Latin

Ýusup–Züleýha - 9

Süzlärneñ gomumi sanı 3661
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2114
23.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
35.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
42.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
122
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam bu jogaby diýip, agasyna berip, Kengana
rowana kyldy. Baryp atalaryna ýetdiler. Baş urup ýyglap, boýnuna arkan salyp,
tobaýy-uzur bisýar kyldylar. Ýakup alaýhyssalam olary bir-bir guçup, günäsin ötdi.
Ýusubyň namasyn okap, gören jepasyna atasy ýyglar erdi. Gähi mähnetden rahata
çykanyna hoşwagt bolar erdi.
Elkyssa, Ýakup jem öwlady bile göç kylyp, Müsüre rowana boldular. Ýusup
alaýhyssalama «Ataňyz geler» diýip, habar bardy. Ýusup şäher halkyna buýrup:
- Hemme guruh-guruh atamyzyň aldyna pişwaz çykyp baryňlar – diýgeç, ýaş
oglan bir taýpa, garrylar bir taýpa, ulamalar bir taýpa, ähli-hikmetler bir taýpa,
wezirler bir taýpa, gurrandazlar bir taýpa, müneçjimler bir taýpa – hemme top-top
ýöriş kyldylar.
Elkyssa, gelip-gelip her haýsysy öz taýpasy bilen atlanyp, tarap-u bazy
kylyp, surnaý, kernaý, nagara, muganny, sazanda, guýende bir taýpa bolup, Ýusup
alaýhyssalamyň aldyna rowana boldular. Hezreti Ýusup hem beni-ysraýyl halky
bile atasynyň aldyna çykdy. Ýakup pygamber alaýhyssalam görse bir gert peýda
boldy. Gert içinde birniçe atly tagzym - towazyg bile gelip, Ýakup alaýhys-salamyň gollaryn alyp, ýer öpdüler. «Merhaba» diýip görüşdiler.
Ýakup sordylar:
- Kaýdan geler siz?
Olar:
- Ýusup bizleri özleriden burun iberdi. Olaryň habaryn getirdik. Olar hem tiz
geler – diýip jogap berdiler. Ýakup ýene ileri bardylar. Görse bir gert peýda boldy.
Gert içinde niçe müň atly sanjak-sanjak, baýdak-baýdak, perde-perde gelip Ýakup
bile görşüp, tagzym-towazyg kyldylar.
Ýakup sordular:
- Bular kimler turar?
- Aýtdylar:
- Beg-begzadalar turar.
Ýakup ýene ileri ýöridi. Ýene bir gert peýda boldy. Gert içinde birniçe
hüllepuş göründi. Ýakup sordular:
- Bu geleturanda meniň Ýusubym barmy?
Aýtdylar:
- Bular ulamalar turar.
Gelip Ýakup bile görşüp-soraşdylar.
Ýene ileri ýörediler. Bir gert peýda boldy.
Ýakup aýtdy:
- Oglum bularyň içinde barmy?
Aýtdylar:
- Bular hemme müneçjim-gurrandazlar turarlar.
Gelip Ýakup bile görüşdiler. Ýakup Ýusubyň jemalyna ondag muştak bolup
turar kim, tamam akyl we huşy gidip, mesti-laýakal bolup, gözleri ýer görmeý
geler erdi.
Ýene bir gert peýda boldy.
Ýakup sordy:
- Bu gelen kimler turar?
123
Aýtdylar:
- Bular hemme Ýusubyň gulam beççeleri turar.
Ýene ileri ýörediler. Bir gert peýda boldy. Gert içinde sanjak-sanjak,
baýdak-baýdak, perde-perde tugy-alam asabaýy-dep-debe, haýmaýy-seraperde,
hurşudy-hawer, çardehi-mahy-enwer, älemde serwer, ýüz elwan, şan-şöwket, hüýr
sypat, perişde sypat, nury-hidaýat, dilinde müň zikr-u sena, yşkynda tamam
halaýyk ahy-waweýla, etrapynda jahan soltanlar, birniçe hapyz-elhanlar, birniçe
ýüz mugannyýy-zamanlar meýmene-meýsere, birniçe mamtabanlar sagyndasolunda, owaz-gulgula we zelzele bilen gelip, Ýusup Tumag atynyň üstünde
mübärek ýüzlerinden nikabyn göterip, her taýa nazar kylyp, halaýygy zowk we
şowky bile jemalyna mesti-mustagrak kylyp ýetişdiler. Ýedi gat asmanyň işikleri
açylyp, jem melaýyk nazzara kylyp, arş-u kürs, lowh-galam ata-oglyna medhi-sena
aýdyp, wuhuş-u tuýur hemme tarapbazy kylyp, Hudaý tebärek we tagala rehmetin
äleme döküp, jahan ýene pür nur bolup geler erdiler. Ýakup sordy:
- Bu köwkebeýi-zenzele kimler turar?
- Ýa Ýakup, nury-didäňiz Ýusup turar – diýgeç, Ýakup alaýhyssalam bihuş
bolup ýykyldy. Mähremleri gelip at üstünden tutdular. Ýusup alaýhyssalamyň
gözleri atasyna düşüp, bihuş bolup, atdan düşmek hatyr-şeripleriden feramuş
boldy. Nägä hezreti Jebraýyl gelip: «Eý, Ýusup! Ne üçin atdan düşmes sen,
ataňdan edep saklamas sen. At üstünden mylakat kylar sen» diýgeç, Ýusup
alaýhyssalam, özün atdan taşlap, atasynyň boýnuna asylyp, ýüz nalaýy-pygan bile
halaýyga gulgula salyp, salam berip, bu jogaby aýdar erdi:
Ýusup:
Kyrk ýyl oldy, gaçan guluň danyşar,
Hoş gelip siz, baş üstüne, ezizim!
Dostlar gülüp, duşmanlarym ýyglaşar,
Hoş gelip siz, baş üstüne, ezizim!
Ýakup:
Kyrk ýyl oldy gaçyrmyşam laçynym,
Jeren gözli maralymyz senmi-sen,
Düýşümmidir, oňummydyr, hyýalym,
Ýusup atly nigärimiz senmi-sen?

