Latin

Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli - 13

Total number of words is 3663
Total number of unique words is 2179
20.7 of words are in the 2000 most common words
28.1 of words are in the 5000 most common words
32.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
berýärdim... Men olara «Siziň göwnüňizi görmek üçin şeýle
etdim, indi bolsa meniň göwnümi görmeklik siziň gezegiňiz
diýip aýdýardym».
Olar bu ýagdaý bilen ylalaşýardylar. Grajdan gullugy,
monopoliýanyň hukuklary we ýeňillikleri ýaly örän düýpli
216

reformalaram olaryň makullamagynyň netijesi bolupdy.Ýatda
saklaň, Ruzwelt öz gürrüňdeşleriniň pikirine sarpa goýup,
olaryň dürli ýol bilen zamun bolan maslahatyny almaga jan
edipdir. Haçanda Ruzwelte möhüm wezipä adam bellemek
gerek bolanda, oňa saýlanan kandidaturany syýasy
hojaýynlaryň saýlamagyna, oňa öz ideýasy hökmünde
garamagyna mümkinçilik döredipdir.
Long-aýlendli awtomobil söwdagäri hem şotlandiýaly äraýala köneräk awtomobil satjak bolanda şu usuly ulanypdyr. Ol
ilki şotlandiýala bir maşyny, soňra ikinjini... garaz, bir topar
maşyny görkezipdir welin ol hersinden kem tapan bolup
tykyrap durmuş. Kemi ýok maşynlaryňam bahasyny ýokary
görýärmiş. Söwdagär meniň kurslarymyň biriniň diňleýjisidi.
Ol bir gün bu mesele boýunça bile okaýanlaryna we maňa ýüz
tutdy. Biz oňa: «Sendä (şotlandiýalylaryň lakamy) maşyn satjak
bolma-da, ony maşyn almagy islär ýaly et. Oňa näme
etmelidigini aýtma, goý, onuň özi size näme etmelidigini aýtsyn.
Sendi haýsy maşyny aljakdygy baradaky ideýany özi oýlap
tapan ýaly bolsun» diýip, maslahat berdik. Bu pikiri hemmeler
makul gördi. Söwdagär ony birnäçe günden soň praktikada
barlap gördi. Şonda müşderileriň biri köne maşyny satyp ýerine
täze maşyn almaga gelen eken. Söwdagär bu köne maşynyň
Sendä ýarajakdygyny aňypdyr. Ol onsoň ýaňka telefon edipdirde, mümkin bolsa gelip, tejribeli alyjy hökmünde bir mesele
boýunça özüne maslahat bermegini ýürekden haýyş edipdir.
Haçanda Sendi gelende, söwdagär oňa şeýle sözler bilen ýüz
tutupdyr: «Siz örän tejribeli alyjy, awtomobiliň neneňsidigini
gowy tanaýaňyz. Gaýrat edip şu maşyny synag üçin münüp
görägeden, soň ony birine satar ýaly laýyk nyrhyny kesgitläp
217

berseňizläň». Sendi keýpiçag ýylgyrypdyr. Ahyryn meniň
maslahatymam gerek bold-ow, tejribäm ykrar edild-ow! Ol
ýaňky maşyny sürüp Şazadalar bulwarynyň ugry bilen
Ýamaýkadan tokaýly depelere çenli gidipdir, yzyna dolanyp
gelende-de:«Eger siz şu maşyny 300 dollara satyn alyp bilseňiz,
utulmarsyňyz» diýipdir.«Men muny siziň aýdan bahaňyza
satyn alaýsam, siz muny şol baha satyn alarmysyňyz?» diýip,
söwdagär ondan sorapdyr. Dagy näme! Bu onuň hut pikir eden
zadydy. Maşyna ol şonuň üçinem şeýle baha kesipdi. Olar
şobada söwda edipdirler. Şu psihologiki täri rentgen
enjamlaryny öndürýan bir fabrikant hem ulanypdyr. Ol şonda
Brukliniň iň uly keselhanalarynyň birine öz önümlerini satjak
bolupdyr. Bruklinde keselha-nanyň täze korpusy gurulýan
eken. Şol jaýda-da Amerikada iň gowy rentgen bölümi
ýerleşmeli edilipdir. Şol bölümiň müdiri doktor L-iň üsti her
gün öz firmalarynyň enjamlaryny taryplap satjak bolýan
agentlerden ýaňa hümer-miş.Şuňa garamazdan, fabrikantlaryň
biri has ugur tapyjy bolup çykypdyr. Ol ynsan häsiýetini
özgelere görä oňat bilýän adam eken. Ýaňky doktor L-e şunuň
ýalyrak mazmunly hat ýazypdyr:«Biziň zawodymyz ýaňyýakynda täze hilli rentgen enjamlarynyň toplumyny ýasady. Şol
apparatlaryň ilkinji toparyny edil häzir kontoramyza getirdiler.
Olar kämil däl. Biz muny bilýäris hem-de kämilleş-dirmek
isleýäris. Eger Siz biziň önümlerimiz bilen tanyşmak üçin wagt
tapsaňyz hem-de olary neneňsi edeňde siziň käriňizdäki
adamlaryň talabyna ýarar ýalyrak edip boljakdygy barada
maslahat berseňiz, biz Sizden örän hoşal bolardyk. Men Siziň
örän işli adamdygyňyzy bilýän. Şonuň üçinem, özüňize amatly
bolan wagtda yzyňyzdan öz maşynymy hezil edip ibermäge
218

