🕙 27 хвилин читання
Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
Загальна кількість слів становить 3569
Загальна кількість унікальних слів становить 1971
31.3 слів у 2000 найпоширеніших слів
44.9 слів у 5000 найпоширеніших слів
53.0 слів у 8000 найпоширеніших слів
Tilki kimin bazy berse her ýana,
Duranda gaýa dek durup merdana,
Alar ýerden at salyşy gerekdir...
***
Mert ýigit mert ärden öner,
Namart asyl-ha mert bolmaz.
Eşit, adam, dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz.
Pyragy, Watan diýp gan döker gözüm,
Baky garap durmuş hijrana ýüzüm.
Goja taryh bizden hiç zady ýüz görüp duranok we gizlänok, ol ähli zady eliň aýasynda ýaly görkezýär. Urşuň ähli ýe
rinde bolşy ýaly, Berdimuhamet aganyň söweşen 2-nji Ukrain
fronty hem juda agyr ýagdaýlary başdan geçiripdir. Onuň
söweş ýoluny yzarlasaň, köp-köp pidalaryň bolandygy hemmä belli hakykat. Taryhdan belli bolşy ýaly, diňe bir Dnepr
derýasyndan sag-aman geçip, duşmany yza serpikdirmek
üçin gatnaşan merdana ärleriň 2438-sine Sowet Soýuzynyň
Gahrymany diýen at berlipdir. Bu bolsa söweşiň agyr ýagdaýda gazaply geçendiginiň güwäsidir.
Hawa, duşmana garşy öz şirin janyny gaýgyrman Watan
goragyna çykan gerçekleriň arasynda, öňde hem belleýşimiz ýaly,
hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet aga hem bolupdyr. Olar uruş diýilýän nägehanyň ýüzüne ebedilik atanak çekmek üçin söweşipdirler, ok bilen däriniň ýer ýüzünden hemişelik
ýok bolmagyny isläpdirler. Bu biziň atalarymyzyň arzuwy.
Döş gerip çykdylar duşmana garşy,
Gerçek ogullary beýik Watanyň.
Lerzana getirdi ýer bilen arşy,
Gerçek ogullary beýik Watanyň.
54
Şir bolup topuldy namys-ar üçin,
Mährem ene üçin, söwer ýar üçin.
Söweşdi mähriban ol Diýar üçin,
Gerçek ogullary beýik Watanyň.
Hak işiň mydama ýeňjegi hakdy,
Duşmany kül edip sürenne dykdy.
Ýeňiş Baýdagyny parladyp dikdi,
Gerçek ogullary beýik Watanyň.
Arzuwly garaýar geljege sary,
Parahat ýaşasyn ähli Ýer şary.
Diýýärler: «Ýok bolsun ok bilen däri»,
Gerçek ogullary beýik Watanyň.
Atalarymyzyň bu asylly arzuwlaryny amala aşyrmak,
olary wysal etmek, üstünlikli durmuşa geçirmek bu
gün çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň paýyna düşdi.
Belli bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan turuwbaşdan
Ýer ýüzünde parahatçylygy goramak we berkitmek ba
radaky ynsanperwer syýasaty öňe sürdi. Netijede, 1995-nji
ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň doly goldamagynda Türkmenistana
hemişelik Bitaraplyk statusy berildi. Başda yglan edilen
«10 ýyl abadançylyk» syýasatynyň hemişelik abadançylyk
syýasatyna öwrülendiginiň özümiz janly şaýady bolduk.
Elbetde, bu gazanylan baky Bitaraplyk bizi köp zatlara
borçly etdi, jogapkärçiligimizi artdyrdy. «BMG-niň parahatçylyksöýüjilik, deňhukuklylyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna, olaryň öz ösüş ýoly baradaky hukugyna sarpa goýmak
ýörelgeleri biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasynda
goýuldy, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk
bolsa, onuň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.
...BMG bilen hyzmatdaşlyk biziň daşary syýasatymyzyň
geljekde hem kesgitleýji ugry bolar» diýip, belent mertebeli
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş
55
Assambleýasynyň 62-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda
aýtdy.
Umuman, ýurt Baştutanymyz ýetilen sepgit, gazanylan
üstünlik bilen kanagatlanýan adam däl, ol hemişe gözlegde.
Arzyly alyslara ýetmek ugrunda gaýduwsyz göreşýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz
sözüniň eýesi, aýdanlaryny aňryýany bilen amal edýär.
Dünýä derejesinde uly Şahsyýet we batyrgaý reformator hökmünde ykrar edilen türkmeniň milli Lideriniň taýsyz
tagallalary bilen BMG-niň Merkezi Aziýadaky Öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hut Aşgabatda
açylmagy hem ýokarda aýdanlarymyzyň janly şaýadydyr,
olaryň iş ýüzündäki durmuşa geçmesidir. Munuň özi sebitde
parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek
boýunça öňe ädilen aýgytly ädimdir.
