Latin

Ýazgyt - 11

Süzlärneñ gomumi sanı 3596
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2301
27.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
40.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
bolmansoň jesetleri jaýlar ýaly adam ýokdy,owganly çopançolukdan başgalarynyň bu jelagaýlara toýnagy düşenokdy,
jaýlanman galan jesetler duzly oýuň topragyna siňip gitdi.
Asmanda gaýýan gara gargalar,guşlar heşelle kakýan ýaly
ganatlaryny ýaýyp gyzyl gana boýalan ýapylara inýärdiler.
Ýeroýulan duz çöketligi
şehitleriň müňlerçe jesetleriniň
jaýlamman,açyk meýdanda
müdümi dargap galmasynyň
şaýady boldy...
Golaýda ýarylan bombadan seňseläp, özüme gelsem,
ilkinji
ýadyma
düşen
Çoluk boldy,hoňkaryp
ýatan
çukura,töweregime,gaçyp barýanlara seredip, aljyrap durkam
bir garry aýal “gyzym ilerik gaç,beýdip durmada” diýip,
yzyna düşürdi,ýörejek
bolsam
aýagym
diýen
edenok.Doganjygymy ýeke taşlap gitmäge ýüregim etmedi.Iki
ýana elewräp,ilki oturan ýerimize gelýän,tapmanam yzyma
ylgaýaryn.Nädeýin,gözümden boýur-boýur ýaş döküp,ahyrsoňy
men”Jigim
jan,seni
tapmadym,men
nädeýin,men
nädeýin!?”diýip,ýaňky aýalyň yzyndan gitmekçi boldum,emma
aýagym ädilenok.Şonda-da, emedekläp diýen ýaly ilerdäki
baýryň etegine ýetdim,görsem,baýryň kölege ýüzündäki akja
gara adam bary çozýar,menem açgözlük bilen gar iýdim,
alnymdaky ýaglygy çözüp,beýleki zenanlaryň edişi ýaly gar
tokgalap oňa saldym,teşneligim
ganansoň
Çoluk jany
gözledim,tapmanam garly düwünçegime kellämi goýup
uklap galdym..Üç-dört günüň ukusyzlygy basmarlady,näçe
ýatanymy bilemok, bir oýansam garaňkylyk,garyň gyrasy
uklap ýatan aýal oglan-uşaklardan doly.Men olaryň içinden
162
jigimi-Çolukjany gözledim,ýüzi ýapylanlaryň ýapynjalaryny
aýryp,käbirini
gapdala
agdaryp
seretdim ,agyr
uky,ýadowlyk,suwsuzlyk
olaryň
aňkasyny
aşyrypdy,äwenoklaram.Ejem-kakamdam gördüm-bildim ýok,öň
hararda duşman bilen garpyşýardylar welin göwnüm bir
erbetligi syzýar,duşman olary diri goýmaz,nesibede bolsa belki
görüşeris diýýän...Ýaz
bulutlary ýere gaçaýjak bolup
duransoň garaňkyda daňyň atanyny hem bilmän, garly
düwünçegimi elime ildirip,gaýralygyna,Çoluk jany galdyran
ýerime yraň atyp ugradym,jigimiň teşneligini gandyrman
arkaýyn oturyp biljek däldim.Öňümden
ýeňil ýaralanan
Ogultäç gelnejem bir ýaşly ogluny goltugyna alyp agsaklap
gelýär,ol “ nirä barýaň,gaýt yzyňa,ilerligine git,oýda adam
ýok” diýip meni yzyma gaýtarjak bolýar, emma jigimi
tapman yza gaýdyp biljek däldim.Haçanda dumly duşdan
tüpeň sesleri çykyp ugranda, gelnejem “ ileri git!” diýip
maňa gygyrdy-da,ylgaşlap bir oýa indi,emma 10-12 sany
atly
esger eýýäm onuň öňüne aýlanypdylar.Gelnejem
çagasyny gapdalynda ýatyrdy-da,ýapa ýaplanyp egnindäki
tüpeňiň nilini gaýtardy,ony alarlar-ow diýip durkam tüpeň
sesi çykdy,esgerleriň öňden barýany atyndan agdy,galanlary
yza serpikdiler.Şondan soň adam bary elem-tas bolyp,
ilerligine gaçmaga başlady,asyl, töweregimiz adamdan doly
ekeni,ony diňe men görmendirin.Ok atyşyk ýene başlananda
kimdir biri - A-na Garagyz ýykyldy- diýip gygyrdy,oňa başga
biri -Ýöräber,bizem ýykylarys-diýip jogap berdi.Adamlaryň
arasynda waý diýip ýykylýanlaryň sany artdy.Şeýle ýagdaýda
men Çoluk janyň galan ýerine tarap ylgaşlap gaýtdym,
emma nireden gaýdanlygymy anyklap bilmän bir-birine
meňzeş oýtumlarda selpedim ýördüm.Birden gündogardan
gara bulut ýaly bolyp duşman goşuny peýda boldy,erkek
adamlar,daýawrak
zenanlar
serhetden
geçdiler,ýetişmedikleriň öňüni
esgerler kesdiler-de ,maňa
tarap
gaýralygyna
mal
süren
ýaly
sürüp
163
gaýtdylar,çagalarynyň,hossarlarynyň ýanyna barjak bolup
synanýanlary gylyçdan geçirdiler,şeýdip,adamlaryň topartopar daşyny gallap bir ýere ýygnadylar,menem olaryň arasy
