Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 34

Süzlärneñ gomumi sanı 3624
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2126
31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
52.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
öňe çykan ýigitleriň şahsy gaýratlaryna bagly. Enehakyda ýaly boý gyzlar çöldençöllere, goldan-gollara aşyp, gyrlardan geçip, düzlükleri söküp, näzik ýaňaklaryny
gyşyň çapgyn şemalyna tutup ile-güne, ýurda eýe durar ýaly är gözläp ýörkäler,
olaryň eteklerinden aslyşyp, söýgi barada süwümsiz sözleşip durmaklygy Ruhy
batyr özüne uslyp bilmeýär. Hut şonuň üçinem, ol öz söýgüsi barada gürrüň
gozganok. Iň bolmanda soňa goýýar. Wagty geler, şonda bar zat, Ahallynyň näme
üçin Enehakydanyň ýanynda däldigem belli bolar.
Şol günüň özünde Ruhy batyr Enehakydany öňki janpenalary bilen Dykma
serdaryň gözlegine ugratdy.
– Tizräk dolanjak boluň. Çünki, wagt az. Duşman ýurda ymykly ornaşmanka
guýrugyna otly kesindi gysdyrmak gerek.
Olary ugradandan soň ol: «Kimiň söweşi dowam etdiresi gelýän bolsa,
Çaňly guýa gelibermeli”, diýen habar bilen çar tarapa çapar gönderdi. Her gün ir
ertir, giç öýlän salkynma-salkyn asmana guş uçurdy.
Bir hepde geçer-geçmez onuň iberen çaparlary ikiden-ýekeden gelip
başladylar. Gidişleri ýaly ýany adamsyz boş gelenlerem, yzlaryna bäş-üç ýa, onýigrimi sany, hatda kyrka golaý atly-ýaragly adamy tirkäp gelenlerem boldy.
Enehakydanyň Dykma serdary gözläp ýörendigini, ony tapyp getirenden soň Guşly
batyr ikisiniň güýç birikdirip azat edijilik göreşine başlanjakdyklaryny eşidip
şeýlekin gelenlerem, gök asmanyň ýüzünde gaýdyrylyp ýören akja kepderiniň
çakylygyna gelenlerem az bolmady. Hatda ýaragyny tabşyryp obasyna
baranlardanam gaýdyp gelenleri boldy.
Umumn, tuutmyň gerimi gitdigiçe giňedi. Guşly batyyrň goşun sany iki ýüze
golaýlady. “Dykma serdardyr Magtymguly hanam jemläbilen goşunyny alyp
gelseler, Alla-da bizlik bolsa megerem şu ýaz öz ýerimizde özümiz ekin eksek
gerek” – diýip, Guşly batyr öz ýanyndan göwün ýüwürtdi. Çünki, ýeňişe ynam
döredibilseler, halkyňam özlerine goşuljakdygyna ol ynanýar.
Ýöne...
Ýöne, hemme zat hemişe göwnüňde besleýşiň ýaly bolup durmy näme. AýaGüne garaşylyşy ýaly garaşylýan Enehakyda guýa boş gaýdyp geldi. Çytyk
gaşlaryndan, sowuk hem gussaly nazaryndan, atdan gepsiz-gürrüňsiz düşüp,
garşy alanlara nazaram aýlaman öýe girip gidişinden çen tutup, guýudakylar onuň
gowy habar getirmändigini aňdylar. Şonuň üçinem oňa hiç kim, hiç hili sorag
bermedi. Her kim dodagyny çalaja gymyldadyp: «Sag aman geldiňizmi”, diýägede, derhal bir gyra çekilmek bilen boluberdiler. Yzy bilen öýe giren Ruhy batyram
ony gyssap durmady. Özi dil ýarýança garaşdy.
389
Ojak başynda az-kem ýylynandan soň, Enehakyda Dykma serdara Mäne
obalarynyň birinde duşandygyny, ýöne, onuň iňňän sus görünýändigini, göreşi
gaýtadan dowam etdirmek baradaky gürrüňlerden gaça durýandygyny, umuman,
lapynyň keçdigini şol bir gelendäki tutuklygy bilen howlukman, ýöne, uly howsala
hem ahmyr astynda Ruhy batyra gürrüň berdi. Hä diýmän Ruhy batyryň ýigitlerem
gelişip başladylar. Enehakyda olaram ýagdaý bilen tanyş etdi. Soňundanam:
– Şol ýerde onuň ýanyna Gökdepe urşuny Köpetdagyň gerişleriniň üstünde
durup synlan, Donowan atly iňlis galamgäri hem baryp gaýdypdyr. Göreşi dowam
etdiribilseler öz hökümetiniň türkmenlere pul, ok-ýarag kömegini berjekdigini
syzdyrypdyr. Ýöne, Dykma serdardan belli bir jogap alyp bilmändir. – diýdi.
– Şol iňlisi tapyp bolmazmyka-naý? Öz hökümetiniň söz beren kömegini
goý, ol bize beribersin! – diýip, tärime arkasyny ýaplap oturan ýigitleriň biri ker
bilen gepleşýän ýaly bokurdagyna sygdygyndan gygyrdy.
Her kim Ruhy batyryň ýüzüne seretdi. Batyr olaryň bu bakyşlaryny özüne
berlen sorag hökmünde kabul etdi.
