Latin

Saz Rowaýatlaryndan - 1

Total number of words is 3922
Total number of unique words is 2236
30.2 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
49.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Türkmen Aýdym-saz rowaýatlaryndan
Köňül joşa gelmez
Her ýürekde yşykdan
Dil hem sözlemese
Köz hem bolmasa
Magtymguly
Dilber
Dagyň göwsini ýaryp çykan çeşmäniň durnaň gözi ýaly dury suwy üsti gür böwürslene
basyrylan şildirewük owazly gadym ýapdan aşaklygyna gün şoglasyna aşyk bolup
barha ýagtylyp,öwşün alyp akýardy.
Ol bulak şol ýap bilen joşup gelşine,Köşi obasynyň çetindäki ýalpak güzere ýazylyp
ýaýraýardy.Göwni giňän adama meňzäp, asudalyk tapýardy.
Şol güzeriň başynda şaxalaryny çar tarapa oturan ýalňyz bir söwüt agaji bar eken.Bu
goja daragtyň ýaşyny bilýän-goýýan ýok eken.Obanyň segsen-togsan ýaşan
garrylaryndan sorasaňam, olar „ meniň oglanjyk wagtymam şu söwdiň şu durşydy „ __
diýip , jogap berer eken.
Hawa,garry söwüt başyny dik asmana çekip,alys ýerlerdenem hellewläp görünýärdi.
Onuň çar tarapa egilen üzünden-üzün şaxalarynyň tylla ýaprakly pudaklary, has-da
güýzüne gören gözi dokundyrýardy.Salkyndy.
Bu gözeriň başy üzün günläp,suw almaga gelen gyz-gelinlerden doly bolýardy.şonuň
üçin bolsa gerek,bu mekana, bu jelegaýa gyzgözer __ diýerdiler.
Äpet söwdüň aşagyndaky şagalaňly gyzgözere erkek adamlar gelmezek bolardy.
Atly atyny,düýeli düýesini,suwa ýakardy.Gelin-gyzlara gabak galdyrmazdylar.Uly gyzlar
, gaýtarmalar,ýaş gelinler … olar munda gülüşerdi, degişerdi,derdineşerdi, iç
döküşerdi.Gün gyzyberse, kä biri köýnegi-zady bilen suwa göýbärdi.Öw hä atardy.
Öz-özleri hezil ederdi.Megerem olaryň iň erkinje pursatlary , şu – gyzgüzeriň başyn
gelen çaglary bolsun gerek.Gyz-gelinleriň bir bölegi ,sallana-sallana,egni suw kädili
öýne gaýtsa,ýene bir bölegi egnine küýze gelşirip suw almaga gelerdi.Garry söwdüň
saýasyndaky gyzgözer üzünli gün gyzyl-çog bolar durardy….
…Şu tomsuň şu gijesiniň howasy diýseň sergindi.Daş işiklerindäki sekiniň üstünde ýeke
özi ýatan ýigidiň gözüne uky gelenokdy.
Gijäniňem indi ep-eslisi geçiberpdi.Ỳigit bir eýlesine agdarylýardy,birem beýlesine käte
çyň arkan düşüp, asmandaky petreşip duran ýyldyzlara dykanlardy.oňa ynjylyk
bermeýän, ukusyny tutdyrmaýan dert-ahwalat Annagül atly gyzyň yşkydy.
Ỳigit eňegini ýassyga berip küýe batdy; „il –gün meni diňleýär,toý-tomaşa bolsa, Hally
ikimizi, tüweleme, ýatlaşyp dur...menem goşgy okan bolýan, Hallymam aýdym aýdyp
berýär.Garyp-gasarlar häli-şindi maslahata-da geläýýär.*Magtymgulyny okap ber * diýip
günde –günaşa ýaşulylaram çagyrýar.Garaz, abraý alna ýagşy-da, oňardagymyzdan
saklajak bolýas.Ỳöne ... At aljak bilen gelinaljaga hudaý ýetiýrmiş diýlendir.özüňem
eşejigiňi berk guşamaly diýlendir...
Ỳigit şeýdip, ham-hyýala gark bolup ýatyşyna arzylysy ANNAGÜLI öwran-öwran göz
öňüne getirdi.Köňli joşup galama ýapyşdy.Ol ýüz ugra-da * DILBER * diýip bir goşgy
ýazdy. Şu goşgyny hökman ANNAGÜLÜŇ özüne okap bererin…
Tomus gijesi sabyrsyz bolýar.Daň saz berenden,xoroslar „Gökgöz aga „ diýşip obany
ýaňlandyrdy.
Ỳigit howlukmaç ýerinden turdy-da, gyzgözere tarap haýdady.
Gyzgözeriň başy boşdy.― Ynha,haý diýmän gün asmana galar weli, gelin-gyzlaryň başyn
çekip, ANNAGÜLÜM geler.Ynha, annagülüň küýzesini susýan ýeri,aýajygyny basýan
ýeri.―
Dag tarapdan öwüsýän pessaýja sergin şemal äpet söwüdiň çür başyndaky ýapraklaryň
şybyrdasy.Annagülüň pyşyrdasyna ogşap,başyňy sämedýär.Iniňi sandyradýar.
Ỳigit öten agşamky ** DILBERINI ** dilinde doga edip gaýtalaýar.
Anha parlap jahan ýagtyldy.Ỳigit körpeje bagyň berenine duwlandy.Suwa ilki
gelen Annagül boldy.Allanyň emridir ,ýeke özi !!