bilen barýardym.Çagalary eneleri bilen tapyşdyrman
at
arabalara ýükläp ugranlarynda gyrgynçylyk bolan ýerdeÝeroýulanda şeýle bir ala-zenzele gopdy welin,iniňi
tikenekledip,depe saçyňy üşürip barýardy,käbirleri bir-birini
gözlese,eneler goly dolduryp ýatan düýe läşleriniň,adam
jesetleriniň içinden çagalaryny gözleýärdi.”Doganlar menem
äkidiň” diýip,naýynjar gygyryşyp ýatan ýaraly adamlary
gylyçdan geçirýärdiler,nijisler at üstünde bu boluşdan lezzet
alýardylar.Görkezilen tarapa gitmejek bolýan,hossarynyň
özüni
ýa-da jesedini gözlemekçi bolýan
ekabyrrak
zenanlary hem
kelte ýarag-nagan bilen atýardylar.Bu
çydamsyz
ýagdaýda
hemmeleriň aňkasy
aşypdy,
ýakynyndan baş-ga başlaryny açyp görkezmedik zenanlar
ýaglyksyz zatsyz, dyzyna ýetýän saçlaryny galgadyp ,ondan
oňa ylgaýardylar,näme edýänlerini bilmän ýarym ýaş aglaşyp
ýörenlerem
köpdi.Uly
yzlaşyk
bolup
barýan
çagalardan,aýallardan
doly
arabalar
Guşgy
ýoluna
düşdi.Şeýdip, Ýeroýulandan,uruş meýdanyndan sogrup, bizi
alyp gitdiler,agyr ýaralananlar,jesetler tükeniksiz gollary
dolduryp
ýatyr,olara hossarlyk
edere,jaýlara adam
ýok,owgana aşan-a bu ýere gaýdyp gelip bilmedi,ýesirler
bolsa alynyp gidildi.Ýeroýulanyň uly-uly gollary, jerenleriň
owlaklaýan oýlary ençeme wagtlap zaryn seslerden lerzana
geldi, henize bu güne çenli adamlar oňa girmäge milt edip
bilmediler,ilki üýşendiler,soňam, hiç kimiň aýagy düşmesin
diýip,ol ýeri Badhyz goraghanasyna goşdular.Şeýdip,türkmeniň
gaýmagy hasaplanan aňly-düşünjeli,ylymly-bilimli, adatdan
daşary halal, ynsaply gerçekleriň jaýlanmadyk jesetleri
duzly toprakda galyberdi.Adamzat taryhynda
her hili
gazaply uruşlar bolan hem bolsa wepat bolanlaryň jesetleri
jaýlanman taşlanyp gaýdylandyr öýdemok...
164
Badhyz jülgesiniň beýikli-pesli topragyndan,gözel
tebigatyndan daşlaşyp barýarkak, güýçli, şemally ýagyş
ýagdy ,eşikler
öl-myjjyk
bolup,sowuk
süňňüňe
siňdi,burundan,gözden ýaş akyp, dişler dişe degdi,geplemäge
mejal galmady.Arabalar bir oýa ýetip saklananda, ölen köp
sanly garry aýallary,çagalary halta zyňan ýaly ýagyşyň gazan
oýtumlaryna
taşladylar , howul-halat üstüne çöp-çalam
okladylar.Aramyzda erkek göbekli bolmansoň
Ogultäç
gelnejem -Eý,Allajan,bi hudaýsyz kapyrlar-a, aýat-töwürsiz
,üstüne gum sürmän adamyny jaýlajaklar-diýip,gargyndy-da,
öz ýanyndan keramatly aýatlardan okady hem-de bigünä
biçärelere egilşik etmegini Alladan sorady.Men okalan
aýadyň
manysyna
düşünmesem-de,
rahatlanan
ýaly
boldum,bu ýagty ýalançyda biziň arkamyzda durjagyň ýeketäk Alladygyna ynandym.Şu wakadan soň her kim ölen
çagasyny,ýakynyny gabat gelen ýerde it gömen ýaly
gömmän,öz eli bilen barjak ýerinde, däp-dessur boýunça
jaýlamak üçün, ýakynynyň
jesedini gizlemek bilen
boldy.Durulan ýerlerde ýeňlemek üçün
çöpe-çöre siňen
zenanlary tüpeňiň gundagy bilen urup, yzyna gaýtarýan
esgerler ne bir iş edýän ýaly gülüşýärdiler.Arabalar kerweni
ýekekelleli ajdarha meňzäp,belent depä dyrmyşyp ugranda,
ýuwa-ýelmik ýygmakçy bolup bir oýda eglenen gelnejem,
ylgap araba mündi-de, goşlarynyň arasyndan
Staliniň
suratyny alyp,bir gapdala zybyrdadyp zyňyp goýberdi.Her
ädimde ýowuz darama,zorluk,eden-etdilik ,bigünä ölüm bilen
gujaklaşyp gelensoň bu onuň öz serdaryna bolan sylagynyň
netijesidi.Esgerler bu waka üns hem bermediler,edýäniň näme
hem diýmediler,eden-etdiligiň ýeli olaryňam başyny aýlan
bolmaly.Dogrusy,göçhä-göçlügiň gyssagly pursatynda diňe
azyk ätiýäçlygynyň gamyny iýýän adamyň bu suraty ýany
bilen almagyna düşünmesem-de, başga bir zada welin
düşündim ,ýagny zyňylan surat bilen biziň serdara bolan
165
ynamymyzyň kalbymyzdan zyňylýanlygyna gowy göz
ýetirdim...