Bir ok idim, alys ýere atyldym,
Bende bolup, ilden-ile satyldym,
Şükri- lilla, dogaňyzdan gutuldym,
Hoş gelip siz, baş üstüne,ezizim!

Senden aýrylgaly eşret kylmadym,
Gan ýyglaram, gözde ýaşym sylmadym,
Söwer guzym, kaýdadygyň bilmedim,
Täze bagym, gülgüzarym sensmi-sen?

Gam çekmeden meniň bilim büküldi,
Gussa töhmy jan şährinde ekildi,
124
Bady-hazan urup, gülüm döküldi,
Hoş gelip siz, baş üstüne , ezizim!

Niçe gün gudukda menzil eýledim,
Günbe-gün halymy tebdil eýledim,
Aýp eýlemäň, sizi bidil eýledim,
Hoş gelip siz, baş üstüne , ezizim!

Seni diýip çekdim müň jan pidalyk,
Gurbatyňda aryp, boldum gedalyk,
Şükür, kim, görkezdi ýaradan Halyk,
Dil jem olan dildaryrymyz senmi-sen?

Seniň hijriň, balam, kebap eýledi,
Hudaýym emr edip, ytap eýledi,
Diýme «Ýusup» diýip, hytap eýledi,
Hakdan ýeten didarymyz senmi-sen!

Ýusup aýdar, oýnap-gülüp gezmedim,
Biejazat syparyşyň ýazmadym,
Ata janym, pyrakyňa dözmedim,
Hoş gelip siz, baş üstüne, ezizim!

Ýakubyň dilinde senasy sen-sen,
Jamy-Jemşit – jahannemasy sen-sen,
Kyrk ýylky derdimiň dowasy sen-sen.
Gitdi sabr-u kararymyz, senmi-sen!
Elkyssa, ata-ogul bu jogaplary aýdyp, hal-ahwal soraşyp, Müsüre rowana
boldular. Halaýyk ardynja top-top bolup, olar hem ýöriş kylyp, şähere girdiler.
Şadyýana kylyp, aýyn bestelik kylyp, ýedi gije-gündiz toý-tomaşa kyldylar.
Hemme Ýakup alaýhyssalama beýgat kylyp, musulmançylygy täze kyldylar.
Müsür welaýaty ondag parahat boldy kim, hiç birew-birewe jebir-sütem bolmady.
Elkyssa, söz köp, bu suratda elli ýyl ortadan ötdi. Elli ýyldan soňra
Hudaýtagala hezret Jebraýyla perman kyldy we: «Bargyl, Ýakup alaýhyssalama
aýgyl, wagty-kaza ýakyn turar. Müsür welaýatynda durmasyn. Müsürde köp
tagylar öten turar. Indi ömri ahyr bolup turar. Şam Kengana barsyn. Aba we
ejdatlary öten ýerde yntykal kylsyn» diýip Jebraýyly iberdi. Jebraýyl Huda emri
bile gelip, Ýakup alaýhyssalama habar berdi. Ýakup ölüm wehmi bile gelip, Ýusup
alaýhyssalama beýan kyldy. Hemme takdyra ryza berdiler. Ýakup Ýusup we jemi
Müsür halky bile widaglaşyp bu gazaly aýtdy, Ýusup alaýhyssalam zar-zar ýyglap
atasyna jogap berdi:
Ýakup:
Men gitmeli boldum şähri-Kengana,
Ýusup, Alla ýaryň bolsun, gal indi.
125
Işim boldy meniň ahy-efgana,
Ýusup, Alla ýaryň bolsun, gal indi.
Ýusup:
Ata sen gitmegil şähri-Kengana,
Sensizin men munda galabilmenem.
Hak seni goýmasyn ahy-efgana,
Sen bolmasaň munda galabilmenem.

Maňa bu gün Hak eýledi permany,
«Baryp watan eýle şähri-Kengany»,
Hak emrine müňkür bolup gümany,
Beýle bilmen, Ýusup janym gal indi.

Sen eýlegil maňa bolan permany,
Ondan ägä bolsun köňlüm gümany,
Nije ýyl janyňa boldum armany,
Indi senden hergiz galabilmenem.

Gel kyýas et, niçe kimseler öten,
Bu dünýäde jebr-u jepalar ýuwtan,
Gutly bolsun maňa-saňa ol watan,
Ýusup, Alla ýaryň bolsun, gal indi.