Ol küýzeleriniň birini dolduryp,ikinjisini suwa batyrdy.Ỳigit hem ýerinden zyňkyldap galdy
:
ANNAGÜL !
-Hyý, wiý, Annagylyç.....
Ỳigit bilen gyzyň arasynda bolan bar gürrüň şu!! Olar birbiriniň meňzinden döýman Dilden galyp duruberdiler.
Annagylyja gurbat indi,şeýle diýip seslendi :
Serim saňa sadaka ,
sallangyn bäri dilber
Göwsüň külli-bulgurynyň ,
gümänim nary dilber
Didaryňa muştak men,
derdime däri dilber
Täze ýylyň nowruzy,
pasly-bahary,dilber
Täze açylan nowgül sen,
men hyrydary dilber
Danyşsak hylwat ýerde,
dilleriň ne ajaýyp
Zenehdanga dökülgen,
telleriň ne ajaýyp
Guçsam inçe biliňden,
billeriň ne ajaýyp
Ary kemin aýrylman,
allaryň ne ajaýyp
Seniň mazany bermez
bagyň eňňury dilber
Gyzyň gözünden al ýaňagyna bir katra damdy.
Goşgynyň izini okamaga maý bolmady.Gyzgözere ýetip gelýän iki geliniň jak-jak gülküsi
päsgel berdi.Annagylyç ýumlykdy elbetde.....
Annagül bolsa bir küýzesini suwdan dolduryp,beýlekisini hem ýarty edip öýlerine
ugrady.Gyzyň gözünden ýol boýy ýaş paýrap durdy,paýrap durdy....
Sebäp Annagülüň kakasy gyzy üçin Weýsek baýlardan eýýäm galyň alypdy ahyry.
Soň Annagylyç mätäjiniň ** DILBER ** goşgysyny hally bagşy aýdym edip aýdypdyr.
Hally bagşyň şägirdi Sahy jepbarof bolsa, ol aýdymy ( DILBER )biziň günlermize
ýetiripdir.
DILBER aýdymyny şu günlerem bagşylar ürç edip aýdýarlar.
Gapy gezen gara däli gökleň
XIX – Asryň başynda Hiwa hany Amyderýadan ägirt köp meýdany suwlandyrmaga ýeter
ýaly suw almaga başarýar.Hiwanyň töwereginde bolsa suw berseň gyzyl öndürjek mes toprakly ýerler näçe diýseň bardy.Hiwanyň mes topragynyň tarapyny ýetir
-ýän bir gepem bar :
„ Mazarystanlygy suwarsaň, hakyt adam gögerýärmiş „
Ynha,şol gonamçylyga suw berseň adam gögerýän mes toprak, bol suw, ýöne daýhan
bolmasa, diňe ýer bilen suw hasyl öndürenok.
Hiwa hany Amyderýadan ägirt suw alansoň, ummasyz adam güýjüni toplamagyň
ugruna çykýar.çünki bol suwy ýerlikli peýdalanmak üçin uly-uly ýaplar gazmaly, ekin
eker ýaly ýerler açmaly.Garaz,adam güýji näçe diýseň gerek.
Işçi güýjüni toplamak üçin MUHAMMED RAHIM han çar tarapa çapawullap başlady.
Ol töwerekdäki merkezleşen döwleti bolmadyk ownuk halklary talaýardy, daýhanlyga ýarajak adamlary hiwa sürgün edýärdi,ýesir alýardy.
Şeýle basybalyjylykly çozuşlaryň iň ulusam 1820nji ýyllarda boldy.Muhammed rahym
han GARRYGALA hem ARKAç Türkmenlerini ýesir alyp Hiwa sürgün edip äkidýär.Somsaýak bolup Hiwa ugran halk gyzylbaş nowruzy günlerinde yzyny üzmän ýagýan gar
gatyşykly ýagyşyň içinden barýardy.
Bosgunlaryň köp sanysy açlykdan, batyp-çommakdan, sowukdan ýaňa heläk bolýardi.Şol ýesirleriň arasynda beýik sazanda GARA DÄLI GÖKLEŇ hem bar eken.
Biziň şu günlerki ― Ỳandym ― ady bilen diňleýän sazymyz Garadäliniň ömür
mukamydyr.çünki Ỳandym sazynyň 1 nji bölümi şol Hiwa sürüşligiň bosgynlygyň ,
Ahy-nalasyny suratlandyrýar.
Şonuň üçinem ― Ỳandym ― diňläniňde, Han atlylarynyň halys tapdan düşen ýesirleri
Gamçylap çalt ýöretjek bolşy, batyp-çomup, ýykylyp-sürşüp barýan garrylaryň, gelin
-gyzlaryň ahy-nalasy göz öňüne gelip, diňleýjiniň ýüregini gyýym-gyýym edýär.
Bu pajygaly ýagdaýy Garadäli öz sazy bilen beýan eden bolsa,Zelili şahyr ol uçursyz agyr ýagdaýy :
Sürüldiler il barysy eňşeşip,
Pyganyna daglar-daşlar gymşaşyp
Asman joşa geldi, Zemin gowşaşyp
Bulutlar durdular nala, Seýidi
Ỳa-da
Ỳesiriň ilersi barypdyr Tähran
Gaýrasy dolupdyr Hiwa Seýidi
-Diýip, suratlandyrýar.
Sazyň ikinji bölümi Garadäli gökleň Hiwada ýesirlikde çeken agyr günleri hakynda,
sazyň üçünji bölümi bolsa sazandanyň hor düşüp, gapy gezişi hakynda
Ynha, şu ýagdaýlara salgylansaň ― Ỳandym ― sazynyň birden döremän,köp ýyllaryň dowamynda kämilleşendigini göz ýetirmek kyn däl.
