Latin

Ýalňyz durna - 1

Total number of words is 3447
Total number of unique words is 1867
32.9 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
OGULBIKE
Niýetine görä ykbal bolmady.
Magtymguly
ÝALŇYZ DURNA
Aşgabat
TDKP - 2015
UOK
894.361

A49
Ogulbike. Ýalňyz durna. Goşgular
Ogulbike biziň edibiýatymyzda Watan ykbaly bilen
ykbaly bap gelýän, öz döwründe ondaky durmuş barada
batyrgaý, şahyrana pikir ýöredip bilen, otlukly ykbal
goşgularyny ýazan şahyr bolupdyr.
Ýurt garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň onuň
hem goşgulary metbugatda peýda bolup ugrady. Onuň
goşgularynyň gazetlerde çap bolmagy okyjylarda uly
gyzyklanma döretdi.
Ogulbikäniň okyjylar tarapyndan gowy görülen
«Täleý şapagy» atly goşgular ýygyndysy 2005-nji
ýylda çap edildi. Şeýle-de soňky ýyllarda şahyr gelniň
şygyrlaryndan birnäçesi, rus, gazak, belorus dillerine
hem geçirildi.
Ogulbikäniň bu ýygyndysyna onuň ozalky ýygyndysyna giren goşgulary bilen bir hatarda heniz çap
edilmedik goşgularynyňam ençemesi girizilip, kitabyň
üsti ýetirildi. Ogulbikäniň ykbal goşgulary halkymyzyň
unutmaly däl taryhynyň sahypalaryndan ybarat.
Döwrüniň hakyny sesi bolmagy başaryp, öz agysyna goşup il agysyny aglan zehinli, watançy, geliniň
ýürekden syzylan şygyrlarynyň hem ýene-de okyjylarda
ýürekdeşlik tapjagyna ynanýarys.
TDKP 29
KBK 84 Tür 7
Ogulbike. Ýalňyz durna
OGULBIKE MUGALLYMYŇ GOŞGULARY
Ogulbike geçen asyryň ýigriminji ýylynda
Tagtabazaryň Söýnaly obasynda gurply hojalyklaryň
biri bolan Kymyş duzçynyň uly ogly Orazgeldiniň
maşgalasynda dünýä inipdir. Ol doglanda öňem öýde bir
gyz çaga bolany üçin, maşgala ogul küýseginde ekeni,
şonuň üçinem bu doglan gyzjagazyň soňra dünýä injek
ogul doganlarynyň bikesi bolmagyny arzuwlap, oňa
Ogulbike diýip at goýupdyrlar. Şundan soň bir döwürde
Kymyşlarda hut arzuw-dileg edilişi ýaly hem bolupdyr.
Ogulbikäniň Allanazar, Rahmannazar, Rahmanguly
atly oglan jigileri dünýä inipdir. Ogulbike şeýdibem,
hakykatdanam, ogullaryň bikesine — mähriban dogana
öwrülipdir.
Haçanda 1932-nji ýylda Ogulbikeleriň maşgalasy
agasynyň-(kakasynyň dogany) Orazgylyjyň maşgalasy
bilen bilelikde kulakçylyga çekilip, sürgüne ugradylan
mahaly ol gulpagyny tasadyp, jigileri bilen hezil edip
basalaşyp oýnap ýören 12 ýaşly garagol gyzjagaz ekeni.
Ogulbikäniň 80 ýaşdan geçen atasy Kymyş baýa we
onuň aýaly Jemal mama bir sebäp bilen ogullarynyň
iberilen ol sürgüninden galmaga mümkinçilik bolupdyr.
Kymyşyň uly ogly Orazgeldi şundan soň ýetişip gelýän
ejiz maşgalalaryny ýat illere, näbelli garaňky ykbala özi
bilen äkitmegi kyn görüp: «Näme bolsak ol ýerde biz
bolaly, ýanymyzda gidýänler erkek oglanjyklardyr, olar
depeşekde ilden kem oturmazlar» diýip, Ogulbikäni uly
aýal dogany bilen, «Size-de gyzlar kömek bor» — diýip,
garrylaryň ýanynda galdyrypdyrlar.
Ogulbikä bu sütem juda agyr degipdir. Özi munda
4
Ogulbike. Ýalňyz durna
galsa-da, onuň kalby sowuk gazak Sibirinden baryp çykan
mähriban ejesidir kakasynyň, biri-birinden mähriban
doganlarynyň arasynda bolup, olary ýat edip, aglapýanyp gezipdir.
Men bir günde ýetim galdym,
Döküldi doly tabagym.
Akgam gitdi, enem gitdi...
Men aglaman kim aglasyn?
Sürüp gitdi OGPU,
«Sürgün» diýip öňe salyp.
Alajyň ýok, aglap galdyk,
Yzlarynda oba bolup.
Ogulbikäniň kalbynyň bu derdi soňra onuň ýanypýanyp, aýdan goşgy setirlerine siňipdir.
Ykbal Kymyş baýyň oglanlarynyň birini Özbegistanyň
Syrderýa sürgünçiliginden çykarsa, ýene birini eltip
Gazagystanyň Akmolla oblastyndan çykarypdyr.