– Ony tapsa bolar. Kömegem sorap bolar. Aýdyşy ýaly iňlis hökümediniň
kömek edäýmegem ahmal. Ýöne... – Ruhy batyr boýnuny süýndürip hälki geplän
ýigide tarap seretdi. – Ýöne, birinjiden-ä olar bize ýeterlik derejede kömek
beribilmezler, arkamyzda-da durubilmezler. Çünki, durar ýaly güýç-kuwwatlary
bar bolsa Gökdepe urşunda durardylar. Onsoňam bir emmasy bolmasa hiç kim
gurda guýruk gapdyrtmaz. Arka diräp orsy ýurtdan çykaran günüňem özleri
mekgäňe münerler. Bu mesele Gökdepe urşunyň öň ýanyndaky maslahatda-da orta
düşüpdi. Ýöne, o pikiri han-beglerem, serdarlaram, dini hadymlaram, asla hiç
kimem goldamandy. Ondan Dykma serdaryňam habary bolmaly. Hut şonuň
üçinem ol iňlise belli jogap beren däldir.
– Howwa-la, Dykma serdaram akmak adam däldir-le.. Etjek işini, aýtjak
sözüni bilýändir-le...
Ruhy batyr bu sözi aýdanyň kimdigini biljegem bolmady. Asla ses çykan
tarapa seretmedem. Ara düşen dymyşlykdan soň: ýene aýtjak zadyň barmy, diýýän
manyda Enehakydanyň ýüzüne seretdi. Enehakyda başyny ýaýkap aşak bakdy.
Ýany bilen giden ýigitleriň gürrüň bermeklerine görä, Enehakyda Dykma
serdardan goşun ýygnap bilmedik halatynda-da serdar hökmünde Guşly batyr
bilen bilelikde göreşi dowam etdirmekligi ilk-ä haýyş edipdir, halys
bolmajakdygyny bilenden soňam sypaýyçylyk bilen: «Men size gorkak ýa namart
diýip biljek däl, serdar aga , ýöne, goý, islegiňiziň garşysyna gidip bolsun, ant içip
başda-ha bir ýalňyşdyňyz ine, indem öz şertiňiziň garşysyna gidip ikinji gezek
ýalňyşýaňyz. Siz bu gün ömrüňizboňy gara gaýratyňyz bilen gazanan
şöhratyňyzyň üstüne atanak çekdiňiz. Jelaleddin ýaly, Ymam Şämil ýaly elden
390
gidenden soňam ýurt üçin göreşi dowam etdirip bilmediňiz. Il-günüň tamasyny
ödemediňiz. Guşly batyyrň bir ganaty bolup bilmediňiz...” – diýipdir. Bu sözler
serdara iňňän ýokuş degipdir. Ýöne, sesini çykarmandyr. Uludan sowuk demini
alypdyr-da, oňaýypdyr. Enehakyda bilenem iňňän sowuk hoşlaşypdyr.
Bu gürrüňleri diňläp Ruhy batyyrň özem esli mahal aşak bakyp sus oturdy.
Içini hümledende uzyn göwresi öňe-yza leňňer atdy. Soňam usullyk bilen başyny
galdyrdy-da, agşamlyk hemmeleriň uly oýa ýygnanmalydyklaryny, şol ýerde
umumy maslahat geçiriljekdigini aýtdy. Maslahata Enehakyda hem çagyryldy.
Gün ýaşandan soň ýapylaryň ýüzünde onlarça ot alowlady. Oýuň içini
dolduryp oturan mähelläniň ýüzi oduň ýagtysyna gyzgylt göründi. Uzyn-uzyn
kölegeler çägäniň ýüzünde o ýan, bu ýan gaýmalaklaşdylar.
Ruhy batyr köpçüligiň öňüne çykyp, Enehakydanyň gidip-gelişi barada
ýygnananlara giňişleýin gürrüň berdi. Dykma serdardanam, Magtymguly
handanam, asla hiç kimdenem güýje garaşmaly däldigini aýty. Soňam özüne
mahsus bolan pessaý hem merdemsi sesi bilen:
– Ýigitler! Görşüňiz ýaly başda erkine, islegine bakman urşa iterilen halk bu
gün hossarsyz galdy. Han-begleriň, serdarlaryň, dini hadymlaryň bu gün onuň
ýanynda birem görnenok. Olaryň köpüsi eýýäm täze baýarlarynyň ganatlarynyň
aşagyna sümüldiler we ýene-de öňküje orunlaryny eýelediler. Sümülmediklerem
bu gün-erte baryp sümüljekden. Görýän welin Dykma serdaram şol ýagdaýda dur.
Sebäbi olar ýeňildiler. Ýeňilendikleri boýunlaryna aldylar. Biz welin
ýeňilmediklerdiris. Siziň köpüňiz eden şertiňizden dänmezlik üçin şu kyn ýoly
saýlap alan adamlar. Birnäçäňiz bolsa düýbünden ant içmedik, emma şonda-da
duşmana boýun bolmany kyn görüp, gulçulygy namys bilip, Watan, ugrundaky
göreşde baş goýmaga taýyn adamlar. Şonuň üçinem, biz han-beglerden goldaw
tapmadyk
ýagdaýymyzda hem göreşi dowam etdireris. Entek ellerimiz
gylyçlarymyzyň dessesinden mäkäm tutýarka, at üstünde uýluklarymyzy
sandyratman oturyp bilýärkäk, gursaklarymyzda ýüreklerimiz Watan diýip urýarka
duşmana boýun egmeris. Enşalla gün-günden sanymyzam artar, hä diýmän ullakan
güýje-de öwrüleris. Ýeňerisem! Sebäbi biziň maksadymyz şol! Biziň işimiz
hakdyr! Alla biziň bilendir!..
