Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 04

Süzlärneñ gomumi sanı 3627
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1825
27.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
39.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
tarapdarlaryndan hasaplaýar. Şeýdip, Penjap tä
Keýkubadyň döwrüne çenli Hint raýlarynyň golastynda
galýar. Emma jahan pälwany Rüstem Dessan pälwanlyk kürsüsini özüniň mübärek durky bilen bezänden
soň, Penjaby gaýtaryp almak maksady bilen Hindistana
ugraýar. Firuzraý Rüstemiň zarbasyna tap getirip
bilmän, özüni Terhip daglygyna atýar. Rüstem Sindi,
Multany we Penjaby basyp alyp, Terhibe tarap ýola
rowana bolýar. Firuzraý çäksiz gorka üstüni basdyryp,
Çar Kühende dagyna we Gündwana tarap gaçýar.
Şondan soň gowy gün görmän, hut şol döwürlerde
janyny ruhlary gabyz edijiniň ygtyýaryna tabşyrýar. Ol
bäş ýüz otuz ýedi ýyl hökümdarlyk edýär.
Rüstemiň Hint mülküni Sureje tabşyrmagynyň
beýany
60
Rüstem Dessanyň gulagyna Firuzraýyň ölendigi
barada habar ýetende, ol bu raýyň eden biwepalygy we
özüniň ata-babalarynyň hyzmat hakyny ödemänligi
üçin onuň perzentleriniň hem soltanlyk tagtynda oturmaklaryny islemeýär. Onsoň şol döwürlerde öz
hyzmatyna gelen Hint serdarlaryndan Sureç atly birini
Hindistan tagtynda ornaşdyryp, özi Eýrana dolanýar.
Sureç doly erkinlik gazanyp, şan-şöhratly patyşa bolýar. Bengala deňziniň (aýlagynyň) kenaryndan tä
Dekeniň serhetlerine çenli ähli ýerde onuň häkimleri
we emeldarlary oturypdyr. Ol ymarat we ekerançylyk
babatda uly tagallalar edipdir. Onuň döwründe Çar
Kühende daglygy tarapdan bir brahman onuň huzuryna
gelipdir. Ol geň-taň ylymlardan we jadygöýlikden
ussat bolansoň, Surejiň tutuş durkuny, aňyny eýeläp,
oňa butparazlyk ýoluny tälim beripdir.
Butparazlyk ýörelgesiniň rowaçlanmagy
Aýdyşlaryna görä, Hint öz atasy Ham ibn Nuh
alaýhyssalamdan görüşi we eşidişi ýaly hemme zada
ygtyýarly Ýaradana tagat we ybadat edýärdi.
Perzentleri hem arkama-arka oňa eýerýärdiler.
Ahyrynda Maharajyň döwründe Eýrandan bir şahs
gelip, Güne sygynmagy ündäp başlady. Ol din doly
rowaçlyk tapyp, käbirleri ýyldyzparaz we otparaz hem
boldular. Emma butparazlyk düzgüni dörände, ol
61
hemmesinden beter, has köp ýaýrady. Çünki ýaňky
brahman Suraja:
– Her kes tylladan, kümüşden ýa-da daşdan özüniň
ulusynyň meňzeş şekilini ýasap, oňa ybadat etse,
sygynsa, ol dogry ýoly tapar – diýipdi.
Şonuň üçin uly-kiçi höwes bilen özüniň öňki
geçenleriniň şekilini ýasap, şoňa sygynmaga meşgul
bolupdyrlar. Sureç Gang suwunyň kenarynda Kunnuç
şäherini bina edip, butparazlyga meşgul bolýar.
Halaýyk hem öz kalplaryna ornaşan we laýyk hasaplan
görnüşde her haýsy aýratyn usulda butlara
sygynýardylar. Şeýlelikde, togsan taýpanyň her biri bir
usulda buta sygynyp başlapdyrlar.
Sureç Kunnuç şäherini paýtagt edinip, köplenç şol
ýerde bolýardy. Şeýle hem onuň döwründe Kunnuç
şäheriniň abatlygy ýigrimi bäş kuruha1 baryp ýetýär.
Sureç iki ýüz elli ýyl hökümdarlyk edenden soň
dünýäden ötýär. Ol Keýkubadyň döwürdeşidi. Her ýyl
oňa paç-hyraç iberýärdi. Sureç Rüstem Dessanyň
hyzmat hukugyny saklap, özüniň ýegençisini oňa
nikalap berýär. Hemişe oňa sowgat-serpaýlar iberip
durýar. Sureçden otuz bäş ogul galýar. Uly ogly Behraç
atasynyň ýerine geçýär.
Surejiň ogly Behrajyň rajalygynyň beýany
1
Kuruh [hindiçe – kus; sanskritçe – krosa] – uzynlyk ölçegi, köp
sözlüklerde parsahyň (6 km) üçden biri hasaplanýar. Ol bolsa, bir mile
deňdir. «Burhany Katygda» parsahyň üçden biri üç müň geze barabardyr
diýlip, berilýär. Käbir sözlere görä, dört müň gez hasaplanypdyr. Hindistanda
ony iki iňlis mili bilen barabar hasaplaýarlar.
