syp. 1. Ýumşak däl, daş ýaly. Gaty ýer. 2. Berk, gaýym, ykjam, pugta. Guşagy gaty çekmek. Bagjygy gaty daňmak. 3. Çasly, güýçli, batly (ses hakynda). Ol gaty geplemän, diňe hamsygyp hümürdedi (B. Kerbabaýew). 4.Örän, juda, has, uçursyz, bijaý, çendenaşa. Gaty täsin waka. 5. Batly, çalt, tiz, basym, aýagaldygyna (hereket hakynda). Öňki atly galdy, emma indi başga bir atly gaty kowýar ("Görogly"). ◆ Gaty gitmek hetden aşmak, çenden çykmak, çençakyňy bilmän, hetdiňi tanaman, öte geçmek. Paý-paý, aga, gatyrak gitdiň-ow! Öwez, jan, gatyrak giden bolsam, kyrklaryň kyrk ýapynjasy bilen meni pugta basyr ("Görogly"). Gaty görmek birinden bir zady göwnüňe almak, göwnüň galyp öýkelemek, ýokuş görmek. Onyň oba gelip, bize salama gelmeýşini gaty gördüm. Gaty söz aýtmak birine göwne deger ýaly ýaramaz söz aýtmak, gaty-gaýrym söz diýmek. Gaty umyt bolmak tamaňy üzmek, umydyňdan el çekmek, umydyň tala daňlan ýaly bolmak. Gaty umyt etmek tamasyny üzdürmek, umydyňdan el çekdirmek.
Meaning of “gaty” in Tuvan language – definitions, images, pronunciation, examples, synonyms, antonyms, learn more...
Request to translate if there is no definitions or definitions is not clear enough "gaty"?
Ask a question if something is not clear about the word "gaty".
To improve and add new definitions to the Turkmen-Tuvan dictionary, we need your support.
You can also help by adding definitions of words to the database.
Thank you!
arrow-right-bold-outline
Note
Cookie settings
We use cookies to provide you with the best possible experience. They also allow us to analyze user behavior in order to constantly improve the website for you.