Gijäniň
bir mahaly ýesir ýükli arabalar Guşgy
galasyna geldi.Ýesirleriň daşyny gallap, öň at ýatagy bolan bir
uly saraýa dykdylar,jaýyň agryljyk ýakymsyz ysy ýüregiňi
bulap, başyňy aýlaýardy,emma köpümiz bu ysy duýmaýardyk.
Gije ukusy,aç-suwsuzlyk,gözüň alnynda jeset bolyp ýatan
hossarlar
köpleriň
huşuny
alypdy,näme edip
näme
goýanymyzy hem bilmeýärdik,aýallar çagalaryny diňe sesi
boýunça
gözleýärdi,bir-birlerine
duşsalar garsa
gujaklaşýardylar.Saraýyň
içi
ala-zenzeledi,ahy-nala,dadyperýat,çaga
sesleri ýürek
gysgynç bir
ýagdaý
döredýärdi,duşman hil bir iş bitiren ýaly,bizi saraýa
gabap,özleri şagalmeslik edýärdiler,basmaçylardan,aýal-oglan
uşakdan,garry-gurtulardan dyndyk diýip,iýip-içýärdiler, toý
toýlaýardylar.Oturan jaýymyzyň atýatakdygyny bir salymdan
soň bildik,haýsy ýere eliňi ursaň at tezegi.Garaňkynyň içinde
bir-birimiziň sesini yzarlap,emedekläp gözleýärdik.Bir ulagda
gelenler bir ýerräk düşüpdi,ýöne kim bar,kim ýok saýgarar
ýaly däldi.Birneme özüme gelenimden soň men ýоklugyny
bilsemem, jigim Çolugy sorag-ideg edip ugradym,çaga sesi
çyksa şodur öýütdim.Men gelnejemiň ýanyna düşüpdirin,
muny ol -Hany meniň oguljygym?-diýip,ýüregi ýarylan ýaly
seslenende bilip galdym.Demimizi alman diň salsak, ýeriň
aşagyndan çykýan ýaly bir çaga sesi eşidildi,gelnejem
ýerinden galjak bolsa galar ýaly däl,jaý çagalardan-aýallardan
hyryn-dykyn,aýak basmaga ýer ýok.Ol adamlaryň,çagalaryň
üstleri bilen emedekläp,şol sese tarap süýşüp başlady,
balasynyň sesini müň sesiň içinden tanap, ýagyş suwuň
ýygnanan ýerinde, palçyga bulaşyp, iç işikde ýatan,käte bir
iňleýän çagasyny tapyp alyp geldi,öl enäniň gujagynda
hamsygyardy.Biz tapyşanymyza gaty begendik,uly yzlaşyk
bolyp daň atardyk.Gelnejem gijesi bilen Hudaýy çagyrdy,doga
okady “Eý,Alla,saňa müňkürlik edýänleň,bizden gaýraty
166
aýyrjak bolýanlaň topugyna kak.Eý,äleniň eýesi,Biribar,günä
geçiji
mähribanlygyň
belli,ol
jahanda
garyp
galanymyzda,garyp gulyň ejiz wagty,gazaply perişde gynaýan
wagty bi biçäre bosgunlara mähriban gapyňy açsaň, seniň
günä geçijiligi çäkli bolmaýan rehmetiňden bir zerre güýç
gelse,şonda, eger bar bolsa biziň agyr günälerimiz ýok
bolardy,päklenerdik,belki, bu azaplardan dynardyk.Biz günä
ediji,sen günä geçiriji, çaklap bolmaýan uly güýçsiň.Biz başga
çäre tapyp bilmeýän,mümkünçiligimizi diňe seniň gapyňdan
yzarlaýan,başga daýanjy ýitiren biçäre guluňyz,bize bir
çykalga tap...”
Daňdanlar ýesirleriň ahy-nalasy birneme kiparlanam
bolsa,jahan ýagtylandan soň ýene başlandy,kim çagasyny
gözlese,birnäçe çaga enesini gözläp aglaýar,asyl çagalaryň
köpüsi men ýaly ene-atasyz galan ekeni,olaryň eneleri ýa-ha
owgana aşypdyrlar ýa-da şehit bolupdyrlar.Az-kem ukusyny
alanlar indi açlyk,suwsuzlykdan ejir çekýärdiler,iýer-içer ýaly
zat ýokdy.Ýeroýulanda, biziň göçümizden başga-da, gyrdan
gelen
atalaryň,mary
aýagyndaп
gelen
şagallaryň,körsagyrlaryň,perreňleriň,tejenden,ahaldan,marydan
gelen tekeleriň we beýleki tireleriň köp bölegi gyrgynçylyga
uçran
ekeni.Ýesirleri alyp gaýdanlarynda düýeleriň
üstündäki zatlary,az owlak azyklary,ýapynjalary hem alyp
gaýdypdyrlar,
ol goşlar ýatagyň bir duluna üýşürlip
goýlupdyr.Ertirden soň ýesirler şol zatlardan özlerine iýeriçer
ýaly
azyk,düşek
alyp
ugradylar.Hemmeler
aç,ýalaňaç,howa bolsa sowuk,ine onsaň ýerli-ýerden şol
goşlara çozduk.Biri-biri bilen çekeleşip duran haýsy,alazenzele bolýan haýsy,öz-özümizi aralap, zatlary bolşuna
görä deň-derman paýlaşdyk.Biz,bir-birimize gyslyşyp,tapanja
ýapynjamyzy
ýapynyp,elimize ilen
azygy
iýmäge
başladyk.Garaz,her kim ölmeli däl-dä!Suw bolmasa-da,
daşarda ýaz jalasynyň şapyrdysy eşidilýär,saraýyň depesiniň
açyk ýerlerinden syrygyp suw dökülýär.Her kim özüne
167
gelensoň kimiň owgana aşanyny,kimiň diri galanyny seljerjek
bolýar,öz kowçumlaryna goşulyp ol onuň ogly,bi pylanynyň
gyzy diýip bir ýerräge üşýärler.Nabat gelnejem-onuň şol
bezemenligi,şol owadanlygy-“Kakama Sähet mollym,Sähet
kelem diýýärler, Guşguda, serhetçiler şäherçesiniň eteginde
ýaşaýandyr,şoňa gyzyň atýatakda ýesirlikde diýip habar
beriň” diýip, özugryna irginsiz samraýardy.