62
Behraç soltanlyk tagtynda ornaşan badyna öz ady
bilen baglanyşykly Behraç şäherini bina edýär. Ol
sazçylyk ylmy bilen bütin ömrüne meşgullanypdyr.
Atasynyň ömrüniň ahyrynda bina etmäge girişip, tamamlamaga ýetişmedik Benarys1 şäherini abadanlaşdyrmakda köp yhlas we tagalla edýär. Öz
doganlaryny eziz we sarpaly tutup, olary mynasyp
mekanlar bilen hoşal edýär. Käbirleriniň pikirine görä,
Behraç Surejiň perzentleri bolan öz doganlaryny «Rajput» atlandyrypdyr. Halkyň beýleki toparlaryna-da
atlar goýuşdyrypdyr. Emma Maharajyň döwlet
abadançylygyny öz içine alýan kanunlaryny ünsden
düşüripdir. Şeýdip, Hint döwletiniň dolanşygy düzgünnyzamdan gaçypdyr. Her kimiň başynda bir dürli
söwda, hyýal döräpdir. Şol sanda Keýdar atly bir
brahman Sewälik2 daglaryndan gelip, oňa garşy baş
göterýär. Jeňde ondan üstün çykyp, Hint soltanlygynyň
uýanyny özüniň ygtyýar gysymyna gysýar.
Behraç otuz alty ýyl hökümdarlyk edipdir.
Keýdar brahmanyň rajalygynyň beýany
1
Benarys – Hindistanda (Uttarpradeş) Tangyň kenarynda ýerleşýän bir
şäher bolup, ol brahmanlaryň merkezi şäheridir.
2
Sewälik – Merkezi Aziýada Çyn bilen Hindistanyň arasyndaky dag
ulgamlary, Gimalaý. Bu dag dünýäniň iň uly we beýik daglarynyň iň
möhümleriniň biri bolup, Hindistanyň demirgazygynda uzalyp ýatandyr. Bol
suwly Gang, Sint we Brahmaputra derýalary şondan gözbaş alyp,
Hindistanyň köp ýerlerini suw bilen üpjün edýär.
63
Aýdyşlaryna görä, ol Hint ülkesiniň hökümdarlyk
gelnini gujagyna gysandan soň, hökmürowanlyk
hökümlerini ýagşy bilýändigi üçin uly mertebeli patyşa
öwrülýär hem-de hemişe Keýkowusa we Keýhysrowa
bolan tabynlyk juluny egninde göterip, olara sowgatserpaýlar iberip durupdyr. Ol Kälenjer1 galasynyň
düýbüni tutup, ony ahyryna çenli ýetiripdir.
Hökümdarlygynyň soňky döwürlerinde Kuç2
sebitlerinde Şengül3 atly bir kuwwatly kişi baş göterip,
ilki Nebek we Bihär mülküni eýeleýär. Soňra köp sanly
goşun jemläp, Keýdar bilen birnäçe gezek gazaply
söweşler edip, ondan üstün çykýar.
Keýdar on dokuz ýyl hökümdarlyk edýär.
Şengülüň hökümdarlygynyň beýany
Ol hökümet tagtyna çykandan soň, çäksiz haýbat
we şan-şöwket ugrunda tükeniksiz yhlas edýär. Gäwr4
1
Kälenjer – 1) Hindistanda Lahoryň demirgazygynda, Keşmiriň
günortasynda we Benarysyň gündogarynda ýerleşen bir gala bolup, onuň
öndürilýän nilleri (reňk) örän meşhur bolupdyr. Mahmyt Gaznaly ol galany
basyp alypdyr. 2) Gangyň bir şahasy bolan Jamnanyň günortasynda we
häzirki Allaabat şäheriniň günorta-günbatarynda ýerleşen bir gala bolupdyr.
Bu gala soltan Mahmydyň öz weziri Ahmet ibn Hasan Meýmendini tussag
eden we Keşmirde ýerleşýän Kälenjer galasyndan başgadyr.
2
Kuç – Bengala (Bengladeş) bilen Hytaýyň arasynda ýerleşýän bir sebit,
welaýat.
3
Şengül (Şenkül) – dürli çeşmelerde gelşine görä, Afrasyýap Eýrana
çozuş edende oňa kömege gelen Hindi patyşalarynyň biriniň ady. Emma ol
bu kitapda Afrasyýap bilen söweşip, onuň garşysyna çykýar.
4
Gäwr – hindileriň bir kabylasy bolup, olara gäwre (gure) hem diýilýär.
Ähtimal bu şäheriň ady şolaryň ady bilen baglanyşyklydyr.
64
ady bilen meşhur bolan Lekehnuty1 şäherini
esaslandyrýar. Ol şäher tä iki müň ýyla çenli Nebegiň
paýtagty bolýar. Emma Emir Timur Sahypkyranyň nebereleriniň döwründe weýran bolýar hem-de onuň
deregine Tande şäheri häkimleriň oturýan ýerine
öwrülýär.
Şengül dört müň pil, ýüz müň atly we dört lek
böwsüji pyýada goşun jemläp, ulumsylyk we menmenlik ýoluny ýörelge edinýär. Şol döwürde
Afrasyýap, paç-hyraç talap edip, onuň ýanyna adam
iberýär. Ol hem onuň iberen adamsyny örän
masgaralap, kemsidip, yzyna goýberýär. Afrasyýap
dergazap bolup, özüniň goşunbaşysy Piran Wisäni2 elli
müň sany batyr türki bilen Hindistana tarap ugradýar.