Ogulbike soňra Akmolla sürgüninden hat gelenini
ýatlap özüniň: «Akmolladan hat gelipdir» diýen şygryny
döredipdir.
Gözüň aýdyň, buşluk «Gaplaň»,
Akmolladan hat gelipdir!
Magsut akga, Bally akga,
Size salam köp gelipdir.
Bolşewikler Kymyş baýyň öýüniň ýüregini sogrup
äkitseler-de, ýene-de, barybir, bu ýerde olaryň galan5
Ogulbike. Ýalňyz durna
laryny hasaba alyp yzarlap, asla ýazylganlyk bermändir.
Birde olar Kymyş baýyň agtyjyklaryny «Gulak guýrugy»
diýip mekdepden kowsalar, birde olaryň maşgalasynyň
bolşewigiň ynamyndaky maşgalalaryň arasynda ýoklugyny mälim edip kemsidipdirler. Şol günlerde serhet
otrýadynyň başlygy Mamlyn hem wagtal-wagtal gelip:
«Kymyş baý, sen gizlin Owgana gaçmakçy bolýarmyşyň!»
diýip yrsarap, oňa sürner ekeni. Bu dertler soňra
Ogulbikäniň «Komsomola almadylar», «Ýer ýuwutsyn
Mamlyny» diýen ýaly ençeme goşgularynyň döremegine
sebäp bolupdyr.
Uruş başlanan ýyly Ogulbike Agaberdi atly bir
obadaş ýigidine durmuşa çykýar. Göräýmäge, durmuşam
soňra gowulanyp, hiç neneňsi bolmaýjaga meňzeýär.
Ýöne tizden ykbal ýene küle oturýar. Iki aý ýaşaşypýaşaşmankalar, Agaberdini hem urşa alýarlar.
Bu döwür hem Ogulbikäniň döredijiliginde çuň yz
galdyrypdyr.
Tizden Ogulbikäniň zehinini, şeýle hem onuň Watan
goragyndaky esgeriň ýanýoldaşylygyny göz öňünde tutup, mekdebe mugallym edip işe alýarlar. Ol bu pursatdan
peýdalanyp, Marynyň 2-nji ýörite mugallymçylyk mekdebini hem gaýybana tamamlaýar. Urşuň gazaply gidip
duran günlerinde Ogulbike eýýäm obada «men» diýen
mugallymlaryň birisi ekeni. Okuwçylary häli-häzirem
«Ogulbike mugallymyň ýürek bilen janygyp sapak
düşündirişi heniz-henizlerem gulagymyzdan gidenok»
diýşip, ony ýatlaýarlar.
Ol günler ýeňşi küýsemeýän barmydy näme?! Şol
ýeňşi halys ýürekden küýseýänleriň biri, şundan soň
dünýäniň has gowy boljagyna ynanýanlaryňam birisi
6
Ogulbike. Ýalňyz durna
ýene-de Ogulbike ekeni. Ol şol döwürde ýeňiş üçin elinde
baryny edip kömek beren aýal-gyzlaryň biri bolupdyr.
Taryhçy alym G. Berdiýew 1986-njy ýylda neşir edilen «Tagtabazar raýonynyň Kirow adyndaky kolhozynyň
taryhy» diýen kitabynyň 59-njy sahypasynda «Gyzyl
Goşun» kolhozynyň uruş döwründe «Kömek fonduna»
öz buýsanyp dakynan bezeg şaýlaryny tabşyrmakda has
tapawutlanan aýal-gyzlarynyň arasynda Ogulbikäniň
(Ogulbike Allaberdiýewanyň) hem 3 kg kümüş şaý sepini tabşyrandygyny belläpdir. Ogulbike şahsy görelde
görkezmek bilen birlikde, şol ýyllarda aýal-gyzlaryň arasynda ýeňşi arzuwlap, düşündiriş işlerini hem alyp baran
gelinleriň biri bolupdyr. Kiçijik obanyň aýal-gyzlarynyň
şol ýyllarda «Kömek fonduna» 87,5 kg öz altyn-kümşüni
tabşyrmagy, soňra Moskwanyň dünýäniň öňünde öz
halkynyň aňrybaş janköýerligi hökmünde baýrynmagyna
esas bolupdyr.
M.I.Kalinin «Gyzyl Goşunlaryň» bu hyzmatyny,
Beýik ýeňiş bilen bagly dabarada eden çykyşynda «Gyzyl
Goşun» kolhozynyň aýal-gyzlary uly watançylyk nusgasyny görkezdi» diýip muny mertebeläpdi.
Ogulbikäniň ykbalynyň ýene-de bir bölejigi Türkmen
kinoçylarynyň şol döwürde Urşa kömek berlişi barada
alan dokumental hroniki kinosynda saklanyp galypdyr.
... Ine, onda bäş-alty adam «Urşa kömek» kabul
edilýän ýerde dur. Olaryň orta gürpünde duran, başy
ak ýaglyk atynjaly gelin bolsa şu gürrüňini edilýän şol
Ogulbikämizdir.
Şeýdibem uruş ýyllarynda söwer ýaryny urşa ugradyp, oňa telwas edip garaşan türkmen gelinleriniň biri-de
Ogulbike bolupdyr.