Sebitiň taryhynda ilkinji gezek BMG-niň hemişelik here
ket edýän işçi edarasynyň döredilmegi biziň Garaşsyz, baky
Bitarap Diýarymyza, türkmeniň milli Liderine bildirilen uly
ynamdyr. Sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşjak bu Merkeziň netijeli hem-de
önjeýli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini uly
kanagatlanma bilen bellemek gerek.
Ýeri gelende aýtsak, Diýarymyzyň paýtagty ak mermere
beslenen Aşgabatda açylan bu Merkez diňe bir sebitde däl,
eýsem dünýä ýurtlary üçin hem krizisli ýagdaýlaryň öňüni almak, döreýän käbir gapma-garşylyklary güýç ulanmazdan oňyn
tarapyna çözmek meselesinde hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Merkeziň alyp barmaly işleri BMG-niň agzasy bolup
durýan 192 döwletiň ählisini hem deň derejede tolgundyrýar,
çünki Ýer şarynyň islendik künjeginde çaknyşmalaryň öňüni
almak işindäki öňegidişlik olaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk
gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
BMG-niň Merkezi Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň açylyş dabarasynda taryhy söz söz
läp, bu Merkeziň wezipesini örän takyk kesgitledi: «...Biziň
umumy wezipämiz oňyn gatnaşyklary ýola goýmakdan,
ýüze çykýan meseleleri çözmäge täze gapma-garşylyksyz
56
çemeleşmäni işläp düzmekden, lukmanlaryň dili bilen aýtsak, olaryň wagtynda ýüze çykarylmagy hem-de öňüniň alyn
magy üçin mümkin bolan ähli zatlary etmekden ybarat».
Hawa, Merkeziň işi ýaňy ýola düşüp başlady, ýöne onuň
geljeginiň has hem netijeli boljakdygy jedelsiz hakykatdyr.
Beýik Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän parahatçylyk taglymatlary bütin dünýäni haýrana goýýar, ol dünýä
jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
Biz onuň hakykatdan hem şeýledigine ýakynda ýene
bir gezek şaýat bolduk. Täzelikde, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçen NATO-nyň nobatdaky sammitine gatnaşyp,
çuň manyly çykyş etdi. Ýewropanyň bu şäherine dünýäniň
50-ä golaý ýurdunyň liderleri ýygnandylar. Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan NATO-nyň döwlet baştutanlarynyň derejesinde geçirilen forumyna ilkinji
gezek gatnaşýar. «...Türkmenistan «Parahtçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» maksatnamasy boýunça NATO bilen
özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýär» diýip, hormatly Pre
zidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewro-Atlantika hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sammitinde eden çuň manyly
çykyşynda aýtdy.
Umuman, ýurt Baştutanymyzyň Buhareste eden bu sapary
özüniň ähmiýeti we dünýäniň syýasy toparlarynda döreden
seslenmeleri boýunça uly bir taryhy waka boldy diýsek dogry
bolar. Bu ýerde hiç hili ýasamalyk ýa-da ulaltma ýokdur.
Rumyniýanyň
Parlament
Köşgünde
NATO-nyň
sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň Prezidenti Jorj Buşuň duşuşygy boldy. Munuň
özi NATO-nyň forumynyň çäklerinde ABŞ-nyň baştutanynyň
ýeke-täk ikitaraplaýyn duşuşygydyr. Bu duşuşyk Garaşsyz,
baky Bitarap Diýarymyzyň, şeýle hem milli Liderimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyndan, ýokarlanýandygyndan
bir nyşandyr.
Şeýle duşuşyklar Horwatiýanyň we Owganystanyň Prezi
dentleri bilen hem bolup geçdi. Owganystan biziň duldegşir
goňşymyz. Goňşyny goldamak, kyn gününde oňa kömek et-
57
mek, ýardam bermek biziň ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp. Galyberse-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň öz sözleri bilen aýtsak: «Biziň ýakyn
goňşymyz Owganystana hemmetaraplaýyn kömek we gol
daw bermek, sebitde parahatçylygy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm komponenti bolup durýar».
Hawa, täze galkynyşlary, uly-uly ösüşlerdir özgerişleri
başdan geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň dünýä
döwletleri bilen hyzmatdaşlygy barha artýar, rowaçlanýar.
Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň 125 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Täzelikde, ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň wekilleri bilen geçirilen maslahatda nygtaýşy
ýaly, hormatly Prezidentimiz bary-ýogy bir ýylyň dowamynda
daşary ýurtly delegasiýalaryň 600-e golaýyny kabul etdi.
Parahatçylyk gadamlary gitdigiçe giň gerime eýe bolýan
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet Baýdagynda
zeýtun baldajygy bolup, ol Birleşen Milletler Guramasynyň
Baýdagyndan alnan parahatçylyk nyşanydyr.