taýyn». «Men bu haty okap geň galdym — diýip, doktor L.
sapakda bu wakany gürrüň berdi — Men hem-ä geň galýardym,
hemem
monça
bolýardym.
Henize
çenli
rentgen
apparaturalaryny öndürýän fabrikantlaryň hiç biri maňa
maslahat salmandy. Men öz şahsy ähmiýetimi duýdum.
Golaýdaky hepdelerde, her gün agşam bir işim bardy. Şonda-da
iş bilen bagly bir oturylşyga gitmän, şol enjamlary görmäge
bardym. Onsoň enjamlary näçe çintgäp öwrendigimçe, şonçada olar maňa ýaraýardy. Hiç kim maňa olary satjak bolmaga
hyýal etmändi. Men enjamlary keselhana üçin satyn almak
ideýasynyň özümde dörändigini duýdum. Apparatyň örän
gowy hili meni ýesir etdi, şonuň üçinem olary keselhanada
oturtmaklaryny buýurdym»
Ak tamy Wudro Wilson eýelän mahaly polkownik Edward
M. Hauzyň milli we halkara işlerine biçak uly täsiri bolupdyr.
Wilson öz kabinetiniň çlenleriniň haýsydyr birine däl-de,
köplenç, polkownik Hauza gizlin maslahatlar üçin ýüz tutar
eken. Hauzyň prezidente täsir etmek üçin ulanan usuly
nämeden ybarat? Bagtymyza biz ony bilýäris. Ony polkownik
Hauzyň özi Artur D. Hauden Smite aýdan eken, Smitem Hauzyň
aýdanlaryny «Sterdeý Iwning post» gazetindäki makalada
mysal getiripdir. «Prezident bilen tanyş bolanymdan soň— bu,
Hauzyň sözleri, —ony haýsydyr bir ideýa imrindirjek bolsaň,
oňa şol pikiri gürrüň arasynda gepiň gerdişine görä aýdyp
goýbermeli, ýöne onuň özi hem gyzyklanyp bu barada pikir
eder ýaly, ony örän aýdyň aýtmalydygyna düşündim. Birinji
gezek men muny tötänden bildim. Ak tamda, onuň ýanynda
bolamda men oňa bir iş geçirmegi teklip etdim. Görnüşine görä,
ol muny gaty bir makullamady. Ýöne bir näçe gün geçenden
219

soň, günorta nahar wagty onuň meniň ideýamy öz ideýasy
hökmünde aýdyp oturanyny eşidip haýran galdym» Näme,
Hauz onuň sözüni bölüp: «Bu siziň pikiriňiz däl-de, meniňki»
diýendir öýdýärsiňizmi? Ýok-la, Hauzam heý, beýdermi?! Ol
beýle zat diýerden has akylly eken. Hauz şöhrata
kowalaşmandyr. Onuň üçin esasy zat ahyrky netije bolupdyr.
Şonuň üçinem ol Wilsonyň şol pikiri özüniňki hasap etmegine
ýol bermek bilenem çäklenmän, Wilsony şol ideýa üçin
köpçüligiň arasynda öwüpdirem. Biziň ertirki iş salyşjak
adamlarymyzam Wudro Wilsonyňky ýaly, ynsana mahsus
bolan häsiýetden halas däldigini hergiz unutmazlygymyz gerek.
Şonuň üçinem polkownik Hauzyň tärini gerek ýerinde
ulanmany başarjak bolalyň. Birnäçe ýyl mundan öň NyuBransuikli bir adam hut şu täri maňa ulandy we meniň oňa
müşderi bolmagymy gazandy. Şol mahallar meniň ol taýa gidip
balyk tutmak, deňizde gaýykly gezelenç etmek meýlimem
bardy. Şonuň üçinem men turistleriň býurosyna hat üsti bilen
ýüz tutupdym we ýagdaý bilen habardar edip durmaklaryny
haýyş edipdim familiýamdyr adresim şol býuronyň çykarýan
turist bolaýmagy mümkin hasap edilýän adamlar diýen
sprawoçnikdäki spisoga goşulan bolmaga çemeli. Men muny
turist lagerlerinden we ýolbeletlerden üstüme ýagyp başlan
onlarça hatdan, iberilýän broşýuralardan, dynç alynýan ýerler
barada
öň
şol
ýerde
bolanlaryň
neşir
edilen
tarypnamalaryndan aňýaryn. Halys özümi ýitiripdim,
haýsysyny saýlajagymy bilmeýärdim. Ine, şonda turist
lagerleriniň hojaýynlarynyň biri akylly ugur tapdy. Ol maňa öň
öz lagerinde dynç alan nýu-ýorkly adamlaryň birnäçesiniň
atlaryny we telefon nomerlerini iberip, özleriniň turistler üçin
220

