebetde maňlaýynda bardyr.
Ogultäjiň ýanynda edip otran gürriňleriniň derdini
ýeňledäýmese, gudaçylyga nepiniň degmejekdigini
173
duýup, Enebaý dymdy. Eýse, ol bu ýere derdini
egismäge geldimi?
- Hawa-la, boljagydyr-la. Ýazgytdan çykyp bolmaz
– diýip, Ogultäç duýgudaşlyk bildirdi.
- Neme-le, keýgim, onsoň o Altyn çagalap-beýleki
eden däldir-ä?
- Waý, ýok-la, gyz. Çaga ýasara salym bolmasa
näme?! Äri bilen üç aýdan kän ýaşaşmady.
- Öňküsi bilen nämüçin aýrylyşdyka?
- Öňküsi tirýekimiş. Gutaran tirýekkeş diýdiler.
Altyn akyl edipdir, mahalynda gaýdypdyr. Gaýtmadyk
bolanlygynda bu wagt kim bilýä... Tirýekiň bir häsiýeti
bolýar. Neşesi ýetmän azarlap ugrasa, ilki bilen jyny
heleýine düşýär. Heleýiniň hemme zadyny satýar. Kä
bir tirýeki beýdenok. Tirýegi ýuwaş-ýuwaşdan heleýine
öwredýär...
- Tirýekiden bir daş edewersin-eý! – diýip, Enebaý
ýakasyny tutdy. – Öz oňuşygy nähilikä o gyzyň? Ýa äri
bilen deň sanaşyp otyrmyka?
- Altynmy, gyz, ony etjek?! Ýer ýaly ýuwaş
maşgala. Özem işe ökde. Esasanam geýim bejermäge
ökde.
- Gurply ýermi özleri?
- Gurpl-a diýip biljek däl. Ýöne oňat ýerler.
Ýamanlykda atlary çykanok. Özüni oňarýan ykjamja
hojalyk-da. Sen gurply ýeri näme etjek? Gurply ýeriň
çagasy tekepbir bor, kejir bor. Ynha, Meretgeldi
goturlar siziň öz deňiňiz. Barsaňyz, ine, ikielläp razy
bolarlar. Olaňam gözleýäni siz ýaly ýerler. Her kim öz
deňini tapmaly-da.
174
- Biziňem başga çykyp gören ýerimizem ýok. Ilk-ä
Dursun pahyryň ýylyny bereli diýip oturdyk. Soňam
hiç baş galdyrmadyk. Onsoň birki günlükde uly gyzym
gelip gitdi. Eltimiň jigisi diýdi, şuňňaly-şuňňaly bir
başy boş maşgala bar diýýä diýdi. Sizem beýdip
oturman, ugruna çykyň diýdi. Ugruna çykyşymyzam
şu. Kim bilýä, boljakmy, boljak dälmi?..
- Alla ugruna etse, asyl müşgüli bolmaz.
- Gadam janyňam deň-duşlary aýagaldygyna öýliişikli bolşup ýörler. Mundan soň onam gözli-başly
etmeli. Jemlenmeli. Oňatja maşgala tapmaly.
- Nika gyssan wagty hemmesem bor. Ana, gaýraky
Galkanyň ogly mekdebi gutaran dessine alyp gaçyp
öýlen-dä. Nikasy gyssaýa-da.
- Näbileli, jan dogan. Kyn günde galan-a bolduk.
Özi gowsuny etsin-dä.
- Galanynam özüňiz oýlanyp görüň. Başga-da
tanaýan kändir. Soraň, idäň. Şü mesele, gyz, ýaman
kyn özi. Gowy maşgala diýip salgy bereniňe-de kä
kişiň göwni ýetenok. Näbileli. “Kim gaýkyny, kim
küýküni” diýen ýaly.
- Hawa-la, ýene bir sorap idemesek bolmaz... Hany,
men kakasynyňam bir pikirini bileýin – diýip, Enebaý
turmak bilen boldy. – Ýöne, gyýw, “Oraz Ýyndamlar
ogluny ikinji gezek öýerjek bolýalar. Pylan ýere
barypdyrlar, pismidan edipdirler” diýip bir gürrüň
edäýmäň. Ýaňky aýdyşym ýaly, ýene bir sorapidemesek, entek neme zat ýok.
Ogultäç çala çytyljak ýaly etse-de, sypaýy gürledi:
- Ýok-la, gürrüň edip biz näme... Arkaýyn bol.
