Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 01

Süzlärneñ gomumi sanı 3553
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2010
29.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
41.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
48.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
Juma Hudaýguly
ÝERE GAÇAN ÝYLDYZLAR
Roman
Birinji kitap
Aňzakly tomus
(XIX-XX asyr türkmen hronikasy)
1.
Badalga
Türkmen topragy bilen Orsyýet baryp-ha on sekizinji asyryň başlaryndan
bäri gyzyklanyp ugrapdy. Türküstanyň üstünden ähli Aziýa ülkelerine gapy açmak
islegi bilen joşýan Peýotr birinji 1716-njy ýylda, Bekowiç Çerkasskiniň
ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýany Hywa ugradypdy. Ekspedisiýanyň maksady
Orsyýetden Owganystana, Hindistana tarap açylmaly täze ýoluň ugrunda oturan
türkmenleriň, şeýle hem Buharanyň, Hywanyň syýasy we ykdysady ýagdaýlaryny,
1
jugrafiýa taýdan ýerleşişini öwrenmekden ybaratdy. Täze açyljak ýol «Söwda
ýoly» diýlip atlandyrylýardy. Ykdysadyýet bilen baglanyşdyrylýardy. Aslyýetinde
welin, onuň aňyrsynda Orsyýediň ýaňy döräp ugran imperialistik-kolonyal
syýasaty ýatyrdy.
Ykbaly pajygaly bolan hem bolsa, şol ekspedisiýanyä netijesinde Hazar
deňziniň türkmen kenarlarynda «Mukaddes Pýotr», «Aleksandrowskoýe»,
«Krasnowodsk» ýaly ors harby berkitmeleri döredilipdi. Şonuň bilenem, türkmen
topragyny özleşdirmekligiň ilkinji ädimleri ädilipdi.
On dokuzynjy asyryň birinji ýarymyndan başlap bolsa, Çeleken –
Maňgyşlak aralygynda ýerleşen, goňşy parslardan ezýetler gören, san taýdan şeňle
bir köp bolmadyk kenarýaka ýomut türkmenleri, hususan-da Japarbaýlarorslara
edil bulutdan çykan güneş kimin garap başladylar. Güýçli döwlete arka dirän
rahatlykda ýaşamak maksady bilen, Orsyýede raýat bolmaklyga meýil bildirdiler.
Şol türkmenleriň hany Kyýat han öz halkynyň adyndan ak patyşa telim gezek
haýyşnamalar iberdi. Şeýle haýyşnamalaryň iň ähmiýetlisini ol 1836-njy ýylda,
Günbatar Türkmenistany geodeziýa we toponomiýa taýdan öwrenmek bahanasy
bilen Ors hökümedi tarapyndan gurnalan ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Karelinden
iberdi. Ak patyşanyň diwanynda hatynyň ýüzüne-de seredilmejekdiginden bihabar
han şonda obama-oba aýlanyp, her obanyň kethudasyna, hanyna begine barmak
basdyrdy. Hamala bar meseläni şol çözýän ýaly, Kareliniň öňünde gözünden ýaşlar
döküp aglady. Arzy-halyny, halkyň ýagdaýyny Onuň Aly hezretlerine
ýetirmekligini haýyş etdi.
Emma Ors hökümedi şol wagt ýomutlary raýatlyga almaklygy özüne
artykmaç ýük saýdy. Bu meselede hususan-da, Ors hökümediniň Maliýe ministri
erjellik görkezdi. Ol öz garşylygyny ýomutlaryň dagynyk, yza galak, çarwa
halkdygy, egerde olary raýatlyga alsalar şäherler, punktlar, şeýle hem keselhana,
mekdep, telegraf, poçta desgalaryny, diwan jaýlaryny gurmaly boljakdyklary,
demir ýol, çagyl ýol çekmek, köpri gurmak zerurlygynyň ýüze çykaňmagynyň hem
ahmaldygy, ol zatlaryň bolsa döwlet gaznasyny ummasyz çykdaja goýjakdygy,
olardan zyýandan başga hiç hili peýdanyň bolmajakdygy baradaky delliler bilen
düşündirdi.
Şonuň bilenem ol mesele galdy. Çünki, olara şol wagt, raýatlyk däl-de, diňe
ýol, geçelge, ötelge gerekdi. Şol ýoluň ugruny öz peýdalary üçin öwrenmek
gerekdi. Çöl içinde agyp-dönüp ýörençarwa halkyň şol ýoluň öňüne böwet bolup
biljekdigi barada welin pikirem etmeňürdiler. Çekinmeýärdiler. Äsgermeýärdiler.
Üstlerini basyp geçip ötägidibermelidir öýdýärdiler.