nämeler edip bilýändigi barada şolardan jaň edip soramagymy
teklip edipdir. Bagtyma şol spisokda meniň tanyşlarymyňam
biri bar eken. Men oňa jaň edip, özünde galan täsir barada
soradym. Soňra bolsa telegramma edip, barjak wagtymy lagere
habar berdim. Galanlaryň hemmesi öz hyzmatlaryny meniň
boýnuma dakjak boldular, ol ýigit bolsa inisiatiwanyň özümden
çykmagyna mümkinçilik berdi. Ol utdy.Ýigrimi bäş asyr
mundan öň Hytaý akyldary Lao-szy käbir hakykatlary aýdyp
geçipdir. Şu kitabyň okyjylary olary şu günem ulanyp
biljekler!«Deňizleriň
we
derýalaryň
ýüzlerçe
dag
bulaklaryndan peşgeş alýanlarynyň sebäbi, derýadyr deňiz
olardan pesde ýerleşýär. Şonuň hatyrasyna-da olar ähli dag
bulaklarynyň üstünden agalyk etmegi başarýarlar. Adamlardan
ýokarda bolmak isleýän dana-da hut şu kybapdyr, ol özüni
pesde goýýar. Özgelerden öňde bolmak üçin, özüni yzda goýýar.
Ine, şonuň üçinem, onuň ýeri adamlardan ýokarda bolsa-da, ol
özüniň aşakdadygyny peslik saýmaýar, onuň ýeri özgelerden
öňde bolmalam bolsa, yzdadygyna kemsinmeýär». Şunlukda,
eger siz kimdir birini öz nukdaýnazaryňyza imrindirjek
bolsaňyz, ýedinji düzgüni berjaý ediň:
Goý, gürrüňdeşiňiz sizden çykan pikiri özüniňki hasap
etsin !
221

Sekizinji bap
SIZ ÜÇIN GUDRAT DÖRETJEK TÄR
Siziň gürrüňdeşiňiziň aýdýan zatlarynyň boýdan-başa
ýalňyş bolmagynyňam mümkindigini ýadyňyzda saklaň. Ýöne
onuň içki pikiri beýle dälem bolup biler. Şonuň üçinem ony
köteklemäň. Beýtmegi her bir samsygam başarar. Oňa
düşünmäge çalşyň. Diňe akylly, kanagatly gowy adamlar
şeýtmäge synanyşar.
Näme üçin ol adam şeýle pikirlenýär we başga hili etmän,
hut şu hili hereket edýär? Munuň sebäbi bardyr. Şol gizlin
sebäbi tapyp bilseň, onuň hereketleriniň, belki-de şahsyýetiniň
açary siziň eliňize düşer.
Çynyňyz bilen onuň ýerinde özüňizi goýjak boluň. «Eger
men şunuň ýagdaýyna düşsem, özümi nähili duýardym, näme
ederdim» diýip öz-özüňizden soraň. Şeýtseňiz köp wagtyňyzy
aýap hem-de saglygyňyzy saklap bilersiňiz «Eger biz sebäbi
bilen gyzyklansak, ahyrky netijäniň ýakymsyz bolmak
mümkinçiligi azalýar». Munuň üstesine-de, adamlar bilen
aragatnaşyk meselesinde siziň ussatlygyňyz çalt öser.
Kennet M. Gud «adamy altyna nädip öwürmeli?» diýen
kitabynda: «Öz hususy işiňize ýiti gyzyklanmaňyz bilen galan
zatlara bolan gowşak gyzyklanmaňyzy deňeşdirmek üçin, bir
pursat saklanyň, bir pursat saklanyň! Hemmeleriňem dünýäde
edil şeýle duýgyny başdan geçirýändigine düşünmäge çalyşyň.
Eger sizem muňa Linkolndyr Ruzweltiň düşünişi ýaly düşünýän
bolsaňyz, onda siziň türme garawulynyň wezipesinden başga
wezipeleri eýelemäge ukybyňyz bar diýip, hasap etse bolar.
222

Sebäbi adamlar bilen aragatnaşykdaky üstünligiň girewi özge
adamynyň
nukdaýnazaryna
hoşniýetli
düşünmäge
ymtylmakdan ybaratdyr» Men köp ýyllaryň dowamynda boş
wagtlarymy öýümiziň golaýynda ýerleşýän tokaý parkynda atly
gezip geçirdim. Käbir halatlarda menem daragta çokunan
gadymy Gallilere meňzeýärdim — menem edil şolar ýaly duba
çokunmaga taýyn. Şonuň üçinem her ýyl tomusda gaýtalanyp
duran tötänleýin ýangyn sebäpli köýýän ýaş agaçlara,
ösümliklere meniň nebsim agyrýardy. Beýle ýangynlar ägä däl
çilimkeşleriň günäsi bilen döremeýärdi. Köplenç munuň
günäkärleri biraz ýabany ýaşamak üçin tokaýa-gidýän çagalar
bolup çykýardy. Olar daragtlaryň astynda özlerine nahar
bişirinýärdiler. Şeýle ýangynlaryň ula ýazyp az-uşak adama
öňüni aldyrman, ýangyn söndüriji komanda çagyrylyp
söndürilen pursatlaram bolupdy! Parkda ot ýakmaklygyň
gadagandygy, düzgün bozana jerime salynýanlygy, hatda türmä
basylýanlygy baradaky bildirişler bardy. Ýöne ol bildirişler
tokaýyň seýrek barylýan ýerlerindedi, ony çagalaryň köpüsiniň
görmedik bolmagam mümkindi. Tokaýdaky düzgüne atly
polisiýa seretmelidi. Ýöne olam öz borjuna jogapkärçiliksiz
garaýardy. Şonuň üçinem her tomus tokaý ýangyn sebäpli
zaýalanýardy. Tokaý parkda ýangyn bolýandygyny, oduň barha
ýaýraýandygyny polisiýa habar bermek üçin ot-elek bolup
ylgap giden saparymam bolupdy. Men ondan ýangyn
söndürijileri çagyrmagy haýyş etdim, poliseý bolsa ol ýeriň
özüne degişli däldigini, ýagny, öz uçastogyna girmeýändigini
perwaýsyzlyk bilen habar berdi. Meniň içim-bagrym dis-diri
ýandywe şondan soň tokaýa atly aýlanyp, köpçüligiň emlägini
goramak boýunça ýalan komitetiň (bary-ýogybir adamdan
223