- Onda turdum men-ä.
175
Enebaý turdy. Bir zady unudan ýaly az salym
diňirgenip duransoň:
- Wi-iý, ýene bir zady soraýyn-la senden. Nememi
onsoň, ol öňki ärsumagy bilen arany doly açdymyka?
Höküwmetleşdilermikä? – diýdi.
- Hawa-la. Arany açandyr-la. Geçen tomusdan bäri
ejesiniň ýanynda diýdiler-dä. Şu çaka çenli näme etjek
bolsalar edendirler.
- Hä-ä, bolýa. Neme-dä, biz-ä ony göwneşip
dulumyza geçirsek, öňki ärem gelip, heleýimi beriň
diýip dyzap dursa, abraý däl-dä. Toba... Her zada
garaşaýmaly, gyz.
Enebaý gitdi.
Ogultäjiň ýüzüne dabara gatyşykly ajymtyk ýylgyryş
indi. Ähtimal, ol Heleýimi beriň!” diýip, arlap duran,
ýumrugy düwülgi, saçlary hüwjük neşebent oglany göz
öňüne getirendir.
2.
Bir gün öýlänler Omar gassaplara nätanyş aýal geldi.
Ol wagt Omar gassabyň özi-hä işde bolup, onuň aýaly
Towşan sekiniň üstünde oturyp, noýba sökýärdi.
Gysgajyk saglyk-amanlykdan soň nätanyş aýal
Towşandan:
- Omar gassaplarmy şü? – diýip sorady.
- Hawa.
- Senem Omar gassabyň aýalymy? Towşanmy sen?
- Hawa.
- He-e, dogry. Gökjede Aknur diýip aýal doganyňam
barmy?
176
- Hawa. Bar.
- Meni şol iberdi. Men Aknurlaň gaýraky goňşusy
bolýan. Aýnabat gelip gitdi diýseň hä-ä diýip
ýylgyraýar.
- Şeýlemi? Aknurlaram saglykmy? Oňatçylykmy? –
diýip, Towşan myhmana oturara ýer görkezdi. – Geçäý
bärik. Al, ine, şü çäýnekde-de demini alan ýahna çaý
bar.
Myhman sekä çykyp, görkezilen ýerde oturdy.
Çäýnegi, käsäni öňüne çekdi.
- Özüňizem oňatçylykmy? Iç-daş, oglan-uşak, malgara, hememsi abatmydyr?
- Şükür!
Towşan noýbaly jamyny bir gyra süýşürip,
myhmana mürähet etdi:
- Mürähed-ä däl, iýseň, gyzgynjak etli somsa bar.
- Bereket bersin, gyz, idäm zat alanok şu wagt.
Ynha, birki käse çaý içsem, turjak. Kiçiräk bir iş bilen
geldim-de...
Aýnabat çaý owurtlady. Towşan “O nä iş” diýen
manyda myhmana seretdi.
- Şul obadan ortanjy gyzymy sorap, sawçy barýan
bar.
- Kim ol?
- Oraz Ýyndamlar diýd-ä.
- Wi-iý, Ýyndamlar-a, ynha, şujagaz ýerde- diýip,
Towşan elini ilerligine salgady. – Gadam üçin
barýandyrlar?
- Ýok, Gadam kiçilerimiş. Nagym üçin barýarlar.
177
- Gyýw, Nagym öň nem-ä, öýlenen-ä. Telpegagana. Gelni birki ýyllykda ýogaldy – diýip, Ogulnur biraz
geňirgendi.
- Hawa, şeý diýdiler – diýip, Aýnabat uludan
demini aldy. – Biziňem o tulamyz boý gyz däl. Öten
tomus ärinden aýrylyp geldi.
- Wah-eý, şeýlemi? Ol-a bolmandyr. Soňky
döwürde aýrylyşyp gelýän ýaman köpeldi.
- Meň çagam hele-müçük zat üçin-ä turup gaýtjak
çaga däl. Ýöne bagty pes eken-dä.
- Öňki gudaň tanyş ýerimidi?