Afw eýlegil sujum bolsa eý ata,
Eger kastdan, eger sähwen, ýa hata,
Ýaňy wasyl boldum aby-haýýata,
Indi men sensizin galabilmenem.

Maňa sen eýleme kyssa derazy,
Afzaly kelamyň köpeldi azy,
Men behil men, sen hem bola sen razy,
Ýusup, Alla ýaryň bolsun, gal indi.

Ata sen eýleme beýle höwesi,
Meni dergähiňde eýleme asy,
Hijran şerbet üçin goýulan tasy,
Şikest eýle ata, galabilmenem.

Saňa Hakdan bolsun sahyby-döwlet,
Adyla amal et, etgil adalat,
Halklara menfagat eýle delalat,
Ýusup, Alla ýaryň bolsun, gal indi.

Meniň maksat, her ne barym sen idiň,
Iki dünýä negähdarym sen idiň,
126
Ýowuz günde geňeşdarym sen idiň,
Men sensizin munda galabilmenem.

Sen indi Müsürde bolgul parahat,
Dünýäni özüňe eýleme rahat,
Ejizler derdine bolgul şepagat,
Ýusup, Alla ýaryň bolsun, gal indi.

Sensiz maňa azap erer bu rahat,
Ýüregimde meniň ýüz-müň jerahat,
Senden özge ýokdur maňa karabat,
Men sensizin munda galabilmenem.

Diliňden goýmagyl Hakyň zikrini,
Köňlüňe almagyl dünýä pikrini,
Bu dem görgül ganymatyň şükrüni,
Ýusup, Alla ýaryň bolsun, gal indi.

Owal Alla, säni sen idiň zikrim,
Senden özge ýokdur dünýäde pikrim,
Iki dünýä meniň sen idiň şükrüm,
Indi senden hergiz galabilmenem.

Balam men gitdi diýp bolmagyl melal,
Merdana bol, meniň nesihatym al,
Men gitmeli boldum, sen indi hoş gal,
Ýusup, Alla ýaryň bolsun, gal indi.

Niçe ýyl hijranda bu kyl-u kalym,
Pyrakyňda geçip bu mah-u salym,
Senden galyp niçik bolgaý ahwalym,
Men sensiz, men munda galabilmenem.

Sensiň iki dünýä meniň maksadym,
Sende özge ýokdur meniň söhbetim,
Gözüm nury, bergil meniň rugsatym,
Indi Alla ýaryň bolsun, gal indi.

Huda bersin iki dünýä maksadyň,
Hakyň ýady dowam bolsun söhbetiň,
Biçäreýem ahyr berdim rugsatyň,
Weleýken men munda galabilmenem.

Ýakup diýr aýryldym köňül şadymdan,
Muhabbet eýesi asyl zatymdan,
127
Men halas bolmadym indi matamdan,
Ýusup, Alla ýaryň bolsun, gal indi.
Ýusup aýdar meni goýma amana,
Sensiz maňa bolar maksat gümana,
Ahyrynda kast eýleme bu jana,
Ata sensiz munda galabilmenem.
Elkyssa, bu sowal-jogap tamam bolandan soň, Ýakup alaýhyssalam Kengana
göç kyldy. Baryp Şam, Kengan halky bile görşüp, birniçe eýýam bolup, bir gün
Huda permany bile daryl-penadan daryl-baka rihlet kyldylar. Aguzu billähi mineşşeýtanyr-rajym, «Kalu innä lillähi we innä ileýhi rajygun»1 Emma Ýakup
alaýhyssalam öldi, erse, Kengan halky ygzaz-ekram bile jynaza okap, Ybraýym,
Ysmaýyl, Yshak pygamber alaýhyssalamyň gaşlarynda depin etdiler. Wallahu
aglam bis-sowab2.
Gazaly-Andalyp:
Dünýäýi wepasyza köňül berme, şeri bar,
Aldanma onuň suduna, ýüz müň zereri bar.
Bir apy ýylandyr ki, ondan hezer eýle,
Ýogsa demine dartar, oşol ýedi seri bar.
Bir nije gezip ýagty jahan, eýleseň eşret,
Derýaýy-ajal rahynda bir gün güzeri bar.
Gaflat meýin noş eýläban bolma sütemkär,
Her aýşyna kim içgeli, ýüz müň zähri bar.
Hahy şahy-Peridun, Jem, hahy Isgender,
Aldanma onuň latyfyna, ýüz müň gahry bar.
Kim bolsa Huda zikri bile, roz-u şeb her dem,
Köňlünde Huda nury hem ahy-säheri bar.
Eý, Andalyb-a, dünýä misli köne rabatdyr,
Ýetse ajalyň nobaty, ahyr sapary bar.
Emma Ýusup alaýhyssalam birniçe ýyl adyl-dat kylyp, ömür ötürip,
parahatda boldular. Birniçe eýýamdan soňra hezreti Jebraýyl gelip: «Eý, Ýusup,
wagty-ajal ýakyn turar, ýaragyňy kylgyl» diýgeç, Ýusup hazan uran ýaprak dek
1
Daşlanan şeýtanyň şerinden Alla sygynýarys. «Diýerler: Elbetde, biz Allanyň (bendeleridiris) we elbetde, biz Oňa
gaýdyjylardyrys». Gurhany-Kerimiň 2-nji («Bakara») süresiniň 156-njy aýaty.
2
Has dogrusyny Alla bilýär.
128
titredi. Züleýhanyň gaşyna baryp, ogullary bile widaglaşyp, zar-zar ýyglaşdylar.
Ýusup Züleýhanyň elin tutup, hoşlaşyp, bu jogaby aýdar erdi. Onda Züleýha
hem «Bile gidermiz» diýip ýyglap, bu jogaby aýdar erdi:
Ýusup:
Hoş gal, Züleýha jan, pany dünýäden,
Bir zaman eglenmeý ötmeli boldum.
Kimse geler, gider ýene panydan,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.
Züleýha:
Ýusup jan, salmagyl hijran dagyny,
Eglen birniçe gün, syrdaş bolaly.
Seýr edeli pany dünýä bagyny,
Soňra baky ýurda ýoldaş bolaly.