Şengül batyrgaýlyk baýdagyny parladyp, uly goşun
jemläp, ony garşylamaga ugraýar. Olar Bengalanyň
serhediniň golaýyndaky Kuç daglygynda sataşýarlar.
Söweş iki gije-gündizläp dowam edýär. Türkiler
mertlik we merdanalyk görkezip, elli müň kişini gahar
gylyjyndan
geçirýärler.
Emma
duşmanynyň
köplüginden ýaňa olar netijeli iş bitirip bilmeýärler.
Olardan hem on üç müň kişi gylyçdan geçirilýär. Ahy1
Lekehnuty – Bengalanyň iň soňky Gündogar çäginde ýerleşen bir
şäher.
2
Piran Wise – Wisäniň ogly Piran, ol Turanyň meşhur patyşasy
Afrasyýabyň goşunbaşysy we akyldar geňeşçisi. Syýawuşyň öldürilendigi
sebäpli Eýran bilen Turanyň arasynda turan uruşda onuň ýolbaşçylygyndaky
türkiler, turanlylar gaty gaýduwsyzlyklar görkezýär. Piran Wise Eýran
pälwanlarynyň biri Güderz bilen bolan söweşde öldürilýär. Piran Wise
hemişe parahatçylygyň tarapynda durupdyr. Emma watany üçin janyny hem
aýamandyr.
65
ry türkileriň ahwal ýüzünden ejizlik alamaty peýda
bolup, üçünji gün söweşden bialaç el çekýärler.
Welaýatlaryniň el ýeterden daş bolandygy we
duşmanlarynyň örän köpdügi üçin olar gaçyp, özlerini
şol sebitlerdäki daglyga atýarlar hem-de bir mäkäm
ýerde ornaşýarlar. Piran Wise söweşjeň ýigitler bilen
bilelikde hakyky ýagdaýy galama geçirip, Afrasyýabyň
huzuryna nama ugradýar. Özleri bolsa gije-gündiz
jeňdir söweş bilen meşgul bolup, daş-töwerekden hüjüm edýän we batyrgaýlyk bilen öňe süýşüp gelýän
hindileri sandaly1 deşýän peýkamlary bilen haraplap
ugraýarlar hem-de «işiň ahyry nirä baryp ýeterkä»
diýip, haýranda galýarlar.
Afrasyýabyň Hindistana gelmegi we Piran Wisäni
halas etmegi
Şeýle maglumat getiripdirler:
Afrasyýap şol döwürde Hytaý bilen Hotanyň
aralygynda ýerleşen we Han Balyk2 şäherinden bir
1
Sandal – ussalaryň üstünde demir ýenjýän guraly.
Han-Balyk – Pekin şäheriniň gadymy ady. Bu at orta asyrlarda häzirki
Pekiniň ýerleşýän ýerindäki şähere aýdylypdyr. Bu sözüň asly türkiçe bolup,
«Hanyň şäheri» diýmekdir. Han Balyk paýtagt bolmazyndan öň Çyn
şäherleriniň biri eken. Kubylaýy kagan tagta çykandan soň ony paýtagt
edinýär. Ol Çynyň günorta sebitlerini eýeländen soň, öz paýtagtyny
Garagorumdan göçürip şol ýere eltýär. Kubylaý kogan köne şäheriň üstünde
täze şäher gurýar hem-de ony 1267-nji ýylda tamamlaýar.
Han Balygyň ady Minegiň soltanlyk eden döwründe Pekin ady bilen
çalşylýar.
2
66
aýlyk aradaşlykda bolan Gangdež1 şäherinde bolýardy.
Ol Piran Wisäniň ahwalyndan habar tapan badyna oňa
kömek bermek üçin ýüz müň böwsüji we saýlantgy
atly bilen ýola rowana bolýar. Afrasyýap çalt hereketi
Aýdan öwrenip, ýitiligi Günden alyp, ol sebitlere ýeten
wagtynda Şengül ol sebitleriň raýlarynyň jemlenmegini
talap edip, uly goşun jemläpdi hem-de ähli tarapdan
gabap, Piran Wisäniň işini agyrlaşdyrypdy. Afrasyýap
gelip ýeten badyna, ýol ýadawlygyna garamazdan,
derrew hüjüm edýär. Hindiler bu haýbatdan ýaňa
ýüreklerini suw edip, el-aýagyny ýitirip, ýedigen ýaly
dyr-pytrak bolupdyrlar. Ähli esbapdyr baýlyklary
duran-duran ýerinde taşlapdyrlar. Piran Wise gabyr
muşakgatyndan halas bolup, onuň mübärek hyzmatyna
gowuşýar. Afrasyýap Şengülüň yzyndan eňip, kim
gözüne ilse, gylyçdan geçiripdir.
Şengül özüni Nebek welaýatyna ýetirip, Lekehnuty
şäherine girýär. Emma türkileriň ýetip gelen
kowgusyndan ýaňa ol ýerde bir günden artyk
eglenmäge mejal tapman, Terhip daglygyna gaçyp
gidýär. Türkiler tutuş Nebek welaýatyny talaň sübsesi
bilen süpürip, abatlykdan hiç bir nyşan goýmandyrlar.