– Hak aýdýaň, Guşly batyr!
– Alla biziň bilendir!
– Biz seniň bilendiris!
– Biz tä iň soňky demimize çenli söweşeris!..
– Söweşerisem, ýeňerisem!..
– Sen bizi ýeňişlere tarap alyp git, Guşly batyr!..
391
– Bizi Alla gorar, inşalla!..
Tolgunmakdan ýaňa Ruhy batyryň süňňi sarsyp gitdi. Ýüregi ersdi. Arnamys duýgulary joşa geldi. Şondan soň ol Enehakyda söz berdi.
– Şeýle ýagdaý taryhda öňem kän gezekler bolupdyr – diýip, Enehakyda
hemişe şular ýaly üýşmeleňlerde edişi ýaly öz gürrüňini Hakyda bilen
baglanyşykly başlady! – Ýurt öňem kän gezekler elden gidipdir. Bu topraga bir
wagtlar goşun tartyp ýunanlaram, parslaram, pereňilerem , araplaram,
mongollaram gelipdirler. Şolaryň ählisinde-de dek-düýnki ýaly han-begler öz
beglikdir-hanlyklaryny, baýlyklaryny, dini hadymlar öz dini ynançlaryny goramak
üçin halky aýaga galdyrypdyrlar, urşa sürüpdirler, öňlerine düşüpdirler, baş
bolupdyrlar, emma ýeňilenlerinden soň welin, ur-tut ýaraşyk baglaşypdyrlar-da,
duşmanyň tarapyna geçipdirler, olara gulluga durupdyrlar, üstesine-de: «urşalyň,
diýip bizi günümize goýmadyk ine, şular”, diýip, halka tarap barmaklaryny
çommaldypdyrlar, şeýdibem öňküje baýlyklaryna, mal-mülklerine wezipelerine
eýe bolupdyrlar. Öz halkyny gelmişekler bilen bilelikde ezipdirler. – Şondan soňky
sözleri aýtjak bolanda Enehakyda görnetin dogumlandy, göwresi dikeldi,
gözleriniň nury ýiteldi, göwsi titredi, uzyn, goňrumtyl saçlary owsun atdy. – Ýöne,
ähli zamanlarda-da özüňiz ýaly ýanbermezek, göreşi dowam etdiriji goç ýigitler
tapylypdyr. Olar öz topraklaryny basybalyjylardan halas etmek üçin dyngysyz
göreş alyp barypdyrlar. Özleri halas edip bilmeseler, şol mukaddes göreşi dowam
etdirmekligi iň bolmanda ýeňilendiklerini boýun almazlygy öz nesillerine wesýet
edip gidipdir. Şeýdibem göreşiň iň bolmanda halkyň aňynda baky dowam
etmegini gazanypdyrlar. Şonuň üçinem, olar şu günki güne çenli halkyň
hakydasynda ýaşaýarlar. Çünki, olar gahrymanlar. Gahrymanlar bolsa ölmeýärler.
Özleri gidenden soňam bu jahan içre olaryň ruhlary ýaşaýar. Nesilleriniň
damarlarynda ganlary akýar. Käte asyrlara çeken baknalyk döwründe öz halkyny
agalyk ediji halkyň täsirinden gorap, öz halkynyň dilini, medenýetini, milli
kimligini saklap gelenlerem şolardyr. Olaryň güýji egsilmezdir. Siziňem esasy
daýanjyňyz şol güýçdir. Kuwwat çeşmäňiziň gözbaşy şondan gaýdýandyr. Şol
güýç hemişe-de gelmişekleri iru-giç bu tioprakdan çykyp gitmäne mejbur edipdir,
bu gezegem şeýle bolar – Gyz uludan demini aldy. – Howwa, bu gezegem şeýle
bolar. Hökman şeýle bolar... – Enehakyda sözüni paýawlandygynyň alamaty
hökmünde ilk-ä häliden bäri gapdalynda duran Ruhy batyryň ýüzüne seretdi,
soňam başyny belent tutup, alawlap ýanýan ýiti oduň ýagtysyna kä görnüp, kä ýitip
gidýän, aňyrsy gara hem gorkunç kölegelerden doly märekä seretdi. – Boýnuňyza
alan şu kyn borjuňyzy abraý bilen berjaý etjekdigiňize men ynanýan. Çünki, siz
merdanalarsyňyz. Ruhy batyryň ýap-ýaňyja aýdyşy ýaly, ýeňilmediklersiňiz...
392
Onuň sözüni soňlaryna mähetdel, ýigitler towsuşyp ýerlerinden galdylar.
Ýapylaryň ýüzündäki kölegeler has uzaldylar, iki ýana yrgyldaşdylar.
– Biz seniň ynamyňy ödäris, Enehakyda!
–Erkinlik üçin öz janymyzdan geçmelem bolsa taýýar!
– Ýok, bolsun ak patyşa!
– Biz erkin doguldyk, erkinligimize-de galarys.
Daşyndan göräýmäge birneme sus başlanan maslahat şolar ýaly içi
duýgudan doly hyjuwly sözler bilen tamamlandy.
Şol maslahatda gün-güzeran meselesi hem gozgaldy. «Ilek” guýusyndan
getirilen bir bölek maýda malyňam şunça adama uzak wagt tetärik bolmajakdygy
çen bilen çaklanyldy.