Ýöne ine, on dokuzynjy asyryň ikinji ýarymyndan başlap türkmen meselesi
olary bütinleý başga bir jähtden gyzyklandyryp, başlady we yzly-yzyna, öňki
ekspedisiýalara düýbünden meňzemeýän harby otrýadlary türkmen topragyna
2
iberip ugradylar. Ýene-de ýol meselesini öňe tutdular. Türkmenleriň üsti bilen,
bireýýäm Orsyýediň tabynlygyna giren Buhara tarap söwda ýoluny açmak
isleýändikleri, ýerli halka hiç hili ýamanlyklarynyň ýokdugy, gaýtam söwda
ýolunyň asuda bolmagy üçin türkmenleriň özlerinem eýranlylaryň
çapawulçylyklaryndan gorajakdyklary barada wagyz-nesihat geçirdiler. Öwütündewler etdiler. Öň ýalbarsalaram raýatlyga alman ýören halkyny, ak patyşa raýat
bolmaklyga çagyrdylar. Kenar ýakasyndaky ýomut türkmenlerinden başlap tä Ahal
ülkesine çenli bolan aralykdaky han-beglere hat üstüne hat gönderdiler. Dürli
syýasatlar ýöretdiler. Syýasatlarynyň ýol almadyk ýerinde haýbat atdylar. Onda-da
bolmasa, güýç ulandylar. Göz görkezdiler. Zorluk, sütem etdiler. Çapawulçylyk
etmekdenem gaýtmadylar. Käte bolsa goňşy oturan parslar, kürtler bilen dilleşip
türkmenleriň üstüne alamanlar gurnadylar. Olary näme üçin birden-kä beýle,
gyssanmaçlyga düşdülerkä? Onuň sebäbi, nämekä? onuň sebäbi şol wagt
Hindistanda agalyk edip oturan iňlisleriň Owganystanyň üsti bilen türkmen
topragyna aralaşmak howpy döräpdi. 1878-nji ýylyň aýagynda iňlisler Kabuly,
Gandahary eýeläpdiler. Eger-de Hyradam alaýsalar, onda olar Merkezi Aziýa, öňi
bilenem türkmen topragyna süsňäp giräýmelidiler. Şonda tä Hazar deňzine çenli
bolan aralyk olaryňeline geçýärdi. Deňziň aňry ýüzi, ýagny, Kawkaz tarapy bolsa
Orsyýete degişlidi. Düýn-öňňünem özüniň owgan ülkelerine çenli baryp, şol
ýerdenem Angliýa wehim salmaklygy, Hindistana täsirini ýetirip, iňlisleri şol
ýerden kowup çykarmaklygy, olaryň şondan soňraky Ýewropada etjek
hereketlerine çenli gözegçilik etmekligi arzuwlap oturan Orsyýet Beýik Britaniýa
bilen hut şu ýerde, Hazar deňziniň Gündogar ýakasynda serhetleşmegi göz öňünede getirip bilmeýärdi. Ol öz serhediniň Hindiguş sakasy, Paropamiz örküji, şeýle
hem Köpetdag gerişleri üzre geçmegini, agzalan ýerlerdäki daglaryň
göwüslerinden syzyp demirgazyga we günbatara tarap ugur alýan ähli çeşmeleriň,
çaýlaryň, birnäçe gollary bolan Amyderýanyň hem özüniňki bolmagyny isleýärdi.
Şu şekildäki serhet hem-ä iňlislerden jugrafiýa taýdan aýratyn görkezmelidi,
hemem Owganystanda bolsa-da, Hindistanda bolsa-da iňlislere birsyhly wehim
salyp durmana ýardam etmelidi. Şonuň üçinem, ol ýeke bir ençeme ýyl bäri
raýatlyga almaklygy özüne aýakbagy hasap edip oturan ýomutlaryň däl, eýsem
Ahal tekeleriňem, Mary tekeleriňem üstünden basyp ötäge-de, iňlisleri iň
bolmanda Şeýhi-Jüneýitde – Guşgyda garşylamaklygy ýüregine düwdi.
Entek bütewi bir döwlete öwrülip ýetişmedik hem bolsa orslar üçin kelle
agyry bolup dörän türkmenler şol döwür jugrafiki taýdan ýerleşişleri boýunça üç
bölekden ybaratdylar.
Birinjisi – iň uly hem orslar üçin iň ähmiýetli bölegi: Hazardan Amyderýa
çenli, Garagumyň Demirgazyk çetinden Köpetdag eteklerine we Demirgazyk –
Günortadaky Paropamiz örküjine çenli bolan aralykda ýerleşen Ahal hem Mary
3
tekelerinden, salyrlardan, saryklardan, kenarýaka ýomutlaryndan ybarat ZaHazar
türkmenleridi.
Ikinjisi Hywa türkmenleri.
Üçünjisi bolsa Buhara türkmenleri.
Buhara 1868-nji ýyldan büri öz howandarlygynda bolandygy üçin, ol
ýerdäki türkmenleriň özlerine bolan garaýyşy ors hökümedini gaty bir
gyzyklandyrybam baranokdy.
Hywa türkmenleri bolsa 1873-nji ýylda Hywa hanlygy synandan soň güýç
bilen boýun egdirilipdi. Ol boýun egdirilişik, «Gazawat gyrgynçylygy» diýen at
bilen dünýä taryhyna girdi.
Birinji, topara degişli, ozaldanam orslara meýil bildirip ýören kenarýaka
ýomut türkmenleri hiç hili garşylyksyz ak patyşanyň raýatlygyny kabul etdiler.
Günbatarda Gürgen, Etrek, Balkan sebitlerinden başlap, Gündogarda Gyzylarbada
çenli bolan aralykda ýaşaýan ýomutlar bolsa, Orsyýet ýaly uly döwlete garşy durup
bilmejekdiklerine göz ýetirendikleri üçin, mejbury ýagdaýda boýun boldular.
Şeýlelikde, ors hökümediniň ýolunda duran esasy güýç- heniz ors
ýaragynyň yzasyny dadyp görmedik, edilen ençeme töwellalara pitiwa etmedik
Ahal, Mary, Pendi, Sarahsa, Şeýhi-Jüneýit türkmenlerinden ybaratdy. Öňi bilenem
Ahaldan geçmelidi. Esasy güýjem şol ýerdedi, boýun sunmajakdyklaryny açykdanaçyk aýdýanam şolardy.