7
Ogulbike. Ýalňyz durna
...1943 ýylda, Mary welaýatynyň zähmetkeşleri
söweşýän goşun üçin toplan öz zatlaryny bir eşelon edip,
urşa ugradýar. Şonda bu sowgatlary uruşyjylara ýetirmek üçin, ýüküň ýany bilen, ol ýere özleriniň önjeýli
kömegi bilen tanalan kolhozlaryň adamlarynyň, welaýat,
hökümet ýolbaşçylarynyň hem bir näçesi gidýär.
Uruş meýdanyna baryp şol ýerde söweşijilere sowgat gowşurmaga mynasyp adamlaryň biride, «GyzylGoşunly» mugallym gelin Ogulbike bolýar.
Uruşda haçanda türkmenler Sowet Soýuzynyň
Marşaly Rokossowskä sowgat gowşuranda bir ýagdaý
bolýar. Ol sowgat ertenleriň hersi bilen gyzyklanýar,
haçanda Ogulbike bilen gürleşende Marşala häzirki
wagtda onuň adamsynyň söweşýän goşundadygy belli
boldy. Ogulbikäniň oňa ýaryndan alan iň soňky hatyny
görkezmegi bolsa esgeriň hut Marşalyň özüne degişli
goşun bölümleriniň birinin esgeridigini anyk edýär.
Bu waka Marşala diýseň güýçli täsir edipdir. Hatdaky
belgi hem öz goşun bölümine degişli bolansoň ol: «Gelni
adamsy bilen duşyryň!» diýipdir.
Ogulbikäni şol gün Tagtabazar raýkomynyň başlygy
Gulsarýow bilen, bir maşyna mündürip, söweş ýoly
bilen, Agaberdiniň duşman bilen söweşip ýören ýerine
urşuň jümmüşine äkidýärler. Kynçylykly ýerlerden bir
güne golaý ýol ýöräp olar ahyr şol diwiziýanyň ştabyna
ýetipdirler. Barsalar Agaberdi dagyň bölümi bu ýerden
has öňe giden eken. Şeýdibem gazaply uruş gidip duran
ýerine barmagyň mümkin däldigi belli bolupdyr.
Şonda diwiziýaň ştapdaky komandirleri Marşalyň
buýrugyny mümkin boldugyndan özleriçe başgaça ýerine
ýetirmeli bolupdyrlar. Olar Ogulbike bilen Agaberdini bir
8
Ogulbike. Ýalňyz durna
ýoluny tapyp telefonda gepleşdirýärler.
Agaberdi Ogulbikäň sesini eşidenine diýseň haýran
galýar, hem: «Sen näme işläp ýörsüň bu ýerde, ok ýagyp
dur...» -diýip, aladalanypdyr...
Ogulbike ýary bilen ýeňişden soň duşuşmagy arzuw
edişip hoşlaşýar.
Şahyr gelin ol ýerden gelensoň «Sizi soraglap atly
goşgusyny döredipdir.
Bir giden ýollary öňmüze salyp,
Ýanymyza köp-köp sowgatlar alyp,
Bir toplum watandaş adamlar bolup,
Biz urşa ugradyk sizi soraglap.
Telim hepde geçdi ugranmyz bäri,
Indi howadanam aňkap dur däri,
Ahyrzaman eken görsek bu ýeri,
Biz uruşa ýetdik sizi soraglap.
Ogulbike urşuň törüni gördüm,
Ganyny, sowguny-baryny gördüm,
Dogup gelýän ýeňşiň nuryny gördüm,
Mundan uruşa baryp sizi soraglap.
Emma şondan iki-üç aý geçensoň, ol: «Siziň
ýoldaşyňyz söweş meýdanynda gahrymanlarça wepat
boldy» diýen haty alýar.
Şahsy şowsuzlyklar, agyr-agyr ýitgiler soňam
Ogulbikäniň ömrüniň ahyryna çenli dowam edipdir.
Bolşewikler Kymyş baýyň ikinji ogly Orazgylyjy
Daşkentde, halk köpçüligini eziji synpyň wekili hök9
Ogulbike. Ýalňyz durna
münde köp görgüler görkezip, urup öldüripdirler.
Orazgylyç neressäniň şonda bary-ýogy 38 ýaşy bar ekeni.
Ogulbikäniň ýanýoldaşy Agaberdi gazaply söweşleriň
birinde wepat bolupdyr. Onuň mähriban ejesidir kakasyda, iki oglan jigisi-de ýat illerde hemişelik galypdyr. Şol
ýyllarda, ahyr ýaşynda görer ýaly görgini görüp, Kymyş
baýyň özi hem gaýgy hasrata gap bolup, togsan ýaşyň
içinde dünýäden ötüpdir.
Ogulbike öz goşgularynda bular barada jibrinipjibrinip ýazypdyr.