Şu setirleriň awtoryna mundan baryp-ha 20 ýyl töweregi
öň Nýu-Ýorkda ýerleşýän BMG-niň gözel ymaratyny hut öz
ýanyndan synlamak miýesser edipdi. Şol binanyň öňündäki
nili düwlen tüpeňiň şekili meniň ünsümi özüne çekdi. Ol ok-ýaragyň garşysyna goýlan täsin ýadygärlikdi. Tutuş adamzat
şol düwlen niliň hiç wagt, hiç bir zamanda hem çözülmezli
gini isleýär.
Hawa, dünýä döwletleriniň bu ugurdaky, ýagny Ýer
ýüzünde parahatçylygy goramakdaky hem-de berkitmekdäki alyp barýan ählumumy göreşiniň öň hatarynda ynamly
we aýgytly gadamlar bilen öňe barýan biziň Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan döwletimiz, onuň hormatly Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygyň ygtybarly
arkadaýanjy bolup çykyş edýär.
Goý, türkmeniň parahatlyk Baýdagy dünýä halklaryny
şol göreşe çagyrýan nyşan bolup, döwrüň depesinde ebedilik
parlasyn!
Aprel, 2008-nji ýyl.
58
5. Ol iň soňky
deminde-de...
...Ö
z aladasyny etmän, ol iň soňky deminde-de
özgäniň aladasy bilen bolupdyr. Bu diňe är
kişilere mahsus häsiýetdir.
Hawa, bu ýerde gürrüň hormatly Prezidentimiziň atasy
Berdimuhamet aga (ýatan ýeri ýagty bolsun!) barada barýar.
Men diňe bir ýazyjy hökmünde däl, eýsem, kitap bilen iş
salyşýan hünärmen-kitaphanaçy hökmünde hem beýik şahslar
bilen baglanyşykly ýazylan kitaplara, ýatlamalara aýratyn
sarpa goýýaryn. Şeýle eserleri başga işimi taşlap öwran-öwran okaýaryn, olardan köp peýdaly zatlary öwrenýärin,
özüme sapak edinýärin.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky
Baş arhiw müdirligi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň
Arhiw gaznasy ýurt Baştutanymyzyň terjimehaly bilen
gönüden-göni baglanyşykly yzly-yzyna iki kitaby okyjylar köpçüligine hödürläp, örän sogap iş etdi. Elbetde, ol
neşirler ýurdumyzyň jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn
garşylandy, gazet-žurnal sahypalarynda, şeýle hem beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde halkymyzyň
ýürekden çykan minnetdarlyk sözleri beýan edildi. Ol
kitaplar elden-ele geçirilip okalýar. Eýsem, halkynyň ykbalyny gerdeninde göterýän ýurt Baştutanymyzyň ata-babalary bilen bagly gyzykly maglumatlar kimi biperwaý
galdyryp biler?!
59
Men hut özüm barada aýdanymda bolsa, ol ykballar bilen
baglanyşykly makalalar toplumyny ýazdym we bu ugurda
häli-häzirem işlemegimi dowam edýärin.
Men gürrüňimiň örüsini giňeldip ýa-da halk arasynda
aýdylyşy ýaly, sözümi sozup durman, mundan 40 ýyl öň bolup geçen bir wakany ýatlamakçy.
...1966-njy ýyldan 1972-nji ýylyň başyna çenli aralykda
men Gökdepe etrabynda ilki raýon medeniýet bölüminiň,
soňra bolsa raýon partiýa komitetiniň wagyz-nesihat bölü
miniň müdiri bolup işledim. Şol döwürde öz wezipe-borjum
boýunça kolhoz başlyklarynyň medeniýet baradaky orunbasarlary bilen gönüden-göni iş salyşdym.
Mälim bolşy ýaly, täzelikde «Mugallym, esger, ilhalar
ynsan...» atly Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoluna
bagyşlanan ylmy-resminamalaýyn neşir çap edildi. Okyjylar
köpçüliginde uly gyzyklanma döreden bu kitabyň ahyrky
sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň pederi Mälikguly aganyň öz kakasy Berdimuhamet aga baradaky ýazan
çaklaňja ýatlamasy ýerleşdirilipdir. Ol ýerde şeýle setirler bar:
«...Bize ilki kömege gelen goňşymyz Nurça Garaja boldy. Ol
kakamyň öz okuwçysydy...».
Okyja has düşnükli bolar ýaly, aslynda gürrüňi edilýän
bu kitabyň 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň 60 ýylly
gyna bagyşlanyp çykarylandygyny nygtamak isleýärin.
Hawa, indi Nurça Garajaýewaly söhbedimize dolanalyň.