1
Gangdež – bu at bilen köp galanyň ady gelýär. 1) Zahhagyň Babylda
guran galasynyň ady. 2) Rowaýatlardan mälim bolşy ýaly, Gangdeži
Syýawuş, ýagny Afrasyýabyň giýewisi gurýar, ol hem Horezmde ýa-da
şonuň töwereklerinde gurlupdyr hasap edilýär. Bündehişiň 29-njy bölüminiň
15-nji babynda: «Gangdež Ferahkret (ýagny giň kenar) deňziniň ençeme
parsahlyk gündogarynda ýerleşýär» diýilýär. Bu deňiz Hazar deňzi hasap
edilýär. Şuňa esaslansaň hem-de käbir taryhy kitaplara daýansaň Gangdež,
ýagny Gang gala Horezmde bolmaly.
67
Afrasyýap Şengülüň nirededigi barada habar tapan
badyna şol tarapa gitmegi maksat edinýär. Şengül
howsala düşüp, akyldar adamlary Afrasyýabyň gaşyna
iberip:
– Eger günämi geçseler, aýagyny öpmäge barjakdyryn – diýip, habar iberýär. Afrasyýap ony kabul
edipdir. Onsoň Şengül gylyçdyr kepen bilen onuň
huzuryna gelip:
– Meni özüň bilen hemra edip, Turan welaýatyna
äkidiň – diýip, haýyş edýär.
Ynam-ygtykady we akyl-huşy göwnüne ýaransoň,
Afrasyýap rajalygy onuň ogluna bagyşlaýar. Onuň
özüni bolsa, özi bilen hemra edip, Turana äkidýär. Ol
hem tä Hemaweran1 söweşinde Rüstem tarapyndan
öldürilýänçä, uly höwes bilen onuň hyzmatynda bolupdyr.
Şengül altmyş dört ýyl hökümdarlyk etdi.
Afrasyýabyň rajalygy Şengülüň ogly Ruhta bagyş
etmegi
Ruhta takwa, ýagşy niýetli, oňat gylykly rajady.
Kedehiden tä Malwanyň2 çäklerine çenli uzalyp ýatan
1
Hemaweran (Hamaweran) – Hymýarlaryň mekany, Ýemen, Şam.
Malwa – Merkezi Hindistanda bir welaýat. Malwa rajput taýpasynyň iň
gadymy döwletleriniň biri bolup, olar ençeme wagtlap, musulmanlaryň
garşysynda durup, olara berk gaýtawul beripdir. Malwanyň Hindi
soltanlarynyň nesilşalyklary özleriniň paýtagty bolan Ujin şäherini ylmyň we
edebiýatyň möhüm we ygtybarly merkezleriniň biri etmegi başarypdyrlar.
Hut şonuň üçin hem olara Hindistanyň taryhynda uly orun berilýär. Malwa
2
68
ülkesiniň hasylynyň üçden birini haýyr-yhsan ederdi.
Ikinji bölegini öz atasy Şengülüň harajatlaryna
harçlardy we Afrasyýaba peşgeş-sowgat üçin ibererdi.
Üçünji bölegini goşunyň we harby serişdeleriň harjy
üçin sarp edýärdi. Şonuň üçin onuň goşuny dargaýar.
Malwanyň öňki tabyn we paç töleýän rajasy tabynlykdan boýun towlap, Guwalýar galasyny onuň emeldarlarynyň eýeçiliginden çykaryp alýar. Ruhtas
galasyny bina eden we bir uly buthana gurup, şol ýerde
muňa tabynlyk edip ýören raja Ruht1 hem ondan ýüz
dönderdi.
Ruht ýetmiş bir ýyl hökümdarlyk edenden soň
dünýäden ötdi. Onuň ýetişen ogly ýok bolansoň,
Rajalar öýi bolan Kunnuç sebitlerinde üznüksiz
topalaňdyr uruş-dawalar ýüze çykdy. Marwar
ülkesindäki keçhuwaha taýpasyndan bolan Mehraç
(Maharaç) atly bir şahs baş göterip, Kunnuç şäherini
basyp alyp, patyşa boldy.
Keçhuwahaly Mehrajyň rajalygynyň beýany
musulmanlara üç asyrlap garşylyk görkezipdirler. Ahyrynda Deli
soltanlaryndan bolan soltan Balabanyň (Hindi memluk soltanlarynyň
onunjysy Gyýaseddin Ulug han) döwründe olara tabyn bolýar. Malwanyň
tebigy çäkleri: günortadan Nerbeda derýasy, demirgazykdan Çambul,
günbatardan Güjrat, gündogardan Lehent bendi. Malwanyň musulman
soltanlarynyň paýtagty (804-937 hijri kamary ýyly) Mendu (oňa Şatlykabat
hem diýipdirler) şäheri bolup, ol şäher köp ýyllap bu ülkäniň gülläp ösen
paýtagty bolupdyr. Ony giň jülgede, çuň dereleriň arasynda Hüwşeň Gurly
esaslandyrypdyr. Onuň örän meşhur metjitleri bardyr.
1
Bu Ruht Şengülüň ogly Ruht däl-de başga Ruhtdyr.