- Tanyş nämeişlesin? Halaşypmyşlar. Gatnaşyk
açaýsak diýip, ilki baranlarynd-a boş goýberdim. Hälihäzir gyz çykarmak pikirim ýok diýdim. Aý, ýetişen
gawuny tänderip goýbärler. Saklama diýdiler. Entek
başy ýaş diýdim. Soňky gezek baranlarynda-da gyzym
aýtdy, eje diýdi, şolaň saçagyny açaýsaň diýdi. Hany,
sorap-idäp göreýin diýdim. Görsem, ejesi-kakasy bir
oňat adamlar. Özem daban azabyny iýip ýören... Olaň
ogly bidöwlet eken. Neşekeş bolup çykdy. Bilmän,
allanäme gyzymyzy tirýekä berip oturyberen bolsak
nätjek?
- Tirýegem bir kesel boldy.
- Ine, bir gün azarlan wagty gelip, barmagyndaky
ýüzügini alyp gidipdir. Ýüzügi deger-degmeze satyp,
puluny haram keýpe berjek-dä ganym. Aý, uruşgykylyk bolmasa bolýa, diýip, ana, nebir gyzyl
ýüzügini berip goýberipdir. Ýer ýaly ýuwaş-da çagam.
Soňam günleri bir bolsa, uruşlary iki diýýä. Ilki ýüzünigözüni gögerdip, aglap gelende yzyna iberdim. Baran
ýeriň bile borlar, gyzym. Oňuşjak bol diýdim. Soky
178
gelende-de diýdim. Halaşypsyň, taň edipsiň. Beýdip ile
gep ýassygy bolup ýörme diýdim. Öldürseňizem şolara gitmen diýip otyr. Soň ejesi-kakasy töwella geldi.
Gyzym göwnemedi. Indi gitsem diri gelmen diýdi.
Ana, şondan bärem otyr. Indem, ynha, bylar at tezegini
gurutman, zygyr-zygyr gatnap durlar. Kakasyna sala
salsam, şul işe meni goşmaň diýýä. Gyzymam özüň bil
diýip otyr. Onsoň sorag-ideg bir edip göreýin diýip
çykyşym boldy.
Towşan özüne gezek etenini bilip:
- He-e, oňarypsyň – diýdi. – Guda bolup bilseňiz,
Oraz Ýyndamlaram, näme, adam çykmaýan ýerler-ä
däl. Ýaňky aýdyşyň ýaly, daban azabyny iýip ýörenler.
Kişä azarlary ýetenok. Azarlary ýetmeýşi ýaly, kişiň
azaryny-da çekenoklar. Özlerem galjaň. Tüweleme...
- Näçe çagalary bar?
- Çagalarymy? Bäş gyz, iki ogul welin, gyzlarynyňa birinden öňňesini çykardylar. Ogullarynyňam birini
öerdiler. Şol Nagymy. Oňkam bolmady. Sarygaýmak
ýaly, allanäme gelni bardy. Keselbendiräk eken-dä
pahyr.
- Şeý diýdiler... Hm, onsoň olaň oňşuklary neneň?
- Biz-ä, dogan, şolaň harçaňlaşyp duranyny
göremzok. Gördüm diýene-de gabat gelemzok.
Elbetde, hojalykdyr. Ownuk-uşak goh-dawa bolman
durmaz welin...
- Hawa-la, hawa-la, şeýledir. Hm... Näme kär edýär
onsoň ol?
- Nagymmy? Be-e, Nagymyň näme kär edýänin-ä
biljek däl. Şähere gatnab-a işleýä şol. Tirýekpirýekdenem arassa. Tirýek edýän bolsa Gulmyradyň
179
ogly bilen tirkeşerdi. Biz-ä toýda-ýasda şol ikisiniň bir
ýerde duranyny göremzok. Dogrusy, çilimden başga
näme neşesiniň bardygyny bilemzok.
- Öňküsi bilen nähilidi, ol ýogalan pahyr bilen?
- Edil bal bilen ýag ýalydy. O pahyry yzyna düşürip,
telim sapar tebibe-de gatnady. Çykdajy baryny edip,
güýçli-güýçli dogtorlara-da görkezdi. Aýalyny
äsgermeýän biweç bolsa şu zatlary etmezdi.
- Etmezdi – diýip, Aýnabat tassyk etdi. Biraz
dymyp, uludan demini aldy.
- Häk, şu gyzymyň bagty pes eken-dä. Ýogsam,
düşbüje, meniklije çaga welin... Adama iki barmak
maňlaý gerek ekeni – diýip zeýrendi.