Döreýiş möwritini köp ýyllarda, köp wakalara bagly bolşy ýaly, sazyň ady hem dürlidürlidir.Ilki başda sazyň ady ** Gara däli gökleňiň ýas mukamy ** bolupdyr.
Gara däli gökleň ölenden soň bolsa,ol saz özüni döredeniň adyny göteripdir.
** Gara däli gökleň ** bolupdyr.Iň soňunda bolsa bu iňňän kämil elegiýanyň taryx
-yndan bihabar kimdir biri,onuň plastinkada Gara däli gökleň adyna garaman
Ỳandym diýip goýberipdir.
Bu elegiýa häsiýetli, Iňňän kämil aslyýetinde, uly göwremli eser Garadäli gökleňiň
Ömür mukamydyr.
Ussadym
Gönebege bagyşlanan ol mukam
Kel bagşy ýaşka öz döwrüniň uly halypasy AMANGELDI GÖNEBEGE şägirt bolup dyr.
Şonuň üçin ýaş sazanda 7 ýyla golaý Gönebegiň öýünde bolup, saz öwrenipdir.
Kel bagşy Gönebegden tälim alyp kämillige ýetensoň öz halypasyna bagyşlap
― Ussadym ― diýen sazy döredipdir.Kel bagşy özüniň ― Ussadym ― sazynyň birinji
bölüminde Gönebegiň aýalynyň Ỳetişiklidigini, Işeňerdigini,Hyzmatlydygyny teswirläpdir.Şonuň üçin ― Ussadym ― diňläniňde maşgalanyň hyzmatyna gaýym Türkmen
zenanynyň öýüň ortasynda oturyp mäşirik saraýyşy, her aýagynyň başam barmagyna bir sallançag bagyny orap, iki sallançagy bir wagtda üräp, çagalaryny hüwdeleýşi
göz öňüne gelýär.Şonuň üçin sazyň kakuwy hem üwrilip duran sallançagyň gidip-gelip
duran badyna meňzäp dur.
― Ussadymyň ― ortaky bölümi bolsa iki ýana hallan atýan mäşirigiň pyrlanyp durşy
kybaldaş gelýär. Sazyň soňky bölümi hem Gönebegiň alaşysyny ýorgaladyp barş
-yny göz öňüne getirýär.
„ Ussadym „ sazy hakda bir kiçijik hekaýam bar.
Bir gün Gönebek halypa şägirdi Allaberdini ýanyna çagyrdy-da, oňa Yzganda gidip
agşama çenli kakasyny alyp gelmegi tabşyrdy.
Allaberdi agşamara kakasyny alyp gelende öýde Gönebek halypdan başga-da üç- dört
sany ak sakgal ýaşuly otyrdy.Salam hälekden soň Gönebek halypa myhmanlaryna ýüzlendi :
-- Adamlar ynha, şu ýigid-ä meniň şägirdim bolmaly.Ilki gelende oglanjykdy, indi ýigit
çykdy, bu zaňňyr ady Allaberdi.Men-ä muňa „ Kel Han „ diýýän.sebäbi meniň ençe
ýyllap ony eýt, muny beýt, diýen iňirdilerim munuň saçyny düşüripdir.
Ynha, bu gyrçuw sakgalam onuň kakasy Aýdogdy ýuwaş.Gaýraky Yzgantdan gelen
-dir.Oturymy şu ýerde.Siz maňa : „ Şu gün-ä Gönebek bize uly höwes bilen saz çalyp berer ― diýip, oturansyňyz….
Atabakar aga ýaşulylara seredip aýtdy:
--Hawa, biz-e şeýle bolar—diýip, gulak gabardyp oturandyrys.
--Ỳok, beýle däl, adamlar.men dutary elime –de aljak däl.bu gün meniň şägirdim, köp
ýyllap çir-çitir bolup saz öwrenen kel hany synagdan geçirmeli.Munuň kakasynam şonuň üçin çagyrdyk.Eger sizin synaňyzdan gowy geçip bilse, men muňa edil häzir
pata berjek.Terde sakgalyny ýere ýetiräýjek bolup, egilip oturan Atabakar aga biraz
dikelip gepledi.
--Baý- bow, Göni, bizi sen bu günbeýle iş üçin çagyran ekeniň – ow.
Beýleki ýasulylaram gozganyşdylar.Gönebek sözüni dowam etdi.
--Adamlar, Yzgantly sakgaldaşym Aýdogdy ýuwaşyň ogly Allaberdini meniň ýanymda ençe ýyllap saz öwrendi.menem bilenimi öwretdim.Indi muňa öwredip biljek zadym ýok.Tüweleme, indi bu menden ozdurdy.Bolmalysam şeýle –dä adamlar.
Ỳaşulylar gök çaýdan nepeslerini durlansoň Gönebek halypa dutary şägirdine uzatdy :
--Hany, Kel han, ýasulylara „ Bolmuşamy „ edip ber.
Şonda şägirt „ bolmaşam „ sazy çalyp berdi.
--Heý tüweleme, senä Gönebegiň özüçeräk çalaýdyň muny– diýip, Kerwen aga saz
gutaryp-gutarmanka dillendi.
--Gümansyratmagyn Kerwen, özçüräk däl-de, özüçe...has dogrusy, gowrak çaldy
diýsene – Diýip, Gönebek dikeldi.