ybarat) roluny ýerine ýetirip başladym. Dogrusyny aýtsam,
ilkibada bu işe çagalaryň nukdaý nazary bilen seretmek, meniň
kelläme-de gelmändir agajyň düýbünde ot ýakylýanyny gören
badyma, huşum başymdan uçýardy. Derrew bidüzgünçiligiň
öňüni aljak bolup eňýärdim, ýagny, gowulyk etjek bolup,
erbetlik edýärdim. Men oglanlaryň ýanyna gelýärdim-de ot
ýakanlary üçin olaryň türmä basylmagynyň mümkindigini
duýdurýardym hemem gepsiz-gürrüňsiz ody öçürmeklerini
talap edýärdim. Eger olar boýun gaçyrsalar, tussag ederin diýip
haýbat atýardym. Gepiň küle ýeri, men duýgularyň dowluna
düşüp, oglanlaryň näme pikir edýändigi barada pikir
etmeýärdim. Netijesimi? Oglanlar göwünsiz hem kineli
bolsalar-da alaçsyz boýun egýärdiler. Haçanda men olaryň
ýanyndan gidip, depäniň beýle ýüzüne geçen badyma ýaňkylar
tokaýyň düýpgöter ýanmagyny isläp, ýene-de ot ýakynýan
bolmaly.Ýyllaryň geçmegi bilen men, megerem, adam
aragatnaşyklaryndan gowurak baş çykaryp başladym öýdýän:
birneme sypaýyçylyklyrak gürleşmäni çykardym, özgeleriň
edýän işine şolaryň nukdaý nazary boýunça seretmäge jan
etdim. Indi lowurdap ýanyp duran oduň ýanyna baranymda,
ody öçürmäge höküm edemok-da, şeýleräk söze başlaýan:
«Wagtyňyzy hoş geçirýäňizmi, oglanlar? Şamlyk naharyna
näme taýynlajak bolýaňyz?... Çagakam menem ot ýakmagy
gowy görýärdim, dogrusy şindem ýaman göremok. Ýöne
parkda ot ýakmagyň gaty howpludygyny bilýäňizmi? Ýöne siziň
ýaman iş etmejekdigiňize birjik-de şübhäm ýok. Herhal,
hemmeler siziň ýaly äge däl. Başga oglanjyklaryňam gelip, siziň
ot ýakynanyňyzy görüp, olaryňam ot ýakynmak islemegi
mümkin. Soňra bolsa ody söndürmän öýlerine gaýdarlar. Otdan
224

guran ýapraklar tutaşyp, agaçlaryňam ot almagy ahmal. Biz
gaty ägä bolmasak bu ýerde asla daragt galmazlygam mümkin.
Ot ýakanyňyz üçiň siziň türmä düşmegiňizem mümkin. Men
naçalniksirän bolup, siziň keýpiňizi bozasym gelenok. Siziň
şadyýanlygyňyzy göremde, özümem hezil edýän. Ýöne gaýrat
ediň-de, häziriň özünde oduň daşyndaky gury ýapraklary
syryşdyrap aýryň, gideňizde bolsa, oduň üstüne gum sürmegi
unutmaň. Gumy köpüräk atyň. Indiki gezek bu ýerlere göwün
açmaga geleniňizde bolsa, depäniň aňyrsyndaky gumlukda,
çukuryň içinde ot ýakynmagyňyzy haýyş edýän. Ol ýeri iň bir
howpsuz ýer... Sag boluň oglanlar, wagtyňyzy hoş geçiriň».
Şeýle gürrüňden soň hemme zat başgaça boldy! Çagalardada maňa duýgudaşlyk oýandy. Göwün-kine döremedi, hiç hili
garagolluk etmediler. Olara buýrugyma tabyn bol diýip höküm
edýän ýokdy. Çagalaryň mertebesine degilmeýärdi. Olaryňam
keýpi kökelýärdi, dawany oglanlaryň nukdaý nazary bilen
baglylykda edenim üçin, meniňem göwnüm göterilýärdi.
Indi kimdir birine ody söndürmegi ündemezden,öň
wannany arassalamak üçin bir banka suwuklyk almagy haýyş
etmezden ilki, ýa-da, Gyzyl Haça elli dollar bagyş etmegini
soramazdan ileri gözüňizi ýumagadan, ýagdaýa özgäniň
nukdaý nazary bilen baha bermäge synanyşmak üçin biraz
eglenseňiz gowy bolmazmy? «Näme üçin ol şeýtmeli?» diýen
sowaly özüňüze berip görüň. Dogry, munuň üçin wagt gerek
bolar, ýöne oňa derek siz dost, gowy netije gazanarsyňyz, hem
az sözdür güýç sarp etmek arkaly niýetiňize ýetersiňiz.
Garwardyň söwda mekdebiniň dekany Don hem: «Gerekli
adamym bilen duşuşmazymdan öň, oňa näme diýjegimi—onuň
gyzygýan zatlaryny, agyz uluňyny bilşime görä — onuňam
225