Her kim gider öz ýoluna Züleýha,
Ata-ogul bir-birinden müberra,
Ýoldaşym imanym erer müjella,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.

Sen gideňde zar aglaýyp ýyglaram,
Hijran ody bile jiger daglaram,
Tä ölinçä ýoluňda bil baglaram,
Sabr et baky ýurda ýoldaş bolaly.

Bize bu gün Hakdan perman ýetipdir,
Bagyma, bakjama hazan ýetipdir,
Indi bilmen kaýan sary gidipdir,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.

Sen bolmasaň eziz jany neteýin,
Mende ahyrýetiň ýolun tutaýyn,
Sabr eýlegil dostum bile giteýin,
Eglen birniçe gün ýoldaş bolaly.

Töwekgel kylmyşam men Biribara,
Bilim baglamyşam uzak sapara,
Çünki Taňrym höküm eýlese ne çäre,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.

Başda neçün dogup erdim eneden,
Dilim şikest olup galdym senadan,
Men-de rihlet kylsam daryl-penadan,
Eglen birniçe gün ýoldaş bolaly.

Bize bu gün Hak eýledi permany,
129
Kim bu ýoluň pajyn geçdi bermäni,
Janymyň set-hezar galyp armany,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.

Sen-sen meniň arkadagym, diregim,
Köňlüm bisabyrdyr, dözmez ýüregim,
Hakdan uzak ömrüň meniň geregim,
Eglen, birniçe gün, ýoldaş bolaly.

Baky mesgen munda kimse tutupdyr.
Gahba pelek oýnap ençe utupdyr,
Bizden owwal sansyz jany ýuwtupdyr.
Indi nobat bize, gitmeli boldum.

Sowatma köňlüňi hany-manyňdan,
Umyt bar açlara beren nanyňdan,
Belki kaza tapgaý şirin janyňdan
Eglen, birniçe gün, ýoldaş bolaly.

Bu derde ýetişmez hiç kimiň dady,
Gidipdir, galmandyr köňlümiň şady,
Bize bu gün degmiş ajalyň bady,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.

Sen kerem eýlegin ýaradan Jepbar,
Meniň senden gaýry özge kimim bar,
Maksadym sen, özge hajat ne derkar,
Eglen, birniçe gün, ýoldaş bolaly.

Her kimsäge ýetse ajal hazany,
Gider eglenmeýin, durmaz zamany,
Men giderem, belki, ýokdur gümany,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.

Sen bolmasaň, gara gözi neýlerem,
Pisse dahan, şirin sözi neýlerem,
Gyzyl-alma ýaňak ýüzi neýlerem,
Sabr et, baky ýurda ýoldaş bolaly.

Men gidemde goýma özüň jepaýa,
Pygan edip galma ýene yzaýa,
Sen aman bol tabşyrmyşam Hudaýa,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.

Sen bolmasaň dünýäýe göz salmanam,
130
El uzadyp, ag-u gyzyl almanam,
Gider bolsaň, men aýrylyp galmanam,
Sabr et, baky ýurda ýoldaş bolaly.

Ýusup Hak emrine bilin baglady,
Züleýha jan Ýusup üçin aglady,
Ölüm barça halaýygy daglady,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.