– Adam sanymyzyň gün-günden artyp barýandygyny nazara alsag-a bu
mesele hasam çylşyrymlaşýar... – diýip, Ruhy batyr özüniň jemleýji sözünde
aýtdy. – Çöreg-ä düýbünden ýok diýen ýaly. Dogry, ýaz ýetip gelýär, ýöne, ekin
ekere bu ürgün çägelikde ýerem ýok, suwuň-a gürrüňinem edip oturmaly däl. Kä
ýerlerde kak suwlary bar, şolary ulanmak boljak, ýöne, oňa-da tohumlyk bugdaý,
ýer bejeriji gurallar, öküz ýa iş ýabylary gerek.
Öň hatarlaryň birinde boýy kelteräk, tegelek ýüzli, garaýagyz, içinde tüý
çogup duran gulaklary gababir ýigit oturdy, oňa Durdy diýerdiler. Ol ýaşlykdan
bäri Ruhy batyr bilen bile bir obada ösüpdi, hatda Näzdepe gyrgynçylygynam onuň
bilen bile başyndan geçirdi, köp gezekler alamançylyga-da bile gidipdi, ýurda ors
geleli bär-ä ýekeje günem ondan aýra düşmändi. Soňky wakalaryňam ählisine
gatnaşypdy. Umuman watanperwer namysjaň ýigitdi. Hemişe çakgan hereket
edýändigine görä, ol bu gezegem ellerini kelemenledip, aýaklaryny «tarpyldadyp”
ýerinden turdy. Çalarak sakawlap:
– Ş-şu meselede –a-aýtjak bir sözüm bar – diýende, guradylan erik kişdesi
ýaly mürşeýip duran eňegi titir-titir etdi.
– Aýt, aýt – diýip, Ruhy batyr oňa tarap baş atdy. – Çekinme-de aýdyber.
– Aýtsam-m... – Ýigit ilk-ä galyň dodaklaryny, soňam kelteden gelen ýogyn
barmagyny çommaltdy. – A-aýrysakal häzir galada biziň öz ýygnan gallamyzyň uujundan ö-öz ilatymyza ölmez-ödi paýlap ýör. Nämemişin, ý-ý-ýeňilen halkyň
emlägi ý-ý-ýeňijiniň haýryna geçýämişin. Şoň g-gaznasyna g-girýämişin. Ş-şol
gaznadan biziňem öz ý-ýýetdik hakymyzy a-almagymyz gerek. Ýöne, sorap dälde, e-ellerinden gaňryp a-almagymyz gerek. – Durdy batyr sag elini ýokary
göterdi. – Ine, meňň-ä a-aýtjak zadym ş-şü...
Ruhy batyrdan öň märekäniň sag ganatynda oturan ýigitleriň biri seslendi.
393
– Durdy dogry aýdýar. Orslaryp garşysyna mundan buýanky etjek
hereketlerimize hut şondan başlamagymyz gerek.
Ýerli-ýerden çykýan sesler köpeldi.
– «Hakyň arslanyň agzynda bolsa-da al”, diýipdirler, haýal etmän gala
çozalyňam, hakymyzy alalyňam...
– Şunça güýjümiz barka bize horluk ýaraşmaz...
– Ertir ugramalam bolsa biz taýýar!..
Ruhy batyr märekä mähir hem buýsanç bilen garady.
– Ine, munyňyz bolýa. Men razy. Bu hakykatdan-da öňümizde duran uly
işleriň başlangyjy bolar.
Ýene üç günden soň, Gökdepä gitmekligi, agşamyň ümüş-tamyşlygyndan
peýdalanyp gala girmekligi şertleşibem maslahaty tamamladylar. O ýeri bu ýeri
bozulandygy üçin bosgunlar tarapyndan taşlanyp gidilen iki sany arabanyňam
kemini düzedip ýük üçin ulanmaly edildi. Gala girer ýaly bahana-da tapyldy.
Hamala «aman” diläp yzyna gelen bosgunlaryň bir topary bolan bolmaly.
Aralarynda aýallaryňam bardygyna ynanarlary ýaly, gala golaýlanlaryndan bäş-on
sany adamy arabanyň içinde oturdyp, başlarynya-da don büremeli. Golaýrakda, hut
galanyň özünden gelen ýigitleriň birinden täze ammaryň nireräkde ýerleşýändigini
anykladylar we oňa golaý barmak üçin haýsy derwezeden girseler amatly
boljakdygyny kesgitlediler. Şol ýigidiň özüni bolsa ýolbelet edip bellediler. Onuň
aýtmagyna görä ammar bolup agzy gulply ullakan saraý ýa howlam ýokmuşyn-da,
olja alnan azyklaryň barysy galanyň bir burçuna basylyp goýulaýanmyş.
Maslahat gutarandan soňam kän zatlaryň başy agyrdyldy. Dürli meseleler
barada pikir alyşdylar. Diňe gije ýarymdan agandan soň assa-ýuwaşdan dagaşyp
başladylar. Olaryň hiç birem Ruhy batyr bilen Enehakydanyň deňine gelip, olar
bilen hoşlaşyp geçmäni unutmady.