maňa näme aýtjagyny örän aýdyň göz öňüne getirmesem onuň
kabinetine girenimden, iki sagatlap kontorasynyň agzynda
gezenimi ýagşy görýän» diýipdir.
Bu şeýle bir wajyp, şonuň üçinem ikinji gezek gaýtalaýaryn.
Gerekli adamym bilen duşuşmazymdan öň, oňa näme
diýjegimi — onuň gyzyklanýan zatlaryny, agyz ülüňini
bilşime görä — onuňam maňa näme aýtjagyny örän aýdyň
göz öňüne getirmesem, onuň kabinetine girenimden, iki
sagatlap kontorasynyň agzynda gezenimi ýagşy görýän.
Eger şu kitaby okap, ondan diňe ýekeje zady—özgäniň
nukdaý nazaryny hasaba almak bilen ol barada ilgezik pikir
etmäni, onsoňam zatlara diňe öz nazaryň bilen däl-de onuňam
nazary bilen bakmany oňaryp, kitapdan başga hiç zat alyp
galybilmäniňizde-de, eýýäm hut şunuň özi hem siziň
derejäňiziň beýgelmeginde wajyp rol oýnap biler.
Şunlukda, eger siz kimdir birini nägile etmän, köňlünde kine
galdyrman, onuň pikirini üýtgetjek bolsaňyz sekizinji düzgüni
berjaý ediň:
Zatlara öz gürrüňdeşiňiziň
seretmäge çynyňyz bilen ymtylyň.
226
nukdaýnazary
bilen

Dokuzynjy bap
HER KIMIŇ ISLEÝÄN ZADY
Özgeleriň sizi ünsli diňlemegine mejbur edýän, dostlukly
ýagdaý döredýän, ähli jedelleri ylalaşdyrýan, ýamany ýagşa
öwürýän jadyly dogany bilesiňiz gelýärmi?
Şeýlemi? Ýagşy. Ine ol: «Siziň beýle duýgulary başdan
geçirýänligiňiz üçin, men sizi düýbünden köteklämok. Siziň
ýeriňize bolan bolsam menem edil siziň ýagdaýyňyzda
bolardym» diýiň-de başlaberiň. Şeýle sözler hatda durşuna
iňirdi bolup duran nadara garryny hem hökmany suratda
ýumşadar. Siz muny halys ýürekden arkaýyn aýdyp bilersiňiz,
sebäbi sizem onuň ýerine bolan bolsaňyz, onuň duýýan
zatlaryny duýardyňyz. Men muny mysal arkaly suratlandyrmak
isleýärin. Kaponeni alyp göreliň. Hamana size Kapone berlişi
deý nesil boýunça edil şonuň bedeniniň gurluşy ýaly beden,
akyl, ganygyzgynlyk berlenmiş. Siz onuň ýaşan şertlerinde
ýaşapsyňyz, durmuş tejribäňizem edil şonuňky ýaly diýeli.
Onda sizem üýtgewsiz şonuň ýaly adam bolardyňyz hemem
onuň güni siziň başyňyza gelerdi. Sebäbi hut takyk bir ýagdaý
diňe şol — ony şeýle adama öwrüpdir.Meselem, näme üçin siz
haşyrdap duran ýylan däl? Sebäbi siziň aslyňyz — ata-eneňiz
haşyrdap
duran
ýylan
bolmandyr.
Siziň
sygry
ogşamaýanlygyňyzyň we ýylana tagat etmeýänligiňiziň ýeke
täk sebäbi, siziň Brahmaputrynyň kenarynda hindi
maşgalasyn-da dogulmanlygyňyz üçindir. Siziň şu durkdaky,
şeýle adam bolup ýetişmegiňizde hususy goşandyňyz juda
azdyr. Siziň ýanyňyza gelen adamyň gaharlylygy, öňden ters
227