Züleýha diýr, ýagşy-ýaman görmüşem,
Dünýäde armansyz döwran sürmüşem,
Gider bolsaň, men yzyňdan ýörmüşem,
Sabr et, baky ýurda ýoldaş bolaly.
Elkyssa, bu jogaby aýdyp, Ýusup alaýhyssalam zar-zar ýyglap, kazaga ryza
berip, Züleýha we oglanlary bile hoşlaşyp, zikr-u sena meşgul boldy.
Nägäh hezreti Ezraýyl alaýhyssalam Huda permany bile gelip, Ýusup
alaýhyssalamyň janyny gabz kyldy. Ony Müsür halky görüp, tagzyýet tutup, pygan
göterdiler. Biçäre Züleýha tabyty gerd-ä-gert aýlanyp, zar-zar çün ebr-nowbahar
ýaňlyg ýyglap, bu gazaly aýdar erdi:
Eziz tenden süýjük janym çykypdyr,
Söz bolmasa, gyzyl dili neýlärem,
Bady-ajal ymaratym ýykypdyr,
Serw olmasa, kaddy-daly neýlärem.
Gerekmezdir maňa kaddy-kemalym,
Zäher oldy ab-u şeker zülalym,
Ýusup jan görmese husn-u-jemalym,
Gözde nerkes, ýüzde haly neýlärem.
Ondan aýra gülgün şerap olmasyn,
Gözde sürme, ýüzde gülap olmasyn,
Sünbül saçym, zülpüm tanap olmasyn,
Towky-zerrin, gyzyl-aly neýlärem.
Weýran olar bagda bagban olmasa,
Mülküň harap bolar soltan olmasa,
Derýalarda aby-rowan olmasa,
Andalyp bolmasa güli neýlärem.
Niçik geçer indi hijranda halym,
Sensiz küşat olmaz bu kyl-u kalym,
Saňa haýrat olsun bu herne malym,
Indi dünýä diýip maly neýlärem.
131
Jahan içre galyp seniň tarypyň,
Tenden jyda bolup ruhy-şeripiň,
Men hem boldum bu gün seniň garybyň,
Kimse gelip sormaz haly, neýlärem.
Kyrk ýyl oldy mähnet çekip tapanym,
Sen idiň derdime däri ýapanym,
Geýen pirahenim bolsun kepenim,
Men indi bu zer-u lagly neýlärem.
Pelek aýra saldy senden yragym.
Bady hazan degip soldy çyragym,
Gana döndi gözden akan pyragym,
Men indi bu kyl-u kaly neýlärem.
Ýetişende ýaňy aby-haýýata,
Ýene galdym bu gün çahy-mähnete,
Pelek awy gatdy gandy-nabata,
Hasrat oldy rizim, baly neýlärem.
Perman olsa, galmaz ulug-u kiçik,
Göwher daşa dönüp pul oldy püçek,
Besdir maňa indi bir esgi leçek,
Men indi bu tirme şaly neýlärem.
Ýusup sensiz batyl olup hallarym,
Lal olupdyr sözleý imez dillerim,
Bady hazan degip soldy güllerim,
Men indi barany, sili neýlärem.
Ahyr pany bolup Müsür şährinde,
Zeragat eýleýip adem nährinde,
Bendiwan olup men gaýgyň hirjinde,
Men indi ýörärge ýoly neýlärem.
Başda pyragyňdan tenim jerahat,
Bäş gün seniň bile eýledim rahat,
Sensizin bu dünýä misli bir sagat,
Men indi bu mahy-saly neýlärem.
Züleýha wadaga kylma hyýanat,
Ber bu janyň, bäş gün idi amanat,
Goşular sen Hak eýlese enaýat,
Ýar olmasa jan-u dili neýlärem.
132
Elkyssa, Züleýha bu sözi aýdyp, zar-zar ýyglap, ne alaç ederin bilmän,
huşy başyndan gidip, aklyny aldyryp, serasyma bolup, gözüne ýaş dolduryp,
«dady-bidat» diýip, iki gözün oýup, bir gözüni tabydyň baş ujunda goýdy, bir
gözüni tabydyň aýak ujunda goýdy.
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalamyň üstüne tas we atlas, zerbap sykyllat
ýapyp, jynaza okap, depin kyldylar. Ondan soň Züleýha Ýusubyň oň tarapynda
özüne bir jaý saldyrdy. Jaý tamam bolandan soň, Züleýha: «Päk-a, Perwerdigär-a,
şul gün meniň hem janymy algaý sen» diýip, mynajat kylyp, zikri-sena, hamdyHudaýa meşgul boldy. Nägäh Ezraýyl alaýhyssalam gelip, Züleýhanyň ruhlaryn
gabz kyldy. Müsür halky tamam ygzaz bile Züleýhany hem depin kyldylar.
Wallahu aglam bis-sowab.
133
SÖZLÜK
A
Aba – ata-baba.
Abu beşer – ynsanlaryň atasy, Adam ata.
Aby rowan – akar suw.
Aby-haýat – ýaşaýyş suwy, dirilik suwy.
Abyzülal – dury, arassa suw.
Adet – san, şifr.
Adyl – adalatly, ynsaply, dogruçyl.
Adyr – çöl, düz, sähra.
Afu kylmak – bagyşlamak, günäsin geçmek.
Ag – duzak, tor.
Agaz – başlangyç, öň, başlanma.
Agla – ýokary, iň ýokary, iň gowy, oňat.
Agmal – işler, etmişler.
Agýar – keseki, bäsdeş, duşman.
Agzaz-u ekram – hezzet-hormat, sylag-sarpa.
Ahat – ýeke-täk, ýalňyz täk; Alla, Hudaý, Taňry.
Ahbar – habarlar, maglumatlar.
Ahuw – Keýik, jeren.
Ahýan – tötänden, birden, käwagt.
Ahy-sert – ýürekden ah urma, sowuk ah urma.
Ahzan – gaýgy-gamlar, gam-gussalar.