Iiçäk bolup galanlaryndan soň bir zat soramakçy bolýan ýaly Ruhy batyr
Enehakydanyň ýüzüne seretdi. Ýöne, hiç zat aýdyp bilmedi. Ouň ýüzüniň
gyzaranyny, boýun damarlarynyň göm-gök oklaw ýaly galanyny bolsa Enehakyda
garaňkyda saýgarmady. Çünki, otlaryň hemmesiniň öçüriilendigi sebäpli daötöweregi gorkunç gara tümlik, gum gerişleriniň arasyny elhenç ümsümlik gurşap
alypdy. Diňe dury sowuk asmanyň ýüzündäki dyngysyz lowurdaşýan patrak deý
ak ýyldyzlar bu iki ýaş juwana guwanýan ýaly, şadyýanlyk bilen biri-birlerine
birsyhly göz gypyşdylar durdylar.
Esli wagta çeken dymyşlykdan soň, Ruhy batyr sessiz-üýnsiz elini
Enehakydanyň bolýan öýüne tarap uzatdy. Bu onuň: «Ýör, men seni ugradaýyn”,
diýdigidi. Bir giden leşgeriň öňünde ejizlemeýän batyr ýigit bu gezegem öz
söýgüsiniň öňünde öz duýgusy barada sözlärden ejiz geldi.
394
2.Ilkinji hüjüm
Bellenen güni Gökdepä ugradylar. Iňrik garalyberendenem galanyň
demirgazyk derwezesiniň öňünde häzir boldular. Ýaraglaryny «şakyrdadyşyp”
öňlerinden çykan baş-alty sany soldata ýüzlenip Ruhy batyr:
– Biz aman diläp geldik, bizi iň ulyňyzyň ýanyna eltiň – diýdi .
Ekabyrlary bolsa gerek, ýagyrnysy ýapy ýaly, kellesi tos-togalak, gür gara
murtly daýaw soldat içiňden geçip barýan ullakan ala gözlerini ýigitleriň üstaşyry
arabalaryň içindäki «aýallara” tarap jalahlatdy. Siňe-siňe seretdi. Edil şol wagtam
arabalaryň birinden aglaýan «çaganyň” sesi çykdy. Muny eşidip soldat dagystan
türküsinde howlukmaç gürledi:
– General Skobelew bu ýerde ýok. Ol Aşgabatda. Sizi onuň şu ýerdäki işleri
ynanan wekili polkownik Arşisew kabul eder. Men oňa häzir siz barada habar
bererin...
Ruhy batyr ony hasam gyssady.
– Näme etmelem bolsa çaltrak boluň! Biz ýadaw. Aç. Maşgalalarymyz bolsa
ýarawsyz.
Soldat gyssagara ýoldaşlaryna bir zatlar diýdi-de, Diňlidepä tarap ylgaşlap
gitdi. Diňlidepäniň üstünde dikilen uzyn sütün Ruhy batyyrň ünsüni özüne çekdi.
Sütüniň ýokarsynda uzaklara şöhle salýan, dolan Aýa meňzeş sönüp-ýanyp duran
sowuk şöhleli mähnet çyra welin onuň gözüne hasam täsin göründi.
Soňky günlerde aman diläp gelýänleriň yzy üzülmänsoň bulary Ruhy
batyryň ýigitleridir öýdüp gümanam etmedik beýleki soldatlar “myhmanlary”
galanyň içine saldylar, bir boşlagrak ýere eltibem gapdallarynda garawulam
goýmadylar-da noýbatçylyk çekýän bolsalar gerek, öňki duran ýerlerine tarap
ýegdenekleşip ugradylar.
Ruhy batyr galanyň içine göz aýlady: Garaňkyda takyk bir zat saýgartmaýan
hem bolsa, ýykan-ýumran edilip başlanan galanyň garalyp görünýän gözgyny
keşbi iniňi tikenekledýär. Gara öýleriň onda-munda çaşyşyp ýatan kä bitin, kä
çagşan tärimleri, tüýnükleri, uklary, bozulan ojaklar elden giderilen ýurduň
ozaldanam perişan keşbini hasam gözgyny görkezýär. Käte bir soldatlardan gözi
gorkan, eýesiz galan pişikleriň, itleriň sudurlary göze kaklyşýar-da, derrewem
garaňka garyşyp gidýär. Onda-munda ot ýanýar. Onuň daşyndaky soldatlaryň
keýpleri kök. Olar uly goh bolşup aýdym aýdýarlar, tans edýärler. Megerem,
alyslarda galan ýurtlary, dogan-garyndaşlary, gazanan ýeňişleri ýa-da ýönekeý
durmuş barada mesaýy gürrüňler edýän bolsalar gerek, käbir oduň başyndaky
395
kölegä meňzeş gara göwrelerde gymyldy-hereket ýok. Olardan üýtgeşik ses-üýn
hem çykanok.
Ruhy batyr iňňän çalt hem çakgan hereket etdi. Göze düşmezlik üçin
adamlarynyň ýarysyny şol ýerde galdyrdy-da, ýolbelet bellenen ýigidi ýanyna alyp,
galan adamlary bilen ammara tarap ugrady. Arabalaram yrgyldaşyp olaryň
yzlaryna düşdiler. Iş garaşylyşyndanam şowly boldy. Baryşlary ýaly äm-säm bolup
duran garawullary gylyçdan geçirdiler-de, üýşüp ýatan çuwal doly bugdaýdyrundan arabalary mas ýükläp, sessiz-üýnsiz öňküje ýerlerine dolanyp geldiler.
Arabadaky «aýallaryň” ornuny indi başyna don bürelen çuwallar eýelediler. Olaryň
özleri bolsa böküp-böküp arabalaryň yzyna tirkelgi gelen atlaryna mündüler.