pikirliligi. Akylly-başly oýlanyşmak islemeýänligi, onuň
şeýleligi üçin günäsiniň juda azlygyny ýadyňyzdan çykarmaň.
Ol garyba rehim ediň. Ony perişan hala goýmaň. Duýgudaşlyk
ediň. Jon B. Gof köçe bilen entirekläp barýan serhoş adamy
görende, adatça, şeýle eken: «Taňry rehim etmedik bolsa,
menem şeýle biri bolardym». Sizem şu sözleri öz ýanyňyzdan
gaýtalaň. Siziň ertirki görjek adamlaryňyzyň ýetmiş bäş
prosenti duýgudaşlyga garaşýar. Siz duýgudaşlyk etseňiz
olaram sizi söýer. Bir gezek men «Kiçijik aýallar» diýen
powestiň
awtory
Luize
Mzý
Olkotta
bagyşlanan
radiogepleşikde çykyş etdim. Elbetde, men onuň Massaçusets
ştatyndaky Konkorde şäherinde ýaşandygyny, ölmez ýitmez
eserlerini hem şol ýerde ýazandygyny bilýärdim. Herhal, men
näme diýýänim hakda pikirlenmän, onuň dogduk mekany
bolan Nýu-Gempşir ştatyndaky Konkorde şäherinde bolup
görendigim barada gürrüň edäýipdirin. Eger men NýuGempşiri bir gezek dilime alan bolsam, onda beýle bir
gelşiksizem bolmazdy. Nätjek, men ony iki gezek
gaýtalapdyryn. Men dertsiz başymy depirjek äre beren ýaly
boldum. Üstüme teýeneli sözlerden doly hatlardyr
telegrammalar gelip başlady welin, başym arynyň öýjügine
döndi. Hatlaryň köpüsi gaharlydy. Käbiri mertebäňe degýärdi.
Öň Massaçusets ştatynyň Konkorde şäherinde ýaşap, häzir
Filadelfiýa göçen bir aýal meniň başyma ähli gahar-gazabyny
dökýärdi. Hamana diýersiň, men hanym Olkotty Täze
Gwineýaly adam iýijilere deňän ýaly, ol maňa diýibilen zadyny
diýýärdi. Onuň hatyny okap, öz-özüme şeýle diýdim: «Şeýle
aýala öýlenmänim üçin hudaýa ýüz müň şükür!». Oňa hat
ýazasym, ýagny, men geografiýa babatda ýalňyşan bolsam,
228

onuň sypaýyçylyk diýlen zadyň nämedigini bilmeýändigini
aýdasym geldi. Hatymyň giriş sözlerini hut şeýle başlamak
niýetim bardy. Yzyndanam ol aýal barada näme pikir edýänimi
ýaşyrman, agzyma gelenini diýjekdim. Ýöne men muny
beýtmedim. Wagtynda özümi ele aldym. Muny her bir göçgünli
samsygyňam edip biljekdigine, köplenç halatda samsyklaryň
şeýle hem edýändigine düşündim. Men samsyklara görä
akyllyrak hereket etmegi ýüregime düwüp, onuň
duşmançylykly meýlini dostluga öwürmegiň kül-külüne
düşdüm. Bu ýeňil mesele däldi, ýöne men şu zeýilli oýunlar
gurmagy halaýardym. «Onuň ýerine özümem bolsam,
şeýtmegim mümkin ahyryn» diýen netijä gelip, onuň
nukdaýnazaryna düşünmegiň gerekligini boýun aldym.
Haçanda indiki gezek Filadelfiýa gelenimde, ol aýala jaň etdim.
Biziň gürrüňimiz şeýleräk bolan bolsa gerek:Men: Hanym
pylany, siz birnäçe gün mundan öň maňa hat ýazan ekeniňiz.
Men şol hat üçin Size minnetdarlyk bildirmek isleýärin.Ol
(gowy terbiýe alan terbiýeli aýal sesi bilen): Merhemet ediň-de,
kim bilen gürleşmek mertebesiniň miýesser edendigini
aýtsaňyzlaň? Men: Biz tanyş däl. Meniň adym Deýl Karnegi.
Geçen ýekşenbeleriň birinde Luize Meý Olkott hakynda radioda
çykyş edipdim, şonda-da ol Nyu-Gempşir ştatynyň Konkorde
şäherinde ýaşapdyr diýip, bagyşlap bolmajak ýalňyşlyk
goýberipdirin, şol gepleşigi hem siz diňlän ekeniňiz. Gaty
samsyklap ýalňyş goýberen ekenim, şonuň üçin sizden ötünç
soramak isleýärin. Siz maňa şol barada hat ýazmak bilen gaty
mylakatlylyk etdiňiz. Ol: Beýle äheňde hat ýazanyma gaty
ökünýärin jenap Karnegi. Men gatyrak gidäýipdirin. Şoňa göräde men sizden ötünç soramaly. Men: ÝOk, ýok! Siz däl-de men
229