--Şägirt halypasyndan ozdurmasa kär ýiter ahwetin.Hany Kel han „ Şadillini „ bir edip
ber bakaly.
Allaberdi dutarynyň kirşini gatyrak çekip, „ Şadillini „ çaldy.
--Adamlar, heý kemi barmy? „Ybraýym şadillini „ özümem ýaňky ýaly çalyp bilerin
öýdemok.Jahyl oglanda, edil omrup barýar – how –Diýip, Gönebek halypa soňky sözüni
aýtdy.—Makul bilseňmen-ä Allaberdi Aýdogdy ogluna pata beräýjek.
--Anha ogul, synagdana geçdiň, ak pata aldyň.Indi bize bir salym hezil ber bakaly.
Allaberdi dutarynyň sapyny sypap güýmendi.Oglunyň hüý-häsiýetine belet Aýdogdy aga
onuň bir zat diýjek bolýandygyny aňyp : „ Näme diýjek bolýaň ? çekinme-deaýdyber „
Diýdi.
Allaberdi ýere bakyp zordan gepledi :
Aý, Gönebek halypama bagyşlap bir heňjagaz taslapdym.Şony entek hiç kime-de
eşitdiremokdym.diňe daga gidem-de öz-özüme çalyp berýärdim.Häzir şony çalyp
beräýsem diýjek bolýan.
Şägirdiniň bu sözüni eşidip Gönebek halypa ýassygy tirsekläp ýatan ýerinden derrew
dikeldi.Özi hakdaky täze sazy eşitmäge howlukdy.
Gönebek halypa bagyşlanan sazy eşitmäge hemmelerem howlagan bolara çemli, ýerliýerden seslendiler :
--Bäh, sen-ätüýs sägirt ekeniň – ow.
-- Ussat hakda saz düzdüm diýsene.
-- Hany, Göni, diňle bakaly öz heňiňi.
-- Hany, çal,ogul, ol niçek heňkä ?
Şonda Allaberdi bir saz çaldy.Ony biz günde-günaşa radion „ Ussadym „ diýip diňleý
-äris.Saz gutaran badyna Gönebek halypa şägirdiniň arkasyna kakdy.
-- Berekella,senden tama-da şeýledi.
-- Gönebek, heý armanyň galdymy ? ýaňky sazyň bir ýerinde dogurdanam seniň alyorgaňy säpjedip barşyň ýadyňa düşýär.
-- Hany, onda ogul halypň Gönebege bagyşlan sazyňy ýene bir gezek çalyp
ber bakaly. ― Ussadymyň ― saldamly kakuwlary ýaşulylaryň gowruny ýatyrdy.
Olar ýuwaşjadan sakgallaryny gymyldadyp, saz ummanyna çümüp gitdiler.
Goňurbaş mukamy
Şükür bagşy Eýrana gidip, Mämmetýar hanyň sazandasy Gulam bagşy bilen çakyny
alyşansoň, zyndanda ýatan agasyny ýurda alyp gelýär.
Bu wakany ― Şükür bagşy ― kino filminde bilýärsiňiz.Olar dagyň kötel ýollaryndan gijä
-niň bir wagtyna çenliýöräp halys ýadadylar.Axyry obalaryna golaý gelensoňlar, dagyň baýyrlaç eňňidinde dynç almak üçin düşlediler.çünki Şükür bagşy obalaryna barsa, mähelläniň dynç almaga goýman, daşyna üşjegini bilýärdi.Şonuň üçin ol agasy bilen
daňdana çenli gözlriniň awusyny almak üçin atlaryny ota göýberip gyşardy.
Agasy şol bada uklady.Şükür ýyldyzlary petreşip duran dury asmana ser edip esli
wagtlap uklamady.
--çapyk han ilerik gitjek bolamda „ Iş bitirip gelseň-ä gowy zat welin, ýöne iliňi- aýagyňy daňyp Atyňa ters mündürip kowup göýberäýseler gerek „ Diýip gyjytly sözüni
aýdypdy.Hudaýa şükür, ony etdirmedik, agam gowuşdy diýip, içini gepletdi ýatdy.
Axyry onuň begenji, büýsanji,tolgunmasy süýji arzuwlar bilen utgaşyp, soňy düýşe
ýazyp gitdi.
.... Ỳaňy dogan günüň tygy ýüzüne degensoň Şükür bagşy syçrap ýerinden galdy-da,
gapdalynda ýatan agasyna seretdi.Zyndanda oturyp gaty ýadan bolara çemele, ol süýji
okuda ýatyrdy.Onsoň Şükür ho-ol aşakda ýaýyliyp ýatan küren oba seretdi.
Ol oba Şüküriň öz obasydy.Oba uzakda bolsa-da belent baýyryň üstünden täze dog
-an günüň şöhlesine edil eliň aýasynda ýaly görünýärdi.Oba oýanypdyr.
Her ýerde, her ýerde-de tamdyryň agzyndan çykýan tüsse guýlum-guýlum bolup dyk
asmana galýardy.Han-ha eýýäm sygyr çopanam mal sürüsini öňüne salyp örä
ugrady.Kim atly, kim eşekli, obadan saýlanyp barýan adamlaryň hersi bir tarapa gid-syny çykaryp ot ýakdy. Tüňçäni jürdikdäki suwdan dolduryp oduň gapdalynda
goýdy.Onsoň ol ýenede obasyna tarap ser etdi.Oba parahatlykda,şadyýanlykdy.