Çykalga tarap ugrajak bolup durkalaram çat maňlaýlaryna hälki polkownik bilen
habarlaşmana giden soldat peýda boldy. Ol «has-has” edip durşuna sojap-sojap
gepledi.
– Kim hanyňyz bolsa yzyma düşsün, polkownik onuň bilen gürleşmek
isleýär...
Ruhy batyr atyny debsiläp öňe çykdy.
– Men han. Ýöne, biz pikirimizi üýtgetdik. Biz indi Aşgabada gitmekçi, şol
ýere baryp ulyňyzyň özi bilen gürleşmekçi. – Ol at başyny bir tarapa burdy-da,
topar tutup duran ýigitlerine tarap goluny bulady. – Ýörüň!..
Soldat olaryň öňüni kesdi.
– Onda azajyk garaşyň. Men bu barada hem polkownige habar bereýin.
Şol wagtam ammar tarapdan:
– Ograbili-i-i!.. – diýen çirkin ses çykdy. Gykylyk gopdy. Goh turdy. Üçdört ýola tüpeň atyldy. Tüm garaňkylygyň içi bilen güpürdeşip gelýän soldatlaryň
aýak sesleri eşidildi. Kem-kemdenem golaýlady.
Ruhy batyr öz üstleriniň açylandygyny aňdy. Şonuň üçinem, ýanlaryna ononiki sany goraňjy goşun, arabalary derwezä tarap ugratdy. Özi hüjümi
serpikdirmek üçin ýigitleri bilen yza galdy. Oňa çenlem dumly-duşdan eli tüpeňli
soldatlar çozuşyp geldiler. Gabaraly ýanýan otlaryň başam çolaryp galdy. Galanyň
ähli ýerinde ibirtde-zibirtlik emele geldi. Ýöne, nähili wakanyň gopandygyndan,
kim bilen uruşmalydygyndan bihabar soldatlaryň köpüsi nirä, kimiň üstüne hüjüm
etjeklerini bilmän ýaýdanjyraşdylar, garaňkynyň içinde tüpeňlerini çoçjaýdyşyp iki
baka elewreşdiler.
Bolan işiň kimden ýetendigini hemmelerden öňürti Ruhy batyr bilen gep
nokatlaşyp duran soldat duýdy. Ol golaý-goltumyndaky soldatlara Ruhy batyyrň
toparyny, eýýämhaçan garaňka siňip barýan arabany görkezip bir zatlar diýdi-de,
ýüze çykan wakany beýan etmek üçin indi ikinji gezek polkownigiň ýanyna
ylgady. Barşy ýalam kürsäp girdi-de , gyssagara ýagdaý bilen tanyşdyrdy.
396
Agşamlyk naharyň gapdaly bilen ýelmenen bir stakan aragyň zarbyna ýaňy bir
derçiräp igran polkownik tarsa ýerinden turdy-da gök gözlerini petreşdirip ulyili
bilen gygyrdy.
– Çto- o? Wy çto, w swoim ume?
Şondan soň ol howul-hara geýnip durşuna tutuş galany aýaga galdyrmak,
talaňçylaryň birinem sypdyrmazlyk barada buýruk berdi.
Buýruk agyzdan-agza geçip, göz açyp-ýumasy salymyň içinde gala ýaýrady.
Şondan soň ýigrimä golaý soldat arabalary goraglap barýan ýigitleriň
yzyndan eňdi. Ellä golaýy bolsa Ruhy batyyrň ýigitleriniň üstüne topuldy. Galanyň
ýykylyp gutarylyberen düýbünde dürli iş bilen gümra bolşup ýören soldatlaram
Arşisewiň buýrugyny eşidenlerinden soň sozanda-guýruk bolşup şol tarapa
ýüwürdiler.
Yzlaryndan kowgy ýeten mahaly arabalar çykalga golaýlapdylar. Erjel
söweşmek bilen goraýjylar olaryň galadan çykmaklaryny gazandylar. Özlerem
çykyp ýetişdiler. Şondan soň olara goranmak kyn bolmady. Çünki, iki-ýeke enteşip
ýören ýa onda munda sakçy durany bolaýmasa, galanyň daşynda soldat ýok diýen
ýaly. Bolaýanda-da garaňkylyk. Pete-pet gabat geläýmeseň ýa söz alyşaýmasaň
kimiň-kmdigini saýgarar ýaly däl.
Ruhy batyryň ýagdaýy welin gitdigiçe kynlaşdy. Çünki, garşydaşlaryna
gelip goşulýanlaryň yzy üzülenok. Gabawyň halkasy barha galňaýar. Şonuň
üçinem, ol güýçli zarba bilen gabawy böwüsdi-de, ýigitlleriň birini arabalary
goraýjylaryň yzyndan iberdi.
– Sag-aman çykan bolsalar arabalary oslagsyz ýol bilen guma ugradyp,
özleri munda gelsinler – diýdi. Özem ýigitleri bilen kem-kemden çykalga tarap
çekilmek bilen boldy.
Onda-munda gyssagly suratda ýakylan alowlaryň ýagtysyna soldatlar
türkmen ýigitlerini ep-esli aralykdan atyp başladylar. Bu ýagdaý köpüsi diňe
guylyç bilen ýaraglanan ýigitleriň arasynda aljyraňňylyk döretdi. Netijede,
derwezä ýetýänçäler olar köp ýitgi çekdiler. Şeýle-de bolsa, derwezäniň agzyna
dykylyp gelmekleri bilen ýagdaý öňkülere görä birneme ýeňillleşdi. Ilk-ä öňlerinde
dykyn emele geldi, kimsi atly, kimsi pyýada dazanaklaşyp gelýän soldatlaram
süme-sürç olaryň üstlerine yňdylar-da, tüýs ýigitleriň diýeni boldy duruberdi.