ötünç soramaly. Meniň aýdan zadymy hatda mekdep okuwçysy
hem aýtmazdy. Men radio boýunça soňky ýekşenbe
diňleýjilerden ötünç soradym, indi bolsa hut sizden ötünç
soraýaryn. Ol: Men Massaçusets ştatynyň Konkorde şäherinde
doguldym. Biziň maşgalamyz iki ýüz ýylyň dowamynda şol
ştatyň işlerinde örän wajyp rol oýnady, şonuň üçinem men öz
jana-jan ştatyma örän guwanýan. Siziň hanym Olkott NýuGempşirde doguldy diýmegiňiz, meni hakykatdanam gaty
gynandyrdy. Şeýle-de bolsa şol haty ýazanyma gaty utanýan.
Men: Siz maňa ynanyň, men sizden on esse beter gynandym.
Meniň ýalňyşym Massaçusets ştatyna zyýan salmadygam bolsa,
özüme duýarlyk zyýan etdi. Siziň ýagdaýyňyzdaky medeniýetli
adamlaryň radioda çykyş edýänlere wagt tapyp hat ýazýan
pursatlary setanda-seýranda bolaýýan zatdygyna düşünýän,
şonuň üçinem radioda çykyş edemde gepleşikde ýalňyşlyk
goýberäýsem, siz ýene hat ýazarsyňyz diýip umyt edýärin. Ol:
Biler bolsaňyz, siziň eden tankydymy şeýle kabul edenligiňiz,
meniň üçin örän ýakymly. Siz gaty mähriban adam bolmaga
çemeliňiz. Meniň siz bilen has ýakyndan tanyş bolasym
gelýär.Şunluk bilen, ötünç soranlygymyň hem-de onuň nukdaý
nazaryna düşünmäge ymtylanlygymyň arkasyndan, onda ötünç
soramaga, öz nukdaý nazaryma düşünjek bolmaga höwes
döretdim. Men özümi ele almagy başaranlygym hem-de
göwnüme degilende mylakatlylyk edip bilenim üçin hoşal
boldum. Onuň göwnünden turmagy başarmak bilen, men biçak
uly kanagatlanma tapdym. Eger agzymdan gelenini diýen
bolsam, köňlüm şeýle karar tapmazdy. Ak tama hojaýyn bolan
her bir adam günüň-gününe diýen ýaly adam aragatnaşyklary
bilen bagly ynjyk meselelere gabat gelýär. Prezident Taftdanam
230

bu ýagdaý sowa geçmändir. Ýaramaz duýgularyň döredýän iýiji
kislotasyny duýgudaşlyk bildirmek arkaly bitaraplaşdyrmagyň
uly ähmiýetiniň bardygyny ol hususy tejribesinde görüpdir.
Taft «Gullukdaky edep» diýen kitabynda tamasy çykmadyk
şöhratparaz enäniň gaharyny syndyryp bilşi hakynda, örän
gyzykly bir wakany ýatlaýar.«Äriniň syýasy abraýy örän gowy
bolan waşingtonly bir aýal ogluny bir edaradaky wezipä
belletjek bolup, meniň ýanyma alty hepdedenem köpräk
wagtlap tutanýerlilik bilen gatnady. Ol gaty kän senatoryň we
kongressmeniň öňünden razylygyny alandygyny aýdýardy
hem-de olar bilen bile gelip, ýaňkylaryň ogluny dilewarlyk bilen
wezipä hödürleýişlerine syn edýärdi. Ýöne ol wezipe ýörite
hünär boýunça taýynlygy talap edýärdi, şonuň üçinem gürrüňi
edilýän kärhananyň ýolbaşçysynyň teklibi bilen, oňa başga
adamy belledim. Şondan soň ýaňky ýaş ýigidiň ejesinden hat
aldym, ol hatda barmagymy gymyldadamda bitjek işi
etmänligim hem ony bagtyýar etmek barada aladalanmanym
üçin ýaňky meni gadyrbilmezlikde aýyplaýardy. Soňra ol şu
zatlara garamazdan,meni aýratyn gaty gyzyklandyrýan zat
barada — öz ştatlarynyň delegasiýasyna her taraplaýyn zor
salandygy, şonuň netijesinde-de delegasiýanyň ähli çlenleriniň
administrasiýa tarapyndan düzülen kanunyň taslamasyna ses
berendiklerini öýke bilen habar berýärdi. Men oňa edil öz
hatynyň äheňinde minnetdarlyk hatyny ýazdym. Şeýle haty
alan halatyňyzda, juda biedeplik eden, ýa-da, beýle gödeklige
ýol beren adama gaty käýýäsiňiz geler. Belki-de siz şol bada
jogap hatynam ýazarsyňyz. Soňra, eger siz akylly bolsaňyz, ony
stoluň tahylynda gizlärsiňiz. Ony iki günden soň çykaryň, — bu
şekilli hatlaryň iki gün ýatany üçin hiç zat bolmaz — ana,
231