Gidenine sähel gün geçenem bolsa, Şüküriň göwnüne köp wagt geçen ýalydy.
Hanha, obanyň günbatar çetindäki Mälikgul aganyň töweregi gaýda-gaýmalaşyk.
Ol bü gün toý tutýandyr.Ol maňa ― Şükür jan biz toýumyza Durdy bagşyny çagyrjakdyrys weli, aňyrujy ýetişip bilseň , senem ýetişjek bolawergin ― Diýipdi.
Heý Durdy bagşy,Durdy bagşy…Damanaň piri Durdy bagşy, sen geçen ýaz bagyrda bir toýda aýdym aýdaňda menem ýanyňda saz çalypdym.Şonda sen birden dik
asmana galyp, birdenem pesaýlaýan zaryn owazyň bilen oturanlaryň gözüne ýaş
aýlapdyň.Aýdymy zaryn aýtmakda o dünýä bu dünýäsen ýaly barmyka?şol taýda:
― Dünýäni bir gözde gören.
Adyl bolup älem soran.
Döw- perige patyşah bolan,
Şahy Süleýman galmady „
Diýip,bozlanda öýden içre Amanaly aga : Köňülde arman çoxdur, bu nalyşa ýürek
parlandy „ diýip bagyryberipdi.
Howwa nesip bolsa bu gün agşam toý bolar, Durdy bagşam geler.Gör bu zatlary, üstiüstüne hezillik.Ynha, Mälikguly agaň , toýunda-da ýetişdim.Anha : eýyäm ýaryşa hyýaly
bolan ýigitlerem atlaryny gezdirip başladylar.
Şükür obasynyň şu günki parahatçylygyny özüm gazandym hasap edýyärdi.
„ Eýsem-de bolsa, parahatlyk bolmanam bilerdi... „
Şükür öňňüniki alamana gidijek bolşuny ýatlady.çapyk han obanyň ýigitlerini ho – ol
görünýän gyzgylt öwsüp ýatan takyra ýygnapdy. Anha, şol at toýnagynyň yzyndan ýaňa
edil petir bezilen ýaly bolup ýatyr.Olara ýolbaşçylyk etmeli çapyk han agzyndan ak köpük saçyp gazaba münýärdi.
Şol takyrlyga ýygnanan atlylar Şüküriň zyndanda ýatan agasyny halas etmek üçin
Mämmetýar han bilen çaknaşyga gitmelidi.Gan döküşli uruş bolmalydy.
....Şüküriň Gulam bagşynyň durşy bilen düwmeli bezelen piliň üstünde saz çalyp gelşini
görüp süssiniň basylanyny agasyna aýdasy geldi.Öte keýip çaglykdan hem bitirip gelen
işine çäksyz büýsanji sazandany diyseň hoşdurdy.Ol haýdap baryp beýlede otlap ýören
atyň ganjygasyndan asylgy keçe gaply dutaryny aldy.Gelibem agasynyň edil baş ujunda
oturyp saz çaljak boldy.Ỳöne bolmedy.Ertiriň dag tarapdan öwüsýän pesaý şemalyna baş atýan goňürbaşlar sazandany haýsy saza başlasa
ýalňyşdyrdy durdy.Bir sazyň kakuwsyna başlasa, goňurbaşyň tolkuny onuň elini
çaşdyrýardy.Ahyry sazandanyň eli hem goňurbaşlaryň hereketine gara kakuw edip
başlady.Ỳöne welin diňe kakauw bilen saz bolýarmy name!
Esli wagtlap goňurbaşlaryň tolkunyna görä dutaryny kakdy oturdy, kakdy oturdy…
Birdenem sazandanyň barmaklary baş perdäniň üstünden indide biçak büýsançli
owazlary düwmelendirip-düwmelendirip göýberdi.Onsoň şol bir saz taslamasyny
gaýtalap outran sazandanyň barmaklary bäşinji perdä bardy-da uçursyz inçe äheňli saz öwrümlerini hem öňkileriň yzyna sepläp göýberdi, weli, täze bir aýakly – başly
sazyň sudury boldy duruberdi.Täze taslanan sazy Şükür gaýtalap birneme bişirdi.
Onsoň naýza boýy galan günüň ýylysyna meýmiräp ýatan agasynyň egninden silkeledi.
-Agasy, agasy! Tursana, sen bi sazy diňläp görsene, tur indi, hanha obamyz görnüp
dur, çaltyrak tur, çaýsyradygam.Anha, tüňçede gaýnady.men çaý demleýänçäm ukudan
açyl hany…..
Be, içi zeýili zyndan meni gowy söküpdir –Diýip, Şükrüň agasy birki owurt ajy çaý
içensoň ýuwaşja dillendi.
--Hany, ýaňy saz diňle diýdiň weli, çal, eşideýli.
Şükür agasy ýatyrka taslan sazyny inden öňden türginleşen sazy ýaly edip uly hüjüw bilen çaldy.Agasy börtüläp duran gabaklaryny galdyrman esli salym durdy.Şol
oturşyna-da Şüküre sorag üstüne sorag oklady.
--Bi sazy ön-ä çalaňokdyň, şeýledälmi?
Ỳogsada bu sazy kimden öwrendiň?
--Hiç kimden öwrenemok agasy.
--Onda bu saz name asmandan indimi?
--Ỳok, agasy, biz sazy şu ýerde tapdym.özüm düzetdim.
-- Ỳogsa-da, bi sazy nädip düzdüň.Äl gowy saz ekeni-aýt!….