Mälikguly aganyň ýatlamasynda bu zenan barada, has
dogrusy, onuň bilen baglanyşykly waka dogrusynda şeýle
diýilýär: «...Biz kakamy kesegiň aşagyndan çykaranymyzda
ol entek diridi, ýöne demini agyr alýardy. Nurçanyň «Mugallym, gözüňi açsana!» diýip, zaryn gygyranyndan bolsa
gerek, kakam zordan gepläp: «Nurça, gyzym, çagalar dirimi,
näme, atom ýaryldymy?» diýip sorady. Bizem ýerli-ýerden:
«Biz diri, ýer yrandy» diýdik. Şonda kakamyň: «Atom ýarylyp, uruş bolmadyk bolsa, ýene ýagşy, dowamat bolar, nesil
ýaşar» diýen soňky sözi şindizem gulagymdan gidenok.
...Kakamyň ölmeziniň öň ýanynda ýene bir aýdany:
«Nurça, gyzym, indi meniň ýagdaýym ýagşy, sen Mälikgu-
60
lyny al-da, mekdebe ylga. Ol ýerde okuwy täze gutaryp gelen
ýaş mugallym ýaşaýandyr, şoňa kömek ediň» diýdi.
Biz mekdebe baryp, ýykylan jaýy gazyp ugranymyzda,
beýleki mugallymlaram kömege geldi. Ýöne, arman, ýaş mugallymam, gelnem, bir ýaşyna ýetmedik çagajyklarynam diri
däl-de, öli çykarmaly bolduk.
Kakamyň agyr halda ýatanyny eşiden adamlar biz bilen
öýe gelenlerinde, kakam ýagty jahan bilen hoşlaşan eken.
Şonda Nurça Garaja uly sesi bilen aglap: «Adamlar, geliň
adam sylamagy, oňa hormat goýmagy Berdimuhamet mugallymdan öwreneliň. Ol ölüm ýassygynda ýatan wagty öz
aladasyny etmän, bizi mekdebe ýaňy gelen ýaş mugallymy
we onuň maşgalasyny halas etmäge iberdi. Goý, onuň ýatan
ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!» diýip, hat-sowat öwreden eziz
mugallymy bilen hoşlaşdy».
Ine, Nurça Garajaýewanyň iň soňky deminde iliň aladasyny eden Berdimuhamet aga hakyndaky şol wagtky hasratly günlerde aýdan ajaýyp sözleri meni 1968-nji ýyla öwrüp
getirdi. Öňde hem belleýşim ýaly, şol döwürde, ýagny 40
ýyl mundan öň men Gökdepäniň raýon partiýa komitetinde
bölüm müdir bolup işleýärdim.
1968-nji ýylda bu tebigy betbagtçylygyň bolup geçenine
20 ýyl bolupdy. Ýöne sowet ideologiýasynyň gysajynda terbiýelenen, aňlary tas mankurtlaşma derejesine baryp ýeten
şol döwrüň adamlary öz ölüsiniň agysyny arkaýyn aglap
bilenokdy. Özüm hem şol ýertitremäniň pidasyny çeken
adam, özümden iki ýaş uly gyz doganym bu ýagty jahan
bilen ömürlik hoşlaşypdy. Olaryň ruhuna degsin edip, ýatan
ýerleriniň ýagty bolmagyny beýik Biribardan dilejek bolsaň,
öz kölegäňden gorkup, bukulyp ýörmelidi. Zamana zalymdy.
Ine, şol günleriň birinde Nurça daýza bilen söhbetdeş
bolmak şu setirleriň awtoryna miýesser edipdi. Ol meniň Yzgant ýegenidigimi bilenden soň, şol obadan göçüp gelen öz
mugallymy Berdimuhamet aga barada gözüne ýaş aýlap, ajy
ýatlamalara gark bolupdy.
—Tutuş obamyz ol mugallyma uly sarpa goýardy. Ol
ilhalar adamdy, abraýy ýokarydy. Onuň orny hemişe törde-
61
1948-nji ýylyň ýertitremesiniň
döreden weýrançylyklary
di. Ýaşuly mugallym il-günüň ýakyn maslahatçysydy,
geňeşdarydy. Onuň kiçigöwünliligi, belent adamkärçiligi, ynsanperwerligi, sowatlylygy, okumyşlygy hemmeleri
haýran galdyrýardy. Men onuň ruhunyň öňünde hemişe baş
egýärin...
Berdimuhamet mugallym bize şeýle bir zady gürrüň
beripdi. Ol 1943-nji ýylda urşa gideninde öz okadýan okuw
çylaryna: «Çagalar, men «toýa» gidýän, hoş sag boluň,
örän gowuja okaň!» diýip, sarganynda, «toý» sözüne özüçe
düşünen çagalar: «Mollum, toýa bizem äkidäý» diýer ekenler.
Bu wakany ol ýylgyryp ýatlardy.