Onuň üçinem, bu ülkäniň üstünden arkaýyn ätläp, ötmekligiň aňsat
bolmajakdygyna orslar gowy düşünýärdiler. Esasanam Mary tekeleriniň
garyndaşlyk esasynda Ahal tekelerine birigäýmekleriniň ahmallygyndan howatyr
edňärdiler. Üstesine şol döwür Mary bilen Ahal bir hanlyga birigpdi. Ahal hany
Nurberdi han – hanlar hany edilip bellenipdi. Olara salyr, saryk, ýomut, gökleň
başga-da birnäçe ownukly-irili türkmen taýpalary hem goşulyp başlapdylar. Ülke
bütewi bir döwlet gurluşygyna tarap barýardy. Harby serenjamlar, ykdysady
syýasat babatynda guramaçylykly hereketler edilýärdi. Çäreler geçirilýärdi.
Hemişelik hereket edýän goşun, wagyz-nesihatçylar, aňtawçylar toparlary,
kazyçylyk diwanlary döredilýärdi. Bu tutumyň başynda esasan Ahal hany Nurberdi
han bilen Mary hany Gowşut han durdy. Gyzgyn sähranyň içinden «mesaňa»
diýäge-de, ýok ýerden, täze bir döwletiň döräýmek howpy elbetde, goňşy
döwletleriň, hiç biri üçinem ýakymly däldi. Bu ýagdaý esasanam keranýaka
ýomutlaryňam öz tabynlyklaryndan çykyp şol döwlete goşulaýmaklaryndan heder
eden orslaryň gonjuna gor guýdy. Çünki, gödek hereketleri bilen olar eýýäm
ýomutlaryň ýigrenjini gazanypdylar. Başda olaryň halasgärçilikli missiýasyna
ynanan ýomutlar özleriniň ýagyşdan gaçyp damja uçrandyklaryna, ors
raýatlygynyňam Hywa Buhara ýa-da Eýran raýatlygyndan erbet bolmasa enaýy
däldigine göz ýetiripdiler we gysaçdan sypmak üçin gaça uruşlar edip, olardan
4
sypmagyň her hili çürelerini ýollaryny agtaryp başlapdylar. Ahal ülkesine ors
goşunlary bilen bilelikde ýörişe gitmeklikden kes-kelläm boýun gaçyrypdylar. Öň
olara goşun üçin satan düňelerini yzyna gaýdyp alypdylar. Ýaňy döräp gelýän
türkmen döwletine hakykatdan-da birikmeklik meýline ýüz urup başlapdylar.
Bu täzeligi ýitilik bilen synlap duran ors razwedkasy öňi bilen täze
hanlygyň başynda duran Nurberdi hany hem-de Gowşut hany aradan
aýyrmaklygyň gamyny iýip ugrady. Sarahsdan Mara göçülip gelineli bäri il içinde
suw satyn, çilimsazlyk edip, derwüş sypatynda gezip ýören, halk arasynda Aly
mülhit ady bilen tanalýan jansyzyna Gowşut hany ýoklamagy buýurdy. On bäş ýyl
bäri Maryda bolýan wakalary ors merkezine habar berip ýören bu ors ofiseri
tabşyryk alandan soň basym Gowşut hana golaýlaşmany başardy we aýakgabynyň
içine iýji döküp ejirli ölüme sezewar etdi. Dabany çüýräp ugran Gowşut han başda
aýagyny topukdan kesmeklerini tebiplerden haýyş etdi. Emma onuň bu haýyşyny
ýerine ýetirip bilmediler. Ýara has beterleşiberende dyzyndan aşagyny
kesmeklerini buýurdy. Onuň bu haýyşam ýerine ýetmedi. Ahyrsoňunda ol:
«Belanyň körüginiň nirededigini men aňýan. Şonuň üçinem, çatalbadan kesip
aýryň, dilim gepläp dursa şol orsy şu topraga getirmen» diýdi. Emma muňa-da hiç
kim het edip bilmedi.
Şeýdip Sarahsda Hywa hany Mädemin hanyň, Maryda Eýran serkerdesi
Hemze Mürzäniň birnäçe müňlük, toply-ýaragly goşunyny sadaja ýaraglanan
türkmen ýigitleri bilen kun-peýekun etmekligi başaran meşhur serkerde tüýs
gerekli wagtynda dünýäden ötdi. Ýaňy döräp gelýän türkmen döwletiniň bir sütüni
syndy.
Şondan soň Aly mülhidem zym-zyýat boldy.
Iň ýakyn egindeşiniň aradan çykandygyny eşidip Nurberdi han: «Wah, bir
omurdanym aňrylan ýaly boldy» diýip «ah» çekdi.
