Latin

Ýalňyz durna - 3

Süzlärneñ gomumi sanı 547
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 422
41.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
57.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
62.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
gazanyljakdygy baradaky arzuw-umyt, tylda galanlaryň
kalbyna uly teselli berýärdi...
Uruş ýyllarynyň gelni Ogulbike ýar sarpasyny hemme
zatdan ileri tutup bütin durky, ýüreginiň emri bilen
ýaşan ömründe Agaberdiniň gelerine garaşypdy. Çünki
ol özüniň bütin ömründe garaşjakdygy barada söwer
ýaryna ýürek sözüni aýdypdy. Lebzi halallygyň, söýgä
65
Ogulbike. Ýalňyz durna
wepalylygyň hakyky göreldesini görkezen Ogulbike gelin ýar aýralygynyň, ýalňyzlygynyň zaryny gerdeninde
çekdi. Ogulbike ýaly eneleri ogulsyz, gül ýüzli gelinleri
ýarsyz, uýalary dogansyz goýan ganym uruşda şirin janlaryny gurban eden merdana gerçeklere Türkmenistanyň
Milli Gahrymanlary diýlip at berildi. Bu gün Beýik
Ýeňşiň baýramçylygy mynasybetli, Baky oduň başynda
olaryň söweşip gazanan asuda durmuşynyň, döwletiň
döwranly günleriniň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz
bolsa, bu gün şol gahryman gerçekleriň öňünde baş egip,
tagzym edýär.
Taryhçy alym Gara Berdiýewiň 1986-njy ýylda
neşir edilen «Tagtabazar raýonynyň Kirow adyndaky
kolhozynyň taryhy» atly kitabynda «Gyzyl Goşun»
daýhan birleşiginiň uruş döwründe kömek fonduna
Ogulbike Allaberdiýewanyň (durmuşa çykandan soňky
familiýasy) hem 3 kilogram kümüşden şaý-sepini
täbşyrandygy ýazylypdyr. Ol şeýle şahsy göreldesi bilen
birlikde, aýal-gyzlaryň arasynda, Beýik Ýeňşi arzuwlap,
wagyz-ündew eden gelinleriňem biri bolupdyr.
Onuň ykbalynyň bir pursady türkmen kinoçylarynyň
şol döwürde urşa gidenlere kömek berlişi dogrusyndaky
alan dokumental hroniki kinosynda-da saklanyp galypdyr.
Sowet syýasaty Kymyş baýyň ikinji ogly Orazgylyjy
Daşkentde halky eziji synpyň wekili hökmünde görgi
köküni görkezip, urlup öldürilmegine sebäp bolupdyr.
Neressäniň bary-ýogy 28 ýaşy bar ekeni. Ogulbikäniň
ejesidir kakasy-da, iki oglan jigisi-de ýat illerde mazar
66
Ogulbike. Ýalňyz durna
bolup galypdyr. Döwrüň dertli dünýäsiniň görgüsini
görme kemini goýmadyk Kymyş baý-da gaýgy-gama
gark bolup, togsan ýaşynyň içinde ýurduny täzeläpdir.
Bularyň ählisi mugallym gelniň goşgularynyň içinden
eriş-argaç bolup geçýär.
1947-nji ýylda Ogulbikäniň özünden kiçi dogany Allanazar, onuň aýaly, sürgüne ugradylanda alty aýlyjak
çagajyk bolan Rahmanguly, şol ýerde doglan dogany
Ogulbibi bilen dört mazary alys ýurtda galdyryp, 16
ýyldan soňra sürgünden gaýdyp gelýärler. Ýöne, bu
şatlyga guwanyp ýaşamak oňa uzak miýesser etmändir.
Ogulbike iki ýyldan soň agyr derde ulaşyp, bakyýete göç
edipdir. Goşgulary bolsa, onuň ruhuny saklap galypdyr.
Bu barada ýazyjy Agageldi Allanazarow şeýle ýazýar:
«Ogulbikäniň gelnejesi Amangül eje: «Ogulbikäniň
goşgy diline geler durardy, ol özüniň doganynyň ogluny
söýüp, ony goşgulap hüwdülärdi» diýip, gürrüň bererdi.
Ýöne, näme üçindir, onuň goşgulary şol ýyllarda
döwürleýin metbugatda çap edilmändir. Galyberse-de,
ol goşgular barada bilýän adamlaram şeýle bir köp däl
ekeni. Diňe bize özüne ony mugallymçylyk kärinde halypasy hasap edýän, Tagtabazaryň 2-nji orta mekdebiniň
mugallymy Amangül Gurdowadan onuň bir depder
goşgusyny tapyp almak başardy. Haçan-da, Ogulbikänin
goşgulary bilen tanşan mahalymyz bize diňe şonda
näme üçindir goşgularyň kämil bolmagyna garamazdan,
olaryň metbugatda görünmezliginiň sebäbi anyk boldy.
Sowet döwründe ol goşgulary çap etmeg-ä beýle-de dursun, eýsem ýazyp-ýygşyryp okamak hem hatarly ekeni.
67
Ogulbike. Ýalňyz durna
Ogulbikäniň goşgulary onuň şahsy hasratynyň miwesi
bolmak bilen, öz döwrüniň many-mazmunyny, pygylpikirini hem örän aýdyň-anyk görkezýän ekeni. Elbetde,
bolşewigiň şol wagtlar beýle ýangynly goşgulary çap
etmeg-ä däl, hatda barlygyny biimegi hem örän howply
bolupdyr. Ogulbikäniň goşgularyny diňe häzir — türkmen topragy öz Garaşsyzlygyny alanyndan soň ýatlamaga
mümkinçilik döredi».
Ýazyjy Agageldi Allanazarow uruş döwrüniň mugallymy Ogulbike Orazgeldiýewanyň goşgularyny toplap,
çapa taýýarlap, «Täleý şapagy» ady bilen neşir etdirdi.
Onuň ömründen ýadygärlik galdyrdy. Biz ýazyjynyň öňde
mysal getiren sözlerini-de, ýazgylarymyzda ulanylan
maglumatlaryda şu kitapdaky «Ogulbike mugallymyň
goşgulary» atly sözbaşysyndan aldyk.
1920-1949-njy ýyllar aralygynda ýaşap öten mugallym hem şahyr gelin Ogulbike Orazgeldiýewanyň «Täleý
şapagy» atly ýadygärlik kitabynyň juda az sanlydygyny,
bary-ýogy 200 nusgalykdygyny göz öňünde tutup,
ondaky käbir goşgularyda şu ýazgylaryň ýany bilen
okyjylara hödürlemegi dogry bildik.
Esen DURDYÝEW,
Seýitmämmet HYDYROW.
«Mugallymlar gazeti» 2010
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
  • Büleklär
  • Ýalňyz durna - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3447
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1867
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýalňyz durna - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3525
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýalňyz durna - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 547
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 422
    41.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    62.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.