Akybet – 1. Ahyr, soň; 2. Erbet netije.
Aladdowam – mydama, hemişe, yzygiderli.
Alam – baýdak, tug, sanjak.
Alaýhyssalam – oňa salam bolsun.
Alhamdililla – Hudaýa şükür, Allatagala öwgi bolsun.
Aluda – bulaşyk, hapa, ýaramaz, erbet.
Aly – uly, beýik, ýokary.
Alym – köp bilýän, ylymly, Allanyň bir ady.
Anbar – ýakymly, oňat ysly madda.
Ançinan – çalymdaş, meňzeş, şeýle, onuň ýaly.
Apa – uýa, aýal dogan, ejeke.
Apat – heläkçilik, bela, howp
Aperin – 1. Haýran bolma, geň galma, berekella berme. 2.Ýaratma, döretme.
Apytap – Gün, Güneş, ýagty.
Apytap talgat – Gün ýaly nurly, Gün ýaly, owadan, ýüzi Gün ýaly.
Ara – bezeg, bezeg berme, zynatlama.
Ardynja – yzyna düşme, yzy bilen, art, yz.
Arkan – ýüp, tanap.
Arş – asmanyň iň ýokary gaty, belentlik.
Arwah – ruh sözüniň köplük sany. Ruhlar, jynlar.
134
Ary (a:ry) – 1. Arassa, dury, päk. 2. Ýalaňaç, boş
Aryz – ýaňak, ýüz.
Asar – eser, eserler, ýazgy.
Asaýyş – rahatlyk, dynçlyk, parahatlyk.
Asy – günäkär, ýazykly, boýun egmeýän, topalaňçy.
Aşýan – höwürtge, öý, jaý, ketek.
Ata (ata:) kylmak – bagyşlamak, bagyş etmek, eçilmek.
Ataş – ot, köz, ýalyn.
Aýyn – 1. Toý dabarasy, bezegli görnüş. 2. Tär, däp.
Aýyn bestelik kylmak – toý dabarasyn berjaý kylmak.
Azym – beýik, uly.
B
Ba – 1. Bilen. Banamy-Huda – Hudanyň ady bilen. 2. -ly, -li, goşulmasy. bakeremkeremli, sahawatly.
Baba – baba, kaka, ýaşuly, aksakal, tiräniň ýaşulusy, ýoldaş, dost.
Bad – Ýel, şemal. Bady-hazan – hazan ýeli, güýzüň sowuk şemaly.
Badam – Miwe, mindal. Badam gabak – owadan gabak.
Bady-saba – säher ýeli, daň şemaly.
Bahaýbat – haýbatly, haýbat bilen.
Bahr – deňiz.
Bakerem – keremli, sahy, berimli.
Bal – ganat, ýelek.
Bam – 1. Ses. 2. Pessaý ses. 3. Urgy, kellä urmak.
Bargäh – köşk, saraý, patyşanyň adamlar kabul edýän jaýy.
Bark – şöhle, ýagty, ýyldyrym.
Basapa – sapasy, maksadyna ýeten, keýpli.
Batyl – kör, bozuk, nädogry.
Bawer – ynanma, dogry hasap etme.
Baz – 1. Ýene-de, täzeden, gaýtadan. 2. Algyr guş, laçyn. 3. Bir zada meşgul
bolmak. 4. Oýun.
Bazgeşt kylmak – 1. Gaýtarmak, yzyna dolamak. 2. Dolanmak, gaýtmak.
Bazor – zor bilen, güýç bilen.
Behil – borjuny bermek, tölemek, günä geçmek, ýaraşmak, kabul etmek.
Beja – ýerine ýetirme, laýyk, degişli.
Beliýe – jana bela, jan derdi.
Bendewar – gul, gul ýaly, gula meňzeş.
Berdar – 1. Dara asma, asyp goýma. 2. Goltuklap göter-göter etme.
Berhak – dogry, hakyky, rast.
Besat – düşek, goş-golam.
Betbagt – bagtsyz, şowsuz, bagty ýatan.
Beýewan – çöl, düz, meýdan.
Beýewar – birdenkä, tötänden.
Bähr-u ber – deňiz we gury ýer.
Biadet – sansyz, köp, birnäçe.
135
Bidar – ukudan oýanma, ägä bolma, habarly bolma.
Bidereň – dessine, tiz, bahym.
Bidil – 1. Gaýgyly, gamly. 2. Ýüreksiz, gorkuly, gorkak.
Bihet – biçak köp, hetden aşa.
Bihumar – keýpsiz, tukat, gaýgyly.
Bikes – ýalňyz, ýeke, bir özi, hossarsyz.
Bim – gorky, howp.
Bimar – hassa, keselli, nähoş, syrkaw.
Bimesel –taýsyz, özüne meňzeş bolmadyk.
Bin (ibn) – ogly, perzent.
Bina – 1. Jaý, jaýyň düýbi, fudament. 2. Görüji, göreç, görýän.
Binowa – biçäre, garyp, zatsyz, pakyr, bagtsyz.
Biser – akylsyz, akyl-huşdan aýyrlan.
Bişik – sallançak.
Bizowal – 1. Batmaýan, ýaşmaýan, ýok bolmaýan. 2. Alla, Hudaý, Taňry.
Böhtan – töhmet, myjabat, ýalan.
Bürünç – 1. Arassalanmadyk tüwi; 2. Metalyň bir görnüşi.
Buý – ys, kok.
Byradar – dogan, gardaş.
Byrag – Rowaýatda beýan edilşine görä, eşekden ulurak, gatyrdan kiçiräk, ýüzi
adamyňka meňzeş, guýrugy, toýnagy sygryňka meňzeş atyň ady. Muhammet
pygamber şol ata münüp asmana göterilýär.
Ç
Çah (çaý) – gurruk, guýy, çukur.
Çahar anasyr – dört element (suw, toprak, ot, howa).
Çahardeh mah – on dördi gijäniň aýy.
Çaharmyh – adamyň eli-aýagy gerňelip, jeza berilýän gural.
Çaharum – dördünji.
Çaş-paş – pytyratmak, dargatmak, dyr-pytrak etmek; dargama, çalam-çaş bolma.
Çeçek – gülli, gül.
Çehre – ýüz, ýaňak, keşp. Gülçehre-gül ýüzli.
Çenan – meňzeş, şunuň ýaly, şeýle.