Indi gezek onuň özüniňkidi. Ýöne orslar birnäçe ýyl bäri onuň bilen başgaça
oýun edip gelýärdiler. Ýomutlaryň arasynda ymykly ornaşanlaryndan soň, olar oňa
häli-şindi sylag-serpaýlar, hatlar, haýyşnamalar iberýärdiler. Onuň hanlygyny
ykrar edýändikleri barada ähli türkmen serdarlaryna, han-beglerine nama yzyna
namalar gönderýärdiler. Şoňa tabyn bolmaklaryny talap edýärdiler. Nurberdi
handan idin haty bolmasa, Mihaýlowsk aýlagynda Bakuwa, Astrahana gidýän
türkmenleri parahoda mündürmeýärdiler. Orslar Nurberdi hanyň üsti bilen Ahalyň
baş serdary bolan Dykma serdara-da, ile-güne täsirini ýetiribilýän beýleki hanbeglere-de sylag-serpaýlar iberýärdiler. Şol sylag-serpaýlary Nurberdi han
«kapyrdan bir gyl ýolmagam peýda» diýen nakyla eýerip kabul edýärdi. Şol
harajatlary başardygyndan il-günüň derwaýyslyklaryna ýaratjak bolýardy. Beýleki
han-beglere-de şeýtmekligi sargaýardy. «Elbetde, «bir emmasy bolmasa, guýruk
5
munda ne ýatyr» diýipdirler, bu zatlaryňam aňyrsynda nämäniň ýatandygyny soň
görübiris. Ýylan näçe egrem bolsa hinine girjek bolanda gönelýändir» diýýärdi.
Para-peşgeşli pirimleri paşmanyndan soň, barlag-serenjam bahanasy bilen
orslar kem-kemden Ahal ülkesine tarap süýşüp başladylar.
1872-nji ýylda patyşa goşunynyň polkownigi Stoletow bir müň ýedi ňüz
adamdan ybarat otrýada baş bolup, Amyderýanyň köne ugry bilen ilki Igdi
guýusyna, ondanam Gyzylarbada gelipdi we tekeleriň arasynda bir aý bolupdy.
Türkmenler bilen dostlukly aragatnaşyk açmak isleýändiklerini aýdypdy. Ondan
soň Zawa, Gyzyl çeşmä, Bama, Börmä barypdy. Börme hany Dykma serdar bilen
duşuşyp, hoşnutdan-hoşnut sözler aňdyşypdy. Özüni adamkärçilikli, mylakatly
alyp barypdy. Serdaryň özüniňem orslar bilen parahatçylykly gatnaşyklaryň
açylmagyna garşy däldigini eşidip begendi. Ahalyň beýleki han-beglerini hem şu
pikire çagyrmagyny haýyş edipdi. Şular ňaly uly tutmly döwlet işine ýardam
edibilse, eden ýagşylyklarynyň ýele gitmejegini, ors hökümeti tarapyndan hemişe,
hemmetaraplaýyn goldanyljakdygyny ýaňzydypdy.
Egerde syýasy ýagdaý şol gidişine giden bolsady, ors ofiserleriniň hemmesi
özüni Stolew ýaly sypaýy alyp baran bolsadylar, onda ors-türkmen
gatnaşyklarynyň parahatçylykly ylalaşyklara tarap ugur alyp gidibermegem
ahmaldy. Ýöne, ak patyşanyň hemme ofiseri Stoletow ýaly däldi. Syýasy ýagdaýy
edil öz hususy häsiýetine görä çözer ýaly Stoletowam Orsyýetiň birinji adamy
däldi. Ol bary-ýogy harby gullykçydy we diňe öz otrýadyna, şeýle hem özüne
buýrup bilýärdi. Ýerli halk bilen geçirýän mylakatly çäreleriniň aňyrsynda öz
döwletiniň basybalyjylykly syýasatynyň ýatandygyny, bu ülkä uly goşun girenden
soň görlüp-eşidilmedik wagşyýana hereketleriň başlanjakdygyny göz öňüne-de
getirip bilmeýärdi. Onuň öz niýeti gowudy we niýetine görä-de hereket edýärdi.
Stoletowyň öz ýany, yz otrýady bilen Krasnowodskiden başlap Bama, Börmä çenli
ýöriş eden polkownik Markozowyň – tekeleriň soň-sopňlar ýigrenç bilen
atlandyryşlary ýaly Margöziň, ýagny Ýylangözüň özýni alyp barşy welin ak
patyşanyň kolonial syýasatynyň hakyky keşbini açyp görkezdi.
Ol ýerli halka ýeke bir özüni däl, eýsem öz arkasynda durýan uly bir
döwletem ýigrendirdi. Baran ýerinde türkmenleriň gara öýlerini, aýak ulaglaryny,
ýükçi mallaryny zor bilen ellerinden aldy, halka göwnüýetmezçilikli garady,
kemsindiriji sözler aýtdy. Gojalary urup-sögen gezeklerem boldy. Şular ýaly
nadan, ýabany halk bilen dagam adamkärçilikli gepleşiker geçirip, halys
eljiredendigi üçin otursa-tursa öz ýanyndan söge-söge Stoletowyň dagy abat ýerini
goýmady.
Özüniň şolar ýaly gödek hem hususy herektleri bilen ol türkmen halkynyň
Orsyýede bolan ynsanperwerçilikli garaýyşynyň öňýne uly böwet goýdy.
6
Ýöne, patyşa goşunlarynyň, ofisserleriniň şondan soňky, onda-munda eden
hereketleri welin «Ýylan gözüň» dagy çeni-çaky bolmady.
Şol ýylyň tomsunda, ors goşunlarynyň Hywada oturan gazawatly
ýomutlaryň başyna salan betbagtçylykly wakasy bolsa, külli türkmen halkynyň, şol
sanda Ahal tekeleriniňem süňňüni sarsdyrdy. Hemmesiniň ýüregini terikdirdi.