«Garjaşma” söweşine maý döredi. Indi tüpeňleriniň nilinden ot syçradyp gelýän
soldatlaryň ýagdaýlary agyrlaşdy. Çünki, bu garma-gürmelikde öz atan oklarynyň
özleriniňkä degäýmegem mümkindi.
Ýagdaýdan peýdalanyp ýigitleriň aglabasy derwezeden çykdy. Ýöne,
ümdüzlerine gidibermediler-de, elleri ýalaňaç gylyçly derwezäniň iki tarapyny
aldylar duruberdiler. Öz ýoldaşlary çykyp bolanlaryndan soňam olaryň yzysüre
397
süssenekleşip gelýän soldatlaryň öňünde ýaý şekilli ýarym halka bolup durdylar
we hem sagdan, hem soldan, hem çat maňlaýlaryndan çykyp, depelerinde gylyç
oýnadyp başladylar. Şol ýerde soldatlaram köp ýitgi çekdiler. Esasanam
pyýadalaryndan ölen köp boldy. Tüpeňlerini kimdir birine çeneýänçäler ýigitleriň
beýleki biri geldi-de, ýa kellesini kakdy, ýa çigninden saldy. Ýagdaý şeýle
bolansoň olar dert-azar yza dolanmak bilen boldular. Ýigitlerem: «Ýa, Alla!..”
diýşip, at başyny gelen ugurlaryna bakan öwürdiler.
Aradan köp wagt geçmänkä, hälki gaçyp giden soldatlar çozuşyp gelýän,
täze güýçler bilen birikdiler-de, ýigitleriň yzyndan kowmak üçin indi ikinji gezek
derwezeden «güsürdeşip” çykdylar. Ýöne, garaňkyda ýigitleriň nirä gidendiklerini
bilmän «dükürdeşip” bir duran ýerlerinde aýlandylar durdular. Durup özara
maslahat etdiler, daş-töwerege diň saldylar, ýatyp ýer diňlediler, gorka-ürkerägem
bolsa, esli ýere çenli köw-söw edip gelenlerem boldy. Ýöne, ondan aňryk gidip
bilmediler. Bolan işe haýran galyp, özara gümür-ýamyr edişip durkalaram bir
«güpür-tapyr” boldy-da, bir-ä depelerinde dalawlaşýan ýalmawuz ýaly ýiti
gylyçlaryň ýyldyz ýagtysyna öwüsýän ýalpyldysyny, birem horguryşýan türkmen
atlarynyň gamyş gulaklaryny görüp galdylar. Bu waka şeýle bir çalt bolup geçdi
welin, soldatlaryň sany suw içim salymyň içinde ep-esli azaldy. Şonuň üçinem olar
garşylyk görkezmek barada pikirem etmän, basymrak özerini gala atmak bilen
boldular.
3. Ikinji hüjüm.
Bu waka baradaky habar ertiriň özünde Aşgabada – Skobelewe ýetirildi.
Gala söweşine gatnaşan tekeleriň köpüsiniň, aman sorap yzlaryna gaýdyp
gelmekleri, ýaraglaryny tabşyryp obalaryna, iş-güýçlerine dolanmaklary bilen,
Ahaly boýun egdirmek meselesini üstünlikli tamamlandyryn öýdüp ýören general
öz gulagyna ynanmajak boldy.
Içi çalarak ýewropalaşdyrylan ullakan gara öýüň içinde o ýan, bu ýan
gezmeläp ýörşüne, Ruhy batyry on güne ýetirmän ähli ýigitleri bilen bilelikde,
kun-peýekun etmek barada Arşisewiň adyna buýruk ýazyp, Gökdepä iberdi.
Emma Arşisew öz baýarynyň buýrugyny ýerine ýetirmek üçin, Ruhy batyry
gözläp Garaguma gitmeli bolmady. Onuň özi geldi. Ýöne, Gökdepä däl-de,
Aşgabada geldi. Özem gündüziň günortany, Skobelewiň hut öz üstüne hüjüm etdi.
Ol ugramazyndan ozal, öňde-soňda orslardan olja alan soldat köýneklerinden,
papaklaryndan bolanjasyny öz ýigitlerine ýetdiginden geýdirip iň öňdäki
hatarlardan goýberdi. Daşyndan seredeniňde olar eýýäm özlerine gulluga duran
türkmen ýigitleri bilen gum içinde köw-söw edip ýören soldatlara meňzediler.
398
Lageriň bir gyrasyndan girenlerindenem, entek garawullar habarlaşybam
ýetişmänkäler öz eşikleriniň üstünden geýnen gimnastýorkalaryny, papaklaryny
iňňän çaltlyk bilen çykaryp taşladylar-da, delil bagy bilen ganjyga iltengi
telpeklerini kakyp lyp kellelerine geýdiler.
Ruhy batyr: şüý-ä şonuňky bolaýsa gerek, diýip, lageriň ortasyndaky ullakan
gara öýe tarap at goýdy. On bäş sany men diýen janpenasy bolsa daşyny gallap
gitdi. Galanlaram olaryň iki gapdaly bilen öňe tarap okduryldylar. Ýigrimä golaý
atly olaryň yzyny gorady. Ýöne, edil öňden taýyn bolup duran ýaly, göz-açyp
ýumasy salymyň içinde soldatlaryň otuza golaýy gara öýüň öňüne germeldi.