Günorta golaý bir ýigit –Araňyzdaky ýetim çagalaryň
atlaryny ýazdyryň,egin-eşik,iýer-içer ýaly zat beriljek-diýdi
welin,her kim öz çagasyndan başgada ýetim galanlary
ýazdyrdy,olar bolsa diýseň köp,ýöne,adama
zadam
gerekdi.Onsaňam näme boljagyny bilemzokdyk,çagalary
ýanymyzda goýup, zat bererler öýütdik,emma ýalňyşan
ekenik.Ertesi irden ýaragly esgerler daşymyzy gallap
saraýdan çykardylar,düýünki ady ýazdyrylan çagalaryň adyny
okap,gygyrdyp, arabalara ýükläp ugradylar.Her kim öz
hossaryny bermejek bolyp urunýardy,her kim çagasyny
bagryna
basyp,beýlekisiniň
golundan
tutup
basga
galýardy,gaçaýyn diýseň daşyň ýaragly.Uly yzlaşyk belent
baýyrlaryň içindäki Gyşgy jülgesine
ýaň salýar.Dözümlilik
bilen golundan tutup,araba zyňylýän çagalaryň näbelli ýere
gitmejek bolup, özlerini yza zyňyşlaryny,sypjak bolup urunyp
bozlaýyşlaryny göreniňde, aglaman durar ýaly däldi.Diri
ýitirim bolan Çolukjan,ejemjan,kakamjan
göz öňümde
duransoň agym beýlekilerdenem batly çykýardy.
-Enegül,näme beýle bozlaýarsyň,ýetimleriň içinde
garyndaşyň,jigiň barmy,bolsa arabadan düşüreýin!-diýip, edil
gapdalymda kimdir biri seslendi,sesini tanyş görüp seretsem
Dudy däli, hojalygymyzda günlükçilik eden, ýolboýy bizi
kowalap gelen öňki çopan, eşigine seretseň uly wezipäniň
eýesi.Duşmanymam bolsa şu pursatda
onuň peýda
bolmagyna begenmänem durmadym,gark bolup barýanyň
sypala ýapyşyşy ýaly, nämede bolsa bir zada peýdasy
168
degjekdi,şol sebäplem-Ýetimleriň baram garyndaşym,baryny
düşür-diýip agladym.
-Hany ejeň,Çoluk jana gözüm düşmedi-le?-diýip,ol
seslendi-de, bu soragyň ýerliksizdigine,ony onuň özünden
soramalydygyna düşündimi nämemi sesini kesdi.menem,
özümiň ýetimligimi düýünki at ýazylyşykda gizlänligim üçün,
paş edilmegimden gorkup agymy kesdim-.Ejeň mert aýal
ekeni,eli gyrkylykly
‘Jezaňyzy çekiň,kapyrlar!”diýip,gabat
geleniň garnyndan
sokýar we gülýär.Men onuň
batyr,gaýduwsyzlygyna telpek goýdum,hasam ölüme barýarka
gülmegine haýran galdym
Ejesi ýok bolsa onda bujagaz gyzam ýetimleriň
arabasyna ataly-diýip,Dudy däliniň gapdalynda duran uzyn
boýly,murty taýzaryp duran adam seslendi.Men gorkyma,
Ogultäç gelnejeme gysyldym.
Gyz
meňki,ulujam
bi-diýip,gelnejem
meni
gujaklady,menem ony,ikimiz aglaşdyk.
Oňa degmäň!-diýip,Dudy däli meni araba atmaga gelen
adamy yzyna gaýtardy,bu hereket duşmanymam bolsa sylaga
mynasypdy.-Daýza,men size başardygymdan kömek etjek
bolýan,her zadam bolsa Welkuly agaň duzyny datdym,bir
gün duz dadan ýeriňe müň gün hyzmat diýleni-ol goltuk
kisesinden bir kagyz çykardy-Ine,şuňa gol goýsaňyz,gol çekip
bilmeseňiz barmagyňyzy bassaňyz size azar beren bolmaz.
Näme üçün barmagy basmaly?