Hemmesinde ors döwletine bolan gahar, gazap döretdi.
Gazawat gyrgynçylygy ors hökümediniň türkmenler babatda şol çaka çenli
geçiren gandöküşikli çäreleriniň ilkijisi bolmasa-da, hem möçber, hem geçirliş
usuly taýdan iň aýylgançydyr.
Eýsemde, bolsa Gazawat gyrgynlygynyň sebäbi näme?
Dogry, haýsy ýerde ýaşasa-da öz erkinligini saklamagy başarýan
türkmenler Hywada oturan bolsalar-da, hiç haçan Hywa hanynyň raýatlygyny
kabul etmändiler. Oňa boýunbolmandylar. Pajam tölemändiler. Gazy-haşar
işlerine-de gatnaşmaýardylar. Olaryň arasynda: «Laýa bulaşandan gana bulaş»
diýen ýaly özbaşlaryna, ýörite nakyllaram bardy.
Ýöne olaryň hana ýaramly taraplaram kändi. Özleriniň raýat däldigine
garamazdan, başga halklary öz tabynlygynda saklamagy üçin hana ýakyndan
kömek berýärdiler. Içki we daşky duşmanlardan goraýardylar. Özlerem şol işleri
uly höwes bilen ýerine ýetirýärdiler. Mahlasy, hanyň harby daýanjy bolup
durýarydlar. Hut şol häsiýetleri üçinem han hemişe olar bilen ylalaşykly
ýaşaýardy.
Orslar Hywa hanlygyna çozanlarynda-da, olara garşy diňe türkmenler
çykypdylar. General Werewkin toplaryny «gümmürdedip» Hywa girenden,
gorkusyndan ýaňa huşy başyndan göterilen han köşgüni taşlap gaçypdy,
hyzmatkärleri, janpenalary bolsa goramakdan geçen, gaýtam oňa dönüklik
edipdiler. Tagtyny bolsa ur-tut dogany eýeläpdi. Ine, hut şol kyn pursatda hem ony
türkmenler penalapdylar. Gorapdylar. Öz aralarynda saklapdylar.
Han iň bolmanda şojagaz hyzmatlary üçinem türkmenler babatda beýle
haýynlyk etmeli däldi. Hyýanatçylykly sözler aýtmaly däldi. Olaryň mertligi,
merdanalygy, beren sözlerine wepalydyklary, özüni birsyhly gorap gelendikleri
barada aýtmaýanlygynda-da, beýdip oduň içine bir itermeli däldi.
Emma ol amatly pursat geldi hasap etdi we öňki-soňky öjüni orslaryň eli
bilen almak üçin Kaufmany türkmenleriň üstüne küşgürdi. Üstesine, türkmenleri
asylam öz tabynlygynda artilleriýasyz saklap bilmejekdigini bahanalap, Hywa
boýun egdirilende orslara olja düşen 18 topunam yzyna diläp aldy.
General Kaufman hana ynandy we şondan soň Hywaly türkmenlerden
salgyt ýygnamaklygy öz üstüne aldy. Ol bu çäräni amala aşyrmaklygy näme
üçindir ýomutlardan başlady we iki hepdäniň içinde 41 000 funt sterlinge barabar
300 000 manat pul getirip tabşyrmaklygy olardan talap etdi.
7
Elbetde, ors hökümediniň Hywa hany däldigini türkmenler ýagşy
bilýärdiler, şonuň üçinem, beýle gysga möhletiň içinde onça puly töläp
bilmejekdiklerini ýomutlardan gelen on iki ilçi Kaufmana elin aýtdy we möhletiň
biraz uzaldylmagyny haýyş etdi.
Berilen möhletiň hakykatdanam juda azdygyny general Kaufmana onuň öz
ofiserlerem aýtdylar. «Munuň şeýledigini özüňizem aňýansyňyz, ýöne, siz hanyň
çoçgaryna çolaşdyňyz, türkmenlerden ähtiýalanlyk hem namartlyk bilen ar almak
isleginiň amala aşmagy üçin onuň elindäki ýaraga öwrüldiňiz» diýdiler.
Emma general olara gulak asmady. «Gözlerini gorkuzmasaň türkmenleriň
ýaraglaryny ymykly taşlajakdyklaryna güwä geçip bolmaz. Şeýtsek özbeklere-de
sapak berdigimiz bolar. Onsoňam türkmenler garaşsyzlygy janlaryndanam eý
görýärler. Bu bolsa biziň iň bir ýigrenýän zadymyz. Bulary barybir bir hökümede,
iň bolmanda, häzirlikçe, Hywa hanyna boýun bolar ýaly etmek gerek. Möhlet
barada aýdylanda bolsa, onuň gysgadygyny menem bilýän. Ýöne, maňa geregem
şol. Şol möhletiň içinde şolaryň şony töläp bilmezligi. Olary urup mynjyratmak
üçin bahanyň döremegi. Görýän welin siziň syýasatdan gaty bir başyňyz çykanok
ýaly» diýip, gaýtam olaryň özlerini haýalçyratjak boldy.
Şeýdubem, 1973-nji ýylyň 19-njy iýulynda, ýagny, ors goşunynyň Hywa
gireninden bäş hepde soň, Kaufman general – Maýor Golowaçýowyň ýolbaşçylygy
astynda, pyýada goşunyň sekiz rotasyny, kazaklaryň sekiz ýüz atlysyny, on top, iki
mitrileza bilen ýaraglanan raketaçylar batareýasyny ýomutlaryň oturymly ýeri
bolan Gazawata ýollady.