69
Mehraç birnäçe wagtlap, güýç-kuwwat ýygnap,
mäkämleşenden soň, Nährwala welaýatyna goşun
çekip, ol welaýaty şol ýeriň mülkdarlarynyň (olaryň
köpüsi ahyrandy, ýagny sygyr sürüleriniň eýeleridi,
çarwa mülkdarlardy) elinden gaňryp aldy. Şor deňziniň
kenarynda adamlaryň baryp-gelşi, gatnaşygy üçin
benderler1 gurup, gämiler ýasap, suwa saldy. Bu işleri
birýüzli edensoň, yzyna dolandy. Ol kyrk ýyl
hökmürowanlyk edenden soň, barlyk goş-golamyny
düýrläp, ýokluk sährasyna ugrady. Ol Güştaspyň döwürdeşidi we oňa her ýyl peşgeşdir sowgat iberýärdi.
Keýdrajyň hökümdarlygynyň beýany
Keýdraç Mehrajyň aýal doganynyň ogludy, ýagny
ýegenidi. Ol wesýet edilşine laýyklykda, tagt
mirasdüşeri boldy. Şol döwürlerde Rüstem Dessan
öldürlipdi hem-de ençeme wagtdan bäri Penjapda bir
kuwwatly häkim ýokdy. Şonuň üçin ol şol tarapa leşger
çekip, ýeňillik bilen ol ýerleri eýeledi. Birnäçe wagtlap,
gadymy şäherleriň biri bolan Bihre2 şäherinde mekan
tutup, Jemu galasyny bina etdi hem-de kehker
kowumyndan bolan özüniň ýakynlaryndan Derk atly
birini ol ýeriň häkimi edip belledi. Şol seneden tä şu
wagta çenli ol gala şolaryň elindedir.
1
Bender – port.
Bihre – bir şäherçäniň ady bolup, Lahordan altmyş kuruh (parsahyň
üçden biri, ýagny 2 km) aradaşlykda ýerleşýär.
2
70
Birnäçe wagtdan soň Penjabyň ygtybarly, uly
mülkdarlary bolan kehkerler hem-de çubyýa taýpasy
Kabul bilen Gandaharyň arasynda ýaşaýan çarwa we
dagly ilat bilen birleşip, Keýdrajyň üstüne gaýtdylar.
Keýdraç olardan ejiz gelip, bu mülki olara berdi. Şol
wagtdan bäri şol kowum çar tarapa pytrap, haýsy
dagda bir serdar bar bolsa, ol şol ýeri eýeledi1.
Görnüşine görä, hut şol kowum şu günki owganlardyr.
Keýdraç kyrk üç ýyl hökümdarlyk etdi.
Jeýçendiň rajalygynyň beýany
Jeýçent Keýdrajyň goşunbaşysydy. Ol güýç-kuwwat
tapyp, hökümdarlyk tagtyna gadam basýar. Onuň
döwründe uly gahatçylyk peýda bolupdyr. Ol soltanlyk
nebereden bolmandygy üçin Hudaýyň bendelerine üns
bermän, perwaýsyzlyk edip, Beýana2 şäherinde aýşyeşrete meşgul bolýar. Goşundyr raýatdan örän köp halk
heläk bolup, köp obalar we şäherçeler weýran bolupdyr.
Onuň biperwaýlygy sebäpli Hindistan köp ýyllap,
asylky ýagdaýyna gelip bilmän pese gaçypdyr. Jeýçent
altmyş ýyl hökümdarlyk edenden soň, barlyk goşuny
ýokluk öýüne çekipdir. Ol Bähmeniň we Darabyň
döwürdeşi bolup, her ýyl olara peşgeşler iberip
durupdyr.
1
Bu ýerde: «Her dagda, her jülgede bir dere begi döredi» diýen manyda
gelýär.
2
Beýana – Hindistanda bir şäheriň ady bolup, nil diýen ösümlikden
alynýan gök boýa şol ýerde öndürilýär. «Gök nil» diýen söz, şol niliň ady
bilen baglanyşyklydyr.
71
Ondan bir kiçijik ogul galýar. Oglanjygyň ejesi
ogluny tagtda oturdyp, soltanlyk işini öz boýnuna
alýar. Emma Jeýçendiň Dehlu1 atly dogany serdarlaryň
goldamagy bilen oglanjygy aradan aýryp, soltanlyk
boýun bagyny öz boýnundan asýar.
Raja Dehlunyň gozgalaňynyň beýany
Dehlu örän batyr, gaýduwsyz, halka mähriban we
mähirli raja bolupdyr. Ähli hümmet-tagallasyny
Hudaýyň bendeleriniň asuda we rahat bolmagy üçin
sarp edipdir. Deli (Dehlu) şäherini ol bina edipdir. Ol
kyrk ýyldan gowrak soltanlyk edenden soň, Kemäýun
rajalary bilen garyndaşlygy bolan we şol ýerde ýaşaýan
Fur2 atly bir kişi baş göterip, ilki Kemäýun welaýatyny
eýeleýär. Şondan soň Kunnuç galasynyň üstüne gelýär
hem-de onuň bilen raja Dehlunyň arasynda gazaply
söweş ody tutaşýar. Dehlu ýesir düşýär. Fur derrew
ony Ruhtas galasyna iberip, tussag edýär.