Wah, bende, uruşda agyr ýaralanyp, öz iline, Watanyna,
mähriban ojagyna, çagalarynyň arasyna gaýdybam gelen
eken-le welin, arman...Elbetde, kysmatdyr-da. Şol gijeki aýylganç sarsgyn ony aramyzdan ebedilik alyp gitdi. Mähriban
mugallymymyz bilen baky hoşlaşanymyza eýýäm ýigrimi
ýyl bolaýypdyr.
Hawa, meniň Nurça Garajadan bu gürrüňi eşidenime
hem eýýäm 40 ýyl bolupdyr. Wagtyň bir ölçegi bar, ol diňe
öňe hereket edýär. Biziň şu günki bagtyýar günlerimizi
görmek olara nesip etmedi. Olaryň ak arzuwlary ak guwlara öwrülip, görünmez alyslara uçup gitdiler. Berdimuhamet aga ýene-de ençeme ýyllardan öz agtygynyň tutuş
türkmen halkynyň howandary hem-de hemaýatkäri bolup
ýetişjegini, elbetde, bilen däldir. Ýöne onuň ruhy bu zatlary
duýýan, syzýan bolmaly. Sebäbi «Dirä—güman, ölä—aýan»
diýen gürrüňiň aňyrsynda bellibir derejede hakykat ýatandyr.
Hawa, indi şu günüň nazaryýeti bilen seretsek, Nurça Garajanyň «Adamlar, geliň, adam sylamagy, oňa hormat goýmagy Berdimuhamet mugallymdan öwreneliň»
diýmeginde uly many-mazmun bar eken.
Berdimuhamet aganyň pederleriniň hem beýik adamkärçiligine güwä geçýän, ony tassyklaýan şeýlebir gürrüňiň
şaýady boldum.
Geliň, ýene-de şol kitabyň 8-nji sahypasyna ser salalyň.
«...Biziň milli Liderimiziň aňyrsy bolsa Nepesaly baýdan
başlanypdyr.
63
...Nepesaly baýyň bäş ogly gadym eýýamdan bäri gelýän
daýhançylyk kärleri, maldarçylyk, ýüň taýýarlamak, halyçylyk, keçe basmaklyk bilen meşgullanypdyr. Babarap obasynyň
golaýyndaky Atak guýusy hem şolaryňky eken».
Üns beriň, Atak guýusy! Men Gökdepede işlän döwrümde
etek gumda ýerleşýän şol guýynyň başynda, çopan goşunda
köp gezek bolupdym, agitbrigada ýolbaşçylyk edip, maldarlaryň
öňünde çykyş edipdik. Dogrusyny dogry aýdaýyn, şol wagtlar ol guýynyň ilkibaşda kime degişli bolandygyny biljegem
bolmandym, ol mesele meni gyzyklandyrmandy.
Ynha, dek täzelikde Yzgant obasynda myhmançylykda
boldum. Şol oba köp ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk eden,
obada uly abraýdan peýdalanýan, il-günüň toýuna-ýasyna
ýarap ýören Aman Muhammetkulyýew bilen duşuşmak maňa
miýesser etdi. Men bu ýaşuly bilen has irki, ýagny Gökdepede
işlän döwrümden bäri gatnaşykdadym. Ol gürrüňçi adam.
Çaý başynyň söhbedi gyzyşdy.
— Aman aga, gaýraky, Atagyň guýusy diýilýän Nepesaly
baýlaryňky eken-ow! Men ony, ynha, şu kitaby okanymdan
soň bilip galdym —diýip, elimdäki täze neşiri görkezdim-de,
onuň berjek jogabyna garaşdym.
— Sen, näme, ony şu wagta çenli bileňokmydyň? —diýip,
ol geňirgendi. Soňra gürrüňiniň üstüni ýetirdi. — Ýegen, men
saňa şol guýy bilen baglanyşykly başga bir gürrüňi aýdyp bereýin...
Men durşum bilen gulaga öwrüldim. Öň bilmeýän zadyňy
eşitmek, diňlemek meniň üçin-ä aýratyn ýakymly.
— Hawa, ol guýyň haçan gazylanyny-ha aýdyp biljek
däl, ýalan sözlemäýin. Ýöne Nepesaly baýlaryň nesilleriniň
dowarlarynyň şol ýerde örüländigini welin ata-babalarymyzdan eşiderdik. Obamyzda häzirem uly buýsanç bilen olaryň
sahy, ile ýaramly, ýüregi ýuka adamlar bolandygyny ýatlaýarlar, gürrüň edýärler. Geçip barýan del süri guýyň başyna saýsebäp bilen sowlaýsa, öz mallaryny soňa goýup, garaşdyryp,
kesekiň malyny suwa ýakar ekenler... Beýle jomartlygy köp
adam etmese gerek. Bu beýik adamkärçilikden nyşan...