Üstesine, Kaufman ýomutlardan gelen on iki ilçinem yzyna goýbermedi.
Tussag etdi.
Golowaçewyň ýomutlaryň boşap galan obalaryny nähili oda berendigini,
gaçgaklaryň yzyndan ýetip olary nähili ýowuzlyk hem naýynsaplyk bilen
gyrandygyny, şol goşunyň içinde bolup ähli zatlary öz gözi bilen gören, «NýuÝork gerald» atly amerikan gazetiniň habarçysy Mak Cahan özüniň 1874-nji
ýylda, iňlis dilinde neşir edilen «Oguzlaryň üstüne ýörüş we Hywanyň
syndyrylmagy» atly kitabynyň «Türkmenler» atly üçünji böleginde jikme-jik
beýan etdi.
Ol türkmenleri Orta Aziýanyň iň edermen, urşujy halky diýip atlandyrýar.
Edilen ýörüşiň netijelerine gynanýar. Orslaryň şolar ýaly eden-etdilikli syýasatyny
ýazgarýar. Başdanaýak türkmenlere duýgudaşlyk bildirýär.
«Ýomutlar derbi-dagyn edildi, gyrgynçylyk görlüp-eşidilmedik derejä
ýetdi. Köp sanly mallary olja alyndy. Gyşa niýetläp goýan basylgy bugdaýlary,
azyk önümleri ýok edildi. Hatda entek döwlüp ýetişilmedik bugdaý
harmanlanlaryna çenli ýakyldy. Obalarynyň ornunda bolsa diňe kül üýşmekleri
galdy. Ýörüşiň dowamynda obalaryna dolanmaklygy, boýun egmekligi
8
hyýallaryna-da getirmezlikleri türkmenleriň ruhlarynyň mizemändiginden habar
berýärdi» diýip, Mak Cahan ýazgysynyň soňunda belläp geçýär.
Onuň aýtmagyna görä, ýomutlar tä, Kaufman Buharanyň üsti bilen
Daşkende tarap ýola düşýänçä, ummasyz kynçylyk çekendiklerine garamazdan
boýun sunup gelmändirler we birnäçe hepdeläp, ymgyr çölüň içinde enäp-tenäp
gezipdirler. Olaryň birnäçeleri Hazarniň kenarynda, Etrek sebitlerinde ýaşaýan
taýpadaşlarynyň arasyna gidipdirler. Şolaryň belli bir böleginiň ahal tekeleriniň
arasyna gaýdandyklaryny hem žurnalist inkär edenok.
Onuň tassyklamagyna görü, ýomutlary bir ýüzli edenden soň general
Kaufman Hywada ýaşaýan beýleki türkmen taýpalaryna hem bir hepdäniň içinde
her öýden 5 tylla, ýa-da 4 funt sterling we 1 şilling, jemi 42.500 funt sterling
tölemegi buýrupdyr. Türkmenler iki günden soň Kaufmana özleriniň birnäçe müň
manada barabar bolan kümüş pullaryny, bileziklerini we şuňa meňzeş beýleki
bezeg şaýlaryny getiripdirler.
Aslyýetinde Orsyýediň Hywa hanlygynyň üstüne sürnüp gelmegine näme
sebäp bolupdyr? Mak Cahan onuň göze görnüp duran iki sany sebäbini salgy
berýär. Birinjisi: Hywalylar şol wagt orslardan ýigrimi bir sany adamy ýesirlikde
saklaýan ekenler. Olar diňe ýörüş başlanmazynyň öň ýany boşadylypdyrlar.
Ikinjisi: Hywalylar birsyhly ors täjirleriniň kerwenlerini talaýar ekenler. Hywa
hanynyň bolsa ýa-ha olara «haý-küş» edesi gelmeýän ekeni, ýa-da hökmi
ýöremeýän bolmaly.
Göräýmäge urşuň turmagyna şu iki ýagdaý sebäp bolan ýaly. Ýöne, Mak
Cahan sözüniň dowamynda bu işiň syýasy tarapynyň has ähmiýetli bolan
bolmagynyň ahmaldygyny habar berýär. Ýagny, Hywa şol wagt Orta Aziýada
Orsyýediň tabynlygynda bolman galan ýeke-täk hanlykdy. Buhara bolsa ençeme
wagt bäri ors hökümediniň howandarlygynda otyrdy. Egerde Hywany basyp alsa,
onda, onuň serhedi Buharanyň aňry ýanyndaky derýanyň ýakalaryna çenli uzalyp
gitjekdi. Ol şuny isleýärdi, şol maksadyna hem ýetdi. Üstesine hanyň ygtyýarynam
öz eline aldy. Tutuş hanlygy jylawlady. Iru-giç baş göterip biläýjek türkmenleriň
gözüniň oduny aldy, derbi-dagyn etdi. Henizem öňki hanlygyna eýe bolup
oturandygyna garamazdan, basylyp alynandan soň Hywa hany orslardan bidin bir
ädimem ädibilmedi. Netijede, hanlygyň ilaty hem öz-özünden orslaryň raýatyna
öwrüldi. Mahlasy, şondan soň orslar Hywa edil, öz öýlerine gelen ýaly arkaýyn
geldiler, gitdiler, girdiler, çykdylar, edenlerini etdiler, goýanlaryny goýdular.