--Agasy, bu sazyň kakuwny-ha şu şemal ugruna tolkunýan goňurbaşlardan aldym- diýip,
töweregine göz aýlady. – ine bu düwmelendirip çalynýan buýsançly ýerlerinem, seni zyndandan boşadynyma bolan begenjimden aldym.
Onsoň Şükür birneme çekinjeňlik bilen ýüzüni agasyndan ters tarapa sowdy.
-- Sazyň iň soňki bölegi name,Ataly agaň gyzy Akjagül ýadyma düşdy weli, birden elime
geläýdi.Inha agasy, bu saz – ha şeýle düzeldi.Bu meniň ilkinji saz düzüşim. Nähilli
gördüň diňleseň boljakmy?
-- Gaty bolar Şükür jan, diýseň buýsançly saz.Berekella inim! – diýip,Şükrüň agasy
aşakda ýaýylyp ýatan küren oba göz aýlady.Ỳolboýy ýüzi açylman gelşine ilkinji gezek
Şüküre seredip ýylgyrdy.Inisiniň engine elini goýdy.
-- Ỳör, inim, çaltyrak baraýly, gelinejeňem gözi ýoldadyr,jigileňem göresim gelip
gitdi.Özüňem indi hergiz saz çalaňda, ilki bilen ýaňky ― Goňurbaşdan ― başlagyn.
-- Bor agasy.
Allaberdi durdiýew
Sungat synçysy.
Hajygolak
Hiwanyň hökümdary Allaguly han köplenç öz Türkmenleriniň üstüne çapawulçylyk
edipdir.Bir çapawulçylykda bolsa, onuň leşgeri tutuş bir obany diýen ýaly sürüp han-yň
hüzürine eltýär.Han leşgeriň tutuş bir obany sürüp getirmegi aýratyn bir sebäbi
bardy.Olar Hajy sazandanyň obasynyň adamlarydy.
Allaguly han haji sazandany öňem üç gezek köşgüne çagyryp, han sazandasy
bolmagyny towakga edip, köp ýalbarypdy.Emma Hajy sazanda boýun bolmady.
Ummasyz halat – serpaý hüdürledi.Şonda-da Hajy köşk sazandasy bolmakdan ýüz
öwürdi.
Ynha, bu gezek bolsa Allaguly han ― Ederini bilendirin ― diýip, içini gepletýärdi.Şonuň
üçin arz soraýan jaýyna Hajy sazandaň girenini göreninden tagtda outran ýerinden
arkan gaýyşyp, jakgyldap güldi.Onuň gülküsi bütin köşgi ýaňlandyryp gitdi.
-- Ỳeri, Hajy ýeser! Ỳagdaýlar niçek?
-- Erbet däl Han.
-- Ỳogsa-da, sen ol saraýdaky ýesirleri gördüňmi?Olar seň ildeşleriň-ä däldir-dä ?
-- Howa, Han, şolar-a meniň ildeşlerim.
-- Bilýän bolsaň, Hajy ýeser, gel egri oturup, dogry gepleşeli.Barybyr sen näçe ýeser
bolsaňam, şu gezeg-ä otulan bolsaň gerek.Aýratyn seň obaň ulydan-kiçe sürülmeginiň sebäbine gözüň ýetýän gerek.
-- Hawa, düşünýän han, bu wagşylygy sen meni amana getirjek bolup edensiň.
-- Ony bildiň, sazanda, hany indi amana gelmänem bir gör, ildeşleň baryny dara atyp taşlaýyn.
Hajy sazanda ýüzüni esli aşak salyp durdy.Ahyry ulydan demini alyp gürledi.
-- Bolýa, han, men seň köşgünde üç ýyl sazanda bolup bereýin.
-- Baý-bow üç ýyldanam bir zat bolarmy?!
-- Bar bäş ýyl bolsun han.
-- Ỳok, az bolýar, maňa hemişelik gerek.
-- Gel, onda bir zat edeli, bendeleri häziriň özünde boşat, onsoň men saňa ýedi ýyl
hyzmat edeýin.7 ýyla çenlem bir sazanda şägirt ýetişdirip bereýin.Ine, han, meň
gutarnykly jogabym.
Allaguly han esli salym duňuz diňini salyp oturdy.Onsoň başyny galdyrdy-da sypaýy
gepledi :
-- Ynha, bu şertiň bilen ylalaşýan.7 ýyl köşkde sazanda bolsaň, şol möhletiň içinde-de,
bir şägirt ýetişdirip berseň, maňa bolýar.Şertiň Kabul Hajy sazanda.
************************
Bir gün Allaguly han ir ikindinler ,ýaňy garaňky gatlaşanda ukudan oýandy.Bimahal
ýatyp, bimahal turany üçinemi, ýa-da şeraby aşa köp içeni üçinmi, garaz hanyň haly
teňdi.Ỳüzünden gar ýagýardy.Hanyň keýpini , onuň daşyna hozanak bolýardylar.
Öňüne çaý getirildi.Han ― Ỳok ediň ― diýen manyda elini salgady.Gyzlar öňünde oýnap
başlady.Han birneme imrijek ýaly etdi-de, olara-da ― ýok bolsun ― diýip, elini
salgady.Hyzmatkärler name etjeklerini bilmän elewreşdiler.Allaguly han, agzyny ýokaryk
tutup yzly-yzyna pallady.Onsoň hyzmatkärlerine gözüni agdaryp seretdi-de, elini dutar
kakýan ýaly hereketlendirdi.Şo bada Hajy sazanda häzir boldy.Sazanda dutaryny
düzüp, çalyp başlady.Kaşaň köşkde dutaryň sesi has güýçli ýaňlanyp gümmürdedi.