1947-nji ýylda Ogulbikäniň üstüne gowulyk
Kuýaşynyň bir bölejigi düşüpdir. Onuň özünden kiçi
dogany Allanazar, aýaly bilen, sürgüne gidilende 6 aýlyk
bäbek bolan jigisi Rahmangulydyr şol ýerde doglan dogany Ogulbibi bilen 4 bolup ýat illerde dört tümmeklerini
galdyryp, 16 ýyldan soň Gazagystan sürgüninden gaýdyp
gelipdirler. Doganlarynyň direnişip gelip, öz ojaklaryna
eýe bolanyny gören Ogulbikäniň muňa buýsanjynyň
çägi bolmandyr. Emma Ogulbike pahyra özüniň şujagaz
bagtyna-da ýene-de uzagyndan guwanmak miýesser etmändir. Ol 1949-njy ýylda 29 ýaşynyň içinde agyr derde
ýolugyp, dünýä bilen hemişelik hoşlaşypdyr.
Ogulbikäniň gelnejesi Amangül eje: "Ogulbikäniň
goşgy diline geler durardy, ol öz doganynyň ogluny
söýüp, ony goşgulap hüwdülärdi" diýip gürrüň bererdi.
Ýöne, nämüçindir, onuň goşgulary şol ýyllarda
döwürleýin metbugatda çap edilmändir. Galybersede, ol goşgular barada bilýän adamlaram şeýle bir köp
däl ekeni. Diňe bize özüne Ogulbikäni mugallymçylyk
kärinde halypasy hasap edýän, onuň bilen köp tirkeşen
Tagtabazaryň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Aman10
Ogulbike. Ýalňyz durna
gül Gurdowadan onuň bir depder goşgusyny tapyp almak
başartdy. Haçanda Ogulbikäniň goşgulary bilen tanşan
mahalymyz bize diňe şonda näme üçindir goşgularyň
kämil bolmagyna garamazdan, şol döwür metbugatda
görünmezliginiň sebäbi hem anyk boldy. Sowet döwründe
ol goşgulary köpüsini çap etmeg-ä däl, eýsem, ýazypýygşyryp okamak hem hatarly ekeni. Ogulbikäniň
goşgulary onuň şahsy hasratynyň miwesi bolmak bilen,
öz döwrüniň many-mazmunyny, pygyl-pikirini hem örän
aýdyň-anyk görkezýän eserler ekeni. Elbetde, bolşewigiň
şol wagtlar beýle ýangynly goşgulary çap etmeg-ä däl,
hatda barlygyny bilmegi hem örän howply bolupdyr.
Ogulbikäniň goşgularyny diňe häzir — Türkmen topragy
öz garaşsyzlygyny alyp özbaşdak döwlet bolansoň ýatlamaga mümkinçilik döredi.
Onuň goşgulary metbugatda çap edildi. 2005-nji
ýylda onuň «Täleý şapagy» ady bilen goşgular ýygyndyçy
neşir edildi.
Şahyr gelniň goşgulary bu gün bolşewik zulmunyň
hem il-ýurt üçin ýeňil-ýelpaý bela bolmandygyny öz
mysalynda görkezip, okyjylary alnymyzdan Gün bolup
dogan bu Beýik Garaşsyz, Galkynyşlar eýýamyň gadyryny bilmäge çagyrýar.
Biz şahyr gelin Ogulbike Orazgeldiýewanyň şol
galdyryp giden goşgularyny toplap, olara kem-käs,
düşündirişler berip, okyjylara hödürlemegi makul bildik.
Çapa taýynlan Agageldi Allanazarow.
Ýazyjy. 2005ý.
11
Ogulbike. Ýalňyz durna
MEN BIR GÜNDE ÝETIM GALDYM
Men bir günde ýetim galdym,
Döküldi doly tabagym.
Akgam gitdi, enem gitdi,
Men aglaman kim aglasyn?
Allanazar — bal doganmy,
Rahmanguly janamyzy,
Aganazar, Rahmannazar,
Görmek barmy ýene sizi?
Sürüp gitdi OGPU,
«Sürgün» diýip, öňne salyp.
Alajyň ýok, aglap galdyk,
Yzlarynda oba bolup.
Orazgylyç akgamlaram
Şol gidenleň biri boldy.
Segsen ýaşly garry atam,
Ahyr ýaşda hakyn aldy.
Üç araba gapgardylar
Gully emin neberesin.
Nätsin, bende, gidiberdi,
Çykaryp bir görsün sesin!
13
Ogulbike. Ýalňyz durna
Olar hatar arabada
Gitdi yzyn garaý-garaý.
OGPU ýagy bolsa,
Bolmaz eken onsoň haraý.
Meniň şeýdip ýeke günde,
Täleými ters öwürdiler.
Ogulbikäniň on iki ýaşda,
Şeýdip, bagryn sogurdylar.
14
Ogulbike. Ýalňyz durna
JANA, DOGAN
Doganlarymyz, siz gitdiňiz,
Galdym munda bagry-girýan.
Göreslerim gelip sizi,
Men örtenip ölüp barýan.
Baş doganym Allanazar,
Rahmannazar — jana dogan.
Rahmanguly, Aganazar,
Muramasyn size degen.
Garry babam, mamam bilen,
Biz gugaryp galdyk munda.
Akjagülem sizi küýsäp,
Gözýaş dökýär indi günde.
Baş doganym Allanazar,
Rahmannazar — jana dogan.
Rahmanguly, Aganazar,
Muramasyn size degen.
Mahal-mahal başym alyp,
Sizi gözläp gitsem diýýän.