Çent – ençe, ençeme.
Çeşm – göz, göreç, garak.
Çäki-giriban – ahy-nala, ýaka ýyrtyp dat etmek.
Çüsti-çabyk – çaltlyk bilen, tizden-tiz, hasyr-husur, derrew, dessine, tiz, çalasyn,
çakgan.
Çyn – Hytaý.
Çyrlamak – çagyrmak, gygyrmak.
D
Dad – adalat sorama, haraý gözleme.
Dad hah – 1. Arz jaýy, arz edilýän ýer. 2. Arz edýän, adalat işleýän.
Dag – 1. Ýanyk, ýanyk yzy. 2. Yz, belgi, tagma. 3. Gaýgy-hasrat, gam-gussa. Dag
goýmak – gaýgy-gama goýmak.
Dahyl – girme, barma.
136
Dam – duzak.
Damak – burun, beýni, gaňşyrawuk.
Danyş – ylym, bilim.
Daryg – aýama, gaýgyrma. Daryg etmez – aýamaz, gaýgyrmaz.
Dary-ga – haýyp, wah. Wadaryg-a – wah arman.
Darylbaka – ahyret, o dünýä, hemişelik ýurt, baky ýurt.
Darylpena – Pany dünýä, ýokluk öýi, ýer, ýurt.
Dastan – 1. Dessan. 2. Powest. 3. Hekaýa. 4. Taryh. 5. Roman. 6. Nowella.
Daýe – eneke, hyzmatkär aýal, göbegene.
Daýym – hemişe, elmydama, mydama.
Debdebe – galmagal, dep, deprek, ses.
Deh – on.
Deh ýar – on ülpet, on gardaş, on ýoldaş.
Depn kylmak – jaýlamak.
Derdinäk – gaýgyly, gussaly, azap gören, yzaly, dertli.
Dergäh – işik, bosaga, köşk.
Destar – selle.
Destgir – kömek ediji, ýardam beriji, goldaýjy.
Deşt – çöl meýdan, çöl beýewan.
Didar – 1. Duşuşyk, görme-görüş. 2. Ýüz, keşp, görnüş.
Dide – göz, göreç.
Diger – başga, özge, gaýry.
Dil – ýürek.
Dildar – söýgüli, ýürekdeş ýar.
Dilefgar – ýüregi ýaraly, gaýgy-gamly.
Dilruba – owadan, özüne çekiji, gözel, söýgüli.
Dilteň – ýürek gysma, gussa çekme.
Diýanat – dine uýmaklyk, dini däp-dessurlary ýerine ýetirmeklik.
Dogaýy-bet – erbet dileg, gahar-gazap.
Dowa – em, derman.
Döwet galam – syýa çüýşe we galam.
Du – iki, goşa.
Dubara – iki mertebe, ikinji gezek, gaýtalama, ýüzugra
Dud – tüsse, düýt.
Dur-u deraz – uzyn, uzak.
Durugguý – ýalançy, kezzap.
Duşnam kylmak – igenmek, käýinmek.
Duwwum – ikinji.
E
Ebsem turmak – 1. Tiz, çalt turmak; 2. Ümsüm, parahat bolmak.
Eda – ödemek, tölemek, ýerine ýetirmek.
Edrak – akyl ýetirme, düşündirme, bilme.
Efada – düşündiriş aýtma, nygtama.
Efgal (pygyl) – päl, etmiş, iş.
Efsun – jady, owsun, owsun urma, jadylama.
137
Efzun – köp, artyk, kän.
Ejabat – kabul ediş, kabul bolmak.
Ejazat – rugsat.
Ejdat – öten nesil, ata-baba, urug.
Eknaf – 1. Uzak alys daş. 2. Etrap, daş-töwerek. 3. Etrapy-eknaf – uzak ýerden,
daş tarapdan.
Eknun – indi, şundan soň, şu wagt, häzir.
Elem – gaýgy-gussa, jebri-jepa, dert-azar.
Elhal – şol wagtda, tizlik bilen, derrew.
Elite – boýdan başa, ahyryna çenli, tä tükenýänçä
Eljug – ajykma.
Emama (ymama) – selle, çalma, emamy-zernigär – zerlenen selle.
Emekdeş – bile süýt emişen, bile iýip-içme, duz-emek bolma, çörek iýme.
Endişe – alada, pikir, gam-gussa.
Engam – halat, serpaý, sylag.
Engebin – bal, süýji, şeker.
Enjümen – üýşmeleň, ýygnak, köp adamly jaý.
Enwer – nur, ýagtylyk, şöhle.
Erada – maksat, niýet, isleg, bir hyýala münme.
Esbi-semender – ýüwrük at, ýyndam at.
Esbi-tazy – ýyndam, ýüwrük at.
Eşk – gözýaş.
Eşkal – kynçylyk, päsgelçilik.
Etabet – dereje, wezipe, patyşalyk orun.
Ez – -dan, -den goşulmasy. Ez owwal tä ahyr – owwaldan ahyra çenli.
Ezel – 1. ilki, öň, gadymy döwür, başlangyjy belli bolmadyk döwür, adamzat
emele gelmezden öňki döwür; Rozy ezel – iň irki döwür, dünýäniň dörän wagty,
owwal maňlaýa ýazylma.
Ezep we ezba – durmuşa çykmadyk, sallah.
Ä
Äl – 1.Nesil, nebere, maşgala; Al – Hile, mekir pirim. 3.Gyzgylt reňk. 4. Al-arwah.
Älemi sufladan ulwyýyga – ýerden asmana çenli
F
Faryg (paryg) – dynç alma, rahat bolma.
Fatyha – 1. Gurhanyň başky süresi, başlangyç. 2. Doga, alkyş, pata bermek, doga
okap ýola salmak.
Ferd – ýeke, ýalňyz, bir özi.
Ferda – ertir.
Fezag – iňňildi, howply, azaply ýer.
Filhal – tiz, şol wagt, haýal etmän.
Fuzun – köp, artyk, zyýada.
G
Gabgab – eňek, alkym.
138
Gabra – gum, toprak.
Gabz – jan almak, jan çykmak.
Gafyla – kerwen.
Galaba – ýeňme, üstün çykma, basma.
Gamgusar – gamhor, mähriban, gam egsiji.