Towşan göwünlik berdi:
- Darykma, dogan, giň bol – diýdi. – “Öňüm
gelenden soňum gelsin” diýipdirler. Ynha, maňlaýy
işläp, bagty açylsa, iki günden döwletli hojalygyň
keýwanysy bolar oturybiýr.
- Belki, jan Allam! Agzyňdan Hudaý eşitsin-dä...
Onsoň nememi, bylaň bizden öňem baran ýeri barmy
ýa birinji barany bizmi?
- Şon-a açyk bilmedim welin, birinji baran ýeri siz
bolaýmasaňyz. Sebäbi gelinleriniň ýylyny berenlerine
iki aýam bolanok. Ýylyny bermänem olar nirä çyksyn?
- Hawa, özlerem şeý diýdiler. Hm.. Şu gyzymyzy bir
sag-aman oňatja ýere ýerleşdirsek! Kyn bolýa ýogsam.
Amanat mal saklap ýören ýaly.
- Dogrydyr. Kyndyr.
- Çaky, seň pikiriňçe, şo gyzymyzy şu Oraz
Ýyndamlara beräýsek boljak-da?
- Hawa-la, bolar-la. Näme bolman?!
180
- Bularam sygdyrmasa, o-da aglap-eňräp, ýene öýe
barybers-ä ýaman keçje bor, ä? Ýa alyşar gidermi? –
diýip, Aýnabat gyzynyň indiki ykbaly Towşana bagly
ýaly äheňde sorady.
Towşanam hamana ähli jogapkärçilik öz boýnuna
düşüp barýan ýaly, juda seresap jogap berdi:
- Alyşar gider-le. Biri-birini sylasalar, düşünişseler...
Belki, aglap-eňremeli etmesin-dä!
Aýnabat:
- Heýlemi – diýip dymdy. “Ýene nämeleri
sorajakdym-a men” diýýän ýaly bir zatlary ýadyna
salýan görnüşde oýa batdy. Towşanam oýa batdy. Ol
entek başa barjagy ýa barmajagy näbelli gudaçylygyň
soňunyň iki tarap üçinem oňuna çözüljekdigine, tüýs
jüpüne düşjekdigine delil agtarýana meňzeýärdi.
3.
Bir gün giç agşam il ýatansoň, Nagym Altyna garap:
- Eý – diýdi. Altyn oňa hä berdi.
- Ukaldyňmy?
- Hümm.
- Meň-ä ukym tutanok. Nämedenkä?
- Gündiz kän ýatdyň-da. Şondandyr – diýip, Altyn
uky gatyşykly ses bilen jogap berdi.
Eýlesine-beýlesine düňderilip uklabilmänsoň Nagym
ýene Altyna habar gatdy:
- Senem ukyňdan açylsana, eý! Gürleşip ýataly-la!
Altyn eýýäm ukydan açylypdy.
- Näme hakda gürleşjek? – diýip ol sorady.
- Öňki äriň hakynda gürrüň beräý.
181
Altyn:
- Nämesini gürrüň bereýin – diýdi. Soň seresaply
gürläp, sözüniň üstüni ýetirdi. – Şoň gürrüňini goýalyla, Nagym! Meň-ä şony ýatdan çykarasym gelýä...
Başga bir şolar ýaly agşam Altyn Nagymdan sorady:
- Nagym, öňki aýalyňy gowy görýämidiň?
- Ony nämeden soraýaň? – diýip, Nagym
garşylyklaýyn sorag berdi.
- Aý, hiç.
Ýene biraz, Altyn:
- Nagym! – diýdi.
- Näme?
- Nagym! Öňki aýalyň barada gürrüň bersene!
Nagym näme diýjegini bilmän, haňk-huňk etdi:
- Aý, bor-la. Ýataly-la... Bireýýäm ýogalyp giden
adam... Nämesini gürrüň berjek?! Meň-ä ýaman ukym
gelýär...
Şeýdip, täze durmuş başlandy.
Sentýabr, 1998. Mary.
ÇYDAMYŇ ÇÄGI GOLAÝDA
Hekaýa
Eňki gaçyp, çym-gyzyl bolan Gün obaň o çetinde
ýaşaýan dükançy Alty gyşyklaň içi şulhaly kepbesiniň
üstünde asyl-asyl bolup, bir sellem durdy. Soň horaz
182
ähliniň sesine suw sepip, derýaň tirsek berýän ýerine
çümüp gitdi.