Siziň münen otlyňyzy,
Kowalaplar ýetsem diýýän.
Baş doganym Allanazar,
Rahmannazar — jana dogan.
Rahmanguly, Aganazar,
Muramasyn size degen.
15
Ogulbike. Ýalňyz durna
Wah, ýogsam, men düşünonam,
Gazak barmy bäri bärde ...
Gelmeseňiz ynjalmaryn,
Öläýsemem, gara görde.
Baş doganym Allanazar,
Rahmannazar — jana dogan.
Rahmanguly, Aganazar,
Muramasyn size degen.
Ogulbikäň derdi köpdür,
Manysy ýok sizsiz ömrüň.
Doganlarym, gelseňiz-le,
Ýigit çykyp-gylyç gemren.
Baş doganym Allanazar,
Rahmannazar — jana dogan.
Rahmanguly, Aganazar,
Muramasyn size degen.
16
Ogulbike. Ýalňyz durna
AKMOLLADAN HAT GELIPDIR
Gözüň aýdyň, buşluk, «Gaplaň!»1
Akmolladan hat gelipdir.
Magsut akga, Bally akga ...
Size salam köp gelipdir.
Mamama-da, babama-da,
Okap berdim ony telim.
Akjagülem köp okady,
Ony eşdip gelen bilen.
Begenjime ylgap ýörün,
Indem daýymlara barjak.
Akmolladan gelen haty,
Olara-da okap berjek.
Baý, begener Seýit daýym,
Hommat daýym,.. asla bary.
Haty diňläp begenjegiň
Gurt ýalakdyr ýene biri.
Akmolladan gelen ol hat,
«Bäşbelany»2 silkindirdi.
Enem janyň mähri bolup,
Akgam janyň pähmi bolup,
Ýene bizi galkyndyrdy.
Ýazyp duruň, mähribanlam,
Artdyryň siz hatlaň sanyn.
Geregi siz, melhemi siz,
Ýarasyna Ogulbikäniň.
_____________________________________________
1
«Gaplaň» — taýpa ady
«Bäşbela» — topar-taýpa ady
2
17
Ogulbike. Ýalňyz durna
KOMSOMOLA ALMADYLAR
Komsomola almadylar,
«Ataň-babaň gulak» diýip1.
Ýygnakdanam çykardylar,
«Sen gidiber, talak» - diýip.
«Bäşlikçimdir ol gyz» diýip,
Mugallymmyz arkam aldy.
Oňam sözi ýer tutmady,
Aýdylan ýerinde galdy.
Ýeri «gulak» bolanda nä,
Arpaňy ham orupmydy?
Ýa-da sizi urup-sögüp,
Ýorganňyza giripmidi?
Göreniňiz ýagşylykdyr
Akgamdanam, agamdanam.
Eşidemzok biz-ä heniz
Olaň ili agyrdanyn.
Komsomola almadylar,
Bar göriplik hemem hile.
Bolşewikler başarsalar,
Goşmakçy däl bizi ile.
_____________________________________________
1) Bir döwürde Ogulbikäni, onuň özünden uly dogany Akjagüli
«baý-gulak» çagasy diýip, mekdepden çykarypdyrlar. Soňam ony
şu bahana bilen komsomola almandyrlar.
18
Ogulbike. Ýalňyz durna
ÝER ÝUWUTSYN MAMLYNY
«Baý-gulak» — diýip, üstümize dyzap dur,
Ýer ýuwutsyn, ýer ýuwutsyn Mamlyny.
Atyny debsiläp, ýarag gezäp dur,
Ýer ýuwutsyn, ýer ýuwutsyn Mamlyny.
Nämemiş, ýurtdan gaçýamyşyk biz,
Pyrara1 bir günde göçýämişik biz,
Ganatsyzam bolsak uçýamyşyk biz,
Ýer ýuwutsyn, ýer ýuwutsyn Mamlyny.
Türkmeni gürlände dili pis-peltek,
Göçerdig-ä bir wagt, göçermen bolsak,
Hemmeden ökde ol atmaga şyltak,
Ýer ýuwutsyn, ýer ýuwutsyn Mamlyny.
Özi baryp ýatan bolşewikmişin,
Serhedem ýapan şol, elinde goşun,
Diýip bolanok-da «Bar daşda gaşan!»
Ýer ýuwutsyn, ýer ýuwutsyn Mamlyny.
Bally akgam, köplenç, arkamyzy alýar,
Mamlyny apalap öýlerne salýar,
Ikisi arak içip lül-gammar bolýar.
Ýer ýuwutsyn, ýer ýuwutsyn Mamlyny.
Başlygam köp diýdi: «Aý, azar berme,
Iki garrydyr-da sürünip ýörme!»
Haram tatar öýmüz öwürdi türmä
Ýer ýuwutsyn, ýer ýuwutsyn Mamlyny.
_____________________________________________
1
Pyrara — Owganystanyň il içinde tutulýan atlarynyň biri
19
Ogulbike. Ýalňyz durna
DEGIRMENDE
Degirmende garry mama
Meniň bilen gyzyklandy.
Onuň ýaly soranjaňa
Duşmandym men, asla şindi.
— Gyzym, kimiň balasy sen?
— Kymyş duzçyň agtygy men.