Aman aga bilen eden söhbetdeşligimiz şu günlere sy
rykdy. Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
64
Berdimuhamedowyň Beýik Galkynyş eýýamynda alyp
barýan il-ýurt bähbitli işleri özüniň gözbaşyny has alyslardan
alyp gaýdýan eken. Belent mertebeli Prezidentimiziň: «Halk
biz üçin däl-de, biz halk üçin işlemelidiris» ýa-da: «Döwlet
adam üçindir!» diýmeginde hem hiç hili tötänlik ýok eken.
Ol nesillerden gelýän asylly däpleriň döredijilikli dowamy
bolupdyr.
Hawa, eşret arygynyň gözbaşynda, sakasynda oturan
çuňňur
hormatlanylýan
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimuhamedow bu gün sahylyk bilen il-gününe bagt
paýlaýar, nurly Kuýaş bolup halkyny çoýýar.
Şu pursat meniň hakydamda türkmeni dünýä tanadan
beýik şahslaryň biri dana Magtymgulynyň: «Häkim bolsaň,
halky Gün kibi çoýgul» diýip aýdan atalyk pendi janlanýar.
Atalaryň arzuwyny amala aşyrýan Agtygyň — hormatly
Prezidentimiziň ömri uzak bolsun, Hudaýym!
Noýabr, 2008-nji ýyl.
5*
65
6. Hekaýat
hakykata öwrülýär
Ş
öhratly ady goja taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen
ýazylan gadymy, Gahryman Gökdepäniň gum eteginde
ýerleşýän Yzgant-Oguzkent obasy bilen meniň öňden
gelýän garynja gatnawym bar. Alyslarda galan çagaly
gymyň bellibir bölegi şol oba bilen baglanyşykly diýsem has
dogry bolar. Ellinji ýyllaryň başlarynda Yzgandyň ýediýyllyk
mekdebinde bir ýyla golaý okapdym, tälim alypdym.
Bilemok, göbek ganymyň daman ýeriniň oba bolanlygy
üçinmi, nämemi, oba adamlary bilen çaý başynda mesawy
gürrüň edip, söhbetdeş bolmagyň meniň üçin-ä aýratyn
lezzeti bar. Olarda hiç hili gaçyrym ýok, içi güjükli gürrüň
edenoklar, olar sadadan sypaýy... Beýle diýsem, şäherliler
göwnüne alaýmasynlar.
Hawa, şonuň üçin hem sähel elim sypynsa oba eňýän.
Ynha, arada, Yzgantda bolanymda, şol oba köp ýyllaryň
dowamynda ýolbaşçylyk eden, daýhançylyk kesbi-käriniň
lezzetine aňryýany bilen düşünýän, häzir segseni sermeläp
ýören Aman aga Muhammetgulyýew bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Ol hormatly Prezidentimiziň atasy, asly
yzgantly Berdimuhamet Annaýewden öz obadaşlaryna ýadygär galan şeýle bir hekaýaty ýatlady, aýdyp berdi.
...Gadym zamanlarda bir obada bölek ýer bar eken.
Ol ýeri şol obanyň adamlary köp gezek ekip görüpdirler,
emma hasyl alyp bilmändirler. Ýene ekip görüpdirler, ýene-
66
-de bolmandyr. Ahyry özüne göwni ýetýän babadaýhanyň
biri: «Nesip etse, şol ýerden men hasyl alaryn» diýip orta
çykypdyr.
—Biderek azap edip ýörme, şol ýeri senden öňem ençe
adamlar ekip gördi. Bolmady. Ol ýer şor ýerdir, ekin bitmez
— diýip, ýaňky daýhana nesihat beripdirler.
—Enşalla, men şol ýerden hasyl alaryn — diýip, ol öz
pikirinden dänmändir.
Goş öküzini goşup, azal bilen sürüp başlapdyr. Birnäçe
gezek terslin-oňlyn sürüpdir. Ahyry hem ýeriň gyrasyna
çykyp, azalyň kündesini sogrup, sürlen ýeriň içine oklapdyr.
Emma künde ýere gömülmän, ýeriň ýüzünde duruberipdir.
Onsoň ol daýhan ýene sürüpdir. Ýene kündesini oklap görüpdir. Künde ýene ýere gömülmän, ýeriň ýüzünde durupdyr.
Onsoň ol daýhan ýene sürüp ugrapdyr. Sürüp, sürüp, ýene
gyrasyna çykyp, kündesini sürlen ýere oklapdyr. Bu sapar
kündäniň ýarysy ýere giripdir.
Onsoň ol daýhan ýene sürüp başlapdyr. Sürüp-sürüp,
ýene kündesini oklap görüpdir. Bu sapar oklanda, künde edil
suwa oklanan ýaly küpürsäp duran ýere gömlüp ötägidipdir.
Onsoň, daýhanyň göwni hoş bolup, ekin ekipdir. Eken ekini
şeýlebir bitipdir, hasyl beripdir, edil başyna gören ýaly bolupdyr.