Işden gelşine öýe-de girmän, köneje ýük
maşynynyň eýlesine-beýlesine seredişdirip çykan
Annam ernine bir çilim gysdyryp, jalbarynam dyzyna
çenli çermäp, eline-de iki sany düýbi deşilen ýemşikýumşuk bedre alyp, aýagyny ýalaňaçlady. Akar
salmadan suw çekip, töweregi çyglady.
- Aljag-a bi yssy, edil tamdyryň içi ýaly.
Öwüsmezmikä, how, bir zat?!
Şeker gelin her ýerräginden-her ýerräginden syrçasy
uçan, uly, sary çanagyň içine garpyz-u-gawun
paçaklaryny dogrady. Oňa saman gardy. Üstüne bir
goşawuç un sepeledi. Soň sygrynyň öňünde goýdy.
- Waý-waý, aňkam aşan ýaly, towuklaň
ýumurtgasyny alman gaýdyberipdirin – diýibem
ilerligine haýdady.
Öýüň iki ýarym ýaşly öresi Jemşit agaç tapçanyň
üstünde üst-başyny şireläp, injir mürepbesini ýalap
otyr.
Annam ýuwunýança Şekir gelin çybyndan
goranmak üçin, zibil atylýan köne legende guran sygyr
tezeklerinden tüsse etdi.
Soň tapçana geçildi. Täze etden atarylan nohutlynoýbaly nahar iýildi. Çaý içildi. Annam-a ala burugsy
bolup, çilim çekdi. Şeker gelinem el işine güýmendi.
- Towuklaň-a ýene biri kürk boldy.
- Beh! Tüweleme! Basyrdyňmy?
- Hawwa.
- Näçe ýumurtga goýduň?
- Ýedi.
183
- Ýaman az-la?
- Az dagyn däl. Şony basybilse-de, kaýyl men-ä.
Ýumruk ýaly ütülen towuk...
Jemşit ejesine gysylyp, yňňyl-çyňňyl edip ugrady.
- Näm bolýa, how, saňa? – diýip, Annam gözünigaşyny çytdy.
Jemşit kakasyna mölerilip bakdy.
- Näm bolýa diýýän, how, saňa, izzik?!
Jemşit dodaklaryny kemşertdi. Birdenem ýaryldy.
Aglady.
- Degmäň meň ogluma! Häk, kakasy sen-ä... Goý,
oglum, sesiňi goý, hany! Häzir kakaňy äh ederis –
diýip, Şeker gelin ogluny göterip, alyp gitdi. Biraz
eglenip, içki jaýda ýatyryp geldi.
- Nabadyň oglunam-a sorap gelmeli.
- Hä, oňa näm bolupdyr?
- Körçege diýdiler-ä.
- Beh, haçan bolup ýör-aý ol?
- Düýn günortan alyp gidipdirler.
- Eşitmändiris-aý.
- Maňa-da Meňli aýtdy häli.
- Operassiýa edipmidirler?
- Hawwa.
- Gowy geçipmi?
- Erbet däl ýaly öz-a.
- Oňatja geçen bolsa, bolýa-la.
- Sorap gelmeseg-ä bolmaz şonda-da. Öten ýyl sen
balnysa gireňde iki gezek sorap gaýdandyrlar, ýadyňda
bolsa. Nabadam barypdy. Mürze-de.
- Men körçege bolamok, how, onda. Awariýa.
- Balnys balnys bor-da, gyz. Näm bolanda nä?!
184
- Operassasy oňatja geçen bolsa boldu-da.
- Şonda-da... Ertir dagyn sypynyp bileňokmy?
- Bilmedim-ow, şony. Hany, ertire bir çykyp göreli.
Men-ä ýadawam. Ýataýmasam. Gözüm bürlüp barýa. –
Şeý diýip, Annam agzyny giňden açyp, pallady.
Şeker
gelin
tapçanyň
üstündäki
zatlary
ýygnaşdyrmaga durdy.
Annam aýak ýoluna gitdi.
Soň içki jaýda, Jemşidiň ýatan otagynda düşek
ýazyldy. Äpişgeler açyldy. Çyra öçürildi.
- Bäriňe öwrülip ýatsana – diýip, Şeker gelin
eýýämhaçan düňderilip, uka çümen Annama
oýkanmaga başlady.
- Azar bermesene, how şuwat.
- Saňa nä azar berýän bam-aý?
- Şu bolup ýatyşyň nä azar berdigiň dämi?!