— Hä, hä... sürgün bolanlardan,
Görüm-gymmat bolan ýer sen!
— Onsoňam, men Jemal mamaň
Ogly Orazgeldiň gyzy.
— Ejeňiz-ä alys ilde,
Küýseýändir örän sizi.
Orazgeldi, Orazgylyç,
Iki gerçek, iki iner.
Olar barka Kymyş duzçy
Bagtyýardy, nähili, gör...
Soňam ýene ýatlady ol,
Agam jany — doganymy.
Täze döwrüň Kymyşlaryň,
Göwünlerne degenini.
Hoşlaşanda diýdi soňam:
— Il öňünde ýokdur müýnüň.
20
Ogulbike. Ýalňyz durna
Barsy geçer, gaýrat ediň,
Çagasysyň sen ýagşynyň!
Gowyň gowy sözün diňläp,
Arkam alnan ýaly boldum.
Aýaklarym ýere degmän,
Degirmenden gaýdyp geldim.
Gowy sözi küýsäp ýördüm,
Ýene ynam, buýsanç mende.
Bar ekeni şol gowy söz
Şol gezek şol degirmende.
* * *
...Orus indem geldi, Bolşewik bolup1,
Taňrysy Leninden beleňin alyp
Ile goşulmasy kyndyr ýadyň-a,
Düşünmez ýanmaýan seniň oduňa.
Her ýeteni tutup duşman okunyp,
Sowet duşmandan-a tutdy ýüküni.
Il baryny otly kerwenne ýükläp.
Alyp gitdi Sibre, gitdi guk-guklap.
________________________________________________
1) Ogulbikäniň gutarylmadyk goşgusy
21
Ogulbike. Ýalňyz durna
ÇEP SEN, BOLŞEWIK
Ozalam azary az beren dälsiň,
Indi bir kanagat tap, sen, bolşewik.
Mallarymyzy sürläp kolhoza berdiň,
Bolduň biziň bilen çep, sen, bolşewik.
Nämemiş — baý-kulak elkin gezenmiş,
Gul-gyrnagy işledenmiş-ezenmiş,
Ýandak däl-de, ojar ýakanmyşyn gyş,
Başgarak bahana tap, sen, bolşewik.
Halys şeýdip işi gaýtdy milletiň,
Ederli sen ähli zadyň bellisin.
Olaram adam-a, beýle bolma sen,
Ykaradyň örän köp, seň, bolşewik.
Bolan bolýaň köpe arka durandan,
Ýöne welin ony horlap ýören sen.
"Hä" diýdik-dä, tüpeň gezäp duraňsoň,
Il gözüne atýaň çöp, sen, bolşewik.
Ýataklar boş galdy, indi maly ýok,
Çuwallar boş galdy, arpa, uny ýok,
Boýna torba asanlaryň sany ýok,
Etekden daşyňy dök, sen, bolşewik.
Pikir etmegin "Mydam şeýle-de bolar,
Bolşewik tarhan bor, gala hem alar"
Belki, bir gün Taňrym dulugna çalar,
Bu durmuşyň oýny köpdür, bolşewik.
22
Ogulbike. Ýalňyz durna
ERBEDE EMEL ÝETDI
Bolşewikler gelensoň,
Köp gowgalar bolansoň,
Gaçansoň baýdyr işan...
Erbede döndi döwran.
Birsi — Kemsit bolandan,
Birsi gala alandan.
Başlykdyr ýene biri,
Ösgün olaryň bary.
Baýlaň malyn aldylar,
Ýurda talaň saldylar.
Bögürdiler bol iýşip,
Özlerne «Sowet» diýşip.
Bilinde sapançasy,
Asmandan gelýär sesi.
Indi nalog toplaýan,
«Paraň-paraň» gepleýän.
Barsy şol, zabun gullar,
Başlandy gara günler.
Eken pagtaň şolaňky,
Bakan goýnuň şolaňky.
Bugdaý nalogam bardyr,
Bermeseň ýumruk zordur.
23
Ogulbike. Ýalňyz durna
Berer zadyň bolmasa,
Nalog üzüp bilmeseň,
Il söküp gözlemeli,
Ýa özüň guzlamaly.
Seniňki galyp-gaçsa,
Ýa özi golun açsa.
Olar çakam bilmeýär,
Agyr ýükem bilmeýär.
Eger garşy çykaýsaň,
Ýa alarlyp bakaýsaň,
Saňa tersçil diýerler,
Müň bir derde goýarlar.
Äkiderler Handepä1,
Horlarlar depe-depe.
Duşman ýasarlar senden,
Bagtyň ýatandyr onsoň.
Ýa it ýaly atarlar,
Ýa-da türmä basarlar.
Erbede emel ýetdi,
Obanyň bagty ýatdy.
_____________________________________________
1
Handepe — Söýnaly obasynyň golaýyndaky serhet galasynyň ýanynda adamlaryň ilkinji tussaglykda saklanan, sorag edilen ýeri.
24
Ogulbike. Ýalňyz durna
GÖZÜŇ AÝDYŇ, GELNEJE
Aždarhaň agzyndan sypyp gelipsiň,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
Şol ýerlerden öýi tapyp gelipsiň,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
Külpet baryn göre-göre gelipsiň,
Aglap, ýöräp, dura-dura gelipsiň,
Agamjany ýere berip gelipsiň,
Wah, nädeýin, gara maňlaý, gelneje!