Ine,şuralar hökümedine-Göçüň dow-dowuna düşüp
ýalňyş hereket edipdirin,günämi geçiň,size ak ýürekden
hyzmat etjekdigime söz berýärin-diýip ýazylan
arza,
barmagyňy basmaly,bolany-diýip,ol kagyzy gelnejeme uzatdy.
Ýog-eý,toba,toba,men ony edip bilmen,garyndaşlarym
eşidäýseler talagymy bererler-diýip,gelnejem ýüzüni sowdy.
Görüň-dä,meň
şu
çaga-Enegüle
nebsim
agyrýar.Bilýän,bir aýlap kowalap oka tutyp gelenligim üçün
gorkýansyňyz,ýigrenýänsiňiz, üstümden gülýänsiňiz,ganym
169
duşmanyňyz saýýansyňyz,ýöne siz üçün gaty köp zat edip
bilýänligime düşünmelisiňiz.Men bolmasam daşyňyzy içki
duşman-basmaçylar ýa-da, siziň daşky duşman hasap edýän
bolşewikleriň gabarda
arkaýyn
ýaşatmaz,aşyňyza
awy
gatar,zadyň ogurlanar.Daşary ýurtdan kömek alyp sürünýän
wagşy basmaçylardan sizi kim gorar?Menden başga gorajak
barmy? Diýenimi etseňiz üstüňize guş uçurman.
Sen bize wagşy diýýärmiň?Özüň wagşy!Allajan,diliň lal
açsynda,bize tüpeň çenän eliň kesilsi!Aýalam bolsam siňegimi
goramany başarýandyryn.
Men oňa şübhelenmeýärin,ýöne, her zadam bolsa
meňki teklip etmek,galany size bagly.Onsaňam, meň
burunlak,hapyl-süpüliräk
sypatyma,gawun
kelläme
bakmaň,Oktýabr rewolýusiýasy halkyň diňe bir durmyş hal
ýagdaýyny üýütgetmän
eýsem,
onuň
içki dünýäsinizähmede,jemgiýete bolan garaýşyny täzeleýär,bu bolsa öz
gezeginde her bir adamynyň daşky,içki görnüşiniň gowulyga
tarap üýütgemegine alyp barýar,wagtyň gelmegi bilen Sowet
adamlary beýleki
ýurtlaryň
adamlaryndan
görkgörmegi,syratly
sypaty, akylly
aňy,düşünjesi,ylymbilimi,üýtgeşik tilsimleri bilen göz-görtele tapawutlanar,ýöne
bi bir günde däl,ýuwaş-ýuwaşdan üýütgär,ýagty gelejek
geler,siz maňa ynanaýyň...
-Nähili adamdygyňyza göz ýetirdik,hamyryňyz täzeden
ýugrulsa-da üýütgemersiňiz, akyly bar Alladan gorkar,akyly
ýok adamdan gorkar,akyly bar suw ýasap bilýäne güýçli
diýer,akyly ýok seň aýdyşyň ýaly tilsim ýasaýana güýçli
diýer, ýöne,
tilsimiň ösmegi bilen
ahyrda ýaşaýyş
gutarar,sowatsyzam bolsam men şony bilýän..Ine,bir gün
geler,gabyrdan
turanyňyzda
özüňizi
oduň
içinde
görersiňiz,gutulmak mümkünçiligiň ýokdugyny bilip, aýylganç
waý ses edersiňiz-diýip,gelnejem jogap gaýtardy.
E-heý,eheý,beý
diýmäweri,ýuwaş,tamda
gulak
bar,eýsem siziň ölmän galmagyňyz
biziň eýýäm gowulyga
170
tarap üýütgäp ugranlygymyzyň
alamaty dälmi?Dogry,
esgerleriň
gatyrak
gidenleri,çaga
diýmän
atanlary
bolandyr,uruşda
ýalňyşlyk
goýberilip
biliner,onda-da,
türmeden çykarlyp, ellerine ýarag berilen kelle keserleriň
arasynda,ýöne,
kiçijik ýalňyşymyz üçün uly galmagal
turyzjak bolmaly däl-Dudy däliniň çepiksi göwresini
herekede getirýän ullakan kellesinde häzir ýokarky pikirler
at salsa-da,wyjdany oňa garşy çykýardy,beýnisi edýäniň
dogry diýse wyjdany hädogry diýýärdi,şeýle gapma-garşylyk
onuň
başyny
aýlaýardy,ýürek
urmasyny
bulaşdyrýardy,agzyny ajardýardy,gündüz bir buýrugy ýerine
ýetirse,gije wyjdanyny diňläp aglaýardy,ýöne ätsin kerebe
çolaşyp sypyp bilmese,olam adam çagasydy ahyryn.
Wah,ýoluň köpüsini başsyz ýöredik,baş bolmasa göwre
läş diýleni,Annaguly han ölmedik bolanda görerdiňiz-le,kimiň
kimdigini...
Ýeri bolýar,pikirleniň,ölçerip döküň,gerek bolsam
idärsiňiz,meni tanamaýan ýok.
Durdy molla,seni tanaýan, Sähet mollymyň gyzy mendiýip,Nabat ara goşuldy-Sen biziň Guşgydaky öýmüze...
Ýok,Guşgyda hiç kimi tanamok,aslym
ahally,guşgy
nire ahal nire-diýip,ol öz ugryna hüňürdäp, arabalaryň
ýanyna gitdi.