şondan soň, siz ol haty ibermersiňiz. Menem ýaňky ýazan
hatymy şeýdipdim. Soňra bolsa hat ýazýan stolumyň başyna
geçdim-de oňardygymça mylakatly hat ýazdym. Hatymda: ýüze
çykan ýagdaý sebäpli ýenede döräp biljek gam-gussa
düşünýändigimi, şeýle hem ol wezipä hususy meýlim boýunça
hakykatdanam kim-de bolsa birini belläp bilmeýänligimi, oňa
hünäri, ýörite taýynlygy bolan adamy saýlamalydygymy, şeýle
hem şol kärhananyň ýolbaşçysynyň teklibinem göz öňünde
tutmalydygymy ýazdym. Soňundanam oglunyň häzirki
wezipesinde-de arzuw edýän derejesine ýetjekdigine ynam
bildirdim. Bu onuň ýüregini ýumşadypdyr, ol öňki ýollan haty
üçin ötünç sorap hatjagaş iberdi. Ýöne meniň görkezen
kandidatym bada-bat tassyklanmady, birnäçe wagt geçenden
soň, şol aýalyň äriniň adyndan ýazylan haty aldym. Hat
adamsynyň adyndan ýazylan bolsa-da, onuň öňki hatlary ýazan
adamyň eli bilen ýazylandygyny bilmek bolýardy. Onda ýaňky
iş sebäpli çeken gam-gussasy sebäpli ol aýalyň beýni
sistemasynyň işleýşi bozulyp kesel ýatandygy, garnynda
düwnük keseliniň döränligi habar berilýärdi. Öňki kandidatyň
ýerine ýaňky aýalyň oglunyň kandidaturasynyň goýlup, enäniň
aman-sag gutulmagyna kömek etmegimiň gerekligi haýyş
edilýärdi. Men ýene bir hat ýazmaly boldum, bu gezek onuň
ärine gönükdirilen hatymda goýlan diagnozyň ýalan bolup
çykjakdygyna ynam bildirdim, aýalynyň näsaglygy sebäpli
çekýän gussasyna duýgudaşlyk etdim, ýöne öňki görkezilen
kandidaty aýyrmaga mümkinçiligimiň ýokdugyny habar
berdim. Meniň bellän çinownigim wezipesine tassyklandy.
Ýaňky diýýän hatymy alanymdan iki gün soň bolsa, Ak tamda
konsert boldy. Hanym Taft bilen maňa ilkinji salam berenler şol
232

är-aýal boldy. Iki gün öň ölüm ýassygynda ýatyr diýilýän aýal
äri bilen konserte gelipdir. Megerem, S. ÝUrok Amerikada iň
gowy konsert guraýjy agent bolsa gerek. Ol iki on ýyllygyň
dowamynda Şalýapin, Aýsedora Dunkan we Pawlowa ýaly
dünýä belli artistleriň çykyşlarny gurap geldi. Maňa gürrüň
bermegine görä, joşgunly hem talantly bu meşhur adamlar
bilen aragatnaşyk saklap Ýurogyň ilkinji öwrenen sapagy,
olaryň bolgusyz näzirgemelerine duýgudaşlyk, duýgudaşlyk,
duýgudaşlyk we ýene bir gezek duýgudaşlyk bildirmegiň
gerekligi bolupdyr. Ol üç ýyllap ajaýyp ýogyn sesli beýik
aýdymçylaryň biri bolan, «Metroioliten» opera teatrynyň
lojalaryny möwsümleýin satyn alýan millionerleri heýjana
salan Fedor Şalýapinis konsertlerini gurapdyr. Şuňa
garamazdan, Şalýapin bilen iş salyşmak Ýurok üçinem hemişe
çözmesi kyn matal bolupdyr. Ol özüni edil lälik çaga ýaly alyp
barypdyr. Ýurok ony häsiýetlendirende, oňa meňzetme
tapibilmän: «Ähli meseleler babatda ol adam däldi,
nämediginem şeýtan biläýmese, adam ogluna bildirmeýärdi»
diýdi.Mysal üçin, agşama konsert bellenen güni sagat on
ikilerde Şalýapin ÝUroga jaň edip şeýle diýýärmiş: «Şol, men
özümi gaty erbet duýýan. Bokurdagym edil çig kotlet ýaly.
Agşam aýdym aýdyp bilmen». Ýurok onuň bilen ýaňkalaşyp
başlandyr öýdýäňizmi? Hudaý saklasyn! Ol antroprenýoryň
artist bilen ýaňka-ýaňka girmesizdigini bilipdir Ýurok bada-bat
Şalýapiniň ýaşaýan myhmanhanasyna barypdyr hem-de oňa
oňardygyndan duýgudaşlyk edip başlapdyr. «Wah, büýä
bolmandyr diýip, Ýurok perişan hala girer eken. Wah, wah, haý
garyp! Elbetde, siz bu ýagdaýda aýdym aýdyp bilmersiňiz. Men
häziriň özünde konserti goýbolsun etdirerin. Siz bary-ýogy iki
233

müň dollar zyýan çekersiňiz. Siziň at-abraýyňyza garanyňda
ojagaşdagy nämemiş». Muňa Şalýapin uludan demini alyp, şeýle
jogap gaýtarar eken: «Gowsy siz birneme gijiräk gelseňizle.
Sagat
bäşde
geläýiň,
hany
göreli,
biraz
bäri
bakmazmykam».Sagat bäşde ýene Ýurok myhmahana eňipdir
we elinden geldigiçe duýgudaşlyk bildiripdir. Ol ýenede
konserti ýatyrmagy towakga edipdir. Şalýapin ýene uludan
demini alyp şeýle diýipdir: «Gowusy sen gijiräk gelsene. Belkide ýagdaýym gowulanar». Ýedi sagat otuz minutda beýik ýogyn
sesli diňe bir şert bilen aýdym aýtmaga razylyk beripdir: Ýurok
konsert başlanmazyndan öň «Metropoliteniň» sahnasyna
çykyp, Şalýapiniň gaty sowuklandygyny, sesine zeper
ýetendigini aýtmalymyş. Ýurok beýle etmejegem bolsa,
ikiýüzlülik edip razylyk beripdir. Sebäbi beýik aýdymçyny
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli - 14