- Gyýw, men-ä saňa bäriňe öwrülip ýat diýýän.
- Öwrüljekgä, how, isleýşim ýaly ýatjak – diýip,
Annam gaýra-gaýra süýşdi.
Şeker gelinem tersine düňderilip:
- Äý, nätseň, şeýtsene – diýdi.
Açyk penjireden dury asman görünýär. Ýyldyzlar
gözüňe dürtülip dur. Aýam şäher köçeleriniň
ýakasyndaky çyralar ýaly. Şöhlesi ýiti. Öýüň içem
ýagty. Edil gündizlikdäki ýaly bolmasa-da, garaz,
ýagty.
Annamyň-a uklamasy aňsat. Başyny ýassyga
goýup, gözüni ýumsa bes, derrew uklaýar.
Şeker gelniňki kyn. Itler sesini sem edýänçä ukusy
tutanok. Esli mahal gözüni açyp, oýa ýatýar. Şonda-da
185
şu öýde ilki gözüni owkalaýan Şeker gelin. Annamyň
käte-käte ir bilen çaý başynda oňa:
- Sen-ä agşam ýatmadyňam öýdän – diýmesi-de şoň
üçin.
Şu gije ol Annamy ýatmaga goýjak däl. Eli bilen
boýnunyň ýüzlerini, döşlerini sypalaşdyryberse, nädip
ýatsyn?!
- Aýyr, how, eliňi. Nädýäň-aý?! Ýatmag-a bir goýa! Men-ä ýadaw. Ukym gelip ölüp barýan.
- Ýadaw bormuň?!
- Aýryl!
- Meni gowy göreňok. Şoň üçin şeýdýäň. Bilýän.
- Äý, daşarda ýataýyn-la, gowusy. Ýogsam,
ýatyrmaýaň sen.
Annam dikelip, ýassygyny goltugyna aldy. Şeker
gelinem şeýtdi.
- Menem.
- Näme?
- Daşarda ýatjak.
- Bar, ýatyber.
- Sen ýatsaň, ýatjak.
- Ýatmarsyň.
- Onda senem bärde ýat.
- Onda senem azar berme maňa.
- Saňa azar berýän ýok, jan dogan!
- Gürrüň gutardy. Ýatana ýylanam degmändir.
- Şüýem özüne erkek diýip ýör-dä.
Şeý diýip, Şeker gelin uludan demini aldy.
- Hany, hüňürdemän ýat, how. Däli ýaly ýeke özüň
samyrdap... Ýogsam tapçana geçerin – diýip, Annam
aňyrsyna öwrülip ýatyşyna haýbat atdy.
186
Gezek dymyşlyga ýetdi.
Annam uka gitdi. Düýşünde ol täzeje ýük maşynyny
sürýän bolsa-da, ahmal.
Şeker gelin bir eýlesine, birem beýlesine agdarylypdüňderilip ýatyşyna wagty bilen uklabilmedi. Ýerinden
turup, ýüň ýorgan bilen Jemşidiň üstüni basyrdy. Ýene
ýerine geçdi. Äriniňem üstüne ýorgan çekdi. Penjireden
görünýän ýyldyzlaryň hememsini sanap çykdy. Bir
zatlaryň pikirini etdi. Onuň pikirleri assa-ýuwaş düýşe
ýazdy. Nämäniň pikiridigini, nämäniňem düýşdigini
teý saýgarar ýaly bolmady. Şeker gelin ony
saýgarjagam bolmaýardy. Ol ukudady.
Aý diýeniňem hemişe bir duran ýerinde durmaýar.
Ol eýýäm süýnüp-sarkyp, obaň o çetinde ýaşaýan
dükançy Alty gyşyklaň içi şulhaly kepbesine tarap
süýşüp barýar. Onuň ol ýerde ýüpden asylan ýaly,
sallam-sajak bolup durjakdygy hakykat. Ir-u-giç derýaň
tirsek berýän ýerine çümüp horaz ählini örüzjekdigi
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Derdeser - 9
  • Büleklär
  • Derdeser - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3738
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2080
    30.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Derdeser - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3834
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2023
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Derdeser - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3827
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1892
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Derdeser - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3732
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2128
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Derdeser - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3833
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2047
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Derdeser - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3831
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2121
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Derdeser - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3771
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2083
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Derdeser - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 3835
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2144
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Derdeser - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 2672
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1628
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.