Raja Furuň hökümdarlygynyň beýany
1
Deli (Dehli) şäheri şu rajanyň ady bilen atlandyrylypdyr.
Fur – Hindi patyşalarynyň we raýlarynyň biri bolup, Kunnuç raýynyň
adydyr. Ony Iskender Makadonly gazaply söweşden soň öldürýär; Käbir
maglumatlarda berlişi ýaly, bu adyň bir soltanlyk nesilşalygyň ýa-da belli bir
sebitiň şalarynyň ady hem bolmagy mümkin.
2
72
Fur şondan soň Nebege leşger çekip, tä Hint
ummanynyň1 kenarlaryna çenli eýeleýär we örän şanşöratly raja öwrülýär. Brahman taryhçylarynyň bir
agyzdan aýtmaklaryna görä, Fur ýaly uly raja bolmandyr.
Ol geçen raýlaryň tersine, Eýran patyşalary üçin
peşgeş ibermekligi bes edýär. Onsoň Isgender
Hindistanyň üstüne leşger çekýär. Fur asla çekinmän,
edil garynjadyr çekirtge ýaly köp sanly goşun bilen
ony garşylaýar. Hindistanyň serhet ýakalarynda
gazaply söweşler alyp baryp, ahyrynda öldürilýär.
Ol ýetmiş üç ýyllap hökmürowanlyk edýär.
Bu üýtgäp duran älemiň habar çöpleýjileriniň güneş
nurly kalby örtügli galmasyn, Deken memleketinde
hem uly-möhüm raýlar orta çykypdy. Meselem,
Gülberge2 şäherini guran Gülçent, Merçent Merç
şäherçesi şonuň ady bilen baglanyşyklydyr. Bijanger
şäherini esaslandyryp, abadanlaşdyryp rajalar öýi
Dekeni guran Bijiçent we beýleki raýlary aýtmak bolar.
Olaryň atlarynyň sanawy örän köpdür. Olar bu kitabyň
has uzalmagyna getirer.
Isgender Hindistana gelen döwürlerinde uly raja
bolan hem-de Bider3 galasyny guran we esaslandyran
1
Asyl nusgada: «Derýaýy Ahzar» – Mawy deňiz: 1) Hint ummany; 2)
Ak deňiz, Ortaýer deňzi.
2
Gülberge – Deken ülkesinde bir meşhur ýerde, Haýdarabadyň
günbatarynda ýerleşen bir şäher.
3
Bider – Dekende bir şäheriň ady bolup, Ahmet şa Bähmendi öz ady
bilen baglanyşyklykda oňa Ahmetabat diýip, at goýýar hem-de paýtagt
edinýär. Bider Hindiň gadymy şäherleriniň biri bolup, ol ilkinji gezek 1322-
73
Bider atly raja Isgenderiň gelendigini we Furuň
ölendigini eşiden badyna howpa düşüp, mal-u baýlykdan, pillerden näme zady bar bolsa, baryny ogly bilen
bilelikde Isgenderiň hyzmatyna iberýär. Isgender hem
onuň ýurduny eýelemekden el çekip, Eýrana gidýär.
Häzirki wagtda bar bolan raçpur kowumy hem-de
batyrgaýlyk bilen meşhur bolan ähli Deken taýpalary
raja Bideriň nesillerindendir. Olar Dekende nobat bilen
hökümet we hökümdarlyk tagtynda oturypdyrlar.
Fur öldürilenden we Isgender dolanandan soň,
Sinsar Çent atly bir kişi Hindistan hökümetiniň ygtyýar
jylawuny gysymyna gysyp, azajyk wagtyň içinde
çagşan we pytran Hindistany tutuşlygyna saplady, päkledi. Ol Furuň öldürilenini hut öz gözi bilen görensoň,
gorkudan ýaňa her ýyl Eýranyň şol döwürdäki
hökümdary Güderze1 talap edileninden hem artyk
peşgeşler iberýärdi. Onuň soltanlygyna ýetmiş ýyl
nji milady ýylynda musulmanlaryň eline geçýär. Ol ýerde Bähmenli
nesilşalygy (1429-njy milady) hökümdarlyk edýär. Soňra ol ýer Beritşalar
nesilşalygynyň eline düşýär. Bu şäherde bu iki nesilşalyga degişli möhüm
ýadygärlikler köpdür. Bu şäheri 1027-nji hijri-kamary ýylynda şu kitabyň
ýazaryna hemaýat eden Bijapuruň patyşasy Ybraýym Adylşa basyp alýar.
Owraň Zibiň döwründe bolsa, Mogol döwletiniň eline düşýär.
1
Güderz – bar bolan maglumatlara we rowaýatlara görä, Rüstemden soň
kyýanlylar döwründe Güderzlileriň neberesi örän meşhur bolupdyr. Bu
neberäniň başyny başlan kişi «Zer telpekli Keşwatdyr». Ol Peridunyň
döwründäki pälwanlardan bolup, onuň ogly Güderz Keýkowusyň we
Keýhysrowuň döwründe baş pälwan bolýar. Onuň ýetmiş sekiz sany ogly we
agtygy bolup, meşhur Käwelileriň baýdagy Banu Güşespsuwary özüne
nikalap alypdyr. Ol Eýranyň baş goşunbaşysy bolupdyr. Bu kitapda Güderze
Eýranyň hökümdary diýilmeginiň sebäbi şol döwürde Hindistanly mesele
gös-göni Güderze degişli bolupdyr. Onsoň ol goşunbaşy bolsa-da, hökümdar
hökmünde görlüpdir.