Gammaza – şugul, gybatçy, gepçi, töhmetçi.
Gamnäk – gaýgy-gamly, tukat keýpsiz.
Gandalet – gant ýugrulýan gap.
Gany – baý, döwletli, gurply, barjamly.
Gapbar – Ýalkaýjy, Allanyň bir ady.
Garaýyp –geň, enaýy, gyzykly.
Garçga – algyr guş, elguş.
Gende – ýaramaz, hapysa, erbet.
Gerda-gerd – aýlanmak, pyrlanmak, jahany gezmek.
Gerdiş – dünýäniň aýlanyp durmagy, hereket, aýlanma.
Gerdun – pelek, dünýä, ýazgyt.
Gert – tozan, çaň, toprak.
Giriftar – sataşma, tutulma, ele düşme.
Girýan – aglaýan, eňreýän, gözi ýaşly.
Giýa – gök ot, ösümlik.
Gözgi – aýna, ýüz görülýän aýna.
Gözi hyra bolmak – gözi gamaşmak.
Gubar – 1. Çaň, tozan. 2. Gaýgy-gam, dert, göze gubar inme, göz öňüni perde
tutma.
Guduk – guýy.
Gulam – hyzmatkär.
Gulambeçe – hyzmatkär oglan.
Gulgula – galmagal, başagaýlyk, ses, gozgalaň.
Gulman – hyzmatkär oglan,
Gurguşyn – gurşun.
Gurp – baýlyk, güýçli, ýakynlyk.
Gurra – pal, täleý, bije.
Guýa – dil açma, gürleme, gepleme, saýrama.
Guýende – gürrüňçi, aýdyjy, gepe çeper adam.
Güftüguý – gepleşme.
Gülgüzar – gül ýüzli, görkli, söýgüli, gülli ýer.
Güli-handan – ýaňy açylan gül.
Gülşen – gülli meýdan, oňat ysly güller.
Güzide – saýlanan.
H
Hafyz – goraýjy, ýasawul, saklaw, garawul.
Hale – eneke, daýza, hyzmatkär aýal.
Haly – boş, boş galmak, biderek.
Halyk – Ýaradyjy, Allanyň bir ady.
Ham – çig, bişmedik.
139
Hamra – gyzyl reňk.
Hamuş – ümsümlik, rahatlanma, ýuwaşama, dymma.
Handan – ýylgyrma, gülme.
Hany-man – öý-öwzar, mal-mülk.
Har – 1. Tiken, ýanda. 2. Hor-homsy.
Harabat – meýhana.
Harem – 1. Aýratyn jaý, hemme kişi goýberilmeýän öý. 2. Aýallaryň jaýy.
Has – 1. Asyl, tüýs, ýokary gatlak. 2. Bozgak, çöp-çör.
Hasathorluk – içigaralyk, görüplik, bäsdeşlik, gysgançlyk.
Haşarat – ýylan, içýan, mör-möjek.
Hatam taý – gadym döwürde ýaşap geçen şahyr we serkerde hem-de sahylygyň
simwolyna öwrülen şahsyýet.
Hatyf – asmandan gelýän ses.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ýusup–Züleýha - 10
  • Büleklär
  • Ýusup–Züleýha - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3620
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    26.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýusup–Züleýha - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3908
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1713
    24.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýusup–Züleýha - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 4043
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1781
    24.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýusup–Züleýha - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3975
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1754
    23.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýusup–Züleýha - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3987
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1733
    23.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýusup–Züleýha - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 4044
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1704
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýusup–Züleýha - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3941
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1710
    24.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýusup–Züleýha - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 4015
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1563
    25.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýusup–Züleýha - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 3661
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2114
    23.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýusup–Züleýha - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 2617
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1911
    21.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.