Derrewem tüpeňlerine ok sürdüler-de, ýetişibildiklerinden atmana başladylar. Gara
öýden bolaýsa ýigrimi ädim aralykda aýylganç çaknyşyk emele geldi. Türkmen
ýigitleriniň sanlyja atly bilen beýdip agyr goşunyň lagerine çozup girişlerine
soldatlaram, ofiserlerem hatda eýýämhaçan bar zatdan habarly edilen Skobelewiň
özem geň galdy.
Ýigitler welin gara öýi nazarlap gaýduwsyzlyk bilen öňe süýşmeklerini
dowam etdirdiler. Şol wagt olaryň hemmesiniňem küýi-köçesi öýüň içindäki
«aýrysagaly” ýa-ha ýesir alyp, ýa-da duran ýerinde öldürip, külli ahal iliniň aryny
almakdy.
Ýöne, hemişelik hereket edýän, tertip-düzgünli goşunyň esgerleri bu sada,
sähraýy ýigitleriň göwün isleglerinden düýpgöter başgaça hereket etdiler. Birnäçesi
generaly goraglap, gara öýüň çat maňlaýyndaky, öz aralarynda «Gorka” diýlip
atlandyrylýan gadymy depejigiň aňyrsyna geçirdi. Beýleki soldatlaryňam
onlarçasy hatar-hatar bolup depejigiň daşyna aýlandy. Galanlary bolsa Ruhy
batyryň okdurylyp gelýän ýigitleriniň öňlerine böwet boldular. Egerde, ýagdaý
şunlugyna dowam eden bolsady, onda, ýene-de tekeleriň iň gowy görýän
«garjaşma” oýnuna mýmkinçilik döräýmegem, böwedi böwüsäge-de, depejigi
tuutşlygyna eýeläýmeklerem ahmaldy. Şondan soň generalyň kellesini kakyp
alaga-da, «gaç teke” usulyna görä Garagumy nazarlap ümdüziňe tutdurybermeli.
Ine-ine döräýmegi ahmal bolan şol mümkinçiligiň höwesine gaýybanasyndan
gylawlanyp, howalalary kem-kemden göterilip barýan ýigitler gylyçly gollaryny
has giňden, has kuwwatly aýlap başladylar.
Emma, Görogly begiň: «Dünýäniň agyp-dönmesi bir pursatlyk ekeni,” diýşi
ýaly, ýagdaý göz-açyp ýumasy salymyň içinde üýtgedi duruberdi. Ýigitler bilen
söweşip ýören soldatlar öz aralarynda bir zatlar diýşip gygyryşdylar-da, synbasyrylyşyp söweş meýdanyndan çykdylar. Netijede depejigiň düýbünde duran
soldatlar bilen ýigitleriň arasy boş galdy. Ýigitler muny başda öz ýeňişleridir
öýtdüler. Soldatlar ejizläp ýeňse berýändirler hä diýmän depäniň biline dört hatar
aýlanan soldatlaram «ýazzyny” bererler, diýip, oýlandylar we uly joşgun bilen
399
atlaryny depejigiň düýbüne bakan debsileşdiler. Ýöne, hatara duran soldatlar
gaçmana miltem etmediler. Gaýtam, bulara tarap agzybirlik bilen ot açdylar. Şol
wagt depejigiň üstünde-de bir topbak esger peýda boldy-da, öň diňe
maňlaýlaryndan gelýän bolsa, gyzgyn gülle indi ýigitleriň depesindenem ýagyp
başlady. Şondan soň olara ýekeje ädimem öňe süýşmäne maý bolmady. «Ah”
diýmäne-de ýetişmän atdan agýanlaryň ýa aty zady bilen tüwdürilip gidýänleriň
sany köpeldi. Üstesine ýaňky ortadan aýrylan soldatlaram arkadan gelip ýigitleriň
gitjek ugruna böwet boldular. Ýene bir bölek soldat gelip iki gapdaldan atmana
durdy. Ýigitler bütinleý gabawa düşdüler. Otly halkanyň aýlawy bolsa gitdigiçe
daraldy.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
  • Büleklär
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3553
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2010
    29.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3621
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2235
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3661
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2251
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3724
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2035
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3730
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2240
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3743
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2074
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3667
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2300
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3715
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2079
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3698
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2182
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2186
    30.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2086
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3755
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2156
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3614
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2180
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3654
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2068
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3665
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2124
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3625
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2185
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2081
    30.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3612
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2137
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3737
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2131
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3716
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2275
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2183
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3666
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2217
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2219
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2229
    28.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3673
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2204
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3677
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2253
    30.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3613
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2131
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3717
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2169
    31.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3703
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2145
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3707
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2061
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3670
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2165
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3616
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2092
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3770
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    34.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3624
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2126
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3824
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2120
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3675
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2121
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Süzlärneñ gomumi sanı 3701
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1980
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Süzlärneñ gomumi sanı 3783
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2052
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Süzlärneñ gomumi sanı 3741
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2157
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Süzlärneñ gomumi sanı 3628
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2134
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2129
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Süzlärneñ gomumi sanı 3613
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2061
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2153
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Süzlärneñ gomumi sanı 3702
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2197
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Süzlärneñ gomumi sanı 2158
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1428
    38.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.