Çünki, Hywa hany bilen ors hökümediniň arasynda uruşdan soňky baglanyşylan
şertnamanyň şerti şeýledi,
Olar ýeke bir Hywada däl, türkmen topragynda-da şeýdip, özlerini erkin
duýmak isleýärdiler. Ýerli halkyň öz öýünde özüni hojaýyn hökmünde duýmagyny
bolsa olar halamaýardylar. Bu olaryň edähetlerine-de, syýasatlaryna-da ters gelýär.
9
Uly maksada ýetmek üçin olara ýerli halkyň üstünden gülmek ýa ýol çekip geçip
gidibermek ýeterlik däldi, tersime, ýerli halk öz öýünde özüni saýry saýmaly,
bigäne, erksiz duýmaly. Sustlary pes, göwünleri çökgün bolmaly. Önüpösjekleriniň beýnisinde «gul» psihologiýasy döremeli.
Hywanyň basylyp alynmagam, Gazawat urşam hut şol maksat bilen,
hususan-da külli türkmeniň, şol sanda ahal tekeleriniňem gözlerini gorkuzmak üçin
amala aşyrlan bolmaly. Olaryň çak edişlerine görä, Gazawatda bolan işi ýatlap ahal
tekeleriniň aňy üýtgemelidi. Ýetip gelýän ors baýarlarynyň öňünde
ýaýaplamalydylar. Garşylyk görkezmeg-ä beýlede dursun, hat-da öňlerinden duzçörekli çykanlarynda-da uýluklary sandyramalydy, dişleri şakyrdamalydy.
Ýöne, Mak Cahan sözüniň soňunda: «Orslar Hywany basyp alandan
Hindistana ýöriş eden bolsalar özleri üçin bähbitli bolardy», diýen netijä gelýär.
Çünki, ors hökümetiniň Petr birinjiden bäri edip gelýän arzuwy, ahyrky maksady
şol. Hindistan. Hususan-da, Owganystanyň üsti bilen Orta Aziýa gözüni dikip
gelýän iňlisleriň seňrigine kakmak. Ýollaryny beklemek. Ýöne, şol ýörişi amala
aşyrmak üçin daýanç nokady, berkitme ýa başga bir harby bähbit hökmünde hem
Hywanyň hiç hili ähmiýeti ýok. Ýagny, şol wagtky mümkinçiliklere görä,
Orsyýediň Hindistana ýöriş etmegi üçin Orta Aziýa iki sany amatly ýol bardy.
Birinjisi: Hazar deňziniň günorta kenar ýakasy bilen, Persiýanyň Hyrada
çenli bolan demirgazyk serhetleriniň üstünden tä, Hindistana çenli uzalyp gidýän,
müň mile golaý ýol. Egerde, ýöriş şu ýol arkaly amala aşyrylsa, onda, ors
hökümediniň şol harby ýörüşine Hywanyň jinnek ýalyjagam peýdasy ýok. Bu,
kartadanam görnüp dur.
Ikinjisi: Samarkantdyr Buharanyň üstünden geçip Kerkä, ondan aňryk
Amyderýanyň kenar ýakasy bilen Owganystanyň Gunduz şäherine barmaly.
Kerkiden üç ýüz ýetmiş mil demirgazyk – günbatarda ýerleşýändigini nazara
alsaň, onda Hywa orslaryň bu harby ýöriş ýolundanam ep-esli sowa düşýär.
Ýagny, bu ýol arkaly ediljek ýörişde-de Hywanyň, orslara hiç hili ähmiýeti ýok.
Mak Cahanyň şu oýlanmalaryndan ugur alsaň, onda, orslar Hywany harby
ýa syýasy maksatlar üçin däl-de şol ýerdäki türkmenler meselesinden dynmak üçin
alan ýalam bolup dur.
Çünki, öňde belläp geçişimiz ýaly orslar üçin edil şol wagt esasy maksat
Hindistana tarap ýöriş etmek däl-de, alaňlaryň aňyrsyndan alamlarynyň ýokary ujy
görnüp ugran iňlisleriň öňüni çolamakdy. Ors hem-de iňlis imperiýasynyň
aralygynda ýerleşýän, içinde dürli türkmen taýpalary agyp-dönüp ýören çäksiz
giňişligi mümkingadar iňlislerden öňräk eýelemekdi, şol çäkdäki entek bütewi bir
döwlete öwrülip ýetişmedik, dagynyk türkmen taýpalarynyň agyzlaryny
öňküdenem beter alartmakdy, birdenkä birleşäýmezlikleri, bir güýje öwrülip
10
öňlerinde ullakan päsgelçilikleri döretmezlikleri üçin olary, ýeke-ýekeden çympytrak edip çykmakdy.
Goňşy oturan hem bolsa, ol giňişlige häzire çenli Persiýa dawa edenok. Bu
orslar üçin gowy. Amatly.
Iňlisleriň Ýewropada uruş etmek meýilleriniň bardygyny bolsa Bosfor
wakalary görkezdi. Şonuň üçinem, iňlisleriň gündogardaky imperialistik
meýillerine ors hökümeti garşylyk görkezmän durup bilmez. Hindistan meselesi
bolsa biraz soňrak. Onuň gitjek ýeri ýok. Ol garaşar.
Hawwa, Gazawatda bolan şol wakalar ors hökümetiniň düýp maksadyny
külli türkmen halkyna äşgär etdi. Bu syýasy ýagdaýy öňi bilenem ençeme ýyl bäri
orslaryň üns merkezinde duran Ahal tekeleri duýdy.