Bu
ýerçekene seret!-diýip,
Öwez
galtamanyň
gaýtarmasy Nabat,gidip barýanyň yzyndan sögündi-Guşgyň
mekdebinde okan döwürlerm kakamyň ýanyna gelerdi,owgan
medresesinde çagalara bilim berýän diýerdi,kakam “ondan
häzir
bolmaly,ýaramaz
adam,bolşewikleriň
içalysy”
diýerdi,indem tanamok diýen bolup... Porsyguýydan bäri bizi
oka tutup gelen şol ahyryn...Ýogsa-da Ogultäç, a-na ogluňy
araba basdylar,bar ylga1
Gelnejem elindäki bäbegini maňa berip,şol tarapa
ylgady,bir esger diýeni edilmänsoň, tüpeňiň gundagy bilen
onuň ýagyrnysyna ýelmedi,gelnejem ýykyldy-da , turup ýene
171
öňe ylgady,şol wagt ejeleri ölüp oýda galan iki oglan
arabadan böküp,oňa tarap “Ejejan!-“diýişip ylgadylar,olam
“balalarym” diýip,ikisinem garsa gujaklady,ýogsam , çagalaryň
birini ilkinji gezek görşüdi.Her-nä,Hudaýurmuşlar,ol çagalary
gelnejeme beräýdiler...
Çaga ýükli arabalar ugramanka bizi ýene at ýataga
gabadylar,boldy bir yzlaşyk,daşarda hem ala-zenzele.Çagalary
alyp gidenlerinden soň sesler kesildi.Bizi ýene daşary
çykardylar,Ogultäç gelnejem gorkup:-Bizi atarlar-diýse,Nabat
daýzam -Daş ýere-Zulmata sürgün ederler,bulardan her zada
garaşaýmaly,ýakynlarymyzyň ganyna galyşlaryny gözümiz bilen
gördük -diýdi.
Dogry, pyjagaly wakalar asla göz öňüňden gitmez
ekeni,ýöne, bizi gabap,gije ýagan ýagyş zerarly otlary parç
bolan, üýütgeşik,ak,sary,mele bägüllere
beslenen uly
baýyrlygyň depesine çykaranlarynda,hakykatdanam atarlar
öýütdik.Ertesi gelnejem - Bu bägüllere serrediň,olar düýnem
akdy,sarydy,bir
gijäniň
içinde,biziň
keç
ykbalymyza,maňlaýmyzyň
garalygyna,şorlugyna
garalypdyr,ýogsam,a-na sary,gyzyl,ak,mämişi reňkli bägüller
baýryň
Guşgy
derýasyna
inýän
ýapysynda
doly
ahyryn!Maňlaýymyzyň garalygy üçünem, dünýäň başga
künjeginde bitmeýän gara bägülleriň içinde ölmeli bolýasdiýip başyny ýaýkady.Biweç çagalar ýuwa-ýelmik çöpläp
hödür edýärler,ýöne bokurdakdan zat geçenok,kimiň ýolda
galanyny,kimiň serhetden geçenini seljerjek bolup jan
etsegem, hakydamyza hiç zat gelenok,ýanymyzda ýoklaryň
atlaryny agzap aglaýmasak başga çärämiz ýok.Köpleriň
Ýeroýulanda
galandygyny,jeset
bolup
ýatandygyny
görüpdik,olary basgylap,içinden diri hossarymyzy gözläp
sermenipdik,ýaňy murty taban, agyr ýaraly ýetginjegiň
“Menem äkidiň”-diýýän naýynjar sesini eşidipdik,asla ol
gulagyňdan gitmez ekeni,ahyrzaman diýilýän
şudur
diýişip,diri galanyň gowudygyny ýa-da şol ýerde şehit
172
bolup öleniň gowudygyny bilemzokdyk.Nätjek-dä,Alladan
gelen zat,öleýin diýip ölüp bolanok,galaýyn diýip galyp
bolanok,ýaşaýyş dowam edýär, onsaňam, dirilik şumluk dälde, barlyk ahyr.Ýaşap başladygyňça,başymyza inen belanyň
nähili
ýitgä sezewar edenligine düşünip ugradyk,ony
ýatladygyňça
ýürek
gysyp-gowrup
barýar,diriligiňe
guwanmaga ýürege salynan ýaralar ýol bermeýär,ýok edilen
hossaryň birden, bir ýerden çykaýjak ýaly,asyl oňa öwrenişip
bolmaýar.Süňňüňe,damaryňa,ganyňa,kalbyňa ornaşan gorky
bolsa sähel bir tarkyldy çykdygy tisgindirýär,asyl ol öläýmeseň
ýanyňdan aýrylmaz ekeni.