74
bolanda, Juna atly bir kişi oňa garşy baş göterip, ony
ýeňýär.
Junanyň gozgalaňy
Käbirleriniň pikirine görä, Juna Furuň uýasynyň
ogludyr. Ol hökümet tagtyna çykan badyna gözel
häsiýetler we ýaraşykly işleri amala aşyryp, mülki
abadanlaşdyrmakda tagalla baryny edýär. Ol Gang we
Jeme derýasynyň kenarynda obalar we şäherçeler
döredipdir, adyllykdyr adalatlylyk babatda örän ýokary
yhlas görkezipdir. Ol Erdeşir Bäbekan bilen
döwürdeşdi. Erdeşir Hindistany eýelemek maksady
bilen Hindistanyň serhet sebitlerine gelip ýeten ýyly
Juna howsala düşüp, onuň huzuryna ýetmäge gyssandy
hem-de san-sajaksyz dürler, göwherler, zerler we
aždarha sypatly piller peşgeş edip, ony yzyna gaýtardy.
Soňra özi hem Kunnuja dolandy. Ol ençeme wagtlap
rahatlyk düşeginde dynjyny alyp, togsan ýyldan soň
barlyk goş-golamyny ýygnap, ýokluk menziline
ugrapdyr. Ondan ýigrimi iki ogul galypdyr. Uly ogly
Kelýan Çent onuň ornuna geçipdir.
Kelýançendiň rajalygynyň beýany
Ol zalym, örän ganhor raja bolup, kiçijik ýazygy
bilen hem Hudaýyň bendeleriniň ganyny dökýärdi.
Adamlary günäsiz ýerden günäläp, olaryň malbaýlyklaryny ellerinden alýardy. Raýatlardan hem
75
gazaply ejirler bilen zer ýygnardy. Şol sebäpli hem
adamlar daş-töwerekdäki etraplardyr welaýatlara
gidipdirler. Hindistan harap bolup, paýtagt Kunnuç
şeýle bir görnüşde weýrançylyk sypatyna giripdir
welin, raja azajyk topary bilen ýalňyz galyp,
dergähiniň gyzan bazary sowlupdyr. Hint memleketi
topalaňdan dolup, etraplaryň raýlary kuwwatlanypdyrlar hem belent şan-şöhrata eýe bolupdyrlar. Onsoň
bu kitabyň ýazary olaryň ahwallary barada hem
ýazmagy hem-de diňe Hint we Kunnuç raýlarynyň
ahwallaryny ýazmak bilen baglanyp galmazlygy wajyp
bildi. Şonuň üçin Malwa ülkesinde soltanlyk edýän
raja Bekrmajytyň ahwalyny ýazga geçirmegi makul
bildi.
Adalatly raja Bekrmajydyň hökümdarlygynyň beýany
Raja Bekrmajyt puwar kowumyndandy. Onuň
ýagşy gylykly raja bolandygy hindileriň arasynda
aýdylýan meşhur hekaýatlardan we rowaýatlardan hem
mälim bolýar.
Raja Bekrmajyt ýaşlyk döwründe ençeme ýyllap
pakyrlyk lybasynda, pukaralar bilen bilelikde köp
ülkelere aýlanypdyr. Olaryň söhbetinde agyr ryýazatlar
çekipdir. Ömür saly ellä ýetende asmany ylham bilen
harbylyk sährasyna gadam basýar. Ezeli hikmetde
onuň uly döwlete eýe bolup, Allanyň ýaradan halkynyň
jepakär raýlaryň zulum-süteminden halas bolmagy
ýazgyt edilendigi üçin, onuň işi günbe-günden,
76
derejeme-dereje ösüş tapyp, azajyk pursatda tutuş
Nährwala we Malwa mülküni eýeçilik gurşawyna
girizýär. Adyllyk we adalatlylyk düşegini giňden
ýazyp, her bir şäheriň we diýaryň ýaşaýjylarynyň
üstüne yhsan saýawanynyň goýy saýasyny salyp,
adalatlylykda şeýle bir tagallalar edipdir welin, ony
gören magnit demri özüne çekmekden el üzüp, kehruba1 eýeçilik elini samanyň «synynyndan» çekipdir2.
Hindileriň ynam-ygtykadyna görä, onuň ahwaly
dünýä
adamlarynyňkydan
daşary
bolupdyr3.
Kalbyndan çykýan her bir düşünje kemsiz-kössüz we
nogsansyz görnüşde ýüze çykyp hakykata öwrülipdir.
Onuň ülkesinde agşam haýyrdan-şerden, peýdadanzelelden näme zat bolup geçen bolsa, irden oňa artyksyz-kemsiz edil gündiziň güni ýaly mälim bolupdyr.
Ol soltanlygyna garamazdan, Hudaýyň ýaradan
halky bilen doganlarça bir ýörelgede bolupdyr. Öýünde
taňsyk küýzeden we borýadan4 başga zat ýok eken.