1878-nji ýylda, ors goşunynyň ofiseri general – maýor Lomakin tarapyndan
hiç bir sebäpsiz ýere Hojagalanyň weýran eedilmegi bolsa orslaryň Ahalda,
mundan bu ýana nähili hereket etjekdiklerini gutarnykly aýan etdi.
Umuman, olaryň ençeme wagt bäri bu ülkede edip gelýän elmaýyşlyklarynyň,
para-peşgeşleriniň, ýalan ýylgyryşlarynyň aňyrsy göründi. Matlap belli boldy.
Nurberdi hanyň aýdyşy ýaly, ýylan hinine girjek wagty däl-de, hininden çykjak
wagty göneldi. Ahal tekeleriniň ors raýatlygyny kabul etmeg-ä däl, eýsem olaryň
üstlerinden geçip gitmeklerine-de ýol bermezlik baradaky oň-pikirlerini has hem
çuňlaşdyrdy.
Muny ors hökümediniň özem duýdy. Ýöne, indi yza ýol ýokdy. Sähelçe
haýal-ýagallyk edildigi, ors aýysy bilen iňlis şiriniň Hazar deňziniň gündogar
kenarynda garpyşaýmagy juda ahmaldy. Hywaly ýomutlary mugyra getirip
bilmeýändigine jany ýanyp duran ors hökümeti indi Ahal tekeleri bilen degdimgaçdym etmesini goňup, belli bir netijä gelüňmelidi.
Şonuň üçinem, ol 1878-nji ýylyň başynda, öňki sypaýyçylyklaryndan el
çekip, Ahalteke ülkesine harby ýöriş etmek barada ýörite karar çykardy. Onuň
goşun başlyklygyna bolsa, ors-türk urşunda meşhurlyk gazanan, tejribeli
serkerdeleriniň biri, general – adýutant Lazarew bellendi.
Gazawadyň başyndan inen howp indi Gökdepäniň üstüne abandy.
2.
Ýörişe taýýarlyk.
Ýörişiň taýýarlyk nokady hökmünde ýa Krasnowodsk ýa-da Çekişler
saýlanyp alynmalydy.
Şeýle seredeniňde Krasnowodsk amatlydy. Sebäbi, o kenardan gelen üsti
ýükli gämiler bu kenardaky gämi duralgasyna arkaýyn ýüzüp gelip biljekler.
Ýükleri düşürmek, daşamak aňsat hem çalt boljak. Gaýdyr-tupanam häli-şindi
bolup duranok.
11
Çekişlerde welin Huda gün berse tot-tozan. Ýel. Harasat. Gözüňi açar ýaly
däl. Üstesine-de, kenarýaka suwlaryň ýalpaklygy zerarly gämilerem kenardan bäşalty wýorst uzaklykda labyr taşlamaly boljak. Getirilen ýüklerem şol ýerden
türkmen gaýyklaryna ýükläp alyp gaýtmaly. Ýöne, o gaýyklaram kenara bary-ýogy
ýarym wýorstdan artyk golaňlap bilmeýärler. Şonuň üçinem, şondan beýläk ýükleri
soldatlar ýakyp barýan Günüň aşagynda, çermeklerine çykyp duran suwuň içi bilen
, arkalarynda daşamaly. Atlary gämiden gös-göni suwa bökdürmeli we suwuň içi
bilen idip gaýtmaly. Gaý-tupan güýjerlän wagty bolsa işi büs-bütin togtatmaly. Bu
zatlaryň barysynyň birigip işi haýallatjakdygy we iňňän uly kynçylyklar
döretjekdigi görnüp dur.
Şeňle-de bolsa, ors komandowanibesi Çekişleri saýlap aldy. Çünki, ýaňky
agzalan ähli kynçylyklara garamazdan Çekişlerden Ahala çenli geçilmeli aralygyň
suw üpjünçiligi gowy. Suwsuz geçilmeli menziliň iň uzagy Tersakandan Hojagala
çenli bolup, o-da bary-ýogy kyrk alty wýorst.
Krasnowodskiden ugradylsa welin goşun Gyzylarbada barýança biri
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
  • Büleklär
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3553
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2010
    29.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3621
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2235
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3661
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2251
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3724
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2035
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3730
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2240
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3743
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2074
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3667
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2300
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3715
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2079
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3698
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2182
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2186
    30.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2086
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3755
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2156
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3614
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2180
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3654
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2068
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3665
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2124
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3625
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2185
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2081
    30.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3612
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2137
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3737
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2131
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3716
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2275
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2183
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3666
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2217
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2219
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2229
    28.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3673
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2204
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3677
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2253
    30.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3613
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2131
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3717
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2169
    31.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3703
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2145
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3707
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2061
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3670
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2165
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3616
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2092
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3770
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    34.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3624
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2126
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3824
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2120
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3675
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2121
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Süzlärneñ gomumi sanı 3701
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1980
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Süzlärneñ gomumi sanı 3783
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2052
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Süzlärneñ gomumi sanı 3741
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2157
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Süzlärneñ gomumi sanı 3628
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2134
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2129
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Süzlärneñ gomumi sanı 3613
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2061
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2153
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Süzlärneñ gomumi sanı 3702
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2197
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Süzlärneñ gomumi sanı 2158
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1428
    38.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.