Onsoň oba adamlary muňa haýran galyp:
—Sen näme üçin mundan ozal ekileniňde hasyl bermän,
bu ýyl beýle bol hasyl eçildiň?—diýip, ýerden soranmyşlar.
Ýer ýeňillik bilen dem alyp:
—Men bu ýylam hasyl berjek däldim welin, bu daýhan
meni günüme goýmady, içimi daşyma çöwürdi, meni mum-helim etdi. Onsoň mende hiç hili ygtyýar galmady. Daýhan
erkimi elimden aldy. Men onsoň hasyl bermän nädeýin?!—
diýip, jogap berenmiş.
Biz «B.Annaýew gadymy kitaplary, halk dessanlaryny, rowaýatlary we ertekileri yhlas bilen ýygnap, halka
ýaýradandygy bilen il arasynda abraý gazanypdy» diýip,
Baş arhiw müdirliginiň 2007-nji ýylda çapdan çykaran
«Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Gysgaça terjimehal» atly kitabynda ýazylan setirleriň juda
67
Türkmenistanyň Prezidenti çopan goşunda
jaýdar aýdylandygynyň hem-de olaryň hakykata laýyk
gelýändiginiň hut şu günler hem janly şaýady bolýarys.
Hawa, halk ýagşynyň ýarany. Yzgantlylar Berdimuhamet aganyň şol bitiren sogap işlerini, hyzmatlaryny häli-häzirem uly minnetdarlyk bilen ýagşylykda ýatlap ýörler.
Elbetde, ýagşy adamlar hiç wagt unudylmaýar, olar halkyň
hakydasynda ýaşaýarlar.
Toprak! Türkmen aga hemişe saňa salam berýär, seni
ýüzüne sylýar. Aslynda, adamyň özi hem ene ýeriň, topragyň
perzendi ahbetin. Sen adamzat ähliniň ekleýjisi. Ýöne bellibir döwürde biz eneli-ogul bolup seniň bilen düşünişip
bilmedik. Has dogrusy, biz seniň eliňden bol hasyly zorlap, gaňryp aljak bolduk. Bolmady. Sebäbi, onuň aňyrsynda
gödeklik ýatan ekeni. «Tebigata ýalbarman, biz oň elinden
hasyly gaňryp alarys» diýip, haýsydyr bir berebekgeýiň
aýdan sözlerini şygar edindik. Gynansak-da, gazanan netijämiz bolmady. Indi seredip otursak, biz saňa ýeterlik ideg-yssywat etmän, hiç zat eçilmän, senden köp zatlara hantama bolupdyrys.
Hudaýa ýüzde müň şükür, bu gün ene topragyň diline
düşünýän, onuň bilen «gürleşip» bilýän gerçek Ogul Garaşsyz,
baky Bitarap Diýarymyza Baştutan boldy. Ol turuwbaşdan
daýhana sala salyp, onuň arzyny diňlemegi başardy.
Belent
mertebeli
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimuhamedowyň bu aýgytly ädiminiň aňyrsynda ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpler ýatyr. Galyberse-de...
Geliň, ýene-de «Gysgaça terjimehalyň» sahypalaryna ser
salalyň!
«Orta mekdebiň V—X synplarynda okan döwründe
ol her ýylky tomusky dynç alyş günlerini üç aýlap, ejesi
Ogulabadyň daýzasynyň öýünde, şol wagtky «TSSR-iň 40
ýyllygy» kolhozynda geçirerdi. Özüniň deň-duşlary bilen
her gün irden daňdan 5-lerde turup, maşynly şol kolhozyň
häzirki Ahal welaýatynyň Aksuw diýen ýerindäki ekin meýdanlaryna giderdi. Ol ýerde şitil ekmek, orak ormak, pomidor
ýygmak, gawun-garpyz, mekgejöwen ýygmak, ekinlere suw
tutmak ýaly işler bilen meşgullanardy. Şeýdip ol özboluşly
zähmet terbiýesiniň mekdebini geçdi».
70
Zähmet terbiýesiniň mekdebi! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bereketli toprak
bilen, babadaýhanyň durmuşyna dahylly meseleler bilen
baglanyşykly geçirýän uly-uly reformalaryny, düýpli
özgerişlerini göreniňde, ol zähmet terbiýesiniň diňe bir mekdebini däl-de, eýsem, onuň akademiýasyny geçene meňzeýär.
Asyrlarboýy arzuwlap gelen Garaşsyzlygymyzyň soňky iki
ýylynda, ýagny Beýik Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň oba
hojalygyndaky bolup geçýän ösüşlerdir özgerişleri göreniňde,
gözüň dokunýar, ata Watana, hormatly Prezidentimize bolan
buýsanjyň artýar.
Men şeýlebir hakykata aýratyn üns berýärin.