Esli salym çalansoň han elini salgap sazandany saklady :
-- Hany, sazanda, bu çalýan sazlaňy men öňem ýüz gezek eşidim.Täzesini çal, täze
-sini ! heniz eşitmedik sazlamdan, düşündiňmi ?
Sazanda dutaryň gulagyny towlap, has belent heňlere tutdurdy.Han ýenede elini salgady.Dutaryň sesi tapba ýatdy.
-- Hajy ýeser, sen ýesersireme-de meň diýýän sazymy çal !
-- Syzyň diýýäniňiz haýsy sazdyr hökümdar ?Adyny aýdyň ahyry.
--Ynha men ýaňy ýatyrkam gulagyma bir owaz geldi.Ana, şol owaz iňňän şirin owaz
ekeni.Ana, şony çalyp ber maňa, Hajy ýeser ! Düşündiňmi ? ….
-- O nä owazdyr hökümdarym ?
Han zöwwe ýerinden galyp heňkirdi :
-- Şony bilmeseň, sendenem bir sazanda bolarmy ?
Hanyň dikdüşdüligini edip, gazaba münendigini gören sazanda eşidilmedik owazlary
gözläp, gör, nirelere tutdyryp barýardy.çalyp oturşyna hanyň ýüzüne-de göz aýlaýardy.Hanyň ýüzi käte ýagtylajak ýaly edýärdi-de, ýene-de öňkidenem beter çytylýardy.
-- Bes et !!! .. Jellat !!!! ….
Eli aýpaltaly,ýüzi gara örtükli iki sany maxluk gelip, hanyň öňünde tukga ýatdy.
-- Hajy ýeseriň kellesini alyň !
Senden sazanda bolmaz ! Barybir möhleti dolansoň gitjekmiş.başga ýerik baryp bir saz
çalmasyn.Kesiň başyny !
Jellatlar dikelip, Hajy sazandanyň hersi bir gapdalyna geçdi-de, aýpaltalaryny ýokara galdyryp, buýruga garaşdylar.
-- Hajy ýeser, iň soňki sözüňi ayt ! .. Onsoň ….
-- Aýtsam, han, bi ýerde, kelle alar ýaly, meň günäm name ? şoni bir ilki aýat…
Ỳaňky çalan sazymy sen hiç haçanam eşiden dälsiň.mende nä günä bar ?
-- Sen ukuda ýatyrkam gulagyma gelen owazy çalyp bilmediň. Ine, seň günäň,
düşündiňmi ?
-- Onda han, gel ikimiz bir zady şertleşeli.
-- Aýt şertiň bolsa tizräk ;
-- Aýtsam han, sen maňa ýekeje gije pyruja ber.Ertesi seň diýýän sazyňy çalyp
bilmesem, onsoň meniň kellämi alaý.Nähilli görýäň ?
-- Bolýa, men saňa ertire çenle möhlet berýärin.
Ana, şol pyruja berlen gije sazanda öz şägirdi bilenbir saz döredipdir.Ol saz hem
pajygaly,hem buýsançly,hem begençli,hem gynançly saz bolupdyr.
Ertirsi Hajy sazanda Allaguly hana şol sazy çalyp beripdir.
Bolsa-da sazandanyň bir gije-de döreden täsin sazy hany haýran galdyrýar.Ỳöne
Allaguly han namartlyk edipdir.
-- Meniň köşgümden başga şular ýaly ajaýyp saz ýaňlanmasyn—diýip, Hajy sazandanyň barmaklaryny kesipdir.
Şondan soň, Hajy saz çalyp bilmändir.Ỳöne onuň hanyň gazaby astynda döreden
sazyny şägirdi ile ýaýradypdyr.Özem sazandany adyna hem onuň maýyllygyna
baglanyşdyryp, ol saza, ― HAJYGOLAK ― diýip at dakypdyr.
Allaberdi durdiýew
Saz öwreniji.
Berkeli çokaý
Azatlyk çokaýyn tiken Berkeli
XIX Asryň ortalarynda Türkmenler esasy iki sany uly hanlyga birigýär.Ol iki hanlygyň
birine NURBERDI HAN, birine-de GOWŞUT HAN baştutanlyk edýär.
1855nji ýylda Gowşut han güýçlenýär.çünki, onuň hanlyk edýän ýerine Murgapdyr,
Tejen derýalarynyň orta hem aşak akymynda ýaşaýan Türkmenler girýär.Uly siýasy
hem-de harby güýje eýe bolan Türkmenler indi öň ýeten basybalyja salgyt beresi
gelenok.Şonuň üçin şol döwürde Türkmenler Hiwa hanlygyna salgyt tölemekden boýun
gaçyrýarlar.
Türkmenleriň özüne salgyz tölemeýänligine nägile bolan Hiwa hany Mädemin
(mohmmed emin han )Gowşut hany gepleşige çagyrýar.Şo gepleşikde Mädemin han
Gowşut hana şeý diýýär :
-- Seň hütjet Türkmeniň öten ýyl-a, ýyl gurak geldi, ygal bolmady, şoň üçin ekinden
hasyl alyp bilmedik.—diýip, salgyt bermedi.
Ondan öňki ýylam ekinler ýaňy hasyla duranda çekrtge aldy – diýdi.Mallaňam baryny
çerrik degdi – diýip,salgyt bermediler.Aý garaz her hilli bahana tapyp seň Türkmeniň
soňki ýyllarda maňa oňly salgyt tölänok.