Ýigit çykan eken Aganazar jan,
Söte gyz bolupdyr jigim Ogulhan,
Berse Hudaý janda gowluk örän kän,
Hoş gelipsiň, gözüň aýdyň, gelneje!
Gelenňizi eşdip oba begendi,
Hamsykdy-da Kymyş baba begendi.
Aglap-aglap Jemal mama begendi,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
— Şükür, ahyr soňy gelipsiň — diýşip,
Göz aýdyňa geldi Ýaz baýlar üýşüp.
Gözýaş seçelendi begençden joşup,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
Ahmet akgam är işini bitiren,
Ýusup daýy bilen gidip getiren,
Sag bolsun hemmeje hemaýat beren,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
Akjagülem, indi menem gülerin,
Gaýdyp geler bir gün beýlekilerem,
25
Ogulbike. Ýalňyz durna
Olaram begenip garşy alaryn,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
Rozymyrat pälwan, Aýmama bilen,
Biziňkä howlugýar habary bolan.
Tanyş ýüzler indi töwerek kileň,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
Ogulbibi, Kümüş, Ýazgül gelnejem,
Söýnalydan geldi Akbibi ejem,
Beýle gowluk ozal bolupdy haçan,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
Hemme bilýär durmuş juda kaşlady,
Herimizi bir Sibire taşlady.
Arzuw edilen kysmat asla başgady...
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
Neneň barny ýatlaýyn men atma-at,
Şükür, bize bu gün gaýgy hasrat ýat,
Diňe görünmedi ýene-de Harmät...,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
Kymyşyň döwleti gelip başlady,
Arzuwlar hakykat bolup başlady,
Belki, Taňry bize gülüp başlady,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
Ogulbikäň begenjiniň çägi ýok,
Biziň ýüregmizde bu gün agy ýok,
Indi gara günler köpdür öýdemok,
Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, gelneje!
_____________________________________________
1. Ogulbike bu goşgyny gelnejesi Amangül Özbegistan sürgüninden,
ol ýerde 28 ýaşly adamsyny galdyryp, çagalary bilen geleninde
ýazypdyr.
26
Ogulbike. Ýalňyz durna
PAGTAM ÝYGYMDA
Billermize partyk dakyp,
Ýene pagta garyşdyk biz.
Gyz-gelinler topar bolşup,
Atyzlarda ýaryşdyk biz.
Ak hanalar töwerekde
Ýatladyp dur akja gary.
Häzir biziň ählijämiz,
Şol ak garlaň hyrydary.
Hemmämizem syrdaň-saltman,
Bar bu ýerde Ogulboldy.2
Öňküde-de baş baýragy
Şol geliniň özi aldy.
Kimiň üstün çykanyny,
Başlygymyzam görjek diýýär.
Iň owadan ýüň ýaglygy,
Şoňa sowgat berjek diýýär.
Brigadirem galpyldyklap,
Ilerleýär indi bizi.
27
Ogulbike. Ýalňyz durna
Getirip ol gawun-garpyz,
Ýetirip dur armamyzy.
Ýeňji bolmak hiç neneň däl,
Hemmeler hars uruşyp ýör.
Baş baýrakdan Ogulbikäňem
Şu gezeg-ä tamasy zor.
________________________________________________
1. Sowet hökümeti özge ýerden "baý-gulak" çagalaryny kowsalaram, gara işden kowmadyk borly. Şol döwürde çykan "Stalin ýoly"
raýon gazetinde Ogulbikäniň ady öňdebaryjy ýygymçy hökmünde
telim ýerde agzalýar.
2.Ogulboldy Saparowa — Muhommettäjowa — belli ýygymçy
28
Ogulbike. Ýalňyz durna
AMAN GELGEÝ
Senem urşa gidýäň bu gün,
Agaberdim, aman gelgeý.
Telwas edip garaşaryn,
Söwer ýarym, aman gelgeý!
Kaşlap çozdy ýurda duşman,
Başga ýene gidýänler kän,
Bilmersiň sen oňa gitmän,
Agaberdim, aman gelgeý!
Iki aý bile bolanym,
Bagtyýar oýnap-gülenim,
Hudaýdan uzur dilegim,
Söwer ýarym, aman gelgeý!
Gidilmeden bezler boldum,
Ondan şarpyk öňem aldym,
Bar gidenlem gaýdyp gelsin,
Söwer ýarym, aman gelgeý!
Gorkuberýän gitmek diýse,
Onda näme gowluk eýse?
Duşman köýsün näçe köýse,
Biz köýmäli, aman gelgeý!
Ogulbike, küýli göwün,
Bardyr söýgi, bardyr dogum.
Derdim artdy ýene bu gün,
Agaberdim, aman gelgeý!
________________________________________________
1) Ogulbike bu goşgyny bary-ýogy ikije aý bile ýasaşan adamsy
Agaberdi urşa gidende arzuwlap, gyýylyp-gynanyp ýazypdyr. Agaberdi soňra 1943-nji ýylyň maý aýynda söweş meýdanynda wepat
bolupdyr. aman gelgeý
29
Ogulbike. Ýalňyz durna
AMAN DIREKTOR
Taryhçydym, ol sapakdan aýyrdyň,
Munyň-a bolmady, Aman direktor.