Belki, ýadyňyzdadyr. Geçen gyşyň gazaply günleriniň
birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
uzak örüdäki maldarlaryňkyda olar bilen söhbetdeş bolupdy, çopan goşunda çaý içipdi, olar bilen bir tabakdan nahar
iýipdi, olaryň hal-ahwalyny, ýetmezini sorapdy... Şeýle hem
ol bereket ojagyna öwrülen Diýarymyzyň gallaçylarynyň,
pagtaçylarynyň arzyly myhmany. Oba hojalygynyň haýsy
ugry bolsun, tapawudy ýok, hormatly Liderimiz olaryň özi
bolup, olaryň öz «dilinde» gürleşmegi başarýar. Ol ýene bir
görseň polat ata atlanyp pagta ýygyp ýa-da orak orup ýör. Elbetde, beýle başarnyk, ussatlyk her kime ýetdirip duran närse
däl, ol diňe keremli Taňrynyň nazary düşen, ýalkan adamlarynda bolup biler.
Hawa, öz gujur-gaýratyny ähli guramaçylyk hem-de
ýolbaşçylyk ukybyny öz halkynyň eşretli durmuşda ýaşama
gyna gönükdirýän çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň
oba ýerlerine, ýerden bagt tapýan daýhanlaryň arasyna edýän
her bir sapary, olar bilen ýürekdeşlik ýagdaýynda geçirýän
söhbetdeşligi zähmet adamlarynda uly joşgun, hyjuw, beýik
ruhubelentlik hem-de ýurt Baştutanymyzyň özüne bolan çäksiz minnetdarlyk duýgusyny döredýär.
Meniň bu aýdýanlarym söz owadanlamak üçin diýilýän
howaýy bir zat däl, ol durmuş hakykaty. Meniň birje mysala
ýüzlenesim gelýär.
Murgaply kärendeçi Atamuhammet Çaryýew öz ýürek
buýsanjyny gazet sahypasynda şeýle beýan edýär:
71
Hydyr gören türkmen topragynyň datly miweleri
«Kärendeçi-pagtaçy bolamsoň, her bir ekerança sylag-hormaty, aladany özümize hem dahylly saýýarys. Şonuň üçin
hormatly ýurt Baştutanymyzyň suw tutup ýören kärendeçiniň
ýanyna gum kesekleriniň içi bilen pyýadalap baryp, ýörite
söhbetdeş bolanyny görüp, biline fartuk dakynyp, pagta
ýygyşyna seredip, beýleki ýönekeý zähmet adamlary bilen
açyk, ýürekdeş söhbedini diňläp «Elhepus, beýle-de bir
kiçigöwünli, mährem, il-halky barada içgin alada edýän ýurt
Baştutany bolar eken-ow! «diýenimi duýman galdym.Beýle
döwlet ýolbaşçylarynyň bolýandygyny diňe ertekilerde
eşidýärdik. Tüweleme, halkymyzyň bagty çüwüpdir».
Sada daýhanyň ýüreginiň çuňundan çykýan bu ýakymly
sözler tutuş türkmen halkynyň ýüreginiň owazydyr, buýsanjydyr, minnetdarlyk sözüdir.
Hawa, siňe seredip, seljerip dursak, hormatly Prezidenti
miziň bereketli toprak bilen bagryny badaşdyrmagynda, zähmetsöýer babadaýhanlarymyzyň ýürek töründen orun alma
gynda hiç hili tötänlik ýa-da säwlik ýok eken. Munuň özi ýurt
Baştutanymyzyň nesilden-nesle geçip, maşgala däbine öwrülen,
onki süňňüne siňen, ata-babalarymyzdan miras galan daýhan
däpleriniň döredijilikli dowamy bolup durýar. Ol il-ýurt bähbitli bu sogap işleri özüniň ykbaly hasaplaýar. Ykbala bolsa biperwaý garalmaýar.
Megerem, şonuň üçindir, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk tarapyndan ýurt
Baştutanlygyna saýlanylan ilkinji gününden başlap, ýurduň
oba hojalygyny düýpli özgertmek, ony ýokary derejede ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berip başlady, bu
wajyp wezipe birjik-de ünsden düşürilmeýär. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda eden çuň manyly çykyşynda sözlän taryhy sözünde:
«Oba hojalygynda göz öňünde tutulan özgertmelerimizi hut
şu günden başlap çaltlaşdyryp başlamaly» diýip aýtdy.
Hudaýa şükür, hormatly Liderimiziň aýdýan sözleriniň
işden aýry çykýan ýeri ýok. Turuwbaşdan, oba zähmetkeşlerine
pensiýalaryň, çagaly enelere kömek pullarynyň täzeden
dikeldilmegi zähmet adamlarynda geljege bolan ynam
74

Ви прочитали 1 текст із Туркмен література.
Далі - Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
- Частини
- Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1
- Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
- Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
- Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
- Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
- Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
- Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
- Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
- Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
- Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10