Şonda Gowşut han Mädemine :
--Aý, Mädemin han, sen oň üçin hapa bolma, ynha, bi ýyl oňat geldi.Gyşy gyşa, ýazy
ýaza meňzedi.Bi ýyl bol hasyl alarys.onsoň saňa öňki-şoňki tölemedik salgytlar
-ymyzyň baryny bereris – diýip, ony süýt kölüne çümdirip gaýdýar.
Güýz düşýär.hasyl ýygnalýar.Emma Mädemin hana zat baranok.Muňa beýik Hiwa
hanlygynyň hökümdary bolmajasyny bolýar.Gahary gelip, gazaba münýär.
Onsoň ýene-de Gowşut hany gepleşige çagyryp, salgyt tölemeýändikleri üçin Türk
-menleriň baryny uçdantutma gyryp ýok etjekdigini aýdýar.Namartlyk edip düýdürman üstümize döküldi – diýip, armanly bolmaz ýaly, söweşe taýýarlanmaga 3 aý möhl
-let berýändigini aýydýar.
Gowşut hanyň : -- A-how Mädemin han, gel ganly jeňe baş goşmaly, ylalaşaly-diýen
Töwellasynam alman dergazap bolýar.
Onsoň Gowşut han Mädemin han bilen birýaňalyk etmek üçin uly hem aýgytly söweşe
taýýarlanyp başlaýar.
Bu söweş Türkmeniň geljekki ykbalyny çözmelidi.
Şeýlelikde, Gowşut han Saraxsda söweşe taýýarlyk group başlaýar.Gowşut han, ilki
Bilen, öz atlylarynyň eşigini üpjün etmegi dogry hasap edýär.çünki, aýagyň çepekli,
egniň ýalaňňat çäkmenli gyş günleri duşmana garşy aýgytly söweşe gurup bolmajagy
belli zat.
Şoň üçin Gowşut han sowut tikip bilýän ussalary, at üçin uýandyr çeki tikip bilýän
ussalary, çokaý tikip bilýän ussalary ýygnaýar.Şol ussalaryň arasynda Berkeli diýen bir
adam çokaýy çalt hem berk tikmekde hemmelerden tapawutlanýar.Ol halkdan gön
ýygnap, ýanynda 30 – 40 sany kömekçi adam alyp Mädeminiň geljek wagtyna çenli kän
çokaý tikip ýetişýär.Dolak, çäkmen dokaýan aýallaryň toparyna hem Berke
-li çokaýçynyň özi ýolbaşçylyk edýär.Uly söweşe şeýdip ykjam taýýarlyk görünýär;
Güýzüň ahyrynda Hiwa hanlygynyň beýik hökümdary Mädemin han agyr leşgeri
Bilen Saraxsa gelýär.Söweş başlamazdan öňürti Mädemin han Gowşut hana haýb
-at atýar :
-- Gedem Türkmen, taýýarlanma kemin galan däldir.Armanly bolsaň aýt, ýene
taýýarlanmaga müdet bereýin, bolmasa-da çyk söweşe – diýýär.
Gowşut han oňa ýene-de töwella edýär.
--Mädemin han, gel ganly söweşe baş goşmaly, sen gaýyt, bize azar berme –diýýär.
Emma Mädemin han oňa :
-- Ertir söweşe başlaýas, bar düýeboýun öwülýä-dä senden bolsun soltan Sanjaram
senden bolsun — diýip, haýbat atýar.
Şeýlelikde, söweş başlanýar.Mädemin hanyň goşuny san taýdanam, ýarag babatda
-da Türkmenlerden has ýokarda ekeni.Şoň üçinem bu söweşe Türkmen zenanlaram
gatnaşypdyr.Olar aýaklaryna çokaý, eginlerine çäkmen, başlaryna telpek geýip,
Mädemine garşy söweşipdirler.Olaryň esasy ýaragy bolsa, taýagyň ujuna berkidilen
gyrkylyk, synny bolupdyr.Mundan başga-da Türkmen topragynyň ähli ýerinden atlylar
kömege gelipdirler.
Netijede Mädemin hanyň goşuny derbi – dagyn edilip, onuň özi hem öldürlipdir…
… Şondan soň Türkmenler tä1881nji ýyla çenli, ýagny oruslar gelýänçä hic bir hanly
-gyda, hiç bir döwletede bakna bolman, özbaşdaklykda ýaşaýar.
Öňki döwürde her bir daşky duşman bilen bolan söweşde ýeňiş gazanylsa, şondan soň
ýeňiş toy tutulýarekeni.Şol ýeňiş toýunda edermenlik görkezen ýigitlerebagyşlap
Şahyrlar goşgy goşýar, sazandalar-dyr, bagşylar bolsa,gahramanlyk görkezen ärle -re
bagyşlap aýdymdyr, saz düzen ekenler.
Ine, Mädemin han bolan söweşde hem berkeli çokaýyň tiken çokaylary, ýasan eýerd
-ir,uýanlary ýeňiş gazanylmagyna ýardym edipdir.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saz Rowaýatlaryndan - 2
  • Parts
  • Saz Rowaýatlaryndan - 1
    Total number of words is 3922
    Total number of unique words is 2236
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saz Rowaýatlaryndan - 2
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 2335
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saz Rowaýatlaryndan - 3
    Total number of words is 65
    Total number of unique words is 57
    50.8 of words are in the 2000 most common words
    59.5 of words are in the 5000 most common words
    64.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.