Gara täleýimiz ýaly gara bägülli baýyryň üstünde
birnäçe gün sakladylar,ýagyş ýagsa ýagyşyň astynda,gün
çyksa günüň astynda ,açlyk,hapaçylyk,görlen däl,doýa garny
doýmaýan çagalaryň agy sesi ýatanok,her gün irden birnäçe
çaga, garry aýal dünýeden gaýdýar.Ölýänleriň sany hasam
artyberende bizi otla ýükläp Guşgydan Sandykgaça getirdiler
hem-de halk duşmanlarynyň çagalaryna azyk,ýaşar ýaly ýer
berip bilemzok,ýöne işläp öz iýjegiňizi gazanyň diýip.pagta
ýygym,gazy gazmak, ekin ekmek ýaly işlere sürdüler.Bujagaz
mümkünçilik hem eýýäm biziň üçün
azatlyga çykan
ýalydy,ýöne, gözüň ýaşy kepemese,köňül ýerine gelmese eliň
işe barmaz ekeni.Ýerli ilat iýer ýaly çörek,azajyk gowurdajyk
beýleki zatlary, daşymyzy goraýan esgerlerden gizlin,janyny
howpa salyp, getirip berýärdiler,ýogsam, ýanymyza adam
goýberilmäýärdi.Şeýle bolansoň ölýänleriň sany gün-günden
artyp başlady,olary ýygnaýan,jaýlaýan ýok,ys-kok janyňy
alyp barýar,kime-de bolsa birine,belki hökümede,belki başga
birine, basmaçylar gyrylyp gutarýança daşynyň gabawuny
aýyrmaň diýip,ýörüte görkezme berilen ýalydy, bolmasa bu
herekedi başgaça nähili düşündirjek?Men her gije erbet düýş
görýärdim,bir gün kakam ölse ertesi ejem,soňky güni atam
ölýärdi.Ölüm meni rahat goýanokdy.Aslynda,az wagtlyk ömre
beýle köp ölümler nädip ýerleşýär-kä?..Biziň hal-ýagdaýymyz
173
gizlin gelip gidýänleriň üsti bilen ýerli ilata ýetem
bolmaly,bir gün çal gulakjynly iki sany yigyt golaýmyza
gelip-Doganlar,siziň çydamsyz ýagdaýyňyz bizi rahat
oturtmaýar,köplere ýüz tutdyk,çözýän ýok,indi sizi azat
etmek üçün aşgabada, Gaýgysyz Atabaýa arz etmekçi,Allany
çagyryň,nesip bolsa biz birnäçe günden dolanyp gelerisdiýdiler.Şujagaz sözem
bizi ruhlandyrdy,ýaşaýşa umyt
döretdi,atylmajagymyza ýa-da sürgün edilmejegimize ynam
döretdi,birje hoş sözüň netijesinde aramyzda ölýänleriň sany
göz-görtele kemeldi,indi aşgabada gidýän däl,aşgabatdan
gelýän otla umytly garap,garaşyp başladyk,käte biri otlydan
düşäýse dagy a-na gelýär diýişip,hemmämiz söm-saýak
,demimizi alman oňa bakardyk, meýdançamyz otly ýolyň
ýakynynda bolanlygy üçün gije-girim otly geçäýse dagy
şobada barymyz oýanyp, geldimi diýip birek-birekden
soraşardyk,aý garaz,ýüzlerçe,müňlerçe umytly garaşýan
gözleriň,naçarlaryň dilegi kabul boldymy,günlerde bir gün
otly saklanyp,ýoluň gyrasyndaky açyk meýdançada ýaşaýan
mekanymyza tarap häki iki oglan ylgaşlap gaýtdylar-da
allagörümden-Doganlar,gözüňiz
aýdyň,sizi
azat
etdiler,Gaýgysyz
meskewe
çykyp
rugsat
aldydiýişip,begençlerinden
çal
telpeklerini
göge
zyňdylar,ellerindäki haty görkezip daşymyzyň gabawunyň
aýrylmagyny
gazandylar.Şeýdip
biz
azatlyga
çykdyk,hawwa,azat
boldyk,ýöne
oňa
begenjegimizi,gynanjagymyzy
bilmedik,sebäbi
biziň
beýlekileriňki ýaly barara gapymyz ýokdy.Nabat bizi Guşga
alyp gitmekçi boldy,emma bosgunlara yza ýol ýok
diýdiler,Gandykgaçyda hem goýmadylar...
---15--Ine,indi ýetmiş ýaşy arka atanam bolsam,ýerli
adamlaryň
eden
ýagşylyklaryny
ýadymdan
çykaryp
bilemok,sandykgaçynyň adyny agzasalar ýa-da bir saryk
ýigidine
duşsam, şol
gün
meniň
üçün
uly
174
baýramçylyk.Ýigitleriň şol hereketleri bolmadyk bolanda,ýada azatlyk bir hepde-den soň bolan bolsa-da barymyzyň
ömür tanapymyz sandykgaçyda gyrylýardy...
Ýerli adamlar her kimiň niredenligini soraşdyryp
gitjek ýerlerine otly bilen ugratdylar,barara ýerimiz
bolmansoň şu ýerde bir durmaly diýip bizem otla özümizi
atdyk .Giç agşam Jojukly menziline golaý gelenimizde men
sesini çakarman oturan gelnejemiň pikirini aňan ýaly-Şu
ýerde Porsy daýym bolmaly,duşmanymyzam bolsa ýokdan-a
gowy-diýdim.
-Bilmedim-dä
gyzym,mekana
aşmak
üçün
azyk,suw,düýe,soňam ugurdaş
kerwen gerek,olam bizde
ýok,çül-çaga...
Alla bardyr, gelneje,bir sebäp tapylar.
Jojukly menzilinde uly yzlaşyk bolup otlydan
düşenimizde edil öňümizde duran Arslany görüp, gelnejem
garsa gujaklady
Ogultäç nähili bolaýypsyň,tanamadym.
Sen sorama dogan,gören günümiz...-diýip,gelnejem
hamsykdy.
Gal diýdim,etmediň, halk duşmany adynam aldyň.