Başlyg-a sen, gitmeli bolar buýrsaň,
Munyň-a bolmady, Aman direktor.
Taryhy her ýeten okudyp bilmez,
Ata münüp bilmez, hem gala almaz.
Wah, özüň ýanmasaň hiç zadam bolmaz,
Munyň-a bolmady, Aman direktor.
Meniň okudyşym ilem görýändir,
Okuwçylaň gözi ýanyberýändir,
Pikrinde Berline zarba urýandyr,
Munyň-a bolmady, Aman direktor.
Taryh meniň göwün beren dersimdir,
Ertekä meňzeşdir, ýöne dürsümdir.
Bil, taryhçy çykýan däldir herkimden,
Munyň-a bolmady, Aman direktor.
Gowsy, maňa söýen sapagymy ber,
Onsoň sen oglanlaň bolşuny bir gör,
Isleseň söweşe senem bile ýör,
Munyň-a bolmady, Aman direktor.
Özüň bilýäň, gezek gelende işe,
Ikipaýdyr Ogulbike hemişe.
Aýpaltamy aýlap urdum-a daşa,
Munyň-a bolmady, Aman direktor.
________________________________________________
1) Aýdyşlaryna görä Ogulbikäniň iki-üç okuwçysy urşa barýarkalar ýolda tutulypdyrlar. Şundan soň oňa: «Taryh sapagyny saňa
okatmak bolanok, sapaga gyzykdyryp, ähli çagany urşa ibäriň ýaly
sen» diýlipdirler.
30
Ogulbike. Ýalňyz durna
AGANAZARY PZO ALJAK BOLÝARLAR
Indem ýene Aganazary derekläp,
Ony «PZO»1 diýip aljak bolýarlar.
«Onuň on bäş ýaşy dolupdyr» - diýip,
Başa ýene külpet saljak bolýarlar.
Wah ... nädeli ýene öýmüz janserek,
Ýene-de aýralyk, ýanmazmy janyň?
Öňem ýaňy geld-ä, olar sürgünden,
Iýdirjek däl bular gözýaşsyz nanyň.
Bally akgam ýene hossarlyk etdi,
Bar eken-ä ondan galmanyň ugry.
Kimdir birne peşgeş etdi äkidip
Gapymyzda galan ýekeje sygry.
Doganjygymyz galsa bolýar «PZO»-dan,
Soňam bir don bilen berildi guşak.
Kymyş baýyň gapysynda şundan soň,
Galdy mal ugrundan bir gaty eşek.
Dünýä giňän ýaly boldy şundan soň,
Muňa hezil edip begenişdik biz.
Gör, nämä degenok doganjygymyzy
Ir ertir-giç agşam görüp ýörenmiz?!
________________________________________________
1
PZO — Hünär berýän tehniki üçilişşe
31
Ogulbike. Ýalňyz durna
AHYRZAMAN GOPDY ÝENE
Aganazary aldyrdyk biz,
Ady ýitmiş bir ýylana.
Hakyt dawa salmak üçin,
Gelen eken şirin jana.
Ýüzläp adam arasyndan,
Şony saýlap tutuşyn gör.
Az däl eken ýap içinde,
Ýogsam ýene gazyçylar.
Ýas-ýaňyja berlen hada,
Ýap içine giren wagty.
(Düýe üstünde it ýararmyş,
Kimiň ýatan bolsa bagty.)
Hatladypdyr ýylan ony,
Iliňem göznüň alnynda.
Ýatan eken ady ýitmiş,
Eddil şoň basjak ýolunda.
Onsoň ony göter-göter,
Öýe alyp gelipdirler.
Aça Hümmi, sen gurasyň,
Ýuwutsady seni ýerler!
«Özüm okap açýan» diýip,
«Piri men - diýip - ýylanlaryň»
(Adamlaňam samsyklygyny,
Bolýan işi siz bir görüň!)
32
Ogulbike. Ýalňyz durna
Dogtor çagyrmanyň ýerne,
Gaýtam, gizläpdirler ondan.
Marydadym — okuwdadym,
Öýde ýokdum şonda men hem.
Aýak bolsa çişe-çişe,
Onsoň göwre tiriň bolan.
Gelnejem hem ýalňyşanyn
Diňe şundan soňra bilen.
Aça däliň ol dogasy ...
Heý, zatmy bi gelýän heňe?
Soňundanam diýenmişin:
«Başartmady ýylan maňa ...»
Ýeri, ony öldürjekmi?
Bolmasy iş bolandan soň.
Doganjygym azap çekip,
Çişip-çişip ölenden soň.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýalňyz durna - 2
  • Parts
  • Ýalňyz durna - 1
    Total number of words is 3447
    Total number of unique words is 1867
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýalňyz durna - 2
    Total number of words is 3525
    Total number of unique words is 2078
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýalňyz durna - 3
    Total number of words is 547
    Total number of unique words is 422
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    57.1 of words are in the 5000 most common words
    62.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.