Ujyn şäheri şonuň döwründe abat edilipdir. Dehar5
1
Kehruba (Kahruba) – keh (kah) saman; ruba – ogurlama, çekme. 1)
Käbir deňizleriň kenarýakalarynda tapylýan sary reňkli bir jisim ýa-da
ösümlik bolup, az-kem sürteseň ýeňiljek zatlary, esasan hem samany özüne
çekýär. Şonuň üçin oňa kehruba, ýagny saman ogrusy diýlipdir. 2) Ýantar.
2
Bu ýerde ýazar söz oýnadýar. Bekrmajytyň adalatlylygyny görende her
kimiň öz adalatlylygyndan göwni geçipdir diýen manyda getiripdir.
3
Bu ýerde onuň halatly bolandygy, ähli zady bilýändigi, aýdan zadynyň
gelýändigi aýdylýar.
4
Borýa – gamyşdan örülen düşek.
5
Dehar – ähtimal bu ýerde säwlik bilen ýalňyşlyk gidip, «Daher» sözüne
derek «Dehar» ýazylan bolsa gerek. Sebäbi Deýbül şäheriniň (şäherçesiniň)
Daher atly patyşasy Hindistana ilkinji giren musulman serkerdesi Muhammet
ibn Kasym Sakafy tarapyndan agyr söweşde öldürilýär. Şeýle-de
77
galasynyň düýbüni tutup, şol ýerde mesgen tutmagy
ygtyýar edipdir. Ol Ujynda Mehakal1 buthanasyny
gurup, brahmanlara we jugylara2 wezipe we hak belläp,
şol buthanada ornaşdyryp, ybadat etmäge görkezme
beripdir. Özüniň köp wagtyny halka we Halyga
sygynmaga sarp edipdir. Köp ynam-ygtykatdaky
kişiler oňa ynanypdyrlar hem-de ol barada geň-taň we
ajaýyp rowaýatlar döredipdirler. Edaralarda we
resminamalarda ýylyň we aýyň senesini onuň ölen
ýylyndan ýazýarlar. Hindileriň hasabyna görä, tä şu
setirleriň ýazylan wagtyna, ýagny adamzadyň iň
haýyrlysy bolan pygamber alaýhyssalamyň göç eden
gününden başlanýan müň on bäşinji hijri ýylyna çenli
müň alty ýüz altmyş üç ýyl geçipdir.
Sasanlylaryň döwründe hem hindileriň Daher atly patyşasy barada maglumat
saklanyp galypdyr. Şundan göz öňüne tutsaň, onda Daher belli bir patyşanyň
ady däl-de, belli bir sebitiň patyşalarynyň umumy ady bolmaly.
1
Mehakal – Hindistanda Mahakalyýa dinine uýýanlaryň butunyň ady.
Bu butuň dört eli bolup, reňki asman reňkdir, mawydyr. Kellesinde gür we
ýaýylyp (sallanyp) ýatan saçy bar. Görnüp duran dişleri bolup, garny-da
açykdyr. Arkasynda piliň derisi goýlup, ondan gan akyp duran şekildedir.
Piliň derisi iki öň aýagyndaky bölegi bilen ol buta mäkäm daňlyp
berkidilendir. Ol butuň bir elinde agzyny açyp duran ýylan bar, beýleki bir
elinde hasa, üçünji elinde adam kellesi bar, dördünji eli bolsa açylyp
durandyr. Şeýle-de iki sany uly ýylan göwresine oralyp, başga iki ýylan
gulakhalka hökmünde onuň gulagyndan asylyp durandyr. Onuň başynda
adamyň kelleçanagyndan edilen täç, boýnunda şondan edilen boýunbag bar.
Ol bir hyýrsyz döwe meňzeş bolup, ony belent mertebeli hasaplap,
sygynmaga laýyk görýärler hem-de ony gapma-garşylykly häsiýetleriň eýesi
hasaplaýarlar. Meselem: öwgüli, döwgüli, söýgüli, ýigrençli, sylag beriji,
böwet bolujy, kynçylykda penakär bolujy...
2
Jugylar – ýoglar.
78
Raja Bekrmajyt Erdeşiriň döwürdeşi bolupdyr.
Käbirleriniň pikirine görä, ol Şapuryň döwürdeşi
bolupdyr.
Onuň ömrüniň soňky döwürlerinde Dekenden
Salbahan atly bir mülkdar oňa garşy baş göterýär.
Nerbede derýasynyň kenarynda iki tarap leşgergäh
gurup, söweş oduny tutaşdyrdylar. Ahyrynda Salbahan
üstün çykyp, Bekrmajyt öldürilýär.
Onuň hökümdarlyk eýýamynyň näçedigi we
neneňsi bolandygy babatda rowaýatlar örän köpdür.
Emma hiç haýsysy akyl kabul eder ýaly bolmansoň,
dymmaklyk rowa görüldi. Bekrmajytdan soň köp
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ybraýymyň Gülşeni I - 05
  • Büleklär
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3452
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2028
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3639
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1904
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3593
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1763
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3627
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1825
    27.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3606
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1875
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3661
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1900
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3660
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1924
    28.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3689
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1910
    27.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3711
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1861
    28.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1884
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3656
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1862
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3720
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1745
    30.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3730
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1718
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 2668
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1377
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.