Men duşmanyň däldirin-ä?
Ýok,ýöne
gözden-dilden
daşyrakda
bolunsa
gowy,wezipe borçly edýär.Men şu otla münüp Tejene
gitmelidim,ýöne,sizi ýerlemesem bolmaz,hany düşüň yzyma...
Ol bizi demir ýol menziliniň gaýrasyndaky tekiz
meýdança,göçümiziň düşläp geçen meýdançasyna eltip,bir
ýere zym-zyýat boldy.Wagty bilen gara bermänsoňGelneje,Porsy daýym...-diýip,söze başlajak
bolanymdaÝok,ýok,dogan barka daýy daşdyr,ikilik edip bilmezdiýip,sözümi böldi.
Gije ýarym bolanda Arslan düýe, at getirip,bizi çöle ,
gözden daşyrak bolsun diýip , Baýrajy oýuna alyp geldi.
175
Siz meni,menem sizi tanamok,diliňize berk boluň-da
şu taşlanan ýataklardan çatma ýasanyp,kysmata kaýyl bolup
ýaşaberiň,az-owlak azyk goýýaryn.Dogan,şundan başga edip
biljek kömegim ýok,bagyşla,ишк haýyşнь,adamlaryň ýanynda
pylan ýerde işleýän doganym bar diýip adymy agzaýmagyn.
Doganjan, arkaýyn bol,şu eden kömekleriň üçünem
taňryýalkasyn-diýip,gözi ýaşly gelnejem dogany bilen
gujaklaşyp hoşlaşdy...Bu
olaryň iň soňky duşuşygy
boldy,Arslan
hökümetden
gorkusyna
ýekeje naçar
doganyndan el üzdi...
Biz az-kem köşeşip,guran çatmamyzda çala mydar
ýaşap başladyk,gelnejem käte, wah,menem oň ýagdaýyna
düşünýän weli...diýip hamsygmany çykardy, ,uludan demini
alyp başyny ýaýkady,onuň bu ýagdaýyna diňe men
düşünýärdim.
Biziň ýerleşern ýerimiz Ýerbentde ýazlaga çykýan
oýumyza meňzeş ekeni,alys meýdan göm-gök otluk,süri-süri
dowarlar
otlaşyp
ýörler,gelin-gyzlar
goýun
seçip
sagardylar,meşik-meşik ,golça-golça ýag,sargan alardylar.Şol
ozalkyja gören zatlarymyz bolaýjak ýaly,emma ýürekgysgynç
gum-guklyk, nämedir bir näbelli zat gysýar,durup bilmän
zowzullap ýörsüň,alaňlara çykyp kälde galan ejemizikakamyzy ,doganlarymyzy,hossarymyzy küýseýäs,hol alysdaky
depelerden
çykaýjak ýaly
gözümizi dikýäris,iýip-içip
höwesiň ýok,bir-birimizi gujaklap, güni aglaşyp geçirýäris.Ýat
ýurda düşen ýaly gijelerine ýatuw ýok,ýanymyzdaky eýesiz
galan hatap-hatap ak öýleriň töweregi tozap ýatyr,göçüp
gitmän galan ýek-tük adamlar bilen gürleşesiňem ,hat-da
ýüzlerine seredesiňem gelenok,sebäbi, gelmişeklere hyzmat
edýän ozalky ýeňiýoluklar indi ýurdy soraýanlardan bolup,
bize galtamanlaryň çagasy, öňki baýlaň çagasy diýip, ilden
aýyrýarlar, azyk-zat bermekden-ä geçen, ýanymyza adam
getirmeýärler.Asla,bizem olara seredesimiz,ýüzlerini göresimiz
gelenokdy,ondan öýde ýeke oturanymyzy gowy görýärdik,ýok,bi
176
gorkudan däl-di,emelsiz,akylsyz adamlar
bizde ýigrenç
döredýärdi.Mejbury göçülende, şu ak öýler ýaly dökülip
gidilen zatlaryň köp bölegini döwlet ýygnasa,bir bölegini ilat
ogurlap-dogurlap alypdy, çaşyşyp ýatan öýlerde henizem
alar ýaly kem-käs zatlar bardy,emma oňa el degireniňden
elimiziň kesileni gowudy.Ilçilik-dä,her hilisi bar,gowy
adamlar
öň
alan
zatlaryny
biziňkidir
öýdüp
gaýtardylar,onam
ýerli
dikmelere
görkezmän
gije
getirdiler,ýöne gelnejem olary yzyna gaýtardy,ýogsam, iýipiçere zadymyz ýokdy.Şeýle ýagdaýda gelnejem edil çagaly
möjek ýaly gijesi bilen azygyň gözlegine çykdy.Bir gün ol
sapsyz posly pil tapyp,
öň harman
bolan
ýeriň
golaýyndaky alaka hinlerini gazyp başlady,ol pili bilen,men
elim bilen gazyp, üçünji hinden on kilodan gowrak bygdaý
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ýazgyt - 12
  • Büleklär
  • Ýazgyt - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3708
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2402
    28.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3725
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2328
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3738
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2297
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3728
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2257
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3762
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2427
    29.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3745
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2405
    28.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3673
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2317
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3579
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2404
    29.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3572
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2390
    28.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3740
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2233
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3596
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2301
    27.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3646
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2231
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3761
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2432
    30.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3649
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2369
    28.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýazgyt - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 98
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 74
    28.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.